Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08

Total number of words is 3943
Total number of unique words is 2074
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Olar şonda maňa «näçe ýaşasyň gelse, bizde ýaşaber», diýdiler. Şondan soň daň
agaryp başlady we oturanlar ýatýan ýerlerine tarap ugradylar, men hem Bakyň
ýanynda ýatdym, ertesi oýananymda bolsa, (gör bolýan zady) adymy ýadymdan
çykarypdyryn. Men hakydama getirjek bolup, bir sagada golaý turman ýatdym,
Bak oýananda bolsa:
— Sen hat ýazyp bilýärmiň, Bak? — diýip soradym. Ol:
— Bilýärin — diýip jogap berdi.
— Ynha meniň adym bar-a, sen şonuň nähili ýazylýandygyny bilýärmiň? —
diýdim.
Ol:
— Senden kem bilýän däldirin — diýdi.
— Gel, onda ýaz — diýdim. Ol:
— J-o-r-j J e k s o n, ine saňa gerek bolsa — diýdi.
— Dogry, bilýän ekeniň — diýdim — men bolsam bileňokmykaň diýipdirin. Ol
ýat tutulmasa, çem gelen ýazyp bilýän atlardan däldir.
Birden onuň nähili ýazylýanlygyny sorasalar, öwrenişilip ýörlen zat hökmünde
sakynman-zat etmän ýazaýar ýaly, ony meniň özüm hem bildirmän ýazyp aldym.
Bolýan maşgalam örän oňatdy, öýlerem oňatdy. Men ömrümde hiç haçan obada
şeýle goş-golaňly, şeýle oňat öý görmäsndim. Köçe tarapdaky gapysy demir
sokmaly däl-de, gaýyş kemerli agaç sokmady, özünem edil şäher jaýlaryndaky
ýaly, mis ýumryny towlaýmalydy. Myhman jaýda ýekeje krowatda, krowata
meňzeş ýekeje zat-da ýokdy, ýogsam şeheriň köp myhman jaýlarynda hem krowat
bolguç bolýar. Peç ullakandy, aşagyna kerpiç örlendi; kerpiçleriň bolsa hemişe
tämiz bolmaklary üçin, olary suwlaýardylar we kerpiç sürgeýärdiler, käte
şäherdäkilere meňzeş edip, olara «ispan goňury» atly gyzyl reňk çalýardylar.

Tagan misdendi, özem şeýle bir uludy welin, pürsi zady-da göterip biljekdi. Daş
sütüniň ortarasynda sagat bardy, aýnanyň aňyrsynda we aýnanyň aşak burçunda
günüň ýerine halka çekilen şäheriň suraty durdy w aýnanyň aňyrsyndaky
maýatnigiň ýörişi görünýärdi.
Olaryň tykgylydysy ýakymlydy; käte öýe gezip ýören sagatçy gelip, ony
arassalaýardy we yzly-yzyna iki ýüz gezek dagy urýança ony tertibe salýardy. Öý
eýeleri bu sagady her näçe pul berseňem bermezler.
Sagadyň sagynda-solunda hekden edilip ala-mula reňk çalnan toty bardy.
Totularyň biriniň ýanynda şykgydan ýasalan pişik durdy, beýlekisiniň ýanynda
bolsa şykgydan ýasalan it bardy, olaryň ikiside gyssaň, gygyrýardy, emma
agyzlary açylmaýardy, ýüzleri bolsa şol perwaýsyzlyklaryna durdy. Olar aşakdan
gygyryşýardylar. Bu zatjagazlaryň hemmesiniň arkasyna hindi horazynyň iki sany
ullakan ýelegi gys-dyrylgydy. Otagyň ortasyndaky stoluň üstünde içi üýşmek
almaly, apelsinli, şetdalyly, üzümli ullakan sebet durdy, özi-de hakyky iýmişden
has owadan, has gyzyldylar, ýöne olaryň çyn iýmişler däldigi görnüp durdy, sebäbi
olaryň kä ýerleri gopuşyp, reňkiň aşagyndaky gips ýa hek agaryp durdy. Stol
ýüzüne gyzyl we gök reňkler çalnyp çekilen bürgüt suratly, gyralary keşdeli
owadan kleýonka bilen örtülgidi. Maňa bu kleýonka şol Filodelfiýadan getirildi
diýdiler. Stoluň dört burçunda-da topbak-topbak edilip kitaplar goýlupdyr. Olaryň
biri suratly maşgala injilidi. Beýlekisi «Hajynyň jahankeşdeligidi», ýagny öz
maşgalasyny taşlap giden, emma näme üçin taşlap gidenligi aýdylmadyk bir adam
baradaky kitapdy. Men ony okajak bolup, telim gezek synanyşdym. Ýazylyşy örän
gyzyklydy, emma onçakly düşnükli däldi. Ol ýerde ýene dürli-dürli gyzykly
hekaýaly, goşguly «Dostluk peşgeşi» hem bardy, emma men goşgulary
okamaýardym. Ýöne Genri Kleýiň «Sözlenen sözleri» we doktor Gannyň «Öý
melhemi» diýen kitaby bardy; ondan biri kesellän ýa ölen wagty etmeli zatlaryň
ählisini bilse boljakdy. Ýene «Dogalar kitaby» we başga dürli-dürli kitaplar bardy.
