Latin

Saýlanan eserler - 15

Total number of words is 3817
Total number of unique words is 1862
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sizden bir habar alaýyn diýdim. Siz indi näme etsek diýýäňiz?
Japbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, «Töwekgeliň endişe bilen işi bolmaz» diýen
nakyl bar. Japbaklar öz ýüregini howsala aldyrýan adamlar hilinden däl. Jaňymyz sag. Güýjümiz bar. Işläp bilýäs, dişläp bilýäs.
— Wah, meniň hem aýtjak bolýanym şol-da. Dişlemäge bir
zat tapýamysyňyz?
Ýapbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, bu dişleri demirçi kakan däldir. Diş beren
dişlemäge-de bir zat berer.
— Size meniň haýpym gelýär. Bolmasa, iki sanyňyz meniň
öýümde galyp, iki sanyňyz ýene bir ýere rysgal aramaga gitseňiz
näderkä?
Mapbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, sen biziň bilen doga oba-goňşy bolsaň hem
sen entek Japbaklary tanaňok. Bizi biri-birimizden ölüm aýyrmasa, başga hiç bir güýç bölüp bilesi ýok. Biziň göwrämiz aýry bolsa-da, ýüregimiz bitewidir.
— Meniň size aýtjak bolýanym: her haýsyňyz bir ýerde
işleseňiz, gazanjyňyz köpräk bolardy. Ýeke bir iýmek, geýmek däl,
öýlenmek hem gerek.
Japbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, biz galyň töläp, gelin alýan baýlardan däldiris. Ýaz çykar, ot biter, gül açylar, belki, biziň hem oraçamyzyň
töweregine baýram geler! Ana, şonda Japbaklaryň dördüsiniň
hem birden öýlenmekleri mümkindir.
Doýduk hile gursa-da, Japbaklary biri-birinden aýryp bilmejegine gözi ýetdi. Onuň talabansyz gününiň geçmeýäni hem anykdy. Şonuň üçin Doýduk Japbaklaryň hemmesini öz öýünde talaban saklamak kararyna geldi.
— Az ber, kän ber—biziň hak dawamyz ýok, ýöne weli, gyş
üçin bizi mazaly öňünden geýindir. Şonda seniň talabyňy hem
gowy ýerine ýetiris.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Bizi talaban hasap edip, diňe şyrryk çala tutma-da, öz
maşgalaň hökmünde gör, özüň näme iýseň, bize-de şony iýdir.
Şonda talabyňy gowy ýerine ýetiris.
Onda Mapbak aýtdy:
— Biziň iýjegimizi elimize ölçäp berme-de, garnymyzyň
aldygyna goýber. Şonda talabyňy gowy ýerine ýetiris.
Onda Topbak aýtdy:
— Doýduk eje, sen asyl bizi özüňe ogul edinäý, Şonda seniň
işiňi öz işimiz ýaly işlaris, seniň malyňy öz malymyz ýaly gowy
göreris. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýen nakyl bardyr.
Doýduk tarsa ýerinden galdy.
— Belki, siz «meni mirasa-da şärik et» diýersiniz?
Onda Japbak aýtdy:
— Doýduk eje, biz miras söýýän, miras üçin ýaşaýan
adamlar kabylyndan däl. Biz, heý, öz ata-enemizden bir zat alyp
— 165 —
galdykmy?
Doýduk lahhyldap güldi.
— Siz ol pakyrlardan näme alyp galjakdyňyz.
Onda Mapbak aýtdy:
— Halha, kemteresinden oraçamyz dur. Biz şony hem
paýlaşamzok. Japbaklar, öreliň! Barybir biziň Doýduk eje bilen
söwdamyz tutjak däl.
Doýduk özüni eýläk urdy, beýläk urdy. Emma Japbaklary öz
diýenine razy edip bilmedi. Japbaklaryň aýdany boldy.
Onda Topbak aýtdy:
— Doýduk eje, onda şertimiz şert bolsun!
Doýduk nalajy razy boldy.
Japbaklar Doýdugyň öýünde talaban bolup galdylar.
Japbaklar aňyrsy birnäçe günüň içinde mähnet döle gazdylar.
Doýdugyň baggoýunlaryna, eşeklerine agyl etdiler. Birki gezek
oduna gidip geldiler. Emma Doýduk wadasynda tapylmady. Doganlaryň şyrryk çal bilen gaty çörekden başga gyzgyn çorba-da
agyzlary degmedi. Ýagly-ýüzli Japbaklaryň dişlerinde galan bolsa, Doýduk kakyp aldy.
Japbaklar bir gün üýşüp oturyp, öz aralarynda zeýrenişdiler.
Doýduk olaryň üstüne geldi.
— Eri, Japbaklar, bu nä habar?
Japbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, näme bizi habara iberipmidiň?
— Aý, ýöne dile geldi, bile geldi, soraýdym.
— Soranyň gowy. Sorasaň jogap bereris: biziň aňrymyz eljuk diýýär.
— Aňryňyz nirede?
— Dört doganyň dört toklulyk garyn gazanynda.
— Siziň garnyňyzyň maňa näme dahyly bar?
— Näme üçin bolmaz?
— Siz Japbaklar, men Doýduk.
Onda Japbak jogap berdi.
— Doýduk eje, sen özüň her günde birnäçe gezek
doýýarsyň.
