Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14

Total number of words is 3925
Total number of unique words is 1885
32.5 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şadyýan we göwni hoş, ine onsoň men pikir edip başladym. Men öz ýanymdan
hakykaty aýdan adam gyssalyp, burça gabalanynda, ýaman töwekgelçilik etmeli
bolýandyr-ow diýip pikir etdim; emma özüm synap görmämsoň, muny şeýledir
diýip biljek däl, ýöne her näme diýseňem, bu bolaýjak zat; bu wagt bolsa ýagdaý
başgaça dogrusyny aýdanyňdan gowusy ýok, özem bu aldanyň ýaly gorkuly däl.
Muny ýatda saklap, giňişlikde oňatja pikir edip görmeli bolar, ähli kadalaryň
tersine gitjek bolsaň, gaty kyn bolýar eken. Bular ýaly zady görmeklik maňa heniz
miýesser bolmandy. Aý, gel, näme bolsa, şol bolsun, därili çelegiň üstünde oturyp,
nirä ýetýäniňi biljek bolup ony ýarýan ýaly bolsam-da, bu gezek hem dogrymy
aýdaýyn diýdim we:
— Miss Meri-Jeýn, heý, siziň üç-dört günlük myhmançylyga gideriňiz ýaly,
şäheriň eteklerinde tanşyňyz ýokmy? — diýdim?
— Bar, mister Lotroplara gidäýmeli, ýöne bu nämä gerek boldy?
— Munuň nämä gerekligini bilmegiň entek geregi ýok. Ýöne siziň negrleriňiziň
ýene-de iki hepdeden şu ýerde, hut şu jaýda enelerini görjekdiklerini nireden
bilenligimi size aýtsam we muny bilýänligimi subut etsem, siz mister Lotroplara
dört günlük myhmançylyga gidermisiňiz?
Ol:
— Dört günlükmi! Asyl bir ýyllyk hem gideýin-le! — diýdi.
— Ýagşy, maňa siziň şu sözüňizden başga zat gerek däl, Başga biri bolsa
töwratdan ant içerdi, şonda-da men oňa siziň şu sözüňize ynanyşym ýaly
ynanmazdym — diýdim.
Ol ýylgyrdy, ýüzi bir enaýy gyzardy, şonda men:
— Eger rugsat berseňiz, men işigi gulplaýjak — diýdim. Onsoň men ýerime geçip
oturdym-da:

— Ýöne welin gygyrmaň. Ýuwaşja oturyň-da, maňa mert adam ýaly gulak asyň.
Men size hakykaty antjak, siz bolsa, miss Meri, özüňizi ele alyň, sebäbi ol hakykat
ýakymsyz hakykatdyr, ony diňlemek hem size agyr düşer, ýöne dagy-da alaç ýok.
Bu siziň aga diýýänleriňiz düýpden agalaryňyz däl, olar kezzaplar, baryp ýatan
mugthorlar. Ine görýäňizmi, şundan erbedi bolasy ýok, galanlaryny bolsa siz
aňsatlyk bilen çekip bilersiňiz — diýdim.
Belli zat, muňa ol allaniçigsi boldy; emma meniň welin ýolum açyldy, şundan soň
men göni-göni atyşdyryberdim, şeýdip oňa hemmesini bolşy ýaly edip gürrüň
berdim, onuň gözi hanasyndan çykaýjak boldy; parohoda münjek bolup duran şol
sansyz oglana duşanymyzdan başlap, tä miss Meriniň öýleriniň öňünde korolyň
boýnuna zyňşyna, korolyn bolsa ony bassyr ýigrimi gezek ogşanlygyna deňiç
gürrüň berdim, şonda miss Meriniň ýüzi agşam şapagy ýaly gyzaryp gitdi, ol
böküp ýerinden turdy-da:
— Ah, ol haýwan! Sen näme dursuň? Sen indi bir minutjyk, bir sekuntjyk-da
wagtyňy ýitirme, bulary garaýaga bulap, ýelege oýkap, derýa oklamak gerek! —
diýip gygyrdy.
Men:
— Hawa-da, şeýtmeli. Ýöne siz olary haçan atmakçy: mister Lotroplara
gitmäkäňizmi, ýa-da… diýdim.
Ol:
— Wah, men näme diýip, näme aýdýanymy-da bilemok. Sen maňa gulak asma,
bolýarmy? — diýip, ýene ýerinde oturdy we özüniň pamyk ýalyjak elini meniň
elimiň üstünde goýdy, özi-de şeýle bir mylaýymlyk bilen goýdy welin, men
pagyşpara eredim-de ähli diýenine razy boldum. — Gaharyma näme diýenimi-de
bilmändirin, ýöne sen dowam etdiriber, men gaýdyp beýtmen. Hany indi sen aýt:
men nädeýin, sen näme et diýseň, şeýtjek — diýdi.
— Ine onda şeýle. Olaryň ikiside baryp ýatan ogry, baryp ýatan kezzap, ýöne
welin nätjek, islesem-islemesem, men olar bilen bile gitmeli boldum, näme uçin
beýle bolanlygyny bolsa, gowusy soramaň; eger siz olar barada gürrüň bersesiz
meni-hä olaryň penjesinden alardylar, maňa-ha gowy bolardy; ýöne biri bar welin
— sizem ony tanaňzok — ana şol kyn güne düşermikä diýýärin. Biziň ony halas
etmegimiz gerek, şeýle dälmi näme? Elbetde, şeýle. Şonuň üçin, gel, olar bara-da
hiç hili gürrüň etmäliň — diýdim.

