Latin

Saýlanan eserler - 08

Total number of words is 3848
Total number of unique words is 1980
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Sesimi çykarmaga men möjekden, şagaldan gorkýan
ahyry. Birdenkä bir gowakdan aýy çykagadan, meni holtumyna
atyp ötäýtse nätjek!
Çerkezi näçe gyssasalar-da, ol hiç bir zat boýun almady.
Gaýta ol özüni mert görkezmäge çalyşdy:
— Kakam düýnden bäri aç bolany üçin, onuň birsyhly gözi
ýoldadyr. Belki, meniň taýharymy bu gije möjek iýer? Ondan soň
dat meniň günüme!.. Agalar, maňa kömek etseňiz-le!
Çerkez özüni näçe naýynjar görkezse-de, olar onuň sözüne
ynanman, oňa müňkürlik edip:
— Sen çöregi tap. Biz seni boşadaly — diýip hüňürdeşdiler.
Çerkez bir jogabyny üýtgetmedi:
— Wah, agalar, näsini aýdýasyňyz! Ol edil bir tamdyr, ýok,
bir tamdyr hem däl, edil bir horjun çörek ahyry! Oňa meniň ýeke
özümiň güýjüm ýetmän, ony taýharyň üstüne ejem ikimiz zordan
göterip atdyk ahyry!.. Ony tapsak, kakama-da boljak, size-de boljak... Gözleşäýseňiz-le, agalar!
Seňrikmen adam taýhary gözlemegi teklip etse-de, Çerkeziň
çigninden ýapyşan penjäniň eýesi oňa göwnemedi. Ol Çerkeze
müňkürligini dowam etdi, başga bir dilde öz ýoldaşyna gürrüň
berdi:
— Men bulara ýigrimi ýyldan bäri, şu dagdan ilerik
ätlän günümden bäri belet ahyry? Bujagazyň mekirjedigini
görmeýärmiň? Munuň agzyndan çykýan sesler, heý, oglanyň aýtjak sözümi? Biziň bular ýaly çagalarymyz ejeleriniň ýakalaryndan
— 80 —
ellerini aýyrman, yzlaşyşyp otyrlar...
Ol birdenkä Çerkeze çiňerildi:
— Ýogsa-da, hälki aýdyma gygyrýan sen dälmidiň?
Çerkez ony bilmezlige saldy:
— Haýsy aýdym?
— Haýsy bor öýdýäsiň, damana ýoly. Gün erňegini ýere
berende «Çykaly bulgur dagyna...» diýip, gulagyna urlan ýaly gygyrýan sendiň ahyry!
— Wiý, bu aganyň aýdýanyny! Meniň aýdym ýadyma
düşýämi? Men taýharymyň yzynda ylgap, aýaklarymy daşa
gyýdyryp ýörün ahyry!.. Hawa, dogry aýdýasyň, şonuň ýaly bir
aýdym sesi meniň hem gulagyma ilipdi.
Çerkezden göni jogap alyp bilmänleri hem oňa müňkür
bolanlary üçin, ony sypdyrmadylar. Olar Çerkeze «Sen obaňyzyň
nirededigini aýtsaň, öýüňize gidip, çörek getirip berseň, seni
goýbereli» diýdiler. Çerkez oňa keýpihon razy bolsa-da, olar ony
goýbermegi makul bilmediler.
Olar, hem türkmen dilinde, hem başga bir dilde gepleşýärdiler. Çerkeze öz niýetlerini aňlatmazlyk üçin, olar köplenç başga
bir dilde gepleşýärdiler. Emma Çerkez şolaryň gürleýän diline-de
kem-käs düşünýärdi. Obalary araçäge golaý bolany üçin, olaryň
obasynda şol dilde gepleýän kändi. Ylaýta-da onuň kakasy şol
dili suw ýaly bileni, onuň hemişe gerek boljagyny aýdýany üçin,
Çerkez ilki dil çykaryp başlandan bäri, onuň bilen şol dilde gepleşýärdi: «Çaý mihori», «koža mirawi?» sözleri bilen Çerkeziň üç
ýaşyndaka gulagy öwrenişipdi.
Ýolagçylar gür çöplügiň içinden çykyp, ýüklerini eginlerine
atmaga durdular. Şol ýükler onçakly gaba bolmasa-da, örän
saldamly görünýärdi. Çerkez ol ýükleri ilki bada kümüş puldur
hasap edipdi. Emma olaryň daşlary gat-gat galaýyly bolmagyna
garaman, şolardan kükeýän ys Çerkeziň beýnisini çaýkaýardy.
Şonuň üçin hem ol ýükleriň nämedigini Çerkez derrew aňlady.
Çerkez ol adamlaryň galadan çykanyna, jülgeden-jülge egni
ýükli ýol sökenine azyndan bäş-alty gün bolandyr diýip oýlady.
Açmaňyz çörek talap edişleri hem olaryň ýa azaşandyklaryny,
ýa-da bir ýandan gondalaw ýetip, dag içinde bir näçe gün
aýlananlaryny aňladýardy.
Ol hakykatdan-da şeýledi. Olar öz aralarynda üýtgeşik dilde
gepleşip, biri-birine igenişdiler, azaşanlaryna, açlyklaryna biribirlerini aýyplaşdylar. Häzir nirä barjaklary, nirede düşjekleri,
Çerkezi çörek üçin iberjekleri-ibermejekleri hakynda-da agyzlary
alardy.