Ol ýerde başga-da owadan örme stullar durdy, özleri-de köne sebet ýaly sürlen ýa
deşik bolman, diýseň berk stullardy.
Diwarda suratlar asylgydy, köpüsi-de Waşingtonyň, Lafaýeti, dürli-dürli
uruşlaryň, şotland korolewasy Mariýa Stýuartyň suratlarydy, biri bolsa
«Deklarasiýa gol çekilişidi». Olarda «nastel» diýlip atlandyrylýan suratlarda bardy;
olary gyzlaryň biri on bäş ýaşyndaka çekipdir, häzir ol ölüpdir. Şunuň ýaly
suratlary men hiç ýerde görmändim, sebäbi olar gap-garadylar. Suratlaryň birinde
şar gara köýnekli, goltugynyň aşagy berk dartylan, kelemiň kellesi ýaly ýeňli, hüwi
ýaly gara nykaply ullakan gara şlýapaly bir aýal çekilipdir, onuň köýneginiň
aşagyndan gara atanak jähekli gara, isgene ýaly gysby köwüşli ak aýajyklary

görünýärdi. Aýal leýlisaç talyň düýbünde, sag tirsegini mazaryň üstündäki
ýadygärlige diräp, çep elinde bolsa ak ýaglyk bilen gapjyjagyny tutup gaýgyly
görnüşde durdy, suratyň aşagynda hem, «Wah, men indi seni gaýdyp görüp
bilmezmikäm!» diýlip ýazylypdyr. Beýleki bir suratda saçyny maňlaýynyň üstüne
edip daran, saçyna stuluň ýeňsesi ýaly, ullakan darak gysdyrylan bir ýaş gyz eliniň
aýasynda aýaklaryny serip ýatan öli guşjagazy tutup, aglap durdy, suratyň
aşagynda bolsa: «Wah, indi men seniň şadyýan jüýgüldileriňi hiç haçan eşitmesem
gerek!» — diýlip ýazylypdyr. Şeýle suratlaram bardy: ýaş gyz aýnanyň öňünde
durup, aýa seredýär, ýaňaklaryndan bolsa göz ýaşlary syrygýar: ol bir eli bilen gara
möhüri açylan bukjany tutup dur, beýleki eli bilen bolsa zynjyrlyja medalýonyny
dodagyna degrip dur, suratyň aşagynda hem: «Wah, indi sen dogrudan hem
ýokmukaň! Wah, nädeýin, indi sen ýok-la» diýlip ýazylypdyr. Suratlar oňatdylar,
emma olar maňa näme üçindir, onçakly ýaramaýardylar, sebäbi olara ýüregiň
azajyk gysyp durka seretseň, ol öňküden hem beter gysýardy. Hemmeler bu
gyzjagazyň ölenine gynanýardylar, sebäbi onuň başlap goýany ýeke-iki surat däldi,
ene-atanyň uly ýitgä sezewar bolanlygy taýýar suratlardan hem bellidi. Meniň
pikirimçe, şeýle häsiýeti bilen oňa gabyr hezillikdir. Kesellemänke ol başgada bir,
gaty gowy surat çekip başlapmyş, özi-de şu suraty gutarýançam bir ölmäýedim-dä
diýip, ýatsa-tursa dileg edipmiş, emma hiç peýdasy degmänmiş: şeýdibem ol
gutarybilmän ölüpmiş.
Şol suratda uzyn ak köýnekli ýaş aýal özüni köprüň üstünden zyňmakçy bolupdyr;
onuň saçlary seçelenip dur, ol aýa seredýär, ýaňaklaryndan göz ýaş syrygýar; ol iki
elini gowşuryp, iki elini öňe serip, iki elinem aýa uzadyp dur. Suratçy gyz ilki
haýsynyň gowy bolýanlygyny görüp, soň hem artykmaç elleri bozmakçy eken,
emma ýaňky aýdyşym ýaly, ol gutarnykly bir netijä gelmänkä ölüpdir,
dogangaryndaşlary ol suraty onuň krowatynyň başujunda asyp goýupdyrlar we her
gezek doglan güni gelende, ony güller bilen bezäpdirler. Beýleki wagtlar bolsa
suratyň üstüne tutužyk asypdyrlar. Bu suratdaky gelniň ýüzi mähirli ekeni, emma eli
köp bolansoň, ol, meniň pikirimçe, leňkebuda meňzäpdir.
Ol gyzjagaz dirikä, albom tutunyp, oňa «Preswiterian gazetinden» aradan
çykanlar baradaky bildirişleri, betbagtçylyklar, mert jepakeşler baradaky habarlary
alyp ýelmäpdir, olar barada özi goşgy goşupdyr. Goşgular örän oňatja ekeni. Guýa
gaçyp, gark bolan Stiwen Douling Bogs atly bir oglanjyk barada ol ine şeýle diýip
ýazypdyr:
STIWEN DOULING BOTSUŇ ÖLÜMINE BAGYŞLANAN ODA

Bir ýoň degip, şol ýoňdan hem
Öldümikän ýaş Stiwen?
Kowum-gardaş; dost-ýarlary
Göz-ýaş baryn dökdümikän?
Ýok, takdyr oň ene-atasyna
Başga bir bela gönderen,
Ses edip aglasalar-da,
Ýoň-poň däl ony öldüren.
