Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16

Total number of words is 4055
Total number of unique words is 1948
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çykaryp taşladym; men özüme: ýene öňkim ýaly günä ediberjek, bary bir idili zat
öwredilmänsoň, takdyrym şeýledir. Ilki bilen janymy gaýgyrman, Jimi
gulçulykdan halas etjek; eger mundan beterräk zat ýadyma düşse, beterräginem
etjek; öňi-soňy köýmeli bolsam, biderek bir köýmäýin — diýdim.
Şonda men işe nähili girişjekligim barada pikir edip başladym, kellemde bir topar
pikir öwürdim, ahyrsoňy hem bir zady, iň bolaýjak zady göwnüme düwdüm. Men
derýadan birneme aşakdaky gür tokaýly agajygyň ýerleşişini ykjam synladym we
garaňky gatlyşan dessine saly gizläp goýan ýerimden çykardym, ada ýüzüp geçdim
we ony şol ýerde gizläp uka gitdim. Men uzynly gije ýatypdyryp, onsoň daň saz
bermänkä ýerimden turdum, ertirlik edindim, magazinden satyn alan täze
geýimlerimi geýişdirdim, galan eşiklerimi we beýleki oduk-buduk zatlarymy
düwünçege düwüp, gaýyga mündüm we kenara ýüzüp geçdim. Men Felisiň
plantasiýasy şu ýerdedir diýip çaklan ýerimden birneme beýleräkde düşledim,
düwünçegimi tokaýda gizledim, gerek bolaýanynda aňsatja tapyp bolar ýaly,
gaýygy kiçijik derýanyň üstüne abanyp duran agaç kesýän maşyndap çärýek
millikde içine suwdur daş salyp, suwa batyryp goýdum.
Şondan soň ýola çykdym, agaç kesýän maşynyň ýanyndan geçip barýarkam, onuň
ýüzündäki: «Felisiň agaç kesýän maşyny» diýen ýazga gözüm düşdi, mülke ýetip
(mülk iki-üç ýüz metr aňyrrakdady), näçe garanjaklasam-da, gündiziň günüligine
garamazdan, hiç kime gözüm düşmedi. Emma munuň meniň üçin parhy ýokdy,
sebäbi men entek hiç kim bilen gürleşmekçem däldim. Men diňe olaryň niresinde
nämesiniň barlygyny görsem bolýardy. Meniň planym boýunça, ol ýere derýa
tarapdan däl-de, şäher tarapdan gelmelidi. Men diňe eýläme-beýläme göz
aýladymda, ýene ýöräp ugradym! Onsoň siz nähili bolandyr öýdýäňiz? Meniň ol
ýerde ilkinji duş gelen adamym gersog bolsa nätjek. Ol edil geçen gezekki ýaly:
«Žiraf», diňe üç gezejik görkeziljek»—diýen afişany ýelmäp durdy. Baý, bu
žulikleriň utançsyzdyklaryny! Men oňa oslagsyz barýarkam gabat geldim,
gizlenmäge ýetişmedim. Ol geň galan kişi bolup:
— Bo-how! Sen nireden peýda bolduň? — diýdi. Soň bolsa begenenem boldy: —
Hany onsoň sal nirede? Sen ony oňatja gizlediňmi? — diýdi.

— Siziň alyjenabyňyz, menem sizden edil şuny soražak bolup durdum.
Şeý diýdim welin, ol näme üçindir begenmesini goýdy-da:
— O näme üçin muny menden soramakçy bolýaň? — diýdi.
— Aý, düýn piwohanaň ýanynda koroly göremde, biz ony wagty bilen sala eltip
bilmeris, ol haçan pýançylykdan açylsyn diýip pikir etdim; şonuň üçin men şähere
entemäge gitdim, bir ýerde-hä wagt geçirmeli ahyryn! Onýança bir adamgeldi-de:
gaýygyň bilen derýan aňyrsyna geçirseň we ol ýerden bir goç ýükläp getirip
berseň, on sent bereýin diýdi; men onuň yzyna düşüp gitdim; goçy gýyga saljak
bolanymyzda, ýaňky adam maňa ýüpi tutdurdy-da, özem goçuň yzyndan itip
başlady; emma goç maňa başartmady, ol elimden sypyp, zut gitdi, biz hem
yzyndan eňdik. Ýanymyz bilen it almamyzsoň, kenar bilen goçuň yzyndan özümiz
ylgamaly bolduk, tä mejaldan gaçynça kowaladyk. Biz garaňky düşinçä yzyna
düşdük, onsoň ony şähere getirdik, men salyň ýanyna gaýtdym. Gelip görsem, sal
ýok. «Haý, bulara bir zat bolandyr-ow, negri zadam alyp gidendirler-ow! —
diýdim
— Ol meniň bar negrimdi, özüm bolsam keseki ýerde hiç hili emlägim ýok,
ölmez-ödüligimem gazanyp biljek däl» diýip agladym. Gijäni hem tokaýda
geçirdim. Ýöne her niçigem bolsa, sal nirä ýok bolduka? Jim niredekä? Görgüli
Jim!
— Men nireden bileýin… ýagny saly näbileýin. Bu akmak çal bu ýerde
odukbuduk satyp, kyrk dollar alan bolara çemeli, piwohanadan gözläp tapamyzda
bolsa, onuň içenine töläninden başga pullaryny ogurlan ekenler. Gijäniň bir wagty
öýe alyp gelemde, sal hem ýerinde ýok eken, onsoň biz: « Bu zaňňarjyk salymyzy
ogurlap, bizi taşlap, derýa bilen aşaklygyna ýüzüp gidendir» — diýişdik.
— Ol nähili men negrimi taşlap gideýin? Ol meniň barja negrim, barja zadym
ahyryn.
— Bu biziň ýadymyza-da düşenok. Oňa öz negrimiz diýip ýörmäge
öwrenişipdiris, ynha ýagdaý şeýle… Hawa-da, ony özümiziňki hasap edýärdik,
ýogsam näme: biz onuň yzyna az düşmedik ahyryn. Salyň gidenligine we hiç
zadymyzyň ýoklugyna göz ýetirip, biz: «Žirafy» ýene bir gezek synap göräýsek
neneňsi bolarka diýişdik? Başga edip biljek zadymyz ýok. Ine men şol jan çekip
ýörün, ertirden bärem agzyma zat alamok; Seniň şol on sentiň nirede? Hany ony
bärik al!

