Latin

Saýlanan eserler - 11

Total number of words is 3665
Total number of unique words is 1740
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýapbak Mapbaga: — Aýagymy goýber, çekeýin — diýdi.
Mapbak Topbaga: — Aýagymy goýber, çekeýin—diýdi.
Doganlaryň elleri büs-bütin gurady.
Aşakdan ýokaryk: — «Çekde-çek» bolup, gykylyk etdiler.
Gurrugyň agzyňda Japbagyň sesi ýaňlandy.
— Düruň onda, men bir elime tüýküreýin!
Japbak eline tüýkürmäge ýetişmänkä, doganlar aşaklygyna
güpürdeşip gitdiler. Topbagyň aýaklary tä baldyryna çenli gury
— 115 —
çägä çümdi. Mapbak Topbagyň boýnuna atlandy.
Topbak aşakdan boguk ses bilen gygyrdy.
— Waý,-düşseňiz-le! Gözüm çykdy-la!
Mapbak syrylyp düşdi. Japbak syrylyp düşdi. Üçüsi birigip,
«göterde-göter» bolşup, Topbagyň aýaklaryny ürgün çägeden
sogrup çykardylar. Gurrugyň düýbünde olaryň özleri çaga guş
bolup galdylar.
Topbak Japbaga çiňerildi.
— Sen, gardaş, näme üçin, doganlaryň ynanjyny ödemediň?
Japbak ýylgyrdy.
— Näme, sizi gurrugyň düýbüne itekläp, ýeke özüm daşynda galdymmy?
— Sen näme üçin utuny sypdyrdyň?
— Öz doganlarym meniň aýagymdan asylar diýen oý
meniň kelläme gelmese nätjek? Men elime tüýkürmekçi
boldum.
— Hä, tüýkürdiň-de, gönendirdiň!
— Odun çykamyzda, ýüpi berkräk çekmek üçin hemişe
şeýdýärdik ahyry!
Şeýdýän bolsaň, ynha, gurruk biziň hemmämizi bileje
çykady.
Dogrudan-da Japbaklaryň günleri kynaldy. Olar näçe gygyryşsalar-da, daşky dünýäden kömek talap etseler-de, olaryň sesleri hiç ýere ýetmedi. Eýsemde bolsa, olar howsala düşmediler.
Giň gurrugyň düýplerinde basgançaklar ýasamaga durdular, birbirleri bilen degişdiler, gülüşdiler.
Olaryň depelerinde diňe höwürtgelerini aldyran gökwarryklar gaýmalaşdylar, garkyldaşdylar. Japbaklar olara heň bilen
ýüz tutdular.
Gökwarryklar, gökwarryklar,
Size depmän geçsin oklar!
— Gurrukdadyr Japbaklar! — diýp,
Habar beriň gökwarryklar!
Warryklaşýan gökwarryklar birsyhly köne gurrugyň depesinde aýlandylar. Japbaklar hiňlendiler. Gökwarryklar warryklaşdylar.
Japbaklardan başga-da ýumurtga gözleýän, kömelek
çöpleýän oglan meýdanda gyt däldi. Gökwarryklaryň aljyraňňy
gaýmalaşýanlary birdenkä dört sany oglanyň gözüne ildi, warryklaşýan gozgalaňly sesleri-de eşidildi. Şol dört oglanyň biri
Mölegözdi, ikinjisi Kel, üçünjisi Ýemşik, dördünjisi Ýalamady.
Gökwarryklaryň bir ýerden aýrylman köwsar urmagy, jöwlan
urmagy olaryň ünsüni özlerine çekdi. Olar: «Belki, gökwarryklar
hüwiniň ýa-da baýguşuň gözüni görendirler» diýip düşündiler.
Olar dört bolup gurrugyň agzyna bardylar. Görseler, gurrugyň düýbünde Japbaklar ýer köwýärler. Olar Japbaklara el
çarpyşyp gülüşdiler.
— Japbaklar pällerine görä tapdylar.
— Japbaklary gurrukdan çykarmalyň.
— Goý, Japbaklar çaga guşlara dönsünler.
— 116 —
— Goý, olar gury gurrukda gönensinler!
— Japbak, gap! Mapbak, gap!—diýip, olaryň üstünden owunjak kösekler hem okladylar.
Japbak olara herrelmekçi boldy, Ýapbak olara ýalbarmakçy
boldy. Mapbak olary garbamakçy boldy. Topbak olara duzak gurmakçy boldy.
— Hä-äjik!.. Hä-äjik!.. Bulary siz tapmarsyňyz, Japbaklar
tapar, Japbaklar!
Mölegöz gözlerini petredip seretdi.
— Näme tapdyňyz?
— Altyn guş tapdyk, altyn guş!
Topbak elindäki guşy güjeňledi. Ýapbak elindäki guşy güjeňledi. Mapbak elindäki guşy güjeňledi. Japbak elindäki guşy
güjeňledi.
Ýemşik olara mekirlik bilen seretdi.
— Wiý, olar-a gyzyletene.
— Altyn guş ýetdirmez her ýetene!
Baý ogullarynyň altyn guşlara nebisleri otukdy. Olar altyn,
kümüş barada öz atalarynyň tükeniksiz gürrüňlerini diňleýärdiler. «Altyn guş» sözi olaryň akyllaryna täsir etdi. Olar birinbirine
seredişdiler, pyşyrdaşdylar. Japbaklara ýüz tutdular.
