Latin

Saýlanan eserler - 14

Total number of words is 3713
Total number of unique words is 1791
30.5 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
haýsynyň göreji belli bir zat salgy bermedi. Olar seslerini çykarman, Ýapagyny şol duran ýerinde galdyrdylar-da, yzlaryna bakan
ýüwürdiler. Ýolboýy iňňe-temen gözleýän ýaly agtardylar. Näme
üçindir düýesine bugdaý ýükläp, özi üstünde çommalyp oturan
Kelekbaý olaryň duşlaryndan geçdi. Emma Kelek olara sowal bermedi. Japbaklaryň bogdak hakyndaky sowalyna-da diňe başyny
ýaýkady. Eýsem-de bolsa, onuň görejindäki gülümsireýän syrdan
Topbagyň göwnüne aýratyn müňkürlik gitdi...
Japbaklar öýlerine baryp ýetdiler. Hiç ýerde bugdaýdan derek tapmadylar. Olar iň soňunda—bugdaýy kim alan hem bolsa,
degirmene elter diýen netijä geldiler. Şol niýet bilen ýene degirmene bakan ylgap gitdiler.
Degirmende nobatçy örän kändi. Bogdaklar, doly çuwallar
edil sürüli goýun ýalydy. Doganlar şol ýükleriň arasynda aýlandylar. Iň soňunda, Topbagyň ümlemegine görä, meňzeş, arasy
çatylgy bogdaga ýapyşdylar.
— Heýjanelek, bugdaýymyzy tapdyk! — diýişip, ikibir-ikibir götermekçi bolanlarynda, Kelekbaý hasanaklap geldi.
— Eri how, Japbaklar, bugdaýy nädýärsiňiz?
Topbak oňa jogap berdi.
— Baý aga, bugdaýy näderler? Un ederler-dä!
— Bular meniňki ahyry!
— Hany, onda biziňki nirede?
— Siziňkiniň nirededigini men näbileýin?
— Baý aga, seniň hilegär gözleriňi men örän ýeser görýän.
Sen bilmek islemeseň, men bilýän: şu bugdaýlar biziňki.
— Siziň bugdaýyňyz nähilidi? Akmydy? Garamydy?
Japbak oňa jogap berdi.
— Seniňki nähili bolsa, biziňki hem şonuň ýalydy.
— O nähili beýle meňzeş bolýa?
— Biz hoşany seniň sypalyňdan etmedikmi näme?
Kelekbaý bilen Japbaklaryň arasyndaky dawa açylardan
kynaldy. Töwellaçy baýlar Japbaklara töwella etdiler. Onda Japbak aýtdy:
— Biziň döwletimizi Kelekbaýyňkydan ulurak bilseňiz,
dört adamyň gepine ynanman, bir adamyňka ynansaňyz, biz öz
bugdaýymyzy Kelekbaý ýaly garyp adama bagyşlap hem bileris.
Töwellaçylar olara näme jogap-berjeklerini bilmediler.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Eger biziň sözümize bawar etmeseňiz, bugdaýyň biziňkidigini dilsiz-agyzsyz Ýapagy hem tassyklap biler. Ýogsamam bug— 152 —
daýyň özüniňkidigini Kelekbaý düýesine tassyklatsyn.
Böwri müýnli, saly gowşak Kelekbaý bugdaýyň özüniňkidigini düýesine tassyklatmakdan boýun towlady, onuň akyly ýok
diýip bahana etdi.
Töwellaçylar Ýapagynyň ýanyna üýşüp baranlarynda, müýnli ýaly sortduryp duran Ýapaga Mapbak sowal berdi.
— Ýapagy, sen häzir Japbaklaryň Ýapagysy däl-de, ortalyk
bir haýwan. Sen hiç kimden ýüz görme-de, hudaýlygyňy sözle: iki
bogdak galla biziňki dälmi? Biz ony seniň üstüňe ýükläp goýbermedikmi?
Ýapagy baş atdy. Köpçülik oňa haýran galdy.
— Indi, heý, şekiňiz galdymy?
Un ýükli düýesini ugradan Doýdugyň Kelekbaýa ömründe
birinji gezek rehimi indi.
— Kelekbaý, dawagäriň Japbaklar bolsa, dadyňa alla ýetsin!
Töwellaçylar Kelekbaýa töwella etdiler.
— Baý aga, sen döwletli adam, bidöwlet Japbaklar bilen
başyňy deňläp durma. Bularyň tutalgalary, delilleri hem bar.
Seniň hiç bir güwäň hem ýok.
Kelekbaý müzzerdi.
— Onda bogdaklaryň birini Japbaklar alsyn, birini men
alaýyn.
Onda Japbak aýtdy:
— Baý aga, Japbaklar örän geçirimli adamlar. Goý, onuň
biri seniňki bolsun. Ýöne welin, karz bolsun, gerek wagtynda berersiň.
Kelekbaýyň hoşallyk bilen razy bolanyny gören märeke: «Hä,
ogryň syrty gowşak bolýan eken» diýip düşündi.
Degirmende Japbaklara wagty bilen nobat ýeterli bolmady.
Birdenkä nobat üstünde iki sany baý ogly ýaka tutuşdy. Kilwan bolsa:
— Nobatçy nobatyňa gel! — diýip gygyrdy.