Meniň pulum ýeterlikdi, şonuň üçin oňa on sent berip ony dine iýer ýaly zada
harçlamagyny, maňa-da bir azajyk bermegipi haýyş etdim, sebäbi düýnden bäri
iýen zadym ýok diýdim. Gersog munyma hiç hili jogap bermedi. Onsoň ol maňa
tarap öwrüldi-de:
— Sen nähili pikir edýäň, ol negr bizi şugullaýmaz-a? Ýamanlaýsa, biz onuň
hamyny sypyrys! — diýdi.
— O nähili şugullasyn! Ol gaçyp gidipdir ahyryn! Ýok-la, walla! Bu samsyk
garry ony satypdyr, pulyny bolsa meniň bilen paýlaşmadam, şeýdip, pullar
biderejik köýüp gitdi.
— Satypdyr?—diýip, men aglap başladym. O nähili beýle bolýar… ol meniň
negrimdi ahyryn, puly hem meňki bolmaly ahyryn… Nirede ol? Beriň meniň
negrimi!
— Hiç kim saňa negri bermez boljak iş bolup dyndy şonuň üçin horkuldyňy
besedäý. Gulak as sen-ä bizi şugullamany göwnüňe düwýän dälsiň? Hudaý ursun,
men saňa çigit ýalyjak hem ynanamok. Häzir bol, şugullaýsaň, oňly bolmarsyň.
Ol dymdy, emma men onuň gözleriniň şeýle gaharly bakyşyna hiç haçan gabat
gelmändim. Men aglamamy goýmadym, özüm bolsam:
— Men hiç kimi şugullamakçy däl, muňa elim hem degenok; men gidip, negrime
gözlemeli diýdim.
Görnüşi ýaly bu oňa onçakly ýaramadyk bolara çemeli: bir salym durup pikir etdi,
elindäki afişalar bolsa ykjaşyp dur; soň ol gaşyny çytdy-da:
— Men saňa bir zat aýdaýyn. Biz bu ýerde üç gün dagy bolmaly. Eger agzyňy
açman gezerin, negre-de bizi şugullatman diýip söz berseň, men saňa ony nireden
gözlemelidigini öwrdeýin — diýdi.
Men söz berdim, ol:
— Negr bir fermerlerde bolýar, fermeriň adyna-da Saýlas Fe…— diýip, birden
dymdy.

Bilseňiz, ol ilki dogrusyny aýtmakçy boldy, soň bolsa durup böwrüni diňledi-de,
pikirinden döndi. Bu şeýle bolsa gerek, her näme diýseňem, ol maňa janyny
ynanmaýardy, şonuň üçin päsgel bermez ýaly, meni bu ýerden üç günlük ýok etjek
bolýardy. Ol birazrak geplemän durdy-da:
— Ony alan adamyň adyna Abram Foster, Abram J. Foster diýýärler, özem
Lafeýete gidilýän ýoluň ugrunda ýaşaýar, ol bu ýerden kyrk mil çemeleri bardyr—
diýdi.
— Ýagşy, üç günde men o ýere ýeterin. Şu günüň özünde ugraryn — diýdim.
— Ýok, şu günüň däl, häziriň özünde ugra, wagtyňy ýitirip, ýolda biderek
lakgyldap ýörme! Diliňe berk bol, özüňem çaltrak ýöräp git, şonda bizden
ýamanlyk görmersiň, düşdüňmi?
Ynha men şu buýruga garaşýardym, maňa geregem şudy. Işe girişiberer ýaly,
elimi boşatsam bolýardy.
— Hany, onda ugra—diýdi,—onsoň mister Fostere gürrüň beresiň gelen zady
gürrüň beriber. Belki, ol negr meniňki diýseň,. ynansada ynanar, dünýäde
dokument soramaýan akmak gytmy? Galp bildiriş bilen sylag barada gürrüň berip
başlanyňda, munuň näme üçin gerek bolanlygyny sen oňa düşündir, belki, ol seniň
gepiňe ynanar. Indi bolsa ugra, ona gürrüň beresiň gelen zady gürrüň ber, ýöne
welin häzir bol, barmaly ýeriňe barýançan, diliňe berk bol!
Men derýa tarapdan şol ugra ýöräp ugradym we bir gezek hem yzyma gaňrylyp
seretmedim; men onuň yzymdan syn edýänligini bilýärdim, ýöne welin meniň bary
bir, onuň ýüregine düşjekligime-de ynanýardym. .Men ýeke gezekde aýak çekmän,
şol ugra tarap bir milräk ýöredim; soňra tokaýyň içi bilen yzyma öwrülip, Felpsiň
mülküne gaýdyp geldim. Men uzaga çekip durman, işe bada-bat girişmegi
ýüregime düwdüm, sebäbi bu ýeksurunlar birneme arany açýança, Jime diliňe häzir
bol diý-melidi. Bolmasa, bu topar bilen ýene bir zadyň üstünden baraýmagyň
mümkindi. Men bulary görüp-görüp, görmez bolamsoň, gaýdyp bular bilen iş
salşasym gelenokdy.
XXXII bap

