Latin

Saýlanan eserler - 03

Total number of words is 3790
Total number of unique words is 2000
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gulagyna ýaraýan ýaly duýlandan soň, Nabat sözüniň soňuny
Myradyň kakasynyň edermenligine bakan öwrüp, onuň şol uruşdaky başyndan geçen bir wakasyny gürrüň berdi.
Myrat ilki bada şol gürrüňe hakykatdan-da gyzykdy, onuň
kakasy gözüniň öňüne geldi... Şondan soň Nabadyň gürrüňi onuň
gulagyna ilmän geçdi. Ol stoluň töweregine, oturgyçlara, her
bir goş-golaňlara aýratyn üns bilen göz gezdirdi; ondan soň diwaryň ýüzüne garady. Onuň agtaryjy gözleri kakasynyň diwaryň
ýüzündäki asylyp duran suratyna düşdi. Ol oňa uzak garap, çendan ara kynlyk bilen ýuwdunandan soň, Nabadyň sözüni kesenini hem duýman galdy:
— Eje, aý eje! Seniň ýadyňda barmy: biz nahar iýenimizde, kakam ynha — şu ýerde oturýardy; men ine — bu ýerde
oturýardym. Ol, öz okarasyna omaça düşende, ýiligini maňa kakyp berýärdi: Myradym, köpräk iý-de, tizräk ulal! — diýýärdi.
Nabat şol agyr gürrüňi — hem Myrady, hem Nabady aljyraňňylyga salýan gürrüňi başga ýana sowmak, Myradyň näzik
ýüregine bir az dynç bermek isledi.
— Myrat jan, näme haýallaýasyň? Işdä bilenjik iýsene!
Myrat ejesiniň sözüne gulak asman, eşitmediksireýän ýaly, öz
gürrüňini dowam etdi.
— Seniň ýadyňda barmy: men has kiçijikkäm, kakam meni
gujagyna alyp towusdyrýardy. Bir gezek meni ýokaryk zyňyp,
ýene gapanda, seniň ýüregiň agzyňa gelip hem kakama, hem
maňa ýapyşanyň ýadyňda barmy?..
Nabat bir zada güýmenýän kişi bolup, beýlesine aýlandy-da,
gözüniň ýaşyny süpürdy. Myrat ony duýman, gürrüňini dowam
etdi:
— Sen bilýämiň, kakam meni boýunmündük hem edýärdi...
Men onuň bilen çendan düýe-düýe-de oýnaýardym... ynha, ynha,
edil şu ýerde, kakam meni arkasyna mündürip, «Bö-ö, bö-ö» edip
emedekleýärdi. Men «Haýt! Çüw!» diýip debseýärdim...
Nabat onuň gürrüňini nähili başga ýaňa sowjagyny bilmän:
— Myrat jan, iýsene! — diýip gaýtalady.
Myrat dürtgüji eline alyp, iýmite sançjak ýaly
etdi-de, ýene gürrüňini dowam etdi:
— 25 —
— Men çendan urşup gelemde-de, kakam maňa seniň ýaly
käýemeýärdi. Gaýta, «Berekella, oglum, urlup gelmeseň bor!»
diýip, meniň arkama kakýardy. Ol ony diňe meniň göwnümi ýykmazlyk üçin aýdýardy. Soňra arkaýynçylyk wagtda bolsa: «Myradym, uruşmak, sögüşmek aýyp bolar. Sen edepli, dilli bolgun,
hanym!» diýip, akyl öwredýärdi...
Nabat ýene bir bahana bilen onuň sözüni kesmek islände,
Myrat janygyp ejesine bakdy-da, gürrüňini dowam etdi:
— Eje jan, ýadyňda barmy, kakam bazara çykanda-da
meni öz ýany bilen bile alyp gidýärdi, magazine baranymyzda: «Myradym, bally kemput alyp bereýinmi ýa şokolady gowy
görýärmiň?» diýip soraýardy...
Nabat Myradyň gürrüňine artyk çydamady: aňyrdan joşup
gelen göz ýaş ony bogdy, göwresinde sandyrama emele getirdi.
Ol öz göz ýaşyny Myrada görkezmezlik niýeti bilen, bar-ýok zady
bahana etdi-de, goňşularyna bakan çykyp gitdi.
Myrat oturan ýerinden butnaman, kakasy barasynda ýene bir
näçe zady ýadyna saldy... Ol birdenkä-de ýerinden turup, şkafyň
ýanyna bardy: onuň ýokarky çekerini çekip, ejesiniň köne gapjygyny aldy. Ol şol gapjygyň içinden bir näçe hat çykardy. Şol hatlara
bir ýanyndan çalt-çalt göz gezdirip başlady. Birdenkä bir hata bar
ünsüni berip seredişdirdi-de, sesli okady:
«Myrat jan! Meniň janym sag, keýpim kök! Söweşde abraý
alýaryn. Seniň hem okuwda otliçno boljagyňa ynanýaryn. Sagaman gaýdyp baranymdan soň, men saňa uruş hakynda gürrüň
bererin. Häzir sag bol. Seni gujagyma gysyp, mäkäm ogşaýaryn!
Kakaň...»
Şol haty okanda, Myradyň gözleri gülümsiredi, emma aşaky
gabaklarynyň ownujak tisginmegi, onuň keşbinde gynanç ýaly,
agy ýaly bir alamat hem saýgartdy.