Olar iň soňunda köne ýoda düşüp ugramakçy bolanlarynda,
dat eteginde, Çerkeziň gözi bir ýylpylda düşdi. Ol örän tiz ýanyp
söndi. Çerkez olaryň araçäk sakçylarydygyny şol signaldan azda-köpde aňlady.
Häzir Çerkeziň ýagdaýy örän agyrdy. Olar ony çörek bahanasy bilen öýlerine bakan sypdyrjaklarmy ýa özleri bilen allowarralara alyp gitjeklermi, ýa-da bir ýerde gorpa süsdürjeklermi?
Häzirki ýagdaý Çerkezi has aljyraňňylyga saldy. Ol sesiniň
ýetdiginden:
— Men eşegimi tapmaly ahyry! Kür-kür-kür! — diýip, gygyrmaga başlady.
— 81 —
Ýeňsesi gylly penje şol sekuntda onuň agzyna hem
bokurdagyna ýapyşdy.
Nähili boldy?
Ep-esli wagt ýeke galyp, möjekden howatyr etmek bilen gulaklaryny üşerdip duran taýharyň ýiti gözleri uzakdan bir zat
saýgardy. Ol bir durşuny üýtgetmän, dikilgi gazyk ýaly somaldy-da, şol tarapa bakan gulaklaryny keýerdip seretdi. Onuň bu
saparky garaýşynda bir üýtgeşiklik bardy. Adatda şonuň ýaly
üşerilende, Çerkez onuň ýanynda bolmagyna-da garaman sandyrardy. Emma häzir onuň birje tüýi hem gymyldamady. Ol şol gapdaldan bir çygşyldy hem eşitdi.
Başyna geýdirilen torba hynçgyrmaga maý bermäni üçin,
taýhar tanapynyň ýetdiginden gerşi şol gelýän gara bakan urundy, ol şol gelýän garany tanady...
Taýhara bakan haýdap gelýän Çerkezdi.
Çerkez gelip, onuň tanapyna ýapyşanda, taýhar oňa
oýkanmaga başlady.
Çerkez «olardan» indi onçakly howatyr etmedi. «Olaryň»
öz yzyna düşmäge, özüni agtarmaga wagtlarynyň ýoguny,
gaýta bar dertleriniň-azarlarynyň özlerini gizlemekdigini ol indi
bilýärdi. Şonuň üçin ol onçakly gyssanman, taýharyň gaňňasyna
ýaplandy-da, oýa çümdi: «Ol adamlar häzir dagyň etegine
golaýlaýandyrlar. Olar giň meýdana girip gitseler, daň atýança
owarradan çykarlar. Şeýle ýagdaýda olaryň gutulyp gitmekleri
hem mümkin».
Şol mesele Çerkezi aljyraňňylyga saldy. Ol şol adamlary çala
saýgarandan, bu işde özüni peýdaly bolaryn hasap edipdi. Emma
iş çepbesine çöwrülip barýar. Sowet çagasynyň, onda-da araçäge
golaý oturýan düşünjeli bir pioneriň okly-ýaragly gümürtik
adamlary sypdyryp goýbermegi, heý akyla sygjak zatmy? Kakasy
ony eşitse, näme diýer? Kakasynyň tanşy komandir onuň arkasyny syparmy? Özleriniň wožatysy oňa nähili ynamsyz göz
bilen garar! Birdenkä onuň nalajedeýinligi, emelsizligi, gorkaklygy barasynda «Mydam taýýar» gazetinde-de, ýazylaýsa-ha —
bar onsoň...
Çerkez uludan dem alyp, taýharyna towsup münenini
duýman galdy. Ol taýharyň böwrüne debsäp, gerşine dürtüp, şol
nämälim adamlaryň yzy bilen haýdady. Ýyldyz ýagtysyna onuň
taýharynyň toýnaklaryndan ujypsyzja tozan göterildi, hatda
öňürdikleýän taýharyň toýnaklary güpürdäp, deräniň içinde
ýaňlanýan ýaly duýuldy...
Çerkeziň birdenkä dürli küýler oýuna geldi: «Wiý, meniň
gözüm daňylgymy näme? Ýa akylymdan azaşdymmy? Olar
edil meniň garşymda ahyry! Men dagyň etegine çykyp-çykmankam, olaryň meni ýaňadandan ele salmaklary mümkin? Olar
menden ahmyrlydyrlar ahyry! Bu sapar eger tutaýsalar, meniň
elimi-aýagymy daňarlar, ýa, belki...» Çerkez soňky pikirini soňlaman, başga bir pikire aýlandy: «Aslynda, oba baramda, men kime
habar bererin? Oba Sowetiniň başlygy bilen kolhoz başlygy raýona ýygnaga gidipdiler. Mugallymlar bolsa şäherde. Obada kän
adam ýokdur. Kim orak üstünde, kim goýun üstündedir. Wah, ar— 82 —
man, zastaw bizden uzakda-da! Men asyl onuň nirededigini hem
bilemok, ony tapjak hem däl...»
