Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11

Total number of words is 3976
Total number of unique words is 2007
33.7 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Bu gün ol kimi ýenjip, un ýaly etjekkä? Eger ol soňky ýigrimi ýylyň içinde
ýençmekçi bolan adamlarynyň ählisini ýenjip çykan bolsa, onuň dabarasy dag
aşardy — diýip seslendi.
Başga biri bolsa:
— Garry Bogs maňa haýbat ataýman, şonda meň özümiň ýene müň dagy
ýaşajagymy bilerdim — diýdi.
Şol wagt bu Bogs diýilýäni edil hindi ýaly agy-zenzele edip, duşumyzdan atly
geçip gitdi we:
— Güm boluň ýolumdan! Men harby ýodajykda durun, basym tabytlar hem
gymmatlar — diýdi.
Ol lüt pýandy, eýeriň üstünde-de zordan saklanýardy; göräýmäge onuň ýaşy
elliden agandy, ýüzi bolsa jozzuk ýalydy. Duranlaryň hemmesi onuň üstünden
gülüşdiler, oňa bir zatlar, bir zatlar diýşip gygyryşdylar, öjükdirdiler, ol bolsa
sögünip, siziň hem nobatyňyz geler, şonda görerin, häzir bolsa wagtym ýok diýdi.
Men şähere polkownik Şerborny öldürmäge geldim, şygarym hem: «Ilki işiňi bitir,
bolar-bolgusyz zatlara bolsa soň baş galdyr» diýdi.
Maňa gözi düşüp, ol ýanyma geldi we:
— Sen nireden gelen, oglan? Ajala taýýarlandyňmy ýa ýok? — diýip sorady.
Soňra ýoluny dowam etdirdi. Men birbada gorkdum, ýöne kimdir biri:
— Aý ýaňrar durar-da, içen wagty ol elmydama şeýle. Arkanzasyň baryp ýatan
akmagy, ýöne yzgytsyz däl: pýan bolsun, sag bolsun, adam göwnüne degjek
gümany ýok — diýdi.
Bogs şäher dükanlarynyň iň ulusynyň ýanyna atyny sürüp bardy we bassyrmaň
aşagyna seredip:
— Şerborn; bäri çyk! Çyk, kezzabyň biri kezzap, ýüzbe-ýüz bolaly — diýip
gygyrdy.
Şeýdip gyzyberdi: Şerborna agzyndan gelenini sökdi, diýip bilenini diýdi, ähli
köçe durup syn etdi, güldi we ony has hem öjükdirdi. Dükandan elli bäş ýaş

töwerekleri, özüne göwni ýetýän bir adam çykdy, onuň geýinşi-zat edişi gaty
gowudy, şäherdäkileriň hemmesinden oňat geýnüwlidi, märeke öňünden sowuldy,
oňa ýol berdi. Ol Bogsa diýseň arkaýynlyk bilen, sözlerine hem dyngy berip:
— Bu meniň halys ýüregime düşdi, emma men sagat bire çenli çydap gezjekdirin.
Sagat bire çenli, eşidip goýuň, ýöne ondan köp çydajak däldirin. Eger siz şondan
soň hem maňa sögäýseňiz, onda sizi her ýerde bolsaňyz hem taparyn — diýdi,
Soň ol yzyna öwrülip, dükana tarap ýöräp gitdi. Görnüşi ýaly, märeke bada-bat
özüne geldi: hiç kim gymyldamady, gülki sesi hem tapba ýatdy. Bogs köçeden
atyny ýöredip geçdi, özi bolsa ýetişibildiginden Şerborna sökdi, ýöne ýene basym
yzyna gaýdyp geldi, dükanyň öňünde aýak çekdi, özi bolsa şol sögünip dur. Onuň
daşyna adam bary üýşüp, ony köşeşdirjek boldular, emma ol köşeşmedi, oňa
eýýäm onbäş minuty kem sagat bir boldy, sen iň gowusy öýüňe gaýt, onda-da
çaltrak gaýt diýdiler. Emma bu peýda etmedi. Ol şol sögünip durşuna, şlýapasyny
laýa bulap urdy we atyny şonuň üstünden sürdi, soňra köçe bilen atyny ýüzin
saldyrdy, şonda atyň çal ýaly hem ülpüldep gitdi. Başaryp bilen ony atyndan
düşürip, pýanlygyndan açylar ýaly jaýa salyp gulplap goýjak boldy, emma mundan
hem hiç zat çykmady — ol ýene köçe bilen atyny çapdyryp, ýeke Şerborna sökdi.
Ahyrsoňy kimdir biri:
— Baryň onuň gyzyny alyp geliň! Basymrak alyp geliň! Käte munuň şoňa gulak
asaýýan wagty hem bolýar. Eger ony adam köşeşdirse, şol gyz köşeşdirer — diýdi.
Kimdir biri ylgap gitdi. Men köçe bilen birneme ýöräp aýak çekdim. Bäş-on
minutdan ýeke Bogs peýda boldy, emma indi ol atly däl-de, pyýada. Ol köçe bilen
başy açyk entäp gelýär. iki sany dosty bolsa elinden tutup, ony öňe südürleýär. Ol
ýuwaşapdyr, özi-de howsalalydy; ol aýagyny diräp durmakdan-a geçen, gaýtam,
öz-özüni südürläp gelýän ýalydy. Birden biri: «Bogs!» diýip gygyrdy.
