Latin

Saýlanan eserler - 01

Total number of words is 3718
Total number of unique words is 2063
28.8 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
47.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—2—
TÄSINJE OGLAN
«Boljak oglan bolşundan belli» diýlen nakyl, elbetde, tötänden
däldi. Käbir çaga goýazy bolup, çagalykda-da köpüň ünsüni
özüne çekip bilenok. Käbir çaga doga gaharjaň bolup, çagajykkada urşup aýrylyşan ýaly, birsyhly gaşyny çytýar. Käbir çaganyň
bolsa diňe bir hereketi ýa geplişi däl, hatda gözjagazlaryny
güldürip garaşy-da töweregindäkileriň ünsüni özüne çekýär.
Bäşim şeýleje çagalar kabylyndandy. Ol örän oýunçydy,
oýnamagy, degişmegi örän gowy görýärdi. Bäşim geplemegi kemally başarmaýan ýumruk ýalyjak çagajykka-da, eljagazyny galgadyp, gözjagazyny oýnadyp, töweregindäki çagalary içini gyjyklaýan ýaly jykyrdadardy, ejesini, kakasyny güldirdi. Ol heniz
iki ýaşyna ýetmänkä, myssyjak elleri bilen çapak-çapak edip, gözjagazlaryny agdar-düňder oýnadardy-da, töweregindäkileri gyzylgyran ederdi.
Bäşim ýaňy nan-çörek diýmäge dili öwrülenden soň bolsa,
özüniň sözüne gülüşýänlerini aňlap, wyjyr-wyjyr ederdi-de, dilini aýnydardy, özünden has ulurajyk oglanlary-da öz ýanynda
ýüpsüzje daňardy.
Ol atasynyň göwnüni almak üçin, ejesine öýkünerdi, ýüzjagazyny torsardardy: «Git aňry!» diýip, eljagazyny silkerdi. Ol ejesini özünden razy etmek üçin bolsa, kakasynyň gözüne güýdüşip,
ejesine herrelişine öýkünerdi:
— Heý sen gyrnak!.. — diýip, gözjagazyny alardardy.
Bäşim özüne käýelmejegini aňlan wagty öýüň törüne geçip,
özi ýaly çagalar bilen çalamünder oýnardy, kä geýimini ýyrtdyrardy, kä biriniňkini ýyrtardy, käte biriniň tenini sypjyrardy ýa
özüniňkini sypjyrdardy. Şolaryň hemmesi oýun bolany üçin, käte
iki-üç bolup üstüne münseler, käte mazalyja mynçgasalar-da ynjamazdy.
Bäşim mazaly dil çykaryp, saýrap başlandan soň, çagajyklar hemişe onuň daşyna egrilişerdiler. Ol çagajyklary hemişe
güldürip ýöreni bilen kanagatlanman, käte olary «döw» ýaly
bir zady aýylganç suratlandyryp, gorkuzardy, käte käbirini
agladardy.
Bäşim birgezek iki eliniň barmaklaryny biri-biriniň içinden
geçirip, külbikgelerini, süýem hem başam barmaklaryny galdyryp, ýanyndaky oturan gözi möleje bir oglana sowal üstüne sowal
berdi:
-Ýaýlym, herekmaýa münjekmi?
Düýä, eşege münmäge çagajyklaryň haýsy biri höwesjeň däl?
Ýaýlym-da oňa ilgezik jogap gaýtardy:
— Münjek.
— Çopana çörek eltip berjekmi?
— Berjek.
— Öňüňden alaja-mulaja zat çyksa gorkjakmy?
— Gorkjak däl.
Birdenkä duýdansyz ýerden Bäşim oňa:
— Haw! haw! — edip, iki elini gezände, Ýaýlymjyk «Wä!»
diýip, gygyranyny-da duýman galdy.
Bäşim Ýaýlymy gorkuzany üçin, çigit ýalyjak hem
müýnürgemän, gaýta:
—3—
— Baý, oglan-a batyr eken-ow! — diýip, oňa gyjalat berdi.
Bir az salym dymandan soň bolsa, uly adam ýaly gürrüň etdi.—
Zyýany ýok. Bu gün gorkuzanym üçin, gorksaň — teniň bekär,
öwrenişersiň. Ertir eýmenç bir zat öňüňden çyksa-da, özüňi
ýitirmän, şoňa gerekli gaýtawul berersiň!
Ýöne oturandan her zat edenini gowy görýän Bäşim çendan
çagalar bilen «kim dürtdi» oýnardy. Ol sag eliniň aýasyny gerip:
— Her haýsyňyz şunuň üstüne süýem barmagyňyzy goýuň!
— diýip, talap etdi.
Onuň eliniň aýasynyň üstünde barmajyklaryny goýan çagalar örän eserdeň garaşýardylar: sähel bir zat syzsalar, barmajyklaryny çalasyn çekip aljakdylar.
Bäşim sanamaga durdy:
— Çilim çitir, gülüm getir. Çilim çitir, gülüm getir. Ýat
obadan gelin getir. Ýat obadan... Ýaramezan, çitlewük!
Bäşim eliniň aýasyny çalasyn ýumanda, Tüňňi atly posalajyk
oglanyň etlije barmagy eliniň aýasynda galdy. Oýnuň şertine görä,
barmagy tutulan oglan eşekçi bolmalydy. Şonuň üçin Tüňňüjik
başyny aşak salyp, ýeňsesini tüňňerdip oturdy. Onuň daşynda
egelenip oturan çagalardan, biri onuň ýeňsesine dürtdi. Bäşim ondan sorady:
— Kim dürtdi?
