Latin

Saýlanan eserler - 16

Total number of words is 3714
Total number of unique words is 1833
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.7 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Japbaklar elli tyllany jübülerine salsalar-da, uky bilen
gazanan gazançlaryndan hoşal bolman, zarynja hiňlendiler.
Dokluk näme diýdirmez,
Açlyk näme iýdirmez.
Durmuş syrly tilsimin,
Japbaklara duýdurmaz.
Nähili söwda?
Japbaklaryň eline birinji gezek düşen elli tylla olaryň goltugyna ýylan girenden enaýy bolmady. Olar näme etjeklerini, nähili
sowjaklaryny bilmän, gara güne galdylar. Ony bir ýanyndan iýip
otursaň, sanly günde gutarjak. Agzyň ýetip duran nahara gözüň
düşse, ony iýmän hem durup boljak däl. Japbaklar şol barada
göterişdiler, goýuşdylar, iň soňunda puly biderek ýatyrmazlyk,
pula pul gazandyrmak küýüne düşdüler.
Japbak aýtdy:
— Buharada biz gymmatmyş Hywadan Buhara biz
ýüklesek näderkä?
Ýapbak aýtdy:
— Eýranda duz gymmatmyş. Jebelden duz getirip, Eýrana
ýüklesek näderkä?
Mapbak aýtdy:
— Owganystanda gatyr gymmatmyş, eşek alyp, baýtal
bilen baksak näderkä?
Topbak aýtdy:
— Hywada goýun gymmatmyş. Pulumyza goýun alyp,
Hywa sürsek näderkä?
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar ýarym tylladan ýüz goýun aldylar. «Hywa äkidip,
birini bir tylladan beremizde, birimiz iki bolýa» diýip düşündiler.
Japbak aýtdy:
— Goýunlary satman, asyl bulary bakybersek näderkä?
Onda Ýapbak aýtdy:
— Goýun bakmak aňsat iş däldir. Oňa it gerekdir, eşek
gerekdir. Gumda, uzak gyrda guýy gerekdir. Ol iş Japbaklaryň
çygryndan daşarydyr. Bulary asyl bakaryna berip, birýan çetinden iýibersek näderkä?
Onda Mapbak aýtdy:
— Goýunlary ata çalşyp, toý toýlasak näderkä?
Onda Topbak aýtdy:
— Atylan ok daşdan gaýtmaz. Goýunlary Hywa äkidip satalyň, ýene bir gezek gaýtalalyň, ýene-de bir gezek gaýtalalyň, iň
soňunda özümizi özümiz oňararlyk baý bolalyň.
Doganlar oňa müwessa goýdular.
Japbaklaryň ýoly uzakdy. Meňzeş gumlaryň, meňzeş oýlaryň,
meňzeş takyrlaryň aňyrsy tükenmedi. Obadan azyk gögermedik
Japbaklaryň özleri her günde diýen ýaly bir goýun iýdiler. Itsiz
ýola çykan Japbaklaryň her gije bir goýnuny möjek aldy. Birlänikilän goýun ýolda buýup öldi. Bäşlän-üçläni sürä ýaraman galdy.
— 177 —
Japbaklar Hywa baranlarynda, diňe kyrk sany goýunlary
galdy. Japbaklary baran ýerlerinde «paç!» diýip tutdular. Howla
salsalar hem paç, meýdana sürseler hem paç, ýatyrsalar, tuzursalar hem paç, bazara sürseler hem paç. Şonluk bilen ýeser gassap
Japbaklaryň galanja goýunlaryny sekiz teňňeden satyn aldy.
Japbaklaryň Hywada uzak durarlygy galmady. Olar derrew
yzlaryna gaýtmakçy boldular. Olar gaýdyşyn ýola azyk üçin, öz
satan goýunlaryndan biriniň guýrugyny şol gassapdan dokuz
teňňä satyn aldylar. Keýpi kök gaasap olara eşitdirer-eşitdirmez
heň etdi.
Japbak, Japbak, Japbaklar!
Bir oýnamjyk akmaklar!
Goýny berer sekize,
Guýruk alar dokuza.
Gassabyň olary aldany-ha aldany, onuň üstesine-de olary
masgaralany, olary akmak hasap edeni Japbaklaryň gulaklaryndan parran geçip, beýnilerine baryp ornady.
Japbak Ýapbagyň ýüzüne gyjyt bilen seretdi.
Mapbak Topbagyň ýüzüne gyjyt bilen seretdi.
Topbak Japbagyň ýüzüne gyjyt bilen seretdi.
Japbak aýtdy:
— Bir gassaba özümizi oýnadyp barsak, bize il gülşer.
Ýapbak aýtdy:
— Ýa gassapdan goýnumyzy alalyň ýa arymyzy.
Mapbak aýtdy:
— Biz onuň özündeň ökderäk bir aldaw salalyň, hiç wagtda
ýadyndan çykmasyn.
Onda Topbak aýtdy:
— ýok, çykgynsyz bir iş etmäliň. Ýöne Japbaklardygymyzy
oňa tanadalyň.
Japbak onda:
— Yzyňyza dolanyň! — diýdi.
Olar gassabyň goňşusyndaky dükandan baryp zat almakçy
boldular.
Japbak dükança aýtdy:
— Ýarym batman bürünç çek!