Men bu gygyranyň kimdigini biljek bolup, yzyma gaňrylyp seretdim, görsem, ol
şol polkownik Şerborn ekeni. Ol köçäň ortarasynda gymyldamam durdy, elinde
bolsa gulaklary gaýtarylan goşa pistoleti bardy. — Ol çenenmeýärdi-de, nilini
ýokaryk tutup durdy: edil şol wagtyň özünde hem men bize tarap ylgap gelýen
ýaşajyk gyzy gördum. Bogs bilen dostlary gygyranyň kimdigini biljek bolşun,
yzlaryia gaňryldylar, pistolete gözleri düşen badyna dostlaryň ikiside böküp beýläk
düşdüler, pistolet bolsa kem-kemden aşaklap, gulaklary gaýtarylgylygyna nilleri
nyşana gönükdi. Bogs iki elinide ýokaryk galdyryp:
— Eý hudaý-ýeý! Atmaweriň-eý!— diýip gygyrdy.

Tark! — edip, bir gezek atyldy, Bogs ellerini kelemenledip, entirekläp gitdi. Tark
— edip, ikinji gezek hem atyldy, Bogs elini serip, tagaşyksyz gürpülläp gaýtdy.
Ýaş gyz çir-kin gygyryp, kakasyna okduryldy we ses edip hem-de:
— Ol muny öldürdi-öldürdi-le! — diýip gygyryp, özüni meýidiň üstüne oklady.
Märeke olaryň daşyna öwrülişdi, adamlar iteleşip, gysylyşyp, hemmesini oňadrak
görjek bolşup boýunlaryny uzatdylar, halkaň içinde duranlar bolsa olaryň
döşlerinden itekleşip:
— Çekiliň! Çekiliň! Bolmasa, ol demini hem alyp bilenok — diýip gygyryşdylar.
Polkownik Şerborn pistoletini ýere taşlady-da, öz ugruna ýöräp gitdi.
Bogsy kiçijik dermanhana göterip äkitdiler; märeke onuň daşynda hümer berýärdi,
ähli şäher onuň yzyna düşüp barýar-dy. Men hem öňe sümlüp geçip, jaýyň içine
sereder ýaly äpişgäniň öňünden, Bogsuň ýanyndan oňat ýer tutdum. Ony ýerde
goýdular, kellesiniň aşagyna küti töwrady goýdular, başga bir töwrady hem açyp,
onuň döşüniň üstünde goýdular, emma ilki onuň köýneginiň ilikleriniň ýazdyrdylar,
men bir okuň degen ýerini gördüm. Ol on gezek dagy demini aldy, döşündäki
töwrat bolsa ol demini alanda ýokaryk galyp, demini goýbereninde hem aşak
gaýdýardy, soňra Bogs ümsüm ýatdy, öldi. Şonda ondan gyzyny aýyrdylar, gyz şol
möňňürip aglap ýatyrdy, soň gyzy alyp gitdiler, ol on alty ýaşlaryndaky ýuwaşja,
ümsümje, emma gorkusyna ýüzi çym ak bolan gyzdy.
Onsoň bu ýere basym iteleşip-çomalaşyp, aýnaň ýanyna ýetip, öldürileniň
meýidini görjek bolşup bütin şäher geldi, emma öňräkden ýer bellänler olara
ýerlerini bermediler… Ýogsa yzlaryndaky duranlar hemişe:
— Besdir-dä, gördüňiz ahyryn. Munyňyz adalatlylyk däl! Dogrudanam, hemişe
bir duran ýeriňizde durup, beýlekilere görkezmeýäiligiňiz gowy däl! Beýlekileriň”
hem sizden az göresleri gelenok ahyryn — diýşip gygyryşýardylar.
Olar sögüşip başladylar, men bolsam birden bir zat turaýmasyn diýip, garamy
saýlamany ýüregime düwdüm. Köçe adamdan ýaňa dos-doludy, özi hem hemmeler
howsalalydylar. Polkowigiň atanyny görenleriň bary wakanyň nähili bolanyny
gürrüň berýärdiler; şeýle gürrüňçiň hersiniň ýanyna bir toparadam üýşüp,
boýunlaryny süýndürişip, onuň gürrüňini diňleýärdiler. Uzyn saçly, ullakan telpegi
ýeňsesine süýşü-rilen uzynak, arryk bir adam egri tutawaçly hassasy bilen Bogsuň

we polkownigiň duran ýerlerini çyzyp görkezýärdi, adamlar bolsa hümer bolşup,
onuň yzyna düşüp, bir ýerden beýleki ýere barýardylar we onuň edýän zatlaryna
seredýärdiler, onuň aýdýan zatlaryny düşünýändiklerini bildirjek bolşup başlaryny
atýardylar, hatda ellerini bykynlaryna urup onuň ol ýerleri taýagy bilen çyzyşyna
eglişip hem seredýärdiler. Soň ol dikeldi we Şerbornyň duran ýerine baryp sarsman
durdy, gaşyny çytdy, telpegini maňlaýyna süý-şürdi we «Bogs!» diýip gygyrdy,
onsoň hem taýagyny çenäp: «Tark!» etdi-de, entirekläp gitdi, ýene: «Tark!» etdi-de,
arkanlygyna gaýtdy. Ähli bolan zady görenler: bu ählisini bolşy ýaly, nokatmanokat
görkezişdirdi, hut şeýle hem boldy — diýişdiler. On töwerekleri adam özleriniň
wiskili çüýşelerini çykaryp, oňa hödür edişip ugradylar.
