Latin

Saýlanan eserler - 05

Total number of words is 3794
Total number of unique words is 1988
29.6 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dursun onuň nähili keseldigine düşünmän:
— «Bat?...» — diýip gaýtalady.
— Hawa, janym, ba-at.
Batyr hem ondan hiç bir zat düşünmedi. Dursun ýene gaýtalap sorady:
— Bossan eje, bat nähili kesel bolýa?
— Bat diýmek, Dursun jan, ýel diýmekdir. Hawa, nähoşuň
keseli nähili gelşiksiz-de oňa haklydyr: adamyň içi ýelleneňde-de,
ynjalykdan aýyrýar ahyry. Bu oglanyňky bolsa bütin töweregini
barda alan, gidere ýol tapman, gizlenip galan ýel. Hawa, oglany
ynjalykdan aýyrýan hem şol.
Dursun sabryny giderdi:
— Bossan eje, onuň emi näme?
— Onuň birden-bir emi... daglamakdyr.
Dursun geň galyjylyk bilen:
— Daglamak?.. — diýip gaýtalady.
— Hawa, daglamak.
Yzly-yzyna çykan daglamak sözi Batyryň gulagyna goşa
ýumruk bolup degdi, nähili tisginenini-de duýman galdy. Ol
özüni bir az raslandan soň, «Tokmak» žurnalynda gören suraty
ýadyna düşdi. Onda bir oglanyň elini, aýagyny tutduryp, Ogultäç
atly bir aýal onuň maňlaýyny daglaýardy. Batyr şol suraty
gözüniň öňüne getirip, gözleriniň agyny ygtyýarsyz köpeltdi-de,
Bossana çiňerildi. Bossan onuň gözüne «Tokmakdaky» Ogultäç
bolup göründi, özüni-de maňlaýy daglanýan oglandyryn diýip
düşündi. Ol, duzakdan sypmak isleýän towşanyň urnuşy ýaly,
özüni gaýrarak siltedi-de, Bossana ýigrenji göz bilen garap:
— Daglatjak däl! — diýip gygyrdy.
Dursun iki ot arasynda galan ýaly ör-gökden gelip, Batyry
haýalçyratmak küýüne düşdi:
— Wiý, Batyr jan, sen nähili gürrüň edýäň? Ýetginjek ýigit
çykypsyň, utanaňokmy? Tebibiň diýenini etmek dertliniň borjudyr! Goýaweri, masgara bolmaweri, balam!
— 48 —
Şol söz öz ömründe gören garşylyklarynyň birinjisi bolmany
üçin, Bossan oňa darykmady:
— Hawa, hanym, «Ot assynda bela galmaz» diýlendir. Otdan ötgür derman bolmaz.
Batyr oňa kesgin jogap gaýtardy:
— Oda çydan göwre-de bolar öýdemok.
Dursun naýynjar bir garaýyş bilen ogluna ýalbardy:
— Han ogul, sen indi akylyňa aýlanarça bolupsyň, düşünmezlik etme. Bossan ejäň «daglamak» diýeni — bela-beter
ürküzmek diýdigidir. Ýogsam, men näme, seniň teniňe tiken
dürtülmegine razy bolarynmy? Sen, janym, nähak ýere özüňi onda-munda urma-da, Bossan eje näme diýse, hoş diý!
Kejine kän gaýdylmaýan, gaýdylaýanda-da, diýeniniň
üstünde berk durýan Batyr ejesiniň sözüne gulak asman, öňki
sözüni gaýtalady:
— Ýok, daglatjak däl!
Bossanyň keýpiniň bozulmagyndan, raýynyň gaýtmagyndan
heder eden Dursun ogluny köşetmegiň küýüne düşse-de, Batyra
aýdan sözüniň orun almajagyny aňlany üçin, dilini dişlemekden
başga çäre tapmady. Emma Bossan oňa darykman, bir oturyşyny
üýtgetmän, Dursundan sowal sorady:
— A gyz, Dursun, seniň ogluň ady näme?
— Batyr.
— Onuň ady-ha gowy ekeni, özem ýaman ýigit däl ýaly.
Ýöne men bir zada düşünemok: munuň batyr bolany haýsy, beýle
ýel ýürek bolany haýsy?
Bossanyň gyjydy Batyry müýnsüretmän, gaýta ýüregine ot
bolup ýapyşdy.
— Men batyram bolsam, gorkagam bolsam, seniňki ýaly
adamyň tenine ot basmaga-ha ýüregim takat bermez.
Oglunyň ajy sözi Bossanyň ýüregini bular, gaharyny getirer
diýip, Dursun ýene durup bilmedi:
— Batyr jan! Ejeň-ä seniň üstüňde jan berýä. Men seniň
rahadyňy isläp, bütin ynjalykdan aýrylýan. Seniň derdiňe derman tapyp bilerin diýen niýet bilen, men geleni geçirmän, geçeni saklap, melahat soraýan. Bossan ejäni men nähili günler
bilen tapdym. Sen bolsa onuň gadyryny bilip, hormat goýmaly
halyňa, gaýta ýoknasyz sözüň bilen ynjydýaň. Diýmäýin diýsem,
seniň okadygyňça, yzgytsyzlygyň artýa. Näme, siziň mollaňyzyň öwredişi şeýlemi? Ýa-da eneň-ataň saňa ýamanlygy bardyr
öýdýämiň? Sen aklyňa aýlanarça bolupsyň, oňlurak bolaýsaň bolmaýamy?
