Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18

Total number of words is 4044
Total number of unique words is 1897
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Goýsana, Tom Soýer, bu bir samsyklyk ahyryn!
— Samsyklyk bolýarmy, akyllylyk bolýarmy, meniň üçin parhy ýok, sebäbi
düzgün boýunça edilýäni şu, bu iň dogry ýol. Başga hili ýol ýok, her näçe kitap
okasam-da, men başga ýol bar diýlenine duşamok. Hemişe pyçakly gazýarlar, ýöne

bilip goý, olaryň gazýan ýerleri ýumşak ýer bolman, daş ýaly gaty ýer. Onsoň bu
esli wagta çekýär, telim hepde dowam edýär… olar bolsa şol gazyşyp otyrlar!
Ynha mysal üçin, Marsel gabawyndaky Dif türmesinde bolýan bir tussag azatlyga
şeýdip çykypdyr. Onsoň ol näçe wagtlap gazandyr öýdýärsiň?
— Men nä bileýin!
— Ýok, hany biljek bol-da.
— Aý, näbileýin. Aý ýarymrak dagy gerek bolandyr?
— Otuz ýedi ýyl gerek bolupdyr! Özem ýeriň aşagy bilen Hytaýa baryp ýetipdir.
Gör, bolýan zatlary! Ýöne haýp, biziň türmämiz gaýanyň üstünde däl!
— Jimiň Hytaýda bir tanşam ýok ahyryn!
— A tanyş nämä gerek? Şol gaçan tussagyň hem tanşy ýok eken. Sen hemişe öz
ugruňa tutduryberýäň. Senem bolaýjak zady aýt-da. Ýeri bolýar-da, maňa-ha ol
nireden çyksa, şol ýerden çyksyn, diňe azatlyga çyksa bolýar, munuň Jim üçinem
parhy ýokmuka diýýän. ýöne bir zady bar: pyçak bilen gazyp çykarar ýaly, Jim ýaş
hem däl. Gazyp bolýançak ol öler.
— Ýok, ölmez. Ýogsa-da sen bize otuz ýedi ýyl gerek bolar öýdýärmiň? Biziň
gazjak ýerimiz ýumşak ahyryn!
— Onda näçe gerek bolarka, Tom!
— Ýöne biz näçe gazaly diýsek, gazyp oturybam bilmeris, birden Täze Orleanyň
eteginden Saýlas daýyma hat iberibermekleri mümkin. Jimiň düýpden ol ýerli
däldigini daýym bilmäbilse ýagşydyr. Bolmasa, olam bir zat ýazan bolar. Jim
barada bildiriş ýazsa-da ýazar, kim bilýär… Diýmek bilen, biz töwekgelçilik edip,
köp gazyp bilmeris. Biz düzgün boýunça iki ýyllap gazmalymykak diýýärin; emma
biz muny beýdip bilmeris. Soňunyň nähili boljagynyň belli däldigi üçin şeýleräk
etmäni maslahat berýärin. Biz çynymyzy edip, çalt-çalt gazaly, onsaň hem alaly-da,
otuz ýedi ýyllap gazdyk hasap edeli. Şonda biz ony göz açyp-ýumasy salymyň
içinde ogurlap, gopgun turmanka äkidip bileris. Men-ä şundan gowusy bolmazmyka
diýýärin.

— Ynha beýtseň, aýry mesele. Biziň üçin hasap etmekden aňsat zat ýok, onsoň
munuň hysyrdysy dagysam boljak däl; gerek bolsa, men ýüz elli ýyllap hem
gazdyk hasap edip biljek. Meniň ýanymda munuň kynçylygy ýok, diňe
öwrenişäýmeli. Onda men häzirjik gideýin-de, iki sany pyçak alyp geleýin —
diýdim.
Ol:
— Üçüsini alyp gel, birini biz byçgy ederis — diýdi. Men:
— Tom, eger teklibim düzgüne we dine ters gelmeýän bolsa, onda hanha hol
ýerde, et kakadylýan jaýyň syrtyndaky bassyrmanyň aşagynda posly byçgy bar —
diýdim.
Ol meniň ýüzüme gaýgyly we gynançly seretdi-de:
— Saňa idili zat öwredip boljak däl öýdýän. Gek, munuň üçin arrygyňy gynap
oturasy iş ýok. Bar git-de, üç sany pyçak alyp gel — diýdi. Men ylgap gitdim.
XXXVI bap
Şol gije biz adamlar uka giden badyna ýyldyrymsowguç bilen howla çykdyk we
saraýjyga girip, içinden gulpladyk, pola çüýrük ýapraklary döküşdirip, işe girişdik.
Biz özümiz üçin aşaky agajyň düýbünden bäş-alty fut çemeleri ýer arassaladyk.
Tom: bu ýer Jimiň krowatynyň aňyrýany bolaýsa gerek, biz nagymy edil şu ýere
çekeris, işimizi gutaranymyzda, bu ýerde köwegiň barlygyny hiç kimem bilmez,
sebäbi Jimiň ýorgany ýere ýeteňkirläp dur, şol ýorgany galdyraýmasaň, krowatyň
aşagynda hiç zat görünmez — diýdi. Biz pyçak bilen tas ýarym gijä çenli diýen
ýaly gazdyk: it ýaly ýadadyk, elimiz gabarçak-gabarçak bolup gitdi, emma işimiziň
netijesi onçak göze görünmedi. Ahyrym men:
— Biler bolsaň, Tom Soýer, bu ýerde otuz ýedi ýyllyk däl-de, tutuş otuz sekiz
ýyllyk iş bar — diýdim.
Ol hiç zat jogap bermedi, emma uludan bir demini aldy, şondan soň hem basym
gazmasyny bes etdi, görsem, ol bir zady pikir edýär, özi hem örän köp wagtlap
pikir edýär. Onsoň ol:

