Latin

Saýlanan eserler - 07

Total number of words is 3799
Total number of unique words is 1931
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Doktorlaryň garaýşy üýtgedi. Sestralaryň ýüzünde ene
mähirli gaýgy alamaty syzyldy. Olar bir az aljyraýan, ellerini bir
az ýitirjege meňzeýän ýaly göründi. Professoryň garaýşynda bir
az ýitilik duýlan ýaly bolsa-da, elleri bir hereketden üýtgemedi.
Ol «bint, bint» diýip, birsyhly süpürişdirenden soň, böwregi emaý
bilen beýlesine öwürdi.
Gan pessaý-pessaý diňdi. Böwrek ýerinde goýuldy, ýara tikildi.
Doktor Muhammet derman damdyrmagyny kesdi.
Kem-kemden Batyryň horlamasy galyp, ýeňillik bilen dem
alyp başlady.
Rezin tigirli krowat yzyna bakan hereket etdi.
Onunjy baş

Annamyradyň: «Batyryň içini aýna bilen gördüler. Onuň
böwreginde jerhet bar ekeni. Ony maňa-da görkezdiler» diýen
habary Dursuny ynjalykdan aýyrdy. Ol ondan her näçe janygyp,
gaýtalap sorasa-da, şondan başga düşündiriş alyp bilmedi. Batyryň «içim» diýip, towlanjyrap ýörmesi, oňa dürli tebipleriň beren
emgekleri, onuň böwreginde çirk bary,
onuň naýynjar keşbi häli-şindi Dursunyň gözüniň
öňünden gitmedi. Ol oglunyň gaýgysyny çekmän, ýekeje
minut hem ýazylyp oturyp bilmedi. Hatda ýatanda düýşüne-de
girdi. Onuň iýeni-içeni bogazyndan geçmän,
gözleri buldurap, ygtyýarsyz suratda ýaş damdyran wagtlary-da gyt bolmady. Ol içerde oturman, daşarda durman, aýagy
bişen ýaly zowzuldap gezdi. Onuň hiç ýerde karary ýetmedi. Eli
işe barmady. Şonuň üçin ol giç gününi ir etdi-de, Batyryň yzyndan Aşgabada gitdi.

Dursun mekdebe golaýlanda, dört göz bilen töweregine
garanjaklady. Onuň ýüregi atygsaýardy, Batyry
göresi gelýärdi, ony görmäge ymtylýardy. Onuň ýyljyraklap
Duran suraty her minutda gözüniň öňüne gelip durýardy. Ol öz
ýanyndan: «Ine ýetip geldim. Batyr jan öňümden çykar. «Eje jan»
diýip, salam berer. Men ony bagryma basaryn, ýüzünden, gözünden ogşaryn» diýip oýlaýardy. Onuň guwanjy barha artýardy, gözlerinden guwanç ýaşy daşýardy.
— 69 —

Emma Batyr onuň öňünden. çykmady.

Dursun ýitireni bar ýaly, gözüni elek-çelek edip, dört
ýanyna garanjaklasa-da, Batyra gözi düşmedi.
Ol ilki bilen özüne duş gelen bir oglandan:
— Janym, Batyr nirede? — diýip sorady.
Ol oglan onuň göwnüni ýykmak islemedimi ýa hakykatdan
hem habarsyzmydy:
—Bilmedim — diýip, jogap berdi.
Ondan soň Dursun hiç zatdan habarsyz öňräk bir oglana duş
gelip:
— Hany, hanym, Batyr nirede? — diýip, öňki soragyny
gaýtalady.
Ojagaz oglanyň näzik ýüzünde, ýyljyraklap duran günäsiz
gözlerinde hile damaryndan hiç zat ýogy köre hasady. Emma
Dursunyň bu wagt gözüne dürtüläýse-de, onuň ýaly näzik zatlary
saýgaryp biljek gümany ýokdy. Ol oglan şol soragyň yzy bilen:
— Batyr içini kesdirdi. Keselhanada ýatyr — diýip, pertpert jogap gaýtardy.
Ol habar Dursuna ok bolup degdi. Onuň ganynyň ýöremesi
üýtgedi, depe saçy düýrükdi, ýüzüniň reňki soldy, gözleriniň garasy çalardy, kellesi saňňyldady, ellerini uzadyp, näme sorajygyna-da akyly ýetmän:
— Batyr... hany... ha... — diýip, elenip durdy.
Soňraky gelen akabyrrak bir oglan onuň başynyň aýlananyny
aňlady, egnine ýapyşdy-da:
— Daýza, bir azajyk dynç al. Ýadapsyň. Ine, derrew Batyry
taparys — diýip, ony bir basgançagyň üstünde oturtdy.
Dursunyň gözleri zat saýgarmady. Ol şol wagt hiç bir zady
öz akylyndan durlap geçirip bilmeýşi ýaly, hiç bir zady hem seljermedi, aýagy hem ädilmedi. Onuň gözüniň öňüne Batyryň içi
kesilýän suraty gelip, naýynjar bir ses bilen: «Eje, aý eje, meni alsana!» diýip ýalbarýan sesi gulagyna ilen ýaly boldy, allaniçigsi
tisgindi. Ol gözlerini elek-çelek edip, kellesini saňňyldatdy:
— A ýu-ýuw... — diýip gygyrdy.
