Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06

Total number of words is 4029
Total number of unique words is 1872
33.3 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gorkudan ýaňa tas janym çykypdy, men tas özümden gidipdim. Bu şaýka bilen
çagşan parohodda galaýjak bolsaň näbileýin! Emma beýdip, gam çekip oturmaga
wagt ýokdy. Indi her edip-hesip edip şol gaýygy tapmalydy, ol indi biziň özümize
gerekdi. Ine şeýdip, biz sag borta çykyp ugradyk, özümiz bolsa galpyldap
sandyraýardyk, parohodyň arka tarapyna zordan ýetdik; göwnümize bolmasa,
eýýäm bir hepde geçen ýaly boldy. Gaýykdan nam-nyşan bolmady. Jim: mundan
aňryk ýaramok, örän gorkýaryn, ysgyn-mydarym ýok — halys boldum — diýdi.
Men hem: öňi-soňy gitmelidä, eger bu ýerde galaýsak, biziň işimiz gaýdar, munuň
ujy iki däl — diýdim.
Şeý diýenimden soň biz ýene ýöräp ugradyk. Bir rubkanyň yzky bölegini gözläp
ugradyk we ony tapdyk, soň sermenekläp, losman budkasynyň aýnalanan diwaryna
ýetdik, sebäbi onuň bir burçy eýýäm suwa batyp ýatyrdy. Gapyň ýanyna
gelenimizem şoldy welin görsek gaýyk şol ýerde duran ekeni. Men ony
garaňkylygyň içinde zordan saýgardym. Baý, bir şonda begendim-ow! Ýekeje
sekunt geçip-geçmänkä men onuň içine girjekdim, emma şol wagt gapy açylaýdy.
Banditleriň biri meniň iki ädimlik beýle ýanymdan kellesini çykardy, işim
gaýdandyr öýtdüm, emma ol ýene kellesini çekdi we:
— Bill, bu jyn urmuş çyraňy, görünmez ýalyrak ýerden assana! — diýdi.
Ol içi zatly bir haltany gaýyga atyp, yz ýanyndan özi hem mündi. Bu Pakkarddy.
Onsoň Bill çykdy, ol hem gaýyga mündi. Pakkard sadaja sesi bilen:
.— Taýyn, sürüber! — diýdi.
Äpişgäň gapylaryna ýapyşyp, men zordan aýak üstünde durdum, göz açypýumasy
salymyň içinde şeýle tapdan düşen ekenim. Onýança Bill:
— Hany entek dur, sen onuň ýanyny barladyňmy? — diýdi
— Ýok, a sen?

— Menem barlamok. Diýmek, paýy ýanynda nagtja galypdyr-da.
— Olar ýaly bolsa ýör gideli; puly goýup köne-kuşüli alandan ne peýda!
— Birden ol biziň näme etjek bolýanymyzy biläýmez-dä?
— Bilmezligem mümkin. Ýöne her niçigem bolsa, biz ol pullary almaly. Ýör!
Şeý diýşip, olaryň ikiside gaýykdan düşdüler we yzlaryna kaýuta gitdiler.
Giren batlaryna gapy ýapyldy, sebäbi gäminiň gyşaran tarapy şu tarapydy. Ýarym
sekundyň içinde men gaýykda peýda boldum, yz ýanym bilen Jim hem mündi.
Men pyçak alyp, ýüpi kesdim, şeýdip ýüzüp ugradyk.
Küreklere elimizem degirmeýärdik, birden sojaýsak diýip howatyrlanýardyk. Biz
gijäniň ümüş-tamyşlygynda akymyň ugry bilen, kožuhyň, parohodyň burnunyň
gapdaly bilen aşaklygyna çalt ýüzüp gitdik; bir sekunt geçip-geçmänkä döwlen
parohodyň ýüz ädimlik beýle ýanynda peýda bolduk, onuň üstüni garaňkylyk örtdi,
şonuň üçin göze zat ilmeýärdi; indi biz howpdan gutulypdyk, gutulanlygymyzy
özümiz hem bilýärdik.
Derýanyň akymy bilen üç-dört ýüz ädim ýüzenimizde, rubkanyň gapysynda çyra
ýylp etdi we kezzaplaryň gaýyklary ýatlaryna düşüp, özleriniň hem edil Terneriň
gününe düşendiklerini aňanlyklaryna düşündik.
Şol wagt Jim küregi alyp, salyň yzyndan kowmaga başlady. Bu kezzaplara meniň
ilkinji gezek diňe şundan soň nebsim agyryp ugrady — öň nebsim agyrmaga-da,
elim degmedik bolara çemeli. Beýle çykgynsyz güne düşmeklik, ganhor bolsaň
hem gaty elhenç bolýar ekeni diýip içimi gepletdim, öz ýanymdan; kim bilýär, bir
wagt özümem bandit bolsam bolaryn, onsoň beýle zat öz janymada ýakmaz —
diýýärin. Şonuň üçin hem men Jime:
— Yşyk gören badymyza biz ýüz ädimlik ýokarda ýa aşakda, gaýyk ikiňizi oňatja
gizlär ýaly ýerde kenara çykaly, onsoň men bir alajyny iýerin: adam gözlegine
çykaryn; soň bir mahal wagty gelende asar ýaly, goý olar bu şaýkany äkidip
saklasynlar.
Emma bu oňaýly pikir däldi. Basym ýene-de gök gübürdäp başlady, özem
öňküden-de beter boldy. Ýagyş bedreden guýýan ýaly guýýardy, hiç ýerde yşyk

