Latin

Saýlanan eserler - 10

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 1757
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Şu sapar baraýsa gerek.
— Wah, janym, ol näme dogrusyny aýdýamy!
— Indi aýdaýsa gerek.
Çeperiň süňňi bir zat syzan ýaly, Tokara bakan gobsundy.
— 102 —
— Tokar jan, ol nämäni aýdar?
— Dogrusyny.
— Wah, janym, ol zatdan gorkýan bagty garamy näme?
— Bary bir gorkuzmak däl ahyry!
— Oňa başga nähili çäre edip boljagyna meniň-ä akylym
ýetýän däldir. Ol meniň edil ädimi ýakdy.
— Nätdi?
Çeper Tokar bilen Nökerden gözüni üýtgedip, öz-özünden
zeýrenip başlady.
— Wah, nädersiň... soňky wagtda onuň elem egrelip başlapdyr. El ýüzünde galdyran bäş-üç manadym birsyhly ýogalyp
gelýär. Emma weli, bu saparkysy has önjeýli boldy, önjeýli!.. Onuň
özüne geýimlik alaýyn diýip jemläp ýördüm... Bilmedim nähili
boldy, jiriň-miriň bolaýdy.
Tokar Çeperden sorady:
— Çeper eje, kim jiriň-miriň boldy? Aňkarmy?
— Wah, Aňkar owarram-la! Onuň başga gitjek ýeri
barmy, irmi-giç, ýene gaýdyp geler-le! Meniň barja maýam
elden gitdi, maýam!
Nöker onuň sözüni geňirgedi:
— Maýam?! Çeper eje, siziň düýäňiz, maýaňyz ýok ahyry.
— Wa-aý, jaý jigi, ker bir ýaňa, kör bir ýaňa etmesene!
Şeker olaryň gürrüňine ýylgyrdy-da düşündirdi:
— Çeper ejäň puly ýitipdir puly.
Tokar Çepere ýalta seretdi:
— Puly?.. Känmidi, Çeper eje?
Nöker Çepere ýalta seretdi:
— Puly?.. Känmidi, Çeper eje?
Çeper barmaklary bilen sanady:
— Edi sany onluk — ýetmiş manat.
Tokar Nökere seretdi. Nöker Tokara seretdi. Tokar aýtdy:
— Nöker, çykar!
Nöker ýedi sany düýrlengi onlugy çykardy.
Çeper ol pullary garbap aldy, Tokar bilen Nökere çiňerildi:
— Hiýh!... Sizem ogry şärigimidiňiz?
Tokar Çepere çiňerildi:
— Kim ogry şärigi?
Nöker Çepere çiňerildi:
— Kim ogry şärigi?
Çeperin müňkürligi Şekere-de ýaramady. Ol Tokar bilen
Nökeriň tarapyny çaldy:
— A gyz, Çeper, aýtjak sözüňi bilip aýdaweri! Tokar jan henize çenli kişiniň ýekeje kişdesini hem gozgan däldir Nöker jan
hem Tokaryň taýydyr. Sen bulary öz ogluňa osmagyn!
Tokar hamsygjak boldy. Nöker hamsygjak boldy.
Çeper böwrüni diňledi. Şeker sözüni dowam etdi:
— Tokar jan, indikile munuň ýaly garamatly zatlara baş urmaň. Hany nähili bolan bolsa, sen bolşy ýaly gürrüň ber.
Tokar gürrüň berdi. Nöker tassyklady.
Çeper Tokary gujaklady, Nökeri gujaklady. Tokar bilen
Nökeri gezegine ogşady. Soňra «Aňkary hem özüňize goşuň,
her ediň-hesip ediň, ony özüňize meňzediň» diýip, Tokar bilen
Nökere ýalbardy.
— 103 —
Gaýgyly gelen Çeper Şeker iň öýünden şatlykly gaýtdy
Günäkär göreçler
Çeper baranda, Aňkar bir hili aýyply ýaly müýnürgäp
otyrdy, barmagy bilen ýer dyrmaýardy. Çeper hemişekiliginde
bolsa, ondaky üýtgeşikligi derrew syzardy, oňa haýran galardy,
belki, oňa rehimi inip, onuň ýüzünden-gözünden ogşardy. Emma
Çeperiň özi häzir gazaply geleni üçin, Aňkaryň ýagdaýyny
duýmady, birden ýüregine düwüp barşyna görä, oňa gaharly
seretdi.
Aňkaryň hemişekiligi bolsa, ejesini şeýle sypatda görenden,
turup ýazardy; gapynyň agzyny aldyrsa, içerde sap atardy; ejesine el bermezdi; jykyrdap gülerdi; ony öňküden beter gaharlandyrardy, gygyrdardy; şoňa-da keýp ederdi.
Aňkar bu sapar oturan ýerinden butnamady, ejesiniň keşbini
görenden, onuň gaharly gelenini aňlap, oňa ýalbarmaga durdy:
— Eje jan!
Çeperiň göreji Aňkaryň gözüne düşdi, onda adatdakydan
üýtgeşik bir ýagdaý baryny diňe şonda duýdy. Onuň möleren
gözleri gorky bilen balkyldaýar. Şol balkyldaýan gözlerde bir bimamlalyk, şol göreçlerde hakyky ýalbaryjylyk, şol bäbeneklerde
bir ökünç görünýär. Aňkaryň hatda dodaklary kemşerýär: onuň
şol bolşy onda hiç wagtda bolmaýan bir ýagdaýdy.
