Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 04

Total number of words is 3816
Total number of unique words is 1897
34.6 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
uzadyp, balyklaryň biriniň agzyndaky dinary alypdyr-da, gämibaşa tarap uzadypdyr. Oňa ezýet edenler bu keramaty görüp, aýagyna ýykylypdyrlar, emma ol aýagyny çekip alyp, gämiden daşary ätläpdir. Mälik
suwuň ýüzünden ýöräp barşyna, olaryň gözünden gaýyp bolupdyr. Ine,
oňa Dinar lakamynyň berilmegine şu waka sebäp bolanmyş.
***
Onuň toba gelşi hem gyzyklydyr. Mälik ilki-ilkiler baýlygyň
we gowy zatlaryň aşygy eken. Ol Şamda ýaşapdyr. Bir gün Mälik bu
48
şäherde Mugawyýa tarapyndan bina etdirilen uly metjide baryp, itikaf1 etmäge başlapdyr. Metjidiň çykdajylaryny baý-baý adamlar ödär
eken. Mälik: «Şu metjide gözegçilik etmek maňa tabşyrylmazmyka»
diýip, umyt edipdir. Metjitden çykman ybadat etmäge niýetlenmegine-de şol umydy sebäp bolupdy. Ol şeýdip, bir ýyllap metjitden
aýrylman ybadat edipdir. Adamlar haçan gelseler, onuň namaz okap
duranynyň şaýady bolupdyrlar. Ol bolsa iliň gözüne ilmek üçin ybadat
edýänini bilip durdy. Metjide gelenine bir ýyl bolansoň, ol wagtyny
hoş geçirmek maksady bilen daşary çykypdyr.
Bir gün ol saz çalyp otyr eken. Dostlary onuň çalýan sazlaryny
diňläp oturyşlaryna, uklap galypdyrlar. Birden onuň çalyp oturan rubabyndan: «Eý, Mälik! Toba gelmezligiňe sebäp bolýan zat näme?»
diýen ses eşidilipdir. Ol bu sesi eşiden badyna, metjide ýetmäge
howlugypdyr. Gulagyna ilen ses onuň aňkasyny aşyrypdy. Ol: «Gud­
raty güýçli Allatagala bir ýyllap ýalandan ybadat etdim. Mundan
beýläk yhlas bilen ybadat etjek. Eden işime utanýaryn» diýip, özüne
söz beripdir.
Mälik şo gije tüýs ýüreginden yhlas bilen ybadat edipdir. Ertesi
gün metjide gelen musulmanlar: «Bu metjidiň timarlanmaga mätäç
ýerleriniň bardygyny görüp durus. Şol işleriň gidişine gözegçilik etmek üçin bir adamy bellemek gerek» diýip, özara maslahat edipdirler.
Olaryň gözi Mälige düşüp: «Bu işe şundan laýyk kişi ýokdur» diýen
karara gelipdirler. Mälik şol wagt namaz okap dur eken. Ol namazyny
tamamlaýança garaşyp, soňra:
– Metjide goýberilýän serişdeleri harçlamak wezipesini öz üstüňe
almagyňy haýyş etmek üçin geldik – diýipdirler. Mälik bolsa doga etmek üçin ellerini ýokary galdyryp:
– Allahym! Bir ýyllap saňa ýalandan ybadat etdim. Şonça wagtyň
dowamynda ýüzüme gaňrylyp sereden hem bolmady. Şindi köňlümi
saňa bagladym, öňki niýetimden dänip, beýle bir zadyň yşkyna
düşmejegime özüme söz berdim. Emma bu işi öz üstüme almagymy
haýyş etmekleri üçin ýigrimi kişini iberdiň. Bu iş bilen meşgullanmak
islemeýänime gudratyňdan ant içýärin! – diýip seslenipdir.
Metjide baryp, niýet edilen belli bir wagt aralygynda diňe ybadat etmek bilen
meşgul bolmak.
1
49
4.*
Şondan soňra Mälik metjitden çykyp, dünýä işine goşulyp, hak
ýoluň rowaç almagy üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmandyr.
***
Habar bermeklerine görä, şol zamanda Basrada ýaşan bir baý
adam dünýäden ötüp, yzynda ummasyz baýlygy we bir gözel gyzy
galypdyr. Bu gyz Sabyt Buhananyň ýanyna gelip:
– Dogry tagat etmegimi öwrederi ýaly, Mälige durmuşa çykmak
isleýärin – diýipdir.
Sabyt Mäligiň ýanynda bu meseleden söz açypdyr. Şonda Mälik:
– Men üç talak bermek bilen, dünýä bilen aramy açdym. Zenan maşgala-da dünýäniň bir bölegidir. Üç talak bermek arkaly
aýrylyşanyň bilen gaýtadan nikalaşyp bolmaz – diýip, ýüregindäkini
aýdypdyr.
