Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04

Total number of words is 4095
Total number of unique words is 1981
32.4 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Seni öldürenlerinden bäri.
— Dogrudan hem şondan bärimi?
— Hawa-la.
— Şu biderek zatlardan başga iýen zadyň hem bolmadymy?
— Hawa, ser,-hiç zat iýmedim.

— Onda sen öler ýaly ajygansyň?
— Ýabynam iýip bilermikäm diýýän, hawa, iýermikäm diýýän. A sen adada
haçandan bäri bolýarsyň?
— Şol meni öldüren gijelerinden bäri.
Şeý diýsene! Sen näme iýip oňduň? Hawa-da, seniň tüpeniň bar! Hawa-hawa,
tüpeniň bar. Bu gowy zat. Sen git-de, bar zat urup gel, onýança men ot ýakaýyn.
Men onuň bilýän ganygyň duran ýerine gitdim, ol agaçlaryň aşagyndaky boş
ýerde ot ýakýança men uny, döşi, kofeni, kofe gaýnadylýan çäýnegi, sajy, gandy
we demir kürüşgäni alyp gitdim, olary görüp, Jimiň gözi hanasyndan çykaýyn
diýdi: ol bularyň hemmesi jadylydyr öitdi. Men ullakan bir lakga balyk hem
tutdum, Jim pyçagy bilen onuň iç goşuny aýyrdy-da gowurdy.
Ertirlik taýyn bolanda, biz otuň üstünde gyşaryp, gyzgynlygyna işdä bilen iýdik.
Jim şeýle bir symyşlaýardy welin, şol wagt gulagyny kesseň hem duýjak däldi, ol
örän ajygan eken. Biz doýýançak iýdik, onsoň dynç almak üçin gyşardyk. Az
salym geçensoň Jim:
- Gek, aý Gek, eger seni öldürmedik bolsalar, siziň hütdütiňizde onda kimi
öldürdiler? — diýdi.
Men oňa hemmesini bolşy ýaly gürrüň berdim, şonda ol: «Halal diýdim!» diýdi.
Tom Soýer hem mundan gowusyny tapmazdy — diýdi. Men ondan:
— Sen bu ýerlere nädip düşdüň, Jim, näme üçin bu ýere geldiň? — dýýip
soradym.
Ol näme üçindir ýygryldy we bir minut töwerekleri dymandan soň:
— Iň gowusy aýtmaýyn-la — diýdi.
— Näme üçin, Jim?

— Sebäbi azmy näme… Ýöne sen men barada hiç kime hiç zat aýtma.
Aýtmarsyň gerek, Gek?
— Aýtsam, janym çyksyn! Ýeri bolýar-da, men saňa ynanýaryn, Gek. Men…
men gaçyp gaýtdym.
— Jim!
— Häzir bol, hiç kime aýtman diýip, ýaňyja söz berdiň ahyryn, hiç kime
aýtmajagyňa söz berenligiň özüňiň hem ýadyňdadyr, Gek! Ýeri bolýar-da.
Aýtman diýdim — aýtman. Tüýs hindilerçe söz bererin, aýtman. Goý, ähli
adamlar maňa abolisionist hem diýseler diýibersinler, goý, munuň üçin ýigrenseler
hem ýigrenibersinler, meniň üçin parhy ýok. Men adam ogluna aýtman, umumana ol ýere men gaýdyp barman. Şonuň üçin sen çekinme-de, aýdyber.
Eşider bolsaň, iş ine şeýle boldy. Köne hojaýynym miss Uotson hemişe maňa
iňirdedi ýördi, çydar dagy eder ýaly bolmady, emma her niçik hem bolsa meni
Orleana satmazlyga wada berdi. Ýöne soňky wagtlar men gul söwdasyny edýän
bir adamyň onuň tamynyň töwereginden aýrylmaýanlygyny aňyp, ynjalykdan
gaçyp ugradym. Gijäniň bir wagty men ýuwaşja basyp gapyň ýanyna geldim, gapy
bolsa jebis ýapylmandy, men köne hojaýynymyň dul hatyna meni derýaň
aýagyndaky Orleana satmakçydygyny aýdanyny eşitdim; satasym-a gelenok
welin, oňa sekiz ýüz dollar dagy berýärler, beýle puly görüp saklanyp hem
bolanok — diýip, ol aýtdy. Dul hatyn oňa meni satma diýip töwella edip başlady,
emma men munuň yzynyň näme bilen gutarjagyna garaşyp durman ökjäni
göteräýdim.
Dagdan aşak duşdüm we şäheriň ýokarsynda gaýyklaryň birini çileýin diýip
göwnüme düwdüm. Emma halk entek ýatman eken, şonuň üçin köne çelekleriň
arasynda gizlenip, adamlar dagaýança garaşdym. Şeýdip uzynly gije oturdym.
Hemişe ýanymda biri aýlandy ýördi. Ertir sagat altylaryň töwereginde
gapdalymdan gaýyklar geçişip ugrady, her gaýykda sekiz-dokuz adam bolup,
olaryň ähli gürrüňleri kakanyň şähere gelip, seni öldürişlerini habar berşi
hakyndady. Gaýyklaryň üstünde aýallar, jenaplar otyrdylar, olar ganhorlyk edilen
ýere gelýärdiler. Käte derýanyň beýle tarapypa geçmezlerinden ýaňa dynç aljak
bolup, gaýygy kenaryň gyrasyna getirip goýýardylar; ine, şonda gürrüňleriň
arasynda seniň öldürilişiňi eşitdim. Seniň öldürileniňe meniň nebsim-janym
agyryp gitdi. Gek… Ine indi häzir ynjaldym.