Dükançy bürünç çekip, Japbagyň gabyna guýandan soň, pul
üçin elini uzatdy.
Japbak Ýapbagy salgy berdi-de:
— Puluny bu berer — diýip, torbasyny göterip
gitdi.
Ýapbak dükança aýtdy:
— Ýarym batman nabat çek.
Dükançy nabady Ýapbagyň gabyna guýandan soň, pul üçin
elini uzatdy.
Ýapbak Mapbagy salgy berdi-de:
— Puluny bu berer — diýip, torbasyny göterip gitdi.
Mapbak dükança aýtdy:
— Ýarym batman mäş çek.
Dükançy mäşi Mapbagyň torbasyna guýandan soň, pul üçin
elini uzatdy.
— 178 —
Mapbak Topbagy salgy berdi-de:
— Puluny bu berer — diýip, torbasyny egnine atyp gitdi.
Topbak dükança aýtdy:
— Ýarym batman igde çek.
Dükançy igdäni Topbagyň torbasyna guýandan soň, pul üçin
elini uzatdy.
Topbak gassaba bakan elini salgady.
— Puluny ol berer.
Dükançynyň birdenkä ýüregi gobsundy. Topbagyň syýyndan
ýapyşdy.
— Gassabyň siziň bilen näme işi bar?
— Biz oňa goýun satdyk. Onuň bize bergisi kän.
— Ýok. Beýle söwda bolmaz. Ýa sen oňa tassyklat, ýa-da
hemme alan zatlaryňyzyň puluny töläp git.
Topbak onda ýuwaşja:
— Hany entek onda eliňi çek—diýdi.
Dükançy Topbaga goýberdi.
Topbak ondan soň gassaba ýüzlendi.
— E-eý, gassap, sen bu dükança aýtsana-haw! Biz saňa
goýun satmadykmy näme?
Goýny sekizden alyp, guýrugyny dokuzdan satan keýpi
kök gassap, gürrüňiň näme hakda gidýänine üns hem bermän,
ýüzüniň ugruna tassyklady.
— Dogrudyr, dogrudyr. Sen myhmanlara harydy köpräk
satyber.
Dükançy indi Topbaga hoşamaýlyk bilen daryşdy.
— Haý, baý aga, indi näme çekeýin? Indi näme gerek bolsa
alyberiň, dükan özüňiziňki.

Topbagyň dükanyň içindäki kän zatlara gözi gitdi.
Emma «ynsap—diniň ýarysy» diýip düşündi. Betpäl gassaba şuda ýeterlik diýip kanagatlandy. Dükançy bolsa:
— Baý aga, harydy köpräk alsaňyz-la — diýip, birsyhly ýalbardy.
Eýsem-de bolsa, Topbak nebsini şaglatmady.
Topbak Japbaklaryň yzyndan ýetende, olar bileleşip
hiňlendiler.
Goýny alyp sekize,
Guýruk satyp dokuza,
Gassap näçe gönendi,
Kemje — kerdem däl bize.
Doganlar niredesiň Durun diýip ýola düşdüler.
Ata watan
Japbaklar Hywadan alyp gelen harjylary bilen öý tutunmak
küýüne düşdüler. Emma garyplykdan galyndyrmadyk oraçanyň
ýerinde tutmagy makul bilmediler. Olar kän oýlandylar, az oýlandylar, iň soňunda uzak bir obada ak eşikli akja öý tutundylar.
Olaryň birinji ýurt tutan ýerleriniň howasy belent bolsa-da,
suwy gyt boldy.
— 179 —
Onda Japbak aýtdy:
— Garyp nämä garyp — odun bilen suwa. Geliň, biz bu
ýurtdan göçeliň, bereketli bir ýurda baralyň.
Ikinji baran ýurtlarynyň suwy bolsa-da, oduny gyt boldy.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Garyp nämä garyp — odun bilen suwa. Geliň, biz bu
ýurtdan göçeliň, bereketli bir ýurda baralyň.
Üçünji baran ýurtlarynyň oduny, suwy bolsa-da, gallasy bolmady.
Onda Mapbak aýtdy:
— Garyp nämä garyp — galla garyp. Geliň, biz bu ýurtdan
göçeliň, bereketli bir ýurda baralyň.
Dördünji baran ýurtlarynda suw-da boldy, odun-da boldy,
galla-da boldy, emma parahatlyk bolmady.
Onda Topbak aýtdy:
— Parahatlyk bolmasa, odunyň höziri ýok, suwuň tagamy
ýok, gallanyň gurby ýok. Geliň, biz bu ýurtdan göçeliň, bereketli
ýurda baralyň.
Onda Japbak aýtdy:
— Biz gezibem gördük, göçübem gördük, hiç ýerde
özümiziňkiden gowy ýurt görmedik. Geliň, biz ata watanymyza
gaýdalyň.
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar oba gaýdyp gelýärkäler, Topbak öz pikirini mälim
etdi.
— Biziň öýümiz bar. Emma at ýok, ene ýok, gelneje bolaýsa
näderkä?
Öýlenjek ýigit Japbak sesini çykarman, sülmüräp ýöredi.
Onda Ýapbak bolsady ekdi.
— Gelneje bolsa, akja öýüň içi ululy-kiçili haly bilen gül
pürkülen ýaly bezener. Biziň çöregimiz özümizde bişer, gazanymyz özümizde atarylar. Toýumyz özümizde tutular. Gapymyzda
at kişňär. Japbaklaryň dabarasy il içine dolar. Şonda biziň murtumyzy palta kesmez!