Çeperiň gazaby näçe zor bolsa-da, şol görnüş ony gowşatdy.
Çeper Aňkary urup hem bilmedi, oňa gargap hem bilmedi,
diňe içki gazabyny göz ýaşy bilen daşyna çykardy.
Ejesini şeýle ýagdaýda gören Aňkar oňa mähribanlyk bilen
ýapyşdy, ýalyndy, ýalbardy:
— Eje jan... eje jan, mundan soň etmäýin! Indikile senden
idinsiz bir zada elimi uranymy görseň, ur-da öldüräý!
Gazaby bir az ýatyşan Çeper onuň bulaşyk başyny bir
az sypaşdyryp başlady. Aňkar şondan soň, gara çyny bilen
horkuldap aglady.
Çeper Aňkara gyjyt üstüne gyjyt berdi:
— Ilde-de çaga kän weli, heý, saňa meňzeşi barmy? Sen
hemişe meniň ýüzümi aşak saldyrýarsyň. Sen uruşýaň. Deňduşlaryňa özüňi ýigrendirýäň. Bir klasda iki ýyl galýaň. Iň soňunda-da... ogrulyga ýüz urduň... Meniň ýüregim, näme, daşdandyr öýdýämiň? Seniň şu bolşuňa meniň ýüregim awamaýandyr
öýdýämiň?.. Üstüňe-başyňa bir seret: şu bolşuň öz göwnüňe bir
jaýmy? Şu hüý-häsiýetiň bilen, heý, seniň ýüzüňden sypar ýalymy? Seniň ýaly bir oglany keseki ýerde görsem. seňrigimi ýygryp
geçerdim. Ýene-de bolsa bolanok, enelik mähri oňa ýol berenok.
Bilmedim, pälimden boldumy, bagtymdan boldumy, geň görenim
alnyma geldi... Sen meniň göz ýaşymy haçana çenli akdyrjak?!
Çeper ýüreginiň awusyna çydap bilmän, ýene göz ýaş etdi.
Aňkar oňa gara çyny bilen ýalbardy, şert etdi.
Çeper Aňkaryň sesinde-de bir naýynjarlyk, adatdakydan
üýtgeşik bir sadalyk, wepalylyk eşitdi. Ony synap görmekçi
boldy:
— Sen indi kim bilen oýnarsyň?
— Hiç kim bilen.
— 104 —
— O näme-üçin?
— Men... öýde oturaryn, okaryn.
— Okanyň örän gowy. Ýöne weli, käte oýnap, käte dynç
alyp okasaň, zehiniň has hem durlanar, sapagyňy gowy bişirsiň.
— Men... kim bilen oýnaýyn?
— Hany öňki dostlaryň: Tokar, Nöker...
— Men... olary ynjytdym ahyry...
— Olar seniň ýaly sammyk däldirler. Sen barsaň, olar seni
şatlyk bilen özlerine goşarlar, saňa köp zat öwrederler, seniň ýetmez ýeriňi düzederler. Olar saňa samolýot ýasamasynam öwretjekler, gerek bolsa, özleriniňkini hem berjekler.
Aňkar ejesine ýapyşdy:
— Eje jan, çynyňmy?
— Näme, ejeňem özüň ýaly ýalançydyr öýdýämiň?
Aňkar ýüzüni aşak saldy, bimamla ses bilen hümürdedi:
— Men indi ýalan sözlemen.
— Käşki akylyňa aýlanaýadyň!
Bu kim?
Mekdep oglanlary bu gün üýtgeşik bir ýagdaý gördüler.
Olar Aňkary tanamajak boldular.
Bu gün onuň geýimi-gejimi päkize, bili kemerli, başy bolsa
daralan. Onuň garaşynda, bolşunda-da bir üýtgeşiklik bar. Ol
bir hili goýazy ýaly, akylyna aýlanan adam ýaly görünýär. Ol bu
gün hiç kime degmeýär, hiç kimiň telpegini pyzmaýar, hiç kimi
dürtüp gaçmaýar, hemişekisi ýaly, gykylyk-gopguna sebäp bolmaýar. Oňa bir seretseň, müýnli ýaly ýüzüni aşak salýar. Ikinji
gezek garaňda — ýüzüni ýokary tutup, bir hili gopbamlanýar.
Oňa kem-käs degýänlere-de ol üns berenok, juda hetden aşýanlara bolsa:
— Eliňi çek! — diýip, gözlerini alardýar.
Oglanlaryň arasynda Aňkaryň özi ýaly bimazalary, degişgenleri ýok däl ahyr. Arakesme wagtynda şolar ýaly oglanlar oňa degdiler:
— Bä-ä, bu kim-aýt?
— Ýüzi-göz-ä Aňkara çalym edýän ýaly.
— E-ýok-la!.. Munda Aňkaryň häsiýeti ýok ahyry!
— A-ha-ow, gözlerini alardyş-a şoňa meňzemänem duranok.
— Şu wagt ýumrugyny düwüp topulaýsa, edil Aňkaryň özi
bolaý-sa gerek?
Oglanlar bu gürrüňlere gülüşdiler.
Aňkaryň özi hem ýylgyrdy.
Ol oglanlar ýene dowam etdiler:
— Aňkar kim — beýle salyhatlylyk kim?
— A-ha-ow, bu ýöne onuň kölegesi bolaýmasyn!
