Latin

Saýlanan eserler - 12

Total number of words is 3729
Total number of unique words is 1762
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oňa Gulluk baý diýýärdiler. Kelekbaý adyny eşidende, ol bolmajysyny bolýardy. Häzir ol nähili bolanyny bilmän, ala gykylyk
bilen harmandan özüni aşak goýberdi.
Japbaklar harmanyň daşyna aýlandylar.
Kelekbaý Japbagy kowalady.
Ýapbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Ýapbagy kowalady.
Mapbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy,
Kelekbaý Mapbagy kowalady.
Topbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Topbagy kowalady.
Japbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Japbagy kowalady.
Ýapbak harmana dyrmaşyp, sanajy aşak togalady.
Hüm ýaly gyzaran, halys gurpdan düşen Kelekbaý sanaja bakan topuldy, ýüzüniň ugruna entäp, sanajyň üstaşyry sermagallak atyp gitdi. Japbaklar onuň üstünde hümer bolup,
çalamünder oýnadylar. Emma Kelekbaý daşyny aldyran ýekegapan ýaly agdarylyp, düňderilip, biriniň ýon damaryny owkalady,
biriniň ýüzüni dyrnady. Japbak iň soňunda onuň gyzyl kündik
ýaly kel kellesini gaşady. Ýapbak onuň hokga köwşünden sypan
çorly dabanyny gaşady. Mapbak onuň sag çignine ýapyşdy. Topbak onuň garnyny gyjyklady.
Kelekbaý iň soňunda ejizläp ýekegapan ýaly gykylyk
turuzdy.
Japbak onuň kellesini sypalap:
— 128 —
— Kim ogry? — diýip sorady.
Kelekbaýyň boguk sesi çykdy.
— Ogry men!
Ýapbak onuň çorly aýaklaryny rahat uzatdy.
— Degmäň-äýt! Kelekbaý öz ömründe birinji gezek dogry
sözledi.
Mapbak onuň elini öz ugruna goýberdi.
— Kelekbaý öz ömründe birinji gezek dogry sözledi.
Topbak onuň gazan ýaly garnyny biz köýnegi bilen örtdi.
— Dogry sözli adam hormata laýyk bolarmyş.
Japbaklar şondan soň oňa hormat bilen ýapyşdylar.
Geýim-gejimlerini düzedişdirdiler, tozanlaryny kakdylar,
ýakasyndan inen gylçyklary süpürişdirdiler. Eýsem-de bolsa
Kelekbaý öz ömüründe Japbaklara dil ýetirmezlige şert etdi. Japbaklar üçin onuň şertine hajat ýokdy. Olar ony ynjytmak däl, gaýta öz atalary hökmünde hormatladylar.
Japbaklar Kelekbaý bilen hoşlaşyp, hoşaly sanajy göterip,
öýlerine bakan gaýtdylar.
Kelekbaý Japbaklaryň ýanynda näçe şert etse-de, hoşaly
sanaç onuň hut öz teninden kesilip alnana döndi. Japbaklaryň
hoşa çöplänine ol hiç ynanyp bilmedi. Şonuň üçin, Japbaklardan
ýaňa onuň ýüreginde bir kitüw galdy.
Sygyr söwdasy
Hoşadan agyzlary tagam tapan Japbaklaryň öýlerinde çörek
bolady.
Olar indi hoşa her gün gitdiler. Olaryň indi dördüsi bir sanaç
götermän, her haýsy bir sanaç göterdi. Japbaklaryň azygy bolap
başlady. Indi olar çörek hurşy bolar ýaly, süýt-gatyk berip duran
sygyrjyk edinmek küýüne düşdüler.
Japbaklardan içi kitüwli Kelekbaý olara hiç bir zat edip bilmedi. Ol öz ýanyndan indiki boljak çalamünderden heder edip,
ony hiç bir ýerde agzap hem bilmedi. Ol Japbaklaryň hoşa çöpläp
ýörenlerini öz gözi bilen görse-de, özüniň müňkürligine görä,
Japbaklar sanaçlaryny onuň harmanyndan ýa desselerinden ogurlaýandyrlar diýip düşündi. Şonuň üçin hem olardan aryny almak,
olary möçükdirmek, nämeden hem bolsa zyýan çewdirmek üçin
pursat arap gezdi. Japbaklaryň sygyr edinmek kül-külüne düşenlerini eşidenden soň bolsa: «Ho-op, duruber bakaly. Sizden şu
sapar öňki-soňkymy çykaraýmazmykam!» diýip oýlandy.
Güýz aýydy. Howa çigrekdi. Meýdandan ekin-dikin, gawungarpyz ýygnalypdy. Bir gün eňňere meýdanlaryndan Japbaklaryň
tirkeşip ýörenlerini gören Kelekbaý öňünden taýynlap gaýan
ullakan gara garpyzynyň daşynda aýlandy, onuň töwereklerini
süpürişdirdi, tämizledi.
Japbaklar onuň üstünden geldiler. Eňňere meýdanynda galan
ýeke-täk mähnet garpyzy geňirgediler. Japbak oňa sowal berdi.
— Eri-ow, baý aga, munyň näme?
Kelekbaý ýylçyr gara garpyzy ýeňi bilen süpürdi, Japbaklara
ýylgyrjaklap garady.
