Latin

Saýlanan eserler - 06

Total number of words is 3824
Total number of unique words is 1934
32.1 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
niýeti bilen, oňa sorag berdi:
— Döwletmyrat aga, onuň emi näme bolar?
— Aý, gelin, onuň emi elde bolar.
Dursun «elde» diýen sözden elini açygrak tutmaly, eçilmeli,
köpräk emlemeli diýen many aňlady. Şonuň üçin:
— Tebipden elimizde baryny aýamarys — diýdi.
Şol jogaba Döwletmyrat keýpihon güldi.
— Aý, gelin, sen meniň sözüme keçje düşündiň.
Elde diýenim — meniň elimdedir diýdigimdi. Men ele garaýan, şondan çörek iýmek üçin gezýän tebiplerden däl. Meniň
oňa mätäçligim hem ýok. Men onuň dermanyna-da pul harç
— 58 —
edemok. Men diňe şol käriň keýpine düşen bir adam. Birine
peýdam degse, begenýän, zyýanym bolsa ýeter öýdemok.
Öz aýdan jogabyna utanan Dursun eňegine düşen
ýaşmagyny ýokarrak galdyrdy. Döwletmyrat özüniň hünärini
bilmeýän adam bardyr öýtmeýärdi, Dursunyň ondan habarsyzlygy ony haýran galdyrdy. Şonuň üçin öz aýdan sözlerini kime-de
bolsa tassyklatdyrmak isläp:
— Şeýle dälmi aýt, Annamyrat? — diýdi.
Annamyrat oňa jogap ýerine, diňe gabagyny galdyryp seretdi-de, ýene ýüzüni aşak saldy. Annamyratdan ses-üýn çykmazlygy, öz sözüni tassyklamazlygy tebibiň gonjuna gor guýdy, ol
oňa gyjytly göz bilen seredip:
— Pä-heý! Adam diýip, muňa seret-le! Haýwanam çagyrsaň, juda bolmasa mäleýändir, yňraljyraýandyr. Mundan o-da ýok
aýt!.. Şeýle dälmi, han ogul?
Batyr onuň sözüni:
— Dogry! — diýip tassyklady-da, hahahaýlap güldi.
Dursunyň ýylgyrýan dodaklary ýaşmagyny çeýnedi...
Döwletmyrat ilki gelende, gyzykly gürrüňe başlanda, Batyr
öz ýanyndan: «Bu-da Bossan ýaly daglarmyka? Ýa-da has aýylganjyrak bir zat taparmyka?» diýip oýlanýardy. Emma onuň ol
oslaglarynyň hiç biri hem çykman, tebibiň «emi elimdedir» diýeni
Batyryň göwnüne makul geldi. Batyr ondan heder etmedi.
Döwletmyrat neşelenip tikilen, tygşytly geýilýän gyzgylt
silkme telpegini çykaryp, ýabadan asdy, ýaňy ysgyny gaçan içi
pagtaly ýüpek donuny çykardy. Ol der bilen bir az garalan, ak
ezýaka köýneginiň ýeňlerini çermeşdirdi. Batyryň gözüne bolmasa, söweşe girjek ýaly taýynlyk gördi.
Döwletmyradyň syrkawa seredişi özge tebipleriňkiden, doktoryňkydan üýtgeşigräk boldy. Ol Batyry ýüzin ýatyrdy. Hatda
onuň köýnegini hem arkan serpmedi.
Ýeke Dursun däl, Batyr hem onuň özüne etjek bolýan emini
geň gördi. Birdenkä bolsa, ýene «synahoryň dagy» ýadyna düşdi.
Şeýle-de bolsa, Döwletmyrada ynanany üçin, sesini çykarmady.
Emma Dursun durup bilmedi:
— Döwletmyrat aga, Batyr janyň azary içindedir — diýip
ýatlatdy.
Döwletmyrat:
— Aý, gelin, sen ondan arkaýynja bolaý! Içinde bolsa daşyna çykararys! Tutgaýly ötläni öteräk tutmalydyr — diýip, Batyryň
üstüne aýtlaýyn mündi. Ondan soň güýçli gollary bilen ikiýan
boýun damarlaryndan tutup başlady.
Ol ilki bada ýuwaşrak tutdumy ýa Batyr özüni mertlige
saldymy, garaz onuň burgusyna çydady. Emma weli aradan salym geçmänkä, eýläk-beýläk burlup başlady. Döwletmyrat öz
hünärine gyzykmak bilen, durdugyça özüni tijäp, hyrçyny dişledi-de, oglana içgili ýaly ýapyşdy. Batyr oňa çydaman, her tutanda:
«Wah! Waheý!» diýip seslendi. Emma Döwletmyrat oňa garaman,
durdugyça berkräk ýapyşdy, elinde bar güýji bilen ony mynçgap
başlady. Onuň ýagyrnysyndan köýneginiň daşyna der çykdy.
Batyr «Eý wa-eý!» diýip, bogazyna sygdygyndan gygyryp başlady. Emma tebibiň äpet elleri onuň näzik damarlaryny sypdyrmady, agyr göwresi ony ýekeje-de butnatmady.
— 59 —
Batyryň gykylygyna soňa bakan Dursunyň ýüregi takat bermedi. Ol emdirenini elinden aldyran boz maral ýaly garanjaklady.