— Sizi çykarsak, bizem şärik edermisiňiz?
— Size bir i, bize üçüsi.
— ýok. Size-de ikisi, bize-de ikisi.
— Emma altyn guşlaryň emele gelýän ýerini hiç kime hiç
wagtda aýtmazlyk şerti bilen. Ýogsam siziň kakalaryňyzyň nebsine doýmak ýokdur: altynyň tohumyny tükederler.
Mölegözler aýtmajaklaryna şert etdiler. Japbaklary ýekeýekeden çekip çykardylar.
Aldanan baý ogullarynyň uruşmaklaryndan howatyr eden
Japbaklar olara abaý-syýasat urmakçy boldular.
Topbak Mölegöze ýumruguny görkezdi.
— Saňa altyn guş gerekmi? Ine!
Mapbak Ýemşige ýumruguny görkezdi.
— Saňa altyn guş gerekmi? Ine!
Ýapbak Ýalama ýumruguny görkezdi.
— Saňa altyn guş gerekmi? Ine!
Japbak Keliň başyny sypady!
— ýok, beýle däl. Japbaklaryň her hili oýny bardyr.
Siz göwnüňize zat getirmäň. Altyn guşlar entek sap altyna
öwrülmändirler, olaryň entek mis gatyşygy bar. Olar öz reňklerini
durlaýançalar, entek olara degmezlik kararyna geldik.
Kel Japbagyň goltugynyň aşagynda myrryldady.
— Altyn guşlar altyn bolanda, siz olaryň ýarysyny bize berermisiňiz?
— Hökman! Ýöne welin, hiç kime aýtmazlyk şerti bilen.
Japbaklar bilen Mölegözler gülşüp-gürleşip gaýtdylar.
Olar oňsalar, bizem oňarys
Dört dogan bir zada güýmenip otyrdy. Kelekbaýyň dördünji
aýalyndan bolan aýaklary çaýşyk, gözleri çaşy ogly olaryň ýanyna geldi. Ol özüniň çorly ellerinde ykjam tutan çebiş omaçasynyň
— 117 —
çala bişen etini çekeleýärdi, kirli elleriniň ýagyny, omaçadan syrygýan çorbany şapyrdadyp ýalaýardy.
Topbagyň oňa gözi düşende, agzynyň gyllygy akdy. Emma ol
ondan «Maňa-da ber» diýip dilemedi. Ol dodaklaryny tamşandyryp, doganlaryna ýüz tutdy.
— Eý, Japbaklar! Geliň, bizem et iýeliň!
Çebiş omaçasyny çekeleýän çaşa, agzyndan gyllyk akan
Topbaga üns hem bermedik Japbaklar doganlyk hatyrasyna onuň
sözüni tassykladylar.
— Geliň, bizem et iýeliň!
Töwerekde öli-diri ete gözi düşmedik Mapbak böwrüni diňirgedi: öz pikirini daşyna çykardy.
— Eti tapsak iýeris-dä!
Ýapbak çowluja burnuny çekdi.
— Tapanda kimler iýmeýär? Ynha, çaýşygam çeýnäp dur.
Sen tapylmandaky iýeniňi aýt!
Japbak gulaklaryny üşertdi.
— Siziň iýjegiňiz et bolsun! Ýöne welin, mugt Buharda ýok.
Dişlemek üçin — işlemek gerek...
Topbak Japbagyň agzyna ýapyşdy.
— Dur. dur!., Men seniň aýtjak bolýan zadyňy bilýän.
— Näme bilýäň?
— Ýer bilen gögüň arasynda guşdan kän zadyň ýoguny
bilýän.
Ýapbak onuň sözüni ýaňsa aldy.
— Aý, ýigid-ä bildi-ow! Gumda goýnam kän-dä?
Mapbak Topbagyň arkasyny çaldy.
— Topbak gaty gowy bildi! Geliň, biz adama bir hepbik
ýasalyň. Ondan soň, ho-ol atýatagynda guralyň. Eger biz alyp
ýetişsek, guş düşüp ýetişer, biz iýip ýetişsek, guş bişip ýetişer.
Doganlar doganlaryň sözüni tassykladylar.
— Topbak bildi.
— Mapbak bildi.
Olar hepbik ýasamak üçin ýerlerinden galanlarynda, Japbak
olaryň öňünde bir şert goýdy.
— Gardaşlar, biz öňünden mazaly taýynlyk göreliň. Ýogsam bişirmäge, iýmäge ýetişmeris, guş eti näzikdir, porsap galar.
Doganlaryň dördüsi dört ýerden odun çöpläp, gury çöplemeden gapylaryny küde etdi. Ondan soň ur-tut hepbik ýasap, her
haýsy öz ussalygy bilen öwündi, öz hepbigini bir-birine güjeňledi.
Japbak Ýapbakdan sorady.
— Seniň hepbigiň ady näme?
— Görse basar.
Ýapbak Mapbakdan sorady.
— Seniň hepbigiň ady näme?
— Ýapyrylyp ýatar.
Topbak Japbakdan sorady.
— Seniň hepbigiň ady näme?
— Duýdurman tutar.
Olar hepbiklerini atýatagyna gurdular. Ondan soň dördüsi
bir ýerde çugdamlanyşyp, sabyrsyzlyk bilen gultunyşyp otyrdy.