Mapbak gümürtik gepledi.
— Gelneje ýat ilden, ýat öýden gelmelidir. Japbaklar bilen
onuň mäşi bişişermi, ýokmy? Birden Doýduk ýalyň biri duşup,
Japbagyň burnundan çöp ötürip, biziň agzymyzy alardaýmasyn?
Japbak ýumrugyny düwdi.
— Biziň agzymyzy alartjak bolsa, men onuň...
Topbak Japbagyň eline ýapyşdy.
— Dur, naýynsap! Gelmedik gelnejäň birdenkä gözüni
gögerdäýme!
— Mapbak, senem agzyňy haýyr aç, haw! Nädersiň biziň
bilen äbede-jüýbe bolaýsa!
Ýapbak hem öz göwnündäkini daşyna çykardy.
— Birinji gelneje göwnümizden tursa, öýe ikinji gelnejede
gelmeli bolar.
Mapbak hem öz göwnündäkini aýtdy:
— Ikinji gelneje göwnümizden tursa, üçünjisi hem gelmeli
bolar.
Topbak hem olaryň pikirine goşuldy.
— Üçünji gelneje göwnümizden tursa, dördünjisem gelmeli
— 180 —
bolar.
Doganlaryň pikiri Japbaga kem ýaramady.
— Japbaklar dört, gelnejeler dört. Bir öýde sekiz bolýas.
Ýapbak Mapbakdan sorady.
— Her gelnejäniň dört sanyjyk mele gulpak oglam bolaýsa,
bir öýde näçe bolýas?
Mapbak iki egnini ýygyrdy.
— Men-ä gumalak sanaýmasam, onuň hasabyna ýetip biljek däl.
Japbaklar gyzykly gürrüň bilen oba ýetenlerini duýman
galdylar.
Japbak oraçanyň ýurduny ogşady.
Ýapbak oraçanyň ýurduny ogşady.
Mapbak oraçanyň ýurduny ogşady.
Topbak oraçanyň ýurduny ogşady.
Dodaklaryny tozana bulap galan Japbaklaryň dördüsi dört
ýerden seslendi.
— Seniň topragyňa gurban!
Japbaklaryň ak eşikli akja öýi gümmezekläp galdy.
Durun obasy şol gün Japbaklaryň hatyrasyna toýa aýlandy.
— 181 —
GELIŇ, OÝNALYŇ
Bagymyz bar, bakjamyz,
Ýeňil biziň ökjämiz.
Haçan mekdebe gitsek,
Dolar kitap bukjamyz.
Geliň, geliň, oýnalyň,
Bag içinde ýaýnalyň.
Bakjaly biz, bagly biz,
Elýetmez bir çagly biz.
Dumly-duşdan ýygnanan
Kolhozçynyň ogly biz.
Geliň, geliň, oýnalyň,
Bag içinde ýaýnalyň.
KYRK ÝALAN
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtda bir patyşanyň
akylly-başly owadan gyzy bar eken. Patyşanyň gyzy bolany, hem
akylly, hem owadan bolany üçin, onuň hyrydary, oňa gelýän
sawçylar örän kän eken. Patyşa gyzyna mynasyp ýigit tapmak
niýeti bilen dürli oýlara çümüp, iň soňunda şeýle netijä gelen
eken:
— Kim sepini bildirmän, kyrk ýalan sözlese, gyzymy şoňa
berjek — diýen eken.
Bolmadyk zady bolan hökmünde bir sözlem sözlemek hem
aňsat iş däl. Şol şertiň özi ýiti zehin hem döredijilik talap edýär.
Patyşanyň gyzyna göz gyzdyranlaryň, şertini ýerine ýetirmäge
gelenleriň sany-sagynjy bolmandyr. Şolaryň içinde, ýönekeý kyrk
däl, bir ýüz kyrk, bir müň kyrk sözlänleri hem bolupdyr. Emma
olaryň oslanman toplanan ýygyndy sözleri biri-birine zynjyra
ýaly seplenmän, küýze döwügi ýaly çym-pytrak dagap gidipdir.
Patyşanyň şikara çykan gyzyna gözi ilen bir çopanyň akyly haýran galypdyr. Ol öz ýanyndan: «Bä, gün ýer ýüzünde-de
dogup biljek eken» diýip oýlapdyr. Emma keýik kowup barýan
gyz sanly-salymda onuň gözünden ýitipdir. Çopan öz ýanyndan:
«Bä, meniň düýşümmikä ýa meniň gözüme peri kaklyşdymyka?»
diýip oýlapdyr. Aradan kän salym geçmänkä bolsa patyşanyň
şerti onuň gulagyna ilipdir. Erkin sähranyň gülälekli meýdanynda sap howadan dem alýan çopan: «Ýatyp galandan— atyp galan
ýatşy. Men hem öz bagtymy synap göreýin» diýip, bir näçe gün
oýa çümüpdir. Iň soňunda, günüň bir gününde egri taýagyny egnine atyp, patyşanyň gaşyna gelipdir.
Arzaçylara görä-de köpräk sawçylaryň habaryny almaga
adatlanan patyşa çopana sowal beripdir:
— Eri çopan, näme habar?
