Latin

Saýlanan eserler - 18

Total number of words is 3816
Total number of unique words is 1738
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Men bir gawunymyň süýjüligini görkezeýin, bäş teňňesini gysgansa, eşek ýüki gawuny hem gowuz ýerine dykaýsyn.
Soltansöýün köşgüne baryp, wezirleri bilen ata atlanyp
durka, Myraly eşegini sürüp barypdyr. Soltansöýün ondan habar
soranda:
— Patyşam, dünýäniň iň süýji nygmatyndan size sowgat
getirdim — diýipdir.
Soltansöýün gamçysyny galgadyp:
— Eý, kem akyl daýhan, seniň gawunyň üýtgeşik geň zat
däl. Biderek epe pul sarp edesim gelenok — diýipdir.
— Aý patyşam, bermeseň özüň bil. Eşek ýüki gawuny hem
hälki aýdanymy edäýjek ekeniň-dä.
Soltansöýün Myralynyň derwezebany tananyny derrew
düşünipdir-de, oňa bir penje teňňe beripdir. Bahyl wezirleriň gözi
teňňe bilen gidipdir. Birinji wezir Soltansöýüne ýüzlenip:
— Şahy älem, eşek ýüki gawuna şunça pul berseňiz, hazynanyň soňuna tiz çykarsyňyz — diýipdir.
Soltansöýün oňa:
— Teňňäni men oňa gawuny üçin bermän, sözi üçin berdim
— diýipdir.
— Myralyny sözde ýeňseň, saňa-da bir penje teňňe.
Birinji wezir atyny debsäp, Myralynyň üstüne
abanypdyr-da:
— Sen ýeriň ortasynyň nirededigini maňa ýa-ha görkez, ýada teňňäni bäri al — diýipdir.
Myraly eşeginiň sag öň aýagynyň toýnagyny görkezip:
— Eriň ortasy ynha şu ýeri — diýipdir.
— Ýok, men oňa ynanamok.
— Ynanmasaň, ölçe-de göräý.
Birinji wezir oňa jogap tapmandan soň, Myralynyň üstüne
— 201 —
ikinji wezir abanypdyr:
— Sen ýa-ha asmandaky ýyldyzlaryň sanyny maňa aýt, ýada teňňäni bäri al.
Myraly eşeginiň sagrysyna kakyp, jogap beripdir:
— Asmandaky ýyldyzlaryň sany — meniň eşegimiň
guýrugyndaky gyllary bilen sandaş.
— Ýok, onyň dogry däl.
— Dogry bolmasa, ikisini hem sana-da göräý.
Ikinji wezir oňa jogap tapmandan soň, üçünji wezir atyny
debsäp, Myralynyň üstüne abanypdyr:
— Meniň saňa bir şertim bar. Şol şertimi bilseň, pul seniňki,
bilmeseň, meniňki.
— Şertiňi aýt.
— Asmandaky ak towuk näme diýip gygyrypdyr.
Myraly bir gulagyny asmana tutup diňläpdir-de:
— Ikimiziň aramyzda deňlik ýok: sen ýokarda, men aşakda.
Şonuň üçin ol sesi men oňly eşidip bilmeýän — diýipdir.
Onda gyzma wezir özüni atdan oklap:
— Ynha, sen meniň atyma mün-de diňläý — diýipdir.
Myraly ata çykandan soň, ýene asmana diň salyp, Soltansöýüne garap jogap beripdir.
— Asmandaky ak towuk: at seniňki, eşek weziriňki diýýär.
Soltansöýün Myralynyň jogabyna el çarpyp gülüpdir-de:
— Myraly, sür!—diýipdir.
Myraly bilen söwdagär
Myralynyň gerşine garyplyk atlaýyn münüpdir. Onuň üstüne
gurakçylyk bolup, oba adamlarynyň ýagdaýy has hem kynlaşypdyr. Myraly durmuş tetärigini agtaryp, ikinji bir ile baranda, bir
geçip barýan söwdagär oňa:
— Kim maňa talaban dursa, bir gün işledip, alty aýyň
hakyny berýän — diýipdir.
Myraly öz ýanyndan: «Ýol ýakyn-da, kireý kän» diýip oýlasa-da, durmuş ony şol söwdagäre talaban durmaga mejbur edipdir. Söwdagär oňa şol ýeke günde etmeli işiň örän agyrdygyny
duýdurypdyr. Olar az ýöräp, köp ýöräp, Amyderýanyň gündogar kenarynda bir oba barypdyrlar. Olar bir näçe gün dem-dynçlaryny alanlaryndan soň, söwdagär oňa:
— Taýly çuwaly düýäň üstüne at-da, iýdip ugra — diýipdir.
Olar bir näçe wagtdan soň bir gurruk guýynyň agzyna
barypdyrlar. Söwdagär oňa:
— Ine ýigit, seniň bir günde etjek işiň şu: guýynyň içine girmeli. Men ýokardan torba sallaryn. Sen, süňkden başga eliňe ilen
zady daş, kesek diýmän, torba salarsyň. Men ýokardan çekerin.
Iň soňunda iki çuwal dolandan soň, guýudan çykarsyň, alty aýlyk
işiň şonuň bilen tamam bolar — diýipdir.
