Latin

Saýlanan eserler - 04

Total number of words is 3780
Total number of unique words is 2022
29.6 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
50.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Burnuňy?.. Ene, aý ene! Amanyň sammyklygyna seret-le!
Men heý burnumy dişläp bilerinmi?
Agtyklarynyň hiç bir zatdan aladasyz özara pyşyrdylaryna,
ylaýta-da soňky degişmelerine keýp eden garry:
— Bilersiň, ballym! — diýip tassyklady.
— Burnumymy?
— Hawa.
— Geň zat?
— Dünýäde geň zat kändir, guzym!.. Men ynha size
bir erteki aýdyp birin weli, siziň hemmäňiz burunlyklanana
dönersiňiz!
Zaman gürje kirpiklerini üşerdip, gulajyklaryny gymyldatdy:
— Ene jan, sen ertekä başlaýançaň, biziň burnumyz
ýiriläýmese-de biridir!..
Agtyklarynyň ünsüni özüne çekip, kemsiz gyzykdyran garry
iň soňunda gürrüňe başlady:
— Bir bar eken, bir ýok eken...
Enesiniň sözbaşyny kemsiz ýat tutan Çaryjyk onuň agzyndan
alyp, baryny birden çalasyn sarnap çykdy:
— Bir bar eken, bir ýok eken. Iýmäge-içmäge zar eken. Tammanjygynyň agzy dar eken. Ulusyna gargar eken, kiçisine sargar
eken. Bary birden dargar eken...
— Gadymy eýýamda iliň görýän gününi it görse, gözi
agarar eken!.. Hawa, hawa. Şeýle bir döwri men öz gözüm bilen
görüpdim.
Bir gözüni gypyp, beýleki gözüni gyrpyldadan Aman oňa
çiňerildi:
— Ertekinimi?
— Hawa.
— Bä, ene jan! Sen onda o dünýäden gelen bolaýma?
— Hawa, ballym, men iki dünýäniň adamsy ahyryn!..
Çaryjyk gözlerini tegeledi:
— Bä, men-ä, ene jan, onda senden gorkmanam duramok!..
Birden ýeke gözli döwe aýlanyp, biziň barymyzy birden lak-luk
ataýma!
— ýok, ballym, ýok!.. Görgüli dünýäniň ýaşy, eşretli
döwrüň garrysy bolan eneňiziň keşbi diňe gara ýere dulananda
üýtgär!
Maýsajyk dodajyklaryny kemşerdip gepledi:
— Ene jan, Çaryjyk oýun edýä ahyry!
— Bilýän, ballym, bilýäň!.. Baý, baý, şol döwür
eýmençdow!.. Ol wagtda okuw, kino, teatr, oýun-şagalaň siziň
ýaly çagalaryň düýşüne-de girmeýärdi. — Garry «al, meni agzyňa
— 36 —
sal» diýýän ýaly, bulduraşyp görünýän üzüm salkymlaryna nebsewür göz gezdirdi. — Ol zamanda bolsady ekende, şeýle eşretler
kimiň akylyna gelýärdi!..
Aman oňa ynamsyz garady:
— Ene! Ertekide aýdylyşy—ullakan elpe-şelpelik ahyry!..
Döwleriň gat-gat köşklerini, tylla tagtlaryny gürrüň beren özüň
dälmi näme?
— Şeýle baýlyk, janym, adamlaryň etini iýýän, ganyny
sorýan diňe döwlerde, süýthorda, ganhorda bardy. Emma köpçülik jemagat ertirligini tapsa, agşamlygy hyllallady. Şol döwrüň
aýylganç ýagdaýyndan kiçijik bir wakany men siziň gözüňiziň
öňüne getireýin.
Enesiniň soňky sözüni geňirgän Maýsajyk oňa çiňerildi:
— Ene jan! Näme kartinde görkezjekmi?
— Hawa, ballym, gulak asyň!..
Göýä diýersiň garrynyň agzyndan kino lentesi aýlanyp çykjak ýaly, çagalaryň hemmesiniň göreji oňa direldi. Garry Jahan
çynlakaý bir sypatda hekaýa başlady:
— Gadymy eýýamda bir dul gelin bardy. Ýaşlygynda zyýan
ýeteni üçin, onuň sag aýagy bir az agsaýardy...
Maýsajyk onuň sözüni kesenini duýman galdy:
— Ene jan, seniň öz aýagyň ýalymy?
— Hawa, ballym, edil meniň öz aýagymyň agsaşy ýaly agsaýardy. Asyl onuň özi-de maňa meňzeşdi, adam meniňki bilen
atdaşdy...
— Onuňam ady Jahanmydy?
— Hawa. Ýöne... ol ýaşdy. Men bolsam, ynha görüp
otyrsyňyz — garry... Hawa, onuň Zaman jan ýaly bir oguljygy
bardy. Onuň ady Borjakdy...
Aman onuň sözüni agzyndan aldy:
— Borjak?.. Olam biziň kakamyz bilen atdaş ekeni!..
— Hawa, onuňam burnunyň gapdalynda siziň kakaňyzyňky ýaly garaja meňjagazy bardy. Emma ol çepiksije, iglije çagajykdy. Siziň kakaňyz bolsa, tüweleme, gör, nähili daýaw adam!..