Japbaklaram juda bolmasa, günde bir gezek doýsunlar ahyry!
— Hudaýyň deň etmedigini men nähili deňläýin?
Onda Mapbak jogap berdi.
— Doýduk eje, sön hudaýa-da sapak berýämikäň öýdýän.
— Toba etdik, hudaýym!
Onda Topbak aýtdy:
— Doýduk eje, näme beýle içiňi çekýäň? Sen Japbaklara eje
bolmagy oýnam oglany birden dograndan aňsat hasap edýämiň?
Seniň öz wadaň hem bar. Sen bize birneme garaşyk et, gözümiz
ýerine gelsin.
— Bolýa, bolýa. Men şu gün siziň garnyňyza bir gyzgynzat
atjak bolaýyn.
— Doýduk eje, bir diýip, iki diýip, aňyrsyny çürüzziklemegin. Bize eje boljagyň çynyň bolsa, tä ölýänçäň elmaýyş etgin.
— Heý, ýaşy kesilen! Sen indi meni öldürjegem-ow!
Onda Japbak jogap berdi.
— E, Doýduk eje, biz seniň ölümiňi dilämzok. Sen ölseň,
bize ýagly-ýüzlini kim berer?
— 166 —
Doýduk doganlara çala ýylan gözli bir çorbajyk berse-de,
derrew yzyny kesdi.
Doganlar Doýduk bilen sözleşip, Doýduga gyjalat berip,
garynlaryny gäberdip bilmejekdiklerini aňladylar. Olar Doýdugyň baggoýunlaryna nazar saldylar. Ýedi-sekiz goýnuň hemmesi hem öz endamyna ýag ýygnapdyr. Ylaýta-da olaryň içinde
biri agyr guýrugyna bäs gelmän, örän kynlyk bilen ýatyp turýar.
Şonda Japbak aýtdy:
— Hol, goňur goýny görýärmisiňiz? Men onuň ýüzüni örän
salyk görýän.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Aýtsaň-aýtmasaň onuň ýüzüne öli reňki urupdyr.
Onda Mapbak aýtdy:
— Çerrik bolmasa-da biridir.
Onda Topbak aýtdy:
— Hernä çerrik bolaýbilseýdir! Çerrik bolsa ertire berin
çykarmyka?
Onda Japbak jogap berdi.
— Meniň çakym çak bolsa, ertire çykmaz!
Doganlar şol ýagdaýy howa garaňkyrandan soň Doýduga-da
duýdurdylar. Ol aý ýagtysyna daşaryk çykyp seredende, Doýduk
goýnuň, hakykatdan-da, aýaklaryny ýygryp başyny aşak salyp
ýatanyny gördi. Japbaklaryň sözüne ynam etmese-de, öz ýanyndan olara müňkürlik etse-de, onuň göwnüne bir iňkis gitdi. Allajanym, oňa näme bolduka? Ýa ot-potuň arasy bilen gurt-purt
iýäýdimikä? Sag-aman ertire beri çykaýbilse ýagşydyr.
Ýapbak gamgyn Doýdugy rahatlandyrmak isledi.
— Doýduk eje, seniň ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! Tonna biz
özümiz serederis: uzak gije gezegine garawullyk çekeris.
Doýduk öz ýanyndan Japbaklara goýun tabşyrmagy gurda tabşyran bilen deň hasap etdi. Şonuň, üçin ol olaryň ýanynda
arkaýynsyrasa-da, gije rahat ýatyp bilmän, bäş-on gezek çykyp
seretdi.
Daňyň düýbi saz berende, Japbak çasly sesi çykdy.
— Ýapbak haw! Mapbak haw! Topbak, haw! Pyçak getirseňizle!
Japbagyň çasly sesi gulagyna ilen Doýduk börügini geýmegi
hem unudyp, hasanaklap çykanda, goňur goýnuň bogazyndan
gan akýanyny gördi, kekirdeginiň hyrryldysyny eşitdi. Doýduk:
— Wah, wah-eý! — diýip, başyny ýaýkady.
Onda pyçagynyň ganyny süpüren Japbak aýtdy:
— Doýduk eje, gam çekme, çöregiň bitin eken, biz
onuň janyna ýetişdik.
— Heý, sammyk işigaýdan! Goýnuň öler-de, çöregiň bitin
bolarmy?
— Biz ony halal öldürdik ahyry!
— Barybir siz ony harama çykararsyňyz.
— Doýduk eje, arkaýynja bolaý: bir übtüginem zaýalamarys!
Baggoýny soýýarkalar, Japbaklar Doýduga eşitdirmän, sadaja
hiňlendiler.
Halamasyn, halasyn,
— 167 —
Goý, syňragyn ýalasyn,
Doýduk içini çekse-de,
Japbaklar bir gönensin!
Ham çaryk
Baggoýun Japbaklaryň garnyny çalaja ýazdy. Emma oňa
Doýdugyň jebegesi darykdy. Ol Japbaklary kowup-da bilmedi,
Japbaklardan dynyp-da bilmedi, Janbaklarsyz oňup-da bilmedi.
Doýduk olary has köpräk ulanmagyň küýüne düşdi.
— Japbaklar, ýatan öküze iým ýoguny siz özüňiz gowy
bilýänsiňiz.
Mapbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, bikärden taňry bizardyr. Ýatyp iýmek Japbaklaryň gylygyna gelişjek zat däldir. Biziň işleýşimize sen özüň
näme näbeletmi? Öz ömrüňde, belki, ýüzlerçe talaban tutup görensiň, saňa, heý, Japbaklaryňky ýaly döle gazyp beren barmydy?
Ýene näme hyzmatyň bolsa buýur. Biz elimiziň ýetmedik ýerine
aýagymyz bilen ýeteris.
— Siziň biriňiz samanyň daşyna ligin ediň. Biriňiz ýandak
çekiň, Biriňiz döläň üstüni basyryň. Biriňiz oduna gidiň.
Topbak oňa jogap berdi.
— Doýduk eje, sen gürrüňi şeýle bir, bulaşdyrdyň, şeýle
bir bulaşdyrdyň, bu buýruga bizä düşünen däldiris. Başymyzy
çaşyrdyň. Belki, seň özüň hem çaşan bolsaň gerek.
Doýdyk kimiň näme iş etmelidigi barada barmaklaryny bir
çommaldyp, bir ýatyryp, jikme-jik tabşyryk berdi.
Japbak oňa çiňerildi.
—Doýduk eje, bu buýruklary sen Japbaklary tanap berýämiň
ýa ýene başyňa gelenini ýaňrap durmuň?
— Örän bedehet tanaýan! Mugt Buharda ýok. Siz çöregi
menden iýseňiz, men sizden işi talap ederin!
— Doýduk eje, sen meniň aýdýanyma düşünmediň. Japbaklaryň başy bir bolup durka, hol ilerki beýik daty gaýraky
guma göçür diýseň hem göçürerler. Emma olaryň başyny bozsaň,
ýeke-ýeke täkleseň, men saňa dogrusyny aýdaýyn, ana, hojagaz
ýerde ýatan çöpi hem galdyryp bilmezler.
— Käşki iýeňizde-de şeýle bolaýsadyňyz!
— Doýduk eje, biz hemme ýerde şeýlediris. Hatda biz
iýemizde-de, seniň öz aýdyşyň ýaly, iner otlan ýalydyrys. Biziň
birimiz Kelegiňkä, birimiz Ýalagyňka gitmän, özüň bilen sözleşişimiz ýaly, hemmämiz üýşüp, seniňkä geldik ahyry.
— Käşki Kelek bilen Ýalak hem Japbaklardan ýeten resedini
özleri bölüp alaýsady!
Ýapbak Doýduga çiňerildi.
— Doýduk eje, miras paýlaşygynda resede düşer ýaly, Japbaklar mal däldir. Sen ony unutma!
— Siz şeýle bütewi bolsaňyz, onda düýeleriň dört sanysyny
howutlaň-da, daňdanyň özünde oduna ugraň!
Mapbak Doýduga çiňerildi.
— Bedähet bolýa! Ýöne weli, aýazly daňdanda meýdana
çykmak üçin içmek gerekdir.
Topbak Doýduga çiňerildi.
— 168 —
— Odun ýygmak üçin depmek gerekdir, depmek üçin bolsa
aýakgap gerekdir.
Japbak hem üstüni ýetirdi.
— Aňzak aýazda doň sazak bilen söweşmek üçin, endamlyja huruş gerekdir!
Doýduk saçyny ýoldy.
— Waýe-eý, waýe-eý, heý, bu «gerekdirleriň» soňy bolmazmy?
Onda Ýapbak aýtdy:
— Men muny ilki geýip ugramda her aýagymy Kelekbaýyň howdanlarynyň birine sokdummykam öýdüpdim. Eşegiň
garnynyň aşagyndan aýlanan palany ýaly, her ädimde dabanymyň aşagynda bir batman mylkyldy duýýardym. Ynha, indi
ham çaryk meniň aýaklarymy edil ussaň gysajy ýaly mynjyradyp
barýar.
Mapbak doganlaryna seredip, gaşyny çytdy.
— Aýakgabyň dar bolsa, giň jahanyň haýry bolmajak ekeni.
Ýapbak doganlaryna seredip, gaşyny çytdy.
— Men hemişe janym kellämde diýip ýördüm, aýagyma
geçenini bolsa, ynha, şu gün bilip galdym.
Topbak doganlaryna seredip, gaşyny çytdy.
— Doýduk eje, garnyny göterip bilmän, wah, muny nähili
kiçeldip bilerkäm diýip, birsyhly zeýrenip ýör. Men bu beladan
dynyp, sag-aman öýe dolanyp barsam, Doýduk ejä «garnyňa
çaryk geýdiräý» diýjek.
Japbaklar bir ýapyda oturyp, aýaklarynyň çaryklaryny çykarmakçy boldular. Olar edil ýyl aşan süňk ýalydy. Olary ne ýazyp
bolýardy, ne-de giňeldip bolýardy. Çaryk käbir doganyň aýagynyň hamy bilen gopdy. Eti gyzaryp göründi, gan sarykdy.
Aýagynyň ganyna çäge sepen Topbak doganlaryna seretdi.
— Aý, Japbaklar, biziň bugramyzy öldüreniň kimdigini
bilýämisiňiz?
Mapbak oňa jogap berdi.
— Kim bolar öýdýäň? Hudaýdyr-da.
— ýok, ýok!
— Eýsem kim?
— Men ony diňe şu gün bilip galdym. Biziň bugramyzy
öldüren hem ham çaryk!
