Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12

Total number of words is 3918
Total number of unique words is 1910
34.3 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üýtgedýänligini bilmän ekenim. Öň ol baryp ýatan arakhora meňzeýärdi, indi bolsa
ak şlýapasyny çykaryp ýylgyryp başyny atýar welin, edil ýaňyja gämiden çykan
ýaly; şeýle arzyly, şeýle takwa, şeýle hoşgylyk görünýär. Edil-je goja Nuhuň özi.
Jim gaýygyny ýuwdy, men küregimi alyp, oňa mündüm. Kenaryň ýanynda,
burnuň aşagragynda, şäherden üç mil töwerekleri uzaklykda ullakan parohod durdy,
iki sagatdan bäri oňa ýük ýüklenýärdi. Şonda korol:
— Şeýle üsti-başlykam, men gowusy Sen-Luiden ýa-da Sinsinnatiden ýa-da
başga bir uly şäherden gelnen kişi bolaýyn. Parohoda baka kürekle, Geklberri: biz
şähere şoňa münüp gideris — diýdi,
Parohoda münüp görjek bolamsoň, ol iki gezek aýtmaly bolmady. Men şähere
ýarym mil ýaly ýetmän kenara sowdum we gaýygy kert gaýanyň gyrasy bilen
parahat akyp ýatan suwdan alyp ugradym. Basym biz göräýmäge ýakymly we sada
oba ogla-kyna duşduk, ol pürsuň üstünde ýuzüniň derini syryp oturan ekeni, sebäbi
howa örän yssydy; onuň gapdalynda hem iki sany haly torbasy ýatyrdy. Korol:
— Hany gaýygy kenara tarap öwür — diýdi. (Men öwürdim). Ýeri, nirä gitjek
bolýaňyz, ýaş ýigit?
— Orleana gitjek, parohoda garaşýaryn.
— Meniň ýanyma münäýiň. Bir minutjyk duruň, häzir meniň hyzmatkärim size
ýüküňizi göterişer. Adolfus, hany çykda jentlmene kömekleş (görýän welin, ol
muny maňa diýýär öýdýän).
Men kömekleşdim, soň biz üç bolup ýolumyzy dowam etdirdik. Ýaş ýigit köp
hoşal boldy, beýle yssyda munça ýüki götermäge güýjüm ýetmedi diýdi. Koroldan
nirä barýanlygyny sorady, korol hem derýanyň aýagyna tarap barýardyk welin, şu
gün ertir ho taýda, şeheriň ýanynda düşläýdik, indi bolsa birnäçe mil ýokaryk
galmakçy, şol ýerde fermadaky köne tanşymy görmekçi diýdi. Ýaş ýigit:
— Men ilki sizi göremde: bu mister Uilks bolsa gerek, ýöne welin birazrak gijä
galypdyr-da — diýdim. Ýepe-de: aý ýok, ol däldir, näme üçip ol bolsa derýa bilen
ýokarlygyna gitsin? — diýdim. Dogrudanam, siz ol däl gerek? — diýdi.

— Ýok, maňa Bložet, Aleksander Bložet diýýärler; men ýene keramatly ata
Aleksander Bložet diýibem goşmalymyka diýýärin, sebäbi men hudaýyn kanagatly
adamsy. Emma herzat bolsa-da, gijä galmagy bilen degerliräk zat ýitirýän bolsa,
mister Uilksiň gijä galanlygyny eşitmek meniň üçin örän gynançly. Ýöne onçakly
beýle-de däldir diýip umyt edýärin.
— Aý, ýok-la, gijä galmagy bilen ol maýa-ha ýitirenok. Barybir ol özüne düşýän
mirasy alar, köne welin dogany Piteri diri görüp bilmez, bu onuň perwaýyna-da
bolmazlygy mümkin, kim bilýär, ýöne dogany welin ölmänkä ony görüp bilse
dünýä malyndan geçjekdi: soňky üç hepdede pahyr şondan başga zady bilmedi;
olar çagalykdan bäri bir-birini görmeýän ekenler, lal dogany Uilýama ol hiç haçan
hem görmän ekeni, ýogsa Uilýam hem otuz-otuz bäş ýaşlarynda bolma
— Näme üçin Garweý wagtynda geläýmändir, siz nähili piker edýärsiňiz? Onuň
ýaşaýan ýeri nirede?
— Ba, ol Angliýada, Şeffildde ýaşaýar. Özem wagy-nesihatçy, Amerika bolsa
ömründe bir gezegem gelip görmändir. Belki, ýetişen däldir, belki hatam alan
däldir, kim bilýär.
— Wah, wah, pahyr ölmänkä doganlarynam group bilmändir. Diýmek, siz
Orleana barýarsyňyz-da?
— Hawa, ýöne entek bu-da bary däl. Hepdäň üçünji güni men parohod bilen
Riode-Janeýro gitjek. Ol ýered maňa daýym garaşýandyr.
— Uzak, örän uzak gezelenç! Oňa Derek nähili hezil gezelenç! Menem keýpihon
giderdim. Diýmek Meri-Jeýn ulusy-da. Onsoň beýlekileri näçe ýaşynda?