Hawa, iglije Borjagyň teýli nahar, ir-iýmiş diňe ýatanda düýşüne
girýärdi. Ol ýönekeý çörekden bir gün doýsa, bir hepde ýalmanyp galýardy. Şonuň üçin pökgüje garny hemişe eljuk diýýädi. It
hinine giden gözleri elmydam açdy. Süýji, şireli iýmite ymsynýany üçin, diňe dodaklaryny ýalaýady. Şonuň üçin hem oňa Borjak
ýalama at galypdy...
Şol wagtda üzüm hoşasy gözüne ilen Çaryjyk öz pikirini
mälim etdi:
— Bä, başga süýji zat tapmaýan bolsa, üzüm iýäýse bolmyýamydyk?
— Üzüm, ballym, Borjagyň ümezlänje gözlerine diňe salgym bolup görünýädi.
Gürrüňi yhlas bilen diňleýän Zaman hem oturyp bilmedi:
— Men-ä, şeýle-de bolsa, dodagymy ýalamazdym...
Enesiniň gürrüňine maý bermäni üçin, Aman Zamanyň
özüne sowal berdi:
— Eýsem näderdiň?
— Bal ýalardym!
— Baly ejeň golçasynda bolsa ýalarsyň-da.
— 37 —
— Bolmasa... — Zaman söz tapmady.
— Bolmasa... — diýip, Aman elini uzatdy. — Ynha meniň
ýumrujagymy ýalarsyň!
Kellesi sary kädi ýaly, boýny onuň sapagy ýaly, garny garpyz
ýaly, injikleri çöp ýaly, yranyp ýöreýän, ysgynsyzlyk zerarly düzje ýerde büdreýän naýynjarja çaga gözüniň öňüne geleni üçin,
Maýsajyk hem özüni saklap bilmedi:
— Ene, aý ene! Ýeke çagasyny idetmän, onuň ejesi Jahan
näme işleýädikä?
Garry agtygynyň gulpagyny sypalady:
— Meniň melejäm! Seniň eneň eli ýaly, Borjagyň ejesiniň eli
uzadan ýerine ýetmeýärdi: seniň eneň Jahan ýaly, Borjagyň ejesi Jahan bol-telki zadyň eýesi däldi. Borjagyň gözüne gül öwsüp
görünýän nan hemişe atly gaçýady, Jahan onuň yzyndan agsak
aýagy bilen pyýada kowýady, enteýädi, ýetip bilmän, ýykylýady,
agzyndan-burnundan gan akýady... Borjak diňe şonuň ýaly
wagtda: «Eje jan, aglama! Men ajygamok» diýip, dodajyklaryny
tamşandyrýady, gözjagazlaryny mölerdýärdi, ejesini gop berip
galdyrýady. Käte-de gözlerinden paýyr-paýyr ýaş goýberip,
naýynjar zerleýärdi...
Borjagyň halyna haýpy gelen Aman Zamany çala tirsekledi:
— Borjagyň nähili bal ýalaýanyny gördüňmi?
Borjagyň gözlerindäki düwmejikler edil özüniňkiden
damýan ýaly, Zaman sesini çykarman, kynlyk bilen ýuwdundy.
Borjagyň hossarsyzlygyna ýürejigi awan Çaryjyk dodajyklaryny kemşertdi-de, enesine gysmyljyrady:
— Ene, aý ene! Borjagyň seniň ýaly enesi ýokmudy?
— Borjagyň, jany sag aýagy agsak, hor-homsy ejesinden
başga hiç kimi ýokdy. Jahanyň-da durmuşy, elbetde, köpçülik
halkyňkydan üýtgeşik däldi. Olaryň towugyň ketegi ýaly çatmalarynyň üzügi eleşan ýyrtyk bolany üçin, belet pişik üstünden
ýörejek bolanda, içine patlap gaçýady. Ýagyş daşarda däl-de, edil
çatmalarynyň içinde ýagýan ýalydy. Tomus gününiň gyzgyn şöhlesi, ynha şu ýapraklaryň arasy bilen geçýän çyra ýagtysy ýaly,
çatmanyň içinde ýer tapmaýady. Gyşyň aýazy Borjagyň endamyny ýag garynjasy ýaly dişleýädi. Jahanyň dört aýaklydan towar
owlagy bolman, diňe Borjagyň bir küleje towugy bardy. Onuňda
ýumurtga berýän çagyndan kürk bolýan wagty kändi...
Maýsajyk şol ýagdaýy geňirgedi:
— Ene, aý ene! Jahan aýlygy meniň ejemden az alýamydy?
— Wah, balam, aýlyk nirede?.. Zähmet ol wagtda örklüdi.
Edere iş ýokdy. Jahan şol obada Hally hars diýen bir süýthoryň
gyrnagy hökmünde jebir çekýädi: suwlaryny getirýädi, küllerini atýady, kirlerini ýuwýady, keçe edişýädi, gyzlaryna haly
dokaşýady, hatda çagalarynyň arlyklaryny-da tämizleýädi. Emma
onuň almyty gargyş, iýmiti zäherdi. Onuň günde on alty köpük
hakyny Hally hars dürli bahana bilen alty köpüge getirýädi. Alty
köpük ikibaş maşgala näme bolýady?.. Hatda Hally hars bir gezek
haram ölen baggoýnuny: «Sen onuň boýnuny sybyzgy daňansyň,
boglup ölendir» diýip, Jahanyň boýnuna ýykdy-da, bahasyny arly
ýyllap onuň zähmet hakyndan tutdy.