— Diýseňizem, bir ýerde Aňkar bar bolsa — şu şoldur!
—Aňkar bolan ýerde, guduzlyk bolmazmy?
Soňky sözler Aňkaryň degnasyna degdi. Ol ýumrugyny
düwüp, birine topulanyny hem duýman galdy.
Aňkara meçew berýän, Aňkaryň gaharyny getirmäge
çalyşýan bimaza oglanlar gygyryşdylar:
— 105 —
— Hä-ä, indi bolduň Aňkar!
— Temegine seret! Ol ýene bir Aňkar hem däl haw, şuňkar!
Aňkaryň birdenkä ejesine, Tokar bilen Nökere beren wadalary ýadyna düşüp, sakga daýandy, ýüzüni aşak saldy. Onuň
keşbinde gynanç ýaly, ökünç ýaly bir zat göründi.
Şol görnüş oglanlara-da täsir etdi. Olar oňa ondan soň
degmediler. Olar onuň halyny gaýgyrdylar. Olar bu gün ikinji bir
Aňkary görenlerine begendiler, olaryň käbiri okuw barasynda
sözläp, käbiri wäşi gürrüň edip, onuň göwnüni açmaga
çalyşdylar. Aňkaryň gömelteý dodaklarynda ýylgyrma emele
gelenini görenlerinde guwandylar.
Aňkaryň bu günki bolşy, özüni alyp barşy mugallymy hem
geňirgendirdi. Aňkaryň bu gün tagta çykyşy, hasap çykaryşy
ony şatlandyrdy. Mugallym bu gün täze bir Aňkar gördi, onuň
göwnüni ýene-de götermäge, okuwa has yhlaslandyrmaga
çalyşdy. Aňkaryň çykaran hasaby üçin žurnala ullakan harp bilen
bäşlik goýdy. Onuň egnine kakdy:
— Berekella, Aňkar!
Bäşlik bahasy, mugallymyň öwgüsi Aňkary ýüwrük ata atlandyrdy. Onuň göwni eýýäm ejesine baryp buşlady, Tokar bilen
Nökeriň ýanynda öwündi. Ol öňki bolşuna ökündi, indi başgalara-da görelde bolaryn diýip düşündi.
Aňkar gaýdyşda, mekdepden çykyp barýan Tokar bilen
Nökere duş geldi. Aňkar olary görüp, ädimini gysgaltdy. Emma
bäşlik bahasy bilen mugallymyň öwgüsi ýadyna düşende, özüni
tutdy, ädimini düzetdi, alkymjygyny ýokary galdyrdy.
Bu günki Aňkary gören Tokar bilen Nöker oňa begendiler.
Onuň bilen ýene bir salamlaşmak däl, elleşip görüşdiler.
Tokar aýtdy:
— Indi Aňkara meňzäpsiň!
Nöker aýtdy:
— Indi biziň köne dostumyza çalym edýäň!
Olaryň köne kinelerini unudyp, özi bilen şeýle
mylakatly gürleşenlerine Aňkar haýran galdy. Ol öz ýanyndan: «Bular meniň taýym däl. Bular hakykatdanda geçirimli, salyhatly, akylly, oglanlar» diýip düşündi. Şonuň bilen bir wagtda
bäşlik bahasy, mugallymyň öwgüsi ýadyna düşüp, ulumsylandy,
döşüni gaýşartdy:
— Hä-ä, halamarsyňyz siz Aňkary!
Tokar aýtdy:
— Ýero-ow, Aňkar, näme üýtgeşiklik bar!
Aňkar döşüne kakdy:
— Otliçno bahaň eýesi kim?
Nöker aýtdy:
— Aý ýoga-a!
Aňkar döşüni gaýşardyp, bir ädim ileri süýşdi:
— Mugallymdan berekella alan kim?
Nöker aýtdy:
— Aý, gardaş, çiş-ä!
— Çynyňmy, Aňkar?
Aňkar artist sypatyna aýlandy:
— Mugallym meniň çykaran hasabym üçin şeýle bir bellik
goýdy, şeýle bir bellik goýdy welin, heý goýaý! Siz, belki, meniň
— 106 —
aýdanyma ynaýmarsyňyz; oňa gözi düşen oglanlar agyzlaryny
açyp galdylar.
Tokar ony tassyklady:
— Dogrudyr!
Aňkaryň gözleri guwanç bilen balkyldady:
— Mugallym «Berekella, Aňkar!» diýip, arkama bir kakdy
weli, klasdaky oglanlaryň gözleri hanalaryndan çykaýyna geldi.
Nöker kinaýa bilen ýylgyrdy:
— Naýynsap, öteräk gidýän bolaýma!
Aňkar çynlakaý sypata girdi:
— Ynanmasaňyz, baryň-da soraýyň.
Aňkar bilen bir salym degşenlerinden soň, oňa täsir edenlerine begenenlerinden soň, Tokar bilen Nöker ony samolýot ýasamaga çagyrdylar.
Aňkar öýlerine bakan şatlanyp gitdi.
Emma ol ýol bilen barýarka, onuň öňki keşbi üýtgedi, ol
böwrüni diňirgedi. Onuň bir ýetmezi bar ýaly, bir ýeri agyrýan
ýaly, bir zady kem ýaly, bir ýerde bir zady galan ýaly, şol ýere
bakan bir damar ony çekýän ýaly duýuldy. Ol bir bada onuň nämedigine düşünmedi. Birdenkä-de daýandy... pulluja aşyk oýny
onuň gözüniň öňüne geldi.