***
Mälik başyndan geçen bir waka barada habar berip, şeýle diýipdir:
«Men ençeme ýyl bäri gaza gitmegiň arzuwy bilen ýaşaýardym. Rum
diýarynda söweş ýüze çykan güni birdenkä gyzgynym galyp, tapdan
düşdüm oturyberdim we söweşe goşulyp bilmedim. Men: «Eý, bedenim, eger seniň Allatagalanyň ýanynda bir gymmatyň bolsady, onda
şu gyzzyrma keseli bilen kesellemezdiň» diýip içimi gepletdim we uka
batdym. Düýşümde gaýypdan: «Bu gün söweşe gatnaşan bolsaň, ýesir
düşjekdiň, soňra saňa doňuz etini iýdirjekdiler. Gyzzyrma keseli saňa
Hak tarapyndan gönderilen uly bir ýagşylyk boldy» diýen ses gulagyma eşidildi. Şondan soňra ukudan oýanyp, Allatagala şükür etdim».
***
Habar bermeklerine görä, Mälik bir gün dinsiz kişileriň biri bilen jedel etmäge başlapdyr. Jedelleriniň hiç soňy gelmändir. Ikisi-de
«Meňki dogry» diýip, ýeň berenoklarmyş. Ahyry olar ellerini biribiriniňkä baglap, oda sokmak kararyna gelipdirler. Haýsysynyň eli
ýansa, şol hem ýeňlen hasap edilmeli eken. Aýdyşlary ýaly edipdirler,
emma hijisiniň hem eli ýanman, ot sönüp gidipdir. Töwerekdäkiler
«Bularyň ikisiniň hem aýdýan zady dogry eken» diýşipdirler. Dünýe50
si daralan Mälik öýüne baryp, başyny seždä goýupdyr-da: «Iman getirenime ýetmiş ýyl boldy. Iň soňunda bir dinsize deň boldum oturyberdim» diýip, Allatagala ýüzlenipdir. Şol wagt onuň gulagyna
gaýypdan: «Seniň eliňiň dinsiziň eline hemaýat edenini bileňokmy?
Ol dinsiz elini seniňkiden aýryp, özbaşyna oda sokan bolsady, näme
boljagyny şonda görerdiň» diýen ses eşidilipdir.
***
Habar bermeklerine görä, Basrada ýaşan kyrk ýylynyň içinde
Mälik asla hurma iýmändir. Hurma ýygylýan möwsüm gelende, ol:
– Eý, basralylar! Hurma iýmänim üçin egsilen zadym bolmady.
Her gün hurma iýeniňiz üçin siziň hem artan zadyňyz bolmady – diýip,
şäherdeşlerine ýüzlener eken. Kyrk ýyldan soňra bolsa birdenkä onuň
hurma iýesi gelipdir. Ol her edip, hesip edip, nebsiniň bu islegine garşy
çykmaga çytraşypdyr. Ine, şol günleriň birinde onuň gulagyna gaýypdan:
– Hurma iý-de, nebsiňi bu dertden halas et! – diýen owaz
eşidilipdir. Mälik nebsine ýüzlenip:
– Eger gije-de, gündiz-de hiç zat iýmezlik şerti bilen bir hepde
agzyňy bekleseň, seniň bu islegiňi kanagatlandyraýyn – diýipdir.
Nebsi muňa razy bolup, ýedi günläp agzyny bekläpdir. Şondan
soň, Mälik hurma satyn alypdyr-da, ony iýmek üçin metjide gidipdir.
Ol ýaňy bir hurma iýmäge hyýallanypdyr welin, oňa metjitde oturan
bir oglanyň gözi düşüp:
– Oho-ho-w! Bir ýehudy metjide girip, hurma iýip otyr – diýip,
gaty sesi bilen gygyrmaga başlapdyr.
– Ýehudynyň metjitde näme işi bar – diýip, oglanyň kakasy eline
bir taýak alyp, içeri giripdir we ýaňy bir urmakçy bolanda, Mäligi
tanap, onuň aýaklaryna ýykylypdyr we ötünç soramaga başlapdyr:
– Ussat, meniň günämi geç, gündizlerine mähellämizde ýehudylardan başga agzyna zat atan kişi tapylmaz. Seniň bu ýere gelip, bir
zat iýmekçi bolanyňy gören oglum seni ýehudydyr öýdüpdir. Ony
bagyşla. Ol heniz kiçi bolansoň, seni tanamandyr.
Mälik bolsa:
– Allahym! Hurma iýmäge ýaňy bir synanyşanym üçin adyma
ýehudy goýduň. Hurma dagy iýäýsem, dinsizleriň hataryna goşjagyň
51
görnüp dur. Gaýdyp hiç haçan hurma iýmejegime gudratyňdan ant
içýärin – diýip seslenipdir.
***
Habar bermeklerine görä, Basrada ýangyn ýüze çykypdyr.
Mälik hasasyny eline alyp, agaç aýakgaplaryny-da aýagyna iltäp, bir
-depäniň üstüne çykypdyr-da, şol ýerden şäheri synlamaga başlapdyr.
Ýangynyň çykan ýerinde ýaşaýan adamlar nätjeklerini bilmän,
elewreşip ýörmüşler. Kimiň eşigine ot düşüp, ikiýana urunýarmyşyn,
kimi gaçyp gutulmagyň alajyny agtarýarmyşyn, kimi bolsa zatlaryny
ýangyndan gutarmaga çalyşýarmyşyn. Bu zatlary synlap duran Mälik:
– Ýüki ýeňil bolanlar gutuldy, agyr bolanlar heläk boldy! – diýip
seslenipdir.
