Latin

Saýlanan eserler - 09

Total number of words is 3775
Total number of unique words is 1742
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
toýnak tagmaly adamyň gözüniň öňünden gitmeýärdi. Ol gije,
olaryň öýünden gaýdanda, yzyna dolanyp-dolanyp garapdy:
Çerkeziň gapylaryna çykyp, garap duranyny görende, küýüne
— 90 —
ýok zatlar getiripdi.
«Biz araçäkden, howatyrly ýerlerden sag-aman aşdyk.
Biz indi öz maksadymyza ýetdik hasap edipdik... Şol kekene
ýaly çaga bize nireden duşdy? Ol ýöne bir çaga-da däl, ýürek
bulaýjy bir siňek! Ol, belki, bizi gusdurman hem dynmaz... Onuň
gögeýiniňki ýaly wyzzyldysy heniz hem biziň gulagymyza gelip
duran ýaly. Ah, nähili bagtsyzlyk!.. Şol mülhit bize duşmadyk
bolsa, bizi bu sazlygyň içinde on gün ýatamyzda, kim biljekdi!..
Indi şu gamyşlar hem biziň gözümize adam bolup görünýär.
Wah, şol kekenejik ýene bir biziň zlimize düşsedi!..»
Maňlaýy toýnak tagmalynyň şolar ýaly oýlar bilen ýüregi
ýandy-da, Çerkeziň külembibisiniň ujy ýalyjak tirýegi ýuwutdy,
maňlaýyna eliniň aýasy bilen kakdy: «Ah, sen akmak! Şojagaz çagany sen dagyň içinde näme üçin şujagaz tirýek ýaly edip ýuwutmadyň?..»
Olaryň beýlekileri hem maňlaýy toýnak tagmalydan görelde aldylar. Tirýek olaryň göwnüni bir az göterdi. Tämiz howada
gün guşluga galyp, guşlar asudalyk bilen saýraýany üçin, olaryň
beýnisini gaplap alan howsala kem-kemden söndi. Olar özlerine
tabşyryk beren döwleti gerek maglumatlar bilen kanagatlandyrjaklaryna, abraýlarynyň artjagyna, ýakyn geljekde her haýsynyň
bir ýerde han boljaklaryna buýsanyşyp başladylar. Olar töweregi
garawullamagy hem unudyp (gür gamşyň içinde garawullyk çekmek mümkin hem däldi) süýji-süýji gürrüňe gyzykdylar...
Neşäniň keýpi mazaly ýetende, guşluk tarapdan olaryň gulagyna şytyrdy eşidildi. Olar keýerjekleşip, diň salanlaryňda,
şonuň ýaly şytyrdy günbatardan hem eşidildi. Aradan kän salym
geçmänkä, sazlygyň içi şytyrdydan doldy. Gamyş gür hem belent
bolany üçin, olaryň gözüne hiç bir zat görünmedi. Kim bilýär,
sazlyga, belki, sygyr sürüsi girendir... Şeýle-de bolsa, şol şytyrdy
olaryň mazasyna sogan dogrady, şol şytyrdyny olar öz töwereklerinden ot berlenden enaýy syzmadylar.
Olaryň janlary bokurdaklaryna geldi.
Olara hatarly ýola baş uranlaryna ökünmäge, biri-biri bilen
maslahatlaşmaga-da wagt galmady. Olaryň özara agyzlary hem
birikmedi. Ýalyň ýüz oglan abraý bilen tabşyrylmagy teklip etse,
seňrikmeni gaçmagy makul bildi. Maňlaýy toýnak tagmalysy bolsa, soňky okuna çenli atyşjagyny mälim etdi.
Olara sözlerini soňlamaga-da maý galmady. Sansyz şytyrdy
olaryň edil aýaklarynyň astyndan çykýan ýaly, birdenkä-de depelerinden tokmak bolup inýän ýaly duýuldy, Hatda:
— Ýoldaş naçalnik, meni bagyşlaň! Men indi öňe geçmejegime pionerlerçe söz berýän! — diýen adajyk çaga sesi-de olaryň
gulagyna eşidildi.
Maňlaýy toýnak tagmalyny şol ses belli-beterde ysgyndan
saldy: ol Çerkeziň sesini tanady. Ol şol gyssag arada: «Wah, şol
kekenejik bir gözüme ilsedi, men şony bir öňi bilen gaýdyrsamdym!» diýip ahmyr çekdi.
Onýança gamşyň arasy bilen görnen yzy soldatly köpek
üýrmäge durdy. Maňlaýy toýnak tagmaly adam elindäki sapançasyny köpege bir, soldata bir gezände, gamşyň içi bilen bukulyp gelen Çarynyň tüpeňi atyldy, Ok maňlaýy tagmalynyň elindäki sapançany pytradyp geçdi.
— 91 —
Maňlaýy toýnak tagmaly heniz özüni raslamanka, Çerkez
eýýäm onuň gaşynda peýda boldy, atynyň başyny çekip, oňa
habar gatdy:
— Salam, ýarganat dost!
Maňlaýy toýnak tagmaly Çerkeze dikarynlap garandan soň,
umytsyzlyk bilen seňrigini ýygyrdy:
— Seniň külbikgäňçe ýok bir çagajyk seni suwly äkidip, suwsuz getirse, seniň ýazgydyňy şol çözse, dünýäde ýaşajak bolup
azara galmagyň hem manysy ýok!
