Latin

Saýlanan eserler - 02

Total number of words is 3855
Total number of unique words is 1848
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
jogap bermegi onuň düşbüje akyly talap edýärdi.
Aňyrsyna göz ýetmeýän sowallar, näçe gerek; bolsa, şonça
bardy! Her bir zady jikme-jik hem örän çalasyn bilmek isleýän
Aman ýoluň ugrunda daýanyp, her bir gelip-geçene dürli sowal
berdi:
— Daýy, a daýy, aýtsana: tomzak näme üçin uçýa?
— Daýy, a daýy, serçe näme üçin ýöremän, hemişe towsup
gezýä?
— Düýäň örküji soky ýaly bolup, eşegiň gerşi näme üçin
pyçagyň arkasy ýaly.
— Ýaprajyklar göm-gök-de, güller näme üçin gyzgylt?
— Çyra näme üçin ýanýa?
— Suw näme üçin ýananok?
«Näme üçin? Näme üçin? Näme üçin?..» diýen dürli sowallar
Amanyň daşyny birsyhly gabap alýardy. Şolaryň hemmesiniň
üstüne anha ullakan gazana seret: onuň içinde näme baryny
bilmezlik heý mümkinmi?..
Bu gün Amanyň akja köýneginiň reňkini-de saýgarar ýaly
däldi, ýüzüniň haşamy bolsa ala bulutly günüň kölegesine çalym
edýärdi, garaja saçlary bolsa edil çyryşlanan ýaly biri-birine
ýelmeşipdi. Şonuň üçin hem ol bu gün torsarylyp gelýärdi, günä
özünde bolany üçin, sulhy örän öçükdi.
Aman bu gün ejesiniň igenjine garaşman, aýyply bir ses bilen
özi uzur ötünip başlapdy:
— Eje, aý eje, bu gün meniň günämi öt. Çypbakaý çynym,
men şundan soň arassalykda hemme çagalara görelde bolaryn. Şu
sapar meniň iň soňky, iň soňky çyrşakly gelşim. Şundan soň Amany sen edil ardylanja käşir hasap edäý!
Ertesi bolsa onuň ejesiniň sesi ýene öňküliginde dowam
edýärdi:
— Ama-a-a-n! Aman jan-u-u-u!
Ykmandaja çaga gör nirede ýitdikä?
Bu gün Amanyň bagty tüýs getiripdi, oňa bu gün toý bilen
baýramdy! Aman hemişe köçede bolany, dürli çagalar bilen
oýnaýany üçin, rus diline-de düşünýärdi.
Ekin meýdanynyň bir ýerinde traktor durdy. Onuň içinden çykan uzynak, gaharly bir adamynyň «zaýelo» diýen sözüni
Aman öz gulagy bilen eşidipdi. «Bä, traktory «gemirýän» zat
nämekä?» diýip oýlapdy. Ýogsamam, traktordan çykan adam-da
Amandan arassa däldi, onuň hem köýneginiň egni ýyrtykdy.
Diýmek, kimem bolsa traktoryň bir ýerini gemripdir. Aman «bä,
möjek iýer ýaly, traktoryň guýrugam-a ýok» diýip oýlandy. Traktoryň bir ýerini iýip, ony saklan zat gör nähili geňdi! Aman onuň
golaýyna bardy, daýandy, çiňerildi, bütin zatlaryna üns berdi.
Emma «ä-häý oglanjyk, aýak arasynda çolaşyp ýörme!» diýen
duýduryş oňa bir az päsgel berdi. Ol hiç bir ýere çolaşman, iki
aýagy bir ýere çüýlenen ýaly durdy. Hawa, ilki gelen badyna
maşynyň aşagyna girjek bolup, bir-iki gezek synanypdy, emma
ony kowupdylar. Onuň ýönekeý duran ýerinde «aýak astyna
— 14 —
çolaşma» diýlen söz bir az ýokuş degýärdi. Eýsemde bolsa ol
hemmeje zady görýärdi: tigirlerini synlaýardy, gapagynyň aşagyndaky çarhlara göz gezdirýärdi. Gör ol nähili geňdi. Ylaýta-da
onuň nebit ysy nähili oňat burkurýardy! Emma ýaman ýeri,
onuň sowallarynyň hiç birine hiç kim jogap bermeýärdi. Traktory bejerýän gaharjaň adamdan Aman bir az heder etmän hem
durmaýardy. Şeýle-de bolsa Aman onuň içine giresi, çarhlarynyň
arasyndan emedekläp geçesi gelýärdi.
Traktor ilki tark-tark edip, ondan soň arlap ýola düşende,
Aman hem onuň yzyna düşüp ugrapdy. Birdenkä bolsa göwnüne
başga bir zat gelip, öýlerine bakan ylgapdy.
Onuň kiçijik başynda sansyz sowal güž bereni üçin, geýiminiň hapalygyny, eliniň-ýüzüniň çyrşaklygyny hem unudypdy.
Ol tüweleý ýaly kürsäp urup, içerik girip-girmän, gykylyk edipdi:
— Eje, aý eje, bizde möjek bamy?
Onuň sowalyna geňirgän ejesi gözlerini mölerdip seredipdi:
— Möjek? O nähili möjek?.. Al gerek bolsa! Sen nirede beýle
çyrşak zatlara miýesser geldiň? Näme garaýagly gazana oýkandyňmy?