***
Mälik aradan çykanyndan soň, uly alymlaryň biri ony düýşünde
görüp:
– Gudraty güýçli Allatagala seni nähili garşy aldy? – diýip sorapdyr. Mälik bolsa:
– Öz eden günälerime garamazdan, men gudraty güýçli Allatagalany görmek hormatyna mynasyp boldum. Özünden diňe gowulyga
garaşýanlygym sebäpli, Allatagala günälerimiň baryny geçdi – diýip
jogap beripdir.
***
Mälik ibn Dinar şeýle diýipdir: «Haktagala bir gezek Musa
alaýhyssalama: «Demirden hasa, bir jübüt hem aýakgap edin we soňra
Ýeriň ýüzüne aýlanyp, eserleri, ybrat beriji zatlary gözle. Nygmatlary we hikmetleri synla. Hasa döwülýänçä, aýakgabyň könelýänçä,
bu gözlegiňi dowam et!» diýip emir edipdir. Bu mukaddes sözlerden
sabyr etmelidigi barada netije çykarylýar. Yslam dini gaty bolany sebäpli, onuň çäginde ýumşaklyk bilen hereket et.
Haktagalanyň: «Size güýçli islemek başarnygyny berdik, emma
siz beýle bir zadyň özüňizde bardygyny duýmadyňyz. Siziň üçin
sema gurnadyk, emma siz tans etmediňiz» diýendigi barada Töwratda aýdylypdyr.
52
Asmandan inen kitaplaryň birinde: «Haktagala Muhammet
alaýhyssalamyň ymmatyna Jebraýyla-da, Mikaýyla-da bermedik iki
zadyny beripdir. Ol: «Meni zikir ediň, men hem sizi zikir edeýin»
(«Bakara», 152); «Meni çagyryň, çakylygyňyzy kabul edeýin» («Gafir», 60) diýipdir.
Haktagalanyň: «Eý, syddyhlar! Dünýäde meni zikir etmek
nygmatyndan peýdalanyň, çünki meni zikir etmek dünýäde uly bir
nygmatdyr. Ahyretdäki soňsuz hazynany-da meni zikir etmek bilen gazanyň» diýip, öz bendelerine ýüzlenendigi barada Töwratda
okapdym.
Haktagala inderen kitaplarynyň birinde: «Dünýä köňül beren
alyma etjek iň gowy ýagşylygym zikir we mynajat etmek keýpini
köňlünden çykarmakdyr» diýipdir.
Şeýtan dünýewi arzuwlaryň yzynda selpeýän adamyň yzyndan
ylgamagyny goýar (Çünki oňa bu bela ýeterlik bolar).
***
Ömri ahyrlaberende, Mälik özünden nesihat soran bir adama:
«Dowzahdan gutulmak isleseň, mydama iş edýänden razy bol, çünki
seniň işiňi edýän Oldur» diýipdir.
***
Mälik şeýle diýipdir:
– Bir gün ejir baryny çekip, demini sanap ýatan adamyň derdini ýeňletmek maksady bilen, bir öýüň gapysyndan ätledim. Men oňa
Allatagalanyň adyny gaýtalamagynyň gerekdigini aýtdym. Ol aýdanymy etmedi we: «On, on bir» diýdi ýatdy. Ondan:
– Diýenimi näme sebäpli edeňok? – diýip soradym. Ol:
– Hudaýyň adyny dilime aljak bolýan welin, güýçli oduň içinde galyp barýanymy görüp, bu niýetimden el çekýärin – diýip jogap
berdi.
Ol şonlugyna ölüp gitdi. Adamlardan sorag-ideg edip, onuň parahorlyk edip ýaşanyny, özgeleri aldamak arkaly baýanyny anykladym.
Söwda eden mahaly ol dürs işlemeýän tereziden peýdalanyp, satýan
zadyny kem çekip berer eken.
53
***
Mäligiň gyzy ondan uklamaýanynyň sebäbini sorapdyr. Mälik
oňa şeýle jogap beripdir:
– Allatagalanyň maňa keremini haçan bagyşlajagyny bilmämsoň,
bu pursat gijäniň bir wagtyna gabat gelip, elim boş galar öýdüp
gorkýaryn. Onsoň hem men Hudaýyň nygmatlaryny iýip, şeýtanyň
diýenini edýän betbagt kişileriň hilinden. Eger-de bir adam metjidiň
gapysyndan garap, Ýeriň ýüzündäki iň ýaramaz adamyň daş çykmagyny haýyş etse, onuň çakylygyna seslenen kişi men bolaryn.
***
Mälik şeýle diýipdir:
– Bu dünýäniň pesligine akyl ýetiren mahalym, maňa we edýän
işlerime iliň näme diýjegi barada pikirlenmämi goýdum.
Öleniňden soňra saňa nepi degmejek adam bilen barşyp-gelişme.