— Azara-da galyp oturmaly däl, Gek peýdasy ýok. Eger biz tussag bolan
bolsadyk, onda aýry mesele, sebäbi tussaglaryň näçe diýseň wagtlary bolýar,
özleriniňem howlugýan ýerleri ýok; gazanlarynda hem olar sakçylar çalyşýança
günde bäş minut töwerekleri gazmaly, onsoň olaryň elleriniň hem gabarjak
gümany ýok; şeýdip, bizem her ýyl gazar durardyk, özem bu düzgüne laýyk
bolardy. Häzir bolsa akmaklyk edip durup bilmeris, howlugaly, artykmaç
wagtymyz ýok. Eger biz şu gazyşymyza ýene bir gije dagy gazsak, elimiziň
gabarçagy aýrylar ýaly, bir hepdeläp işi taşlamaly bolarys, ondan ir-ä biz pyçagy
elimize-de alyp bilmeris — diýdi.
— Onda biz näderkäk, Tom?
— Nätjegimizi men saňa aýdaýyn. Belki, bu dogram, gowam däldir, belki, bu
ahlaklylyga hem ters gelýändir, biläýseler, munuň üçin bizi ýazgararlar hem, emma
bary bir başga ýol ýok: külüň bilen gazarys-da, pyçak bilen gazdyk diýeris.
— Ynha munyň bolýar! — diýdim. — Kelläň-ä, Tom Soýer, öňem onat işleýärdi
welin, indi dagy hasam gowy işleýär. Külüň diýýäniň tüýs bolaýjak zat, gelşiksiz
boljagy, ahlaklylyga ters geljegi bolsa meniň azaryma däl. Eger negri ýa-da
garpyzy, ýa-da ýekşenbe mekdebi üçin okuw kitabyny ogur-lasym gelse, men
düzgün boýunça nädilýärkä diýip, seljerjek, bolup durman, işimiň biterine gararyn.
Maňa näme gerek, diýeli, negr ýa garpyz, ýa bolmasa, okuw kitaby gerek; eger
külüň bilen aňsadrak bolýan bolsa, men ol negri ýa garpyzy, ýa-da okuw kitabyny
külüň bilen gazyp aljak seniň atly adamlaryň bolsa nähili pikir etse, şo hili pikir
etsinler, men olary ölen alakaça-da göremok.
— Ýogsam näme, bular ýaly işde göwnüňi aldap, külüňli işläniň hem aýyby ýok,
eger şeýle dagy bolmasa, özümem göwnejek däl, kada-kanuny bozmaga özümem
razy däl: etmelimi-etmesizmi, onsoňam nähili etmelidigini bilýän adama dagy
seljermän, gabat gelşi ýaly edibermek bolmaýar. Jimi külüň bilen gazyp almak,
ynha, saňa bolýar, sebäbi seniň bu barada bilýän zadyň ýok; maňa bolsa bolanok,
sebäbi men nähili edileninde dogry bolýanlygyny bilýärin. Şonuň üçin pyçagy bäri
al — diýdi.
Onuň pyçagy bardy, emma men şonda-da oňa pyçagymy berdim. Ol pyçagy
eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi-de:
— Pyçagy bäri al! — diýdi.

