Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 17

Total number of words is 3889
Total number of unique words is 1876
32.8 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýere baryp, hyrkasyny ýassyk edindi-de, uka gitdi. Allatagala doly
töwekgellik etmegi endik edeni üçin ol duşmanlardan heder etmelidir
hem öýdenokdy».
***
Şakyk hezretleriniň ýanyna bir goja gelip:
– Men geçmişde eden günälerime toba etmäge geldim. Allatagala tobamy kabul eder ýaly doga edip ber – diýipdir. Şakyk hezretleri:
– Toba etmek üçin saňa eýýäm giç dälmi? – diýip seslenipdir.
Goja oňa şeýle jogap beripdir:
– Gijä galandyryn öýdemok. Eýsem, Allatagala ölüminiň öň
ýanynda toba etmäge ýetişen adamyň hem tobasyny kabul etjegini
278
aýtmaýarmy näme? Men bolsa bu ýere ölüm ýassygyna-da baş goýmankam geldim.
Şakyk hezretleri onuň aýdany bilen ylalaşypdyr we onuň üçin
doga etmäge razylyk beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, günleriň birinde Şakyk hezretleri
mejlisde otyrka, daşardan: «Duşman çozdy!» diýen howsalaly sesler
eşidilip ugraýar. Şakyk syçrap ýerinden galkyp, daşary çykýar hem-de hüjüme geçip, duşmanlary gaçyp gitmäge mejbur edensoň, ýene-de mejlise dolanýar. Şol wagt müritleriniň biri onuň namaz okanda
sejde edýän ýeriniň öňüne birnäçe gül getirip goýýar. Şakyk ol gülleri
eline alyp, ysgamaga başlaýar. Edepsiziň biri muny görüp:
– Duşman leşgeri-hä – şäherde, musulmanlaryň ymamy bolsa,
gül ysgap, lezzet alýar! – diýipdir. Şakyk hezretleri oňa:
– Hawa, ol şeýle! Emma meniň mynapyklardan tapawudym –
gülüň ysyndan lezzet almak bilen birlikde, duşman leşgerini gyryp,
gan ysyny almagy hem başarýaryn! – diýip jogap berýär.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Şakyk Balhy hezretleri ýarany bilen
birlikde ýol bilen gidip barýarka, bir otparaz ony görüp:
– Eý, Şakyk! Men saňa bir zat aýdaýyn: Haktagalanyň beren
rysky üçin Oňa iman getirip, ybadat edýän kişi hakykat ýüzünde Hakparaz däl-de, nygmatparazdyr! – diýip seslenipdir.
Şakyk öz ýaranyna bakyp, şeýle diýipdir:
– Onuň aýdanlaryny ýazyp al!
– Seniň ýaly gerçek kişi men ýalynyň sözüni ýazyp alýarmy?! –
diýip, otparaz geň galypdyr. Şakyk Balhy hezretleri oňa:
– Elbetde, biz göwher gözlemek bilen meşgul. Ol nejasatyň içinde bolsa-da, biz ony alyp, soňra tämizleýäris! – diýip jogap beripdir.
***
Gelip ýeten kyssalara görä, Şakyk Balhy Samarkant şäherinde
bir jemagatyň mejlisinde söhbet edýärkä, ýüzüni jemagata öwrüp:
279
– Eý, jemagat! Ölen bolsaňyz – gonamçylyga, çaga bolsaňyz –
mekdebe, diwana bolsaňyz – telbehana, kapyr bolsaňyz, Kapyrystana ugraň! Özüňizi Haktagalanyň sadyk bendesi hasaplaýan bolsaňyz,
onda musulmançylygyň şertini hakyky bolmalysy ýaly berjaý ediň
– diýip seslenipdir.
***
Bir adam Şakyk hezretlerine ýüzlenip:
– Adamlaryň hasabyna ýaşaýanyňy aýdyp, adamlar seni ýazgarýarlar. Gel, men saňa öz malymdan nepaga bereýin! – diýipdir.
Şakyk hezretleri oňa şeýle jogap beripdir:
– Eger saňa bäş zat mahsus bolsa, ýagny maňa nepagalyk berjek zadyň baýlygyňy egismejek bolsa; baýlygyňy ogurlamak mümkin bolmasa; maňa etjek bolýan ýagşylygyň ýaly iş edip, soňundan
puşman etmeýän bolsaň; mende bir aýyp görüp, nepagadan kesmejek
bolsaň; bir gün ajalyň ýetip, meniň nepagasyz galmajagyma ynanmaýan bolsaň, seniň teklibiňi kabul edeýin. Bu häsiýetler saňa mahsus bolmasa, onda menden el çek, çünki meniň ryskymy kemçilikleriň
ählisinden päk we sap beýik Taňrym berýär! – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir adam Şakyk Balhy hezretleriniň
ýanyna gelip:
– Haja gitmek isleýärin! – diýipdir. Şyh hezretleri ondan:
– Niýetiň-ä gowy eken, ýöne ýolharjyň barmy?! – diýip sorapdyr.