Aman onuň soňky sözüni geňirgedi:
— Alty köpükdenmi?
— 38 —
— Wah, ballym, Jahanyň eline möhürli teňňe degýämidi
näme? Hally hars ýeke put bitlän ununa pylança manat diýip,
baha kesýädi. Şonuň üçin Borjagyň köýneginiň ilki matasyndan
diňe ýagyrnişligi, balajygynyň bolsa çermegi galypdy. Ol eglende,
syrty açylýany üçin, horja oňurgalaryny ýeke-ýekeden sanabermeledi, dikelende bolsa, suwluja garny çalja garpyz ýylpyllaýady.
Onuň ökjeleriniň jaýrygynda guş höwürtge edinäýmelidi. Sabyn
garasyny görmeýäni üçin, elleri hemişe çorly, ýüzi bolsa çyrşajykdy...
Zaman enesiniň sözüni kesenini duýman galdy:
— Borjaklaryň öýünde biziňki ýaly wannalary ýokmudyka?
— Balam, olaryň çatmalarynda kyrk ýama gara meşik bilen
agzy döwük taňkadan başga suw gaby bolmasa nädersiň?
Çaryjyk hem şol ýagdaýy öz ýanyndan geň hasap etdi:
— Borjak beýle kirli gezip ýörmän, ejesi bilen hammama
baraýsa bolmaýamydy?
— Çary jan, ol wagtda hammamyň ady bolmasa
nätjek!..
— Onda Hally harsyň çagalary nädýädikä?
— Olaram garagäzdi. Emma olaryň garynlary dokdy. Olar
agyzlarynyň gyllygyny akdyryp, çebiş etini çepbe çeýneýädiler, «hä-ä, tapsaň senem çeýnärsiň» diýip, omaçany Borjagyň
gözüne güjeňleýärdiler. Süýthoryň çagalary süýt-gatykdan ýüz
öwürýädiler, eneleriniň gözlerine güýdüşip, okaralaryndakyny
serpip toýberýädiler.
Amanjyk şol ýagdaýy gelşiksiz hasap etdi:
— Süýdi özleriniň işdäsi almaýan bolsa, Borjaga beräýseler
bolmaýamy?
— Wah, balam, olaryň göreldesi şol. Borjaga nähili berýänlerini bolsa men saňa ynha gürrüň bereýin. Bir gün ir
bilen kölegede iýip-içip oturan Hally hars kiçijik ogluna agaran hödürledi. Ol seňrigini ýygryp, başyny ýaýkady. Men onuň
nireden peýda bolanyny duýman galypdyryn: agarana ymsynan
Borjagyň agzyndan suw akýady. Süýthorda rehim-şepagat ýoguny Borjak kemsiz bilse-de, ýürejigi ytygsap durany, agaranyň
nämedigini bilesi geleni üçin bolsa gerek: süýthor bilen oglunyň
arasyna düşenini, aç gözleriniň tabakdaky agarana direlenini
duýman galdy. Şol wagtda gulagynyň düýbüne degen şarpyk
onuň dilenji gözlerinden uçgun syçratdy, entäp ýykylanda bolsa,
burnundan akýan gan ýeri hem eliniň aýasyny gyrmyzy reňke
boýady, dodajyklaryny kemşertdi, emma gözlerinden ýaş çykmady. Hally hars bolsa:
— Görünme gözüme, itiň güjügi! — diýip, agzyndan köpük
syçratdy. Ýykylan ýerinde urnup, galyp bilmedik ganly çagasyny
Jahan baryp gujaklanda, süýthor oňa-da agzyndan gelen gygyny
pürkdi:
— Şundan soňra seniň şol çyrşakly güjügiň şu gapylarda
gernäýse, seniň özüňem ýere sokaryn!..
Eneleriniň hekaýasy agyr täsir edeni çagalaryň hemmesiniň
keşbinde mesaňa mälimdi. Ylaýta-da Maýsajyk öz gazabyny içine
sygdyryp bilmedi:
— Heý, ylahym, ol süýthoryň öz öýüne gan çaýkansyn!
Zamanjyk başga hili düşündi:
— 39 —
— Jahan näme üçin milisiýa habar bermedikä?
— Wah, ballym, ol wagtyň ütülip ölmüş emeldarlary diňe
Hally harsyň bähbidini goraýardylar.
Zamanyň islegi has-da üýtgeşigräk bolup çykdy. Ol ýumrugyny düwüp, azm urdy:
— Borjagyň ýerinde men bolan bolsam, pil sapyny aýlap bir
salardym weli, süýthoryň kellesi jöwenbaşy ýaly pytrardy!..
Çaryjygyň sesi has-da zarply çykdy:
— Men bolsam, onuň gursagyndan awtomadymy tutardym-da, tatyrr ederdim!.. Ýogsamam, Maýsa, hany meniň awtomadym nirde?
