Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19

Total number of words is 3938
Total number of unique words is 1957
31.5 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ogurlap, öýe tarap togalap ugradyk; ýöne iş gaty kyn eken. Biz şunça jan etsekde daş bir ýanlygyna gyşarýardy we biz her gezek aşagyna düşmän zordan
saklanýardyk.
Tom:
— Öýe togalap eltýänçäk, bu biziň birimizi mynjyradar — diýdi.
Biz ony ýarpy ýola çenli togalap getirdik, emma welin janymyz hem çykdy,
derimiz sykybermeli boldy. Görsek, ikimize başardar ýaly däl, şonuň üçin Jimi
çagyrmaga gitdik. Ol krowatyny galdyrdy-da, aýagyndaky zynjyryny sypyrdy
we ony boýnuna orady, onsoň biz çukura, soň hem gapdaldan salnan jaýa
girdik, şol ýerde hem Jim bilen degirmen daşyny pero togalan ýaly edip
togalap ugradyk, Tom bolsa görkezme berýärdi. Görkezme bermäge gezek
gelende, ol ägirtdi, beýleki oglanlaryň çaky däldi. Asyl ol ähli zady
başarýardy.
Biz ullakan çukur gazdyk, emma şonda-da daş ona sygmady; şonda Jim
külüňi aldy-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde ony giňeltdi. Tom hälki
ýazgylary degirmen daşynyň ýüzüne çekip çykdy-da, Jime ýaz diýdi, eline
bolsa zubila derek çüý, çekiç ýerine hem demir bolt berdi, biz ol bolty
gapdaldan salnan jaýdaky hapaň içinden tapypdyk. Onsoň ol oňa tä şem ýanyp
gutarýança işle, soň hem ýatmaga git, ýöne ilki bilen degirmen daşyny
düşekçäň aşagynda gizläp, şonuň üstünde ýat — diýdi. Soň biz ona zynjyry
öňki ýerine, krowatyň aýagyna geýdirmäge kömekleşdik, özümiz hem

ýatmaga gitmegi göwnümize düwdük. Onýança birden bir zat ýadyna düşüp,
Tom:
— Jim, seniň ýeriňde möý-ä ýokdur? —diýip sorady.
— Ýok, ser? Hudaýa şükür, ýokdur, mister Tom.
— Ýeri bolýar, tapyp beräýeris.
— Hudaý saklasyn, möý geregime däl. Men ondan öler ýaly gorkýaryn. Möý
bolanyndan men hažžyldyly ýylan bolanyny gowy görýärin.
Tom bir minutlykça böwrüni diňledi, soň hem:
— Gowy pikir! Göwnüme bolmasa, öň hem şeýdilýän bora çemeli. Elbetde,
şeýdýän ekenler. Asyl gaty gowy pikir! Ýöne sen ony nirede saklajak? —
diýdi.
— Nämäni, mister Tom?
— Hažžyldyly ýylany.
— Eý toba, mister Tom! Eger bu ýere hažžyldyly ýylan geläýse, men gowusy
gaçaryn ýa-da ynha şu diwara urup, kellämi ýararyn!
— Goýsana, Jim, sen onuň bilen öwrenişer gidersiň, onsoň gorkmaňam
goýarsyň. Sen ony ekdi edäý!
— «Ekdi edäý» diýseňizläň!
— Hawa-da, munuň näme kynçylygy bar! Her bir jandar özüniň söýlenini
gowy görýär, ol hatda özüne mylaýym çemeleşýän adamy çakaýyn-dişläýin
hem diýmeýär. Bu barada ähli kitaplarda şeý diýilýär. Sen ýöne synanyşyp
görseň bor, meniň senden başga sorajak zadym ýok, iki-üç günjük bir synap
gör. Sen ony özüňi gowy görer ýaly, özüň bilen bile ýatar ýaly, özüňden bir
minutlygam aýrylyşyp bilmez ýaly, ekdem edip bilersiň; onsoň ol boýnuň
daşyna oraşyp, kellesini agzyňa sokup oýnar.