Oglanlar Dursundan gorkdular. Onuň reňksiz gözlerinden,
dagynyk saçlaryndan, tozana basdyran göwresinden howatyr
etdiler: «Bä, bu aýal garaguş agyrylymyka? Akyly gelip-gitmelimikä? Ýa telbemikä?» diýip oýladylar.
Dursun bir näçe wagtdan soň özüni dürsedi, gyňajynyň
ujy bilen gözlerini süpürdi. Eýsem-de bolsa, rahatlanyp bilmän,
oglanlara ýalbardy:
— Balalarym, başyňyza döneýin! Aýtsaňyz-laň! Batyr jan
nirede?
Soňky gelen oglan ony rahatlandyrmak isläp, Batyryň ýagdaýyny bütinleýin aýdyp bermekçi boldy:
— Batyryň böwreginde daş bar eken. Ony operasiýa etdiler.
Dursunyň ýene şol surat gözüniň öňüne gelip, ol oglanyň
sözüni kesip, aýylganç gygyrdy:
— Waý, nalaç edeýin!
Dursuny, iň soňunda, birneme köşetdiler.
Hälki oglan ýene sözüni dowam etdi:
— Onuň böwreginden barmak başy ýaly daş çykardylar.
Onuň ýarasy eýýäm bitip barýar. Ol indi kemsiz-keselsiz galdy. Ol
— 70 —
indi mundan soň «içim» diýip böwrüni tutmaz.
Dursuny ol sözler doly kanagatlandyrmady, oglanlara ýalbardy:
— Başyňyza döneýin! Ol nirede bolsa, ony maňa görkezeweriň!
— Oňa belli bir barmaly güni, belli bir sagady bardyr. Bu
wagt barsaň hem goýbermezler.
— Maňa diňe şonuň jaýyny görkezseňiz bolýa.
Ekabyr oglanlardan biri Dursuny hirurgiýa keselhanasyna
alyp bardy. Şol wagt ir ikindinlerdi. Keselhananyň gapysy ýapykdy.
Dursun gapyny goşa ýumrugy bilen urup başlady.
Gapy sakçy kiçijik äpişgäni açyp seretdi-de:
— Size näme gerek? — diýip sorady.
Dursun oňa:
— Aç gapyny! — Maňa Batyr gerek!
Gapy sakçy öz gulluk borjuna görä, Dursuna düşündirmekçi
boldy.
— Bu wagt kabul edilýän wagt däl. Gapyny açmak bolmaz.
Dursun onuň kiçijik äpişgäni ýapmagyna garaman:
— Aç diýdim, aç! — diýip, gapyny elindäki köwşi bilen
urdy.
Sakçy kiçijik äpişgäni ýene açyp:
— Dur entek. Näme beýle gygyrýarsyň. Bu wagt gapynyň
açylýan wagty däl. Saňa asyl näme gerek?
— Maňa Batyr gerek, Batyr.
— Men Batyry bilemok.
Ol habar Dursunyň has hem ýüregini gopdurdy. Ol ýene-de:
— Aç derrew! — diýip gygyrdy.
Gapy sakçy daşyna çykyp, oňa mazaly düşündirmek üçin,
gapyny açdy. Emma Dursun ondan öňürti howlynyň içine kürsäp
urdy. Gapy sakçy ony tutdy. Dursun dyzady. Ikisiniň arasynda
dawa turdy.
Şol gykylyk-gopguna nobatda duran doktor çykyp seretdi.
Görse saçlary dagynyk, tozan basan ýüzünden der akýan, bilini
gyňajy bilen guşan, dyzyndan aşagyny tozan basan, köwüşlerini
ellerine alan, gapy sakçynyň elinden boşamaga bar güýji bilen
dyzaýan, orta ýaşly, aljyraňňy bir aýal göründi. Doktor onuň
naýynjar sypatyna dözmän, sakça bakan:
— Goýber! — diýdi.
Doktoryň sesini eşiden Dursun gapy sakçynyň elinden
sypandan soň, onuň ýüzüne üşerilip bir seretdi.
Dursun oňa bakan gorkuly ädim urdy-da:
— Töwäriş, Annamyrat ogly Batyr bar? —diýip sorady.
Doktor Dursunyň bolup gelşinden, gapyny urşundan, sakçy
bilen çekeleşişinden howatyr edipdi. Emma «Annamyrat ogly
Batyr» diýenden soň, onuň kimdigini, näme üçin beýle aljyraňňydygyny derrew aňlady.
— Aha-a, siz Batyr edjesi?.. Ýakşi, ýakşi... Kurukdy ýokdur... Batyr gördi bardy... Znaçit, edže... meniňki doktor.
Dursun onuň sözüni kesdi:
— Dugtar töwäriş, Batyr dawaý, Batyr!
— Ýakşi, ýakşi, mama... seýças...
— 71 —
— Dugtar ýagşy, Batyr ýagşy.
Olaryň ikisi hem biri-biriniň gepleýşine ýylgyryşdy. Emma
ikisi hem biri-biriniň sözüni düşündi, ikisi biri-birine eneli-ogul
ýaly mähirli daryşdy.
Dursun Batyra gözi düşenden:
— Hiý, Batyr jan! — diýip içini çekdi.