Batyryň gykylygy ahyrynda onuň ýüregine düşdi. Ol gözlerini
elek-çelek edip:
— Aýu, oglany öldürdiň! — diýip gygyrdy.
Uruşda ökdelän itiň gykylyga garaman aşagyndakyny beter
çekeleýşi ýaly, Döwletmyrat hem olaryň hiç biriniň gykylygyna
gulak asman, Batyry it alan sanaja dönderdi.
Batyryň çendan ara:
— Waý, eje! Öldürdi-le! — diýen çasly sesi çykdy.
Dursun elini, aýagyny ýitirip, gözlerinden ýaş akdyrdy-da:
— Aýu! Çaganyň janyny aldyň! Goýber! — diýip, aýylganç
seslendi. Döwletmyrat onuň ýüzüne-de seretmän:
— Bir gygyrar, bir goýar — diýip, maňlaýyndan akan derini
sakgalyndan syrykdyryp, ýene has berkräk ýapyşdy. Batyryň iki
egninden başlap, ýagyrnysy zady bilen mynçgalady-da, türresine
baryp ýetdi, ýene şol hereketi bilen yzyna gaýtdy. Ol şol aýylganç
hereketini ikiýanlaýyn dowam etdirdi.
Batyryň ysgyny gaçan, garyljyk, güňleç sesi çykdy:
— Waý, kaka!.. Öldüm-le!.. Alsana!
Annamyrat, galyň gabaklaryny bir galdyryp seretdi-de,
uludan dem aldy. Onuň aşaky gabaklarynda, tumşuklarynda
gahardandygy, şatlykdandygy syzylmaz bir zat emele geldi.
Ol özünde henize çenli görülmedik üýtgeşik bir hereketdi. Ol
gobsundy, galkynjak ýaly etdi, emma ýene sesini çykarman, butnaman oturdy.
Dursunyň aýagy oda bişen ýalydy. Onuň ýüregi ýarylan ýaly
bolup, gözleriniň ýaşyny saçdy-da, Batyryň daşyna ýedi aýlandy,
oňa hiç bir taýdan kömek edip bilmän, iň soňunda Annamyradyň
üstünden düşdi, onuň egninden silterläp gygyrdy:
— Oglany öldürtdiň-le, doňgara daş!..
Annamyrat ýene sesini çykarman, butnaman, diňe
aýylganç gözleri bilen tebibe seretdi. Onuň gözlerinde gan
çylgymlary görnüp, ikiýan egni bir az herekete geldi, birdenkä
oturan ýerinden dazyrdap galdy. Ol edil ýolbarsyň awa agyz
urşy ýaly, Döwletmyradyň iki çigninden mäkäm ýapyşgp, göz
ilmez çaltlyk bilen ony ýokary galdyrdy, dikeltdi. Annamyradyň
şol garaýşy, tebibiň owurdyna goşa ýumruk goýarly göründi,
tebip hem ondan şoňa garaşan ýaly, der basan gyzyl ýüzüni bir
az sowdy. Emma Annamyradyň penjeleri, kemsiz ornaşan çeňňel
ýaly, ýapyşan ýerlerinden butnaman durdy.
Iki egindeşiň ikisi hem iki eginlerinden dem aldylar.
Annamyradyň penjesiniň awysy Döwletmyradyň ýüregine
baryp uran bolara çemeli, ol siltenjiräp, onuň elinden sypmaga
çalyşdy, emma Annamyradyň çeňňekleri ony butnatmady. Onuň
gözlerindäki gan çylgymlary tebibiň has-da sussuny basdy. Tebip
özüni ikiýanlaýyn gapjan gyýçak gara daşyň arasynda ýaly syzdy.
Ol sözüni şelaýynlyga salyp, Annamyradyň ýüzüne ýasama
ýylgyryş bilen garady.
Gözlerinden gyzgyn ýaşy seçelenýän Dursunyň iki egindeşe
gözi düşmän, diňe özüni bilmän haslap ýatan Batyra düşdi. Onuň
ýüzi gök dalak gögerip, gözleri gabaklarynyň ýelgini bilen gömlüp, agzyndan gyllyk akýardy.
— 60 —
Dursunyň huşy başyndan uçdy, ýüzi ak tam ýaly agardy,
naýynjar gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy, dodaklary agy
müňküldisi bilen herekete gelip:
— Batyr jan, Batyr ja-an! — diýip seslendi.
Batyrdan ses çykmady. Ol hatda gözlerini açyp
hem seretmedi.
Batyryň bolup ýatyşy Annamyrada-da adatdakydan artygrak
täsir etdi, Döwletmyrada ýaňadandan gazap bilen garanda, ony
parçalarly göründi, emma tebibiň günäkär sypatyna, müzzerýän
ýüzüne gözi düşende, öňki küýünden dänen ýaly bolup, Batyra
göz gezdirdi-de, äwmez bir ses bilen:
— Usurgapdyr — diýdi.
Oglanyň bolup ýatyşy Döwletmyradyň gözüne ilmesede, dilini ýaramaga Annamyratdan heder etse-de, özüni odaköze urýan Dursuna kömek edip bilerin, şonlukda öz günämi
ýeňlederin diýen niýet bilen:
— Görýärmisiňiz? Oglanyň agyrysy aýrylypdyr. Ol indi
rahatlanypdyr, indi gutuldygydyr, işallam — diýdi.