görünmeýärdi, hemmeler ýatan bolara çemeli. Biz derýa bilen aşaklygyna tarap
barýardyk we yşyga ýa salymyza gözümiz düşäýmezmikä diýşip töweregimize
seredýärdik. Örän köp wagt geçip, ahyrsoňy ýagyş diňdi, emma howanyň ýüzi
açylmady, yzly-yzyna ýyldyrym çakýardy, birden bir gezek çakanynda, öňümizde
suwuň ýüzünde bir gara gözümiz düşdi; biz hasyr-husur şol ýere ugradyk.
Bu biziň salymyz ekeni. Onuň üstüne münenimizde, biz gör nähili begenişdik. Ine
onsoň öňümizde, sag kenarda bir ýylpyldy göründi. Men häziriň özünde şol ýere
gitjek diýdim. Ogrularyň döwük parohoddan ogurlan zatlary gaýygyň ýarysyny
tutup durdy. Biz olaryň ählisini salyň üstüne ýükledik, men Jime: maýdalyňa
sürüber we iki milräk geçeňsoň çyrany ýak we tä gaýdyp gelýänçäm ony söndürme
diýdim; onsoň men küregi alyp, yşyk görünýän ýere ýüzüp ugradym. Golaýyna
baranymda, ýokarda, depäniň üstünde ýene-de üç-dört sany ýylpyldy göründi. Bu
bir kiçijik şäher ekeni. Meýa oduň ýanyp duran ýerinden birneme ýokarrakda
küreklerimi goýdum, meni suwuň akymy öz ugry bilen alyp ugrady. Gapdalyndan
ýüzüp barýarkam men bu yşygyň iki etažly paromdaky çyranyň yşygydygyny
gördüm. Men garawulyň nirede ýatandygyny biljek bolup paromyň daşyna aýlanyp
çykdym we ony ahyr bitengiň üstünden tapdym: ol kellesini dyzynyň üstünde
goýup uklap ýatyrdy. Men onuň egnini bir-iki-üç gezek yraladym we möňňürip
başladym.
Ol allaniçiksi bolup ýerinden böküp turdy we mendigimi görüp ykjam gerindi,
pallady we:
— Ýeri, näme bolupdyr? Aglama, ogul… Näme bolupdyr? —diýdi.
Men oňa:
— Kakamam, ejemem, uýajygymam, ýene… diýdim we hork-hork agladym. Ol:
— Ýeri boldy-da, beýle agladyň-la! Hemme kişiň hem başyna iş düşýär-le, buda
geçer-dä. Onsoň olara näme boldy?—diýdi. .
— Olar… olar… Bu paromyň garawuly sizmi?
— Hawa men — diýdi, garawul özüne göwni ýetip gürledi.— Men kapitanam,
eýesem, losmanam, garawulam, starşiý matrosam; käte ýükçem, ýolagçam bolýan
wagtym bar. Men goja Jim Horibak ýaly-ha baý däl we onuň sowruşy ýaly
öňümden çykana, sagyma-soluma pul sowrup bilemok. Emma şonda-da seniň bilen
ýerimi çalyşman diýip, oňa telim ýola aýtdym; matros durmuşy tüýs göwnümden

turýan zat, hiç hili gyzyksyz ýerde gürleşere adam bolmadyk ýerde — şäherden iki
millik uzakda men, baryp ähli millionlaryny berenlerinde-de kes kelläm, ýaşap
bilmerin. Men aýdýaryn…
Bu ýerde men onuň sözüni böldüm:
— Olar şeýle bir elhenç güne duşdüler…
— Olar diýýäniň kim?
— Olar kakam, ejem, uýam we miss Guker dagy-da. Wah siz şol ýere
paromyňyzy alyp baryp bilsediňiz…
— Nirä «şol ýere?» Olar nirede?
— Döwük parohodda.
— Ol neneň parohod?
— Aý şu ýerde biri bar.
— Hernä «Walter Skotda-ha» däldir?!
— Hawa.
— Eý taňrym! Sen aýtsana, olar ol ýere nireden düşdülerkä?
— Elbetde, öz peýwagtlaryna düşmändirler. Ýogsam näme! Eý taňrym, olar o
ýeriň özünden derewjik çykaýmasalar, bagtjagazlaryna gar ýagar! Ýeri, olar o ýere
nädip düşüp ýörkäler diýsene?
— Ap-aňsatja düşüpdirler. Miss Guker şol şäherde myhmançylykda bolan ekeni.
— Hawa, ol şäheriň ady Buts Lending bolmaly. Ýeri, onsoň?
— Ol şol ýerde myhmançylykda bolupdyr, agşamaralaram öz negr hyzmatkäri
bilen at paromyna münüp, öz jorasynyňka ýatmaga gidipdir, ol jorasynyň ady bolsa
miss neme bolmaly… wah, men onuň adyny ýadymdan çykaraýypdyryn; olar
küreklerini ýitiripdirler, onsoň olary suwuň akymy özi bilen iki mil dagy alyp
gidip, göni burnuny dik ýokaryk edip döwlüp ýatan parohodyň üstünden eltipdir,

