Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 16

Total number of words is 3756
Total number of unique words is 1802
33.5 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
54.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Altmyş ýyl bäri Seni söýýärin we Saňa garaşýaryn – diýipdir.
Şol wagt gaýypdan şeýlebir owaz gelipdir:
– Men welin ýaradylyşyň ilkinji gününden bäri seni söýýärin we
geleriňe şol garaşyp ýörşüm.
***
Abu Hasan hezretleri ölmeziniň öň ýanynda şeýle wesýet edipdir:
– Mazarymy Baýezidiňkiden birneme çuň edip gazyň, çünki
ýatan ýerim onuňkydan ýokarda bolup çykaýsa, bu onuň hatyrasyna
hormat goýmadygym bolar.
***
Abu Hasan hezretleri jan berjek bolanda ýanynda bolmaga
Muhammet ibn Hasana söz beripdir. Abu Hasan hezretleri Muhammet ibn Hasandan öňürti ýogalypdyr. Emma Muhammet ibn Hasanyň
ölmeli pursady gelende, Abu Hasan hezretleriniň öz ýanynda durup,
oňa göwünlik berýänini görüpdir. Ol dünýäni hiç hili ejir çekmezden
terk edipdir.
261
D
Abu Bekir ŞIBLI
öwlet deňzine gark bolan, yzzat daragtynyň gül ýapragy;
galpkärleriň bilini omran, takwalaryň täji, aýanlyk we akyl
äleminiň çyragy, asyrynyň şyhy Abu Bekr Şibli (Allatagala oňa rehim
eýlesin!) şyhlaryň ýolbaşçysydy we meşhurydy, tarykatçylaryň hormatlysydy we şanlysydy; sopuçylyk ýolunyň ymamydy hem piridi,
asyrynyň ýeke-tägidi; halatda, ylymda, alamatda, ylahy syry açmakda
we kelamda, riýazatda we keramatda taýsyzdy, misli bir belent sarsmaz
gala diwaryň bardy. Şibli hezretleri köp hadys eşidipdir we kagyza geçiripdir. Ol mäliki mezhebiniň şerigatçy alymlarynyň biridi, mäliki mezhebindendi. Hakyň halka ugradan delilidi. Eden haýyrly amallarynyň
hemmesiniň waspyny aýdyp gutarmak mümkin däl, ylahy ýolda çeken
derdini beýan etmäge söz tapylmaz! Ozaldan ahyra çenli är kişidi; argynlyk we ejizlik onuň ýoluna böwet bolup bilmändir.
***
Şibli hezretleri 30 ýylyň dowamynda dini kitaplary öwrenmek bilen meşgul bolupdyr we ahyrynda Allatagalany tapmaga bolan güýçli
islege maýyl bolupdyr. Bu ýola baş goşan ilkinji ýyllarynda köre-kör
kişiler oňa azar ýamanyny beripdirler. Onuň aýdýan sözleriniň köpüsi
Hüseýin ibn Mansur Hallajyň aýdan sözlerini ýatladyp dur eken.
Günleriň birinde halyf başga-da birnäçe atly-abraýly adam bilen
birlikde ony köşgüne çagyrypdyr. Ol myhmanlary bilen hoşlaşanda,
olaryň her birine gymmat bahaly don sowgat beripdir. Ýolda gel­
ýärkäler Şibli hezretleriniň ýanyndaky emirleriň biri asgyryp, soňra
halifiň sowgat beren donuna agzyny, burnuny süpüripdir.
Kimdir biri ýaňky emiriň özüne berlen sowgady nämä ulananyny
halife şugullapdyr. Halyf emiri gaýtadan huzuryna çagyryp, sowgat be262
ren donuny yzyna alypdyr we ony köşgünden kowup goýberipdir. Bu
wakanyň habaryny alan Şibli hezretleri: «Zemindäki hökümdarlaryň
biriniň beren sowgadyny ýerlikli ulanmandygy üçin bir adama şunuň
ýaly jeza berilýän bolsa, oňa Gudraty güýçli Allatagala tarapyndan
sowgat berlen lybasy (ýagny göwräni) ýerliksiz ulanany üçin beriljek jezanyň ýowuzlygyny göz öňüne getirmek hem çetin» diýip, içini
gepledipdir. Şondan soňra ol halyfyň köşgüne barmagyny bes edipdir
hem-de maslahat sorap, Haýr Hassaja ýüz tutupdyr. Ol Şiblini Jüneýit
hezretleriniň huzuryna ugradypdyr.
Jüneýit hezretleriniň huzurynda peýda bolan Şibli oňa ýüzlenip
şeýle diýipdir:
– Sende bir göwher bardygyny eşitdim. Mendäki puly ony satyn
almagym üçin ýeterlik hasap etseň, onda puly al-da, göwheri bäri ber.
Bu gymmatbaha daşyň bahasyny mendäki puldan ýokary hasap edýän
bolsaň hem, ony mugtuna ber.