Baý ogullary ýumruklaşmak bilen başagaý boldular. Beýleki
nobatçylar baý ogullarynyň nobatyny almakdan çekindiler.
Japbaklar biri-birine ümleşip, «biziň dörtlügimiziň nirede
peýdasy degjek» diýişdiler.
Japbak bugdaýy degirmene guýdy. Ýapbak onuň agzyna
çuwalyny tutdy. Şol ýagdaýy gören baý ogullary olaryň üstüne
dyzaşyp gelenlerinde, Mapbak olaryň birini tutdy, Topbak olaryň
birini tutdy.
Gaýdyşyn öňlerinden çykan adamlar olardan soradylar.
— Degirmende nobat ýetýämi?
Japbaklar jogap berdi.
— Dört bolsaň pag-da!
Ýapagyň üstüni müşdekli gören Japbaklar keýpihon aýdym
aýtdylar.
Una gitseň ýeke gitme,
Ýeke gitme hiç çagda.
Ýeke başyň gowga satma,
Dört bol, dört bolsaň pag-da!
Sowal-jogap
— 153 —
Doganlaryň başyna agyr musallat indi: birdenkä tarpa-taýyn
olaryň ejeleri ýogaldy.
Doganlar aglaşdylar.
Obanyň adamlary olaryň gaýgylaryna goşuldylar. Emma
olardan kineli Kelekbaý juda bolmasa bir gezek arymy alaryn
diýen niýet bilen, olara içýakgyç sowal berdi.
— Eri-ow, ýigitler, näme beýle köp aglaýarsynyz? Ejeňiziň
ölümi şeýle agyr degdimi?
Japbak Kelekbaýa ýaşly gözleri bilen seretdi.
— Baý aga, sen öleňde, biz ýa obada bolarys, ýa bolmarys.
Ejemiziň ölümi mynasybeti bilen seniň hem agy paýyňy öňünden
beräýeli diýýäs.
Birsalymdan soň gelen Ýalak işan olardan kinaýa bilen
sorady:
— Eri-ow, ýigitler, näme beýle köp aglaýarsyňyz? Ejeňizi
şeýle gawy görýärmidiňiz?
Ýapbak Ýalaga ýaşly gözleri bilen seretdi.
— Ejemiz-ä gowy görýärdik weli, Ýalak işana has hem
yhlasymyz bütin. Bu gün ejemiz öldi, ertir Ýalak işanyň hem öljegi ýadymyea düşüp, gözümiziň ýaşyny saklap bilemzok.
Japbak iň soňunda doganlaryna ýüz tutdy.
Gözlerini ýalandan-çyndan süpüren Doýduk olardan sorady:
— Ölýän ýeke siziň ejeňiz däl ahyry! Näme beýle ýürek
urup aglaýarsyňyz?
Mapbak Doýduga ýaşly gözleri bilen seretdi.
— Ölüm ýeke biziň ejemiz bilen oňsa, işi haýyr weli, aýallaryň janyny aňsatlyk bilen almaga adatlanan ölüm ertir biziň
Doýduk ejemizi hem alyp ötäýdermikän öýdüp aglaýarys.
Obanyň ýaşulysy olara töwella etdi.
— Oglanlar indi bes ediň, mert boluň. Ölen adam agy bilen
yzyna gaýdyp gelýän däldir.
Topbak ýaşly gözlerini süpürdi.
— Ejemiziň gaýdyp gelmejegini bizem bilýäs. Indi bize
çöregi kim bişirip birkä diýip aglaýas.
— Japbaklar, geliň, indi bes edeliň. Ejemiziň agy bilen
göwni bitjek bolsa, biterçe boldy.
Onda Topbak aýtdy:
— Geliň onda indiki galan ömrümizi gülki bilen, şatlyk
bilen geçireliň.
Japbaklar ejelerini gonamçylyga alyp gidenlerinde-de birnäçe
wäşilik etdiler. Suwly ýapdan geçmän kürtdürip duran üsti tabytly Ýapagyny görende, Japbak aýtdy:
— «Çüw» diýip, Ýapaga çala elini galgadaýsa-da boljak
weli, ejem pakyr takta jany çykaýjak ýaly gymyldaman ýatyr-da.
Keýp nämede?
Atasyz-enesiz Japbaklar çolaja oraçada maslahat edýärdiler.
Öňi bilen Japbak öz pikirini mälim etdi.
— Doganlar, yrym-yrym, ýom-ýom. Biziň Ýapagymyzyň
üstüne ölüm mündi. Geliň, indi biz ony münmäliň. Ýogsam ol bizi
hem birdenkä barmasyz gapa alyp ötäýtmesin.
— 154 —
Onda Ýapbak aýtdy:
— Onyň dogry weli, Ýapagy biziň bäşinji «doganymyz»
ahyry! Biz ondan nähili aýrylyşyp bileris.
Onda Mapbak aýtdy:
— Ejeden aýrylan, dogandan aýrylyp biler.
Onda Topbak aýtdy:
— Ýapagy bizden ynjamaz ýaly, biz ulagsyz galmaz ýaly,
biz ony özi ýaly dört aýakla çalşalyň.
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar Ýapagyny iki örküç bugra çalyşdylar. Bugranyň
alkymyndan başlap, tä omzuna çenli bütin boýunlary bilen gürzelek santal sallanýardy. Onuň gysgajyk öň aýaklary bolsa tä injiklerine çenli edil jalbarly ýalydy.