Ýapbak el çarpyp güldi.
— Aý, ýigid-ä bildi-ow!, Biziň bugramyzyň näme çarygy
barmydy?
— Onuň endamyndaky hamyny nätjek! Gün degendir,
çürüşdirendir, çaryk bolandyr-da.
Japbaklar çaryk galasyndan çykanlaryndan soň, aýaklarynyň
gan-gabarçak bolmagyna garaman, dünýeleri giňäp gitdi.
Ýeňillik bilen dem alan Japbak aýtdy:
— Bu dünýäde behişt bar eken-ow!
Gözleri ýerine gelen Ýapbak aýtdy:
— Men ony wagtynda çykaraýmadyk bolsam, ol hökman
meniň aýagymy öldürýädi.
Uludan demini alan Mapbak aýtdy:
— Ah-aw, Japbaklar! Bu örän uzak oýlanyp edilen iş.
Doýduk bu gün biziň aýagymyzy galypa salan bolsa, ertir garn— 169 —
ymyzy galypa salar. Garyn aýak däldir, hamyny sypyrsaň içegäň
hem bile çogup çykar. Biz iň ýagşysy, ýatak jaýymyzy üýtgedeliň.
Çarygy ýere bulap uran Topbak aýtdy:
— Dowzah diýilýän şu bolsa gerek!
Doganlar ajykdylar. Gatan arpa çöreginiň gylçyklary olaryň
dişleriniň arasynda hyşyldady. Onda Japbak aýtdy:
— Bä! Doýduk bizi mal hasap etdimikä?
Turşy süzme içegesini gyýyp giden Ýapbak aýtdy:
— Bä, Doýduk ýylan bolup meniň garnyma giräýdi
öýdýän.
Japbaklar ojar depmekden elli bizar geçdiler, hatda olaryň
ädim urmaklary hem kynalyp galdy. Olar oňly dikelip, ýazylyp
hem bilmediler, içlerinden burgy tutdy.
Japbaklaryň uzyň günläp ýygan odunlary bir düýäni ýüklärlik hem bolmady. Olar her düýä bir goltuk ýükledilerde, düýeleriň üstünde aýaklaryny sozma dolap oturdylar.
Doýduk bolsa Kelekbaý bilen odun söwdasyny edýärdi. Bu
ýyl bütin bazary hem odun bilen üpjünlärin, Japbaklar maňa horjun-horjun teňňe toplap bererler diýip begenýärdi. Şol süýji oýlar
içinde Japbaklaryň sesini eşiden Doýduk ylgap çykdy. Emma
düýeleriň üstündäki ýükler Doýdugyň lapyny keç etdi.
— Hany odun? Hany odun?—diýip gygyrdy.
Onda Topbak aýtdy:
— Aý, Doýduk eje, odun işi haýyr-la. Gözüň aýdyň!
Doýdugyň gözlerinde bagt uçganagy ýylpyldady.
— Hä, guzym, näme hezillik bar!
— Doýduk eje, men seniň garnyňa melhem tapdym.
— Näme, näme?
— Doýduk eje, sen öz garnyňa çaryk geýdiräý!
Doýduk iki elini bile galgatdy.
— Owarra boluň! Owarra boluň!
Ajyň aňy bolmaýar
Japbaklar Doýdugyň gapysyny terk edenlerinden soň olaryň
mydary has-da kynaldy. Barara ýer, edere iş ýok. Işsizlik nähili
uly bela! Häzir orak-hoşa wagty-da däl. Ekerançylyk etmäge-de
gurp gerek, häzir onuň wagty hem däl. Kelekbaý olary ýa günlükçi tutjak, ýa tutjak däl. Günlükçi tutaňda bäş günüňi geçirseň,
altynjy gün ýene boş, ýene işsizlik. Ýalak işan, belki, olaryň
habaryny hem aljak däl. Başga gidere talap, gözläre ýer ýok.
Güzeran nähili kyn bolsa-da, Japbaklar darykmaýardylar.
«Ajygan ölmez, alňasan öler» nakylyna olar gowy düşünýärdiler.
Japbaklar obanyň aňyrsyndaky köne bir tümmek de gyşaryşyp, sozmalaryny tirsekleriniň aşagyna taşlap, işsizlikden göwün
ýüwürdýärdiler.
Japbak doganlarynyň göwnüni biraz açmak niýeti bilen gürrüňe başlady.
— Japbaklar, beýdişip gören gapyda enteşip ýörenden,
geliň, biz hem durmuşy oňat geçirmek, baý bolmak küýüne
düşeliň!
Ýapbak öz gezegini aldy.
— Geliň, bizem Doýduk ýaly baý bolalyň.
— 170 —
Mapbak oňa garşy çykdy.
— ýok, ol bolanok. Ýetimiň haky, ýesiriň gözýaşy Doýduga kär etmese-de, Japbaklara ýokmaz. Biziň ony ynsabymyz hem
götermez.
Topbak aýtdy:
— Geliň, biz iň ýagşysy, Kelekbaý ýaly baý bolalyň.
Japbak oňa garşy çykdy.
— Japbaklar Kelek ýaly ýalançylygy hem başarmaz, kasam
içmäni hem oňarmaz, onuň ýaly baý hem bolmaz. Biz, iň ýagşysy,
Ýalak işan ýaly baý bolalyň.