paromçy negr hyzmatkäri, aty-zady bilen gark bolupdyr, miss Guker bolsa nämedir
bir zada ýapyşyp, şol parohodyň üstüne özüi atypdyr. Gün ýaşanyndan bir sagat
geçeninden sosň biz öz gämimiz bilen geçip barýardyk, howa garaňkydy, şonuň
üçin döwük parohody görmän, biz hem onuň üstünden barypdyrys; emma biziň Bil
Uippilden başga hemmämiz gämä çykyp gutuldyk — Bil welin diýseň gowy
oglandy! Oňa derek özum gark bolup giden bolsam, gowy bolardy, ýöne…
— Eý taňrym-eý, men beýle zatlary ömür eşitmändim. Ýeri onsoň siz nätdiňiz?
— Aý, gygyrdyk-gygyrdyk, emma derýa giň bolansoň, biziň sesimizi eşiden
bolmady. Onsoň kakam: biziň birimiziň kenara gidip, kömek soramagymyz gerek
— diýdi. Ýüzüp bilýän bolsa ýeke mendim, şonuň üçin men derýa urup, ýüzüp
ugradym, miss Guker bolsa maňa: eger başga adama duşmasaň şu töwerekde
daýym bardyr, sen ony gözläp tap, ol hemmesini düzeder diýdi. Men kenara bir mil
aşagrakdan çykdym we duş gelen adamlarymdan kömek edäýseňiz diýip soradym,
olar bolsa maňa: «Heý, şeýle garaňkylykda-da, şeýle çasly akýan suwda-da bir
kömek bolarmy? Synanyşyp oturasyda iş ýok, bar paroma git» diýdiler. Ine, indi
siz gidäýseňiz.
— Men, hudaý ursun, giderdim welin, gitmelem bolaryn welin, ýöne munuň
zähmet hakyny kim tölärkä? Kakaň töläp biler öýdýärmiň?..
— Ondan arkaýyn boluň. Miss Gukeriň aýdyşyna görä, onuň daýysy Hornbak…
— Eý taňrym, ol şonuň daýysy diýesene? Näme diýsene, sen şol yşyk görünen
ýere git, ol ýerden bolsa günbatarlygyna sowlarsyň, çärýek mil geçeňsoň, öňüňden
meýhana çykar; şol ýere baryp, sen: meni basymrak Jim Hornbakyň ýanyna eltiň
diý, ol hemmesi üçin tölär. Kän gürrüň edip durma, ol näme bolanyny biljek bolar.
Sen oňa şähere ýetmänkä ýegenini halas edip, howpsuz-hatarsyz ýere eltjegimi aýt,
men bolsam gidip mehanigimizi turzaýyn.
Men oda bakan ugradym, emma garawul burça öwrülen dessine yzyma dolanyp,
gaýyga mündüm, kenaryň gyrasyny alyp. akymyň ugry bilen alty ýuz ädim
töwerekleri ýüzdüm, soňra bolsa agaç baržalarynyň arasynda gizlendim; diňe
parom pristandan ugranynda göwnüm aram tapdy. Umuman aýdaňda, bu banditler
üçin şeýle azara galýanyma men örän keýp edýärdim: sebäbi beýle zady her bir
adam başaryp durup bilmeýär. Men muny dul hatyn biläýse bolmaýarmy
diýýärdim. Bu haramzadalara kömek edýänimi biläýse, ol «hökman begenerdi»,
sebäbi dul hatynyň, asyl ähli päk ýürek adamlaryň hem bar bilenleri-bitenleri
haramzadalara, ogry-jümrülere kömek edip ýörmek.