— Meri-Jeýn on dokuzynda, Sýuzanna on bäşinde, Joanna bolsa heniz on
dördünem dolduranok. Bu şol asylly işleri etsem diýýän dodagy ýirik gyz.
— Pahyrjyklar! Ýeke galaýmak olara gör nähili kyn düşendir
— Aý, ýok, mundan hem beterrägi bolsa bolaýmaly. Ýöne garry Piteriň dostlary
bar, olar gyzlaryňýüzlerini salladanoklar, ynha Baptist wagyz-nesihatçysy Gobson,
dýakon Lot Howi, Ben Reker, Ebner Şeklford, aklawçy Lewi Bell,ýene-de örän
kän, ýöne Piter bulary bilen has hem ysnyşyklydy, olar barada watanyna-da
ýazypdy, şonuň üçin bu ýere geleninde, onuň dostlaryny nireden gözlemelidigini

Garweý bilmändir. Garry şol oglandan tä änigine-şänigine ýetýänçä sorady. Şol
şäher barada, Uilksler barad ol ähli gerek zady bilmedik bolsa, men duran ýerimde
öläýeýin. Piteriň name işlänligini-de (ol gaýyşçydy), Jorjuň ňäme işlänligini-de (ol
bolsa agaççy ussady), Garweýiň näme işlänligini-de (bu bolsa nirededir bir sektada
wagyz-nesihatçy bolup işleýärdi) bildi, ýene köp-köp zatlary bildi. Soňra bolsa:
— O näme üçin tä parohoda gelinçäňiz pyýada geýdypsyňyz-la? — diýip sorady.
— Sebäbi bu uly orlean parohody, men bolsam ol durmazmyka diýip gorkdum.
Eger parohod derýanyň çuň ýeri bilen barýan bolsa, ol soranyň bilen durmaýar.
Sisiniatiden gelýän parohodlar durýarlar welin, bu Sen-Luiden gelýär-dä.
— Näme Piter Uilks baýmydy?
— Hawa, diýseň baýdy: onuň jaýlary-da, ýeri-de bardy: aýtmaklaryna görä, onuň
ýene-de gizlengi üç-dört müň dollar puly-da galypmyş.
— Ol haçan öldi diýdiňiz?
— Men entek pylan wagt öldi diýemok, ýöne ol öten agşam öldi.
— Onda ony ertir jaýlarlar?
— Hawa, günortanrak jaýlajaklar.
— Hm! Bularyň bary gynançly zat, ýöne welin näme biziň hemmämiz hem
irdegiçde ölmeli-dä, şonuň üçin biz diňe şol pursada garaşyp ýörmeli bolýarys:
şonda biz arkaýyn gezip bileris.
— Hawa, ser, şondan gowusy ýok. Ejemem maňa hemişe şeý diýerdi.
Biz parohodyň ýanyna ýüzüp baranymyzda, ýük ýüklemeklik gutaran ekeni,
şonuň üçinem ol basym ugrady. Borta galmak barada korolyň diýen zady bolmady;
şeýdibem parohoda münüp görmeklik maňa miýesser etmedi. Parohodyň garasy
ýitende, korol maňa ýene bir milräk kürekletdirdi-de, çägelik ýerden kenara çykdy
we:
— Basymrak yzyňa gitde, bu ýere gersog bilen täze çemedanlary alyp gel. Eger
ol beýleki tarapa giden bolsa, ony yzyna gaýtar-da, şu ýerik alyp gel. Onsoňam
oňadrak geýin diýip aýt. Bar, onda ugra — diýdi.

Men onuň näme etjek bolýanyny eýýäm aňdym, emma belli zat, dil ýarmadym.
Men gersogy alyp geldim, onsoň biz gaýygy gizläp, özümizem pürse mündük,
korol oňa hemmesini, ýaş ýigidiň aýdan zatlarynyň hemmesini sezme-söz gürrüň
berdi. Özem gürrüň berip otyrka hemişe iňlis gepleýşini etjek bolup jan etdi; beýle
nadan üçin bu onçakly erbedem çykmady. Mende-hä beýle çykmazdy. Men asyl
synanyşyp hem gör-jek däl, ýöne onda welin, bu dogrudanam, oňat çykdy. Soň ol:
— Siziň alyhezretiňiz, siz lallar barada nähili pikir edýäňiz? — diýip sorady.
Gersog: bu meselede maňa bil baglaýyň: men teatr sahnalarynda lal bolup oýnap
gerendirin diýdi. Onsoň biz parohoda garaşyp başladyk.
Günortanlar iki sany kiçijik parohod geçip gitdi, ýöne olar derýanyň sakasyndan
däldiler, soň bolsa ullakan parohod geldi, korol bilen gersog ony duruzdylar. Bize
gaýyk iberdiler, biz borta çykdyk; görsek parohod Sinsinnatiden gelýän ekeni,
biziň bary-ýogy dört bäş mil töwerekleri ýol ýörejekdigimizi bilip, kapitan bilen
komanda edil guduz açdy, agyzlaryndan gelenini diýdi, hatda düşüreris diýip
haýbat hem atdy. Emma korol aljyramady. Ol:
— Eger jentlmenler özleriniň parohoda alynmagy, soň hem gaýyk bilen kenara
çykarylmagy üçin miline bir dollar berjek bolup durkalar, näme üçin parohod olary
barjak ýerine äkitmeli dälmiş, şeýle dälmi? — diýdi.