Batyryň kakasy Annamyrat gürrüň başlanaly bäri sesini çykarman, dymyp otyrdy. Onuň Batyra rehimi indimi ýa
Dursunyň gidişini gatyrak gördümi, ep-esli salym dodaklaryny
müňküldedip oturandan soň, dillendi:
— A-how, sen oglana artykmaç azar berip durmasaň näderkä?
Batyry ýaňyjak haýalçyradandyryn hasap eden Dursuna Annamyradyň sözi ýokuş degdi. Ol ärine gyjytly garady:
— Aýu, saňa diýýän, seniňki näme? Sen beri öňki oturyşyň
ýaly dymyp otursaň bolmaýamy? Sen adam şekilli adam bolýan
bolsaň, oglanyň azary maňa galarmydy?
— 49 —
Annamyradyň keşbinde görnetin närazylyk duýulsa-da,
aýalyna jogap gaýtarmady. Onuň ýaňaklary utançly ýaly
çekeleşýän ýüzi aşak sallandy, barmaklary bolsa bir zat agtarýan
ýaly ýer dyrmalady, Kakasynyň sözüniň şonuň bilen gutaranyny
gören Batyr kakasynyň ýerine ejesine özi jogap berdi:
— Eje, sen geleni geçirmişiň ýaly, maňa hiç içirmän
galdyran zadyň boldumy? Sen her bir ötegçiniň gepine gidip,
meni ölüm pillesine ýetirdiň. Hawa, eje, maňa öwredilişi şeýle: aldawçylaryň gepine gitmän, gaýta olaryň garşysyna göreş etmeli.
Emma seniň ynanjaňlygyň zerarly, men öz borjumy ýerine ýetirip
bilemok... ýok men daglatjak däl, daglatjak däl!
Batyryň gany gyzmagyndanmy ýa ejesine gahar edip, birdenkä gobsunyp galjak bolmagyndanmy — içiniň agyrysy tutdy, bilini bükdi. Ol iň soňunda elini ýere diräp galdy.
Batyryň gyjytly sözleri ejesine ok bolup degse-de, oglunyň
ýanyny ýere bermegi Dursunyň ýüreginiň başyndan tutdy: Batyry gujaklasy, bagryna basasy, ýüzünden-gözünden ogşasy geldi.
Emma onuň şol meýline maý bermedik Bossan tasanjyrap galdy.
Ol:
— «Idelen ýerde irinme, gadryň bilinmedik ýerde
görünme» diýlendir—diýip, atalar sözüni öz peýdasyna gyşardyp aýtdy. — Ideldim — geldim, gadrym bilinmedi — gidýän! —
diýip, ýüzüniň ugruna ugramaga taýynlanan ýaly göründi.
Dursun iki ýalyn arasynda galdy: haýsyny öçürip biljegine bir bada akyly çatmady. Ol Batyryň derdini paýlaşsynmy,
Bossanyň göwnünden tursunmy? Iki ýalnyň ikisi bir wagtda
Dursunyň daşyna geçdi. ýaşly gözüni tutup, Bossanyň gujagyna
özüni goýberdi. Onuň ýüregi ot bolup lowlady. Ol göýä öz oduny
öçürmäge kömekçi agtarýan ýaly, naýynjar gözleri bilen bir gezek
Batyra, bir gezek Bossana garady, olaryň haýsynadyr bir zat aýtmak isleýän ýaly, ýumry dodaklarynda müňküldi emele getirdi. Emma bogazy doldy-da, dili diýen etmedi. Onuň gözleriniň
agy-garasy tapyşyp, görejiniň öňüni buz reňkli ümez aldy: ýaz
gününiň ýagşy ýaly, şol gözlerden biriniň yzyndan ikinji damjalar
togalandy. Dursunyň şondan soň dik durmaga-da mejaly galman,
bir eli bilen gursagyny tutdy.
Annamyrat kirpikmen gabaklaryny galdyryp, Dursuna garady-da, oňa baryp ýapyşjak ýaly ýa Bossana bir zat aýtjak ýaly,
ýa-da onuň ýeňsesinden südürlejek ýaly göründi, hatda ýerinden
hem gobsundy, emma ýerinden galman, dilini ýarman, ýene şol
sekundyň özünde rahatlanyp oturdy.
Batyr öz azary bilen ejesiniň derdini ýa-ha syzan däldir, ýa-da
syzmak islän däldir — onda gymyldy peýda bolmady.
Emma iki syrkawyň arasynda galan Bossan iň soňunda
Dursuny köşetmäge mejbur boldy.