Hapgyrtma-da däl degeni,
Gyzamyk däl oňa çykan.
Gyzamyk däl, hapgyrtma däl
Botsuň ýoguna çykan.
Ýok! Göz-ýaşy süpüriň-de
Gulak salyň näm bolupdyr.
Jan jesetden aýra düşüp,
Gurruk guýa ýykylypdyr.
Basym çekip alsalar-da,

Eýýäm boljak iş bolupdyr
Niredesiň, rahat ýer diýip,
Jan derrew göge galypdyr.
Eger Emmelina Grenjerford on dört ýaşamanka şeýle goşgular ýazan bolsa, ol
wagt geçmegi bilen nähili adam bolardy! Bakyň aýtmagyna görä, ol goşgy
ýazmagy suw içençe-de görmeýär ekeni. Ol kesesinden ýekeje minutam pikir
etmändir. Onuň bir setir ýazyp, oňa gabat geler ýaly rifma tapmadyk wagtlary-da
bolupdyr, ýöne ol şeýle ýagdaýda o setiri çyzyp, ýerine täze setir ýazypdyr-da,
yzyny dowam etdiriberipdir. Ol on-çakly seljerip durman, gynançly zatlardan çem
geleni barada höwes bilen ýazar ekeni. Biri öldügi bes, ol aýal bolsun, erkek
bolsun, çaga bolsun, gyzjagaz onuň gyzgyny sowaşmanka ol hakda şol ýeriň
özünde goşgy düzüpdir. Ol öz goşgularyny «Merhuma hormat» diýip atlandyrýan
ekeni. Goňşularyň aýtmaklaryna görä, ilki bilen doktor, soňra Emmelina, onsoň
hem tabytçy geler ekeni, diňe bir gezek tabytçy Emmelinany öňürdipmiş, onda
hem ol merhumyň familiýasyna rifma tapjak bolup eglenipmiş, onuň familiýasy
Uistler ekeni. Şundan soň ol özüni bu urgudan dürsäp bilmändir, gitdikçe
horlanypdyr we şondan soň uzak ýaşamandyr. Pahyrjyk, men onuň otagyna näçe
gezekler baryp gördüm, onuň çeken suratlary gaharymy getireninde, men onuň
köne albomyny, alyp, okap başlaýardym.
Maňa bu maşgalanyň hemmesi: ölüleri-de, dirileri-de ýaraýardy, şonuň üçin
meniň olaryň biri bilenem tersleşesim gelenokdy. Emmelina pahyrjyk dirikä, ol
ähli ölülere goş-gy goşýar ekeni, şonuň üçin ol ölende, oňa hiç kimiň goşgy
goşmaýanlygy göwnüňe bolmaýan zat ýaly bolup durdy; meniň özüm hem bir
goşgujyk goşjak boldum, emma goşup bilen zadym bolmady.
Emmelinanyň otagyny hemişe päkize edip ýygnaşdyrýardylar, ähli zatlar oňa
dirikä ýaraýşy ýaly edilip goýulgydy, ol ýerde hiç kim hiç haçan ýatmaýardy.
Her näçe köp negri bolsa-da otagy kempiriň özi süpürişdirýärdi; köplenç ol ýerde
bir zat tiken bolup oturýardy, injili hem ol hemişe diýen ýaly şol ýerde okaýardy.
Ine, şeýlelikde olaryň myhman jaýlarynyň äpişgeleriniň öňünde owadan, ak,
ýüzüne tutuş mahmal çolanan galanyň, suw içip duran süriniň suraty çekilen tutular
asylgy durdy. Bulardan başga-da ol ýerde, meniňçe, demir saçdan doldurylan köne
pianino-da bardy, gyzlaryň «Aýra düşdügi» aýdyşlaryny, «Praganyň etegindäki
söweşi» çalyşlaryny diňlemek meniň üçin duran bir lezetdi. Ähli otaglaryň

diwarlary suwalgydy, poluň üsti agyn haly bolup durdy, jaýyň daş ýüzi tutuş
agardylandy. Mülk iki fligellikdi. Emma fligelleriň arasyna pol kakylgydy we üçek
edilgidi, şonuň üçin käte bu ýerde günortanlar hezzet-hormat edilýärdi, bu ýer iň
oňaýly we salkyn ýerdi. Ýeriň mundan gowsuny tapmak mümkin däldi! Nahar
bişirişleri dagysam örän süýjüdi, özi-de okarany püre-pürläp berýärdiler!
XVIII bap
Polkownik Grenžerford jentlmen diýseň jentlmendi, onuň maşgalalary hem şeýle
alçakdy. Aýdyşlary ýaly, onuň nesil yzarlaýanlygy aňdyrýardy, bu bolsa adama
edil ýaba gerek bolşy ýaly gerekdi. Men muny dul hatyn Duglasdan eşidipdim,
onuň biziň şäherlerimizdäki birinji aristokratdygyna hiç kim jedel etmeýärdi.