Aňkar şol tarapa bakan ädim uranyny hem duýman galdy.
Aňkar özüni bilmän, düwdenekläp barýarka, birden aýylganç bir zat onuň gözüniň öňüne geldi: barja puluny utduryp,
kä müzzerip galany, käte ýok zady yrsarap, ýumruklaşany, käte
özünden ökdä duş gelip, boglany birin-birin gözüniň öňünden
geçdi.
Aňkar sakga daýandy.
Tokar bir ýanyndan, Nöker bir ýanyndan ony çekeleýäne
döndi.
«Heý, ulalyp, oňalman geçen!» diýip ejesi oňa gyjyt berýän
ýaly bolup göründi.
Päkize mekdep, şat okuwçylar, onuň özüni öwen mugallym,
ylaýta-da bäşlik baha onuň gözüniň öňüne gelip direldi...
Aňkar gözüni ýalpa açdy, aýgytly netijä geldi:
— ýok!.. Mundan soň aşyk oýnaman!
Aňkar öýlerine baranda, Çeper ony gujaklady, ogşady.
Aňkaryň aýgydy
Köne dostlar birikdi.
Bu gün olar Tokaryň agasynyň alyp beren täze ýaraglary
bilen işleýärdiler.
Nöker bilen Aňkar agaç kesýärdi. Byçgy oňly ýöremeýärdi.
Nöker Aňkara igendi:
— Sen byçgyny öz sallamyna goýbereňok.
Aňkar Nökere igendi:
— Men çekemde, sen byçgydan asylýasyň.
Tokar Aňkara byçgyny nähili tutmalydygyny, ony aşak basman, öz saldamyna goýbermelidigini öwretdi. Tokar ondan soň,
Nöker bilen Aňkaryň näme etmelidigini belläp berdi.
Olar byçgylama işini gutaransoňlar, başga işlere ýapyşdylar.
Aňkaryň inderen çekiji çüýden sypyp, barmagyna degdi. Ol
— 107 —
çekiç degen kirli barmagyny agzyna salanyny duýman galdy.
Nöker oňa güldi.
Aňkar gaharlandy. Aňkaryň birinji gün çynlakaý işe ýapyşyşy bolany üçin, owunjak hysyrdyly, onuň öz göwnüne gelşine
görä bolsa, agyr iş oňa ýokuş degýärdi. Onuň üstesine, eden işi
hem şowly geçmeýärdi. Onuň halyny gaýgyrmak, oňa nebsi agyrmak ýerine, Nökeriň oňa gülmegi — onuň ýöne bir gaharyny getirmek däl, ony hatda gadymky Aňkar deregine eltdi. Bir ýandan
şowsuzlyk, ikinji ýandan gazap ony aljyraňňylyga saldy. Onuň
pytraňňy küýi dürli ýerlerde aýlandy... Birdenkä bolsa onuň
gözüniň öňünde üç sany aşyk peýda boldy.
Aňkar ýerinden nähili galanyny, derwezä bakan ýüzlenenini
hem duýman galdy. Ony diňe Tokaryň sowaly özüne getirdi:
— Ýero-ow, Aňkar, nirä gitjek?
Aňkar aýak çekdi, uludan demini aldy, küýüniň nirededigine
düşündi. Ol ýalan sözlemezlige wada beren hem bolsa, dogrusyny aýtmakdan çekindi, şonuň bilen bile ýalan hem sözlemän,
gaçalga tapdy:
— Kän oturyp, aýaklarym bir az gurşaýypdyr. Şolary bir az
ýazsammykam diýýän.
Nöker oňa degdi:
— Çekiç — «çüw!» diýeniň bilen alçy oturar ýaly, humar
aşygy däldir. Oňa bir az janyňy emgemek gerekdir.
Ozaldan hem ýarym göwün Aňkara Nökeriň gyjalaty ýokuş
degdi:
— Sähel ýerde şeýdip, gyjalat berip durjak bolsaňyz, onda
men-ä siziň ýanyňyzda durjagam däl.
Nöker oňa çikjerilip seretdi:
— Durman nirä gidersiň?
— Näme, gidere ýer tapmaz öýdýämiň?
— Bilýän, seniň ýürejigiň aşygyň başyndadyr, aşygyň!
Tokar Nökere gahar bilen garady:
— Nöker, adam beýle çylkasyz bolmaz. Sen häzir onuň
göwnüni tapmaly halyňa gaýta onuň göwnüni ýykýaň. Sen oňa
gülseň, men onuň ýüzüni alsam, onuň, elbetde, biziň ýanymyzda
durasy gelmez... Aňkar, sen onuň bilen deň bolma. Ol hem, elbetde, öz ýalňyşyna düşüner.
Nöker ýüzüni aşak saldy.
Aňkar böwrüni diňlände, «aşyk» sözi oňa aýylganç bir zat
bolup duýuldy. Tokaryň hoşamaý sözi oňa örän oňat ýarady.. Ol
yzyna bakan aýgytly ädim etdi. Nökere kinaýa bilen seretdi:
— Nöker diýýän-ä, näme üçin käbir adamyň dili tikenli
bolýa?
Nöker tumşujagyny ýokary tutdy:
— Aňkar dost, tiken bar ýerinde gül hem bardyr.