Myraly biline ýüp daňyp, guýynyň düýbüne ýetende, depe
saçy üýşüpdir: guýynyň düýbünde adam süňkünden basara ýer
galman ekeni. Myralynyň jany agzyna gelip, çekip çykarmagyny
söwdagärden haýyş edipdir. Ol oňa ýokardan gygyrypdyr:
— Işiň kyndygyny, şonuň üçin alty aýyň hakyny bir günde
berýänimi men saňa ozal aýtmadymmy? Seniň eger janyňa
— 202 —
haýpyň gelýän bolsa, äginme-de derrew torbany doldur!
Myraly söwdagäriň buýrugyna emel etmekden başga çäre
tapmandyr. Ol guýynyň düýbündäki süňkleri bir ýaňa sürüşdirip,
bilindäki kepje bilen çagylly gumdan torbany doldurypdyr. Şol
gumuň arasyňdaky çagyllar onuň gözüne ýalpyldap görnüpdir.
Çuwallar dolandan söwdagär oňa:
— Indi boldy. Ýüpi biliňe dak-da gaýdyber— diýip gygyrypdyr.
Myraly guýyň agzyna gelende, söwdagär onuň eline bir tegelek çörek tutdurypdyr-da:
Ynha, seniň duz hakyň, sag bol! — diýip, ýüpi kesip
goýberipdir.
Myraly guýynyň düýbündäki süňkleriň arasyna güpürdäp
düşüpdir. Myraly özüne gelenden soň, meniň iň soňky galmaly
ornum şu boldy diýip oýlanypdyr. Soltansöýünden öýkeläp
gaýdanyna ökünipdir. Eýsem-de bolsa, ýatyp jan berenden,
halas bolmak üçin çalşyp ölen ýagşy diýip düşünipdir. Ol kepjesi
bilen guýynyň böwşeňräk tarapyny köwüp başlapdyr, gumuň
arasyndaky ýylpyldaýan daşlar onuň gözüni gamaşdyrypdyr.
Myraly halys ysgyndan düşende, kepjäniň agzy birden-ikä bir
gorpa gidipdir. Myraly ýene bir az köwenden soň, emedekläp
gider ýaly bir hine düşüpdir. Ol şol emedekläp barşyna halys
gurpdan düşende, Amyderýanyň kenarynda peýda bolupdyr.
Emma ýagdaý onuň üçin ýenlemäňdir: kertgaýa, dyrmaşyp çykara ýer ýok, derýa özüni ursa gark boljak yzyna dolansa, guýynyň
düýbündäki süňklere gatyşjak. Ol halys aňyny ýitirende, mähnet bir balyk onuň garşysyňda peýda bolup, oňa öz ýagyrnyny
hödürläpdir. Myraly balygyň arkasyna gonanyny duýman galyňdyr. Balyk ýyldyrym ýitiliginde süýnüp, Myralyny Amyderýanyň ikinji kenarynda düşüripdir-de, gadymky bir wakany
oňa gürrüň beripdir:
— Seniň ýadyňdamy, sen oglanjyk wagtyňda derýanyň
gyrasynda gelip oýnardyň, maňa her gün çörek getirip bererdiň,
men seniň gaşyňda dürli ýüzüşler bilen saňa oýun edip bererdim,
sen maňa ýene çörek bererdiň. Men ösdüm, ulaldym, seniň şol
ýagşylygyňy nähili ýerine saljagymy bilmän ýördüm. Ýagşy, hoş
sag bol! — diýip, balyk ýene derýanyň düýbüne bakan ýüzüp
gidipdir.
Myraly birbaşa Soltansöýüniň ýanyna barman, birnäçe gün
yzarlarka-yzarlarka, ahyrynda ýene şol söwdagäri tapypdyr. Söwdagär ony tanaman, ýene Myralyny hyzmatkär tutupdyr. Ýene bir
gün guýynyň agzyna baryp, gir diýende, Myraly oňa jogap beripdir:
— Näme üçin gireýin?
— Seniň alty aýdaky etjek işiňi bir günde etmeli işiň — şu
guýynyň içindedir.
— Men saňa talaban duramda, guýa girmeli diýip aýtmandyň ahyry. Ýeriň ýüzünde näme iş buýursaň edeýin, emma guýa
girjek däl, onuň içinde näme baryny men näbileýin?
— Hiç zat ýokdur, gorkma-da giriber.
— Onda ilki özüň girip, barlap çyk, ýogsam, men ondan
gorkýan.
Söwdagär iň soňunda özi girmäge mejbur bolupdyr.
— 203 —
Myraly söwdagäriň dolduran torbasyny çykaryp görse, gumuň arasyndaky ýyldyraşýanlar altyn ekeni. Söwdagär aşakdan:
— Meni indi çek-de çykar, ondan soň sen gir — diýip gygyranda, Myraly oňa:
— Aý söwdagär aga, indi bary bir girdiň, iň soňuna çenli
gazybersene. Ýokardan çekip çykarmak-da gazandan aňsat däl —
diýipdir.
