Latin

Saýlanan eserler - 13

Total number of words is 3747
Total number of unique words is 1737
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
nalaçdym. Men muny Japbaklara tanatmaz ýaly edeýinde,
özümejik dönderäýerin. Meniň haýsy malym şundan arassa»
diýen netijä geldi. Ol sygryň biline, boýnuna, göwsüniň arasyna
iki-üç parça ak biz orady-da, ala sygyr edip, gapysynda daňyp
goýdy, öňüne ot dökdi.
Japbaklar sygry hiç ýerden tapman, iň soňunda «öwrenişen
ýeridir, belki, şoňa barandyr» diýen niýet bilen Doýdugyň öýüne
bardylar. Görseler, onuň gapysynda guýruksyz, gulaksyz, şahsyz
kelek sygyr — emma gara däl-de, ala sygyr gäwüşäp dur.
Japbak ony tanamady.
Ýapbak oňa siňe syn etdi.
Mapbak biraz şübhelendi.
Topbak onuň ekinçi gözlerinde öz suratyny gördi.
Japbak Doýdukdan sorady:
— Doýduk eje, biziň sygrymyzy görmediňmi?
— Sygryňyzyň näme alamaty bardy?
Ýapbak aýtdy:
— Guýrugy, gulagy jonnuk.
Mapbak aýtdy:
— Kelekbaý ýaly kelek.
Mes Doýduk sygry Kelekbaýa meňzedenlerine jakgyldap
güldi. Emma sygra gözi düşende, Topbagyň aýdany ýaly, özünede çalym edýänini görüp, sesini tapba kesdi, soragyny dowam
etdi.
— 140 —
— Sygryňyzyň reňki nähilidi?
Topbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, edil özüň ýaly gara togalakdyr.
Doýdugyň hyrra gahary geldi, siltenjiredi.
— Ýok, men beýle sygyr göremok. Sygryňyzy nirede ýitiren
bolsaňyz, şondan gözläň!
— Doýduk eje, bu sygyr näme?
— Gözüňi giňräk aç! Onuň reňki gara däl, ala! Ol
meniň öz sygrym.
— Diýseňem, Doýduk eje, göz-ä biziň sygrymyza menzeýär.
Teläriň çetindäki agaçda aýran doly deri dyňzap durdy. Doýdugyň gözüne güýdüşip, Mapbak onuň bir bujagyny açdy-da,
Doýduga bakan pürkdi.
— Aý, Doýduk eje, ýeteweri, elimden sypdy!— diýip
gygyrdy.
Doýduk:
— Heý, ýaşy kesilen! —diýip topuldy. Onýança bolsa, Doýdugyň geýimi sygryň endamy ýaly alabeder boldy.
Şol wagt Topbak ondan sorady:
— Doýduk eje, seniň reňkiň nähilidi?
— Heý, enesi ýalamadyk! Meniň reňkimiň garadygyny
özüň aýtmadyňmy näme?
— Ýok, gara däl, ala!
Doýduk üstüne-başyna seredende, özüniň hem gapydaky
daňylgy sygyr ýaly aladygyny gördi. Eden hilesiniň ugur almanyny aňlansoň, ol:
— Sygryňyzy alyň-da, owarra boluň! — diýdi.
Japbaklar sygry idip ugranlarynda:
— Aýuw! Duruň entek! Men öz reňkimi alyp galaýyn! —
diýip gygyrdy.
— Alaweri, Doýduk eje, alaweri! Bize kişi zady gerek däl!
Sygryň garagäz kiri bilen bulaşan üç parça bizi Doýduk kynlyk bilen söküp aldy.
Japbak aýtdy:
— Doýduk eje, sygyr näme-de bolsa, öz bilýäniň, sygyrda,
Ol seniň biziňi kirledipdir. Biz ony ýuwup beräýeli.
— Ala tazyň awy-da gerek däl, özi-de!
Onda Ýapbak aýtdy:
— Doýduk eje, bu nähili bolýa? Biz ala däl ahyryn! Üstüňebaşyňa seret: ala özüň, alany söýýän, biziň gara sygrymyzy alardan hem özüň!
— Tüket diýdim, tüket!
— Günämizi geç, Doýduk eje, bizde tükeder-tüketmez
ýaly näme bar? Biz seni öz ejemiz ýaly görýäris. Sygrymyz ekine
düşse. Ýene seniň ýanyňa gelmeli bolýar ys!
Doýduk şondan soň sesini çykarman, elini salgady. Japbaklar
Doýduga nesihat berip, heň etdiler.
Doýduk eje, gaharlanma,
Gahar aklyň alar gider.
Baharyňa baharlanma,
Ýapraklaryň solar gider.
— 141 —
Ikinji bölüm
JAPBAKLARYŇ ÝETGINJEK ÇAGY
Bu kimkä?
Japbaklar günsaýyn dürli wakalary başlaryndan geçirip, agyr
durmuşyň çylşyrymly sapaklaryny kem-kemden öwrenip, assa-assa ulaldylar, ösdüler, burunlarynyň aşagy garalyp başlady.
Olaryň daşky görnüşleri üýtgese-de, içki gylyklary kän üýtgemedi. Çagalykdaky häsiýetleri jahyllykda-da dowam etdi. Olaryň
güzeranlarynda-da ullakan tapawut duýulmady.