Onuň bu sözlerinden soň Çerkez üzeňňisine galyp, arkan
gaýyşmak bilen, özüni epeý görkezmäge çalyşdy:
— ýok, dost, beýle däl! Sen gaty görme. Meniň topragym,
meniň alan terbiýäm şeýle. Sen-ä meniň taýharymdan uly däl.
Men senden has ulurak düýäni hem burunlyklap iýdýän ahyry!
Naçalnik atyň üstünde oturan Çerkezi özüne bakan gujaklap
aldy-da:
— Berekella, hanym! — diýip ogşady.
ÇEKIŞMÄN — BEKIŞMEZ
Tersleşik
Bir tamyň kölegesinde uzak wagtdan bäri byçgy, çekiç sesi
eşidilýärdi. Byçgy hyrryldaýardy. Çekiç agaja degip gütleýärdi,
käte demre degip şaňkyldaýardy.
Şol ýerde iki sany oglan ussaçylyk edýärdi.
Olar samolýot ýasaýardylar.
Olaryň ikisi hem on ýaşlaryndady.
Onuň biri giň maňlaýly, peşenelije bir oglandy. Onuň ady Tokardy. Beýlekisi bolsa garaýagyzja, jürjenje, ýiti gözlüje, inçemik
bir oglandy. Onuň ady Nökerdi.
Tokar bilen Nökeriň ussaçylyk esbaplary örän ýagdaýlydy:
ýarty byçgylary, agzy gädik paltalary, jonnuk pyçaklary, ýene
bir sapy çykyp duran köne çekiçleri bardy. Olar samolýoty hem
konserw gapyrjagyndan, köne ýaşikden goparylyp alnan sargylt
fanerden ýasaýardylar. Olaryň gapyrjakdan goparyp alnan posly
çüýleri hem bardy.
Gara iş olaryň ellerini garaldypdy. Olaryň burunlarynyň gapdallarynda, ýaňaklarynda gara dyrşaklar görünýärdi. Emma ussaçylyga üns berip, janygyp işleýän oglanlar olary syzmaýardylar.
Howanyň salkyn bolmagyna garaman, olaryň ýüzlerinde burçakburçak der hem görünýärdi.
Ýasalýan zat daş görnüşinden samolýota bir az meňzedi.
Tokardyr Nöker ony taýly ellerine aldylar, synladylar,
guwandylar, onuň töweregini ýylmamagy bolsa ikinji bir güne
galdyrdylar. Häzir oňa propeller goýmakçy boldular.
Tokar aýtdy:
— Propelleri konserw gapyrjagyndan ýasaly.
Nöker oňy razy bolmady:
— Ýok, gapyrjakdan däl, fanerden ýasaly.
— Propeller ýeňil hem mäkäm. bolmaly ahyry. Faner bir-ä
agyp bolar, bir-de güýçli ýele çydam bermez.
— Näme üçin çydamaz?
— 92 —
— Ýeliň zarbyndan seniň habaryň ýokmy? Ol agyr daşdan
gurlan degirmeni hem aýlaýar ahyry! Samolýotyň ýelginine bolsa,
tagta-pagta çydajak gümany barmy?
Nöker ýitije gözlerini üşertdi:
— Propellerini ýel syndyrar ýaly, samolýotymyz çyn samolýot däl ahyry!
— Näme üçin çyn däl?
— Biz oýnawaç ýasaýas ahyry.
— Şeýle-de bir oýnawaç bormy? Ony kagyzdan ederler.
— Eýsem, sen şol samolýotyň bilen uçarsyň-ow?
Tokar elindäki çekijini ýokary galdyryp, çynlakaý
sypata girdi, batly gepledi:
— Beterem ederin! Samolýotyň propellerine ýel düşse, biziňem öýümiziň, siziňem öýüňiziň üstünden wazyrdap ötäýtse,
nädersiň!
Nöker elini çarpyp güldi:
— Aý çişewer-ä!
— Eýsem uçurmanmy? Men näme Annagyň ogly dälmi?
Meniň agam Moskwa günin barýar ahyry!
— Meniňem agam traktor bilen ýeriň astyny üstüne
çöwürýär-dä!
— Bu iki arada traktoryň näme işi bar?
— Ikimiziň oýnumyzyň arasynda çyn samolýotyň näme işi
bar?
— Oýnuň soňunyň çyna ýazýanyndan seniň habaryň ýokmy?
Tokaryň sözüne keçje düşünen Nöker onuň bilen boýdaş
boldy, oňa bakan petekesini gabartdy:
— Çyna ýazdyraňda, gönenerin öýtseň, ýazdyr!
Tokar oňa çiňerildi:
— Nöker, seniň bolşuň nähili? Akylyň beri ýerindemi!
Nöker ýene çikjerdi:
— Sen nähili bolsaň, men hem şonuň ýaly. Seniň akylyň
nirede bolsa, meniňki hem şol ýerde.
Tokar haýran galyjylyk bilen egnini ýygyrdy.
— Nöker, gürrüň näme hakda gidýär?
— Elbetde, seniň kelpeňligiň barasynda.
— Meniň kelpeňligim?!
— Sen näme üçin meniň üstüme çikjerýäsiň?
— Nöker, men seni gorkuzmak islämok, saňa düşündirmek
isleýän: samolýotyň propellerini galaýydan goýaly diýýän.
