Latin

Saýlanan eserler - 19

Total number of words is 3831
Total number of unique words is 1874
33.9 of words are in the 2000 most common words
48.5 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ol baý düýesini çökerip, dyzlandan soň, öküziň hamyny çöwürip:
«Hany, han ogul, şunuň içine gir» diýdi. Hamyň tüý ýüzi bolany üçin, onuň içine girmek onçakly hatarly däldi. Şeýle-de bolsa,
onuň içine girmegi meniň inim söýmedi. Emma baýyň ýüzünden geçip bilmän girdim. Baý onuň gyrak-bujagyny ýokaryk
galdyrdy-da: «hany, hanym, başyňy aşak egip gör» diýdi.
Meniň şonda bir az ýüregim gysyp:
— Baý aga, başymy aşak egsem, birden sen hem onuň bujagyny bogaýsaň demigerin— diýdim.
— Meniň, hanym, synap görmek isleýänim şol: seniň depäň üstünden bujagyny bogmaga ýüküm ýetjekmi, ýetjek dälmi? Emma onuň bary bir käse suw içimden artyk wagt çekmez,
başyňy egäý, hanym! — diýip, meni mylaýymlyk bilen mejbur
etdi.
Men başymy egenimden, ol bujagyň ýokarsyny mäkäm
sarady. Men onuň içinde demigip başladym. Baýyň ol işde tejribesi kän ekeni. Elindäki demir çişi bilen deriniň her ýerinden
deşişdirdi. Şol deşikler maňa dem almak üçin ölmez-ödi mydar
berdi.
Ondan soň ol baý maňa:
— Han ogul, men häzir seniň ýanyňdan gidip, gizlenerin
weli, asmandan seniň ýanyňa iki sany perişde geler. Olar hamyň
her ýerinden çokjalarlar. Sen şol wagtda öli ýaly gymyldysyz
ýatgyn. Ýogsam, olar seni derbi-dagyn eder. Emma bir salym syr
saklasaň, olar seni asmana götererler: saňa behişt görkezerler. Seni
gymmat baha nygmatlar bilen gerk-gäbe doýyrlar. Sen şol nygmatlary — daşlary asmandan maňa zyňarsyň. Men olary çuwala
gapgararyn. Seni şol perişdeler ýene sag-aman aşak düşürerler. Ikimiz iki çuwal gymmatbaha daşa eýe bolarys. Şondan soň,
seniň, eneň dünýäde horluk garasyny görmez!—diýip, hekaýa
sözledi.
Baý meniň ýanymdan gizlenen badyna, asmandan iki sany
garaguş gelip gondy. Olar meniň daşymdaky öküz hamyny
çekeleşip başladylar. Men olardan gorkyma, sesimi çykarman, gymyldaman ýatdym. Birden-de garaguşlaryň her haýsy deriniň bir
çetinden ýapyşyp, asmana alyp galdylar. Arryjak çaganyň artykmaç agramy barmy? Baýyň ýaşajyk talaban gözlemegi hem şonuň
üçin eken. Garaguşlar içi Myralyly öküz hamyny dagyň depesine
çykardylar. Olar şol ýerde çig hamy arkaýynlyk bilen çekeleşip
başladylar. Şol barmana hem iki bölündi. Onuň içinden gözlerini
petredip kiçijik Myraly çykdy.
Garaguşlar maňa azar bermän, hamyň her haýsy bir bölegini
göterip, dagyň ikinji bir gerşine çykdylar.
Soltansöýün Myralynyň gürrüň bererine takady ýetmän;
— Sen näme işlediň? — diýip sorapdyr.
— Bir az sabyr et. Men özümi bir az yraslanymdan soň,
töweregime garasam, dürli daşlar ýylpyldaşyp ýatyr. Onýança
bolsa, aşakdan baýyň gykylygy eşidildi:
— Balam, şol daşlardan eliňe ilenini aşak togalaber. Şolar
behişdiň nygmatlarydyr.
— 213 —
Men, bir ýandan, baýa gahar edip, birjigini hem togalamasam
diýip oýlandym. Emma ikinji ýandan, baýyň gaharyny getirsem,
belent dagyň üstünde hemişelik galmak howatyry ýadyma düşdi-de, ownujak daşlary togalap başladym. Baý aşakdan:
— Balam, indi besdir! — diýip gygyrdy.
— Baý aga, hany men indi mundan nähili düşeýin? — diýip
soradym.
— Balam, seniň ýaly günäsiz oglanyň behiştde galmagy
laýyk. Ýaşaber — diýdi-de, düýesini iýdip, gözden ýitdi.
Bütin töwerek kert gaýa. Aşak inmäge hiç ýerde basgançakda ýok. Men eýläk urundym, beýläk urundym — hiç ýerden ýoda
tapman, ahyryna gurpdan düşüp ýykyldym. Ýatan ýerimden töweregime göz aýlasam, adam süňki çym-pytrak dagap ýatyr. Çaky,
olar hem meniň ýaly «behiştde» galan çagalaryň süňkleri bolara
çemeli.
— Ondan soň nätdiň?
— Bir haýukdan soň meniň ýanyma bir garaguş pelpelläp
gondy. Ol loňk edip, eýläme geçdi, beýläme geçdi, iň soňunda
meni ölüpdir hasap edip, baş ujumda arkaýyn oturdy-da, çüňküni
urmaga synandy. Men şol halatda onuň iki aýagyndan ýapyşdym.