54
H
Habyp AJAMY
abyp Ajamy toba gelmezinden öň ile karz berip, süýt­
horlygyň hasabyna ýaşaýan bir puldar eken. Ol her gün algylaryny almak maksady bilen öýünden çykyp gidýärmişin. Algysyny
alyp bilse ne ýagşy, alyp bilmese-de bergidaryndan ýöräp geleniniň
kireýini alyp, şol gün şonuň bilen oňňut etmeli bolupdyr. Bir gün hem
ol, öňküleri ýaly, algysyny almak üçin öýünden çykypdyr, emma bergidaryny öýünde tapmandyr. Bergidaryň aýaly:
– Saňa berer ýaly hiç zadym ýok. Diňe goýnuň yslaňkyrlan boýny
galypdyr. Bu ýere çenli gelip, güýjüňi sarp edeniň üçin, isleseň, şony
saňa berip biljek – diýipdir. Habyp onuň teklibini kabul edip, goýnuň
boýnuny öýüne alyp gelipdir-de, aýalyna:
– Ojakda gazan atar – diýipdir. Aýaly ojakda ýakar ýaly odunyň
ýokdugyny aýdypdyr. Habyp hem:
– Ýene ýaňky ýaly hilä baş urup, çörek bilen odun hem alyp
geleýin – diýip, çykyp gidip, birnäçe wagtdan çörekdir odundan ýük­
lenip gelipdir. Aýaly hem nahar bişirmäge durupdyr. Şol wagt bir
dilegçiniň sesi eşidilipdir. Habyp:
– Saňa oduk-buduk berip ýörenimize ençeme wagt bolan hem
bolsa, sen baýap gidibermediň, emma biz welin garyp düşüp ýetişdik
– diýip, ýetip gelen dilegçiniň üstüne gygyrypdyr. Dilegçi umydyny
ýitirip, bu ýerden daşlaşmak bilen bolupdyr.
Habybyň nahar alyp gelmek üçin ojagyň başyna baran aýaly gazandaky naharyň gan ýaly uýap galandygyny görüp, erbet gorkupdyr.
Ol Habyba ýüzlenip:
– Gel, ýaňky dilegçiniň üstüne gygyranyň üçin nahara näme bolanyny öz gözüň bilen gör – diýip seslenipdir. Bolan işi gören Habybyň
ýüregine ot düşüp, öz bolşuna puşman edipdir.
55
Ertesi gün ol ýene bergidarlaryny tapyp, algysyny almak we
mundan buýana süýthorlykdan el çekmek maksady bilen öýünden
çykypdyr. Şol gün juma günüdi. Ol ilki Hasan Basrynyň edýän wagyzlaryny diňlemäge gitmegi ýüregine düwüpdir. Habyp şol gidişine,
ýolda oýun oýnap ýören çagalaryň deňinden geçmeli bolupdyr. Oňa
gözleri düşen çagalar:
– Bu ýerden uzaklaşalyň. Birden süýthor Habybyň aýagynyň astyndan
göterilen tozan üstümize siňäýmesin. Eger bu tozan üstümize siňse, biz
hem onuň ýaly betbagt bolarys – diýşip, bir-birlerini ägä edipdirler.
Çagalaryň bu boluşlary Habyba örän agyr degipdir. Ol gidip, Hasan Basrynyň wagzyny diňläp, tüýs ýüreginden toba edipdir, çünki
wagyz oňa örän güýçli täsir edip, akylyny aldyrana dönüpdir. Ol wagyz edilýän ýerden çykyp, bir bergidary bilen gabatlaşypdyr. Bergidary ondan gaçmak isläpdir. Habyp:
– Gaçma, gaçma! Şu güne çenli sen menden gaçmaly bolýardyň,
emma mundan beýläk meniň senden gaçmagym gerek – diýipdir.
Habyp yzyna dolanyp gelýärkä, hälki oglanlar heniz hem ýoluň
üstünde oýnap ýören ekenler. Çagalaryň gözi oňa düşüp, bu gezek:
– Hany, ýoldan sowulyň, turuzýan tozanymyz Habybyň üstüne
siňäýmesin, ýogsam Hakyň öňünde günäkär bolarys – diýşip, bir-birlerini ägä etmäge çalşypdyrlar. Şondan soň Habyp:
– Allahym! Seniň bilen ylalaşyk baglaşalym bäri geçen bir
sagadyň içinde adymy gowy adamlaryň adynyň hatarynda tutduryp,
köňülleriň dowluny meniň üçin çaldyrdyň – diýip, Allatagala şükür
edipdir. Soňra bolsa:
– Kim Habyba bir zat bergili bolsa, gelip dilhatyny alyp gitsin –
diýip yglan edipdir.
Bergidarlaryň ählisi toplanypdyr. Habyp toplan bar baýlygyny şol
ýerdäkilere paýlap, dilhatylary hem eýelerine gowşurypdyr. Şeýdip, kör-köpüksiz galypdyr. Şol wagt ýene bir adam gelip, ondan bir zat bermegini talap edipdir. Oňa berere zady bolmansoň, aýalynyň başatgyjyny
alyp beripdir. Ondan bir zat bermegi talap eden başga birine-de egnindäki köýnegini çykaryp bermeli bolupdyr. Ol şeýdip çyplak galypdyr.
Soňra Habyp Fyrat derýasynyň kenarynda salnan külbesinde ýaşamaga başlapdyr we gündizlerine Hasan Basrynyň huzuryna
56
baryp, ylym öwrenipdir, bütin gijelerini bolsa ybadat bilen meşgul
bolup geçiripdir. Gurhany Kerimi okap bilmeýänligi üçin, oňa Ajamy
(araplardan bolmadyk) lakamyny beripdirler.