Ol adam:
– Ol dört zatdan ybarat: birinjisi – hiç kimi öz ryskyma özümden ýakyndyr öýtmeýärin. Ikinjisi – daş-töweregimdäkileri ryskyma
özümden has daş hasaplaýaryn. Üçünjisi – nirede bolsam-da, beýik
Taňrynyň özüme eçilen takdyrynyň ýanymdadygyny görýärin. Dördünjisi – haýsy ýagdaýda bolsam-da, beýik we gudratly Allatagalanyň
meniň hal-ýagdaýymy menden has gowy bilýändigine ynanýaryn –
diýip jogap beripdir. Şakyk Balhy:
– Ne gözel ýol harjyň bar ekeni! Haj zyýaratyň mübärek bolsun!
– diýip seslenipdir.
280
***
Rowaýat etmeklerine görä, Şakyk hezretleri mukaddes Käbä
haj maksady bilen ýola düşüp, Bagdat şäherine baranda, halif Harun
Reşit ony öz huzuryna çagyrypdyr. Ony köşgünde garşy alan Harun:
– Terkidünýä şyh Şakyk senmisiň?! – diýip sorapdyr. Şyh:
– Şakykdygym çyn, ýöne terkidünýä-hä däl! – diýip jogap beripdir. Harun Reşit:
– Maňa nesihat bersen-e! – diýen wagty, şyh şeýle diýipdir:
– Akylyň başyňda bolsun! Çünki Haktagala seni Syddyhyň makamynda oturdansoň, ondan isleýşi ýaly, senden hem syddyh bolmagy talap edýär. Farugyň makamynda oturdansoň, ondan isleýşi
ýaly, senden hem haky batyldan tapawutlandyrmagyňy isleýär. Seni
Zunnureýiniň makamynda oturdansoň, ondan hem isleýşi ýaly, senden-de haýa we kerem isleýär! Murtazanyň makamynda oturdansoň,
ondan isledigi ýaly, senden-de ylym we adalat isleýär!
Harun:
– Dowam etdiriber! – diýipdir. Şyh sözüni dowam edipdir:
– Allatagalanyň bir saraýy bar, oňa dowzah diýýärler. Seni oňa
gapy sakçy belläp, eliňe üç zat: baýlyk, gylyç we gamçy beripdir we
bularyň kömegi bilen halky dowzahdan uzaklaşdyrmagyňy isläpdir.
Mätäç biri ýanyňa gelse, ondan baýlygyňy gysganma! Hakyň permanyna garşy çykany bu gamçynyň kömegi bilen edebe çagyr. Bigünä
adamyny öldürenden, ölen bendäniň hossarlarynyň islegi boýunça, bu
gylyç bilen ar al! Bu zatlara amal etmeseň, dowzaha girenleriň ilkinjisi sen bolarsyň!
– Dowam et, dowam et! – diýip, Harun seslenipdir.
Şakyk hezretleri sözüni dowam edip şeýle diýipdir:
– Sen çeşmäniň gözbaşy, emeldarlaryň bolsa ol çeşme suwunyň
akýan ýaplary. Eger suw çeşmäniň gözünden arassa we päk akýan
bolsa, ýaplarda suwuň biraz bulanyk bolmagyndan zyýan gelmez!
Emma gözbaşyndan bulanan çeşme suwy soňra ýapda durlanar diýip
umyt edip bolmaz!
– Dowam et, dowam et!
– Çola sährada teşnelikden heläk bolmagyň bosagasynda duran
mahalyň, bir adam peýda bolup, mülküň ylla ýarysyny berseň, suw
tapyp berjegini aýtsa, onuň diýenini edermiň?.
281
– Ederin!
– Onsoň, ol suwy içdiň diýeli! Emma mülküň ýarysyny berip
içen suwuň buşugmak ýoly bilen daş çykman, seni gabyz etse hem-de
şol sebäpli ajalyň golaý gelse, şol wagt hem biri gelip: «Men seniň
bu derdiňe derman edeýin. Emma oňa derek özüňde galan ýarym
mülküňi bermeli borsuň!» diýse, näme jogap berersiň?!
– Bererin!
– Eger şeýle bolýan bolsa, bahasy ilki içip, soňra peşew ýoly bilen daşaryk döken bir içim suwuň deregine durýan mülk, baýlyk üçin
şeýle hars urmagyňyzyň sebäbi näme?
Şakyk Balhy hezretleri şeýle diýen badyna, halif Harun Reşit
aglamaga başlaýar hem-de soňra oňa gowy hormat-hezzet edip, Mekgä tarap ýola salýar.
Şeýdip, Bagdatdan Mekgä ugran Şakyk Balhy ahyry mukaddes
şäheriň bir çetinden girýär. Ol ýerde jemagat onuň daşyna üýşýär. Ol
şonda şeýle diýipdir: «Bu ýerden rysk gözlemek köre-körlük, ryskyňy
gazanmaga çalyşmak hem haram!»
Günleriň birinde ol bir ýerde Ybraýym Edhem hezretlerine
duşýar. Şakyk Balhy hezretleri oňa:
– Eý, Ybraýym, güzeranyňy aýlamak üçin näme pişe bilen
meşgul bolýaň?! – diýip ýüzlenýär. Ol:
– Elime düşen zada şükür edýärin, hiç zat düşmese-de sabyr
edýärin! – diýende, Şakyk Balhy:
– Balhyň köpekleri hem hut şeýle edýärler. Has takygy, bir zat
tapsalar, keýpleri kök bolup, guýruklaryny bulap gezýärler. Eger hiç
zat tapmasalar, sabyr edýärler – diýipdir. Muny eşiden Ybraýym Edhem:
– Onsoň, siz bu ýagdaýda näme edýärsiňiz? – diýen. Şakyk Balhy:
– Bir zat elimize düşse, ony sadaka paýlaýarys, elimize zat
düşmese-de sabyr edýäris! – diýip jogap berýär.
