Latin

Saýlanan eserler - 17

Total number of words is 3693
Total number of unique words is 1874
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şol aýylganç sesi eşidende, çagalaryň iň kiçijigi «Waý, ejeleý!» diýip, çatmalaryna kürsäp urupdyr.
Toklyny mäkämje daňan Jonnuk batyr itiniň adyny tutupdyr-da gygyrypdyr:
— Ýolbars! Myhmany! ugrat-da bas!
Möjek tokaýa bakan ýüzüni öwrende, guýrugy jonnuk
köpek onuň arkasyna hopba bolupdyr. Bogazyna ýapyşylan
möjegiň boguk sesi çala eşidilipdir:
— U-u-u... Jonnuk batyr, men wadamy ýerine ýetirdim
ahyry.
— 189 —
— Eý ganhor möjek, ýolbars sen öňküje tamşanan toklularyň üçin bogýar!
Çatmalarynyň gapysynda birinji gezek peýda bolan tokla
çagalaryň biri suw. Biri ot, ýene biri böwürslen hödürläpdir,
kiçijigi bolsa onuň gulaklaryny, maňlaýyny sypalapdyr.
Keýpleri kök çagalar uzak wagtlap ýatman, iň soňunda ýaňyja irkiliberjek bolanlarynda, Jonnuk batyr olara ýene bir sowal
beripdir:
— Balalarym, siziň käşir iýesiňiz gelýämi?
Gözlerini ýalpa açan çagalaryň hemmesi birden:
— Kaka, käşiri nireden aljak? — diýip sorapdyr.
Jonnuk batyr arkaýyn jogap beripdir:
— Doňuzdan.
Jonnuk batyryň jogabyna çagajyklar içleri gyjyklanýan ýaly
gülşüpdirler.
Şol wagtda bolsa olaryň gulaklaryna ýene bir üýtgeşik ses
eşidilipdir:
— Hokurr-r... hokurrr...
Çagajyklar geň galyjylyk bilen üşerişenlerinde, doňuz bir ganar käşiriň aşagynda ýegşerilip gelipdir.
Çagajyklar ondan heder edýän ýaly, biri-birlerine
ýapyşanlarynda, doňzuň ýüküni düşüren Jonnuk batyr onuň
boýnuna zynjyr salyp:
— Senem şu ýerdejik galaý! — diýipdir-de, direge baglapdyr.
Boýny zynjyrly doňuz närazylyk baldiripdir:
— Hokurrr... hokurrr... Batyr aga, men wadamy ýerine ýetirdim ahyry! Meniň indiki günäm näme?
Jonnuk batyr oňa dogrusyny aýdypdyr:
— Sen öňküje parçalan gawun-garpyzlaryňdan hasap bermeli ahyry!
Çagalar ýerli-ýerden ter käşir gemrenlerinde, Tulpar bir zat
haýyş edýän ýaly hokranypdyr:
— Hi-hi, hi-hi...
Jonnuk batyr şonda öz çagalaryna igenipdir:
— Balalarym, siziň üçin şireli böwürslen, semizje tokly, ter
käşir söwdasyny eden Tulpar ahyry! Siz näme üçin ony ýatdan
çykarýarsyňyz?
Çagalar yzly-yzyna her haýsy bir käşir oklanlarynda, Tulpar
keýpihon güýürdedipdir.
Garynlary dok, keýpleri kök çagalar iň soňunda uklasalar-da,
Jonnuk batyryň uzak wagtlap ukusy tutmandyr: ol häli geler,
şindi geler tamasy bilen aýa garaşypdyr. Emma daňyň düýbi saz
berse-de, aýydan derek bolmandyr...
Jonnuk batyryň çatmasy bir näçe günläp toýa-baýrama
aýlanypdr. Şirelije böwürslen tamşanan, terje käşir gemren, şorja
et çekelän çagalar bir näçe günde reňklerini dürsäp başlapdyrlar.
Emma aradan hepde geçse-de, aýydan hem, tilkiden hem derek
bolmandyr:
Jonnuk batyr iň soňunda öz çagalaryna:
— Siziň bal iýesiňiz gelýämi? — diýipdir.
Çagalaryň kiçijigi dodajyklaryny tamşandyryp:
— Baly nireden aljak? — diýipdir.
— 190 —
— Aýydan.
Çagalaryň ortanjysy:
— Aýyny nireden tapjak? — diýipdir.
— Gowagyndan.
— Aýydan gorkjak dälmi?
Jonnuk batyr döşüni gaýşardyp, arkaýyn jogap gaýtarypdyr:
— Men minneti aýpaltadan çekýän!
Çagalaryň hemmesi birden -seslenipdir:
— Käşgä, bal diýilýän zady hem bir dadyp görsedik!
Jonnuk batyr Tulpary taşlandy bir eşek arabasyna goşupdyr-da, niredesiň aýynyň gowagy diýip, ýola düşüpdir.
Jonnuk batyr az ýöräpdir, kän ýöräpdir, iň soňunda aýynyň
gowagyny tapypdyr.
Arabanyň şakyrdysyny eşiden aýy gowagyndan çykypdyr.
Onuň-her tüýi tar-tar, boýny bir gujak, kellesi taňka ýaly, her
aýagy bolsa owlak meşigi ýalymyşyn...