Men mülke ýetenimde, daş-töwerek, ýekşenbe güni ýaly ümsümlikdi, yssydy, gün
çykyp durdy, howadan bolsa tomzakdyr siňekleriň wyzzyldylary gelýärdi, şol
zerarly ähli janly-jandar ölen ýaly, örän ýürek gysgynçlykdy; munuň üstesine
şemal öwsüp, ýapraklary dagy çygşyldadaýsa, depe saçyň üýşüp gidýärdi,
göwnüňe bolmasa, alarwahlar bilen bir wagtky ölüp giden adamlaryň ruhlary
pyşyrdaşýan ýalydy we olaryň gürrüňi hemişe sen hakda ýaly bolup durdy. Şonuň
üçin seň ölüp-ýitip gideniňi gowy görýärdiň, şu azaplardan hem basymrak
dynylsady diýýärsiň!
Felpsiň plantasiýasy ählisi bir adama degişli bolan kiçijik, sandan galan
plantasiýajyklardakdy. Agaç haýatly howlusynyň giňligi bolaýsa iki akrdy;
haýatdan aşyrylyp geçmek we aýallaryň ýaba münmekleri aňsat bolar ýaly, haýatyň
düýbüne galan-gaçan töňňelerden edilen merdiwanjyk goý-lupdyr, ol töňňeler
ululy-kiçili çelejikler ýaly, bir-birinden keltedi, howlyň käýerinde saralyşyp oturan
otlar bardy, emma howlyň köp ýeri çitimi çykyp duran şlýapa ýaly, debisgilenen
takyr ýerdi; aklaryň ýaşaýan ullakan jaýy ýylmanylan pürslerden edilip, yşlary
palçykdyr sement bilen suwalypdyr, ýokarsy agardylypdyr, ýöne welin öňräk
agardylypdyr; kuhnýa ýylmanmadyk pürslerden edilip, jaýa uzyn we giň tagta bilen
birikdirilipdir, tagtanyň aşagynda sütün, ýokarsynda hem kryşa bardy; kuhnýanyň
arka tarapynda et kakadylýan tagta jaý, ol jaýyň beýle tarapynda bolsa bir hatar
bolup oturan üç sany negr külbesi bardy, bir kiçijik hütdük hem howlyň o
burçunda, edil haýatyň düýbünde özbaşyna otyrdy; howlyň beýle tarapynda bolsa
bir topar ownuk jaýlar bardy: hütdügiň gapdalynda bir üýşmek kül bilen sabyn
gaýnadylýan ullakan gazan ýatyrdy, kuhnýanyň gapysynyň öňünde bir bedre suwly
we kädi salynýan çüýşeli skameýka durdy; şol ýeriň gapdalynda bolsa bir it
güneşläp ýatyrdy, aňry ýanynda ýene-de bir topar it bardy, howlynyň burçunda üç
sany saýaly agaç, haýatyň bärsinde smorodina we kryžownik agaçjyklary; haýatyň
aňyrsynda bolsa garpyzdyr beýleki gök ekin bardy, ondan aňyrsy gowaça
plantasiýasy, plantasiýanyň asyrsy hem tokaýçylykdy.
Men daş-töweregi aýlanyp çykdym, howlyň aňry tarapyndan külüň ýanyndan
agaç bölekleriniň üstünden ätläp geçdim. Esli ädim geçenimden son, gulagyma
çarhyň zaryn sesi geldi, ol kä gaty çykýardy, kä bolsa düýpden ýitip gidýärdi, ine
şundan soň men hakykatdanam ölesim geldi, sebebi bu dünýädäki iň zaryn sesdi.
Men çak bilen göni öňe tarap ýöräp gitdim, hiç zady pikir etmän, diňe hudaýa
sygyndym, eger gerek bolaýsa, şonuň kömegi bilen bir zat-bir zatlar diýişdirerin
diýdim; men özüm päsgel bermesem, hudaýyň gerek wagty diýmeli zady agzyma
salyp berenini telim gezek görüpdim.