Tohum dwornýankadan bolmasa-da, kakam hem şeýle diýýärdi. Polkownik
uzynakdy, ýüzi garamtyldan akdy, ýekeje-de nury ýokdy; her gün ertirine ýüzüni
päkize edip syryp çykardy; dodaklary örän ýukady, inçe burny gaýşagrakdy,
gaşlary gürdi, gözleri şar garady, özi-de şeýle bir içine gidişip durdular welin, saňa
gowakdan seredýän ýalydylar. Onuň maňlaýy giňdi, egnine ýetip duran uzyn
saçlary bolsa çalarandy. Hor elleriniň barmaklary uzyndy we taňrynyň beren güni
ol päkize köýnek bilen çym-ak polotnodan tikilen kostýumy geýerdi welin,
seredeniňde gözleriň gamaşyp gidýärdi. Bazar günleri ol mis ilikli gök fragny
geýerdi. Ol gyzyl agaçdan edilen, ujy kümüş tommaýly hasa göterinýärdi.
Degişmäni eger-eger halamazdy, emma ýuwaşja geplärdi. Şeýle bir ýumşakdy
welin, tarypyny ýetirer ýaly däldi, bu her kime mälimdi, ol göreniň ynamyna
girýärdi. Ol seýrek ýylgyrýardy, ýöne ýylgyryşy ýakymlydy. Emma onuň maý
syrygy ýaly dikelip, gür gaşlarynyň astyndan seredäýdigi, ilki bilen gaçyp agaja
dyrmaşasyň, soň hem sebäbini sorasyň gelýärdi. Ol hiç kime käýinmeli
bolmaýardy: ol barka uly-kiçi hemme özüni ümsüm alyp barýardy. Eger ol tupan
buludy ýaly gaşlaryny çytaýsa, bu bary-ýogy ýarym minuta çekerdi, şunuň bilenem
hemmesi gutarardy, onsoň bütin hepdeläp imisalalyk bolardy.
Ertir bada kemipiri bilen naharhana girende, ähli çaga ýerinden turup, olar bilen
salamlaşardy we tä garrylar oturýança oturman dik durardylar. Şondan soň Tom
bilen Bob grafinli bufetiň ýanyna barardylar we wiskaly stakanjyga suw garyp,
atasyna alyp bererdi, ol bolsa olar hem guýunýançalar eli stakanly garaşar durardy,
onsoň olar baş egşip: «Siziň saglygyňyza, sudar, sizin saglygyňyza sudarynýa!»—
diýerdiler, şondan soň üçüsi hem götererdi, soňra Bob bileň Tom gandyň üstüne
bir çemçe suw, bir damja wiska ýa alma içgisiniň bir damjasyny damdyryp, öz
stakanlary bilen Bak ikimize uzadardylar, onsoň biz hem garrylaryň saglygyna
içerdik.

Bob iň ulularydy, ondan kiçisi Tomdy, olaryň ikiside eginlek, güne ýanan uzyn
gara saçly, gara gözli pyýadalardy. Olar hem edil goja ýaly, sap ak geýinýärdiler,
giň etekli şlýapalary bardy.
Onsoň gezek Çarlottanyňkydy (onuň ýigrimi bäş ýaşy bardy), Çarlotta uzyn boýly,
ulumsy, syratly gyzdy, emma gaharyny getirmedik wagtlary diýseň ýuwaşdy,
aýdyp-diýerden artykmaçdy.. Gaharlandygy welin, bakyşy kakasynyňkydan pes
däldi, depe saçyň üýşer giderdi. Özi welin owadandy.
Onuň gyz jigisi Sofiýa hem owadandy, ýöne gylygy düýpden başgaçady; kepderi
ýaly ümsüm we ýuwaşjady; onuň bary-ýogy ýigrimi ýaşy bardy.
Olaryň ikisiniň hem hyzmatkär negri bardy, Bakyňky hem bardy. Meniň negrimiň
edere işi ýokdy, sebäbi men özüme hyzmat edilmegine öwrenişmändim, muňa
derek Bakyň negri dyzyny epmän işleýärdi.
Ynha maşgalanyň ölmän galanlary, ýöne öň garrynyň ýene üç ogly bar eken,
olaryň üçüsi-de öldürilen ekeni, özi ölen Emmelinada bar ekeni.
Gojanyň bir topar fermasy bilen ýüz töwerekleri negri bardy. Käte on-on bäş
millikden topar-topar myhmanlar gelerdi, bäş-alty günläp gezerdiler, toý ederdiler,
derýada ýüzerdiler, gündizine tokaýa gidip gezelenç ederdiler, agşamyna öýe gelip
tans ederdiler. Olaryň köpüsi dogan-garyndaşlarydy. Erkekler myhmançylyga öz
tüpeňlerini hem alyp gelerdiler. Jenaplaryň hemmesi hem atly-abraýly bolmaga
çemeli.
Bu ýerde bäş-alty hojalykdan ybarat ýene bir aristokrat tire ýaşaýardy, olaryň
hemmesiniň diýen ýaly familiýasy Şeperdsonlardy. Olar hem edil Grenjerfordlar
ýaly asylly, terbiýeli, baý we atly jenaplardy. Şeperdsonlar bilen Grenžerfordlaryň
biziň öýümiziň iki millik ýokary ýanynda umumy parohod pristany bardy we men
özümiziňkiler bilen pristanda bolanymda, owadan at çapyşyp ýören Şeperdo
nsonlara duş gelýärdim.
Bir gezek Bak ikimiz tokaýa awa gitdik we birden at toýnaklarynyň sesini eşitdik.
Biz ýasy ýoldan geçipdik. Bak:
— Çaltrak! Tokaýa gaç! — diýip gygyrdy.