— Balam, Çary jan! Ýagdaý bilen!—diýen garry-da özüni
saklap bilmedi. Emma burnunyň suwuny, gözüniň ýaşyny çagalaryny duýdurman süpürdi-de, agramly ses bilen dowam etdi:
— Şol döwür baý, baý aýylgançdy-ow!.. Halkyň köpüsiniň
görýän güni Jahanyňky bilen Borjagyňka kybapdaşdy... Hally
harsyň tikenli şarpygyndan, eýmenç sesinden gorkany üçin bolsa gerek, Borjak şondan soň agyr syrkawlapdy. Endamy ot ýaly
gyzýany üçin, ýalama dodajyklaryna uçuk gaýnapdy. Gansyz gabaklary börtüp, garaja gözleriniň reňki çalarypdy. Neressejik hashas edip, demini sanap alýady. Jahanyň göwnüne bolmasa, ýekeje
perzendi elinden sypyp gidip barýan ýalydy...
Demini alman diýen ýaly diňleýän Aman onuň sözüni kesdi:
— Ene, aý ene! Näme üçin ol doktor çagyrmandyr?
— Wah, ballym, ol wagtda dugtar bamydy näme? Diňe
hiç zat manysyny bilmeýän tebipsumaklar dürli derman
salgyberýärdi. Biri: «Seniň ogluň eýjejik bolany üçin, göz
degendir, sen oňa kyrk adamyň tüýküligini ýygnap içir» diýse,
beýlekisi: «Beýnisi aýnandyr. Dilinden gan aldyr» diýýädi.
Maýsajyk içini çekdi:
— Kyrk adamyň tüýküligi?.. Şonuň özünden başga ölüm
gerekmi?
— Dertli bolsaň, başga çäräň näme?.. Hawa, üçünjisi: «Içi
ýörýän däldir. Itiň ýalagyndan suw içir» diýse, dördünjisi: «Arwah-jyn kakandyr. Işandan doga-tumar al» diýip ündeýädi...
Zaman onuň soňky sözüni geňirgedi:

— Arwah-jyn diýýäniň näme?
— Döw diýen ýaly, ugur-utgasyz hurapatlar... Hawa, olaryň
haýsy biriniň diýenini etjegini bilmedik Jahan: «Wah, itiň dertli bolmasyn!» diýip, ýürek urýady. Jahanyň göwnüne bolmasa,
çagasyna şorja çorba, şirelije et berse, gutulaýjak ýalydy. Emma
et nirede?.. Küleje towuk bireýýäm çommaltmadan ölüpdi. Bir
ýerden jüýjejik satyn alaýaýyn diýse, pul nirede?.. Jahan iň soňunda ýaman gün üçin gizläp saklaýan birden-bir üçgoşma bilezigini
satmak kararyna geldi. Golaý-goltumda bazar hem başga hyrydary bolmany üçin, ony Hally harsa hödürlemekden başga çäresi
ýokdy. Süýthor goşa bilezigi ol eline bir aldy, bu eline bir aldy,
sallarlap gördi, gaşlaryny, dişlerini barlady. Iň soňunda: «Maňa
bu zadyň geregi ýok. Emma ýörite hödürläniň, üstüme getireniň, pula mätäç bolanyň üçin, almaga mejbur. Şonuň bilen bile,
gyzgyny özüme basyp, gymmat nyrh kesýän: bilezigiň bahasy üç
manat. Hawa, iki ýarym manady baggoýnuň bahasyndan. Ynhada sana ýarym manat» diýip, bir ýüzi Nikolaý patyşa suratly tege— 40 —
lek pul oklady.
Enesiniň aýtmagyna sabry takat bermedik Zaman oňa sowal
berdi:
— Ýeri onsoň? Borjak gutulypmydy?
— Borjak ol keselinden gutulsa-da, ballym, garny aç bolany üçin, gözi çyrçykdan açylmandy... Baý, baý, şol döwür ýamandy-ow!.. Zulum ody ýalyn ýaly çabraýady. Galaklyk, garaňkylyk
dünýäni gaplap alypdy...
Şu ýyl mekdebe gitmek niýeti bilen depder;galamlaryny,
kitaplaryny, portfelini taýynlap ýören Çaryjyk birdenkä howatyrly sorady:
— Ene aý ene! Şol wagtda mekdeplerem garaňkymydy?
— Ol wagtda, janym, mekdep niräň gürrüňi!.. Birine hat
ýazdyrmak ýa bir ýerden gelen haty okatmak üçin, obadan-oba
aýlanmalydy, ýurt aşmalydy... Hawa, obaň adamlary müwessa goýup, bir ýyl bir molla tutup, ýer döle gazdylar-da, mekdep
açdylar...
Maýsajyk ony geňirgedi:
— Erdöleden mekdep?
— Maýsa jan, ol wagtda tam diýen zat diňe Hally harsda
bardy. Hawa, ýerdöle çagadan doldy. Aga-gara kemkäs düşünsin diýen niýet bilen, menem Borjagy eltdim-de, özgelerden
eşidişime, öwrenişime görä:
— Molla aga, ynha şujagaz çagaň eti seňki, süňki meňki! —
diýip tabşyrdym.
Enesiniň soňky sözüne düşünmedik Aman onuň sözüni
agyzyndan aldy:
— Ene jan, o näme diýdigiň boldy?
— O, ballym, «molla aga, çagany näçe ursaň, näçe horlasaň hakyň bar, diňe süňňüne zyýan ýetmese bolýa» diýildigi...
Hawa, çagalary daşyna egrip, ortada oturan sakgaly çemçetorba
ýaly çişik mollaň bir penje çigar çybygy bardy. Şol çybyklary taýly
gezek patladyp, çagalara haýbat atýady: «Heý peläketler, okaň!»
diýip hemle urýady...