Howlynyň ortasyna ýetenim hem şoldy welin, görsem, ilki bir it, soň hem bir it
maňa tarap ýöräp gelýär, men, elbetde, aýak çekdim we ýerimden butnaman,
olaryň ýüzüne seredip durdum. Baý bir olar üýrmek üýrdi-ow!
Çärýek minut geçip-geçmänkä, men tigriň topuna öwrüldim, itler bolsa tigriň
dişleri ýaly bolup daşymy aldylar, on bäş töwerekleri it meniň daşyma halka boldy,
görsem, aňyrdan ýene-de bir topar it ýetip gelýär; howludan böküp, burçdan çykyp,
garaz, ähli ýerden bosuşyp gelýär.
Howludan eli saýgyçly bir negr aýaly böküp çykdy we: «ýit, güm bol, Ýolbars,
ýit, ýok bol, Muşka!, Jähennem boluň, ser!» diýip gygyrdy hem-de elindäki saýgyç
bilen ilki birini, soň beýlekisini çaldy; itleriň ikiside çyňsaşyp gitdiler, olaryň yzy
bilen beýlekileri hem gaçyp gitdi; bir salymdan soň itleriň ýaryragy ýene-de
daşyma ünşdi, guýruklaryny bulaýlaşyp, meň bilen oýun etdi. It hiç wagt ýüreginde
kine saklamaýar, hiç wagt öýkelemeýär.
Negr aýalynyň yz ýany bilen ýene üç sanyjak negr çagasy ylgaşyp çykdy: olaryň
ikisi gyz, birem oglandy, özlerem köýnekçediler; olar ejeleriniň ýubkasyna
ýapyşyp, adatça çagalarda bolşy ýaly, utanyşyp, maňa tarap seredişýärdiler.
Görsem, uly jaý tarapdan kyrk bäş elli ýaşlaryndaky, başaçyk, eli ýumakly bir aýal
ylgap gelýär: yzy bilen bolsa akja çagalary ylgaşyp gelýär, olar hem özlerini edil
negr çagajyklary ýaly tutýarlar. Ol aýal begenjinden ýaňa ýylgyryp maňa:
— Ahyrsoňy geldiňmi! Neneň geläýdiň? — diýdi.
Men oýlanyp-oýlanmankam, agzymdan «Hawa, men» diýip sypdyrdym.
Ol meniň egnimden alyp, bagryna basdy. Soň iki elimden tutup gysmaga durdy,
gözünden-ýüzünden bolsa boýur-boýur ýaş akýar; ol meni şol goýbermän saklap
dur, elimi gysýar, özi hem:
— Asyl sen meň çak edişim ýaly, ejeňe meňzäňok ekeniň! …Wiý, toba, aýdyp
duran zadym näme! Tapawudy näme! Seni görenime begenäýşimi! Edil
gemriberesim gelip dur!.. Çagalar, bu siziň dogan oglanyňyz Tom ahyryn! Baryň
siz onuň bilen salamlaşyň — diýdi. Emma çagalar boýunlaryny salladylar, ellerini
çeýnediler, ejeleriniň arkasyna gizlendiler. Ol bolsa şol sakyrdady durdy:
— Liza, dymyrdanyp durmada, muňa gyzgynjak nahar ber!.. Wiý, sen ertirligiňi
parohodyň üstünde edinen bolaýma?

Men, hawa, edindim diýdim. Onsoň ol meniň elimden tutup, öýlerine tarap
ylgady, çagalar hem yzymdan galmady. Öýe gelip, ol meni düýbi çukanaklyja
oturgyçda oturtdy, özi bolsa öňüme geçip, pessejik skameýkada oturdy, iki elimden
hem tutup oturyşyna:
— Ine, indi men seni synlap keýpden çykyp bilerin! Eý hudaýym, men bu pursaty
näçe ýyllap arzuw edip gezdim, ynha onsoň ahyrsoňy sen meniň gaşymda dursuň.
Biz saňa iki gün-denem köpräkden bäri garaşdyk… Näme beýle eglendiň-le, ýa
parohodyňyz dagy bataýdymy?
— Hawa, mem, ol…
«Hawa, mem» diýme-de, maňa, «Salli daýza» diýäý… Onsoň parohod nirede
batdy?
Men näme jogap berjegimi bilmedim: sebäbi men parahodyň ýokary tarapdanmy,
aşak tarapdanmy, nireden gelmelidigini bilmeýärdim. Emma men köplenç çaklama
daýanýardym, onsoň birden göwnüm parohod ýokary tarapdan gelip, Orleana
barýandyr diýdi. Bu maňa onçakly peýda etmedi, sebäbi men aşak tarapdaky
sanlaryň atlaryny bilmeýärdim. Gördüm welin ýa täze bir saý oplap tapmaly, ýa-da
şol çykan saýymyzy unutmaly, ýa-da… Onýança kelläme bnr pikir geldi we men
çalt—çalt:
— Bu saý zerarly däl, biz ol ýerde onçakly köp eglenmedik. Biziň silindrimiziň
kellesi ýaryldy—diýip goýberdim.
— Ek hudaý! Ýaralananam boldumy?
— Ýok, hiç kim ýaralanmady. Diňe bir negr öldi.
Onda siziň bagtyňyz bar ekek; şeýle bolanynda, ýaralakýgyjam bolýandyr. Öten
ýyl, roždestwo bapramynda, Saýlas daýys Täze Orleandan «Lalli Ruka» münüp
gapýdypdyr, parohodlary bolsa köne eken, ine onsoň birden bularyň hem
silindrleriniň kellesi ýarylyp, bir adamyny maýyp edipdir.. Onsoň ol öläýipdir
öýdýän. Garry adam eken. Seniň Saýlas daýyň Baton Ružede bir maşgala bilen
gowy tanyş eken, olar hem şol garryň hossarlaryny gowy tanaýan ekenler. Hawa,
ýadyma düşdi, ol hakyt ölen eken. Ölüp ugranynda aýagyny kesipdirler, emma
munuň peýdasy degmändir. Hawa, ol onuň ölüp başladygy eken. Ol bir wagt
direlip ýaşaryn diýip umyt edip, gök dalak bolup ölüpdir. Oňa seretmek gorkunç