XXII bap
Men sirke gidip gizlençek ýerde garaşyp durdum, gapdalymdan garawul geçende
bolsa men ur-tut brezentiň aşagyna sümüldim. Ýanymda ýigrimi dollarlyk altyn
pulum we ýene beýleki pullarym bardy, emma men olary sowmazlygy ýüregime
düwdüm. Kim bilýär! Öýden şeýle uzakdakaň, onda-da del adamlaryň arasyndakaň,
puluň hemişe gerek bolaýmagy ahmal, ätiýaçlylygyň hiç wagt zyýany ýok. Mugt
geçip bolmadyk halatlary puly sirke sowmaga men garşy däl, ýöne welin olary ýeleyga sowurmak hem bolanok.
Sirk birinji sort ekeni: jenaplaryň we gelinleriň iki-bir-ikibir bolşup, egin-egne
berşip, bir-birleriniň yzyndan atly geçişip ugraýyşlaryna keýpine seredip
oturmalydy. Erkekler tor geýimli, içki köýneklidiler, ädiksiz we ökjeleri
demirsizdiler, olar — ýigrimi adam dagy bolsa gerek — ýeňiljek we arkaýyn
gaýşarylyşyp barýardylar, gelinler bolsa şeýle al ýaňak, şeýle owadandylar welin,
edil korolewalar diýäýmelidi, hemmesiniň eginlerinde hem göwher gyryndylary
sepilen gymmat bahaly köýnekleri bardy, şol köý-nekleriň her biri milliondan
arzan däl bolsa gerek. Görseň, janyň hezil edinýär, onsoňam mundan owadan zat
görmeklik maňa hiç haçan miýesser bolmandy. Soňra olaryň hemmesi eýeriň
üstüne çykyp dim-dik bolup durdular we ýuwaş we endigan yranyşyp, arenaň
töwereginden tirkeşip ugradylar, olar atlaryny ýüzin saldyryp baryşlaryna
kellelerini potologa ýetiräýjek bolýardylar, şonuň üçin erkek adamlaryň bary uzyn,
çalasyn we syratly ýaly bolup görünýärdiler, gelinleriň bolsa köýnekleri bägül
ýapraklary ýaly ýeňiljek ygşyldaşýardylar we pasyrdaşýardylar, şonda gelinleriň
her biri owadan saýawana çalym edýärdi.

Soňra olar arenanyň töwereginde barha çalt çapyp başladylar, bir aýaklarynyň
üstünde durup aýlandylar, şonda kä bu aýak, kä ol aýak howada galgady, buýruk
beriji bolsa gamçysyny şarpyldadyp, ortada syrygyň töwereginde gezmeledi we:
«Çüw, çüw» diýip gygyrdy, onuň ýeňsesinde duran masgarabaz bolsa wäşi sözler
atýardy; soňra olaryň bary jylawlaryny taşladylar, gelinler barmaklaryny
bykynlaryna urdular, erkek adamlar ellerini gowşuryp durdular, olaryň atlary bolsa
çapýardy, dyzlaryna çökýärdiler, onsoň olar yzly-yzyna çägäň üstüne böküp
düşdüler, gol gowşuryp, bir enaýy salam berdiler we arenaň aňyrsyna ylgaşyp
gitdiler, märeke bolsa el çarpyp, gygyryp, däli-porhan boldy.
Ine şeýdip, olar oýnuň ahyryna çenli dürli-dürli täsin zatlar edip çykdylar,
masgarabaz bolsa hemişe güldürýärdi, märeke gülüp-gülüp ysgyndan düşýärdi.
Buýruk beriji oňa näme diýse, ol diýere söz gözläp duranokdy: gözüň
açypýummakaň jogap berýärdi, onda-da iň gülkünç jogaby berýärdi. Ol beýle
gepleri nireden alýarka diýsene, hem-ä bada-bat jogap berýär, hemem gelşip
gidýär, men-ä muňa düşünip bilýän däldirin. Özüm-ä bolsam bir ýyl otursamam,
beýle gepleri tapyp biljek däl. Soňrak bolsa bir pýan arena çykarman boldy, ol
meniň hem at çapasym gelýär, menem aty hiç kimden kem çapamok diýdi. Oňa
höre-köşe edip çykdylar, arena goýbermän çykdylar, emma ol bularyň hiç birinede
baş galdyrmady, şonuň üçin arakesme etmeli boldy. Şonda märeke onuň üstüne
gygyrmaga, ýaňsa almaga başlady, ol bolsa dergazap bolup, gopgun turuzmaga
başlady; şundan soň tomaşaçylar çydap oturyp bilmediler, skameýkalaryndan
böküp turdular we arena eňdiler, köpler: «Oňatja çalsaňyzlaň! Gumüň
çekseňizläň!» diýşip gygyryşdylar, bir-iki sany aýal bolsa çirkin ses edip gygyrdy.