— Köşeklerim, bu-ýa bir bogazja sygyr.
Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak Topbaga seretdi. Topbak
— 129 —
Japbaga seretdi. Japbak Kelekbaýdan sorady.
— Baý aga, bu nähili sygyr? Munyň garpyz ýaly-la! Japbaklar her hili agyr günleri ýük sanman, wäşilik bilen bilmezligi
salyp ýörseler, Kelekbaý olary akmak hasap edýärdi. Şonuň üçin
olary aldamak, oýnamak çäresine girişdi.
— Han ogul, heý, şu meýdanda gawun-garpyza gözüňiz
ildimi? Olaryň baryny eýýäm sowuk urup guramadymy näme?
Bu janawaryň guzlar wagty golaýlapdyr. Şonuň üçin kirpi ýaly
aýaklaryny içine ýygryp, çyglyp ýatyr. Siziň gözüňize garpyza
meňzeşräk görünse-de, bujagazyň özi tohum sygyrdyr.
Topbak Mapbaga kinaýa bilen garady. Mapbak Ýapbaga
«Kelekbaýyň hilesine düşünýäňmi?» diýen sowal bilen garady.
Ýapbak Japbaga «Kelekbaýyň göwni şonda bolsa, biz aldanan kişi
bolsak, utularmykak?» diýen sowal bilen garady. Japbak Kelekbaýyň hilesine garşy hile gurmak isledi.
— Baý aga, sygryňy satjakmy?
— Hawa, hanym, sygyr mende başga-da kän, özüňiz
bilýäňiz. Bahasy ýetse, şujagaz sygry satmanam durjak däl.
— Baý aga, onda sygryň bahasy näçe?
— Üç tümen.
Tümen, gyran hiç wagtda Japbaklaryň eline düşen zatlar däl.
Şonuň üçin Ýapbak Kelekbaýa mälim etdi:
— Baý aga, biziň tümen-mümen bilen tanyşlygymyz bolmaz. Sen sygry bize bugdaýdan bahala.
— Aýyby näme! Bugdaýam oňat zat. On dört batman bugdaý beräýiň.
Mapbak ondan haýyş etdi:
— Baý aga, biz seniň batman-matmanyňy bilmeris. Sen bize
ölçeg bilenjik aýt: näçe jam ýa-da näçe sanaç?
Aňry çekeleşdiler, bäri çekeleşdiler, iň soňunda söwdalaşdylar.
Sygryň bahasy bir sanaç bugdaý boldy.
Topbak Kelekbaýa çiňerildi:
— Baý aga, soňundan ökünjek bolsaň-a, öňünden aýt. Onda
söwdany goýbolsun edeli.
— ýok, ogullarym, meniň sözüm hemişe sözdür.
Japbak oňa çiňerildi.
— Baý aga, onda biziň söwdamyz daşa ýazylan hata
dönsün. Sygyr biziňki, bugdaý seniňki. Öýe baran badymyza
bir sanaç bugdaýy bizden al. Biz minneti hoşadan, hoşa höküm
edýän, ine, şu penjelerden çekýäs!
— Aýtdym — gutardy.
Doganlar «sygry» öýe alyp gaýtmagyň küýüne düşdüler.
Japbak onuň syrtyna geçip: — Höw! — diýdi. Sygyr gymyldamady.
Mapbak aýagynyň burny bilen onuň böwrüne dürtüp:
— Höw! — diýdi. Sygyr gymyldamady.
Ýapbak aýagyny ýere patladyp, batly ses bilen: — Höw! —
diýdi. Sygyr gymyldamady.
Topbak onuň arkasyna çybyk çalyp:— Höw! — diýdi. Sygyr
gymyldamady.
Beýlesine bakyp pyňkyrjak bolýan, böwrüni müňküldedip
gülýän Kelekbaý düşündiriş berdi.
— 130 —
— Balalarym, men size aýtdym ahyry: sygryň guzlar wagty
gelipdir. Ony bu wagt gyssasaňyz, göle taşlatdyrsyňyz. Siz, iň
ýagşygsy, ony göterip gidiň-de, aýaz degip buýdurmaz ýaly,
oraçaňyzda, ýylyjak ýerde saklaň.
Japbak Kelekbaýa keýerjekläp seretdi.
— Sygry götermek?!
Kelekbaý ellerini iki ýana gerdi.
— Han ogul, gerek bolanda, dünýäniň hem göterildigi bardyr. Sygyr nämedir? Onda-da gulajyn sygyr? Japbaklaryň ýanynda onuň gürrüňi bolarmy? Meniň göwnüme bolmasa, siz pili hem
göterermikäňiz öýdýän!
Mapbak apaň-apaň basdy.
— Hökman götereris! Ýadan bolsaň, baý aga, sygryň üstüne
mün. Seni hem bile götereris!
Japbaklar «sygry» götermekçi boldular.
Japbak Ýapbaga: — Sen iki art aýagyndan ýapyş — diýdi.
Ýapbak Mapbaga: — Sen iki öň aýagyndan ýapyş— diýdi.
Mapbak Topbaga: — Sen guýrugyndan ýapyş — diýdi.
Topbak. Japbaga: —Sen iki şahyndan ýapyş — diýdi.
Olar «sygryň» haýsy ýerini elleseler, buz ýaly ýylmanak endamyna elleri degdi.