bolupdyr diýýärler… Seniň daýyň bolsa seni garşylajak bolup her gün şähere
gidýär. Şu gün hem gitdi, gidenine bir sagadam geçenok, ynha hä diýmän geler.
Seniň oňa gabat gelmeýşiňi… Heý, gabat gelmediňmi? Özä göräýmäge
garryrakdyr, g…
— Ýok, Salli daýza, hiç kime duşamok. Parohod irden, edil daňdanlar geldi;
onsoň men zatlarymy duralgada goýup, şäheri synlamaga gaýtdym, birneme wagt
geçirjek, size-de o diýen ir gelmejek bolup, birazrak eglenäýipdirin, şonuň üçin
men ýol bilenem gelmedim.
— Sen zatlaryňy kime goýup gaýtdyň?
— Hiç kime. ….
— Beýtmäň näme çagajygym, ogurlarlar ahyryn… Men:
— Ýok, men olary ykjam gizläp gaýtdym, o ýerden hiç kim ogurlap bilmez —
diýdim.
— Onsoň sen parohodyň üstünde ertirligiňi neneň beýle ir edinip bildiň?
Men: ahmal-ow, birden bir zat diýiň goýberibermesem ýagşydyr-ow diýip içimi
gepletdim-de:
— Palubaň üstünde otyrkam, kapitanyň gözi düşdi-de: sen kenara düşmänkäň
naharyňy edin diýdi we elimden tutup rubka eltdi we öz oturýan stolunyň başynda
oturtdy, emma hiç iýesim gelmedi — diýdim.
Men özümi şeýle bir oňaýsyz duýdum welin, onuň näme diýýäniňi hem idili
eşidip bilmedim. Meniň kellämdäki hemişe oglanlar boldy: olary bir çete çekip,
özümiň kimligimi bir hile bilen. bilsem diýdim. Emma muňa hiç hili mümkinçilpk
bolmady: miss Felps, eňegine jaň kakylan ýaly, goýar ýerde goýmady. Birden
menin inim dyglap gitdi, sebäbi ol:
— Wiý men näme üçin sakyrdap durkam, sen entek uýalaryňdyr beýlekiler
barada ýeke agzam gürrüň bereňok ahyryn. Indi men geplemän oturaýyn welin, sen
gürrüň ber. Sen olaryň bary barada gürrüň ber, olar gurgun gezip ýörlermi, näme iş
edýärler, maňa näme aýt diýdiler, garaz ýadyňa düşen zatlary gürrüň ber –— diýdi.

Haý, tutuldym öýdän, onda-da nähili tutuldym. Şu çaka çekli alla garaşyk etdi, bu
hak, ýöne indi welin men oňatja batdym. Görsem, sapalak atyp oturasyda iş ýok,
oýundan çykaýmaly. Men öz ýanymdan: ýene-de töwekgelçilik edip, dogrymdan
gelmeli boljak öýdýän diýip oýlandym. Onsoň ýaňy bir gürläp ugrajak boldum
welin, ol elimden tutdy-da, krowatyň aňyrsyna itiberdi we:
— Halha, olam gelýär! Kelläňi aşagrak eg, ine, indi boldy. Özüňiň bu ýerdedigiňi
bildirmänjik otur. Men ony bir sellem oýnaýyn… Çagalar, siz hem sesiňizi
çykarman—diýdi,
Görýän welin, men gapana düşäýen ýaly, emma bary bir, gaýgy etmeli
bolmadym, sebäbi tä üstünden bela inýänçä gymyldaman oturaýmasaň, başga-da
alaç ýokdy.
Men garryny otaga girip barýarka çala görüp galdym, soň krowatyň ýeňsesinden
ony görüp bilmedim. Miss Felps onuň öňünden ylgap çykdy-da:
— Ol geldimi?—diýip sorady.
Adamsy:
— Ýok — diýip jogap berdi.
— Eý hudaýeý! Oňa näme bolaýdyka?
— Men-ä bilýän däldirin. Dogrymy aýtsam, özümem ynjalyp bilemok.
— Sen ynjalyp bilemok diýýäň! Men bolsam däliräp barýan! Ol gelse-de gelendir
welin, sen ýolda gören dälsiň. Bu hut şeýledir, men eýýäm asap ugraýan.
— Goýsana, Salli, özüň bilýäň ahyryn, heý menem ony görmän geçerinmi?
— Eý hudaýym, indi doganym näme diýip, näme aýdar! Ol belki, gelendir. Ýöne
sen ony gören dälsiň. Ol…
— Gaharymy getirmesene, öňem gahargm gelgip dur. Men-ä