Şu ýerde buýruk beriji çykyp gepledi-de, özüniň hiç hili tertipsizlik bolmaz diýip
umyt edýänligi barada bir-iki agyz söz aýtdy, ýöne welin goý bu jenap özüni
sypaýyrak alyp barjaklygyna söz bersin, şonda ýabyň üstünde oturyp bileris diýse,
aty çapyp görmäge rugsat berler diýdi. Hemmeler gülüşdiler we razyda-razy
bolşup gygyryşdylar, pýan ata çykdy. Eýeriň üstüne çykyşam şoldy welin, at
depirjikläp, bökjekläp, çarpaýa galyp başlady; iki sany sirk hyzmatkäri bolsa aty
saklajak bolup, jylaw bilen asmana göterildiler; pýan atyň ýalyna ýapyşdy, at her
gezek öňürdiklände, pýan zyňlyp-zyňlyp gitdi. Ähli tomaşaçylar ýerlerinden turşup
gygyryşdylar, gülüp-gülüp gözleri ýaşaryp gitdi. Emma sirk hyzmatkärleri näçe
jan etseler-de, ahyrym at olaryň elinden sypdy we arenanyň töweregi bilen ýüzin
salyp gitdi, pýan bolsa atyň üstünde süýnüp, onuň boýnundan ýapyşdy, onuň bir
gezek bu aýagy, bir gezek beýleki aýagy ýere degäýjek-degäýjek boldy, oturan
märekä bolsa aňk boldy. Ýogsa meniň-ä şeýle bir gülkim hem tutup durmady:
muňa bir zat bolar-ow diýip, men oturan ýerimde galpyldap otyrdym. Emma ol
bulandybulandy-da, ýene atyň üstüne çykdy we jylawy eline aldy, şondada ol kä
eýläk, kä beýläk çaýkan-masyny goýmady; ýene bir minutdan görsem, ol ýerinden

galyp, jylawy taşlap, eýeriň üstünde dim-dik dur! At bolsa ýüzin salyp barýar. Ol
eýeriň üstünde şeýle bir arkaýyn, şeýle bir erkin durdy welin, oňa pýan dagy diýer
ýaly däldi; soň görsem, ol egnindäki eşiklerini sypyryşdyryp, olary çägäniň üstü-ne
zyňyşdyryp başlady. Özi hem şeýle bir çalt zyňýar welin, göze dagada ilenok, ol
egninden jemi on ýedi kostýum çykaryp zyňdy. Ine, onsoň ol iň ýiti reňkli, iň
bezemen eşikde galyberdi, özi hem şeýle bir syratly, şeýle bir owadanow. Soňra ol
gamçysy bilen atyny çalyp goýberdi welin, at arenanyň içinde aýlandy, pýan
ahyrym çägäň üstüne böküp düşdi we egilip baş atdy, soňra sahnaň aňyrsyna ylgap
gitdi, tomaşaçylar bolsa hezil edişip, täsin galyşyp, uly gykylyk boldular.
Şonda buýruk beriji özüniň aldananlygyny aňdy we çakym çak bolsa, örän
gaharlandy. Görüp otursak, ol onuň öz hyzmatkäri ekeni! Ol munup hemmesini özi
tapyp, hiç kime hiç zat aýtman eken, aldawa düşenligim üçin, meniň hem onçakly
keýpim bolmady, emma her niçik hem bolsa, müň dollar berjek diýseler-de, bu
buýruk berijiň gününi höwes edemokdym. Bilemok welin, mundan oňat sirkiň hem
bar bolmagy mümkin, ýöne men heniz ony göremok. Emma, meniň pikirimçe, bu
sirkem gowy, men muny her ýerde-de görsem, sypdyrman bararyn.
Hawa, agşam biziň hem oýnumyz boldy, emma gelen adam az boldy, bolaýsa on
iki adam bolup, çykaran çykdajymyza zordan ýetdi. Özleri hem hemişe gülşüp
otyrlar, gersog bolsa gahary gelip, ýarylaýjak bolýar, onsoň olar turdular-da,
spektakl gutarmanka çykyp gitdiler, diňe bir oglanjyk galdy, olam uklan ekeni.
Gersog bu arkanzas paskelleleri heniz Şekspiriň pýesasyny tomaşa etmäge
ýetişmändirler, bulara iň bir wejera komediýa gerek, asyl wejeraň hem wejerasy
gerek diýdi. Men eýýäm bularyň göwnünden turjak zady bilýärin diýdi. Ertesi ir
bilen ol zat dolanýan kagyzlar bilen gara reňk alyşdyrdy-da, afişa ýazyp çykdy we
bütin şähere ýelmeşdirdi. Ynha afişalarda şeý diýlip ýazylypdy:
SUDUŇ ZALYNDA!
B a r y-ýo g y ü ç s a n y s p ýe k t a k l !
Londonyň we Ýewropapyň teatrlarypdan gelen Butindünýe meşhur tragikler
D E W ID G A R R I K K I Ç I S I !
bilen
EDMUND KIN ULUSY!
KOROL ŽIRAFASY

ýa-da
ŞALYK KÄMILLIGI!!!
diýen örän gyzykly tragediýada çykyş etjekler.
Giriş bahasy 50 sent.