— Taňrynyň haky üçin beý diýmeseňizläň, mister Tom! Beýle zatlary
eşidesim gelenok? Şolmy meniň agzyma kellesini sokjak? Baý, ýagşylyk etjek
eken-ä! Gaty derkar diýýän-le! Ýok, beýle derejä ýetjek bolsa, ol köp
garaşmaly bolar. Asyl onuň bilen bile ýatasymam gelenok.
— Jim, samsyklamasana! Tussag adamyň haýsam bolsa bir ekdi haýwanjygy
bolmaly, eger henize çenli hiç kimiň hažžyldyly, ýylany bolmadyk bolsa, bu
seniň üçin has hem gowy, sen ony ilkinji bolup ekdi edersiň, şöhratlanjak
bolsaň, şundan gowy ýoly gözläbem tapyp bilmersiň.
— Ýok, mister Tom, maňa beýle şöhrat gerek däl. Ýylan alkymymdan
çakansoň, şöhrat nämäme derkar! Ýok, ser, men beýle zat islämok.
— Baý, senem-ä, iň bolmanda synanyşybam görüp biljek dälmi? Sen
synanyşyp bir gör, onsoň bolmasa, goýbolsun edäý.
— Men ony synaýançam, ýylan etjegini eder, onsoň goý bolsun etmek hem
giç bolar. Mister Tom, eger gerek bolsa, men hemme zada kaýyl, näme
diýseňiz edeýinem, ýöne ekdi et diýip, Gek bilen hažžyldyly ýylany
getiräýseňiz, men bu ýerden başymy alyp gaçyp giderin, men size tüýs
ýürejigimi aýdýan! Ýeri bolýar-da, beýle gepedüşmez bolsaň, geregem däl.
Onda biz saňa lors ýylany tapyp beräýjek, onsoň sen onuň guýrugyna ilik
dakaýarsyň, şeýtseň, ol hažžyldyly ýylana meňzär, meniň pikirimçe, şu-da
kem bolmaz.
— Ynha munyňyz bolman durjak däl, mister Tom, ýogsam, dogrusyny
aýtsam, olary göwnüm küýsäp duranok. Türmede oturmaklyk beýle
hysyrdylydyr diýip kelläme-de gelenokdy.
— Dagy näme, däp boýunça etjek bolsan, bu hemişe şeýle bolýar. Seniň
alakalaryň-a bardyr?
— Ýok, ser, men olaryň birinem göremok.
— Beýle bolsa, biz saňa alakada tapyp bereris.
— Näme üçin, mister Tom, maňa alaka derkar däl ahyryn! Dünýäde alakadan
myrtar zat ýokdur: ynjalyk berjek gümanlary ýok, niräň bolsa, gezişip ýörler,

ýatasyň gelen wagty aýagyňdan dişleýärler, başga-da nejislikleri az däl! Ýok, ser,
aňrujy bolmaýan bolsa, siz maňa iň gowusy lors ýylanlary tapyp beräýiň, ýöne
welin alaka başyma derkar däl, men olary başyma ýapaýynmy, jähennemä gitsinler!
— Ýok, Jim, alakasyz bolsaň bolmaz, ol hemme kişide bolýar. Şonuň üçin gerek
däl diýip, aýagyňy depip durma. Tussag adam alakasyz bolup biljek gümany ýok,
henize çenli pylan tussag alakasyz ýaşapdyr diýip eşidemzok. Olar alakalary
terbiýeleýärler, ekdi edýärler, her dürli fokuslary öwredýärler, alakalar bolsa
öwrenişip, siňek ýaly, üstüňe çykýarlar. Sen bolsaň olary saz çalyp güýmemeli.
Sen bir zatjagaz çalmany öwren-ä!
— Mgniň kagyzlyja daragym bilen üflenip çalynýan garmonjykdan başga zadym
ýok, onsoň olar muny halamasalar gerek.
— Näme üçin halaman! Olara saz bolsa bolýar, näme çalsaň çalyber, parhy ýok.
Alakalar garmonjyk bolsa-da oňýarlar. Sazy ähli haýwanlar gowy görýärler,
türmede dagy-ha olar onsuz oňup bilmeýärler. Aýratynam olar gynançly heňi gowy
görýärler; garmonjykda bolsa diňe gynançly heň çalyp bolýar. Bular üçin bu örän
gyzyk bolýar: olar kellelerini çykaryşyp, saňa näme bolýanyny görjek bolýarlar…
Ine indi seňki ugruna, hemmesi gülala-güllük. Agşamlaryna ýatmazyňdan öň
krowatyňa münde, çal-da otur, ertirine-de şeýt. Çalsaň, «Ömürbaky aýra düşdügi»
çalgyn, bu alakalara has gowy ýararmykan diýýän. Bir-iki minut çalarsyň welin,
alakalar, ýylanlar, möýler we şuňa meňzeş mahluklar bosuşybererler! Ine onsoň
olar üstüňe çykyşyp, aşyr atarlar… Görersiň welin, olar hezil edinerler!
— Ýogsam olar hezil edinmezmi, mister Tom, ýöne ynha meniň günüm nähili
bolar? Men munda gowulygyň nyşanyny göremok. Ýöne etmeli bolsa, nätjek,
dagy-da alaç ýok. Siziň bilen käýişenimden alakalary güýmänim gowudyr.
Tom ýatdan çykan zat-ha ýokdur-da diýip, ýene bir salym içini gepledip durdy we:
— Hawa, tas ýene bir zady ýatdan çykaran ekenim. Sen bu ýerde güljagaz-a
ösdürip ýetişdirip bilmersiň? — diýdi.
— Bilmedim-dä, mister Tom, ýetişdirsem hem ýetişdirerdim, ýöne bu ýeri örän
garaňky, onsoň hem mana gülüň geregi ýok, sebäbi onuň hem azaby az däl.
— Her niçigem bolsa, synanyş-da göräý. Beýleki bendiler ösdürip ýetişdirýän
ekenler.