Ikinji baş
Bossanyň alakjaýan tamakin gözleri Dursunyň öýüniň içinde
ondan-oňa at çapsa-da, göreji eglener ýaly mähirli zadyň üstünden barmaýardy. Annamyradyň ata-enesinden, belki, babasyndan
miras galan zürrüjek garaja öýüň gurumlan uklary gyşaryşyp
ýatyrdy, tärimleriniň kökleri gyrlany üçin, käbir ýerinden arkaýyn
— 50 —
sümäýmelidi, durluklaryna näçe ýamag basylan bolsa-da,
deşiklerinden görünýän yşlaryň sany ýokdy. Bossan öz ýanyndan:
«Ýagyş ýaganda, bu öýüň içi bilen daşynyň tapawudy barmykan»
diýip oýlanýardy. Seçekleri gyrlyp, ýüzlerini gurum basan çemçe
torbalar göz-gülban asylyşyp durdy. Gözenegiň iki gapdalyndaky gyzyl çuwallaryň garynlary pökgi görünse-de, içindäki
har-hamyrlaryň gyzan bazarda bir pula geçmejegini Bossanyň
synçy gözleri kemsiz aňlaýardy. Içerdäki düşekleriň diňe terdäki
gülli keçeden özge hemmesi garaja öýüň özi bilen ýaşdaşdygyny
habar berýärdi: iki ýa üç arka aýlanan palasyň erňekleri gemrilen
bolsa, göwresi çapgy ýassygy ýaly kertim-kertimdi. Keçeleriň-de
haýsy döwrüňkidigi mälim bolman, diňe oýmur-oýmur deşikleri,
tüýjeren ýüňleri saýgarylýardy. Bossan öz ýanyndan: «Men nirä
gelip düşdüm? Anna baýlaryň çakylygyna barman, näme üçin ýer
urup, ýerde galan Dursunyňka geldim?» diýip, özüne igenýärdi.
Döwrüň deňsizlik kanunyna görä, şol öýüň maşgalasy çagalygyndan bäri örän hor ýaşaýardy. Annamyrat gyşyň aýazyna, tomsuň howruna parh goýman, ömrüni daýhançylyk bilen
geçirse-de, öýüniň eşigini däl, hatda ýylda bir gezek maşgalasynyň geýimini-de täzeläp bilmeýärdi. Dursunyň-da biderek oturýan
çaş ýadyna düşmeýärdi: öý işiniň, çaga-çugasynyň aladasyndan
başga, ýylda juda bolmasa bir halyça dokap satýardy. Şeýle-de
bolsa olaryň gara gün üçin artdyrýan zatlary bolman, gaýta gündelik iýmitleri sowulmaz aladady: olaryň zähmetleri özlerine dälde, özgelere siňýärdi...
Şol öýüň içindäki goşlarda Bossanyň gözüniň egleneni —
ýüňleri çykyşyp duran ýyrtyk ýorganlaryň aşagyndaky iki sany
doly çuwaldy. Bossan diňe şol çuwallara gözi düşende, ýenillik
bilen dem alypdy. Şol çuwallar-da şol öýde diňe şu ýyl ýagny bir
müň dokuz ýüz ýigrimi altynjy ýyldaky ýer-suw reformasyndan
soň peýda bolupdy. Annamyrat agyr oýuny, göwün hoşuny,
gaýgysyny, şatlygyny daşyna çykarmaýan, ýetmezine zeýrenmeýän, buýsanjyny dillenmeýän bir adam bolany üçin, öýüň
içindäki doly çuwallara—bol çörege guwanjyny diňe Dursun öz
içinde saklap bilmeýärdi. Ol öz şatlygyny, durmuşdan razylygyny
goňşy-golamlaryň ýanynda häli-şindi gaýtalaýardy:
— Hudaýa şükür, biziň hem zähmetimiz indi özümize
siňýä, iýjek nanymyz indi öz ýerimizden emele gelýä. Biziň hem
indi hiç kime mätäçligimiz ýok. Ýaşasyn sowet hökümeti!..
— Şol çuwallar häzir Bossany-da Dursundan az guwandyrmaýardy. Ol öz ýanyndan göwün ýüwürdýärdi: «Men, elbetde, ýalňyşmandyryn. Diňe syňragyndan syzanyny ýalaýan Anna
baýlara baramda, maňa şyrryk çal bilen gaty çörekden başga
näme hezzet ederler öýdýäsiň. Aklyk diýip hem, ujuna bir gyran düwlen iki garyş bizi berer, wessalam. Ogluna em edenim
üçin, Dursun maňa şol çuwaldaky gallalaryň birini beräýse gerek.
Şeýle bolanda, meniň pul düwünçegim, ep-esli galňaýsa gerek.
Dogrusyny aýtsam, Dursunyň häzir oglundan başga dünýä maly
gözüne görünýän däldir. Men özüm ejap etmesem, ol maňa çuwaldaky gallanyň ikisini hem hödürläwersin... Ýöne weli, sesini
çykaraýsa, gorpa ýykylaýjak ýaly syzyp; ümüş mal ýaly dymyp
oturan Annamyrada meniň pisindim oturanok. Göwnüme bolmasa, bu örän gysgançdyr: ýüzüne ören gyllaryň ýekejesini-de
— 51 —
ýolmany şoňa şaýatlyk edýär. Beýle önjeýli zada bu dözmez. Çagasyny janyndan eý görýän Dursun eçiläýmekçi bolsa, Annamyradyň, belki, dili açylar: «Dursun, Bossan bize ýer sürşen däldir,
orak orşan däldir, sen ony unutma» diýer. Men nebsime haý
bermän, öteräk gidäýmekçi bolsam, belki, ýeňsämden südürlär.
Hawa-da, meniň hem belli emgegim köýüp duranok, çuwalyň
dolusy bol maý ýarysy bolanda näme, meniň içime depýämi!..»