Myrat ikinji bir hata göz gezdirenden, onuň gözleri peträp,
seslenip okap bilmedi. Onuň şol hata ne dili öwrüldi, ne-de
sesi çykdy. Ol oňa diňe setirme-setir göz gezdirdi, dodaklaryny
müňküldetdi. Ol hat kakasynyň gulluk edýän bölüminden gelen
hatdy. Onda şeýle ýazylypdy:
«Hormatly Nabat Nazarowa! Siz özüňize nätanyş bir
kapitany bagyşlaň! Men size aýylganç ajy bir habary mälim
etmäge mejbur boldum. Meniň hatym Siziň suňňüňizi gagşadar, Sizi bir bada aldym-berdime salar. Şeýle-de bolsa ýazmazlyga çäräm ýok... Siziň adamyňyz leýtenant Gylyç Nazar gyzgyn
söweşde... wepat boldy... Biz ony öz elimiz bilen jaýladyk. Rota
söýgüli komandiriniň hormatyna salýut berdi... Elbetde, Siziň
üçin bu adatdan daşary agyr habar. Şeýle-de bolsa, öz adamyňyzyň mertligine görä, mertlerçe geçirmegiňizi haýyş edýärin. «Iki
aýakly — iki günde» diýen türkmen nakyly bar. Siziň ogluňyz
Myrat haý diýmän ýetişer. Ol öz kakasynyň ornuny tutar. Siz artyk gaýgy çekmäň. Siz öz adamyňyzyň edermenligine hemişelik
guwanyň. Batyr leýtenant Gylyç Nazar türkmen oglunyň kimdigini ýigrenji duşmana bir näçe gezek görkezdi. Siziň adamyňyzyň
ady biziň esgerlerimiziň agzyndan hiç wagtda düşenok. Biz Gylyç
Nazaryň aryny eýýäm bir näçe gezek aldyk. Ýene onlarça gezek
aljagymyza, duşmany ýer bilen ýegsan etjegimize, Size wada
berýäris. Size tutanýerlilik, mertlik, gaýratlylyk isleýän. Kapi— 26 —
tan...»
Myrat şol hat bilen bile kakasynyň ölümi hakynda, harby
komissariatdan gelen bildiriş kagyzyny hem aldy. Myradyň gara
gözlerinden ygtyýarsyz ýaş akdy. Ol kakasynyň frontdan iberen
suratyny ýaşly gözleri bilen synlady. Myradyň gözüne kakasynyň gara gaşy hem, üns bilen garaýşy hem, bütin keşbi hem, edil
öňküsi ýaly bolup göründi. Emma şol göreçlerde bir goýazylyk,
şol garaşlarda bir gazap syzylýan ýalydy. Onuň diňe geýimi üýtgeşikdi: ol harby geýimdedi. Onuň eginlerinde pogonlary hem
bardy. Onuň döşünde Watançylyk urşunyň ordeni, Gyzyl Ýyldyz
ordeni hem-de «Edermenlik üçin» diýen medal ýalpyldaýardy.
Myrat öz kakasynyň suratyny döşüne gysdy, sessiz silkinip
aglady, özüni diwana goýberdi. Gapydan gelen aljyraňňy Nabat
ony:
— Balam! Myrat jan! — diýip gujaklady.
Myrat kakasynyň, uruşdan ozalky gulluk edýän edarasyna
bardy. Edara başlygynyň bardygyny bildi. Sekretaryň üsti bilen
onuň ýanyna girmäge ygtyýar aldy.
Myrat bir az ýygryljak ýaly etdi. Ol gapynyň söýesine
söýenip, bir salym daýandy. Sekretaryň göwnüne bolmasa, ol ikirjiňleýän ýaly, girmezlige meýil edýän ýaly, belki, yzyna dolanmak
küýüne düşýän ýaly göründi. Şonuň üçin sekretar oňa mylakatly
söz aýtdy:
— Myrat, näme dursuň? Onuň ýanynda hiç kim ýokdur. Ýeke
özüdir. Giriber!
— Girsem...
Myradyň çekinýänini aňlan sekretar onuň egnine ýapyşdy,
başyny sypalady:
— Myrat, sen bu kabinete ýeke şu gün girmeli däl ahyry. Sen
bu ýere alty-ýedi ýaşyňdakaň hem gelýädiň. Ýadyňda barmy,
ýaňy-ýakynda-da bir gezek giripdiň ahyry. Direktor seni örän şatlyk bilen kabul eder.
Sekretaryň hemme aýdýanlary dogrudy: Myrat ol kabinete
kän giripdi. Emma ol wagtda, şol kabinetde... onuň öz kakasy bardy. Häzir bolsa...
Myradyň häzir göwnüni ikä bölýän ony ikirjiňledýän şol
meseledi. Ol ýöne bir ikirjiňlemek däl, diwanyň üstündäki
bolşy ýaly, ýüzüni iki eli bilen tutarly, ýene şol ýerdäki diwana
ýykylarly göründi. Emma sekretaryň hoşamaý sözi ony bir az
gurplandyrdymy ýa asyl ol şol bolşy özi üçin namys bildimi,
birdenkä gapyny açdy, stoluň syrtyndaky oturan adama aýgytly
garaş bilen seretdi:
— Girmek bolýamy?
Edara başlygynyň:
— Hä-ä, Myrat! Gel, hanym, gel!—diýen sesini eşidenden
soň, içerik girdi.