muňa näme diýjegimi bilýän däldirin. Dogrymy aýtsam, näme etjegimem bilemok.
Hatda gorkdumam. Gelendir diýip pikir hem edip oturmaly däl, sebäbi gelen bolsa,
ona duşmajak gumanym ýok. Salli, bu erbet, örän erbet ýagdaý: belki, parohoda bir
zat bolandyr!
— Waý, Saýlas! Beýläňe, ýola seret: biri gelýän ýaly-la? Ol krowatyň
başujyndaky äpişgä tarap ylgady, missis Felpse bolsa geregem şudy. Ol derrew
krowatyň aýagyna egildi-de, meni itekläp goýberdi, men krowatyň ýeňsesinden
çykdym, garry äpişgäň ýanyndan bäriligine öwrüleninde, miss Felps dikelip, keýpi
kök halda ýylgyrjaklap durdy; men bolsam onuň ýanynda gara dere batyp, dim-dik
bolup durdum. Garry maňa seretdi-seretdi-de:
— Bu kim bolmaly? — diýdi.
— Öz göwnüňe kimdir öýdýäň?
— Akylym ýetenok. Kim bu?
— Muňa Tom Soýer diýýärler?
Hudaý ursun, men tas ýere giripdim! Ýöne içgin seljerip durmaga wagt ýokdy;
garry meniň elimden tutdy-da, gysyp başlady, aýaly bolsa şol wagt bökjekläp
töweregimizden aýrylmady, ol hem aglaýar, hem gülýär, onsoň olaryň ikiside
üstümi soragdan gömdüler, Sidi soradylar, Merini soradylar, garaz, ähli
hossarlaryny sorap çykdylar.
Olar her näçe begenenem bolsalar, bu meniň begenjimiň ýanynda hiç zatdy; men
edil täzeden dünýä inen ýaly boldum, özümiň kimligimi bilenime monça boldum.
Olar menden tutuş iki sagatlap soradylar, meniň gürrüň berip, gürrüň berip, dilim
syryldy, men olara öz maşgalamyz, ýagny Soýer-leriň maşgalasy barada şeýle bir
gürrüň berdim welin, ol gürrüň şeýle maşgalalaryň onusyna dagy ýetjekdi, garry
bolsa gymyldaman diňläp otyrdy. Üstesine men Ak derýanyň sakasynda
silindrimizin ýarylyşyny-da, onsoň ony üç günläp bejerişimizi-de gürrüň berdim.
Bularyň hemmesi ýerine düşdi we örän oňat täsir etdi, sebäbi olaryň bu işden
onçakly başlary çykmady, olar diňe bir zada: bejermäge üç gün gitdi diýenime
düşündiler. Men boltuň kellejigi ýaryldy diýen bolsamam, hiç zat aňjak däller
eken.
Indi men özümi bir tarapdan-a örän oňaýly, eýleki tarapdan hem ören oňaýsyz
duýdum. Tom Soýer bolmak ýeňil we ýakymly boldy, bu tä derýanyň ýokarsyndan
gelýän parohodyň pyşşyldysy eşidilýänçä ýeňil geçdi. Şonda men: birden şu

parohod bilen Tom Soýer gelýän bolaýsa? Birden ol otaga girip, göz ümläp
ýetişmänkäm adymy tutaýsa? — diýip pikir etdim.
Men muňa ýol berip biljek däldim, bu boljak iş däldi. Gel, ýola çykyp, ony
habardar edeýin — diýdim. Şonuň üçin men olara şähere gidip, zatlarymy alyp
geljek diýdim. Meniň bilen gitjek bolup garram şaýyny tutup ugrady, emma men
oňa: sizi azara goýasym gelenok, ýabyny bolsa özüm eýgererin diýdim.
XXXIII bap
Onsoň men arabaly şähere ugradym; ýarpy ýola ýetenimde öňümden biri çykdy;
görsem, edil Tom Soýeriň özi; men, elbetde, ýabymyň başyny çekdim we tä
deňime gelýänçä durdum. Dur! diýip gygyrdym. Ol gabadyma gelip saklandy we
aňk bolup agzyny açdy, emma wagty bilen agzyny ýumup bilmedi; onsoň
bokurdagy guran ýaly, iki-üç gezek ýuwdundy-da:
— Meniň saňa eden ýamanlygym ýok. Özüň bilýärsiň ahyryn. Onsoň sen näme
üçin o dünýäden geldiň? Menden saňa näme gerek zat bar? — diýdi.
Men:
— Men o dünýäden gelemok, men asyl ölmesem näme? — diýdim.
Ol meniň sesimi eşitdi-de, birneme özüne geldi, emma her niçigem bolsa
ynjalmady we:
— Sen maňa degme, menem saňa degmändim ahyryn, ýöne seniň o dünýäden
gelmedigiň çynyňmy, hany hindi sözi bolsun diý — diýdi.
— Hindi sözi bolsun, gelemok — diýdim.
— Bolýar-da… men, elbetde… eger şeýle bolsa, aýdyp oturasyda iş ýok! ýöne
welin men-ä düşünip bilýän däldirin, hiç düşünip bilýän däldirin. O nähili, seni
öldürmänmidilermi näme?
— Hiç kimem öldürjek bolmandy, bularyň baryny tapyp ýören özüm. Eger maňa
ynanmasaň, gel-de eliňi degrip göräý.