Ybraýym hezretleri aýak üstüne galyp, Şakyk Balhynyň başyndan
öpüpdir hem-de:
– Seniň ussatdygyňa Allatagaladan ant içýärin – diýip seslenipdir.
282
Mekgeden çykyp, ýene-de Bagdada gelensoň, Şakyk Balhy hez­
retleri bir mejlis gurap, ol ýerde wagyz etmäge başlaýar. Bir gün ol
töwekgellikden söz açyp, şeýle diýipdir:
– Çöl bilen barýarkam, jübimde dört dirhemim bardy. Şol dirhemlerim heniz hem ýanymda.
Ony diňläp oturan bir ýaş ýigit ýerinden galkyp:
– Dört dirhemi jübiňe salan wagtyň Allatagala ýadyňa düşmedimi?
Ol wagt Yzzat we Jelal eýesi beýik Allatagala ynamyň ýokmudy? –
diýip seslenipdir.
Şakyk hezretleriniň ýüzüniň reňki üýtgäp, bu igenjiň ýerliklidigini ykrar edýär we:
– Dogry aýdýarsyň! – diýýär-de, münberden aşak inmek bilen
bolýar.
***
Şakyk hezretleri şeýle diýipdir:
– Allatagalanyň razylygy üçin edilýän ybadatyň ondan dokuz
bölegi gorkudan we ilden çete çekilmekden, ondan bir bölegi bolsa
dymmakdan ybaratdyr.
Ajal bir gelensoň, yzyna boş dolanmaýar, şonuň üçin hem mydama ony garşylamaga taýyn bol.
Allatagalanyň keremine bil baglap ýa-da uzak ýaşaryn öýdüp,
eden günäleriň üçin toba etmegi yza tesdirme.
Adamlaryň ynandyrmalaryna däl-de, Allatagalanyň wadalaryna
bil bagla.
Düýşümde şeýle diýenlerini eşitdim: «Allatagalanyň ryskyny
doly berjekdigi barada şübhelenmeýän adamyň hüýi-häsiýeti gözel
bolar, eli açyk bolup, tagatynda was-wasa mübtela bolmaz».
Tagatyň asly Allatagaladan gorkmak, Oňa umyt baglamak we
Ony söýmekdir.
Allatagaladan gorkmagyň alamaty haramlary terk etmekdir we
Allatagaladan umytly bolmagyň alamaty – hemişe tagat etmekdir we
Allatagala bolan söýginiň alamaty keýpiçaglyk hem ökünçdir.
Her kimde üç zat, ýagny halas boljagyna umyt, heläk bolma283
gyndan gorky we Allatagala bolan mätäçlik duýgusy bolmasa, ol
dowzah azabyndan halas bolup bilmez.
Adamlary üç zat, ýagny soňra toba etmek umydy bilen günä iş
etmek; uzak ýaşaryn öýdüp, toba etmän, gapyl galmak; Allatagalanyň
rehim etjegine bil baglap, toba etmän, gapyl galmak heläkçilige uçradar. Şeýle ham-hyýalda ýaşaýan adam asla toba etmez.
284
Abu Sagyt ABUL HAÝYR
(MÄNE BABA)
Ý
alançy dünýäniň şeksiz hökümdary, Haktagalanyň huzu­
rynda hemişe baky, Hakyň aşygy, Soňsuzyň söýgülisi,
ýurduň gözelligi, magrifetiň bagy-bossany, pelek çarhynyň arşy,
älemiň kutby Abu Sagyt Abul Haýyr (goý, Allatagala onuň ýatan
ýerini ýagty etsin!) öz zamanasynyň patyşasydy, şyhlaryň beýigidi.
Ondaky ýaly keramat we halat, şeýle hem, oňňut hiç kimde ýokdy,
derejesi şyhlaryň ählisiniňkiden ýokarydy. Ylmyň her bir pudagynda
kämillige ýetipdi. Aýdyşlaryna görä, çagalykda arapça 30 müň beýti
ýatdan okamagy başarypdyr. Tefsir, hadys, fykyh we tarykat ylymlaryndan kämil derejede baş alyp çykypdyr. Nebsiň erbetliklerine göz
ýetirip, haý-höweslere garşy durmakda hem belent mertebä ýetip,
fena we zillet, sabyr eýesi hökmünde şan-şöhrat gazanypdyr.
Rehimdarlykda, hoşgylawlykda, pukaralykda deňi-taýy ýokdy.
Şonuň üçin hem: «Hezreti Abu Sagydyň (Mäne babanyň) sözüni
eşidenleriň kalplary heýjana gelip, hoş bolýar!» diýipdirler. Sebäbi
hezreti Abu Sagytda dünýewi Abu Sagytdan hiç zat galmandyr. Ol hiç
wagt «men» ýa-da «biz» sözlerini diline alman, hemişe «işan» (olar)
diýipdir.