Şol çuwallardaky dänäni emele getirmek üçin Annamyradyň
ýyly ýete zähmet çekenini, şol dänäni öýüniň bezegi, maşgalasynyň gurby hasap edýänini nebsi öňüne düşen Bossan ýadyna-da
salmaýardy: Annamyrat onuň bir gysymyny Bossanyň dolmaz
holtumyna dykandan, aç guşlara sepenini ýüz esse eý görýäninden onuň habary ýokdy. Annamyrat bilen Dursun ýeneki ýyllarda-da az-azdan artdyryp, öýlerini hem onuň içiniň goşlaryny täzelemek küýüne düşýärdiler.
Emma almyta adatlanan açgöz Bossan bolsa Batyryň derdine
em etmek üçin çalasyn taýynlyk görýärdi.
Ýörite ýakylyp, kesindileri köze aýlanan oduň içinde köne
orak täze dogan aý ýaly gyzaryp ýatyrdy. Ol çuwalyň arkasynda
kän wagtdan bäri ýatany üçin, çygdan, zeýden alan posuny
endamyndan sypyryp, ilki ýasalyşyndaky ýaly tämiz polada
aýlanypdy-da, gyzyl köz bolup lowurdap ýatyrdy.
Awa gözi ilen tazynyň göreçleriniň höwesjeňlik bilen ýalpyldaşy ýaly, otdaky oraga gözi düşen Bossanyň ýüzi barha
ýagtylýardy. Onuň ýeser gözleri gülümsiräp, küti dodaklarynda ýylgyrma emele gelýärdi. Şol orak onuň girdeji akymlaryň iň
şowlularyndan biridi.
Annamyradyň oda seretdigiçe, gaşlary çytylýardy. Onuň hem
Batyr ýaly ýetginjek çagynda çakyza zerarly maňlaýy daglanypdy. Şol dag ýadyna düşende, onuň maňlaýy heniz hem awap
duran ýalydy. Şol orak onuň kejebesini garyşdyrany üçin, ýerinden turarly, oraga ýapyşarly, eliniň tersi bilen dazyrdadyp zyňyp
goýbererli göründi. Ol öz aýtmak isleýän zadyny aýdyp bilmeýşi
ýaly, etmek isleýän zadyny hem çendan wagty bilen ýerine ýetirip
bilmeýärdi. Şol agyr häsiýeti zerarly, häzir hem ol sesini çykarman, azaryny öz içine salyp otyrdy. Birdenkä bolsa, häzirki taýynlanýan ýigrenji zady hem öz oglunyň azabyny görmezlik niýeti
bilen, «görmez arkasy güýçli» nakylyna görä, ýerinden galdy-da,
iki elini arkasynda tutup, çykyp gitdi.
Bossanyň tebipligine bütin ýüregi bilen ynanýan Dursun
bolsa ot ölçerýän wagtynda, otdan göterilýän uçgunlary «gorkan öňürder» nakylyna görä, Batyry azara goýýan, onuň içinden
göterilip gidýän beladyr diýip düşündi. Şonuň üçin hem gyzaran
oragy has ökderäk gyzartmaga çalyşdy.
Şol ot Batyryň gözüne hakykatdan-da ýandyryjy ýaly,
köýdüriji köz ýaly bolup görünýärdi. Ol ilki bada oňa näçe
garşylyk görkezse-de, aýrylmaz içagyry hem ejesi Dursunyň
üznüksiz zary öz göwresini Bossanyň erkine bermäge mejbur
etdi.
Batyry çep gapdalyna ýanyn ýatyryp, köýnegini ýüzüne
bürediler. Batyr oňa garşylyk görkezjek ýaly etse-de, dürli ündewler täsirindenmi ýa öz endamynda ot bolup oýnajak oragy
görmek islemändigindenmi, haýsyndan hem bolsa, öz ýüzüniň
— 52 —
örtügini arkan serpmedi. Onuň töweregindäki gaýmalaşýan aýallar, Bossanyň tabşyrygyna görä, ellerini, aýaklaryny mäkäm tutdular.
Göreşe girjek ýaly, bilini gyňajy bilen bogan Bossan sapsyz
oragy esgi bilen tutup, Batyryň sagyndan bardy. Gyzgyn oragyň
gyzyl şöhlesi Batyryn agajet näzik endamynda ýylpyldap gezdi:
gonjak bolýan garaguşuň maslyk töwereginde oňaýly ýer agtaryp, pelpelleýşi ýaly, egri orak hem näzik teniň üstünde bir näçe
sekunt pelpelledi. Bossanyň nazarynda maslyk bilen Batyryň
endamynda hiç bir tapawut bolmany üçin, oňa örän dözümli darady.
Gyzyl orak näzik tene göz ilginsiz degip galdy. Batyr özüni
bileli bäri Dursun onuň «wah» diýen sesini eşitmändi. Batyryň
birdenkä «Eý wä-äk!» diýip, gygyran çasly sesi gulagyna ilende,
Dursun allaniçigsi tisgindi. Dursun tisginende, onuň tirsegi
Bossanyň orakly eline kakdy. Onsuz-da sypjap duran gyzgyn
orak Bossanyň elinden sypdy-da, ýyldyrym ýaly ýylpyldap, näzik
tene jazyrdap düşdi.
Hakykatdan hem ýere ýyldyrym düşene döndi.
Gyzyl közüň jazyrdysy Batyra elektrik togunyň kuwwatyny
berdi. Ol ýatan ýerinden aýratyn bir güýç bilen ýokaryk zyňdy.