— Men fanerden goýaly diýýän.
Olar uzak wagtlap işläp ýadanlary üçinmi ýa her haýsysy öz
pikirini kanun etjek bolany üçinmi, näçe
çekeleşseler-de, maslahatlary bir ýere birikmedi. Tokar öz
diýeniniň üstünde durdy, Nöker öz diýeninnň üstünde durdy.
Iň soňunda olaryň sözleri azaşdy.
Tokar çekiji bilen byçgysyny aldy, Nöker paltasy bilen
pyçagyny aldy. Tokar samolýotyň göwresine ýapyşdy. Nöker
onuň ganatlaryna ýapyşdy. Tokar Nökere:—Goýber! — diýdi.
Nöker Tokara: — Goýber! — diýdi. Tokar özüne bakan çekdi.
Nöker özüne bakan çekdi.
Iň soňunda samolýot iki bölündi.
— 93 —
Göwresini özi bilen alyp gaýdan Tokar arkan ýykyldy.
Ganatlaryny özi bilen alyp gaýdan Nöker arkan ýykyldy.
Tokar bilen Nöker hasanaklaşyp galdylar.
Tokar öz zatlaryny çöpledi. Nöker öz zatlaryny çöpledi. Olar
galaýylaryna, çüýlerine çenli hem paýlaşdylar. Iň soňunda, ýeke
çüý üstünde dartyşdylar.
Tokar Nökere gözüniň gyýtagyny aýlap igendi:
— Indikile seniň bilen şärikli iş etmen!
Nöker Tokara çiňerilip, burnuny çekdi:
— Bolşuň şu bolsa, men seniň bilen dostlugymy hem
aýraryn.
Şol wagt Tokaryň bir zat ýadyna düşdi, kölegesine seretdi,
Nöker bilen tersleşenini hem unudyp:
— Sagat näçe? — diýip sorady.
Nöker oňa jogap bermän, beýlesine aýlandy.
Tokar öýlerine bakan ökje göterdi.
Men aýyply
Tokar öýlerine gelende, gelnejesi Şeker onuň öňünden çykdy.
Tokara hatda goltugyndaky goş-golaňlaryny ýygnamaga
hem maý bolmady. Ol müýnli ýaly ýüzüni aşak saldy. Şeker oňa
kinaýa bilen garady:
— Tokar, sen uzyn günläp niräk gitdiň?
Tokar sesini çykarman, burnuny dyrmajak bolanda, elindäki posly çüýler ýere patlaşyp düşdi. Ol çüýleri ýygnamak üçin,
duýdansyz eglende, çekiji hem gaçdy, galaýysy hem gaçdy, samolýotyň göwresi hem gaçdy, jonnuk byçgysy hem elinden sypdy.
Tokar olaryň haýsy birini ýygnajagyny bilmedi, aljyrady, gelnejesine näme jogap berjegini-de bilmän, burnuny dyrmap durdy.
Şeker sowalyny gaýtalady:
— Ýeri, Tokar, näme jogap bereňok?
Tokar bimamla görnüşde, gümürtik hümürdedi.
Şeker onuň gepine düşünmän, ýene sorady:
— Men-ä hiç bir zat eşidemok. Gatyrak aýtsana!
— Men... Nökerlere gitdim.
— Uzak günläp hem Nökerler bormy?
Tokar ýene jogap bermedi.
— Nökerlerde näme işlediň?
— Samolýot ýasadyk.
Şeker onuň esbpalaryna seretdi, ýylgyrdy. Tokaryň biderek
gezmän, ussaçylyk bilen meşgul bolýanyna ol begendi. Onuň şol
esbaplar bilen hem oňatja zatlar ýasaýanyny bilýärdi. Şeker onuň
ukyplylygyny aňlaýardy. Oňa guwanýardy. Şeýle-de bolsa rugsatsyz gideni, köp egleneni üçin, oňa bir az igendi:
— Näme üçin soraman gitdiň?
— Gelneje, sen öýde ýokdun.
— Näme üçin köp eglendiň?
Tokar ýene öňki jogabyny gaýtalady:
— Samolýot ýasadyk.
— Gelip aýdyp, ondan soňra gitseň bolmaýamy?
— Nöker goýbermedi.
— Sen Nökere gulak asmalymy, maňa?
— 94 —
Tokar gelnejesiniň ýüzüne göni seredip bilmän, ysgynsyz gepledi:
— Men aýyply.
— Sapagyňy taýyn etdiňmi?
Tokar gelnejesiniň käýinjinden näçe howatyr etse-de, ýalan
sözlemäge dili barmady:
— Ek.
— Sapagyňa üns bermän, üçlük alsaň, agaň näme diýerkä?
— Men üçlük alman.
— Okamasaň, ikilik hem alarsyň.
— Meniň bäşlik bilen dörtlükden başga baham ýok ahyry!
— Rugsat alman gitseň, öýde tapylmasaň, kitabyň ýüzüni
açmasaň, dörde-bäşe nähili agyz urjagyňy, agaňa nähili görünjegiňi, mugallyma nähili jogap berjegiňi men-ä bilýän däldirin.
Tokar öz aýybyna duşündi, dodaklaryny bir az müňküldetdi, aýgytly sypata girdi, ýüzüni galdyrdy, gelnejsine göni seretdi,
garyljyk ses bilen jogap berdi:
— Gelneje, bagyşla. Indikile beýle etmen.