Doktor oňa:
— Batyr, seniňki mama keldi — diýip, oňa buşlamakçy
boldy. Emma ol sözüni gutarmanka, Dursun Batyry gujaklady.
Onuň elindäki köwüşleriniň her haýsy bir ýana patlap gaçdy.
Dursun bulduraýan gözleri bilen Batyry başdan-aýak synlady. Onuň egnindäki ak köýnek-balaga, daşyndan geýen paltosyna, hatda aýagyndaky şypbyga çenli nazar saldy. Onuň ýüzi
aksowult görünýär. Şol ýüzde gan ýok. Emma onuň şähdiniň
açyklygy mese-mälim görnüp dur. Şol görnüş Dursuna teselli berdi.
Dursun söz gatmazyndan ozal, Batyr oňa:
— Eje, sen hem geläýdiňmi? — diýip, habar gatdy.
— Wah, balam, seniň şeýtjegiňi bilen bolsam, heý ýanyňdan
aýrylarmydym.
— Päheý, ejemiň aýdýanyny, gorkuly bir zat bolsa, saňa
duýdurman, gymyldajak gümanym barmy!
Dursun:
— Hany... — diýip, agzyny müňkülletdi-de dymdy. «Içini
kesdiripdir diýýärler-le» diýen sözi aýtmaga dili barmady.
Batyr ejesini öwrenişdirmäge çalşyp:
— Meň böwregimde daş bar eken — diýdi.
— Eri onsoň?
— Onsoňam ýok, bir iki barmak ýerini çala dildiler-de, içine
maşyn sokup, daşy çykardylar.
— Heý, içiňe maşyn!?
— Aý, eje, hiç bir zat ýok-la! Näme beýle haýygýaň? Men
eýýäm gutuldym ahyry!
Dursun Batyryň ýarasyny görmek isledi, Emma berk saralgy
bolany üçin, ony görmegi ertire galdyrdylar.
Ýüregi teselli tapan Dursun tanşynyňka bakan gitdi.
On birinji baş
Dursun bu gün gelende, gapydan tälkewsiz girdi.
Keselhana gelip, öňi bilen uzyn ak geýimli adama gözi düşdi. Bu sapar oňa ýyljyraklamak bilen seretdi. Onýança doktor oňa
salam berdi-de:
— Eri, ýeňňe, näme gerek? — diýip sorady.
Doktoryň ýüzüne Dursun haýran galyjylyk bilen
seretdi. Eýsem-de bolsa, düýnki gören doktory bilen bu günkiniň arasyndaky tapawudy saýgarman, onuň türkmen dilinde
geplänini hem unudyp:
— Ihiý, töwäriş ýagşy, Batyr bardyr? — diýip sorady.
Doktor oňa ýylgyryp seretdi-de:
— Ýeňňe, sen öz oba diliň bilen gepläber. Seniň näme
kemiň, näme ýetmeziň bar? — diýip, Dursunyň gulagy gangyn
dili bilen sözleşdi.
— 72 —
Dursun doktoryň ýüzüne hyrydar seretse-de, ony açyk
saýgaryp bilmedi. Şeýle-de bolsa, düýnki gepleten doktorydyr
öýtdi:
— Bä, sen näme, düýn garyşyk gepleýärdiň-le, bu gün arassa?
— Düýn..: Düýn men bu ýerde ýokdum ahyry.
— Düýn ýokduň?.. Sen... sen hanym türkmenmi?
— Hawa.
— Wiý, nalaç edeýin... Körlük gurasyn, ylahym. Men seljermändirin. Dogrusyny aýtsam, hanym, seljerer ýalam däl,
köçeleriňizem biri-birine meňzeş, tamlaryňyzam biri-birinden
tapawudy ýok, özüňizem ak mata çolanypsyňyz-da, hemmäňiz
bir towugyň jüýjesi ýaly... Menden aýyp görme, janym, men
düýnki gören dugtarymmykaň öýtdüm.
— Ýagşy, bu günküden näme islegiň bar?
— Janym, guzym, meniň şu ýerde oglum bar. Onuň ady
Annamyrat ogly Batyrdyr. Maňa ine şol gerek.
Doktor Dursuna bir ak halat berdi.
Dursun ony elinde tutup, oňa bir seretdi, doktora bir seretdi,
iň soňunda:
— Meniň egnimde köýnegim bar, hanym —diýdi.
— Köýnegiň baryny görýän. Keselhana ak geýim geýip
girmek düzgüni bar.
Dursun ol halada ýene ikirjiňläp seretdi, ony bir hili ini söýmedi, doktordan haýyş etdi:
— Men şuny geýip ýörmäýin-le, hanym.
— Ýok, geýmeseň, goýberip bolmaz — diýip, doktor ol
meseläni çürt-kesik ýoldy.
Dursun ol halada ýokanç bir zada seredýän ýaly, närazy bir
garaş bilen ýene bir gezek seretdi-de nalaç geýdi.
Doktor Dursuny yzyna düşürip ugrady. Agryljyk ys onuň
burnuna urdy, gaňşyrawugyny tütetdi, asgyrtdy. Ol agzyny eli
bilen tutdy. Uzyn koridoryň aňyrsyna Dursunyň gözi ýetmedi, onuň birini gutaranda, ikinjisine öwrülmeli boldy. üçünjisine
aýlandy. Ol aýak astyňda tozan görmedi. Bütin töweregiň aýna
ýaly ýalpyldamasy onuň gözüni gamaşdyrdy. Ol meňzeş gapy,
meňzeş tamlaryň sanyny ýitirdi: «Indi özüň çyk-da ötägit diýseler, men nähili taparkam?» diýip howatyr etdi. Olar iň soňunda,
kiçiräk bir tamyň agzyndan bardylar.