Birnäçe wagt geçeninden soň, aýaly onuň ýanyna gelip:
– Iýip-içer ýaly zadymyz gutardy – diýip habar beripdir. Emma
Habyp ýene derýanyň boýundaky külbesine gidip, ybadat bilen
meşgul bolupdyr. Agşam öýüne dolanyp gelende, aýaly:
– Iýer ýaly bir zat getirmediňmi? – diýip sorapdyr. Habyp:
– Meniň işini edýänim kerem eýesidir. Şonuň üçin hem ondan
bir zat dilemäge utandym. Wagty gelende, gerek zadymyzy özi berer
– diýip jogap beripdir we ýene ybadatdan başga zady bilmändir.
Şondan soňra dokuz gün geçip, onunjy gün diýlende, Allatagala onuň öýüne üç hammal bilen bir ýüzi nurly ýigidi gönderipdir.
Hammallaryň biriniň ýüki ýagdan, beýlekisiniňki baldan, ýene biriniňki
bolsa etden ybaratmyş. Görmegeý oglanyň elinde bolsa içi ýüz dirhem
pully gapjyk bar eken. Ýaňky oglan Habybyň aýalyna ýüzlenip:
– Bulary adamyňyzyň hojaýyny ugratdy we oňa mundan has
kän işlese, berýän hakyny-da şonça artdyrjagyny aýtmagy tabşyrdy –
diýipdir we derrew bu ýerden uzaklaşmak bilen bolupdyr.
Agşam düşensoň, Habyp lapykeç halda öýüne dolanypdyr we
bişen naharyň ysyny alypdyr. Aýaly onuň öňünden çykyp:
– Kimiň elinde işleýän bolsaň, şonuň işini ýerine ýetirmegiňi dowam et, çünki onuň keremli, şepagatly birisidigine gözüm ýetdi. Ol şu
gün bize şunça zat gönderipdir we edýän işiňiň möçberini artdyrsaň,
haky-da şonça köp tölejegini habar beripdir – diýip, şadyýan seslenipdir.
Habyp:
– Geň galaýmaly! Onuň on gün hyzmatyny edenim üçin maňa
şunça ýagşylyk etdi. Hyzmatymy artdyrsam dagy näme etjegini göz
öňüne-de getirip bilmeýärin – diýipdir we dünýäden doly ýüz öwrüp,
Haka ýönelipdir. Ahyrynda-da, dogasy kabul bolýan welileriň birine
öwrülipdir.
***
Bir gün Habybyň ýanyna bir zenan maşgala gelip, zar-zar
aglapdyr we:
57
– Çagamy ýitirdim. Bu aýraçylyga çydap bilemok. Allatagala
doga edip ber. Şol doganyň berekedi bilen çagam yzyna dolansyn –
diýip ýalbarypdyr. Habyp:
– Ýanyňda pul barmy? – diýip sorapdyr. Aýal görgüli:
– Üç teňňäm bar – diýip, ýanyndaky puluny oňa uzadypdyr.
Habyp bu puly alyp, garyp-gasarlara paýlapdyr we soňra doga edip:
– Indi gidiber, ogluň yzyna dolanyp geler – diýip, zenan maşgala
ýüzlenipdir. Aýal öýüne gelse, ogly öňünde otyrmyş. Ol ogluna ýüzlenip:
– Balam, halyň niçik? Başyňa nämeler gelip geçdi? – diýipdir.
– Kirman şäherinde ýaşaýardym. Halypam meni et almak üçin
bazara ugratdy. Et satyn alyp, yzyma dolanmakçy bolamda, bir ýerden ýel gelip, aýagymy ýerden üzdi. Edil şol wagt hem gulagyma:
«Eý, ýel, Habybyň eden dogasynyň haky üçin we berlen sadakanyň
berekedine ony öýüne alyp bar!» diýen bir owaz eşitdim. Bu bolan
iş barada eşiden bir adam: «Ýel ony nädip bu ýere alyp gelip bildikä?» diýip senden sorasa, oňa: «Süleýman alaýhyssalama degişli
suw çüwdürimini bir aýlyk ýoldan bir günde nähili edip alyp gelen
bolsa we Bylkysyň tagtyny göz ýumup-açasy salymda Süleýmana
nähili gowuşdyran bolsa, şonuň ýaly edip hem alyp gelipdir» diýip
jogap ber – diýip, ogly şadyýan seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Habyby terwiýe gününde1 Basrada,
arefe gününde2 hem Arafatda görüpdirler.
Bir döwürde Basrada uly gytçylyk bolupdyr. Habyp nesýesine
köp mukdarda azyk-owkat satyn alyp, tutuşlygyna garyp-gasarlara
paýlap beripdir. Soňra bolsa bir gapjyk tikinip, ony ýatýan düşeginiň
aşagynda ýygşyryp goýupdyr. Özüne nesýesine azyk satan algydarlary algysyny almaga gelende, ol düşegiň aşagyna elini sokup, hälki
gapjygy çykarar eken. Her gezek hem gapjygy puldan dykylyp doldurylan ýalymyş. Ol şol puluň ujundan bergilerini beripdir.