— Çybyk ýaly uzyn gürmek bitäýmese, mister Tom, munuň üçinem azara galyp
oturasy iş ýokmuka diýýän.
— Sen ony gaýgy etme. Biz saňa kiçijigini tapyp bereris, onsoň sen ony şol
burçda oturt-da serediber, özüne-de gürmek diýme-de «piççiola» diý, eger türmede
ösýän bolsa, oňa şeý diýýärler. Suwaraňda-da gözýaşyň bilen suwararsyň.
— Wiý, guýymyz doly suw ahyryn, mister Tom.
— Guýyň suwy saňa derkar däl, sen güljagazy öz gözýaşyň bilen suwarmaly. Bu
hemişe şeýdilýär.
— Mister Tom, görersiňiz welin, guýy suwy bilen suwarsam, ol has gowy biter
başga adam gözýaş bilen suwarsa-da, şonça bolmaz.
— Gep onda däl. Hökman gözýaş bilen suwarmaly.
— Ol solar, mister Tom, öwlüýä kessin, solar: sebäbi men hiç wagt aglamasam
näme.
Muňa näme diýjegini Tomuň özi-de bilmedi. Her niçigem bolsa, ol bir salym
pikir etdi-de, Jime ugruny tapyp aglajak bol, bolmasa, gözüňe sogan çalaý diýip
jogap bardi. Ol ertir ir bilen negrleriň ýaşaýan külbelerine gidip, sogan getirmäge
we ony kofeýnige atyp gitmäge söz berdi. Muňa Jim: «gowusy kofeýnige temmäki
ataýjak» diýdi, umuman, ol öz başyna hümürdedi ýördp, igendi, hiç zat edesi
gelmedi: gürmek ekesi-de, alakalar üçin garmonjyk çalyp beresi-de, ýylanlary,
möýleri we beýleki şuňa meňzeş mahluklary aldap, olary ekdi edesi-de gelmedi;
elbetde, bulary beýleki işleriň: pero etmegiň, ýazgydyr gündelik ýazmagyň we
galanlarynyň daşyndan etmelidi. Ol bendi bolmak sürgün edileninden-de, her hili
görgülerden-de kyn eken, onsoňam sen ähli zada jogap bermeli diýdi. Ahyrsoňy
Tomuň oňa gahary geldi we bir tussagda-da munuň gadyryny bileňok, şunuň üçin
bu mümkinçilikleriň bary biderek gidýär — diýdi.
Jim diýenine puşman edip, gaýdyp beýtmen diýdi, şondan soň biz hem Tom bilen
ýatmaga gaýtdyk.
XXXIX bap

Ertesi irden biz şähere gidip, simden ýasalan syçangapan aldyk; ony öýe getirip,
alaka hinleriniň iň ulusynyň agzyny açdyk, bir sagat golaýrakdan gapanymyza on
bäş dagy alaka düşdi, özem nähili alakalar diýsene, örän uly alakalar! Biz aldyk-da
syçangapany ygtybarly ýerde, Salli daýzamyň krowatynyň aşagynda goýduk. Biz
möý gözläp gelýänçäk, kiçijik Tomas-Franklin — Benjamen — Jefferson —
Aleksander Felps onuň üstünden baryp, alakalaryň çykýanyny-çykmaýanyny
görjek bolup, gapajygyny açypdyr, alakalar bolsa çykypdyrlar; onýança-da Salli
daýzam gelipdir. Biz gelenimizde, ol krowatyň üstüne çykyp, bokurdagyna
sygdygyndan gygyryp dur eken, alakalar bolsa onuň ýüregi gysmaz ýaly, ony
güýmejek bolup jan edýär ekenler. Ol hoz çybygyny aldy-da, ikimizem çaňymyz
çykýança urdy, soň biz ýene-de iki sagadyň içinde on bäş sanysyny tutduk — bu
oglanjygy ýer çekäýse bolmaýarmy, ekilmedik ýerde gögerýär — emma tutan
alakalarymyz men diýen alakalar däldi, sebäbi biz olaryň iň saýlamalaryny birinji
gezekde tutan ekenik. Birinji gezekki tutan alakalarymyz ýaly ullakan alakalary
men eneden dogup göremok.
Biz möýleriň, gurbagalaryň, tomzaklaryň, gurçuklaryň we gaýry jandarlaryň iň
saýlamalaryndan tutduk; aryň keteginem alaýjakdyk welin, ýöne goýbolsun etdik,
sebäbi arylar öýjügindedi. Biz olardan bada-bat boýun gaçyrmadyk, çydap
bildigimizçe oturyn garaşdyk, olary gorjap gaçyraýarys öýtdük, emma bu
diýenimiz çykmady, gaýtam olar bizi gaçyrdylar. Biz bir ýerden naşatyr tapyp,
arylaryň çakan ýerine çalyp çykdyk, agyry zym-zyýat boldy, emma oturmasyna
oturyp bilmedik. Onsoň biz ýylan tutmaga gitdik we ýigrimä golaý lorsdur
ýylançyr tutup, halta saldyk we bolýan otagymyza eltip goýduk, onýança agşamlyk
edinmäge hem wagt boldy, biz şol gün diýseň zor işledik, işlänimize görä birneme
ajykdyk hem. Gaýdyp gelsek, haltada bir ýylanam galmapdyr: biz haltanyň agzyny
oňly daňmadyk bora çemelimiz, şonun üçin ýylanlar hem haltadan çykyp
gidiberipdirler. Emma munuň onçakly zyýany ýokdy, sebäbi olar nirede-de bolsa,
şu töwereklerde, otaglarda bolmalydy. Biz olary ýene-de tutaýarys diýişdik. Ine
şundan soň esli wagtlan öýde ýylan gytlyk etme-di. Bir görseň olar potolokdan ýa
başga bir ýerden gütläp gaçýar-da, aýyn bolmasa, okaraňa ýa ýakaňa girjek bolup
dyrjaşýarlar, özem hemişe bimahal çagy şeýdýärler. Olar rän owadandylar,
alajamulajadylar, adama degmeýärdiler, emma Salli daýza muny seljerip
duranokdy: ol her hili ýylan görse, çydap durup bilenokdy, her näçe wrenişdirjek
bolsak-da, ýylanlar bilen öwrenişip bilenokdy. Her gezek üstüne ýylan gaçanda,
Salli daýzam her zat edip oturan hem bolsa, işini taşlap, jaýdan çykyp gaçýardy.
Men beýle aýaly ömrüme gören däldirin. Özem şeýle bir çirkin gygyrýar welin,
gykylygy dik asmana ýetýär. Oňa ýylany ätişgir bilenem tutdurjak gümanyň ýok.