Bugra-da edil Ýapagy ýaly, tüýs Japbaklaryň malydy. Ýapagy
üç bolup münen bolsalar, bugra olaryň dördüsini hem göterjekdi.
Ylaýta-da ol odun çekmäge pälwandy. Odun Japbaklaryň bir öz
oraçalary üçin däl, satyp, harjylyk gazanmak üçin hem gerekdi.
Japbaklar öz ýanlaryndan: «Bugrany ýorgalatmakdan başga keýp
zat ýokmukan» diýip oýlanýardylar. Şol barada olar öz aralarynda gürrüň edişdiler. Japbak biraz oýdan soň şeýle diýdi:
— Eýsem-de bolsa, men-ä it uruşdyrmakdan keýp zat
ýokmukan öýdýän.
Mapbak ony geňirgendi.
— It uruşdyrmakdan?
— Bir gezek ony biz hemmämiz bile gördük ahyry! Ilki
bilen itler uruşdy. Itleriň eýeleri baýlar, olara ýapja goňşy-golamlary ýapyrylyşyp gykylyk etdiler. Siziň ýadyňyzda barmy, biz
her haýsymyz olaryň biriniň üstüne atlaýyn mündik. Itiň keýpi
olary şeýle götereni üçin, olar biziň öz üstlerine münenimizi hem
duýmadylar... Itler urşup barmana biri basyldy. Itiň eýesi baý
onuň guýrugyndan çekip galdyrjak boldy. Beýleki itiň eýesi baý
ondan ýumruk saldy. Ondan soň itleri unudyp, it eýeleri baýlar
gyzyl ýumruga girdiler. Olaryň goňşy-golamlary, dost-ýarlary
hem urşa gatyşdylar. Gyzylýumruklar adamlaryň depelerinden
tokmak ýaly galgaşdylar. Kimiň burny ganady, kimiň maňlaýy
çilik ýaly çişdi, kimiň dişi damagyna iberildi... Baý şonda keýp
boldy-ow!
Onda Topbak aýtdy:
— Hawa, meniň hem ýadymda bar. Onda itler bilen eýeleri
deňleşdiler. Itleriň hem erinleri gana bulaşdy, eýeleriniň hem.
Ondan soň Ýapbak bir wakany ýadyna saldy.
— Tyňzap duran böwedi ýykaňda-da hiç niçik bolanok!
Mapbak ony geňirgedi.
— Tyňzap duran böwedi ýykmak?
— Hawa, siziň ýadyňyzda bardyr. Bir gezek şonuň ýaly
böwedi ýykanlarynda, suw dagdan inen ýaly şaglap akdy. Onuň
öňüni almaga, beklemäge synanan hem bolmady. Suw azlygy
zerarly miraplar ozaldan hem biribirine yrsaraşyp ýördüler. Biri
böwedi ýykanyň kempaýyna goýdy. Beýleki biri onuň gulagynyň
düýbüne gondurdy. Ýaňadandan ýene birnäçe ýumruk işledi. Iki
sany ýumruklaşýanyň ikisi birden suwuň içine togalandy. Şonda
gylyç, pyçak hem gynyndan çykdy. Aradan kän salym geçmänkä,
dury suwuň ýüzi gan bilen gyzaryp akdy. Baý, şonda keýp boldy— 155 —
ow!
Topbak ony geňirgedi.
— Suw gana boýalanda, keýp bolarmy?
— Şol ganjaraşmanyň bir ýany suw azlygy zerarly bolsa,
ikinji ýany mesligi göterip bilmeýän menmenlikden emele gelipdi. Şol urşanlar hem it uruşdyranlar bilen des-deň adamlardyr.
Oldan soň Mapbak bir wakany ýadyna saldy.
Çendan gara ýel turanda-da gaty hezillik bolýar!
Japbak ony geňirgedi.
— Gara ýel turanda?
— Hawa. Biz bir gezek şonuň ýaly waka duçar gelipdik. Gara ýel şuwlaýardy. Goňşy öýdäki aýalyň üweýän degirmeni harlaýardy. Öý eýesi aýal demir kepgir bilen hyrt-hyrt
gazan gazaýardy. Sallançakdaky çaga bogazyna sygdygyndan
çyrlaýardy. Batly ýel öý içine köwsarlap urýardy. Garaja öý
şatyrdaýardy, yranýardy... Şol barmana garaja öý ala şakyrdy
bilen agdarylyp gitdi. Baý şonda hezil boldy-ow!
Ýapbak ony genirgedi.
— Biriniň öýi ýykylanda, hezil bolarmy?
Öý eýesi geleňsiz bolsa, äri nalajedeýin bolsa, gynançdan ne
peýda!
Ondan soň Topbak bir gyzykly wakany ýadyna saldy.
— Dört aýagynyň üstünde dik durup bilmeýän mes aty
boşadanda-da, diýseň keýpli bolýar!
Ýapbak ony geňirgedi.
— Mes aty boşatmak näme üçin?
— Siziň ýadyňyzda bardyr: biz bir gezek bazara baramyzda, şonuň ýaly mes aty eýesinden kitüwli biri boşadyp goýberdi.