Şol wagtda guýrujagyny galgadyp, bir ýerden tilkijik peýda
bolupdyr. Ol burnuny ýelä tutupdyr-da, çalaja çyňsapdyr:
— Waňk, waňk... Ýeri batyr, sen näme üçin arabadan
düşdüň? Sen beýle howatyrly ýerlerde näme işleýärsiň?
Jonnuk batyr arkaýyn jogap beripdir:
— Ýalançy aýy meni allady. Men onuň bilen hasaplaşmaga
geldim.
Şol wagt aýynyň myşyldysy eşidilipdir.
Tilkijik ýene çawuş çakýan ýaly çyňsapdyr:
— Waňk, waňk... Batyr aga, heý, onuň bilen hem güýç
deňeşdirip bolarmy? Ol seni bir zarbada para-para eder!
Jonnuk batyr döşüni gaýşardypdyr:
— Men minneti aýpaltadan çekýän!
Tilkijik Jonnuk batyra burnuny oýkap, çalaja çyňsapdyr:
— Dossum, batyrlyk gowy zat. Emma hile-de öz ýerinde bir
batyrlykdyr. Oňa hile gurmak gerek, hile. Ýogsam, ol eýgertmez.
Onuň hötdesinden özüm gelerin. Sen diňe meniň soran sowallaryma jogap berseň bolýa.
Onýança müňedekläp gelýän aýynyň gerşi görnüpdir. Tilkijik
Jonnuk batyryň telpegini sypyryp alypdyr-da, derrew bir daşyň
aňyrsynda bukulypdyr.
Aýy agzyny ak köpük edip, dişlerini jygyldadyp, penjeleri
bilen ýer peşäp gelipdir. Ol Jonnuk batyryň edil alkymyna gelip, burnuny müňküldedipdir, ysyrganypdyr, art aýaklarynyň
üstünde çommalyp oturypdyr, agzyny hatap ýaly açyp, haýbatly
ses bilen mygyrdapdyr:
— Mygyrrr, mygyrr... Ýeri, Batyr, sen bu ýerlerde näme
işläp ýörsüň? Habaryňy ber!
Jonnuk batyr onuň haýbatyndan heder etmän, murtuny towlapdyr:
— Wadada wepaň bolmany üçin, men-ä seni iýdäp geldim.
Aýy dyrnakly penjeleri bilen çagyl pytradypdyr:
— Mygyrrr. Hä, Jonnujak, saňa bal gerekmi?
— Hawa, bal gerek!
— Mggyrrr... Ýa-da jan gerekmi?
Aýpaltasyny egnine göteren Jonnuk batyr beýleki elini
bykynyna urupdyr-da, haýbat atypdyr:
— 191 —
— Maňa janam gerek, balam.
Aýylganç mygyrdan aýy penjesini ýalapdyr, çagyl pytradypdy, Jonnuk batyryň üstüne zyňmak üçin, iki öň aýagyny
dik ýokary galdyrypdyr, Emma Jonnuk batyryň ondan tüýi hem
eýmenmändir. Ol-da aýpaltasyny ýokary galdyrypdyr.
Jonnuk batyr bilen aýy çaknyşarly bolanda, daşyň aňyrsyndan kellesini çalaja galdyran tilki Jonnuk batyra bakan gygyrypdyr:
— E-he-eý, adam he-eý!.. Sen bu töwerekde aýy görmediňmi?
Daşyň aňyrsyndaky telpege gözi ilen aýy penjelerini lampa
ýere goýberipdir-de, aşak ýapyrylypdyr.
Jonnuk batyr döşüni gaýşardyp, äwmezlige salypdyr:
— Eri-ow, halypa! Aýyny nädersiň?
Tilkijik oňa jogap beripdir:
— Aýynyň eti dermanmyş. Biz on sany mergen bolup, aýy
awlamaga çykdyk.
Aýynyň gözüne bütin gara daşlar telpek bolup görnüpdir. Ol
gorkusyna guýrugyny ýamzyna gysyp, Jonnuk batyra ýalbarypdyr.
— Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, aýy göremok
diýäýsene! Men öz wadamy hökman ýerine ýetirerin!
Jonnuk batyr bir az oýlanandan soň jogap beripdir:
— Aý, halypa, men-ä bu töwerekde aýy göremok.
— Seniň ýanyňdaky görünýän aýa meňzeýä-le!
Aýy ýene Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
— Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, meniň ýanymdaky
agaç diýäýsene! Men saňa hökman bal bererin!
Jonnuk batyr aýa barmagyny çommaldypdyr-da. tilkä jogap
beripdir.
— Seniň ol aýy diýýäniň agaç-laýt!
— Men, dost, seniň ol sözüňe ynanjak däl. Hany, agaç bolsa,
ony arabaň üstüne at-da!
— Atmamda nädersiň?
— Nätjegimi bileňokmy?
Tilkijik iki daşy biri-birine uranda, tüpeňiň çekeri çekilýän
ýaly şakyrdy eşidilipdir. Jan howluna düşen aýy Jonnuk batyra
ýalbarypdyr:
— Mygyrrr... Batyr aga, arabaň üstüne ataýsana! Sen çalaja
eliňi degirseň, arabaň üstüne men özüm çykaryn. Çaltrak bolaýsana, dost!