Jüneýit hezretleri göwheri satyn almaga onuň güýjüniň ýetmejegini, mugt berse-de gadryny bilmejegini, şonuň üçin hem, ony
edinmek üçin ilki tagalla baryny edip, tutanýerlilik görkezmelidigini
aýdypdyr. Ol:
– Bu göwhere eýe bolmak isleýän bolsaň, onda nebsiňi doly
ýok edip, Tewhid ummanynda gark bolmagyň gerek. Şondan soňra
Allatagala öňüňde sabyr we kanagat gapysyny açar. Synaglaryň ählisine döz gelmegi başarsaň, Allatagala saňa arzuw edýän göwheriňi
bagyşlar – diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
Şibli islendik synaga döz gelmäge taýýardygyny aýdanyndan soň,
Jüneýit hezretleri oňa bir ýyllap kükürt satyp gezmegi, ýene bir ýyl­
lap hem dilegçiligiň hasabyna ýaşamagyny emir edipdir. Ol bir ýyllap
kükürt söwdasyny edeninden soň, dilegçilik etmäge başlapdyr. Emma
adamlar oňa sadaka bermek islemändirler. Bu ýagdaýdan habarly bolan Jüneýit hezretleri Şibliden adamlaryň özüne nähili garaýandyk­
laryny anyklamagy haýyş edipdir. Görüp otursa, Şibliniň ruhy kämil­
lik ýolunda ýeten derejesi adamlaryň piňine-de dälmiş. Şol pursatdan
başlap, ýaradylan zatlara üns bermek ýa-da dünýä bilen bagly islendik zat bilen gyzyklanmak oňa halypasy tarapyndan gadagan edilipdir. Soňra Jüneýit hezretleri oňa Nihawende gitmegi emir edipdir. Öň
Şibli bu şäherde uly wezipäniň eýesi bolan eken. Jüneýit hezretleri oňa
263
bu şäherde gapy-gapy aýlanyp, öň göwnüne degen kişilerinden ötünç
soramalydygyny aýdypdyr. Şibli hezretleri onuň aýdyşy ýaly edipdir.
Öýüne dolanyp geleninden soň, halypasy oňa gaýtadan dilegçilik edip
başlamagy we bir ýylyň dowamynda adamlaryň hormatyna mynasyp
bolmak islegini kalbyndan düýp-teýkary bilen sogrup taşlamagy emir
edipdir. Ol munuň hem hötdesinden gelipdir. Şibliniň dilegçilik edip
alyp gelen zatlarynyň ählisini Jüneýit hezretleri derwüşlere paýlap beripdir we ol, köplenç, aç galmaly bolupdyr. Bu ýagdaý tutuş bir ýyllap
dowam edipdir. Jüneýit hezretleri diňe şondan soňra ony öz ýanynda
galmaga mynasyp görüpdir hem-de huzuryna gelýän pirlere hyzmat etmegi tabşyrypdyr. Şibli hezretleri tutuş bir ýylyny pirleriň hyzmatynda
geçiripdir. Ahyry Jüneýit hezretleri ondan:
– Häzir nähili duýgulary başdan geçirýärsiň? – diýip sorapdyr.
– Men özümi adamlaryň ählisinden pes hasaplaýaryn – diýip,
Şibli hezretleri oňa jogap beripdir. Jüneýit hezretleri:
– Sen kämil imana eýe bolupsyň – diýip, onuň öwgüsini ýetiripdir.
***
Şibli hezretleri ilkibaşlarda Allatagalany zikir eden islendik
adamy başyna täç etmäge taýýar eken. Ruhy serhoşlygy güýçlendigiçe, ol öz ýanynda Allatagalanyň adyny gaýtalan kişä altyn teňňe
sowgat bermäni çykarypdyr. Tarykatda has hem ilerlänsoň, ol gynsyz
gylyç götermäge başlapdyr. Ol öz ýanynda Allatagalanyň adyny gaýtalan her bir kişini gylyç bilen çapyp taşlamakdan hem gaýtmajak hala
gelipdir. Ondan Allatagalany zikir edýänlere bolan garaýşyny düýpgöter üýtgetmeginiň sebäbi barada soranlarynda, şeýle jogap beripdir:
– Ilkibaşda men adamlar çyndan hem kalp gözleriniň açylmagy
üçin Allatagalany zikir edýändirler öýderdim. Emma soňra olaryň endige görä dil ujundan we ugur-utgasyny bilmän zikir edýändiklerine
göz ýetirdim.
***
Günleriň birinde Şibli hezretleriniň gulagyna gaýypdan:
– Şibli, sen haçana çenli ýönekeý at bilen kanagatlanyp gezjek?
Şindi sen Allatagalanyň adyny gözle! – diýen owaz eşidilipdir. Bu
264
oňa şeýlebir güýçli täsir edipdir welin, akylyndan azaşan ýaly bolup,
Dijle derýasyna özüni oklapdyr. Emma Allatagalanyň rehmeti bilen
tolkun ony kenara çykarypdyr. Şeýdip, ol ölmän galypdyr.
Şibli hezretleriniň ruhy serhoşlygy has hem güýçlenip, ol günleriň
birinde ýanyp duran ullakan pejiň içine giripdir. Emma munuň üçin
onuň tüýi hem çirkizilmändir. Şol wagt onuň gulagyna gaýypdan:
– Özüni Allatagala üçin pida eden we ýüreginiň töründe Oňa
ýer beren kişini Allatagaladan başgasy öldürip bilmez – diýen owaz
eşidilipdir.