Myrat ilki bada nämeden söze başlajagyny bilmedi, töweregine ýaltaklady, nämedir bir zady göresi gelýän ýaly, şol zat
bolsa onuň gözüne görünmeýän ýaly duýuldy.
Onuň şol ýagdaýyny aňlan direktor, oňa ýygrylmaga, çekinmäge, asyl oýlanmaga mümkinçilik bermän, ony gürrüňe gyzykdyryp başlady:
— Tüweleme! Myrat, sen-ä ullakan ýigit bolup giden ekeniň...
— 27 —
Keýpiň kökmi? Janyň sagmy?
— Hawa, gurgun.
— Okuwy nähili okaýarsyň?.. Otliçno? Berekella!.. Okuwy
gutararsyň, kanikul bolar. Seni Pöwrizä pionerler lagerine ibereris. Sen şol ýerde gezersiň, oýnarsyň, dynç alarsyn, okuwa täze
güýç bilen başlarsyň. Şeýle dälmi?

— Hawa, ol aýdanyň-a şeýle...
— Näme ysgynsyz jogap berýärsiň?. Ýa Pöwrizäni makul
bilmän, Kawkaza ýa Kryma, Artege gitmek isleýärmiň?
— Aý, ýok.
— Onda näme? Sen asyl keýpinemi ýa habarlyjamysyň?
Myrat ýüzüni aşak saldy, uzynja barmaklary bilen stoluň
üstündäki begresiň kiçijik düwünjigini dyrmady, birden başyny
galdyrdy, başlygyň ýüzüne seretdi:
— Meni Daşkente Suworow uçilişesine ibermegiňizi haýyş
edýän!
Oslagsyz sowal başlygy bir az geňirgendirdi. Ol Myradyň
ýüzüne hyrydar seretdi. Onuň näzik ýüzünde, ynamly gözlerinde
aýgytly bir sypat göründi. Ol ýaş oglanlaryň adatdaky boluşlary
ýaly, ýüzüni eýläk-beýläk sypjatmady, bir bolşuny üýtgetmedi,
asyl ol gymyldaman, sarsman oturdy. Onuň gaşlarynyň arasy
bir zatdan ynjan, ýaşy ýeten ýigidiňki ýaly çytyldy. Onuň bütin bolşunda, görnüşinde akyly goýalan, edýän talapyna kesgitli
jogap almaga ymtylýan adamyň sypaty göründi. Onuň ýönekeý
geldi-geçer sowal bermän, tutanýerlilik bilen çürt-kesik jogaba
garaşýanyny başlyk kemsiz aňlady. Şeýle-de bolsa, ony mazaly
synap görmek isledi:
— Myrat, sen, hanym, şindi ýaşajyk ahyry!
— Suworow uçilişesine ýaşlar kabul edilýär.
— Daşkende gitmän, şu ýerde okaňda bolmaýarmy?
— Bu ýerde Suworow uçilişesi ýok.
— Başga mekdepler kän ahyry. Ol hökmanmy näme?
— Hawa, hökman!
— Näme üçin?
— Men... kakamyň aryny almak isleýän!
— Sowet halky seniň ýeriňe duşmandan on esseläp ar alýar
ahyry!
— Ýok. Men öz elim, öz güýjüm bilen hem almak isleýän.
Duşmanlaryň meniň ýüregime salan ýarasy diňe şonda biter
diýip oýlaýaryn.
— Sen entek ar alardan ýaş ahyry.
— Suworow uçilişesini gutarýançam ulalaryn.
Onýança.., belkem, şu ýyl uruş gutarar.
— Uruş gutarandan soň hem Watany goramak gerek ahyryn.
Başlyk oňa näme jogap gaýtarjagyny bilmedi. Ol elindäki
galamy bilen ak kagyzyň ýüzüne nämedir bir zat ýazandan soň,
ýene Myradyň ýüzüne seretdi.
— Ejeň näme diýýär? Razy bolýamy?
Aý, eje diýeniň näme, ejedir-dä! Ol öz ýanyndan, öz gözüniň
astyndan aýyrmajak bolýa. Ol maňa: «Sen meniň ýeke çagam. Sen
hem çykyp gitseň, meniň günüm nähili geçer. Sen akylly bol-da,
şu ýerde» öz gözümiň alnynda okaber» diýip, ýok tükezzibanlara
tutýar.
— 28 —
— Dogry aýdýar... Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.
— Ejem bir aglar—bir goýar. Men adam bolup ýetişenimden
soň, ol hemişelik güler.
— Şeýle-de bolsa, ejeňi agladyp, Daşkende gitjek bolmaňy
men-ä makul bilemok hanym.
— Ýok, ejem hem indi razy boldy. Ynanmasaňyz, çagyraýyn,
özüňiz sorap göräýiň.
Nabat Myradyň sözüni tassyklady.
— Kakasynyň ölüm habary gelen günden bäri, Myrat jan
bütinleýin üýtgedi. Onuň edýän oýy, aýdýan sözleri, çekýän azaby oglanyňky diýip, ynanar ýaly däl. Ol öz arzuwyna ýetmese, rahatlanyp bilenok, maňa-da gün berenok. Eger ýagdaýy bolsa, oňa
kömek edip, gitjek bolýan ýerine ibermegiňizi men hem sizden
haýyş edýän.
Başlyk harby komissara telefon urup, Myradyň öz ýanynda
onuň bilen gepleşmäge durdy.