— Ýero-ow, halypa, mergendigiňi bildik-le, ýersiz ýere
tüpeňiňi şakyrdadan bolup durmasana! Bolmanda-da men öz çapan agajymy saňa goýup gidesim ýok. Ine ýükledim. araba.
Jonnuk batyr aýa çalaja top berende, aýy araba dyrmaşyp
çykypdyr.
Tilkijik ýene gykylyk edipdir:
— A ha-aw, agaç diýýäsiň weli, onuň aýagy bar ýaly-la, aýy
bolaýmasyn?
Aýy ölügsi bir ses bilen ýalbarypdyr:
— Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, agajyň şahasydyr
diýäýsene!
Jonnuk batyr tilkijige igenipdir:
— 192 —
— Päheý-de welin, ýagşam bir mergen ekeniň. Seniň gözüň
zat saýgarmasa nätjek. Olar agajyň şahalary ahyry!
Tilkijik ýene müňkürlik edipdir:
— Şaha bolsa, hany olary ýüp bilen saraşdyr-da
Aýy Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
— Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, çalaja
saraşdyraýsana!
Jonnuk batyr tilkä garap:
— Älhepus, irginsiz adam ekeniň-ow! Saranda näme etjek
bolsaň, ynha saradym! — diýip, aýyň aýaklaryny mäkäm bogupdyr.
Tilkijik iki art aýagynyň üstüne galyp, ýene gygyrypdyr:
— A-ha-aw! Sen meni aldajak bolýaň. Onuň kellesem bar
ýaly-la!
Aýy ýene Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
— Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, agajyň düznüdir
diýäýsene!
Jonnuk batyr murtlaryny towlap, tilkijige hemle urupdyr:
— Päheý, mergendirinem diýjekdir! Seniň göz diýip saklap
ýöreniň mäz öýdýän. Sen-ä agajyň düwnünem saýgaraňok!
Tilkijik bäri ýanyndaky daşyň düýbüne towsupdyr-da, ýene
gygyrypdyr:
Men oňa ynanamok. Düwün bolsa, hany, ony palta bilen çapda!
Jonnuk batyr gaharly jogap beripdir:
— Çapmanda nädýän bolsaň, et-de dyn-la. Men-ä şony çapjak däl!
— Oňda aýynam ataryn, senem!
Aýy iň soňky deminde ýalbarypdyr:
— Mygyrrr.., Batyr aga, başyňa döneýin, çalaja çapan bolaýsana!
Jonnuk batyr aýpaltany aýlap salypdyr. Aýynyn kellesi togalanyp, gany zogdurylyp akypdyr.
Tilkijik uzyn dilini şalkyldadyp, aýynyň gyzgyn. ganyny
ýalapdyr. Jonnuk batyr aýynyň hamyny soýup, araba taşlapdyr.
Ondan soň ol tilkijigi yzyna tirkäp, aýynyň gowagyna giripdir.
Görse, kyrk golça bal hatara düzülgi duranmyş.
Golçanyň birini iki öň aýagyna gysan tilkijik iki art aýagynyň üstünde ýöräpdir. Jonnuk batyr bilen tilkijik aýynyň gowagy
bilen arabynyň arasynda bir näçe gezek gatnapdyr. Kyrk golça
bal aýynyň hamynyň töwereginde, arabanyň üstünde zordan ýerleşipdir.
Tilkijik guýrujagyny bulaýlap, Jonnuk batyra habar gatypdyr:
— Batyr aga, nätdim, wadamda tapyldymmy?
Tilkiniň sümek ýaly guýrugy Jonnuk batyryn gözüne gowy
görnüpdir.
— Berekella, tilkijik! Ýeri, sen nätdiň, ganly şaradan garnyňy gabartdyňmy?
Tilkijik guýrujagyny bulaýlap, Jonnuk batyryň daşynda pyrlanypdyr-da, şelaýynlyk edipdir:
—Gurt arkasyndan guş doýmuş diýen ýaly, Batyr aga, seniň
hümmetiňden biziň ýaly ýetimiň hem agzy aşa ýetdi.
— 193 —
Jonnuk batyr bir golçanyň agzyny açypdyr-da:
— Hany, onda baldan hem bir tamşanyp gör! — diýipdir.
— Tilkijik golça burnuny sokanda, Jonnuk batyr onuň
boýnuna ýüp dakypdyr.
Tilkijik zaryn ses bilen çyňsapdyr:
— Waňk... Batyr aga, men saňa näme ýamanlyk etdim?
— Men saňa näme ýamanlyk edipdim? Sen biziň çatmamyzyň töwereginde ne towuk goýduň ne-de jüýje. Ikimiz, dost,
algy-bergini indi öýe baryp hasaplaşarys.
Jonnuk batyr tilkijigi arabanyň yzyna tirkäpdir.
Şol wagtda Tulpar näme üçindir hokranypdyr:
— Hi-hi, hi-hi...
Jonnuk batyr agzy açyk golçany oňa tutup berende, Tulpar
uzyn dili bilen ýalapdyr-da, hojaýynyna sag bol aýdýan ýaly, baş
atypdyr.
Araba tigirlenipdir, tilkijik ýorgalapdyr. Jonnuk batyr hiňlenipdir, az ýöräpdir, köp ýöräpdir, öýüne dolanyp gelipdir.