Men şol ýerde ýonuşgalaryň aşagynda uzynly günläp ýatdym. Ajygýardym, emma
gorkmasyna gorkmadym: sebäbi men ertirlik edinenden soň dul hatynyň köne
hojaýynym bilen ybadata gitjekdigini we olaryň şol ýerde uzynly günläp
boljakdygyny, men barada bolsa baryp dandanlar sygyr bakmaga gitdi diýip pikir
etjekdiklerini, meniň ýoklugymy diňe garaňky gatlyşandan soň bilip
galjakdyklaryny bilýärdim. Beýleki hyzmatkärler hem meniň ýoklugymy aňmazlar,
men muny hem bilýärdim, sebäbi kempirleriň ýok wagty olar hem gezelenje
çykýardylar. Ýeri bolýar-da… Garaňky gatlyşan dessine men bukudan çykyp,
derýanyň boýy bilen suwuň akýan ugrunyň tersine tarap ugradym, iki mil, hatda
ondan hem gowrak geçdim; ol ýerde öý-öwzar hem ýokdy. Men näme etmelidigini
bildim. Eger pyýada ýöräp gitsem, meni itler yzarlap tapjakdylar; eger gaýyk
ogurlap, derýanyň aňyrsyna ýüzüp geçsem bolsa ganygyň gözlegine çykjakdylar;
meniň kenara çykan ýerimi yzarlap tapjakdylar. Ýok, meniň üçin iň gowusy sal:
ondan yz galjak gümany ýok — diýip içimi gepletdim. Basym öwrümiň aňyrsynda
bir ýylpylda gözüm düşdi. Men suwa girip ýüzmäge, elim bilen öňümdäki pürsi
iteklemäge başladym. Şeýdip, derýanyň ortasyna ýüzüp bardym, akyp gelýän
agaçlaryň arasynda gizlendim, kellämi aşak egip, suwuň tersine ýüzdüm, sal
gelýänçä garaşdym. Onsoň salyň yz tarapyndan baryp, ondan ýapyşdym. Şol wagt
bulutlar süýşüp gelip, howa garaňkyrady, men ýatan ýerimden çykyp, salyň üstüne
mündüm. Ol ýerde adamlar salyň ortarasynda çyraň ýakynynda otyrlar eken. Derýa
barha joşýardy, suw çasly akýardy we men bular bilen ýüzüp, sagat dörtlere çenli

ýigrimi bäş mil dagy geçerin, onsoňam edil daňdan çaglary suwa çykaryn, kenara
ýüzüp bararynda, Illinoý tarapdaky tokaýa siňip giderin — diýin çak etdim.
Emma meniňki paşmady. Biz adanyň duşuna ýeteňkirläp barýarkak, görsem,
salyň yz tarapyna bir çyraly adam gelýär. Garaşyp oturyp boljak däldi, şonuň üçin
saldan böküp düşüp, kenara tarap ýüzüp ugradym. Men kenara islän ýerimden
çykyp bilerin öýdüpdim, emma beýle däl eken, kenar örän kertdi. Men öňümden
amatly ýer çykýança ýüzüp, adamyň ahyryna çykdym. Men tokaýda gizlenip, eger
çyraly eýläk-beýläk gatnap ýörjek bolsalar, gaýdyp sal bilen iş salyşman diýdim.
Şybygym, bir gap temmäkim, otluçöpüm telpegimiň içindedi, olar çyg bolman
ekenler, diýmek, hemmesi gülala—güllükdi.
— Diýmek bilen, şunça wagtyň içinde çöregem, etem iýmänsiň-dä? Näme üçin
sen pyşbaga tutmansyň?
— Sen ony nähili tutjak? Üstüne özüňi oklap, ony eliň bilen tutjak gümanyň
barmy, iň bärkisi daş bilenem-ä öldürip bolanok? Onsoňam gije nädip tutjak.
Gündizine-hä men derýa boýuna hem çykamok.
— Munyň-a dogry. Sen hemişe tokaýda bolmaly bolansyň. Sen top atylanyny
eşitdiňmi?
— Eýsem näme! Men ony seni gözläp atýandyklaryny bilýärdim. Men olaryň
duşumdan ýüzüp geçişlerini gördüm, agaçlaryň arasyndan seretdim.
Gapdalymyzdan çaga guşlar pasyrdaşyp uçup gitdiler öňki edip uçup, ýere
gondular. Jim bu ýagşyň alamatydyr diýdi. Eger jüýjeler uçuşyp-gonuşup ýörseler
ýagyş ýagýar, çaga guşlar uçuşyp-gonşup ýörse-de şeýle bolýarmyka diýýän. Men
olardan birazrak tutsam diýdim. Emma Jim razy bolmady. Bu ölümiň alamaty
diýdi. Onuň kakasy agyr ýatyr eken; çagalarynyň biri guş tutup gelende, garry
eneleri indi ataňyz öler diýipdir, bu şeýle hem bolupdyr
Jim ýene: günorta naharynda iýjek-içjekleriňi-de hasaplamaly däl diýdi, sebäbi bu
oňlulygyň üstünden eltmeýär diýdi. Gün çykanyndan soň saçagyňy kaksaň hem
şeýle bolýar. Mundan başga-da, eger bal aryly adam öläýse, muny hökman ertesi ir
bilen gün çykýança arylara eşitdirmeli, bolmasa olar sowaşyp, işlemelerini
goýýarlar we ölüp gidýärler diýdi. Jim bal arysy samsyk adamlary çakanok diýip
gürrüň berdi, emma men muňa ynanamok: men birnäçe gezek synap gördüm,
emma olar meni çakmadylar.