Japbak aýtdy: — Baý aga, munuň kellesem ýok, şaham ýokla!
Ýapbak aýtdy: — Baý aga, munuň öň aýaklaram, art
aýaklaram ýok-la!
Mapbak aýtdy: — Baý aga, munuň guýrugam ýok-la!
Pyňkyrmakdan zordan saklanyp, böwrüni müňküldedip
gülýän Keleýbaý düşündiriş berdi.
— Balalarym, men size aýtdym ahyry: ol bar güýji bilen çyglany üçin, kellesini, aýaklaryny içine salyp, kirpi ýaly ýygrylyp
ýatyr. Siz oňa göle taşlatmajak bolsaňyz, şol durşuna emaý bilen
göterip gidiň.
Kelekbaýyň soňsuz gülýänini aňlan Topbak:
— Baý aga, beýle kän gülme, birden içiňe ýel düşäýmesin?
— diýdi.
— Han ogul, sen meni gülýändir öýtme: meniň bogazyma
gylçyk düşüpmi, nämemi, bogazyma birsyhly hereket bermesem
durup bilemok.
Kelekbaýyň kömegi bilen dört dogan «sygry» zordan eginlerine aldylar. Japbak bilen Ýapbak öňden, Mapbak bilen Topbak
yzdan ýöräp, dähedem-dessemläp ugradylar. Dört egniň üstünde
ýerleşen togalak «sygyr» olar sähelçejik çaýkansalar, depirjäp başlajak. Şonuň üçin doganlar demlerini hem uludan alman, doňan
göwre ýaly emaý bilen süýşüp gitdiler.
Kelekbaý olaryň yzyndan gülüp ýykyldy, ýatan ýerinden içini tutup, gözlerini ýaşardyp güldi, samrady.
— Şu sapar nädäýdiňizkä!..
Japbaklar wawwaly ýaly ýörediler.
Şol barmana Topbagyň aýagyna tiken çümdi. Ol: — Eý wäk!
— diýip gygyrdy-da, birdenkä aşak egildi. Eginlerinden sypan
«sygyr» gaty ýere degip, çym-pytrak boldy. Şol wagt olaryň
gapdalyndaky ýowşanyň düýbünden bir towşan turup, oba
bakan ökje göterdi.
Oňa gözi düşen Mapbak:
— 131 —
— Ana, biziň sygrymyz oba bakan gaçdy! — diýip seslendi.
Ýapbak söwda dostuna gygyrdy.
— Aý, Kelekbaý, gara sygyr göle atandyr-la, ha-aw!
Takyr meýdany gyzardyp ýatan garpyza göz gezdiren
Japbaklar ahmyr çekdi.
— Wah, arman! Sygra göle taşlatdyk. Ynha, gör, eşeni
dagap ýatyr. Sygryň özüni welin tutaweräliň.
Towşan gözden ýitdi.
Ýapbak: — Sygry baryp, Kelekbaýdan talap edeliň— diýdi.
Mapbak: — Sygryň gaçan yzyny yzarlalyň—diýdi.
Topbak has degerliräk maslahat berdi.
— Biz sygry Kelekbaýdanam soramalyň, yzynam yzarlamalyň, göni oba gideliň: iým öwrenenje sygyr eýýäm ýatagyna barandyr.
Japbaklar Topbagyň sözüni makul bildiler, oba bakan ylgadylar.
Baryp görseler sygyr, hakykatdan-da, ýatagynda dür.
Olar öýlerine bakan ylgap, ullakan sanaç bugdaý göterip
geldiler. Söwdalarynyň oňanyna bolsa guwandylar.
— Heý, gözüňe döneýin, garaja sygyr!
— Bu sapar söwdamyz oňandyr.
— Kelekbaý sag bolsun!
— Indi içjegiň süýt, ýalajagyň köpük bolsun.
Japbak onuň şahyna daňlan ýüpden itdi. Ýapbak
bilen Mapbak iki ýan gapdalyndan ýöredi. Topbak onuň yzyndan sürdi. Olaryň dördüsi birden heň etdiler.
Garpyz diýme, gawun diýme,
Söwda etseň sygyr al!
Bogaz diýme, gysyr diýme,
Gaýmak iýseň sygyr al!
Kelekbaýyň dört aýaly dört ýerden çykyp gykylyk etdiler.
— Aýu, Japbaklar! Sygry nädýäňiz?
Japbaklaryň dördüsi dört ýerden jogap berdi.
— Sygryň söwdasy bireýýäm bolup gutardy, sanajy ýygnaň, sanajy!
— ýok, biz sygrymyzy satdyrjak däl!
— Edilen söwda gaýtmaz. Edil daşa ýazylan ýalydyr!
— Aýuw-w! Kele-ek!
— Indiki gykylygyň barjasy palak!.
Töweregi gallanyp, oraçaň gapysyna getirilen gara sygryň
ýüzüne Bolluk ak urba çaldy.
Tüweleme, balalarym! Bu sapar söwdaňyz oňupdyr.
Haýyrlysy bolsun.
Günä bolar
Kelekbaýyň dört aýalynyň dördüsi öňünden aglaşyp çykdy. Kelekbaý özüni ýitirdi: «Biziň öýümizde ölen kimkä!» diýip
oýlandy. Japbaklaryň sygry alyp gidenlerini eşidende bolsa, öz eli
bilen eden işine ökünip, aňyrsyna ýetip bilmedi.