Onuň şol wagtky hereketi dinamit ýarylandan enaýy däldi. Batyryň ellerini, aýaklaryny tutup oturan aýallar yzan-çuwan arkan
serreldi, olaryň börükleri pökgi ýaly togalandy. Nähili güýç, nähili zarba degeni mälim bolman, Bossan-da ýumak ýaly togalandy.
Onuň eti gaçan tumşugy dokma gazygyna degip, ikbaş ýaly çişdi,
burnundan bolsa ik ýaly gan zogduryldy. Düşen ýerini tütedip
barýan gyzgyn oragyň üstünden basan bir aýal taňkadaky suwy
eňterdi.
Dursun Batyryň täze ýarasyna em etjegini, Bossanyň burnuna
esgi dykjagyny bilmän, iki arada sergezdan galdy.
Teniniň awusyna çydamadyk Batyr öýüň içinde towsaklady. Burnunyň ganyny saklap bilmedik Bossan bolsa iňňilli bilen
ýassyga gyşardy.
Üçünji baş
Batyryň ýagdaýy Bossan ony daglandan—tenine otly orak
gaçandan soň has hem ýamanlaşdy: içiniň agyrysy ýygy-ýygydan
tutdy. Ejesiniň tebipli gürrüňini eşidende, indi ýüregi bulandy;
okuwyna-da oňly ýaramady.
Mekdepde arakesme wagtynda okuwçy oglanlar çendan şagalaň turuzýardylar: degişýärdiler, gülüşýärdiler, kowalaşýardylar. Emma Batyr şol keýpden mahrumdy. Onuň şol şowhuna näçe
ýüregi atygsasa-da, keseli oňa mümkinlik bermeýärdi, Şonuň üçin
ýa-ha bir burçda böwrüni tutup oturýardy, ýa-da aýak üstünde
olaryň oýnuny synlaýardy.
Bir gün ol oglanlaryň oýunlaryna gyzygyp durna, kowalaşýan oglanlardan biri şoňa bukulmak üçinmi ýa hüjümden
özüni goramak üçinmi, atanlykda Batyryň egninden ýapyşdy-da,
ony gömelteý silkdi. Onsuz-da böwri sanjyp duran Batyr pyçak
urlan ýaly tisginip, ýüzüni çytdy-da, özüni aşak goýberdi. Özi
bilen deň-duş oglanlar onuň keselinden habardar bolsalar-da,
— 53 —
mugallym onuň şeýle agyr ýagdaýyny birinji gezek görýärdi.
Mekdep täze bolup, obanyň iň gözel jaýlaryndan biri hasap
edilse-de, mugallymlar entek galapyn köne adamlardy: ýokary
bilimli täze mugallymlar şindi ýetişmändi. Şonuň üçin obalarda okuwlaryň gidişi-de onçakly öwerli däldi. Häzirki Batyryň
ýanyna gelen mugallym köneden çala sowatly-bolup, diňe gysga
wagtly mugallymlar kursuny gutaran sakgally-murtly daýaw bir
adamdy. Onuň barasynda «aý köne mollamyş, doga berýämiş»
diýen ýaly ýaşlar arasynda her hili myjabatlar-da gidýärdi.
Onuň gürrüňdeşleri garry adamlar bolup, ýygnaklardan gaçarak
durmagy hem şol pikiri goldaýardy. Şonuň üçin Batyr öz ýanyndan «belki, mugallym maňa-da doga-tumar hödürlär» diýip
oýlanýardy. Emma mugallym onuň agyr ýagdaýyny aňlaňdan
soň, Batyryň göwnüniň keçjesine atalarça maslahat berdi:
— Meniň, elbetde, tebiplikden habarym ýok. Ýöne weli,
Batyr, seniň keseliň oýunjak däl bolara çemeli. Keseli, ogul, bejeren ýeňer. Kim ony äsgermezlik etse, öküner. Dert-azary doga-tumar bilen «bejerilýän» wagt yzda galdy. Seniň keseliň içiňde
bolany üçin, oba tebipleriniň hem ondan başy çykmaz. Sen başarsaň, ejeň ýa kakaň bilen Aşgabatdaky uly doktorlara git, juda bolmasa, häzirlikçe feldşere bar. Isleseň, eneň-ataň bilen men özüm
sözleşeýin. Her halda, meniň aňlaşyma görä, seniň keseliňe tizräk
çäre görmek zerur.
Mugallymyň sözi ýönekeý sada, ýaly bolsa-da, Batyra ol
nähili ýakymly hem örän dogry eşidildi. Şeýle ýakymly sözi ol
henize çenli öz kakasyndan-da eşitmändi. Oglunyň agry halyna
Annamyradyň ýüregi, belki, beterräk awaýandyr. Emma onuň
çuňňur ýüreginden gaýnap çykýan gyzgyn mährini mälim etmäge agyr dili mümkinlik bermeýärdi. Batyr öz mugallymy baradaky «myş-myşlaryň» barynyň ýerliksizdigini aňlady, şeýle myşmyş habarlary ýaýradýan adamlara öz ýanyndan ýigrenç duýdy.
Geljek okuw ýylyndan Aşgabatdaky rabfaga geçmek üçin Batyra
arza ýazmagy ündän-de şol mugallymyň özüdi ahyry...