Ine onsoň, ahyrym, döwük parohod hem görnüp ugrady — ümrüň aralygynda
onuň barha suwa çökýänligini zordan hem bolsa saýgarmak bolýardy. Ilkibada
endamyma sowuk der indi, soňra men parohoda bakan küreklemäge başladym. Ol
tutuş diýen ýaly batan ekeni. Men şol bada: näbileýin, diri galany barmyka diýdim.
Parohodyň daş-töweregine aýlanyp çykdym, çalarak gygyryp gördüm, emma maňa
hä beren bolmady, ähli zat gabyrda ýatan ýaly ümsümlikdi. Meniň banditlere
ýüregim awady, emma o diýen gaty awamady; men eger olaryň hiç kime ýüregi
awamadyk bolsa, meniň hem olara ýüregim awamaz diýip içimi gepletdim.
Onsoň parohodyň ýanyna parom geldi. Men gabatlap, akymyň ugry bilen
aşaklygyna ýüzüp, derýanyň ortasyna çykdym; soňra paromdan görünmez ýaly
bolanymda, küreklemämi bes etdim we daş-töweregime garanjakladym; görsem,
olar parohodyň töwereginde köw-söw urup, birden daýysy Hornbaka gerek bolaýsa
diýşip miss Gukeriň meýdini gözleşip ýörler! Basym gözleg gutaryp, parom kenara
tarap ugrady, men küreklerime zor berip, suwuň akymynyň ugry bilen ok ýaly
bolup aşak bakan ýüzdüm.
Jimiň salyndaky çyra görünýänçä köp-köp wagt geçdi; görnen wagty hem
göwnüme bir müň mil daşda ýaly bolup göründi. Salyň ýanyna ýüzüp baranymda,
asmanyň gündogar tarapy agaryp ugrady; biz ada gelip düşdük, salymyzy gizläp,
gaýygymyzy suwa batyrdyk, soňra bolsa ölen ýaly bolup ýatdyk.
XIV bap
Biz ukymyzdan oýanyp, şaýkanyň döwlen parohoddan ogurlan zatlaryny
seçipseljerişdirip gördük; ol ýerde ädik hem, ýorgan-düşek hem, köýnek hem,
garaz adyny tutan zadyň bar ekeni, bulardan başga bir topar kitap, uzaga seredilýän
turba, üç ýaşşik sigar bar ekeni. Jim ikimiz hiç haçan ömrümizde beýle baý bolup
görmändik. Çilimler birinji sortly çilimler ekeni. Biz nahardan soň uzynly günläp
tokaýyň içinde gyşarylyşyp ýatdyk, gürrüň edişdik; men kitap okadym, umuman,
wagtymyzy ýaman geçirmedik. Men parohodda we paromda bolan zatlaryň
hemmesini Jime gürrüň berdim we ýogsa-da batyrlyk diýip, ine şuňa aýdarlar
diýdim; ol bolsa indi maňa gaýdyp gahrymanlyk gerek däl diýdi. Sen rubka
gireniňde, men hem sala äňedip geleýin diýip gidemde we salyň ýoklugyny
göremde, gorkymdan tas janym çykypdy diýip, Jim gürrüň berdi: ol soňy näme
bilen gutarsa-da indi işim gaýtdy, sebäbi häzir bizi halas etmeseler, men gark

bolaryn, eger meni biri halas edäýse-de sylag aljak bolup meni öýlerine äkider,
onsoň miss Uotson hem meni Günorta satar diýen netijä gelen ekeni. Eýsem näme,
ol mamlady, ol hemişe diýen ýaly mamlady, kellesi, elbetde, negr üçin gaty gowy
işleýärdi.
Men Jime korollar, gersoglar, graflar barada, olaryň kaşaň geýnişleri barada, nähili
elpe-şelpelikde ýaşaýanlyklary barada, bir-birlerine mister diýmän, «siziň
alyhezretleriňiz», «siziň alyjenabyňyz», «siziň merhemetliňiz»diýişleri barada köp
zat okap berdim. Jim gözlerini petrediberdi, sebäbi ol bularyň baryna aňk boldy: Ol:
— Olaryň beýle köplüginden meniň habarym hem ýok ekeni. Men Süleýman
patyşadan başga olaryň hiç biri barada hiç haçan zat eşitmändim, hawa, mundan
başga, kartlaryň ýüzündäki korollary-da görüpdim. Onsoň korol näçe aýlyk alýar
— diýdi. Men:
— Näçe alýar diýýärmiň? — diýdim. Alasy gelse, müň dollaram alýar. Näçe
alasy gelse alýar, ähli zat onuňky — din-dim.
— Baý-ba! Onsoň, Gek, onuň etmeli işi näme?
— Aý, hiç zadam etmeli däl! Senem bir zady tapaýýaň! Tagtyna çykyp otyr, bar
edýän zady ine şol.
— Aý, ýog-a, dogryňmy?
— Ýogsam dogry bolmazmy! Ýöne tagtynda otyr, birden uruş tursada, urşa gidýär,
galan wagtlary bolsa hiç zat edenok: ýa aw awlaýar, ýa-da… Üş-ş! Eşidýärmiň?
Bu galmagal nämekä?
Biz zöwwe ýerimizden galyp, görmäge gitdik, emma hiç bir üýtgeşik zat ýok
ekeni — bu parohodyň gürrüldisi ekeni, sebäbi parohod burnuň daşyndan aýlanýan
ekeni, ýene öňki ýerimize gelip oturyberdik.
— Hawa, galan wagty, ýürekleri gysmasa, olar parlament bilen salşyp alýarlar;
eger özüne gulak salynmasa, korol olaryň barjasynyň kellesini aldyrýar. Köp
wagtyny hem haremhanada geçirýär—diýip, men gürrüňimi dowam etdirdim.
— Nirede geçirýär diýdiň?
— Haremhanada.