Garaguş ýüregi ýarylan ýaly, bir zarbada pasyrdap galdy. Emma
ol meni uzak göterip bilmän, kem-kemden aşaklady. Iň soňunda,
meniň aýagym ýere degende, men onuň iki aýagyny sypdyrdym.
— Gutardyňmy?
— Ýok, dur entek. Men şol baýy gözläp tapyp, ýene oňa
talaban durdum. Baý ikinji gezek meni hama salyp, depämden bogjak bolanda, men oňa: «Baý aga, ilki bilen özüň girip
görkezmeseň, men ony başarman» diýdim. Baý hamyň içine
girende, men onuň depesinden bogup taşladym. Ony dört garaguş itiň güni bilen ýokaryk alyp çykdy. Men baýyň düýesini
gymmat baha daşlardan ýükläp ugramda, baý maňa: «Balam,
meni düşürmäge kömek et» diýip gygyrdy. Men oňa: «Aý, baý
aga, seniň köpüň ötüp, azyň galypdyr. Saý-sebäp bilen behişde
düşdüň. Sen şol ýerde hemişelik galyber» diýip, jogap berdim.
— Hany ol, gymmatbaha daşlary nätdiň?
— Ýolda gelýärkäm, kerwen bilen Hindistana barýan söwdagäre duşdum. Men öz ýükümiň nämedigine düşünmänim üçin,
bir düýe bilen bir geçä çalyşdym. Sen maňa ilki uçraňda, saňa
söwüş eden iki janlym, şol söwdagärden alan geçimdi.
Myralynyň başyndan geçirenlerini höwes bilen diňlän Soltansöýün özüni bir az rastlandan soň, öz başyndan geçen wakalary gürrüň etmäge durupdyr.
— Men ilki patyşa bolan ýaş ýigit wagtymda sen, öýkeläp
giden çagyňda, aýratyn ýagşy görýän atym bardy. Şol atym
gün-günden arryklap başlady. Onuň sebäbini bilen bolmady.
Seýisleriň, jylawdarlaryň gepine ynam etmän, aty bir gije assyrynlyk bilen özüm sakladym. Gijäniň bir wagty kenizlerden iň ýagşy
görýänimiň biri geldi-de, ata atlanyp gidiberdi. Men hem atlaryň
başga birini münüp, onuň yzyna düşdüm. Iň ahyrynda ol keniz
bir gowagyň agzyndan baryp, atdan düşdi-de, onuň içine girdi.
Men hem onuň yzyndan girdim. Şol gowakda kyrk sany jadygöý
ýaşaýan ekeni. Olaryň baştutany-meniň kenizime garap:
— Anha, Soltansöýün hem yzyň bilen geldi—diýdi.
— 214 —
Men ol aýala gylyjymy eňtermekçi bolamda, jadygöýleriň
baştutany meniň üstüme bir gysym gum sepdi. Men şol dem
alar salymda, gara taza öwrülip, çyňsap çykyp gitmäge mejbur
boldum.
— Hä Soltanym, çendan uwlamaň bardy weli, şondan galan
alamat diýsene!
— Dur entek. Men köşge dolanyp baramda, meni kesek bilen garşyladylar. Men hiç ýerde özüme hossar tapman, iň
soňunda uly bir kerweniň yzyna düşdüm. Olar mana gemrilen
süňk, çendan gaty-guty çörek taşladylar. Şol barmana kerwen
derýa gabat gelip, gämi bilen geçmekçi boldy. Men gämä girmekçi bolamda, kerwençiler meni kesekläp kowdular Men şol ýerde
naýynjar çyňsadym. Kerwenbaş maňa dözmän, gämiň kireýini
öz boýnuna göterip, meni hem gämä saldy. Ondan soň bir uly
ile bardyk. Şol ilde bir baý uly toý edýän ekeni. Şol toýda süňksaňklary gemirip ýörkäm, töweregime üýşen aç itler meni daladylar. Men tapdan düşüp ýykyldym. Şol wagtda bir «selleli garryja molla gelip, itleriň gandyzyna çybyklady-da, meni göterip
alyp gidip, öz öýünde bir mahmal körpäniň üstünde ýatyrdy. Şol
taýdan bir tabak palaw getirip, özi meniň bilen bile oturyp iýdi.
Molla meni tazy hasap etmän, özi bilen deň, belki, özünden hem
ýokary adam hökmünde hormat goýdy.
— Şol molla azypdyr. Ol it bilen tabakdaş bolupdyr —
diýip, ol mollany ýurduň häkimine ýamanlapdyrlar.
Mollany çagyryp, häkim soranda, molla oňa kitabyny açyp,
taryhy ýazgyny görkezipdir. Okap görseler: «Soltansöýün jadylaryň aldawyna düşüp, pylan wagtda, pylan baýyň toýuna tazy
sypatynda geler» diýlip ýazylan ekeni. Häkimiň hökümine görä,
alymlar dürli doga-tumar bilen meni öňki sypatyma aýlandyrdylar. Meni hormatladylar. Kenizekden arymy almak üçin, maňa bir
gysym tilsimli toprak berdiler. Meni dabara bilen ilime ugratdylar. Men ol mollany öz ýanym bilen alyp gaýtdym, wezir edindim
Sen Marydan dolanyp geleňde, dabara bilen jaýlanymyz şol mollady...