Ol maňa elini degrip gördi we ynjaldy, ol maňa duşanyna örän begendi we
begenjine näme edip, näme goýjagyny bilmedi. Onuň şu ýeriň özünde ähli bolan
zatlary başdan-aýak eşidesi geldi, sebäbi bu duran bir wakady, onda-da syrly
wakady; ony gyzykdyrýan hem ynha şoldy. Emma men oňa: entek oňa el deger
ýaly däl diýdim we onuň paýtunçysyna birneme garaşyň diýdim; biz aňyrrak
ýöredik, men oňa düşen günüm barada gürrüň berdim we indi biz nätsekkäk diýip
soradym. Ol: bir minutjyk maý ber — diýdi we oýlandy-oýlandy-da:
— Diýmek, gülala-güllük, ugruny tapdym. Sen meniň sandygymy araba at-da,
özümki diý; yzyňa öwrül-de ýuwaşjadan sürüp git, öýe wagtyndan öň baraýma;
men bolsam şähere gidip, senden ýarym sagadrak gijräk barar ýaly, ýoly ýene bir
gezek sökeýin; ýöne sen häzir bol: meni tanaýanlygyňy bir bada bildiräýmegin —
diýdi.
Men:
— Bolýar, ýöne bir minutjyk dur. Ýene bir iş bar, muny bolsa menden başga
bilýän adam ýok: men bu ýerden bir negri gulçulykdan ogurlap çykasym gelýär,
onuň adyna Jim diýýärler, şo miss Uotson kempiriň Jimi-dä — diýdim. Ol:
— O nähili, Jim?.. diýdi.
Ol bir zat diýjek boldy-da dymdy we içini gepletdi. Men oňa:
— Näme diýjek bolýanlygyňy bilýärin. Sen: bu adamkärçiliksizlik bolýar, nejislik
bolýar diýersiň. Ýeri bolanda näme, nejis bolýan men, ogurlajak hem men, sen
ýöne sesiňi çykarmasaň, üstümi açmasaň bolýar. Razymy? — diýdim.
Onuň gözleri ýitelip gitdi we ol:
— Ony saňa özüm ogurlaşaryn! — diýdi.
Şu ýerde men edil serpmeden gaýdan ýaly boldum. Beýle geň zady men ömrümde
ilkinji gezek eşidýärin, dogrymy aýtsam, Tom Soýer meniň gözümiň alynda köp
zat ýitirdi — şundan soň men ony o diýen sylamadym. Emma her niçikde bolsa,
Tom Soýer halyna onuň negr ogurlajagyna hiç ynanyp bilmeýärdim.
— Indi, aldajak bolýar-da, sen oýun edýän-ä dälsiň? — diýdim.

— Oýun ýadymada düşenok. Ýeri bolýar-da, oýun etseň, oýun et, çyn etseň, çyn,
ýöne gaçgak negr barada gulagyňa degäýse welin, bilip goý, ony sen tanaýan
dälsiň, menem tanamok — diýdim.
Onsoň biz sandygy alyp, meniň arabama ýükledik, Tom bir tarapa, menem
beýleki tarapa gitdim. Ýöne men begenjime mytdyldap gitmelidigimi ýadymdan
çykaraýypdyryn, men şeýle uzak ýoldan öýe örän çalt dolanyp geldim. Garry maňa
bosagada garaşyp duran ýerine:
— Ynha bu geň zat! Meniň baýtalym şeýle işi başarar diýip kim aýdyp biler!
Wagt tutmaly eken. Çigit ýalam derlemändir. Indi men muny ýüz dollara-da
bermen, eger çynym, ýogsam men muny on bäş dollaram bolsa satjak bolup
ýördüm, mundap ýokary baha degýändir öýdemokdym — diýdi.
Onuň başga diýen zady bolmady. Göwni-garny ýok, hoşgylyk garry-da. Bu geňem
däl: sebäbi ol ýeke bir fermerem däldi, ol ündewçemdi; onuň plantasiýanyň
aňyrsynda pürsden salnan kiçijik buthanajygam bardy (ol ony öz hasabyna
saldyrypdy), buthanada, mekdebem bir ýerdedi, ol wagyz-nesihaty mugt geçirýärdi,
munuň üçin hiç kimden hiç zat almaýardy, dogrusyny aýtsaň, ol alanyňa
degenokdam. Günortada şeýle ündewçi fermerler näçe diýseň bar, olaryň barjasyda
wagyz-nesihaty mugt geçirýärler. Ýarym sagat geçip-geçmänkä, Tom arabaly
haýatyň ýanyna gelip durdy, Salli daýza ony äpişgeden gördi, sebäbi haýat
baryýogy elli ädimlikdedi. Ol:
— Seret, ýene biri gelýän ýaly-la! Kimkä ol? Men-ä bir-kesekimikä diýýärin…
Jimmi (bu oglanjyklaryň biriniň adydy), bar-da, Liza aýt, stola ýene-de bir tarelka
eltsin — diýdi.
Hemmeler haýran galyşyp, gapa tarap eňdiler, ýogsam näme, her ýyl keseki gelip
durmy näme, geläýende-de, ol şeýle bir howsala salýar welin, gyzdyrmaň dagy
hem çaky bolanok” Tom bölek agaçlaryň üsti bilen ýöräp, haýatdan geçdi we jaýa
tarap ýöräp ugrady; onuň münüp gelen arabasy ýol bilen yzyna gaýtdy, biz bolsak
hemmämiz gapyň agzynda hümerlenişip durduk. Tomuň egninde täzeje kostýumy
bardy, diňleýjiler hem az däldi, oňa geregi-de şudy, onuň üçin bu kökeden-zatdan
hem gowudy. Şeýle ýagdaýlarda ol pors atmany gowy görýärdi, muňa ol ussatdy.
Ol goýun ýaly bir ýerini depeläp durýan oglanlardan däldi, ýok, ol goç ýaly
dogumly we arkaýyn ýöräp gelýärdi. Biziň gapdalymyza gelip, ol şlýapasyny edil