Özüni doktora görkezmek barada deň-duşlary-da Batyra
maslahat berdiler.
Uzynak şiňňil bir oglan agzyny pakgyldadyp gepledi:
— Täze açylan dugtorhana gelen pilşir diýýäler
weli, men-ä şony dugtormykan öýdýän. Baýak içim agyranda, maňa bir derman berdi weli, sanly salymyň içinde edil ýolnup
zyňlana dönderdi!
Togalak, burny ýemşik bir oglan onuň aýdany bilen razylaşman, seňrigini ýygryp gepledi:
— Näme diýseňem, meniň-ä şoňa pisindim oturanok.
Ol gün meniň injigim sypjyrylanda, toşap ýaly goýy goňur
zat çaldy weli, men-ä aýagyma ot basaýdymykan öýdüpdim.
Göwnüme bolmasa, injigim heniz hem awap duran ýaly.
Çepiksi bir oglan iňňä sapaýmaly inçemik ses bilen sözledi:
— Ýok, dogry däl. Meniň gözümiň agyrap, bir hepde okuwdan galanymy hemmäňiz bilýänsiňiz. Bäş günüň içinde men
ne ýatyp bildim, ne-de rahatlandym. Iň soňunda feldşer gözüme
bir derman damdyrdy weli, gözümiň agyrysy tarpa-taýyn gutulyp, iki gije-gündiz oýanman ýatdym. Men-ä, göwnüme bolmasa, şol adam ýönekeý dälmikän öýdýän. Belki hem, ol profi— 54 —
sor diýilýänidir. Batyr, sen hiç kimiň sözüne gulak gabartma-da,
özüňi hökman şoňa görkez.
Şol öwüt-ündewler Batyryň öz niýeti bilen birikdi.
Dördünji baş
Batyr özüne gezek gelip, gapydan girende, aňyrsyny bakyp
duran uzyn ak geýimli bir adama gözi düşdi. Ol Batyryň girenini
ýa-ha duýmady, ýa-da ähmiýetli bir zat bilen meşgul bolany üçin,
dolanyp seretmäge mümkinlik tapmady.
Derman ysy Batyryn burnuna urup, gaňşyrawugyny tütetdi-de, birdenkä asgyrdy. Feldşer ýalta bärsine garanda, egnini
gysyp duran Batyra gözi düşdi. Ol burnunyň üstündäki äýnegini
ýokarrak galdyryp, eserdeň çiňerildi-de:
— Eri, ogul, näme kemiň bar?— diýip sorady.
Feldşeris ýogyn murtlary Batyryň sussuny basdy.
Şonuň üçin onuň keşbini only saýgarman, ýüzüni aşak saldyda:
— Içim... içim... — diýip hümürdedi.
— A-ha... içiň niresi agyrýa?
Batyr sag eli bilen böwrüni tutup, ýarym-ýalňyş rusça jogap
gaýtardy:
— Jibot.. jibot.
— A-ha. Diýmeli, içiň agyrýar.
— Hawa, ýoldaş dugtar, hawa.
Feldşer barmaklarynyň hereketi bilen Batyry öz ýanyna çagyryp, goşaryndan tutup gördi, damarynyň urşuny barlady. Ondan
soň gabaklaryny çöwrüp, aşak-ýokary seretdirdi:
— Meniň gözlerime dogry seret — diýdi.
Feldşer ondan soň: «Şeýle, şeýle» diýip hümürdedi-de, dermanly çüýşelere ýapyşdy.
Feldşer onuň içini barlamany üçin, Batyr öz ýanyndan, belki, bu meniň gözüme derman taýynlaýandyr diýip düşündi. Ol
Gadymy gürrüň kitaplaryndan birini okanda, bir keselliniň tebibe
baryp: «Içim agyrýa» diýenini, tebip ondan «näme iýdiň» diýip
soranda, «ýanyk çörek iýdim» diýip jogap berenini, tebip «Onda
seniň agyryň içiňde däl, gözüňde» diýip, gözüne melhem etmekçi
bolanyny ýadyna saldy. Şonuň üçin Batyr feldşerden soramakçy
boldy, emma feldşer oňa «seniň içiňde däl, gözüňde» diýer öýdüp
çekindi. Eýsem-de bolsa, ýanyk çörek iýmänini, özüni bilip,
gözüniň agyrmanyny ýadyna salyp, ikirjiňledi-de:
— Dugtar aga... — diýdi.
Öz işi bilen meşgul feldşer «A-a» edip, başyny galdyrdy,
Batyrdan jogap bolmandan soň bolsa:
— Hä, näme? — diýip sorady.
Batyr näme aýtjagyny bilmän sakyndy-da:
— Jibot, jibot! — diýdi.
— Bilýän, bilýän. Derrew.
— Dugtar aga, meniň gözüm agyranok ahyry.
— Bilýän, bilýän.
Feldşer ýene öz işi bilen meşgul boldy.
Feldşeriň gözüne derman taýynlaýanyna Batyryn indi şübhesi galmady: «Meniň içim agyrýa, bu bolsa düýäň sinohor kese— 55 —
line dag basylyşy ýaly, meniň gözüme derman taýynlaýa» diýip
oýlandy. Ynjalykdan aýrylan Batyr nähili aýdanyny-da duýman
galdy:
— Dugtar aga, ýok etdirjek däl!