Iki elini syrtynda tutup, gaz ýörişini edip, moýmuldap gelýän
Kelekbaý olaryň bolup oturyşlaryna geňirgendi:
— 118 —
—Eri-ow, Japbaklar! Näme beýle gultunyşyp otyrsyňyz?
Ýapbak bir oturşyny üýtgetmän jogap berdi.
— Baý aga, et iýesimiz gelýär.
— Näme oturan ýeriňizde et gelip, agzyňyza düşer
öýdýärmisiňiz?
— Agzymyza düşmese, hepbigimize-hä düşer-dä!
Kelekbaý küti dodaklaryny giň açyp güldi.
— Hah-hah-ha-a!.. Günüňiz asmana galan bolsa, işiňiz kynlaşypdyr.
Topbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi.
— Baý aga, her zat bolsa, saňa galandan aňsadyrakdyr.
Japbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi.
— Baý aga, senem şolardan. Bar, aýt: guşlar ýere düşmän
oňsalar, bizem et iýmän oňarys.
— Eti iýersiňiz. Ýöne weli, bu wagt däl-de, çopan-çolukçylyga ýaran wagtyňyz. Onda-da baýyň rysgyny däl-de, etir-tütür
mallaryň maslygynyň etini iýersiňiz.
— Baý aga, sen arkaýynja bolaý. Sen her kimiň etini iýmäge
öwrenen bolsaň-da, Japbaklaryň etinden seniň agzyň tagam tapmaz!
Kelekbaý gözlerini alardyp, moýmuldap gitdi.
Japbaklar onuň yzynda heň etdiler.
Gyzgyn günüň howry eňse,
Garlar ýagsa, ýerler doňsa,
Guş etini iýmän oňars,
Guşlar ýere inmän oňsa.
Ala sakgal
Köneje oraçanyň içinde orta ýaşdan agan, gara saçlaryna
ak çylgymlar aralaşan, ýüzüniň boýnunyň çuňňur ýygyrtlary
gürelişen, köýneginiň gadymky matasy tamam bolup, ýamag
üstüne ýamag düşen orta boýly bir aýal, kemperip başlan eňegini
eliniň aýasyna goýup, tirsegini dyzyna daýap otyrdy.
Ol — Japbaklaryň ejesi Bollukdy.
Onuň şöhlesi biraz öçüşen gara gözleri oraçanyň içine näçe
garanjaklasa-da, göz eglener ýaly bir zada gözi ilmeýärdi. Ol
şol oturyşyna çagalarynyň bu gün näme tamşanjakdyklaryny
oýlanýardy. Olaryň ýerleri, suwlary ýokdy. Daşy çürüzdiklenen
ýaly bir pilek ýerleri, haýsy bir duzak üsti bilen, heniz kakalary
ölmänkä, Ýalak işanyň eline geçipdi. Suw paýjagazlaryny haýsy
bir hile bilendir Kelekbaý özüne öwrüpdi. Birwagtky ýekeje sygyrlaryny-da, haýsy bir täri bilendir, Doýduk öz gapysyna dartyp alypdy. Başga tarapdan hem hiç hili girdeji ýokdy. Şonuň üçin
Japbaklaryň güni meniňki bolsun diýer ýaly däldi.
Emma şol agyr güne ýaş Japbaklaryň ýaş beýnileri entek oňly
düşünmeýärdi. Ejesi şol agyr ýagdaýda otyrka, Tapbak daşardan
ala gopgun bilen dazyrdap geldi.
— Eje, aý, eje, görsene
Bolluk ejäniň ýaş bilen ümezlän gözleri ony ilkibada oňly
saýgarmady. Ol ogluna sowal berdi.
— Oglum onyň näme?
Topbak elindäki pasyrdaýan meleje guşuň sakgaljygyny syp— 119 —
alady.
— Muňa molla torgaý diýýärler, molla torgaý!
— Ony nädip tutduň, oglum?
— Eje jan, men minneti Ýapyrylyp ýatardan çekýärin!
Ol heniz sözüni gutarmanka, Mapbak dazyrdap girdi. Onuň
hem elinde meleje guş pasyrdaýardy.
— Eje, aý eje, görsene!
— Ony nädip tutduň, oglum?
— Men minneti Uçsa deperden çekýän, eje jan!
Ol heniz sözüni gutarmanka, Ýapbak dazyrdap girdi.
Onuň hem elinde meleje guş pasyrdaýardy.
— Eje, aý, eje, görsene!
— Ony nädip tutduň, oglum?
— Eje jan, men minneti Görse basardan çekýän!
Ol heniz sözüni gutarmanka, Japbak dazyrdap
geldi.
Onuň hem elinde meleje guş pasyrdaýardy.
— Eje, aý, eje, görsene!
— Ony nädip tutduň, oglum?
— Eje jan, men minneti Duýdurman tutardan çekýän!
— Berekella ogullarym!
Japbaklar dil açyp, aýak bitip başlaly bäri ejeleriniň ýüküni
ýeňledip başlapdylar. Olaryň şol şagalaňly gopgunlarynyň özi-de
köp wagt açlygy duýdurmaýardy. Olaryň häzirki şatlygynyň özi
enäniň gamgyn göwnüni asmana göterdi.