— Eje, aý eje, dur entek! Sen maňa aýt: bizde möjek bamy?
— Bizde möjek näme işlesin! Bar sen...
— Arslan, ýolbars nähili?
— Ýolbars näme işlesin! Bar derrew ýuwun.
— Dur entek, eje jan, dur! Eýsem traktory gemren kim?
— Seniň samraýan zadyň näme?
— Men samramok! Traktorçynyň «traktory gemripdir» diýenini men öz gulagym bilen eşitdim. Heý demrem iýip bomy? Oňa
kimiň dişi ötjek?
— Bar derrew ýuwun-da, geýimiňi çalşyr. Traktor barada bolsa, mekdebe okamaga baraňda, saňa hemmesini düşündirerler.
— Men mekdebe haçan giderin?
— Arassalygy, tagşytlylygy kemsiz öwrenen wagtyňda. Men
sana öňem aýdypdym: seniň ýaly çyrşaklary mekdebe goýberenoklar.
— Traktor barada sen özüň maňa düşündirip bilmezmiň?
— Ýok, Aman jan, meniň traktordan habarym ýok.
— Eýsem erteki aýdyp berermiň?
— Iş-alada gutarandan soň, erteki barada agşam gürrüň ederis.
— Emma ertekini traktor barada aýdarsyň, ýagşymy?
2
Mekdebe gatnaýan çagalar Amanyň ünsüni özüne çekýärdi.
Olaryň suratly okuw kitaplary, çyzykly depderleri, başaşak tutanda, dökülmeýän syýa çüýşeleri, her dürli reňkde bulduraýan
görnükli galamlary, belli-beter-de tutawaçly, kiçijik portfelleri ony
gyzykdyrýardy.
Özünden uly çagalar sapaklaryny okamaga oturanlarynda,
Aman olara gün bermeýärdi. Bir gezek galamlaryny alýardy,
bir gezek kitaplaryny agtarýardy, bir gezek depderlerine
ýapyşýardy, mekdep barada, okuw hakynda dynuwsyz sowal
berýärdi, kowsalarda gitmeýärdi. Käte özünden uly çagalar ony
— 15 —
mynçgaýardylar. Emma Aman olara gaharlanman, gaýta jykyrjykyr gülýärdi. Oňa geregi şoldy!..
Bir gün Amanyň özünden uly agasy bilen uýasy mekdepden
gelip, iýip-içip, dynç alanlaryndan soň, sapaklaryny okamaga
oturdylar. Aman hem özüniň reňkli galamyny, depderini alyp,
olaryň stolunyň biriniň çetinde oturdy. Gardaşynyň depdere
hat ýazyşyna göz gezdiren Aman hem özüniň gök galamy bilen
egrem-bugram ullakan çyzyklar çyzyşdyrdy.
Aman kagyzyň ýüzüni egrem-bugram çyzyklardan
doldurandan soň, ýerinden turup, öz işine uzagrakdan göz
gezdirdi, ondan soň gapdalyndan seretdi, ýaňajyklarynyň dylmyraşyna görä, öz eden işinden hoşallygy göründi. Ondan soň ol öz
uýasyna habar gatdy:
— Maýsa, sen maňa kitapçaňy ber.
— Aman, azar berme, men sapagymy okaýan.
— Men sana azar beremok. Sen maňa kitapçaňy ber diýýän.
— Aman, çekil diýdim, çekil!
— Kitapçaňy berseň, çekileýin.
Maýsa ýerinden galyp, Amany halynyň üstüne agdardy-da,
gülki bilen mynçgady:
— Ýene-de azar berermiň? Berermiň? Berermiň?
— Ýok! Ýok! — diýip, çygylýan Aman Maýsa ýerinden galyp-galmanka:
— Päsgel bererin! Bererin! Bererin!— diýip jykyrdady.
Öz ýerinde oturan Maýsa çynlakaý sorady:
— Saňa nähili kitapça gerek?
— Mekdebe alyp gidýän kitapçaň.
— Ýok, Aman, berip biljek däl. Sen ony ýyrtarsyň, hapalarsyň.
— Hapalaman! — diýen Aman elleriniň çyrşagyny
görkezmezlik niýeti bilen arkasynda gizledi.
— Hany onda elleriňi görkez!
Aman:
— Ine derrewjik! — diýdi-de, gapynyň aňyrsynda özüni
gizledi.
Bir minutdan soň dolanyp gelen Aman elleriniň aýasyny
ulumsylyk bilen gerdi:
— Ine seret!
Amany diwanyň üstünde oturdan Maýsa oňa geografiýa
okuw kitabyny berdi-de, şeýle diýdi:
— Sen munuň suratlaryna seret. Ýöne weli wawwaly
ýaly örän esewan agdaryşdyr. Birdenkä ýyrtaýma, bolýamy?
Aman çynlakaý suratda kitaba üns berip başlady.
Ertir Maýsa özüniň pioner galstugyny tapmady. Gardaşy
oýan-buýany agtaryp, öz bukjasyny nähak gözledi, bir salymdan
soň onuň formaly papagynyň ýiteni-de mälim boldy.
Şol zatlaryň hemmesi bir salymdan soň Amandan
tapyldy. Aman galstugy bolar-bolmaz baglap, papagy gyşyk
goýup, portfeli zordan göterip, derwezä ýetip barýardy. Ony diňe
enesiniň eserdeň gözi saýgardy:
— Aman! Aman jan! Ýeri sen nirä barýasyň? — diýip gygyrdy.