***
Onuň kakasy Abul Haýyr ot-çöplerden, güllerden hoştap ysly
atyr taýýarlamak bilen meşgullanýan attar ekeni.
Gelip ýeten gürrüňlere görä, Abul Haýyr soltan Mahmyt
Gaznaly bilen dost bolupdyr. Şonuň üçin hem ol öz bina etdiren
jaýynyň diwarlarynyň ähli ýerine soltan Mahmyt Gaznalynyň, onuň
285
esgerleriniň, olaryň söweş pilleriniň şekillerini çekdirýär. Ol wagtlar
entäk oglanjyk bolan Abu Sagyt ol şekilleri görüp:
– Kaka! Meniň üçin hem bir öý satyn alsana! – diýipdir. Soňra
Abu Sagyt bu öýüň diwarlarynyň hemme ýerine «Allah» diýip ýazyp
çykýar. Bu ýagdaýy gören kakasy:
– Bu näme etdigiň boldy?! – diýip sorapdyr.
– Sebäbi sen öz Soltanyň adyny nagyş edýärsiň. Men hem öz
Soltanymyň adyny – diýeninde, kakasy oglunyň jogabyna we eden
işine şatlanyp, öz eden işine bolsa puşeýman edipdir. Onsoň öz öýüniň
diwaryndaky şekilleri aýryp, oglunyň göreldesine eýeripdir.
***
Abu Sagyt hezretleri şeýle diýipdir:
– Gurhany Kerimi okamagy öwrenip ýörkäm, bir gezek kakam
meni juma namazyna alyp gitdi. Ýolda öz döwrüniň şyhlarynyň şyhy
hezreti Abu Kasym Gurjany (Beşir Ýasyn Gürgenli – terjimesi) gabat
geldi. Ol kakama ýüzlenip:
– Weliler bolmasa, dünýä boşap galar, derwüşler pese düşer
diýen gorky bilen, ýalançyny armanlyja terk etmeli borun öýdüp ýördüm. Indi, şükür, bu oglany gördüm hem-de bir zada göz ýetirdim.
Enşallah, külli älem onuň ajap ykbalyň eýesi bolşunyň şaýady bolar
– diýdi. Soňra hem:
– Namazdan soň bu dogmaňy ýanyma alyp gel! – diýip seslendi.
Namazdan soň kakam meni şyhyň huzuryna alyp bardy. Biz ol
ýerde jaýlaşdyk. Onuň hüjresiniň diwarynyň ýokary başynda diýseň
göze gelimli taky (diwaryň ýüzüni oýup ýasalan oduk-buduk goýar
ýaly ýer – terjimesi) bardy. Keramatly şyh kakama:
– Şol ýokardaky takyda duran çöregi alar ýaly, Abu Sagydy
egniňe mündür! – diýdi. Kakam meni egnine mündürip, galdyrdy
welin, men takydaky çöregi alyp, onuň egninden syrylyp düşdüm.
Arpa unundan bişirilen çörek, ýaňyja tamdyrdan çykan ýaly, gyzgyndy. Bu elime-de bildirip durdy. Keramatly şyh çoregi ikä böldi-de,
ýarysyny maňa uzadyp:
– Iý! – diýdi. Galan ýarysyny bolsa özi iýdi. Şyh Abul Kasymyň
eli çörege degeninden, gözleriniň owasy ýaşdan doldy. Ol kakama
çörekden bir döwümjik hem hödür etmedi. Şonuň üçin hem kakam:
286
– Näme üçin çörekden maňa hödür etmediň?! Maňa hem beren
bolsaň, ol meniň üçin hem teperrik bolardy – diýip, keramatly şyha
ýüzlendi. Abul Kasym hezretleri:
– Bu çöregiň şol takyda duranyna tegelek 30 ýyl bolupdy. «Bu
çörege kimiň eli degende, ol täze bişirilen ýaly gyzgyn hala gelse,
onuň syry şol kişä äşgär bolar» diýip pent edipdiler. Gözüň aýdyň,
ol kişi seniň perzendiň bolup çykdy! – diýip jogap berdi. Soňra bolsa
keramatly şyh maňa ýüzlendi:
– Aýtmak isleýän iküç sözden ybarat pendimi hiç zaman ýadyňdan
çykarma! Eger-de hümmeti tenha Haktagaladan alyp bilseň, ol seniň
ýalançydaky her bir zada hojaýyn bolmagyňdan has gowy bolar!
Soňra bolsa bir gezek Abul Kasym hezretleri maňa:
– Balam! Gudratly Allatagala bilen söhbet etmek isleýärmiň? –
diýdi. Men hem:
– Elbetde, isleýärin! – diýip jogap berdim.
– Onuň ýaly bolsa, hylwatda (çola ýerde) şu setirleri gaýtala:
Män, bi to dämi gärar nätäwanäm kärd,
Ehsan-e to ra, şomar nätäwanäm kärd.
Gär bär ten-e män, zebän şäwäd her muýi,
Ýek şokr-e to, ez hezar nätäwanäm kärd.
(Sen bolmasaň, birjik hem kararym ýok,
Yhsanyňy sanara mydarym ýok.
Her gylym dil bolsa, şükür borjumy
Aňladara olaň hiç ýarary ýok).