Şeker Tokaryň boýnundan gujaklady, kellesini
sypalady:
— Tokar jan, seniň gaty gowy häsiýetiň bar: sen...
Tokar gelnejesiniň sözüni kesdi, onuň ýüzüne çiňerildi:
— Gelneje, a gelneje! Baý Aňkaryň ýalan sözläýşini. Onuň
aýdýan sözüne kesesinden ýüzüň çydar ýaly däl. Ol ýakymsyz
oglanlar bilen gezýä, sütüni süýnüp öýlerine gelýä. Ejesi ondan:
— Nireden geldiň? — diýip soranda: — Mekdepden —
diýýä.
— Şonuň üçin hem ol bir klasda iki ýyllap otyr-da.
— Gelneje diýýänä, asyl onuň süýt ak, suw gara diýenine
ynanar ýaly däl. Ol mugallymy hem aldaýar. Biz Nöker ikimiz
onuň bilen oýnamzok. Ony öz işimize şärik hem edemzok.
Tokar Nökeri agzanda, şärikli işini ýadyna salanda, kürtdürip
durdy. Şekeriň onuň şol ýagdaýyndan habary bolman, öz sözüni
dowam etdi:
— Men, janym, seniň oýnanyňa garşy däl. Ussaçylyk
edeniňe, gaýta, begenýän. Men agaňa aýdaryn. Ol saňa gerek
ýaraglary hem alyp berer. Ýöne weli, Tokar jan, öňürti sapagyňy
taýynlamaly, mugallymyň öňünde ýüzüň gyzmaz ýaly, oňa türgenlemeli. Gezmäni, ussaçylygy bolsa, ondan soňa goýmaly.
— Bolýa, gelneje, indikile mekdepden gelen badyma
dem-dynjymy alaryn-da, sapagyma ýapyşaryn. Samolýoty bolsa
ondan soň ýasaryn.
Şeker onuň ýere gaçan goşlaryna göz gezdirenden soň:
— Hany ýasan samolýotyň? — diýip sorady.
— Tokar ýüzüni aşak saldy, ynjyly ses bilen hümürdedi:
— Propellerini goýjak bolamyzda, Nöker bilen
oňuşmadyk.
— Wiý, samolýotyň pürli peli bolýamy?
— ýok, pür däl, pelem däl. Propeller!
— Pirli peller?
— W-ýok! Gelnje, samolýotyň öňünde pyrlanýan bir zat bar
dälmi näme şoňa propeller diýýärler.
Şeker oňa oňly düşünmän:
— 95 —
— Eri ondan soň? — diýip sorady.
Tokar eglip, samolýotyň göwresini galdyrdy, ýüzüni aşak
saldy:
— Onsoň... çekeleşdik.
— Nämäni? Samolýotymy?
— Hawa... Ol ganatyny alyp aýryldy, maňa-da göwresi
galdy.
— Uzak günläp samolýot ýasyşyňyzam şol boldumy?
— Nöker meniň diýenimi etmedi.
— Sen onuň diýenini etdiňmi?
— ...Ýok.
— Tokar jan, iki dost tersleşse, aýyp bolar. Ol seniň diýeniňi
etmese, sen onuň diýenini edäýmezlermi?
Tokar sesini çykarmady.
Şeker Tokaryň ellerine, ýüzüne seretdi:
— Tokar jan, elleriňden elli güjük, ýüzüňden ýüz güjük
doýjak... Başga adam görmänkä, bardajyk, derrew ýuwnaweri!
Tokar şakyr-şukurlaryny göterdi-de ylgady.
Ne Tokar habar gatdy, ne-de Nöker
Nöker Tokar bilen tersleşenden soň, rahatlanyp bilmedi, Ol
özüniň näme ýetmeziniň baryna hem düşünmedi: bir hili bir zady
kem ýaly, bir ýeri agyrýan ýaly, birinden ynjan ýaly, birine borçly
ýaly duýdy. Ejesi bilen sözleşende-de, onuň hemişekiligi bolmady.
Işdäsiniň hem, iýşiniň-içişiniň hem weji bolmady.
Ejesi onuň näme ýetmeziniň baryny bilmek isledi:
— Guzym, näme kemisligiň bar?
Nöker ejesine näme jogap berjegini bilmedi. Ol dodaklaryny
kemşertdi, «Tokar bilen tersleşdim» diýmäge dili barmady. Aslynda, Tokar bilen tersleşigine gynanýanyna hem, ýa oňa belli-beter
gaharynyň gelýänine hem düşünmedi. Ejesi ikinji gezek sorandan
soň, ysgynsyz jogap berdi:
— Hiç zat.
Nöker gije-de arkaýyn ýatyp bilmedi. Birdenkä ol Tokar bilen
ýumruklaşdy, birden hem Tokara «Günämi öt» diýip ýalbardy.
Tokar bilen Nöker ertesi gün mekdepde, arakesme wagtynda miýesser geldiler. Olaryň ikisiniň hem ýüzüne şatlyk alamaty
aýlandy, ikisi hem biri-birine topuldy: ol ikisi «Salam, dost!»
diýşip, gadyrly görşerli göründi. Ikisi iki ýerden şoňa meýil hem
etdi. Emma birdenkä ikisiniň hem göreji üýtgedi: göýä ikisi biri-birini görmedik ýaly, ikisi ikiýanlaýyn aýrylyşyp gitdi.