Patyşanyň haýbatyndan heder etmedik çopan döşüni
— 182 —
gaýşardypdyr:
— Patyşahym, bagtymy synamaga geldim.
— O nähili bagt?
— Patyşamyz ýalan sözläne hormat goýýamyş diýip eşitdim. Men hem agzymdan kireý isläp duramok, bäş-üç agyz
ýaňraýyn diýip geldim.
Patyşa çopanyň çogda çäkmenine, egnindäki egri taýagyna, ylaýta-da başyndaky şypyrmasyna gözi ilende, hahahaýlap
gülüpdir. Birdenkä-de gyzy gözüniň öňüne gelip, ýüzüni
gamaşdyrypdyr:
— Eý akmak çopan! Eşitmedim diýme, sepini bildirmän,
kyrk ýalan sözlemeseň, ganyňdan hem, janyňdan hem geçmeli
bolarsyň!
Çopan başyny aşak egip, taýagyna daýanypdyr
— Patyşahym, janym, ganym siziň üçin, siziň perzendiňiz
üçin gurban bolsa, başga armanym näme!
Wezirler, wekiller, jemlenenden soň, patyşa öz adatyna
görä çopana söz beripdir. Emma çopan, söze başlamazdan öň,
patyşadan haýyş edipdir:
— Ölmezden öň meniň ýekeje arzym bar, şony kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
— O nähili haýyş?
— Şu mejlise siziň gyzyňyzyň hem goşulmagyny haýyş
edýän.
Patyşa hasasyny tarkyldadyp, zöwwe ýerinden galanda, alaran gözleri çopany iýerli görnüpdir:
— Nämähreme gyz görkezmek? Bu näme diýen söz? Seniň
akylyň öz ýerindemi? Sen meni kim hasap edýärsiň?
Emma çopan özüni ýitirmän, egri taýagyny ýaňadandan egnine taşlapdyr:
— Patyşahym, niýetim ýaman bolsa — gözüme gurşun
guýulsyn. Meniň duýdurmak isleýänim şunuň üçin: meniň
sözüm size ýarasa-da, belki, gyzyňyza ýaramaz. Şonuň üçin
ikiňiziň bilelikde diňlemegiňizi haýyş edýärin.
— Akmagyň biri akmak! Sen şerigatyň kanunyna garşy gitmek isleýärmiň?!
Şol wagtda patyşanyň ýanynda peýda bolan gyzy çopanyň
tarapyny çalypdyr:
— Ata, siz nähak gaharlanýarsyňyz? Çopanyň akylly sözi
bar: şert siziňki bolsa, şertiňizi ýerine ýetiren ýigit meniňki bolmaly ahyry. Goý onuň sözüni ikimiz bile diňläli.
Şondan soň çopan özüniň giň sährada oýlap tapan sözlerine
dowam edipdir:
«Atam enemi almanka, men enemden bolmankam, biz
atadan ýekedik. Biz ölüp, ölüp, dört bolduk. Biz günüň bir
gününde dördimiz bile awa gitdik. Birdenkä, götermedik
ýowşanyň düýbündäki dogmadyk towşany meniň kör agam
gördi. Iki eli omurdanyndan golak agam ony kirişsiz ýaý,
peýkamsyz ok bilen atyp urdy. Çüp ýalaňaç agam bolsa, ony
egnindäki donunyň goltugyna saldy...»
Çopanyň sözüne diňe wezir, wekiller däl, hatda patyşanyň
özi-de lokguldap gülüpdir. Enaýy dodaklarynda ýylgyrma emele
gelen gyzyň gulagyna çopanyň sözi nähili ýakymly eşidilse, onuň
— 183 —
syraty, dik boýny, güne ýanan oraýany teni, köşk adamlaryndan
sussy basylmaýan sadalygy, ylaýta-da gözlerinde balkyldaýan
bagt uçganaklary gyzy bütinleýin özüne bakan çekipdir. Şonuň
üçin çopanyň sözüniň dowamyny sabyrsyzlyk bilen haýyş edipdir. Çopan dowam edipdir:
«Biz barýadyk weli, öňümizden üç sany ýap çykdy. Olaryň
ikisiniň içi gury ekeni, biriniň içinde bolsa öl hem ýok ekeni.
Yzgarsyz ýabyň içinde üç sany balyk ýüzüp ýören ekeni. Olaryň
ikisi öli bolup, beýlekisiniň jany ýok ekeni. Biz jany ýok balygy
alyp gitdik. Bir görsek, üç sany öý bar ekeni. Olaryň ikisi ýykyk
bolup, beýlekisiniň tärimi-de, ugy-da, tüýnügi-de ýok ekeni.
Şol tüýnüksiz öýüň içinde üç sany, gazan bar ekeni. Olaryň ikisi
döwük bolup, beýlekisiniň düýbi ýok ekeni. Şol öýde üç sany tagan hem bar ekeni. Olaryň ikisi aýaksyz bolup, beýlekisiniň saly
ýok ekeni. Biz jansyz balygy düýpsüz gazana salyp, salsyz tagana
atardyk-da, otsuz bişirdik. Balygyň gaýnan eti lagta-lagta bolsa-da, çeýnämizde ham çarykdan enaýy däl ekeni. Biz şeýle bir
kän iýdik. Garnymyz ganara, boýnumyz gyla döndi, emma agzymyzyň ondan habaram bolmady...»