Ine şu sözlerden soň kelläme bir gowy pikir geldi. Jim bilen birlikde kezzaplardan
nädip gaçmalydygynyň ýoluny bildim: olary bu ýerde türmä basdyryp, özümizem
gaçaýmaly. Ýöne çem gelen sorag berip irizmez ýaly, meniň gündizine salda ýeke
özüm ýüzesim gelmeýärdi, şonuň üçin ykjam garaňky düşsün diýip, agşama
garaşmagy ýüregime düwdüm. Onsoň men:
— Miss Meri-Jeýn, men size näme etjegimizi aýdaýyn, belki, siz hem mister
Lotroplarda köp wagt bolmaly bolmarsyňyz, olar bu ýerden uzakdamy? — diýdim.
— Dört milem ýok-la, şäherden çykanja ýeriňde, beýle ýanynda-la.
— Aý, eýle bolsa bolýar-la. Siz häzir gidiň-de, ol ýerde agşam sagat dokuza ýada
onuň ýaryna çenli arkaýyn oturyň, son bolsa bir zady ýadyňyzdan çykaryp gaýdan
kişi bolup, «öýüňize alyp gaýtmaklaryny haýyş ediň. Eger öýüňize sagat on birden
öň gaýdyp gelseňiz, çyrany ynha şu äpişgäniň öňünde goýuň, eger men şonda
gelmesem, diýmek, meniň sagaman ugradygymdyr, onsoň meniň adama zyýanym
degmez. Şonda siz gidiň-de, bilýänje zatlaryňyzyň barysyny adamlara gürrüň
beriň: goý, ol ogrulary türmä bassynlar.
Ol:
— Bolýar, hut edäýjegim-dä — diýdi.
— Eger birden men gitmän galyp, olar bilen birlikde ele düşäýsem, siz bu zatlary
meniň size bireýýäm gürrüň berenligimi aýdyň we eliňizden geldigiçe meniň
arkamy çalyň. Ol:
— Arkamy çalyň! Elbetde, çalaryn! Saňa barmaklarynam batyryp bilmezler! —
diýdi, şonda görsem, onuň burunlary ýel alyp, gözleri ýanyp dur.
Men:
— Eger men bu ýerde bolup bilmesem, bu ogrularyň siziň hossarlaryňyz däldigini
subut edip bilmerin, asyl şu ýerde bolaýanymda-da subut edip bilmerin. Men, ýöne
olaryň kezzapdyklaryna, gezip ýören ykmandadyklaryna-ha ant içip bilerin, ynha
meniň elimden geläýjek zat şu, ýogsa munuňam-a az-owlak peýdasy bardyr welin
— diýdim.— Emma başga-da adam tapyljak ahyryn, onsoňam olar men ýaly däl,
olara hiç kim şubhelenibem biljek däl. Olary nireden tapmalydygynam men size
aýdaýyn. Hany maňa galam bilen bir bölek kagyz beriň. Ynha: «Jiraf, Brikswill».

Şu kagyzy ykjamja ýygşyryp goýuň, ýöne welin ýitiräýmäň. Eger sud bu iki
ykmandanyň kimligini bilmeli bolaýsa, goý Brikswille adam ibersinder hem-de
«Jirafy» oýnan artistleri tutduk welin, şaýat ibereweriň diýip haýyş etsinler, ana
şonda, miss Meri, gözüňizi açyp-ýummakaňyz bütin şäher şu ýere geler. Onda-da
adamlar gahardan ýana hum ýaly çişişip gelerler.
Men ähli zatlar barada ykjamja gepleşdik öýdýän diýen netijä geldim we sözümi
dowam etdirdim:
— Goý «kim «ýokary» söwdasy» öz ugruna gidibersin, siz alada galmaň. Hiç kim
satyn alan zady üçin şol bada pul tölemeli däl, olar bolsa puly alýançalar şäherden
çykyp gitmekçi däller; biz ähli zady söwda hakyky hasap edilmez ýaly edip
guraşdyrdyk, şonuň üçin olaryň eline pul degmez. Bu-da edil negrleriň satylyşy
ýaly bolar: söwda galp, negrler bolsa basym öýlerine gaýdyp gelmeli. Hawa, onsoň
olar negrleri satanlary üçin hem hiç zat alyp bilmezler. Görüň, Miss Meri, bularyň
nähili çorşaga çolaşandyklaryny, etjek bolsaň-da, mundan beter edip bolmaz! Ol:
— Örän gowy, onda men häzir ertirlik edinmäge gitjek, ondan hem göni mister
Lotronlara gitjek — diýdi.
Men:
— ÝOK, miss Meri-Jeýn, munyňyz bolmaz, netije çykmaz, gowusy siz ertirlik
hem edinmän gidiň — diýdim.
— O näme üçin?
— Näme üçindir öýdýäňiz, miss Meri, siziň gideniňizi gowy görýänligim näme
üçindir öýdýäňiz?
— Men muny pikir hem etmändirin; edäýenimde-de bilýän zadym ýok. Ýogsa-da
näme üçin, ä?
— Sebäbi siz gezip ýören hamy galyňlardan däl ahyryn. Aýnalarda gören ýaly,
ähli zady siziň ýüzüňizden görüp oturmaly. Muny emgenmän, çem gelen hem
görüp biljek. Näme siz agalaryňyzyň ýüzüne seredip bilerin öýdýäňizmi? Olar
ertiriňiziň haýyrly bolmagyny dilän bolup ýanyňyza gelerler, sizi öperler, siz
bolsasyz…