Emma olaryň çagalykdaky bir arzuwlary ýüze çykdy. Olar
kelek sygyrdan galan kelek tüwäni hem bir aýlyk hoşany berip, at
däl-de, ýaby edindiler.
Olaryň ýabysy Doýduk eje ýaly togalak hem örän garynlakdy. Onuň çortmak aýaklarynyň bilekselerini örtüp duran çogmak
tüýleri bardy. Gysgajyk togalak boýnundan uzyn gür ýallar aşak
sallanyp durdy. Gulaklary tagaşyksyz ullakandy. Gür alyn saçlary
ullakan mele gözlerini örtýärdi. Bir gujak uzyn guýrugy ýere degip durdy. Onuň reňki gyr bolup, endamy künji pürkülen ýaly
gara menekler bilen bezelgidi.
Japbaklaryň sygry gezegen bolsa, ýabysy gezmezek boldy.
Ol kişi ekinine barmak däl, öz otuna-da ýaltalyk bilen ýapyşdy.
Kesmikden boşap sygyrlar onuň öňüne dökülen oty açmaňyz
ýalap-ýylmanlarynda-da olaryň hiç birine gaýtawul bermän, parhsyz garap durdy. Ony meýdana kowanda, duşamak, ýatagyna
gelende daňmak hem gerek bolmady. Ony Japbaklar bu gün bir
ýerde goýup gitseler, ertir hem edil şol ýeriň özünden tapdylar.
Şol gylyklaryndan başga-da, onuň üýtgeşik bir häsiýeti
bardy: ol Japbaklardan iým talap etmedi, ýazyna ýorunja, gyşyna
bede islemedi. Ol saman tapsada muhurdy, çaýyr tapsa-da
muhurdy, ýandak-da bolsa muhurdy, hatda kirşene gatyşan dere
tezekleri hem muhurdy. Onuň ot dannawy ýokdy, diňe agzy dek
durmasa bolýardy.
Japbaklar oňa «Ýapagy» diýip, taý adyny dakdylar.
Kelekbaý ony ilki törende mys-mys güldi.
— Köşeklerim, at aldyk diýýädiňiz weli, munyňyzyň garny
ýaman ýogyn görünýä-le! Çaňňalakly ýaby bolaýmasyn?
Japbak bir elini Ýapbagyň sagrysyna, beýleki elini Kelekbaýyň egnine goýup, oňa jogap berdi.
— Baý aga, sen arkaýynja bolaý! Japbaklaryň gapysynda
dursa, ol basym at bolar: garny baryp, gapyrgasyna ýelmeşer.
Olar ony ilki alan günlerinde ýeke-ýekeden däl, syrtlaşyp
hem däl, üç bolup mündiler. Dördünjisi onuň guýrugyndan ýapyşdy. Doganlar ony Kelekbaýyň öýüniň gapysy bilen Doýduk
ejäniň öýüniň ýeňsesi bilen, Ýalak işanyň öýüniň töwerekleri bilen
sagatlap çapdylar. Ýapagyň ýyndamlygy pyşdylyň çeni däldi,
kelek sygryň hem çeni däldi, hatda Japbaklaryň özi bilen çapyşaňda-da kä Ýapagy ozdy, kä Japbaklar.
Japbaklaryň ömürboýy arzuwlary at bolany üçin, tä mähirleri
ganýança, onuň üstünden düşesleri gelmeýärdi.
— 142 —
Ýapagy bir gün Doýdugyň öýüniň ýeňsesine ýetende, eli süýt
kädili öýüne ýetip gelýän Doýduga gabat geldi. Doýduk haýsy
ýana sowuljagyny bilmän aljyrady. Ýapagy ony urup geçmäge
dogry gelende, birdenkä kürtdürip durdy. Japbaklaryň üçüsi hem
başaşak eňterildi.
Japbak öz zarbyna Doýdugy süsüp serreltdi. Ýapbak agdarylan pyşdyl ýaly däbişekläp ýatan Doýdugyň süýt kädisine baryp
girdi. Ýapagy müýnli ýaly sortduryp durdy. Olaryň bolşuny synlan Topbak jakgyldap, arkan-ýüzin gaýtdy.
Japbak hasanaklap galdy.
Ýapbak hasanaklap galdy.
Mapbak hasanaklap galdy. Emma onuň depesinden süýt jogaralandy.
Topbak onuň goýry dökülýän ýerine baryp, agzyny tutdy.
Japbak onuň goýry dökülýän ýerine baryp, agzyny tutdy.
Ýapbak onuň goýry dökülýän ýerine baryp, agzyny tutdy.
Doýduk ýatan ýerinden galyp bilmän hyklady. Süýt bilen
başagaý doganlar onuň ýagdaýyndan habarsyz galdylar. Emma
Japbaklaryň bäşinji «dogany» Ýapagy onuň egniniň aşagyna temegini sokdy-da, gop berip galdyrdy.
Hiç bir ýerine şikes ýetmän, diňe tozana bulaşyp galan
Doýduk olara hyrydar çiňerildi-de:
— Heý, mysalaňyz gursun!— diýdi.
Topbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, her gün şunuň ýalyjak ýaglyja süýtden,
doýur-da, biziň mysalamyzy guradyp bilseň guradaý — diýdi.
Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi. Emma olaryň hiç haýsynyň Mapbaga gözi düşmedi.