Gözlerini giň açyp, töweregindäkilere göz gezdiren Tüňňi
Bäşimiň ýylgyrýanyny saýgaryp:
— Sen dürtdüň! — diýdi.
— Ýok! Ýaňadandan egil.
Tüňňi eşekden çykýança, onuň ýeňsesini mazalyja gyzartdylar.
Bäşim müçesiniň kiçiligine garaman, basalaşardy, göreşerdi,
güýjüniň öz göreşýäninden asgyndygyny syzsa, ýykyljak ýerine
serederdi, güýjüniň sähel ökderäkdigini aňlaýsa, onuň ahmalyna
garap, pylçap urardy-da, jykyrdap gülerdi.
Ýykylan oglan bir ýeri agyryp ýa ondan ynjap, aglarly bolsa,
Bäşim derrew onuň daşyna geçerdi.
— Päheý, sen-ä oýna-da çydaňok.
Ol ýaňadandan onuň bilinden ýapyşyp, göreşmäge mejbur
ederdi-de, göwnüni awlamak üçin, ýykylan bolardy.
Bäşimjigi özi ýaly çagalar örän oňat görerdiler. Ol olardan
käbirini atanlykda ynjytsa ýa aglatsa, derrew onuň göwnüni tapmaga çalşardy.
Bäşim diňe ýekeje özi bolanda tukatdy. Şonuň üçin hem
oglanlar onuň daşynda hemişe egeledi. Şonuň üçin hem ony örän
oňat görýärdiler.
PIONER ÖÝ HOJALYGYNDA
Ertiriň sap howasynda uzakdan şaňňyja bir ses ýaňlanýardy:
— E-e-eý-ý ho-o-o-ý!
Kiçijik bir nokat ýaly bolup, obadan uzakda bir oglanjyk aýak
aldygyna ylgaýardy. Onuň özüne meňzeş çagalar oňa «Nazar»
diýip at berýärdiler.
Nazaryň bütin agzasy dynuwsyz hereket edýärdi: elleri
—4—
guşuň ganaty ýaly galgaýardy, dabanlarynyň aşagy taýly gezek
ýalpyldap görünýärdi, boýnundaky gyzyl ýaglygy egniniň
üstaşyry pasyrdaýardy-da, şemal degen gülälek ýaly öwüşgin
berýärdi.
Nazar düýesiniň yzyndan ylgaýardy.
Kiçijik hojaýynynyň höküm ediji sesini eşiden düýe gysgajyk
ädimlerini saklap, egri boýnuny gaňryp, yzyna bakan seredýärdi.
Onuň perwaýsyz garaşynda kinniwanja oglany äsgermezlik ýaly
bir zat duýulsa-da, keýerýän gulaklary «Eý ho-oý» diýen sesden
heder edýänini habar berýärdi. Şonuň üçin hem ol uly göwresini
kiçeldip, etagat ediji bir ýagdaýda yzyna öwrülip durdy.
Nazar düýäň duşagyny çözüp, egri boýnuna iltedi. Ondan
soň şol boýna oralan owsar bagyny çözüp, düýä ýalbarman, sala
salman, yzyna bakan ädip ugrady. Dagyň bir bölegi ýaly mähnet
düýäniň özüniň kellesi ýalyjak bir göwräniň yzyna eýerip gelmegi geň ýaly görünýärdi. Emma Nazarjyk ony duýman, özüni
hakykatdan-da häkim saýýardy. Eger-de Nazar öz göwresi bilen
düýäňkini deňäp kimiň kime höküm edýänini akylyna getirse, hiç
kimsiz çöl meýdan bolmagyna garaman, keýp edip gülerdi.
Emma Nazaryň küýi häzir başga ýerdedi. Ol näme üçindir
gyssanýardy: ol gysgajyk aýaklaryny çalasyn gyrmyldadyp,
howlukmaç ädim urýardy. Şol ýagdaýda başga-da bir geň zat
bardy: hersi Nazaryň boýuna iki esse uzyn dört aýagy bilen,
düýe onuň yzyna eýerip bilmeýärdi, egri boýnuny uzadyp, ýalbaryjy bir ýagdaýda gözgyny ädim urýardy. Emma Nazar ony
hem syzmaýardy. Ol alňasaýardy: çepiksije elleri bilen düýäniň
owsaryny silkip-silkip goýberýärdi. Düýe öz hojaýynynyň gyjydyna düşünse-de, uzyn aýaklary gowuşgynsyz bolany üçin, hojaýynynyň islegini ýerine ýetirip bilmeýärdi.
Umzügini birsyhly ileri atýan Nazar çendan başyny ýeňsesine öwrüp, ýüzjagazyny ýokaryk galdyrýardy-da, garaja gözleriniň agyny köpeldip, düýäň ýüzüne çiňerilýärdi, igenýärdi:
— Heý namart!.. Sen şu boýuň, şu göwräň bilen näme üçin
meniň yzyma eýereňok? Utanaňokmy?...
Tumşugyny uzadyp, dodaklaryny müňküldedýän düýä
gözi düşende bolsa Nazar öz ýanyndan keýp edip güldi. Onuň
göwnüne gelşine görä, düýe-de öz hojaýynyna gyjalat berýän
ýalydy: «Sen şujagaz müçäň bilen meniň şu göwräme höküm etmäge utanaňokmy?» diýýän ýalydy.