— Ýok, meniň diýjek bolýanyma sen düşünmediň. Näme
üçin şol tiken öňi bilen özüne dürtülmeýär?
Tokar ýylgyrdy:
— Onda näme iki dost arasynda tersleşik boljakmy?
Nöker Tokara gyjyt bilen seretdi:
— Tersleşige sebäp bolýan hemişe sensiň!
— Ana gördüňmi! Eýýäm aňyrsy bärik geldi. Nöker dost,
seniň gursajygyň örän darajyk.
— 108 —
Aňkar hem onuň üstüni ýetirdi:
— Daram bolsa, tikenli söz-ä şonda näçe diýseň bar.
Nöker ýene ajysyny pürkmekçi boldy.
Tokar onuň boýnundan gujaklady, göwnüni tapdy:
— Nöker dost gara ýer ýalydyr, örän giňdir!
Dostlar ýaňadandan işe başladylar.
Aradan bir gün geçdi, iki gün geçdi, Aňkar işe bişişdi.
Aradan bir hepde geçdi, iki hepde geçdi, Aňkar Tokar bilen
Nöker ýaly ussa boldy.
Aňkar iň soňunda samolýoty özi üçin özi ýasady.
Üç dost giň meýdana çykyp, samolýot uçurýardylar.
Olaryň oýnuna syn edýän, gelýän-gidýän kändi. Emma
şolaryň içinde bir oglanjyk olara örän kän wagtlap syn etdi.
Olaryň oýny ony özüne çekdi. Ol olaryň ýanyndan gidip bilmedi. Ojagaz oglanyň tyrryjak balagy bardy. Aýagy ýalaňaç, injikleri çorlujady. Köýneginiň bir ýan çigninde ýamagy ikinji ýan
çigninde ullakan ýyrtygy bardy. Onuň eli, ýüzi Aňkaryň bir wagtky sypatyna çalym edýärdi. Emma onuň başynda özüne garaňda
ulurak papagy bardy. Şol papagy hem ol gyşyjak geýipdi.
Tokar şol oglana geňgalyjylyk bilen seretdi.
Nöker şol oglana geňgalyjylyk bilen seretdi.
Aňkar ol oglana üns bermän, samolýotyny uçurmagyny
dowam etdi.
Ol oglanjygyň Tokara bir zat diýesi geldi, Nökere bir zat
diýesi geldi, iň soňunda Aňkaryň adyny tutup gygyrdy:
— Aňkar! Aý, Aňkar-ar!
Aňkar ol oglana bakan ýalta seretdi.
Aňkar şol oglana bakan aşagy tigirlije, samolýotyny idip
gaýtdy.
Tokar bilen Nöker hem onuň ýanyna geldiler.
Olaryň üçüsiniň hem özüne bakan ugranyny gören oglanjyk
birdenkä ökje götermäge meýil etdi. Şol wagtda bolsa Aňkaryň
sesi çykdy:
— Ýero-ow, Lallyk!
Lallyk sakga daýandy.
Aňkar oňa sowal berdi:
— Lallyk han, keýp neneň?
Lallyk sesini çykarman, ýüzüni aşak saldy.
Tokar oňa sowal berdi:
— Lallyk han, keýp neneň?
Lallyk sesini çykarman, ýüzüni aşak saldy.
Nöker oňa sowal berdi:
— Lallyk han, keýp neneň?
Lallyk sesini çykarman, ýüzüni aşak saldy.
Aňkar iň soňunda onuň egnine elini goýdy:
— Ýeri, halypa, humar oýnamaga geldiňmi?
Lallygyň elindäki aşyklar ýeke-ýekeden ýere patlap
gaçdy. Ol uzak wagtlap böwrüni diňirgäp durdy, birdenkä-de
ýüzüni galdyrdy:
— Aňkar, samolýoty nireden aldyň?
— Özüm ýasadym.
— Özüm?.. Ýasajak gümanyň barmy?
Tokar aýtdy: — Özi ýasady!
— 109 —
Nöker aýtdy: — Özi ýasady!
— Samolýot ýasamany saňa kim öwretdi?
— Tokar bilen Nöker öwretdi.
Ol bir gezek Tokara seretdi, bir gezek Nökere seretdi.
— Maňa-da öwredermisiňiz?
Tokar bilen Nökerden ozal Aňkar jogap berdi:
— Ýok, öwretmeris!
Lallygyň ýüzi aşak sallandy.
Aňkar onuň müýnli ýüzüne garap, bir näçe söz aýtdy:
— Samolýot ýasamak, gardaş, aşyk oýnamak däl, onuň
üçin janjagazyňy emgemek gerek. Samolýota münmek humardan
utan puljagazyňy berip, maşyna münmek däl. Onuň üçin arassalyk, tämizlik, sap ýüreklilik gerek. Sen bolsaň ony başarmarsyň.
Şonuň üçin biz saňa samolýot ýasamasyny öwretmeris.
Lallyk uzak wagt oýlanandan soň, aýgytly netijä
geldi:
— Başararyn!
— Ýok, men indi boş söze ynanmaýan!
Lallygyň aýgytly ýüzüne sereden Tokar: — Başarar! diýdi.
Lallygyň aýgytly ýüzüne sereden Nöker:—Başarar!—diýdi.—
Meniň sözüm—söz!.. Eger başarmasam... Tokar aýtdy:
— Biz saňa samolýot ýasamasyny öwrederis!