Ýapbak Topbakdan sorady.
Topbak Japbakdan sorady.
Japbak Ýapbakdan horady.
Emma hiç biri Mapbakdan derek bilmedi.
Doganlaryň ýüregine howsala düşdi. Olaryň üçüsi üç ýerden
aglarly göründi... Birdenkä asmandan Mapbagyň sesi ýaňlandy.
Doganlar näçe garanjaklasalar-da, onuň gözüne gözleri düşmedi.
Onda Japbak aýtdy:
— Ol ganat baglap, asmana uçan bolaýmasyn!
Onda Ýapbak aýtdy:
— Ol indi doganlardan arany açan bolaýmasyn!
Onda Topbak aýtdy:
— Onuň ganaty gyrlyp, ýere gaçan bolaýmasyn!
Doýduk olaryň gürrüňine hahahaýlap güldi, iki
eli bilen öz garnyna ýençdi. Japbaklar oňa haýran galdylar.
— Bä, bu aýal däliredimikä? — diýişdiler.
Gülküden gözüniň ýaşyny saklap bilmedik Doýduk
zordan sözüni düşündirdi.
— Heý, saňsar işigaýdanlar! Siziň garagyňyz gapykmy?
Ynha, bu soky ýaly bolup duran näme—menmi?
Japbak Mapbaga haýrangalyjylyk bilen seretdi.
— Bä, hakykatdanam, öz-ä Mapbak weli, munuň kellesi
kimkä?
Mapbagyň sesi ýaňlandy.
— Waý, demikdim-le! Kelläm hem özümiňki-le!
— 143 —
Onda gözleriniň ýaşyny gyňajy bilen süpürip duran Doýduk
aýtdy:
— Aý, hudaý uranlar, onuň kellesindäki meniň süýt kädim
ahyry!
Onda Ýapbak aýtdy:
— Mapbagyň kellesinde seniň süýt kädiň näme işleýär?
Onda Doýduk aýtdy:
— Doýdugyň golaýynda Japbaklar näme işleýär?
— Biz at çapýas ahyry!
— Siziň burnuňyzyň aşagyndaky garalyp görünýän murt
däl-de, gazan garasy. Siz entek at däl-de, pyşdyl çapmaly!
Japbak Ýapbagyn burnuna seretdi. Ýapbak Topbagyň burnuna seretdi. Topbak Japbagyň burnuna seretdi. Doýdugyň aýdan
sözi, hakykatdan-da, dogry ýaly bolup göründi. Olar oýa çümenlerinde, Mapbagyň ýene sesi ýaňlandy.
Japbaklar Mapbagyň kellesindäki kädini nädip aýyrjaklaryny bilmän, iň soňunda, ony döwmek kararyna geldiler. Onda
Doýduk elden-aýakdan düşüp, gykylyk etdi.
— ýok! Men kädini döwdürmen. Günä siziň özüňizde. Ýogsam, men size kädi bilen bile onuň içindäki süýdi hem tölederin!
Japbaklar kädini nireden alsyn, süýdi nireden alsyn?
Japbak Ýapbaga kinaýa bilen seretdi. Ýapbak Topbaga kinaýa
bilen seretdi. Topbak Japbaga kinaýa bilen seretdi. Olaryň şol garaşlarynda, biri-biriniň arasynda bir gizlin düşünje bardy. Doýdugyň taryna kakyp görmek üçin, Japbak şol düşünjäni mälim
etdi.
— Görýän weli, biz öz doganymyzyň kellesini döwäýmesek
boljak däl öýdýän.
Mapbagyň kädi içindäki kellesi sözüni düşündirip bilmedi,
kädide naýynjar ses ýaňlandy.
Ýapbak Mapbagyň öňünde baş egip, onuň bilen hoşlaşýan
ýaly, hamsygyp gepledi.
— Dogan jan, kädi bilen süýdi tölemeli bolsak, Ýapagyny
bermeli bolarys. Atymyzy Doýduga berenimizden, kyn görmeseň,
seni kädä berenimiz ýagşy! Indi sen bizi ýa görersiň, ýa görmersiň... Hoş!
Kädiniň ýaňlanmagyna garaman doganlar Mapbagy emaý
bilen göterip ýere goýdular. Ýapbak ellerini tutdy. Japbak aýtdy:
— Hany, indi maňa bir maý beriň, kädili kelläni men nas
edeýin!
Doýdugyň ýüregi ýaryldy. Ol saçlaryny ýolup gygyrdy.
— Waý, başyňa döneýin, Japbak jan! Kelläni döwme, kädini
döw!
— ýok, Doýduk eje, günä seniň özüňde, Japbaklaryň gepi
birdir. Hany, maňa bir maý beriň!
— Waý, işim gaýtdy! Hun tölemeli bolaryn. Döwmäň, döwmäň!
— Hawa-la! Mapbagyň hununa seniň ähli malyň hem ýetesi ýok!
— Waý, başyňa döneýin, kädini döw, kädini döw!— diýip,
Doýduk Japbagyň eline ýapyşdy.
Japbak ýapbaga seretdi. Ýapbak Topbaga seretdi. Topbak.
Japbaga seretdi. Japbak iň soňunda mälim etdi.