Şonda parohoddakylar köşeşdiler we bolýarda äkideris diýdiler; şäheriň deňine
gelenimizde bolsa, gaýygy sallap, bizi kenara çykardylar, gaýygy görüp, ýigrimä
golaý adam kenara tarap eňdi we «jentlmenler, sizden mister Piter Uilksni nirede
ýaşaýanlygyny görkezip biljegiňiz ýokmy?» diýip soranda, olar bir-birlerine
seredişip, göýä bolmasa: men size aýtmadymmy näme?» diýişýän ýaly,
birbirlerine başlaryny atdylar. Soň olaryň biri diýseň mylaýymlyk, diýseň
sypaýylyk bilen:
— Gaty haýpym gelýär, ser, ýöne biz size onuň öten agşamky ýaşaýan ýerin-ä
görkezip bileris — diýdi.
Hiç kim göz açyp-ýummaka, näkes garry süllerdi duruberdi we ýaňky adamyň
ýanyna ylgap baryp, onuň egnine eňegini goýdy-da möňňürmäge durdy hem-de:
— Wah, wah, doganym-eý! Ol ölüpdir, biz bolsak ony görübem bilmändiris! Ah,
nähili agyr habar boldy, nähili agyr hasrat boldy! — diýdi.

Soň hork-hork edip durşuna yzyna gaňrylyp, gersoga samsyk yşaratlar etdi,
barmaklary bilen oňa bir zat-bir zatlar görkezişdirdi, onýança gersog hem
çemedanyny taşlap, aglamaga durdy, hudaý kessin şeýtdi. Men beýle adamlary
heniz görmändim, eger bular tüýs tüýkesme ogrular bolmasa, onda men-ä kimiň
ogrudygyny bilemok.
Duranlar bularyň daşyna üýşüp, gynanç bildirip başladylar, ýakymly-ýakymly
sözler bilen olary köşeşdirip ugradylar, olaryň çemedanlaryny depä alyp çykdylar,
özlerinden ýapyşmaklaryna, üstlerini göz ýaşdan ezmeklerine ygtyýar etdiler,
korola doganynyň soňky minutlary barada gürrüň berdiler, ol bolsa barmaklary
bilen gersoga düşündirdi, şonda olaryň ikiside merhum gaýyşça şeýle bir
gynandylar welin, edil dünýädäki bar zatdan galan ýaly boldular. Eger ömrümde
şuňa meňzeş zat gören bolsam, edil negr bolaýyn! Adamlaryň bolşuny görüp,
ýüzüm gyzaryp gitdi.
XXV bap
Täzelik iki minutyň içinde bütin şähere ýaýrady we çar-tarapdan adam barynyň
aldyrany bar ýaly bolup dökülip gelýänligi, käsiniň bolsa sýurtugyny ylgap
gelýärkä geýýänligi görüldi. Basym biz märekäniň ortarasyna düşdük,
gykylykgalmagal geçip barýan goşuny ýada saldy. Gapylardan we äpişgelerden
adamlaryň kellesi göründi we minutsaýyn biri haýatdan kellesini çykaryp:
— Bular şolarmy? — diýip sorady. Märekeden biri bolsa:
— Şolar — diýip jogap gaýtardy.
Biz Uilksleriň jaýyna ýetenimizde, jaýyň öňündäki köçe adamdan ýaňa gypgyrma
eken, üç sany gyz bolsa gapyň agzynda dur eken. Meri-Jeýn dogrudan hem çypar
eken, emma munuň zyýany ýokdy: ol şonda-da owadandy, ýüz-gözleri agalarynyň
gelenligine begenmekden ýana ýaldyraşyp durdy. Korol gujagyny açdy, Meri-Jeýn
onuň boýnuna bökdi, Towşan Dodak bolsa gersogyň boýnuna bökdi, baý,
begenişdiler-ä!
Ähli adam, aýratynam aýallar, gyzlaryň ahyrsoňy garyndaşlaryna gowşanlygyna,
olaryň maşgalasynda şatlykly wakanyň bolup geçýänligine begenişip, gözlerinden
ýaş dökdüler.

Soňra korol ýuwaşlyk bilen gersogyň böwrüne dürtdi, men muny öz gözüm bilen
gördüm, soň daş-töweregine garanjaklady we burçda, iki sany oturgyjyň üstünde
duran tabyda gözi düşdi, şundan soň olar bir-biriniň egninden gujaklaşyp, boş
elleri bilen hem gözlerini süpürişip, oňa tarap ýuwaşja we dabaraly basyşyp
ugradylar, märeke olara ýol berjek bolup, iki ýana çekildi; gürrüň-galmagal
ýatyşyp, ähli kişiniň bileni-biteni: «Üş-ş-ş!» boldy, erkek adamlar bolsa
şlýapalaryny çykaryşyp, başlaryny aşak egdiler; häzir siňegiň wyzzyldysy-da
eşidilýärdi. Olar tabydyň ýanyna baryp, onuň üstüne egildiler, içine seretdiler; soň
bolsa şeýle bir zowladyp goýberdiler welin, ol Täze Orleana dagy ýetdimikä
diýýän; onsoň gujaklaşdylar, eňeklerini bir-biriniň eginleriniň üstüne atdylar we
üç-dört minutlap gözýaş dökdüler, özem, baý, köp dökdüler-ä! Erkek adamlaryň
beýle möňňürişlerini ömrümde görmändim. Olaryň yz ýany bilen beýleki duranlar
hem gözýaş etmäge oturdylar. Siz pikir edip görüň, olar ýeri şeýle bir ezdiler
welin, heňiz beýle zady görmändim! Onsoň olaryň biri tabydyň bir tarapyna,
beýlekisi beýleki tarapyna baryp durdular, dyzlaryna çökdüler, maňlaýlaryny
tabyda degirdiler we doga okap başladylar, emma sesli däl-de, içlerinden okadylar.