Aşakda bolsa iň iri harplar bilen:
AÝALLAR WE ÇAGALAR
OÝNA GOÝBERILMEÝÄRLER
diýlip ýazylypdyr. Ol:
— Şu setir bilen hem bulary aldawa düşürip bolmasa, men-ä onda Arkanzasy
bilmedim — diýdi.
XXIII bap
Şol gün uzynly günläp korol ikisi dynman işledi sahna gurdular, tuty asdylar,
rampalaryň ýerine şem oturtdylar, agşam bolsa eýlämize-beýlämize bakmakak, zal
hyryn-dykyn doldy. Indi ýekeje adam hem sygmaz ýaly katda gelepde, gersog
biletleri barlamaga girişdi, jaýyň içine aklandy we sahna çykdy. Şol ýerde ol
tutynyň öňünde durdy we gysgaça söz sözledi; ilki bada tragediýany öwdi, bu iň
gyzykly tragediýa diýdi, soň bolsa tragediýa we şol tragediýadäki esasy roly
oýnaýan Edmund Kin Kiçisi barada agzyna gelenini otardy; soň bilesigelnjilikden
ýaňa tomaşaçylaryň gözleri ýylpylda-şybereninde, gersog tutyny açdy, sahnanyň
aňyrsyndan emedekläp, ýalaňaç korol ylgap çykdy; onuň bütin endamjany dürli
reňklerden ýaňa çyrşak-çyrşak bolup, älemgoşar ýaly ýalpyldap durdy.
Galanlaryha gürruň berip oturanyna-da degenok, biderek zatlar, ýöne her niçigem
bolsa, örän gülküli-di. Märeke tas gülüp ýarylypdy; korol bökmesini gutaryp,
sahnanyň aňyrsyna çapyp gideninde, tomaşaçylar el çarpyşdylar, gygyryşdylar we
tä korol çykyp, bütin komediýany täzeden gaýtalaýança bolmajysy boldular, oňa
soň hem hemmesini gaýtalatdylar. Biziň akmak garrymyzyň edişdirýän zatlaryny
görse, sygyr hem gülmän durup bilmezdi.

Soňra gersog tutyny goýberdi, märekäň öňüne çykyp tagzym etdi we Londonda
gaýra goýulmasyz gastrollar bermeli bolany üçin bu ajaýyp tragediýa ýene diňe iki
gezek görkeziljekdir, Londonda bolsa görkeziljek oýunlaryň biletleri eýýäm
satylyp gutarylypdyr diýdi; soň ýene tagzym etdi we eger hormatly märeke oýny
gyzykly we öwrenerlikli hasap edýän bolsa, onda onuň bu oýny gelip görer ýaly,
tanyşlarynada maslahat bermegini soraýarys—diýdi.
Ýigrimi adam dagy birden:
— Näme, eýýäm gutaraýdymy? Hemmesi şumy? — diýşip gygyryşdy.
Gersog: hemmesi şu — diýdi. Şonda bir gopgun turdy. Oturanlar: «Aldapdyrlar!»
diýşip gygyryşdylar. Gaharlary gelip, ýerlerinden turdular we sahnany döwüp,
artistlere tarap topuldylar. Onýança uzynak, daýaw bir jenan böküp skameýkanyň
üstüne çykdy-da:
— Duraweriň, jentlmenler, men size bir zat aýdaýyn — diýip gygyrdy.
Olar diňşirgenişip durdular.
— Sizi, bizi aldapdyrlar, gaty aldapdyrlar, emma biziň bütin şähere gülki
bolasymyz hem gelenok, şonuň üçin, geliň biz munuň näme bilen gutarýanlygyny
göreliň. Näme diýseňizläň: biz bu ýerden parahat çykyp gideliň-de, ony öwüp,
bütin şäheri aldalyň. Şonda biziň ählimiz deň masgara bolarys. Şeýlemi, şeýle däl?
— Hawa, şeýle! Berekella, sudýa — diýşip, hemmeler bir agyzdan gygyryşdylar.
— Bolýar, onda siz biziň aldananlygymyz barada agzyňyzdan bir söz hem
gaçyrmaly dälsiňiz. Öýüňize gidiň-de, duş geleniňize ony görmegi maslahat beriň.
Ertesi güni şäheriň bar gürrüňi biziň ajaýyp spektaklymyz barada boldy. Zal
ýene-de tomaşaçylardan hyryn-dykyn boldy, biz bularyda öňküleri aldaýşymyz
ýaly aldadyk. Koroldyr gersog bilen salymyza gelip, bile şamlyk edindik, soňra
ýarygijeler olar Jim ikimize saly derýanyň ortasyna çykaryp, şäherden iki milräk
aşak inip, şol ýerde bir ýerde hem saly gizlemegi tabşyrdylar.