Soltansöýün sözüniň Soňunda;
— Kimiň başyndan geçiren wakasy gyzyk? — diýip sorapdyr.
Myraly oňa:
— Ikimiziňki hem gyzyk! —diýip jogap beripdir.
— Altyn indi kimiňki bolmaly?
— Seniňki hem bolmaly däl, meniňki hem.
— Eýsem, kimiňki bolmaly?
— Döwlet baýlygy — döwletiňki bolar. Ony hazyna taşlamaly.
— Ine munyň makul!
Gül bilen Soltansöýün
Soltansöýün bilen Myraly ikiçäk gürleşip otyrkalar gürrüňleriniň ahyry şol dördünji ýyldyz göreniň perzendi — ikinji
gyzyň üstünden düşüpdir. Ol gyzdan hiç ýerde derek bolmany
üçin, Soltansöýün Myrala şeýle teklip edipdir:
— 215 —
— Gel ikimiz ile çykaly, hem ilatyň ýagdaýyna seredeli,
hem-de şol gyzdan derek araly.
Myraly Soltansöýüne bir az gyjytly söz gatypdyr.
— Soltanym, gyz hakyňda aýdanyň makul. Emma il
hakynda meniň bir soragym bar: ilatyň ýagdaýyny
ýöne bilmek üçinmi ýa ilatyň ýagdaýyna garaşyk etmek
üçinmi?
Soltansöýün Myrala närazy garaş bilen seredip:
— Myraly, sen dogryňy aýt: seniň şu igenjiň haçan gutarar?
— diýip, sorapdyr.
Olar biri-birine bir az igenişenlerinden soň atlanypdyrlar. Olar köp ýerleri aýlanyp, iň soňunda bir obanyň çetinden
barypdyrlar. Şol wagt ýagyş şitirdemäge başlan ekeni. Görseler,
bir topar göze görünen gyzlar arkalaryna göterip barýan odunlaryny düşürip, şol odunlaryna ykyşaklaşyp duran ekenler.
Emma olaryň içinde ýaşy ötüşen bir gyz köneje geýimini çykaryp, odunyň üstüne büräpdir-de, özi hem onuň ýele gapdalyndan
üstüne abanyp, odunyny ezmezlige çalyşýan ekeni.
Myraly ol gyzda üýtgeşik bir syr baryny aňlap, Soltansöýüne
göz ümläpdir. Soltansöýün ol gyzyň syratyna, keşbine özüni aldyran eken. Ol diňe Myralynyn ümlemegine görä, ol gyza sowal
beripdir:
— Aý gyz, başga gyzlar özüni ezmezlige çalyşsa, sen
odunyňy ezmezlige çalyşýasyň. Munda näme syr bar?
Ol gyz ýagşyň haýallanyny görüp, köne geýimini endamyna
çolapdyr-da, Soltansöýüne jogap beripdir:
— Soltanym, men diňe özümden habar bermek isleýän:
biziň külbämizde tutaşdyrlyk hem gury çöp ýokdur. Odunym
ezilse, ýagyş uzak ýagyp, yzyny sowuga tutsa, garryja enemiň
buýmagy mümkin. Emma odunymy gury saklasam, sowguň hem
gorkusy ýok, geýimim hem gurar, enem hem buýmaz.
— Siziň öýüňiz haýsy?
— Ho-al ýeke-çäk oturan garaja öý biziňkidir.
— Seniň adyň näme?
— Gül.
— Öýüňize barsak, myhman alarmysyňyz?
— Türkmen halkynyň henize çenli myhman kowanyny
eşidemok. Ýöne weli, aýyplaşmaz ýaly, öňünden duýdurmak gerek: biziň soltanlara laýyk derejämiz, soltanlara laýyk hezzet-hormat ederlik gurbumyz ýokdur.
Myraly ara düşüp:
— Myhman aş üçin gelmän, güler ýüz üçin gelýändir! —
diýipdir.
Gyzlar öýlerine baryp girýänçäler Soltansöýün bilen Myraly
bir salym at otaryp, soňra olar Gülleriň öýüne baryp düşüpdirler.
Soltansöýün Gülüň özüne gyk garaýanyny saýgaryp, garaja
öýüň çagarygyna seredip, kinaýa bilen:
— Mazalyja öý eken weli, arman çagarygy gyşygrak ekeni!
— diýipdir.
Gül hem Soltansöýüne kinaýa bilen jogap gaýtarypdyr:
— Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi düz çykýandyr.
Gül olaryň öňünde gatyksyz, nansyz belke goýupdyr.
Soltansöýün Myralynyň gulagyna pyşyrdap:
— 216 —
— Men bu gyza degmek isleýän — diýipdir.
Myraly oňa:
— Ozal degip, näme aklyk aldyň? Ol seniň jogabyňy örän
berk berer! — diýipdir.
Soltansöýün Myralynyň sözüne gulak asman, Güle şygyr
bilen habar gatypdyr:
«Belke aşny bulap, goýdy gatyksyz, nansyz».