Men ilki bada näme etmelidigimi bilmedim, onsoň birden ýadyma düşäýdi. Meň
köne-küşülleriň arasyny dörüşdirip, külüňi tapdym we ony Toma alyp berdim, ol
bolsa külüni aldy-da, ýekeje agzam söz diýmän, gazmaga durdy.
Onuň şol ynjyklygydy. Ol ähli edýän zadyny düzgüne laýyk edip etmelidi. Onsoň
men pili aldymda, ikimiz ikinişip gider we bu ýer oňa gitdikçe oňa;t görnüp başlar
öýdýärdi. Tom: bu işi sekiz-on ýyla dagy çekip, rekord goýmak boljak, onson muňa
gatnaşanlaryň hemmesiniň, şol sanda biziň hem dabaramyz dag aşar diýýärdi.
Ertesi ir bilen biz üýşürilip goýlan odunyň ýanyna baryp, palta bilen şemdany
bölek-bölek etdik, onsoň Tom olary çemçe bilen birlikde öz jübüsine saldy. Soňra
biz negr külbelerine tarap ugradyk, men negri gürrüňe güýmeýänçäm, Tom
şemdanyň bir bölegini Jimiň okarasyndaky mekgejöwen çöreginiň içine sokdy,
şondan soň biz näme bolýanlygyny görjek bolup, Naty Jimiň ýanyna äkitdik,
bolmasyna gaty onat boldy: Jim nana agzyny urdy welin, tas ähli dişi döwlüpdi,
bolsun diýeňde-de mundan gowy bolmaz. Tom Soýeriň özi şeý diýip aýdýar. Jim
syr bermedi, ol bu bir daşjagazdyr ýa başga bir zatdyr, nana düşäýendir, bu bolýan
zatdyr diýdi, biler bolsaňyz, şondan soň ol wilka bilen üç-dört ýerini barlap
görmän, hiç haçan hiç zada bada-bat agyz salmady.
Ine onsoň garaňkylykda durduk welin, birden Jimin krowatynyň aşagyndan iki
sany it böküp çykdy, soň ýene we ýene çykdy, itler on bir dagy boldy, jaýyň içinde
eýläňe beýläňe öwrülere ýer galmady. Negr Nat bolsa: «Alarwah döküldi!» diýip,
uly ili bilen ses etdide, itleriň, ortasyna ýykyldy we ölüp barýan ýaly iňläp başlady.
Tom gapyny serpdi-de, Jimiň okarasyndaky bir bölek eti alyp daşaryk okla-dy: itler
ete topuldylar, Tom bolsa göz açyp-ýumasy salym içinde daşaryk çykyp geldide,
gapyny ýapdy, men onuň eýýäm saraýjygyň hem gapysyny ýapyp gelenligini
aňdym. Soň ol negriň daşyna geçdi, ony yrjak, köşeşdirjek boldy, bu zatlar seniň
gözüňe-hä görnen däldir-dä? — diýip soraşdyrdy. Negr ýerinden turdy-da,
gözlerini gyrp-gyrp etdi:
— Mister Sid, siz maňa; akmak hem diýseňiz diýersiňiz, ýöne welin itiňmi,
jynyňmy, bilmedim nämäniň tutuş bir milonyny germedik bolsam, şu duran
ýerimde öläýeýin. Hudaý ursun, gördüm! Mister Sid, muny meniň hut süňňüm
syzdy, hawa, ser! — olar meniň üstümden, tenimden ýörediler. Bir gezejik bir
elime şol alarwahlaryň biri düşsedi, gözlerine gör nämeler görkezerdim! Gowusyha
meni öz peýwagtyma goýsadylar, meniň başga armanym ýok — diýdi.
Tom:

— Bolýar, men saňa öz edýän çakymy aýdaýyn. Näme üçin olar bu ýere edil bu
gaçgak negr ertirlik naharyny iýip otyrka gelýärler? Sebäbi olaryň hem iýesleri
gelýär? Seniň etmeli zadyň olara bir jadylanan gutap bişirmeli — diýdi.
— Eý toba, mister Sid, beýle gutaby men nähili edip bişireýin? Men ony nähili
bişirmelidiginem bilemok ahyryn. Kesesinden men beýle gutabyň bolýanlygyndan
hem habarsyz.
— Beýle bolsa, näme, özüm bişiräýmeli bolaryn-da.
— Bişiräýjekmisiňiz, ezizim? Bişiräýseňiz-ä, men zatdan gaçmazdym, aýagyňyza
ýykylmalam bolsa ýykylardym.
— Bolýar, seň üçin bolansoň bişiräýerin: sebäbi sen bizi gowy görýärsiň ahyryn,
sen bize gaçgak negri hem gerkezipdiň. Ýöne welin seresabrak bol. Biz
gelenimizde, beýläňe öwrülgin, emma okara näme salýanymyzy welin görjek
bolup, bize serediji bolaýmagyn! Jim gutaby alanynda hem seretme-gin, kim bilýär
näme boljagyny. Iň esasysy-da jadylanan zatlara eliňi degirmegin.
— Eliňi degirme diýýäňizmi? Arkaýyn bolaýyň, mister Sid! Boýuň bilen gyzyl
berjek diýselerem, men zada barmagymy batyrmaryn!
XXXVII bap
Biz bu işi bir ýüzli etdik. Onsoň ýeňseki howla, köne-küşül ädikleriň, esgileriň,
döwük-ýenjik çüýşeleriň, ýemşik-ýemşik pitileriň we şuňa meňzeş zyňyndylaryň
çaşyşyp ýatan ýeri bolan zibilhana baka ýöräp gitdik, ol ýerden dörüşdirip, köne
demir legen tapdyk; içinde, gutap bişirer ýaly deşiklerini birkemsiz dykyşdyrdyk,
ýerzemine girip, ony undan doldurdyk, ol ýerden bolsa ertirlik edinmäge gitdik.
Ýolda biz iki sany kagyz kakylýan çüý tapdyk, Tom: bular tussagyň derdine ýarar,
ol bular bilen zyndanyň diwaryna adyny we başyndan geçiren agyr günleri ýazar
— diýdi; biz çüýleriň birini Salli daýzamyň stuluň ýokarsynda asylgy duran
fartugynyň jübüsine saldyk, beýlekisini bolsa Saýlas daýymyň kontorjykda ýatan
şlýapasynyň lentasyna gysdyrdyk; biz çagalardan ejeleri bilen kakalarynyň şu gün
ir bilen gaçgak negriň ýanyna gitjekdiklerini eşitdik; soň biz stoluň başyna geçdik,
Tom galaýy çemçäni daýysynyň jübüsine saldy; ýöne entek Salli daýzam ýokdy,