Onsoň men her gün bu setirleri gaýtalap gezdim. Olaryň bereketi
bilen heniz oglankam öňümde Haktagalanyň hak ýoly açyldy.
***
Keramatly pirimiz Abu Sagyt hezretleri şeýle diýipdir:
– Bir gün medreseden gelýärkäm, iki gözi hem kör bende meni
ýanyna çagyryp:
– Haýsy kitaby öwrenýärsiň?! – diýip sorady.
– Pylan kitaby! – diýip jogap berdim. Ol:
287
– Şyhlar: «Hakyky ylym syrlaryň üsti bilen açylýar» diýer ekenler – diýip seslendi. Emma men ol wagtlar hakykat sözüniň manysyna-da, syryň, ony açmagyň manysyna-da düşünmeýärdim.
Bu wakadan bir zaman geçeninden soň, alty ýyllap Merwde hez­
reti Abdylla Husaýrydan sapak aldym. Ol dünýäden gaýdansoň, bäş
ýyllap hezreti ymam Kaffalyň ylmyndan peýdalandym. Ol döwürler
gijelerimi kitap okap geçirip, ertesi okanlarymy gaýtalap gezýärdim.
Ynha, onsoň, bir gije ýatman çykamsoň, ertesi sapaga gelemde, gözlerim gyzaryp durdy. Hezreti ymam Kaffal:
– Şu ýigidi bir synlaň! Ol gijelerine näme bilen meşgul bol­
ýandyr öýdýäňiz?! – diýip, syrly gürledi. Çünki gulaklaryma pamyk
dykýanym, bir guýa başaşak sallanyp, Haktagalany zikir edýänim,
uzak wagtlap şeýle ýagdaýda galamsoň, gözlerimden gan akyp
başlaýandygy oňa aýan bolupdy.
Hezreti ymam Kaffal şonda maňa Mänedäki körüň aýdan sözleri
bilen manydaş bir söz aýtdy.
***
Abu Sagyt hezretleri şeýle diýipdir:
– Merwden Sarahsa gitdim. Ol ýerde şyh Abu Aly Zahidiň aýagyna ýykyldym, otuz gün agyz bekläp, ybadat bilen meşgul boldum.
***
Abu Sagyt hezretleri şeýle diýipdir:
– Bir gün gidip barýarkam, şyh Lukman Sarahsy bilen
gabatlaşdym. Ol üýşmek külüň üstünde oturyp, köne possunyna ýama
salýardy. Gujagynda-da ýüzüne ýüpek sapaklar dartylan agaç bardy.
Dogrusy, ol agaç däl-de, ribapdy.
Onuň oturan ýeriniň daş-töweregi aýdyp-diýip bolmajak derejede hapaçylykdy. Ol görgüli ylym uran diwanalardandy. Onuň gözi
maňa düşüp, bir bölek hapa alyp, maňa tarap zyňdy. Men onuň zyňan
hapasyndan sowuljak bolmadym hem-de ýüze çykan bu ýagdaýy
ýagşylyga ýordum.
– Biraz rubab çalyp bersene! – diýip, oňa ýüzlendim. Ol:
–Balam! Men seni şu possunyň ýüzüne ýama etjek! – diýdi.
288
– Her ne kylsaňyz, haklysyňyz! – diýip jogap berdim. Ol possu­
nyň ýamasyndan birki gezek sapakly temen geçirdi-de:
– Ynha, seni şu ýere ýamadym! – diýdi. Soňra ýerinden turup,
elimden tutdy-da, ýola düşdi. Ýolda bize asyryň iň beýik we ýeke-täk
piri, hezreti Abul Fazyl Hasan Sarahsy (hezreti Sarahs baba) gabat
geldi. Keramatly pir meni görüp:
– Eý, Abu Sagyt! Bu barýan ýoluň seniň gitmeli ýoluň däl! Sen
öz ýoluň bilen git! – diýdi.
Soňra şyh Lukman Sarahsy elimi keramatly pir Sarahs babanyň
eline tutduryp:
– Al muny! Bu siziňkidir! – diýip seslendi.
Ynha, şeýdip, hezreti Sarahs baba baglandym. Hezreti Sarahs
baba maňa:
– Eý, balam! Öten-geçen bir ýüz ýigrimi dört müň pygamberiň
hemmesiniň bu dünýädäki maksady kelemäniň manysyny halka
düşündirmekdi. Olaryň ählisi Allatagalanyň ýeke-täkdigini, Ony tanamalydygyny, Onuň bilen bile bolmalydygyny adamlara habar bermek üçin gönderilipdir. Bu kelemäniň manysyny tirenler-ä durman
(gije-gündiz) bu kelemäni gaýtaladylar. Iň soňunda olar durklary bilen
bu kelemäniň halyna geçdiler. Bu keleme olara Ony (Allatagalany)
aýdyň görkezdi, şonuň üçin hem olar bu kelemäni höküm hökmünde
däl-de, kalplarynyň islegi hökmünde gaýtaladylar, oňa özlerini berdiler – diýdi.
Bu keleme meni hem bendi etdi. Ynha, onsoň, bu wakanyň bolan
ilkinji gijesi gözüme uky gelmedi. Ertesi gün okuwa gitdim. Ymam
Abu Aly hezretleri: «Kulillehü sümme zerhüm...» (golaý manysy:
«Allah» diý, soňra olary terk et». Gurhany Şerifiň 6-njy süresiniň 91-nji aýatyndan) diýen mukaddes sözleriň manysyny düşündirýärdi.