Ana onsoň hemme ýygnananlar bozuldy, bu görlüp-eşidilen zat däl; hiç kim
gözüniň ýaşyny saklap bilmedi, hemme adamlar bogazlarna sygdygyndan
möňňürişdiler, gyz görgüliler hem aglaşdylar; aýallaryň hersi diýen ýaly
ýuwaşjadan basyp, gyzlaryň ýanyna bardylar we örän dabaraly edip, olaryň
maňlaýlaryndan ogşadylar, soň ellerini olaryň kelleleriniň üstünde goýup, gözlerini
asmana tutdular, soň bolsa aglaşyp, gözýaş dökdüler, ses edip, ýaglyklary bilen
gözýaşlaryny süpürişip, indi başga biri şeýder ýaly çete çekildiler. Men şundan
ýigrenji zady ömrümde göremok.
Biraz salymdan soň korol aýak üstüne galdy, öňe ädim ätdi we özüni dürsäp
hymy-symy etmäge başlady, dogrusyny aýtsaň, ol munuň, doganlaryny ýitirmegiň
dogany ikisi üçin nähili agyr synagdygy barada, dört müň mil ýol ýöreseler-de,
dirikä ýetişibilmänlikleriniň nähili gynançlydygy barada, ýöne ähli adamdan şeýle
teselli bolansoň, bu synagy çekmegiň özlerine ýeňil düşjekligi barada, bu
gözýaşlaryň mukaddesdigi, şonuň üçinem ol olara hem öz adyndan, hem
doganlarynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýänligi, sebäbi muny söz
bilen beýan etmegiň mümkin däldigi, ähli sözleriň örän sowuk, örän lellimdigi
barada her hili bolar-bolgusyz zatlar samraşdyrdy, soňuny hem şeýle
bolarbolgusyz zatlara sapyşdyrdy welin, diňlär dagy eder ýaly bolmady, soň
boýurboýur ýaş döküp, iň takwalyk «ominini» aýtdy we edil jany jesedinden çykan
ýaly möňňürmäge durdy. Ol «omin» diňen badyna, märekäniň içinden biri şöhrat
aýdymyna gygyrdy, duranlaryň bary gygyryşyp, oňa goşuldylar, şondan soň
buthanadan çykanyňdaky ýaly janyň ara girip gitdi. Muzyka gowy zat bolýar! Şu

ýaňramalaryň baryndaň soň, göwnüme muzyka hiç haçan şeýle daýandyryjy, şeýle
ýakymly, şeýle oňat täsir etmedik ýaly bolup göründi.
Soň korol eger maşgalanyň esasy dostlary şu agşam özleri bilen nahar edinäýseler
we merhumyň meýdini ýygnamaga kömekleşäýseler, özüdir agtyklary üçin
ýakymly boljakdygy barada ýene ýaňrap başlady; eger tabytda ýatan dogany pahyr
gepläp bilýän bolsa, onda onuň kimleriň adyny tutjakdygy belli: ol atlar özüne
gymmatly bolan atlar bolmaly, ol olar barada hatlarynda-da ýazýardy diýdi; ynha
men olary birin-birin agzap çykaýyn, olar: ruhany mister Gobson, dýakon Lot
Howi, mister Ben Reker, Ebner Şeklford, Lewi Bell, doktor Robinson, olaryň
aýallary we dul hatyn Bartli dagy bolmaly — diýdi.
Keramatly ata mister Gobson we doktor Robinson şol wagt şäheriň beýleki
çetinde aw awlap ýördüler, ýagny doktora kesellini o dünýä ugradýardy, ruhany
bolsa oňa ýol gerkezýärdi. Aklawçy Bell işi çykyp, Luiswille gidipdi. Muňa derek
beýlekileri şu töwereklerdedi, şonuň üçin olar ýeke-ýekeden gelip korolyň elini
gysdylar, oňa sag bol aýtdylar, gürrüňdeş boldular; soň gersogyň elini gysdylar;
emma onuň bilen gürleşmediler, diňe samsyjaklar ýaly ýylgyryşyp, başlaryny
ýaýkadylar, ol bolsa eli bilen dürli zatlýar edişdprip çykdy, aňyn bolmasa, gepläp
bilmeýän çaga ýaly güň-güň etdi.