— Wah, sygry aldyranymdan, siziň biriňizi aldyran bolsam
ybalyrak bolardy!
Ol Japbaklaryň üstüne baryp bilmedi. Çalamünder onuň
— 132 —
gözüniň öňüne geldi. Şonuň bilen bile, Japbaklarda günä bolman, bu onuň öz eli bilen eden işidi. Eýsem-de bolsa garpyz
ýerine gara sygrynyň gidenine näderini bilmedi. Obanyň ownuk-uşak dawalaryny hemişe baýyň özi çözýärdi. Emma onuň öz
dawasyny, onda-da Japbaklar bilen bolan dawany onuň peýdasyna çözüp biljek adam ýokdy. Ol oýlana-oýlana, iň soňunda, sygyr
dawasyny şerg ýoly bilen çözdürmek kararyna geldi. Ol hemişe
Ýalak işana hüşür-zekat berýärdi, şonuň üçin Ýalak işan hem
hemişe onuň sözüni sözleýärdi.
Sygyr dawasy obanyň hemme ýerine ýaýrady.
Ýalak işan Japbaklary çagyranda, oba adamlarynyň uludankiçä, aýaldan-erkege hemmesi üýşüp geldi. Märekäniň üýşmegi
Kelek bilen Ýalaga ýaramady. Olar onuň ýaly dawany hemişe
çolaja hüjräniň içinde aýgyt edip goýberýärdiler.
Ullakan selleli, uzyn, gara, arryk Ýalak işan Japbaklaryň howuny almak üçin olara abyr-zabyr urdy.
— Heý, peläketler! Siz ýaş başyňyzdan betpällige ýüz
urýamysyňyz? Aýyp bolar, günä bolar!
Japbak Ýalak işana ýelken gulaklaryny üşertdi.
— Işan aga, ajyň aňy bolmaz. Biz düýnden bäri duz dadamyzok. Bizi ilki bilen biraz garbandyrmasaň, günä haýsy, sogap
haýsy, seljerip bileris öýdemzok.
— Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar!
— Işan aga, biz sizi çagyramzok, siz bizi çagyrdyňyz. Çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir.
Japbaklaryň öňüne nan doly saçak gelip düşdi.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Işan aga, men birnäçe wagtdan bäri gaty şorsurapdyryn.
Öňi bilen meniň şorumy biraz ýatyrmasaň, meniň akylym zat işlemez!
— Heý, bidöwlet, dilenmek aýyp bolar!
— Onda näme, siziň kowumyňyzyň hemmesi dilenip,
gedaý gezip ýörler? Aslynda, çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir.
Japbaklaryň öňüne bir okara gowurma getirip goýdular.
Onda gözlerini delmirden Mapbak aýtdy:
— Işan aga, men uzak gije düýşürgäp ýatypdyryn. Kersen
doly süýtden ýa gatykdan gözüm doýmasa, men ukymdan açylman.
— Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar!
— Gözüm ukuda bolansoň, dilimiň näme diýýänini hem
onçakly eşidip duramok. Aslynda çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir ahyry!
Olaryň öňünde bir kersen gatyk getirip goýdular.
Onda boguk sesli Japbak aýtdy:
— Işan aga, sygrymyzy gaçyramyzda, men gygyryp-gygyryp, sesimi gyrdyrypdyryn. Men biraz saryýag içmesem, gepimi
düşündirip bilmen.
— Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar!
— Işan aga, siz ömürboýy dilenip ýöreniňizde günä bolanok-da, Japbaklar birje gezek dertlerini aýdanda günä bolaýýamy? Aslynda çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat
edilmelidir ahyry!
— 133 —
Olaryň öňünde bir jam saryýag getirip goýdular.
Japbaklar iýdiler, içdiler, özleri ýaly açgöz oglanlara-da çörek
uzatdylar, gowurma okladylar. Olaryň keýplerini köklediler. Ondan soňra ýerlerinden turup, Kelekbaýyň golaýynda gerindiler,
palladylar.
Kelekbaýy ýanaýandyrlar hasap eden Ýalak olara abyr-zabyr
urdy.
— Heý, bihepbeler! Doýduňyz, taň etdiňiz. Adamyň üstüne
gerinmäňiz näme? Günä bolar!
Ukudan açylan Ýapbak agzyny giň açyp, ullakan pallady.
— Işan aga, günäden öz ömrümizde biz birinji gezek
gönendik. Şular ýalyjak günäleri bize çaltrak berip duraweri. Bereketiň artsyn!
Ýalak işan dawany tizräk açmaga gyssandy.
Japbaklar dawa üçin çagyrylanlaryny hem bilmezlige salyp,
illeri gülüşdirmeklerini dowam etdiler. Ýalak dawadan gürrüň
agzamakçy bolanda, Japbak oňa ýüz tutdy.
— Hawa, işan aga, eden hyzmatyňyza taňryýalkasyn.
Doýan ýeriňde doklugyňy siňirme diýen nakyl bar. Bize rugsat
berseň, indi gaýtjak, sygrymyza seretmelidiris.
— Japbaklar kim, sygyr kim?
— Siziň asyl habaryňyz ýokmy? Biz Kelekbaý bilen söwda
etdik ahyry!