— Haremhanada diýýäniň näme?
— Ol korolyň aýallaryny saklaýan ýeri. Be, sen haremhananyň nämediginem
eşitmänmidiň? Haremhana Süleýmanda-da bolupdyr; onuň aýaly müňe dagy ýetýär
eken.
— Wiý, hawa, ýadymdan çykaýypdyr. Haremhana diýilýäni, meniň bilşimçe,
pansiona meňzeş bir zat bolmaly. Baý, olaryň çagalar otagy galmagallydyrow.
Onsoňam men olaryň aýallary hemişe sögüşip ýörlermikä diýýän, şeýle bol-sa,
galmagal has hem güýjeýändir. Ýene-de Süleýman dünýäde iň dana adam bolupdyr
diýýärler. Men muňa çigit ýalyjak hem ynanamok, sebäbem şeýle: eýsem akylly
adam şeýle ýerde ýaşarmy? Ýok, ýaşamaz. Akylly adam alarda, gazan ýasalýan
zawod saldyrar, ümsümlik, dynçlyk gerek bolsa-da alarda, zawody durzar.
— Her näme diýseňem, ol dünýäde iň akylly adam bolupdyr, men muny hut dul
hatynyň öz agzyndan eşitdim.
— Maňa dul hatynyň saňa näme gürrüň berenliginiň parhy ýok. Men onuň akylly
bolanlygyna ynanamok. Käte onuň has samsyklyk eden wagtam bolupdyr. Onuň
çagany iki bölege böldüreni ýadyňa düşýärmi?
— Hawa-da, dul hatyn gürrüň beripdi.
— Ine-ine! Mundan beter samsyklygy gözläp hem tapjak gümanyň ýok! Gör, sen
bu nähili bolýar: goý, bu töňňe bir aýal bolsun, sen hem beýleki aýal, men
Süleýman bolup, bu dollar hem çaga bolsun. Siziň ikiňiz hem çaga meniňki
diýýäňiz. Şonda men nädýän? Alýan-da, goňşulardan bu dollar kimiňki diýýän we
ol kimiňki bolsa ony barmajygymam batyrman eýesine berýärin, muny her bir
akylly adam hem şeýder. Bolmasa: dollary alýan-da, ony iki çapýan; ýarysyny-ha
saňa berýärin, ýarysynam beýleki aýalyma. Ine, seniň Süleýmanyň çagany
şeýtmekçi! Men senden ýarym dollaryň nämä ýaraýar diýip soraýaryn? Sebäbi oňa
hiç zat satyn alyp bolanok ahyryn. A ýarym çaga nämä ýaraýar? Men ýarty
çagalaryň millionyny-da bir köpüge alman.
— Wiý, Jim, sen munuň manysyna düýpden düşünmän ekeniň, hudaý ursun,
düşünmän ekeniň.
— Kim? Menmi? Aý, goýsana! Näme maňa gep düşündirjek bolýaň! Manysy bar
bolsa, özümem görerin, ýöne munda çigit ýaly-da many ýok. Ýarty çagaň ustünde

däl-de, olar bütin çaganyn üstünde gygyryşandyrlar ahyryn; eger kim bu dawany bir
ýarty bilen çözerin öýden bolsa, onuň kellesinde bir pisselikde akyl ýokdur. Sen,
Gek, maňa Süleýmanyň barada gürrüň berip oturma, men ony şeýle-de bilýän.
— Saňa gepe düşmänsiň diýilýär.
— Aý, goýsana gepiňi!
— Bilýän zadymy bilýän diýjek. Meniň göwnüme, hakyky manysy düýpden
munda däl. Ony aňyrrakdan gözlemeli. Gep şol Süleýmanyň nähili
gylykhäsiýetleriniň bolanlygynda. Mysal üçin, sen bir ýa iki çagaly adamyny al,
heý şeýle adam çagalaryny gyran-jyran eder öýdýärmiň? Ýok, etmez, ol muňa
ýürek edip bilmez. Ol çaganyň gadyryny bil-melidigini bilýär. Eger onuň çagasy
bäş million dagy bar bolsa, onda ol aýry mesele. Ol çagany öldürmäni pişik
öldürençede görmez. Barybir köp çagasy galjak. Bir çagasy az boldy, bir çagasy
köp boldy
— Süleýman üçin parhy ýok.
Men beýle negre heniz duşamok. Ol bir zady ýüregine düwse, saklajak umydyň
ýok. Süleýmana şol negrden köp ezýet beren ýokdur. Şonda men Süleýmany öz
peýwagtyna goýup, gurrüňi başga korollara sowdum. Oňa bir wagtlar Fransiýada
kellesi kesilen Lýudowik XVI barada, soň patyşalyk etmeli, emma tutulyp türmä
basylan, mirasdar şazada diýilýän kiçijik ogly barada gürrüň berdim.
Aýtmaklaryna görä, şazada şol ýerde-de ölüpmiş.
— Neresse!
— Başga birleri bolsa ol türmeden gaçyp gutulypdyr diýýärler. Göwnüme
bolmasa, ol Amerika gaýdan ýaly.
— Ynha munsy bolýar! Ýöne oňa bu ýerde, dostlaşara adam tapylmaz, sebäbi
bizde korol ýok ahyryn. Dogry dälmi, Gek
— Ýok.
— Diýmek, oňa bizde wezipede ýok. Onsoň ol bu ýerde näme işlejekkä?
— Men nireden bileýin! Olaryň käbiri polisiýa işe girýärler, käbirlerem fransuz
dilinden sapak berýärler.

— Aý ýog-a, Gek, näme fransuzlar biziň dilimizde geplemeýärlermi?
— Hawa, Jim, olaryň gürrüňinden sen bir söze-de, hawa, ýekeje söze-de
düşmersiň.
— Bäý-bä! Bu näme üçin beýle bolýarka?
— Näme üçinligin-ä. bilemok welin, bu şeýle. Men olaryň patarrakylary barada
kitapda okapdym. Ynha birden birn ýanyňa gelip, saňa «Parle-wu franse?» diýip
dursa, sen näme diýersiň?
— Hiç zadam diýmän, alarynda, ol ak adam bolmasa kelesine ýelmärin. Men
negre şeý diýip sökdürerin durarynmy!
— Baý senem-ä, ol sögünç däl ahyryn. Ol-a dise! «Siz fransuzça gepläp
bilýäňizmi?» diýildigi bolýar.
— Beýle bolsa ol näme üçin adam ýaly soraýmaýar?
— Ol adam ýaly soraýaram-da. Ýöne fransuzça soraýar.
— Oýun edýärsiň öýdýän? Men indi saňa gulak hem saljak däl. Ugursyz zat
aýdýaň!
— Gulak goý, Jim, näme pişik biziň dilimizde gepleýärmi?
Ýok,— geplänok.
— A sygyr?
— Sygram geplänok.
— Ýa pişik sygyr dilinde, sygyr hem pişik dilinde gepleýärmi?
— Geplänoklar.
— Olaryň dürli dilde gepleýänlikleri düşnükli zat, şeýle gerek?