Hakykatdan-da düýäniň mähnet gözleri:
— Hany seniň ynsabyň nirede? diýip, sorag berýän ýaly
balkyldaýardy.
Nazaryň göwnüne bolmasa, düýäniň igenjinde bir hakykat
bar ýaly syzyldy. Ol sakga daýanyp, düýäniň maňlaýyny sypalady-da, seňriginden ogşady, öz ýanyndan hümürdedi:
— Gözüňe döneýin gyzyl erkegim, men seni ähli haýwanlaryň hemmesinden gowy görýändirin. Men seni hiç wagtda horlaman. Ýazyna selmäniň, gyşyna küde ýandagyň daşyndan ertir-agşam goşa nogalany menden al!..
Nazar öýlerine golaý geldigiçe şähdi açylýardy. Onuň burny
ýemşigräk ýaýbaňja ýüzüne ýaňyjyk ýerden saýlanan günüň
öwüşgini düşüp, içki duýgusy keşbinde oýnaýan ýaly ýylpyldaýardy. Ol ýylgyranda, ýaňaklary tümmerip, giňje maňlaýy
—5—
iki ýan çekgesine bakan giňäp gidýän ýaly görünýärdi. Ol ýaltýult edip, töweregine garanjaklanda, uzynja kirpikleri ýygy-ýygydan salamlaşýardy.
Nazaryň gelmegine garaşyp duran kakasy Atahanyň uly
göwräniň kiçijik müçä mutyglygyna gözi düşende, bir hili
ýylgyrdy, eýsem-de bolsa şol görnüş bilen gözi öwrenişeni üçin,
geňirgenmän, ogluna sowal berdi:
— Nazar, ýaman kän eglendiň-le?
— Kaka, düýe aýaklarynyň duşakly bolmagyna garaman,
gidende örän çalasyn gidipdir. Gaýdanda bolsa, şu uzyn aýaklary
bilen meniň yzyma-da eýerenok.
— «Eşegiň ýüki ýeňil bolsa, sojar» diýen nakyl bardyr. Düýede, belki, şondan sapak alandyr. Sen munuň üstüne münüp, taýajygyňy galgadaýsaň bolmadymy?
— Ýok, kaka, men düýäni urasym gelenok.
— Näme üçin?
Näme üçin diýýämiň?.. Meniň garşyma gitmeýäni, buýrugymy ýerine ýetirýäni üçin. Bu meniň berenimi iýýä, uran ýükümi
göterýä, tur diýsem, turýa, otur diýsem, oturýa.
— Örän gowy. Hany onda düýäňi çöker.
Nazar düýäniň owsaryny gysgarak tutup, ýüzüne çiňerildi-de, höküm etdi:
— Hyh, çök!
Kiçijik hojaýyna mutyg mähnet göwre çökmäge synandy.
Emma çökjek ýerine şübheli garap, iki öň aýagyny taýly gezek
göterdi-de, ýaýdandy: Ýer örän gatydy. Nazaryň pikiri başga
ýerde bolany üçin, onuň näme sebäpli ýaýdanýanyna düşünmän,
ýaňadandan düýäniň owsaryny silkdi-de, şaňňyja sesi bilen batly
gygyrdy:
— Hyh, çök diýýän!
Nazaryň ýersiz ýere sabyrsyzlyk edip, başyny gödekleç silkeni oňa ýaraman, düýe naýynjar yňryljyrady. Ol şonuň bilen: «Hojaýyn, sen maňa rehim et: meniň dyzlarymyň hamy näçe galyň
bolsa-da, olar daşdan däl-de, meniň öz janly tenim!» diýip, ýalbarýan ýalydy.
Emma Nazar oňa-da düşünmän, kinniwanja aýaklary bilen
düýäniň dyzyna depdi-de:
— Hyh, çök! — diýip gygyrdy.
Kiçijik hojaýynyň rehimi unudanyny, gazaba münenini aňlan
düýe şondan soň yňryljyraman, närazy bir garaş bilen gözlerini
tegeledi. Onuň şol garaşynda: «Dostum, sen ýas-ýaňyja meniň
maňlaýymdan ogşaýardyň, meni ynjytmajagyňa wada berýärdiň,
häzir bolsa meniň döşümi daşa urmak isleýärsiň. Saňa birden
näme boldy?» diýip gyjalat berýän ýalydy. Emma Nazar ony hem
syzman, dördünji gezek höküm edenden soň, düýe ýaýdanaýaýdana, iki öň dyzyny ýere goýdy-da yňryljyrady: gaty ýer dyzlarynyň hamyny sypyrmasa-da, azasy beýnisine urany mälimdi,
ondan soň ullakan butlaryny sandyradyp, iki art aýagyny hem
epdi-de, dyzlaryny il ýerik süsňedip, ynjalyp oturdy.
Şondan soň Atahan oglunyň başyny sypady-da, nesihat
berdi:
— Oglum, ajyny-süýjini, gatyny-ýumşagy saýgarýan jandyr.