— Besdir, besdir! Ýok-ýok, gerek däl! Men ertirligimi hem edinmän gideýin,
begenip-begenip gideýin! ýöne welin men olaryň ýanynda uýalarymy neneňsi
goýup giderkäm?
— Zyýany ýok, gaýgy etmäň. Olar ýene bir azajyk çydasalar bor. Ýogsam
duýdurman-zat etmän gideniňizden bular bir zat aňaýmasynlar. Siz olary görjek
bolmaň, uýalaryňyzy hem görjek bolup oturmaň, şäherde hiç kim bilen duşuşmaň,
ýogsam bolmasa ertir bilen agalaryňyzyň haly niçikdir diýip, goňşyňyz soraýsa,
ählisi ýüzüňizden bildirer duruberer. Ýok, gowusy siz, miss Meri-Jeýn, häziriň
özünde ugraň, olarys bolsa alajyny özüm iýerin. Men siziň tarapyňyzdan
agalaryňyza salam aýtmagyny, uzak wagtlyk gitmän, dynç almaga, ýeriňizi
üýtgetmek üçin ýa-da joraňyzy görmek üçin gideniňizi, agşam aralar ýa-da ertir ir
bilen bolsa gaýdyp geljekdigiňizi miss Sýuzannä aýdaryn.
— Jorasyny görmäge gitdi diýseňiz bolar welin, olara meniň tarapymdan salam
aýdylmagyny islämok.
— Ýeri, islemeseňiz, geregem däl. Ýöne welin ol näme üçin şeý diýip aýdaýmaly
dälmiş, bu ýerde hiç hili erbet zat ýok ahyryn. Munuň ýaly biderek zady etmegiň
kynçylygy ýok ahyryn, onsoňam bu hiç hili hysyrdyly däl; ýogsam durmuşda
biderek zatlar ýaly kömek berýän zat ýok ahyryn; şeýtse, Meri-Jeýn üçin hem
arkaýynçylyk boljak maňa-da hiç hili kynçylygy boljak däl. Onsoň men:
— Ýene bir iş bar: olam şol pully halta — diýdim.
— Hawa, ol indi olaryň elinde; onuň olaryň eline düşüşi ýadyma düşende, men
özümi tüýs akmak saýýaryn.
— ÝOK, siz ýalňyşýarsyňyz. Halta olarda däl. — Aý goýa? Eýsem ol kimde?
— Häzir özümem bilemok. Ýöne ol bir bada mendedi, men ony size berjek bolup
olardan ogurlapdym: onsoň men haltany nirede gizlänimi hem bilýärin, ýöne welin
ol eýýäm şol ýer-de ýokmuka diýýärin. Muna nebsimiň agyraýşyny, miss
MeriJeýn, apdyp diýer ýaly däldir, örän nebsim agyrýar! Men gowusyny etjek
bolup jan etdim, garaçynym, jan etdim! Meni tas tutupdylar, şonuň üçin haltany
ilkinji gabat gelen ýere sokdum, ol sokan ýerim bolsa, görüp otursam, düýpden
bolmaýan ýer eken.

— Aý, özüňi günäläp oturmasana, gowy däl, men muňa ýol hem bermerin, sebäbi
seň dagy-da alajyň bolan däldir, diýmek, sen bu ýerde günäkär hem däl. Sen ony
nirede gizlediň?
Men onuň derdini gozgasym gelmedi, şonuň üçin muňa dilimem aýlanmady. Eger
aýdyp başlaýsam, bu garny haltaly tabytda ýatan ölini göz öňüne getirer — diýip
gorkdum, şonuň üçin men bir minut töwerekleri geplemän durdum-da, ahyrsoňy:
— Miss Meri-Jeýn, rugsat bolsa, men ony nirede gizlänligimi aýtmaýyn. Gowusy,
men ony bir kagyzjyga ýazyp beräýeýin, siz bolsa okaryn diýseňiz, ony mister
Lotroplara barýarkaňyz okaýarsyňyz. Ýeri razymysyňyz? — diýdim.
— Bolýar, razy.
Onsoň men: «Ony tabytda goýdum. Tabydyň başynda aglan gijäňiz ol şol ýerdedi.
Men şonda gapyň ýeňsesinde durdum, özümiňem, miss Meri-Jeýn, size örän ýüregim
awady» diýip ýazdym.
Gijän bir mahaly tabydyň başynda ýeke özüniň oturyp aglaýşy ýadyma düşende,
özümem tas aglapdym; ol haramzadalar bolsa şu ýerde, şularyň öýünde ýatyp, ýene
bulary talajak bolýarlar. Soň kagyzy epleşdirdim-de, oňa uzatdym, görsem, onuň
hem gözüne ýaş aýlanypdyr. Ol meniň elimi berk gysdy-da:
— Hoş, sag bol! Men seniň aýdyşyň ýaly ederin; eger gaýdyp görşüp bilmesek
hem men seni hiç wagt unutman, ýygy-ýygdan seni ýatlap, sen hakda dilegde
bolup duraryn —diýdi. Şeý diýdi-de, ol ýola düşdi.
Men hakda dilegde bolmak? Eger bu meni gowurak tanaýan bolsady, onda bu
ýeňilräk, güýjüniň ýetäýjek zadyna ýapyşardy — diýip pikir etdim. Her niçigem
bolsa, ol men hakda dilegde bolan bolsa gerek — ynha bu şeýle gyzdy. Ol Iuda
barada-da dileg etmäge ýürek edip biljekmikä diýýän. Bir göwnüne düwse, onuň
gaýtjak zady ýok! Näme diýseňiz diýiň welin, men-ä onuň erki her bir gyzyňkydan
köpdür diýjek; göwnüme bolmasa, onuň erki çakmak daşy ýalydy. Bu öwgi ýaly
bolup görünse-de görner, emma bu ýerde çigit ýalak-da öwgi ýok. Owadanlygyny,
hoşgylyklygyny dagy-ha aýtsaň, oňa taý gelip biljek ýok. Şol gapydan çykyp gideli
bäri, men ony gaýdyp birjik-de görmedim! ýöne welin men ony köp-köp gezek,
milýon gezek dagy ýatladym. Onuň sen hakda dilegde borun diýeni hem
ýadymdan çykanok; eger dilegimden azda-köpde peýda boljagyny bilsemdim, ynha
haç bar, menem ol hakda dilegde bolardym.