Bir zatdan heder eden ýaly geňirgän Çaryjyk ýanyndakyny
tirsekläp, pyşyrdy bilen sorady:
— Zaman, mollaňyz sizem urýamy?
— Urmaga näme haky bar? Men-ä mugallymlaryň hiç
birinden ajy sözem eşidemok.
Ýeri onsoň, ene?
— Hawa, ol wagtda oňly depder-galam bolman, el ýaly tagtaň ýüzüne ýazylan haty çagalar ýat tutýadylar. Çagalaryň hemmesi uzak gün çeke düşüp oturyp, agyzlaryna gelenini sarnap,
alazenzele seslenip okaýadylar. Olar sesini sähel peseldäýse ýa
biri çalaja güläýse, molla olary ýüň saýýan ýaly saýgylaýady. Bir
gezek oglanlardan biri çydaman, aýagyny uzadany üçin, molla
oňa:
— Heý peläket! Düýäň aýagy aşagyna sygýa, seniňki syganokmy? — diýip, şeýle bir urdy, şeýle bir urdy, çybygyň ujundan
uçan pyçak ýaly gyçagy gelip, Borjak janyň çekgesine çümdi.
Maýsa içini çekdi:
— Hiýh!.. Ene, aý ene! Ýogsamam, şonuň ýaly bir zadyň
ýarasy biziň kakamyzyň çekgesinde-de bar. O nämedenkä?
— 41 —
— Hawa, ballym, siziň kakaňyz ullakan adam, onda diňe
ýaraň yzy bar. Emma Borjak kiçijik bolany üçin, çekgesinden akan
gana tap getirmän usurgapdy...
— Heý, ylahym, şonuň ýaly mollany ýer ýuwutsyn!
— Balalarym, siz bagtly döwrüň çagalary! Dünýäniň bütin
eşredi siziň üçin. Emma Borjagyň hem onuň ejesi Jahanyň gören
gününi heý ýöne goýaý!.. Haram hars nebsine haý bermän, Jahany özüne dördünji aýal edinmek küýüne düşdi. Ol barada guran
dürli hileleri peýda bermäni üçin, bir gün Jahanyň çigninden penjeläp: «Sen meniňkisiň. Men seni hökman alaryn!» diýip, gujagyna gysmakçy boldy. Özi üçin başga çäre galmanyny syzan Jahan
onuň dulugyna şapbat urdy, ýüzüni dyrnady. Emma haram hars
onda-da sypdyrman, Jahany şagal penjesine düşen horaz ýaly
mynçgalady. Jahanyň diňe:
— Borjak jan, ýeteweri! — diýen naýynjar sesi çykdy.
Şol demde bolsa göwne gelmez bir ýagdaý peýda boldy:
Borjak ýerde ýatan tokmagy göterip, bar güýji bilen süýthoryň
depesine gütletdi. Beýnisi sarsan haram hars düýbi kesilen agaç
ýaly güpläp gitdi...
Borjagyň hereketine hoşal galan çagalar yzly-yzyna seslendiler:
— Elhöpus hakyndan çykypdyr-ow!
— Molodes Borjak!
— Ýaşasyn Borjak!
Emma Maýsajygy howatyr gaplap aldy:
— Süýthor ölmedik bolsa...
— Wah, janym, onuň öljek gümany barmy? Haram harsyň
jany itiňkiden berk bolsa nätjek!..
— Onda ol Borjagy...
— Hawa, ol Borjagy ejesi Jahan bilen bile ýere bulajakdy.
Emma betpäl niýetine ýetmedi...
— Niýetine ýetmedi?.. Näme boldy?
— Birdenkä demirgazykdan göterilen ýalkym bütin jahana
şöhle saçdy. Gök gübürdeýän ýaly şeýle bir gümpülli turdy, göýä
diýersiň bütin dünýä agdar-düňder bolana döndi. Ýatanlar ördi.
Gullar aýak üstüne galdy. Taýaklar tüpeňe, tüpeňler topa öwrüldi.
Şeýle bir çaknyşyk boldy, şeýle bir çaknyşyk boldy—dünýe lerzana geldi. Depesinden howp inen Hally hars hem şoňa meňzeş
haramylar öňküden beter guduzlan köpege döndüler, çem geleni
ýaraladylar, parçaladylar, iň soňunda, öz çiginlerini özleri gemirdiler.
Dawa-jenjele köhi gelýän Zamanjyk çökünegalyp, keýp etdi:
— Eri onsoň?
— Gümmürdiler sowlup, gowga-jenjel gutarandan soň,
dünýä ýagyşdan soň parlap çykan gün ýaly gül öwüsdi!.. Şondan
bäri, eýjejiklerim, göni kyrk ýyl geçdi!..
Aman bilen Zaman yzly-yzyna seslendi:
— Hä, rewolýusiýa!
— Hä, Oktýabr şöhlesi!
Maýsajyk hem öz gezegini aldy:
— Hä, azatlyk baýdagy!
Emma Çaryjygy başga bir ýagdaý gyzykdyrdy:
— Hany Borjak nirede galdy?
— 42 —
— Borjagyň depesine, ballym, bagt guşy gondy...
— Bagt guşy?