Keýpiň iň gyzygy hem şonda boldy. Mes at ikinji bir mes atyň
üstüne zyňyp, ony hem boşatdy. Iki at ýene birki sany aty boşatdy. Atlar baýtallaryň üstüne zyňdy. Baýtallar tanaplaryny ýolup
ökje göterdiler. Käbir atlar gemrişdiler. Olaryň aralarynda galan
eşekleriň ýa aýaklary syndy, ýa-da boýunlary. Atlaryň, baýtallaryň
eýeleri hem gykylyk bilen ördüler. Atlar, baýtallar bazarçynyň
üstünden urdular. Käbir atyň nally toýnagy çoýun gazany çympytrak etdi. Käbir at öz toýnaklary bilen satyjylaryň matalaryny
süýräp gitdi. Atlar düýeleriň, düýeler goýunlaryň içine güpürdi
urdy. ýykylan kim, sürşen kim, eline-aýagyna şikes ýeten kim —
hiç baş çykarar ýaly bolmady... Baý, şonda keýp boldy-ow!
Mapbak ony geňirgedi.
— Şeýle başagaýlykdan hem bir keýp bormy?
— Zyýan çekeniň agramy söwdagärler ahyry!
— Şeýle wejeralyk kime gerekdikä?
— Bazarda näme, bidöwlet gytmy?
Biraz oýdan soň, Japbak öz pikirini mälim etdi.
— Geliň, biz iliň etmedik keýpini edeliň!
Topbak ony geňirgedi.
— Ol nähili keýp?
— Biz düýe üstünde düzzüm oýnalyň.
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar bugranyň howudynyň üstünden keseligine birnäçe
uzyn sözen beklediler. Sözeniň üstünden bolsa gujak-gujak selin
düşediler. Bugranyk üsti tap-tagta tekizlendi. Doganlar oňa emaý
— 156 —
bilen dyrmaşyp, iki ýanlaýyn hatar gurap oturdylar. Bir gapdalynda Japbak bilen Mapbak, beýleki gapdalynda bolsa Ýapbak
bilen Topbak oturdy. Olar «Utulan bir ädim gaýra süýşmeli» diýip
şert goýdular.
Doganlar düzüme gyzdylar.
Bugra selinli gumak ýapyda peýwagtyna otlap gezdi.
Ýapbak bilen Topbak utuldy.
Japbak Ýapbaga aýtdy:
— Bir ädim gaýra süýş!
Mapbak Topbaga aýtdy:
— Bir ädim gaýra süýş!
Ýapbak bilen Topbak bir ädim gaýra süýşende, alasmandan
diň arkan gaýyp gitdi.
Ýapbak bilen Topbakly taý ýeňläni üçin, Japbak bilen
Mapbak din arkan gaýtdy. Oňly baglanmadyk sözenleriň
birnäçesi hem olaryň garynlaryna baryp patlady.
Şonda garnyny gaşap galan Japbak aýtdy:
— Düýe üstünde düzzüm oýnaňda, utaňdan utulan ýagşy
eken.
Gözleriniň gumuny süpüren Ýapbak ony geňirgedi.
— Näme üçin?
Utanyň garnyna ýenjýärler!
Japbaklar özlerini rastlanlaryndan soň, eden işlerine ökünip
aýdym aýtdylar.
Düýäň üstün tagtalap,
Päliň azyp, aýnama.
Kakabaş ýa nogtalap,
Asla düzzim oýnama.
Düzer diýip saýarsyň,
Al-asmanda gaýarsyň,
Taýak deger garnyňa —
Diňe şonda duýarsyň!
Aždarha
Japbaklaryň bugrasy hem edil Ýapagy ýaly öz örüsini uzak
çekmezdi. Belki, onuň bol iýmäge nebsi otugandyr: bir gün ol baryp, Doýdugyň tümmül bolup oturan arpasyna giripdir. Japbaklar ony Doýdukdan öň duýdular. Japbaklar Doýdugyň göwnüne
melal getirmezlik üçin, onuň ekine girenini bildirmän çykarmak
çäresine girişdiler.
Töweregini garanjaklandan soň, Japbak aýtdy:
— Şu wagt hiç kim ýok. Geliň, biz ony assyrynlyk bilen idip
çykaraýalyň.
Onda Ýapbak burnuny ýokaryk tutdy.
— Aý, ýigid-ä bildi-ow! Idip çykarsaň, basgylar. Bugranyň
yzy, näme, ýolbarsyň yzyndan enaýymy? Wiz iň ýagşysy ony
sürüp çykaralyň.
Mapbak gulaklaryny üşertdi.
— Aý, ýigid-ä bildi-ow! Kowup çykaranda, näme, uçup
çykar öýdýämiň? Gaýta ol öz yzynyň daşyndan hem iki ýanyna
— 157 —
agyz urup, arpany düýbi bilen goparar. «Ony eden bolsa Japbaklaryň bugrasyndan başga hiç bir zat däldir» diýerler. Biz iň ýagşysy ony göterip çykaralyň.
Topbak arkan gaýşyp güldi.
— Aý, ýigid-ä bildi-ow! Göterip çykarsaň, ýa büdräp, ýa
aýagyň taýyp, hökman ýykylarsyň. Ýykylmaňda-da, Japbaklaryň
yzlary gaplaňyň yzyndan enaýy bolmaz. Japbaklaryň yzyna bolsa
yzçy gerek däldir. Biz iň ýagşysy ony süýräp çykaralyň.
Doganlar Topbagyň pikirini dogry tapdylar.