Meri-Jeýn ýeňseki gapydan çykan bolsa gerek, sebäbi ony gören bolmady. Men
Sýuzanna bilen Towşan Dodaga gabat gelen dessime olardan:
— Siziň derýaň aňyrsyndaky myhmançylyga gidýän tanyşlaryňyzyň familiýalary
kim bolmaly? diýip soradym.
Olar:
— Biziň ol ýerde tanşymyz köp, ýöne biz köplenç Proktorlara gidýäris —
diýişdiler. Men:
— Familiýa-ha, şol, tas ýatdan çykaran ekenim. Biler bolsaňyz, miss Meri özüniň
şolara gidýenligini, özünem örän howlukmaç gidýänligini, sebäbi olarda kimdir
biriniň kesellänligini size aýtmagymy tabşyrdy — diýdim.
— Kimkä ol?
— Bilmedim, ýadymdan çykypdyr, ýöne göwnüme bolmasa…
— Huda-ýeý, Ganna-ha däldir-dä?
— Sizi gynandyrasym-a gelenok welin, dagy-da alaç ýok, kesellän hut şonuň özi
bolmaly.
— Taňrym-eý, ol geçen hepdede sagdy ahyryn! Onsoň ol gaty heläkmikä?
— Bir zat diýseň, bärden gaýdýarmyş, şeýle agyr keselmiş! Miss Meri-Jeýn:
uzynly gije onuň başujuny saklaýa geçiripdirler, ol indi ýeke günem ýaşamaz
diýýärler — diýdi,
— Görsene! Oňa näme bolýarmyş?
Men bir bada hiç hili degerli zat tapmadym-da:
— Hapgyrtma degipmişin — diýdim.
— Hapgyrtma seniň eneňe degendir! Eger oňa hapgyrtma degen bolsa, uzynly
gije daşyny alyp oturmazdylar!

— Oturmazdylar? Bir zat aýdyp goýberiberýärler-ow! Ýok, biler bolsaňyz, şeýle
hapgyrtma degende, hökman oturýarlar. Ol düýpden üýtgeşik hapgyrtma. Miss
Meri-Jeýniň aýtmagyna görä, ol täze bir tüýsli hapgyrtmamyş.
— O nähili täze hapgyrtmamyş?
— Aý, gaýra üzdürýän, beterledýän hapgyrtmamyş-da.
— O nähili beterledýän?
— Aý, gyzamyk bar, gökbogma bar, beze bar, inçekesel bar, sarygetirme bar,
beýni çişmesi bar, kesel gytmy näme?
— Eý toba! Ýene hapgyrtmamyşmy?
— Miss Meri-Jeýn şeý diýdi.
— Ýogsa-da oňa näme üçin hapgyrtma diýýärlerkä?
— Sebäbi ol hapgyrtmaň edil özümiş, şondan hem başlanýarmyş.
— Düşünýän däldirin, muny-a ugry-utgasy bolmady. Diýeli, biri barmagyny
agyrdypdyr, onsoň ýakmaz bir zat iýip içi bozulypdyr, soň hem guýa gaçyp,
boýnuny oňurdypdyr, şol wagtam biri gelip, bu näme bolup öldi diýip sorapdyr,
başga birem: «Barmagy agyryp öldi» diýipdir, heý onsoň şunuň manysy bor
öýdýärmiň, hiç hili manysy bolmaz. Edil şonuň ýaly häzirki aýdýanyňda hem
many ýok, bir ugursyz zat. Onsoň ol ýokanjammyşmy?
— Ýokançlymyşmy? Edil borona ýalymyş: garaňkyda boronaň hem gapdalyndan
geçseň, hökman dişi ilişýär, özem bir dişi ilişmese beýlekisi ilişýär, şeýle gerek?
Onsoň ol dişden sypjak gümanyň ýok, gaýtam borona tutuşlygy bilen yzyňdan
süýrenip gelýär, dogry gerek? Ine onsoň bu hapgyrtma boronaň dagyňam çaky
dälmiş, bir degse, sypjak gümanyň ýokmuş.
Towşan Dodak:
— Bu ýaman gorkunç eken. Men häziriň özünde Garweý kakamyň ýanyna
gidip… — diýdi.