Nöker aýtdy:
— Biz saňa samolýot ýasamasyny öwrederis! Aňkar aýtdy:
Ýok! Biz saňa samolýot ýasamasyny öwretmeris Tokar: —
Näme üçin? — diýip sorady.
Nöker: — Näme üçin?—diýip sorady. Aňkar jogap berdi:
— Samolýot ýasamasyny öwrenjek, biziň bilen oýnajak
adam humar oýnamakdan el çekmeli!
Lallyk aýtdy: — El çekerin!
Tokar aýtdy: — El çeker!
Nöker aýtdy: — El çeker!
Aňkar aýtdy:
— Hany onda, aşyklary bilen arasyny üzsün-dä! Tokar aýtdy:
— Humaryňdan eliň çek!
Nöker aýtdy:
— Humaryňdan eliň çek!
Lallyk ýalaňaç aýaklarynyň arasynda dagyşyp ýatan aşyklary
çöpleşdirip aldy-da, her haýsyny eliniň tersi bilen bir ýaňa zyňyp
goýberdi. Tokar aýtdy:
— Sag bol, dost!.. Lallyk biziň dostumyz!
Nöker aýtdy:
— Sag bol, dost!.. Lallyk biziň dostumyz!
Aňkar aýtdy:
— Sag bol, dost!.. Lallyk biziň dostumyz! Lallyk aýtdy:
— Sag boluň!.. Meniň hakyky dostlarym!
Tokar onuň bir egnine elini goýdy.
Nöker onuň bir egnine elini goýdy.
Aňkar onuň boýnundan gujaklady.
Dört dost bir göwrä aýlandy.
Dördüň birisi—Tokar,
Dördüň birisi — Nöker.
— 110 —
Dördüň birisi — Lallykdyr,
Dödüň birisi — Aňkar.
1948.
— 111 —
JAPBAKLAR
Japbaklar kim?
Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Durun obasynda atadan ýaşlykda ýetim galan dört sany doganjyk ýaşaýardy. Olaryň ulusynyň
ady Japbak, beýlekisiniň ady Ýapbak, üçünjisiniň ady Mapbak,
iň kiçisiniň ady bolsa Topbakdy. Olaryň dördüsi hem biri-birine bassaş, biri-birine meňzeş, inedördül togalajyk çagalardy.
Olary ilkibada görenler haýsy-haýsydygyny biribirinden seljerip
bilmeýärdiler. Japbagy görenler Ýapbak, Ýapbagy görenler Mapbak, Mapbagy görenler Topbak, Topbagy görenler Japbak diýip,
olaryň atlaryny çalşyrýardylar. Gartaň aýallar:
— Wah, sizi näme biri-biriňizden saýgaryp bolýamy?..
Ekizlerem görýädik, sekizlerem görýädik, biribirine şeýle
meňzeş dörän çagalary biz-ä henize çenli görmändik! — diýip
haýygýardylar.
Şonuň üçin kim olardan biriniň adyny tutsa, hemmesi birden:
— Haw! — diýip jogap berýärdiler.
Emma siňe seretseň, olary biri-birinden aýyrýan aýratyn
tapawutlar hem ýok däldi.
Japbagyň bir gaba gulagy ulurakdy, maňlaýy ýasyrakdy,
burny biraz elguşuňka çalym edýärdi, aşaky dodagy salpyrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen
oýnaýardy.
Ýapbagyň ýuka gulaklary çürüräkdi, maňlaýy tüňňüräkdi,
burnunyň ujy çowlurakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja
bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy.
Mapbagyň ýaňaklary ýumrurakdy, gözleri çukurrakdy, burny
ýemşigräkdi, boýny bokurrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja
bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy.
Topbagyň burnunyň ujy tommaklyrakdy, dodaklary biraz
dommalýardy, ýeňsesi çüwdeliräkdi, boýny bokurrakdy. Emma
garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy.
Olary biri-birinden saýgarmasyny kynaldýan ylaýta-da şol
enaýyja bäbenekleridi.
Hatda ejeleriniň çendan: «Topbak jan!» diýip, Mapbagy,
«Ýapbak jan!» diýip, Japbagy gujaklaýan wagtlary hem bolýardy.
Şol döwürde durmuş örän agyrdy: goňşy ýurtlardaky
patyşalar az sanly türkmenleri öz ýurtlarynda arkaýyn ýaşamaga
goýmaýardylar. Has beteri, obanyň baýlary, süýthorlary,
dindarlary-da garyplaryň üstüne atlaýyn münüpdirler. Eneleriniň
aýtmagyna görä Japbaklaryň kakasy hem şol agyr ýüke tap getirmän, olary ýaşlykda ýetim galdyrypdyr.
Dört çagaly dul oturan, girdeji gözüni ýitiren, bar ünsüni
iýmite ataran ene çagajyklaryny açlyk belasyndan goramak üçin
gije-gündiz ondan-oňa sümsünipdir, olary wagtly-wagtynda timarlamaga-da ýagdaý tapmandyr. Şonuň üçin Japbaklar ata
mährini görmän, ene terbiýesini alman, esasan, öz peýwagtlaryna
ösüpdirler.