Şibli hezretleriniň ruhy serhoşlygy hetden aşyp, halys baş bermän ugranda, ony zynjyrlap, dälihana salypdyrlar. Özüne däli diýip
ýüzlenen kişilere ol:
– Däli siziň özüňiz. Bu hakykat size kyýamatda aýan bolar –
diýip jogap berer eken.
***
Ruhy serhoşlygy sebäpli dälihana salnan gezekleriniň birinde
birnäçe dosty Şibli hezretleriniň halyny soramaga gelipdir. Ol bularyň
kimdigini sorapdyr. Gelenler:
– Biz seniň dostlaryň – diýip jogap beripdirler. Bu jogaby alan
Şibli hezretleri ýerde ýatan birnäçe daşy alyp, olardan çenäp zyňmaga
başlapdyr. Olar özlerini beýle garşy almagynyň sebäbi barada soranlarynda, Şibri hezretleri:
– Siz hakyky dost däl, çünki dostuňyzyň elinden çekýän ejiriňize
çydamaýarsyňyz – diýip, sesini gataldypdyr.
***
Günleriň birinde adamlaryň gözi köçe bilen eli çöpçyraly
haýdaşlap barýan Şibli hezretlerine düşüpdir. Olar ugrunyň nirädigini
sorapdyrlar. Ol:
– Käbäni oda bermäge barýaryn – diýip jogap beripdir. Ertesi ýene
ony eli çöpçyraly görüpdirler. Bu gün ugrunyň niräligini soranlara ol:
– Men jennetiň ýanyp kül bolmagyny, adamlaryň hem Allatagalany jennetiň wada berýän lezzetleri üçin söýmezliklerini isleýärin –
diýip jogap beripdir.
265
***
Garagol çagalar Şibli hezretleriniň köçeden geçip barýanyny gördükleri, ony daşlamak bilen bolar ekenler. Günleriň birinde olaryň zyňan
daşy ony erbet ýaralap, bedeninden gan akmaga başlapdyr. Şonda onuň
ýere daman gan damjalaryndan «Allah» sözi emele gelipdir.
***
Şibli hezretleri gijelerine uklamazlyk üçin gözlerine duz guýar
eken. Munuň sebäbini soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
– Allatagala menden: «Magşugyň oýa wagty nädip uklap
bilýäň?» diýip sorady.
***
Günleriň birinde Şibli hezretleri ýüz-gözüni şeýlebir gaty dyrnaçaklapdyr welin, dyrnaklarynyň yzy aýyl-saýyl bolup durmuş. Jüneýit hezretleri onuň ýüzündäki dyrnak yzlaryny görüp, näme üçin
beýle edenini sorapdyr. Ol hem:
– Men şu gün bir hakykata göz ýetirdim. Men agyra çydap bilmejek ekenim. Onsoň, garaz nähili hem bolsa, teselli tapmak üçin şu
ýola baş goşdum – diýip jogap beripdir.
***
Şibli hezretleriniň sesli aglamak endigi bar eken. Özi-de bir aglap
başlansoň, hiç köşeşmeýärmiş. Adamlar onuň aglaýan sesini eşidip,
kömek etmek üçin ýügrüşip gelip, aglamagynyň sebäbini sorar ekenler. Ol hem her gezek:
– Allatagalanyň maňa ynanan wezipesini berjaý etmändigim
üçin aglaýaryn – diýip jogap beripdir.
***
Günleriň birinde Şibli özi ýaly müritler bilen birlikde Jüneýit
hezretleriniň huzurynda otyr eken. Şol wagt müritleriň biri ony öwmäge
başlapdyr. Jüneýit hezretleri onuň sözüni bölüpdir-de, Şiblä erbet sözler
bilen käýýäp, ýanyndan kowup goýberipdir. Ol çykyp gideninden soň,
Jüneýit hezretleri beýleki müritlerine garap şeýle diýipdir:
266
– Çakdanaşa öwüp, Şiblini ruhy taýdan tasdan heläk edipdiňiz.
Men ony halas etdim. Bu öwgi onuň nebsiniň tabynlykdan çykmagyna sebäp bolup bilerdi. Şol ýagdaýda ol hemişelik lagnata duçar
bolardy. Kemsitmek arkaly men onuň ruhy taýdan kämilleşmegine
we has hem kaýyl hala gelmegine ýardam berdim. Siziň öwgiňiz
bolsa onuň üçin örän howpludy. Meniň kemsidiji sözlerim oňa öwgi
gylyjyňyzdan goranmak üçin galkan bolup hyzmat etdi.
***
Şibli hezretleri her gezek ybadat ýeri hökmünde ulanýan hüjresine gelende, ýany bilen bir daňy çybyk hem alyp geler eken. Kellesinde ten duýgusy hakdaky pikir peýda bolan badyna, ol çybyklaryň
birini alyp, özüni saýgylamaga başlapdyr. Ol hüjräni terk eden mahaly yzynda ýekeje-de abat çybyk galmandyr. Ybadat edip bolmazyndan öň çybyklaryň ählisini harlan halatynda bolsa, ol öz akylyny
tabynlykda saklamak üçin, özüni diwara urar eken.