Men:
— Ýogsam näme, gitmeli! Seniň ýeriňde bolsam, özümem giderdim. Bir minut
dagam eglenmezdim — diýdim.
— Onda näme üçin gideňok?
— Pikir edip görseň, özüňem bilersiň. Sebäbi agalaryňyz mümkin boldugyça
basym öýlerine, Angliýa gaýtmaly ahyryn. Ýeri, onsoň Sen: olar haramzadalyk edip
sizi taşlap giderler, siz hem bütin ýoly olarsyz geçmeli bolarsyňyz öýdýärmiň? Sen
olaryň özüňize garaşjakdyklaryny bilýärsiň ahyryn. Indi yzyna gulakas. Seniň
Garweý kakaň ündewçi. Orän gowy. Heý, ündewçi parohod agentligini aldarmy?
Miss Merini parohoda goýbertmek üçin heý ol gämi agentini aldarmy? Ýok, bilşiň
ýaly, aldamaz. Onda ol neme eder? Ol: «Nedeýin, gynanýan, ýöne buthana işi goý
mensiz oňubersin, sebäbi. meniň jigijigime kän sanly hapgyrtma degipdir, indi bolsa
meniň mukaddes borjum: şu ýerde üç aýlap onuň kesellejegini,
kesellemejegini biljek bolup garaşyp oturmak» diýer. Ýöpe sen Garweý kakaňa bir
zat diýjek bolsaň, hiç zatdan çekinme…
— Çekinmän näme! Onsoň biz ählimiz birlikde Angliýada keýp çekip ýaşajak
bolup durkak, bu ýerde Meri-Jeýn kesellärmikä, kesellemezmikä diýip, garaşar
oturarys öýdýärmiň? Tapdyň senem bir zady!
— Her niçigem bolsa, goňşularyň birine gürrüň berläý-se, nähili bolarka?
— Munuň aýdýanyny. Beýle samsygy ömrüme gören däldirin! Olaryň gidip,
ählisini gürrüň berjeklerine sen neneňsi düşüneňok? Diňe bir ýol galýar, olam hiç
kime hiç zat aýtmazlyk.
— Bolýar-da seniň mamla bolmagyň hem mümkin… hawa-da, şeýle-de
bolmalyda.
— Ýöne her näme diýseňem, men onuň uzak wagtlyk gitmänligini Garweý
kakama aýtmalymyka diýýärin, ýogsam ol gaýgy eder oturar.
— Hawa, miss Meri-Jeýnem şeý diýip aýdylaýsa —diýdi.
Ol:

— Garweý kakam bilen Uilýam kakama meniň tarapymdan salam aýtsynlar, olary
meniň adymdan ogşasynlar, özem derýaň beýle tarapyndaky mister… mister…
nemelere gitdi diýip aýtsynlar diýdi. Şol Piter kakaňyzyň hormatlan baýlarynyň
familiýalary kim bolmal-a? Meniň aýtjak bolýanym…
— Seniň aýdýanyň, belki, Antroplardyr?
— Hawa, hawa, tüps özi, baý, myrtar familiýalar eken, hiç haçan ýadyňda galjak
gümany ýok! Hawa, ol: hökman «kim ýokary» söwdasyna gelip, şu jaýy satyn alsa
diýip haýyş etmek üçin Antroplara gidýänligimi aýt — dipdi; Piter aga-da jaýyň
başga birine düşeninden şolara düşenini gowy görüpdir; ol: aljak diýäýýänçäler
goýman, onsoň ýadamasam, öýe gaýdaryn, ýadaýsamam öýe ertir gaýdyp gelerin
diýdi. Ol Proktorlar bara-da zat aýt diýmedi, diňe Antroplar barada aýtdy —özem
bularyň barjasy çyn, sebäbi ol jaý barada eşitdirmek üçin olara-da barmakçy; men
muny oňat bilýän, sebäbi maňa özi şeý diýip aýtdy.
Gyzlar:
— Ýeri bolýar-da — diýşip, agalaryny tapyp, olara iberilen salamy, posany we
beýleki tabşyryklary basymrak gowşurmak üçin ylgaşyp gitdiler.
Indi hemmesi ýerbe-ýer boldy. Gyzlar hiç zat aýtmazlar, sebäbi olaryň Angliýa
gidesleri gelýär; korol bilen gersog bolsa Meri-Jeýniň bu ýerde, doktor Robinsonyň
eliniň aşagynda Diýen ýaly oturman, «kim ýokaryň» ugruna çykmak üçin gidenine
monça bolarlar. «Ugruny tapandym öýdýän! Tom Soýer hem şunça oňarmazdy,
ýöne ol fason üçin üstüne oduk-buduk goşuşdyrardy, emma men bu ugurdan dynç,
beýle zat öwrenmändirin» diýip, meniň özümem begendim.:
Hawa, agşamaralar şäher meýdançajygynda «kim ýokary» söwdasy başlandy,
özem örän uzaga çekdi, biziň garrymyz hem şol auksioneriň töwereginde aýlandy
ýördi, mahal-mahal bolsa takwa sözlerden, dini kitaplardan odur-budur getirişdirdi.
Gersog duýgudaşlyk bildirýän kişni bolup, başardygyça düşnüksiz sesler edişdirdi
we hemmeleriň göwnünden turjak bolup jan etdi.
Emma wagtyň geçişi haýaldy, «kim ýokaryň» bolsa yzy gelmeýärdi,
mazarystanlykdaky bölejik ýerden başga ähli zat satylyp bolnupdy. Olar ony hem
satjak bolup jan edýärdiler, bu korol edil žiraf ýaly, ähli zady birden ýuwdaýsam
diýýärdi. Ynha bular şeýdip söwda bilen gümra bolşup durkalar. parohod gelip
durdy, bir-iki minutdan soň bolsa duralga tarapdan uly gykylyk, uly galmagal
bolup märeke döküldi, adamlar ýerli-ýerden:

— Ynha size konkurentler, ynha size ýene iki sany mirasdar. Puluňyzy töläň-de,
halanyňyzy alyberiň! — diýip gygyryşdylar.
XXIX bap
Olar göräýmäge örän mylaýym garry bilen ören mylaýym, ýaşrak, eli saralgy
birini alyp gelýärdiler. Baý, taňrym, olaryň gygyryşaýyşlaryny, gülşäýişlerini! Bir
söz bilen, olar diýseň hezil edişýärdiler. Meniň özüm-ä bu ýerde güler ýaly
nämäniň barlygyny bilmedim, korol bilen gersog hem gülküden bizardylar;
dogrusyny aýtsam, olar gorkarlar öýdüpdim. Emma bu beýle bolmady: olar
birjigem ejizlemediler. Gersoga nämäň nämeligine düşünmeýän kişi boldy,
özünden göwni hoş halda eýläk-beýläk şadyýan gezmeledi, aýrany julkuldaýan
küýze ýaly, dilini esredip ses etdi; korol bolsa dünýäde beýle-de kezzap, näkes
adamlar boljak ekenligine ýüregi gyýylýan kişi bolup, olara gaýgyly seretdi. Muny
ol örän başardy. Özüne göwni ýetäýýänleriň hemmesi özleriniň korolyň
tarapyndadyklaryny bildirjek bolup, onuň töweregine üýşdi. Ýap-ýaňy gelip düşen
goja göreýmäge halys özüni ýitirdi. Soň ol gürläp başlady, men onuň gepleýşiniň
tüýs iňlis adamsynyňky ýalydygyny bada-bat gördüm, korolyň ökünmesem-ä hiç
neneň däl welin, onuň gepleýşi korolyňky ýaly däldi. Onuň aýdanlaryny aýdyşy
ýaly edip, gaýtalap biljek däl, edeýin diýenimde-de, men muny oňarjak däl. Ol
duran märekä tarap öwrüldi-de, takmynan, şeýleräk diýdi:
— Men beýle oslagsyz zat bolar diýip garaşmandym we dogrymy aýtsam, muňa
taýýarlygym erbet, sebäbi inim ikmiziňki ugruna däl: ol elini döwdürdi, ýükümizi
bolsa öten agşam ýalňyşlyk bilen başga bir şäherde düşüripdirler. Men Piter
Uilksiň dogany Garweý, bu bolsa onuň dogany lal Uilýam bolmaly; ol gepläbem
bilenok, gulagam zat eşidenok, häzir bolsa ýeke el halyna ol yşarat hem edip
bilenok. Biz ol diýilýän adamlaryň özi; ynha bir-iki günden ýükümizi alarys weliň,
men muny size subut ederin. Şoňa çenli bolsa meniň aýtjak-goýjak zadym ýok,
häzirem myhmanhana gidip, şol ýerde garaşjak ýatjak.
Şeý diýdi-de, ol ýanyndaky samsyjagyny alyp ýola düşdi; korol bolsa hahahaýlap
olaryň üstünden gülmäge durdy:
— Ah, ol elini döwdürdi diýsene! Çyna berimsiz zat, şeýle dälmi? Lal endiklerini
bilmeýän kezzap üçin tüýs bolaýjak bahana! Ýükümiz azaşdy diýýärlermi? Örrän
gowy zat! Özem şeýle ýagdaýlarda ynanylaýjak gaty mekir bahana! Şeý diýip, ol
ýene güldi, üç-dört adamdan, köp bolsa bäş adamdan beýlekileri hem gülüşdiler.
Gulmän saklananlaryň biri şol doktordy, ikinjisi gözleri oýnaklap duran, köne