Dursun oňa: «Çaganyň azarly ýeri bilen azarsyz ýerini deňlediň, ony gök daş edip taşladyň, dilden galdyrdyň» diýip çeýnäsi
geldi, emma dili diýen etmedi, başy aýlandy, Batyry gujaklady...
Ýedinji baş
Döwletmyradyň eminden soň, Batyr bir hepdeläp ýassykdan
galman ýatdy. Onuň endam-janynda azarsyz ýeri galman, bütin
göwresi soka salnan ýaly bolupdy, bütin ýagyrnysy zerzawdy. Ol
ilki bada boýnuny hem towlap bilmeýärdi, elleri ysgynsyz gymyldaýardy, dili peltek ýaly garyşyk gepleýärdi.
Dursun ony okuwdan alyp galmakçy, öz gözüniň öňünde
saklamakçy boldy. Emma Batyr özüni tutup, öňki tabyna gelenden soň, ejesiniň sözüne gulak asman, Aşgabada okuwa gitdi.
Aşgabat Batyryň gözüne örän uly şäher bolup göründi, ilki
batlarda azaşmagyndan heder edip, ýeke özi köçelere-de çykyp
bilmedi. Ylaýta-da onuň täze okuw jaýy rabfak ony geň galdyrdy.
Bu ýeriniň okuwy-da, düzgün-tertibi-de obaňka hiç meňzeş däl.
Rabfakda respublikanyň dürli ýerlerinden gelen iki ýüze golaý
oglan okaýar. Her üç-dört oglana bir otag. Her kimiň-de özüniň
krowady, tumboçkasy bar. Bu ýeri gör nähili arassalyk. Iýmit gör
nähili süýji. Okuwlar gör nähili tertipli gidýär. Bu ýerde okuwçydan talap hem başga. Mugallymlar gör nähili bilimli, salyhatly
adamlar.
Rabfakda agşamlaryna her hili kružoklar-da dowam edýär.
Bu ýerde henize çenli görmedik oglanyň bilen derrew dostlaşmak-da mümkin. Marydan gelen Nury Myradow gör nähili
oňat oglan. Batyr onuň bilen sanly günüň içinde nähili dostlaşanyny-da duýman galdy.
Batyryň göwnüne bolmasa, indi içiniň agyrysy-da ýeňlän
ýaly: rabfaga geleli bäri bir aýa golaý wagt geçse-de, heniz bir
gezek hem tutanok. Belki, arassalykdan, iýmitiň oňatlygyndandyr? Belki, dostlaryň mähirliginden, keýpiniň sazlygyndan, wagtynyň hoşlugyndandyr? Belki, ol eýýäm gutulyp gidendir? Sag
adamynyň göwni nämeler islemeýär? Kružoklara gatnaşmak,
— 61 —
aýdym aýtmak, saz çalmak, tans öwrenmek, gör, nähili oňat zatlar!..
Batyr heniz içiniň agyrysy güýjemänkä, ýaz aýlary çöle
çykanda, bogazyna sygdygyndan aýdym aýdýardy, onuň şaňňyja zowwam sesi geriş-geriş gumlaryň üstünden aşyp gidýärdi.
Göwnüne bolmasa, ol özüni örän hoş owaz, heňini bolsa örän
ýakymly duýýardy: «Utanjaňlyk zerarly köplükde men sesimi
çykaryp bilemok, ýogsam meniň hem bagşy bolup gitmegim
mümkin» diýip oýlaýardy.
Bu ýerde bolsa bütinleýin başga: oglanlar biri-birlerinden
utanman, aýdym hem aýdýarlar, her hili oýunlar hem edýärler,
biri-birlerine kömek hem berýärler. Batyr näme üçin öz hünärini,
özünde bar sungatyny barlap görmeli däl?
Hakykatdan-da, Batyryň owazy diňe bir özüne däl, hatda
ýoldaşlaryna-da gowy ýarady. Dogry, ol ilki bada utandy, ikirjiňledi, emma sanly günde däl, bir gijäniň özünde adatlanyp gitdi. Aýdyma batly ses bilen gygyranda-da, Batyryň içi agyrmady.
Sazsyz aýdym bir hili jalbarsyz penjege meňzeýän ýaly. Mümkinlik bar wagtynda sazy näme üçin öwrenmeli däl? Batyryň
göwnüne bolmasa, balalaýkanyň perdelerine basmagyna, kirişlerine kakmasyna barmaklary adatlanyp barýan ýaly, onuň tiňňildisi özüniň adajyk sesine goşulýan ýaly. Ýok, onuň göwnüne däl,
Nury Meredowyň aňlyşyna görä-de şeýle.
Batyr ejesine hat ýazanda, içiniň gutulanyny, okuwda otliçnikligini, keýpiniň köklügini hoşallyk bilen ýazdy.
Ýaşlygyň höwesi çekdirmezek at ýaly, birsyhly öňe dyzaýar.
Özüň ýaly oglanlar tans edenlerinde, bökjekleşenlerinde, ýönekeý
gapdaldan synlap durmak aňsatmy? Batyryň hem tans öwrenesi
gelýär ahyry.