Haýwanda-da jan bardyr. «Ody özüňe bas, ötmese, kesekä» diýen
—6—
nakyl bardyr. Şu daş ýaly gaty ýere dyzyny gütledip ur diýseler,
sen göwnemersiň. Duýäniň hem dyzy demirden däl. Sen «çök»
diýeňde, düýe janawar näçe yňryljyrady. Sen onuň sesini eşitmediň. Ol iň soňunda saňa gözlerini alardyp seretdi, sen ony-da
syzmadyň. Häzir düýäniň dyzynyň hamyny sypyryp görseň, teni
gan uýandyr, awusy bolsa gör baryp onuň niresine ýetendir. Sen
düýäni şunuň ýaly gaty ýerde çökermän, anha hon ýaly ýumşak
ýerde çökermelidiň. Şonda düýe ne yňryljyrardy, nede saňa gözlerini tegeläp serederdi. Sen şony unutma!
Nazar şondan soň, düýäniň maňlaýyndan ýaňadandan
sypady. Emma bu saparky sypanda, onuň keşbi örän gaýgylydy: kirpikleri bimamlaňky ýaly gyrpyldap, gözlerinde çala çyg
görünýärdi. Şonuň özi bolsa eden işine ökünýänini, kakasynyň
tabşyrygyny berk tutjagyny wada berýärdi.
Düýäniň bakjaklaýan gözleri bolsa: «Dostum, seniň diňe
bir müçäň däl, entek akylyň hem keltejik. Şonuň üçin men seniň
günäňi ötýän» diýip, şatlykly habar berýän ýalydy.
Göwni aram tapan Nazar bökjekläp, içerik girdi, biline
kemer baglanyp, aýagyna çepek geýip, çogdaja çäkmenini egnine
atyp, daşaryk çykdy.
Atahan onýança düýäni howutlap, iki öň goluny
galdyrdy-da, hatabyň aşagyna çöp goýdy, çemberini pugta çekdi, ondan soň gapdalyndaky duran iki bogdagyň birini göterip,
düýäniň howudynyň gapdalyna goýdy-da:
— Nazar, hany hanym, sen şuny dire! — diýdi.
Nazar eýýäm kakasynyň gapdalyndan sokulyp barypdy.
Ol aýagynyň aşagynda goýan töňňesiniň üstüne çykdy-da, sag egnini çuwala diräp, dyrjaşdy. Atahan ikinji bogdagy göterip, howudyň gapdalyna ýelmedi-de, iki çuwaly düýäň üstünde çalasyn
baglady. Atahan şeýle çalasyn hereket etmedik bolsa, Nazar bogdakly çuwaly öz üstüne alyp gaýdýardy. Eýsem-de bolsa ol öz
agyr ýagdaýyny mälim edip, kakasyny aljyraňňylyga salmady.
Şonça wagtyň içinde gara ýeriň gämisi bolan düýe bir
oturyşyndan butnaman, gözlerini tegeläp, garanjaklap oturdy:
eger ol gymyldaýsa, bogdagyň biri Nazaryň, beýlekisi kakasynyň
üstüne eňjekdi.
Nazarjyk çogda çäkmenini iki çuwalyň arasyna oklady. Ondan soň düýäniň owsaryny eline alyp, düýäniň dyzyna,
yzy bilen boýnuna basyp, üstüne dyrmaşyp çykdy. Düýäniň
çöküşi, galşy özüne mälim bolany üçin, ol bir eli bilen howudyň
çomakaýyna, ikinji eli bilen hatabyna ýapyşdy:
— Haýt, çüw! — diýdi.
Düýe başyny egip, ardyny galdyrdy-da, ümzügini ileri atdy: Nazaryň eli çomakaýdan sypsa, şol ýagdaýda başaşak
togalanyp gidýärdi. Ondan soň düýe öň aýaklaryny taýly gezek
galdyryp, paşmaklaryny epdi-de, emaý bilen aýak üstüne galdy.
Düýäniň gödekleç göwresine garaman, şeýle ukyplylygyna hatda
Nazar-da haýran galdy.
Nazar özünden uly gyz doganyna:
— Çeper, hol çybygy maňa alyp ber! — diýip gygyrdy.
Ýaňy gulpagyny ören uzyn köýnekli gelşiklije Çeper
çalak-çulak pasyrdap ädimledi-de, Nazara çybyk alyp bermekçi
boldy. Emma düýe birden depäýmesin ýa gapaýmasyn diýen
—7—
howatyr bilen gorkuly keýerjekledi. Çeperiň gorkanyny aňlan
Nazar oňa gyjalat berdi:
— Heý gorkak! Şojagaz janjagazyňy eýsem ejeň bukjasynda gizläp saklarsyň-da!
Çeper özüni aklamaga çalyşdy:
— Aýu, oglan, gorkmaz ýalymy näme? Seret, onuň
gözüni alardyşy näteňet? Ol meni dört aýagynyň biri bilen çalaja
kaksa, çym-pytrak etjek ahyry!
— Janjagazyň toşaba dönder bakaly! diýip, Nazar güldi-de: — Ýok, asyl maňa çybygam gerek däl! diýip, düýesine
buýruk berdi:
— Haýt, çüw!
Nazar düýäniň başyny gapdalyna öwrüp, kakasynyň
yzy bilen ýola düşdi. Şol wagtda bolsa ejesi onuň yzyndan gygyrdy:
— Aýu, Nazar jan! Telpegiňi alyp gitsene, ýogsam
kelläňe gün urdurarsyň!
Nazar düýäniň başyny çekmän, kinniwanja kellesini yzyna bakan aýlady-da, ejesine jogap berdi:
Ýok, eje, telpek gerek däl. Gün düýäň kellesine näme
edýä, meniň kelläme eder ýaly!