şonuň üçin garaşmaly boldy. Ol ertirlik edinmäge geleninde gahardan ýaňa çym
gyzyl bolup geldi; özi-de çokunmanyň gutararyna zordan çydapdyr, onuň bir eli
kofe guýýardy, beýleki ýüzükli eli bolsa gapdalyna gelen oglanyň depesinden inip
durdy, onsoň ol:
— Gözledim-gözledim, bütin öýi agdar-düňder etdim, emma seniň beýleki
köýnegiňe näme bolanlygyna hiç akylymy ýetirip bilemok! — diýdi.
Ýüregim ýerinden süýşüp, içime ot düşen ýaly boldy. Bir dişlem mekgejöwen
çöregi bokurdagymda keserilip durdy: men üsgürindim, çörek agzymdan çykdy-da,
stoluň üsti bilen atylyp baryp, oglanlaryň biriniň gözüne degdi, neresse edil
garmaga ildirilen gurçuk ýaly çabalandy we uly ili bilen aglady; Tom bolsa
gorkusyna göm-gök boldy, şol wagt biziň ýagdaýymyz öwerlik däldi. Eger şol
wagt hyrydar tapylan bolsa, men ony ýarty bahasyna hem berip goýberjekdim.
Emma basym biziň janymyz ara girdi, bizi allaniçiksi eden zat, ol hem muny
garaşman otyrkak eşidenligimizdi, Saýlas daýym:
— Geň-taň göräýmeli, meniň özüm hem düşýän däldirin Ony çykaranlygym
meniň oňat ýadymda, sebäbi… — diýdý.
— Sebäbi seniň egniňde iki köýnek däl-de, bir köýnek bardy. Saňa gulak salsaň,
otyrybermelidir. Seniň ony çykaranlygyňy ynha men bilýärin, özüňdenem oňat
bilýärin, sebäbi ol düýn ýüpüň üstünde serilgi durdy, men muny hut gözüm bilen
gördüm. Häzir bolsa köýnek ýitipdir, al saňa gerek bolsa! Indi täzesini tikip
berýänçäm, gyzyl güpbiň bilen oňmaly bolarsyn. Indi şunam tiksem, iki ýylda saňa
üç köýnek tikdigim bolýar. Edil aranyň bar ýaly! Seniň olary nädýänligiňe akylym
ýetýän däldir, biziň-ä bilenimiz—bitenimiz saňa köýnek tikip ýörmek boldy. Seniň
ýaşyňdaky adam zadyny aýawlyrak saklajak bolar.
— Bilýärin, Salli, menem başardygymça aýawly boljak bolýaryn. Ýöne bu ýerde
günä diňe mende däl. Meniň olary egnimdekä göräýmesem, başga wagt görüp
bilmeýändigimi sen bilýärsiň-ä, sebäbi men egnimdäki köýnegi ýitirip oturybermen
ahyryn.
— Hawa-da, bu seniň günäňem däl, Saýlas, çemi gelse-hä ýitirmänem durmarsyň
welin! Hawa onsoň ol ýiteň diňe bir köýnegem däl. Çemçe-de ýitdi, hawa, buda
entek bary däl. On çemçe bardy, indi bolsa olar dokuz sanyjak bolup galdy.
Köýneg-ä göle çeýnändir diýeli, ýöne çemçä nä jyn urduka, ony göläň-hä ýuwdup
bilmejegi hak.

— Başga näme ýiten zat bar, Salli?
— Alty sany şem ýitdi, ine saňa gerek bolsa ýiten zat! Belki, olary alakalar iýendir?
Men-ä şolarmyka diýýärin; geň zat, olar tutuşlygy bilen öýi gemrip gidiberenoklar!
Sen şol deşikleri bekleşdirjek diýýärsiň welin, hiç yzyň gelenok; olar azajyk
mekirräk bolsalar, kelläň üstünde ýatyp gidibermeli, seniň bolsa mundan
habaryňam bolmaly däl. Sebäbi çemçäni ogurlan alakalar däl ahyryn, başga zady
bilmesemem, men muny bilýärin ahyryn?
— Wah, Salli, men günäkär-le, muny men boýnuma alýaryn-la, geleň
etmändirindä. Ertiriň özünde hökman ähli deşikleri bekläp çykaryn!
— Beýle nirä howlugýarsyň, täze ýyl bekleseňem bolar. MatildaEnželinaAraminta Felps! — «Tyňk!» etdi-de, ýüzük gyzjagazyň kellesine degdi,
gyzjagaz derrew elini süýjüdandan çekdi we sesini çykarman ýerinde oturdy.
Onýança negr aýaly ylgap geldi we:
— Missis Salli, biziň prostynymyz ýitipdir — diýdi..
— Prostyn ýitipdir! — Eý toba-eý! Saýlas daýym:
— Men şu günüň özünde ähli deşikleri petikläp çykmasam bolmaz — diýdi, özi
hem daşyndan görmäge gynanan bolara çemeli.
— Sen bir sem bolsana! Prostyny alakalar dagy ogurlaýdymyka? Ol nähili bolup
ýitipdir, Liza?
— Hudaý ursun, bilmedim, missis Salli. Düýn hem ýüpde serilgi durdy, bu gün
bolsa görsek, ol jiriň-miriň bolupdyr.
— Görýän welin, ahyrzaman inip ugraýar öýdýän. Dünýäde şunça ýaşasam-da,
beýle zady ömrüme gören däldirin! Köýnek, prostyn, çemçe we alty sany şem…
Şol wagt ýaş mulatka ylgap gelip:

Missis, mis şemdan-a bir ýerik ýitirim bolupdyr — diýdi.
— Ýok bol şu ýerden, myrtar salaty! Bolmasa, häziriň özünde saňa kofeýnigi
aýlap salaryn!…
Ol gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Çakyny aňdym welin, men maý
tapdygym gaçmaly; bildirmän çykaryn-da, gök gübürdisi galýança tokaýyň içine
baryp oturaryn diýip içimi gepledýärin. Salli daýzam bolsa gyzyp barýar, gyzyp
barýar, ýöne goýaýmaly, emma muňa derek beýlekiler suw sepilen ýaly, seslerini
çykarman otyrdylar; birden Saýlas daýym elini jübusine sokdy welin, eli çemçä
degdi, onuň ýüzi boz-ýaz bolup gitdi. Salli daýzam elini çarpyp agzyny açyp,
sesini çykarman durdy; menin bolsa daşrak bir ýere ýok bolup gidesim gelýärdi.
Emma bu uzaga çekmedi, sebäbi Salli daýzam:
— Wah, men şeýledir öýtdüm-le! Diýmek, ol hemişe seniň jübinde eken-dä;
menä beýleki zatlar hem şol ýerdemikä diýýän. Ol ýere çemçe nireden düşýärmiş
— diýdi.
Saýlas daýym özüni aklajak bolýan ýaly:
— Dogrusy, habarym ýok, Salli, ýogsam men saňa aýdardym ahyryn — diýdi.
— Ertirlik naharyndan öň men «Apostollaryň işi» diýen kitabyň ýedinji başyny
okap otyrdym, şonda men jübime injili salmagyň ýerine atanlykda çemçäni
salaýandyryn… bu hökman şeýledir, sebäbi jübimde injil ýok. Häzir gidip göreýin,
eger injil şol ýerde bolsa, diýmek, men ony jübime salman, stoluň üstünde
goýandyryn we çemçäni alyp…
— Taňrynyň haky üçin geplemän otursana! Bir demimi dürsäýin-le! Onsoňam bu
ýerden garaňyzy saýlaň, hemmäň gidiň we tä demimi dürseýänçäm ýanyma
gelmäň.
Beýle gaty gygyrman, pyşyrdap aýtsa-da, men eşitjekdim; ölüp ýatan hem bolsam,
turup gulak asyp biljekdim. Biz myhman jaýyň içinden geçip barýarkak, goja öz
şlýapasyny aldy, çüý bolsa pola gaçdy; şonda ol ony aldy-da, daş polkanyň üstünde
goýdy we sesini çykarman çykyp gitdi. Tom bularyň baryny gerdi we çemçe
ýadyna düşüp:

— Ýok, mundan zat iberip boljak däl, muňa bil baglarlyk ýok — diýdi, Soň bolsa;
ýöne her näme diýseňem, bu bize kömek edýänliginden habarsyz, çemçesi bilen bize
uly kömek etdi, şonuň üçin bizem oňa kömek ederis, ol ýene-de bilmän galar:
gel, bu alaka hinlerini dykyşdyryp çykaly — diýip, sözüniň üstuni ýetirdi.
Aşakda, ýerzeminiň içinde bir topar hin bar eken, biz olary dykyşdyrjak bolup bir
sagat dagy güýmendik, ýöne welin örän berk, örän oňat edip dykdyk. Soň birden
basgançakdan aýak sesini eşitdik, biz hasyr-husur şemimizi söndürdik-de gizlenip
durduk; görsek biziň garrymyz bir eline şemi alyp, beýleki eline-de bir topar letde
alyp gelýär, özem bir aljyraňňy, bir aljyraňňy, edil ukuda ýaly, entiräp-entiräp
gidýär. Ol ilki bir deşige, soň ikinji deşige elini sokdy, şeýdip ähli deşikleri
aýlanyp çykdy. Soň bäş minutlap diýen ýaly şemiň ýagyny dyrnap, böwrüni diňläp
durdy. Onsoň yzyna öwrülip, ukudan açylmadyk ýaly, çalaja basyp, basgançakdan
ýöräp gitdi, özi hem: «Muny haçan beýdenligimi, öldür, biljek gümanym ýok!
Ynha men oňa alakalar barada nähak käýinýäň diýmelidim! Aý, käýinse,
käýinsinle! Bary bir, çykan netije bolmaz» diýip hüňürdedi.
Ol şeý diýip, basgançak bilen ýokaryk çykyp ugrady, öz ýanyndan bolsa
hüňürhüňür etdi, bizem onuň yzy bilen ýöräp ugradyk. Garry örän oňat adamdy!
Tom çemçeli meselämizi näderkäk diýip örän gaýgy etdi, çemçesiz
gymyldamaga çakymyz ýokdur diýdi we içini gepledip ugrady. Etmeli zatlar
barada ykjam oýlandy-da, soň hem maňa hemmesini gürrüň berdi; ine onsoň biz tä
Salli daýzamyň gelýänligini görýänçäk, çemçeli sebediň töwereginde aýlanyşdyk;
Tom çemçeleri sanaşdyrmaga oturdy we olary sebediň ýanynda goýuşdyrdy, men
olaryň birini ýeňimiň içinde gizledim. Tom bolsa:
— Bilýäňizmi, Salli daýza, her näme diýselerem, çemçeler-ä dokuz sanyjak —
diýdi.
Salli daýzam:
— Bar, ýürege düşüp durmada, oýnasana! Özüm sanamsoň, olaryň näçedigini
gowy bilýärin —diýdi.
— Menem iki gezek dagy sanadym, daýza, şonda-da ol her gezek dokuz bolup
dur.
Salli daýzam gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy, emma şon-da-da sanap başlady,
ýogsam näme, onuň ýerindäki her bir adam hem şeýderdi.