Myradyň ýüzi ýagtyldy. Ol ornundan gozgananyny hem
aňlaman, telefon trubkasyna, başlygyň agzyna aý görjek ýaly seretdi.
Başlyk trubkany goýandan soň, Myrada bakan ýüzlendi:
— Eşitdiň gerek?
— Siziň sözüňizi eşitdim, jogabyny eşidemok.
— Harby komissar «Suworow uçilişesine kabul edişlik gutarypdyr» diýýär.
Myradyň ýüzi ýene gamaşdy. Ol başlyga närazy garaş bilen
çiňerildi:
— Dogry däldir. Iň bolmanda bir adamy-ha kabul edip bilerler!
Myradyň sözi başlygy bir az ynjytdymy ýa ol Myrady bir az
rahatlandyrmak isledimi, her halda oňa bir az igendi:
— Näme, harby komissar ýalan sözleýändir öýdýämiň? Ýa
meniň sözüme ynam edeňokmy? Eger şeýle bolsa, ynha, telefony
bereýin, özüň gürleş-de göräý!
Myrat ýüzüni aşak saldy. Onuň dodaklary bir az kemşerdi.
Ony şeýle ýagdaýda gören başlygyň ýüregi awady, özüniň oňa
igenç bilen aýdan sözlerine ökündi, şol sekuntda bolsa, Myradyň
kakasy Gylyç Nazaryň gylygy onuň ýadyna düşdi. Gylyç bir ýana
eňňit edenden soň, ony kes-kelläm gaýtaryp bolmaýany onuň
gözüniň öňüne geldi... Basmaçylyk döwründe Daşhowzuň uzak
bir raýonynda Gylyç ikisi bir ýerde gulluk edýärdi. Birdenkä, golaýjakda, obaň töwereginde galtaman bar habary geldi. Raýonyň
milisionerleri, bir näçe ýolbaşçylary başga bir toparyň yzyndan
kowalaşyp gidipdiler. Atly-ýaragly onlap galtamana taý gelerlik
raýonda şol wagt güýç ýokdy. Emma Gylyç oňa garaman: «Ýörüň!
Atlanyň!» diýip, derrew şaýyny tutmaga durdy. Töwerekdäkilerden käbiriniň iki göwünli bolanyny, käbiriniň haýal-ýagal depreýänini gören Gylyç: «Bolýar. Siz tohumlyk galaýyň!» diýip,
ýeke özi atyny gamça basdy-da, gözden ýitdi. Ýeke atlyny— Gylyjy gören galtamanlar onuň üstüne hüjüm edipdirler. Gylyç
atyny noburyň içinde daňyp, galtamanlara ýeke özi gaýtawul
beripdir. Olardan ikisini urup ýykypdyr. Üçünji biri noburyň içi
bilen pyýadalap gelip, galtamanlara bakan atyp ýatan Gylyjyň
üstüne özüni oklapdyr. Onýança raýon tarapyndan gelýän atly— 29 —
lary görenden soň, galtamanlar ökje göteripdiler. Uruş sowlandan soň, Gylyç bilen bir galtamany gana bulaşyp ýatan ýerlerinde
tapypdyrlar. Şol kartina gözüniň öňünden geçen başlyk Myrada
gaýtalap göz gezdirdi.
Myradyň dodaklary bir az kemşerse-de, barmaklary stoly
dyrmaşdyrsa-da, gözlerinden ýaş çykanok.
Gaýta ynjyly, agramly bir ýagdaý onuň gaharyny getirýän
ýaly görünýär. Onuň gözlerinde uçganaklar ýylpyldaýar. Ol gamly başyny birdenkä aýgyt edijilik bilen galdyrdy, başlyga çiňerilip
seretdi:
— Onda maňa hat beriň-de, özüňiz iberäýiň!
— Han ogul, sen nähili gürrüň edýärsiň? Suworow uçilişesi
harby mekdep, ony harby komissar ibermese, biziň hatymyza kim
sereder?
— Eýsem, iki barmak kagyzyňyzam gysganýarsyňyz-da?
— Gep kagyzda däl diýip, men aýtdym ahyry!
— Ýok, siziň maňa kömek edesiňiz gelenok... Kakam bolan
bolsa, elbetde, bir tärini tapardy. Kömek edesiňiz gelmese, etmäň. Men hem öz ýolumy taparyn. Bilet alyp bermeseňiz, men
Daşkende piýada giderin.
Myrat ýüzüniň ugruna tasanjyrap çykyp gitmekçi boldy. Ondan öňürti turup, stoluň beýlesine aýlanan başlyk, onuň öňüni
gabady, egnine elini goýdy, mylaýym sözledi:
—Myrat, beýle dar gursak bolmazlar. Her bir meseläni ýüz
oýlap — bir çözen gowudyr. Gahar adamyny çaşyrar, sowuk ganly bolmak gerek. Sen öňi bilen maňa aýt: okuwda alýan bahaň
nähili?
Myradyň keşbi oňly düzelmese-de, sesi örän batly çykdy:
— Hemmesi bäş!
— Hemmesi bäş? Tüweleme! — Başlyk ýylgyrdy-da, oňa
degdi. — Sen maňa aýt. Daşkende piýada gitseň, okuw başlanar
wagtyna ýetişermikäň?