Japbaklar bugrany arpanyň içinde çökerdiler. Ondan soň ony
bir gapdalyna agdardylar. Onuň hem paşmagyna bir ýüp dakdylar. Oňdan soň ony dört dogan dört ýerden ýapyşyp süýräp
çykardylar.
Arpanyň içinde bugranyň yzyny bildirmän çykaran doganlar, yzlaryna garaman, ökje göterdiler.
Birsalymdan soň arpasyna aýlanmaga baran Doýdugyň
ýüregi ýarylara geldi. Ol gyňajyny oklaw ýaly edip, yzyna bakan
ýazdy. Ýolda barýarka büdräp ýykyldy, hasanaklap galyp, ýakasyna tüýkürdi. Ol ýüzüniň ugruna baryp, Kelekbaýa habar berdi.
— Dat, Gullukbaý, dat!
Doýdugyň ýuwusgadan gorkan ýaly, ak tam ýüzüni gören
Kelekbaý birhili haýykdy.
— Eri, Doýduk, näme boldy?
— Meniň arpama, almy, arwahmy, näme-de bolsa aýylganç
bir zat girip, ony wes-weýran edipdir. Eger oňa çynlakaý çäre
görülmese, ertir seniňkä-de girer. Kim bilýär, belki, ol aýylganç
zat oba-da aralaşar!
Baýlar tapan ýaraglaryny dakynyp, Doýdugyň arpasyna
bakan ýörediler.
Japbaklar hem olaryň yzlaryna düşdüler.
Baryp görseler, Doýdugyň arpasynyň bir zol ýeri ýer bilen
ýogsan bolup ýatyr. Onuň töwereginde yz-da ýok, eser-de. Ol edil
ertekilerdäki aýdylýanlar ýaly. Ony gözüň bilen görmeseň, ynanar
ýaly hem däl. Oňa kim her hili çen urdy.
Iň soňunda Kelekbaý aýtdy:
— Bu aždarhanyň işi bolsa gerek.
Doýduk ýakasyna tüýkürdi.
— Aždarha?
— Hawa. Garry adamlaryň aýtmagyna görä, çendan onuň
Hindistan tarapyndan suw bilen geläýmesi barmyşyn.
— Waý, Kelekbaý, nädäýdiň. Duruna Hindistandan suw
gelýärmi näme?
— Duruna gelmese, Amyderýa gelýär. Aždarha üçin bolsa
Amyderýa bilen Durun arasy aýallaryň suwluk ýolundan enaýy
däl ahyryn!
— A-ýu, Gulluk, aždarhanyň geleni onuň nämesinden
mälim bolýaka?
— Ol daň atar-atmazda birhili çekreýärmiş.
Japbak durup bilmän şeýle diýdi:
— Doýduk eje, onuň «Bö-ö! Bö-ö!» edýän sesini menem
eşitdim. Ýeke men däl, ynha, Japbaklaryň hemmesi hem eşitdi.
Baýlaryň düşünäýmeginden howp eden Ýapbak onuň
böwrüne symsyklady.
— 158 —
Kelekbaý Japbaga gaýtawul berdi.
— Meniň eşidişime görä, aždarha düýe ýaly bölemän, geçi
ýaly çekreýärmiş.
Ýapbak onda durup bilmän, şeýle diýdi:
— Baý aga; aždarhaňam biziň bugramyzyňky ýaly tüýi
barmyka?
Baýlaryň düşünäýmeginden howp eden Mapbak onuň
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Ýapbaga gaýtawul berdi.
— Aždarha diýilýän düýe däl-de, ýylan ahyry! Ýylanyňam
tüýi bormy?
Mapbak onda durup bilmän, şeýle diýdi:
— Belki, onuň biziň bugramyzyňky ýaly dört aýagy bardyr?
Baýlaryň duýmagyndan howatyr eden Topbak onuň
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Mapbaga gaýtawul berdi.
— Aýtjak sözüňi bilip aýtmak gerek. Aždarhaňam aýagy
bolarmy? Aýagy bolsa yzy bolmazmy?
Topbak durup bilmän, şeýle diýdi:
— Aždarha birden ekine giräýse, ony süýräp çykaryp
bolýamykan?
Baýlaryň düşünäýmeginden howatyr eden Japbak onuň
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Topbaga gaýtawul berdi.
— Heý, aždarhanam süýräp bormy? Onuň golaýyna barsaň, ýuwudaýmazmy?
Iň soňunda Kelekbaý aýtdy:
— Doýduk, bu saňa alla tarapyn gelen bir beladyr. Sen
hudaý ýoluna bir erkeç aýt. Belki, ony allanyň özi dep eder.
Onda Japbak aýtdy:
— Aždarha-da Japbaklardan eýmenç däldir. Erkejiňizi Japbaklaryň gapysynda daňaýyň. Şundan soň şol aždarhanyň siziň
ekiniňize girmejegine biz güwä geçýäs! Eger şol aždarha arpany
ýene şunuň ýaly weýran etse, Japbaklaryň bugrasyna siz eýe bolaýyň!
Men aýtmadymmy?
Doganlar oduna gidip barýarkalar, olaryň öňünden bir
baýtally çykdy. Onuň baýtaly akýal, gözleri şowady, guýrugy bolsa çakandy. Onuň üstündäki sellesiniň ýüzi göýül ýaly çymgyzyldy.