— Japbaklar Ýalak ýaly doga satmany hem başarmaz,
misginsokarlygy hem oňarmaz, iliň hüşür-zekatyny hem iýmez. Onuň ýaly baý hem bolmaz... Degirmendäki kilwan siziň
ýadyňyzda barmy? Biz, iň ýagşysy, şol kilwan ýaly degirmen edineliň. Ony makul bildiler.
Ýapbak aýtdy:
— Agsagyň hem aýagy ýeter ýaly, degirmeni biz oba içinde
salalyň
Onda Mapbak aýtdy:
Obanyň içinde salar ýaly, biz eşek harazy guramzok ahyry.
Degirmeni biz obanyň çetinden guralyň
Onda Topbak öz pikirini aýtdy:
— Japbaklar hemişe deňlik tarapdarydyr. Çarwalara-da,
çomrulara-da deň bolar ýaly, degirmeni biz gumuň eteginden salarys.
Onda Japbak aýtdy:
— Daşdan garaňda-da ýakyndan garaňda-da, mesaňa-mälim bolup durar ýaly, degirmeni biz Köpetdagyň çür
depesiide guralyň. Şonluk bilen, Japbaklarys degirmeni Ahal sebitinde birinji bolar. Obanyň iň birinji baýy hem Japbaklar bolar.
Japbaklar degirmeni ýöretjek suw haýsy, onuň aňyrdan geljek özeni haýsy, degirmen guraljak, daşy goýuljak ýeri haýsy, ol
hakda hiç bir pikir etmändiler. Ýer gazmak üçin, daş ýonmak üçin
nähili gural gerek, nähili ussa tapmaly, näçe harç-harajat gerek
— ol barada oýlanmadylar. Mesele şoňa baranda, olar kürtdürip
durdular. Olaryň degirmen bardaky pikirleri, üflenen gaýmak
ýaly, öz-özünden ýygrylyp sowlup gitdi.
Japbak agyr oýdan soň, näme-de bolsa bir zat bilen Doganlarynyň göwnüni açmak isledi-de, geplenmedik gep tapmaga
çalyşdy.
— Mapbak, hany, irkilip oturma-da, içmegiň jübüsinden
düýäň ýumurtgasyny çykar-la.
Mapbak oňa onuň özüniňki ýaly jogap berdi.
— Içmegiň jübüsinden düýe ýumurtgasyny çykarman üçin,
kyrk barmakly kyrk al gerek. Ony bişirmek üçin bolsa, kyrk gowalyk kyrk gulakly gazan gerek.
Olaryň gürrüňine biraz ýylgyran Ýapbak Topbakdan sorady:
— Topbak, daşa gurt düşse, näme bilen gurdap bolar?
— Düýäniň şahy bilen.
— Topbak, sen şu wagt bir agyz iýip oňmaly bolsa, näme
iýersiň?
— Semiz goýnuň guýrugy bilen bir tegelek çörek.
— Hudaýdan dilemeli bolsa, şu wagt näme dilärsiň?
— 171 —
— Bir sanaç un.
Ýalak işan iki elini syrtyna tutup, dähedem-dessem gezip
ýörkä, Japbaklaryň şowhunly gürrüňleriniň üstünden bardy.
Japbagyň soňky sözi onuň gulagyna ildi.
— ...-biz şeýle bir ýag satarys, şeýle bir ýag satarys...
Olaryň üstüne göni gelen Ýalak işan Japbagyň sözüni kesdi.
— Ýagy nireden aljak?
Ýapbak oňa jogap berdi.
— Gaýyş satarys-da, goýun alarys?
— Gaýşy nireden aljak?
Mapbak oňa jogap berdi.
— Gamyş satarys-da, gaýyş alarys.
— Gamşy kim alýa?
Topbak oňa jogap berdi.
— Gamyş Maryda kümşe deňe-deň geçýämiş.
Ýalak işan biraz oýlanandan soň, ýene sorady.
— Gamyş kümşe deň geçýän bolsa, Mary bazaryny
dolduraýmazmydylar?
Japbak oňa jogap berdi.
— Işan aga, ýollarda hyzharamy kän. Olar gamşyň,
kümşüň ýoguna köýýämişler. Oňa diňe Japbaklar ýaly dörtler,
dört ýanyny deňlänler, dört ýüze taý geljekler baş goşup bilýärler.
Ýalak işanyň kümşe nebsi otukdy.
— Siz söwda maly tapdyňyzmy?
— Taňrynyň sazy gutarmasa, biziň malymyz gutarar ýaly
däl.
— Gamşy Mara näme bilen ýüklejek?
Mapbak oňa jogap berdi.
— Bir düýe kümşüň ýarysy seniňki, galan ýarysy biziňki
diýsek, kim bize erkek bermez öýdýäsiň?
Topbak onuň aýdanlarynyň üstüne goşdy.
— Ýöne weli, Kelek bilen Doýdugyň haram gatançly düýesin-ä mugt berselerem äkitmeris. Gaýta olaryň şübheli mallary biziň başymyzy iýer.
Ýapbak oňa göwünlik berdi.
— Düýe ýeke Doýduk bilen Kelekde däl ahyry. Oba söwdagärleri düýäň üstüne aýagulaglyk eşekleri bilen hem bererler.
Ýalak olardan pessaý ses bilen sorady.