Eger ýylan onuň ýorganyndan çykaýsa ol şo ýerden syçrap turýar-da, tama ot
düşen ýaly, gykylyk turzup başlaýar. Ol gojanyň ýüregine-bagryna düşdi, şonuň
üçin goja: allatagala bir ýylanam ýaratmadyk bolsa gowy bolardy —diýdi. Öýde
bir ýylanam galmady. Şundan tutuş bir hepde geçeninden soňam Salli daýzamyň
jany ara girmedi. Ba-a! içini gepledip oturandyr welin, ýelejik alyp boýnuna
degräýseň, ol syçrap ýerinde turýar. Seredip, hezil edip oturmaly, ýöne Tom: ähli
aýallaram şeýle bolýar — diýdi. Ol: olaryň guralyşy şeýle, näme üçin beýle
bolýanlygyny bolsa hudaý bilsin —diýdi.
Her gezek ýylanlarymyzyň biri Salli daýzamyň gözüne ileninde, bizi çybyk bilen
urýardylar, ol: eger ýene öýi ýylandan dolduraýsaňyz, onda urşum başgaça bolar
diýip gorkuzýardy. Men ondan gaty görmeýärdim, sebäbi ol onçakly gaty
urmaýardy; ýöne bir kejikdirýän ýeri, ol hem bolsa ýylanlary ýaňadandan tutmaly
bolýardy. Her niçigem bolsa biz ýylanlardan hem, beýleki jandarlardan hem
özümize geregini tutduk, baý, şonda Jimiň külbesinde hezillik boldy-ow, Jim
garmonjygyny çalyp, başlaýar welin, olaryn barjasy onuň üstüne eňişip ugraýar.
Jim möýleri gowy görmeýärdi, möýler hem ony gowy görmeýärdiler, şonuň üçin
ol olardan birneme azap görýärdi. Ol bu alakalaryň, ýylanlaryň derdinden
ýatmaga-da ýerim ýok, üstesine degirmen daş hem krowatda —diýip zeýrenýärdi;
ýer bolaýanynda hem uklajak gümanyň ýokdy — daş-töweregiň
gyrmyltdagyrmyltdy; hemişe şeýledi, sebäbi bu mahluklaryň hemmesi
ýatanlarynda gezegine ýatýardy; ýylanlar ýatanynda, alakalar paluba çykýardy;
alakalar irkileninde bolsa, ýylanlar şöwür çekýärdi; özi hem hemişe Jimiň
gapdalynda, iýdili ýatmaga-da goýmaýarlar, beýlekileri bolsa sirkde ýaly, onuň
üstünde at salýarlar; eger ol turup, ýatar ýaly başga ýer gözlejek bolsa, möýler
daşyna üýşýärler. Ol: eger bir wagt azatlyga çykaýsam, ummasyz aýlyk berjek
diýselerem, gaýdyp türmä düşmen — diýdi.
Ine onsoň üç hepdeden soň, biziňki oňat ugrugyp gitdi. Biz oňa köýnegi öňräk
tapyp beripdik, ony hem gutabyň içine salyp gowşurypdyk; ine onsoň her gezek
alaka dişläninde Jim ýerinden turup, gündeligine bir-iki setir çyrşaýardy, syýa
bilen perolar taýynka hem ýazgydyr beýleki zatlar degirmen daşynyň ýüzünde
ýazylyp çykypdy; krowatyň aýagynam byçgy bilen kesip, ýonuşgalaryny iýipdik,
şonuň üçin içimizem birnemejik agyrdy. Biz-ä öleris öýdüpdik welin, ýene ölmän
galdyk. Beýle tagamsyz ýonuşgalary men heniz iýip görmändim, Tom hem iýip
görmedim diýýär. Ahyrsoňy işimizi gutaranlygymyzy men eýýäm aýdypdym, ýöne
welin halys, sütünimiz hem süýndi, aýratynam Jim horlandy. Saýlas daýym Täze
Orleanyn aşak ýanyndaky plantasiýa gelip, gaçgak negriňizi alyp gidiň diýip, iki
gezek dagy hat etdi, emma jogaby gelmedi, sebäbi beýle plantasiýa düýpden
ýokdy; şonda ol Jim hakynda Täze Orleanyň we Sent-Luiniň gazetlerine bildiriş