Dursunyň baran wagty, Batyryň ýarasyny çözüpdiler.
Batyryň iki barmak diýen ýeri bir garyşdan artyk bolup,
Dursunyň oňa ilki gözi düşende, ýüregi hopukdy. Eýsem-de bolsa, onuň ýarasy bitip, diňe çatylan ýeri mälim bolup galany üçin,
ol onçakly haýykmady.
Professor oňa:
— Ogluň indi gutuldy. Ol hakykatdan hem batyr ekeni.
Ony ertir keselhanadan çykarýarys — diýip, habar berdi.
Ol habara şatlanan Dursun:
— Dugtarlar sag bolsun! — diýdi.
Professor Batyryň keseliniň sebäbini anygrak bilmek niýeti
bilen, Dursunyň gelmeginden peýdalanyp:
— Batyryň içiniň agyryp başlanyna näçe wagt boldy? —
diýip sorady.
— 73 —
— Indi üç ýyla ser urandyr.
— Siz oňa nähili däri-derman etdiňiz?
Dursun Batyra beren emgeklerini birin-birin sanap geçdi.
Gürrüň berýän wagtynda, eden işlerine ýüregi awap, gyňajynyň
ujy bilen gözlerini süpürdi.
— Batyry çagalykda nähili terbiýelediňiz?
— Ony men janymdan eziz sakladym. Şeýle-de bolsa, «goralan göze çöp düşer!» diýen ýaly, onuň çyrçykdan gözi açylmady.
— Çyrçyk zerarly çagalykda içirip-iýdiren zadyňyz barmy?
— Oňa edilmedik em galan däldir. Däligöjelemi, porsaňňyzamy... aý garaz, başyňy agyrdyp nädeýin, it ýalagyndan suw
hem içirendirin.
Doktor oňa Batyryň böwreginden çykan daşy görkezip:
— Ine, görýärmisiňiz? Bu, elbetde, ýöne bir zat däl, daş...
Böwrekde daş emele gelmegi, bir ýanyndan, adamyň öz agzasynyň işlemegine bagly bolsa, ikinji ýandan, şol hapa iýme-içmelerden emele gelýär.
Daşy pytanakly daş gözüňe ilende, Dursun içini çekdi, tisgindi.
Professor çykyp gidenden soň:
— Batyr jan, içiňi kesen şümüdi? — diýip sorady.
— Hawa.
— Elhepus!.. Ökde adam ogşyýa!
— Grigorýew.
— Hä-ä, Göreger...
Batyr myssa ýylgyrjak ýaly etdi. Dursun ony syzan, sözüni
dowam etdi:
— Elhepus, göreger diýseň göreger eken-ow! Hiýdäninim,
adamyň içindäkini, onda-da böwrekdäki şänik ýalyjak bir zady
görmage göz ýetermi? Onuň adyny örän bilip dakypdyrlar. Sen
hanym, Göregeri ýadyňdan çykarmagyn, onuň gadyryny bilgin.
— Dogry aýdýarsyň, eje. Şol meni adam sanyna goşdy.
Eger şol boluşda ýene bir näçe wagt geçen bolsa, şol daş meniň
böwregimi çüýretjek ekeni. Men oňa gaty minnetdar!
Batyryň ynjalygy Dursuna ganat bekledi.
Batyr sanly gün içinde Özüni tutdy.
Onuň ýüzi doluşyp, ýaňaklary gyzyl öwsüp başlady. Biri-birine çatlyşyp duran kirpikmen gara gözleri gaşlarynyň aşagynda
janly hereket bilen ýalpyldady. Goşarlary bir az ýognaýan ýaly,
çiginleri dikelýän ýaly, baldyrlarynda ýumry et emele gelýän ýaly,
bili bekeýän ýaly duýuldy.
Ol indi gaty ýörese-de, bökse-de, ylgasa-da, gawun-garpyz
iýse-de, göreşse-de, hatda basalaşsa-da, içi agyrmaýardy. Ol indi
özüni bir kemsiz sagat syzyp başlady.
Ol indi okuwda-da böwrüni tutup, gyşaryp oturman, janly
hereket bilen tagta çykdy, çykarmasy kyn hasaplary çykardy. Ol
indi ertirki zarýadkada hem öz ornuny tutdy, her hili çylşyrymly
çalasyn oýunlara-da gatnaşdy.
Batyryň beýnisinde dert bilmez, derman talamaz tebiplere
ýigrenç emele gelip, keseli tanap, laýykly çäre görýän doktorlara
hormat beslendi.
Batyr öýlerine gelende, dostlary ony zordan tanady.
Batyryň keşbine gözi düşende, hatda Annamyradyň hem do— 74 —
daklarynda ýylgyrma emele geldi.
1935
YHLASA—MYRAT
Olar kimler?