— Bolýan zatlary hudaý bilsin! Dogrudanam, bular dokuz sanyjak! Jähennem,
ýene bir gezek sanap göreýin — diýdi.
Men ýeňimiň içindäki çemçäni bildirmän çemçeleriň arasyna goşdum. Ol
çemçeleri sanady-da:
— Indi muňa näme diýjek, bular ýene on bolup durlar! — diýdi. Özi bolsa hem
gaharlanýar, hem kelep ujuny ýitirip dur. Tom:
— Ýok, daýza, olar on bolup bilmezler — diýdi.
Samsygyň biri samsyk, sen meniň olary sananymy görmediňmi näme?
— Ýeri bolýar-da, men ýene bir gezek sanap göräýerin.
Men ýene-de çemçeleriň birini gizledim, çemçeler ýene-de öňküsi ýaly dokuz
bolup çykdy. Baý, ol şonda çişdä! Göwresi bolsa titir-titir edýär, ol şeýle erbet
gaharlandy. Arasynda-da zol-zol sanaýar, şeýdip sanap oturyşyna-da bulaşyp,
çemçeleri sebet bilen birlikde sanap başlady, şonuň üçinem çemçeler üç gezek
dogry çykdy, üç gezek nädogry çykdy. Şonda ol sebedi aldy-da, burça tarap zyňyp
goýberdi, tas pişigi öldüripdi; onsoň ol bize garaňyzy saýlaň-da, kellämi
garjaşdyrmaň, eger günorta naharyna çenli gözüme iläýseňiz, eýiňizi ýetirerin
diýdi. Biz bolsak artyk çykan çemçäni aldyk-da, käýýäp durka onuň jübüsine
saldyk, şeýlelikde çemçe bilen çüý nahar wagty bolmanka Jime gowuşdy. Bu eden
işimizden biziň göwnümiz hoş boldy. Tom: bular ýaly iş zähmet çekeniňe hem
degýär, sebäbi ol indi çemçeleri her zat etse-de, dogry sanap bilmez, zol-zol
ýalňyşar; dogry sanaýan-da-da, gözüne ynanmaz; eger ýene üç günläp sanaýsa
dagy, onda kellesi düýpden çaşar, şonda ol bu çemçeleri sanamasyny goýar, olary
ýene bir gezek sanap gör diýen adam dagy bolsa, ol ony şol ýeriň özünde urup
ýassar — diýdi.
Agşam biz ýene-de öňki prostyny asdyk, ýerine bolsa şkafdan başga bir prostyny
ogurladyk, şeýdip, ol prostynlarynyň hasabyny ýitirýänçä we «jähennem, näçe
prostynym bar bolsa, şonçasy bolsun, munuň üçin özümi heläk edip biljek däl»
diýýänçä, iki günläp işimiz bir prostyn asyp, başga birini ogurlamak boldy. Ol
«ölerin welin, indi gaýdyp prostynymy sanamaryn» diýdi.
Şunlukda köýnek, prostyn, çemçe, şem barada biz alada edip ýörmeli bolmadyk,
bular öz-özi ugrukdy gidiberdi, bu işde bize göle-de, alakalarda, san-da,