— Borjagyň garşysynda päsgelsiz giň ýol açyldy. O-da siziň
ýaly okuwa ýüz urdy: obada okady, Aşgabatda okady, Meskewdede okady. Haýbatly, jogapkärli işlerde işledi. Iň soňunda bolsa...
— Eri iň soňunda bolsa?
— Minissir boldy.
Çagalaryň hemmesi birden geňirgendi:
— Ministr?.. Biziň kakamyz hem ministr ahyry!
— Borjak jan hem edil siziň kakaňyz ýaly minissir!
Wakanyň soňuna bir az düşünişip başlan çagalar biri-birleriniň ýüzlerine çiňerilişdiler:
— Bä, bu nähili beýle bolýa?
— Bä, bir hili ümürde ýörän ýaly?
— Soňy bir hili aýdyňlaşýan ýaly?
Birdenkä-de çagalaryň hemmesi birden enelerine
çiňerildiler:
— Ene jan, munyň erteki däl ahyry!..
Garry Jahan agtyklarynyň baryny gujagyna gysyp, hoş owaz
seslendi:
— Dogry aýdýasyňyz, balalarym!.. Erteki däl... hakykat!
— Hakykat?!
Şol sekuntda aýaly bilen tirkeşip gelen ogluna gözi düşen
garry agtyklarynyň ünsüni şoňa bakan sowdy:
— Anha Borjagyň özi geldi. Galanyny size onuň özi gürrüň
berer!
— Hä, erteki däl-de, hakykat diýsene!..
— Hakykat, köşeklerim, hakykat!
1955
— 43 —
MEN OLARY SÖÝÝÄRIN
Taýjagazym towsaklap,
Bimazalyk kän etdi.
Temejigne ýel berip,
Hyzzynlap bökdi gitdi.
Aždar atly güjügim
Kowdy onuň yzyndan.
Ýetse ýapyşmakçydy
Guýrugyndan, dyzyndan.
«Aždar, bas!» diýip gygyrdy
Meniň kiçijik jigim.
Emma taýyň yzyna
Eýermedi güjügim.
Taýçanagym myçýardy
Ýeriň ýüzüni gyrdap.
Taý dolanyp gelensoň,
Ýetdi güjük gagyrdap.
Taýçanagma «gap!» diýip,
Güjügime «bas!» diýýän:
Men şolara guwanyp,
Ikijigni hem söýýän.
Taýyň bili bekänsoň,
Atlanaryn üstüne.
Awa öwrenen köpek
Ýoldaş bolar destine
— 44 —
BATYR
Birinji baş
— Salamälik! — diýip, şaňňy sesi bilen kürsäp uran garry aýaly öý eýesi Dursun ýitirip tapan ýaly garşylady. Ol oňa
uzak wagtdan bäri sabyrsyzlyk bilen garaşýany üçin, gadyr bilen
görüşdi, amanlyk-saglyk soraşdy, hoşamaý söz urdy:
— Geleweri, Bossan eje!.. Saňa garaşyp, üç günden bäri
gözüm ýoldady.
Bossan mürähede mähetdel, öýüň oňaýly ýerine geçdi, oýjarylyp oturdy, agzyny-burnuny towlady:
— A gyz, Dursun, meniň ýagdaýymy özüň bilýäň ahyry: öz
öýümde tegelek gün arkaýyn oturýan wagtym barmy näme!
— Hawa-da, seni idäp gelýän dertli-azarly bendeler kändir.
Bossan burnuny çekip, özüni öwmäge durdy:
— Hawa, gyz: «Bossan eje, seniň eliň haýyrly... Bossan eje,
seniň demiň düşgür» diýip, gelýän adamlar kileň tanyş ýüzler.
Men olaryň haýsy biriniň göwnüni ýykaýyn, gyz!
— Wiý, näsini aýdýasyň, Bossan eje, özüň ýaly şypaly tebip
setanda-seýranda bir tapylýar ahyry. Ýüzüň diýip aýtdygym
däl, Bossan eje, seniň aýagyň düşen ýerde kesel duranok. Seniň
demiňde şypaly derman gatanjy bar bolara çemeli. Hernä entekler
il bendäniň derdine derman bolup ýöreweri-dä!
Bossan ulumsylyk atyna atlandy:
— Hawa, janym, men ýogsam öýümden düýn däl, öňňün
çykdym. Meniň ýüregime düwen niýetimi ýüz ýerde
bozýarlar:nirä barsam, nireden geçsem, dumly-duşumdan
gadyrdan ýaly ýapyşýarlar. Hawa, Gijenleriň kiçi gelniniň kiçijik
çagasynyň kiçi dili ýykylypdyr. Owunjak çyrçyklaryň meniň
ýanymda manysynyň ýoguny özüň bilýäň. Hawa, gyz, şeýle bir
syladylar, şeýle bir syladylar. Wiý, gyz, ýene bir sylamagam däl,
meniň gitjek ugruma goýbermän, gije-gündiz hezzetlediler.
Dursundan hem aýratyn sylaga göz diken Bossan gürrüňini uzadyp, özüne aýratyn hormat goýdurmaga çalyşdy. Emma
Dursun oňa düşünmän, onuň sözüni kesenini hem duýman
galdy:
— Sözüň agzyňda, Bossan eje, çaganyň häli-şindi kiçi dili
ýykylýar, hemişe tebibem miýesser gelip duranok. Ýogsamam,
Bossan eje, çaganyň kiçi dilini nähili galdyrýanyňy men senden
soramakçy bolup ýördüm.