— 144 —
— Häh, Doýduk eje, sen bolaýýasyň-da. Japbaklaryň seniň
sözüňi ýere salyp biljek gümanlary barmy? Belki, biz kelläde,
kädä-de şikes bermän, bir zat ederis. Japbaklarda ugurtapyjylyk
ýog-a däldir.
Ondan soň Ýapbak Mapbagyň bir aýagyna ýapyşdy, Topbak
Mapbagyň bir aýagyndan ýapyşdy. Japbak Mapbagyň kellesindäki kädiden tutdy. Japbak aýagyny diredi. Ýapbak bilen Topbak
çekdiler, çekdiler, Japbagy özlerine bakan idirdetdiler. Ondan soň
Ýapagy iki öň aýagyny Japbagyň iki egniniň üstünden aşyrdy.
Ýamaşgandan çekdiler, çekdiler, Ýapbak bilen Topbak Japbagy
idirdedip bilmediler. Doýdugyň göwnüne bolmasa, Mapbagyň
boýny süýnüp barýan ýaly göründi. Ol ýüreginiň howlunjyna:
— Waý, oglanyň boýnuny sogurdyňyz-la! — diýip gygyrdy.
Kelleleri gyzan Japbaklar Doýdugyň gykylygyna üns bermän çekdiler, ýene çekdiler... Kedi kelleden sypyp, Japbak arkan
ýykyldy, Ýapagy götün oturdy. Ýapbak bilen Topbak arkan serrelip gitdi.
Mapbak derrew Doýduk bilen boýdaş bolup:
— Hudaýa şükür, o dünýänem görüp geldim! — diýdi.
Doýduk Mapbagyň dym-ak ýüzüne seretdi-seretdi-de, essi
aýyldy, iki baka elendi, tas özünden gidip ýykylypdy. Emma aýak
üstüne galan doganlar ony ýykman, gop berip sakladylar.
Abat kädisine gözi düşen Doýduk Japbaklara birinji gezek
minnetdarlyk beýan etdi.
— Ýüzüňiz-gözüňiz dert görmesin, balalarym! Ýörüň, men
sizi çal bilen çörekden doýraýyn!
Japbaklar Doýduga sag bol aýdyp, keýpihon hiňlenip gitdiler.
Bagyşlawer, Doýduk eje!
Dert-azara goýduk eje!
Zada mätäç däldiris hiç,
Hoş sözüňden doýduk, eje!
Taňrynyň tarhany
Ili-güni gülüşdirip, keýpiköklük, şahandazlyk bilen gün
geçirýän Japbaklar, käbiriniň oýlaýşyna görä, işsiz ýaly görünseler-de, olar bihepbe däldiler. Orak wagty orak orýardylar, onuň
yzyndan hoşa edýärdiler. Kime döle gazyp berýärdiler, kimiň odunyny çekýärdiler. Şonluk bilen iýjek nanlaryny bol
gazanýardylar. Olar hiç wagtda hiç kime hiç bir zat barada ýüz
tutmaýardylar, dilemeýärdiler. Dözümsizlik bilen edilen käbir
hödürlerden-de boýun towlaýardylar. Emma halky ynjadýan,
halkyň ganyny sorýan baýlary, süýthorlary, dindarlary dürli degişmeler, duzly sözler bilen masgaralamakdan çekinmeýärdiler.
Şol häsiýet olaryň beýnilerinde çagalykdan orun alyp galypdy.
Japbagyň Kelekbaýa ilki aýdyşy ýaly, Ýapagynyň daşky
görnüşi, hakykatdan-da, tohum at sypatyna aýlanypdy. Onuň
togalak boýny inçelipdi. Çuwal ýaly garny gapyrgasyna baryp
ýelmeşip, eşek gerşine öwrülipdi. Çylka et içinde mälim bolmadyk süňkleriniň käbirinden indi çorba asaýmalydy. Onuň arkasy wejera ýagyr bolup, üstüne atlanar ýaly bolmandy. Ol indi
— 145 —
ýörände-de çaýkanyp ýöreýärdi.
Ýapagy çapuwdan galypdy.
Ýapagyny şeýle ýagdaýa salan hem, elbetde, agyr durmuşdy.
Bir özi çarha goşulan Ýapagy arly tomuslap, birnäçe harman
döwdi. Döwekden soň, kireýine bugdaý çekdi. Kireý wagtynda
Ýapagynyň bir özi bolman, Japbaklaryň özleri hem şonuň hatarynda ýük göterýän düýä öwrülipdiler. Olaryň hem eginleri
Ýapagynyň gerşinden enaýy däldi. Emma çogda çäkmeniň astynda olaryň eginlerindäki, arkalaryndaky ýaralar görüpmeýärdi. Japbaklaryň çekýän awusy oba baýlaryna mälim däldi. Ony
diňe olaryň özlerine kybapdaş oba adamlary bilýärdi. Şonuň
üçin hem Japbaklar oba köpçüliginiň iň söýgüli dostlarydy. Olar
üýşmeleňiň häziridi, märekäniň bezegidi.
Japbaklaryň Ýapagysy häzir sandan galypdy. Şol ýagdaýda
onuň gyşdan çykyp biljegi-de gümanady. Ony sataýmakçy bolanlarynda-da, gyzan bazarda gara pula geçjek däldi. Doganlar onuň
takdyry barada kän-kän oýlandylar.