Korol bolsa şol ýaňrap otyrdy, ol eýýäm şäherde ýaşaýanlaryň iň soňkysyna çenli
ählisi barada soraşdyrypdy, atlaryny tutuşdyrypdy, şäherde ýa-da Jorjlarys
maşgalasynda Piterleris öýünde bolan hadysalaryň hemmesini ýeke-ýeke
sanaşdyrypdy. Gepiň gerdişine gerä, ol bularyň hemmesini Pýterin hatynda
ýazanlygyny aýdyrýardy, emma bu kezzaplykdy, bularyň hemmesini iň soňky
sözüne çenli, ol biziň parohoda mündüren ýaş samsygymyzdan eşidipdi.
Soň Meri-Jepn agasynyň goýup giden hatyny getirdi, korol bolsa ony sesli okap
aglady. Şol hata görä, ýaşalýan jaý bilen üç müň dollar altyn pul gyzlara
goýulýardy, oňatja işler edýän gön zawody we beýleki ýerli jaýlar (jemi ýedi müň
dollarlyk) hem-de üç müň dollar altyn pul bolsa Garwei bilen Uilýama goýulýardy,
hatda bu alty müň dollar ýerzeminde gomülipdir diýlip hem ýazylgydy.
Kezzaplaryň ikiside: häziriň özünde gidip, pullary tapyp geleris we ählisini
etmelisi ýaly edip, deňje paýlaşarys diýdiler, mana bolsa şemi götermeli diýdiler.
Biz ýerzemine girip, içinden gulpladyk, olar haltany tapan batlaryna puly ýere
dökdüler, saryja pullaryň şeýle üýşmegine seretmek diýseň hezillikdi. Bah,
korolyň gözi açyldow!

— Aý, ýaşasyn! ÝOK, munymyza ägirt diýmeli! Bu «Žirafadan» hem gowurak
bolsa gerek, şeýle dälmi?
Gersog bu gowudyr diýip razylaşdy Olar altyna penjelerini urdular, olary
syňraklarynyň arasyndan akdyrdylar, şaňňyrdadyp ýere gaçyrdylar. Onsos korol:
— Rast şeýle zadyň üstünden gelen bolsak, bu ýerde gürrüň edip oturasy iş ýok!
Indi biz ölen baýyň doganlary we daşary ýurtda ýaşap ýören diri mirasdarlarys
wekilleri. Ynha hemişe hudaýa sygnyp ýörseň! Dogrusyny aýtsaň, şundan gowusy
ýok. Men her zat edip gördüm welin, şundan gowusyny görmedim — diýdi.
Bulardan başga biri bolsa şeýle üýşmek pula kaýyl bolup, ony sanap görmän
alardy. Ýok, bular beýtmedi, bular sanap görermen boldular! Sanap başladylar,
görseler, dört ýüz on bäş dollar ýetenok. Korol:
— Içigar galmyş! Bu dört ýüz on bäş dollary ol nirä ýok etdikä? — diýdi.
Olar gynandylar, gynandylar, soňra hem gözläp başladylar, dumly-duşy köwüp
çykdylar. Şonda gersog:
— Aý, nätjek, kesel adam-da, ýalňyşan bolmagam mümkin. Iň gowusy,
şeýleligine galybersin, bu barada gürrüň edip oturmarys. Onsuz hem bir mydar
ederis — diýdi.
— Aýby ýok, elbetde, mydar ederis! Men muňa gynanamok, ýöne welin
hasabymyzy näderis, ynha meni şu alada goýýar! Biz bu ýerde işi sap ýürekli,
jikme-jik ýöretmelidiris. Bu pullary ýokaryk alyp çykyp, hiç hili müňkürlik
bolmaz ýaly, olary hemmeleriň gözüniň alnynda sanamalydyrys. Ýöne merhum bu
ýerde alty müň bardyr diýen bolsa, biz…
— Duruň! — diýip, gersog seslendi. — Geliň näçe ýetmeýän bolsa, üstüni
ýetireliň — diýiip, ol öz jübüsindäki altyn pullary çykaryşdyryp başlady.
— Örän gowy pikir, gersog! Sizde kelle-hä bar! Walla, gn,-ze ýene «Žiraf»
kömege ýetişdi! — dipip, korol hem altyp pullaryny çykaryşdyryp, setirläp goýdy.