Japbaklar oňa geňirgenmek bilen seredişdiler.
Ol Japbaklara habar gatdy.
— Amanlykmy?
Japbak ondan sorady:
— Näme diýdiň?
— Amanlykmy diýýän.
Ýapbak oňa jogap berdi.
— Ýok!
Baýtally ony geňirgedi.
— Näme üçin?
— 159 —
— Üçini bormy?.. Biz amanlygam däl, hiç kimligem däl,
özümiziňkilik.
— Size kimler diýýärler?
— Bize Japbaklar diýerler.
— Hä-ä, boldy, boldy.
— Näme boldy?
— Siz şol dört sany düpbozan-ow!
— Ýok, biz düpbozan däl, dek gezen.
— Siz şol elini sowuk suwa urmaýan ýaltalar-ow!
— Hany gel, elimizi deňeşdirip göräýeli.
Dört doganyň dördüsi hem aýalary gabarçakly, barmaklary
jaýryk-jaýryk gollaryny uzatdylar. Baýtally özüniň pamyk goluny
olara görkezip bilmedi.
Mapbak ondan sorady:
— Saňa kim diýýärler?
— Maňa il içiniň adyl kazysy diýýärler.
— Hä-ä, boldy, boldy!
— Näme boldy?
— Sen şol taňryny tanamaz parahor-ow!
Kazyň gahary geldi. Japbaklara agzyndan gelenini gargady.
Baýtalyny gandyzlady.
— Heý, peläketler! Sizi Ýalak işanyň gargyşy tutsun! Betpäller!
— Aý, ýaşuly, itiň gargyşy gurda ýokmaz. Hemme Pel biziňki ýaly bolsa, dünýä eýýäm düzeläýmejekmi? Özüň ýaly, daşy
jäjek, içi möjekler kän!
— Görýän welin, siz betpällerden oňlulyk çykjak däl.
— Şol baýtalyň, şol sypatyň bilen oňlulyk saňa sürtseňem
ýokjak däl.
— Sem boluň, haýwanlar!
— Topbak, baýtaly jylawla! Haýwanyň kimdigini biz oňa
görkezeli.
Japbaklar oňa bakan aýaklaryny tapyrdadanlarynda, kazy
baýtalyny gamçylap, ümdüzüne gaçdy...
Japbaklar odun ýygyp ýadadylar.
Japbak kölegesini synlandan soň, Ýapbakdan sorady.
— Eri-ow, Ýapbak! Günorta bolupmy?
Ýapbak kölegesini synlandan soň, Mapbakdan sorady.
— Eri-ow, Mapbak! Günorta bolupmy?
Mapbak kölegesini synlandan soň, Topbakdan sorady.
— Eri-ow, Topbak! Günorta bolupmy?
Topbak kölegesini synlandan soň, jogap berdi.
— Ýok, entek bolmazdyr.
Ýadaw Japbak güne seretdi.
— Şu wagt suw nobatym bolsa, men senden gaňryp
alardym.
Topbak oňa jogap berdi.
— Nobatdaşyň men bolsam, seniň seňrigiňe örän berk kakardym.
Japbak bilen Topbak boýdaş boldy.
— Näme diýdiň?
— Näme eşiden bolsaň, şony diýdim.
Ýapbak bilen Mapbak olaryň arasyna girdiler.
— 160 —
Ýapbak Mapbakdan soraşdy:
— Günorta bolupmy?
Mapbak jogap berdi.
— Kemi galmandyr.
— Ony nämeden bildiň?
— Japbak bilen Topbagyň gözlerinden.
Doganlar gülüşdiler, öýlänlik iýmäge oturdylar.
Olaryň çörekleri azajykdy. Soganlary kändi. Doganlaryň
dördüsiniň hem gözleri birden ýaşardy.
Ýapbak Japbakdan sorady:
— Eri-ow, Japbak, näme üçin agladyň?
— Ejem ýadyma düşdi. Sen näme üçin agladyň?
— Ýapagy ýadyma düşdi.
Topbak Mapbakdan sorady.
— Sen näme üçin agladyň!
— Göwnüme bolmasa, hälki kazyny baýtaly alyp gaçan
ýaly. Şonuň üçin birden gözüme ýaş inenini duýman galdym. Sen
näme üçin agladyň?
— Göwnüme bolmasa, şol kazy ýykylyp heläk bolaýan
ýaly.
Japbaklar uzyn günläp ýygan sazaklaryny bugranyň üstüne
basdylar. Tanaplaryny mäkäm dartdyryp daňdylar. Ondan soň
«Haýt! Çüw!» diýdiler. Emma bugra çüwmedi. Ol gobsunjak ýaly
edip: «Bö-ö! Bö-ö!» etdi-de, öz ýerinde arkaýyn oturdy.
Berdaşly sazaklaryň aşagynda onuň gara gulaklary çala
saýgaryldy. Dört dogan oňa ýamaşgandan gop berip: «Haýt!
Çüw!» diýdiler. Bugra ýene çüwmedi. Onuň diňe naýynjar «Böö!» sesi eşidildi.
Onda Japbak aýtdy:
— Bu kime näz edýäkä?
Ýapbak aýtdy:
— Turandan oturanyny gowy görse, goý, otursyn!
Mapbak aýtdy:
— Maňa galsa-ha, gözel göwni, goý, ýatybersin!