Iň soňunda Japbak aýtdy:
Ýapagy biziň gözümiziň öňünde süýnüp galsa, biziň oňa
ýüregimiz awar. Geliň, biz ony Ýalak işana beräýeliň. Goý, ol
ýaňadandan direlsin.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Ýapagyny biz Ýalak işana bermäliň. Ol ýaňadan direlse,
ol hem gözümiziň öňünde ony münüp ýörse, biziň ýüregimiz
onuň ölüp gideninden beterräk awar.
Mapbak Japbagyň sözüni makullady.
Topbak Ýapbagyň sözüni makullady.
Şol meselede doganlaryň arasynda agzalalyk döredi.
Mapbak aýtdy:
— Dawamyzy Ýalak işana çözdüreliň.
Topbak aýtdy:
— Dawamyzy Ýalak işana çözdürmäliň.
Japbak Mapbagy goldady. Ýapbak Topbagy goldady.
Doganlaryň dawasy oba içine ýaýrady. Şol habar Ýalak işana-da baryp ýetdi. Ýalak işanyň tamakin damarlary gozgandy,
könelişen gözlerine şöhle indi. Ýalak işanyň Ýapaga öňden hem
gözi gidýärdi.
— Ol tüýs meniň malym. Oňa näme berseň, şonuň bilen oňjak. Ony nirede goýsaň, şol ýerde durjak. Ol alla taraplaýyn tüýs
meniň üçin ýaradylan mal. Ol Japbaklaryň eline ýalňyşlyk bilen
düşüpdir. Ony haýsy bir ýol bilen, haýsy bir hile bilen olaryň elinden alyp bolarka? —diýip, uzak wagtdan bäri oýlanyp ýördi. Oňa
häzir oňaýly ýagdaý duçar boldy. Ol şol pursady peýdalanmak
isledi.
Ýalak işan Japbaklary öýüne myhman çagyrdy.
Japbaklar ol ýagdaýa haýran galdylar: dünýäler üýtgäp
ýörmükän diýip oýlandylar. Biraz oý-pikirden soň bolsa, Ýalak
işanyň saran ýumagyny çözdüler. Şonuň üçin doganlar özleriniň
bäşinji «dogany» Ýapagyny hem özleri bilen bile alyp bardylar.
Ýalak işan oňa ylaýta-da begendi, «gökdäki dilegim ýerde gowuşdy» diýip düşündi.
Ýalak işan olary dürli nygmatlar bilen hezzetledi. Aýratyn
hem Ýapagynyň hezzetini ýetirdi. Onuň öňüne dürüşde
— 146 —
dökdürdi. Hyzmatkärlerine buýruk berdi.
— Ýapagy suwa meýil eden wagty, suw ýerine süýt beriň.
Ertir-agşam iým näçe iýse, gaýgyrman beriň. Goý, ol basym özüni
tutsuň. Onuň ýagyrnysy öňküsinden-de ýasyrak tagtalansyn.
Japbaklaryň beýle hormat haçan gören zatlary!
Ýapagyň beýle hormat haçan gören zady!
Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi. Olaryň janly
göreçlerinde:
— Wah, arman! Ejemizi hem özümiz bilen bile alyp gelsek
bolmaýamy! — diýen ahmyr göründi.
Aradan bir gün geçdi. Ýalak işan olaryň habaryny almady.
Aradan iki gün geçdi. Japbaklar ondan rugsat soramadylar.
Aradan üç gün geçdi. Ýalak işan myhmanlaryny tizräk ugradanyny kem görmedi.
Aradan dört gün geçdi. Myhmanlaryň myhman ýerlerinden
gidesleri gelmedi.
Aradan bäş gün geçdi. Ýalak işan sypaýçylyk bilen myhmanlaryndan habar sorady.
— Balalarym, sizi näme üçin çagyranymy bilýämisiňiz?
Japbak jogap berdi.
— Belki... namaz öwretmek üçindir!
— Haý, berekella!.. Men size namaz öwrederin, başga-da,
kän zatlar öwrederin. Hawa, köşeklerim, men siziň agzyňyz
alarjak bolupdyr diýip eşitdim. «Agzybire taňry biýr, agzalany
gaňrybiýr» diýen nakyl bardyr. Agzalalyk musulman bendesine
buýrulan däldir. Bütin ilaty, ylaýta-da siziň ýaly sary agyz doganlary agzybirlige ündemek meniň borjumdyr! Çaky, siziň araňyza
şeýtan düşen bolara çemeli. Siz ol zyrrajymyň was-wasyna gitmäň, ogullarym!
Japbak gulaklaryny üşertdi.
— Älhepus, işan aga, keramatyň zor eken-ow! Sen bizi
şunça çagyrmadyk bolsaň, biziň iki tarap bolup, gyzyl ýumruga
girmegimiz mümkindi.
Ýalak işanyň ölügsi gözleri hoşallyk bilen ýylpyldady.
— Balalarym, siz öz syryňyzy işan agaňyzdan gizlemersiňiz. Siziň araňyza birdenkä nähili näsazlyk düşdi?
Onda Japbak aýtdy:
— Arly ýylyň azabyndan soň, biziň Ýapagymyz halys
tapdan düşdi. Ony biz indi galyndyryp biljek gümanymyz ýok.