modada tikilen haly torbaly jentlmendi; ol ýap-ýaňyja parohoddan düşüpdi; olar
doktor ikisi ýuwaşja gürleşip durdular, mahal-mahal hem korola tarap seredişip,
bir-birlerine başlaryny atyşýardylar; ol aklawçy Lewi Belldi, işi çykyp Luizana
barýardy; üçünji bolsa daýaw, eginlek bir pyýadady, ol ýakynjaga süýşüp geldi—
de, garrynyň aýdanlaryny diňledi, indi bolsa korolyň aýdýanlaryny diňleýärdi.
“Korol gürrüňiniň arasyny keseninde, ýanky eginlek:
— Gulak goýuň, eger siz Garweý Uilks bolýan bolsaňyz, bu ýere, şähere haçan
geldiňiz? — diýdi.
Korol:
— Piter jaýlanylmaka geldik, dost — diýdi.
— Ol wagt günüň haýsy wagtydy?
— Agşam aralarydy, gün ýaşmagyna bir-iki sagat galypdy.
— Nämeli gelipdiňiz?
— Men Sinsinnatiden gelýän «Sýuzen Pouele» münüp gelipdim.
— Eger şeýle bolsa, ertir bilen gaýykly burnuň ýanyna nireden geldiňiz?
— Men burnuň ýanynda bolamok.
— Heý, kezzabyň biri kezzab-eý!
Onuň ýanyna birnäçe adam ylgaşyp gelip, oňa ýaşuly ündewçi bilen edepliräk
gürleşewer diýip ýalbaryp başlady.
— Nireden ol ündewçimiş! Ol tüýs bir kezzap ahyryn. Özem ýetişibildiginden
ýalan sözleýär. Ol şonda ir bilen burunda boldy. Bilýäňizmi, men şol ýerde
ýaşaýaryn ahyryn. Şo ýerde olam boldy, menem boldum. Men ony gördum. Ol
Tom Kollins bilen, ýene-de bir oglanjyk bilen gaýykly geldi.
Şol wagt birden doktor:
— Haýns, eger siz şol oglanjygy görseňiz tanarmydyňyz? — diýdi.

— Tanaryn-a öýdýän, ýöne hökman tanaryn diýip biljek däl. Wiý, ynha ol dur
oguşýan, görenimden tanadym. Şeý diýip, ol meni görkezdi. Doktor:
— Näme diýseňizläň, dostlar, bu täze gelenleriň aldawçydyklaryny, aldawçy
däldiklerin-ä bilemzok welin, şol ikisi kezzap bolmasa, meniň akmak boldugym.
Meniň pikirimçe, bu işiň aňyrsyna ýetýänçäk gaçyp gidibermez ýaly, bulary göz
astyna almak gerek. Geliň, bu ýigitleri myhmanhana äkidip, şol ikisi bilen
ýüzleşdireliň. Meniň çakym çak bolsa, bularyň üstüni açmaga wagt köp gerek
bolmazmyka diýýärin, nämäň nämeligi derrew bildirer — diýdi.
Korolyň dostlary halamasalar-da, bu märeke üçin duran bir hezillik boldy. Gün
ýaşaňkyrlap barýardy. Doktor meniň elimdeň tutup barýardy, özi hem meniň bilen
örän mylaýym gürleşýärdi, emma elimi bir minutjygam sypdyrmaýardy.
Biz myhmanhanada ullakan bir otaga girdik we çyrany ýakyp, ýaňky gelenleri
çagyrdyk. Ilki bilen doktor:
— Men öňki ikiler üçin onçakly birehim boljak däl, ýöne ähli adam bulara Piteriň
doganlary däldir diýýärler, belki, bularyň ýaranlary-da bolsa bardyr, ýöne biz
bilýän däldiris. Eger bar bolsa, olar Piter Uilksden galan altynly haltany alyp gaçyp
bilmezler öýdýäňizmi? Bolaýjak zatdyr. Eger bular aldawçy däl bolsalar, goý, şol
puly getirtsinler we özleriniň kimdigini anyklaýançak pullary bize saklamaga
bersinler, şeýle dälmi näme? — diýdi.
Hemmeler munuň bilen razylaşdy. Haý, biziň kompaniýamyzy gysaja aldylar-ow,
işi çylşyrymlaşdyrdylar-ow diýip pikir etdim! Emma korol diňe olara ünjüli
seretdi-de:
— Jenaplar, eger pullar şu ýerde bolan bolsa, men örän şat bolardym, sebäbi men
bu gynandyryjy ýagdaýyň ak ýürekden, gönümel we düýpli barlanmagyna düýpden
garşy däl; emma welin, haýp, ol pullar ýok: isleseňiz adam iberip, barladyp
bilersiňiz? — diýdi.
— Onda ol pullar niredemiş?
— Jigim altyny maňa saklamaga bereninde, men ony aldymda, öz krowatymdaky
saman düşekçä gysdyraýdym, sanlyja gün üçin pullary bankda goýup oturmaýyn
diýdim: men gidýänçäk krowat iň berkräk ýerdir öýtdüm, sebäbi biz negrlere
öwrenişip bilmändik, olar edil biziň Angliýamyzdaky negrler ýaly arassadyr