Feldşer Batyryň nämeden boýun towlaýanyna düşünmän:
— Nämäni etdirjek däl? — diýip sorady.
— Nähili nämäni?.. Gözüme derman etdirjek däl?
Feldşer Batyryň nämeden howatyr edýänine oňly
düşünmän, onuň ýüzüne seretdi: oglanyň gansyz ýüzünde
aljyraňňy bir ýagdaýyň baryny saýgardy. Şonuň üçin ýaňadan
sowa-jogap başlandy:
— Eri ogul, sen nämeden howatyr edýäsiň?
— Men gözüme derman etdirjek däl diýýän.
— Gözüme derman?!
— Meniň gözüm agyranok ahyry!
— Kim seniň gözüň agyrýa diýdi?
— Onda näme derman taýynlaýasyň?
— Aý sen gyzyk oglan! — diýip, feldşer keýp edip güldi-de,
oňa degdi. — Şu saýgaryşyň bilen, oglum, hakykatdan-da seniň
gözüňe derman etmeli.
Batyr onuň ýaňsa alýanyna düşünmän:
— ýok, etdirjek! — diýip gaýtalady.
— Aý, ogul, men bu dermany seniň üçin däl, başga biri üçin
taýynlaýan.
Batyr utanjyndan ýüzüni aşak saldy.
Feldşer ondan soň Batyry kuşetkanyň üstünde ýatyryp, emaý
bilen içini barlady. Onuň böwründäki sanjynyň ýönekeý ýel ýa iç
gatamadan däldigini aňlady, emma onuň nähili keseldigini dogrusy aňlap bilmedi. Ol öz ýanyndan «belki hem, kör içegedir»
diýip düşündi. Eýsem-de bolsa, ol pikirini Batyra mälim etmän,
oňa ata hökmünde nesihat berdi:
— Oglum, sen bu keseliňden tiz saplanmak isleseň, kakaň
bilen şähere git-de, özüňi şäher doktoryna görkez. Keseliň ornaşmagyna maý bermän, öňünden çäre gören, elbetde, ýagşydyr.
Feldşer onuň derdine däri-derman edip bilmedik hem bolsa,
aýdan ýakymly sözleri Batyryň göwnünde şol adama bir hili söýgi galdyrdy. Ol hatda çykyp gidende, ak ýürek bilen seslendi:
— Dugtar aga, sag bol!
Bäşinji baş
Feldşeris «Şähere git» diýen maslahatyny Batyr ejesine mälim
edende, ol elden-aýakdan düşdi.
— Ýo-ge-ý, bolmaz, oglum, bolmaz!.. Adam kesýän dugtara-da heý, jan ynanyp bormy?.. Kim bilýä, belki, ol seniň garnyňy keser? Wa-eý, hudaý görkezmäwersin!.. Sende şeýle uly keseliň ýoguny men bilýän ahyr! Sen bir az sabyr et. Ynha eli ýeňil
tebip taparys. Işallam, derrewjik gutularsyň!..
Annamyrat Dursun ýaly uly garşylyk görkezmese-de, şäher
oňa bir hili garaňky geldi. Dursunyň «keserler» sözi onuň-da gulagyna ýaramady.
Ejesiniň haýýarlygyna garaman, Batyr näme-de bolsa
feldşeris maslahatyny makul bildi.
— 56 —
Emma içagyry oňa ynjalyk bermedi.
Batyryň kakasy Annamyrat söze gysganç bolsa-da, işe gezek
gelende, iki paý ýalydy. Ol ýer-suw reformasyndan ýeten ýerini
kemsiz bejereni üçin, bol hasyla garaşýardy. Gawun-garpyzyň-da
boýy ýeteňkirläp barýardy. Ol öz ýanyndan «Gawun ýetişse, Batyryň içi gutulaýsa gerek» diýip oýlaýardy.
Emma gawun-garpyz-da, süýt-gatyk-da Batyryň içine peýda etmedi. Ol wagtal-wagtal içim diýip gyşardy, reňkine-petine
gelmän, ýüzi bir hili sargylt öwüsdi, ynjalykdan aýryldy.
Dursun oglunyň keseline näme çäre etjegini bilmedi, gelenden-geçenden maslahat sorady. Biri «ötledir» diýse, beýleki biri
«dalakdyr» diýýär. Onuň keseline her kimiň her hili düşünişi ýaly,
her kim oňa her hili derman salgy berýär. Biri «Ötledir, ol tutan
wagty onuň çep çignini mäkäm saratmak gerek» diýse, ikinji biri
«Dalakdyr, tutan wagty mazalyja owkalatmak, tapan-tupanyňy
üstüne üýşürip, kemsiz derletmek gerek» diýýär, üçünji biri bolsa
«Ol hökman kakyn-silkindir, tutan wagty ýa-ha porhan oýnatmak, ýa-da Garahojama ýykmak gerek» diýýär.
Dursun kimiň sözüne gulak asjagyny, näme etjegini bilip
bilmeýär, edeýin diýenini edip biljegine-de ynanmaýar. Garahojama äkideýin diýip, agzap-da biljek däl. Batyr onsuz-da Garahojama gargap ýör. Belki, ol bu wagta güýçden hem düşendir, belki,
düşürendirler. Porhan oýnatmaga Batyr hasap hem däl, oba guramalary hem oňa ygtyýar berjek däl. Olar Bossany hem eýýäm
çörekden kesipdirler.