— Elbetde, şeýle.
— Sygyr bilen pişigiň hem biziň dilimizde geplemeýändinkleri düşnükli gerek?
— Ýogsam näme, elbetde, düşnükli.
— Düşnükli bolsa, näme üçin fransuz biziň dilimizden başga dilde geplemeli
dälmiş? Sen maňa ynha şony aýt!
— Eýsem pişik nä adammy?
— Ýok, Jim.
— Eýle bolsa pişik näme üçin adam dilinde geplemelimiş? Näme sygyr
adammyşmy? Ýa-da ol pişikmişmi?
— Elbetde, ol olaryň hiç haýsysam däl.
— Onda näme üçin ol adam dilinde ýa pişik dilinde gepleşmelimiş? A fransuz
adammy — däl?
— Adam.
— Ine görýärmiň! Ondan näme üçin ol adam ýaly geplemeýär. Sen ynha maňa
şuny aýt.
Şonda men negr bilen ýaňkalaşyp durmagyň biderekligine, öňi-soňy oňa zat
düşündirip bolmajagyna göz ýetirdim. Şonuň üçin hem aldymda, tüýkürinip
goýberdim.
XV bap
Biz üç gijede-hä Kaire’ Ogaýonyň Missisipä guýýan ýeri bolan Illinoýs ştatynyň
günorta serhedine ýeteris (biziň ýetmeli ýerimizem Kairdi). Onsoňam salymyzy
satarys-da, parohoda münüp, Ogaýo bilen ýokarlygyna çykarys, sebäbi ol ýerdäki
ştatlar erkin ştatlardyr, gorkup oturasyda zat ýokdur diýip pikir edipdik.

Emma ikinji gije şeýle bir duman boldy weli, biz ot basyp giden adajyga
sowulmaly bolduk, sebäbi beýle dumanda uzak ýüzer dagy eder ýaly däldi. Men
ýüpümi taýynlap, gaýyk bilen gyrymsy agaçlara tarap ýüzüp barýardym, bir
görsem, saly daňar ýaly-da zat ýok: agyn çybyjak bolup dur. Men ýükümi şol
suwuň gyrasyndaky agaçlaryň birine iltedim, emma bu ýerde çasly akansoň, suw
şol agajy köki-zady bilen goparyp taşlady we öz ugry bilen saly alyp ugrady.
Duman barha gürelýärdi, meniň hezilim gaçyp ugrady, göwnüme bolmasa, men bir
minutlap diýen ýaly ýerimden gozganyp bilmän durdum, onýança sal hem gözden
ýitip gidipdir: ýigrimi ädimlik ýerdäki zady hem saýgarar ýaly däldi. Men ylgap
gaýyga mündüm, yz tarapyna baryp kürege ýapyşdym we küreklemäge başladym.
Gaýyk ýerinden hem gozganmaýardy. Görüp otursam, howlukmajyma ony
çözmäni unudaýypdyryn. Men ýerimden turup, ýüpi çözmäge başladym, emma
tolgunmadan ýaňa ellerim sandyrap, köp wagtlap ýüpi çözüp bilmedim.
Men saýdan çykdym we derýanyň ýalpak ýeri bilen salyň yzyndan kowup
başladym. Ýalpaklyk gugarýança hemmesi gülala-güllük boldy, emma onuň
uzynlygy altmyş ädim hem ýok eken, şonuň üçin goýy dumanyň içine düşemde,
men özümiň nireden barýanlygymam unutdym.
Kürekläb-ä bolmaz, kim bilýär, ýalpaklygyň üstünden bararynmy, kenara
dirärinmi, şonuň üçin gymyldaman oturaýyn, goý, onsoň suw meni alyp gidýän
bolsa, özi bilen alyp gidibersin diýip, men içimi gepletdim; emma her niçik-de
bolsa gol gowşuryp oturyp bolmaýar eken, öz-özümi mejbur etmeli boldum. Men
gygyrdym we durup diň saldym. Uzakdan bir ýerden ysgynsyzja ses eşidildi,
meniň şo bada keýpim göterildi. Men şol tarapa ok ýaly atylyp ugradym, özümem
şol ses ýene-de çykaýmazmyka diýip diňşirgäp gitdim. Ýene-de ses eşidildi, görüp
otursam, meniň barýan ugrum düýpden tersine eken, şonuň üçin saga öwrüldim.
Indiki gezek görsem, men çepe giden ekenim, özüm hem onçakly ýüzmän ekenim,
sebäbi şol bir ýüzen ýerlerimde ýüzüpdirin durupdyryn, ses bolsa hemişe gabat
öňümden gelýärdi.
Bu akmak sajy kakaýsa, yzyny üzmän kakaýsa bolmaýarmy diýip, men içimi
gepletdim, emma saç kakmaklyk onuň ýadyna düşmedi, şonuň üçin gykylygyň
arasyndaky bu dymşyklar meniň, başymy-gözümi aýlady. Men dynman
kürekledim, şeý-dip barýarkam yzymdan bir gykylyk çykdy. Men indi has hem
ugrumy ýitirdim. Bu gygyrýan ýa başga biri bolmaly, ýa-da men yzyma
dolanypdyryp.
Men küregimi taşladym. Diňşirgesem, ýene-de gygyrýarlar, özem yz tarapymdan,
ýöne gykylyk belli bir ýerden çykmaýardy, men ýene gykylyk öňden eşidilmänkä