Üçünji agşam zal ýene-de hyryn-dykyn doldy, onsoňam bu saparky gelenler täze
tomaşaçylar däl-de, şol ilkinji iki gijede görmäge gelen tomaşaçylardy. Men
gersog bilen gapyda durdum we her bir tomaşaçynyň jübüsiniň güberýänligini ýa-

da synlarynyň aşagynda bir zady tutup duranlyklaryny gördüm; men munuň aňrybäri parfýumeriýa däl-de, düýpden başga zatdygyny eýýäm aňdym. Palak
ýumurtgalaryň, çüýrük kelemiň porsy ysy gelýärdi; eger men öli pişikleriň ysyny
aňýan bolsam — özüme bolsa güwä geçi biljek — ondan meniň duşumdan olaryň
altmyş dört sanysyny alyp geçdiler. Men ilki bada zaldan çykman durdum, emma
soň çydamadym, sebäbi onuň içi aňkap durdy. Märeke bary ýygnanyp, zalda bir
adamlyk hem ýer galmady, şonda gersog eksrunlaryň birine ýigrimi bäş manat
berip, bir salym işikde durmagy tabşyrdy, özi bolsa sahna barýan kişi bolup yzyna
öwrüldi, men hem yzy bilen ýöräp ugradym; burçdan geçip, garaňkylyga düşen
badymyza gersog maňa:
— Indi çaltrak ýöräp git, jaýlardan saýlanarsyňam welin, yzyňdan ýagy gelýän
ýaly, aýak aldygyňa sala tarap ylga — diýdi.
Men şeýle hem etdim, olam şeýtdi. Salyň ýanyna ikimiz hem bir wagtyň özünde
geldik, iki sekunt hem geçmänkä akymyň ugry bilen garaňkylykda we asudalykda
derýanyň ortasyna çykjak bolup, aşak tarap ýüzüp ugradyk, özumizem sesimizi
çykarmadyk. Men korol görgüliňä işi gaýdaýdy öýdýän diýip gelýärdim welin, bu
beýle däl ekeni; basym ol çatmadan çykdy-da:
— Hä, gersog, biz mundan näçeräk gazandykkak? — diýip soraýdy.
Ol asyl şäherde-de bolman ekeni.
Biz şäherden on milräk saýlanýançak panusymyzy asmadyk. Onsoň çyramyzy
ýakyp, şamlyk edindik, korol bilen gersog bolsa märekäni aldaýyşlaryna
gülüpgülüp içleri üzüldi. Gersog:
— Saňsarlar, paňkelleler ekeni! Men beýlekileri hem ýüňsakgal etjek bolup
ilkinji gelenleriň seslerini çykarmajagyny bildim ahyryn; olaryň üçünji gezek bize
nähili sowgat taýýarlaýanlyklaryny hem men aňdym; indi öz nobatlary gelendir
öýtdüler. Bu dogry — nobat olaryňky; ýöne mundan olar näme hezil tapaýdykalar.
Bu pursatdan olaryň nähili peýdalanandyklaryny bir bilseňdiň. Guraly diýseler,
deňsene hem gurap bilerdiler. Olaryň aňry-bäriler-ä ýeterlik bardy — diýdi.
Bu kezzaplar üç agşamyň içinde dört ýüz altmyş bäş dollar ýygnan ekenler. Men
şendilip üýşmek-üýşmek edilip, pul gazanylyşyny heniz hiç haçan görmändim.
Biraz salymdan soň olar uka gidenlerinde, Jim:

— Gek, korollaryň özlerini şeýle alyp baryşlaryna sen geňirgenmeýärmiň? —
diýdi.
-— Ýok, geňirgenemok — diýdim.
— O näme üçin geňirgeneňok, Gek?
— Sebäbi olar şeýle tohum bolýarlar. Mep olaryň bary. birmeňzeş bolýarlarmyka
diýýen.
— Gek, biziň korollarymyz baryp ýatan kezzaplar ahyryn! Ynha olar şeýle
adamlar, baryp ýatan kezzaplar. Ýeri, men näme diýýän: belli zat ahyryn,
korollaryň ählisi kezzap bolýarlar.
— Aý goý-a!
— Sen olar barada okap göräý, bilersiň. Köne wagtlar iňlis, saks, norman diýen
korollar bolupdyr, işleri-pişeleri hem ogurlykdyr talaňçylyk bolupdyr. Ynha sen
Genrih Sekizinjini alyp göräý; biziň ýekşenbe mekdebimiziň mugallymy gös-göni
oňa garşy çykýar. Sen bu garry Genrihi men diýen wagty görseňdiň. Baý,
adamjandy-ow! Her gün diýen ýaly bir aýala öýlenerdi, ertesi bolsa kellesini
kesdirerdi. Edil heýgenek buýurýan ýaly perwaýsyz: «Hany Nell Gwinni ýanyma
getiriň» diýerdi. Ony ýanyna getirerdiler. Ertesi bolsa: «Munuň kellesini alyň!»
diýýärdi. Onsoň kellesini alýardylar. «Hany Jeýn Şory getiriň» diýýärdi;
getirýärdiler. Ertesi bolsa «Munuň hem kellesini alyň!» diýýärdi. Onsoň onuň hem
kellesini alýardylar, «Hany Rozamunda gözeli çagyryň»! Rozamunda gözel
çakylyga gelerdi. Emma ertesi; «Munuň hem kellesini alyň» diýerdi. Onsoň ähli
aýalyna her gije bir erteki aýtdyrardy, ertekiler müň bire ýetende bolsa, ol olardan
bir kitap edip, adyna «Ýowuz suduň kitaby» diýip at goýardy, görseň ady hiç
neneň däldir, tüýs oňa bap gelýän atdyr. Sen korollary tanaňok, Jim, oňa derek
men olara belet; ýene biziň bu meýhorymyz meniň taryhdan okan korollarymyň iň
oňady. Ynha, iň bärkijesi Genrihi alyp göräý: bir gezek ol Amerika bilen urşarman
bolupdyr. Ol muny nähili başlandyr öýdýäň? Duýdurandyr ýa güýç toplaýançalar
garaşandyr öýdýäňmi? Eger-eger. Sen-men ýok, alypdyr-da, ähli çaýy Boston
gawanyna gapgarypdyr, soň bolsa Garaşsyzlyk Deklarasiýasyny yglan edipdir, indi
urşuberiň diýipdir. Hemişe şeýdipdir, hiç kime gün bermändir. Ol öz kakasy
gersog Wellington barada hem betguman bolupdyr. Onsoň ol nädendir öýdýäň?