bermekçi boldy; Sent-Luini agzanda, meniň inim tikenekläp gitdi; men biderek
wagt ýitirip durmaly däldigine göz ýetirdim. Tom indi tüýs anonim hat ýazmagyň
wagty ýetdi
— diýdi. Men:
— O diýýäniň näme? — diýdim.
— Munuň özi adamlaryň üstüne howp abananda edilýän duýduryş. Bu käte bir
hili, başga bir gezek hem başga hili edilýär. Umuman, kimem bolsa biri hemişe
jenaýatkäri yzarlap gezýär we mahal-mahal galanyň komendantyna habar berýär.
Lýudowik On altynjy Týuilriden gaçjak bolanynda, ony bir hyzmatkär aýal
yzarlapdyr. Bu örän oňat ýol, anonim hat ýazmak hem hiç neneň däl. Biz iki
ugurdan hem hereket ederis. Bolmasa, şeýle bolýan wagtlaram bolýar. Tussagyň
ejesi ogly bilen eşigini çalyşýar: ejes-ä galýar, ogly bolsa aýal köýneginde gaçyp
gidýär. Şeýtmegem mümkin.
— Gulak goý, Tom, näme üçin adamlara biz duýdurmalymyşyk. Goý, muny
olaryň özleri bilsinler, bu olaryň öz işi ahyryn.
— Wah, bilýän-le, ýöne olara bil baglap bolýarmy? Biz başdan şeýle başladyk
ahyryn, hemme zady özümiz etmeli bolduk. Olar aňmazak adamlar ekeni, hiç zady
görenoklar. Eger olara duýduryş bermesek, bize päsgel beren tapylmaz, onsoň
şunça zähmet, şunça azaplardan soň, biziň gaçmamyz ap-aňsatja boljak duruberjek,
şeýlelikde biziň diýenimiz boljak däl, gyzygy zadam gaçjak.
— Ynha bu meniň oňaraýjak zadym ekeni, Tom, bu maňa ýaraýar.
Ol:
— Goýsana walla! —diýdi, özi hem hum ýaly çişdi. Şonda men: Ýeri bolýar-da,
zeýrenip oturjak däl. Saňa ýaran zat maňada ýarar. Ýöne biz hyzmatçy aýaly
näderkäk? — diýdim.
— Hyzmatçy aýal sen bolarsyň. Şu giže bildirmän bar-da, negr aýalynyň
köýnegini ogurla.
— Goýsana, Tom! Onsoň ertir topalaň bary turar, onuň bary-ýogy bir köýnegi
barmyka diýýärin.

— Bilýärin; ýöne bu saňa anonim haty eltip, gapyň aşagyna sokynçaň, bary-ýogy
çärýek sagatlyk gerek bolar.
— Bolýar, men ony äkidäýerin; ýöne ony öz eşigimde äkidenimde näme
tapawudy bar.
— Ýöne onda sen hyzmatçy aýala meňzemersiň ahyryn, şeýle dälmi?
— Meňzemesem meňzemäýin, bary bir, meni gören adam bolmaz ahyryn.
— Munuň işe dahyly ýok. Biz diňe öz borjumyzy ýerine ýetirmeli,
görlüpgörülmejegimiz barada bolsa alada galyp oturasy iş ýok. Näme indi sende
hiç hili prinsip ýokmy?
— Ýeri bolýar-la, men boýun towlamok: goý hyzmatçy aýal men bolaýyn. ýöne
Jimiň ejesi kim bolar?
— Men bolaryn. Salli daýzamyň köýnegini ogurlaýaryn.
— Bolýar-da, ýöne ikimiz gaçanymyzda, sen saraýda galmaly bolarsyň.
— Bu uzak wagtlyk bolmaz. Men Jimiň köýnegini samandan dolduryp, krowatyň
üstünde ýatyraryn, bu onuň ejesi boldugy bolar; Jim bolsa meniň egnimdäki
köýnegi geýer, şeýlelikde hemmämiz ble gaçarys. Asylly maşgalada doglan tussag
gaçanynda, ol «sürgün edilipmiş» diýip gürrüň edýärler. Mysal üçin korol
gaçanynda, hemişe şeýle diýýärler. Isle ogly bolsun, isle ogullygy — korolyňkylar
gaçsa-da şeý diýýärler.
Tom anonim hat ýazdy, men bolsam şo gije negr aýalynyň köýňegini ogurladym,
şony geýibem, haty girilýän gapynyň aşagyna gysdyrdym; hemmesini Tomuň et
diýşi ýaly etdim. Hatda:
«Häzir boluň. Üstüňize howp abanýar, habardar bolun.
Nätanyş dostuňyz».
—diýlip ýazylgydy.