Olar oýnanlarynda bile oýnapdyrlar, gezenlerinde bile gezip— 112 —
dirler, gürrüň edenlerinde bile edipdirler, iýenlerinde bile iýipdirler, oturanlarynda bile oturypdyrlar, suwa düşenlerinde bile
düşüpdirler, hatda ýatanlarynda-da bile ýatypdyrlar. Olaryň biriniň aýdanyny ikinjisi, ikinjisiniň diýenini üçünjisi, üçünjisiniň
aýdanyny dördünjisi, dördünjisiniň diýenini birinjisi makul bilipdir. Olar hemme ýerde, hemişe Japbagyň yzyna düşüp ýörenleri
üçin, oba oglanlary olara «Japbaklar» diýip at goýupdyrlar.
Emma oba oglanlary olary örän gowy görýär ekenler, olaryň
geň-enaýy gürrüňlerine gülüşýän ekenler, hatda käte iýýän
çöreklerini hem olar bilen bile paýlaşýan ekenler. Japbaklaryň
çaga gülküsiz, çaga oýunsyz wagtyna miýesser gelmek örän kyn
eken.
Emma Keleýbaýyň mölegöz ogly, Allak süýthoryň kellesini
hyrt-hyrt gaşaýan kel ogly, Golak söwdagäriň täzeje gyzyl don
içinde ýagyrnysynyň küýküsini bildirmezlige çalyşýan ýemşik
ogly, Ýalak işanyň burnunyň suwuny saklap bilmeýän erni ýalama ogly — şolar Japbaklary söýmeýän ekenler. Olar asyl Japbaklary adam hasabyna-da goşman, olar bilen bile oýnaşman,
gülüşmän, olary öz peýwagtlaryna gümürdeşip ýören gümra
hasap edipdirler, ýeri gelende olary masgaralamakdan hem çekinmändirler.
Emma Japbaklar olara üns bermän, söze üns beripdirler, baý
ogullaryny çendan-çendan kinaýaly sözler bilen duzlapdyrlar.
Olaryň söýýän zatlarynyň esasy agzybirlik bolsa, ikinjisi söz ussatlygy bolupdyr.
Japbaklaryň ýaşan döwründen bäri birnäçe ýyl geçen hem
bolsa, olaryň agzybirligi, dostlugy, ötgür sözleri, gülküli wakalary henize çenli hem ýitmändir. Japbaklar baradaky gyzykly gürrüňler halk agzynda henize-bu güne çenli hem ýaşaýar.
Japbaklar bilen tanyşmak üçin olaryň başlaryndan geçen
birnäçe wakalaryny okalyň.
Birinji bölüm
JAPBAKLARYŇ ÇAGALYK ÇAGY
Elime tüýküreýin
Ýaz aýlarydy. Howa hoştapdy. Ýeriň ýüzi gök öwüsýärdi.
Guşlar jürrüldeşýärdi, öýde oturmaga ýürek takat bermeýärdi.
Janly-janawar meýdandady, dört dogan hem aw awlamak
maslahatyny edýärdi.
Japbak: «Duzak gurup, sülgün awlalyň» diýdi. Ýapbak: «Gapan gurup, towşan tutalyň» diýdi. Mapbak: «Hepbik gurup, torgaýlaryň aýagyndan ýapyşalyň» diýdi. Emma Topbak başga bir
teklip etdi:
— Geliň, biz janly-janawarlary jibrindirip ýörmäliň-de, ýumurtga gözlemäge gideliň!
«Ýumurtgadan hem bir doýsakdyk» diýip, arzuw edip ýören
doganlar Topbagyň sözüni makul bildiler. Emma ýumurtgany
nämä salyp getirjeklerine birbada akyllary ýetmedi. Japbak
aýtdy: «Meniň köýnegime salarys». Onda Ýapbak aýtdy: «Seniň
köýnegiň aşyklynyň eti ýaly sal-sal ýyrtyk, ýumurtgany meniň
köýnegime salarys». Onda Mapbak aýtdy: «Seniň köýnegiň
— 113 —
Kelekbaýyň öýüniň tärimi ýaly ala gözenek, halan ýeriňden
ýumrugyňy sokaýmaly. Ýumurtgany meniň köýnegime salarys».
Onda Topbak aýtdy:
— Seniň köýnegiň diňe ýagyrnişligi galypdyr. Meniň köýnegimiň bolsa ýakasy bilen bagjygy galypdyr. Ýumurtgany, iň
ýagşysy, ejemiň suwluk torbasyna salarys.
Doganlar ony makul bildiler.
Biraz böwrüni diňirgän Japbak aýtdy:
— Suwluk torbada suw durmaz!
Onda Mapbak aýtdy:
— Biz suw däl, ýumurtga saljak ahyry!
— Ýumurtga-da suwdur.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Ýok, ýok! Ýumurtgany biz ejemiň süýt kädisine salarys.
Onda Topbak aýtdy:
— Ine, bu söz makul. Süýt kädini bolsa torba salarys.
Japbaklaryň pikirleri bir ýere jemlendi.
Doganlar süýt kädili suwluk torbanyň her haýsy bir bagyndan tutup, ikibir-ikibir gezegine göterip gitdiler. Birdenkä öňlerinden bir topbak ýylgyn çykdy. Japbak onuň sagyndan ýöredi.
Ýapbak onuň çepinden ýöredi. Süýt kädili suwluk torba ýylgyna
germeldi. Japbak öňe bakan dyzady. Ýapbak öňe bakan dyzady.
Ýylgyn olary goýbermedi.
Mapbak bilen Topbak olara töwella etdi.
Onda Japbak aýtdy:
— Men ätlän ädimimi yzyna gaýdyp alman!