Çülpe çagalar ony şowhunly gopgun bilen garşylapdyrlar.
Jonnuk batyr goňşularynyň her haýsyna bir golça bal, aýynyň
hamyndan bolsa her haýsyna bir bölek tasma beripdir.
Şol bally golçalardan menem birini size alyp gelýärdim
welin, ýolda birdenkä aýagym taýdy-da, golça elimden
gaçdy. Golça kül-uşak boldy, bal hem guma garyldy. Şol ýeriň
nirededigin-ä anyk bilemok, ýöne üzümiň, waharmanyň bitýän
ýerleri şol bal dökülen ýerlermikän öýdýän.
1940
MYRALY BE SOLTANSÖÝÜN
Awtordan
Nowaýynyň ady «Alyşir» bolup, «Mir» ýa-da «Emir» onuň
gulluk wezipesi. Gulluk wezipesi hemişe adyň öňünden getirilip,
«Mir Aly» diýilýär. Türkmen halky şol iki sözi birikdirip, gysgaltmak bilen, oňa «Myraly» diýýär.
Myraly bilen Soltansöýün barasynda türkmen halky örän
köp hekaýalar, nakyllar, şorta sözler döredipdir. Meniň ýadymda bar: ýaşuly adamlar Myraly bilen Soltansöýün barasyndaky
hekaýalardan, şorta sözlerden ertirden agşama ýa ilkagşamdan
gijäniň bir wagtyna çenli gürrüň edip, diňçileriň ünsüni özlerine
çekmek bilen, olary birsyhly güldürerdiler. Şol hekaýalar halkyň
ruhy terbiýesine, zehininiň açylmagyna, ýiti sözler öwrenmegine
peýda ederdi.
Myralyny — Nowaýyny türkmen halky özüniň klassygy
hökmünde söýerdi. Sowat çykmak üçin mekdepde okalýan esasy
kitaplardan biri Nowaýynyň lirikasy gazallary bolardy. Sowatly, düşünjeli adamlar öz töwereklerine diňçileri üýşürip, onuň
gazallaryny, «Hamsasyny» hepdeläp okardylar. Nowaýynyň
gazallary aýdymlarda, sazlarda ýaňlanardy. Şol aýdymlar henize
çenli hem bagşylaryň agzyndan düşenok—bagşylar adatça uzak
gijäniň aýdym-sazyny Nowaýy bilen başlaýar.
— 194 —
Nowaýynyň dili türkmen diline örän golaý bolup, çendan arapça, parsça gatylan sözleri mollalardan soraýmasalar,
onuň esasyny sowatly adamlar, diňçiler terjimesiz düşünerdiler.
Nowaýynyň türkmen diline golaýlygy, türkmen halkynyň ony öz
klassygy hökmünde söýmegi, türkmen halkynyň Myraly bilen
Soltansöýün barasynda hetdi-hasaby bolmadyk hekaýalar, nakyllar, şorta sözler döretmegine sebäp bolandyr.
Şu ýerdäki hekaýalaryň arasynda, şu günki göz bilen garaňda, belki, real bolmadyk, fantastik hekaýalar hem bardyr. Okyjy
oňa halk döredijiliginiň öz döwri bilen baha berer.
Türkmen halk döredijiliginde Nowaýynyň ýiti pikirli ölmez-ýitmez obrazy kemsiz döredilipdir. Nowaýynyň ýaşan döwri
bilen aradan bäş ýüz ýyl geçmegine garaman, şol adalatly, belent
obraz henize-bu güne çenli halkymyzyň aňynda ýaşaýar, ýene-de
ýaşar.
Men Myraly barasyndaky şu kitaba giren nakyllary edebi
taýdan işläp, hekaýalar şekiline aýlandyrdym.
Ýyldyz gören
Horasanyň patyşasy Soltansöýüniň atasy hem patyşa ekeni.
Myralynyň atasy onuň ýakyn hyzmatkärlerinden biri ekeni. Günlerde bir gün guýrukly ýyldyz hakynda gürrüň çykypdyr. Patyşa
alymlardan, häkimlerden sorasa-da, onuň sebäbini bilen bolmandyr. Iň soňunda patyşa gurraçylara höküm edipdir. Gurraçylar bir
näçe wagtdan soň guýrukly ýyldyz dogjagyny, onuň häsiýetini
mälim edipdirler:
— Patyşahy älem, guýrukly ýyldyz her otuz ýyldan bir
dogýar. Onuň ömri jyzlanyň ömri ýaly gysga.
Ol diňe nahar bişim salym dowam edýär. Her kim şol
ýyldyzy görse, şol ýyldyz batmanka, aýaly bilen ysgaşsa, ondan
hem perzent galsa—ol perzent örän dilewar bolýamyşyn...
Gurraçylar guýrukly ýyldyzyň haýsy ýylda, haýsy aýlarda
dogjagyny çen bilen mälim edipdirler.
Patyşa şäherden ses ýetim uzakda, görnükli ýerde belent minara saldyryp, Myralynyň atasyny şonuň üstünde dikme gazyk
edipdir. Onuň gündizine ýatyp, gijesine kirpikli garagyny çalmazlygyna höküm edipdir. Şol ýyldyz dogan badyna patyşa habar
bermegine perman beripdir.