— Gullakbaýyň aýdyşyna görä, siz söwdany galp edipsiňiz.
Galp söwda günä bolar!
— Şeýlemi, Kelekbaý, biz seniň bilen sygyr söwdasyny etmedikmi?
«Kelek» sözi Kelekbaýy gazaplandyrjak ýaly etdi, birdenkä
bolsa çalamünder hem Japbaklaryň söwdany örän berklänleri
ýadyna düşdi, özüni ýitirdi.
— Men... men oýun etdim, oýun.
— Kelekbaý, seniň bilen oýna gyzyp ýörer ýaly, biz oglan
oglanjyk däl ahyry! Näme sygryň bahasyny — bir sanaç bugdaýy
eýýäm iýip gutaraýdyňmy?
— Men... men size sygyr diýip, garpyz satypdym.
— Işan aga, kimiň söwdasy galp? Sygyr diýip, garpyz satanyňkymy ýa guşuň gursagy ýaly dok däne berip, sygyr alanyňkymy?!
Ýalak bilen Kelek biri-birine çiňerilişdi.
Japbak dowam etdi.
— Garpyz, näme, süýt berýärmi? Biziň, näme, gözümiz
ýokmy? Heý, sygyr bilen garpyzy tanamazam adam bolarmy?
Heý, bir garpyza-da bir ýük bugdaý berlermi? Biz süýt içmek üçin
sygyr aldyk, sygyr. Ynanmasaňyz baryň-da göräýiň, sygyr biziň
gapymyzda gäwüşäp durandyr.
— Siz... meniň hem sygrymy, hem garpyzymy aldyňyz.
Ýalak işan ara düşdi.
Oňa şerigat ýol bermez. Günä bolar!
Saryýag içip, sesi açylan Topbak pert-pert gepledi.
— Päheý, onuň işi haýyr-la! Gelen ýyl ekin biter, biz onuň
garpyzyny iki edip beräýeris.
Köpçülik Kelege, Ýalaga maý bermän gykylyk etdi.
— Topbak gaty dogry aýtdy. Kelekbaý gelen ýyl garpyzyny
— 134 —
alsyn. Ýöne weli, sarymaňyz oglanlary aldany üçin oňa sag bol
aýtmaly däl. Goý, Ýalak işan şerg ýoly bilen oňa temmi bersin!
Şerg ýol almady. Kelekbaý barmagyny burnuna sokup galdy.
Japbaklar gol tutuşyp, aýdym aýtdylar.
Hile gurdy garry Kelek,
Arka boldy arryk Ýalak,
Ilim-gunüm sagja bolsun,
Köpük ýalarys, heýjanelek!
Taýçanaklar
Japbaklar bir gün baýrakda bolup, at çapyşygyny synladylar.
Bökjekleşýän tohum atlara Japbaklaryň nebsi otukdy.
Japbak aýtdy: — Näme üçin biziň atymyz ýok?
Mapbak aýtdy: — Näme üçin biziň atymyz ýok?
Ýapbak aýtdy: — Näme üçin biziň atymyz ýok?
Onda Topbak aýtdy:—Atymyz bolmasa, bagtymyz bar.
Japbaklar az sözleşdiler, kän sözleşdiler, iň soňunda
at çapyşyk kararyna geldiler. Karar, elbetde, iň soňunda at
çapyşmak kararyna geldiler. Karar, elbetde, kyn däl, ýerine ýetirmekde iş bar. Şonuň üçin Japbak biraz oýdan soň, ýelken gulaklaryny gabartdy.
— Biziň hem at çapyşalyň diýşimiz «alma, biş, agzyma
düş» diýen ýaly, gury bir hyýal bolýa.
— Näme üçin?
— Üçüniň bormy? Atyň bolsa çaparsyň-da!
Ýapbak çowluja burnuny eliniň aýasy bilen süpürdi.
— At bolanda kim çapmyýa? Sen atsyz çapanyňy aýt!
Mapbak olara çukurja gözlerini çüýjertdi.
— At edinmäň nämä manysy bar-aýt!
— Hä, palçykdan ýasaňda çüwýän bolsa, kyn däl.
— Ine, haý diýmän ýaz çykar. Ekin ekeris. Harman alarys.
Baý bolarys. Biz adama bir däl, goşa at edineris. Atlary seýisläris. Birini ýakyndan goşsak, birini ula ibäris. Şonda nädersiň
baýragyň aşagyndan galybam bilmeseň.
Topbak tokgaja burnuny müňküldetdi.
— Biziň gardaşymyz Mopbak guş bolsa, bilbil bolardy.
Gör nähili gowy saýraýar! Ýaz çykmagyna entek wagt kän. Taýak
gelýänçä ýumruk. Geliň, entek biz özümiz çapyşalyň.
Japbaklara at ýalyny örmäge, guýrugyny işmäge hajat ýokdy:
olaryň egin-eşigi örän tyrrykdy. Olary seýislemäge-de hajat ýokdy, içleri höwür erkegiňki ýaly çekikdi.
Olaryň dördüsi dört ýerden edil çapyljak ata döndi: «Dur,
dur!» bolşup goşulmaga taýynlandylar, aýaklary bilen ýer
peşediler.
Onda Japbak aýtdy: —Obanyň içinde at çapyşsak, belki atlar
boýnar.