Olaryň ikisi hem sapak wagtynda öz eden işine ökündi: indiki arakesmede hökman sözleşeris diýen netijä geldi.
Ikinji arakesmede şol öňki görnüş ýene gaýtalandy.
Tokar öz ýanyndan: «Nöker meniň ýanyma gelmese, men
näme üçin onuň ýanyna baraýyn» diýip, temejigini ýokary tutdy.
Nöker öz ýanyndan: «Tokar meniň ýanyma gelmese, men
näme üçin onuň ýanyna baraýyn» diýip, temejigini ýokary tutdy.
Dostlar mekdepde sözleşmediler hem, salamlaşmadylar hem.
Nöker öýlerine gelenden soň, aýratyn hem ynjalykdan
aýryldy. Onuň Tokar bilen sözleşmänine indi gije-gündiz dolup
barýar. Tokar bilen hem arany üzse, ol indi kim bilen dostlaşsyn?
— 96 —
Kim onuň bilen samolýot ýasasyn?..
Nöker az-maz tamşandy-da, howla çykdy. Ol Tokarlar bilen
aradaky pessejik haýata baryp ýaplandy, oňa dyrmaşdy, aýagy
taýyp ýykyldy; ýaňadandan ýene dyrmaşdy, haýatyň üstünden
boýnuny uzadyp seretdi—Tokara gözi ilmedi.
Nökeriň ýüregi awady, bogazy doldy, ýuwdundy: bagryny
haýata berip durjagyny ýa yzyna dolanjagyny hem bilmedi. Ol iň
soňy ýüregine daş baglady — boýnuny uzadyp, pessaý ses bilen
gygyrdy:
— Tokar! Aý Tokar!
Tokaryň özi hem görünmedi, Tokar oňa ses hem bermedi.
Nökeriň jürjenje ýüzi birdenkä gamaşdy: «Aý, maňa näme?
Ol mensiz oňsa, menem onsuz oňaryn!» diýen oý bilen özüni
haýatdan aşak goýberdi, öýlerine bakan ýüzlendi.
Tokaryň haly hem Nökeriňkiden enaýy däldi. Şeker ozal oňa
käýinipdi. Ol hem gije ýatyp bilmändi.
Mekdepden gelip, bir az tamşanandan soň, ol hem howla çykdy. Ol hem Nökerler bilen aradaky pessejik haýata baryp
ýaplandy, dyrmaşdy, taýdy, ýaňadandan ýene dyrmaşdy; haýatyň
üstünde gulaklaryny üşerdip seretdi — Nökere gözi ilmedi.
Tokar haýata bagryny berip durjagyny, yzyna dolanjagyny
bilmedi. Ol iň soňunda ýüregine daş baglady—boýnuny uzadyp,
pessaý ses bilen gygyrdy:
— Nöker! Aý Nöker!
Nökeriň özi hem görünmedi. Nöker oňa jogap hem bermedi.
Tokar aýgytly netijä geldi:
— Nöker meniň üstüme gelmese, men onuň üstüne
bararyn. Goý, şonuň üçin meniň niräm kemelýän bolsa, kemelsin!
Tokar Nökerlere bardy. Nökeri öýlerinde tapmady. Onuň
ejesinden sorady:
— Hany, Nöker nirede?
— Ol-a size gitdi.
Ýüregini bire düwüp, şol wagt Tokarlara baran Nöker
Şekerden sorady:
— Hany, Tokar nirede?
— Ol-a size bakan gitdi.
Nöker öýlerine baranda, Tokary görmedi, ejesinden sorady:
— Hany, Tokar gelmedimi?
— Ol-a seni gözläp, öz öýlerine bakan gitdi.
Tokar şol wagt öýlerine baranda, Nökeri görmedi gelnejesinden sorady:
— Gelneje, Nöker gelmedimi?
— Nöker seni gözläp, öz öýlerine bakan gitdi.
— Nöker köçe bilen aýlanyp, Tokarlara bakan gitdi. Tokar
haýatyň üstünden aşyp, Nökerlere bakan bardy. Olar ýene biri-birlerine duşmadylar.
Ýaňadan Tokar köçeden aýlandy, Nöker haýatdan aşdy.
Duşuşmadylar.
Tokar haýatdan aşdy. Nöker köçeden aýlandy...
Olar iň soňunda köçede duşuşdylar.
Nöker ýüzüni sowup, Tokaryň duşundan geçdi.
Tokar ýüzüni sowup, Nökeriň duşundan geçdi.
Tokara gözi düşende, Nöker hyrra beýlesine öwrüldi.
— 97 —
Nökere gözi düşende, Tokar hyrra beýlesine öwrüldi.
Nöker yzyna gaňrylyp seretdi, Tokar yzyna gaňrylyp seretdi.
Ne Tokar eýläk gitdi, ne Nöker beýläk gitdi.
Ne Tokar habar gatdy, ne Nöker habar gatdy.
Agajyň aňyrsyna aýlanyp, Nöker hem Tokardan gözüniň gytagyny aýyrmady, agajyň bärsinde galan Tokar hem Nökerden
gözüniň gytagyny aýyrmady.
Nöker hem agajyň gabygyny dyrmap, duran ýerinde durdy.
Tokar hem agajyň gabygyny dyrmap, duran ýerinde durdy.