Myralynyň atasy ahyr bir gije daňa golaý guýrukly ýyldyzyň
doganyny görüpdir. Ol derrew minaradan düşüp, patyşa bakan
ökje göteripdir. Şol ylgap barşyna sürli goýny ürküzipdir. Goýun
çopan ony öz itleriniň kömegi bilen tutup:
— Sen ogrumysyň, ötükmisiň?—diýip sorapdyr. Myralynyň atasy itleriň agzyndan aman sypandan
soň, zordan sözüni düşüripdir:
— Men ogry däl, patyşa adamsy. Meni goýber, men örän
gyssanmaç habar bilen barýaryn.
— Näme habaryň bolsa aýt, bolmasa goýberjek däl. Ýyldyz
gören asmana elini salgapdyr:
— Hanha görýämiň? Sen bütin ömrüňi çölde geçirseň hem,
heniz şeýle ýyldyz gören dälsiň. Onuň aýratyn häsiýeti bar.
Çopan elindäki taýagyna kybapdaşyrak ýyldyza haýran
— 195 —
galyjylyk bilen syn edenden soň:
— Onuň näme häsiýeti bar? — diýip sorapdyr.
— Her kim şol ýyldyz ýaşmanka, aýalyna ýanaşsa, ondan
hem perzent galsa, ol perzent örän dilewar bolýarmyşyn.
Çopan egri taýagyny egnine atyp, goýunlaryny itlerine
tabşyrypdyr-da, öýüne bakan ökje göteripdir. Ýyldyz gören
derwezäni baryp uranda, derwezeban:
— Näme habaryň baryny aýtmasaň, açjak däl? — diýipdir.
Ýyldyz gören elini asmana salgap, guýrukly ýyldyzy
görkezenden soň, onuň häsiýetini oňa hem mälim edipdir.
Derwezeban elindäki açarlaryny jyňňyrdadyp, howlusyna
bakan ökje göteripdir.
Ýyldyz gören patyşa baryp habar berendei, patyşa guýrukly
ýyldyza agzyny açyp garandan soň, aýagyndaky şypbyk
köwüşlerini hem taşlap, iň gowy görýän aýalyna bakan ylgapdyr.
Ýyldyz gören guýrukly ýyldyza garap bir az oýlanandan
soň, ýyldyz gören men, habar beren men, özgeler aýşaşrata
at goşanda, meniň beýdip durmam näme? Men hakykatdan
hem akmak! Goý menden hem akylly ogul emele gelsin» diýip,
külbesine bakan haýdapdyr.
Aradan bir näçe gün geçenden soň, patyşa gurraçylara, ýene
gurra taşladypdyr. Gurraçylar:
— Şol guýrukly ýyldyzy gören dört adam bolup, dünýä
dört perzent emele geljek. Olaryň ikisi gyz, ikisi ogul bolup,
şolaryň biri hem seniň ogluň boljak — diýipdirler.
Patyşa, bir ýandan, öz perzendiniň boljagyna begense, ikinji
ýandan, başgalaryň perzendine göriplik edip, ýyldyz görene gargapdyr:
— Men saňa näme tabşyrypdym? Şol syry menden başga hiç kim bilmesin, guýrukly ýyldyzy menden başga hiç kim
görmesin diýmänmidim? Sen öz iýen nanyňa kast edýärmiň?
Ýyldyz gören patyşanyň öňünde çöküp:
— Patyşahy älem, bir çemçe ganymy geçseňiz, onuň sebäbini mälim edeýin — diýipdir.
Patyşa rugsat berendei soň, ýyldyz gören bolan wakany
habar bermäge durupdyr:
— Şahy älem, size habar bermäge gyssanyp gelýärkäm, giň
sähranyň häkimi öz garakçylary bilen daşymy gabap aldy. Wakany habar bermesem, goýbermejegini mälim etdi. Wagtyň gyssaglygyny, size habar bermegiň zerurlygyny nazara alyp, mälim etmege mejbur boldum.
Patyşa hasasyny ýere gütüledip, gazap bilen gygyrypdyr:
— Meniň demim ýetýän ýerinde menden başga häkim kimmişin?
— Şahy elem bagyşlasyn, siz bütin dünýäniň häkimi.
Emma siziň ýok ýeriňizde — çöl içinde çopan hem öz hökümini
ýöredýär.
— Ýagşy, ikinjisi kim?
Şahy älemiň demirden galasy bar. Onuň üstünden guş bolup
geçseň, ganatyň gyryljak, siziň huzuryňyza tiz ýetmek üçin,
derwezebana ýyldyzyň guýrugyny tutdurmakdan başga alaç
tapmadym.
Patyşa pelegiň çarhynyň aýlanyşyna bir az oýlanandan soň,
— 196 —
sakgalyny uşlapdyr-da zeýrenipdir:
— Eý mekgar dünýä! Men kim? Meniň bilen bile dünýäde
at goşýanlar kimler? Çopan! Derwezeban!.. Ýagşy, indi onuň
üçünjisi kim!
— Şahy elem, size habar berenimden soň, aşaklygyna
bakan eňňit edip barýan ýyldyz guýrugyny meniň boýnuma çolady-da, süýredi, gapymdan eltip, ýeňsämden südürledi. Gulagyma
bolmasa «jenaby alynyň indiki boljak perzendi üçin hyzmatkär
ýetişdir» diýen sedana geldi. Şonuň üçin guluňyz hem bozsuran
oýa bir tohum taşlady.