Onda Ýapbak aýtdy: — Dogrudyr, belki, urduran adamymyz
bolar.
Onda Mapbak aýtdy:—Adam hununa galmagymyz hem
mümkin.
Onda Topbak aýtdy: — Dar ýerde at daratmak, elbetde, ha— 135 —
tarly. Geliň, biz ýüzümizi giň sähra tutalyň.
Japbaklar giň meýdana çykdylar. Taýçanaklar uzak wagtlap
goşulyşyp bilmediler: ugradylar — çekdiler, ugradylar — çekdiler. «Heý, jüre getiren! Dur! Dön!» diýşip, öz aralaryndan gopgun
turuzdylar. Iň soňunda dördüsi dört ýerden boýuntyryk atylan
ýaly, gamça basdy.
Ýapbagyň burny jügüldedi.
Mapbagyň burny myşlady.
Topbagyň burny ýel düşen suw kädi ýaly haňlady.
Kä Japbak ozdy, kä Ýapbak. Kä Mapbak öňe düşdi, kä Topbak.
Olar obanyň gara görnümindäki gumaga baryp dyrmaşdylar.
Taýçanaklar hemişe içleri çekgin bolanlary üçin, onçakly derlemediler, tosun bolmanlary üçin, onçakly haslamadylar.
Japbaklar demlerini dürsänlerinden soň, töwereklerine garanjakladylar. Bir görseler, demir gapakly alabeder pyşbagalar
şakyrdaşyp ýörler. Topbak oturan ýerinden towsup galdy.
— Aý, Japbaklar, ine gerek bolsa size taýçanaklar. Geliň, biz
pyşdyl çapdyralyň.
Doganlar: — Geliňde-geliň bolşup, adama bir pyşdyly dolap
aldylar.
Japbak Ýapbakdan sorady.
— Seniň taýçanagyň ady näme?
— Ülker!
Ýapbak Mapbakdan sorady.
— Seniň taýçanagyň ady näme?
— Laçyn.
Japbak Topbakdan sorady.
— Seniň taýçanagyň ady näme?
— Meleguş.
Topbak Japbakdan sorady.
— Seniň taýçanagyň ady näme?
— Garlawaç.
Adatda atlar ikiden goşulýan bolsalar, Japbaklar taýçanaklaryň dördüsini birden goşdular. Emma pyşdyllar el görmän tez
bolanlary üçin doganlaryň göwnünden turmadylar. Olaryň her
haýsy bir ýana ýüzlendi.
Japbak öz taýçanagyny gaýtardy.
— Meniň Garlawajyma garaň, edil ýer ýüzünden gaýyp
barýa.
Ýapbak öz taýçanagyny gaýtardy.
— Aý, gardaşlar, häzir boluň, Ülker birden ürkäýmesin.
Mapbak öz taýçanagyny gaýtardy.
— Görüň, algyr Laçyn awa dyzaýar.
Topbak öz taýçanagyny gaýtardy.
— Meleguşa bakyň, Meleguşa!
Japbaklar olary näçe gaýtarsalar-da, näçe öwseler-de, näçe
goşsalar-da, taýçanaklar olaryň meýillerine görä hereket etmediler.
Japbak öz Garlawajyny başyndan aýlamak isledi.
Ýapbak öz Ülkeriniň alabeder keçesini sypyrmak isledi.
Mapbak öz atynyň guýrugyny, gulagyny öz sygyrlaryna
meňzetmek isledi.
— 136 —
Onda Topbak aýtdy.
— Ah-ow, gardaşlar, siz oýlanyp görüň! Bu janawarlarda
ýazyk ýok ahyry! Olar şindi baş görmändir, seýislenmändir, toý
märekesine girmändir. Eger at edinjegiňiz çynyňyz bolsa, bulary
biraz idetmegimiz, terbiýelemegimiz gerek.
Japbaklar taýçanaklara baş öwretmek üçin, olary oraçalaryna
bakan alyp gitmek kararyna geldiler.
Japbak Ýapbaga aýtdy:
— Sen bulary ýol bilen öýe bakan sür.
Ýapbak Jopbaga aýtdy:
— Sen bularyň ýoldan çykmazlygyny boýun alsaň süreýin.
Olar öz peýwagtlaryna gidýän bolsalar, onda olaryň yzynda
seniň näme işiň bar?
— Aý, garaz, agam bolýasyň-da, diýeňiňi etmeli-dä. Bolmasa, şulary bir ýana sür diýeniňden, arkaň bilen daş çek diýseň ýüz
esse ýagşy görerdim.
Mapbak Topbaga aýtdy:
— Çapyşyp gelen ýerimiziň näçedigini bilmek üçin, sen öýe
barýança ädimläp git.
Onda Topbak Mapbaga aýtdy:
— Ýolda hiç kimiň päsgel bermezligini boýun alsaň,
gideýin.
— Päsgele gaýtawul tapmaz ýaly, sen näme Japbaklardan
dälmi?
— Aý, garaz, aga bolýasyň-da, diýenini etmeli-dä. Bolmasa,
ýarty ýolda biri sanymy ýalňyşdyranyndan ädimimi ýalňyşdyranyny kem görmezdim.
Japbak bilen Mapbak taýlara ýatak etmek üçin ozup gitdiler.