Şol wagt bir ýerden peýda bolan Aňkar Nökeriň üstüne
süründi, ony äsgermezlik etdi.
Tokar oňa görünmän, agajyň syrtynda gizlenip durdy.
Ýüzi ýasy hüýtgara Aňkar yrsarady:
— Ýero-ow, jürjenjik, näme beýle çikjeren bolýaň?
— Aý, Aňkar, buz üstünde tozan aramasana!
— Men senden näme üçin çikjerýäniňi soraýan!
Nöker ony başyndan sowmak isledi:
— Aňkar, ikimiziň şärikli zadymyz ýok ahyry!
— Näme üçin ýok? Bu köçeden ýöremäge meniň näme hakym ýokmy?
Aňkardan heder eden Nöker bir az ýöwselledi:
— Aňkar, halypa, sen öz ýoluňa, men öz ýoluma.
— Hymm... Senjagazyňam bir ýoluň-ýodaň bormy!.. Sen
Tokar ýanyňdaka bir adamsyň. Baýaky gülşeniňizi men näme unudandyr öýdýämiň?
Aňkar Nökeriň çowluja burnuna pitikledi.
Burny gyzan Nöker hakykatdan hem çikjerdi, agajyň aňyrsyna göz aýlady: Tokara gözi düşmese-de, onuň şol ýerde baryny
aňlady. Aňkara dazaryldy:
— Aňkar, sen zat ýok ýerden şer arama. Çek eliňi!
Aňkar onuň üstüne abandy:
— Sen jürjeňjik, kime sögýäň?
— Men-ä hiç kime-de sögemok. Sögenem halamok.
— Onda näme çikjerýäsiň?..
Şol wagtda peýda bolan Tokara gözi düşen Aňkar ökje
göterdi.
Tokar onuň yzyndan gygyrdy:
— Aňkar, dur entek!
Aňkar yzyny köwlemän, köçäniň burçundan aňryk aýlandy.
Tokaryň keşbinde gazap ýokdy, Nöker bilen tersleşigine
gynanany üçin, Aňkara-da dostlarça nesihat bermegi ýüregine
düwüpdi. Emma Aňkar ony aňlamady. Tokar ýüzüni aşak salyp,
böwrüni diňländen soň, içindäkini daşyna çykardy:
— Ol bizem özüne osdy. Ol özi hemişe urşup ýöreni üçin,
bizem ony urarys öýdüp gorkdy. Men gaýta, ony özüme golaýlatmak isläpdim...
Iki dost biri-birine çiňerildi.
Nöker oňa bakan: — Salam! — diýip, elini uzatdy.
Tokar oňa bakan: — Salam! — diýip, elini uzatdy.
Iki dost görüşdi.
Aňkar akylyna aýlandy
— 98 —
Tokar bilen Nöker içleriniň poslaryny döküşdiler.
Tokar ilki bada Nökere: — Senden boldy—diýdi.
Nöker ilki bada Tokara: — Senden boldy — diýdi.
Soňra Tokar hem öz aýybyny boýun aldy, Nöker hem öz aýybyny boýun aldy.
Tokar Nökere aýtdy:
— Mundan soň tersleşmäli.
Nöker Tokara aýtdy:
— Mundan soň tersleşmäli.
Olar ýaňadandan samolýot ýasamaga durdular.
Ýene samolýotyň daşky görnüşi taýyn boldy.
Propeller goýmaga gezek gelende, olar biri-birine çiňerilişdiler. Emma olaryň bu saparky garaşlary gaharly bolman, şatlyklydy.
Tokar aýtdy:
— Propelleri nämeden goýarys?
Nöker aýtdy:
— Propelleri nämeden goýarys?
Tokar: — Fanerden goýsak näderkä? — diýdi.
Nöker: — Galaýydan goýsak näderkä? — diýdi.
Olar iň soňundan ýene bir samolýot ýasap, birine galaýydan,
birine fanerden propeller goýmak kararyna geldiler.
Samolýotlar taýyn boldy. Olar şol samolýotlary tapan reňkleri
bilen kem-käs reňklediler. Olaryň möçberi kiçiräk hem bolsa, siňe
syn edeňde, bir az tagaşyksyzrak hem bolsa, ýönekeý garaňda,
çyn samolýota çalym etdi.
Olar howlynyň içinde samolýotlary eýläk-beýläk uçuryp
gördüler. Howly olara darlyk etdi. Samolýotlara bat almaga maý
bolmady.
Olar bir ýany beklenen, gatnawy kesilen giň köçä çykdylar. Azajyk şemal öwüsginli howada olaryň samolýotlary arkan-ýüzün gaýyşdy.
Tokaryň samolýoty bişen kerpije degip, propelleri ýemşerdi.
Nöker özüni bilimdar saýdy:
— Hä-ä, men aýtmadymmy?
Tokar oňa garap ýylgyrdy:
— Meniňki ýemşerdi. Seniňki şunuň ýaly gaty ýere delse,
ýemşermezdi-de döwlerdi. Meniňkini häziriň özünde düzetmek
bolar. Seniňki şunuň ýagdaýyna düşse, propellerini täzeden
toýmaly bolar.
Tokar propelleriň ýemşeren ýerini dyzyna salyp gaňyrdy,
kerpiç üstüne goýup, daş bilen tyrkyldatdy. Propeller öňki hetdine golaýlady.