Çerkez taýharyny saklap, şolar ýaly uzak oýdan soň,
kakasyna bakan haýdamakdan başga çäre tapmady. Ol asyl
öz kakasyny ýadyna salanda guwandy: Watançylyk urşy
günlerinde kakasynyň bir gezek araçäk sakçylaryna «jansyz»
tutuşanyny ýadyna saldy. Ol öz kakasyny şonuň ýaly işlerde
ýörite çagyrýanlaryny hem bilýärdi. Eger bu sapar hem iş şowuna
düşäýse, onda: «Çerkez Çary uly iş bitirdi» diýlip, gazetde
ýazyljagyny ýadyna saldy-da ganatlandy.
Ol guýrujagyny bulaýlap, däbişekläp barýan taýharyň gidişini haýal gördi-de, ony birsyhly debsedi, «hyh», «hyh» diýip,
birsyhly gaýtalap, onuň gerşine dürtdi.
Çerkez indi gündizkisi ýaly damana ýoluna gygyrmady.
Birden onuň ýoluny kesip geçen mähnet möjek ony az-kem
howatyrlandyrdy. Möjek ondan gaçmady, gaýta bir zada
ymtylýan ýaly, göýä ýaş taýharyň üstüne zyňmaga hyýallanýan
ýaly, onuň yzy bilen dähedem-dessemläp ýöredi. Çerkeziň
göwnüne bolmasa, ol pallaýan ýaly ýa-da goýun sürüsine
topulanda, adatda agzynyň açyk bolşy ýaly, häzir hem onuň agzy
açyk ýalydy. Çerkeziň endam-jany dyglady, depe saçy üýşdi.
Taýharyň gulaklaryny ýapyryp, guýrugyny ýamzyna gysmagy,
sandyramagy ony has hem gorkuzdy. Şeýle-de bolsa, Çerkez
dowla düşmedi. Ol elindäki taýajygyny ykjam tutdy. Birdenkä-de
gaňňanyň gürlüginde asylgy gezligi ýadyna düşüp, şoňa ýapyşdy.
Onuň ýüregi bir az suwlulandy: gezligi möjegiň agzyndan sokup,
bokurdagyndan dilerin diýip oýlandy. Çerkez ertekide, eli gylyçly
bir batyryň gylyjyny kese tutup, aždarhany iki ýaryp, onuň içinden diri geçip gidenini hem eşidipdi.
Birsyhly yzyna garanjaklaýan Çerkez, möjegiň uzyn-uzyn
pallanyny, iň soňunda garysyny ýassanyp galanyny saýgardy.
Çerkez öz kakasyny orak orulýan ýerden tapmady, Ol ýerde
goş sakçydan başga hiç kim hem galmandyr. Goş sakçy Çerkeziň
kakasynyň agşamky şamdan soň, garaňky mazaly düşenden soň,
bir ýana çykyp gidenini bilse-de, onuň nirä gidenini bilmedi: ol
ýa-ha daňdan inýän keýigiň ýolunda oturmaga, aw awlamaga
gidendir, ýa-da oba gaýdandyr, kim bilýär?
Çerkeziň işi şowuna düşmän, birsyhly çoçgara çolaşýar.
Eger kakasyny tapan bolsa, Çerkez derrew gidägeden
daňdandan ozal araçäk sakçylaryna habar bererdi, gizlin ýaragly
adamlar, belki, gola düşerdi. Çerkeziň indi öňki plany hem bozuldy. Ol elindäki taýagy bilen taýharyň gürlügine kakyp, bir salym
oýlandy, ondan soň sakça habar gatdy:
— Gully aga, aý Gully aga! Sen zastawyň nirededigini
bileňokmy?
Gully ýaňy dogan aý ýagtysyna kirpikmen gabaklaryny
üşertdi, Çerkeze garady, onuň sowalyny geňirgedi:
— Kassap?.. Ol näme diýdigiň boldy? Bu ýerde kassap
neme işlesin!
Gullynyň jogaby gülkünç hem bolsa, Çerkeziň bu wagt gülki
ýadyna düşmeýärdi. Ol Gully aga düşündirdi:
— Ýok! Kassap däl. Araçäk sakçylarynyň naçalnikleriniň
durýan ýeri.
— 83 —
— Hä-ä, şeýdiýsene! Ýeri, hanym, sen ony nädersiň?
— Aý, hij-ä... ýöne kakam şol ýana ötägitdimikä öýdýän.
Gully aga Çerkeziň sowalyna-da, jogabyna-da müňkür bolman, ol barada hiç bir zat oýlaman, göwnüne getirmän, barjasy
agaran gür sakgalyny sypamak bilen hilesiz jogap gaýtardy:
— Han ogul, gumuň haýsy bir ýerini sorasaň, men saňa
aýdyl bererdim. Belent daglaryň haýsy biriniň adyny tutsaň, belki-de, salgy berip bilerdim. Emma zassabyň nirededigini men
saňa aýdyp bilmerin. Meniň bu oba ýakynda göçüp gelenimi
özüň bilýäň ahyry! Şu wagt maňa «Gully aga, bar, sen indi gaýdyber» diýseler-de, obany tapjak gümanym ýokdur.
Çerkez Gully aganyň halys ýadandygyny bileni, özünden öň
onuň zastawa baryp habar bermejegini aňlany üçin, bütin wakany
oňa gürrüň berdi.
Düýäniň öz köşegini ysyrganyşy ýaly, Gully aga-da taýharyň
gaňňasyna ýaplanyp, Çerkeze gulagyny tutdy. Ol duran ýerinden
butnaman, gymyldaman, onuň hekaýasyny nebsewürlik bilen
diňledi. Birdenkä-de ýaşuly onuň sesini kesdi:
— Oglum, sözüň agzyňda. Sen entek maňa düşündir: ol
zalymlaryň penjesinden sen nähili sypdyň?