Baýtalçanyň üstünde telpegini hekgerdip geýen Atahan
adaja hiňlenip barýardy. Nazar aýdym aýtmasa-da, kakasyndan
hem belentde bolany üçin, keýpi örän sazdy. Ol gürrüňçiň häsini
berýän ýaly, arkan-ýüzin yranyp, birsyhly başyny egýärdi. Nazar
yrananda, onuň boýnundaky gyzylja galstuk-da herekete gelýärdi: onuň çowluja ujy kä garnyna degse, käte egniniň üstaşyry arkasynda pasyrdaýardy.
Olar ep-esli wagt göm-gök bugdaýlygyň arasyny söküp
gitdiler. Şol barmana Nazaryň gözüne tanyş ýerler uçrady. Şol
ýerler geçen güýz hem selçeň çoganly meýdandy, Nazar şol çygly
meýdanda ýegdekläp, baýtalçanyň başyny iýdipdi, onuň yzyndaky azal tutup gelýän kakasy bolsa çendan «Gel!» diýip, ony yzyna
dolaýardy. Şol günler ýadyna düşüp, Nazar kakasyna çalasyn sowal berdi:
— Kaka, a kaka, şu bugdaýlyk biziňki dälmi?
— Hawa, biziňki
— Bä, bugdaý eýýäm başlaýan ogşyýa!
— Tüweleme diý, hanym, ýogsam, birden gözüň degäýmesin?
Nazar mekdepde okanda, mugallymy olara: «Ownuk-uşak yryma, wehim-hurapata ynanmaň. Olar asylsyz zatlardyr» diýip, öwüt berýärdi. Şol sözler ýadyna düşen Nazar
kakasyna jogap gaýtarman, myssa ýylgyrdy. Emma göwnüne
müňkürlik giden Atahan öz ogluna hyrydar çiňerildi-de:
— Ýeri, nämä gülýäsiň? diýip sorady.
— Kaka, «Babaarabyň taňra minneti ýok» diýýän seniň
özüň dälmidiň näme? Meniň aňlyşyma görä, ekiniň jany diňe suw
bolup, oňa diňe guraklygyň gözi degýämikän öýdýän.
Nazaryň manyly sözüne Atahanyň pisindi oturdy.
Eýsem-de bolsa, öz düşünjesine görä ogluna jogap berdi:
— Ol-a dogry welin, Nazar, «yrym-yrym, ýom-ýom»
diýlen nakyl hem bardyr. Ata-babaň eýerip gelýän adaty seniň
—8—
üçin hem kanundyr.
Nazar kakasyna jogap gaýtarmasa-da, atalar adatyna eýermän, alan terbiýesine hyzmat etjegini ýürejigine mäkäm
baglapdy. Ol belentde oturany üçinmi ýa düşünjesine görämi —
giň jahana kakasynyň depesiniň üstaşyry garaýardy.
1929
MELEJE
Şöhlesi öçen mähnet gün labyryny aşak atyp, ýere bakan
eňip barýardy. Onuň ölügsi çylgymlary gök ýapraklaryň ýüzünde
ýylpyldap, agaçlaryň aşagyna alebeder kölge salýardy.
Şol miweli bagyň içindäki ýoda bilen kiçijik bir göwre
gyrmyldaş gelýärdi. Şojagaz göwre golaý geldigiçe ösýärdi. Şol
gelýän Melejedi.
Melejäniň öz öňünden gelýän kölgesi ýaňyja naýçalan
eriklere, üljelere dyrmaşýardy, horazyň kekeji ýaly gyzaran
bägülleri gujaklaýardy, ýaldyrawuk ýapraklaryny ýazan üzümleriň üstünden aşýardy. Gülleriň burk urýan näzik ysy onuň burnuna urýardy. Dürli dilde saýraýan enaýyja guşlaryň jürrüldisi
gulagyna ilýärdi. Emma şol görnüşleriň, şol saz-söhbetleriň hiç
biri Melejäniň pikirini üýtgedip bilmeýärdi.
Meleje öz agasy Baýmyrat hakynda oýlanýardy. Baýmyrat
bolsa frontdady...
Meleje mekdepden gelende, Baýmyrat onuň hat ýazyşyna,
hasap çykaryşyna, alan belliklerine seredýärdi, kyn sapaklaryna
kömekleşýärdi, bäşlik alan wagty, oňa owadanja galam ýa başga
bir zat sylag alyp berýärdi. Ylaýta-da baýram günlerinde Melejäni
baýrama laýykly geýindirýärdi.
Ertir baýramdy...
Emma bir ýyldan bäri Baýmyrat onuň ýanynda ýokdy.
Ejesi oňa nähili mähriban bolsa-da, öýlerine baranda, doganynyň ýeri gädikdi.
Meleje şol ýatlamalar hem agyr oýlar bilen öýlerine ýetende,
ejesi onuň öňünden çykdy:
— Hä, Mele jan, geldiňmi? — diýip sorady.
Meleje ysgynsyz ses bilen:
— Hawa diýip, göwünsiz jogap gaýtardy-da, bukjasyny
ýerinde goýdy.
Melejäniň ejesi onuň keşbinde bir gamgynlyk, sesinde bir
ysgynsyzlyk syzdy-da:
— Mele jan, saňa näme boldy? — diýip sorady.
— Hi-iç zat.
— Näme ajykdyňmy?
— Ýo-ýok.
— Ýa mugallymyň käýedimi?
— Näme üçin käýesin?
— Onda näme ýüzüň beýle salyk?