Ýapbak pyşdyllary sürüp ugranda, olaryň her haýsy bir ýana
sowuldy.
Ýapbak bir gezek Ülkeri gaýtardy, bir gezek Laçynyň
yzyndan ylgady, bir gezek Meleguşy dolady, bir gezek Garlawaja
azm urdy. Emma wagty bilen olaryň başyny jemläp bilmedi. Iň
soňunda olary ugrukdyrdym hasap edip, ýeke özi hiňlendi.
Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga,
Pyşdyldap gider daga
Iň kiçimiz Topbajyk,
Olam tokarja çaga.
Ýapbak olary öwse-de, olara heň edip berse-de, pyşdyllar
oňa baş bererli bolmady. Ol iň soňunda biriniň gapdalyna kakyp,
biriniň garşysyny alyp, birine haýbat urup, hemmesini bir ýere
toplady. Pyşdyllar wyžžyldaşdylar. Göwnüne bolmasa, Ýapbak
olaryň şol wyžžyldysyndan:
— Geliň, biz Ýapbaga bakan hüjüm edeliň — diýen ses eşitdi.
Ýapbak töweregine garanjaklady: hiç ýerde doganlaryň hiç
biri görünmedi. Ol birhili öz endamy tikenekleýän ýaly duýdy.
Eýsem-de bolsa syr bildirmezlik üçin, elindäki çybyjagyny
galgatdy-da, pyşdyllara azm urdy.
— Näme beýle pyşyrdaşan bolýarsyňyz? Ýapbak sizden
gorkar öýdýämisiňiz? Hany, ugrubir ýola düşüň!
— 137 —
Pyşdyllar ýene wyžžyldaşdylar. Bu sapar onuň gulagyna
açyk eşidildi.
— Geliň, birimiz onuň sag eliniň barmagyny, birimiz çep
eliniň barmagyny, birimiz sag aýagynyň, birimiz çep aýagynyň
barmagyny dişläliň! Biziň daş tabagymyza onuň dişiniň ötjek
gümany ýok! Geliň, biz ony birsalym awundyralyň! Ýalaňaç ýeke
jandar demir donly dört jandara höküm süren bolup durmasyn.
Ýapbagyň depe saçy bir ýere üýşdi. Näme üçindir
şagga derledi. Gorkuly göz bilep töweregine garanjaklanda,
pyşdyllardan başga jandara gözi ilmedi. Şol salymyň özünde
bolsa höküm buýrugyny eşitdi.
Ýerli-ýerden hüjüm!
Ýapbak birdenkä aýagaldygyna ökje göterdi, tümmege
büdräp tüwdürilip gitdi. Şol bada ýene:
— Et, gutarma! — diýen gykylygy eşitdi.
Ýapbak aýak üýetüne galmanka bolsa, oýtakdan çykan
Japbak bilen Mapbak el çarpyşyp gülüşdi.
Ýapbak gorkuly gözlerini petredip seretdi. Görse, Japbak
bilen Mapbak gyzyl-gyran gülüşýärler. Ol ýeňsesini tüňňertdi,
öýkeledi.
— Ýagşam bir ogan ekeniňiz! Tasdan meniň ýüregimi
ýarypdyňyz!
Onda Japbak aýtdy:
— Aý, gardaş Ýapbak, biziň bu oýnumyz seni gorkuzmak
üçin däl-de, saňa batyrlyk öwretmek üçin.
— Şeýle-de bir batyrlyk bolarmy? Meniň ýüregim ýarylan
bolsa, dördüň ýerine üç bolup galardyňyz, sag goluňyzyň biriňiň
syndygy bolardy.
Onda Mapbak aýtdy:
— Sen hiç wagt howsala düşme. Gorkaklyk Japbaklaryň
häsiýeti däl. Şindi-hä dört sany pyşdyl, dört sany ýaragly duşman
hüjüm etse-de, sen olaryň garşysyna edil gaýa ýaly bolup dur.
Ana, şonda sen olaryň dördüsini-de ýeňersiň!
Şol wagtyň özünde bolsa Topbak olaryň duşundan öňki
gaýdan yzyna bakan ylgap gitdi, doganlara habaram gatmady,
seretmedem.
Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Japbak:
— A-how, Topbak, dur, a-how! — diýip gygyrdy.
Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Ýapbak:
— Ah-ow, Topbak, Gaýt yzyňa! — diýip gygyrdy.
Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Mapbak:
— Ah-ow, Topbak! Saňa näme boldy? Dälirediňmi?— diýip
gygyrdy.
Emma Topbak olaryň hiç haýsyna jogap bermän, aýagaldygyna ylgady. Doganlar haýran bolup galdylar.
Japbak aýtdy:
— Doganlaryň hiç haýsynyň ýeke çykarlygy ýok.
Ýapbak aýtdy:
— Japbaklaryň biri-birinden aýrylarlygy ýok.
Mapbak aýtdy:
— Ýapbak gorkdy, Topbak ürkdi.
Topbagyň başyna gelen işden olaryň hiç biriniň habary ýokdy. Ol ýaňy ýoluny ortalanda, onuň gapma-garşysyndan çykan
— 138 —
bir oglan oňa salam beripdi. Topbak onuň kimdigini hem tanaman, salamyny hem alman, bir gidişine ädim sanyny sanap
barýardy. Emma öz yzynda şol oglanyň: «Bä! Japbaklara bu gün
näme döw çaldyka?» diýen sesini eşidipdi. Şol söz ony iňkise
salany üçin bolsa ädim sanyny unudypdy. Şonuň üçin hem Japbaklaryň duşundan yzyna bakan dazyrdap geçipdi. Topbak ýoluny ýaňadan ädimläp geldi.