Geliň, biz ony işan aga bereliň-de, haýyr-dogasyny alalyň diýsem,
Ýapbak göwnemedi.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Işan aga, ynha, özüň görüp dursuň: biziň endamymyz
çaga guşuň teni ýaly gyzaryşyp dur. Biz ony geçen ýerine satalyň-da özümize köýnek-balak edineliň diýsem, Japbak göwnemedi.
Onda Mapbak aýtdy:
— Men hem biziň ýaşulymyz Japbak, biz Japbagyň diýenini
edeliň: Ýapagyny işan aga bereliň diýsem, Topbak göwnemedi.
Onda Topbak aýtdy:
— Özi öleýin diýip duran maly işan aga hödürlemek hem
ynsapdan däl. Ol, belki, biziň işan agany masgaraladygymyz bo— 147 —
lar. Geliň muny geçen ýerine satalyň-da, özümize köýnek-balak
edineliň diýsem, Mapbak göwnemedi.
Dawany ýeňillik bilen çözdüm, Ýapagyny öz ýanyma geçirdim hasap eden Ýalak işan lah-lah güldi. Gülki arasynda keýpihon
gepledi.
— Köşeklerim, şonuň ýalyjyk ujypsyz zat üçin hem biri-biriňiziň göwnüňize degerlermi, gyzyl ýumruga girmäge
taýynlanarlarmy? Günä bolar, balalarym! — «Günä» sözüni agzanda, Kelekbaýyn Japbaklar bilen bolan dawasy Ýalak işanyň
güpbe ýadyna düşüp, ýüzi köneldi, birdenkä gazaplanjak ýaly
etdi. Emma Ýapagy gözüniň öňüne gelende, ol ýene öňki keşbine
girdi. — Balalarym, geýimiňiz ýyrtylan bolsa, işan agaňyzyň
ýanyna geläýmezlermi? Bar zadymy sizden gaýgyrjak gümanym
barmy?.. Işan agaňyz üçin üç-dört parça biz nämedir!... Hudaýa
ýüz müň şükür! Her zat bolsa, howply bir belanyň öňüni öz wagtynda alypdyrys. Ynha, köýnek-balak tikilip ýetişýänçä, men size
namaz öwrederin.
Ýalak olaryň her haýsyna bir kündük berip:
— Baryň, täret kylyň — diýdi.
Ýalak işan tärete başlanda, synja kylmak üçin ala donuny
arkasyna bürenip, ýapyrylyp oturanyny Japbaklar görýärdiler.
Olar hem şonuň ýaly, her haýsy bir çalçany arkalaryna büräp,
dördüsi birden hatar gurap oturdylar. Olary gören işan gykylyk
etdi.
— Aý, bidöwletler, kybla garap oturmaň. Günä bolar!
Japbaklar arkalaryna aýlanyp oturdylar. Ýalak ýene gygyrdy.
— Gündogara garap oturmaň. Günä bolar! Japbaklar çepe
bakan aýlanyp oturdylar. Işan
ýene gygyrdy.
— Aýa, güne garap oturmaň. Günä bolar!
Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak
Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi. Olar iň soňunda nirä
garajaklaryny bilmän, işanyň özüne garap oturdylar.
Ýalak işan hyrra beýlesine öwrülip, gykylyk etdi.
— Heý, peläketler! Maňa garap oturmaň. Günä bolar! Japbaklar iň soňunda işanyň öýüne garap oturjak bolanlarynda, Ýalak işan ýene gykylyk etdi.
— Turuň! Turuň! Turuň!
Japbaklar zöwwe galdylar. Ýalak işan olara gazap bilen
käýemekçi bolanda, olaryň üstaşyry Ýapaga gözi düşdi. Onuň
ajymtyk ýüzi mylaýymlandy. olara mylaýym göz bilen garady.
— Köşeklerim, siz hiç ýaňa-da garap oturmaň.
Size namaz buýrulmandyr. Siz taňrynyň tarhany! Dört dogan
dört ýerden Ýalak işana bakan topuldy.
Olaryň her haýsy işanyň bir ýerinden ýapyşyp, ony götergöter etdiler, hiňlendiler.
Götereliň işany!
Ýagşylygnyň nyşany,
Hormatlalyň hemişe,
Tarhan eden işany!
Doganlar ony birsalym towusdyrdylar. Onuň çözlenen mäh— 148 —
net sellesi olaryň boýnuna oraldy. Ýalak işany patladyp düşüren
doganlar gykylyk etdiler.
— Aý, boguldym, kessene!
— Aý, boguldym, kessene!
Ýapagyny elden gidererin howatyry bilen Ýalak işan
ýan gezligini çykardy-da, uzyn selläni dört kesdi. Japbak öz
boýnundaky selläni çözledi. Ýapbak öz boýnundaky selläni
çözledi. Mapbak öz boýnundaky selläni çözledi. Doganlar
öwhüldäp, agyr-agyr dem aldylar.
Ýalak işan Japbaklaryň göwünlerini tapmak niýeti bilen:
— Goý, olar size peşanalyk bolsun... Selle siziň bagtyňyz
eken! — diýdi.
Japbak aýtdy: — Bu maňa işan agadan teperrik.
Ýapbak aýtdy: — Bu maňa işan agadan teperrik.
Mapbak aýtdy: — Bu maňa işan agadan teperrik.
Topbak aýtdy: — Bu maňa işan agadan teperrik.