Ähmiýetli ýerinde sözi kesilen Bossan ynjyly jogap gaýtardy:
— Ol her tebibiň öz ukybyna degişli.
— Hawa, hawa, şeýledir-le.
— Men-ä onuň ýaly owunjak çyrçyga ähmiýedem beremok-da, erinlek ak köpegiň ýalagyndan suw içiräýýän.
— Wiý, gyz, ol, heý, akyla geljek zatmy!
— A gyz Dursun, sen ony geň görme. Dert beren ýaradanyň
özi gerekli ýerinde dermanyňy hem salgy berýär ahyry. Aslynda
tebip şekilli tebibiň diýeni—derman, aýdany — em bolmalydyr,
— Şeý diýsene! — diýip, elini agzyna tutan Dursun: —
Düzdür — diýip hümürdedi.
— Hawa, onsoňam... hä, ýadyma düşdi. Gyrnagyň gyzynyň
— 45 —
göbegi çözülen ekeni. Düýn uzak gün şolarda boldum.
Sag eli bilen garnyny sypal oturan Batyr, agzyny burnuny
towlap, gürrüňini uzadýan garrynyň gelşiksiz, elhenç ýüzünden
gözüni aýyrman seredýärdi. Batyr zehinli okuwçy bolsa-da altmyşdan agan garrynyň ýygyrt atan ýüzündäki oýnaklap duran
gözleriniň syrlaryndan many aňlap bilmedi. Bossanyň öz öýüne
gelen ýaly gapböwre geçip, eýemsiräp oturyşyny, hyrydar gözleriniň üýtgeşik bir zat agtarýan ýaly alakjaýşyny Batyr geňirgedi.
Garrynyň diliniň dek durmaýşy ýaly, düwünli barmaklarynyň
hem mydama hereketdeligi Batyra ýaramady. Ol öz ýanyndan
garryda bir ýigrenjilik syzdy: ony özüne golaýlatmasy, ondan has
gaçarak durasy geldi. Ýöne weli, içinden tutýan symyljyk agyry
ony öz erkine goýmady. Ejesi Dursunyň «Ynha, basym tebip geler, Onuň eli Lukman hekimiň elidir. Onuň edeni em bolmalydyr»
diýýän sözlerine-de bir az imrindi.
Dursun bilen Bossanyň uzaga çeken gürrüňi iň soňunda
Batyryň keseliniň üstünden düşdi.
— Bossan eje, indi ýyldan artdy, ine şu oglan birsyhly
«içim» diýip ýör. Munuň özi ýata hassa-da däl, seniňmi diýen
sagat hem däl. Munuň içi agyrrak ýük göterse-de agyrýar, ylgasada agyrýar, gatyrak ýörese-de agyrýar, gawun-garpyz iýse-de
agyrýar, köpräk suw içse-de agyrýar, aý garaz, başyňy agyrdyp
nädeýin, batlyrak üsgürse-de agyrýar.
Onuň sözüni geň galyjylyk bilen diňlän Bossan:
— A gyz, ýyly ýeteläp agyry etmediňmi? — diýip sorady.
— Waý, agyry etmän nämemişin?
— Näme, peýda etmedimi?
Bir az böwrüni diňirgän Dursun bir gezek Bossana, bir gezek
Batyra garap, sözüni dowam etdi:
— Bossan eje, alladan ýaşyrmadygymy senden ýaşyryp
näme edeýin: doga-tumar haýyr etse ederdi weli, bu oglanyň özi
bir hili ýoknasyz, kes-kelläm oňa razy bolanok. Bilmedim, muňa
mekdepde öwredilişi şeýlemi ýa asyl munuň özi şeýle kesirmi?
Özüne duýdurman, assyrynlyk bilen bir ýerine doga dakanymy
syzaýsa, içgili ýaly ýolýa-da, eliniň tersi bilen zyňyp goýberýär.
Batyryň ýüzüne çiňerilen Bossan:
— Wiý, gyz, nalaç edeýin!—diýip, içini çekdi.
Bossanyň kirpikleri selçeňlän gözleriniň symgylt garasynyň
ornuny hem bir salym mäzleşik ak eýeledi, şol mäzleşik göz onuň
keşbine has-da aýylganç sypat berdi. Onuň beýnisinde emele gelen hile, söze salym ýok, ýene onuň ýüzüne ýyljyraklap galdy. Ol
şol keşbi bilen Batyryň göwnüni göterer ýaly ýa-da müýnürgeder
ýaly bir söz aýtmaga taýynlandy.
Emma onuň şol halyny saýgarmadyk Dursun sözüni dowam
etdi.
— Men munuň gözüne güýdüşin, Amyderýadan alty geçen
Aman işanyň ellerini ýuwduryp, suwuny içirdim. Munuň garnyna sary ýaga bişen çapady ýapdyrdym. Kyrk tüýkülik ýygnap,
süýjüli suwa garyp içirdim. Munuň böwrüne eşek tezegini, sygyr
paçjasyny hem ýapdym. Garaz nätjek, oglana etmedik emim
galmady. Emma hiç birinden peýda bolman, bu birsyhly «içim»
diýip towlanyp ýör. Bossan eje, sen özüň geldiň, indi işallam
gutular.