— Olar ýol-ýoda bilen ýöremän, çarkandaklyk bilen ýöränleri üçin, birdenkä kert gaýa uçradylar. Olaryň arasyndaky biri
içki daglara belet bolsa-da, araçäkden geçip, etege golaýlanlary
üçin azaşdy, başyny çaşyrdy. Olar iň soňunda maňa ynanmakdan, maňa hoşamaý söz urmakdan, ýoly maňa tabşyrmakdan
başga çäre tapmadylar. Men olara yhlas bilen hyzmat edýänimi
bildirmek üçin, olary ilki bir az gönükdirdim. Ondan soňra bolsa
terslin-oňlyn aýlap, öňküden beter başlaryny garyşdyrdym. Men
öz ýanymdan käýinen kişi bolup, ojagaz ýerini barlamaga, bujagaz ýerini derňemäge sowlan kişi boldum-da, şol garma-gürmelik
arasynda, assyrynlyk bilen ökje göterdim.
Taýharyň üstünde oturan Çerkezi Gully aga gozgalaň bilen
gujaklady.
— Oglum, sen on biriňi ýaňyjyk doldurypsyň. Men häzir
segsene gadam basdym. Emma seniň edeniňi, seniň başaranyňy
şu daglaryň içinde men başaryp biljek däl. Berekella, oglum.
Gully aganyň aýdan sözleri Çerkeze onçakly täsir etmedi.
Onuň öz pikiri başga ýerde bolany üçiň, onuň sözlerine onçakly
üns hem bermän, ondan maslahat sorady:
— Gully aga, indi men näme işläýin?
Gully aga öz sadalygyny sadalyk bilen boýun aldy:
— Han ogul, ýer depmekde, orak ormakda belki, şindi hem
bir adamynyň edenini ederin. Emma beýle çolaşyk meseleleri
çözmekden meniň başym ejiz. Gijäniň bir wagty, dagyň içinde
men-ä kimi tapjagyňy hem bilemok. Meniň bilşime görä, oba
ýüzlenäýseň kem bolmazmykan öýdýän.
Gully aganyň maslahaty Çerkeziň öz pikiri bilen birikdi. Ol
taýharyň boýnuna taýak bilen kakyp, böwrüne depdi-de, ýapaşak
eňdi.
Taýharyň toýnaklarynyň güpürdisi parahat gijede, sap howada uzaga gitdi. Naýza boýy galan aýyň şöhlesine taýharynyň
uzyn kölegesi daşly baýryň üstünden tiz-tiz taýyp gitdi.
— 84 —
Oslagsyz myhman
Çerkez obanyň çetinden inende, gije ýarymdan agypdy. Ol
obanyň içini kesip geçýän pessejik ýapjagazdan geçjek bolanda,
taýhar onuň meýline görä hereket etmedi: ol dury suwa eňegini
urdy. Çerkez näçe gyssansa-da, taýharyň ganynyň gatanyny aňlany üçin, oňa suw içmäge maý berdi.
Çerkez dury suwa syn edende, doluşan aýyň şol suwuň bir
çetinden girip barýanyny gördi.
Çerkez öz ýanyndan: «Kakam öýdedir. Biz derrew zastawa
gideris. Giç galsak, howa ýagtylar uçurda men olardan iň soňky
aýrylyşan ýerimi hem olaryň giden yzyny görkezerin. Belki,
olaryň yzyndan ýeterin diýip, öz ýanyndan arzuw edip gelýärdi.
Ol gapylaryna gelip, taýharyny iltände, öýlerinde ölügsi
yşyk gördi. Şonuň üçin kakasynyň baryna şeklenmän, öýlerine
girmäge-de gyssanyp: «Kaka, ha-aw!» diýip gygyrasy geldi. Şol
sekundyň özünde bolsa, goňşularyny oýarjagyny ýadyna salyp,
öňki pikirlerinden dändi.
Çerkez heniz içerik girmänkä, öýüň yşygyndan içerde bir
telpekliniň baryna gözi düşdi. Ol ölügsi çyranyň yşygyna onuň
kimdigini saýgarman, asyl saýgarmak hem islemän, aňyrdan
ýüregine düwüp gelşine gapyny açmaga mähetdel:
— Kaka-a! -diýip, kürsäp urdy.
Çerkez şol sekuntda, şol ýerde doňana döndi.
Içerdäki adam taýharyň dükürdisinden üýşenip, ýerinden
galypdy-da, öýüň günbatar dulunda özüni ykjamlap durdy.
Çerkeziň ol adama gözi ilenden, süňňi bir hili gowşady-da,
oňa näme diýjegini, hatda näme oýlajagyny-da akylyna getirip
bilmedi.
Oňa kän wagtdan bäri garaşan, onuň şol aljyraňňy ýagdaýyny gören ejesiniň hem ýüregine howsala düşdi, Çerkeze topuldy, ony gujaklady.
— Balam, Çerkez jan, saňa näme boldy? Näme üçin beýle
gijä galdy? Uzak gije meniň gözüme çöp germelene, bagryma
hanjar urlana döndi. Seniň reňkiň solupdyr. Sen heniz hem özüni
dürsäp bileňok. Saňa näme boldy, näme?