Köşküň içinde şowhunly gülki ýaňlananda, agzyndan gyllygyny akdyryp diňleýän patyşa:
— Sem boluň! — diýen gykylyk bilen çopanyň sözüniň
dowamyna ýol açypdyr. Çopan dowam edipdir:
«Balygyň gazanda galan ýagyny çekdik: kyrk batman çykdy.
Ony men ädigime çaldym weli, birine ýetdi-de, beýlekisine
ýetmedi. Gije aýylganç bir gopguna oýansam, ýaglanmadyk
ädigim bilen ýaglanan ädigim söweşýän ekeni. Men olara käýindim. Ertir tursam, ýaglanmadyk ädigim gije öýkeläp giden ekeni.
Men bir diňe çykyp seretdim, hiç ýerde zat görülmedi. Ondan soň
çuňňur gorpa girip, ýakamdaky temeni ýere dürtüp, üstüne çykyp seretsem, ädigim ullakan derýaň aňyrsynda ýer sürüp ýören
ekeni. Şol ýerdäki baýtaly münüp, taýyny öňüme alyp sürdüm
weli, baýtal geçmedi. Taýy münüp, baýtaly öňüme alyp süremde bolsa, derýanyň beýleki kenarynda peýda bolanymy duýman
galdym. Men öýkeli ädigimi ýazdym, geýdim. Bir görsem, şol
ýerde bir tümmegiň gapdalynda bir horjun ýatan eňeni. Horjuny
açamda, içinden bir kitap çykdy, kitabyň içinden bir galam çykdy.
Men galam bilen çyzyşdyrdym, çyzyşdyrdym weli, hemme aýdan
sözüm ýalan çykdy».
Wezirler, wekiller hoşallyk bilen gülşüp, makullaşyp başlanlarynda, peýkamly hasasyny tarkyldadyp galan patyşa:
— Sem boluň!!—diýip gygyran eken.
Patyşadan heder eden wezirler, wekiller, dymanlarynda,
patyşanyň gyzy öz pikirini sypaýyçylyk bilen mälim edipdir:
— Meniň göwnüme bolmasa, çopan kyrk bir söz sözledi.
Şonuň kyrkysy ýalan bolup, biri çyn çykdy.
Patyşa öz gyzyna jabjynmadan çekinse-de, çopany öz gyzyna
laýyk bilmäni üçin, sözlände, sesi gyryljyk çykypdyr:
— Şeýle ýalany kim sözlemeýär? Çopan diňe öz başyndan
geçenleri gürrüň berýär.
Patyşanyň adalatsyzlygyny saýgaran çopan bir ädim öňe
süýşüpdir:
— Patyşahym, hany onda siz eneňizden bolmankaňyz
— 184 —
başyňyzdan geçenlerden ha çyn, ha ýalan ýekeje agyz söz sözläň!
Patyşa hasaly elini gazap bilen galgadypdyr:
— Meniň ýeke agyz sözüm: jella-at!..
Jellat aý paltasyny egnine atyp, murtlaryny towlap gelende,
patyşanyň gyzy ara düşüp:
— Ata jan, şah adyl gerek. Çopan siziň şertiňizi ýerine ýetirdi, meniň bolsa göwnümiň üstünden turdy. Men çopanyňky,
çopan meniňki! — diýip, onuň boýnundan gol salypdyr.
Şol gözel görnüşe gözi ilende, ýüregi bulanan patyşa özüniň
agyr göwresini lampa oturgyja goýberipdir.
1942
JONNUK BATYR
Bir bap eken, bir ýok eken, gadym zamanda Jonnuk batyr
diýen bir adam bar eken. Onuň dört aýaklydan diňe bir tulparja ýabyjygy bar eken. Jonnuk batyr oňa Tulpar diýip at berýän
eken. Ýaşaýyş adatdan daşary kyn döwürde Jonnuk batyryň bütin güzerany şol Tulpara bagly eken: odunyny çekýän, çatmasyny
ondan-oňa göçürýän, kireý edýän, çül çagasyny ekleýän diňe şol
eken.
Güýzüň, gyşyň agyr azabyndan soň, Tulpar halys gurpdan
düşen eken. Çülpe çagalaryny zordan ekleýän Jonnuk batyrda
Tulpar üçin iým nirede, ot nirede? Süňklerinden torba asaýmaly
Tulpar eňegini ýere bererli bolanda, ýaz çykyp, ýagmyr ýagyp,
ýeriň ýüzi gök öwsüpdir.
Iýmiti ýetmedik iglije çagalary ýuwa-ýelmikden, kömelekden
doýup başlanlaryndan soň, Jonnuk batyr:
— Goý, bu janawar hem ýazlasyn, etine-ganyna çyksyn,
semresin! — diýip, Tulpary ýalaňaçlapdyr-da, meýdana kowupdyr.
Ertir gidip, agşam gelýän Tulparyň şähdi açylypdyr,
etine-ganyna gelipdir, tüýüni düşüripdir, endamy ýalpyldap
başlapdyr. Jonnuk batyr öz ýanyndan «Tulpary indi eýerläýsem
hem boljak» diýip oýlapdyr Birdenkä bolsa, ertirki giden Tulpar
giçden soňra gara dere batyp gelipdir. Onuň sebäbini bilmedik
Jonnuk batyr oňa haýran galypdyr. Tulpar ertesi ýene derläp gelipdir, birigün ýene gara dere batyp gelipdir.