Basrada ýollaryň kesişýän ýerinde Habybyň öýi bar eken. Şonuň
ýaly-da, onuň bir ýapynjasy bolup, ony egninden aýyrmazmyş. Ol bir
Arafe gününden öňki gün, hijri ýyl hasaby boýunça zilhiçje (gurban) aýynyň
sekizinji güni.
2
Zihiçje (gurban) aýynyň dokuzunjy güni. Hajylaryň Arafatda durýan güni.
1
58
gün täret almak üçin daş çykyp, soňra ýapynjasyny şol ýerde unudyp
gaýdypdyr. Şol ýerden geçip barýan Hasan Basrynyň gözi bu ýapynja
düşüp: «Ýaňy şu ýerde Habyp gözüme ildi. Bu şonuňky bolmaly. Biri
alyp gidibermesin» diýip içini gepledipdir-de, Habybyň yzyna dolanmagyna garaşyp başlapdyr. Habyp gelip, Hasan Basra ýüzlenipdir:
– Eý, musulmanlaryň ymamy, bu ýerde birine garaşyp durmuň?
Hasan Basry hem:
– Eý, Habyp, ýoluň çatrygynda ýapynjaňy taşlap gitmeli däldigini, biriniň ony alyp gitjegini bilmeýärmiň? Ony bu ýerde galdyryp
gitmek bilen kime bil bagladyň? – diýip, soragyna sorag bilen jogap
beripdir. Şonda Habyp:
– Ýapynjany goramagyň üçin seni bu ýere gönderene bil bag­
ladym – diýip seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Hasan Basry bir gün Habybyňka myhmançylyga gelipdir. Habyp bir çümmük duz bilen arpa ýarmasyndan taýýarlanan
aşy alyp gelip, myhmanynyň öňünde goýupdyr. Hasan bu aşdan iýip otyrka,
daşardan bir gedaýyň sesi eşidilipdir. Habyp myhmanynyň öňündäki aşy alagada, gedaýa eltip beripdir. Hasan Basry bolsa oňa ýüzlenip:
– Eý, Habyp, seniň salyh kişidigiňe hiç şübhäm ýok. Emma biraz
ylym öwrenäýseň kem bolmazdy. Soraşman, zat etmän myhmanyň
öňündäki naharyň hemmesini alyp gidibermek dogry bir hereket däl.
Dogrusy, naharyň bir bölegini gedaýa bermek, bir bölegini-de myhmana galdyrmakdyr. Şuny-da bilmeýärmidiň? – diýipdir.
Habyp oňa hiç hili jogap bermändir. Birnäçe wagt geçeninden soň,
iki oglan bularyň ýanyna gelipdir. Oglanlaryň biriniň elinde bir saçak,
saçagyň içinde-de agzyňda eräp barýan halwadyr guzy kebaby bar eken.
Beýleki oglanyň elinde-de bäş ýüz teňňe barmyş. Olar getiren zatlaryny
Habybyň öňünde goýupdyrlar. Ol pullary garyp-gasarlara paýlap gelipdir. Soňra getirilen nahardan iýip otyrkalar, ol Hasana ýüzlenip:
– Halypam! Sen gowy bir adamsyň. Emma biraz gaýyp ylymlardan hem habarly bolsaň, gowy bolardy. Şeýlelik bilen, hem mälim,
hem gaýyp ylymlaryň eýesi bolardyň. Çünki mälim ylymlaryň ýanynda gaýyp ylymlaryň hem bolmagy gerek – diýipdir.
59
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir agşam namaz wagtynda Hasan
Basry hezretleri Habybyň ýeke galýan külbesine barypdyr. Şol wagt
Habyp namaz okap dur eken. Myhman «Fatiha» süresini okanda,
onuň «el-hamdü» diýmän, «el-hemdü» diýip okanyny eşidipdir we
oňa uýup namaz okamagyň dogry bolmajakdygy barada netije çykaryp, namazyny özbaşdak okapdyr. Ol şol gije düýşünde Allatagala
ýüzlenip:
– Allahym! Seniň razylygyňa nädip gowşaryn? – diýip doga
edipdir.
Şol wagt gaýypdan bir owaz eşidilipdir:
– Eý, Hasan! Sen meniň razylygymy gazanmak mümkinçiligine
duşduň, emma onuň gadyryny bilmediň!
– Rebbim! Şol pursat maňa haçan nesip etdi?
– Habyba uýup namaz okan bolsaň, men senden razy boljakdym!
Şol namaz ömür boýy okan namazlaryňyň möhüri boljakdy, okan
namazlaryňyň ählisi şol namazyň hormatryna kabul ediljekdi. Emma sen
sözüň dogry aýdylmagyny niýetiň dogrulygyndan öňe tutduň, niýetiň
dog­rulygyna däl-de, jümläniň ýalňyş okalanyna üns berdiň. Diliňi düzeltmek bilen kalbyňy düzeltmegiň arasynda örän uly parh bardyr.
***
Habybyň öýüne otuz ýyldan bäri bir çory girip çykýan eken.