ýalňyşmaklyk-da kömek etdi; aý, şemdanyňam bir alajy tapylar-da, bu onçakly
kyn zat däl.
Emma gutabyň hysyrdysy köp boldy, ol bizi halys etdi. Biz ony tokaýyň içinde
ýugrup, tokaýyň içinde bişirdik, ahyrsoňy etmeli işlerimiziň hemmesini etdik,
özünem birkemsiz etdik, ýöne olary bir günde etmedik: ony oňly edip bişirýänçäk,
üç legen unuň soňuna çykdyk, ellerimizi ýakyp, gözümize tüsse gapdyrdyk; biler
bolsaňyz, bize çöregiň diňe arkasy gerekdi, ol bolsa hiç durmaýardy, zol gaçyp
durdy; emma iň soňunda biz munuň ugruny tapdyk: merdiwany gutaba salyp, şo
durşuna-da bişirmeli diýişdik. Ine onsoň ertesi agşam Jim dagymyz oturyp,
prostyny zowwamlygyna ýyrtyşdyrdyk we olary işdik, daňa çenli biz adam
assaňda göterjek gowy ýüpli bolduk. Biz öz ýanymyzdan ýüpi dokuz aýda işip
gutardyk hasap etdik.
Günorta naharyna çenli biz ony tokaýa äkitdik, emma gutaba sygmady. Eger
zerurlyk bolsa, bu ýüp kyrk gutaba dagy ýetjekdi; rast biz ony bitin prostyndan
eden bolsak, çorba üçinem, kolbasa üçinem, ýene-ýeneler üçinem galardy. Ondan
bir nahar bişirinse boljakdy. Emma munuň bize gerek zady ýokdy. Bize onuň diňe
gutaba sygaýar ýalysy gerekdi, şonuň üçin biz galanyny zyňyp goýberdik. Kir
ýuwulýan legende bolsa çörek bişirmedik, reňki gopar öýdüp gorkduk; muňa
derek Saýlas daýymda ullakan agaç tutawaçly oňat mis saç bar eken, ol ony gaty
gowy görýärdi, sebäbi bir asylly baba ony Wilgelm Basybalyjy bilen birlikde
«Maý bägülinde» ýa-da başga bir korablda Angliýadan getiripdir we köneküşüller, gymmat bahaly zatlar bilen birlikde üçekde gizläp goýupdyr; bu olaryň
gymmat bahalylygy üçin däl-de (olar örän arzandylar), ýadygärlik bolanlyklary
üçin şeýledi; ine onsoň biz ony bildirmän aldyk-da, tokaýa tarap alyp gitdik, emma
gutap ilki bada onda-da bolmady, biz ony hiç bişirip bilmeýärdik, emma soňky
gezek welin ol örän oňat boldy. Biz sajy aldyk-da, içine hamyr çyrşadyk, soň
közüň üstünde goýup, içine ýüpi sal-dyk, üstünden ýene-de hamyr çyrşap,
gapagyny ýapdyk we üstüne köz dökdük, özümiz bolsa bäş ädimlik beýle ýanda
uzyň sapyndan tutup durduk, durşumyz oňaýlydy, ot yssyladanokdy, çärýek sagat
geçip-geçmänkä gutap bişdi, özem şeýle bir oňat bişdi welin, görmäge göz
gerekdi. Ýöne ony iýjek adam öňünden ýüz gap dagy diş arassalanýan edinip
goýmalydy, bu ýüp merdiwanjygy iýjek bolsa, onuň içi hem agyrjakdy, bu ony
hökman iki bükjekdi! Ol wagty bilen iýmäge zat sorajak däldi, men muny bilip
durdum.
Nat biziň jadyly gutaby Jimiň jamyna salşymyza seretmän, aşaklygyna, azyk
önümleriniň astyna seredýärdi, biz iýmitiň aşagyna üç sany galaýy tarelka saldyk,
Jim bolsa bulary abatlygyna aldy; ýeke özi galanynda bolsa ol gutaby döwüp, ýüp

merdiwanjygy düşekçesiniň içinde gizläp goýdy, soň bolsa tarelkanyň ýüzüne bir
zatlar-bir zatlar çyzyşdyryp, äpişgeden zyňyp goýberdi.
XXXVIII bap
Şol perolary ýasamak bize azap ýamanyny berdi, byçgyny ýasamak hem şeýle
boldy; Jim ýazgy galdyrmak, tussaglaryň diwaryň ýüzüne ýazýan zatlaryny
ýazyşdyrmak has hem kyn bolaýmasa diýdi. ýöne her niçigem bolsa ýazmalydy —
Tom munsuz bolmaz diýdi: döwlet jenaýatçysynyn diwara ýazgy ýa öz gerbini
galdyryp gitmedik gezegi ýokdur — diýdi. Ol:
— Ynha ledi Jeýn Greýi ýa-da Gilford Dedleýi, ýa-da Nortumberlend gojany
alyp göräý. Hysyrdysy köp bolanda näme, Gek! Dagy nätjek? Munsuz boljak däl
ahyryn! Bary bir Jim ýazgam galdyrmaly bolar, gerbinem. Hemme kişem şeýdýär
— diýdi.
Jim:
Aý sizem, mister Tom! Mende gerb diýen zat ýok, asyl meniň şu köne
köýnekden başga hiç zadym ýok, köýnegimde bolsa, öz bilşiňiz ýaly, gündeligimi
ýöredýän — diýdi.
— Sen, Jim, zada düşüneňok: gerb düýpden başga zat, Men;
— Her näme diýseňem, gerbim ýok diýip, Jim dogry aýdýar, sebebi onda gerb
nireden bolsun? — diýdim.
Tom:
— Muny menem bilýärin, ýöne gaçmazyndan öň hökman gerbli bolar, gaçanyna
görä gaçan şekilli, ähli kadalara laýyklykda gaçmaly — diýdi.
Jim ikimiz perolary kerpije çalýançak — Jim mis perony, menem galaýy
çemçeden eden peromyzy çalýardyk — Tom oňa gerb oýlap tapdy. Ahyrsoňy ol:
bir topar oňat gerbler ýadyma düşdi welin, olaryň haýsysyny aljagymy bilemok,
bir gabylragy bar welin, şony alarmykam diýýän — diýdi.