Çuwallar dolandan soň, Myraly söwdagäri çekipdir. Ol guýy
agzyna gelende, onuň eline bir tegelek çörek tutdurypdyrda:
— Al, bu seniň duz hakyň! — diýip, bagyny kesip
goýberipdir,
Myraly ýükli düýäni iýdip, Soltansöýüniňkä barypdyr. Soltansöýün Myralynyň ýüküni geňirgäp:
— Eri Myraly, açlyk maňa-da täsir edendir — Soltansöýün
ajygandyr öýtdüňmi? Düýe ýüki bugdaýy maňa getireniňden,
ony özüň iýäýseň bolmaýarmy? — diýipdir.
— Aý Soltanym, soltanlaryň nebsine doýma ýokdur. Men
muny seni doýurmak üçin getirmän, döwlet baýlygynyň diňe
döwlet hazynasynda bolmalydygyny bilenim üçin getirdim.
Soltansöýün bir çuwalyň agzyndan elini sokanda, onuň
penjesine bir gysym öl gum giripdir. Soltan elindäki gumy gazap
bilen ýere urup, Myrala dazarlypdyr:
— Sen meni kim hasap edýärsiň? Sen meni oýnamak isleýärmiň? Muny ýok ediň! —diýip, elini salgapdyr.
Myralydan içi kitüwli wezirler şol göz ýumup-açarda Myralyny ýasawullaryň öňüne salypdyrlar.
Soltansöýün gazabyna bäs gelmän, endiräp, maňlaýyny
eliniň aýasyna goýmakçy bolanda, aýagynyň aşagynda
ýylpyldaýan tyllajyklara gözi düşüpdir. Ol hiç kime buýruk bermän, aýak aldygyna ylgapdyr-da, Myralynyň öňüne geçip, onuň
gaşynda dyzyna çöküpdir.
Patyşa ölerine
Myraly Soltansöýüniň wezirleri bilen oňuşman, Mara
gaýdypdyr. Aradan bir näçe wagt geçenden soň, Soltansöýün oňa
sargyt üstüne sargyt iberipdir. Myralynyň özi üçin hem dostdan
aýralyk aňsat düşmändir. Ol iň soňuňda Soltansöýüniň ýanyna boş gitmegi laýyk bilmän, bir ýüz semiz goýun alyp gidipdir.
Myraly goýunlary Hyradyň bazaryna salanda, hyrydarlar ondan
goýunlaryň bahasyny sorapdyrlar.
Myraly goýunlary nesýe sagjagyny aýdypdyr,
— Näçe wagta?
— Patyşa ölerine.
Myralynyň goýunlarynyň daşy el bolup, derrew dagadypdyrlar. Hatda goýunlaryň üstünde dawa-da turupdyr. Goýun ýetmediklerden bir näçesi baryp, Soltansöýüne arz edipdirler:
— Patyşam, Marydan bir çarwadar gelip, ölüm jezasy
buýrarlyk bir iş etdi!
— Näme iş etdi?
— Hatda aýtmaga-da, dil barar ýaly däl.
Patyşa rugsat berenden soň, şikaýatçylar oňa mälim edipdirler:
— 204 —
— Ol Hyradyň bazarynda patyşanyň ölerine ýüz goýny
nesýe dagatdy.
Soltansöýün gazaplanyp:
— Şol adamyny derrew meniň ýanyma alyp geliň!— diýip
buýrupdyr. Onuň gaşyna Myralyny alyp gelipdirler.
Soltansöýün Myralyny görenine şatlanjak ýaly etse-de,
özüniň ölümini isläni üçin, gazabyny içine sygdyryp bilmändir.
— Eri Myraly, bu näme etdigiň boldy?
— Şahym, men-ä näme keçje iş edenimi bilemok. Diňe ýüz
sany garybyň garnyny etden doýurdym.
— Sen meň ölümi isleýärmiň?
— Ygtyýar berseňiz, jogapdan öňürti bir soragym bar.
— Aýt!
— Alla ýüz adamyň gepine ynanarmy, bir adamyň gepine?
— Bu nähili akmak sowal. Alla hasap däl, hatda men özüm
hem biradamyň gepine ynanman, iki adamyň gepine ynanaryn.
Onda näme maňa azm urýasyň?
— Sen meniň ölümimi isleýärsiň ahyry!
— Bir men seniň ölümini dilesem, ýüz adam seniň uzak
ýaşamagyňy dileýär.
Soltansöýün Myrala näme jogap berjegini bilmän:
— Şundan soň sen meniň baş wezirim! — diýipdir.
Pulhatyn
Myraly baş wezir bolandan soň, ilatyň ýagdaýyna, güzeranyna göz aýlap başlan eken. Şol wagtda Marynyň derýasy Murgap
joşup akýar eken. Onuň bir kenaryndan ikinji kenaryna geçmek
hyllalla eken. Myraly şol Murgap derýasynyň üstünde, Pendi
diýlen ýerden köpri salmagy Soltansöýüne maslahat beripdir, şol
köpriniň ykdysady taýdan hem, harby taýdan hem ähmetiniň
uludygyny düşündiripdir. Soltansöýün Myraly bilen geňeşli işiň
laýyk düşýänini aňlany üçin şol ýerden köpri salmagy makul
bilipdir. Köpri hemişelik galar ýaly ony daşdan saldyrypdyr. Şol
köprä bolsa «Daşköpri» at galypdyr.