—Balalarym, siz näçe düýe alyp gitjek?
Japbak oňa jogap berdi.
— Japbaklar nebsini şagladýanlardan, köpi gözläp, azdan
galýanlardan däldirler. Biz ilki bilen birje düýe gamyş äkidip, birje
düýe kümüş getirsek bolýa.
Ýalak işan olara ýalbaryjy ses bilen ýüz tutdy.
— Balalarym, siz ýeke düýe äkitseňiz, meniň, düýämi
äkidäýiň!
Topbak Japbaga seretdi. Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak
Mapbaga seretdi. Mapbak Topbaga seretdi. Topbak birbada oňa
jogap bermedi. Işan ýene ýalbardy.
— Men siziň baryp gelýänçäňiz iýjek-içjegiňizi hem üpjünlärin. Ýöne weli, beýle işe baş uranyňyzy hiç kim hem bilmese
ýagşy. Ýosam sizden öňürdenler hem bolar. Siz, iň ýagşysy, meniň
düýämi alyp ötäýdiň. Şonda hiç kimiň habary hem bolmaz.
— 172 —
Topbak jogap berdi.
— Işan aga sen agzy keramatly adam. Seniň sözüňi biz
ýerde goýup bilmeris.
Mapbak «ähem» edip ardyndy.
— Işanyň malyny Kelekbaýyňkydan...
Topbak derrew onuň sözüni kesip:
— Işan aga, biz ugramyzda, bize pata-da berer.
Japbaklar ugramakçy bolanlarynda, Ýalak işan
olara kümüş üçin mäkäm haltalar hem berdi, öwüt hem ýetdi.
— Balalarym, goşa gyraňa bir goýun emele gelýändir. Siz
düýä dözmezlik etmäň, mazalyja ýükläň. Ol gaty güýçlüdir.
Japbaklar sazlyga baryp, düýäni gamyşdan ýüklediler.
Şäherde häzir gurluşyk işleri gidýäni üçin, gamyş ojardan arzan
däldi. Japbaklar birnäçe gün gamyş satyp, özlerine birneme harjylyk toplamak küýüne düşüpdiler. Işanyň düýesini bolsa sag boly
hem kem-käs kireýi bilen dolandyryp bermek niýetleri bardy. Doganlary şol çylşyrymly ýagdaýa agyr gün mejbur edipdi.
Doganlar düýäni turzanlarynda sallanyşyp duran tozgadan
ýaňa onuň gulagy hem görünmedi, guýrugy hem. Düýe janawar
nirä ädýänini hem bilmän, götinjekledi, birdenkä Japbaklaryň
ýakan oduna baryp ýetdi, Japbaklar ony sowmaga ýetişmänkä
bolsa, sallanyşyp duran tozgalar ot aldy. Tüsse ysyny, ýalyn ysyny
alan düýe bükürdi urdy, nirädir ökje göterdi.
Topbak onuň yzyndan gygyrdy.
— E-eý! Janawar! Akylyň bolsa suwa çök!
Bütin kellesine çenli gamyş bürelgi düýe ýoluny saýgarmaýardy, göýä diýersiň, Topbagyň tabşyrygyna
düşünen ýaly, köle baryp urdy. Gamyş ýalny suwuň ýüzünde
lowlap ýokary galdy-da, şol sekundyň özünde söndi.
Japbak el çarpyp güldi.
— Ana gördüňizmi, Japbaklaryň sözüne haýwan hem
düşünýä. Emma Doýduk düşünenok.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Düýe-ha düşündi weli, işan aga düşündirmek kyndyr. Biziň işimiz şowly bolmady. Japbaklaryň düýe otlan habary
günübirin oba ýaýrar. Ondan soň Ýalak işanyň öňünde durmak
bize aňsat düşmez. Hudaýa şükür: düýäň guýrugynyň gylyndan
başga oňa şikes düşen ýeri hem ýok.
Japbaklar uzak maslahatdan soň, düýäni gamyşdan ýüklediler-de, işanyň gapysynda getirip çökerdiler: uzur ötündiler.
— Işan aga, ine düýäň, ine-de bir düýe gamyş. Bagyşla. Biziň Mara gitmek işimizi şowuna düşmedi.
Ýalak işan bir düýe gamşy kümüş ýaly ykjamlap goýdy.
Japbaklar Ýalak işandan arany açanlaryndan soň, garyplykdan özara derdinişip, azajyk hiňlendiler.
Indi nirä giderkäk?
Niçigsi kär ederkäk?
Taňry bizi görmese,
Derdi kime aýdarkak?
Ýatagan
— 173 —
Japbaklaryň Durun obasynda durarlygy galmady.
Obanyň ala ýazy bolan Japbaklaryň obadan çykyp gitmegi
daýhanlary gynandyrdy. Daýhanlaryň olary hiç ýana goýberesleri
gelmedi. «Her gün birimiziň öýümizde myhman boluň» diýip
töwella etdiler. Her kimden azdan-köpden toplap, Japbaklara
menzillik toplamagyň çäresine girişdiler.
Emma Japbaklar oňa razy bolmadylar. Kişi zähmeti, onda-da
özleri ýaly garyplaryň zähmeti bilen gün görmegi Japbaklaryň
adyna laýyk bilmediler. Olar «biz ýene tiz dolanyp geleris» diýip,
dost-ýarlary bilen hoşlaşdylar.