Men öň bu zatlaryň hemmesini eşitmesem-de, bir toparyny eşitdim. Jim köp yrym
bilýärdi, onuň özi-de ähli yrymy diýen ýaly bilýärin diýýärdi. Meniň göwnüme
bolmasa, yrymlaryň hemmesi oňlulygyň üstünden eltmeýän ýaly göründi, şonuň
üçin Jimden oňat yrymlar bolanokmy — dýýip soradym. Ol:
— Bolsa-da, az, onsoňam olardan pepda ýok, basym bagtyň getirjegini biljek
bolup nätjek? Ondan dynmak üçinmi? — diýdi. Ýene-de ol:
— Eger seniň elleriň we döşüň tüýlek bolsa, bu baý boljaklygyň alamaty bolýar.
Ýöne bu alamatyň hem kemter ýeri bar, haçan baý boljaklygyň anyk däl. Ilki seniň
esli wagtlap garyp ýaşamagyň mümkin, onsoň baý boljagyňy bilmän gaýgy edip,
asylyp öläýmegiň mümkin — diýdi,
— Seniň elleriň bilen döşüň tüýlekmi, Jim?
— Näme soran bolýarsyň? Tüýlekdigini özüň görmeýärmiň näme?
— Näme, onsoň sen baýmy?
— Ýok. Men bir gezek baý bolup gördüm, ýene-de bir wagt baý bolaryn. Bir
gezek meniň elime on dört dollar düşdi, emma söwda eden bolup, öz-özüm
tozapdym.
— Näme söwda etdiň, Jim?
— Aý, ilki mal söwdasyny etdim.
— O nähili mal?
— Belli zat ahyryn, janly mal söwdasyny etdim. On dollara bir sygyr satyn
aldym. Emma indi pulumy beýdip ýele sowrasym ýok. Sygrym birden öldi-de
duruberdi.
— Diýmek, sen on dollar ýitiripsiň-de?
-— ÝÝok, men olaryň hemmesini ýitirmedim. Dokuz dollar çemeleri ýitirdim.
Hamy bilen ýagyny bir dollar on sente satdym.

— Onda seniň bäş dollar on sent puluň galandyr? Ýeri onsoň sen olaram öwrüp
ugradyňmy.
— Ýogsam näme! Sen mister Bredişiň ýeke aýakly negrini tanaýarmyň? Ine ol
bank açdy we kim bir dollar goýsa, ol bir ýyldan ýenede dört dollar gazanýar diýdi.
Negrleriň ählisi banka goýum goňdy, emma olaryň puly azdy. Meniňki bolsa köpdi.
Şonuň üçinem meniňdört dollardan köpräk gazanasym gelýärdi, men oňa şunçarak
pul bermesem, özüm bank açaýjak diýdim. Onsoň ol diýer meniň bank açanymy
islemedi, sebäbi bizde iki bankyň geregi ýokdy, şonuň üçin ol: eger bäş dollar
goýsaň, ýyl aýaklanda ony otuz bäş dollar edip bereýin diýdi. Men aýdyşy ýaly
etdim. Onsoň, gel boş duranymdan, bu otuz bäş dollary hem öwreýin — diýdim.
Bob atly bir negr düýbi ýalpak gaýygy tutupdyr, gaýygyň eýesi bolsa muny
bilmändir; men onuň gaýygyny satyn aldym we ýylyň ahyrynda menden otuz bäş
dollarysy alarsyň diýdim; emma şol gije gaýygy ogurlatdym, ertesi bolsa ýeke aýak
negr bize bank ýarylypdyr diýip habar berdi. Şeýlelikde biziň hiç birimize pul
düşmedi.
— A on sentini nätdiň.Jim?
— Aý, ilki ony sowaýyn diýdim, emma soň düýş görüp, düýşümde bir owaz: sen
ol puly Walaam ýa-da gysgaça aýdanda Walaam eşegi diýen bir negre bergiň diýdi.
Saňa dogrusyny aýtsam, ol tüýs bir baryp ýatan akmak. Emma muňa derek ol bagtly
diýýärler, meniňki bolsa, görýän welin, hiç paşanok. Şol owaz maňa: goý Walaam
ol on senti peýdasyna goýsun, düşen girdejini hem saňa bersin diýdi. Ana onsoň
Walaam ol puly aldy, soň hem buthanada ündewçiden: kim garyba pul berse, ol
hudaýa pul berýär, allatagala bolsa onuň birini ýüz esse edip yzyna gaýtarýar diýip
eşidipdir. Ol uly gedaýa beripdir-de, soňy nähili bolýarka diýip garaşyp oturypdyr.
— Ýeri onsoň soňy nähili boldy, Jim?
— Çykan zat bolmady. Men pulumy hiç yzyna gaýdyp alyp bilmedim. Walaam
hem alyp bilmedi. Indi girew goýaýmasalar, meniň adam ogluna pul karz berjek
gümanym ýok. Ündöwçi bolsa heniz-henizler hem «biriň hökman ýüz bolup
gowşar» diýip ýör. Men şol on sentimi hem yzyna alyp bilsem kaýyl, men şoňa-da
monça boljak; karam boldy diýjek däl.
— Nätjek, Jim, bähbit bolsun, belki, ýene-de baý bolaýadyň-da.
— Hawa-la, seredip otursaň, men häzir hem baý adam. Sebäbi meniň öz elim, öz
ýakam, maňa sekiz ýüz dollar berýärler. Eger şu pullary meniň elime berseler,
başga sorajak hem däl.