Biz ökjäni göterdik, onsoň gyrymsy agaçlaryň arasyndan ýoly jyklap başladyk.
Basym harby adamsyna meňzeş görmegeý ýaş ýigit göründi; ol atynyň başyny
goýberip, gorgunla dyn gelýärdi. Tüpeňi eýeriň öňünde kese basylgydy. Men ony
öň hem görüpdim. Ol ýaş ýigit Garneý Şeperdsondy. Birden Bakyň tüpeňi
gulagymyň ýokary ýanyndan atylyp gitdi. Garneýiň kellesindäki şlýapasy gaýyp
gitdi. Ol tüpeňine ýapyşdy—da göni biziň gizlenip oturan ýerimize at goýdy.
Emma biz oňa garaşyp durmadyk-da, tokaýyň içi bilen ökjäni göterdik. Tokaý gür
däldi, men okuň öňünden sowuljak bolup, zol-zol yzyma seredýärdim, men
Garneýiň tüpeňini Baka çenänligini iki gezek dagy gördüm, emma soň ol yzyna
öwrüldi-de, gelen ugruna tarap gitdi, ähtimal, şlýapasyny almaga gidendir, men
şeýlemike diýip pikir edýärin, ýöne nähili bolanyny bilmeýärin. Biz öýe ýetinçek
aýak çekmedik. Garry jentlmeniň gözleri ilki bada ýaldyrap gitdi, men bu
begenjinemikä diýýärin, soň bolsa onuň ýüzi açylyp gitdi, ol diýseň mylaýymlyk
bilen:
— Agaçlaryň arasyndan tüpeň atylmasyny men halamok, Sen näme üçin, oglum,
ýola çykmadyň? — diýdi.
— Şeperdsonlar hiç haçan çykmaýarlar, atam. Olar hemişe amatly pursat
gözleýärler.
Miss Çarlotta Bakyň gürrüňini diňläp, korolewa ýaly, kellesini galdyrdy; onuň
burunlarynyň deşikleri paşşaryp, gözleri ýyldyrap gitdi. Ýaş ýigitler gaşlaryny
çytyşdy-lar, emma bir agyzam söz diýmediler. Miss Sofiýa duw-ak boldy, emma
Garneýiň sagaman galanlygyny eşidende, ýene ýüzüne gan aýlandy.
Baky agajyň düýbündäki agylyň ýanyna çagyryp, onuň bilen ikiçäk galan dessime
ondan:
— Dogrudan hem, Bak, sen ony öldürjekmidiň? — diýip soradym.
— Eýsem näme!
— Ol saňa näme etdi?
— Olmy? Ol maňa hiç zadam edenok.
— Onda sen ony näme üçin öldürjek bolduň?
— Hiç zat üçin, diňe bir-birimize ganym duşmanlygymyz üçin.

— Ganym duşmanlyk diýýäniň näme?
— Saňa näme öwretdiler! Indi sen ganym duşmanlygyň nämediginem bileňokmy?
— Birinji gezek eşidýärin. Hany gürrüň ber.
— Ynha onda, ganym duşmanlyk şeýle bolýar: bir adam başga biri bilen
tersleşýär-de, ony öldürýär, şonda öldürileniň dogany hem alýar-da öldüreni
öldürip goýberýär, on-soň olaryň doganlary ölüşýärler, soň hem dogan oglanlary,
şeýdip hemmesi gyrlyşyp bolanynda, olaryň duşmançylyklary hem gutarýar.
— Siziň duşmançylygyňyz öňräk başlanypmydy? Ýogsam öňräk bolmazmy!
Otuz ýyl töwerekleri bäri. Bir jetleşik bolupdyr-da şol jetleşigiň üstünde
sudlaşypdyrlar, sudda asgyn gelen gidipdir-de, ýeňeni atypdyr, bu şeýle-de
bolmaly-da. Onuň ýerine bolsa her kim hem şeýderdi.
— Jetleşik nämäniň üstünde turupdyr, Bak? Ýer üstündemi?
— Bilmedim. Şoň üstünde bolsa-da bolýandyr.
— Be, onsoň ilki kim atypdyr? Grenžerfordlarmy ýa Şeperdsonlar?
— Toba, men näbileýin! Bu bireýýämki bolan zat ahyryn.
— Hiç kimem bilenokmy?
— Ýok, kakam bilýärmike diýýärin, garrylardanam bilýäni bardyr, ýöne olar
jetleşigiň başda nämäň üstünde turanlygyny bilmeýärler.
— Onsoň ölen köp bolupmy, Bak?
— Hawa-la! Aýyn bolmasa birini jaýlaýarlar. Ýöne hemmesi ölüp duranok.
Kakamyň aýagynda galan seçme henizem bar, ýöne ol muňa pikirem berenok.
Bobam oňatja pyçaklan ekenler, Tom hem iki gezek dagy ýaralanan bolmaly.
— Bak, olaryň şu ýyl öldüren adamsy barmy?