Tulpar aňyrsy üç-dört günüň içinde horlanyp, garny gapyrgalaryna ýelmeşip başlapdyr.
Jonnuk batyr öz ýanyndan: «Be-e, Tulpara nämebolýarka?»
diýip oýlanypdyr, emma sebäbini tapyp bilmändir. Iň soňunda,
Tulpara näme bolýanyny bilmek niýeti bilen, ony ýene meýdana
kowupdyr-da, özi gara görnüp yzyndan garagagullap gezipdir.
Bir görse, mähnet bir aýy Tulpara atlanypdyr-da, giň otluk meýdanda aýak aldygyna çapyp başlapdyr, aradan salym
geçmänkä bolsa Jonnuk batyryň gözünden ýitip gidipdir.
Tulparyň yzyndan ýetip bilmejegini, aýyny ele salyp bilmejegini aňlan Jonnuk batyr yzyna dolanypdyr-da, ýol boýy oýa
çümüpdir.
Tulpar ýene giçden soň gara dere batyp gelipdir.
Jonnuk batyr az oýlapdyr, kän oýlapdyr, iň soňunda, Tul— 185 —
paryň endam-janyna ýelim çalyp, ýene meýdana kowmakçy bolupdyr. Emma Jonnuk batyra naýynjar garan Tulpar: «Ýok, indi
gidesim gelenok» diýýän ýaly, kürtdürip durupdyr.
Jonnuk batyr Tulparyň maňlaýyny, ýalyny sypalapdyr, oňa
ýalbarypdyr:
— Tulparym, iň soňky gezek, şu gün hem git. Men seni şol
beladan dyndararyn, aryňy öteräk alaryn!
Tulpar göýä diýersiň öz hojaýynynyň diline düşünýän ýaly,
bir-iki ädim ätläpdir-de, ýene yzyna dolanyp, ýalbaryjy bir garaýyş bilen ýüzüni aşak salypdyr.
Jonnuk batyr ýene ýalbarypdyr.
Tulpar ýene ýola düşüpdir, ýene yzyna dolanypdyr, bir zatdan gorkýan ýaly, sandyrapdyr.
Öz niýetini ýerine ýetirmek islän Jonnuk batyr Tulparyň
halyna dözmese-de, iň soňunda oňa haýbat atyp, çybyk
göteripdir.
Tulpar şondan soň närazy bir görnüşde haýal-ýagal ädim
urupdyr!
Emma... Tulpar agşam dolanyp gelmändir.
Jonnuk batyr, uzak gije ukusy tutman, dürli oýa çümüpdir, eýläk agdarylypdyr, beýläk agdarylypdyr, bar-ýok ýekeje
gylýalyndan hem dynsa, durmuşynyň önküdenem ýaramazlaşjagy ony aldym-berdime salypdyr, Tulpary zorlap kowany üçin
ökünip, aňyrsyna ýetip bilmändir. Jonnuk batyr iň soňunda, howa
ýagtylmagyna mähetdel, aýpaltasyny egnine atypdyr-da, niredesiň Tulpar diýip, ýola düşüpdir.
Jonnuk batyr giň otluk sährada eýläk bir gidipdir, beýläk
bir gidipdir, Tulpara gözi ilmändir. Tulparyny elinden aldyran
Jonnuk batyryň ýüregi awapdyr, az gözläpdir, kän gözläpdir, iň
soňunda... bir üýşmek gara gözüňe ilipdir. Emma Jonnuk batyr
onuň nämedigini uzakdan saýgaryp bilmändir.
Jonnuk batsr iň soňunda şol gara baryp görse, bir topar jandar biri-birine baglanyşyp ýatan ekeni. Ölügsi gözlerinde ýaş
görüwýän Tulpar ysgynsyz dodaklaryny çala gymyldadanda,
Jonnuk batyr bolup geçen wakany göz öňüne getiripdir:
Türresi, butlary, gollary Tulparyň ýelimli ýagyrnysyna ýelmeşen aýy düşjek wagty düşüp bilmändir-de, Tulpary
çapypdyr, çapypdyr, çapypdyr... Ahyry gurpdan düşen Tulpar
howa garaňkyranda güpürdäp gidipdir.
Ysgyny gaçan günäkär aýy ondan sypyp bilmändir.
Olaryň gymyldysy galman, çala demleri galany üçin, Tulpary, aýyny gara batgalykdyr hasap edip gelen doňuz burny bilen
«batgany» dörmekçi bolanda, Tulparyň (Garnyna ýelmeşip galypdyr.
Tulpary, aýyny, doňzy öli göwrelerdir hasap edip gelen
aç möjek, açyk agzyny gyssanmaç uranda, Tulparyň buduna
ýelmeşip galypdyr.
Üýşmek bolup ýatan Tulpary, aýyny, doňzy, möjegi
seljermekçi bolan tilki olaryň daşynda aýlanypdyr, pyrlanypdyrda, ysyrganyp, burnuny uzadanda, Tulparyň ýalyna ýelmeşip
galypdyr.
Tulpary, aýyny, doňzy, möjegi, tilkini ýykylan köne tam
hasaplan baýguş gelip gonanda, Tulparyň boýnuna ýelmeşipdir.