Topbak aýtdy:
— Degmäň, agşam özi iýmine barar.
Doganlar bugrany şol ýagdaýda galdyryp, öýlerine gitdiler.
Bugra agşam iýmine gelmedi.
Japbaklaryň ýüregine howul düşdi. Olar il heniz
ýatmanka, bugra bakan haýdadylar. Baryp görseler, bugranyň şol bir oturyşy.
Japbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Ýapbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Mapbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Topbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Bugra şondan soň ýeňillik bilen galdy.
Üstleri ýükli dört dogan bilen bir bugra aý-aýdyňlykda
kerwen gurap gaýtdy.
Aý-aýdyň gijede hatar kerwenden aýdym sesi ýaňlandy.
Düýe diýme, ýaby diýme,
Rehmiň gelsin haýwana.
Oňa-da ber, ýeke iýme,
— 161 —
Olar eşretdir jana.
Ýük uraňda agyr urma,
Malyňy at göze sürme,
Halyňy bil, garaşyk et,
Nähak ýere taýak urma.
Gaňňasy nirede?
«Hudaý uranyny pygamberem hasasy bilen dürter» diýen
ýaly, Japbaklaryň agyr durmuşynyň üstüne bugralary-da tarpataýyn öldi ýatyberdi. Doganlar bugranyň hamyny berip, bir
taýhar edindiler. Onuň reňki gyzgyltdy. Oňa kemally münüş
öwretmänkäler bolsa ony gaçyrdylar. Taýhar zym-zyýat boldy.
Japbaklar taýharlaryny gözläp, başga bir obanyň çetinden
bardylar. Olaryň öňünden bir adam çykdy. Onuň gaýgyly ýüzi
söwdada utulanyňka, dawada basylanyňka çalym etdi. Japbaklar
ondan taýharlaryny soradylar. Ol bolsa doganlaryň kimlerdigini
sorady.
— Ýagşy ýigitler, size kimler diýerler?
Japbak oňa jogap berdi.
— Bize Japbaklar diýerler.
— Hä, boldy.
— Näme boldy?
— Örän gowy boldy. Men siziň adyňyz bilen aşnadym. Il
içinde şolar ýaly ynsaply ýigitler köpräk bolaýsa, bolmaýarmy
diýip oýlanýardym.
Ol adam böwrüni diňirgäp, iňkis bilen oýlandy-da:
— Siziň eşegiňiziň ýaşy ortadan aganmydy? — diýip
sorady.
Ol adamyň şol soragynda üýtgeşik bir many bardy. Şonuň
üçin Japbak Ýapbaga seretdi, Ýapbak Mapbaga seretdi, Mapbak
Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi. Japbak jogap berdi:
— Alamyzda taýhardy, ýitirelimiz bäri, belki, sartaşyp
ýörendir.
— Eşegiňiziň başy sellelimidi?
Japbak ýene bir gezek doganlarynyň ýüzüne hyrydar garandan soň jogap berdi.
— Öwlat gatançly ýaly, gözleriniň ýitilig-ä bardy.
Ýapbak onuň üstüni artdyrdy.
— Özüni bize tanatmajak bolup, belki, selle-de oranandyr?
— Eşegiňiz kime meňzeýärdi?
— Eşege meňzeýärdi?
— Ene kime meňzeýärdi?
Japbak Ýapbaga çiňerildi. Ýapbak Mapbaga çiňerildi. Mapbak
Topbaga çiňerildi. Topbak jogap berdi:
— Biziň eşegimiz baýaky kaza çalym edýärdi ýa-da kazy
biziň eşegimize çalym edýärdi.
— Onda...
— Eri onda?
— Siziň eşegiňiz hol ortaky öýde kazylyk edip otyr.
Mapbak hoşallyk bilen tassyklady.
— Sagja bol, aý, agam, edil özüdir.
— 162 —
Japbaklar şol öýe bardylar. Ol adam hem olaryň
yzyna düşdi.
Japbak aýtdy: — Biziň eşegimiz.
Ýapbak aýtdy: — Biziň eşegimiz.
Mapbak aýtdy: — Biziň eşegimiz.
Topbak aýtdy: —Biziň eşegimiz.
Japbak onuň sellesiniň ujundan tutdy. Ýapbak bilen Mapbak
onuň gollaryndan tutdy. Topbak onuň ýeňsesinden gop berdi. Kazynyň dili tutuldy. Ol gepläp bilmän, diňe hynçgyrdy.
Dawagärler ol ýagdaýa geň-taň galdylar.
Japbak olardan sorady.
— Hany munuň gaňňasy?
Gyzyl donly epeý bir adam oňa jogap berdi.
— Kimiň gaňňasy?
— Kimiňki boljakdy? Eşegiň gaňňasy?
— Haýsy eşegiň?
— Ine, şu eşegiň, biziň eşegimiziň!
Dawagärleriň agyzlary alardy. Olaryň köpüsi
dogrudyr diýip tassykladylar. Biri gyzyl donly, biri bagana
içmekli iki sany ýüzi jozzuk bolsa: «Toba, Toba! Estagpyrulla!»
diýip haýykdylar. Ondan soň olar Japbaklary haýaljyratmak islediler.
— Toba ediň, ýigitler, toba!
— Biz nämä toba edeli?
— Bu kazy işan ahyry!
— Kazy işan?