Japbaklar guşlary bişirmek maslahatyny etdiler. Japbak:
«Guşlary palawa salalyň» diýdi. Doganlar ony maslahat bildiler.
Palaw diýilýän zady dadyp görmek nähili hezildi? Emma Bolluk
oraçanyň içine göz gezdirenden soň:
— Ogullarym, tomsuň güni palaw onçakly ýakymly bolmaz — diýip sypaýçylyk etdi.
Oglanlar ony makul bildiler.
Ýapbak guşlary gowurmagy maslahat berdi. Näzijek guş
etini gowursaň, nähili ýakymly ys kükärdi. Doganlar ony
biragyzdan tassykladylar. Bolluk ýene oraçanyň içine göz aýlandan soň:
— Ogullarym, owunjak guşlaryň ýagy mäzleşik bolar,
agzyňyza-burnuňyza ýelmeşip galmagy mümkindir — diýip
sypaýçylyk etdi.
Näzijek eňeklerini, burunlarynyň aşagyna sypalan Japbaklar
ol söze gülüşdiler.
Mapbak: — Guşlary çekdirme edeliň — diýdi. Doganlar
ony makul bildiler. Bolluk enaýyja guşlara garandan soň, ýene
oraçanyň içine göz gezdirdi-de:
— Ogullarym, owunjak guşlaryň etinden çekdirme
etseň, derrew gäkiligiňi azdyragan bolar—diýip sypaýçylyk
etdi;
Doganlar ony dogry bildiler.
Topbak iň soňunda kellejigini gaýşartdy.
— Men tapdym!
Doganlar onuň sözüni birden tassykladylar.
— Topbak tapdy!
Topbagyň özi hem birhili bolup, töweregine garanjaklady.
— 120 —
— Men nämäni tapdym?
— Biz näbileli seniň nämäni tapanyňy?
— Onda näme?..
— Sen özüň aýtdyň ahyry!
— Onda biraz sabyr ediň... Hawa, tapdym. Geliň, bulary
çişe düzüp, kebap edeliň!
— Topbak bildi! Topbak bildi!
Hatda Bolluk-da Topbagyň sözüni makullady.
Hepbiklere yzly-yzyna düşýän torgaýlary Japbaklar ütdüler,
çişe düzdüler, oda tutdular. Kebap jyzyrdap başlapdy. Şol wagt
peýda bolan ala ýabyly, ala horjunly, ala donly, ala sakgally, ala
gözli gedaý olaryň keýpini bozdy. Ol aňyrdan gele-gelmäne, ala
sakgalyny sypalady.
— Balalarym, beriň, berekediňiz artsyn!
Japbak elindäki çişligini özüne bakan çekdi, ala
sakgalyň ýüzüne çiňerildi.
— Berende berekediniň artjagyny bilse, Kelekbaý näme hiç
kime hiç zat berenok?
Ala sakgalyň ýüzüne olaryň hemmesi birden üşerildiler.
Olaryň hemmesi oňa yzly-yzyna şol sowaly ýagdyrdylar.
— Kelekbaý näme üçin hiç kime hiç zat berenok?
Ak sakgal sowala jogap gaýtarman, dilegini dowam
etdi.
— Hudaýym siziň döwletiňizi artdyrsyn!
Mapbak oraçalaryna göz aýlandan soň, gedaýa çiňerildi.
— Hudaý bize döwlet berjek bolsa, näme, görmeýändir
öýdýäňmi?
Ýapbak gedaýyň aýtjak bolan sözüni agzyndan aldy.
— Aý, agam, gapy-gapy aýlanmakdan, sakyr-sakyr sanamakdan sakgalyň agarypdyr. Sen beýdip heläk bolup ýöreniňden,
hudaýa özüň üçin ýalbaryp, özüň baý bolaýsaň bolmaýamy?
— 121 —
Gedaý olaryň sözüne gulak asman:
— Köşeklerim, işan agaňyzyň nebsi kän däldir. Her
haýsyňyz birazajyk emlsseňiz besdir — diýip, düýbi unly sanajynyň agzyny açdy.
— Aý, ýeser işan ekeniň! Sen almytyňy almasan gitjek däl!
— diýip, Japbak onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çepläp gelen bir jam bugdaýyny guýdy.
Hojam hoşallyk bilen:
— Aý, berekella, köşegim! — diýdi.
— Sen örän ýeser işan ekeniň. Sen almytyňy almasaň, gitjek
däl! — diýip, Ýapbak onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çepläp
gelen bir jam arpasyny guýdy.
Hojam hoşallyk bilen:
— Aý, berekella, inilerim! — diýdi.
— Baý, ýeser hojam ekeniň-ow! Sen almytyňy almasaň gitjek däl! —diýip, Mapbak onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan
çöplän bir jam jöwenini guýdy.
Hojam hoşallyk bilen:
— Aý, berekella goçagym! — diýdi.
— Baý-baý, ýeser işan ekeniň-ow! — diýip, Topbak onuň
unly sanajyna ejesiniň guýudan getiren bir gowa suwuny guýdy.
Ala sakgalyň ala gözleri hanasyndan çykara geldi.