Aman arkaýyn jogap gaýtardy:
— 16 —
— Mekdebe.
— Hany onda sen derrew bärik gel!
— Men onda mekdebe gijä galaryn.
— Aman! Gel diýdim, derrewjik geläý!
Aman göwünsiz yzyna dolandy.
Ejesi ondan:
— Oglum, sen näme çagalaryň geýim-gejimlerini aldyň?
Aman öz düşünjesine görä ynjyly jogap gaýtardy:
— Men eýsem bularsyz nähili mekdebe gideýin?
— Sen kim, mekdep nirede! Sen entek, ynha seret, gulagyňy ýuwmagy hem öwrenmänsiň. Wagty gelende, mekdebe
gerek zatlaryň hemmesini kakaň saňa özi alyp berer. Sen entek ösde ulal.
Aman ynjyly bir ses bilen:
— Eýsem traktor barada kim maňa gürrüň berer?—
diýip sorady.
Kakasy agşam agronomlar ýygnagyndan gaýdyp gelende, Aman çynlakaý bir sypatda kakasyna ýüzlendi:
Kaka, sen maňa traktor barada gürrüň bersene!
— Oglum, men onuň nämesini gürrüň bereýin?
— Meselem, onuň guralyşy nähili? Onuň bir ýeriniň oý,
bir ýeriniň çukurlygy, tigriniň ululygy näme üçin? Ony gemirýän
kim?
Kakasy onuň sowalyna keýp edip güldi:
— Aman, sen häzir oňa düşünmersiň. Ynha sen
ulalarsyň-da, mekdebe gidersiň, şonda hemmesini kem-kemden
öwrenersiň.
— Men indi ullakan ahyry.
— Aý ýog-a?
— Dogrym kaka. Sen maňa kitap, depder hem portfel
alyp ber. Men mekdebe gitjek.
— Saňa nähili kitap alyp bermeli?
— Nähili diýýäniň näme? Okalýan kitap.
— A! Harplyk alyp bermeli, şeýlemi?
— Hawa, hawa!
— Bolýa, alyp bererin, oglum.
Aman ýerine girenden soň hem mekdep barada oýlanyp ýatyrdy, birdenkä ýene bir zerur zat ýadyna düşdi-de, ýatan
ýerinden gygyrdy:
— Kaka, a kaka! Eşidýämiň, syýa çüýşesinem alyp ber.
Birdenkä syýa çüýşäni ýadyňdan çykaraýmagyn!
3
Amanyň başyna iň soňunda täze hem adatdan daşary zähmetli bir durmuş gelip ýetdi. Amanyň ýatýan ýerindäki kiçijik
stolun üstünde bir näçe günden bäri arassa harplyk, depderler,
portfel hem egeňde dökülmeýän syýa çüýşe ýatyrdy. Aman her
gün ertir ir bilen mekdebe gitmek küýüne münýärdi. Emma her
gün ertir ony siňe synlaýan ejesi dürli bahana tapýardy:
— Aman jan, seni mekdebe goýbermezler. Sen gulaklaryňy
örän ýaramaz ýuwupsyň! — diýýärdi. Ýa-da:
— 17 —
— Sen dişiňi beri arassaladyňmy? Ýeri sen şu bolşuňa
mekdebe nähili gitjek! — diýýärdi Ýa-da:
— Sen köýnejigiňi nähili hapaladyň! — diýip igenýärdi.
Gulaklary kemally ýuwlanda, dişleri kemsiz arassalananda,
köýnegi täze ýuwlan ýaly tämiz galanda bolsa, Aman ýatyp galypdy. Iň ýamany hem şoldy. Ertir irden turaryn diýip ýatanda,
ýene uklap galýardy. Aman şoňa nähili çäre görjegini bilmän, ünjä
düşýärdi. Ejesine ýalbarýardy, emma ol dürli bahana bilen ony
turuzmaýardy. Ýatyp galmazlyk üçin, eý-sem nähili çäre görmelidi? Şonuň çäresini öwreden beri tapylsady! Her gün ertir oňa
şeýle şowsuzlyk garaşýardy: Aman her gün ertir gözüni açan badyna:
— Eje, men mekdebe gitjek! — diýýärdi.
Ejesi bolsa:
— Oglum, sen ýatyp galypsyň, indi giç bolar — diýýärdi.
Gijesine ünjüli ýatýany üçin, Aman bir gün örän ir oýandy:
penjiräň yşlaryndan heniz oňly ýagty-da girmändi, heniz aýak
üstüne galan-da ýokdy, öýdäkileriň hemmesi rahat ýatyrdy. Uky
Amanyň hem gözüni bürýärdi, beýlesine agdarylyp, ýaňadandan
ýene pişik ýaly myrlasy gelýärdi, emma çynlakaý aýgyt edijilik
üstün çykdy. Aman aýaklaryny krowatdan aşak sallap, dikelip
oturdy. Ol gözlerini owkar-döwker edip, ukudan açylandan soň,
emaý bilen turup, assyrynja ýöräp, kuhnýa bakan gitdi. Kemsizje ýuwundy, dişlerini örän oňat arassalady, dişlerini hem ýüzüni
ýaňadandan gaýtalap ýene ýuwdy, geýindi, portfelini aldy, kitabyny, depderlerini, syýa çüýşesini, galamyny içine saldy. Ondan
soň emaý bilen öýden çykdy. Howa bir az ýagtylsa-da, gün heniz
dogmany üçin, wagtyň irdigini ol bilýärdi. Emma ol öz ýanyndan: «Hemmeler aýak üstüne galsalar, meni mekdebe, belki, ýene
goýbermezler. Men iň ýagşysy mekdebiň golaýynda garaşaýyn»
diýen karara gelipdi.