Şonça wagtyň içinde onuň ýüzüni hem doly synlamanmyş. Bir gün
bir iş üçin daşary çykmakçy bolanda, Habyp onuň bilen garşylaşypdyr
we oňa ýüzlenip:
– Eý, hijaply zenan, meniň çorymy çagyrsana! – diýip seslenipdir. Çory:
– Seniň diýýän çoryň men ahyryn – diýip geň galypdyr.
Habyp:
– Bu otuz ýylyň içinde Ýaradandan başga barlyga nazar salmaga ýürek edip bilmedim. Saňa üns bermänime-de şol sebäp boldy –
diýip, oňa öz bolşuny düşündiripdir.
60
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek çete çykyp oturan Habybyň:
«Seniň bilen hoş bolmaýan kişi asla-da hoş bolmasyn! Seni gözüniň
nury hasaplamaýan kişiniň gözi ýagta düşmesin! Seniň bilen rahatlyk
tapmaýan kişi hiç kimiň ýanynda-da rahatlyk tapmasyn!» diýip doga
edendigini eşidipdirler.
***
Bir gezek Habypdan:
– Razylyk nirededir? – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Mynapyklyk (ikiýüzlülik) tozany siňmedik köňülde – diýip jogap beripdir.
***
Gurhany Kerimi okan ýa-da diňlän mahaly Habybyň gözlerinden
ýaş syrygar eken. Ondan:
– Sen ajamysyň, arap dälsiň. Onuň manysyna düşünmeýärsiň.
Aglamagyňa sebäp bolýan zat näme? – diýip sorapdyrlar. Ol hem:
– Hawa, bu, hakykatdan hem, şeýle – meniň dilim ajamy, emma
kalbym araby – diýipdir.
***
Bir derwüş şeýle diýipdir: «Habybyň uly bir derejä gowşandy­
gyny görüp, içimden: «Bu bir ajamydyr. Bu mertebäni nädip gazandyka?» diýip pikir etdim. Şol wagt gaýypdan: «Hawa, ol ajamydyr,
emma aşykdyr» diýen owaz geldi».
***
Habyp şeýle diýipdir: «Çagalaryň hoz oýnaýyşlary ýaly, Iblis
hem karylary we takwa kişileri oýunjak edinýär».
Boş durmaň, çünki ölüm söbügiňizi sydyrdyp gelýär.
Özi bilen birlikde günäleriniň-de ölmegi, ine, adam üçin hakyky
bagtyýarlyk şudur».
61
***
Hasan Basry bir gün Habyp Ajamydan:
– Ajamy, şunuň ýaly ýokary derejä nähililik bilen ýetdiň? – diýip
sorapdyr. Habyp hem:
– Kagyz garalap däl-de, doga bilen kalbymy arassalap – diýip
jogap beripdir.
Bu sözleri eşiden Hasan Basry:
– Wah! Ylmym özgelere peýda berse-de, onuň maňa-ha nepi
degmedi – diýip seslenipdir.
***
Habyp Ajamy şeýle diýipdir:
– Hudaý aladasyny öz üstüne atýanlary goraýar.
Hakykaty çyny bilen gözleýän kişiniň kalby bu dünýä bolan
höwesden we söýgüden päk bolmalydyr.
62
Abu Nazym MEKKI
D
in ugrunda jihat etmekde we welilikde Abu Nazym
Mekkiniň deňi-taýy ýok eken. Ol köpsanly pirleriň halypasy bolupdyr we uzak ömür sürüpdir. Abu Amr Osman Mekki onuň
mertebesiniň belentligini aňladyp gutaryp bilmändir. Onuň sözleri
adamlaryň ýüregine jüňk bolup durar eken. Ol kyn meseleleriň islendigini aňsatlyk bilen çözmegi başarypdyr. Onuň pähimleri kän-kän
kitaplaryň sahypalarynda ýer alypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek halyf Hyşam ibn Abdylmelik ondan:
– Döwlet işinde işleýän kişi nädip dowzahdan halas bolup biler?
– diýip sorapdyr.
– Munuň üçin her köpügi halalyndan gazanmaly we laýyk ýerine
sarp etmeli!
– Ýagşy, muny kim başarar?
– Jähennemden uzak durmaga çalyşýan, jennete girmäge jan
edýän we Rahmanyň razylygyny gazanmak isleýän kimse munuň
hötdesinden gelip biler. Size dünýä köňül baglamazlygy maslahat
berýärin. Maňa gowşan rowaýatlara görä, kyýamatyň gopmagy bilen
ybadatlarynyň ählisini doly berjaý eden, emma dünýä köňül beren
kişini uly köpçüligiň öňüne çykarjaklar we jarçy:
– Serediň! Ine, bu Allatagalanyň pes we ygtybarsyz edip ýaradan
zadyny belent we ygtybarly hasap eden guldur! – diýip yglan etjek.
63
***
Uly alymlaryň biri şeýle diýipdir: «Haja gitmek üçin ýola
çykdym. Bagdada baryp, Abu Hazymyň öýüne gitdim. Onuň uklap
ýatanyny görüp, oýanýança garaşdym. Ol birhaýukdan soňra gözlerini açyp:
– Ýaňy men düýşümde Pygamber alaýhyssalamy gördüm. Ol
saňa ejeň görgüliniň hakyny ödeseň, haja gideniňden has gowy boljagyny, yzyňa dolanyp, onuň razylygyny gazanmalydygyňy habar bermegi tabşyrdy – diýip seslendi.