öýtdüm. Negrler bolsa aşak düşen günümiň ertiri pullary ogurlapdyrlar: negrleri
satýançam ol pullar ýadymada düşmändir, şeýdip, olar pullary alyp gidipdirler.
Jentlmenler, muny size meniň hyzmatkärim hem aýdyp biler.
Doktor bilen ýene biri: «Boljak zat däl» diýdiler. Görsem, eýlekilerem oňa
ynanyp baranoklar. Biri menden negrleriň altyny ogurlanyny gördüňmi? — diýip
sorady. Men: ýok, göremok, ýöne olaryň otagdan ýuwaşja basyşyp çykanlaryny we
çalt-çalt ýöräp gidenlerini-hä gördüm; emma men beýle zady oýuma-da getiremok,
ýöne olar hojaýyny oýadaýmaly diýip çekinýändirler we turup bir zat diýmänke
gaçaly diýendirler öýtdüm — diýdim. Menden şundan başga zat soramadylar. Şol
wagt doktor maňa tarap öwrüldi-de: — Senem iňlismi? — diýdi.
Men hawa — diýdim, ol hem ýene bir topary gülüşdiler we «Ugursyz-da»
diýişdiler.
Soň olar şol derňew diýýänlerine başladylar, baý, bir hysyrdysy bol-da! Ol telim
sagada dagy çekdi, agşam nahary barada bolsa ýatlan bolmady, asyl ony
unudaýypdyrlaram öýdýän. Olar şol derňediler oturdylar, derňediler oturdylar,
ahyrsoňam şeýle bir bulaşyklyk boldy welin, aýdyp diýer ýaly däl. Olar korola
hemmesini özüçe aýtdyrdylar; soňra täze gelen goja hem hemmesini özüçe gürrüň
berdi; bu ýerde yndarma bir samsyk bolaýmasa, her bir adam hem gelen gojanyň
dogrusyny aýdyp, korolyň hem ýalan sözleýenligini bilip biljekdi. Onsoň olar
maňa bilenimi aýtdyrdylar. Korol maňa tarap gyňralyp bir seretdi welin, men
derrew berkräk durmalydygymy aňdym. Men Şeffildler barada, ol ýerde
ýaşaýşymyz barada, iňlis Uilksleri barada we ýene şuňa meňzeşler barada gürrüň
edip başladym welip, doktor birden loh-loh edip güldi, aklawçy Lewi Bell bolsa
sözümiň arasyny kesdi:
— Oturyber, ogul, özüm-ä seniň ýeriňde bolsam, beýle jan çekmezdim. Sen ýalan
sözlemäni bilmeýän bolara çemeliň,hiç gürrüňiň ugry ýok, tejribäň ýokmy,
nämemi. Gürläňde, agzyň aýdýanyňy gulagyň eşidenok.
Men öwgä kowalaşmaýardym, emma ahyrsoňy başymdan sowlanlaryna welin ören
begenýärdim. Doktor nämedir bir zat diýjek boldy we öwrülip söze başlady: —
Eger, Lewi Bell, siz şeherde başdan bäri bolan bolsaňyz…
Onýança korol onuň sözüniň arasyny böldi-de, aklawça tarap elini uzatdy we:
— Asyl bu meniň agam pahyryň köne dosty oguşýan, ol bu barada hatynda köp
ýatlardy — diýdi.

Olaryň aklawçy ikisi bir-birleriniň ellerini berk gysyşdylar, aklawçy muňa örän
begenýän ýaly ýylgyrdy; olar ýene biraz gürleşdiler, soň bir çete çekilip
pyşyrdaşyp ugradylar; ahyrsoňy aklawçy:
— Şeýdäýeris. Men siziň çekiňizi alarynda, doganyňyzyň çeki bilen birlikde
ibererin, onsoň olar hemmesiniň ýerbe-ýerdigine gözlerini ýetirerler — diýip
gygyrdy. Olara kagyz, galam getirip berdiler, korol stoluň başyna geçdi, kellesini
bir gapdala gyşartdy we dodaklaryny müňküldedip, bir zat-bir zatlar çyzyşdyrdy;
soň galamy gersoga berdiler, gersogyň ýüzi geleli bäri ilkinji gezek aljyraňňy
göründi. Her näme-de bolsa, ol galamy eline alyp, ýazyp başlady. Şondan soň
aklawçy täze gelen goja tarap öwrüldi-de:
— Siziň hem doganyň ikiňiziň bir-iki setir ýazyp, goluňyzy çekmegiňizi
soraýaryn — diýdi.
Goja bir zatlar-bir zatlar ýazyşdyrdy, emma hiç kim onuň hatyna düşmedi.
Görnüşi ýaly, aklawçy örän geň galyp:
— Düşýän däldirin! —diýdi.
Ol jübüsinden bir petde köne hat çykaryşdyryp, ilki hatlara, soňra gojanyň
ýazanyna, soň ýene hatlara seredip:
— Ynha-ha Garweý Uilksiň hatlary, ynha-da bu iki hat, hatlaryň başga poçerk
bilen ýazylanlygy köre-de mälim (korol bilen gersog özlerini aklawçynyň
aldandygyny aňdylar we ýüzleri boz-ýaz bolyp gitdi), ynha bu-da bu jentlmeniň
poçerki, bu hatlay onuň hem ýazmanlygyna her kim emgenmän göz ýetirip biler,
aslyýetinde bu çyzyklara poçerk hem diýer ýaly däl. Ynha bu-da nemeden gelen
hat… — diýdi.
Onýança täze gelen goja: — Rugsat bolsa, bir düşündirewereýin. Meniň hatyma
doganymdan başga hiç kim düşüp bilenok, şonuň üçin ol her gezek meniň hatymy
täze kagyza göçürip alýar. Siz meniň poçerkimi däl-de, onuňkyny gördüňiz —
diýdi. Aklawçy:

— Ýeri-ýeri! Hokga çykarmaň! Mende Uilýamdan gelep hatlar hem bar, zähmet
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.