— Aşakda, geraldiki galkanymyzyň sag tarapyndaky aşak eteginde altyn guşagy
bolar, gytak aýrylan atanagy bilen daňysynyň üstünde bolsa gyşaryp ýatan itiň
suraty bolar — it howpy aňladar; penjesiniň aşagynda bolsa kertikli zynjyry
bolar— zynjyr gulçulygy aňladar; ýokarsy kertli ýaşyl şewron, gök meýdanyň
ýüzündäki iç tarapyna egik edilip çekilen üç sany liniýa, galkanyň ortasynda bolsa
gerb bilen kertikler bolar; ýokarda egni düwünçekli çep tarapy gara zolakly gara
negr durar, aşakdaky gara zolakda altyn söýejikleriň üstünde galkan durar, bu
söýejikler ikimiz bolmaly; şygar hem «Maggiore fretta — minore atto» bolar. Men
muny kitapdan aldym, bu: «Gyrmyldan gyr aşar» diýdigiň bolýar.
Men:
— Al gerek bolsa! Onsoň galanlarynyň manysy näme? — diýdim.
Tom:
— Munuň duýbüne göz ýetirjek bolup oturmaga wagtymyz ýok. Biziň bu işi
basymrak gutaryp, şu ýerden saýlanmagymyz gerek — diýdi.
— Iň bolmanynda bir zatjagaz bir aýt! «Daňy» diýýäiň näme bolýar?
— Daňy — munuň özi… umuman, munuň nämeligini bilmeseňem bolar. Gerek
bolan wagty men ony nähili etmelidigini oňa görkezerin.
— Utanaňokmy sen, aýdaňda näme bolýar? Onsoň «Çep tarapyndaky gara zolak»
diýýäniň näme?
— Öwlüýä kessin, bilemok. ýöne munsuz Jimiňki mümkin däl. Bu ähli
welmožlarda bar.
Ol ynha hemişe şeýle. Bir zady aýdasy gelmese, öldür aýdanok. Bir heldeläp
yzyna düşseňem, bary bir, peýdasy ýok.
Gerbli işini bir ýüzli edip, ol şu ugurdan bolan beýleki işlerini etmäge girişdi —
gynançly ýazgylar gözlemäge oturdy; Jimiňki munsuz bolmaz, sebäbi ol hemme
kişide bolýar diýdi. Ol bir topar zat oýlap tapyp, hemmesini kagyzyň ýüzüne
ýazdy we bize ýeken-ýeken okap berdi:
1. Bu ýerde bendi ýüregi jebir çekdi.

2. Bu ýerde giň jahandan we dost-ýarlaryndan aýra düşen biçäre ýesir horhomsy ýaşap geçdi.
3. Bu ýerde ýalňyz ýürek tar-mar boldy, otuz ýedi ýyllap ýalnyzlykda tussag
oturan ýadaw jan ömürlik rahat tapdy.
4. Bu ýerde çaga-çugalaryndan, dost-ýarlarşdan aýralykda, otuz ýedi ýyllap
agyr tussaglykda bolan asylly nätanyş, Lýudowik on dördünjiniň ogullygy
wepat boldy.
Bize bu ýazgylary okap bereninde, Tomuň sesi sapdyrawuk çykdy. Şundan
soň ol Jime bu ýazgylaryň haýsysyny aljagyny bilmedi, sebabi olaryň
hemmesi-de örän gowudy, ahyrsoňy ol Jim bu ýazgylaryň baryny diwara
çyzyp çykmaly diýen karara geldi. Jim bular ýaly bolsa, çüý bilen agajyň
ýüzüne munça patarrakyny ýazyp çykjak bolsam, bir ýyl dagy gerek bolar,
üstesine men harplary ýazybam bilemok ahyryn — diýdi; emma Tom:
harplary özüm çekip görkezerin, sen ýöne şolaryň üstünden çüý ýöredäýmeli
bolarsyň, başga etmeli zadyň bolmaz —diýdi. Soňra bir az salym sesini
çykarman durdy-da:
— Ýok, biler bolsaň, bu işe agaç ýaranok: turmelerde agaç diwar bolanok.
Şonuň üçin biz hatlary daşyň ýüzüne ýazmaly bolarys. Geliň, daş tapalyň —
diýdi.
Jim:
— Daş agaçdanam erbet bolar, bularyň baryny ýazyp çykjak bolsaň, esli
wagt gerek bolar, şeýlelikde men ömrem azatlyga çykyp bilmen — diýdi.
Tom:

— Saňa Gek kömekleşer —diýdi we peroly işimiziň gidişini görjek bolup
ýanymyza geldi. Pero ýasamak örän ýürekgysgynç, örän ýigrenji iş eken, gaty
hysyrdyly eken. Elimiň gabarçyklary wagty bilen aýrylmady, işimiziň gidişi
hem men diýerlik däldi, şonuň üçin Tom:
— Bu işi nädip ýola goýmalydygyny men bilýän. Bize barybir gerb we
gynançly ýazgylar üçin daş gerek boljak, şunlukda biz bir elde iki garpyz hem
tutup biljek. Agaç kesilýän ýeriň ýanynda ullakan degirmen daşy bar, biz ony
ogurlap gelip, ýazmaly zatlarymyzyň baryny şonuň ýüzüne ýazarys, Üstesine
peromyz bilen byçgymyzam şona çalarys —diýdi,
Bu erbet pikir däldi, degirmen daşy hem hiçneneň däldi, emma şeýle-de bolsa,
biz ugruny tapyp, hötdesinden geleris diýen netijä geldik. Jime işläber diýip,
agaç kesilýän ýere ugranymyzda, ýarygije bolmandy. Biz bu degirmen daşyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.