Aradan dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat geçenden soň,
patyşadan Soltansöýün, ýyldyz görenden — Myraly, çopan bilen
derwezebandan hem iki sany gyz emele gelipdir.
Myraly bilen Soltansöýün
Soltansöýün atasynyň köşgünde ulalyp, ýigdekçe çykypdyr.
Ol şäherde özüne kybapdaş gürrüňdeş tapman, ata atlanyp, il
içine gezmäge çykypdyr.
Şaýly bedew atyň üstünde başy jygaly gelýän şazadany
gören Myraly ony tanamazlyga, bilmezlige salyp, göýä diýersiň
aýak ýoluna oturan şekilinde oturypdyr-da, elindäki çöregini
iýmäge, endamyndaky bar-ýok zatlary çöplän kişi bolup, iki dyrnagynyň arasynda mynjyratmaga başlapdyr.
Myralynyň bolup oturyşyny geňirgen Soltansöýün atynyň
başyny çekip, Myrala habar gatypdyr:
— Eri-ow, ýigit, seniň bolup oturyşyň nähili?
Myraly Soltansöýüne üns bermän, öňki ýagdaýyny
dowam etmek bilen gäwüş arasynda jogap beripdir.
— Näme, bolup oturyşymy göreňokmy?
— Görenimden soň soraýan.
— Täzäni salýan, könäni çykarýan, şonuň bilen bir wagtda
duşman awlaýan.
Myralynyň jogaby Soltansöýüne ýarapdyr-da, sowalyny
dowam edipdir:
— Siziň öýüňiz nirede!
— Ho-ol ýeňseki hataryň günbatar çetindäki kyrk naýzaly
zürrüjek öý biziňkidir.
— Öýüňize barsam myhman alarmysyňyz!
Myraly çermegini çekip galypdyr-da, Soltansöýüne ötgün
garapdyr:
— Wiý, şazada, sizmidiňiz? Bagyşlaň, näme şäherde önüp
öseniňiz üçinmi — il-halkyň däbinden habaryňyz ýok ýaly-la. Biziň halkymyz myhmany atasyndan uly hasap edýändir.
— Öýüňize barsam, öňümden çykarlarmy?
— Hökman! Biziň guýrugy küle ala köpegimiz bardyr. Ol
örän gadyrlydyr—sizi taýak salym meýdandan garşylar.
— Maňa söwüş edermisiňiz?
— Tapsak, birini ederis, tapmasak — ikisini.
Soltansöýün Myralynyň sözüne düşünmädir-de, sowal beripdir.
— Ol näme diýdigiň boldy?
— Golaý-goltumdan tapsak, bir çebiş ýa bir tokly alarys,
— 197 —
tapmasak, bogazja geçimiz bardyr, şony soýarys.
Soltansöýün Myralynyň öz jogaby ýaly çylşyrymly hem onuň
bir az janyna deger ýaly sowal bermegi küýüne getiripdir.
Myralynyň jogaby soltansöýüne ynjyly bolup eşidilse-de,
onuň, söz urşy, gepe çeperligi, dilewarlygy oňa ýarapdyr. Ol öz
ýanyndan «Men muny öz ýanyma çekip bilsem, onuň bilen dostlaşyp bilsem, men hiç wagtda tukat bolman, munuň gepe çeperliginden, dilewarlygyndan hem öwrenerin. Ondan soň hiç ýerde,
hiç kimden gepde-de, akyldyda basylman» diýil oýlapdyr. Ondan
soň Myrala mylakatly habar gatyp:
— Ýagşy ýigit, seniň adyň näme? — diýip sorapdyr.
— Myraly.
— Örän ýagşy. Meniň adym Soltansöýün. «Bir gören tanyş,
iki gören garyndaş» diýen nakyl bar. Gel, indi ikimiz hemişelik
dost bolaly.
Myraly Soltansöýüniň atyna, egin-başyna, ondan soň öz
geýimlerine göz gezdiripdir-de, ýeňleri sal-sal köýneginiň eginlerini barlap, jogap beripdir.
— Şazada, bagyşlaň, dostluk ýagşy zat. Emma «Eşek öz
deňini gaşar» diýenem bir nakyl bardyr. Siziň göwnüňiz näzikdir.
Ikimiziň dostlugymyz birdenkä goýun bilen gurduň, tilki bilen
şiriň dostlugyna menzärmikän öýdýän.
Myraly näçe sapalak atsa-da, Soltansöýün ony öz erkine
goýman, köşge bakan alyp gidipdir.
Myraly bilen Soltansöýün bir öýde, bir otagda ýaşap, bir molladan sapak alypdyrlar, okapdyrlar, alym bolupdyrlar. Köşkde
durmuş nähili ýagşy bolsa-da, «Towşana dogduk depe» diýen
nakyla görä, öz önüp-ösen ýerlerini, giň sährany Myraly hiç wagtda unudyp bilmändir. Onuň üstesine-de bir gün ony Soltansöýün
ynjydypdyr:
— Sen balagyň ýyrtygyny, köýnegiň bitini unutdyňmy?
Maňa akyl bererçe sen kim bolupsyň? — diýip igenipdir.