Bu olary tas tozdurypdy, emma muňa derek alty müňüs hemmesi ýerbe-ýer
doldy. Gersog:

— Gulak salys, mende ýene bir pikir bar. Geliň, ýokaryk çykalyň-da, bu pullary
täzeden sanalyň, soňra bolsa olary gyzlara bereliň! — diýdi…
Ýok, hudaý kessin, seni gujaklamalymyka diýýärin, örän şowly pikir, bu hiç kimiň
hem kellesine gelmezdi! Siziň iňňän oňat kelläňiz bar, men beýle kelläni birinji
gezek görýärin! Aý, bu zor tapylan zat, muňa şek-şübhe ýok. Goý, indi bize
müňkürlik etjek bolup görsünler, bu olaryň dilini baglar. Ýokaryk çykan badymyza,
adamlar stoluň daşyna hümerlenişdiler; onsoň korol pullary sanap, her setirde üç
ýüz sanysyny ýerleşdirip, olary setirläp ugrady, ýigrimi sany kiçijik, oňatja setir
çykdy. Duranlar bulara agyzlaryny suwardyşyp, açgözlülik bilen seretdiler. Soň
ähli puly ýene halta dykdylar, görsem, korol ýene dylym-ýalym edip, sez
sözlemäge taýynlanýar. Ol:
— Dostlar, meniň hanha şol tabytda ýatan doganym pahyr özüniň bu ýagty
jahanda galdyryp giden adamlary üçin jomartlyk baryny edipdir. Dirikä gowy
gören we ekläp-saklan, indi bolsa enesiz-atasyz ýetim galan adamlary bolan
gyzlary üçin jomartlyk edipdir. Hawa! Oňa belet bolan biz gadyrly dogany
Uilýamy, şeýle hem meni öýkelederin öýtmedik bolsa, onuň olara has hem
rehimdarlyk etjekdigini bilýäris, Dogry dälmi? Elbetde, men bu barada birjigem
şübhelenemok, Onsoň şeýle wagtda, şeýle işde onuň edenine däl diýsek, bizdenem
bir dogan bolarmydy? Şeýle wagtda onun söýen ümsümje toklujyklarynyň
ellerindäkisini alsak, hawa, alsak, onda bizden aga bolarmydy. Uilýamy bilşime
görä — bilmesine-hä men ony gowy tanaýan — ol… Gowusy men onuň özünden
soraýaýyn — diýdi.
Ol gersoga garap öwrülip, oňa dürli yşaratlar etdi, barmaklary bilen bir zat-bir
zatlar görkezişdirdi, gersog bolsa ilki oňa aňk boldy, soňra bolsa birden korolyň
ýanyna eňdi we nämäň nämeligine düşünen ýaly, begenjinden ýaňa bogazyna
sygdygyndan güň-güň etdi we tas ýigrimi gezek diýen ýaly ony bagryna basdy.
Şonda korol:
— Men şeýtjegini bilýärdim. Bu barada onuň nähili pikir edýändigine her bir
adam hem göz ýetirip bilermikä diýýärin. Ynha, Meri-Jepn, Syuzen, Joanna, bu
pullary alyň, hemmesini alyň! Bu hanha hol tabytda dem-düýtsüz, emma näçe
diýseň begenip ýatan adamynyň sylagy bolmaly… — diýdi.
Meri-Jeýn korola tarap, Sýuzanna bilen Towşan Dodak hem gersoga tarap
okduryldylar, ine onsoň ýene şeýle bir gujaklaşma, öpüşme başlandy welin, beýle
zady hiç haçan görmändim. Beýleki adamlar bolsa olaryň daşyna öwrülişip,

gözlerinden ýaş dökýärdiler we tas bu iki kezzabyň ellerini goparypdylar, şol
gysyşyp durdular, özleri bolsa:
— Gör nähili adamkärçilik! Gör nähili gowulyk—diýişýärdiler.
Ana onsoň ýene merhum barada gürrüňe ýagdylar, ol oňat adamdy, bu uly ýitgi
boldy we şuňa meňzeş zatlar diýişdiler, biraz salymdan soň köçeden inedördül
eňekli, uzynyrak bir adam jaýa girdi we diňşirgedi durdy; oňa söz diýen bolmady,
sebäbi korol gürleýärdi, beýlekiler hem oňa gulak salýardylar. Korolyň nämeden
başlanlygy-ha ýadymda ýok welin, ol gürrüňiniň ortaragynda şeý diýdi:
— …sebäbi olar merhumyň ýakyn dostlary ahyryn. Olaryň agşam şu ýere
çagyrylmasynyň sebäbi hem ynha şol; ertir bolsa biz hemmeleriň, uçdantutma
hemmeleriň gelmegini isleýäris; ol şäherdäkileriň hemmesini hormatlaýardy,
hemmesini gowy görýärdi, ynha şonuň üçinem biz onuň jaýlama toýunda bütin
şäheriň bolmagyny isleýäris.
Yzynam tükezzibana tutdurdy, sebäbi ol hemişe öz gepine özi gulak asmagy
halaýardy; onsoňam aýyn bolmasa, «jaýlama toýy» dipdi oturdy, ahyrsoňy gersog
muňa çydamady we kagyzjyga: «Siz garry akmak, jaýlananda bir diýiň — diýip
ýazdy, kagyzy epledi we güň-güň edip, ony öňdäki duran myhmanlaryň üstaşyry
korola uzatdy. Korol okap gördi we kagyzy jübüsine salyp:
— Görgüli Uilýam, bu nähili gynansada, ýüregi öňki ýerinde. Jaýlamaga gitmäge
ähli adamlary çagyrmagymy soraýar. Ýöne ol nähak azara galýar, meniň özümem
ähli adamy çagyrjak bolup otyrdym — diýdi.
Şeý diýdi-de, ol göwni bir ýaly bolup, ýaňramasyny dowam etdirdi, ýene hut
şeýle diýilmeli ýaly «jaýlama toýy» diýdi. Ony üçünji gezek diýende bolsa, delile
getirjek boldy:
— Men «toý» diýip, adatça şeý diýilýär diýip aýdamok, asyl beýle däl, adatça
«jaýlama» diýilýär, ýöne «toý» diýilse, has dogrurak bolýar. Angliýada indi
«jaýlama» diýilmeýär, indi bu däp däl. Indi biziň Angliýamyzda «toý» ýa «orgiýa»
diýilýär. Orgiýa-ha has hem oňat, sebebi, ol aýdylýan zady has dogry aňladýar. Bu
söz «orgo» diýen, ýagny «daşky», «açyk» diýen manyny aňladýan grek sözi bilen
«oturmak», «goýmak» diýen manyny aňladýan «gizum» diýen ýewreý sözünden
ybarat bolup, «jaýlama» sözi hem şondan gelip çykýar. Ynha onsoň, görşüňiz ýaly,
jaýlama orgiýasy ähli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýän açyk jaýlama bolýar.