Köçede hiç kim ýokdy, dym-dyrslykdy. Eger itler bilen towuklar hem örmedik bolsalar, Aman üçin örän tukatlyk bolardy,
sözleşmäge, degişmäge-de hiç kim tapylmazdy...
Aman gyssanman, howlukman, mekdebe bakan gitdi. Mekdebiň entek ýapyklygyny aňlany üçin, howlynyň bir ýerinde
haýata ýaplanyp durdy. Amany ýekesiretmek islemeýän ýaly,
şelaýynja bir güjük onuň töwereginde guýrugyny bulaýlaýardy,
dilini ýalmandyrýardy, penjesini uzadýardy: Aman bilen
bälçireşýärdi...
Ilki bilen mekdebiň gapysyny gelip açan onuň garawulydy.
Emma Aman oňa ýeke-täk giresi gelmedi. Aradan salym geçmäkä
bolsa, şatlykly oglanlar toplanyşyp başlady. Aman hem şolaryň
arasyna sümlüp, mekdebe girdi, töweregine garanjaklady, partalaryň birindäki boş ýerde arkaýyn oturdy. Jaň urlan soň, mugallym gelip girdi.
Amanyň ýanyndaky oturan oglan oňa çiňerilip:
— Sen kim aýt? Sen bu ýerik nähili düşdüň?—diýip sorady.
Emma ol oglan mugallymyň klasa girenine gözi ilenden soň,
jogaba garaşman, ýüzüni aşak saldy.
Mugallym öz adatyna görä klasa göz gezdirdi, birden onuň
görejine nätanyş bir oglanjyk ildi. Daşky görnüşine görä çaga alty
ýaşyndan artyk bolarly däldi, emma örän gopbamja bolup, töw— 18 —
eregindäkileriň hiç birinden üýşenmän, kitabyny, depderlerini,
egeňde dökülmeýän syýa çüýşesini çykarýardy...
Mugallym oňa habar gatdy:
— Aý, oglanjyk!.. Hawa, hawa, saňa diýýän! Hany bärik gel!
Aman äwmän ýerinden galdy, özüne üns berilýänine ulumsylanyp, epeý bir görnüşde mugallymyň ýanyna geldi.
Oňa siňe sereden mugallym ýylgyrdy-da, sowal berdi:
— Seniň adyň näme?
— Aman.
— Ýeri Aman, näme, okamaga geldiňmi?
— Hawa okamaga geldim!—diýip, Aman ulumsy jogap
gaýtardy-da, bir az oýlanandan soň, dowam etdi.
— Eger kyn görmeseňiz, siz maňa şu günüň özünde traktoryň gurluşyndan gürrüň beriň. Ony nämeden gurapdyrlar, näme
üçin gurapdyrlar?
Aman töweregine gahar bilen göz gezdirdi... Klasdaky
oglanlar nämä gülüşýärler? Aman şeýle gülkünç bir zat aýtdymy?
Ýa onuň gulagy kirlimi? Geýiminde çirik barmy?
Mugallym oňa ýene sowal berdi:
— Aman, sen näçe ýaşyňda?
— Alty.
— Näme diýsene, Aman, mekdebe diňe ýedi ýaşyny
dolduranlar gelýär. Sen bir az howlugypsyň. Onuň hem üstüne
sen ýüzüň ugruna üçünji klasa gelipsiň. Anha görýämiň, bu
ýerde dokuz, on ýaşly ullakan oglanlar okaýarlar. Sen entek okuw
ýaşyňa ýetmänsiň. Aman, şonuň üçin bir az garaşmaly bolsaň gerek.
Aman özüni çynlakaý ynjydylan hasap edip, ýüzjagazyny ýokary tutdy-da, ulumsy sowal berdi:
— Kiçijikleriň näme okamaga haky ýokmy? Näme üçin?
Amana öz aýdan sözüniň näçe ýokuş degenini aňlan
mugallymyň kiçijik oglana haýpy geldi:
— Aman, görýän weli, sen örän çynlakaý, işeňňir bir
oglan. Men seniň bilen örän şadyýan gürleşerdim. Emma weli,
görýämiň, men ynha sapaga başlamaly. Aslynda bizde umuman
düzgün şeýle: kim okamak islese, ilki bilen mekdep direktorynyň
ýanyna barýar-da, mekdebe kabul edilmegini haýyş edýär. Men
seni onuň ýanyna özüm alyp barardym weli, görýämiň, ynha
gyssagly işim bar. Sen, hanym, kitaplaryňy, depderleriňi ýygnaşdyr-da, direktoryň ýanyna bar, şonuň bilen gürleş.
Amany gapa elten mugallym hyzmatkär aýaly onuň
ýanyna goşup goýberdi.