Şol wagtda Saragtda ýaşaýan baý dul hatyn bar eken. Ol
puluna ýer tapmaýan eken! Ol öz ýanyndan «Soltansöýün
Murgabyň üstünden daşdan köpri saldyran bolsa, men hem Tejen
derýasynyň üstünden daşdan köpri saldyraýyn. Meniň köprim
onuňkydan has berkräk, has owadanrak bolsun. Soltansöýün bir
wagt ýoly düşüp, onuň üstünden geçer. Belki, men şol köpri bilen
onuň göwnüni awlaryn» diýip oýlan eken. Pully hatyn hakykatdan-da, Saragtyň bir mezil ýokarsyndan daşdan, mydamalyk berk
köpri saldyrypdyr. Ol köprä soňra «Pulhatyn» at galypdyr. Ol
köpri häzir hem bar.
Günleriň bir gününde, goşun bilen barýan Soltansöýüniň
ýoly şol «Pulhatynyň» üstünden düşüpdir. Ýaňky dul hatyn Soltansöýüniň gelýänini bilip, bezenip, şaýlanyp çykypdyr, şonluk
bilen, belki, soltanyň göwnüni awlaryn belki, köşgüň eýesi özüm
bolaryn diýip oýlapdyr.
Soltansöýün köprä golaý gelende, pully hatyna gözi düşüp,
Myrala garap, bir setir goşgy aýdypdyr:
«Bezenip, çykdy geýip, saraly köýnek sowsany».
— 205 —
Myraly pully hatynyň mekir pikirinden habardar bolany
üçin, Soltansöýüne şygyr bilen terki jogap beripdir:
«Geçme namart köprüsinden — goý aparsyn sil seni».
Soltansöýün atynyň başyny çekse-de, Myralynyň jogabyndan
razy bolman, onuň sebäbini sorapdyr:
— Pully hatyn meniň üçin, meniň döwletim üçin uly iş
edipdir. Ol döwletiniň ýarysyny harç edip, köpri saldyrypdyr.
Mundan geçmezligiň sebäbi näme?
— Döwlet üçin, halk üçin alada eden adamynyň aýagynyň
tozuny gözüňe sürme etseň azdyr. Emma munuň başga sebäbi
bar. Pully hatyn «Pulhatyny» at üçin, abraý üçin saldyrypdyr.
Görýämiň, onuň köprüsi «Daşköprüden» hem haýbatly. Eger sen
mundan geçseň,
Pully hatyn, birinji taýdan, Soltansöýün hem maňa baş egdi,
Horasanyn soltany indi iki boldy, onuň biri — men diýip, bütin
dünýä jar çeker; ikinji taýdan; köprüniň iki ýanynda sakçy goýup,
gelenden-geçenden muzd alar, köprüniň bahasyny on esseläp çykarar.
Soltansöýün Myralynyň jogaby bilen kanagatlanaňdan soň,
towlanjyrap barýan giň derýa göz gezdiripdir-de:
— Eýsem indi nätmek gerek? — diýip sorapdyr.
Myraly:
— Töwekgeliň-endişe bilen işi bolmaz! — diýip, atyna bir
gamçy çalypdyr. Soltansöýün hem bütin goşuny bilen yzyna
eýeripdir.
Keremli derýa öz göwsünden ýol berip, agyr goşunyň birjigini hem alyp galmandyr.
Menden hem bir ýüz tylla
Soltansöýün öz ýanyndan bir näçe wagt oýlanandan soň,
ahyrynda Myrala maslahat salypdyr:
— Dostum, Myraly! Adam özerkli bolanda, azgyn bolýar.
Bilner-bilinmez edilen günä gyt däldir. Şonuň üçin Mekgä gidipmi ýa başga ýerden agtarypmy, bir pire gol bersem, günämiň
ötülmegine, ýalkanmagyma sebäpkär bol diýip ýalbarsam diýýän.
Sen ony niçik görýäsiň?
— Ilki sözüňe goşulýan, soňky sözleriňe goşulmaýan.
— Ol näme diýdigiň boldy?
— Günä gazananyňa ynanýan, emma ony piriň etegi bilen
ýuwup biljegiňe ynanamok.
— Eýsem nätmeli? Bilner-bilinmez edilen nähak
işler meni horlaýar..
— Meniň saňa maslahatym: sen Mekgä-de gitjek bolma,
pir hem agtarma, näme hyzmatyň, näme ýagşylygyň bolsa, öz
halkyňa, öz raýatyňa et. Uly ilde Alla ady bar diýilýändir.
Soltansöýün Myrala jogap bermän, öz, oýun dowam edipdir.
Olar günüň bir gününde uzak ýola şikara çykypdyrlar. Görseler,
olaryň düşlän ýerine golaý, çolaja bir ýerde zürrüjek garaja öý
oturan eken. Wezirlerden biri şol öýden habar tutup, şol öýde bir
pir aýalyň ýaşaýanyny Soltansöýüne gelip habar beripdir.
Soltansöýün Myralyny ýanyna çagyryp, öz şatlygyny mälim
edipdir.