Myraly Soltansöýüne jogap bermän, dilini dişläpdir-de, amatyna, wagtyna garap, köşkden ökje göteripdir. Myralyny ynjydan, Myralyny gaçyran Soltansöýüniň ýüregi gysyp başlapdyr. Ol
özüne köşkde aram tapman, Myralyny agtaryp, Hyrat töweregini,
Buhara ülkesini, Mary, Ahal sebtini gezipdir, emma hiç ýerde oňa,
Myraly duşmandyr, ony gören-bileniň hem üstünden barmandyr.
Soltansöýün köşgüne gaýdyp gelenden soň köp oýlanypdyr;
Myraly, belki, Hywa, Daşhowuz taraplaryna düşendir diýen karara gelip, şol welaýatlara heňe gelmez bir perman bermekçi bolupdyr, şol permany eşiden Myralynyň ýene durup bilmejegini
aňlapdyr:
— Hywa, Daşhowuz raýatlaryna perman: siziň itleriňiziň
sesinden ýaňa bize gije-gündiz ýatuw ýok. Oňa görä, size höküm
edýän: kimde kim itini üýrdürse, şol it eýesiniň hem, ýurt häkiminiň hom gözleri oýulyp taşlanjakdyr.
Soltansöýüniň şol hökümi boýunça ilat itini meýdana
goýberip bilmän, kim çuň çukur gazyp, sesi-üýni çykmaz ýaly, itini-de şonda gizläpdir, kim bolsa alaç tapman, itinden dynypdyr.
Il-gün bu kynçylykdan gutulmak üçin Myrala ýüz tutupdyrlar. Myraly:
— Maňa bäş-alty sany goýun tapyp beriň, men sizi şol per— 198 —
mandan halas edeýin — diýipdir.
Myraly bölejik goýuny öňüne salyp, Hyrada ýüzlenipdir. iliň
soňunda, Hyrada bäş menzil ýol galanda, goýunlaryny başyna
kowupdyr. Möjekler goýunlary tike-tike paýlaşypdyrlar. Myraly
şol wagtda ýüzüni Hyrada bakan tutup, bogazyna sygdygyndan
gygyrypdyr:
— Aý, alabaý, ha-aw! Anbaý, ha-aw! Garabaý, ha-aw!..
Myradynyň bogazy gyrylsa-da, Hyrat itlerinden
biri hem gelip ýetişmäňdir.
Goýunlaryny baý berip, taýagyny süýräp Hyrada baran Myraly duş gelen iti ýenjip başlapdyr. It eýeleri:
— Çopan sorraý bir ýigit itleri gyrgyna saldy— diýip,
Soltansöýüne arz edipdirler. Soltansöýüniň buýrugyna görä,
ýasawullar Myralyny köşge alyp gelipdirler. Uzak ýoluň
ýadawlygy ýüzüne möhür salan «çopana» Soltansöýün sorag
beripdir.
— Eri-ow, ýigit, itleri näme urýasyň?
— Öz borçlaryny ýerine ýetirmänleri üçin.
— O nähili borç?
— Pendiniň çölünde meniň çekenäme möjek darady. Men
Hyrat itleriniň adyny tutup, bogazyma sygdygyndan gygyrsamda, olaryň biri hem gelip ýetmedi. Iň soňunda çekeneden
galan ýadygär ynha maňa şu taýak boldy. Şonuň üçin hem şu
taýagym tike-tike bolýança, gören itimi akyla getirmegi ýüregime
düwdüm.
— Sen nähili akmak çopan! Heý Pendiden Hyrada-da ses
ýetermi?
— Eý, patyşahym, it alnyna gelen gurt alnyna-da gelip biler. Hywanyň, Daşhowzuň itleriniň sesi iki aýlyk ýoldan Hyrada
gelende, meniň sesim diňe bäş mezil ýoldan Hyrada gelip bilmezmi?
Soltansöýün Myralyny keşbinden tanamasa-da, sözünden
tanap, oňa bakan topulypdyr-da, ony mäkäm gujaklapdyr.
Näme üçin?
Soltansöýün bilen Myraly köne kanun depderine garap
otyrkalar, geň bir zadyň üstünden barypdyrlar: Soltansöýüniň
atasy Guýrukly ýyldyzyň dogany, Soltansöýün bilen Myralydan
başga ýene iki gyzyň dünýä geljegi barasynda altyn gaply, ýüpek
kagyzly kitaba ýazdyryp goýupdyr. Şol gyzlaryň yşky ýetginjek
ýigitleriň ikisiniň hem küýüne düşüpdir. Emma gyzlaryň niredeligi, olary nähili tapyp boljagy mälim bolmandyr. Olary akyl, pikir
bilen tapmakdan başga çäre ýoguny aňlapdyrlar. Soltansöýün
Myrala Hywa, daşhowuzlylara beren permany şekilinde bir perman bermegi maslahat salypdyr. Myraly ony makul bilmändir:
— Gyzlaryň tebigaty näzik bolar. Onuň ýaly gelşiksiz perman gyzlarda bize garşy diňe ýigrenjilik döreder. «Ýagşy söz
ýylany hinden çykarar» diýen nakyla görä, olary mylaýym söz
bilen ýüze çykarmak ýa-da görnetin nähak işi gözlerine görkezip,
dillendirmek mümkin.