— Ol biziň dawamyzy çözýär ahyry.
— Siziňkinimi ýa halkyňkyny?
— Biziňkini, hym... hawa... halkyňkynam.
Oturanlardan gopgun çykdy.
— Diňe şularyň bähbidine.
— Diňe şularyň bähbidine.
— Diňe baýlaryň bähbidine.
Doganlaryň dördüsi dört ýerden el çarpyp güldi.
— Sizem eşege işiňizi ynanýan bolsaňyz, işiňiz şownuna
däl.
Hälki Japbaklara salam beren adam ara düşdi
— Onda näme, bu «men kazydyryn» diýýär ahyryn.
— Onda munuň kesen işi galat-da?
— Eşege ynanýan adamlar üçin, belki, dogrudyr.
— Men onda hakymy talap edibermeli-dä?
Japbak oňa igendi.
— Elhepus, agam, tünt ekeniň-ow! Sen bir zada düşünýän
adam bolsaň, bize munuň gaňňasyny tapyp ber.
Ol adam garynlak bir baýyň ýakasyndan tutdy.
— Ber bäş tümeni.
Gykylyk-topgun köpeldi. Obanyň adamlary üýşdüler. Algyly bilen bergili gatyşdy. «Bäş tümeni ber-de, üç tümeni ber!»
baýlaryň ýakasy el boldy.
Garyplaryň gopgunyndan gorkan oba baýlary Japbaklara
töwella etdiler. Onda Japbak aýtdy:
— Siziň bilen biziň aramyzda düşünişmezlik bar. Size eşek
gerekmi, kazy gerekmi?
— 163 —
— Toba etdik, hudaýym, bize kazy — işan gerek.
Onda Topbak aýtdy:
— Biz kazam göremizok, tazam. Eşek alarys diýseňiz bereli.
Barybir ol bizi gönendirenok. Aýyn bolmasa gaçýar.
Kazy gepläp bilmän, sakgalyny selkildedip hynçgyrdy. Barmagy bilen ýer dyrmap, nämedir ýazdy. Onuň ýanyndaky mürzesi şol haty okap berdi.
«Men şundan soň kazylyk etsem, tuf ýüzüme» diýýär.
Onda Japbak märekede uzur ötündi.
— «Ýalňyşmaz, ýazmaz bir alla bar» diýýärler. Biz biraz
ýalňyşaýypdyris öýdýän. Biziň eşegimiziň sakgaly ýokdy ahyry!
Kazynyň biraz dili açyldy.
— Be-be-berekella, köşegim!
Onda Ýapbak aýtdy:
— Kazy aga, bizi bagyşlaň.
— Be-be-berekella, köşegim!
Obanyň bir çetinden Japbaklaryň sazlanyşyp çykan owazlary
eşidildi.
Ah, naýynsap kazylar,
Ile gelen musallat.
Ala jully tazylar, Awmuş olara millet.
Sellesine garamaň,
Hiç ýagşylyk aramaň,
Goý, din şolaňky bolsun,
Asla habar soramaň!
Çöregi bitin eken
Dört dogan dört aýaklydan dyndylar. Olaryň oraçasynyň
töwereginde özlerinden başga iki aýakly towuk hem görünmedi.
Doýdugyň igenjine çydaman, galanja gaty-gutularyny hem harç
edip, ejelerine hudaýýoly berdiler. Indi bolsa, ýagy ýaly gyş ýetip
gelýär. Ne ýapynara bar, ne düşenere bar, ne-de tamşanara bar.
Olara indi ýer tapsalar hyzmatkär durmakdan başga çäre galmady.
Ýetip gelýän gyş ýeke Japbaklaryň däl, Doýdugyň hem jebesini darykdyrdy. Onuň hyzmatkärleri onuň bilen oňuşman, gysgançlygyna çydaman çykyp gitdiler. Doýduk indi mallaryna-da
özi seretmeli boldy. Gapysynda bolsa gyş üçin bir çöpem oduny
ýokdy. Sygyrlaryna döle gazmalydy. Mallaryna agyl etmelidi.
Oňa Japbaklara ýüz tutmakdan, şolary hyzmatkär edinmekden
başga çäre ýokdy. Emma oňa dört adam gerek däldi, iki adam gerekdi. Dört adamy ýallamaga Doýdugyň ýüregi takat bermeýärdi.
Eýsem-de bolsa, olaryň başyny aýlaryn, ikisini hyzmatkär tutaryn, ikisini bolsa başga bir ýurda kowaryn niýeti bilen bir gün
olary öýüne çagyrdy.
Emma Japbaklar Doýdugyň içki syryndan habardardylar.
Japbaklar çogda çäkmenlerini süýräp, Doýdugyň öýüne bardylar.
Doýduk olary hormat bilen garşy aldy. Sypaýçylyk bilen söze
başlady.
— Balalarym, size meniň haýpym gelýär. Sizde ne ene bar,
— 164 —
ne ata bar, ne-de öýňüzde şaňňyrdap oturan gelniňiz bar. Siz
kiriňizi özüňiz ýuwmaly, nanyňyzy özüňiz bişirmeli. Bişirmäge
bol galla bolsa ýene ýagşy. Sizde arta-taşa bir zat bardyr hem
öýdemok. Indi bolsa gyş ýetip gelýär. Goňşy hatyrasyna, men
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 15
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.