Meleje ejesine jogap gaýtarman, kynlyk bilen ýuwdundy.
Emma ejesi janygyp sorady:
— Melejan, saňa bir zat bolupdyr. Sen öňki Meleje däl. Ýa biri
—9—
bilen uruşdyňmy?
Melejäň sesi ynjyly çykdy:
— Näme urşubermeli bormy?
— Onda näm bolýa? Aýtsana, guzym!
Meleje özüni gozgalaňa salýan zady ejesine aýdyp bilmedi.
Onuň bogazy doldy, gözüniň ümezlänini ejesine görkezmezlik
niýeti bilen, ýüzüni bir gapdalyna sowdy.
Oglunyň agyr halyny aňlan ejesi onuň boýnundan gujaklady,
maňlaýyny sypalady, ogşady:
— Mele jan, sen özüňi ynjydýan syry ejeňden gizläp, kime
aýtjak? Göwnüňi biynjalyk edýän zady gizleseň, ol seni horlar.
Näme kemiň bolsa, aýt, balam, aýt!
Melejäniň näzijek gözlerinden goşa düwme ýaş togalandy.
Ol özüni gozgalaňa salýan zady göni aýdyp bilmän, dürli bahana
arady:
— Ertir baýram ahyry! — diýip sojady.
Ejesi onuň gaýgysyna düşünmän, Melejäni bagryna basdy:
— Wiý, balam, baýramda oýnamak, şatlanmak, gülmek ýerine, sen aglaýamyň? Utanaweri!
Ejesiniň gyjydy Melejäni şatlandyryp bilmedi. Ol naýynjar
şumjaryp: — Men nämäme şatlanaýyn? Meniň öz deň-duşlarym
baýramda täze geýim geýýärler, a men... diýip, gözüniň ýaşyny
süpürdi.
— Wiý, Mele jan, bar kemiň şol bolsa, ertirden aýdaýsaň bolmadymy! Men saňa hemmeje zady taýynlap goýdum ahyry! —
diýip, ejesi onuň ýüzüni, gözüni süpürdi.
Ondan soňra sandygyndan çykaryp, keşdeli tahýa, täzeje
atlaz köýnek, ak jalbar, akja jorap hem çalymtyk tufli çykardy:
— Ynha, balam, seret, seniň eşigiň kimiňkiden kem?
Meleje özüne laýyk geýimleri alyp synlanda, ýüzi bir az
açyldy, emma töweregine garanjaklanda, Baýmyrada gözi
düşmänden soň, ýene ujypsyz bahana tapdy:
— Hany munuň kemeri?
— Kemeri?.. Şon-a, hanym, unudypdyryn.
Meleje nähili aýdanyny hem duýman galdy:
— Baýmyrat bolsa unutmazdy!..
Melejäniň ejesi ony ynjydan zadyň nämedigini Baýmyradyň
adyny tutandan soň bilip galdy. Meleje içiniň joşgunyny dökdi:
— Baýmyrat bolmansoň, meniň sapagyma-da üns berýän
ýok. Meniň üçlük alanym bilen bäşlik alanym —hiç kimi gynandyryp-begendirenok. Baýmyrat barka, bäşlik alýan wagtym meni
teatra äkitýädi.
Baýmyradyň adynyň tutulmagy Melejäniň ejesini hem gozgalaňa saldy. Oglunyň boldumly göwresi, edermen sypaty, oýnaklap duran gözleri görejiniň öňüne geldi: bogazy dolup, gözleriniň
öňi ümezledi. Eýsem-de Melejä öz ýagdaýyny duýdurmazlyk isläp, ownuk-uşak zada güýmenen kişi boldy-da, özüni bir az rastlady. Ondan soň bolsa Melejäni rahatlandyrmaga çalyşdy:
— Baýmyrat işallam, duşmany tar-mar edip, at gazanyp geler. Ondan soň ol saňa näme gerek bolsa alyp berer, okuwuňa-da
kömek eder. Ýöne weli, Mele jan, sen unutma: uruş wagtynda
hemme dokuzyňy dolduryp bolmaz. Sen indi, balam, ep-esli ýigit bolupsyň, ownuk-uşak ýetmez zatlary dillenip durmak aýyp
— 10 —
bolar. Sen indi asyl oňat düşünmelisiň: ýagyny tiz ýeňmek üçin,
Baýmyradyň atyna iým, tüpeňine tükeniksiz ok-däri gerek ahyry. Men-ä galla ýetişdirýän, pagta ekýän. Front üçin sen näme
edýäsiň?
Ejesiniň gyjytly sözi Melejäniň ünsüni bütinleý üýtgetdi. Ol
otlukly gözlerini balkyldadyp, ejesine çiňerildi:
— Hä, näme edemok! Döwük-ýenjik demirlerden akly-saryly bürünçlerden mekdebiň howlusyny küde eden kim? Metal
ýygnamakda görelde görkezeni üçin, mekdebiň diwar gazetinde
suraty çap edilen kim?
Onuň ejesi:
— Berekella, guzym! — diýip, Melejäni gujaklanda, poçtalon
ýigit hat getirip berdi.