Japbak oňa: — Topbak, saňa näme boldy? — diýdi.
Topbak elini salgady.
Ýapbak oňa: — Topbak, bu nä boluş? — diýdi.
Topbak elini salgady.
Mapbak oňa: — Topbak, sen näme dälirediňmi?— diýdi.
Topbak elini salgady.
Iň soňunda üç doganyň üçüsi birden oňa ýapyşdy.
Topbak başyny ýaýkady.
— Wah, arman!
— Hä, näme boldy?
— Näme boljakdy? Ikinji gezek sanymy ýalňyşdyrdyňyz!
Japbaklar keýp edip güldüler.
Şol wagtda bolsa, Topbaga salam beren oglanyň
garagörnümden gidip barýany saýgaryldy. Topbak onuň yzyndan
bogazyna sygdygyndan gygyrdy.
— A-ha-a... Wa-aleýkimessalam, ha-haw!
Meniň sygrym haýsy?
«Mal eýesine çekmese — şumluk» diýen nakyl bar.
Japbaklaryň alan sygry hem edil Kelekbaýyň özi ýaly gezegen
ekeni, ol ekine adatlanan ekeni. Baý maly bolany üçin, oňa hiç
kim bir zat edip bilmeýän ekeni.
Japbaklaryň sygry birinji gezek ekine düşende, onuň bir gulagyny kesdiler.
Japbak ony görende, haýran galdy.
— Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna näme bolduka? Ýa
Kelekbaýyň aýdyşy ýaly, guzlajak wagty golaýlaýamyka? Meniň
bilşime görä, guzlamak alamaty bolsa gerek!
Sygyr ikinji gezek ekine düşende, ikinji gulagyny kesdiler.
Ýapbak ony görende, haýran galdy.
— Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna näme bolduka?
Ýa Kelekbaýyň aýdyşy ýaly, guzlajak wagty golaýlap
ýörmükä? Meniň bilşime görä, ekiz guzlamak alamatydyr.
Sygyr üçünji gezek ekine düşende, şahyny döwdüler.
Mapbak ony görende, haýran galdy.
— Bä, biziň sygrymyz ýeke şah bolaýypdyrla! Ýa onuň döw
gatanjy barmyka? Meniň bilşime görä, üçem guzlamak alamatydyr.
Sygyr dördünji gezek ekine düşende, ikinji şahyny döwdüler.
Topbak ony görende, haýran galdy.
— Bä, biziň sygrymyz Kelekbaý ýaly, kelek bolaýypdyrla! Ýa bu-da, Kelekbaý ýaly, baý boljak bolýamyka? Dogrudyr!
Meniň bilşime görä, Japbaklaryň özüne sandaş dördem guzlamak
alamatydyr.
Sygyr bäşinji gezek ekine düşende, guýrugyny hem kesdiler.
— 139 —
Doganlar ony görende, dördüsi birden seslendi.
— Biziň bilşimize görä, bu gezegenligiň hem gysyrlygyň
alamatydyr.
Guýruksyz, gulaksyz kelek sygyr Kelekbaýyň Japbaklara satan garpyzy ýaly togalakdy. Ony hiç ýatakda-da saklap bolmady,
kesmigini döwüm-döwüm etdi, ekinden-ekine gezdi. Onuň indi
kesere-de ýeri galmady. Japbaklaryň ondan habary bolmasa-da,
Japbaklardan içi ýangynly bolany üçin, sygry özüne meňzeden
Kelekbaýyň özüdi.
Japbaklaryň obasyndaky Doýduk, baýlykda-da, hilegärlikde-de Kelekbaý bilen bäsleşýärdi. Garpyz ýaly togalanan sygyr
bir gezek onuň ekinine düşdi. Doýduk sygryň aýaklaryndan
başga kesere ýerini tapmady. Aýagyny kesse, tölemeli boljakdy.
Doýduk ony daňyp goýdy.
Topbak ony dilemäge baranda, Doýduk elini salgady.
— «Ýamandan boýuňy satyn al» diýendirler. Äkideweriň,
äkideweriň!
Doýdugyň ajy sözi Topbaga ýaman degdi. Şonuň üçin öz
sygry bilen meňzeş Doýduga ýüz tutdy.
— Doýduk eje, meniň sygrym olmy ýa seň özüňmi?
Doýduk gyňajyny galgatdy.
— Owarra bol, ýaşy kesilen!
— Günämi öt, Doýduk eje! Ýogsam meniň sygrym dil
bilýän däldir-le! Ýöne weli, Doýduk eje, seniň ýaly dilli bolandan-a onuň lallygy hem kem däl.
Japbaklar kelek sygry näçe berk saklasalar-da, «Öwrenen
gylyk örkleseň hem galmaz» nakylyna görä, Doýdugyň ekinine
ikinji gezek düşdi. Doýduk oýlandy, pikirlendi, iň soňunda: «Bu
sygyr barybir meni dyndarmaz. Kelekbaýdaka oňa çäre görmäge
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 13
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.