Japbaklaryň selle böleklerini galgadyp bökjekleşenlerini
gören Ýalak işan keýpihonlyk bilen:
— Balalarym, size nähili namaz buýrulsyn? Siz ne sag, ne
sökel. Siz doly mejnun. Siz, hakykatdan-da, taňrynyň tarhany! —
diýdi.
Japbaklar Ýalak işanyň ýörite tikdiren köýnek-balaklaryny
geýenden soň hem öýlerine gaýdarly bolmadylar. Japbak ondan
sorady:
— Işan aga, geýimleriň bahasy näçe?
Ýalak işan keýpihon ýylgyrdy.
— Men hemişe ilden hüşür-zekat alyp ýörün. Goý, öz ömrümde bir gezek meniň hem size beren hüşürim bolsun.
Japbak aýtdy:
— Işan aga, biz garamaýak ahyry. Bize hüşür-zekat
düşýämi?
— Hüşür-zekatyň birinji eýesi taňrynyň tarhanydyr!
— Her zat bolsa, bahajygyny alaýsaň gowy bolardy. Japbaklar hiç bir zada myzahyr däl ahyry!
— Ýok! Men ony size ak göwnüm bilen peşgeş berýän.
— Işan aga sag bolsun!
Japbaklar gudalarynyň öýüne gelen ýaly, ýene arkaýyn ýazlyşyp gezdiler. Işanyň jebegesi darygyp başlady. Myhmanlara
bir gün däl, iki gün däl, hepde geçdi, on gün geçdi. Olar onuň
unly çuwalyny boşadyp barýarlar, ýagly küýzesini gowzadýarlar,
süýtden, gatykdan, hatda deridäki süzmeden hem gaýdanoklar.
Ýalak işan olary öz üstüne alla taraplaýyn iberilen bela diýip
düşündi. Olara iýdiren, geýdiren zatlaryny hasaplanda,
Ýapagynyň bahasyndan hem aşyp gidenini syzdy. Şonuň üçin
olary ugratmak çäresine girişdi.
— Balalarym, indi gaýdarys diýseňiz rugsatdyr. Allanyň
kömegi bilen, oňat, agzyňyz hem birikdi. Baryň sag-aman boluň!
Japbak oňa jogap berdi.
— Işan aga, eden hyzmatyňa taňryýalkasyn! Doganlara
öwüt-nesihat berdiň, agyzlaryny birikdirdiň, alladan gaýtsyn!
Her kimiň hem, elbetde, işi, aladasy bar. Seniň ýüzüňden geçip
bilmän, senden rugsat sorap bilmän, on gün seniň çöregiňi iýdik.
Hoş, sag otur!
— 149 —
Doganlar ugramakçy bolanlarynda, Ýapaga üçüsi birden
münmän, diňe ýaşululary Japbagy ataryp, galanlary oňa jylawdar
hökmünde ýöremekçi boldular. Ýalak işanyň gözleri hanasyndan
çykaýyna geldi.
— Köşeklerim, Ýapagyny nädýärsiňiz?
Topbak oňa jogap berdi.
— Işan aga, size mundan artyk azary ýetmez ýaly, ony biz
özümiz bilen alyp gidýäris.
— Hany, siz ony işan agaňyza bermediňizmi näme?
— Işan aga, biziň bar dawamyz: ony berip-bermezlik barasynda dälmidi näme? Biziň agzymyzy birikdireniň üçin, saňa gaty
minnetdar. Hoş, sag otur!
Ýalak işan içki gazabyny daşyna çykaryp bilmän, öz içinden
hümürdäp galdy. «Siz allanyň tarhany däl-de, allanyň gargany!».
Ýapagyny öz ýatagyna bakan öwren Japbak soňky
minnetdarlygyny beýan etdi.
— Işan aga, hoş! Toýuňda duşaly!
Dört bolsaň pag-da!
Japbaklaryň bir gün menzilligi tükendi. Olar degirmene gitmekçi boldular.
Japbak Ýapbaga aýtdy:— Sen git.
Ýapbak Mapbaga aýtdy: — Sen git.
Mapbak Topbaga aýtdy: — Sen git.
Topbak olaryň hemmesine aýtdy:
— Ekäň çaňy çykmaz. Biz Japbaklar bolanymyz haýsy,
ýeke-ýekeden ygyp ýörenimiz haýsy? Degirmene hemmämiz bile
gideliň.
Doganlar ony makul bildiler.
Ýapbak Mapbaga aýtdy: — Ýapagyny getir.
Mapbak Topbaga aýtdy: — Ýapagyny getir.
Topbak Japbaga aýtdy: — Ýapatyny getir.
Japbak olaryň hemmesine aýtdy:
— Ýapaga ýük urup, onuň bitip barýan ýagyryny ýaňadandan täzelemek bolmaz. Menzilligi özümiz götereliň.
Doganlar ony makul bildiler.
Bir bogdak bugdaýy doganlar gezegine göterip gitdiler. Olar
degirmene golaý baranlarynda, sözleri azaşdy.
Japbak Ýapbaga aýtdy: — Sen az göterdiň.
Ýapbak Mapbaga aýtdy: — Sen az göterdiň.
Topbak Japbaga aýtdy: — Sen az göterdiň.
Japbak dawany jar etdi.
— Biz öýden gaýdamyzda, ýolumyzy ädimlemän gaýtdyk.