— Hawa, bizden biri öldürildi, olardanam biri. Mundan üç aý öň meniň kuzenim
Bed tokaýyň içi bilen derýanyň o tarapyna diýip gidipdir, ýany bilen bolsa ýarag
almandyr, şeýle samsyklyk edipdir, birden bir çolarak ýerde at toýnagynyň sesini
eşidipdir, görse, yzyndan Şeperdson hem eli tüpeňli at salyp gelýärmiş, çapyp
gelýärkä-de, çal saçy şemalyň ugruna ygşyldaýarmyş. Bed atdan düşüp, otuň
içinde gizlenäýmeli ekeni, ýöne ol garry kowup ýeter öýtmändir, şeýdip olar bäş
mil dagy kowalaşyp gidipdirler, garry bolsa gitdikçe arany ýygyrypdyr; ahyrsoňy
Bed rejäň geň däldigini görüp, atynyň başyny çekipdir we ok arkasyna däl-de,
döşüne deger ýaly, garra tarap öwrülipdir, garry bolsa ýakynrak gelipdirde, ony
tüwdürip goýberipdir. Ýöne ol uzak heşelle kakmaly bolmandyr: bir hepde geçip
geçmänkä, biziňkiler hem ony öldüripdirler.
— Meniň göwnüme, Bak, ol garry namart ekeni.
— Meniň göwnüm-ä, ol namart däl eken. Eger-eger! Şeperdsonlaryň içinde
namardy ýok, ýekejesem ýok. Grenjerfordlaryň hem namardy ýok. Bir gezek bu
garry Grenjerfordlaryň üçüsi bilen mert durup uruşypdyr we ýarym sagadyň içinde
olary bir ýüzli edipdir. Olaryň hemmesi atly eken, ol bolsa atyndan böküp
düşüpdir-de, bir gujak odunyň aňyrsynda bukup oturypdyr, ýabysyny bolsa okdan
dulanjak bolup, öň ýanynda tutup oturypdyr, Grenjerfordlar atdan düşmän, onuň
töwereginde okkessirme geçipdirler we ýetişibildiginden tüpeňläpdirler, ol hem
atypdyr. Onuň özünem, atynam öýlerine elemedeşik ýaraly, gara gan ýagdaýda
alyp-gelipdirler, muňa derek Grenjerfordlary getirenlerinde, biri öli, birini ýaraly
halda alyp geldiler: ol hem ertesi güni öldi. Ýok, ser, eger kime namart gerek bolsa,
ony Şeperdsonlardan taparyn diýip biderek wagty ýitirip ýörmesin: ol ýerde namart
ýok.
Soňky ýekşenbe güni biziň ählimiz atlanyp, üç millikdäki buthana ugradyk.
Erkekler ýanlaryna tüpeň aldylar, Bak hem aldy, özide dyzlarynyň arasynda tutup
oturdylar, ýa-da el astynda bolar ýaly, diwaryň ýanynda söýäp goýdular,
Şeperdsonlar hem şeýdipdirler. Öwüt-ündew öňküleri ýaly doganlyk söýgi we şuňa
meňzeşler barada diýişdiler we öýli-öýlerine darganlarynda, adamlaryň hemmesi
ynam barada, haýry-sahabat barada, eşret barada, täleý-takdyr barada we gör ýene
nämeler barada gürrüň etdiler, şonuň üçin, meniň göwnüme, ömrümde hiç haçan
şeýle ýürek gysgynç ýekşenbe bolmadyk ýaly bolup göründi.
Günorta naharyndan bir sagat çemeleri geçeninden soň ähli kişi ýatdy: kim
kresloda gyşardy, kim öz otagynda, bu bolsa tukatlygy öňküden hem beter
güýçlendirdi. Bak öz iti bilen otuň üstüne süýndi we güneşde süýji uka gitdi. Men
otagymyza girip ýataýaýyn diýdim. Görsem, ýuwaşja miss Sofiýa öz otagynyň

bosagasynda dur, onuň otagy biziňki bilen ýanaşykdy; ol meni otagyna çagyrdy,
soň gapyny içinden kiltledi-de, meni oňat görýärmiň diýdi, men — gowy görýärin
diýdim; soň ol: bir ýumuşjygym bar welin, ony hiç kime aýtman, bitirip bilermiň
— diýdi, men bitirerin diýdim. Şondan soň ol men buthanada oturgyjyň üstünde iki
sany kitap bilen injilimi galdyryp gaýdypdyryn welin, gidip şony getirip
bilmezmiň, ýöne hiç kime hiç zat aýtmaly däldir diýdi. Men getirerin diýdim. Ynha
şeýdip, ýuwaşja basyp, öýden çykdym we ýol bilen ylgap gitdim: görsem, eýýäm
buthanada iki sany doňuzdan başga hiç kim ýok; onuň gapysy hiç haçan
gulplanmansoň, tomus wagtlary doňuzlar ýuka tagtaň üstünde ýatmany gowy
görýärler, sebäbi ýuka tagta buz ýalydy. Eger syn eden bolsaňyz, adamlaryň köpüsi
buthana diňe zerurlyk bolansoň gelýärler, doňuzlar bolsa, başga mesele.
Bu ýerde başga bir zat bolaýmasa, injil üçin ol beýle howsala düşmez diýdim.