Melejäň ejesi bukjaly hatyň eýlesini-beýlesini agdaryşdyryp,
gaýyk möhrüň içindäki «frontdan» diýen haty dürtünip okandan
soň:
— Mele jan, hany al, oka! - diýip, haty ogluna uzatdy:
Meleje bukjadan çykan dört eplem kagyzy alyp, okamaga
durdy:
«Köpden-köp salam bolsun, kim men Baýmyradyň dilinden
ejeme, Melejä hem ähli dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara. Biz
munda gazap bilen uruş edýäs. Faşistleri çagba degen sypal ýaly
ýatyrýas. Duşmanlar köp ýerlerde masgara bolup gaçýarlar,
gaçmadyk ýerlerinde biz olary terne ýaly dograýas. Sowet
obalaryny ýyrtyjy möjeklerden arassalaýarys. Zynjyrlanan eneleri,
kapasa düşen çagalary azat edýäs. Pagtanyň köp ekilýänini,
Melejäniň otliçno okaýanyny eşitsem, güýjümiň, duşmana bolan
gazabymyň ýene bir näçe gezek artjagyna men sizi ynandyrýan.
Sizi dabaraly maý baýramy bilen gutlaýan!
Baýmyrat».
Oglunyň saglygyndan, edermenliginden habar alan enäniň
ýüzüne şatlyk nury çaýyldy:
— Hernä şeýle bolawersin-dä? — diýip begendi.
Meleje elindäki haty şatlyk bilen galgatdy:
— Eje, aý eje! Meniň otliçno okaýanymy, metal ýygnaýanymy, samolýot modelini ýasanymy hem geljekde lýotçik bolmak
isleýänimi mälim edip, Baýmyrada hat ýazjak. Aý, eje, seniň
adyňdan näme ýazaýyn?
Enäniň gözleri uçganaklady:
— Mele jan, zähmet frontunyň hem uruş fronty bilen deň
barýanyny ýaz. Watan üçin janyny aýamaýan balama guwanýanymy ýaz. Baýmyrat jany men hiç wagtda unutmaýanymy ýaz,
gijelerine düýşüme girýänini-de ýaz. Ony hemişe hemme zat bilen
üpjün etjegimi ýaz. Duşmanyň tizden derbi-dagyn edilmegini
isleýänimi, azat ülkämiziň gülzara aýlanmagyny arzuw edýänimi
hem dabaraly duşuşyga sabyrsyz garaşýanymy ýaz. Janymyz sag,
keýpimiz kök diýip ýaz!
Çyranyň ýagtysyna Melejäniň galamy ak kagyz ýüzüne
çylşyrymly hat çyrmandan soň, ertirki dogjak günüň aladasy
bilen uka gitdi.
Meleje düýşünde ýene metal ýygnady. Lýotçik bolup asmana
— 11 —
galdy. Duşman ordasyna ot ýagdyrdy. Faşistik soldatlaryň ýaraglaryny taşlap, aljyraňňy ökje göterişlerine keýp etdi. Bedew atly
Baýmyradyň faşistleri nähili tar-mar edýänine begendi. Onuň
döşündäki edermenlik nyşanyna buýsandy. Ol süýji oýlar içinde,
ertiriň tämiz howasynda oýandy. Duşman bilen urşanyny, Baýmyrat bilen görşenini ejesine şatlykly gürrüň berdi.
Ejesi ony:
— Şeýle-de bolar, inşallam! Seni, Mele jan, şu günki baýram
hem ýeňiş bilen gutlaýan! — diýip ogşady.
Meleje toý esbabyny geýindi. Ol dury asmanyň çetinden
dury gün gyk gözi bilen garap galanda, mekdep oglanlarynyň
arasynda peýda boldy.
Boýunlary gyzyl ýaglykly, baýrama laýykly geýnen çagalar
gözel baglaryň gülleri bilen bäsleşýärdi. Çagalaryň şowhuny mekdebiň diwarlarynda ýaňlanýardy.
Emma Baýmyradyň şol wagtda duşman bilen aýgytly söweş
edýäninden, hatda ýeňiljek ýara düşüp, gospitala eltilenden
Melejäniň habary ýokdy. Onuň göwnüne, Baýmyrat hem al atyň
üstünde al baýdagy pasyrdadyp, baýram edýän ýaly duýulýardy.
1942
NÄRAHAT GYLYK
1
Goňşudaky aýalyň ynjalyksyz sesi ertirine-de, agşamyna-da
ýaňlanýardy:
— Aman!.. Aman jan-u-u-u!..
Şol aýal öz ýanyndan pessaýja zeýrenýärdi:
— Wah, bujagaz çagadan hözir barmy näme!.. Ynha görersiň,
ol bütin tozana, hapa, çyrşaga bulaşyp geler, ýa balajygyny sal-sal
ýyrtdyryp geler, ýa-da maňlaýyny aşyk ýaly çişirip geler.
Şol aýalyň sesi ýene ýaňlanýardy:
— Aman-u-u! Aý, Aman jan-u-u-u!..
Enäniň «Aman! Aman jan!» diýýän çasly hem zaryn sesi
howa ýaňy ýagtylanda-da, gün gyzanda-da, hatda iňrik garalanda-da köçäniň boýuny syryp ýaňlanyp gidýärdi.
Iki ýyl mundan ozal, Aman dört ýaşyny dolduryp-doldurman, çiriň-miriň gözden ýitýädi. Goňşular goňşa kömek etmek
üçin—Towşanyň oguljygyny tapyp bermek üçin, dumly-duşa ylgaýardylar. Indi bolsa, «Aman! Aman jan!» diýen tanyş sesi eşidenlerinde, diňe ýylgyrýardylar: bujaga ykmandajygyň hiç ýere
gitmejegini hökman tapyljagyny kemsiz bilýärdiler.