Şol pursat synamda bir ruhy gapy açylyp, «menligimi» tenimdem
aldylar.
Hezreti ymam Abu Aly hezretlerine meniň düşen ýagdaýym aýan
bolan bolarly. Ol:
– Öten agşam nirede bolduň?! – diýip sorady.
– Hezreti pirimiz Sarahs babanyň ýanynda! – diýip jogap berdim.
– Eýle bolsa, indi şol gaýtalan kelemäňi aýtmagyňy goýup, bu
289
19.*
derse gelmek saňa haram edildi – diýdi.
Ynha, aljyraňňy ýagdaýa düşüp, bolup geçýän wakalara akylym
haýran bolup, hezreti pir Abul Fazyl Sarahsynyň huzuryna bardym.
Tutuşlygyma şol kelemä öwrülipdim. Keramatly pir meni görüp:
– Sermest bolupsyň, ýagny ruhy serhoşlyk halyna düşüpsiň.
Öňüňde näme, ardyňda näme – muny seljermäge hem gurbuň çatmaýar – diýdi. Men:
–Ýa, pirim! Munuň çäresi barmy?! – diýdim. Ol:
– Gowusy, gel, bu kelemäniň dosty bol! Çünki bu kelemäniň
seniň bilen köp işi bolar – diýip seslendi.
Şeýdip, men ep-esli zaman bu keleme bilen boldum. Onsoň hez­
reti pir Abul Fazyl Sarahsy maňa:
– Bu kelemedäki harplaryň gapylary seniň üçin açyldy. Indi
leşgerler (ylahy syrlar) seniň synaňa hüjüm edip, seni (belent derejelere) göterjekler. Ýeriňden galk-da, hylwat ýer gözle! Ýalňyzlykdan
aýrylma! – diýip maslahat berdi.
Men bu wakadan soňra Mänä geldim. Otuz ýyllap bir künjekde
oturyp, gulaklaryma pamyk dykyp, hemişe «Allah! Allah!» diýip
gaýtaladym. Her wagt meni uky ýa-da gaflat basmarlajak bolsa, ujy
köz ýaly gyzaran syhy elinde tutup duran biri mährabyň öňünde peýda bolup, haýbat bilen haýkyrýardy: «Allah!» diý!. Netijede, meniň
tenimiň her bir zerresi: «Allah! Allah!» diýip gaýtalap başlaýardy.
***
Rowaýat etmeklerine görä, şol zamanlar hezreti Abu Sagydyň
bir ýönekeýje ezýaka köýnegi bar ekeni. Her wagt köýneginiň
bir ýeri ýyrtylsa, şol ýeri ýamap geziberer eken. Ýama-ýama bolup duran, käbir ýerlerinde bir ýamanyň üstüne soň hem nijema
gezek ýama düşen bu köýnegiň agramy şolaryň hasabyna barha
agralypdyr. Ol yzygiderli agyz bekläp gezipdir. Her agşam bir
tegelek çörek bilen agzyny açypdyr. Şol döwürlerde gije-gündiz
uklamaýan ekeni. Her namazdan öň boý täretini alar ekeni. Sähralyga rowan bolup, ol ýerde biten dürli-dürli otlary iýip, oňňut
edipdir. Kakasy ony gözläp, idäp tapyp, öýüne getirse, ol ýene-de
sähra gaçyp gider ekeni.
290
***
Gelip ýeten gürrüňlere görä, hezreti Abu Sagydyň kakasy şeýle
diýipdir:
– Men öýüň gapysyny zynjyr bilen mäkäm baglap, Abu Sagydyň
uklandygyny, uklamandygyny biljek bolup, gulagymy oňa tarap tutup, onuň süýji ukuda ýatandygyna göz ýetirip, soňra özüm hem arkaýyn uklaýardym. Bir gezek gijäniň ýarymynda oýanyp, oglumyň
düşeginiň boşdugyny gördüm. Ony gözläp, otaglara aýlanyp çykdym.
Ol öýde däldi. Gapy bolsa, öňküsi ýaly, zynjyr bilen baglangy durdy.
Şondan soňra birnäçe gije oňa gözegçilik edip, asla uklamadym. Ol
daň atan badyna otagynda peýda bolup, ýuwaşjadan düşegine geçip
ýatýardy. Men oňa gözegçilik edýänimi bildirmeýärdim. Iň soňunda
onuň nirä gidýänini bilmegi ýüregime düwdüm. Ol öýden hanjak tarapa gitse, men hem bildirmän, onuň yzyndan galamokdym. Şeýdip,
biz bir köne gala ýetdik. Oglum metjide girdi-de, gapyny kiltledi.
Men gapynyň yşyndan jyklap, onuň metjidiň bir burçunda namaza duranyny gördüm. Namazyny tamamlap, ol metjidiň bir künjegindäki guýynyň başyna bardy hem-de guýynyň agzyna keseligine bir agaç goýup, ol agaja aýaklaryny daňyp, özüni başaşak edip,
guýa sallady hem-de şol durşuna Kur’an-Mejidi okamaga başlady we
daňdana çenli ony hatym etdi.