Emma Myrat özüni ýitirmän:
— Piýada giderin, gruzowige münerin, her ederin-hesip
ederin weli, ýetişerin! —diýip, ýene gapa bakan ýüzlendi.
Başlyk ony saklap, ýaňadandan hyrydar syn etdi. Ol ortadan
ýokary, süňklek bir oglan. Emma onuň ýüzüniň agraslygynda,
gara gözleriniň düşünje bilen hereket edişinde bir üýtgeşiklik
saýgarylýar. Başlyk öz ýanyndan «Bu oglan edil öz atasynyň
ogly. Ine gerek bolsa, saňa gylyk! Ýok, ýöne bir gylyk hem däl-de,
batyrlyk alamaty. Çagasy şeýle gylykly bir halky heý-de ýeňip bolarmy?!» diýip oýlandy.
Başlyk şondan soň Nabada ýüzlenip, kagyzyň ýüzüne bir
zatlar ýazyp başlady:
— Näme diýsene, Nabat, siz Myrat bilen bile oňa gerek dokumentleri taýynlaň. Nähili dokument geregini men ynha, şujagaz
kagyza ýazýaryn. Men özüm polkownigiň ýanyna baryp, onuň
bilen sözleşeýin, aňrujy ýagdaýy bolsa, bir çäre ederis. Juda bolmasa, Suworow uçilişesiniň naçalnigine ýörite hat ýazarys. Her
halda umydy goldan bermäliň, belki, bir zat bolar.
Myrat özüne bakan uzyn kagyzy hoşallyk bilen gysymlanda,
onuň gözlerinde minnetdarlyk hem umyt öwüşgini ýalpyldady.
Otagyň bir künjündäki tegelejik stoluň üstünde dürli kagyz
— 30 —
ýaýrap ýatyrdy.
Şol kagyzlaryň her birinde aýratyn üns bilen ýazylan, emma
yzy gutarman, ýarymçyk galdyrylan sözlemler görünýärdi.
Kagyzlaryň käbirini ýel galgadany üçin, Myrat ýerinden
turup, eýwan taýdaky gapyny ýapdy. Onuň keşbinde adatdan daşary çynlakaýlyk görünýärdi, ýaňajyklary gyzýan ýaly
duýulýardy. Ol öz oýlan sözlemini kebşirläp ýazyp bilmeýärdi.
Onuň göwnüne bolmasa, öz takdyry häzirki ýazýan zadyna bagly
ýaly duýulýardy.
Ol öz ýerinde gelip oturanda, ýürejigi tarsyldap urýardy,
şeýle-de bolsa, ol özüni ýitirmeýärdi. Ol Suworow uçilişesiniň
naçalnigine arzany özi ýazmakçy bolýardy. Şol arzany ýalňyşsyz,
örän tygşytly ýazjagyna, hatda oturyna, iki nokadyna çenli-de
unutmajagyna ynanýardy. Ony örän owadan hem gelşikli sözlemler bilen ýazjagyna umyt baglaýardy. Ol şonuň ýaly arzany uly
adamlaryň nähili ýazýanlaryny göz öňüne getirmäge çalyşýardy.
Onuň göwnüne bolmasa, arzalaryň hemmesi şeýle başlanýan
ýaly, ýagny: «Şu arzany ýazmak bilen...» ýa-da «Şu arzadan meniň
maksadym...» diýip, soňra öz islegiňi mälim edäýmeli ýalydy.
Emma ol stoluň syrtynda oturyp, kagyz-galamyny ykjamlap:
«SUWOROW UÇILIŞESINIŇ NAÇALNIGINE
Bäşinji klasyň okuwçysy
Myrat Nazarowdan
Arza
Şu arzadan meniň maksadym...» diýip ýazandan soň, yzyny
nähili alyp barjagyny bilmedi.
Ol öz akylyndan her hili oýlary geçirip, sözlemi gutarmaga
çalyşsa-da, näme ýazsa-da, Myradyň göwnüne görä oňly bolman,
gaýta ýaramaz bolup çykdy. Onuň öz ýüreginden gaýnap çykýan
sözler göwnejaý ýaly bolsa-da, kagyz ýüzüne geçenden soň, bir
hili suwuk ýaly, öli ýaly göründi. Belki hem, ol, naçalnik öz arzasyny okan badyna «Myrat nähili akylly, düşünjeli oglan ekeni»
diýip, derrew kabul edäýer ýaly ýazmaga ymtylany, şony hem
oňly başarmany üçindir. Her halda Myrat näçe ýazsa-da, onuň
ýazanlary göwün diýen bolup çykmady. Ol özüni bir hili ýitirdi,
ýazan kagyzlaryny mynçgalap, stoluň astyna taşlasy geldi.
Ol öz ejesini tapyp, ondan kömek sorasy gelýän ýaly duýdy,
emma ol niýeti göwnünden turman, näme-de bolsa, men özüm
ýazmalydyryn diýip düşündi.