Aman direktoryň ýanyna girende, mekdebe girişindäki
ýaly dogumly däldi, ondan bir az çekinýän ýalydy, eýsem-de bolsa onuň göwnünde yza çekilmek niýeti ýokdy.
Emma direktor hem oňa mugallymyň aýdan sözlerini
aýtdy: Amanyň entek ýaşlygyny, häzir mekdebe kabul edip bolmajagyny mälim etdi. Ol Amana nesihat berip:
— Aman, sen entek öýüňizde oka — diýdi. — Seniň kakaň, ejeň barmy? — diýip sorady.
Aman:
— Hawa, bar — diýdi. Soňra bolsa: —Bir gardaşym bilen
uýam hem bar — diýip artdyrdy.
— 19 —
— Örän gowy. Sen olardan haýyş et, goý olar saňa kitaby
seslenip okap bersinler. Sen şonluk bilen öýde bir salym okarsyň
weli, wagtyň nähili geçenini hem duýmarsyň, birden görseň,
eýýäm okuwa, mekdebe gitmeli wagtyň ýetip geler.
— Olar maňa suratly kitaplary onsuzam okap berýäler.
Men bir näçe goşgyny ýatdan hem bilýän. Isleseňiz, olardan bir
näçesini okabam bereýin.
Aman soňky sözüni aýratyn ynanç bilen aýtdy: kim
bilýär, belki, direktoryň göwni teselli tapar-da ony mekdebe kabul
eder!
— Sen nähili goşgulary gowy bilýäsiň?
— Mihalkowyňkyny, Marşagyňkyny, Pommaňkyny hem
Puşkiniňkini.
— Sen olaryň haýsyny gowy görýäsiň?
— In gowy görýänimmi? — Ol bir az oýlanandan soň: —
Ynha gowy görýänim — diýdi-de, özüni bir az rejeläp, kellesini
gaýşardyp, döşüni pökgertdi-de, okamaga durdy:
U lukomorýa dub zelenyý...—
diýip, rusça okady.
Amanyň şaňňyja sesi örän ynamdar çykdy. Oňa gulak asýan
direktor ýylgyrdy:
— Aman, örän oňat okadyň! Örän oňat okadyň! — diýip
gaýtalady.
— Meni onda mekdebe kabul edermisiňiz?
Direktor mylaýym ses bilen sypaýyçylykly sözledi:
— Ýok, dostum, Aman. Seni entek mekdebe alyp boljak däl.
Sen ýene birneme sabyr et. Ondan soň seniň garşyňda hemme ýol
açyk bolar.
Mekdebi özüniň belent derejesi hasap eden Aman iň soňky
aýgytly, tutalgaly deliline tutundy. Ol bir eli bilen gulagyny gerip,
beýleki eliniň aýasyny direktora bakan ýaýyp, sandyrawuk ses
bilen sözledi:
— Bu nähili beýle bolýa!.. Siz meniň tämizligime garaň. Ejem
maňa: «Sen arassa, tygşytlyja bolsaň, seni mekdebe kabul ederler»
diýýärdi ahyry!
— Hökman kabul ederis, Aman, hökman. Sen ýöne bir az
sabyr et. Ýöne weli, sen dogrujaňdan gel: haçandan bäri sen şeýle
arassa hem tygşytlyja bolduň?
Şol sowal Amany bir az aljyratdy:
— Eýýämden bäri... ýöne weli onçakly uzagam däl.
— Nähili eýýämden bäri? Iki gün, üç gün? Şeýle Dälmi,
Aman?
Aman başyny aşak saldy-da:
— Şeýle —diýip, jogap gaýtardy.
— Ana gördüňmi! Ýöne weli, sen ýüzüňi sallama. Sen özüňi
häzire çenli alyp gelşiň ýaly, örän ruhubelent tut. Şonda wagtyň
nähili geçenini duýmarsyň-da, mekdebe kabul edileniňi bilmän
galarsyň. Ýöne weli, Aman, men senden bir zat haýyş edesim
gelýär. Seniň şygyr okaşyň meniň hoşuma geldi. Ýakyn günlerde
ýaş çagalar üçin bizde üýşmeleň boljak. Sen ýene bir-iki sany şygyr öwren-de, şol üýşmeleňde ony biziň çagalarymyza okap ber.
— 20 —
Ýagşymy?
— Ýagşy.
— Ber eliňi?
— Al bäri.
— Häzir bolsa sen öýüňize gaýt. Ejeň, belki, seni gözleýändir.
Dogrumy? Bolýar onda, Aman, sag bol!
— Sag bol.
Aman gapa baranda, saklanyp, direktora bakan aýlandy-da,
ynamsyz, emma çynlakaý ýalbaryş bilen sözledi:
— Belki, men uzyndan uzak bir şygyr öwrenerin? Belki, men
ony sakynman okaryn? Belki, meniň elim, gulagym hemişe arassa
bolar... Şonda siz maňa traktor barada gürrüň berermisiňiz? Traktoryň nähili işleýänini, näme üçin işleýänini aýdarmysyňyz?
Direktor ýylgyryp jogap berdi:
— Hökman aýdarys!..
Aman direktoryň ýanyndan çykanda, ol günki traktoryň arryldysy gulagyna geldi.