Batyryň gulaklary sazyň ritmasyny bir az syzsa-da, adatlanmadyk aýaklary ilki bada oňly hereket edip bilmedi. Ol aýagyny süýräp alanda, hatda entände, hiç kim oňa gülmese-de, ol
öz ýanyndan özüni başarnyksyz saýyp, bütin durmuşy bilen
aýaklaryny sazlamaga ymtyldy, hatda ýadanyny, derlänini-de
duýmady: «Meniň iňdi janym sag, elim, aýagym kimiňkiden
kem? Özüm ýaly oglanlardan yza galmak meniň üçin utanç dälmi
neme?» diýip oýlandy.
Ýadawlygyndanmy ýa birdenkä entäp, elini ýere diremekçi
bolany üçinmi onuň «köne» keseli duýdansyz täzelenip gitdi —
içiniň agyrysy ýaňadandan tutdy, ýöne bir tutmak däl, hatda oňa
aýak üstüne galmaga-da mümkinçilik bermedi.
Ony öz otagyna, öz krowadyna Nury bilen ýene bir oglan
goltugyndan söýget berip eltdi.
Batyryň içiniň agrysy şol günden başlap ýygy-ýygydan tutdy.
Içiniň agyrysy Batyry ýazmady. Ony bütinleýin ýadatdy.
Ol her bir zada kaýyl boldy. Ol öz deň-duşlaryndan, dost-ýarlaryndan maslahat sorady. Olaryň hemmesi oňa ökderäk doktora
görünmek maslahadyny berdiler.
Batyryň ýagdaýy komsomol ýaçeýkasyna-da, mekdep müdirine-de mälim boldy. Ony çagyrdylar, halyndan habar aldylar,
göwünlik berdiler, ýanyna adam goşup, şäher keselhanasyna, uly
hirurga iberdiler.
Meşhur hirurg — orta boýly, saçy, sakgaly, murty syrylgy,
— 62 —
mähirli bir adam. Ol Batyry öz ýanynda oturtdy. Onuň keseli barada zat soraman, ilki bilen obanyň ýagdaýyndan, çagalyk döwründen, ejesinden kakasyndan, ekin-tikinden hemaýyn
gürrüň etdi, bir az degişdi, gülüşdi, Batyryň göwnüni açmaga
çalyşdy.
Batyr öz ýanyndan ony geňirgedi: «Bä, bu adamyn başga
işi ýokmyka? Oba ýagdaýy bilen, meniň çagalyk döwrüm bilen,
iýýän-içýän zadym bilen munuň näme işi barka? Ýa bu ýönekeý
kömekçi bolup, doktor gelýänçä, bu adam meni güýmemekçi
bolýamyka?» diýip oýlandy.
Batyryň oýy dogry çykmady.
Professor onuň keseliniň taryhyna geçdi: nähili ýagdaýda
beter agyrýanyny, nähili zatlaryň ýakmaýanyny sorady. Ony oturtdy-turuzdy, egildirdi, göneltdi, ýatyrdy, mylaýym elleri bilen
garnyny, agyrýan ýerlerini emaý bilen sypady, barlady, bütin töwerekleýin derňedi. Batyryň keseliniň ýönekeý ýel, iç gatama, ötle
bolman, düýpli bir zatdygyny — derdiniň böwregindedigi aňlady. Şeýle-de bolsa professor öz eden aýgydy bilen kanagatlanman,
onuň jikme-jigine ýetmek üçin, Batyry rentgen kabinetine içiniň
suratyny aldyrmaga iberdi.
Batyr rentgene baranda, öz kakasy bilen bile bardy: Dursun
onuň gulagyny kamata getirip, Batyryň yzyndan iberipdi.
Annamyrady obada hiç bir zat geň galdyrmaýan bolsa-da,
şäher durmuşy: ikiýanlaýyn üstüne abanyşyp duran tamlar, dürli
agaçlar, goşa atly paýtunlar, iki-ýeke üýtgeşik maşynlar hem başga hereketler onuň bir hili gözlerini tegeletdi...
Batyr doktora gatnamak bilen öwrenişipdi. Ýöne «Içiň suratyny aljak» diýen habar ony bir az ynjalykdan aýyrdy. Kim
bilýär: içiň suratyny ýönekeý bir tilsim bilen aljakmy ýa Döwletmyradyňky ýaly usurgadyp aljakmy? Onuň şeýle aýylganç
ýagdaýlardan ozal gözi gorkupdy. Rentgen kabinetinde bolan
ýoldaşlarynyň ony arkaýyn etmegine ynansa-da, nämälim bolany üçin, ony bir hili ini söýmedi. Şonuň üçin içiniň suraty alnanda, öz kakasynyň ýanynda bolanyny kem görmedi: doktordan
şony ýörite haýyş etdi. Döwlettapan ogul, başagaý bir ýagdaýa
düşäýse, özüni kakasy myrat özüni ölüm pillesine ýetirende, atasyndan arka ýene goldar diýip düşündi.
Emma rentgen kabinet onuň göwnüne gelşinden üýtgeşik
bolup çykdy.
Annamyrat telpegini goltugyna gysyp, gapdaldan syn edip
durdy.