Ol öz hüjresinde ýeke galan mahaly, bir adam bilen hem
görüşmändir.
***
Günleriň birinde Şibli gymmat bahaly don geýip, birdenkä-de
ony egninden sypyryp, ýanyp duran pejiň içine atyp goýberipdir.
Munuň sebäbini soranlarynda, ol:
– Allatagala maňa kalbym ýekeje pursat Ony zikir etmegini goýaýsa, meni-de, donumy-da ýakyp taşlajagyny aýtdy. Kalbym
tasdan şonuň ýaly bir iş edipdi. Şonuň üçin hem başymdan injek
betbagtçylygyň öňüni almak maksady bilen, donumy öz elim bilen
oda berdim – diýip jogap beripdir.
***
Şibli hezretleri ruhy kämillige ýeteninden soň, wagyz edýän
wagty musulmanlara möhüm syrlary açmaga başlapdyr. Jüneýit hez­
retleri özüne ynanylan syrlary beýdip uly ile paş edäýmeli däldigini
oňa duýdurypdyr. Şibli hezretleri oňa:
– Meniň paş edýän syrlarym şeýlebir çylşyrymly bolup, olara
267
özümden başga eýerip biljek ýok. Meniň jar edýän hakykatymy bolsa Maňa Allatagala bagyşlady we meniň aýdan sözlerim ýene Oňa
dolanyp barýar. Meniň nebsim Onuň bilen arama perde bolmaýar
– diýip jogap beripdir. Onuň aýdýanlaryny diňläp oturan Jüneýit hezretleri:
– Aýdýanlaryň çyn bolaýanda-da günäkär bolmakdan gutul­
marsyň – diýip seslenipdir. Şibli hezretleri oňa jogap berip şeýle
diýipdir:
– Kalby bu dünýä we o dünýä bilen meşgul kişi şäher jemaga­
tynyň ymamy bolaýsa-da wagyzlarymy diňlemäge gelmez. Diňe
ruhy serhoşlygy başdan geçirýän kişi – hawa, diňe şol meniň bilen
gürrüňdeş bolmaga ymtylýar.
***
Günleriň birinde Şibli hezretleri musulmanlaryň öňünde Allatagalany zikir edende, diňe: «Allah» diýip gaýtalap oturypdyr. Birden
derwüş sypat biri aýak üstüne galypdyr-da:
– «Lä ilähe illallah» diýseň bolmaýarmy? – diýip, oňa ýüzlenipdir. Şibli hezretleri ondan:
– Eger-de men kelemeýi-şerifiň soňky bölegini aýdyp ýetişmän
öläýsem we iň soňky aýtjak sözlerüm: «Lä ilähe» (Allah ýok) sözleri bolaýsa näderin? – diýip sorapdyr. Şibliniň sözleri ýaňky derwüşe
şeýlebir güýçli täsir edipdir welin, Allatagaladan gorkusyna bütin
süňňi bilen galpyldamaga başlap, duran ýerinde jan beräýipdir.
Derwüşiň garyndaşlary Şibli hezretlerini ony öldürmede aýyp­
lap, halife şikaýat edipdirler. Şibli hezretlerine köşge gelmek emir
edilipdir. Halif ondan özüne ýöňkelýän günä jogap bermegini haýyş
edipdir. Şol wagt Şibli hezretleri ruhy serhoşlyk halyny başdan geçirýän eken. Ol halife ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Derwüşiň ömri otda ýanyp kül boldy. Ol Allatagala bilen
ýüzbe-ýüz bolmak islegi sebäpli şu güne duçar boldy. Ol dünýe nygmatlaryndan we isleg-arzuwlaryndan ýüz öwürdi. Onuň bu dünýede
daýanara zady ýa-da özüni atar ýaly gaçybatalgasy galmandy. Ol diňe
Allatagala bil baglaýardy. Derwüş Allatagalany görmek isläp, ölüp-öçüp barýardy we bar zada kaýyl kişä öwrülipdi. Şonuň üçin hem
268
ol meniň aýdan sözlerimden täsirlenip, bir pursatjyk Allatagala bilen
ýüzbe-ýüz boldy. Ol Allatagalanyň nurunyň güýjüne döz gelip bilmän, jan berip, Allatagalanyň huzurynda, lotos ösümligi ýaly bolup,
ýazylyp ýatyberdi.
Halyf Şibli hezretlerine çaltrak köşgi terk etmegi emir edipdir.
Çünki Şibli hezretleriniň sözleri oňa şeýlebir güýçli täsir edipdir
welin, onuň agzyndan ýene ýekeje söz çykaýsa, özünden gitmekden
gorkupdyr.
***
Şibli hezretleri öz müritleriniň ruhy taýdan kämilleşmekleri üçin
olary ýowuz synaglara sezewar eder eken. Ol müritleriniň birini birnäçe günläp çölde azyksyz we suwsuz oňmaga mejbur etse, başga bir
müridine ýanyna hiç zat almazdan haj zyýaratyny ýerine ýetirmegi
buýrupdyr. Kimdir biri:
– Şibli, sen müritleriňe beýle ýowuz darasaň, olar bir ýerde ölüp
galar ahyryn – diýip, ony akylyna aýlajak bolupdyr. Şibli hezretleri
oňa şeýle jogap beripdir:
– Tarykatda eňaşak ýol gözläp, biderek wagt ýitireniňden, kynlyk
bilen ýokary galyp we muşakgata döz gelip bilmän, jan bereniň has
gowudyr.