Ol eýwan taýdaky gapydan howlynyň içine çykyp, hoşaly
üzümler sallanyşyp duran dalbaryň aşagynda durdy. Çüýşe ýaly
sarymtyl bulduraýan terbaşdan bir dänesini ýolup, agzyna salanda, ondan hiç bir tagam tapmadyk ýaly duýdy. Ol haýal ädim
bilen dalbaryň astynda gezim edenden soň, aýaklaryny açybrak
durdy-da, urşa taýynlanýan ýaly, ýumrugyny düwdi, gaşlaryny
gerip, nirädir çiňerildi. Myrat şonuň ýaly arzany öz kakasynyň nähili ýazjagyny göz öňüne getirmäge çalyşýan ýaly, şondan
görelde almaga ymtylýan ýaly duýdy. Onuň göwnüne bolmasa,
şol niýeti örän makul ýaly duýuldy. Öz kakasynyň keşbini göz
— 31 —
öňüne getirende, ol oňa şeýle görkezme berýän ýaly göründi: Myrat, sen arza-parza diýip resmilige ýüz urma-da, meniň saňa ýazyşym ýaly, ýönekeý hat ýazaý...
Ýeňillik bilen dem alan Myrat, şondan soň öz stolunyň başyna geçdi-de, çalasyn galam ýöretdi...
Myrat bir näçe gün göýä diýersiň ümürde ýörän ýaly, gümürtik ýagdaýda gezdi. Ol Suworow uçilişesinden çakylyk geljegine
ynam etmän, köplenç wagt gaýgylandy, özüniň umytsyzlygyny
çendan ejesine-de duýdurdy. Ejesi oňa çendan göwünlik berdi,
käte bolsa töwelli etdi:
— Myrat jan, kakaň näme Suworow uçilişesini gutarypmydy? Saňa gerek okuwy şu ýerde-de berip bilerler ahyry. Sen şu
ýeriniň mekdebini gutaranyňdan soň, isleseň, ýokary harby mekdebe gidersiň.
Myrat meseläni üzül-kesil goýýardy:
— Ýok. Men Suworow uçilişesine giderin!
Nabadyň razylyk bildirmekden ýa sesini çykarman oturmakdan başga çäresi ýokdy: oglunyň gylygy enesiniňkiden üstün
çykypdy.
Myrat dürli žurnallardan Suworow uçilişesinde okaýan
oglanlaryň suratlaryny ýygnady, olaryň harby geýimdäki syratly keşpleri ony guwandyrdy. Ol aýnanyň öňünde durup, döşüni
gaýşardyp, ýeňsejigini pökgerdip, şolaryň durşuna öýkündi, öz
ýanyndan: «Men hem şular ýaly suratymy aldyryp, ejeme ibererin» diýip buýsandy.
Myrat şol suratlary käte mekdep oglanlaryna görkezip güjeňledi:
— Ynha görüň, nähili oňat! Men hem şularyň mekdebine
gidýän. Baranymdan soň, suratymy aldyryp, size-de ibererin.
Oglanlaryň köpüsi Myradyň sözüni üns bilen diňledi, onuň
görkezen suratlaryny höwes bilen synlady. Olardan bir näçesi «Men hem şol mekdebe gidýän bolsam bolmaýarmy» diýip,
arzuw etdi. Emma oglanlaryň içinde dürli gylyklylary, käbir
çylkasyzlary-da ýok däldi. Özüne göwni ýetýänje, kesirje bir
oglan Myradyň gaňryşyna gaýdyp, onuň sözlerini ýaňsa aldy, temejigini tyzzyldatdy, güldi:
— Hawa, gardaş, ýagmasaň hem, gübürdeýşiň-ä ýaman
däl!
Myrat oňa bakan gözlerini çüýjertdi:
— Näme, okuwa gitmez öýdýämiň?
— Äkitseler, gidersiň.
— Äkitmeseler hem giderin.
— Bolsady ekeniň bilen gögerýän bolsa, men hem okaman,
tejribe geçmän, lýotçik bolardym.
— Men näme, şo taýda okamaz öýdýämiň?
— Okarsyň hem öýdemok.
— Ýa duşmandan heder eder öýdýämiň?
— Hawa, duşmanyň elini-aýagyny daňyp goýsalar, seniň
eliňe-de ýarag berseler, elbetde, tarkyldadarsyň, onda-da gözüňi
ýumup.
Myrat birdenkä bolmajyny bolup, hemişeki Myrada öwrüldi.
Ol şojagaz oglanyň üstüne abananda, gözlerinde uçganak göründi:
— 32 —
— Halypa, men özüň ýalylar ýaly buduny saňňyldadyp,
«Waý, eje-leý!» diýip, zörletjekleriň hilinden däldirin. Men atamyň
ogludyryn! Sen ony unutma!
— Ýeri, çikjeren bolmasana, sen hem belli tanalman duraňok.
— Ynha tanasaň!
Myrat ýumrugyny göterip, şol oglandan eňtererli bolanda,
kakasynyň berýän öwüdi, edara başlygynyň «Ganygyzgynlyk
ýaman zatdyr» diýeni ýadyna düşüp, birdenkä elini aşak goýberenini, ýumrugynyň nähili ýazylanyny, utançly ýüzüniň nähili
aşak sallananyny duýman galdy. Birdenkä-de ol garşysyndaky
oglanyň egnine elini goýdy:
— Bagyşla, gardaş!
Kakasynyň ölüm habary gelenden soň, Myradyň hemişekiligini ýatlany, şu birinji gezekdi. Belki hem, ol iň soňky gezek bolar.
Mekdep ýoldaşyndan ötünç sorap, Myrat her halda şeýle düşündi.
Myrady ugratmaga wokzala çykanlar geň galarlyk derejede
kändi.