Batyryň daşky geýimini, içki köýnegini çykardyp, ony iki
gapynyň arasy ýaly darajyk bir ýerde duruzdylar. Soňra şol iki
gapyny gysyp daraltdylar. Batyryň argas-gyzgylt teni buz ýaly bir
zadyň aňyrsyndan symgyltlanyp göründi. Annamyrat öz ýanyndan: «Oglany gapyrjak gysan ýaly gysmasalar, onuň garnyny ýaryp bir zat almasalar, onuň ömründe görmedigini görkezmeseler
hem ýagşydyr» diýip oýlandy. Şol wagt doktoryň:
— Söndür! — diýen, buýrugy eşidildi.
Ýarym gündizlik ýaly ýagty içeri dem alar salymda tüm
garaňkylyga aýlandy.
Annamyrat hiç bir zada darykmaýan, agras adam bolsa-da,
gözüne gurşun guýlan ýaly bolup, hiç bir zady saýgarmany üçin,
— 63 —
ýüregine howsala düşdi. Şonuň üçin birdenkä «Batyr!» diýip, gygyrasy geldi. Emma onuň adatdaky geplemezekligi bu ýerde-de
päsgel berip, bir näçe sekuntlap, dodagyny müňküldedip durdy.
Annamyradyň gözi bir az öwrenişdi, gulaklaryna ujypsyz bir
wyzzyldy eşidildi. Batyr onuň gözüne, aýdyň gijede salgymlanyp
görünýän bir surat ýaly boldy.
Doktor şol ölügsi yşykda Batyryň gursagyna goýan zadyny
aşak ýokary galdyryp, ileri-gaýra süýşürip seretdi, Batyry ýanyn
aýlap, sag gapdalyndan seretdi, şol wagt Annamyradyň düşünmeýän, Batyryň aňlamaýan dili, ýagny doktor dili bilen sarnap,
sekretara bir näçe zatlar ýazdyrdy. Ondan soň Annamyradyň elinden çekip, ony özüne golaýjak getirdi-de:
— Seret! — diýdi.
Annamyradyň gözüne Batyryň içgoşy dumanlanyp
görnende, ol bir hili iňňe urlan ýaly tisgindi: arkan çekilmekçi
boldy. Emma doktor onuň arkasyndan söýget berip ýene-de:
— Görýärmiň? — diýip sorady.
Annamyratdan jogap bolmady.
Doktor oňa barmagy bilen salgy berip:
— Ana, gör, sag böwregi. Onuň aşak gapdalynda bir gara
tegmilt görünýär. Seret gördüňmi?—diýip gaýtalady.
Annamyradyň mäzleşik gözüne böwrek haýsy, tegmilt haýsy
— hiç bir zat äşgär bolmady. Onuň görünmäni hem kem bolmady,
belki, ol bozulardy. Ol doktora jogap hem bermedi.
Doktor, bir tarapdan, başga garaşýanlara alňasap, ikinji ýandan, oňa görkezmäge janygyp, ýamaşgandan ýene barmagy bilen
salgy berdi:
— Şony göreňokmy?
Annamyrat ne onuň aýdan sözüne düşündi, ne-de jogap berdi.
Batyr öz kakasynyň syryny bildirmezlýuk üçin:
— Görendir— diýip, doktory kanagatlandyrdy.
Doktoryň:
— Ýagtylt! — diýen buýrugyndan soň, tamyň içi ýene
ýagtylandy.
Oslagsyz ýerden peýda bolan ýagty Annamyradyň gözüne
urup, ol öz gözüni ýeňi bilen süpürdi-de, hälki tisginende ýere
gaçan telpegini eglip aldy.
Doktor Annamyradyň ýüzüne seretdi.
Onuň tegelek tumşuklary tümmüräk, burny ýapbaşygrak,
gözleri gyýygrak, güne ýanan boýnunda, könelişen ýüzünde
monjuk-monjuk der ýalpyldaýar. Şol derler onuň üç bölek sakgalyndan syrygýar. Annamyrat ony süpürmek üçin alňasamaýar.
Onuň gymyldysyz gözleri müýnli ýaly, aşak seredýär. Onuň päki
azary degmedik selçeň tüýleriniň çykany-çykan ýerinde ýaýraşyp
ýatyr.
Doktor onda ýeňillik, ýeserlik ýokundysyndan hiç bir zat
saýgarmady, sadalyk, sabyrlylyk, agraslyk, çydamlylyk onuň
keşbini bütinleýin gaplap ýatyr. Doktoryň gözüne bolmasa, onuň
keşbine haýwanlaç bir gylyk kölege salýan ýalydy.
Sekizinji baş
— 64 —
Batyr rentgenden berlen haty hirurga getirip berdi. Rentgeniň
görkezeni öz pikirini tassyklany üçin, professor oňa öňki pikirini
indi açyk mälim etdi:
— Han ogul, doktorlaryň käri — adama kömek bermek,
olary sagaltmak. Şonuň üçin hem olar örän dözümli hem dogry
gepli bolýar. Biz bilýän zadymyzy ýaşyrmaýarys, syrkawa bir
bada ýaramajagyna garaman, keseli bolşy ýaly, onuň özüne mälim
edýäris. Sende, elbetde, gorkuly zat ýok. Şeýle-de bolsa, meniň
habarym saňa bir az ýokuş deger. Seniň keseliň... böwregiňde.
Rentgende sereden doktoryň «Böwregiň aşagyndaky tegmilt» sözi Batyryň güpbe ýadyna düşdi. Ol öz oýuny durlamanka,
doktor öz sözüni dowam etdi:
— Biziň bilşimize, rentgeniň görkezişine görä, onda... daş
bar. Saňa azar berýän, seni ynjalykdan aýyrýan hem şol daş.