— 206 —
— «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýilen nakyl bar. Hudaýyň özi maňa garaşyk etdi: piri meniň üstüme ýa-da
meni piriň üstüne getirdi. Indi men baryp, şonuň etegine ýykylsam diýýän.
Myraly Soltansöýüne garap ýylgyrypdyr:
— Eý, Soltanym, şunça ýykylan etegiňi az görýämiň?
Soltansöýüniň Myrala gahary gelipdir:
— Meni gaýgy-gam basýar. Seniň oýun ýadyňa düşýär.
— Eý Soltanym, gatyrganmaň. Adam şekilli adam öz ýurdunda, il içinde orun tapar. Ol aýalyň beýle çete çykmagy sebäpsiz däldir.
— Näme, garakçylyk üçin oturandyr öýdýämiň?
— Onuň näme üçin oturanyny üç ýüz tylla karz berseňiz,
bendäňiz saýgaryp biler, siziň özüňize-de görkezer.
Patyşa pir aýaly däl-de, Myralyny synamak isläpdir: şu ýerde
juda bolmasa oňa öz ömrümde bir gezek ökde gelerin diýip, üç
ýüz tylla pul beripdir.
Onuň gapysyna baryp gaýdýan wezirler, ol aýalyň takwalygy, hudaýparazlygy, erkek adamyny kabul etmeýänini,
nämähreme ýüzüni görkezmeýäni hakynda dabara bilen gürrüň
edişipdirler.
Myraly şol garaja öýe baryp, onuň gapysyny saklaýan aýala
ýüz tutupdyr:
— Siz baryň-da piriňize aýdyň. Uzak ýoldan gelen bir adam
size ýüz tylla getiripdir, onuň maksady size diňe bir gezek garamak diýiň.
Sakçy aýal baryp, habar berende, pir aýal:
— ýok, ýok — diýip gygyrypdyr. Şol sekuntda eliniň
aýasyny gaşapdyr-da, asmana diň salypdyr: «hoş, hoş» diýip seslenipdir. Ondan soň sakçy aýala garap:— hatyfdan seda geldi —
goý gelsin — diýipdir.
Myraly pir aýala ýüz tylla berip, ýüzüne gülümsiräp garapdyr-da, sesini çykarman gidipdir. Ertesi ýene baryp, sakçy aýala
şeýle diýipdir.
— Piriňize baryň-da aýdyň: şol adam ýene geldi. Ol size bir
ýüz tylla getiripdir. Onuň maksady — sizi diňe bir gezek öpmek
diýiň.
Sakçy aýal baryp, habar berende, pir aýal ala gykylyk edipdir:
— Ýok-eý, Alla saklasyn!
Aýal ýene eliniň aýasyny gaşap, asmana diň salypdyr: «Ýok,
aýyp bolar! Näme? Bir gezeklikçe nogsany ýok? Aý perwerdigär.
Buýrugyňa emel etmekden başga alajym näme?» diýip, seslenipdir-de sakçy aýala garap:
— Hatyfdan seda geldi. Bar, aýt, gelsin — diýipdir.
Myraly orta ýaşly, sary maňyz aýalyň ýaňagyna elini goýup,
öz elini öpüp gidipdir.
Myraly üçünji gije ugramakçy bolanda, Soltansöýüne:
— Siz şol aýalyň nähili pirdigini tanamak isleseňiz, şu gije
öýüň daşyndan baryň-da diňläň! — diýip sakçy aýala baryp,
habaryny beripdir:
— Siz piriňize baryň-da aýdyň. Şol adam ýene geldi. Size
bir ýüz tylla getiripdir. Onuň maksady diňe pir aýalyň üç ädimlik
— 207 —
golaýynda bir gije ýatyp turmak — diýiň.
Sakçy aýal habar berende, bir bu sapar gykylyk etmän, eliniň
aýasyny gaşap, asmana diň salypdyr, öz ýanyndan hümürdäpdir: «Aý Allam, men nämähremi öz golaýymda nähili ýatyraýyn?
Näme, näme? Nämährem däl! Allanyň eradasy bilen. Allanyň
emri şeýle bolsa, mende ne çäre?»
Pir aýal Myralyny üçünji gije öz golaýynda ýatyrypdyr. Köpden bäri adam ysyny almadyk dulsuran aýalyň süňňi gowşap
başlapdyr. Ol gernipdir, pallapdyr, düýşürgän kişi bolup: «Bärräk
süýş, bärräk süýş» diýip hümürdäpdir. Myralynyň gymyldysy
bolmany üçin, ukuda bolan, kişi bolup, agdarylyp-dönderilip,
onuň ýanyna barypdyr. Myraly onda-da hiç zat duýman, ýuwaşja myrlap ýatany üçin aýal iň soňunda durup bilmän, Myralynyň
boýnundan gol salypdyr. Myraly tisginip oýanyp, arkan çekilmekçi boluňdyr. Aýal ony sypdyrman:
— Bir ýüz tyllaň özüňki! — diýip seslenipdir.
Myraly:
— Ýok. Men Allanyň gargyşyna galyp bilmen! — diýip,
onuň golundan sypmaga çalyşypdyr.