IX bap
Ada ser salyp ýörkäm tapan ýerimi meniň ýene-de bir gezek görüp gaýdasym
geldi; ine onsoň Jim bilen ýola düşüp, biz basym şol ýere ýetdik, sebäbi adanyň
boýy bary-ýogy üç mil, ini hem dört mildi.
Şol ýer örän beýik we kert baýyrdy, ýa-da kyrk fut beýikligi bolan belentlijekdi.
Biz onuň gerşine zordan emedekläp çykdyk, ol ýerde kert gerişler, ok geçmez
agaçlar bar eken. Biz gerşiň ähli ýerine aýlanyp çykdyk we ahyr Illinoýa ýakynrak
tarapynda, iň ýokarda oňat we giň gowagyň üstünden bardyk. Gowak uludy, iki-üç
otagyň ýerini tutjakdy, Jim onuň içinde ör boýuna durup biljekdi. Içi salkyndy, Jim
şol wagtyň özünde goşlaryny şu ýere çekmekçi boldy, emma men: biziň her gezek
ýokaryk münüp-düşüp durasymyz gelmez ahyryn diýdim.
Jim: eger gaýygymyzy gizlençegräk ýerde gizläp, zatlarymyzy gowaga daşasak,
bu ýere adam geläýende gaçyp atmaga amatly boljak, it bilen tapaýmasalar,
ömürylla tapjak gümanlary ýok — diýdi. Onsoňam çaga guşlar ýagşyň boljagyny
ýöne ýerden aýdanoklar, eger şeýle bolsa sen zatlaryň ezilmegine razymy? - diýdi.
Biz yzymyza gaýdyp, gaýygymyzy aldyk, edil adanyň ýanyna ýüzüp bardyk we
ähli zadymyzy şol ýere daşadyk. Soň biz ýakyn töwereklerde, gür söwütleriň
arasynda gaýygymyzy gizlär ýaly ýer gözledik. Biz çeňňeklerimize düşen
balyklary alyşdyrdyk, soň çeňňekleri ýene suwa atyp, nahar taýynlamaga başladyk.
Gowagyň agzy çelek sygarlyk giňdi, girelgäň bir tarapynda bolsa ýer birneme
galyp durdy, şol ýerde ojak üçin örän amatly, tekiz ýer bardy. Biz şol ýerde ot
ýakyp, nahar bişirindik.
Biz ýorganlarymyzy göni ýeriň üstüne ýazyp, şolaryň üstünde nahar edindik.
Galan zatlarymyzyň baryny el ýüzünde bolar ýaly gowagyň düýbünde
goýuşdyrdyk. Basym garaňkyrap, ýyldyrym çakyp ugrady, gök gubürdedi; diýmek,
guşlar mamla ekenler. Şol wagt jala gelip başlady, özi-de edil bedreden guýýan
ýaly guýdy, beýle jalany bolsa men ömrümde görmändim. Bu tüýs tomus jalasydy.
Howa şeýle bir garaldy welin, daş-töwerekdäki ähli zat garamtyl-gök we örän
owadan ýaly bolup göründi; jala bolsa dymman guýýardy, golaýjakdaky agaçlar
hem zordan görünýärdi, özleri-de edil kerebiň içinde ýaly bolup görünýärdiler;