Mähriban enesi Nabadyň öz ogluny öz eli bilen ugratjagy,
elbetde, hemmelere aýandy. Tä uludan-kiçä olaryň goňşulary
hem gelipdiler. Lagerlerden dolanyp gelen mekdep ýoldaşlary
hem wokzala çykypdylar. Myradyň bir wagtda bir näçeleri bilen
ýüzlerini dyrçanaklaşanlary, bir näçeleri bilen ýersiz ýere ýumruklaşanlary, käbirleri bilen çynlakaý tersleşenleri hem gelipdir.
(Hawa-da, çagalykdaky bolup geçen bimazalyklar, suw degen
duz ýaly, ýüzüniň ugruna ýuwlup gidýärdi.) Hatda Myradyň kakasynyň dosty — Häzirki edara başlygy-da gelipdi.
Myradyň şatlykly gözleri aýsyz gijäniň mähnet goşa ýyldyzy
ýaly balkyldaýardy. Emma iň soňky minutda, soňky gezek jaň
urlanda, oglanlar biri-birlerini itekleşip, onuň bilen ýene bir gezek
gujaklaşjak, hoşlaşjak bolýan wagtynda, onuň gözleriniň öňi
bir hili ümezlän ýaly göründi. Myrat ejesi bilen ogşaşanda, gözleri ýaşly Nabadyň göreçlerine bolmasa, Myradyň ýaňaklaryndan goşa monjuk togalanan ýaly göründi. Ejesine aýtjak sözüni
aýdyp bilmän, diňe dodaklarynyň müňküldeýäni hem şony
tassyklaýardy.
Edara başlygy Myradyň şol ýagdaýyna gözi düşende: «Myrat, sen, hanym, kyn ýagdaýda bozulýan diňe özüňdirin öýtme.
Seniň ejeň bilen hoşlaşanda, seniň kakaňda-da seniň häzirki
keşbiň bardy» diýesi geldi. Emma kakasynyň aýrylyşygy bilen
Myradyň hoşlaşygy gözüniň öňüne gelende, ol şol pikirinden
döndi-de, Myrady gujaklap öpdi:
— Bar, oglum, bar. Ataňyň ornuny kemsiz tutjagyňa hiç bir
şübhäm ýok!
Parowoz gugurandan soň, wagonlaryň tigirleri emaý bilen
gymyldap başlady...
Ejesiniň gujagyndan sypan Myrat wagonyň tamburina dazyrdap çykdy. Kimler ellerindäki ýaglyklaryny, kimler papaklaryny, käbirleri bolsa tahýalaryny bulaýladylar. Dürli ses ýaňlandy:
— Myrat, sag bol!
— Myrat, okuwyň şowly bolsun!
— 33 —
1944
ERTEKI DÄL, HAKYKAT
Men öýden çykamda, agşam sagat dokuzlar çemesidi. Hiç
ýerden ýel ösmeýärdi. Howa örän mylaýymdy. Bulutsyz asmanyň
ýaňyjyk ýylpyldaşyp başlan ýyldyzlary şäheriň çyralary bilen
bäsleşýärdi. Köçelerde maşyn hereketi azalany üçin, adamlar
asuda gezim edýärdi. Ejesiniň, kakasynyň bir gezek o ýanyna,
bir gezek bu ýanyna geçip ýa-da elinden tutup, çalasyn ätleýän,
enaýyja wüjürdeýän çagajyklar-da görünýärdi. Nirededir aýdymsaz sesi ýaňlanýardy. Şäher bagyndan ýaňyjyk goýberilip başlan
raketalaryň uçgunlary asmanda pytraýardy...
Şonuň ýaly seýle çykyp, oýan-buýan gezim edenimden soň,
meniň öz dostlarymdan biriniňkä barmak häsiýetim bardy. Emma
kimiňkä barmalydy? Häzir kimi öýünde tapmak mümkindi?..
Şeýle nämälim oý bilen men şäheriň orta gürpündäki bir howla
girenimi duýman galdym. Howlynyň içi dym-dyrslykdy. Hatda
şol ümsümligi bozmak islemeýän ýaly, togalajyk alaja güjük-de,
hemişeki gylygyna görä, şaňňyja ses bilen üýrmän, diňe tanyşlyk
berýän ýaly, howlynyň içi asudadyr diýip duýdurýan ýaly,
temejigini çommaldyp, guýrujagyny bulaýlaýardy. Otaglaryň hiç
birinde çyra ýanmaýany, açyk gapydan hiç kimiň çykmaýany—
meniň dostumyň öýde ýoguny, aýaly bilen kino ýa biriniňkä
myhman gidenini habar berýärdi.
Emma howlynyň içi boş däldi.
Çyra ýagtysyna salkym üzümleri buldurap sallanýan gür
ýaprakly dalbaryň astyndaky giň tagyň üstünde üýtgeşik bir
görnüş bardy. Garry enäniň garşysynda çugdamlanyşyp oturan
çagajyklar töwerekdäki ýagdaýlary bütinleýin unudyp, onuň
agzyndan aý görjek ýaly seredişýärdiler. Alkymlary gasyn atyp,
saçlary çalaran garry ýygyrtlaşan gabaklaryny aşak sallap,
böwrüni diňirgenýärdi. Garry Jahan, durguşan ýüreginiň
gatlaklarynda gizlenen taryh sahypalaryny agtarýan ýaly, çuňňur
oýa çümüp otyrdy. Şonuň ýaly görnüşde onuň gyzykly bir ertekä
başlaýany maňa mälimdi. Şonuň üçin şol görnüş meniň-de
ünsümi özüne çekdi.