Gül hem oňa özüniňki ýaly, şygyr bilen jogap beripdir:
«Barny bilmeý, ýokny bilmeý—ne ajap myhman siz».
Myraly Soltansöýüniň gulagyna pyşyrdap:
— Meniň diýenimi etmän, almytyňy aldyňmy? — diýipdir.
Olar köşge gaýdyp gelenlerinden soň, ýyldyz görenleriň perzentlerinden ikinji gyzyň Güldügini aňlap, Soltansöýün onuň enesine sawçy iberipdir.
Sawçylar baryp habar tutanda, Gül enesinden öňe düşüp:
— Meniň bahamy enem bilmez, özüm bilerin! — diýipdir.
Sawçylar gyzyň salgydyny soranda, Gül şu aşakdakylary
sanapdyr:
— On guzy. Ýigrimi böri. Otuz iner. Kyrk aksakal. Elli aýgyr. Altmyş agta. Ýetmiş nogta. Segsen duşak. Togsan torba.
Soltansöýün sawçylaryň getiren habaryny eşidip, şol zatlary
jemlämäge höküm bermekçi bolupdyr. Onda Myraly ara düşüp:
— Eý Soltanym, sen gyzyň akylly sözlerine düşünmediň —
diýipdir.
Soltansöýün Myralynyň sözüne gatyrganyp:
— Şeýle bilimdar bolsaň, hany sen onda düşündir? —
diýipdir.
— Soltanym, adam on ýaşynda guzy ýaly bolar, ýigrimisinde böri ýaly, otuzda iner ýaly, kyrkda akyl käsesi dolup-daşan
ýaly, ellide aýgyr ýaly, altmyşda agta ýaly, ýetmişde nogtalanan
ýaly, segsende aýagy duşaklanan ýaly, togsanda başyna torba
geýdirilen ýaly bolýar. Gyz seniň, birinji ýandan, akylyňy synap
görüpdir, ikinji ýandan, seni garry görüpdir.
Soltansöýün Myralynyň sözüne ynjap:
— Men näme üçin garry? Ol gyzyň özi bilen ýaşdaş dälmi?
— diýip gygyrypdyr.
— Soltanym, dogry sözliň dosty bolmaýanyny bilýän.
Şeýle-de bolsa, gatyrganmaň. Gülüň şindi gül ýapraklary bozulmandyr. Emma sen özüňi kyrka böldüň. Kyrkyň ýaşyny üsti-üsti
hasaplasaň dokuz ýüz togsan dokuz hem bolar. Sen onsoň özüňi
Gül bilen nähili ýaşdaş hasap edip biljek? Sen iň ýagşysy, onuň
sözüne gatyrganmada, dilini tapmaga çalyş.
Gül dürli salgytlar, dürli synaglar bilen Soltansöýüni mazaly
horlandan soň, ahyrynda Soltansöýüne özüni zorlap aldyrmaga
mejbur edipdir.
Soltansöýün birnäçe günden soň, uzak ýola şaýyny tutup,
Güle berk tabşyryk beripdir:
— Gül, sen eger güllügiňde galmak isleseň, meniň tabşyrygymy hökman ýerine ýetirersiň. Eger ýetirmeseň, onda seniň
ne ýapragyň galar, ne-de ysyň. Men ýedi ýyllyk ýola gidýän.
Men gaýdyp gelemde, sen ýedi ýaşly oglany, gara atyň ýedi ýaşly
dölüniň üstüne mündürip, öňümden çykararsyň!
Patyşa gidenden soň, Gül çykgynsyz ýagdaýda galyp, iň
— 217 —
soňunda öz ýanyna kenizlerini çagyrypdyr. Soltanyň buýrugyny
olara mälim edip, olardan maslahat sorapdyr. Kenizler oňa maslahat berip bilmän, biz diňe seniň buýrugyňy ýerine ýetirip bileris
— diýip, mälim edipdirler. Gül otuz sany kenize erkek lybasyny
geýdirip, olary otuz baýtala mündirip, yzyna tirkäp ugrapdyr. Ol
baryp, Soltanyň goşunyndan açygrak bir ýerde düşüpdir. Ol iki
sany kenizi erkek lybasynda, Soltanyň üstüne gönderip, mälim
ediň diýipdir:
— Biziň hojaýynymyz bizi siziň üstüňize iberdi. Eger
patyşa hezretleri merhemet etse, biziň hojaýynymyz size salama
geljek.
Patyşanyň ygtyýar berenini gelip habar berenlerinden. Gül
erkek lybasyna girip, Soltanyň üstüne barypdyr, yzzat-hormat
bilen iki bükülip, salam beripdir. Soltansöýün gadyrly myhmana
öz ýanyndan ýer berip, onuň bilen söhbede başlapdyr:
— Gelşiňiz nireden? Pişäňiz näme?
— Soltanym, biz söwdagär. Biziň haryt ýükli kerwenimiz
gelýä. Biz otuz atly nöker bilen kerweniň öňüni çalyp ýörüs. Siziň
şu töwerekde baryňyzy eşidip, siziň bilen salamlaşyp geçmegi
özümize borç bildik.
— Hoş gelipsiňiz!
Olaryň gürrüňleri gyzyşandan soň, Soltansöýün ondan:
— Eý, söwdagär, siziň başga näme kesbiňiz, hunäriňiz bar?