Ertesi agşam biz daşky gapa Tomuň gan bilen çeken suratyny: kelle süňki bilen
atanaklaýyn goýlan süňküň suratyny ýelmedik; soňky giže bolsa kuhnýanyň
gapysyna tabytly suraty ýelmedik. Adam bary gorkuşyp, özlerini gapynyň agzynda,
krowatyň aşagynda — her ädimde alarwah yzarlap ýören ýaly, galpyldap ugradylar.
Eger biri gapysyny gatyrak ýapaýsa, Salli daýzam allaniçigsi bolup, ah çekýärdi; bir
zat gaçaýsa-da, ol allaniçigsi bolup, ah çekýärdi. Eger bilmän bir ýerine degäýseň
hem ol ah çekip otyrdy; ol niresine seretse, yzynda bir adam duran ýaly bolup
durdy, şonuň üçin ol eýlesine-beýlesine garanjaklap, ah çekýärdi;
öwrülipöwrülmänkä ýene-de ýaltaklap, ah çekýärdi, ol ýorgana girmäge-de
gorkýardy, oturmaga-da. Garaz, hat diýseň oňat iş bitirdi. Muny Tom şeý diýip
aýdýar; ol: edeýin diýseňem mundan oňat edip bolmaz. Bu bolsa biziň dogry
edenligimizi aňladýar — diýdi.
Indi bolsa biz esasy zarbany urmaly — diýdi. Ertesi irden daň saz berip
başlanynda, biz ýene bir hat ýazdyk, emma ony nätjegimizi bilmedik, sebäbi
agşamlyk nahar edinip otyrkalar, biziňkiler uzynly gijeläp her gapa bir negr
goýmaly diýipdiler. Tom ýyldyrymsowguç bilen barlaga ugrady; görse negr
ýeňseki gapynyň öňünde uklap ýatyr, Tom haty onuň ýakasyna gysdyrdy-da,
yzyna gaýdyp geldi. Hatda şeý diýlip ýazylypdy:
«Meniň üstümi açman, men sizin dostuňyzdyryn. Hindilerin territoriýasyndan
gelen gaýduwsyz zalymlaryň tutuş bir şaýkasy şu gije siziň gaçgak negriňizi
ogurlajak bolýar, olar sizi öýde oturtjak we işlerine pasgel berdirtmejek bsoup
gorkuzýarlar. Menem şol şaýkadan, ýöne men hudaýa sygnyp, talançylyk etmäni
bes etmek we päkýürek adam bolmak isleýärin — şunuň üçinem men size olaryň
aýylganç niýetlerini duýdurýaryn. Olar haýatyň gyrasy bilen demirgazyk tarapdan
göni ýarygije geljekdirler, olarda negriň oturan saraýynyň galp açary bar. Eger
olaryň üstüne howp abanjak bolsa, men surnaý çalmaly, emma olar saraýa
girenlerinde men surnaý çalman, goýun bolup mälärin. Olar onun aýagyndaky
zynjyry aýyrýançalar, siz bukdaklap geliň-de, hemmesiniň daşyndan gulplaň, ine
şonda siz olary arkaýyn öldürip bilersiniz. Siz meniň diýşim ýaly ediň, başga zat
gerek däl, bolmasa, olar betguman bolup, uly topalaň turzarlar. Maňa hiç hili sylag
gerek däl, maňa etmeli zatlary ak ýürek bilen edenim bes.
Nätanyş dostuňyz».
?baş
Ertir naharymyzy iýip, biz keýpi kök halda gaýygy alyp, derýa balyk tutmaga
ugradyk, günortan iýjek zadymyzam ýanymyz bilen göterdik; biz wagtymyzy örän

gowy geçirdik, salymyzy barladyk, salymyz gurat ekeni, onsoň giç öýlänler,
agşamlyk naharynyň öňüsyrasy yzymyza gaýdyp geldik, görsek hemmeleriň ýüzi
ak tam, hemmeler howsalaly, hiç kim özüni bilenok; bize naharyňyzy iýen
dessiňize ýatmaga gidiň diýdiler, täze hat barada bolsa hiç zat aýtmadylar, munuň
bize geregem ýokdy, sebäbi ony bizem şolardan erbet bilemzokdyk; bir merdiwana
çykanymyzda, Salli daýzam beýlesine öwrüldi, biz şol bada ýerzemine, şkafa
sümüldik. Tutuş bir naharlyk iýjegimizi edindik, bularyň baryny öz otagymyza
getirdik we gyşardyk, on ikiň ýarysynda bolsa ýerimizden turduk; Tom Salli
daýzamdan ogurlan köýnegini geýdi, alyşdyran azyklarymyzy göteriberjek boldy
we birden:
— A ýag nirede? —diýdi. Men:
— Bir tokgasyny mekgejöwen zagarasynyň üstünde goýupdyk — diýdim.
— Onda sen ony şo ýerde galdyrypsyň, bu ýerde-hä ýag ýok. Men:
— Ýagsyz hem bir mydar ederis — diýdim. Tom:
— Ýagly bolsak, has hem gowy mydar ederdik. Bar, sen ýerzemine git-de, ýagy
alyp gel. Onsoň ýyldyrymsowguç bilen düş-de, basymrak gel. Onýaçna men
ejesidir diýdirer ýaly, Jimiň köýnegine saman dykaýyn, gelen badyna bolsa goýun
bolup mälärin, onsoň biziň hemmämiz gaçyp gideris — diýdi.
Şeý diýdi-de, ol ýerzemine girip ugrady. Ýumruk ýaly ýag meniň goýup gaýdan
ýerimde eken; men ony çegeri — zady bilen aldym, çyrany söndürip, ýuwaşlyk
bilen merdiwana çykyp ugradym. Sagaman ýokaryk çykdym, görsem, eli şemli
Sallý daýzam gelýär: men derrew ýagy şlýapamyň içine saldym-da, şlýapany
kelläme geýdim; onýança ol meni gördi-de, sorag ýagdyryp ugrady!
— Sen ýerzemine girdiňmi?
— Hawa, daýza.
— Ol ýerde näme işlediň?
— Hiç zat.
— Hiç zat?