içi kebelekli gapyrjak ýaly, şol gapyrjagyň içindäki kebelekler hem uçup gider
öýdýän ýaly ýuwaşja we dabaraly ýokary göterdi hem-de:
— Eger ýalňyşmaýan bolsam, siz mister Arçibald Nikolsyňyz? — diýdi. Garry:
— Ýok, oglum, nebsim agyrsa-da, sizi arabakeş aldapdyr: Nikolsyň mülküne
çenli ýene üç mil dagy bar. Giriberiň, giriberiň — diýdi.
Tom yzyna öwrüldi-de, egniniň üstaşyry seredip:
— Indi örän giç, onuň garasy ýitipdir — diýdi.
— Hawa, ol eýýäm gözden ýitdi, oglum, ýöne siz giriň-de, biziň bilen nahar
ediniň, onsoň, biz ýabyny goşarys-da, sizi Nikolslara eltip gaýdarys.
— Sizi azara goýmaga utanýaryn, heý-de beýdip bolarmy! Men pyýadalap
gidibererin, meniň ýanymda üç miliň dagy hiç zat.
— Ýöne biz size beýtdirmeris, mundanam bir günorta myhmansöýerligi bolarmy?
Giriň, hemmämiz şu ýerde…
Salli daýza:
— Hawa-da, biziň üçin munuň hiç hili kynçylygy, düýpden kynçylygy ýok!
Hökman galyň! Ýol uzak, özem tozanly. Ýok, biz sizi pyýada goýbermeris!
Üstesine-de men siziň gelýäniňizi görüp, bir tarelka nahar getirdim, şonuň üçin
raýymyzy ýykjak bolmaň-da, öýe giriň, edil öz öýňüze gelen ýaly boluň — diýdi.
Tom olara iň bir sypaýy sözler bilen minnetdarlyk bildirdi we ahyrsoňunda razy
bolup, öýe girdi; öýe girip, ol: men Ogaýo ştatyndaky Hikswilden gelýän, adym
hem Uilýam Tomson — diýdi we ýene bir gezek başyny atyp, olara salam berdi.
Ol şol kellesine gelen zady ýaňrady oturdy: Hikswill barada, onuň adamlary
barada gürrüň berdi, men bolsam howsala düşüp ugradym: munuň bu ýaňramalary
maňa ýagdaýdan çykmaga nähili kömek berip biljekkä? — diýip içimi gepletdim.
Ine onýança ol gürrüňiniň arasynda ýerinden turdy-da, Salli daýzanyň edil
dodagyndan ogşap goýberdi. Soň bolsa ýerine gelip oturdy-da, ýöne öňküsi ýaly,
gürrüňini dowam etdirdi; Salli daýza oturan kreslosyndan syçrap turdy-da, eli bilen
dodagyny süpürip:

— Hä, sen bir bezzat güjük! — diýdi. Tom gatyrganan kişi boldy-da:
— Siz meniň göwnüme degýäňiz, sudarynýa — diýdi.
— Görseňizläň, men munuň göwnüne degýärmişim! Siz meni kimdir hasap
edýäňiz? Ynha häziriň özünde alarynda… Ýog-a meni ogşamak nireden kelläňize
geldi diýsene?
Tom gorkan kişi boldy-da:
— Aý hiç, ogşaýdym. Men siziň göwnüňize degerin öýtmedim. Men… men
gaýtam oňat görersiňiz öýtdüm — diýdi.
— Bu bir tentekläý! — diýdi-de, kempir içine ýapyşdy, ol şo wagt saklanybilmän,
häziriň özünde Tomuň kellesine çaljaga meňzedi.
— Muny meniň gowy görjegimi näbilýäňiz?
— Özümem bilemok. Maňa… maňa siz gowy görersiňiz diýip aýtdylar.
— Ah, aýtdylar diýsene! Eger aýdaýanam bolsalar, aýdan adam seň ýaly kem
akyldyr. Men ömrümde şuňa meňzeş zat eşiden däldirin! Kim ol aýdan?
— Hemme kişem aýtdy. Hemmeler şeý diýipdirler. Kempir zordan saklandy:
onuň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy, barmaklary birsyhly gymyldady durdy;
hä diýmän Toma ýapyşjaga meňzedi.
— Kim ol «hemme kişi»? Kim olaryň atlary, basymrak aýdyň, ýogsam siz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.