Pir aýal sandyrawuk ses bilen:
— Allanyň emri şeýle, iki ýüz tyllaň özüňki! — diýip seslenipdir. Myraly:
— Maňa Alladan beýle buýruk ýok! — diýip, ýene boýun
towlapdyr.
— Bar, bar. Hatyfdan seda geldi. Üç ýüz tyllaň hem özüňki!—diýip, pir aýal Myralyny mäkäm gujaklapdyr.
Myraly aýalyň gurply gollarynyň astynda:
— Ýok, ýok, bolmaz! — diýip, seslenipdir.
Daşarda diňläp duran Soltansöýün durup bilmän:
— Myraly, menden hem bir ýüz tylla!—diýip gygyrypdyr.
Erksiz şa bolandan, erkli gedaý bolan ýagşy
Soltansöýün bilen Myraly gezelenje çykanlarynda, bir aýalyň
üstünden barypdyrlar. Ol aýalyň egnindäki köýneginiň azyndan
kyrk ýamasy bar ekeni. Emma geýiminiň köneligine, ýyrtyklygyna garaman, ol aýalyň keýpi örän kök ekeni. Myraly bilen Soltansöýün ol aýala geňirgenmek bilen garanlaryndan soň, olaryň
ikisi hem ol aýaly tanapdyrlar: ol aýal Soltansöýüniň oňuşman,
bir wagtlar köşkden çykaryp kowan aýaly ekeni.
Soltansöýün Myralynyň gulagyna pyşyrdap:
— Sen ol aýaldan sora: onuň öňki güni ýagşymy, indiki
güni ýagşy? — diýen eken.
Myraly oňa:
— Onuň haýsy gününiň ýagşylygy meniň üçin mälim.
Isleseň, seniň göwnüň üçin sorap bereýin — diýip, ol gelne habar
gatypdyr:
— Eý janan, sen bir wagt köşkde ýaşaýardyň, geýýäniň ýüpek, iýýäniň baldy. Seniň häzir köne şylhaň endamyňy zordan
ýapýar, bedeniňde garga çokasy et ýok. Sen çekinmede aýt: öňki
günüň ýagşymy, häzirki günüň?
Aýal ýaşmagyny bütinleýin syryp, aç-açan jogap beripdir:
— Men köşkdekäm kyrkyň biridim. Meniň gapyma Sol— 208 —
tanyň aýagy kyrk günden bir düşmeýärdi. Meniň ýanymdaky
gürrüňdeşim özüm ýaly kapasdakylar bolup, durmuşyň lezzeti bize haramdy. Ýüpek diýip geýenim ýalyn bolup ýapyşsa, bal
diýip iýenim, awy bolup geçýärdi. Häzir bolsa, öz elim, öz ýakam.
Ärim meni söýýär, men ony söýýän. Aç günümde onuň bir ýylgyryp garany — maňa iýmit bolýar, ýalaňaç günümde — onuň bir
sözi meniň endamyma geýim bolýar. Siziň soranyňyz üçin meniň
aýtmagym zerur: erksiz şa bolandan erkli gedaý bolan ýagşy.
Myraly Soltansöýüniň ýüzüne kän manyly soragly göz bilen
garanda, Soltansöýün ondan:
— Näme, kyrk aýalyň birinden özgesini boşat diýmek isleýärmiň? — diýipdir.
Myraly Soltansöýüniň ýüzüne hoşallyk bilen garandan soň;
— Soltanyň zirek akylyna haýrandyryn! — diýipdir.
Soltansöýün elindäki gamçysyny eýeriň gaşyna tyrkyldadyp,
bir az oýlanandan soň, Myrala näme jogap berjegini, nähili karara
geljegini bilmän, atynyň başyny gowşadypdyr.
Saman astyndan suw goýberen
Soltansöýün Myraly bilen şikardan gelýärkä, bir obanyň
çetinde adatdan daşary bir owadan gelin görüpdir.. Onuň aý ýaly
ýüzi, sallanjyran ýörişi Soltansöýüniň bütin durmuşyny özüne
çekipdir. Soltansöýün Myrala ýalbaryjy göz bilen garap:
— Myraly, sen meniň baş wezirim, meniň ýagdaýyma diňe
sen düşünýänsiň. Sen maňa maslahat ber: men bu gelni nähili ýol
bilen alyp bilerin?
Myraly oňa:
— Hiç hili ýol bilen — diýip, pert jogap berýär.
— Ol meniň ýüregimi bütinleýin özi bilen alyp gitdi, men
häzir boş göwre bolup galdym. Eger men ony almasam, onda
meniň günümiň ýaşdygy.
— Soltanym, siz akyldan aýrylmaň. Heý biriniň aýalyny
hem almak bolarmy? Oňa şerg näme diýer? Ony heý kowahat
göterermi? Siz bu päliňizden el çekiň? Ýogsam halk sizi ýekirer,
sizden bütin halk ýüz dönderer.
Soltansöýün Myrala närazylyk bildirmek bilen öz niýetini
oňa mälim edipdir:
— Sen maňa maslahat berme-de, bar-da şol gelniň ärine
maslahat ber. Men ol gelni hökman alaryn. Şonuň üçin, il hem
menden ynjamaz.