— Içiň gatapdyr, «içinde ýel bar», «bat» bar, «dalak», «tutgaýly ötle»... Indi bolsa «Böwregiňde daş bar»... Bu nähili eşidilmedik atlar? Bular nähili jebirli zatlar? Heý, bu eýmenç atlaryň
soňuna çykmak, olardan dynmak bolmazmy?.. «Daş bar»... Onda-da nirede? Böwrekde... Heý, böwrekde-de daş bolarmy?..
Elbetde, bolýandyr, doktorlar bilmän aýdýan däldir, ylaýta-da
meniň içimiň suratyny aldylar ahyry. Ýagşy, daşy nätmeli?..
Batyr şol oýlardan soň:
— Doktor, ony nähili aýyrmak bolar? — diýip, şol soragy
nähili daşyna çykaranyny duýman galdy.
Professor onuň jogabyna gyssanmady, Ol elini süpürip,
ýerinde oturandan soň, Batyra düşündirmäge durdy:
— Sen, hanym, düşünmeýän oglan däl, özüň okuwçy.
Şonuň üçin senden ýaşyrmaga hajat ýok. Böwrekdäki daşy derman bilen aýyrmak, elbetde, aňsat iş däl. Onuň iň gowy çäresi
kösip aýyrmak.
— Böwregi?
— ýok, böwregi däl, onuň içindäki daşyny aýyrmak gerek.
«Kesmek»... Kesmek dilde aňsat. Barmagyňy çakgy kesende
çydaňok... Bu nähili aýylganç zat!.. Batyr şol gorkuly oýlar
netijesinde, doktoryň soňky sözüni gaýtalady.
— Böwregi kesmek?!
Professor ol habaryň Batyra ýokuş degenini, ony bir az
howatyra salanyny aňlady, şonuň, üçin ony ýumşatmak, taýynlamak niýeti bilen, öňki aýdan sözüni ýuwmarlap başlady.
— Kesmek, elbetde, hökman däl. Onçakly ynjydyl duran
bolmasa, entek sabyr etmek bolar. Belki, daş şindi onçakly ulalan
däldir, gatan däldir, belki, däri-dermanyň täsiri bilen onuň eräp
gitmegi-de mümkin.
Şol söz Batyry nähili gozgalaňa salan hem bolsa, ol şol sözüň
aýgytly çäredigini bir az aňlady,—ol belki, şonsuz gutulmak
mümkin däl diýip oýlandyr. Şonuň üçin doktora ýene sowal
berdi:
— Doktor, kesmek howatyrly dälmidir?
Doktor Batyryň gönügip başlanyny aňlady. Ony bir az synamak, öňünden mazaly taýynlamak, boýun egdirmek üçin, howplurak hem wehimliräk jogap gaýtardy:
— Biz medisina adamlary, kesel adamyň garamatyny öz
boýnumyza götermeýäris. Şonuň bilen birlikde, günde onlarça
— 65 —
operasiýa edýäris. Dogry, negada bir şowsuzlyk hem bolýar,
emma köpüsi sagalyp gidýär. Sen özüň oýlap gör, adam ýönekeý
bir ýaňa gidende, sag-aman gaýdyp geljegine ynanýarmy?
«Emgek göz bilen gaşyň arasynda» diýen türkmen nakyly bar,
bagtsyzlyk sähel bir ýerde miýesser bolýar. Ýöne weli, gidenleriň
gelip durşy ýaly, kesilenler hem sag-gurgun gutulyp gidýär. Biz
ömrümiziň agramyny şol tejribede, adamy sagaltmak ugrunda
geçirýäris. Sowet hökümeti hem onuň üçin gerekli çäreleri görýär,
millionlap pul harç edýär. Biz adama näçe ýarag ursak-da, her
adamyň janyny öz janymyz bilen deň görýäris!
Doktoryň gürrüňi Batyryň maňzyna damdy. Ol iň soňky
kararyny ýüze çykardy:
— Ýoldaş doktor, men köp ejir çekdim. Munuň berýän azabyny mundan artyk çekmäge mende mydar galmady. Men razy.
Professor Batyryň aýgytly ýüzüne garandan soň:
— Bu ýerde hossaryň barmy? — diýip sorady.
Batyr öz ýany bilen gelen ýoldaşyny görkezip:
— Hossarym ýanymda — diýip jogap berdi.
Doktor onuň sözüne şeklenip, Batyryň ýoldaşyna
garady-da:
— Şeýlemi? — diýip sorady.
Batyryň ýanyndaky ýoldaşy okuwçylaryň ekabyrraklaryndan
biri bolup, doktoryň sowalyna bolşy ýaly jogap gaýtardy:
— Men munuň garyndaşy däl. Emma bu biziň mekdebimizde okaýan oglan, ikimiz dost. Şu wagt onuň iň ýakyn hossary
men. Kakasy bardy, oba gaýtdy.
Doktor Batyry ýaş hasap edip, ikirjiňlejek boldy:
— Ýakyn hossaryň bolmasa, nähili bolarka? Kim bilýär...
— Gerek bolsa, men öz dilimden hat bereýin. Siz ol tarapdan hatyrjem boluň.
— Sen näçe ýaşyňda?