Olar öz işleri bilen şeýle gyzyganlary üçin, töwerekden gelen-geçenleri, özlerine syn edýänleri-de görmediler.
Birden Aňkar olaryň üstünden geldi. Ol bir az gizlenjiräp,
olaryň samolýotyna, gyzygyp oýnaýan oýunlaryna höwes bilen
seretdi. Birdenkä samolýotyna bakan ylgap barýan Tokaryň oňa
gözi düşdi. Aňkar ökje göterjek boldy. Emma Tokaryň özüne üns
bermänini görenden soň, ýene aýak çekdi, ýene synlady: Tokaryň
samolýoty parlap uçýar. Nökeriň samolýoty parlap uçýar. Olaryň
propelleri hem bar, ganatlary hem bar, hatda ganatlarynyň aşagynda tigirleri hem bar. Edýän işinden Tokaryň hem wagty hoş,
— 99 —
Nökeriň hem wagty hoş. Tokaryň hem hiç bir zatdan kemi ýok,
Nökeriň hem hiç bir zatdan kemi ýok. Tokar bilen Nökeriň ünsi
hem bir, meýli hem bir. Tokar Nökere guwanýar, Nöker Tokara
guwanýar. Aslynda olaryň ikisi bir almany iki ýaran ýaly. Asyl
olaryň samolýotlary hem bir reňkdeş, bir boýdaş guş ýaly...
Olar gör nähili bagtly oglanlar!
Tokar bilen Nökeriň bolşy Aňkary aňkartdy.
Aňkaryň olardan gaçasy gelmedi. Aňkaryň olara golaýlasy
geldi.
Aňkar olara bakan ädim urdy — Tokar üns bermedi.
Aňkar olara bakan ädim urdy — Nöker üns bermedi.
Aňkar nätjegini bilmän, aňkarylyp galdy.
Tokar bilen Nöker iň soňunda Aňkaryň ýanynda daýandylar.
Aňkar ýene böwrüni diňirgedi, gaçmaga meýil etdi. Emma
Tokar bilen Nökeriň özüne ýylgyryp seredýänlerini görenden soň,
olardan çekinmedi.
Tokaryň hem onuň bilen sözleşesi geldi.
Nökeriň hem onuň bilen sözleşesi geldi.
Aňkar olara geňirgenip seretdi.
— Samolýotlar kimiňki?
Tokar öz samolýotyny görkezdi.
— Meniňki.
Nöker öz samolýotyny görkezdi.
— Meniňki.
— Olary nireden aldyňyz?
Tokar aýtdy: — Özümiz ýasadyk.
Olar ýene uçurmaklaryny dowam etdiler.
Nöker aýtdy; — Özümiz ýasadyk.
— Aý hawa-la...
Tokar aýtdy: — Ynanaňokmy?
Nöker aýtdy: — Ynanaňokmy?
Aňkar samolýotlaryň ganatlaryny, propellerini barlap gördi.
Tokar bilen Nöker ony synladylar.
Onuň ýalaňaç aýagy çorlapdyr. Köýneginde, ellerinde,
ýüzünde mazut ýoky bar. Gara saçlary bulaşypdyr, kirläpdir.
Nöker oňa garanda, seňrigini ýygyrjak ýaly etdi, emma köne dostuna haýpy geleni üçin, gynanç bilen seretdi.
Tokar ondan sorady:
— Aňkar, nireden gelýärsiň?
Aňkar jogap berende sakanaklady:
— Ho-ol.„ ho-ol...
Nöker oňa ýitije gözlerini üşertdn:
— Aňkar, eşitmedim diýme, ýalan sözleseň — köne dostlugy gaýtalap bilmersmň.
Aňkar bir az oýlanaňdan soň, dogrusyndan geldi.
— Oýnamaga gidipdim.
— Kim bilen?
Aňkara jogap bermek kyn duýuldy. Emma Tokaryň soragly
gözlerine garandan soň, ýene dogrusyndan geldi:
— Lallyk bilen aşyk oýnajakdym.
Tokar ýaňsa aldy:
— Nämeden oýnadyňyz?
— Biz... biz... pully oýnamzok ahyry.
— 100 —
— Dogrujaňy aýt, näçe utduň?
— Men... men-ä... hiç zadam utamok.
— Onda... men heniz hem köne Aňkar diý, gutar-da!
— Meniň diňe on manadym bar... Olam özümiňki. Onuň
çermegindäki ýumra gözi düşen Tokar oňa ýylgyryp seretdi.
— E-ýok, Aňkar, dogry del. Hany, ol çermegiňdäkileri
çykar, göreli.
Aňkar gyzardy, towlandy, «wah, wahe-eý» diýip, böwrüni
tutdy, ýeserlik edip, on manat çykarmakçy boldy... Birden onuň
çermegindäki düýrlengi zat topbagy bilen ýere gaçdy.
Nöker ony ýerden galdyrdy, daşynyň esgisini aýyrdy, on
manatlyklary sananda, olar ýedi sany boldy.
— Ýeri, Aňkar, bu pullary nireden aldyň?
— Men... men... walla-da ogurlamok.
— Eýsem, kimden utduň?
— Biz... biz bu gün oýnamadyk ahyry!
— Onda bu pullar näme?
Aňkar aljyrady, näme jogap berjegine onuň özi hem düşünmedi, sakanaklap samrady.
— Men-ä... men-ä... pulumyň baryny özümem bilemok.