Soltansöýün bir az düşlemek, şol gelniň ärini çagyrtmak üçin,
bir emeldaryňka bakan sürüpdir. Myraly şol obada bir dostunyň
baryny mälim edip, şonuň bilen salamlaşyp gaýtmak üçin, Soltansöýünden rugsat alypdyr.
Myraly şol gelniň giren öýüne baryp, uzak äginmändir-de,
ol gelniň ärine Soltansöýüniň niýetiniň bozulanyny, ony häzir çagyrtjagyny mälim edip, Soltan näme buýursa, bolýar diýip gaýtmagyny, soňra oňa jogap bermeli bolanda, özüniň goldajagyny
mälim edipdir.
Myraly dolanyp gelenden soň, şol gelniň ärini Soltansöýüniň
ýanyna alyp gelipdirler. Soltansöýün ol gelin barasynda söz
açman, başga sorag, başga tabşyryk beripdir:
— 209 —
— Seniň adyň näme?
— Garaguduk.
— Garaguduk? Berekella! Il içine çykan wagtymda, meniň
üýtgeşik bir häsiýetim bar: men haýsy obada nähili üýtgeşik ýagdaý, üýtgeşik adam baryny soraýan. Şol adamlary ýanyma çagyryp, her haýsyna bir hili tabşyryk berýän. Ýerine ýetireni sylaýan,
ýerine ýetirmedige gargaýan. Sen hem şu obanyň üýtgeşik bir
adamy. Seniň adyň hem üýtgeşik, keşbiň hem üýtgeşik, belki,
başga üýtgeşik zatlaryň hem bardyr. Sen meniň häsiýetimi nähili
görýäsiň?
Onda ol adam:
— Şalaryň huzuryny görmek, şalaryň hyzmatyny etmek —
her ýetene ýetdirýän bagt däldir. Soltanym näme buýursa, — bütin janym bilen ýerine ýetirerin — diýip aýdan.
— Men saňa bir ýaby, goşa öküz, on sany hem öweç goýun
berjek. Sen şolaryň hemmesini alty aýda guzlatmaly.
Garaguduk Soltanyň öňünde baş egipdir.
Myraly sorag berjek bolanda, Soltansöýün barmagyny daldalapdyr. Emma märekedäki ýarym sag, ýarym däliniň biri Soltansöýüniň baryny unudyp:
— Garaguduk işiň gaýtdy. Heý erkek janlyny hem guzladyp bolarmy? — diýipdir.
Garaguduk oňa pert jogap beripdir:
— Allanyň eradasy bilen her bir zat bolup biler. Patyşa bolmaly diýdimi, hökman bolduryn!
— Heý, berekella! — diýip, Soltaýsöýün onuň arkasyna kakypdyr.
Aradan alty aý geçenden soň, Soltansöýün Myraly bilen ýene
şol oba atlanypdyr. Soltansöýün emeldaryňka sürende, dostum
bilen salamlaşaýyn diýip, Myraly ýene bir az salymlyk rugsat alypdyr.
Myraly baryp Garaguduga, onuň gelnine bir näçe söz
öwredipdir.
Myraly barandan soň, Soltansöýün Garagudugy çagyrdypdyr.
— Garaguduk syrkaw ýatyr — diýip gelenlerinde, Soltansöýün onuň gelnini alyp gelmäge höküm edipdir.
Gelin gelende, Soltansöýün oňa sowal beripdir:
— Hany Guduk?
— Onuň-a içinden burgy tutup, çaga dogurjak bolup ýatyr.
Soltan ol gelne ýylgyryp garap:
— Heý erkek adam hem çaga dogyrmy? — diýip sorapdyr.
— Aý Soltanym, öküz göle dogranda, erkek ýaby guzlanlanda, erkek öweç goýunlar guzy dogranda, adamynyň hem çaga
dogurmagy geň däl!—diýip jogap beripdir.
Soltan ol gelniň jogabyna gaýtargy tapmandyr-da, gelniň öz
tapjak jogaby däldigini bileni üçin, Myrala barmagyny çommaldypdyr.
— Heý saman astyndan suw goýberen. Munda seniň eliň
bar.
Myraly oňa baş egip:
— Soltanym, munda meniň günäm ýok, men diňe siziň
buýrugyňyzy ýerine ýetirdim — diýipdir.
— 210 —
— Ol nähili buýruk?
— Maňa maslahat berme-de, olara maslahat ber diýmediňmi?
Soltansöýün ýaman niýetiniň ýol almajagyny aňlandan soň,
ol gelin bilen dogan okaşyp gaýdypdyr.
Biz adam dälmi?
Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege höküm
edip bilmändir. Ol Myrala ýüzlenip:
— Heý siňegiň ýok ýeri barmyka? — diýip sorapdyr.
Myraly oňa:
— Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz!—diýipdir.
Soltansöýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde
ýeňerin diýip oýlanypdyr-da:
— Atlan! — diýipdir.
Olar bir çöl beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyzz
edip gelipdir-de, Soltansöýüniň ýüzüne gonupdyr.
Soltansöýün Myrala garap:
— Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu näme
siňek dälmi? — diýipdir.
Myraly oňa:
— Ikimiz näme adam dälmi? —diýip jogap beripdir.