— Baý-baý, ýeser oglanlar ekeniňiz! Siz meniň çemçeläp
ýygnanymy çanaklap dökdüňiz — diýip, içi mäjumlanan sanajy
ýere bulap urdy,
Unly, bugdaýly, arpaly, jöwenli, suwly mäjum sanaçdan Japbak bir jam dolduryp aldy, Ýapbak bir jam dolduryp aldy, Mapbak bir jam dolduryp aldy. Topbak hiç bir zat alman, sanajy ala
sakgalyň egnine oklady.
Işan näme etjegini bilmän:
— Aý, hudaýym, edeniňe şükür! Dünýäde maňa-da gözi
garalar kän ekeni! — diýip, sakgalyny sypalady.
Japbaklaryň dördüsi dört ýerden gedaýy gujakladylar. Biri
onuň ýeňini sypalady, biri egnini sypalady, biri sakgalyny sypady.
Olaryň hemmesi birden:
— Işan aga, bizden gaty görme! Biz çenden näme-de bolsa bir zada hezil etmesek, günümiz geçenok. Sen, ynha, biziň
obamyzdan çykmankaň, ýeke sanajyň däl, horjunyň hem gabarar
— diýip, uzur ötündiler.
Ondan soň oňa Japbak bir torgaý kebabyny berdi, Ýapbak bir
torgaý kebabyny berdi, Mapbak bir torgaý kebabyny berdi, Topbak bir torgaý kebabyny berdi.
— Aý, berekella, köşeklerim — diýip, gedaý olaryň
ýanyndan hoşallyk bilen gitdi.
Ala ýabyly özlerinden arany açandan soň bolsa, Japbaklaryň
dördüsi birden heň etdiler:
Ala ýabyly, ala sakgal,
Ala danly, ala sakgal,
Daşyň ala, içiň ala,
Ala gözli ala sakgal.
Gapy-gapy gezen gedaý,
Dannawuň ýok: arpa, bugdaý,
Bize beýle alarylma,
— 122 —
Alardypdyr seni Hudaý
Japbaklar ýene hepbik gurdular, ýene torgaý tutdular, çişlere
ýaňadandan et düzdüler. Kebap taýyn bolanda, ejesi olaryň her
haýsyna eliň aýasy ýaly çörek-de tapyp berdi. Ony azyrganyň
Topbak ejesine ýüz tutdy.
Eje, aý, eje, seniň adyň näme?
— Wiý, Topbak janyň soraýan zadyny... Sen ony näme özüň
bileňokmy?
— Ýaňky ala sakgal meniň akylymy özi bilen alyp ötägitdi
öýdýän, ýadymdan çykaraýypdyryn!
— Meniň adym Bolluk ahyry!
— Hä, Bolluk, Bolluk!.. Onda näme, eje, biziň öýümizde
çörek bolluk däl!
Bolluk çagalaryna näme jogap berjegini bilmän, oraçanyň
içine garanjaklandan soň, gap böwürde bulaşyp ýatan ullakan sanaja gözi düşdi.
— Balalarym, men size bir sanaç bereýin...
Topbak onuň sözüni kesdi.
— Näme, eje, biz indi ýaňky ala sakgalyň yzyna düşelimi?
— Alla saklasyn, oglum, gedaý gezmekden alla saklasyn!..
Siz ony bugdaýy orlan ýerden baryp, hoşadan hyryn-dykyn
dolduryp gelersiňiz. Biziň öýümizde, ana, şonda çörek bolluk bolar!
Japbaklaryň dördüsi dört ýerden:
— Biz hoşa çöplemäge gideris. Şonda biziň öýümizde çörek
bolluk bolar! —diýip, taýyn kebaba agyz urdular.
Keramat
Japbaklar hatar-hatar syryp barýarkalar, Doýdugyň ak
öýüniň duşundan geçip, garaja öýüň gapdalynda aýak çekdiler.
Onuň içinden hyrryň-hyrryň ses eşidildi.
Japbak Ýapbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä?
Ýapbak Mapbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä?
Mapbak Topbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä?
Oňda Japbak aýtdy:
— Garaja öýüň içinde it hyňranýan bolaýmasyn?
Onda Ýapbak aýtdy:
— ýok. It beýle hyňranmaz. Ussaň törpüsiniň sesi bolaýmasyn?
Onda Mapbak aýtdy:
— Ýok! Törpiň beýle soňsuz sesi bolmaz. Doýduk ejäň horruldysy bolaýmasyn?
Onda Topbak aýtdy:
— Ýok! Doýduk eje ýaňyja şu ýere girdi ahyry! Ol eýýäm
horlamaga ýetişen däldir. Bu arwah-jynyň hyrryldysy bolaýmasyn?
Nämälim zady bilmän galdyrmak Japbaklaryň gylygyna laýyk däldi. Olar durmuşyň her bir ownujak zatlaryna çenli bilmäge synanýardylar. Olar iň soňunda şol sesi içerik girip
barlamak kararyna geldiler.
Japbak Ýapbagy itekledi. Ýapbak Mapbagy itekledi. Mapbak
Topbagy itekledi. Topbak Japbagy itekledi. Olaryň dördüsi birden
— 123 —
içerik kürsäp urdular.
Olaryň näme üçin ýykylyp-sürşüp gelenlerini ýeser Doýduk
derrew aňlady. Ol Japbaklaryň gözüne güýdüşip, degirmeniň
sapyny aýlap oturan aýala göz ümledi. Onuň şol yşaraty «Sesiňi
çykarma-da, edil doňan göwre ýaly, birsyhly aýlap dur» diýip
beren tabşyrygydy.