Japbaklar talap agtaryp, obadan-oba gezdiler. Japbaklar
ýaly işsiz gezýänler her obada-da gyt däldi. Keseden geleni, onda-da dört adamy birden talaban tutmaga işçi güýjüni bol tapýan
baýlaryň bogny ysmaýardy.
Japbaklar bir obada bir ýatagan bar sesini, bütin gazanjyny,
ullakan baýlygyny ukudan gazanýan habaryny eşitdiler. Olar şol
ýatagany yzarlap tapdylar.

Ýataganyňka her obadan, her şäherden, her hili ýurtlardan ýataganlar, mugt gazanç yzarlaýanlar kän gelýär eken, olaryň
köpüsi oňa birnäçe teňňe döküp gidýän eken.
Japbaklar şol ýataganyň öýüne baryp düşdüler.
Ol edil pil ýaly bir adam ekeni. Japbaklaryň derdüsi birden
onuň üstüne münseler, dördüsini bir menzile alyp giderlik güýji
bar eken. Onuň her gözi käse ýaly, her gabagy bolsa elek ýaly ekeni. Onuň erinleri gazan tutajy ýaly bolup, burny bolsa goşa ýumruk ýaly ekeni. Ol bir tegelek çöregi bölmän ýuwudýan eken. Garny bolsa saman döle ýaly eken. Şonuň üçin hem bir doýsa üç-dört
günläp ajykman, gymyldaman ýatýan eken.
Ol Japbaklary naharlandan soň, olaryň habaryny aldy.
— Er-ow, ýigitler, näme, gezelençmi ýa habarlyjamysyňyz?
Japbak oňa jogap berdi.
— Hawa, seýlem bir seýil, sergezdanlygam bir seýil. Bizem,
garaz, çöregimizi huruşsyz iýmäni kyn görýän adamlar. Seniň
bilen birsalym irkilişäýsek diýip geldik.
Ýatagan lahhyldap güldi. Onuň gülküsi bütin öýi sarsdyrdy.
Mapbagyň endamy tikenekläp gitdi. Tomus wagty bolsa
Mapbagy ysytma tutmagy-da mümkindi.
Ýatagan Japbaga seretdi.
— Meniň bilen ýatyşjak haýsyňyz?
— Biziň hiç haýsymyzyň hem yzymyzda işimiz galyp duranok. Haýsymyzy makul bilseň, saýla-da tutaý.
Ýatagan olara siňe seredenden soň, ýene lahhyldap güldi.
— Siziň haýsy-haýsyňyzdygyny seljerer ýaly bolmasa nätjek! Size asyl kimler diýerler?
Ýapbak jogap berdi.
— Bize Japbaklar diýerler.
— Hä-ä, boldy, boldy.
Mapbak ondan sorady.
— Hä, näme boldy?
Japbaklar atly dört dogan gulagyma ilýärdi. Halkyň soňsuz
gürrüňine görä, siziň bilen duşuşmagy arzuw hem edip ýördüm.
Öz aýagyňyz bilen geleniňiz gowy boldy. Men örän hoşal... Hany,
— 174 —
onda güýç synanyşyp göreliň bakaly. Ýöne weli, şertlije bolsun.
Topbak oňa jogap berdi.
— Hawa, Japbaklar hem öz ömrüni biderek geçirýänlerden
däl. Goý, şertlije bolsun.
Az ýatan köp ýatana kyrk tylla bermeli.
Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak
Topbaga seretdi. Topbak jogap berdi.
— Aýyby ýok. Goý, kyrk tylla bolsun.
— Siziň onçakly harjyňyz beri barmy?
— Sen özüň nähili bilýäsiň? Japbaklar ownukuşak zadyň
syrtyna bukular öýdýämiň?
— ýok, men size ynanýan. ýöne weli, bir şert bilen: meniň
bilen ýatyşjagyň aýaklaryna men zynjyr urjak.
Onda Ýapbak aýtdy:
— Seniň şertiň gutarmady-la! Näme, bizden ätiýaç
edýämiň?
— Uka gezek galanda meniň dünýe ýüzünde ätiýaç edýän
adamym bolmaz. Zynjyr urmagym başga bir zat üçin däl-de, kim
bilen ýatyşýanymy saýgarmagym üçin.
Onda Mapbak aýtdy:
— Bolýa. Japbaklara ynanjyň şeýle bolsa, zynjyryňy ur.
— Ynanmazlyk üçin däl-de, işi çig galdyrmazlyk üçin.
— Aýyby näme!
Ýatagan öýüň töründe iki ýer saldyrdy. Japbagyň aýagyna
zynjyr urdy. Ondan soň doganlaryň gözüne güýdüşendirin hasap
edip, açary ýassygynyň aşagynda gizledi. Aýalyna-da tabşyrdy.
— Myhmanlara göz-gulak bol!
Ýatagan öli göwre ýaly gymyldaman ýatdy. Japbak gijegündizde gözlerini dört gezek açyp-ýumdy, doganlaryna dört
gezek yşarat etdi. Iň soňunda ýataganyň aýaly suwa gitdi.
Mapbak ýataganyň ýassygynyň aşagyndan açaryny aldy. Japbagy
boşatdy, ýerinde Ýapbagy ýatyrdy. Zynjyryň açaryny ýerinde
goýdy.