Gapydaky direnip duran adam bilen Çerkez ikisi biri-birini
tanadylar. Şonuň üçin olara biri-birinden syr gizlemäge-de hajat
galmady.
Çerkez ejesini gorkuzmazlyk hem şol direnip duran
adamynyň göwnüne başga zat getirmezlik üçin, şol ilki agşamky
aýdan jogabyny gaýtalamagy makul bildi:
— Eje, aý eje, maňa hiç zat bolanok. Men... taýharymy gaçyryp eglendim.
— Gaçyrdym?!
— Hawa. Ony gözläp, kän heläk boldum.
— Wah, balam, kakaň sana kän garaşandyr!
— Ýok, eje jan, sen arkaýyn bol. Iň soňunda taýhary hem
tapdym! Orakçylaryň ýanyna-da bardym.
Çerkeziň jogaby maňlaýy toýnak tagmaly adamyny bir az
rahatlandyrdy. Ol Çerkeziň ilki agşamky sözüne häzir ynanyp
başlady; ony nähak ýerden horlanyna, şol horlugyň muzzuny
aljagyny aňlanyna bir az ökündi. Ol Çerkeziň öýkesini nähi— 85 —
li ýazjagyna akyly ýetmän, birdenkä seslenenini hem duýman
galdy.
— Ah, dogry diýsene!
Çerkez arkasy gylly penjäniň ýapyşan ýerini duýdansyz
barlap, toýnak tagmaly gaşyň aşagyndaky müýnli gözlere gazap
bilen seretdi. Häzir ondan ätiýaç etmäni üçin, oňa ýakymsyz söz
aýtmakdan hem çekinmedi:
— Ogry hem özüne osar, orramsy hem diýen ýaly, näme,
meniň sözüm hem siziňki bilen deňdir öýdýämisiniz?..
Biri-birlerine gözleri düşende, olaryň ikisiniň hem bir hili
bolanyny Çerkeziň ejesi hem aňlapdy. Häzir bolsa şol ikisiniň üsti
örtüli sözleri ony aljyraňňylyga salyp başlady. Ol bularyň ikisiniň
hem ýüzlerine taýly gezek garap, ikisiniň arasynda mojuk bir işiň
turmagyndan gorkdy-da, Çerkeziň sözüni kesdi:
— Wiý, myhman! Näme beýdip aýak üstünde dursuň?..
Otur ahyry! Çerkez jan, sen näme kişi öýüne gelen myhman ýaly?
Seniň asyl bolşuň nähili?
Ne myhmandan ses çykdy, ne-de Çerkez ejesine jogap
gaýtardy. Çerkez göwünli-göwünsiz ýokaryk geçende. iki göwünli myhman iki aýagynyň üstünde yraň atyp durdy. Ol Çerkezden
her bir zat oslany, ondan aýratyn heder edeni üçin, onuň çigninden ýapyşagadan, egnime atyp galybersem diýip hem oýlandy.
Emma obanyň içinde ony hem edip bilmejegini akylyna getirdi.
Eger ony alyp gidiberse, ejesiniň uly gykylyk edip, bütin obany
örüzjegini, öz işiniň şumluk boljagyny aňlady. Olaryň ikisini birden ýere çüýläp ötäýtmäni hem küýüne getirdi. Emma ol işiniň
hem şowly geçjegine ynanmady...
Ol Çerkeze şelaýynlyk etmekden başga çäre tapmady.
Çerkez ol adama gözi düşenden, ýüzüniň ugruna ökje
götermegi, obanyň adamlaryny örüzmegi küýüne getiripdi.
Emma onuň darajyk beýnisi onçakly dury işlemän, şeýle
gömelteý çäräniň zyýan berjeginden gorkupdy. Maňlaýy toýnak
tagmaly adamyň sag gapdalynda gizlenýän sag eliniň aşagy örän
ýumry görünýärdi. Çerkez şol ýumrynyň altatar ýa ondan hem
aýylganjrak bir ýaragdygyny göz öňüne getiripdi. Şonuň üçin ol
hem oňa gaty-gaýrym zat aýtmazlyga, oňa öz niýetini bildirmezlige çalyşdy.
Olaryň ikisi biri-birine golaý oturyp, biri-biriniňkä onçakly sepleşmeýän gürrüňe başlady. Myhman özüniň uly agzyna
gelişmeýän, pişge ýaly murtlaryny gymyldatmak bilen, küşdüň
pyýadasy ýalyjak Çerkeziň batyrlygyny, çola daglaryň içinde gije
bilen gündize parh goýman gezip ýörenini magtady, öwdi.
Çerkez özüni, göýä diýersiň, şol öwgä buýsanýan ýaly
görkezmek bilen çagalarça ýylgyrdy. Emma onuň şol ýylgyryşynda-da bir ýaňsa almak baryny, maňlaýy toýnak tagmaly şelaýyn
adamyň özi hem aňlady.