Araçäge golaý, dag etegini erňekläp oturan çaklaňrak bir oba
görünýärdi. Şol obanyň günbatar çetinde gapysy tamlyja bir öý
otyrdy. Ol öý-ýes-ýekeräkdi. Onuň gapdalynda pessejik haýat
bardy. Şol haýatyň içinde dürli iýmişli agaç bolup, ep-esli ýerden
hem göm-gök bolup görünýärdi. Irki erikleriň eýýäm boýy ýetipdi, alma, saralypdy, şetdalylar hem gök ýapraklaryň arasynda
türşek ýaly ýumralyşyp görünýärdi.
Şol öý Çerkez Çary atly oglanyň öýleridi.
Şol obanyň ortasyny bölüp geçýän kiçijik ýabyň ýalpajyk,
durnaň gözi ýaly suwy buldurap, şagyrdy bilen seslenip akýardy.
Çerkez adatda şol ýapjagazyň ördegi ýalydy, emma bu ýyl iýun
aýy salkynlyk bilen geçeni üçin, ol onuň duruja suwunda entek
jülpüldemeýärdi. Okuwlar ýaňyjyk gutaryp, kanikul başlansa-da,
şol ýapjagazda «şallak mende» oýnap ýörmäge Çerkeziň häzir
wagty ýok. Ol öz kakasyna, kolhoz işine kömek edýärdi. Onuň
kakasy ýatymlyk gidip, dag içiniň amatly ýerlerinde ekilen düme
bugdaýlary orýardy.
Çerkez bir gün kakasynyň yzyndan baranda, onuň bilen bile
ikinji bir baýyrda ekilen bugdaýlara aýlanmaga gidip, şol ýerde
güni gijikdiripdi.
Ol öňki gelen ýeri bilen, ýol bilen aýlanyp gaýtman, kötel
ýoda bilen dagyň jülgelerinden eňdi-de, öýlerine bakan gönüläp
gaýtdy. Öz kakasy bilen şol daglarda, şol jülgelerde sansyz gezek
aýlanany üçin, oňa her bir gowak, hatda har bir daş tanyşdy.
Gün dagdan aňryk aşyp, jülgelere goýry kölge düşeni üçin, howa
bir az garaňkyrasa-da, şol adamsyz daglar aýylganç ýaly bolup
görünse-de, Çerkez çigit ýalyjak hem gorkmaýardy. Ol şol jülgeleriň, şol dag-daşlaryň özi bilen däl, onuň içinde ýaşaýan mör-möjekler bilen hem öwrenişipdi. Onuň şol derelerden, şol jülgelerden
aýsyz garaňky gije gaýdýan wagtlary hem gyt bolmaýardy.
Çerkeziň gökje taýharynyň keýigiňki ýaly ýitije toýnaklary
kötel ýodajygyň kä ýerine çümüp, kä ýerde gyçak gara daşlara
ilgençek ýaly ilip, hatarly ýerlerde aýaklary wawaly ýaly ätleýärdi-de, Çerkezi ýapaşak alyp gelýärdi. Çerkez her minutda dik
aşak togalanarly bolup görünýärdi. Emma taýharyň guşgunly
gaňňasy Çerkezi howatyrsyz, howpsuz, ynjytman saklaýardy.
Gökje taýhar bir az amatlyrak ýoda düşende, ýeňillik bilen
dikgirdäp, öz yzynda inçejik tozanjyk emele getirýärdi. Çerkez
çendan inçemik uzynja sesi bilen damana ýoluna aýdyma-da
gygyrýardy. Onuň enaýyja sesi dagyň gaýalarynda ýaňlanyp,
dereden-derä düşüp gidýärdi. Onuň şol inçemik çaga sesi bilen
öwrenişen guş-gumrular, möjek, şagallar hem ondan onçakly
heder etmeýärdiler.
Çerkez gyçak daşlary somalyşyp duran bir kötelden inip
— 75 —
barýarka, onuň ýitije gözleri ikinji bir deräniň kötel ýapysyndaky
bir gyrmylda düşdi. Ol öz taýharynyň boýnuna kakyp, bir az
saklandy-da, şol gyrmylda bakan üns bilen seretdi...
Ol gyrmyldy bir däldi. Bir garaňda, iki ýaly, ikinji gezek garaňda, üç ýaly görünýärdi. Emma howa garaňkyrap başlany,
ylaýta-da şol gyrmyldy dagyň kölegeli, garaňky tarapynda bolany üçin, onuň ynsandygyny, haýwandygyny, mör-möjekdigini
saýgarmak örän kyndy.
Şol gyrmyldy Çerkezi alada goýdy.
Eger olar keýik bolsalar, Çerkeziň duranyny görüp, sakga
daýanardylar, oňa bakan üşerilerdiler, birdenkä-de yzlaryna
bakan ökje götererdiler.
Eger ol gyrmyldy möjek ýa şagal bolsa, Çerkeziň duranyny
saýgarardy-da, derrew özüni gizlemek bilen bolardy.
Çerkez olary haýwandyr hasap edeýin diýse, bu derelerde bu
günler öz peýwagtyna gezip ýören sygyrlaryň, kakabaş ýabylaryň
baryny-da akylyna getirip bilmedi.
Çerkez uzak wagt oýlanandan soň:
«Olar, elbetde, adamdyr!» diýip tassyklady.
Emma nähili adam?
Olar awçylar diýeýin diýse, ol dere awuň bolmajak ýeri, awa
geziljek ýeri däldi. Çopan-çolukdyr diýeýin diýse, ol ýerde goýun
sürüsi gezer ýaly ýaýla-da ýokdy.