Meniň pikirimçe, mundan beýläk gidere ýer galmady. Şol inederdül-eňekli,
uzynak adam gös-göni onuň ýüzüne bakyp güldi. Hemmeler üçin gelşiksiz boldy.
Ähli adam: «Doktor, size neme boldy!» diýşip pyşyrdaşdylar. Ebner Şeklford bolsa:
— Robinson, size näme boldy, siz bilmeýäňizmi näme, bu Garweý Uilks ahyryn?
— diýdi.
Korol şadyýan ýylgyrdy, oňa elini somlady we:
— Asyl bu meniň doganyma tebiplik eden gadyrly dost, sizmidiňiz? Men… —
diýdi.
— Ýitiriň eliňizi! — diýip, doktor azgyryldy. — Iňlis diýilýänem sizmi? — Bu
baryp ýatan galplyk ahyryn, heý, şundan erbedem zat bolarmy? Sizmi Piter Uilksiň
dogany? Size kezzap diýerler, başga zat diýmezler!
Baý, duranlar howsala düşdow! Doktoryň daşyna üýşdüler, ony köşeşdirip, oňa
ýalbaryp başladylar, Garweý özüniň dogrudan hem Garweýdigini ýüz gezek dagy
subut etdi, ol ählimiziň adymyza, şäherdäki itleriň adyna çenli ýekän-ýekän bilýär
diýip düşündirdiler we Garweý hem, gyzlar hem ga-tyrganmaz ýaly onuň sesini
çykarman durmagyny haýyş etdiler. Emma barybir netije çykmady: doktor
köşeşmedi we özüne iňlis diýýän hem-de şeýle biderek gepleri otarýan adam duran
bir kezzap, ýalançy — diýdi. Gyz pahyrlar korolyň ýanyndan aýrylman aglaşyp
durdular; şonda doktor olara bakan öwrülip, şeýle diýdi:
— Men siziň kakaňyzyň dostudym, men siziň hem dostuňyz, şonuň üçin siziň bir
betbagtçylyga düşüp, uly alada galmazyňyz ýaly, size kömek bermek isleýän sap
ýürek adam hökmünde, men size dostlarça duýdurýaryn: siz bu näkesden ýüz
öwrüň, bu ykmanda bilen baş goşmaň, bu bir ygyp ýören nadan adam, onuň
biderek zatlary grekçe, ýewreýçe samran bolmasy ýöne ýerden däl! Munuň başga
biriniň adyny dakynanlygy görnüp dur ahyryn, tapypdyr bir ýerden br topar atlary,
faktlary, şolary alybam şu ýere gelipdir; siz bolsaňyz muňa subutnama diýip
düşünýäňiz, sizi ynanjaň dostlaryňyz hem aldaýar, ýogsa olar dagy akyllyrak
bolmaly ahyryn. Meri-Jeýn, Uilks, meniň dostuňyzdygymy, onda-da, betniýetsiz
dostuňyzdygymy siz bilýärsiňiz. Şonuň üçin siz maňa gulak asyň: men sizden
haýyş edýän, bu nejis kezzaby güm edip kowuň! Razymysyňyz?
Meri-Jeýn has dikeldi, baý, onuň şonda owadan bolaýandygyny we:

— Ynha meniň jogabym! — diýip, ol pully haltany elden ele geçirip, korola berdi
hem-de: — Bu alty müňi alyňda, muny nirede goýasyňyz gelse, meniň we meniň
uýalarym üçin goýun, bize hiç hili dilhatyňyz hem gerek däl — diýdi.
Soňra ol koroly gujaklady, Sýuzanna bilen Towşan Dodak bolsa ony beýle
tarapyndan gelip gujakladylar. Hemme adam el çarpdy, aýagyny tapyrdatdy,
alazenzele boldy, korol bolsa başyny dim-dik tutup, gopbamsy ýylgyrdy.
Doktor:
— Ýagşy, men-ä el ýuwýaryn. ýöne siziň hem baryňyza duýdurýaryn: bu barada
ýatlanyňyzda ýüregiňiz bulanjak wagty hem geler — diýdi.
Şeý diýdi-de, ol gidiberdi.
Korol bolsa oňa gyjalat berýän ýaly:
— Ýagşy, doktor, şonda biz olary sizi äkelmäge ibereris — diýdi.
Hemmeler gülüşdiler we bu doktoryň çetine oňatja degendir diýişdiler.