Meniň baranymy saýgarmadyk çagalar öz golaýlarynda baryp süýnenimi-de duýmadylar. Dogrusy, men hem edil ogurlyk
edýän ýaly ýapyrylyp, pişik ýörişini edip barypdym.
Emma garry Jahan äwmeýärdi. Onuň hiç bir hereketsiz, soky
ýaly somalyp oturmagy agtyklarynyň sabyrlaryny ellerinden
alýardy. Emma olaryň hiç biri dillenip bilmän, sen aýt-da, sen aýt
diýýän ýaly, biri-birlerini ýuwaşja tirsekleşýärdiler. Iň soňunda,
mele gulpakly ekabyrja gyz dillenmän durup bilmedi:
— Ene, aý ene! Sen erteki aýdyp berjek diýip, bizi kökene
gerdiň-de, özüň dymaýdyň-la!
Kempir gabagyny galdyryp, haýal-ýagal çiňerildi-de, agtygynyň başyny sypalady:
— Maýsa jan, bisabyrlyk saňa däl, diňe biziň
Alabaýymyza gelşer!.. Onsoňam, meniň pikirimi böleniňden,
gaýçy bilen barmagymyň damyny gyýyp alanyňy gowy görerin!..
— 34 —
Garry ýaňadandan eňegini eliniň aýasyna diräp, öňki oýunyň
dowamyna gark bolanda tegelek ýüzli, ýiti gözli, burny bir az
düwünlije oglan Maýsany tirsekläp, ýuwaşja pyşyrdady:
— Hä, Maýsajyk, aldyňmy almytyňy?.. Degme, päsgel
berme diýip, men saňa näçe gezek göz ümledim?
Maýsajyk oňa geňirgeýji çiňerilip, edil özüniňki ýaly pyşyrdady:
— Enemiň şeýle ýokuş görjegini sen nireden bilýädiň?
Ýeserje Aman gözleriniň birini gypyp, beýlekisini
ýylpyldatdy-da, pyşyrdy bilen jogap gaýtardy:
— Men çöregi dişim bilen çeýneýän ahyry!
— A men?..
— Sen?.. Kentlewügiň bilen!
Maýsajyk burnuny myssyldatdy:
— Hymm!.. Bolduň meň başyma adamyň içindäkini daşyndan saýgarýan köpbilmiş!..
Aman Maýsaň gulajygyna barmagyny degirdi:
— Seniň ynha şunyň epenegi ýok, epenegi!
— O näme diýdigiň boldy?
Garrynyň wagty bilen herekete gelmejegi anyk bolany üçin,
Amanyň ekiz taýy — edil şonuň özi ýaly, diňe burny bir az
çowlurak Zaman-da gürrüňe goşuldy:
— Maýsa, ynha meselem, seniň bujagaz gulagyňdan giren
ojagaz gulagyňdan ötüp gidýä.
— A seniňkiden?
— Amanyň gulagam, meniňkem edil agzy gözelen horjun
ýaly.
Maýsa onuň maňlaýyna barmagy bilen kakdy:
— Zaman, seniň şujagaz ýeriň pakgy bolsa, gulagyň doly
pagtaň bahasy bir pul!
Aman Zamandan öňe düşdi:
— Ýok, Maýsajyk, Zamanyňky däl, seniň beýniň lakgyja.
— Ony nireden bilýäsiň?
— Enemiň duýduryşy Zaman ikimize sapak bolanda, saňa
näme üçin täsir edenok?
Maýsajyk diňe şondan soň öz akylyna aýlandy. Ol diňe
bir enesine beren sowalyna däl, doganlaryna beren igenjine-de
ökündi. Özüniň şu günki durumsyzlygyna bir» hili haýrangaldy.
Hemişe şonuň ýaly ýagdaýda jigilerine özi görelde bolup, bu gün
özüniň näme üçin şeýle gülkünç ýagdaýda galanynyň sebäbini
tapyp bilmedi. Birdenkä-de goňşularynyň güjügi «habb» edende,
«wä» diýip, ökje götereni ýadyna gelip, «men hakykatdan-da
beýnimdäki guşjagazy uçurypdyryn» diýen karara geldi. Şol
sekuntda:
— Anha guşjagaz! — diýen şaňňyja ses hemmäniň pikirini
bozdy, hemmäniň ünsüni özüne çekdi.
Ol meniň öz uçuran guşum bolaýmasyn hasap eden Maýsajyk:
— Hany? Nirede? — diýip, çynlakaý soranyny-da duýman
galdy.
— Anha, bar, tut! — diýip, ondan-oňa, gaýmalaýan ýarganata bakan elini uzadan posalajyk oglan jakgyldap güldi.
Aman bilen Zaman onuň iki gapdalyndan çalaja symsyklap,
— 35 —
pyşyrdy bilen igendi:
— Çary, sen utanaňokmy?
— Çary, sen näme üçin enemiň pikirini bozýasyň?
Çaryjyk burnuny tyzlatdy:
— Aý, enem namaz okanok ahyry!
— Sen onuň keýpini bozduň, keýpini!
— Aý, hepbik guran ýaly çugdunyşyp oturmaga, meniň-ä
kararym ýetenok!
Aman saçlyja pyşyrdady:
— Kararyň ýetmese, burnuňy dişle!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 04
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.