gygyryp jogap berdim; şonda men gaýgyň burnunyň suwuň ugruna öwrülendigini,
diýmek, bu gygyrýan hem bir näbelli salçy bolman, Jim bolsa, öz barýan ugrumyň
dogrulygyna göz ýetirdim. Dumanly gün, men sesleri seljerip bilemok, sebäbi
dumanly gün eşidilişi hem, görnüşi hem hemişekiler ýaly bolanok, ähli zat üýtgän
ýaly duýulýar, çykýan ses bir tüýsli eşidilýär.
Gykylyk heniz hem eşidilýärdi, bir minut geçip-geçmänkä dumanyň içinde tüsse
burumlaryna çalym edip oturan ullakan agaçly kert kenara ýetdim, emma suw meni
çepe zyňdy we gyşaryp ýatan agaçlaryň arasy bilen güwläp akýan ýerinden alyp
gitdi, ol ýerde suw şeýle çasly akýardy.
Bir-iki sekuntdan daş-töwerek ýene-de goýy ak dumana örtülip, ümsümlik boldy.
Indi men ýüregimiň urşuna gulak salyp, gymyldaman otyrdym, şonda, göwnüme
bolmasa, ol ýüz gezek urýança demimi hem almadym.
Birden men nämäň nämeligine düşündim we ähli zady jähennemä urdum. Bu kert
kenar ada bolup, Jim hem häzir onuň beýle tarapynda eken. Bu saňa on minutda
aýlanyp geçäýer ýaly ýalpaklyk däldi. Onda adada bolmaly bolşy ýaly hakyky, uly
tokaý ösüp otyrdy; onuň uzynlygy bäş-alty milräk, ini hem ýarym mil gowrak
bardy.
Men on bäş minut çemeleri gulagymy üşerdip, sessiz oturdym. Meni suw sagatda
dört-bäş mil tizlik bilen aşak tarap alyp barýardy, emma muny, adatça, duýup
bolmaýardy. Gaýtam gaýyk suwuň ýüzünde gymyldaman duran ýaly görünýärdi;
birden gapdalyňda suwa ýykylan agaç göräýseň, iniň jümşüllap gidýär, agaja uçup
barýarow diýip pikir edýärsiň? Öz uçup barýanlygyň bolsa kelläňe-de gelenok,
Eger siz gije dumanlygyň içinde derýada gorkar ýaly, ýüregiň gysar ýaly zat
ýokdur diýip pikir edýän bolsaňyz, muny iň bolmanda ýekeje gezek synap görüň,
şonda bilersiňiz.
Onsoň ara wagt salyp, ýarym sagatlap diýen ýaly gygyryp durdum; ahyrsoňy
uzakdan bir ses eşidildi; men şol ses çykýan tarapa ýüzjek boldum, emma bolmady;
men şol wagtyň özünde adajyklaryň tutuş bir höwürtgesine düşen ýaly boldum,
sebäbi olar gaýygyň iki tarapyndan hem garalyşyp görünýärdi, mahal-mahal
adalaryň arasynda darajyk geçelgeler çykýardy, mahal-mahal bolsa görünýän zat
bolmasa-da, men ýalpaklygyň golaý-goltumdadygyny bilýärdim, sebäbi suwuň
kenara ýygnanan hapa-supalara we gury ýere baryp urýanlygy eşidilýärdi, Ine şol
ýalpaklyklaryň arasynda men birden ugrumy ýitirdim we gaýdyp hiç hili ses
eşitmedim; ilkibada onuň yzyndan kowjak boldum, emma bu kä onda, kä munda