Şondan soň Mekgä gitmekden ýüz öwrüp, yzyma dolandym.
***
Abu Hazymdan:
– Baýlygyň nämedir? – diýip soranlarynda, ol:
– Baýlygym Allatagaladan razy bolmagym, adamlara bolsa
mätäç bolmazlygymdyr. Adamlardan bir zada garaşýan kişiniň gud­
raty güýçli Allatagaladan razy boljak gümany ýokdur – diýip jogap
beripdir.
***
Abu Hazym şeýle diýipdir: «Dünýäde saňa hoş bolup görnen
islendik zadyň ýanynda gynandyrjak hem bir zat bardyr. Dünýäde
garyndysyz şatlyk ýaradylmandyr. Dünýä üçin edilen az-owlak iş
ahyret üçin edilmeli köp işe eliňi ýetirmän biler.
Iş etmegiň ýerine söz otarylyp oňlan, amal etmegiň ýerine ylym
bilen kanagat edilen zamanda ýaşaýan bolsaň, iň bir erbet adamlaryň
arasynda we iň bir ýaramaz zamanda ýaşadygyňdyr.
Ömrüň geçen bölegi düýş, galan bölegi bolsa hyýaldyr.
Günä işleri edýändigiňe garamazdan, Allatagalanyň saňa gönderýän nygmatlarynyň yzynyň kesilmeýändigini görseň, dykgatly
bol! Bu bir synag bolup biler.
Ynsan aýagyny basjak ýerini bilip basmakdan hem beter, diline
häzir bolmalydyr.
Berlen zadyň şerinden goranyp bilsek, berilmedik zada özümizi
aldyrmarys.
64
Allahyň seni gadagan eden ýerinde görmeginden we halal eden
ýerinde tapmazlygyndan gork.
Meniň gören alymlarymyň gapysynyň öňünde emirler we soltanlar gelip, köpek ýaly boýunlaryny sallaşyp durardylar. Häzirki
döwürde bolsa fykyhçylaryň, alymlaryň we ybadathon kişileriň gidip,
baýlaryň, emirleriň gapysynyň öňünde garaşyp duruşlaryny görýärin.
Olaryň bolup duruşlaryny gören öý eýeleri: «Biziň eýe bolan zatlarymyz olaryňkydan has gowy bolmasa, olar bize beýle hormat goýmazdylar» diýýärler.
Maňlaýyma ýazylan zatlardan gaçyp gutulmak islesem hem,
barybir, olar meniň nesibim bolar. Maňlaýyma ýazylmadyk zatlary
ele saljak bolup näçe çytraşsam hem, olar maňa nesip etmez».
65
5.*
RABYÝA ADAWYÝÝA
A
ýratyn bir gorag perdesi astynda saklanylan, yhlas örtüginiň
aňyrsynda gizlenen, yşk we wysala gowuşmak islegi bilen
tutaşan, Allaha ýakyn bolmaga we onuň yşkynda ýanyp-köýmäge
höküm edilen, Merýem Safyýýanyň ýoluny dowam etdiren, erenler
tarapyndan garşy alnan Rabyýa Adawyýýa bir gezek şeýle diýipdir:
– Biri garşyma çykyp, menden: «Näme üçin erkekleriň hatarynda
zikir etdiň?» diýip sorasa, oňa: «Pygamber alaýhyssalamyň: «Allah
siziň daş keşbiňize bakmaz» diýen bir sözi bar» diýerin.
***
Rabyýanyň dünýä inen gijesi olaryň öýlerinde ony dolar ýaly bir
bölek biz, göbegine çalar ýaly bir damja ýag we öýi ýagtyldar ýaly
çyra tapylmandyr. Bu maşgalanyň ondan öň hem üç gyzlary bardy.
Şonuň üçin hem oňa Rabyýa adyny beripdiler. Bu söz «dördünji» diýmegi aňladýar.
Ýap-ýaňy ýeňlän ene ärine ýüzlenip:
– Pylan goňşymyzyňka baryp, çyra guýar ýaly ýag dilesene –
diýip haýyş edipdir. Ýöne Rabyýanyň kakasy ýaradylanlaryň hiç birinden zat dilemejekdigini aýdyp, öň ant içen ekeni. Muňa garamazdan, ol aýalynyň göwnüni ýykmajak bolup, goňşularynyň öýüne çenli
gidip gelipdir-de:
– Goňşular ýatypdyr – diýipdir.
Bu ýagdaý oňa agyr degipdir. Ol şol gije düýşünde hezreti Pygamber alaýhyssalamy görüpdir. Hezreti Pygamber oňa garap:
– Gynanma! Şu gün dünýä inen gyzyň şeýlebir hanym bolup,
ýetmiş müň kişi ondan şepagat etmegini dilejek – diýipdir. Soňra
sözüni dowam edipdir:
66
– Bursanyň emiri Isa Radanyň ýanyna bar we meniň oňa: «Sen
her gije maňa ýüz gezek, juma gijesi bolsa dört ýüz gezek salawat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.