— On dört.
— Bir az ýaşrak ekeniň. Ýanyňda hossaryň bolaýsa, gowy
bolardy...
— Kakamyň bolany bilen bolmany deň. Ejem bolsa ala
gykylyk edip, sizi gaýta aljyradar. Asyl, olaryň duýmany ýagşy.
Doktor Batyra artykmaç zat diýmän, böwrüni diňledi.
Batyr onuň aýgytsyz ýüzüne garandan soň, kesmekden ýüz
towlajak bolýandyr hasap etdi. Şonuň üçin onuň özünden ozal,
ondan haýyş etdi:
— Doktor, men kesdirmäni ýüregime düwdüm. Şonuň üçin
näçe tiz bolsa, şonça ýagşy.
— Seniň adyň näme?
— Batyr.
— Berekella, ogul, sen hakykatdan hem batyr. Haýsy bir işe
ýapyşsa, seniň şu bolşuň ýaly batyrgaý ýapyşmak gerek. Seni men
öz çagam hasap edip, öz elim bilen operasiýa ederin. Saňa men
özüm hossar bolaryn. Böwregiňdäki daşy emaý bilen çykaryp.
ony seniň özüňe-de görkezerin.
Men indi haçan geleýin?
— Iki güni geçirip, üçünji gün. Häzir boş ýerimiz hem ýok.
Işiň çigini galdyrmaz ýaly, ýene bir gezek rentgende garaly, oňa
men özüm hem bararyn.
— 66 —
Dokuzynjy baş
Keselhananyň ysy ilki bada Batyryň beýnisine ornady. Ondaky ýatan adamlar Batyryň gözüne üýtgeşik bir ruhda göründi.
Adamlar şol ýerde-de mekdepdäki ýaly köplükdi. Her otagda
dörtden-bäşden ýatanlar bardy. Emma weli, ol ýerde mekdepdäki
ýaly galmagal, gopgun ýokdy. Adamlar ýatymda ýatan awçylar
ýaly, adajyk ses bilen pyşyrdaşyp gepleşýärdiler. Ýöreýänler, gije
ogrusy ýaly ýere agram salman, emaý bilen ädim ädýärdiler.
Batyr şol durmuş bilen hem derrew öwrenişdi. Onuň burny
indi ys-kok syzmady. Ondaky durmuş hem ýönekeý bir durmuş
ýaly, onuň özi hem şolaryň biri bolup öwrüldi. Uzyn ak geýimli, ak tahýaly doktorlar-da, ak halatly, başlary ak ýaglykly sestralar-da onuň gözüne indi geň görünmedi. Aşagy rezin tigirli
krowadyň üstünde ýatyrylyp, aýratyn otaga äkidilip getirilýän adamlar bilen-de gözi öwrenişdi.
Batyryň böwregindäki daşy rentgen ýene bir gezek tassyklady.
Batyr bu ýerde rahatlanyp, onuň göwnüne bolmasa, içagyrysy hem ýagşylaşyp barýan ýaly syzdy. Onuň ýüz-gözüniň täzelenip barýany barada sestralar oňa şatlyk bilen habar berdiler..
Ertir sagat ondy.
Hirurgiki kabinete ýagty günüň kümüş nury bolluk bilen
dökülýärdi. Spirtden çykan esbaplar ýörite goýlan stoluň üstünde
ýaldyraşyp ýatyrdy. Gyýlyp goýlan matalar, bintler, dermanly
pagtalar, ýüpekden işilen sapaklar ýerli-ýerinde düzgünli durdy.
Goşalanyşyp ýatan rezin ellikler, kimiň elinedir garaşýan ýaly
uzyn barmaklaryny gerip ýatyrdylar.
Ak geýimli doktorlar, sestralar, kimedir garaşýardylar. Birdenkä: «Professor gelýär» diýen ses hemmesiniň ünsüni özüne çekdi. Şol wagt bolsa, Batyra sereden doktor hirurgiki kabinete gelip
girdi. Onuň çaklaň göwresinde janly hereket bardy. Başyna çümre
geýen ak tahýasy takyr kellesini örten bolsa-da, ýakymly ýüzüniň
nury şöhlelenip görünýärdi. Ol tejribeli gözlerini otagyň içine
gezdirdi. Görejine bidüzgün zat ilmäni üçin:
— Syrkawy getiriň! — diýip buýurdy.
Professor ukyply ellerine rezin ellik geýip duran wagty, rezin
tigirli krowat sessiz-üýnsüz süýnüp geldi-de, kabinetiň ortasynda
daýandy. Doktor oňa ýylgyrdy:
— Hä Batyr, keýp niçik?
Batyr oňa:
— Kök — diýip jogap berdi. Soňra töweregine göz gezdirdi. Onuň gözüniň öňünden hatara geçen ak geýimli adamlar ony
geňirgendirmedi. Görejine kaklyşan ýaldyrawuk ýarag—gurallarda onuň sussyny basmady. Emma onuň gözüne ilmedik bir zat
boldy, hemişe şonuň ýaly üýşmeleňde Dursunyň naýynjar gözleri
aram-kararsyz bakjaklap görünýärdi. Batyr öz töweregindäki
adamlary bir minutlyk unudyp, ejesiniň halyny ýadyna saldy.