Şol gyrmyldy Çerkezi ýöne bir alada däl-de, bütinleýin iňkise
goýdy. «Goý, näme bolsa, şol bolsun» diýip, taýharyň gerşine
basmaga, oba bakan haýdamaga onuň ýüregi etmedi.
Çerkeziň gözleri şol gyrmyldyda bolsa-da, göwnüne başga
zatlar gelip geçdi. «Ýaş kommunist» gazetinde okan bir habary
onuň ýadyna düşdi: Araçäge golaý bir obada onuň edil özi
ýaly bir oglanyň araçäk sakçylaryna kömek edenini, araçäk
sakçylarynyň şol oglanyň kömegi bilen galtaman tutanlaryny
ýadyna saldy. Şonuň bilen bir wagtda, «Mydam taýýar» gazetiniň
pionerleri hüşgärlige ündeýäni huşuna geldi. Ol göýä öz ýanynda
biri bilen gepleşip duran ýaly, birdenkä aýgytly sözledi: «Ýok!
Men ol gyrmyldynyň nämedigini bilmän, öýe gaýtman!»
Ony nähili bilmeli?
Howa has garaňkyrap barýardy.
Aslynda, ol gyrmyldy Çerkeziň barýan jülgesiniň ugrunda
bolman, ikinji bir deräniň ugrundady. Şol derä ýetmek üçin bolsa,
kötel bir dagy söküp geçmelidi.
Şol kötelden asyl geçip berin boljakmy? Bardy-geldi
geçäýende, Çerkez barýança, olar şol duran ýerlerinde
durjaklarmy? Hamana arasy golaýlan hem ekeni, garaňkynyň
içinde olaryň kimdigini tanap berin biljekmi? Ýagşy, tanan hem
ekeni: olar dost bolman, duşman eken, — ýumruk ýaly Çerkeziň
olara edip biljek zady näme? Eger olar, gara ýürek adamlar bolaýsalar, Çerkezi şol deräniň içinde ýok etmezlermi?..
Çerkez öz ýanyndan şol kyn ýagdaýlary oýlasa-da, iň soňky
howatyrly meseläni huşuna getirmedi, belki hem, getirmek
islemedi. Ol asyl ikirjiňläp hem durmady...
Çerkez taýharynyň gerşine basdy.
Ol kötel dagyň belent ýerinden ikinji derä geçmegi nazarda
tutman, aşakda, onuň bir az peselýän ýerinden, ikisiniň arasynyň
— 76 —
bir az golaýlaýan ýerinden geçmegi akylyna getirdi.
Düzje ýola düşen mes taýhar guýrugyny bulaýlap dikgirdedi.
Çerkeziň niýeti ýüze çykmady
Çerkez şol gyrmylda golaýlanda, howa tüm garaňkydy. Asmanda aý hem ýokdy. Deräniň içine diňe sanlyja ýyldyzyň şöhlesi
düşýärdi.
Çerkeziň göwnüne bolmasa, olar bilen arasy indi taýak
salymdan daş däldi.
Çerkeziň ünsüni, pikirini, onuň oslamadyk bir zady bozdy,
şol oslagsyz ýagdaý onuň bütin syryny paş ederli, ony howp
astynda galdyrarly boldy: onuň taýhary gulaklaryny üşerdip,
birdenkä hynçgyrmaga
durdy.
Şol hynçgyrmak Çerkezi hakykatdan-da howsala saldy. Şol
gyssag arada, ol öz ýanyndan «Ýoldaşyň eşek bolmasyn!» diýip
hem käýindi. Ol elindäki taýagy bilen taýharyň gulaklaryna urdy,
gazap bilen pyşyrdady:
— Heý, zannyýaman! Sen meniň syrymy paş etmek— meni
duşman eline bermek isleýämiň?
Çerkez kakasyna çalşyrlyk geýim salyp baran attorbasyny
gaňňanyň gürlüginden çözüp aldy-da, taýharyň burnuna geýdirip, gulaklarynyň ýeňsesinden berk baglady. Onuň üstüne
ýaňadandan böküp münenden soň, gyjyt bilen:
— Indi bogazyňa sygdygyndan gygyr! — diýip, pyşyrdady-da, böwrüne depdi.
Aradan bir az salym geçensoň, Çerkez öňde adam baryny
saýgaran, olaryň ysyny alan, şolara bakan dyzaýan taýharyň
boýnuna taýagy bilen kakdy-da saklady.
Çerkez şol ýerde bir salym oýa çümdi.
Onuň ýagdaýy häzir kynalypdy. Ol öz taýharynyň hynçgyranyny ýolagçylaryň eşidenini, öz yzlaryndan biriniň anyk gelýänini olaryň duýandygyny aňlady.
Çerkez häzir arkaýyn bolmaly wagt däldigini unutmady. Ol
öz garşysyndakylaryň ýeke däldigini hem bilýärdi: ol ýagtygözin
olaryň näçedigini saýgarypdy. Tüm garaňky gije bolmagyna
garaman, olaryň gaty gepleşmeýändiklerini, gülüşmeýändiklerini,
aýdym aýtmaýandyklaryny bileni üçin, olaryň oba adamsy
däldigini hem aňýardy.