birden bolsa tüweleý turup, agaçlaryň başlaryny egýärdi, ýapraklaryň ak tarapyny
beýlesine öwürýärdi; şondan soň güýçli ýel gelip, agaçlar guduz açan ýaly
yranyşýardylar; howa has garalyp, gözedürtme bolanynda, birden gündizlik ýaly
ýagtyldy duruberdi: öňküden ýüz ädimlik daşdaky zatlar hem, agaçlaryň
başlarynyň yranyşlary hem göründi; bir sekuntdan uçudyň düýbi ýaly bolup
ýenede garaldy, aýylganç güýç bilen gök gübürdedi, soň bolsa merdiwandan
goýberlen boş çelek ýaly bolup, kem-kemden aşaklap, gögüň ýüzüni gaplady,
merdiwan uzyn bolanda çelek hem her ýere bir degip böküp gaýdýar. Men:
— Bä, munuň hezildigini, Jim. Bu ýerden meniň hiç ýana gidesim gelenok. Hany,
bir bölek balyk bilen ýyljajyk zagara ber — diýdim.
— Ine görýärmiň, Jimsiz bolan bolsaň, saňa kyn düşerdi. Tokaýyň içinde
naharsyz-zatsyz oturardyň, süllümbaý ezilerdiň, çyg süňňüňe ornaşardy. Hawa,
hawa, oglum! Haçan ýagyş boljagyny towuklar bilýärler, tokaýdaky guşlar hem
bilýärler.
On ýa on iki günläp derýadaky suw yzyny üzmän joşdy we ahyrsoňy kenara agyp
ugrady. Adanyň pesräk ýerlerinde suw üç-dört futa çykdy, Illinoý kenarynda hem
şonuň ýaly boldy. Derýanyň aňry tarapy esli millik giňdi, Missuri tarapy bolsa şol
ýarym mil giňliginde galdy, sebäbi Missuri kenary ýöne gaýa bolup durdy.
Gündiz biz gaýyk bilen bütin adany aýlanyp çykdyk. Tokaýyň jümmüşi gün
ýakyp gowrup barsa-da örän salkyndy, kölegedi. Biz eýdip-beýdip, agaçlaryň
arasyndan geçýärdik, kä ýerlerde ýabany üzüm şeýle bir gür çyrmaşypdyr welin,
yzymyza dolanyp, başga ýol gözlemeli bolýardyk. Her bir ýykylyp ýatan agajyň
üstünde towşanlar, ýylanlar, dürli jandarlar otyrdylar, suw bir-iki gün durandan soň
gelsen-ä, olar açlykdan ýaňa şeýle bir ýuwaşaýarlar welin, ýene eliň bilen tutup
ýörmeli bolýar, emma, elbetde, ýylan bilen pyşbagany beýdip bolmaýar, olar
eliňden typyp, suwa urup gidiberýärler. Biziň gowagymyz ýerleşýän depede olar
jygyldamygyldylar. Eger edinesimiz gelse, haýwanlardan eldeki edinip biljekdik.
Bir gezek biz salyň kiçeňräk bir bölegini — dokuz sany oňat sosna tagtasyny
tutduk. Bu bölegiň ini on iki fut, boýy hem on bäş-on alty fut bardy. Alty-ýedi
dýumalyk berk we tekiz tagta düşek bolsa suwuň ýokarsyna çykyp durdy. Kä
gezek gündizler biz duşumyzdan pürsleriň akyp geçýänligini görýärdik, emma
olary tutjak bolmaýardyk: biz gündizine gowakdan kellämizi hem çykarmaýardyk.
Başga bir gezek gije daň atyp barýarka, biz adanyň ýokary tarapyna ýüzüp
bardyk, bir görsek günbatardan bize tarap tutuş bir tam ýüzüp gelýär. Tam iki
gatdy, özi-de bir ýany aşak çöküp durdy. Biz onuň ýanyna ýüzüp baryp, üstüne

çykyp ugradyk, ýokarky gatynyň äpişgesinden girdik. Emma entek juda garaňky
bolup, hiç zat görnenokdy; onsoň biz ol ýerden çykyp, gaýygymyzy baglap goýduk
we daň atýança garaşyp başladyk.
Adanyň aşaky çetine ýetip-ýetmänkäk, daň saz berip ugrady. Şonda biz äpişgeden
seretdik. Biz krowaty, stoly, iki sany köne stuly saýgardyk, bulardan başga-da
jaýyň polunda bir topar görlähet üýşüp durdy, diwardan bolsa geýim-gejim
asylgydy. Törde adama meňzeş bir zat ýatyrdy. Jim oňa:
— A-how! — diýip gygyrdy.
Emma ol gymyldamady. Şonda oňa menem gygyrdym, soň Jim:
— Ol ukuda däl, ol öli. Sen şu ýerde butnaman dur, men gidip görüp geleýin —
diýdi.
Ol tamyň içine girip, süýnüp ýatan adamyň ýanyna bardy, oňa egilip seretdi we:
— Bu ölüpdir. Üstesine-de ýalaňaç. Muny ýeňsesinden tüpeňläpdirler. Ölenine-de
iki-üç gün dagy bolupdyr. Hany, Gek, bärik gel, ýöne munuň ýüzüne seretme, ol
örän gorkunç — diýdi.
Men onsoň oňa seretjek bolmadym. Jim onuň üstüne hasyr-husur bir köne esgi
ýapdy, emma onuň beýtmesiniň geregi ýokdy: meniň oňa seredesim hem gelip
duranokdy. Poluň üsti köne, ýagjymak kartlardan, wiskadan, boşan çüýşelerden
doludy, bulardan başga ol ýerde gara mawutdan tikilen iki sany maska hem
bulaşyp ýatyrdy, diwaryň ýüzi paýyş sögünçlerden, kömür bilen çekilen
suratlardan doludy. Diwarda iki sany sary giden çit köýnek, sypal şlýapa, ýubka,
erkek adamyň köýnegi, erkek adamyň geýimleri asylgy durdy. Biz gerek bolar
diýip, gaýyga ony-muny daşadyk. Poluň üstünde çagalaryň geýýän köne sypal
şlýapasy ýatyrdy; men ony aldym. Ol ýerde agzyna esgi dyky dykylan süýt çüýşesi
hem ýatyrdy, bu çagany emdirmek üçin bolsa gerek. Biz çüýşäni hem aljakdyk
welin, ol döwük eken. Ýene-de içi agdar-düňder edilen köne sandyk we ýaldan
örlen sypal gulply çemedan hem bardy. Olaryň ikisiniň-de agyzlary açykdy,
ikisiniňde içindäki zatlar ýokdy. Zatlaryň bulam-bujar bolup ýatyşyndan öý
eýeleriniň howul-halat gaçyp gidendikleri, ähli zatlaryny alyp gidip bilmänlikleri
görnüp durdy.
Bize galan zatlar şulardy: köne demir çyra, sapsyz ullakan pyçak, Barlou
firmasynyň täze jübi çakgysy (bular ýaly çakgyny hiç bir dükanda hem on sentden