***
Bir ujy pejiň içinde ýanyp duran, beýleki ujundan hem suw
damyp duran öl oduny synlap oturan Şibli hezretleri müritlerine ýüzlenip:
– Men siziň gözleriňizde ýaş görmeýärin. Ýagdaý şeýle bolansoň,
ýüregiňiziň Allatagala bolan yşkdan ýaňa ýanýanyna nädip ynanaýyn? – diýipdir.
***
Ruhy serhoşlyk halyny başdan geçirýän Şibli hezretleri günleriň
birinde Jüneýit hezretleriniň öýüne gelipdir. Şol wagt Jüneýit
hezretleriniň aýaly saçyny darap otyr eken. Ol pürenjesini atynmaga
howlugypdyr. Jüneýit hezretleri:
269
– Hakyky imana eýe kişi ruhy serhoşlyk halyny başdan geçir­
ýän mahaly, zenan maşgala beýlede dursun, hatda asman hem onuň
gözüne ilmeýär – diýip, aýalyny köşeşdiripdir. Emma soňra söhbet
edip oturan wagtlary Şibliniň ruhy serhoşlykdan aýňalanyny görüp,
Jüneýit hezretleri aýalyndan daş çykmagy haýyş edipdir.
***
Günleriň birinde Şibli hezretleri täret alyp, metjidiň gapysyndan
içeri ätlän badyna gulagyna gaýypdan: «Alýan şunuň ýaly täretleriň
bilen metjitde Biziň huzurymyza çykmaga neneň het edip bilýärsiň?»
diýen ses eşidilipdir. Ol daş çykmak üçin yzlygyna ýöremäge baş­
lapdyr. Edil şol wagt gulagyna gaýypdan ýene bir owaz eşidilipdir:
«Biziň Öýümizi terk edip, nirä gitmekçi bolýarsyň?!» Şibli hezretleri
nätjegini bilmän, bagyrmaga başlapdyr. Şol wagt gaýypdan gulagyna:
«Öz bagyrmaň bilen Bize gyjyt bermäge we dil ýetirmäge neneň ýürek edip bilýärsiň?» diýen owaz eşidilipdir. Şibli hezretleri metjidiň
bir künjüne çekilip, ýeke özi sesini çykarman oturyberipdir. Şol wagt
gaýypdan ýene bir owaz eşidilipdir: «Seniň sabyrly we kanagatly
şekilde dymyp oturmaň näme?!» Şibli hezretleri iki ýana urnar hala
gelip:
– Saňa doga edip ýüzlenýärin we Seniň howandarlygyňa sygyn­
ýaryn – diýip seslenipdir.
***
Günleriň birinde Şibli hezretleri ýol bilen gidip barýarka, adamyň
ýerde ýatan kelleçanagyna gözi düşüpdir. Kelleçanagyň maňlaýynda:
«Bü dünýäniň we o dünýäniň arzuw-isleglerinden ýüz öwür» diýen
ýazgy bar eken. Şibli hezretleri birdenkä gaty gygyryp goýberipdir-de:
– Bu pygamberiň ýa-da weliniň kelleçanagy bolmaly – diýipdir.
Müritleri muny nireden bilýänini sorapdyrlar. Şibli hezretleri:
– Bu iň uly syrdyr. Adam bu dünýäden köňlüni doly sowatmasa
we o dünýä hakdaky pikirleriň ählisini kellesinden çykarmasa, Allatagala bilen birleşip bilmez – diýip jogap beripdir.
270
***
Käse söwdasyny edýän kişi günleriň birinde Şibli hezretleriň
ýaşaýan öýüniň bosagasyndan içeri ätläp:
– Bary-ýogy ýekeje käse galdy – diýipdir. Şibli hezretleri onuň
aýdanyny eşidip, birdenkä:
– Bilip goý, ýeke-täk diňe Ol bardyr – diýip gygyryp goýberipdir.
***
Şibli hezrertlerinden:
– Bir görseň-ä sen bir zat diýip dursuň, bir görseň hem oňa düýpgöter garşy çykyp otyrsyň. Muňa nähili düşünmeli? – diýip sorapdyrlar. Şonda ol:
– Käte men özlügime galýaryn, käte-de başga birine öwrülýärin
– diýip jogap beripdir.
***
Günleriň birinde Jüneýit hezretleri Şiblini zyýarat edipdir. Şol
wagt Şibli hezretleri ruhy serhoşlyk halyny başdan geçirýär eken.
Halypasy oňa ýüzlenip:
– Sen bu işi Allatagalanyň Özüne goýsaň, bagta eýe bolarsyň –
diýipdir.
Şibli hezretleri oňa şeýle jogap beripdir:
– Jenap, bu asla beýle däl. Allatagala meni şu halymdan aýyrmasa, ine, şonda özümi bagtly saýaryn.
Onuň aýdanyny eşidip duran Jüneýit hezretleri:
– Şibliniň gylyjy gana boýalypdyr – diýip seslenipdir.