Iň soňunda şol çäreleriň hemmesinden amatlyrak bir habar
Dursunyň gulagyna ildi. Döwletmyrat diýen bir adam şonuň ýaly
içagyry keselleri owkalap gutarýarmyşyn... «Ol nähili oňat zat?..
Emma ony nähili getirip boljak? Ol hem hökümetden gorkusyna
tebipçilige gezmesini goýanmyşyn. Bardy-geldi, ony bir söý bilen
ele salaýanda-da, Batyry oňa razy edip boljakmy ýa-da ýokmy?
Şol hem belli däl...»
Dursun janserek bolup galdy.
Dursun iň soňunda ýakyn tanşynyň, dostunyň üsti bilen
Döwletmyrady getirmegiň ýoluna düşdi. Ol Batyryň hem taryna
kakyp gördi. Emma Batyr oňa göwnemedi. Batyryň dostlarynyň,
deň-duşlarynyň üsti bilen hem aýtdyryp gördi. Onuň tebipçiliginiň dine-şerigata hiç bir dahylynyň ýokdugyny hem ynandyrmaga çalyşdy.
Içagyry Batyry hem az oýlandyrmaýardy. Ol ony birsyhly
ynjalykdan aýyrýar. Onuň iýenini ýokduranok. Oňa bir gün azar
bermese, ikinji gün rahat berenok. Şu gidişde gitse, elbetde, okuwa-da ýarajak däl. Okuwdan galmak Batyr üçin nähili haýp!..
Bir ýandan içiniň azary, ikinji ýandan ejesiniň zary Batyry
ýene öz erkine goýmady. Şonuň bilen bile, owkalamak dag basan
ýaly aýylganç bolup görünmedi.
Altynjy baş
Annamyrat bilen tirkeşip gelen Döwletmyratdy.
Dursun ony gadyrly garşy aldy.
Süýji sözli, açyk ýüzli Dursuny gören aksakgalyň peşeneli
ýüzi has hem aýdyňlandy. Ol saglyk-amanlykdan soň, sakgalyny
— 57 —
sypap:
— Hudaýa şükür! dilimize düşýän dostlukly adamlara-da
duş geldik! — diýip, mys-mys güldi.
Dursun aksakgalyň sözüne derrew düşünip ýylgyrdy:
— Wiý, näme, Batyryň kakasy bilen gürrüňiňiz birikmedimi?
— Birikme niräň gürrüňi! Asyl ondan on sowalyňa bir
jogap hem alyp bolmasa nätjek? Beýle-de bir gysganç adam bolar
ekeni?
— Hawa, Batyryň kakasy kän geplemsek däldir.
— Az sözli adamlary hem, türkana adamlary hem görüpdik. Biz-ä heniz şuňa meňzeş adam gören däldiri:. Bu edil bir gurruk guýy ýaly-la!
— Hawa, onuň sözi tygşytlydyr.
— Aý, gelin, ýumarlajak bolmasana! Ol hatda «bar», «ýok»
diýen owazy çykarjak bolanda-da, edil ýüň iýen güjük ýaly, suw
içim salym gerjeşip durýa.
Annamyrat Döwletmyradyň gyjydyna jogap gaýtarmaýşy
ýaly, onuň ýüzüne-de seretmän oňdy, emma onuň soňky sözi Annamyradyň dodaklarynda-da ýyrşarmak emele getirdi.
Ýaşulynyň şowhunly gürrüňi Batyra ýagşy ýarady. Ol
öz kakasy Annamyradyň söze gysgançlygy hakynda onuň
aýdanlaryna hahahaýlap güldi. Batyr onuň ýüzüne hyrydar göz
bilen seretdi. Onuň gyradeň sakgalynyň duw ak bolmagyna
garaman, ýüzüniň ýekeje-de ýygyrt atan ýeri ýokdy. Onuň ýüzi
edil çirtibermeli bolup, ýagjymak ýaňaklarynda gan görünýärdi.
Batyr onuň ýyljyraklap duran sada gözlerinde bir az gödeklik
syzsa-da, şol göreçlerde hile damarynyň baryny seljermedi. Onuň
degişgen, şorta gürrüňleri Batyryň göwnüni açdy, ony özüne
öwrenişdirdi. Batyr Döwletmyradyň keşbinde Bossanyňky ýaly
ýigrenjilik syzmady.
Ýaşulynyň Annamyrat barasyndaky gürrüňi ep-esli dowam
etdi. Iň soňunda gürrüň Batyryň keseline aýlandy. Onuň içiniň
agrysynyň taryhy barasynda Dursun oňa jikme-jik gürrüň berdi.
Döwletmyrat Batyra derrew ýapyşman, özüniň tebipçilik
edişinden, käbir adamynyň ondan gorkuşyndan gyzykly gürrüň
berdi, şol wäşi sözleri bilen ol Batyry öz täsirine aldy.
Döwletmyrat Batyryň içagrysyny: «Tutgaýly ötle» diýip
mälim etdi. «Tutgaýly» sözi Dursunyň ýüregine jüňküldedi,
Batyryň hem maňzyna damdy. Ol keseliň Batyry wagtal-wagtal
tutýanyny hatda Annamyrat-da bilýärdi.
Dursun onuň «Tutgaýly ötläni» nähili gutarjagyny bilmek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 06
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.