— Aý, hiç zadam işlemedim.
— Onda sen gijäň bir wagty ol ýerde näme işleýäň?
— Bilmedim, daýza.
— Bileňokmy? Sen maňa, Tom, beýle jogap berme, men seniň ol ýerde näme
işläniňi bilmeli!
— Salli daýza, men ol ýerde hiç zat işlemedim, öwlüýä kessin, hiç zat işlemedim.
Aý, indi-hä goýberäýse gerek diýdim; başga bir wagt bolsa, ol goýberse-de
goýbererdi welin, soňky wagtlar biziň öýümizde bir topar geň zatlar bolup geçdi,
şonuň üçin ol çala şübheli zatlardan, hatda biderejik zatlardan hem gorkup başlady,
şol sebäpli ol aýgytly:
— Häziriň özünde myhman jaýa bar-da, gelýänçäm turman otur. Görýän welin,
sen ekilmedik ýerde gögerýän ýaly! Pikir etme, men seniň ählije etmişleň üstüni
açaryn! — diýdi.
Ol gitdi, men hem gapyny açyp, myhman jaýa girdim. Baý-bow, bu märekäni! On
bäş fermeriň on bäşisem tüpeňli.
Meniň başym-gözüm aýlanyp gitdi; men özümi lampa stuluň üstüne goýberip,
galman oturdym. Olar hem otagyň içinde ýaýraşyp otyrdylar; kimdir biri ýuwaşja
gürrüň edýärdi, beýlekileri bolsa iňňän üstünde oturan ýaly galpyldaşyp otyrdylar,
olar muny näçe bildirmejek bolsalar-da, bildirip durdy: men olaryň bir gezek
şlýapalaryny çykaryp, bir gezek hem geýinýändiklerini, ýeňselerini gaşaşyp, zol
oturyp-turýandyklaryny, iliklerini dyrmaşyp oturandyklaryny görýärdim. Menem
galpyldaýardym, ýöne her näme-de bolsa, şlýapamy çykaramokdym.
Men Salli daýzamyň basymrak gelip, bir zat diýenini, urasy gelse-de uranyny
isleýärdim, şonda men Tomuň ýanyna gidip, bolşundan hem beterräk edäýipdiris
öýdýän: şeýle bir ary öýjügini örüzipdiris welin, halalyň bolsun! Indi aňkarylşyp
ýöresi iş ýok, basymrak Jimi alyp, jalaýlaryň eline düşäýmäkäk, bu ýerden
saýlanmagymyz gerek — diýerin.

Ahyrym ol geldi we meniň üstümi soragdan gömdi, ýöne men olaryň birinede
idili jogap berip bilmedim, hiç zada düşünmedim, sebäbi fermerler öron
tolgunýardylar: käbirleriniň banditleriň üstüne häzirjik gidesi gelýärdi, ýary gijä
bary-ýogy sanalgyja minut galdy diýişýärdiler, başga birleri bolsa bandit goýun
bolup mäleýänçä garaşalyň diýýärdi; onýança Salli daýzam maňa sorag ýagdyryp
ugrady, men bolsam galpyldap, aýak üstünde zordan durdum, otagyň içi gitdigiçe
gyzyp şlýapamyň içindoki ýag eräp ugrady we boýnumyň ýüzi, duluklarym bilen
aşak syrygyp başlady; onýança fermerleriň biri «häziriň özünde külbä baryp
oturmaly we olary gelen destlerine tutmaly» diýdi welin, men tas gürpüldäp
gaýdypdym; şol wagt maňlaýymyň üsgünden hem ýag syrygyp ugrady. Muňa gözi
düşen dessine Salli daýzamyň ýüzi ak esgi ýaly boldy, ol:
— Eý, toba! Oglanjyga näme bolaýdyka? Beýnisi sowuklaýypdyr öýdýän, ynha
ol eýýäm akybam ugrapdyr —diýdi.
Oturanlar görmäge geldiler, daýzam kellämdäki şlýapamy çykardy welin, ýag
çörek bilen zat bilen gütläp gaçdy; onýança ol meni bagryna basyp:
— Gorkuzyb-a bildiň? Hernä erbet bir zadyň bolmanlygyna şükür, men-ä muna
şat, soňky wagtlar biziňki ugruna bolanok, ýöne ýene bir bela gopaýarmyka diýip
galpyldap oturmaly. Men ol kelläňden akyp gelýän zady göremde, allaniçiksi
boldum, ýöne-möne zat däldir diýdim, sebäbi sen näme ýerzemine girmegiň
sebäbini aýdaýmadyň, men onsoň azara-da galyp oturmazdym! Indi bolsa gitde ýat,
ertire çenli gözüme gernäýme! — diýdi.
Men bir sekundyň içinde ýokary çykdym, onsoň ýyldyrymsowguç bilen aşak
düşdüm we garaňkyň içinde ýykylyp-sürşüp, saraýjyga tarap eňdim. Tolgunmaň
derdinden men gepläp hem bilemokdym, emma her niçik hem bolsa, bir demde
Toma; derrew şu ýerden saýlanmaly, bir minutymyzy hem ýitirmeli dal, tam doly
adam, ählisiniň hem ýaragy bar! —diýdim.
Onuň gözleri uçganaklap gitdi, ol:
— Aý goýsana! Beýle däldir-le! Jan diýdim saňa! Gek, buzatlaryň baryny täzeden
başlamaly bolsa, men iki ýüz adam dagy ýygnardym. Ýene bir azrak garaşaýsak
näderkä! —diýdi. Men:
— Basymrak, basymrak bol! Hany Jim nirede? —diýdim.
— Ynha, gapdaljygyňda dur, eliňi uzatsaň ýetjek. Ol eýýäm çalşyryndy, hemme
zat taýýar. Indi gel bu ýerden çykyp, mäläli.