Japbaklaryň el degirmenini birinji gezek görüşleridi. Tegelek, çalymtyk daş dynuwsyz aýlanýar. «Hyrryň-hyrryň» ses
edýär, Doganlar ony, hakykatdan-da, arwah-jyn hasap eden ýaly,
kem-kemden arkan çekildiler.
Onda Doýduk aýtdy:
— Eri, Japbaklar, nämeden gorkýarsyňyz?
Ýapbak aýtdy:
— Doýduk eje, bu näme?
Doýduk myssa ýylgyrdy. Ol birnäçe wagt mundan ozal ýogalan towugyny Japbaklardan görüp, olardan ýaňa içi kitüwlidi:
olary nähili-de bolsa bir awundyrmak küýüne düşüp ýördi. Kim
bilýär, belki, onuň towugyny gije şagal alandyr. Doýduk pursady
ganymat bildi.
— Muňa, hanym, keramat diýerler.
Onda Mapbak aýtdy:
— Keramatyň näme häsiýeti bar?
— Ony towap eden adam baý bolýandyr.
Onda Topbak aýtdy:
— Doýduk eje, senem şuny towap edip baý boldunmy?
— Men ony her günde bir gezek ýüzüme sylýan.
Onda Japbak aýtdy:
— Her bir adam hem towap etse bolýarmy?
— Hemme adamy ol päk ruha goýberjek gümany barmy!
Siz ýetim oglanlar bolanyňyz üçin, ýekeje gezek rugsat bermegim
mümkin. Goý, siziň hem birneme dowaryňyz bolsun!
Doganlar biri-birine seredişip: «Biz hem towap edeliň» diýen
karara geldiler.
Japbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Ýapbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Mapbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Topbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Doganlar biri-birine çiňerilişdiler. Olaryň hemmesiniň
maňlaýy gyzaryp göründi.
Onda jakjaklap gülen Doýduk aýtdy:
— Gutly bolsun, balalarym! Keramatyň size tüýs ýokdugydyr!
Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Jopbak tokmagy aýlap
saldy.
— Ýok! Bu keramat däl, arwah-jyn!
Degirmeniň sapy bir ýana, süýbegi bir ýana zyňlyp
gitdi. Onuň har-hary bolsa tapba kesildi.
Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Ýapbak tokmagy aýlap
saldy.
— Bu keramat däl-de tüýs arwah-jyn ekeni!
Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Topbak tokmagy
aýlap saldy.
— Bu keramat däl-de tüýs arwah-jyn ekeni!
— 124 —
Degirmeniň daşy çym-pytrak boldy.
Doýduk gykylyk etdi.
— Heý, ylahym ýaşyňyz kesilsin, ýaşy kesilenler! Siz keramaty syndyrdyňyz — meniň baýlygymyň soňuna suw ekdiňiz!
Onda Japbak jogap berdi.
— Ýok, Doýduk eje, biz seniň öýüňe keramat ekdik. Indi
seniň gum diýip garbanyň gyzyl bolar.
Japbaklary awundyran Doýdugy Japbaklaram awundyrdylar.
Hoşaly sanaç
Hoşa etmäge Japbaklaryň birinji gezek gidişleridi. Olar bugdaýy orlan sypalyň içinde gezdiler. Emma hoşa görmediler. Olar
bu ýeriň hoşasyny özlerinden öň biri çöpläpdir diýip düşündiler.
Japbaklar iň soňunda orulmadyk bugdaýyň içine girdiler.
Ýapbak şatlygyndan ellerini çarpdy.
— Ine gerek bolsa size hoşa!
Mapbak söýünjini mälim etdi.
— Nädersiň indi Japbaklaryň oraçasy çörekden dolaý-sa!
Topbak keýpi köklük bilen gygyrdy.
— Sanajy bäri al!
Olaryň üçüsi uç ýerden orulmadyk bugdaýyň towzasyny
ýolup başladylar. Japbak bugdaýyň şytyrdysyna gulak salyp, birsalym böwrüni diňirgänden soň, birdenkä gazap bilen gygyrdy.
— Daýanyň!
Olaryň hemmesi birden Japbaga seretdi. Japbagyň ýelken gulaklary gabardy.
— Siziň şu edýän işiňiz Japbaklaryň adyna laýykmydyr?
Ejemiň beren tabşyrygyny unutduňyzmy? Biz hoşany orlan
ýerden çöplemeli dälmidik näme?
Doganlaryň ýüzleri aşak sallandy, penjeleri gowşady, towzalar ýalaňaç aýaklarynyň üstüne iki-ikiden paýrap düşdi. Japbagyň sözüni olar ysgynsyz ses bilen tassykladylar.
— Japbak dogry aýdýar!
Japbak sanajy başaşak silkdi. Dok däneli towzalar paýrap
döküldi. Üç doganyň naýynjar garaýan gözleri şol towzalar
bilen bile dökülýäne döndi. Şol wagtda oraçanyň içi, ejeleriniň bir döwüm çöregi gizläp çykarýany gözleriniň öňüne geldi.
Olaryň üçüsi üç ýerden oýlandy. «Bu nähili deňsizlik? Ynha,
gör, meýdanyň ygşyldap oturan bugdaýy ýere-göge syganok.
Emma biziň öýümizde bir ýugrum hamyrlyk un ýok. Bu nähili
düzgün?..»