1956
ATASYNYŇ OGLY
Mekdepden çykan oglanlar agyldan boşan owlak-guzy ýaly,
biri-birine degşip, biri-birini dürtüşip, biri-birini kowalaşyp, ala
gopgun bilen köçäni dolduryp barýardylar.
Emma ol şagalaň on bir ýaşly Myrady şowhunlandyrmaýardy, ol gopgun onuň gulagyna ilmeýärdi. Adatda bolsa,
şol şagalaňy başlaýanlardan, çendan basalaşyp, käte dalaşyp,
ýakasyny ýyrtdyrýanlardan, käte ýyrtýanlardan biri, elbetde, Myratdy.
Myrat içi kitaply, tutgujy üzülen portfelini goltugyna gysyp,
öz oýy, öz küýi bilen ýüzüni aşak salyp barýardy. Onuň ötgür
gara gözleri adatça köçäniň ol ýüzünden ýöreýänleri, hatda ikinji
kwartaldan barýanlary-da saýtarýardy. Ol özüniň çagalygyna garaman, köçe adamlaryndan çekinmän, özüniň ýogyn sesi bilen:
— Ora-az!.. Annaýar! — diýip gygyrýardy.
Emma bu gün asfaltly köçäniň trotuaryndan ýöreýän adamlary hem seljermän, olardan käbirine jebis gelende, ukudan
oýanan ýaly ýalta seredýärdi ýa-da üýtgeşik hiç bir zat bolmadyk
ýaly, ýüzüniň ugruna sowlup geçýärdi.
Ol şol barmana arkasy ýükli hasanaklap gelýän gyssanmaç
bir aýal bilen çaknyşdy. Ol aýalyň elindäki çüýşe ýere gaçdy-da
döwüldi, jyňňyrdady, asfaltyň ýüzüne nebit ýaýylyp gitdi.
Şol aýal akyp barýan nebitine nebsewürlik bilen garandan
soň, Myradyň yzyndan seretdi, ynjyly bir ses bilen:
—Aýu, jigi ja-an! Gözüň ýokmudy!—diýip igendi.
Emma aýalyň igençli sesi Myradyň gulagyna ilmedi.
Ol adatda bolsa, şol aýala, belki, ötgünräk jogap gaýtarardy.
— Ýagşy, meniň gözüm görmeýän ekeni, seniň gözüňe näme
bolupdyr? — diýip, öteräk sanaşardy; aýalyň gaharynyň gelenini
bilse, gaýta hahahaýlap gülerdi; onuň has gara çynydygyny aňlasa, elindäki portfelini bulaýlap, ökje götererdi.
Emma Myratda bu gün beýle şäht ýokdy.
— 21 —
Myrat ýöreýän ýoluny, sowuljak köçesini ýalňyşyp, ikinji bir
köçä düşdi, Ol öz ýoluny ýalňyşanyny, ikinji köçä barandan soň
duýup, köçäni kesip geçmekçi boldy.
Myrat ýetip gelýän ýükli maşyny saýgarmady. Onuň edil alkymyndan «guk-guk» edip, yzly-yzyna gygyranyny gulagy eşitmedi. Aňyrdan batly gelýän maşyn zarbyny saklap bilmedi...
Köçeden barýanlar allaniçigsi üşerişdiler. Aýallar aýylganç
ses bilen gygyryşdylar. Maşynyň ýelgini Myradyň ýüzünegözüne uranda, ol mähnet tigriň aşagyna düşerli bolup aljyranda,
gapdalyndan ylgap gelenleriň biri onuň goltugyndan tutup alyp
gaçdy.
Emma şeýle ýagdaý hem, dumly-duşdan berilýän sowallar
hem, gyjalatlar hem Myrady aýratyn aljyraňňylyga salmady. Ol
näme bolanyna, gürrüňiň näme hakda gidýänine hem düşünmän
galdy. Ol töweregine üýşýen adamlara diňe elek-çelek garady-da,
hiç birine jogap hem gaýtarman, böwşeňräk bir ýerden sümüp
gitdi.
Gorkuly ýagdaýdan haýygan aýallar onuň yzyndan hyrydar
seredişdiler-de, öz aralaryndan, janygyp gürrüň edişdiler:
— Bu oglanyň akyly ýerinde dälmikä?
— Neressejik ýeldirgäýdimikä?
— Enesi-atasy onuň ugruny idemeýärmikä?
— Mugallymyndan käýinç aldymyka?
Myradyň ýoly şol barmana bagyň üstünden düşdi.
Salkyn bagyň içinden ösýän ýazyň mylaýym şemaly onuň
açyk başyndaky gara saçlaryny emaý bilen darady; onuň giň
maňlaýyny ýalap geçdi.
Emma Myrat ony syzmady. Bagyň içindäki al öwüsýän güller
dumly-duşdan oňa şan berdiler. Emma häzir ol gözellik Myradyň
gözüne ilmedi, gülleriň hoşboý ysyny häzir onuň burny almady.
Gök ýapraklaryň aralary bilen geçen gün şöhleleri ýol üstüne
ýazylan apbasy-çapraz ýaly ýylpyldy bilen oýnaýardy. Emma Myradyň ýiti gözleri tegelek teňňeleri häzir saýgarmady. Gül yşkynda perwaz urýan bilbilgöýäleriň jak-jak urýan gülküsi Myrady
häzir şowhunlandyrmady.