Eýsem-de bolsa, Çerkez öz beýnisini howsala aldyrmady.
Ol şol inçemik ýodadan başga bir ýanlygyna bakan sowuldy;
başy torbaly taýharyny mäkäm daňdy; ondan soň, çak eden ugruna bakan emedekläp ugrady.
Çerkez şol emedekläp barşyna bir zat ýadyna düşüp,
birdenkä sakga daýandy. Ol göni ýodajyk bilen emedekläp barmagynyň keçjedigini, şol ýodajygyň edil olaryň üstünden eltjegini
ýadyna saldy. Şonuň üçin hem on-ýigrimi ädim sag gapdalyna
bakan süýşüp, selçeňräk çöplügiň içinden bukdaklap gitdi.
Çöplügiň içindäki dyza golaýlan çygly gök otlaryň ysy
Çerkeziň burnuna urdy, ony asgyrdarly boldy. Ol eli bilen agzyny,
burnuny tutup, bijaý ses çykarmazlyga çalyşdy. Onuň emedekläp
— 77 —
barýan ýerinde semawaryň jüründiginden dökülýän ýaly, ujypsyzja suwjagaz hem şirrildeýärdi. Çerkez şondan geçende, aýaklary bir az palçyga bulaşdy. Ilki agşamyň sergin şemaly, onda-da
dag şemaly onuň endamyny digdenekletjek ýaly etdi. Emma ol
häzirki gyzgalaňly ýagdaýda olaryň birini hem syzmady.
Çerkez hemişeler şu ýerlerden gije geçende, birden
onuň öňünden dişlerini syrtardyp, seňkildäp barýan möjek,
birdenkä gyzgylt tüýli, emelsiz, samsyk şagal, birdenkä-de
guýrugyny sümek ýaly bulaýlaýan tilki çykardy. Emma bu
gije onuň öňünden hiç bir janawar çykmady. Belki hem, onuň
öňündäki ýolagçylar olary ürküzendirler?.. Diňe onuň bilejigi
ýaly ýogynlykda, bir metre çenli uzynlykda alahöwren ýylan
golaýjagyndan şowlap geçdi. Çerkeziň şondan endamy bir az
tikeneklese-de, häzirki höwesjeňlik, öňe ymtylyş, öňdäki howp
oňa şol ýylany derrew unutdyrdy.
Çerkez oslan çenine ýetse-de, onuň duşundan bir az
ötendirin hasap etse-de, ne olaryň yzyndan ýetdi, ne-de olaryň
sesini eşitdi. Ol şemalsyz, gymyldysyz, asuda garaňkynyň içinde
näçe diňirgense-de, onuň ötgür gulagyna ses-de gelmedi, çybşyldy-da eşidilmedi. Ol öz ýanyndan: «Olar aýak aldygyna
gaçdylarmyka ýa-da çöplügiň içinde bir ýerde gizlendilermikä?»
diýip oýlandy.
Onuň ýitije gözleri her bir çugmak çöpe, her bir ulurak daşa
çenli saýgarmaga çalyşýardy. Emma uzak wagtlap onuň gözlerine üýtgeşik bir zat görünmedi... Şol barmana, birdenkä bolsa
ýigrimi ädimlik öňündäki gür çöplük onuň gözüne has goýry
bolup göründi. Onuň göwnüne bolmasa, şol çöplügiň içi boş däl
ýaly bolup duýuldy. Ol kakasy bilen awa gidende, şonuň ýaly
çöplügiň içinde hatda towşan ýatan hem bolsa saýgarýardy. Içi
jandarly çöpüň daşynyň ham üýtgeşik görünýänini kakasy oňa
öwredipdi.
Ýöne weli, kim bilýär: şol çöplügiň içindäki jandarlar
Çerkeziň yzarlaýan adamlarymy ýa-da yzy jojukly mekejinmi?..
Şonuň ýaly çolalykda, şonuň ýaly gür çöpde çendan doňuz hem
uçraýardy.
Her zat hem bolsa, ony bilmek gerekdi.
Çerkez şol çöplüge bakan emedekläp, däl, bagry bilen
süýşüp ugrady, göwnüne bolmasa, gursagynyň gürsüldisi edil
ýeri sarsdyrýan ýalydy: şol sarsgyny diňe onuň öz garşysyndaky
jemendeler däl, hatda dagyň etegindäki araçäk sakçylary hem
syzýan ýaly duýuldy.
Çerkez oňa on ädimlik golaýlanda, ýyldyz ýagtysyna, şol
çöpüň içinde bir gymyldy hem bar ýaly duýuldy. Çerkez aýak
çekip, diň salanda, onuň gulagyna bir güpürdi hem eşidilen ýaly
boldy. Çerkez ýene iki-üç ädim süýşende, gurply penje onuň
näzik çigninden ýapyşdy.
Torguş kapas içinde
Ýeňsesi tüýli barmaklar Çerkeziň çignine gan öýdürdi.
Şol sekuntda onuň üstüne üç adam abandy.
Hepbige düşen torguş ýaly sandyraýan Çerkez ýyldyz ýagtysyna gorkuly gözjagazyny petredip, olaryň ýüzlerine seretdi.