Muny... muny biri meniň çermegime bilgeşländen salan bolaýmasyn!
Tokar hem güldi, Nöker hem güldi.
Tokar oňa çynlakaý garady.
— Gardaş, seniň ol ýoldaşlaryň seniň çermegiňe... aşyk salarlar, büre salarlar, emma pul salmazlar. Gaýta, sende pul baryny
bilseler, seni aldap alarlar, aldap bilmeseler, zorlap alarlar... Sen iň
ýagşysy, dogrujaňdan geläý. Biz saňa zat etjek däl.
Aňkar sesini çykarman, ýeňsesini gaşady.
Tokar bilen Nöker bir-birine garady.
Tokar aýtdy:
— Nöker, Aňkaryň ýoldaşynyň kimdigini eşitdiň. Käri hem
ynha şeýle... Bu pullary ol, belki, birini aldap ýa birini uwultyradyp alandyr. Munuň indi sözüne-de ynam eder ýaly däl. Okuwçy
adyna-da ysnat getirýär. Elbetde, haýp! Şeýle-de bolsa, biz mundan çekilmeli. Bolmasa ol bir ýerde, belki, bizi hem masgara eder.
Nökeriň şaňňyja sesi aýgytly çykdy:
— Ýogsa-da, biz munuň bilen özümizi deňläp bilmeris!
Aňkar bir gezek Tokara seretdi, bir gezek Nökere seretdi, bir
gezek özüni synlady, ýüzüni aşak saldy, oýlandy:
«Bulara seret, meniň sypatyma seret. Elbetde, men akmak.
Men bulardan gaçdym. Bular bilen dostlugymy, ýoldaşlygymy
dowam eden bolsam, menem şular ýaly bolardym. Bularyň
menden ýüz öwürmäge, elbetde, haklary bar... Hemmesinden
hem ýamany, indi pul meselesiniň hem üsti açylar...»
Aňkaryň dodaklary kemşerdi. Onuň sypatynda gaýgy, hasrat alamaty göründi. Hatda iň soňky netijesini mälim edende, sesi
hem garyljyk çykdy:
— Şundan soň ogurlyk etsem, ýüzüme tüýküriň. Nöker oňa
gyjalat berdi:
— Aý, bolşuň şu bolsa, senden oňlulyk çykasy ýok-la!
— Meni indi pully oýnalýan aşygyň ýanynda görseňiz,
ýüzüme bäş barmak gara basaýyň.
— 101 —
— Bolgusyz şerte, ýalan gepe ynanyp bolarmykan?
— Men indi ýalan sözlesem, namart boldugym.
Nöker Tokara seretdi. Tokar Nökere seretdi. Olar
göreçleri bilen gepleşdiler — muny bir gezek synap göreli
diýişdiler.
Tokar aýtdy:
— Aňkar, wadaňda tapylmasaň, biz seniň ýüzüňi görmeris!
Nöker aýtdy:
— Aňkar, lebziňi ýuwutsaň, biz seni unutmaly bolarys.
Tokar ýene gaýtalady:
— Şundan soň, pully aşyk oýnarmyň?
Aňkar «oýnaman» diýip şert etdi.
Tokar oňa dostlarça garady. Nöker oňa dostlarça garady.
Ankaryň dünýäsi bir az giňeldi. Ol pula meýil etdi, hatda oňa
bakan elini uzatdy.
Tokar oňa anyk jogap berdi:
— Gardaş, puly entek saňa berip bilmeris. Belki, ony sen
ýene-de baryp utdurarsyň. Aslynda, biz entek onuň takygyna ýetmeli ahyry. Puluň kimiňkidigini bilmeli. Biz ony sowmarys. Egerde pul özüňki bolsa, biz ony hökman ýa özüňe, ýa-da ejene bereris.
Aňkar öýlerine bakan ýüzlenende, aýaklary ädilmedi.
Kim ogry şärigi
Tokar bilen Nöker tirkeşip öýlerine baranlarynda, Şekeriň ýanynda Ankaryň ejesi Çeper otyrdy. Çeper janygyp Şekere
gürrüň berýärdi. Onuň gaýgyly ýüzünde ynjy alamaty bardy. Ol
Tokara ýalta seretdi, onuň salamyny almagy hem unutdy, ondan
sowal sorady.
— Tokar jan, Aňkary görmediňmi?
— Gördüm.
— Nirede gördüň?
— Biz onuň bilen ýaňyja aýrylyşdyk.
Çeper ondan soňraky sorajak zadyny ýa Tokardan, ýa
Nökerden çekinýän ýaly ikirjiňledi, ýaltaklady.
Şeker onuň şol ýagdaýyna düşündi, göwünlik berdi.
— A gyz, Çeper, sen näme sorasyň gelse, soraber. Tokar jan
ýalan sözlemäni bilýän däldir.
Çeper şondan soň, soragyna başlady.
— Tokar jan, siz onuň bilen oýnadyňyzmy?
— Ýok.
— Onuň kim bilen oýnaýanyny bilýämisiňiz?
— Bir oglanyň adyn-a tutdy weli, biz ony tanamzok.
— Siz Aňkar bilen haçan duşuşdyňyz?
— Ýaňyja.
— Ol niräk gitdi?
— Biz ony öýüňize bakan ugratdyk.
— Wah, ol wagty bilen öýe barasy ýok-la.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 10
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.