Ondan oňatja soraşdyrandyr öýdýäňmi? Ýok, ol ony pişigiň çagasy ýaly edip,
malwaziýa basypdyr. Eger biri aňkaryp, puluny görnüp duran ýerde goýaýsa, ol
näder öýdýäň? Hökman jübüsine urar. Bir zat edip bereýin diýip wada beren
bolýar-da, puly alar, eger gözüňi aýyrman seredip oturmasaň hem derrew

çypdyryp goýbär. Agzyny açdygy hem bes, şo bada berkräk ýumaýmasa, hök-man
aldar. Genrih diýilýän ine şeýle möjekdi. Eger häzir biziň ýanymyzda öz
korollarymyz bolman, Genrih bolaýan bolsady, ol bu şäheri has hem erbet
çürkerdi. Men özümiziňkiler hem akja guşdur diýemok; oňatja seretseň, bular hem
hiç neneň däl; emma her niçigem bolsa, olar garry azgynça daş ýok. Meniň
diýýänim: korollygyna ol korol, muny boýun alaýmaly. Ýöne welin bularyň bary
örän pes adamlar. Olaryň terbiýelenişi şeýle.
— Biziňkiden ýaman spirt ysy gelýär, Gek!
— Geldi, geldi-dä, olaryň hemmesi şeýle ahyryn, Jim. Korollaryň ählisiniň agzy
aňkap dur, muňa etjek alajyň ;ýok, şeý diýlip taryhda-da aýdylýar.
— Gersog her niçigem bolsa, beýle däl, örän edepli adam.
— Hawa, gersog aýry mesele. Ýöne her niçigem bolsa, tapawudy uly däl. Gersog
bolsa-da, ol birinji sort däl. Içip, lül bolanda, koroldan tapawudy ýok, baý, sen
şowa kör-ow!
— Aý, bulary goýaly-la, Gek, maňa başga beýle adam derkar däl. Men bulara-da
zordan çydaýan.
— Menem şeýledä, Jim. Emma olar biziň gerşimize münen bolsalar, biz olaryň
kimdigini unutmaly däldiris we muny göz öňünde tutup goýmalydyrys. Ýöne
korollaryň düýpden ýok ýurdy bir barmyka?
Bularyň çyn korol bilen çyn gersog däldigini Jime aýdanyňdan ne peýda!
Mundan hiç hili oňly zat çykjak däldi, onsoňam bu edil meniň aýdyşym ýalydy:
olaryň çyn koroldan, gersogdan birjik-de tapawutlary ýokdy.
Men ýatmak üçin ýerime girdim, Jim hem nobatym gelende, meni turzarman
bolmandyr. Ol köplenç şeýdýärdi. Daňdanlar oýansam, ol kellesini dyzynyň
üstünde goýup iňňildäp aglap oturan ekeni. Şeýle halatlarda men adatça üns
bermezdim, hatda bir zat aklaýanlygymam bildirmezdim. Men onuň muny näme
üçin edýänligini bilýärdim. Onuň ýadyna aýaly bilen çagalary düşüp, öýlerini
göresi gelýärdi, sebäbi ol ömründe hiç haçan maşgalasy bilen aýrylyşyp görmändi;
meniň pikirimçe, ol hem çagalaryny hiç bir ak adamyň çagasyny söýşünden pes
söýmeýärdi, Bu geňräk ýaly bolup görünse-de görner, ýöne ýagdaý şeýledi.
Gijelerine meni ýatandyr öýdende ol köp aglardy, agynyň arasynda hem:

— Görgüli Lizabet, Jonni neresse! Wah, nähili betbagtçylyk! Indi men sizi
görmen, hiç haçan görmen! — diýýärdi.
Bu Jim örän oňat negr!
Emma men bu gezek onuň bilen aýaly we çagalary barada gürrüň açdym.
Gürrüňiň arasynda, ol:
— Men häzir näme üçin hapa bolýan diýsene: edil şu wagtjyk kenardan bir
şarpyldy ýa şapyrdy eşitdim; şonda kiçijik Lizabetimi bir gezek öýkeledenligim
ýadyma düşdi. Ol şol wagtlar bolaýsa dört ýaşlaryndady, ol täjihoraz bilen
keselledi, özem örän agyr ýatdy, soö aýňalyp, gowy boldy. Bir gezek ol ýanymda
dur, men bolsam oňa:
«Gapyny ýap!» diýýärin.
Ol ýapman, dikelip dur, özem maňa seredip ýylgyrýar. Muňa janym ýanaýdy;
men oňa ýene batly:
«Eşdeňokmy? Gapyny ýap diýýärin!» diýdim.