Myhman iň soňunda olaryň öýüne näme üçin gelenini, öz
habaryny ozal mälim edenini Çerkeze-de duýdurdy:
— Sen, hanym, biziň ýagdaýymyzy bilýärsiň: biz häzir
nana mätäç.—Ol gözüniň gyýtagyny Çerkeze tarap aýlanda,
onuň garaýşyndaky muňkürligi, onuň hileli görejinde-de görnüp
durdy. Şol garaýşa nazar eden Çerkeziň bir zat sorajagyny aňlany üçin, şol barada özi gürrüň açmagy ol makul bildi.—Hanym,
— 86 —
bizi galtamandyr ýa gaçakçydyr diýen oý seniň göwnüňe gelmesin. Biz hatly-petekli adamlar. Biz araçäkden gaçak geçmän, göni
postuň üsti bilen geçdik. Biz sowet adamlary bolup, gizlin ýumuş ugrunda gezýän adamlar. Häzir bolsa uzak bir ýere ýörite
tabşyryk bilen barýarys. Onuň nirededigini, näme üçindigini
aýdyp durmagyň, elbetde, geregi ýok, aýtmaga hakymyz hem
ýok. Başyň ýaşlygy üçin, onuň ýaly zatlara sen entek onçakly
düşünýän dälsiň, emma daýzam düşünýändir...
Çerkez wagtdan peýdalanap, gizlin üm bilen şeýle diýdi:
— Hawa, agam, ýaňy sen galtaman diýeňde, meniň güpbe
ýadyma düşdi: men öten ýyl «galtaman» diýilýän adamy görüpdim. Onuň şeýle bir bedew aty bardy, heý, goýaý! Onuň barmaklarynyň arasyna gysdyrylan hasap hem däl, dişleriniň arasyna
gysdyrylan zatlar hem men-ä okmykan oýdüpdim. Baý, onuň
haýbaty bardy-ow! Emma «gaçakçy» diýilýän özünden-özi öleýin
diýip duran bir adam ekeni. Eje, sen bilýänsiň-le, ony oba Sowetine tutup getiripdiler ahyry... Onuň köne şylhasynyň içinde diňe
iki gadaga golaý tirýek bardy... Hawa, agam, sen aýtsaň-aýtmasaň, men-ä sizi örän döwletli adamlarmykaňyz öýdýän. Siziň şol
horjun-horjun ýükleriňiziň bary gyran bolsa gerek. Ba-aý, eje, bular örän baý adamlar-a!.. Men-ä şol horjunlaryň her biri bir süri
goýun emele getirermikä diýýän... Hawa, ýogsa-da çörek diýeňde
ýadyma düşdi. Men horjun dolduryp alyp gidemsoň, bizde oňly
çörek beri galdymyka? Ä, eje?
Çerkeziň ejesi onuň ümüne düşüneni üçinmi ýa hakykatdanda ýagdaýyň şeýleligi üçinmi, her halda Çerkeziň göwnünden
turdy:
— Wiý, Çerkez jan, sen gideňde,diňe iki sanyjak çörek galypdy ahyry! Onuň hem birini çagalar iýip gutardy.
— Zyýany ýok, eje. Myhman bu gije bizde ýatar. Sen ala-garaňkyda turup, bir-iki tamdyr çörek bişirersiň. Şeýle dälmi?
Myhman başga bahana tapman:
— Ýatyp-turup ýörmäge biziň wagtymyz ýok ahyry!— diýdi.
— «Ýarym güne ýaryş ýok» diýipdirler. Gaýta ýoldaşlaryňy
hem çagyr. Bir-iki gün dem-dynç alyň. Ertir kakam hem gelse gerek. Saý-sebäp bilen tanyş bolduk. Bizden hiç çekinmäň. Şeýle dälmi, eje?
— Wiý, çekinip näme, guzym?
Çerkez nähili kiçijik hem bolsa, ol öz gürrüňini çyn ýürekden
janygyp aýdýan ýaly hem bolsa, myhman oňa ynam etmedi,
özüni gürrüňe güýmemekçi bolýandyr diýip düşündi. Şol wagt
obanyň içinde itleriň üýrmesi hem artyp başlady. Ol derrew ýerinden galdy-da, iň soňky sözüni aýtdy:
— Men gürrüňe güýmenip, köpräk eglenäýdim öýdýän,
gideýin. Hoş wagtyňyz.
— ýok, myhman, bir az sabyr et. Sizi çöreksiz goýmak bolmaz. Eger gyssanýanyň çynyň bolsa, ejem ynha, goňşulary turzar-da, çöregi karz alaýar.
Çerkeziň şol teklibi oňa näçe ýarasa-da, onuň yzynyň bir
çöpi bardyr hasap etdi, gaýta çörek bahanasy bilen, goňşularyny
turzar, adamlary üýşürer diýip gorkdy.
— Ýok, ýatan adamlary bimaza etmek gerek däl.
— 87 —
Myhman bir tegelek çöregi iki epläp, goltugyna
saldy-da, yzyna garanjaklap, daşaryk çykdy.
Çerkeziň ýüregi gobsunan ýaly, elindäki guşuny uçuran ýaly
duýuldy. Ol nähili bolanyny hem bilmän gyssanmaç daşaryk
çykdy.
Şol wagt maňlaýy toýnak tagmaly, penjesiniň arkasy gylly
adam demirgazyga bakan ýegdekläp, iki sany jabjynyp uýrýän iti
yzyna tirkäp barýardy.
Mähmet göwre sanly salymyň içinde nokada döndi-de,
Çerkeziň gözünden ýitdi.