— 46 —
Bossan «hym-m» edip, burnundan ses çykardy-da, barmaklarynyň bogunlary ýumralan eli bilen agzyny tutup oturdy, öz
içinden pirim oýlady. Ondan soň gözlerini örtüp duran galyň gabaklaryny emaý bilen galdyryp, tüňňi maňlaýynda ýygyrt emele
getirdi. Garrynyň ýüzünde çylşyrymly çyzylýan syrly hatlardan
Batyryň many aňlap bilmedikleriniň biri-de şoldy.
Bossan çalaryp selçeňlän zülplerini sypaşdyryp, aýylganç
ýüzüne aýgytly sypat bermäge çalyşdy-da:
— Bossanyň henize çenli abraý alman giden ýeri ýokdur.
Hudaý dos diýenini etse, gutular işallam! — diýip, öz ýanyndan
«welilik» satdy.
Bossan ondan soň Batyryň içine seretmekçi bolup, ony arkan
ýatyrdy-da, köýnegini ýokary serpdi, ýeňlerini çermeşdirip, gapdalynda çöke düşüp oturdy:
— Meniň elim däl, Lukman hekimiň eli! — diýip, agaç ýaly
gaty barmaklary bilen Batyryň garnyny sypaşdyryp başlady.
Bossanyň tagaşyksyz barmaklary sag böwrüne golaýlanda,
Batyr tisgindi, gaýtalap gatyrak bosanda bolsa towlanjyrady.
Dursun wagtly-wagtynda demini alman, dört göz bilen
Bossanyň hereketini, elleriniň nirelere baryp ýetýänini synlaýardy.
Ol öz ýanyndan «Batyr janyň iç agyry keseli körüň eline düşen
büre ýaly, Bossan ejäň eline düşer, juda bolmasa, onuň syňraklarynyň arasyndan sypyp, gelmesiz gapa bakan ümdüzine ökje
göterer» diýip oýlanýardy. Batyr tisginende, belli-beter hem towlanjyranda, «Bossan onuň agyrysyny çekip alandyr» diýip düşündi. Şonuň üçin onuň göwni hem, göwresi hem Batyryň göwresi
bilen bile hereket edip, gözleri Bossanyň eliniň yzynda ýyljyraklap gezdi.
Bossan Batyryň agyryly böwrüniň üstüne elini goýup, ýeke
dyzynyň üstünde otyrdy. Dursun sabyrsyzlyk bilen garady.
Bossanyň Dursuna ýyljyraklap sereden süzgek gözleri buşluk
mälim edýän ýaly ýylpyldady:
— Dursun, seniň ogluň içinde gezme ýel ýok... Hawa hiç bir
ýerinde çiş-piş hem mälim bolanok...
Dursun onuň sözüni gutarmagyna maý bermän, öz şatlygyny
duýdurdy:
— Ogluň gutuldy diýip buşlasana. Bossan eje!
. — Gutular işallam... ýöne...
Dursunyň şatlykly ýüzüne aljyraňňylyk alamaty gondy:
— A gyz, howply bir zat barmy?
— Ýok. Howply-howatyrly üýtgeşik bir zat ýok. Ýöne oglany ynjalykdan aýyrýan gümürtik bir zat mälim bolýa.
— Bossan eje, ol nämekä?
— Munuň sar böwründe bir şikesjik bar.
Bossanyň şol sözi Batyryň ýüreginden turdy. Ol
şol sekunda çenli Bossana ynamsyz garan bolsa, häzir ol
Bossanyň pikiri bilen razylaşdy, göýä Bossan özüniň keselini
bilýär diýip düşündi.
Emma Dursunyň ýüregi suw üstünde bolany üçin, Bossanyň
«şikes» diýen sözi onuň ýüreginden iňňe bolup sanjyldy, ol allaniçiksi tisginjek ýaly etdi, şol sekuntda Batyryň «dogry» diýip
tassyklamagy. onuň ýaraly ýüregine bir az melhem boldy. Dursun
dodaklarynda ýasama ýylgyrmak emele getirip, Bossana ýüzlen— 47 —
di:
— Bossan eje, oglanyň keselini tapdyň, melheminiň hem
seniň eliňden geljegine men kemsiz ynanýan.
Keşbine ulumsylyk şöhlesi çaýylan Bossan:
— Geler işallam! — diýip, iki elini ýere pat-pat kakdy-da: —
Daglara git, daşlara git! — diýip, kesele «ýol salgy berdi.
Bossanyň şähdi bilen şähtlenen Dursun:
— Ylahym şeýle bolsun — diýip, onuň alkyşyna goşuldy.
Bossan sag eliniň aýasyny maňlaýyna goýup, öz ýanyndan
on çümdi. Batyr köýnegini aşak goýberip, dikelip oturdy-da,
derdiniň dermanyny tebipden soramak küýüne düşdi. Emma
Dursun ondan öňe düşüp, Bossanyň elini maňlaýyndan aýyrmagyna mähetdel:
— Bossan eje, oňa näme em oýladyň? — diýip sorady.
Bossan bogazyny arçandan soň:
— Hawa, oglanyň derman eder ýaly iç kesel-ä ýok — diýip,
bir barmagyny ýumdy.—Melhem eder ýaly görnüp duran başam
ýok — diýip, ikinji barmagyny ýumdy.— Munuň böwründe,
hawa, gypjynmakdan galan bat bar! — diýip, iki barmagyny hem
birden ýazdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 05
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.