Şol düşünje, elbetde, dogrudy: Aman göýä diýersiň hiç bir
zat ýüze çykmadyk ýaly ýyljyraklap gelýärdi, Onuň bir ýan
ýaňagynda gyzgylt, beýleki çekgesinde ýaşyl çyrşak reňk bardy.
Onuň şeýle dürli reňke bulanyp bilmeginiň özi geň zatdy! Onuň
balajygy menek-menek çyrşakly tot-tozandy, köýneginiň ýakasy
juwwan ýyrtylyp, tozanlyja gursagy açylyp ýatyrdy, börüginden
bolsa derek ýokdy.
Ejesinden bir az heder edýän Aman bimamla bir görnüşde gizlenjiräp gelýärdi, ejesiniň bir söý bilen daş çykmagyny gözetläp,
— 12 —
pursatdan peýdalanýardy-da, içerik kürsäp urýardy, ondan soň
stoluň üstünde çommalyp oturýardy-da, aýna garap öz keşbini
synlaýardy.
Onuň garşysynda ýyrtyk geýimli hortaň bir çaga otyrdy.
Onuň garamtyl ýüzünde garaja gözleri ýeserlik bilen balkyldaýardy. Onuň bir ýaňagy pomidor ýaly gyzarsa, beýleki
ýaňagy bişmedik burç ýaly ýaşyl-gök öwüsýärdi. Onuň bulaşyk
gara saçlarynda agaç ýonutgysy, gamyş tozgasynyň übtügi hem
başga dürli-dümen zatlar görünýärdi.
Aman şol geň-enaýy çaga höwes bilen çiňerilýärdi, birdenkä
eljagazyny galgadyp, çagajygyň burnuna ýapyşýardy: aýnanyň
ýylmanak ýasy ýüzünde barmak yzynyň menekleri tagma bolup
galýardy. Aman keýpihon gülüp, garşysyndaky çagajygyň gulagyndan ýapyşýardy.
Aman şonuň ýaly çynlakaý işe meşgul wagtynda ejesi üstüne
gelýärdi. Şondan soň bolsa... kürşerýärdi.
Aman arassaja ýuwnup, akja köýnek, gökje balajyk geýnip,
stuluň üstünde çommalyp oturanda, ejesi oňa bir az igenýärdi.
Olaryň gürrüňi käte ep-esli wagta çekýärdi.
— Aman jan, sen hemişe şeýle çyrşak, hapysa gezseň, seni
hiç wagtda mekdebiň gapysyna-da goýmazlar. Saňa hemmeler
el çarpyşyp gülşerler-de, yzyna bakan kowup goýbererler. Özüň
ýaly çagalar okarlar, kitaba gyzygarlar, dünýäde bar üýtgeşik zatlaryň hemmejesini bilerler, sen bolsaň hiç zatdan habarsyz burnuňy tutup galarsyň.
Aman özüňiň akja köýnegine, gökje balagyna, arassaja ellerine höwesjeň garap:
— Men näme hapamy? — diýip hümürdeýärdi.
— Aý, sammyjak, men seni ýaňyja ýuwundyrdym, täzeje
geýindirdim ahyry! Sen öýe gaýdyp geleňde nähilidiň?
— Men oýnadym ahyry! — Aman bir hili haýran galyjylyk
bilen sowal berdi. — Eýsem oýnamaly dälmişmi?
— Oýnamaly. Ýöne weli, kirşene bulaşman, çyrşaga oýkanman oýnamaly.
Aman çynlakaý ynanç bilen mälim etdi:
— Ýok, ol bolmaz. Men bilgeşländen edemok ahyry!
— Sen iň ýagşysy bilgeşländen arassalyga, hapalanmazlyga
çalyş. Aman jan, şony başarmak boljak ahyry. Mekdepdäki çagalar näme dynç wagtynda oýnamaýandyrlar öýdämiň? Sen seredip
gör, öýlerine gelenlerinde, şolaryň seniň ýaly çyrşakly gelýänleri
barmy? Beýleki çagalar näme senden gowumy? Şolaryň başaranlaryny sen başaryp bilmen öýdýämiň?
Aman uly adamlar ýaly köýnejiginiň gasynlaryny düzedişdirip, epinlerini ýazyşdyryp, epeý jogap gaýtardy:
— Bolýa, eje. Aý, eje, sen gaharlanma, men indikile kirşene
bulanman.
Aman ertesi gün öýlerinden çykanda, geýiminiň hiç ýerine
menek gondurman, eline-ýüzüne çyrşak ýokdurman, arassaja dolanyp gelmek niýeti bilen gidipdi. Onuň şeýle bolmagy-da
mümkindi. Oňa heý şek getirip biljek adam barmydy näme? Ýöne
weli, Amanyň göwnüne gelmeýän zatlar peýda bolýar: Amanlaryň golaýyndan geçýän, uzakdan-uzaga uzap gidýän şosse ýoly
häzir remont etmek nämä gerekdi? Ana gör, ýoluň ugrunda ul— 13 —
lakan gazan getirip goýupdyrlar. Gör nähili geň-enaýy zat! Oňa
golaý-golaý seretmezlik, onuň içini barlap görmezlik heý mümkinmi? Höwesjeň Aman şonuň ýaly özüne çekiji zadyň garşysynda, elbetde, ejizdi: öz garşysynda peýda bolan sowallara çalasyn
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 02
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.