Men kitaby silkdim welin, içinden bir bölejik kagyz gaçdy, ýüzüne hem galam
bilen: «Üçüň ýarynda» diýlip ýazylypdyr. Men ýene seredip başladym, emma
başga hiç zat tapmadym. Hiç zada düşüp bilmän, kagyzy öňki ýerinde goýdum,
öýe gaýdyp gelip, ýokaryk çykyp ugramda, miss Sofiýa öz otagynyň işiginde maňa
garaşyp dur ekeni. Ol meni otaga çekip aldy-da, gapyny ýapdy, onsoň tä haty
tapýança injiliň sahypalaryny agdaryşdyryp başlady. Ol hatjagazy okap, örän
begendi, şol salymyň özünde-de egnimden tutup, meni bagryna basdy we sen
dünýäde iň gowy oglanjyk, ýöne sen hiç kime hiç zat aýtma diýdi. Onuň gözleri
ýagtylyp, ýüzi gyzaryp gitdi, şonda ol has hem owadanlandy. Biläýsem diýen pikir
meni öz ugruma goýmady, şonuň üçin hem demimi dürsäp, hat näme hakynda
eken? — diýdim, ol sen ony okadyňmy-okaňokmy diýdi, men okamok diýdim.
Şonda ol ýazylany okap bilýärmiň diýdi. Men basma harplar bilen ýazylan
bolaýmasa okap bilemok diýdim; şonda ol hatda hiç hili üýtgeşik zat ýok, ol ýöne
kitabyň içinde goýulýan kagyzjyk; bar, indi git-de, okaber diýdi.
Men bu zatlar barada içimi hümledip, derýa tarap ugradym, birden görsem,
yzymdan negrim gelýär ekeni. Biz tamdan äpişgeden görünmez ýaly
saýlananymyzda, ol daş-töweregine garanjaklady-da, meniň ýanyma ylgap geldi
we:
— Mister Jorj, meniň bilen batgalyga-ha gidäýmersiňiz? Men size bir topar
suwýylan görkezeýin — diýdi.
Be, munuň-a bir zady bardyr, ol düýn hem şu aýdanyny aýdypdy. Gözlenip,
yzyndan gidiler ýaly, suwýylan kime gerekmiş! Ol muny bilmeýärmikä? Geň zat,
onuň päli nämekä? Onsoň men oňa:

— Ýeri bolýar-da, düş öňe — diýdim.
Men onuň yzyna düşup, ýarym mil dagy gitdim, onsoň ol batgalygyň içinden
gabatlap ugrady we topugyna ýetip duran suwuň içi bilen ýene ýarym mil geçdi.
Biz gür agaçly, otly-çyrmaşykly kiçeňräk bir ada ýetdik, şonda negr:
— Siz ol ýere baryberiň, bary-ýogy iki ädimlik ýerdir, olar şol ýerdedir. Men
olary, öňem görüp ýöremsoň, olaryň maňa gerek zady ýok — diýdi.
Ol yzyna dolandy, ýene batgalyga urdy we basym agaçlaryň aňrysynda gözden
ýitdi. Men bolsam göni ýöräp gitdim we daş-töweregini çyrmaşyk tutup oturan
açyklyk ýeriň üstünden bardym, onuň ululygy edil öýüň içi ýalydy; birden görsem,
sag tarapda ýerde bir adam ýatyr, özem meniň garry Jimim?
Men ony oýardym, meni görüp, ol aňk-taňk bolar öýtdüm, emma eger-eger. Ol tas
aglapdy, meniň gelenime ine şeýle begenen ekeni, emma welin maňa ol geň galyp
durmady. Men şol gije ýüzdüm-ýördüm, seniň sesiňi eşitsem hem, hä bermäga
gorkdum; tutulyp, ýene gul edilip satylaýmaýyn diýdim — diýdi.
— Men birneme müçükdim, şonuň üçin hem çalt ýüzüp bilmedim, onsoň soňa
baka gaty yza galdym; sen kenara çykaňda men gygyrmanam yzyňdan ýeterin
öýtdüm; şol tamy görübem howlukjak bolmadym, öz maýdalyma ýöräberdim. Men
senden daşdadym, saňa näme diýýänlerinem eşidemokdym, itlerdenem
gorkýardym; ses-üýn ýatyşanda, men eýýäm seniň öýdedigiňi bildim, daňa çenli
garaşaýyn diýip, tokaýa ugradym. Ertir ir bilen gapdalymdan işe barýan negrler
geçdi, olar meni hem ýanlary bilen äkidip, şu ýeri görkezdiler; bu ýerde bolansoň,
itler hem duýanoklar, onsoň negrler her gün agşam maňa iýer-içer ýaly zat
getirýärler, seniň hal-ahwalyň barada gürrüň berýärler — diýip, Jim gürrüň berdi.
— Sen näme üçin meniň Jekime ony alyp gel diýip öňräk aýtmadyň?
— Heniz bitiren işimiz ýokka, Gek, seni alada goýmaýyn diýdim. Häzir bolsa biziň
ähli zadymyz taýýar. Ätiýaçdan pitidir, saç hem satyn aldym, gijelerine bolsa
salymyzy bejerişdirdim…
— Haýsy saly, Jim?
— Biziň köne salymyzy.
— Eýsem, ol çym-pytrak bolmanmydy?

— Ýok, bolmandy. Ony parohod oňatja çagşadypdy, bu dogry, bir ujyha
gopupdam, emma her niçigem bolsa, ýarasy onçakly agyr däldi, ynha
goşgolamlarymyzyň welin, ählisi diýen ýaly gitdi. Eger suwa çümüp, suwuň
aşagynda esli ýüzmedik dagy bolsak, ýa gije beýle garaňky bolmadyk bolsa, biz
salymyzy görüp, allaniçigsi bolardyk, huşumyz başymyzdan uçardy. Aý, munuň
zyýany ýok, ol indi täze ýaly boldy, onsoňam akan zatlarymyza derek bir topar
täze zatlarymyz bar.