Bagyň içinden Myrat, adatda, asuda geçip bilmeýärdi. Ol,
enaýy saýraýan sargylt bilbili görmek niýeti bilen, ondan-oňa
ylgaýardy. Bag bilen reňkdeşräk kiçijik bilbili gür ýapraklar oňa
görkezmeýärdiler. Ol “Bilbili uçanda görerin” diýen niýet bileň
yzly-yzyna daş salýardy. Emma bilbiliň özi hem görünmän, uçany hem saýgarylman, gaýta, olar oňa dumly-duşdan jakgyldaşyp gülüşýärdiler. Myrat şonluk bilen käte sagatlarça gijigýärdi.
Käte bagbanyň gözüne güýdüşüp, al-elwan güllerden desse
baglaýardy. Ol käte bagbanyň demine-de düşýärdi. Şonluk bilen,
käte kitabyny, käte papagyny galdyryp gelýän wagtlary hem
bolýardy.
Myrat aýratyn şatlykly, şowhunly bir oglandy,
Emma soňky günlerde aýratyn bir ýagdaý kiçijik Myradyň
ünsüne eýelik edipdi. Onuň çuňňur oýuny, agyr pikirini gül hem,
bilbil hem bölüp bilmeýärdi Ol öz göwnüniň açylmagyny diýseň
isleýärdi! Bagyň içinden geçmegi hem şonuň üçindi...
Myrat öýe gelende, onuň ejesi Nabat okara-çemçelerini stoluň
üstünde goýuşdyrýardy.
— 22 —
Myrat portfeliňi tumboçkanyň üstüne oklap, sesini çykarman, diwanyň üstünde gyşardy.
Nabat öz oglunyň ýadawlygyny görende, onuň ýüzüne hyrydar çiňerildi-de:
— Myrat jan! Näme, ýadadyňmy? — diýip sorady.
Myrat ejesine seretmän, bir keşbini üýtgetmän:
— Ýok! — diýip jogap gaýtardy.
Ejesi Myradyň jogaby bilen kanagatlanman:
— Näme, oglum, janyň sag dälmi? — diýip sorady.
Myrat şol öňki ýatyşyndan üýtgemän:
— Ýok! — diýip, ýene öňki jogabyny gaýtalady.
Nabat Myradyň ýüzüniň näme üçin salykdygyny
äşgär bilýärdi: onuň şeýle ýagdaýy ýeke şu gün bolman, ol
bir näçe günden bäri dowam edýärdi. Çagasynyň şol ýagdaýyna
enäniň agyryly ýüregi beter awaýardy. Ol ony şeýle ýagdaýda
görende, hiç durup bilmeýärdi, rahatlanyp bilmeýärdi, şonuň
üçin ýene dürli sowallar ýagdyryp başlady:
— Myrat jan, biri seni ynjytdymy?
— Ýok!
— Ýa mugallymyň käýedimi?
— Ýok
— Ýa biri bilen uruşdyňmy?
— Ýok-la, eje! Näme üçin urşaýyn!
Eýsem saňa näme bolýa?
— Hiç zadam bolanok.
Ejesiniň soraglary Myrady, bir ýanyndan ýadatsa, ikinji ýandan, onuň agyr oýuny ýene güýçlendirdi. Şonuň üçin ol, ejesiniň
soňsuz sowallaryndan dynmak, onuň janygyp seredýän gözünden ýüzüni üýtgetmek niýeti bilen, kellesini diwanyň ikinji gapdalyna bakan aýlady.
Myrat üýtgeşik oglandy.
Myrat köplenç wagt ýa ezenegini ýyrtdyryp, ýa ýüzüni bir
az dyrnadyp, ýa-da «Almytyňy alaýmadyňmykaň!» diýip, edermenlik bilen hasanaklap gelerdi. Ol ejesiniň käýinjine, igenjine-de
onçakly gulak asmaýardy, ony ýüzüne-de almaýardy. Ol ýönekeý
geçen gününi huruşsyz iýen tagamy bilen deň saýýardy. Ol çynlakaý uruşmaýardy. Onuň ýüreginde gahar-gazap hem ýokdy.
Ol düýnki çekeleşeni bilen bu gün gülüşýärdi. Ol şonuň ýaly
şowhunly durmuşdan lezzet alýardy. Hatda ejesi çendan magazine iberende, pulunyň hasabyny ýitirip gelýän wagtlary hem
bolýardy. Ejesi oňa onuň üçin käýemeýärdi: onuň ogurlyk etmeýänini, humar oýnamaýanyny bilýärdi, belki, öz ýoldaşlaryndan birine bäş-üç şaýy berendir-dä diýip oýlaýardy.
Öňki Myrat bilen häzirki Myradyň arasyndaky tapawut örän
uludy.
Jenjelleşmek, çekeleşmek beýlede dursun, ol indi hiç kime,
hatda ejesine-de bir agyz hem agramly söz aýdanok. Myrat indi
asyl uly adam ýaly gürrüň edýär, her bir meselede aýratyn üns
berip sözleýär.
Ejesi onuň tanalmaz derejede üýtgänine öz ýanyndan haýran
galdy.
Eýsem-de bolsa, Myrat bu gün Nabadyň gözüne aýratyn
gamly, pikirli, gaýgyly, aladaly bolup göründi. Çagasynyň şatlygy
— 23 —
onuň guwanjy, tukatlygy onuň janyny heýjana salyjy bolany üçin,
ýene-de durup bilmän, onuň ýagdaýyny bilmäge çalyşdy:
— Myrat jan, saňa bir zat bolýar, oglum. Sen näme üçin öz
ejeňden syryňy ýaşyrýarsyň?