Soltansöýün Myralynyň soňky teklibini makul bilipdir. Soltansöýün iki sany ýasawula buýruk beripdir:
— 199 —
— Siz daýaw bir ýigidi öňüňize salyň-da, ikiýanlaýyn
gamçylap, şäheriň içine bütin köçebe-köçe aýlaň. Kim siziň edýän
işiňizi keçje bilse, oňa zat diýmäň. Siziň ony urýanyňyzy kim hak
diýip bilse, şol adamyny meniň ýanyma alyp geliň.
Ýasawullar bir daýaw ýigidi ýenjip ugrapdyrlar. Kim
olardan:
— Bu ýigidi näme üçin urýarsyňyz?—diýip soranda:
— Bu ýigit biziň diýenimizi edýär — diýip jogap beripdirler.
— Il-ä diýenini etmeýän adamyny urýa, siz diýeniňizi
edýäni urýarsyňyz. Siziň munyňyz keçje! — diýmek bilen, olaryň
edýäň işini makullan adam tapylmandyr.
Iň soňunda, köçäniň haýaty ýykylan ýerindäki tamdyrda çörek bişirip oturan bir aýalyň üstünden barypdyrlar. Onuň
ýanynda ýetişen bir gyz hem bar ekeni. Şol aýal ýasawullardan
sorapdyr:
— Wiý, janlarym, bu ýigidi näme üçin urýarsyňyz?
— Bu biziň diýenimizi edýär.
— Waý, nalaç edeýin, il-ä diýenini etmeýäni urýa, siz
diýeniňizi edýäni urýasyňyz. Hiý, şeýle-de bir naýynsaplyk
bormy?
Ol aýalyň ýanyndaky gyz durup bilmän, ýasawullaryň edýän
işini makullapdyr:
— Ýok, beýle däl! Bular gaty dogry edýärler. Haçana çenli
diýip etdirmek bolar. Tä özünden bilip edýänçä urmak gerek.
Ýasawullar gyzy alyp gitmekçi bolanlarynda, çörek bişirýän
aýal elden-aýakdan düşüp, gykylyk edipdir:
— Wah, seniň diliň gurasyn, diliň! Başa bela dilden geler—
diýip, men aýtmaýarmydym?
Gyz onuň üçin darykman:
— Dilden başa bela-da gelip biler, bagt hem gelip biler —
diýip, ýasawullar bilen göwünjeň gidipdir.
Örme gara saçlary ýyldyzyň guýrugy ýaly iki göwsüniň
üstünden sallanyp ýatan gyzy synlan Soltansöýün ol gyza sowal
beripdir:
— Eri gyz, meniň nähak işimi hak diýip kanunlaşdyrmagyň
näme üçin?
— Soltansöýün bilen Myralynyň nähak iş etmejegini bilenim üçin.
— Seniň pikiriňçe, buýruga emel edýän adamyny ýençmek
dogry-da?
— Döwlete peýda geljek ýerde, ondan agyrrak jeza bermek
hem bolar.
Soltansöýün oňa başga sowal tapman, oňa öz niýetini mälim
etmegi başarman, ýalbaryjy bir halda Myrala garapdyr. Soltansöýüniň ýüregiňdäkini gözünde gören Myraly gyza sowal
beripdir:
— Keýgim, Soltansöýüniň dünýäde diňe bir arzuwy bolsa,
onuň ýüze çykmagy hem diňe saňa bagly bolsa, sen onuň üçin
merhemet goluňy uzadarmyň?
— Bütin janym bilen. Emma Soltansöýüniň aýagynyň tozy
gözlerime sürme bolar ýaly, men ol bagtly gyzlardan, şazadalardan däldirin. Meniň atam derwezebandyr.
— 200 —
— Soltan seniň ataňa derwezäniň açaryny ynanýan bolsa,
seniň özüňe köşgüň açaryny ynanmak isleýär.
Gyz Soltansöýün bilen Myrala baş egende, onuň örme gara
saçlarynyň ujy halynyň üstünde süýrenipdir.
Asmanyň ak towugy
Soltansöýün ýyldyz görenden bolanyň birini alany üçin,
Myralydan bir az sowaşypdyr. Myraly wagty goldan bermän,
ýaz aýy gidip, daýhançylyk edipdir. Onuň gawuny örän ýagşy
bitipdir, tohumy hem üýtgeşik eken. Myraly öz ýanyndan: «Soltansöýün-ä meni unutdy weli, men ony unutmaýyn, oňa bir eşek
ýüki gawun eltip bereýin» diýip, eşegini ýükläp ugrapdyr. Myralynyň gelýänini gören Soltansöýün ony tanapdyr-da, derwezebanyň geýimini geýip, gapy sakçy bolan kişi bolup durupdyr.
Myraly derwezeden geçjek bolanda, ol oňa sorag beripdir:
— Eri-ow ýigit, gawuny nirä alyp barýarsyň?
— Gawun-a Soltansöýüne alyp barýan.
— Sen akmak bolma. Soltansöýün munuň üçin saňa gara
pulam bermez. Sen ony iň ýagşysy äkit-de bazarda sat, özüňe bir
az çörek puly gazan.
Myraly derwezebanyň kimdigini tanasa-da, tanamazlyga salyp, jogap beripdir:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 18
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.