arzan aljak gümanyň ýokdy) bir topar şem, şemiň aşagyna goýulýan demir,
flýagajyk, demir kürüşge, içi pagtaly köne ýorgan, iňňeli, iňňebagjykly, sapakly,
bir tokga mumly, ilikli, bir topar aňry-bärili aýal gapjygy, paltajyk, bir topar çüý,
külbikämden ýogynrak çeňňek, togalanan sugun hamy, itiň boýunbagy, nal,
gapdaly kagyzsyz derman çüýşejikleri; biz gitjek bolup durkak men bir oňat gaşaw,
Jim bolsa gyjagyň kemençesi bilen agaç aýak tapdy. Ýöne kemerleri üzülen eken,
ýogsam örän oňat aýak eken, diňe ol maňa uzynrak, Jime bolsa kelteräk bolýar.
Beýleki taýyny bolsa näçe gözlesek hem tapmadyk.
Şeýlelikde, umuman aýdanda, oljamyz kiçi bolmady. Biz tamyň ýanyndan ýüzüp
ugrajak bolup durkak, jahan birkemsiz ýagtyldy. Biz adadan çärýek millik
aşakdadyk. Men Jime gaýygyň düýbünde süýnüp ýat diýdim, üstüni bolsa pagtaly
ýorgan bilen basyrdym, ýogsam dik otursa, onuň negrdigini jemagat uzakdan hem
tanajak. Men suwuň ugry bilen ýarym mil aşakdan barar ýaly gaýygy Illinoý
kenaryna sürüp ugradym, onsoň suwuň akmaýan ýeri, derýanyň gyrasy bilen
gitdim. Biz hiç kime duşman, ada sagaman geldik.
X bap
Ertirlik naharyny edinip bolanymyzdan soň meniň öli barada, ony kimiň
öldürenligi barada gürrüň açasym geldi, emma Jim göwnemedi. Ol beýtsek,
başymyza bir bela satyn alarys; onsoň hem ol gijelerine bize gelip durmasyn,
sebäbi jaýlanmadyk adam, öz ýerinde, arkaýyn ýatan adama garaňda, çem gelen
ýerde ygagan bolýar. Bu, belki, dogry bolsa-da dogrudyr, şonuň üçin men zat diýip
durmadym, emma ähli pikirim şol hakda boldy; ony kimiň atanlygydy we näme
üçin atanlygyny örän bilesim gelýärdi.
Biz elimize düşen geýimi oňatja barladyk we basyrykdan edilen köne paltonyň
işliginden sekiz dollar altyn pul tapdyk. Jim: bu jaýa gelen adamlar, paltony
ogurlasa-da ogurlardylar: bu pullaryň bardygyny bilen bolsalar, olar paltony bu
ýerde goýmazdylar — diýdi. Men: dogry, ony hem şolar öldürendirler diýdim,
emma bu barada Jimiň gürrüň açasy gelmedi. Men:
— Ynha sen bu oňlulygyň üstünden eltmez diýip pikir edýärsiň, a öňňin dagyň
depesinden ýylanyň gowuny getirem-de sen näme diýipdiň? Sen eliňe ýylanyň
gowuny alanyňdan erbet yrym ýokdur — diýipdiň. Hany onsoň näme bolupmyş?
Gör biz näçe zatlaryň üstünden bardyk, üstesine-de sekiz dollarly bolduk. Men,
Jim, şular ýaly belanyň üstünden her gün baryp dursakdyk diýýän — diýdim.