Ol öz ýanyndan «Şu wagt ejemiň bolmany hem gowy. Ýogsam,
bu ýagdaýda onuň ýüregi ýarylardy. Her zat hem bolsa, eneň
ýanyňda bolanda, özüňi arkaýyn syzýarsyň. Ene mähri saňa gurp
beren ýaly bolýar... Meniň ejem häzir näme işleýärkä?.. Ýok, men
— 67 —
indi oglan-oglanjyk däl ahyry... Men özümiň mertligimi oňa bir
wagt gürrüň bererin...» diýip oýlandy. Onuň allanirelere uçan
göwün hyýaly şol minudyň özünde ýene otagyň içine aýlanyp
geldi.
...Batyryň agyz, burnuna bir az ýag çalyp, gözenek demriň
üstünden beýhuş dermanyny damdyrdylar. Batyryň oýlanmaga
öwrenmedik başyndan bir sekundyň içinde ýüzlerçe oý gelip geçdi, tebipleriň beren azary, ejesiniň mähri, kakasynyň Döwletmyrat
bilen sarmaklaşany, ünji-azarsyz bökjekläp ýören çagalyk döwri,
häzirki operasiýa... Onýança bolsa söze salym ýok, uzyn süýndi.
Ony çepine ýatyryp, onuň aşagyndan göterip durar ýaly zat
goýdular-da, bilini bir az ýokary galdyrdylar.
Doktor onuň böwrüni sypaşdyryp, bir hili derman çaldy.
Onuň derman çalnan ýeri sargylt gyzaryp göründi. Teniň şol
reňkli ýerinden özge hemme ýerine ak mata örtdüler.
Batyr garyljyk dem alyp ýatyr. Doktor wagtal-wagtal derman
ysgatmagyny dowam edýär.
Professoryň agzynyň gymyldamagyna mähetdel, onuň eline
näzik, tämiz tyg tutdurdylar.
Batyryň tenine bir näçe jübüt göz birden nazar saldy.
Doktoryň elindäki tyg ýalaw ýaly ýalpyldady. Ol şol tyg
bilen Batyryň teninden emaý bilen çyzyk çekdi. Onuň yzyndan
hakykatdan-da näzik bir çyzyk görnen ýaly boldy. Emma şol çyzyk şol sekundyň özünde iki baka ýaýrap, gyzgylt teniň üstünde
açyk ýoda emele geldi. Doktor ýene bir gezek çyzandan soň, her
ýerinden çintik-çintik gan göründi.
—Bint — diýen sözi gutarmanka, onuň eline gysgyç bilen
gapjalan bint tutduryldy.
Professor ýüze çykan gan damjalaryny sylandan soň, adatdan daşary eserdeňlik bilen ýene bir näçe gezek tyg ýöretdi.
Onuň:
— Ysaç! — diýen sözüniň yzy bilen onuň eline gaýçy sypatynda bir gural gelip girdi. Şonuň bilen syrlaç eti gapjadyp arkan
serpip goýdy. Ýene berdiler, ýene gaýtalady; ýene berdiler, ýene
gaýtalady. Etden dişläp asylan onlarça ysaç kesilen ýeri arkan serpip durýardy.
Batyryň garnyny kesenlerinde, doktoryň duýgusy uýtgeşik
bir zat syzman, gözleri adatdaky garaýşy bilen seretdi. Emma
olarda şeýle bir nyzam-tertip bolup, ony ýazyp görkezmek aňsat
bir iş däldi.
Kesmek dowam etdi. Kesilen ýer otuz santimetre çenli uzap,
teniň ýüzünde çukurjak joýa emele geldi.
Doktorlar gan gatyşykly gyzgylt çukurjyga aý görjek ýaly seredişdiler.
Ana böwrek! Sabyrsyz garap duran gözlere garamtyl gyzgylt
bir zat göründi. Emma ol şol gözleriň garaýşyny üýtgetmedi.
Esli wagtdan soň, doktoryň rezinli eli böwrege ýetdi. Ol ony
barlap gördi. Onuň ukyply barmaklary böwregiň içinde bir ýerde
gatyrak bir zat baryny syzdy-da:
— Daş! — diýdi.
Professor çep eliniň barmaklary bilen böwregi bir az bärräk
çekip, sag eliniň barmaklary bilen hälki tygy uzatdy.
Doktorlar şol herekete demlerini alman diýen ýaly, aýratyn
— 68 —
bir üns bilen garap durdular. Sestralaryň ýüregi suw üstünde
galkyjaklady. Şol gözleriň şol wagt bir az üýtgäni daşky duranlara-da saýgartdy.
Böwrek kesilende, ondan gan çogup çykdy. Yzly-yzyna akyp
gelýän ak matalar şol sekundyň özünde gyzaryp geçdi. Gerekli
ýerinde gaýyş ýaly gaýşarýan goşa barmak şänik ýaly gögümtil,
büdür-südür daş alyp çykdy.
Hemmeler ýeňillik bilen dem aldylar. Göýä diýersiň, edilen iş
netije berene, syrkaw gutulana döndi.
Emma daşyň yzy bilen herekete gelen goýry gyzyl gan yzyny
kesmedi. Sansyz ak matalar ak reňkini gyzyla boýap geçdi.
Gan diňmedi.
Batyr ol ýagdaýdan habarsyz arkaýyn horlap ýatyrdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 07
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.