Şonuň üçin kimiň näçe götereni mälim bolman, aramyzda dawa
turdy. Geliň, biz yzymyza gaýdyp, ýamaşgandan ýoly ädimläp
gaýdalyň.
Doganlar ony makul bildiler.
Olaryň haýsy biri göterende-de, degirmene çenli galan ýol
taýak salymdan daş däldi. Ony bütin ýolboýy haýsy haýsyna
diýende-de, sesini çykarman göterip gitjekdi. Olaryň häzirki
yzlaryna gaýtmaklarynyň sebäbi olaryň ýadawlygy, ýaltalygy
üçin bolman, Japbaklaryň Japbaklardygy üçindi. Kim bilýär, olar,
— 150 —
belki, şondan hem bir at galdyrmak isländirler.
Japbaklar yzlaryna gaýdyp, öýlerine ýigrimi ädim çemesi ýol
galanda, olaryň ýene sözleri azaşdy. Ýene olar: men kän göterdim-de, sen az göterdiň boluşdylar. Onda Mapbak aýtdy:
— A-how, Japbaklar! Indi yzymyza gaýtsak, birnäçe müň
ädim bar. Öýümiz bolsa ýigrimi ädimden daş däl. Geliň, biz
beýdişip durmalyň. Öýümize barýança bugdaýy men götereýin.
Japbaklar ýaňadandan degirmene bakan ugramakçy bolanlarynda, arada dawa çykany üçin, ýene ädim sany mälim bolmady.
Japbak Ýalbaga aýtdy: — Sen gidip ädimläp gel — diýdi.
Ýapbak Mapbaga aýtdy: — Sen gidip ädimläp gel — diýdi.
Mapbak Topbaga aýtdy: — Sen gidip ädimläp gel —
diýdi.
Onda Topbak aýtdy:
—Bir adamyň ädimläpgelenine biz üç bolup kanagatlanyp
bilmeris ahyry! Geliň, entek bugdaýy galdyralyň-da, biziň hemmämiz bile gidip ädimläp geleliň.
Onda Japbak aýtdy:
— A-haw, doganlar! Dokma ýüwürdýän ýaly, ikarada biderek gatnap durmak bolmaz ahyry. Ana, Ýapagy biziň bäşinji «doganymyz». Ol hem bizden az iýip-içenok. Biz işlämizde, ol han
ogly ýaly sortduryp durmalymy näme? Goý, mülemma durmuşda ol hem öz ejirini çeksin. Men hem siziň goýan müwessaňyza
garşy däl: ýoly hemmämiz bile gidip ädimläliň. Emma müşdegi
Ýapagy alyp gitsin.
— Japbak, şun-a aldyň-ow! — diýip, doganlar ony makul
bildiler.
Olar bugdaýy Ýapagynyň üstüne kese taşlap, ony göni ýola
saldylar-da, özleri ädimläp ozup gitdiler.
Japbaklary nähili-de bolsa uwlundyrmak çäresini agtaryp
ýören Kelekbaý assyrynlyk bilen şol ýagdaýdan habardar boldy,
ýükli Ýapagyny göz astyna aldy...
Doganlar ädim sanyny ýazman, degirmene bardylar.
Japbak aýtdy: — Dört müň ädim.
Ýapbak aýtdy: — Dört müň bir ýüz ädim.
Mapbak aýtdy: — Dört müň iki ýüz ädim.
Topbak aýtdy: — Dört müň üç ýüz ädim.
Doganlaryň ýene sözleri azaşarly boldy. Onda Japbak aýtdy:
— Anha, Ýapagy ýetip gelýä. Ol biziň dawamyzy jar eder:
ol hiç wagt ädim sanyny ýalňyşýan däldir.
Ýapagy bir basyşyny üýtgetmän, nyzamly ädimler bilen
başyny aşak salyp geldi.
Topbak ondan sorady:—Dört müň üç ýüz ädim dälmi?
Ýapagy başyny egdi.
Mapbak ondan sorady. — Dört müň iki ýüz ädim dälmi?
Ýapagy başyny egdi.
Ýapbak ondan sorady:—Dört müň bir ýüz ädim dälmi?
Ýapagy başyny egdi.
Japbak ondan sorady: — Dört müň ädim dälmi?
Ýapagy başyny egdi.
Doganlaryň öz aralarynda agyzlary birikdi. Emma hemmesiniňkini deň tassyklap duran Ýapagy bilen olaryň agyzlary
— 151 —
alardy. Olar Ýapaga temmi bermek kararyna geldiler. — Geliň,
biziň dördümiz hem munuň üstüne müneliň-de, ýamaşgandan
ädimledip gaýdalyň.
Japbaklar onuň üstüne hümerlenip münmekçi bolanlarynda, göwünlerine gelmedik bir ýagdaýyň üstünden bardylar: olar
onuň üstüne ýüklän bogdaklaryndan hiç bir derek görmediler.
Olaryň dördüsi birden oňa sowal berdiler.
— Ýapagy, hany, bugdaý nirede?
Ýapagy edil bimamla çaga ýaly ýüzüni sallap, başyny aşak
egdi.
Indi bogdagy nireden gözlemeli, nireden tapmaly? Ýapagydan jogap çykmady. Japbaklar biri-birine çiňerilişdiler, hiç
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 14
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.