XXVI bap
Ähli adamlar daganda, korol Meri-Jeýnden sizde myhmanlar üçin boş otag
tapylmazmyka diýip sorady, Meri-Jeýn bolsa bir boş otag bar, ol Uilýam kakama
boljak, Garweý kakama bolsa öz bolýan otagymy beräýerin, ol birneme uluragam,
özüm bolsa uýalarym bilen şol ýerdäki krowatda ýataýaryn; mundan başga-da,
çerdakda sypal düşekçeli bir sumelge bardyr diýdi. Korol şol sümelge meniň
hyzmatkärime bolar diýdi, ol muny mana diýip aýdýardy.
Meri-Jeýn bizi ýokaryk alyp çykdy we agalaryna olaryň boljak otaglaryny, sadaja,
emma rahat otaglary görkezdi. Ol: eger Garweý kakama päsgel berse, men
otagymdaky köýneklerim hem-de beýleki zatlarymy äkidäýerin diýdi. Emma ol
birjigem päsgel berenok diýdi. Köýnekler diwarda, çit matadan edilen we ýere ýetip
duran tutynyň aşagynda asylgy durdy. Bir burçda köne sandyk, beýleki
burçda bolsa gaply gitara bilen gyzlaryň otaglaryny bezeýän bir topar biderek
zatlary bardy. Korol olar bolsa, otag has rahat, has ýakymly görünýär, şonuň
uçinem olara el degirmäň—diýdi. Gersogyň boljak jaýy örän kiçijikdi, ýöne
rahatdy, meniň sümelgäm hem şeýledi.

Agşamy olar myhman çagyryp, nahar etdiler, ýene-de şol öňki myhmanlar, şol
erkekler, şol aýallar geldiler, men bolsam korol bilen gersogyň oturgyjynyň
ýeňsesinde durup, olara hyzmat etdim, beýlekilere bolsa, negrler hyzmat etdi.
Meri-Jeýn, Sýuzannanyň ýanynda öý eýesiniň oturýan ýerinde oturdy we
oturanlara köke-hä şowuna düşmändir, duzunyň bolsa düýpden ugry ýok,
towuklaram men diýen däl, ýörän gataňsy diýdi oturdy, bir söz bilen, ol öwnesi
geleninde, ähli hojaýyn aýallaryň diýýän zatlaryny diýişdirdi; myhmanlar bolsa
ähli goýlan zadyň diýseň oňat bolandygyny görüp otyrdylar, ähli zady öwýärdiler,
arasynda hem: «kökäni beýdip nädip gyzardýasyň?» ýa-da «Allanyň hatyrasy üçin
aýdyň, beýle oňat pikulini nireden alýaňyz?» diýen ýaly soraglar berýärdiler.
Hemmesi şeýleräk, ýagny, siziň bilşiňiz ýaly, agşamlyk nahar wagtynda bir boş
gapdan başga bir boş gaba eňterilişi ýaly eňterilip geçdi.
Bularyň hemmesi gutaranynda, men negrler stoluň üstüni ýygnaýançalar we
gapçanaklary ýuwýançalar kuhnýada Towşan Dodak bilen galak-gaçaklary iýdim,
Towşan Dodak menden Angliýa barada sorap başlady, hudaý ursun, men welin
minutsaýyn ýalňyşaýarmykam diýip garajanym galmady. Ol:
— Seniň koroly gören wagtyň boldumy? — diýip sorady.
— Haýsyny! Wilgelm Dördünjinimi? Wiý, ýogsa name! Ol biziň buthanamyza
gatnaýar ahyryn.
1 P i k u l i — naharyň gapdaly bilen berilýän turşy gök otlar.
2 W i l g ýe l m D ö r d ü n j i — iňlis koroly (1830—1837).
Men onuň bir wagtlar ölendiginem bilýärdim, muny ona aýdyp oturmadym. Ýöne
ynha biziň buthanamyza gatnaýar diýemsoň ol menden:
— Aý, ýog-a? Hemişe barýarmy?—diýip sorady.
— Hawa-da, hemişe barýar. Onuň oturýan oturgyjy hem edil biziň
oturgyjymyzyň garşysynda, kafedranyň o tarapynda dur.
— Men bolsam ol Londonda ýaşaýandyr diýip ýördüm.
— Hawa, şol ýerde ýaşaýar. Ol eýsem nirede ýaşasyn?

— Sen Şeffildde ýaşamaýarmyň näme?
Görsem, bataýypdyryn. Ilki bada towuk süňküni ýuwudyp düwnen kişi boldum,
wagt utup, bir ýol bilen sypalga tapmalydy! Soň men:
— Hawa, ol biziň buthanamyza hemişe Şeffilde gelen wagty gelýär. Bu bolsa
onuň deňiz wannasyny kabul etmäge gelýän tomus aýlary bolýar — diýdim.
— Näme biderek ýaňraýaňla, Şeffild deňziň gyrasynda däl ahyryn!
— Kim oňa deňziň gyrasynda diýýär?
— Sen aýdyp dursuň.
— Kelläme-de gelenok.
— ÝOK, aýtdyň!
— Ýok aýdamok!
— Aýtdyň?
— Beýle zat aýdan däldirin.
— Onda näme aýtdyň?
— Men ol deňiz wannasyny kabul etmäge gelýär diýdim, başga zat diýemok.
— Ol ýerde deňiz ýokka, deňiz wannasyny nireden kabul edýärmiş?
— Gulak as, sen, heý irde-giçde iňlis elyny görüpmidiň?
— Görüpdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.