Ýapbak iň soňunda Japbaga sowal berdi.
— Aý, Japbak, sen bize görä ekabyrrak, Belki, sen bilýänsiň:
biziň näme üçin ýerimiz ýok?
— Ýeri näme etjek?
— Ýeri näme ederler? Bugdaý ekjek?
— Biziň ýerimize Ýalak işanyň eýe bolanyny ejem, nämä,
bize aýtmanmydy? Ýa siz eýýäm ony unutdyňyzmy?
Doganlaryň hiç birinden ses çykmady.
Japbak boş sanajy egnine atyp ugrady. Üç dogan onuň yzyna
tirkelen torum ýaly, nalajy asylyp ýöredi. Ygşyldap oturan tow— 125 —
zalary yzda galdyryp gitmek olar üçin nähili agyrdy...
Olar iň soňunda bugdaýy orlup, dessesi heniz çekilmedik
sypalyň içine girdiler. Japbak boş sanajy bir dessäň üstüne bulap
urdy.
— Ine size orlan ýer. Hoşany näçe etsek, ine, şu ýerden
edeliň!
— Dogrudan hem, Japbak bizden akylly. Ine gerek bolsa
hoşa! Japbak tumşujagyny ýokary tutdy.
— Hymm! Siziň Japbak bilen gözüňiz öwrenişendir.
Söze salym ýok, üýşürilgi dessäniň başy şytyrdap başlady.
Bir käse çaý içim salymda sanajyň garny gabardy.
Dessä el urman, ýekeje towzany barmaklarynyň arasynda
pyrlaýan Topbagyň näme üçindir durdygyça ýüzi gamaşdy. Birdenkä-de ol:
— Japbaklar, çekiň eliňizi! — diýip gygyrdy...
Üç doganyň üçüsi birden Topbaga çiňerildi.
Ýapbak bilen Mapbak onuň alkymyna dykyldy. Olaryň ikisi
birden:
— Bu nähili buýruk! Japbaga biz boýun, onuň ýaşy uly,
gowy bilýär. Sen biziň ikimizden hem kiçi ahyry! Bu nähili
buýruk? — diýip gaýtalady.
— Ejem bizi bu gün näme üçin iberdi?
— Bu nähili sowal? Elbetde, hoşa etmek üçin!
— Hoşany nireden edip diýipdi?
— Orlan sypaldan.
— Siz, heý, oýlap görýämisiňiz? Siziň el urýanyňyz orlup
giden sypalyň hoşasymy ýa orlup üýşürilen dessemi?
Doganlaryň üçüsi üç ýerden başlaryny aşak saldy. Topbak
sanajyň düýbünden tutup silkende sere biçim towzalar dessäň
üstüne paýrap döküldi. Ol edil Japbaklaryň eleşan eteklerinden
dökülýän gowurga döndi.
Şondan soň Japbaklar desseden ýekeje-de towza alman, orlan
sypaldan hoşa çöplemäge başladylar. Hoşa çöplemek, elbetde,
üýşürilen dessäniň başyny buran ýaly däldi. Orakçynyň elinden
sypyp gaçan towzanyň her bäş-üç ädimden birini gözläp tapmalydy. Eýsem-de bolsa, Japbaklar oňa tiz adatlandylar. Gün ortadan
agmanka, sanaç kemsiz doldy. Emma çöplenen towza heniz hem
kändi. Sanajyň agzyna çykaryp, ilki bilen Topbaga depeletdiler.
Gowzan sanajyň üstüne towza guýanlaryndan soň, Ýapbaga depeletdiler. Ýene biraz hoşa galany üçin, iň soňunda Japbaga depeletdiler. Sanaç tyrymdykyz doldy. Onuň agzyny zordan bogdular.
Ýapbak sanajy pitiklände, ol ter gawun ýaly, tyryň-tyryň ses etdi.
Japbak Ýapbaga:— Sanajy sen göter — diýdi.
Ýapbak Mapbaga: — Sanajy sen göter — diýdi.
Mapbak Topbaga: — Sanajy sen göter — diýdi.
Topbak Japbaga: — Sanajy sen göter — diýdi.
Ahyrynda bije atdylar. Ilki bilen Japbak, ondan soň Ýapbak,
ondan soň Mapbak, ondan soň Topbak götermeli boldy. Olar deň
götermegi müwessa goýdular. Emma ädimiň näçe ädim, nirä çenli götermelidigi mälim bolmady. Olar ilki bilen oba çenli bolan
arany ädimläp çykmak, ondan soň ädim sanyna görä götermek
kararyna geldiler. Olar sanajy ýabyň raýyşynda, belendräk ýerde
goýdulur.
— 126 —
Japbaklar oba bilen arany ädimläp çykdylar. Kimiň näçe
ädim göterjegi aýnadaky ýaly anyk boldy. Ondan soň sanajyň yzyndan gaýtdylar.
Emma goýup giden ýerlerinden sanajy tapmadylar. Agtardylar, agtardylar, eýläk ylgadylar, beýläk ylgadylar, desseleriň arasyna çenli barladylar... Sanaç hiç ýerden çykmady.
— Aý, hoşaly sanaç, niredesiň, haw! — diýip gygyrdylar.
Sanaç hiç ýerden jogap bermedi.