Iki ýanlaýyn yzçy
Bu gije Çerkez üçin nähili şowsuz gije boldy. «Jansyz» öz
aýagy bilen öz üstüne gelende-de, ol bir zat edip bilmedi. Ol
aýyň aýdynlygyna garaman, zym-zyýat gözden ýitip gitdi. Hany
Çerkeziň hüşgärligi! Hany onuň başarjaň, ukyply pionerligi! Şu
gijeki bolup geçen wakalary gürrüň berse, kim oňa sag bol aýdar? Belki, onuň öz deň-duşlary oňa «Sen saman kelle!» diýip
igenerler? Öýlerine duşman gelenini duýdurmany üçin, ony
aýyplamaklary hem mümkin...
Çerkez şol oýlar bilen agyr dem aldy-da, içerik kürsäp
urdy. Ol öz ejesini rahatlandyrmak üçin, iki söz aýdandan soň,
ýamaşgandan hasyrdap çykdy-da, aýak aldygyna ýüwürdi. Aý
ýagtysyna ol öz kölegesi bilen ýaryş edýäne döndi. Ol dury suwly
ýalpajyk ýabyň üstünden wazyrdap geçdi. Iki-ýeke sammyklaç
itiň onuň yzyna düşmegine, üýrmegine garaman, bir zarbada
baryp komsomol guramasynyň sekretarynyň gapysyna daýandy
(pioner wožatynyň ýaşaýan ýeri daşdady, obanyň gündogar çetindedi), demini dürsemän, gapyny ýumruklamaga durdy:
— Sazak! Sazak ha-aw!
Içerden wagty bilen jogap bolmandan soň, gapyda ýatan daş
bilen gapyny urdy-da, ýaňadandan gygyrdy:
— Sazak ha-aw! Tizräk aç-sana, ha-aw!... Men... Men
Çerkez Çary!
Gapynyň urluşyndan, Çerkeziň çasly sesinden haýygan
Sazak işigi içki geýiminde gelip açdy. Ol Çerkeze soragly, gorkuly
göz bilen garanda, Çerkez özüniň kiçijikligine, ýaşynyň azlygyna,
edýän işiniň öz göwresine garaňda ululygyna garaman, buýruk
berdi:
— Derrew geýin!
Sazagy Çerkeziň buýrugy aljyraňňylyga salman, onuň biwagt
şol bolup gelşi, gyssanmaçlygy aljyraňňylyga saldy:
— Eri, näme boldy?
— Ýör derrew, zastawa gideli.
— Zastawa?!
Çerkez bolup geçen wakany gysgajyk gürrüň berdi.
Olar baýryň gömelteý aýlanýan ýerindäki ýolaýyrda bakanlarynda, howa süýt ýaly ýagtylyp, guşlar öz dillerinde jürrüldeşip
başlapdylar.
Çerkez şol ýerde Sazaga sowal berdi:
— Zastaw ýene yzymyzça ýer barmy?
— Ýok. Şujagaz gerişden aşan ýerimiz zastawdyr.
— 88 —
Çerkez şol ýerde öz ýanyndan kakasyna igendi. Ol öz
kakasy bilen şol ýere, hatda onuň aňry ýanyna-da baryp
gaýdypdy. Kakasy ony bir gezek şol ýerde galdyrypdy-da, baýryň
beýle ýüzüne geçip, nahar bişim salym eglenip hem gelipdi. Çaky,
ol şol wagtda zastawa baran bolara çemeli. Eger ol şonda Çerkezi
özi bilen alyp baran bolsa, onda Çerkeziň bu gijeki heläkçiligi bolmazdy. Gizlin adamlar eýýäm ele düşerdiler. Emma indi olar ele
düşjekmi-ýokmy, kim bilýär?
Zastaw hakykatdan-da baýryň aňry ýüzünde ekeni.
Çerkez naçalnigiňkä baranda, ýene oslagsyz adama duşdy...
Ony şol ýerde öz kakasy gujaklady.
Gizlin adamlaryň araçäkden geçenleri mälim bolup, olaryň
nirä zym-zyýat bolanlary mälim bolmany üçin, naçalnik Çerkeziň
kakasy Çaryny öz ýanyna çagyrypdyr-da, olaryň nirä gitjegi,
olary nirelerden agtarmalydygy, olary nähili ele salyp boljagy
barasynda maslahatlaşyp oturan eken.
Çerkeziň kakasy Çarynyň ýeke awçylykdan bolman,
yzçylykdan hem habary bardy. Naçalnik ony şonuň ýady
ýagdaýlarda peýdalanýardy. Bu sapar hem ol iki sany soldaty
daýhan geýimine salyp, Çarynyň ýanyna goşdy.
Olar oba baryp, demirgazyga bakan giden «myhmanyň» yzyny yzarlamalydylar.
Naçalnik ondan soň, Çerkezi öz başyna bir ata ataryp, bir
näçe atlyny yzyna tirkedi-de, günüň dogjak ýeri gyzaranda,
dagyň etegini syryp, günbatarlygyna bakan at goýdy.
Çerkeziň şol gijeki gyrlan ganaty ahyrynda ýelegini ýetirdi.
Ol gümürtik adamlary ilki agşamky aldap gaçan ýerine barýança,
at başyny çekmedi. Şol ýeri hakykatdan-da dagyň etege inýän
baýyrlaç kötel bir ýeridi. Olar öz yzlaryny gizlemäge näçe
çalyşsalar-da, wagty bilen etege çykyp bilmän, darajyk öwrümde
terslin-oňlyn aýlanypdyrlar.