Ondan soňra metjitden daşary çykyp, täret kylmak bilen meşgul
boldy. Men öýümize dolanyp, adatça edişim ýaly, ýerime geçip
ýatdym, soňra ol hem gelip, ýerine geçdi. Men ondan hiç zat soramadym. Daň atanyndan soň bolsa, ony oýardym. Soňra jemagat bilen
namaz okamaga gitdik.
Bu wakadan soň birnäçe gijeläp oňa gözegçilik etdim. Ol her gije
hem şol bir hereketini gaýtalaýardy.
Ol derwüşlere hem hyzmat edýärdi, barjamlylardan zat diläp
alyp, derwüşlere bererdi, olar bilen söhbetdeş bolardy.
***
Rowaýat etmeklerine görä, onda bir müşgillik ýüze çyksa, şol
dem uçup, Sarahsa barar eken hem-de keramatly pir hezreti Abul Fazyl Sarahsydan (Sarahs babadan) maslahat sorar eken. Bir gün kera291
matly pir hezreti Sarahs babanyň müritlerinden (sopularyndan) biri
halypasyna:
– Abu Sagyt zemin bilen asmanyň arasyndan uçup gelýär – diýip
habar berýär. Keramatly pir:
– Sen ony gördüňmi?! – diýip sorapdyr. Mürit:
– Gördüm! – diýip jogap beren. Şonda keramatly pir:
– Sen kör bolman ölmersiň! – diýipdir. Şol sopy, hakykatdan
hem, ömrüniň ahyrynda batyllyga uçrapdyr.
***
Aýtmaklaryna görä, keramatly pir hezreti Abul Fazyl Sarahsy
(Sarahs baba) günleriň birinde Abu Sagydy hezreti Abdyrahman
Seleminiň ýanyna onuň elinden hyrka geýmek üçin ugradýar. Soňra
Abu Sagyt ýene mürşidiniň huzuryna dolanýar. Şonda keramatly pir
Abu Sagyda şeýle diýipdir:
– Indi, sen keramatda, halatda ýetjek derejäňe ýetdiň! Mäne
obasyna dolan-da, halky Haktagala sadyk hyzmat etmäge çagyryp,
wagyz etmek bilen meşgul bol!
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Sagyt ýedi ýyllap çöl-beýewanda bolýar hem-de sährada bitýän gülleri, otlary iýip oňňut edýär,
wagşy haýwanlar bilen bile ýaşaýar. Ynha, şol zamanlarda ol şeýlebir
güýçli ruhy serhoşlyk halyna düşýär welin, oňa yssy-da, sowuk-da täsir edip bilmeýär. Günleriň birinde güýçli tupan turýar. Ýöne ol tupan
hem oňa zyýan ýetirmekden gorkýar. Bu ýagdaýa keramat üsti bilen
akyl ýetiren hezreti Mäne baba: «Munda hökman bir syr bolaýmaly!»
diýip ýola düşýär hem-de bir obanyň çetinden girýär. Görse, bir öýüň
içinde goja bilen kempiri ot ýakyp, nahar bişirip otyrlar. Mäne baba
olara salam berýär hem-de:
– Taňry myhmany alarmysyňyz?! – diýip soraýar. Olar:
– Garaşýanymyz Taňry myhmany-da! – diýip, ony kabul edýärler.
Mäne Baba içeri girip, ýylynýar, oduk-buduk garbanyp, kem-käs
dynç alýar. Arkasyny diwara ýaplan badyna-da irkilýär. Bir zaman
soňra bir adamyň:
292
– Pylany näçe ýyldyr sährada bolup, otlary, gülleri iýip ýaşaýar.
Ýöne şu mahala çenli onuň ýaly rahat ýaşan adamy gören kişi ýok.
Häzir hem şondan rahat adam ýok – diýenini eşidýär. Soňra keramatly
şyhyň gulagyna gaýypdan:
– Tur-da, ugra, biz saňa mätäç däl! Halka goşul, goý, halkyň
köňli senden rahatlyk tapsyn! – diýen ses gelýär.
Mäne baba obasyna dolanýar. Onuň hümmeti bilen kän adam
Haktagala sowuk-sala ybadat edýändikleri üçin toba edýärler. Onuň
bilen goňşulykda ýaşaýan şeraphorlar hem toba edip, şeraplaryny
ýere dökýärler. Şeýlelik bilen, Mäne babanyň abraýy artyp, ýokary
derejä ýetýär. Bu barada Mäne babanyň özi şeýle diýipdir: «Iýen
garpyzymyň paçagyny 20 dinara (altyn pula) satyn alýardylar. Bir gezek adamlar ýabymyň peşewini hem alyp, maňlaýlaryna çaldylar».
***
Mäne baba hezretleri şeýle diýipdir:
– Biz birtopar kitaby ýere gömdük. Onuň üstünden bolsa dükan
açdyk. Eger olary satan bolsam, ondan geljek puldan ýaňa, maňa ýene-de ýalançy dünýäniň toruna düşmek howpy abanardy. Ondan soň
biziň «bizligimizi» goýdular. Ol «biz» biz däldi.