— 186 —
Tulparyň ölüm halynda gözgyny ýatyşyna rehimi inen,
ýyrtyjylara gazaby gelen Jonnuk batyr olaryň baryny birden gyrmak küýüne düşüpdir. Ol aýpaltasyny ýokary galdyryp, ilki bilen
baýguşdan başlamakçy bolupdyr:
— Weýrançylyga buýsanýan betpäl, seni bir nas edeýin!
Ölüm howpuna düşen baýguş ganatlaryny pasyrdadypdyrda, naýynjar ýalbarypdyr:
— Ku-ku... ku-ku... Batyr aga, meni öldürme, men galan
ömrümi senden göreýin. Çaga-çugalaryňa bir sebet böwürslen
iýmişini getirip bereýin!
Baýguşuň owadan gözlerindäki ýaşa gözi ileni üçinmi ýada çaga-çugalarynyň süýji iýmişi şüwlümli tamşanjaklaryny göz
öňüne getireni üçinmi, Jonnuk batyr sesini çykarman, baýguşy
emaý bilen sypdyryp goýberipdir.
Baýguş öz wadasyna wepalylyk bildirýän ýaly:
— Ku-ku...— edipdir-de, ganatlaryny pasyrdadyp, gözden
ýitipdir. Jonnuk batyr aýpaltasyny egnine atyp, möjege çenäpdir:
— Heý, ganhor möjek! Seniň beri hamyňy çöpe sereýin!
Dili bir garyş süýnen möjek uzyn gulaklaryny ýapyryp,
naýynjar ses bilen uwlapdyr:
— U-u-u... u-u-u... Batyr aga, başyňa döneýin, meni
öldürme! Men galan günümi senden göreýin. Çaga-çugalaryňa
Gulak baýyň sürüsinden tazygyp çykan, guýrugy elek ýaly bir
tokly getirip bereýin!
Möjegiň janyna haýpy geleni üçin däl-de, çaga-çugalarynyň
aýlar däl, ýyllar boýy şorsuranlaryny göz öňüne getirip, Jonnuk
batyr öňki pikirinden dänipdir, barmagyny çommaldyp, möjege haýbat urupdyr: — Eý, ganhor möjek, men seniň wadaňa bir
gezek ynanaýyn. Emma eşitmedim diýme, wadaňda tapylmasaň,
dişiňi damagyňa ibererin!
Jonnuk batyr möjegiň buda ýelmeşen dodaklaryny iç ýüzünden emaý bilen kesipdir-de, boşadyp goýberipdir.
Agzyndan gan akdyryp barýan möjek tumşugyny ýokary tutup, öz wadasyna wepalylyk bildirýän ýaly, naýynjar uwlapdyr:
— U-u-u... u-u-u...
Jonnuk batyr doňzuň kirpiksiz gözlerine aýylganç çinerilipdir-de, aýpaltasyny eňtermekçi bolupdyr:
— Heý, haram doňuz! Seniň beri kelläňi togalaýyn!
Ölüm howpuna düşen doňuz kiçijik gözlerini çüýjerdipdirde, jonnuk guýrugyny bulaýlap, naýynjar hokurdapdyr:
— Hokurrr... hokurrr... Batyr aga, meni öldürme, galan
günümi senden göreýin. Sen meni azat et. Men seniň çaga-çugalaryň üçin Han mülkünden bir ganar käşir getirip bereýin!
Jonnuk batyr doňza rehimi ineni üçin däl-de, çaga-çugalarynyň ýitije dişleri bilen ter käşir gemirjeklerini göz öňüne getirip,
doňzuň bir gulagyna paltasy bilen kakypdyr-da, beýleki gulagyna
hemle urupdyr:
— Eý, doňuz ogly, doňuz! Seni men bir sapar synaýyn. Ýöne
eşitmedim diýme, wadaňda wepaň bolmasa, ganyňy itlere ýal
ederin!
Jonnuk batyr aýpaltasy bilen onuň temegini gyýyp goýberipdir.
Doňuz wadasyna wepalylyk bildirýän ýaly, ganly temegini
— 187 —
ýere oýkapdyr-da, hoşallyk bilen hokurdapdyr:
— Hokurrr... hokurrr...
Aýyň kinniwanja gözlerine göreji ilen Jonnuk batyr aýpaltasyny gazap bilen eňtermekçi bolupdyr:
— Heý, kyrk emjeginiň her kime birini tutup berýän
ýalançy aýy! Meni gynan, meniň Tulparymy ölüm hetdine ýetiren
sensiň. Seniň beri ganyňy gotura derman edeýin!
Ölüm howpuna düşen aýy mäzleşik gözlerini mölerdip,
naýynjar bir ses bilen mygyrdapdsr:
— Mygyrrr... mygyrrr... Jonnuk batyr, sen maňa rehim et,
meniň bir ýalňyşymy geç, meni öldürme. Men galan ömrümi senden göreýin. Men seniň çaga-çugalaryňa ýedi küýze bal getirip
bereýin!
Aýa rehimi ineni üçin däl-de, çaga-çugalarynyň «bal diýilýän
zady biz hem dadyp görsedik» diýip, ömür boýy arzuw edip
gelýänleri ýadyna düşen Jonnuk batyr, pikirini üýtgedipdir-de,
aýpaltasyny egninden düşürmän, aýa ýaňadandan hemle urupdyr:
— Eý, aldawçylaryň aldawçysy eýmenç aýy! Men seniň
özüň ýaly bolmaýyn, bir saparlykça günäňi geçeýin. Ýöne weli,
eşitmedim diýme, wadaňda tapylmasaň, minneti aýpaltadan
çekerin, gyrmyzy ganyňy gazap bilen dökerin!