Naçalnigiň ýanynda öz kärine ökdelän akylly bir köpek hem
bardy. Ol şol ýerleri ysyrgandy. Ondan soň çarkandaklygyň içi
bilen ýuwaş-ýuwaş seňkildäp ugrady.
Köpek dagyň etegine çykandan soň, uzak ýeňsede görünýän
gamyşlyga-sazlyga bakan ýöneldi.
Olar sazlyga baranda, onuň guşluk gapdalyndan hem bir
näçe atlynyň geleni göründi. Şol tarapa dürbi tutan naçalnik ol gelenleriň Çary dagydygyny tanady.
Naçalnik atynyň başyny çekdi.
Sazlygyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýär. Onuň içinde bäş-üç
adam däl, sürüli goýun, sürüli düýe-de gizlemek boljak. Eýsemde bolsa, onuň ýeňsesiniň gum, ilersiniň dag, iki gapdalynyň
çöldügini naçalnik bilýärdi. Çerkeziň beren maglumatlaryna
görä, bu gün olaryň şu sazlykdan çykyp bilmejekleri hem anykdy. Beýewar çykaýanlarynda-da, onuň daşyndan yz çalyp, olaryň
yzyny alyp kowmaga wagt ýeterlikdi. Emma welin, giň sazlygyň
içinden olary tapmak aňsat iş däldi. Tapaýaňda-da, ýaragly adamlaryň üstüne barmak örän hatarlydy. Şolary gola salmagyň zerurlygy bolsa howpdan, hatardan ýokary durýardy.
Naçalnik Çerkeze garap, emma häzirki howatyryny oňa
duýdurman, öz niýetini oňa sypaýçylyk bilen mälim etdi:
— Çerkez, sag bol! «Jansyzlar» indi biziň elimizden sypma— 89 —
zlar. Sen indi öýňüzejik gaýdyber. Aty bolsa, soňra özümiz alyp
gaýdarys.
Naçalnigiň teklibi Çerkeze örän ýokuş degdi. Ol özüni taýyn
aşyň, onda-da öz taýyn eden aşynyň gyrasyndan kowlan bilen
deň saýdy. Şonuň üçin ýüzüni aşak saldy-da, eýeriň gaşyndaky
ýylpyldawuk bürünji barmaklary bilen dyrmady, burnuny çekdi,
hümürdedi.
— Ýoldaş naçalnik...
Onuň naýynjar keşbine naçalnigiň haýpy geldi. Şeýle-de
bolsa, ony sazlygyň içine alyp gelmek islemän, başga bahana agtardy:
— Sen uzak gije ukudan galdyň, ýadadyň...
Çerkez onuň sözüni kesdi:
— Ýok, ýoldaş naçalnik, men ýadamok.
— Çerkez, hanym, sen düşün ahyry: senlik iş indi gutardy.
— Ýok, ýoldaş naçalnik, gutaranok.
— Näme üçin gutaranok?
— Men öz «dostlarym» bilen gündiziň güni, ylaýta-da siziň
ýanyňyzda «salamlaşasym» gelýär.
Naçalnik oňa: — Sen olar bilen zastawda «salamlaşmagyň»
hem mümkin — diýip, ony galdyrmak isledi. Çerkez göwnemedi.
Naçalnik onuň gylygyna, tutanýerliligine haýran galdy. Oňa näçe
öwüt-ündew etse-de, ony ynjytman galdyryp biljegine akyly ýetmedi, soldata berýän buýrugyny oňa bermäge bolsa dözmedi. Ol
iň soňunda oňa berk tabşyryk berdi:
— Meniň seni öz ýanym bilen alyp gitmäge hakym ýok.
Seni ynjydasym hem gelenok. Saňa berk tabşyryk: sen hemişe
taýak salym yzda bolmaly.
Çerkez şatlykly ses bilen jogap gaýtardy:
— Hoş, ýoldaş naçalnik!
Şeýle-de bolsa, ony gözden salmazlyk, ony öňe goýbermezlik
üçin, naçalnik soldatlardan birine buýruk berdi.
Naçalnik sazlyga girmänkä, köpegi tutduryp, onuň boýun
halkasyna bag dakdyrdy-da, uzyn tanapyny atlylardan biriniň elinde saklatdy: öň bir sapar başga bir köpegi boş goýberenlerinde, ol atlylardan kän ozupdy-da, öňdäki bukup ýatanlar ony
atyp goýberipdiler.
Soňky duşuşyk
Ýarty çörek olaryň hiç haýsyna ýok bolmandy: beýleki
ýartysyny maňlaýy toýnak tagmaly adam ýolda lakluk atypdy.
Olaryň içi eljuk diýýärdi. Üç günden bäri iýmitleri tirýek bolup,
olar diňe şonuň bilen mydar edýärdiler. Emma iýmitsiz tirýek
hem indi içlerini gyýyp barany üçin, olara gurp bermän, gaýta
olary kem-kemden burýardy. Olaryň garynlary gapyrgalaryna
ýelmeşip başlapdy. Bir ýerden azyk tapmasalar, olaryň indi artykmaç ýöremäge, hiç ýere gitmäge-de mejallary galmandy.
Hemmesinden ýamany hem, ýumruk ýalyjak Çerkez olaryň
ýüregini siňekden beter bulapdy. Çerkez belli-beter hem maňlaýy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 09
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.