***
Bir adam Allatagalany zikir etmek bilen meşgul eken. Şibli hez­
retleri ondan:
– Sen haçana çenli Onuň adyny tutup, çagyryp durjak? Eýsem
sen Onuň: «Wepaly gulum, lebbeý (seniň hyzmatyňy etmäge taýyn)»
diýýänini eşitmeýärmiň? – diýip sorapdyr. Ol adam şeýle jogap beripdir:
271
– Men Allatagalanyň beren jogabyny eşidemsoň: «Allah, Allah»
diýip seslendim.
Şibli hezretleri:
– Şeýle bolsa, saňa Bu ady gaýtalamaga hukuk berlipdir –
diýipdir.
***
Amanadyny tabşyrmaga gezek gelende, Şibliniň göz öňünde
tüm-garaňky diwar peýda bolupdyr. Ol adamlardan kellesine kül sepmeklerini haýyş edipdir we ony aýylganç howsala gaplap alyp, bu
howsala ony bir pursat hem terk etmändir. Howsala düşmeginiň sebäbi barada soranlarynda, ol:
– Häzir meniň şeýtana gözüm gidýär. Oňa göriplik edip, halys
ot-elek bolup barýaryn. Çünki Allatagala oňa kyýamat-magşara
çenli geýmek üçin, iň bolmanda, melgunlyk donuny bagyşlapdyr.
Men görgüliniň bolsa Onuň elinden nähili hem bolsa bir lybas almak umydym ýok. Şeýtana lagnata duçar bolany üçin däl-de, adamlary azdyrmak ukybyny Allatgalanyň hut Özünden alanlygy sebäpli
gözüm gidýär. Bu şeýtan üçin uly teselli boldy – diýip jogap beripdir.
Şibli hezretleri şeýle diýip, biraz wagtlap dymypdyr we soňra
gaýtadan howsala düşmäge başlap:
– Şu wagt iki hili şemal: Allatagalanyň rehmet şemaly we gazap şemaly öwüsýär. Rehmet şemalynyň öwüsýän ugry bilen gidip barýanlar, maksatlaryna gowuşýarlar, gazap şemalyna ýüzlerini dalad­ýanlar bolsa Allatagala barýan ýolda yzlygyna okdurylyp
gidýärler. Bu ýolda olara kän perde hem päsgelçilik garaşýar. Men
şemallaryň haýsysynyň özüme nesip etjegini bilmeýänligim sebäpli
howsala düşýärin – diýip seslenipdir.
***
Amanadyny tabşyrmaly pursady golaý gelende, Şibli hezretleri:
«Seniň ýaşaýan öýüňde çyra gerek däl, çünki Seniň ýüzüňdäki nur biz
üçin ýeterlik. Bu nur özi sebäpli gözleri gapylanlara we biziň aýgytlylygymyzy şübhe astyna alýanlara gowy delil bolup hyzmat edýär»
diýen manydaky şygry okapdyr.
272
Şibli üçin iň soňky gezek doga etmäge adamlar onuň ýanyna gelende, uly weli:
– Ölüleriň doga etmek üçin diri kişiniň tabydynyň ýanyna
gelmek­leri meni örän geň galdyrýar – diýip seslenipdir.
Şibli hezretlerine kelemesini öwürmelidigini, ýagny: «Lä ilähe
illallah («Allahdan başga iläh ýokdur»)» diýmelidigini ýatladanlarynda, ol:
– Men Ondan başga hiç zady görmeýärin. Eýsem men nämäni
inkär etmeli? – diýip sorapdyr.
Adamlar:
– Gurhany-Kerime laýyklykda, öljek bolaňda, kelemäňi öwürmek gerek – diýip, oňa garşy çykypdyrlar. Şibli hezretleri olara jogap
berip şeýle diýipdir:
– Yşk Soltanynyň para almaýanyny bilip goýuň. Emma öliniň
dirä maslahat berjek bolşy has hem geňdir.
***
Şibli hezretleri şeýle diýipdir:
– Allatagaladan başgasy bilen gatnaşykda bolan adam Oňa akyl
ýetirip bilmez.
Aryp Allatagaladan başga zady görmeýär, Ondan başgasy bilen
gatnaşykda bolmaýar we Ondan başgasyny söýmeýär.
Her hili päsgelçiliklere garamazdan, kysmatyňda bar zada eýe
bolarsyň, kysmatyňda bolmadyk zat bolsa, näçe jan etseň hem saňa
nesip etmez. Şindi dünýäni kalbyňdan çykaryp, näme hakda doga
emelidigiňi aňladyňmy?
Allatagalany zikir edýän wagtyň dünýäni unutmak hakyky terkidünýälikdir.
Ähli zatdan ýüz öwür, çünki seniň Allatagala ýakynlaşýanlygyň
barada şaýatnama bar. Allatagaladan başgasy hakda pikir etme, çünki
şunuň ýaly pikirler akmaklykdan başga zat däl.
Allatagalany ýatlap uludan alnan ýekeje dem dünýädäki gowy
işleriň ählisine degýändir.