Onda Ýapbak aýtdy:
— Men ätlän ädimimi yzyna gaýdyp alman.
Iň soňunda, kimiň güýji zor bolsa, beýlekini ol öz yzyna
eýertsin diýen karara geldiler... Mapbak Ýapbaga kömekleşdi.
Topbak Japbaga kömekleşdi.
Olar çekdiler, çekdiler, ýene çekdiler: ne Jappak ökde çykdy,
ne-de Ýapbak. Ýamaşgandan ýene çekdiler, ýene çekdiler, ýene
çekdiler... Iň soňunda Japbak bilen Topbak suwluk torbanyň bir
ýan bagyny alyp gitdi. Japbak Topbagyň üstüne ýykyldy. Yzyna
bakan zyňlan suwluk torbadaky süýt kädi bolsa, töňňä degip,
çym pytrak boldy.
Tozana bulaşyp galan doganlar biri-birlerine çiňerilişdiler, biri-birlerini aýyplajak ýaly göründiler. Birdenkä bolsa, el çarpyşyp
gülüşdiler. Emma Topbak birdenkä iňkise gitdi. Mapbak ondan
sorady:
— Eri-ow, Topbak, näme, bir ýeriň agyrdymy?
— Hawa, agyrdy.
— Niräň?
— Akylym.
Ýapbak bilen Mapbak el çarpyşyp gülüşdi. Emma Japbak
olary saklady.
— Duruň entek, duruň! Munda aýratyn bir syr bar. Ýeri,
Topbak akylyň näme üçin agyrdy?
— Biz bir wagt sygyr edinäýsek, ejem onuň süýduni nämä
sagar?
Japbak bir eli bilen Ýapbagyň, beýleki eli bilen Mapbagyň
maňlaýyna pitikledi.
— 114 —
— Doganlar, siziň, ine, şujagaz ýeriňiziň ýetmezi bar. Topbak dogry aýdýar ahyry!
Onda Ýapbak aýtdy:
— Dogrulygyna şek ýok. Ýöne welin, Japbaklaryň gapysyna
sygyr gelýänçä, birnäçe süýt kädiler, birnäçe suw kädiler ýaňadan
bitip, ýaňadandan döwlüp, ýene ýaňadandan bitseler gerek.
Şonuň üçin Topbaga akylyny agyrdyp ýörmäge-de hajat ýokmukan öýdýän.
— Ine, bu-da makul!
Doganlar ýene gülşüp, aşagy gök otly, gür pürli çoganlaryň,
ýandaklaryň, gyrymsy ýylgynlaryň arasyna sümdüler. Olar
birnäçe çirlentgi ýumurtgasyny tapdylar, olary diriligine ýuwutdylar. Ondan soň birnäçe torgaý ýumurtgasyny tapdylar, olary
gabyksyzja ýuwutdylar. Doganlar sülgün ýumurtgasyny, kepderi
ýumurtgasyny tapmadylar. Emma ýuwa-ýelmikden agyzlaryny
gögertdiler. Heniz ýaşmagyny oňat syrmadyk gelinkömelekden
suwluk torbalaryny-da gabartdylar. Olar nireden hem bolsa çakmakdaş alyp gaýtmanlaryna ökündiler. Kömelegi duzlap, bişirip
iýseň, mazasy baryp asmana çykardy!
Şol lezzeti olar oraçalaryna gaýdyp bararlaryna galdyrdylar.
Olaryň ýoly köne gurrugyň üstünden düşdi. Şol gurrukdan
birnäçe gökwarryk uçup gitdi. Olar onuň içinde bir höwürtge
gördüler. Ony çybyk bilen aljak bolanlarynda, aşak gaçyrdylar. Heniz tüýi ýetmedik gyzyletene çaga guşlaryň naýynjar
jüýpüldeşýän sesleri eşidildi, gurrugyň düýbünde pasyrdaşýanlary-da göründi. Doganlaryň çaga guşlara gözleri gyýmady, olary
gurrukdan çykarmak maslahatyny etdiler.
Japbak Ýapbaga: «Sen sallan» diýdi. Ýapbak Mapbaga: «Sen
sallan» diýdi. Mapbak Topbaga: «Sen sallaň» diýdi. Topbak Japbaga: «Sen sallan» diýdi. Emma kimi-de bolsa gurruga sallamak
üçin suwluk torbadan ýolup alan ýüpleri ýeterlik bolmady. Iň
soňunda Topbak Mapbagyň aýagyna ýapyşdy. Mapbak Ýapbagyň
aýagyna ýapyşdy, Ýapbak Japbagyň aýagyna ýapyşdy, Japbak bolsa gurrugyň gyrasynda opurylyp galan utun düýbüne ýapyşdy.
Topbagyň aýagy ýere ýetmedi.
Dört dogan gurrugyň içinde gerlip galdy.
Olar guş çagalaryny gurrukdan çykarmakdan geçdiler, özleriniň gurrukdan çykmaklary hyllalla bolup galdy.
Eliniň ysgyny gaçan Topbak Mapbaga:—Çeksene!— diýip
gygyrdy.
Eliniň ysgyny gaçan Mapbak Ýapbaga: — Çeksene!— diýip
gygyrdy.
Eliniň ysgyny gaçan Ýapbak Japbaga:—«Çeksene!— diýip
gygyrdy.
Japbak Ýapbaga:—Aýagymy goýber, çekeýin—diýdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 11
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.