— Sen saly nireden aldyň. Jim? Ýa sen ony bir ýerden tutduňmy?
— Men ony tokaýdan nädip tutaýyn? Ýok, ony negrler tapdy, ol şu töwereklerde
bir ýerde köke ilişip galypdyr, onsoň olar ony alypdyrlar-da derýada, söwüdiň
aşagynda gizläp goýupdyrlar, soň ony kimiň almalydygy barada gopgun
turzupdyrlar, muny eşidip, basym dawanyň arasyny açdym, saly hiç haýsyňyz hem
alaňzok, sebäbi ol biziň ikimiziňki diýdim. Indi ak jentlmeniň emlägini talap,
başyňyza dawany satyn almakçymy? — diýdim. Soň olaryň adam başyna on
sentden berdim, olar muňa monça boldular: baý bolup gider ýaly sallar köpräk
akyp gelse bolmaýarmy diýişdiler. Olar maňa örän rehimli, bir zat gerek diýsem,
iki aýtdyrmaýarlar. Bu Jek oňat negr, özem akmak däl.
— Dogry aýdýaň. Ol maňa şu ýerdedigiňi hem aýtmady; ol meni diňe suwýylan
görkezjek kişi bolan bolup alyp gaýtdy. Eger birden bir zat bolaýsada, onuň günäsi
bolmaz. Ol bularyň ikisini bir ýerde göremok hem diýip biler, bu onsoň dogram
bolar.
Meniň ertesi gün barada köp gürrüň edesim gelenok. Gysgarak aýtjak bolup jan
edeýin. Men daň bilen oýandym we beýläme agdarynaýyn-da, ýene ýataýyn
diýdim, emma birden öýde örän umsümlik ýaly, hiç kim gymyldamaýan ýaly
gördüm. Bu hiç haçan beýle bolmaýardy. Soň görsem, Bak hem turup giden eken.
Onsoň menem turdum, özüm welin näme etjegimide bilemok; aşak düşsem,
aşakda-da adam ýok, niräk barsam, alakaň hini ýaly gugaryp dur. Howlyň içem
şeýle ekeni. Bu näme boldugyka? diýip böwrümi diňledim. Odunyň ýanynda öz
Jekime duşup:
— Näme boldy? — diýip soradym. Ol:
— Näme, siz hiç zat bilmeýärmisiňiz, mister Jorj? —diýdi.
— Ýok, bilemok — diýdim.

— Miss Sofiýa gaçypdyr. Hudaý ursun, ýalan sözlämok. Gijäň bir mahaly gaçyp
gidipdir, ýöne haçan gaçanlygyny bilýän adam ýok, ýaş ýigit Garneý Şeperdson
bilen nikalaşmak üçin gaçypmyş, adam barynyň hem edýän pikiri şeýle.
Garyndaşlary bolsa muny bary-ýogy mundan ýarym sagat gowrak öň bilipdirler,
özlerem wagt ýitirip durman, derrew ýaraglaryna ýapyşypdyrlar, atlaryna
atlanypdyrlar, biz bolsak muny duýamyzogam. Aýallar ilen-çalanlaryna habar
bermäge gidipdirler, garry hojaýyn bolsa ogullaryny ýanyna alyp, Sofiýa bilen
derýadan geçmäkä şol ýaş ýigidi ele salmak we öldürmek üçin ýol bilen derýa
tarap at salyp gidipdir. Görýän welin, derdeseri uly bolarmyka diýýän.
— Bak gidende, meni oýarjak bolmadymy?
— Ýok-ýok. Sizi bu işe goşaslary gelmedi. Mister Bak ? tüpeňini oklap, ölerin
welin, Şeperdsonlaryň birini awlaryn diýdi. Hawa, men hem olar o ýerde köplükdir,
çemesine getirip bilse, ol olaryň iň bolmanda birini awlarmyka diýýärin.
Men haýal etmän, derýa tarap ylgadym. Basym uzakdan tüpeň sesi gulagyma
degdi. Parohod pristanynyň ýanyndaky dükanjyga we üýşmek oduna gözüm düşen
dessine men tä oňaýly ýere ýetýänçäm agaçlaryň we ot-çöpleriň arasy bilen ýöräp
gitdim we şol ýeriň özünde wirgind dereginiň ok ýetmeýän aýyrdyna çykdym we
aşaklygyna seretdim. Edil deregiň ýanjagazynda beýikligi dört futa ýetip duran
üýşmek odun bardy, men ilki şonuň aňrysynda gizlenjek boldum, emma
gizlenmänim gowy bolupdyr.
Dükanyň öňündäki açyklyk ýerde dört-bäş sany atly parahod pristanynyň
golaýyndaky üýşürilip goýlan odunyň aňyrsynda oturan iki sany ýaş Grenjerfordy
awlajak bolup lalawlaşyp iki ýana at salýardy, emma bu olara başartmaýardy. Her
gezek atlylardan biri üýşmek odunyň aňrysyndan çykyp derýa tarap tutduryberende,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.