— 78 —
Olaryň biri — murtlary pezzik, eňegi gyrçuw, çep gaşynyň
üstünde eşek toýnagynyň çuňňur tagmasy galan, daýaw bir
adam. Ikinjisi— murty ýaňy taban, ýalyň ýüz, heniz eti-gany
doluşmadyk, inçemik, orta boýly ýaş ýigit. Üçünjisi bolsa, gözleri
ýanyp duran, seňrigi tüňňi, sakgaly çotga ýaly, reňki öçük, inedördül bir adam. Olaryň üçüsiniň hem gizlin ýaraglary bar.
Olaryň üçüsi üç ýerden Çerkezi ala gözleri bilen iýerli boldular. Oňa bakan döwülgi ýumrugyny gezäni hem boldy. Çerkeziň
gapana düşen towşanjyk ýaly tyrsyldaýanyna gözleri düşenden
soň, olar ony onçakly gynamadylar-da, sorag berip başladylar:
— Eri oglan, nireden gelýän?
Çerkez garyljyk ses bilen jogap berdi:
— Men-ä hiç ýerdenem gelemok.
— Onda nirä barýaň?
Çerkeziň çigni awasa-da, olaryň murtundan, billerindäki
sapançalardan sussy basyljak ýaly etse-de, birdenkä aljyraňňylyga
düşmän, gaýta kem-kemden özüni tutdy. Ol sowet urşujysynyň
faşistleriň eline düşende, aljyraman jogap berenini bir kitapçada
okapdy. Çerkez şony ýadyna salyp, özüni şol sowet soldatynyň
dogany hasap etdi-de, gaşjagazlaryny çytmak bilen, pert-pert
jogap gaýtardy:
— Kakamyň ýanyna.
— Kakaň nirede?
— Dagda.
— Dagda näme işleýär?
— Orak orýar.
— Kakaň ýanyna näme işe barýaň?
— Çörek alyp barýardym...
Olaryň üçüsi hem birden seslendi:
— Çörek!?
— Hawa, çörek.
Olaryň üçüsi hem Çerkeziň egnine ýapyşdy. Çerkeziň gözüne
bolmasa, olaryň üçüsiniň hem kepän dodaklary tamşanan ýaly,
bir zatdan ät galan ýaly göründi. Çerkeziň göwnüne bolmasa,
olaryň şol bolşy, bir näçe günden bäri çörek garasyny görmedik
adamlaryň sypatyndady. «Çörek» sözüni eşidenlerinde, olaryň
soragly gözleri hanasyndan çykaýyna geldi.
Şol soragy olaryň üçüsi birden gaýtalady:
— Hany, ol çöregiň nirede?
— Taýharymyň üstünde.
— Hany, ol çöregiň nirede?
— Gaçyrdym.
Çerkeziň soňky jogabyny eşidende, olaryň üçüsiniň hem
murty aşak sallandy. Olaryň üçüsiniň hem naýynjar gözleriniň
soragly şöhleleri öçdi, olaryň üçüsiniň hem ala gözleri gazap bilen
ýandy.
Çerkeziň çigninden gysymlan penje, ony ýaňadandan.
has ykjamrak gysymlady, onuň beýleki penjesi bolsa Çerkeziň
dulugyna şarpyldap degdi. Çerkeziň ýaňagy ýanana, gözleri
hanasyndan çykyp gidene döndi. Dyrnakly penjäniň tutan ýeri
bolsa çydalmaz bir derejede awady. Aslynda Çerkez niresiniň
awaýanyny, niresiniň sagatdygyny hem unutdy. Şol minutda ol
özüniň mertligini ýa müzzerýänini hem akylyna getirip bilmedi.
— 79 —
Maňlaýy toýnak tagmaly sesine bat berip, gygyranyny hem
duýman galdy:
— Galat aýdýaň, doňuz ogly! Seniň eşegiň hynçgyranyna
heniz çaý içim salymam geçenok. Sen kimi aldamak isleýäň?
Çerkez özüni mert saklaýandyryn hasap etse-de, sözlände,
onuň sesi agyly çykdy:
— Men galat aýdýan bolsam, onda siz tapaýyň.
— Sem bol!
Çerkez ýüzüni aşak saldy.
Maňlaýy tagmaly oňa ýene herreldi:
— Näme sesini çykaraňok?
— «Sem bol» diýdiň ahyry.
— Sen ýalan sözleme-de, dogryňy aýt.
— Men näme üçin ýalan sözläýin? Dagyň jülgesinde ýeke
özüm gorkyma janym çykýady. Size duşanyma men iki bolup bilmedim. Siz maňa rehim etmeli halyňyza, gaýta meni urýaňyz.
— Sen samahullama-da, taýhardan, çörekden habar ber.
— Hawa, ondan-oňa ylgap ýörkäm, taýharymyň hynçgyranyny men özüm hem eşitdim. Men şol sese bakan ylgamda,
birdenkä sizi saýgardym. Meniň taýharym size bakan topulandyr
diýip, men hem şu ýere bakan haýdadym... Ýogsamam, agalar,
meniň taýharymy siz görmediňizmi?
— Eri, sözi başga ýana sowjak bolma! Taýhar gözleýän
adam bagry bilen süýşüp gezesi ýok.
— Ýapyrylmasaň, Onsoňam, meniň gözüm gijesine gowy
göreňok ahyry!
— Eşek ýitiren adam «kür-kür» diýip gygyrman, ogurlyk
edýän ýaly, sümsünip gezermi?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 08
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.