Ol bolsa bir durşuna ýylgyryp dur. Men erbet gaharlanyp:
«Beýle bolsa, men saňa ýapdyraryn!» diýip» gygyrdym.
Şeý diýip kellesine çalyp goýberdim welin, ol ýere ýazyldy ýatyberdi. Soň
beýleki otaga girip, on minut dagy eglenip geldim; görsem gapy öňküsi ýaly açyk
dur, gyzym bolsa edil gapyň ýanynda kellesini egip aglap dur, gapy daşyna
açylýardy, edil şol wagt bolsa ýel turup, gyzyň aňyrsyndaky gapyny jarkyldadyp
ýapdy. Emma gyz ýerinden hem butnanok… Men doňan ýaly boldum, göwnüme
gelen zady aýtmaga hem dilim ysanok. Ýuwaşja basyp ýöräp ugradym, özüm
welin galpyldaýaryn, daraklygyma basyp bardym-da ýuwaşjadan arkasyndaky
gapyny açdym, seresaplylyk bilen kellämi sokdum we bokurdagyma sygdygyndan
gygyryp goýberdim. Ol kesesinden gymyldamadam! Şonda bir, Gek, agladym-ow!
Onuň elinden tutdum-da: «Wah, pahyrjygymeý! Taňrym, garry Jimiň günäsini
geçeweri, gaýdyp hiç haçan beýtmen!» diýdim. Sebäbi, Gek, onuň gulagy
gapylaýan eken, düýpden gapylaýan eken, men onuň göwnüne şeýle erbet degen
ekenim! — diýdi.

XXIV bap
Ertesi, agşamaralar biz derýanyň ortarasyndaky söwüt agaçly adajyga gelip
diredik, iki kenarda hem oba bardy, gersog bilen korol şol obalary nädip çürkäk
başlajakdygy barada oýlanýardy. Jim gersoga: bu hernä köpe çekmez-dä, ýogsama uzynly günläp çatmada güýlüngi ýatmak ýüregime düşdi diýdi.
Biler bolsaňyz, biz Jimi ýeke goýup gidenimizde güýlüp gitmeli bolupdyk: sebäbi
eger biri oňa duşaýsa, ýakyndada hç kimiň ýoklugyny we daňylgy däldigini
göräýse, ol onuň gaçgak negrdigine ynanmaz. Gersog hem: elbetde, uzynly günläp
guýlüngi ýatmak aňsat däldir, şonuň üçin munuň bir alajyny iýjek bolarys-da
diýdi.
Biziň gersogymyzyň kellesi örän zor işleýärdi, ol muny nätmelidigini derrew
tapdy. Ol Jime korol Liriň geýimini: tutulyk çitden uzyn don geýdirdi, ýaby
gylyndan çal saç we sakgal oturtdy; soňra öz teatrda ulanylýan reňkinden alyp,
Jimiň boýnuny, ýüzüni, ellerini we gulaklaryny ýaglap çykdy, endam-janyny
öçügsi, solak öwüşginli gök reňkden suwady welin, Jim suwda bir hepdeläp ýatana
çalym etdi. Ömrümde şundan gorkunç zady gören bolsam, duran ýerimde janym
çykaýsyn. Soňra gersog tagtajygy aldy-da, oňa:
«Guduzlan arap adamlara topulýar»
— diýip ýazdy we bu tagtajygy taýaga çüýledi, taýagy bolsa çatmanyň dört
ädimlik öňünden dikdi. Jimiň göwni hoş boldy. Ol: uzynly günläp güýlüngi
ýatandan, bir zat şygyrdaýsa, gorkup galpyldap durandan bu has gowy diýdi.
Gersog oňa utanmada, yzgytsyz bolgun diýdi; eger biri sümsünip geläýse, goý Jim
çatmadan böküp çykyp, bir azrak bökjeklesin, goý ýyrtyjy haýwanlar ýaly bir-iki
gezek uwlasyn, sebäbi şeýtse, gelen adam derrew gümüni çekip, oňa azar
bermez— diýdi. Munuň bu çaklamasy umuman dogrudy; emma her bir gelen Jim
uwlaýança garaşyp durarmy näme? Ol diňe bir ölä meňzemek däl, eýsem ölüden
hem bäş beterdi…
Bu kezzaplaryň ýene «Žirafy» işe girizesleri gelýärdi, bu örän düşewüntli zatdy,
ýöne olar şu geçen wagtyň içinde bu ýere-de gürrüňleri ýaýrandyr öýdüşip
gorkýardylar. Kellelerine başga hem idili pikir gelmeýärdi, ahyrsoňy gersog ýatyp,
iki sagatlap pikir edeýin, heý, bu Arkanzas obasynyň başyny aýlap bolmazmyka
— diýdi; korol bolsa hiç hili plansyz beýleki kenardaky şähere aýlanmaga gitdi,
girdeji barada hem keramata bil baglaýan diýdi, emma men-ä şeýtana bil
bagladymyka diýýärin. Biz geçen gezekki durup geçen ýerimizde adama bir
köýnek satyn aldyk; indi kbrol boýdan-başa teze geýindi, maňa-da geýin diýdi.

Men, elbetde, geýindim. Korolyň geýimi garady, şonuň üçin ol örän haýbatly,
dabaraly görünýärdi. Men bolsam şu çaka çenli geýimiň adamyny beýle
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.