Onýança biz aýak sesini eşitdik, fermerler gapynyň agzyna geläýen ekenler, soň
olar gulpy şakyrdadyp ugradylar, biri bolsa:
— Men size entek ir diýip aýtdym ahyryn; olar heniz gelmändirler, ynha
gapydaky gulpy özüňiz görüp dursuňyz. Näme diýseňizläň. Men siziň daşyňyzdan
gulplap gideýin welin, garankyň içinde garawulçylyk çekiň oturyň, geläýselerem,
hemmesini okdan geçiriň; galanlary bolsa goý şu ýerde bolubersinler: dumly-duşa
pytraň-da diňşirgäp görüň: gelmeýärlermikä —diýdi.
Birnäçe adam saraýa girdi, emma garaňky bolansoň, olar bizi görmediler, öýe
krowatyň aşagyna sümüljek bolanymyzda, olar tas bizi basypdylar. Biz derrew
sagaman, sessiz-üýnsüz çukura girdik: ilki Jim girdi, onsaň men, iň soňunda hem
Tom girdi, bu onuň görkezmesi boýunçady. Biz gapdaldan salnan jaýa ýetdik we
howluda, edil gapdaljygymyzda olaryň dükürdilerini eşitdik. Biz ýuwaşja basyp,
gapyň ýanyna geldik, emma Tom bizi saklap, gapyň jaýrygyndan jyklap ugrady,
ýöne ol hiç zat görüp bilmedi, daşary örän garaňkydy, ol pyşyrdap: hany diň
salaýyn, aýak sesi daşlaşan dessine, men tirsegim bilen symsyklaryn, şonda goý
ilki bilen Jim çyksyn, iň sonundan hem özüm çykaryn diýdi. Ol gulagyny gapynyň
jaýrygyna tutdy we diň salyp ugrady, diňşirgedi-diňşirgedi, emma aýak sesi
ýatmady, ahyrsoňy ol bizi dürtgülep goýberdi, biz saraýdan çykdyk, aşak eglip,
haýata tarap ugradyk, hindiler ýaly hatar-hatar bolup,bir-birimiziň yzymyza
düşdük; sagaman haýatyň ýanyna ýetdik, Jim ikimiz haýatyň üstünden böküp
geçdik, emma Tomuň balagy haýatyň ýokarsyndaky agajyň gaňyrçagyna ildi, ol bu
ýanyndan gelýän aýak sesini eşidip, bir dyzady welin, gaňyrçak döwlüp şatyrdady.
Tom böküp, yzymyzdan ylgap ugrady, onýança biri:
— Kimsiň? Jogap ber, bolmasa atýan! —diýip gygyrdy. Emma biz jogap
bermedik we aýak aldygyna gaçyp ugradyk.
Olar hem söbügimize düşdüler, onýança-da tark, tark, tark edip, oklar kellämiziň
ýokarsyndan sygyryşyp geçdiler. Fermerler:
— Halha olar! Derýa tarap gaçdylar! Oglanlar, galman, itlerem goýberiň! —
diýşip gygyryşdylar.
Biz olaryň aýak aldyklaryna kowýandyklaryny eşidýärdik. Biziň eşidýänligimiziň
sebäbi, olar ädiklidiler we gygyryşýardylar, biz bolsak aýak ýalaňaçdyk, özümizem
gygyryşamzokdyk. Biz agaç kesilýän zawoda tarap gaçýardyk, olar
ýetiberenlerinde bolsa biz gyrymsylyga sowlup, olary duşumyzdan geçirdik we

ýene olaryň yzyndan ylgap ugradyk. Ilki bada banditleri gorkuzmajak bolup, ähli
itleri zynjyrlap sakladylar, soň kimdir biri olary boşadypdyr; görsek, olar hem biziň
yzymyzdan ylgaşyp gelýäler, özlerem, tutuş bir million dagy bar ýaly, alawagyrdy
bolşup üýrýärler. Emma itler öz itlerimizdi, özleri üçin gyzykly bir zadyň
ýoklugyna göz ýetirip, guýruklaryny bulaýlaşyp, galmagal, ses çykýan tarapa
ylgaşyp gitdiler; biz ýene-de olaryň yzy bilen tä agaç kesilýän zawoda çenli diýen
ýaly gitdik, ol ýerden bolsa sowlup, gyrymsylaryň içi bilen meniň gaýygymyň
duran ýerine ugradyk, baryp gaýyga mündük-de, içimizde baryny edip derýanyň
ortasyna ýüzüp başladyk, ýöne galmagal etjek bolýardyk. Onsoň biz gaýygy meniň
salymyň gizlenen ýerindäki ada tarap sowduk; olaryn bir-birlerine
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.