Jonnuk batyr aýpalta bilen aýynyň aýaklarynyň iç ýüzüni,
garnyny gyzardyp goýberipdir.
Soýlan hamynyň awusyna çydamadyk aýy göýä diýersiň
wepalylyk bildirýän ýaly, mylaýym ses bilen mygyrdapdyr:
— Mygyrrr... mygyrrr...
Iň soňuna galan tilkiniň sapjaklaýan gözlerine çiňerilen Jonnuk batyr:
Heý, ogry tilkijik, saňa näme gerek? Seniň beri hamyňy telpek
edineýin!— diýip,aýpaltasyny eňtermekçi bolupdyr.
Ölüm howpuna düşen tilkijik guýrujagyny bulaýlap,
naýynjar bir ses bilen çyňsapdyr:
— Waňk... waňk... Eý dost, Jonnuk batyr, sen maňa rehim
et. Men galan ömrümi senden göreýin. Men saňa hiç bir zat wada
berjek däl, emma derwaýys bir ýerde ullakan kömek etjegime
ynandyrýan.
Jonnuk Batyr tilkiniň mekir gözlerine hyrydar garapdyr:
— Eý ogruja tilkijik! Seniň müň-de bir sapyň baryny men
bilýärin. Emma men hem suwa äkidilip, suwsuz getirilýän adamlar hilinden däldirin. Eşitmedim diýme, gerek ýerinde kömegiň
degmese, guýrujagyň bilen hoşlaşmaly bolarsyň!
Jonnuk batyr aýpaltanyň ujy bilen onuň temejigini sypdyryp
goýberipdir.
Tilkijik guýrujagyny bulaýlapdyr-da, wadasyna wepalylyk
bildirýän ýaly, naýynjar ses bilen çyňsapdyr:
— Waňk... waňk...
Zordan aýak üstüne galan, özüni dürsän, soň gök otdan
mazalyja garbanan Tulpary iýdip, Jonnuk batyr öýüne gaýdypdyr.
Jonnuk batyryň öňünden ylgap çykan çülpe çagalar Tulpara
ýitirip tapan ýaly ýapyşypdyrlar. Ulurajyklary onuň üstüne dyrmaşyp çykypdyrlar, kiçijikleri aýaklaryny gujaklapdyrlar, ortanjy— 188 —
sy bolsa guýrugyndan aslyşypdyr.
Ýazyň mylaýym, aý aýdyň gijesinde Jonnuk batyr öz çaga-çugalary bilen çatmanyň gapysynda ýazylan köne keçäniň
üstünde ýatan eken, Jonnuk batyr birdenkä içki küýüni daşyna
çykarypgdyr:
— Balalarym, siz böwürslen iýermisiňiz?
Çagalaryň ulujasy tirsegine daýanyp:.
— Kaka, biz näme tapdyk-da, iýmedik? — diýipdir.
Ondan kiçisi dodajyklaryny tamşandyryp:
— Kaka, böwürsleni nireden aljak? — diýipdir.
Jonnuk batyr ynamdar jogap gaýtarypdyr:
— Baýguşdan.
Ortanjasy:
— Baýguşdan böwürslen? — diýip geňirgände, hemmesi
birden jykyrdaşyp gülşüpdir.
Şol wagtda bolsa, Jonnuk batyryň gulagyna tanyş bir ses
eşidilipdir:
— Ku-ku... ku-ku...
Şol sesiň nämedigini geňirgän çagalar kakalaryndan
soramaga ýetişmänkä, baýguş bir sebet böwürsleni süýräp
gelipdir.
Jonnuk batyr onuň ýüküni düşüren badyna, baýguş:
— Ku-ku... ku-ku... — diýip, uçup gidipdir.
Çagajyklaryň ulusy oňa haýran galypdyr:
— Bä, bu nähili boldy? Biz düýş görýän bolaýmalyň?
Böwürslen şirelije tagamy agyzlaryny süýjüdenden soň bolsa,
olaryň hemmesi birden kakalaryny gujaklapdyr.
Böwürslenden petekelerini gabardan çagajyklar heniz uklamankalar, Jonnuk batyr olara ýene bir geň sowal beripdir:
— Balalarym siziň semizje toklyň terje etini iýesiňiz
gelýämi?
Çagalaryň kiçijigi ondan:
— Kaka, toklyny nireden aljak? — diýip sorapdyr.
Jonnuk batyr:
— Möjekden! — diýende, olar keýp edip jykyrdaşypdyrlar.
Çagalaryň ortanjysy:
— Kaka, möjekden hem, heý, et artarmy?— diýen sowalyny
soňlamanka bolsa, ýene bir üýtgeşik ses eşidilipdir:
— Mä-ä-ä... mä-ä-ä...
Çagajyklar heşerlenişip galanlarynda, möjek guýrugy elek
ýaly bir toklyny idirdedip geliňdir, wadasyna wepalylygyny
bildirmek üçin bolsa uwlapdyr:
— U-u-u... u-u-u...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 17
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.