—diýip sorapdyr.
Gül oňa:
— Kem-käs küşt bilýän — diýip jogap beripdir.
— Onda küşt oýnaly.
— Örän ýagşy. Ýöne biziň ýurdumyzyň bir dessury bar:
oýna başlananda, her kimi iň gowy görýän zadyny orta goýýar,
utan alýar.
— Örän ýagşy dessur. Meniň iň gowy görýän zadym gara
atym bilen şu başyndaky jygam. Utulsam, şulary bererin. Orta siz
näme goýýarsyňyz?
— Meniň Çynmaçyndan saýlap-seçip alyp gelýän bir gyrnagym bar. Ony görmäge göz gerek. Sizden utulsam, şony bereriň.
Köşkden çykaly bäri aradan bir näçe gün geçeni üçin, Soltanyň gulagyna gyrnak sözi örän ýagşy ýarapdyr.
Oýun iki arada gyzykly gidip, Soltansöýün ahyrynda utulypdyr. Soltansöýün gara aty bilen täjini Güle berip, ertir ýene bir
gezek oýnamagy haýyş edipdir.
Gül Soltansöýüniň täjini başyna geýip, gara aty bolsa baýtallaryna goýberipdir.
Ertesi gün küşt oýnanlarynda, Soltansöýün utupdyr.
Gül gyrnak sypatyna girip, özüni Soltansöýüniňkä eltdiripdir-de, üç gün geçenden soň, ýene bir bahana bilen alyp gaýtmaklaryny kenizlerden talap edipdir.
Güle gözi düşenden Soltansöýüniň huşy başyndan uçup, oňa
el urmakçy boluňdyr. Gül Soltansöýüniň eline kakyp:
— Çek eliňi! Men gyrnak hem bolsam, şerg kanunyna görä
nikalamasaň, meniň ýanyma gelmersiň! — diýipdir.
Soltansöýün giňişlik bir wagt bolsa, belki, ony harema
taşladardy, emma häzir onuň şertine boýun egmäge mejbur bo— 218 —
lupdyr. Kazy hem ýazyp, Soltansöýün möhürini basypdyrda,
«gyrnagyň» eline beripdir.
Aradan üç gün geçenden soň, kenizlerden biri erkek adam
sypatynda gelip, Soltansöýüne ýüz tutupdyr:
— Soltanym, meni hojaýyn iberip. Maňa Soltanyň täjini
geýmek, atyny münmek laýyk däl. Soltana-da gyrnak bilen goş
birikdirmek gelişmez. Bu işi ilgün bilmänkä, öňki-öňkülik etseň,
diýip, biziň hojaýynymyz size maslahat salýar.
Soltansöýün ol sözi makul bilipdir-de, «gyrnagy» yzyna
gaýtaryp, aty bilen täjini getirdipdir.
Aradan aý, gün geçenden soň, Gülüň ogly, baýtallaryň-da
gara atdan döli bolupdyr.
Aradan ýedi ýyl geçenden soň, Soltansöýüniň ýetip gelýän
habary düşüpdir. Gül öz ogluny gara atyň dölüne ataryp, birnäçe
tabşyryk beripdir-de, atasynyň öňünden ugradypdyr.
Gülüň ogly ýüz oglana baş bolup, gara atyň üstünde Soltansöýüniň öňünden çykypdyr.
— Essalawmaleýkim, ata!—diýip, Soltansöýüne baş egipdir.
Soltansöýün ol oglana haýran galyp:
— Kimiň oglusyň? — diýip sorapdyr.
Oglan atasyna şatlyk bilen garap:
— Soltansöýüniň ogludyryn! — diýipdir.
Soltansöýün atdan düşmäge mähetdel, gazap bilen
Güle bakan okdurylypdyr. Onuň gylygynyň geň däldigini
aňlan Myraly onuň yzyndan galmandyr. Soltansöýün Gülden
habar hem soraman, gylyjyny syrypdyr-da, Gülden eňtermekçi
bolupdyr. Myraly ara düşüp:
— Soltanym, jellatlar hem sebäpsiz ar alýan däldir. Ilki bilen
munuň sebäbini bilmeli— diýipdir.
Soltansöýün gazabyna çydaman:
— Çekil! — diýip gygyrypdyr.
Myraly onuň öňünde baş egip:
— Soltanym, sebäpsiz gan dökmegi ýüregiňe düwen bolsaň, goý ol bir bolmasyn, iki bolsun, öňi bilen meniň başymy kes!
— diýipdir.
Soltansöýün Myralyny çapyp bilmän, gylyjyny aşak
goýberipdir-de, gyryljyk ses bilen:
— Gül, ol oglany nireden aldyň?—diýip sorapdyr.
Gül şol ýagdaýa darykman, Soltana şan berip, şatlykly garapdyr:
— Soltanym, sen şikardakaň, söwdagär bilen küşt oýnapmydyň?
— Oýnapdym.
— Utulaňda näme beripdiň?
— Gara atym bilen täjimi beripdim.
— Utaňda näme alýadyň?
— Söwdagäriň gyrnagyny alypdym.
— Sen ol gyrnaga el urmakçy bolaňda, näme talap edipdi?
— Ähtnama.
— Sen ony beripmidiň?
— Hawa beripdim.