***
Mäne baba şeýle diýipdir:
– Günleriň birinde metjidiň burçundan: «Welem ýekfi bi Rebbike» (golaý manysy: «Seniň Rebbiňiň her bir zada şaýat bolmagy ýeterlik dälmidir?» Gurhany Şerifiň 41-nji süresiniň 53-nji aýatyndan)
diýen ses geldi. Şol pursat Gudraty güýçli Allatagala bilen aramda
bir nur peýda bolup, perdeler öňümi baglady. Ozal halk biziň aýdan
her bir sözümiz bilen ylalaşýan bolsa, ondan soň inkär edip başlady.
Hatda bize bolan ýigrençleri şeýle bir artyp, kazynyň huzuryna gidip, biziň kapyr bolandygymyza güwä geçdiler hem-de: «Bu adamyň
gadamynyň şumlugy zerarly, onuň aýak basan ýerinde, topragymyzda
ýekeje-de ot-çöp bitmeýär!» diýip şikaýat etdiler.
Soň bir gün metjitde otyrdym. Zenanlar tamyň üstüne çykyp, üstüme kül dökdüler. Şol wagt ýene-de: «Welem ýekfi bi Rebbike?!»
293
diýen owaz geldi. Ýagdaý şeýle derejä baryp ýetdi – jemagat bilen
namaz okanlar aralarynda meniň hem bardygymy bilip, täzeden namaza durýardylar hem-de:
– Bu adam diwana bolupdyr! – diýip gygyryşýardylar. Bu iş ula
ýazyp, şäher adamlary meni görenlerinden, bir gysym toprak alyp,
ýanlaryndan geçemde üstüme serpmek üçin garaşmaga başlaýardylar.
***
Keramatly pir Mäne baba şeýle diýipdir:
– Bize şyhlaryň şyhy, kämil pir, hezreti Abul Apbas Gassabyň
huzuryna alyp barýan ýol görkezildi.
Pirim hezreti Abul Fazyl Sarahsy (Sarahs baba) dünýäden
gaýdypdy. Gaýgy-hasratdan gursagym doly halda ýola düşdüm. Ýolda bir pire gabat geldim. Ol ekin ekmek bilen meşguldy, ady Abul
Hasan Harkanydy. Ol meni görüp, şeýle diýdi:
– Eger-de Haktagala bütin älemi künji dänesi bilen doldursa,
soňra hem bir guş ýaradyp, tasawwuf ýolunyň derdini onuň synasynda
goýsa, soňra hem: «Şu guş älemi bu künji dänelerinden tämizleýänçä,
sen öz maksadyňa ýetmersiň! Bu dert içinde galarsyň, eý, Abu Sagyt!» diýse, nädersiň?!...
Ol bu sözlerini tamamlap-tamamlamanka, gaýgy-hasratym zym-zyýat boldy. Kalbyma giňlik aralaşdy.
***
Aýtmaklaryna görä, hezreti Abu Sagyt Amulda ýaşaýan, keramatly pir Abu Apbas Gassabyň ýanyna baryp, ençeme wagtlap ol ýerde galýar. Hezreti Abu Apbas Gassap oňa öz otagynyň
garşysyndaky hüjräni berýär. Şyh Abu Sagyt Abul Haýyr hemişe ol
hüjrede müşahede we zikr bilen meşgul bolýar. Gözleri bolsa hemişe
gapynyň deşiginde bolupdyr. Şol ýerden keramatly pir Abu Apbasyň
hal-ýagdaýyny synlaýardy. Bir gije keramatly pir Abu Apbas tebibe
gan aldyrýar. Soňra bolsa gan aldyran damarynyň sargysy açylyp,
piriň hyrkasy hem gana bulaşýar. Abu Sagyt hüjresinden ylgap çykyp,
piriniň gan akýan ýerine sargy saraýar. Onuň gan degen hyrkasyny
hem çykardyp, özüniň päkize donuny oňa geýdirýär. Gan degen hyr294
ka Abu Apbas hezretleriniň geýip, namaza durýan hyrkasy bolansoň,
Abu Sagyt şol gije ony ýuwup, soňra guradýar hem-de onuň huzuryna
alyp barýar. Hezreti Abu Apbas şonda:
– Bu hyrka seniňki bolsun! Sen geý, nesip etsin! – diýipdir. Soňra
ol hyrkasyny öz eli bilen Abu Sagyda geýdirýär. Ertesi säher wagty
sopular şyhyň hyrkasyny Abu Sagydyň egninde, Abu Sagydyň donuny hem pirleri Abu Apbasyň egninde görüp, aňk bolupdyrlar. Hez­
reti Abu Apbas Gassap:
– Öten agşam ajap bir habar geldi! Ol ajap habar bu mäneli
juwanmerdiň nesibesine düşdi! Mübärek bolsun! – diýip, soňra Abu
Sagyda ýüzlenipdir:
– Sen indi Mänä dolan! Birnäçe gün geçip-geçmän, bu sanjagy (ýagny tasawwuf – sopuçylyk ýolunyň şanly baýdagyny) seniň
saraýyň üstünde dikip gaýdarlar.
Abu Sagyt hezretleri özüne aýan edilen bu yşarat üçin ýüz-müň
şükürler kylyp, yzyna dolanýar.
***
Aýtmaklaryna görä, Mäne babanyň çile çekişi hem örän agyr bolupdyr. Ol hatda öýlenip, perzentleri dünýä inen zamanlary hem çile
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.