— Entek belli däl, oglum, belli däl. Sen birden galyberme. Entek görjegiň öňdedir.
Meniň diýýänlerim ýadyňda bolsun: entek görjegiň öňdedir.
Bu şeýle-de bolup çykdy. Biziň aramyzdaky bu gürrüň sişenbe güni bolup geçipdi.
Anna güni nahardan soň bolsa uçudyň ýanyndaky otuň üstünde ýatyrkak ähli
temmäkimiz gutaran eken. Men temmäki alyp geleýin diýip gowaga gaýtdym we
hažžyldyly ýylanyň üstünden bardym. Men ony öldürdim we düýrläp, Jimiň
ýorganynda ýylanyň ýatanlygyny görse, baý, tomaşa bolar-a! — diýip pikir etdim.
Emma agşama deňiç bu ýadymdan çykyp gitdi. Men çyrany ýakynçam Jim
ýorganyna sümüldi, ol ýerde bolsa ýaňky ýylanyň ýoldaşy bar eken, ol şo bada Jimi
çakdy.
Jim böküp çykdy-da, zörledip goýberdi, çyranyň yşygyna gözümize ilkinji ilen
zat şol ýylan boldy; ol düýrlenip, ýene-de zyňjak bolup dur eken. Men ony göz
açyp-ýumasy salymyň içinde taýak bilen ýere ýazdym. Jim hem kakamyň arakly
çüýşesini alyp, ýylany ýençmäge durdy. Jim aýakýalaňaçdy, şonuň üçin ýylan
onuň edil ökjesinden çakypdyr. Hemmesi-de men samsygyň bir zady
unudanlygymdan boldy: bir. ýerde öli ýylany goýup gitseň, hökman onuň ýanyna
ýoldaşy gelip, onuň daşyna çolaşyp ýatýar ahyryn. Jim maňa ýylanyň kellesini
çapyp zyňsaň, onsoň hem onuň hamyny sypyryp, etinden bir bölejigini gowursaň
diýdi. Men onuň aýdyşy ýaly etdim; ol ony iýip, bu meni bejerse gerek diýdi.
Onsoň meň gowakdan çykyp, ýylanlaryň ikisini-de daşa, agaçlaryň arasyna zyňyp
goýberdim: bularyň hemmesiniň men zerarly bolanlygyny Jimiň bilenini
islämokdym.
Jim çüýşäniň içindäkini içip otyrka mahal-mahal üýtgeýärdi: ol ýerinden turup
pyrlanmaga we akyly üýtgän adam ýaly gygyrmaga başlaýardy, onsoň ýene
çüýşäniň daşyna geçýärdi.
Onuň ökjesi güp ýaly çişdi, ökjesiniň ýokarylary hem çişdi; soň bolsa
kemkemden aragyň keýpi ýetişip ugrady, indi-hä iş düzelse düzeler — diýip pikir
etdim. Maňa kakamyň aragyndan, ýylanyň çakany gowudy.
Jim dört gije gündizläp ýatdy. Onsoň çiş gaýdyp, ýene-de aýak üstüne galdy. Men
bally çörek berselerem, gaýdyp ýylan gowuna degmen diýip ant içdim, sebäbi
degseň, başyňa gör nä günler gelýär. Jim: indikile meniň diýenime ynanmarmykaň
diýýän diýdi. Ýylan gowuny eliňe almak şeýle erbet yrym eken, dünýäde ondan
erbet yrym ýokmuka diýýän; belki, bu enteklerem bary däldir. Ol ýylan gowuna el
degrenden, dogan aýa çep eginden sereden ýüz esse gowy diýdi. Öňler egniň

üstünden ýaňy dogan aýa seretmek ýaly samsyklyk we bidereklik ýok diýip
ýörenem bolsam, indi meniň özüm hem muňa ynanyp başladym. Garry Henk
Banker bir gezek şeýdip seredipdir-de, öwnen bolupdyr. Onsoň gözi nämäni
görüpdir! Şondan soň iki ýylam geçmänkä, ol minaradan ýykylyp, ýap-ýasy
bolupdyr: ony tabyda derek iki sany gapynyň arasyna salyp jaýlapdyrlar diýýärler;
muny öz gözüm bilen-ä göremok welin, kakam şeý diýip gürrüň berýär. Emma bu,
elbetde, onuň aýa çep egniniň üstünden seredenligi üçin bolupdyr.
Ine şeýdip, günler yzly-yzyna geçdi, derýa ýene-de joşup, kenara dyzap ugrady.
Şonda biz ilki bilen çeňňegiň ujuna hamy sypyrylan towşany ötürip, ony suwa
atdyk we adamyň boýy ýaly ullakan lakga balygyny tutduk; onuň uzynlygy alty fut
ik dýum dagy bardy, agramy bolsa iki ýüz puta ýetýärdi. Biz ony suwdan hem
çykaryp bilmedik: ol bizi tas Illinoýsa gapgarypdy. Biz ýöne oturyp, tä ölýänçä,
onuň çyrpynyşyna syn etdik. Onuň garnyndan biz mis ilik, togalak şar, bir topar
bolar-bolgusyz zatlar tapdyk. Biz şary paltalap döwdük, görsek onuň içinde tegek
bar eken. Jim: eger ulalyp şara öwrülen bolsa, tegek balygyň içinde köp ýatypdyr
— diýdi. Meniň pikirimçe, şu balykdan uly balygy Missisipiden hiç haçan tutan
däldirler. Jim: beýle uly lakga balygy heniz göremok diýdi, şäher bolan bolsa, ony
esli pula dakardym. Munuň ýaly balyklary ol ýerde telim funt bahalaýarlar, şonça
pul berip satyn hem alýarlar, sebäbi lakga balygyň eti pamyk ýaly ak bolýar, özide
oňat gowrulýar — diýdi.
Ertesi irden meniň ýüregim gysyp, bir zat bilen göwün açasym geldi. Men Jime
derýanyň aňyrsyna geçip, ol ýerden habar tutup geleýin diýdim. Bu pikir Jime
ýarady, ol diňe: garaňky düşýänçä garaş, şähere baraňda hem seresap bol — diýdi.
Ýene-de bir salym böwrüni diňläp, ol: köne-küşüllerden bir zat alyp, gyz geýimine
giräýseň nädýär — diýdi. Bu hem oňat pikirdi. Biz çit köýnekleriň birini kelteltdik,
balagy bolsa dyzyma çenli çermäp geýdim. Jim arkamdaky iliklerimi ildirişdirdi
welin, eşikler maňa şaplaýdy. Men sypal kapory kelläme geýip, lentalary
alkymymdan daňdym, şonda meniň ýüzümi saýgarar dagy eder ýaly bolmady, edil
peç turbasynyň içine sereden ýaly boldy. Jim:
indi seni gündiz bir tanap bolaýarmyka diýdi. Gyz köýnegine endik etjek bolup,
uzynly günläp jan etdim we kem-kemden özümi onuň içinde tagaşykly duýup
ugradym. Emma Jim: gyzlaryň ýöreýişleri beýle bolmaýar — diýdi, ol ýene:
köýnegi çekip, eliňi jübiňe salmak häsiýetiňi hem goý diýdi. Men muny göz
öňünde tutdum, onsoň iş ugrugyp gitdi.
Garaňky düşen badyna men gaýygym bilen Illinoýs kenaryna geçdim.