Gysga ýorgan
Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin,
olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany başaşa
kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr, wekillerine şol ýorgany
meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar.
Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan:
— Myraly, sen ýokmusyň? — diýip gygyrypdyr.
Myraly oňa:
— Soltanyň gahary gelmese, ýetireýin — diýipdir.
Soltansöýüniň ýorganyň aşagyndan sesi çykypdyr:
— Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler.
— Myraly ýanyndaky gamçyny alypdyr-da, Soltanyň
ýalaňaç injiklerine mäkäm çalypdyr. Soltanyň aýaklary şol bada
ýorgana çolanypdyr.
Soltan ýerinden galyp:
— Näme üçin urduň? —diýip soranda, Myraly oňa:
— Buýrugyňa emel edip, ýorganyňy aýagyňa ýetirdim.
Aslynda sen näme üçin ýorganyňa görä aýak uzatmadyň?— diýip
jogap beripdir.
Näme üçin ýylgyrýar?
Soltansöýüni bir baý toýa çagyrypdyr. Soltansöýün Myrala
ertir daňyň alagaraňkysynda ugrarys, şaýyňy tutup ýatgyn diýip
tabşyrypdyr.
Myraly ony geňirgäp:
— 211 —
— Näme üçin alagaraňkyda?—diýip soranda, ol oňa:
— Günüň doganyny görmälimiz kän wagt boldy. Güni ýolda doguraly — diýip, jogap beripdir.
Soltansöýün ondan soň hyzmatkärlerine:
— Myralyň atyna iým bermäň-de, torbasyna gor salyp
geýdiriň — diýip tabşyrypdyr.
Myraly Soltansöýüniň jogaby bilen kanagatlanman, garaňkyda ugramakçy bolanyna bir sebäbiniň baryny aňlap, gije atyna
atlanmaga barypdyr. Görse, atynyň erinleri syrtaryp, dişleri ýalpyldap görnüpdir. Myraly onuň Soltansöýünden ýetenini bilip,
ahmalyna garap barypdyr-da, onuň münjek atynyň guýruguny
düýbünden kesipdir.
Olar daňyň alagaraňkysynda ugrap, güni ýolda dogrupdyrlar. Soltansöýün yzyna gaňrylyp seredipdir-de, hahahaýlap
gülüpdir:
— Myraly seniň atyň nämä ýylgyrýarka?
Myraly oňa:
— Soltanym, seniň atyň guýrugyna ýylgyrýan bolmasa —
diýip, jogap beripdir.
Soltansöýün atynyň guýrugyna gözi düşenden, atynyň
başyny yzyna dolapdyr. Myraly şonda:
— Soltanym, ýakma—bişersiň — diýipdir
Kim öň gördi?
Soltansöýün bilen Myraly ýolsuz çölde ýanaşyp barýan ekenler. Soltansöýün atly, Myraly eşekli ekeni, Birden olaryň öňünde
kelle ýaly altyn lowurdap görnüpdir. Olaryň ikisi hem birden seslenipdir:
— Hanha kelle ýaly altyn!
Olar altyny baryp ele alanlaryndan soň, «Men öň gördüm-de,
men öň gördüm» bolşupdyrlar. Soltansöýün Myrala garap:
— Men senden bir gez ýokarda, şonuň üçin meniň gözüm
oňa ilki düşdi — diýipdir.
Myraly Soltansöýüne:
— ýok, men senden bir gez aşakda: men ýere golaý. Şonuň
üçin meniň gözüm ýere golaý, men ilki gördüm!— diýipdir.
Ikisi uzak jedel edişenlerinden soň, «gel ikimiz şu ýerde oturyp, başymyzdan geçenleri gürrüň edişeli. Kim geň, kim çykgynsyz ýagdaýa duçar bolan bolsa, altyny şonuň ilki gördügi» diýşip,
müwessa goýuşypdyrlar.
Ilki bilen Myraly söze başlapdyr:
— Meniň owlak-guzy bakýan wagtymdy. Öýe gelemde,
işim aşyk-topaz oýnamak bolardy. Garry enem bir gün maňa igendi: «Balam, men indi garrylyga ýüz urupdyryn. Maşgalany senden başga eklejek ýok. Sen, ýaşyň azlygyna garaman, öýüň garamatyny boýnuňa götermegiň gerek. Owlak-guzudan saňa düşýän
zat ýok. Belki, birine talaban durarsyň». Meniň ýaşym az hem
bolsa, enäniň şol igenji maňa ýeterlikdi. Bir gün bir adam oba-oba
aýlanyp, ýaşajyk talaban gözleýär. Onuň wada berýän haky hem
önjeýli bolany üçin, men oňa talaban durdum. Ol meni uzak bir
oba äkidip, bir näçe günläp ýumuş buýurmady. Ahyr bir gün, şol
baý semiz öküziň hamyny etliräk soýup, bir düýäniň üstüne iki
— 212 —
sany boş çuwal hem atdy-da, «ýör, hanym» diýdi. Men onuň yzyna düşdüm. Şol barmana, bir dagyň düýbüne baryp daýandyk.
Onuň kert gaýasy daşdan salnan haýat ýaly bolup, asmana galýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 19
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.