Edil häzirki pursat geçen müň ýyldan hem, indi geljek müň ýyldan hem has gymmatlydyr. Maddy barlyga özüňi aldatma. Kalbyňda
273
18.*
geçmişiň hem, geljegiň hem şu güni aňladýandygyny bilip goý.
Gije bir sagat uklap, şol sagadyň dowamynda Allatagalany unudan kişi öz ruhy ösüşinde müň ýylyny ýitirendigini aňlar.
Aryp üçin bir pursat Allatagalany unutmakdan erbet günä ýokdur.
Endige görä wagyz edýän kişi hem, özi üçin bir haýyrly zat gazanmazdan, ony ýöne endige görä diňleýän kişi hem bir zat tapandan
beter, gaýtam, öňküjesini ýitirýär.
Diňe Allatagaladan söz açan mahalyň rahatlyga gowşarsyň.
Dünýäde hiç zat göwnümi awlap bilmez, hiç zat gowulygy ýa-da
gözelligi bilen meni öz guluna öwürmegi başarmaz.
Allatgalany görmek mümkinçiliginden mahrum bolmak adam
üçin iň uly ýitgidir.
Men ömürboýy öz «menim» hem aradan aýrylyp, Allatagala
gowuşmak pursadyny başdan geçirmegi arzuwlap gezdim.
Men şu kyrk ýylyň içinde, iň bolmanda bir pursatjyk hem bolsa,
Allatagala düşünmäge we akyl ýetirmäge çalyşdym.
Men rahatlygy kaýyllykdan we tabynlykdan gözleýärin.
Adamlaryň meni gözläp, hiç haçan tapmazlary ýaly, dagda gizlenmek isleýärin.
Allatagalanyň dünýäleriň ikisini-de meniň garamagyma bermegi
üçin doga edýärin. Iki perdäni aradan aýyrmagyň hatyrasyna dünýäleriň
birini ýuwdardym, beýlekisini bolsa, wepaly kişi Allatagalany başga
nygmatlaryň hatyrasyna däl-de, diňe Onuň Öz hatyrasyna söýüp bileri
ýaly, imansyz kişiniň agzyna dykyp, ýuwutmaga mejbur ederdim.
Bu dünýä göwün bermekligiň gaçybatalgasydyr, o dünýä bolsa Allatagalanyň peşgeşidir, kalp bolsa Allatagalanyň öýi, tewhidiň
(ýekehudaýlylygyň) mekanydyr.
Allatagala akyl ýetirmegiň başlangyç nokady bar hem bolsa,
onuň ahyry ýokdur (ýagny onuň ahyryna ýetmek mümkin däldir).
Allahym! Asmanlardan boýunbag işip, boýnumdan ildirseň; bu
dünýäden gandal ýasap, aýaklaryma baglasaň; bütin dünýäni maňa
duşman etseň, şonda-da Seni söýýänimi gorkusyz-ürküsiz jar etmegimi dowam ederin we hiç haçan saňa biwepalyk etmerin.
Men huzurymda mahaly, bir pursat hem bolsa, Allatagaladan
başgasy barada pikir edýän kişi ýanymda bolmaga mynasyp däldir.
274
Köçeden ýöräp barýarkam, öňümden çykýanlaryň maňlaýynda
ýa «imanly» ýa-da «imansyz» diýlip ýazylandygyny görýärin.
Allatagalany tapan kişi Ony gözlemek üçin ýola rowana bolýar.
Iň uly paýhaslylyk ömrüň gymmatyna düşünip, ony Allatagalany
gözlemäge bagyşlamakdan ybaratdyr.
Terjime eden Orazgylyç ÇARYÝEW.
275
Abu Aly ŞAKYK BALHY
A
bu Aly Şakyk Balhy uly artykmaçlyklara eýe bolup, öz
döwründe deňi-taýy bolmadyk kişidi we ýaşan asyrynyň
şyhydy. Terkidünýäligi hem ybadaty sagdyn bir esasa daýanýardy.
Ömrüni Allatagala töwekgellik edip geçiripdi. Ol dürli ylymlary kämil derejede bilip, ylmyň dürli pudaklary boýunça köpsanly eserleri
ýazypdyr. Şakyk Balhy uly sopulardan Hatam Asamynyň halypasy
bolup, Ybraýym ibn Edhemiň ýoluna eýerýärdi. Ol köpsanly şyhlaryň
söhbetlerini diňläpdir. Ol: «Men bir müň ýedi ýüz halypanyň şägirdi
boldum, birnäçe ýüz kitap edindim we Allatagalanyň ýolunyň dört
zatda: ryskyňdan arkaýyn bolmakdadygyna, yhlas bilen amal etmekdedigine, şeýtana duşman bolmakdadygyna, ölüme taýýarlyk görmekdedigine düşündim» diýer eken.
***
Şakyk Balhynyň toba etmegine bir waka sebäp bolupdyr. Bir gezek ol söwda etmek maksady bilen Türküstany nazarlap ýola düşüpdir.