Ejesiniň özi üçin jan berýäni, elbetde, Myrada bellidi. Bir söý
bilen ejesini şatlandyryp bilse, onuň hem armany ýokdy. Emma
häzir onda şeýle gurp, şeýle şäht, şeýle ukyp ýokdy. Eýsem-de
bolsa, ol diwanyň üstünde dikelip oturdy, pallaýan şekilinde uludan dem aldy. Ondan soň kirpikmen gabaklaryny galdyryp, içini dökjek ýaly, üýtgeşik bir gürrüň berjek ýaly göründi. Emma
ejesiniň soragly gözüne garandan soň, ýene ýüzüni beýläk sowdy,
sypalga agtardy.
— Içeri örän dymyk, eje.
— Wiý, balam, sen nähili gürrüň edýäsiň! Şindi onçakly yssy
ýok ahyry! Onuň üstesine, anha görmeýärmiň, penjireler hem
açyk, bagyň astyndan ösýän sowujak şemal hem gelýä.
Şol wagt, hakykatdan-da, penjireden salkynjak şemal
urýardy: penjireleriň iki ýanyndan sallanýan ýukajyk tutularyny
bir az galgadýardy. Howry öçen günüň şöhlesi bolsa penjireden
ötüp, nagyşly şkafyň ýüzünde oýnaýardy: aýna degip gaýdan
şöhleler towsaklaýardy...
Şeýle-de bolsa, Myrat üçin howa yssydy.
Myrat iýmite-de göwünsiz ýapyşdy. Ejesi bir näçe gezek
ündänden soň, ol stoluň başyna geçip oturdy. Gaýnamy kemsiz
ýeten etli, kartoşkaly çorba Myradyň agzyna tagamsyz, duzsuz
ýaly degdi. Her halda ol ejesiniň göwni üçin bir az tamşandy.
Nabat nahar başynda gyzykly gürrüňler etdi. Myradyň
göwnüni bir az açmak, onuň ünsüni başga bir ýana sowmak üçin,
gülküli ertekiler hem aýdyp berdi. Emma Nabadyň ertekilerini
Myrat perwaýsyzlyk bilen diňledi. Onuň gulagy ejesinde ýaly
bolsa-da, küýi başga ýerdedi. Nabadyň ertekisiniň iň gyzykly
ýerinde ol birdenkä ejesiniň sözüni kesdi.
— Eje, aý eje! Men näme üçin dünýä mundan on ýyl öň
gelmändirin?
Nabat oslagsyz sowala aňka-taňka boldy. Ol öz ýanyndan:
«Bu nähili sowal? Munyň näme diýildigi boldy?.. Neressejigimiň
akyly üýtgäp ýören bolmasa-da biridir!» diýen howatyr bilen
onuň sowalynyň sebäbini soraman:
— Aý, hanym, herki zadyň özüniň wagty, sagady bardyr-da!— diýen jogap bilen ony kanagatlandyrmak isledi.
Emma Myrat onuň bilen kanagatlanmady, has ötgünräk sowal berdi:
— Eje, aý eje! Uruş näme üçin on ýyl mundan soň turmadyka?
Onsuz hem ünji-azary özüne ýetik Nabady «uruş» sözi birdenkä hopukdyrdy. Ol demini haşlap alandan soň jogap berdi:
— Wah, balam! Şol hazan uran uruş kime gerek? Maňa galsa
şol hiç wagt-da turmasa, şonça gowy bolardy. Garaz, iň soňy turman dynmajak bolsa, on ýyl öň turanda näme, on ýyl soň turanda
näme?..
— Ýok, eje, beýle däl!
— Näme üçin?
— Uruş on ýyl soň turan bolsa... kakam oňa çenli garrardy,
— 24 —
men ulalardym: urşa kakamyň ýerine men giderdim.
Nabat joşup gelen göz ýaşyny Myrada görkezmän
süpürmäge çalyşdy, sözlände, onuň sesi garyljyk çykdy:
— Jan ogul, onuň näme tapawudy bar? Onda men kakaň ýerine seniň derdiňi çekmeli bolardym-da!
— Beýle däl, eje! Men kakama görä has çalasynrak ahyry!
Nabadyň ýüregi näçe awasa-da, Myrada syryny bildirmezlik
üçin, özüni rahat saklamaga çalyşdy:
— Kakaňyň tejribesi, hanym, seniňkä garanda has köpräkdi. Ol
özüniň ýaşlygyna garaman, graždanlyk urşuna-da gatnaşypdy.
Seniň habaryň ýokdur, biziň şu gözel ülkämizi doýmaz holtumyna dykmak üçin, şol wagtda şu ýere iňlis maýadarlary gelipdi.
Seniň kakaň şol söweşlere-de gatnaşypdy. Şol wagtda onuň müçesi kiçijik bolany üçin, şol wagtyň frontunda oňa «Jonnuk-Gylyç»
diýip at beren ekenler. Onuň kiçiligine garaman, gylyç ýaly ýitiligine boýun ekenler...
Şol sözler (kakasy barasynda edilýän gürrüň) Myradyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 03
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.