ýylpyldap görünýän oda kowalaşanyňdan hem erbetdi. Sesiň beýle ygyp, ýerini
beýle çalt we ýygy çalşyryşyny men heniz hiç haçan görmändim.
Men özümi kenardan daşrakda tutasym gelýärdi, adajyklara urup gitmez ýaly,
men kenardan bäş-alty gezek onatja serpikdim hem, men sal hem, ähtimal,
mahalmahal kenara diremelidir, ýogsam ol bireýýäm öňe ozup giderdi, onsoň ses
hem eşidilmezdi, sebäbi ol gaýykdan çalt gidýär ahyryn diýip içimi gepletdim.
Az salymdan soň men ýene suwuň açyk ýerine çykdym, ýöne men gaýdyp hiç
ýerden ses eşitmedim. Şonuň üçinem men: Jim-ä suwuň içine ýykylan agaçlaryň
üstünden baryp, işi harap bolupdyr öýdýän diýip pikirlendim. Men ýadap, halys
boldum we gaýygyň içinde süýnüp, hiç zat barada pikir etmän, gyşarmagy
ýüregime düwdüm. Men, elbetde, uklamakçy däldim, ýöne meniň halys ýatasym
gelýärdi, gözlerim bürlüp barýardy, men, aý, gel bir minut ýataýyn-la diýdim. Men
bir minutdan köp ýatan bolara çemelim. Sebäbi oýananymda, ýyldyzlar
ýylpyldaşyp, duman sowlan ekeni we gaýygym guýruk tarapyny öňe edip,
derýanyň egrem-bugram ýeri bilen barýar ekeni. Ilki bada men niredeligimi bilip
bilmeim, göwnüme bolmasa, bularyň hemmesini düýşümde görýän ýalydym,
böwrümi diňläp, ýadyma saljak bolsam hem geçen hepdäň içinde bolup geçen ýaly
çala ýadyma düşdi.
Derýanyň bu ýeri aýylganç giň ekeni, kenaryň iki gyrasyndaky agaçlar hem,
bilşime görä, bir gür-bir gür bolup, uzynlygam edil diwar ýaly ekeni. Men suwuň
akýan ugruna, aşak tarapa göz gezdirdim, şonda suwuň ýüzünde bir gara tegmile
gözüm düşdi. Men onuň söbügine düşdüm, ýetip görsem, ol bary-ýogy çatylan iki
sany pürs ekeni. Onsoň ýene bir tegmile gözüm düşdi, onuň hem söbügine
düşdüm, soň ýene biri göründi — bu gezek çakym dogry bolup çykdy. Ol sal
ekeni.
Salyň üstüne çykyp görsem, Jim kellesini dyzynyň üstüne atyp, sag elini hem
küregiň üstünde goýup uklap otyrdy. Beýleki kürek döwlüp, salyň üstüni gyrmança,
ýaprak, pudak basyp giden ekeni. Diýmek, Jim hem agyr ýagdaýa düşen ekeni.
Men gaýygy baglap, edil Jimiň öň ýanynda salyň üstünde süýndüm, gernip, pallap
başladym we:
— Eý, Jim, birazrak ýataýypdyryn öýdýän? Näme üçin sen meni oýarmansyň —
diýdim.

— Eý toba! Bu, Gek, sen-ä dälsiň? Sen eýsem ölüp-ýitip gitmän ekeniň-dä, sen
ýene geldiňmi? Oglum, ynanar dagy eder ýaly däl. Gel, men seni bir synlaýyn,
bagryma basaýyn. Ýok, sen hakykatdanam ölmän ekeniň! Sagaman, öňküje
bolşuňa gaýdyp gelipsiň, hudaýa şükür!
— Jim, saňa näme boldy? Ýa bir zat içdiňmi?
— Içdiňmi? Nirede içipdirin? Haçan içipdirin?
— Onda näme sen biderek ýaňrap otyrsyň?
— Biderek ýaňrap?
— Ýogsam näme? Onda sen näme üçin men ýaňy gaýdyp gelen ýaly, käşki men
bu ýerde bolmadyk ýaly gürrüň edýärsiň?
— Gek… Gek Fini, hany sen meniň gözüme seret, hany bir seret! Eýsem sen hiç
ýaňa gideňokmy?
— Menmi giden? Seniň aýdýanyň näme? Meniň giden ýerim ýok. Men nirä
gideýin?
— Gulak sal, Gek, bu ýerde, öwlüýä kessin, bir zat-ha bar, hawa-hawa! Belki,
men men däldirin? Belki, men bu ýerde däl-de, başga bir ýerdedirin. Sen ynha
maňa şuny aýt.
— Seniň bu ýerdeligiň düşnükli zat-la, garry, ýöne kelläň birneme çaşypdyr.
— Kimiň? Meniňmi? Ýok, sen maňa bir zady aýt: eýsem sen gaýyga münüp, saly
ýalpaklykdaky agaçlara daňmaga gitmediňmi?
— Ýok, gitmedim. Haýsy agaçlara? Men-ä agaç göremok.
— Sen ýalpaklykdaky agaçlary görmediňmi? Bu nähili beýle bolýar, ýüp üzülip,
saly suw alyp gitdi, sen bolsa gaýykda galyşyňa dumanyň içinde gözden ýitdiň.
— Haýsy dumanda?

— Haýsy dumanda? Şol uzynly gijeläp sowulmadyk dumanda-da. Senem
gygyrdyň, menem gygyrdym, onsoň ikimiz hem adajyklaryň içinde azaşyp gitdik,
birimiz ýoldan azaşdyk, beýlekimiziň hem azaşandan gowulygy bolmady, sebäbi
ol özüniň niredeliginden habarsyz boldy, şeýle boldy gerek? Ynha men şol
adajyklaryň bir toparyna duşup, olaryň arasyndan zordan çykdym, tas gark
bolupdym. Eýsem, oglum, bu şeýle bolmanmydy, ä, şeýle bolmanmydy? Sen ynha
masa şuny aýt.
— Walla, Jim, men-ä hiç zada düşunýän däldirin. Men hiç hili dumanam, hiç hili
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.