Türküstana baryp hem bir buthanany synlamaga gidipdir. Görse, ol ýerde bir butparaz jany-teni bilen buta çokunýarmyş. Şakyk oňa ýüzlenip:
– Seniň başy ölümsiz, ylymly we güýçli bir Ýaradyjyň bar. Şoňa
çokun, buta çokunmakdan haýa et! Çünki butuň elinden gelýän zat
ýok – diýipdir. Butparaz hem:
– Eger ýagdaý seniň aýdyşyň ýaly bolsa, bu ýerlere gelmäge
mej­bur bolupsyň welin, ryskyňy öz ýaşaýan şäheriňde bermäge Onuň
güýji ýetmeýärmidi? – diýip seslenipdir. Bu jogaby alan Şakyk gaf­
latdan oýanyp, özüne gelipdir. Ol Balhyň ýoluny külterläp ugrapdyr.
Tötänleýin bir otparaz Şakyka ýoldaş bolupdyr. Otparaz ondan:
276
– Näme kär edýäň? – diýip sorapdyr. Ol:
– Söwda bilen meşgullanýaryn – diýip jogap beripdir. Onuň aýdanyny eşiden ýoldaşy:
– Kysmatyňda bolmadyk bir ryskyň yzyndan ylgaýan bolsaň,
kyýamata çenli badyňy gowşatmasaň hem, ony ele salyp bilmersiň.
Eger nesibiň bolan ryskyňy kowalaýan bolsaň, beýle etmegiň hiç
geregi ýok: ryskyň hökman seni tapar – diýipdir. Bu sözleri eşiden
Şakyk ýene bir gezek gaflatdan oýanan ýaly bolupdyr we kalbynda
baýlyga bolan bir sowuklyk peýda bolupdyr.
Ol şeýdip, Balha özüni atypdyr. Örän gaýratly adam bolansoň,
dostlary derrew onuň daşyna egele bolupdyrlar. Şol döwürde Balh
şäheriniň emiri Aly ibn Isa Ibn Mahanyň tazylaryndan biri ýiten eken.
Bu iti ogurlamakda aýyplap, Şakyk Balhynyň goňşusyny tutaklap,
oňa sütem etmäge başlapdyrlar. Ol Şakykdan haraý isläpdir. Şakyk
emiriň ýanyna baryp:
– Şu adamy tussaglykdan boşat. Üç günden soňra itiňi saňa
gowşuraryn – diýipdir. Onuň sözüne ynanyp, goňşusyny azat edipdirler.
Üç gün soňra bir kişi emiriň tazysyny tapyp: «Bu iti Şakykyň ýanyna alyp baraýyn, ol mert kişi bolansoň, munuň üçin maňa hökman
bir zat berer» diýip pikir edipdir. Ol iti Şakykyň ýanyna alyp barypdyr.
Şakyk hem ony emire gowşurypdyr we şondan soňra dünýäni bütinleý kalbyndan çykarypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek Balh şäherinde aýylganç
bir gytçylyk ýüze çykyp, ýaşaýjylar biri-birini iýmek derejesine baryp
ýetipdirler. Şol döwürde Şakyk bazarda şatlykdan ýaňa ýüzi gülüp
duran bir gula duşupdyr we oňa:
– Eý, oglan! Bu şatlygyň sebäbi näme? Halkyň açlykdan nä güne
düşenini görmeýärmiň? – diýipdir. Gul:
– Açlyk meniň piňime-de däl! Men – golastynda bir obasy we
ol ýerden birtopar girdejisi bolan adamyň guly. Onuň meni aç goýjak
gümany barmy! – diýip jogap beripdir.
Onuň aýdanlaryny eşiden Şakygyň endamy dyglap gidipdir. Ol:
– Allahym! Bir ambary bolan hojaýynyna ynamy bolan bu
guluň dünýä topugyndan. Sen hökümdarlaryň hökümdarysyň we
277
janly-jandaryň ryskyna kepilsiň! Şeýle bolsa, biz nämäniň gamyny
iýýä­ris-ä? – diýipdir.
Şakyk Balhy derrew dünýä işlerinden ýüz öwrüp, tüýs ýüreginden toba edipdir we Hakyň ýoluna baş goýupdyr. Ol Allatagala
töwekgellik etmekde kämillik derejesine ýetipdir. Şakyk gul bilen
eden gürrüňini hiç haçan ýadyndan çykarmandyr we häli-şindi:
– Men bir guluň şägirdi – diýip gaýtalapdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Hatam Asamy şeýle diýipdir:
«Şakyk bilen birlikde bir söweşe gatnaşypdym. Aýylganç bir gündi. Jeňe girmek üçin saplar düzüldi. Jeň başlanyp, howada şuwlaýan
peýkamlardan, naýzalaryň gözüňi gamaşdyrýan demir uçluklaryndan
başga zada gözüň düşjek gümany ýokdy. Şol wagt Şakyk maňa ýüzlenip:
– Halyň neneň? Özüňi düýn gije aýalyň bilen birlikde düşege
geçip, arkaýyn uklap galan wagtyňdaky ýaly duýýarmyň? – diýip sorady. Men:
– Ýok, özümi onuň ýaly-ha duýmaýaryn – diýdim. Ol:
– Düýn gije düşekde özümi nähili duýan bolsam, häzir hem
şonuň ýaly duýgyny başdan geçirýänime Allatagaladan ant içýärin –
diýip seslendi.
Soňra garaňky düşensoň, Şakyk iki goşunyň aralygyndaky bir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.