Men şähere pristanyň birneme aşak ýanyndan ýüzüp bardym, suwuň akymy meni
şäheriň çetine alyp gitdi. Men gaýygymy baglap, kenara çykdym. Esli wagtlap
ýaşalmadyk hütdükde häzir çyra ýanýardy, men: ol ýerde kim ýaşaýarka? — diýip
geň galdym. Men bukdaklap, onuň ýanyna bardym we äpişgeden jykladym. Kyrk
ýaş töwerekleri aýal çyranyň ýagtysyna sosna agajyndan edilen sadaja stoluň
başynda bir zat örüp otyrdy. Ýüzi nätanyş ýüzdi, ol bu ýere ýaňyrak gelen bolara
çemeli, sebäbi men şäherde ýaşaýanlaryň hemmejesini tanaýardym. Onuň
nätanyşlygy meniň üçin bähbit boldy, sebäbi näme üçin gaýtdymkam diýip, gorkup
ugrapdym. Meni sesimden tanaýmaklary mümkindi. Emma bujagaz şäherde iň
bärkisi iki günjagaz ýaşan hem bolsa, bu aýal meniň bilmeli zatlarymyň baryny
aýdyp berip biler. Men özümiň gyz bolan bolýanlygymy bir minutlykçada
unutmazlyga pent edip, gapyny kakdym.
XI bap
Aýal:
— Gir — diýdi. Men girdim. — Şu ýerde oturyberiň. Men oturdym. Ol özüniň
ýyldyrap duran kiçijik gözleri bilen meni başdan-aýak synlady we:
— Siziň adyňyz näme? — diýip sorady.
— Sara Uilýams.
— Siz nirede ýaşaýarsyňyz? Şu töwereklerdemi?
— Ýok, Gukerwilde ýaşaýan, ol bu ýerden ýedi mil aşakda. Men gelýänçem
pyýada ýöräp, halys ýadadym.
— Ajykdyňmykaňam diýýärin. Häzir iýer ýaly zat tapaýyn.
—- Ýok, meniň zat iýesim gelenok. Men örän ajygamsoň bu ýerden iki millikdäki
ferma sowuldym, häzir bolsa zat işdäm ýok. Giç gelenligimiň hem sebäbi: ejem
kesel ýatyr, ne pulumyz bar, ne beýlekimiz. Meni daýym Abner Murulara iberdiler.
Ejem: ol şäheriň şol çetinde ýaşaýandyr — diýdi. Men bu ýere hiç haçan gelip
görmändim. Siz ony tanaýaňyzmy?

— Ýok, men häzir hemme adamyny tanamok. Biziň bu ýere gelenimize heniz iki
hepdede bolanok. Şäheriň o çetine çykynçaňyz ep-esli ýol bardyr. Şonuň üçin
bizde ýatyp gidäýiň. Şlýapaňyzam aýraýyň.
Men:
— Ýok, iň gowusy birazrak dynjymy alaýyn, onsoň hem ýolumy dowam
etdireýin. Men garaňkylykdan gorkamok — diýdim.
Ol men seniň ýeke özüňi goýberip bilmen, anha sagat ýarymrakdan adamym
gelip, seni äkider diýdi. Onsoň ol öz adamsy barada, derýanyň sakasynda we
derýanyň aýagynda ýaşaýan kowum-garyndaşlary barada, öň adamsy ikisiniň has
gowy ýaşandyklary, biziň şäherimize nähak göçüp gelendikleri barada we şuňa
meňzeşler barada gürrüň berip başlady, şonda adamymyň göçeli diýenine gulak
asmaly däl ekenim — diýdi; mundan şäherdäki gep-gürrüňleri eşiderin diýip nähak
tama eden bolaýmaýyn diýip, men içimi gepledip ugradym, emma ahyrsoňy gürrüň
meniň kakamyň üstünden, meniň öldürilişimiň üstünden bardy; şonda men goý
birneme samrasyn diýdim. Ol Tom Soýer ikimiziň on iki müň dollar tapyşymyz
hakynda (ýöne ol ýigrimi müň dollar tapypdyrlar diýdi), meniň kakam barada,
onuň zaýalanan adamdygy barada, meniň hem zaýalanandygym barada gürrüň
berip, ahyry meniň öldürilşimiň üstünden bardy. Men:
— Ony kim öldürdikä? — diýip soradym — bu barada bizem Gukerwilde eşitdik,
ýöne Gek Finni kimiň öldürenligini bilip bilmedik.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.