— Sen öz ähdiňi, möhrüňi tanarmyň?
— Horasanda meniň möhrümi tanamaýan barmy?
— 219 —
Gül Soltansöýüniň möhürli hatyny çykaryp berende, Güli
özünden ökde, Myralyny özüniň çyn dosty hasap edipdir-de,
olaryň ikisiniň öňünde başyny egipdir. Şol wagtda bökjekläp gelen ýedi ýaşly ogluny gujaklapdyr-da, mäkäm öpüpdir.
Kim hakly?
Soltansöýün bir söý bilen ýazyň güni Horasanyň beýik
dagynyň başyna çykanda, tas özüni sowuga aldyran eken. Ol
şol dagyň baýlygyndan peýdalanyp bilmän, haýsy ýol bilen şol
dagda adam ýaşar ýaly edip bolarka diýip oýlapdyr. Iň soňunda,
gyşyň güni jar çekdiripdir.
— Kim Horasanyň beýik dagynyň üstünde, kyrk ýorganyň
içinde bir gije ýatyp, ertire ölmän çyksa, şol adama Soltansöýün
boýy bilen altyn berjek. .
Altyna gyzygan bir näçe adam şol dagyň üstünde janyny
gurban beripdir. Myraly bir gün:
— Soltanym, şoňa men hem bir synanyp göreýin— diýipdir.
Soltansöýün oňa:
— Myraly, sen akmak bolma, men seniň janyňa dözemok,
sen maňa gerek adam! — diýip, ony ibermekden boýun towlapdyr. Myraly meseläni kesgin goýupdyr:
— Soltanym, jan meniňki. Men öz janymy seniň meni
söýüşiňden bir näçe ýesse köpräk söýýän. Meniň hem ölesim gelenok. Men diňe seniň niýetiňi ýüze çykarmak isleýän. Sen ýa-ha
meni şol dagyň üstünde ýatyp turmaga goýber, ýa-da şertiňi yzyna gaýdyp al.
Soltansöýün Myrala rugsat bermekden başga çäre tapmandyr.
Myraly dagyň üstüne çykyp, kyrk ýorganyň otuz dokuzyny
aşagyna düşäpdir-de, birini üstüne ýapynypdyr. Gije onuň endamy hem tikeneklemän, ertir turanda, gaýta çygjaryp oýanypdyr.
Soltansöýün ol waka haýran galyp, Myrala sowal beripdir:
— Myraly, sen dogryňdan gel. Gije ýataňda ot gördüňmi?
— Hawa, bir menzil çenli günbatar aşak gapdalymda bir ot
ýalpyldap görünýärdi.
— Hä, saňa onuň howry bilen özüňi gyzdyranja adam
diýerler. Sen meniň şertimi ýerine ýetirmänsiň!—
diýip, Myrala altyn bermekden ýüz dönderipdir.
Günüň bir gününde Soltansöýün üçin Myraly gyssagly gerek
bolupdyr. Myralynyň yzyndan adam iberende, Myraly oňa:
— Soltansöýüne aýt: men ýaňyja tüňçe oturtdym, şol
gaýnandan soň, çaý içip bararyn — diýipdir.
Soltansöýün gyssanyp, yzly-yzyna näçe adam iberse-de,
olaryň hemmesi şol jogap bilen gaýdyp gelipdir. Mahlasy, ýüz
tüňçe gaýnar salym geçse-de, Myraly gelmändir. Iň soňunda Soltansöýüniň özi onuň üstüne barmaga mejbur bolupdyr. Ol baranda, Myraly oduň üç ädimlik beýlesinde tüňçe goýup, aýbogdaşyny gurup oturan eken. Soltansöýün oňa gaharlanyp:
— Eý akmak adam, heý üç ädimlikdäki tüňçä-de odun
gyzgyny ýetermi! — diýip igenipdir.
— 220 —
— Eý soltanym, ber menzillikdäki ýanan ot meni gyzdyranda, üç ädimlikdäki ot tüňçäni gaýnatmazmy?
Soltansöýün özüniň utulanyny boýun alyp:
— Myraly, men seniň haklydygyňy bilýärdim, emma şoňa
näme jogap taparkaň diýip, seni synap görmek üçin etdim. Altyn
näçe gerek bolsa, açary seniň eliňde! — diýipdir.
Myraly oňa:
— Soltanym, sen altyndan doýmyşyň ýaly, Myralyny synamakdan hem doýmaýan ekeniň. Soňra ahmyr çekme. Myraly
ölýänçä näçe soragyň bolsa beriber — diýipdir.
Bu-da geçer
Myrala görip wezirler öz aralarynda maslahat edişip, iň
soňunda ony ýoklamaň küýüne düşüpdirler. Olar onuň bilen
gezmäge çykan kişi bolup, Myralyny çöl içinde bir guýa taşlapdyrlar.
Iki-üç günläp, Myralydan derek bolmandyr. Soltansöýün ony
hiç ýerden tapman, belki, öýkeläp gidendir diýen oý bilen gaýgygama batyp, hiňlenip oturan eken.
«Gam bilen, gaýgy bilen soldy baharyň gülleri...»