Japbak Ýapbaga: — Sanajyň indi gitdigi boldumy? — diýdi.
Ýapbak Mapbaga: — Hoşalaryň indi köýdügi boldumy? —
diýdi.
Mapbak Topbaga: — Gün zähmetimiz reýgan gitdimi? —
diýdi.
Topbak Japbaga: — Ejemiziň gözi ýoldadyr. Biz oňa indi
näme jogap bereris? — diýdi.
Sanajy ýene agtardylar, ýene tapmadylar.
Olaryň golaýynda bir harman göründi. Şol harmanyň
üstünde bir adam saýgaryldy. Sanajy şol adamdan soramak
kararyna geldiler.
Baryp görseler, harmanyň üstünde oturan Kelekbaý ekeni.
Japbaklar Kelekbaýa salam berdiler. — Armaweri— diýip,
halyny-ahwalyny soradylar. Gele-gelmäne sanaç sowalyny bermekden bolsa çekindiler. Emma jozzuk ýaly garry Kelekbaý nasly
agzyny pakgyldadyp, ilki bilen wäşilige saldy.
— Eri-how, Japbaklar, top tutup ugrapsyňyzla? Ugur haýyr
bol-a!
Kelekbaýa Japbak jogap berdi.
— Baý aga, ugur-a haýyr däl.
— Näme üçin?
— Sanaç ýitirdik.
— Sanajyň nähili alamaty bardy?
— Garny pökgüjedi. Iki elini asmana gerýärdi.
— Sanajyňyz borjulan bolaýmasyn?
— Baý aga, ol düýäniň hamyndan däl ahyry!
— Şowuna düşse, geçiniň hem borjulaýmasy bolar.
— Baý aga, henek etmesene! Gören bolsaň, aýtsana! Ejemiziň öýde ýugyrlygy ýokdur. Gözi ýoldadyr. Dört adamyň uzak
günlük azaby reýgan bolup barýar. Bilýän bolsaň, aýdaýsana, baý
aga!
Kelek agzyndaky nasyny togdary ýaly pürküp goýberdi. Japbaklara dazaryldy.
Heý, enesi ýalamadyk, atasy dolamadyk murdarlar! Siz indi
ogurlyga-da ýüz urduňyzmy?
Ýapbak Kelekbaýa ak ýürek bilen mälim etdi.
— Baý aga, beýle diýmäň, aýyp bolar! Japbaklar— Japbaklardyr. Olar aç ýatmany başararlar. Emma kişi malyna el urmany başarmazlar! Şeýle bolanda, ejemiz biziň ýüzümize tüýkürmezmi? Biz, ne dik oturan bugdaýa degdik, ne orlan desselere el
uzatdyk. Diňe sypaldan hoşa çöpledik.
Kelekbaý agzyndan köpük syçradyp gygyrdy.
— Heý, peläketler! Ynha, siziň hoşaňyz meniň aşagymda!
Japbaklaryň hemmesi birden:
— Aý, ýaşa, baý aga! — diýip gygyrdylar. Olaryň her haýsy
— 127 —
bir ýerden derrew harmana dyrmaşdylar. Hakykatdan-da, hoşaly
sanaç Kelekbaýyň aşagynda ellerini ýokaryk gerip ýatyr. Olaryň
hemmesi birden seslendiler.
— Baý aga, ýitgimizi tapyp bereniňe sag bol! Sanajy bäri al!
Kelekbaý awa topuljak syrtlan ýaly üşerildi.
— Size sanaç gerekmi?
— Içindäki hoşasam bile gerek!
Kelekbaý ýumrugyny düwüp galanda, Japbaklar özlerini
harmandan aşak goýberdiler. «It gedaýdan gorkar, gedaý itden»
diýen ýaly, Kelekbaý olardan birhili ätiýaç etdi, harmandan özüni
aşak goýbermedi. Doganlar oňa näçe ýalbarsalarda, Kelekbaý
olara gulak asman, gaýta agzyndan gelenini gargady. Garaz ne
Japbaklar harmana dyrmaşyp bildiler, ne-de Kelekbaý aşak düşüp
bildi.
Kelekbaý harmandan düşse, Japbaklar sanajyny bir tär bilen
ele salarys diýip düşünýärdiler. Şonuň üçin Kelekbaýyň gaharyny
getirmek küýüne düşdüler. Olaryň her haýsy bir ýerden heňe
başlanlarynda, sesleri sazlanyşyp çykdy.
Kelek, Kelek, Kelek baý!
Gazan, çuwal, çelek baý!
Ýüz kelege, ýüz kele,
Bir özümiz bolarys taý!
Şol heňi yzly-yzyna gaýtaladylar.
Kelekbaý hem keldi, hem kelekdi. Ondan ýüz görýänler, ondan eýmenýänler, oňa ýaranjaňlar onuň adyny biraz üýtgedip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýlanan eserler - 12
  • Parts
  • Saýlanan eserler - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2063
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 02
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1848
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 03
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2000
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 04
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2022
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 05
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 1988
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 06
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1934
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 07
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 1931
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 09
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1742
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 10
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 1757
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 11
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 1740
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1762
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 13
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1737
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 14
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1791
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 15
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 1862
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 16
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1833
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 17
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 1874
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 18
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1738
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 19
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 1874
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýlanan eserler - 20
    Total number of words is 236
    Total number of unique words is 201
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.