Ýatagam iki gije-gündiz ýatdy. Ol bir agdaryldy, gözlerini
dermirdip açjak ýaly etdi-de, ýene uka gitdi. Mapbak gözlerini
dört gezek açyp-ýumdy, doganlaryna dört gezek yşarat etdi.
Iň soňunda ýataganyň aýaly bir iş üçin daşaryk çykdy, Japbak
Topbagy Mapbagyň ýerinde ýatyrdy, açary ýene ýerinde goýdy.
Ýatagan iki ýarym gije-gündiz ýatdy. Agdaryldy, gözlerini açdy, seretdi. Aýaklary zynjyrly Topbagyň horlap ýatanyny
görüp, ýene uka gitdi. Topbak gözlerini dört gezek açyp-ýumdy,
doganlaryna dört gezek yşarat etdi. Iň soňunda ýataganyň aýaly
suwa gitdi. Ýapbak Topbagyň ýerinde Japbagy ýatyrdy, açary
ýene ýerinde goýdy.
Ýatagan ýene iki gije-gündiz ýatdy. Ol agdaryldy,
yňryljyrady, dönderildi, gözlerini açdy, ýene ýumdy, Japbagyň öz
gapdalynda horlap ýatanyny gördi. Onuň indi içi goruldy. Ol iň
soňunda uklap hem bilmedi, çydap hem bilmedi, dikelip oturdy,
gerindi, pallady, gapdalynda ýatan Japbaga ýüzlendi.
— Japbak! Japbak, haw!
Japbakdan ses-üýn çykmady. Ýatagan ony bir aýagy bilen
pyzyp goýberdi. Japbak üç-dört agdaryldy, zynjyr şakyrdady.
Emma Japbak horruldysyny kesmedi. Ýatagan doganlaryna ýüz
— 175 —
tutdy.
— A-how, Japbaklar! Doganyňyz ölen bolaýmasyn?
Ýapbak jogap berdi.
— Ol ukyň ýaňyja keýp ine düşdi.
— Onuň ýaly bolsa turzuň. Kyrk tylla däl, başga-da näme
gerek zadyňyz bolsa bereýin, siz meniň başymdan sowluň!
Onda Mapbak aýtdy:
— Gelen myhmanyň ukusyny aldyrman ugratmak nähili
bolarka?
— Ýatyşyňyz şu bolsa, ukyňyzy o dünýäde alarsyňyz.
Ýapbak bilen Mapbak Japbagyň iki golundan tutup galdyrdy.
Japbagyň kellesi bulandy. Topbak onuň kellesini tutdy, yralady,
gygyrdy.
— Japbak, aý, Japbak, indi turaýsaň näderkä?
— Japbakdan ses hem çykmady, gözüni hem açmady. Topbak
iň soňunda bir eli bilen onuň burnuny tutdy, bir eli bilen agzyny
tutdy — demikdirdi. Japbak birhaýukdan soň asgyrdy: püşä-ä...
Japbagyň gözi ýalpa açyldy. Töweregine garanjaklandan soň pallady.
— Men irkiläýipdirin öýdýän?
Ýatagan oňa haýrangalyjylyk bilen seretdi.
— Irkilişiň şu bolsa, ýatyşyňdan alla saklasyn!
Ýatagan kyrk tyllany sanap berdi. Japbaklaryň ol haçan gören
zady! Olar biri-birlerine seredişdiler.
Ondan soň Japbak aýtdy:
— Meniň beýleki doganlarym bilen hem bir synanyşyp gör!
— Siziň bilen ýatyşmag-a beýlede dursun, siz her günüňize
kyrk tylla berseňizem, menden sizi saklan ýok. Siz ýatyp-ýatyp
birden ölersiňiz-de, meniň başyma töhmet bolarsyňyz.
Japbaklar ölýänlerden däldir, ýaşaýanlardandyr.
— Elbetde, şunuň ýaly bir hötjet bolmasaňyz, adyňyz il
içine ýaýrasy ýokdy. Meň özüm akmak: Japbaklar adyny eşitdimmi: «Ýok gardaşlar, ýok, meniň siziň bilen oýnum ýok» diý gutar-da!
Onda Ýapbak aýtdy:
—Diňe birimiz bilen ýatyşjagyňy bilen bolsak, onda dört bolup gelmezdik.
— Siziň şeýle mahluklardygyňyzy bilen bolsam, men siziň
ýüzüňize-de seretmezdim.
Onda Topbak aýtdy:
— Beýle gam çekip oturma. Bize seniň tyllaň gerek däl.
— Ýok, ol size ene süýdünden halal.
— Onda, belki, ýene bir öwrülişiňde dolandyryp bereris.
Ol gaýta Japbaklara ýol harjylyk üçin ýene bir on tyllany zorlap berdi.
— Hawa, Japbaklar, saý-sebäp bilen tanyş bolduk. Men-ä
sizi indi unudasym ýok. Siz hem, elbetde, çenden öz ýataganyňyzy ýada salarsyňyz.
Japbak aýtdy:
— Sen, halypa, indi ýatagan adyňy aýyr-da, adyňa ýatmazak goýaý.
— Siz hemişe meniň daşymy alyp durasyňyz ýok. Siziň ýok
ýeriňizde, men ýene şol pilmahmytdyryn.
— 176 —
— Oňa biziňem şekimiz ýok!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 16
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.