Bir söý bilen şähere gelip, Soltansöýüniň aýdymyny eşiden
çopan ony ýat tutupdyr. Soňra ol çopan meýdanda goýun bakyp
ýörkä, Soltansöýüniň aýdymyny ýadyna salyp hiňlenipdir:
«Gam bilen, gaýgy bilen soldy baharyň gülleri...»
Çopan aýdymyny aýaklamanka, ýeriň aşagyndan şol
aýdymy dowamlandyrýan ses çykypdyr:
«Dostuny çaýa salandyr, saýramaz bilbilleri...»
Çopan sesiň nireden gelýänini bilip bilmän, ol aýdymy hem
ýadynda saklapdyr. Ol ýene şähere gelende, Soltansöýüniň «Gam
bilen, gaýgy bilen soldy baharyň gülleri...» diýen aýdymyny
eşidip, «Dostuny çaýa salandyr, saýramaz bilbilleri» diýip
geçibermekçi bolupdyr.
Soltansöýün çopany saklap, ol aýdymy nireden öwrenenini
sorapdyr. Çopan bolsa şol aýdymy çölde aýdyp ýörkä, onuň yzyny dowam edýän ses eşidenini aýdypdyr.
Soltansöýün işiň nireden gelip çykanyny derrew aňlap, wezirlerini öz ýanyna çagyryp, olaryň önünde şert goýupdyr:
— Size günortana çenli möhlet berýän. Siz şol möhletiň
içinde şeýle bir söz tapyň, şol söz meni hem şatlandyrsyn, hem
gynandyrsyn... Eger şol sözi tapmasaňyz, onda siziň baryňyzyň
hakyňyz ölüm.
Soltanyň «söz» diýmekden maksady — Myralyny tapyň
diýdigi eken. Emma oňa wezirler düşünmändirler. Olar öz
aralarynda näçe göterişip, goýuşsalar-da, Soltany şatlandyryp, gaýgylandyryp biljek söz tapmandyrlar. Olaryň ajallary golaýlany üçin, ýene Myrala ýalbarmakdan başga çäre tapman, at
başyny çekmän, onuň ýanyna barypdyrlar. Olar öz eden işlerine
ökünýänlerini mälim etmek bilen, Soltanyň şertini aýdyp, özlerini
goldamagyny, ony guýudan çykarjaklaryny, ol işi bütinleýin basyrmagyny ondan haýyş edipdirler.
Myraly olara bir söz öwredipdir.
— 221 —
Wezirler Soltansöýüniň huzuryna gelip, baş egipdirler. Soltansöýün olardan soranda:
— Bu-da geçer — diýip, jogap beripdirler.
Soltansöýün olaryň üstüne gygyrypdyr:
— Haramzadalar! Bu söz öz erkine adamyň agzyndan—
siziň agzyňyzdan çykjak söz däl. Bu söz—ölüm öňündäki ýatan
adamynyň sözi. Bu sözi kimden öwreneniňizi derrew aýdyň. Bolmasa, baryňyzyň ganyňyzy gotura derman ederin.
Wezirler ol sözi Myralydan öwrenenlerini, ony ondan ozal
guýa taşlanlaryny boýun alypdyrlar.
Soltansöýün olara buýrupdyr.
— Siz guýy bilen arany gidişiniňiz ädimläp, gaýdyşynyňyz
Myralyny gezegine arkaňyza göterip getiriň!
Myralyny göterip getirenlerinde, Soltansöýün wezirlerden ar
almagy Myralynyň özüne tabşyrypdyr.
Myraly Soltasöýüne garap jogap beripdir:
— Eý soltanym, siz Myralyny näçe synlasaňyzam, siz ony
entek tanap bileňzok. Myraly öz ýüreginde kitüw saklaýan adam
däl. Size-de maslahatym şeýle, ar almakçy bolsaň, adam şekilli
adamdan, özüň bilen deňdeş adamdan almaly. Her aýaga batan
tiken üçin, eliňi gana bulap durmaň hem manysy ýok.
Nirä harç edýäsiň?
Myraly öz öýüne Soltansöýüni hiç wagtda çagyrmaýan eken.
Bir gün olaryň ýoly Myralynyň öýüniň duşundan düşende, Myraly ýene sesini çykarman, geçip gitmekçi bolupdyr. Emma Soltansöýün bu sapar dillenmän durup bilmändir:
— Myraly, seniň bir sapar hem öýüňe mürehet edeniňe men
miýesser gelmedim. Munuň sebäbi näme?
— Onuň sebäbi: Soltansöýüniň Myralynyň ýaşaýyş halyndan habar almaýany üçin.
— Hany onda öýüňe baryp göreli.
— Ýörüň, Soltanym.
Soltansöýün içerik girip seredende, onuň gözüne hiç bir zat
ilmändir. Öýüň üstünden müň daş oklasaň, biri galman içine
düşerli. Myralynyň aýaly düşeksiz öýde, takyr deriniň üstünde ik
egrip oturan eken. Soltansöýün onuň Myralynyň öýüdigine ynanman:
— Bu öý kimiň öýi? — diýip, oturan aýaldan sorapdyr.
— Soltanym, bu öý siziň baş weziriňiz Myralynyň öýüdir.
— Siz näme üçin beýle hor ýaşaýarsyňyz?
— Hudaýa şükür. Janymyz sag. Etmäge ýarpasyna iş
tapýas.
— Men seniň äriňe aýda ýüz tylla aýlyk berýän. Ol pullar
nirä gidýär?
— Soltanym, nireden ýygnanýan bolsa, belki, şol ýerlere
gidýändir? Biz-ä şu öýde ýokaryk seretsek, ýyldyz, aşak garasak,
şu takyr deriden başga hiç zat görýän däldiris.
Soltansöýün Myrala sowal beripdir:
— Eri, Myraly, haznadan alýan puluňy öýe getirmän, nirä
harç edýäsiň?
— 222 —
Myraly:
— Şol puluň nirä harç bolýanyny bilmek isleseň, meniň yzyma düş! — diýipdir.
Soltansöýün onuň bilen gitmäge razylaşanda, Myraly oňa
şert goýupdyr:
— Meniň esbabymy sen geýmeli, seniňkini men. Meniň atymy sen münmeli, seniňkini men. Sen yzdan ýöremeli, men öňden.
Soltansöýün oňa-da razy bolupdyr.
Olar şäheriň çetinde, bir topar maýyp-müjrübiň üstünden
barypdyrlar. Ol ýeri — özüni oňarman, ile geregi bolman, ilden
saýlanyp çykan bagtsyzlaryň ýeri eken. Myraly soltan sypatynda atyny öňden sürüp barany üçin, ony tanaman, duşlaryndan
geçiripdirler. Emma Myralynyň geýimindäki Soltansöýüniň daşyna üýşüpdirler. Onuň biri atyny jylawlap, biri aýagyndan, biri
elinden ýapyşyp, atdan göterip düşüripdirler.
— Gözümiziň göwheri, derdimiziň dermany Myraly geldiňmi? Alla saňa uzak ömür bersin? — diýip, Soltansöýüni geplemäge, gymyldatmaga-da goýmandyrlar.
Soltansöýün bogazyna sygdygyndan gygyrypdyr:
— Aý Myraly, ýeteweri! Seniň puluň nirä harç bolýanyny
men indi bildim. Bularyň patyşasy men däl-de, sen ekeniň.
Myraly maýyp-müjüriplere garap, Soltansöýüni tanadypdyr:
— Soltansöýün siziň üstüňize siziň halyňyzy soramaga geldi. Siz ondan näme hajatyňyz bolsa diläň.
Maýyp-müjüripler Soltansöýüniň daşyna ýamaşgandan geçipdirler. Onuň daşyna ýag garynjasy ýaly üýşüp, endam-janyndan, geýim-gejiminden ogşap başlapdyrlar.
Agyr ýagdaýda galan Soltansöýün Myrala:
— Näme alsaň al-da, meni bularyň elinden sypdyr! —diýip
ýalbarypdyr.
Myraly:
— Maýyp-müjüripler, körler-şeller üçin ýörite jaý saldyryp,
harjyny döwlet hasabyna götererin diýseň boşadaýyn— diýip,
şert goýupdyr.
Aýylganç ys başyny aýlan Soltansöýün:
— Onuň üstüne maýyp-müjüripleriň serkerdesi Myralynyň
öýüni hem täzeläýiň!—diýip, boýun bolupdyr.
Nätmek gerek?
Soltansöýün gara aty bilen Gül atly aýalyny bütin dünýä
deňeýän eken. Ol olaryň ölümini gözüniň öňüne getirip bilmän,
bir gün wezirleriniň ýanynda:
— Kim gara atym bilen Gülümiň ölen habaryny maňa ýetirse, şol adamynyň jany howp astynda galar! — diýen eken.
Nirede jan bolsa, şol ýerde ölüm hem bar. Gara atyň bir gün
demi gelip-gitmesi kesilen eken. Wezirler ol habary Soltansöýüne
mälim edip bilmän, ony duýdurmagy Myrala ýalbaran ekenler.
Myraly Soltansöýüniň ýanyna baryp, ýüzüni aşak salyp, sortduryp durupdyr. Soltansöýün ondan:
— Eri Myraly, bu nä boluş! Bu saňa gelişjek häsiýet däl-le.
Munuň sebäbi näme? —diýip sorapdyr.
Myraly başyny galdyryp, şygyr bilen mälim etmäge durup— 223 —
dyr:
Gara atyňyz ýatypdyr,
Aýaklaryny atypdyr,
Gulaklary gatypdyr...
Soltansöýün onuň sözüni kesip:
— Öldi diýseň bolmaýarmy? — diýipdir.
Myraly oňa garap:
— Soltanym, «öldi» habaryny biz-ä özüňden eşidýäris! —
diýipdir.
Soltansöýün bir az salym ýüzüni aşak salyp oturandan soň:
— Beýle diýmek bilen, meniň janymy howp astyna salmak
isleýärmiň? — diýipdir.
— Ýok, Soltanym, öz janymy howp astyndan sypdyrmak
isleýän.
— Aýyby ýok. Gara at ölen bolsa, gyr at ölmändir.
Goralan göze çöp düşer diýen ýaly. Soltansöýüniň iň
gowy görýän aýaly Gül hem bir gün aradan çykypdyr. Wezirler ol habary Soltansöýüne aýdyp bilmän, ýene Myrala ýalbarypdyrlar. Myraly Soltansöýüniň ýanyna baryp, baş egipdir:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 20
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.