Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02

Total number of words is 4090
Total number of unique words is 2030
34.2 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
seniň düşünýän zadyň ýok, edil baryp ýatan samsyk ýaly.
Bu barada iki-üç günläp pikir edip gezenimizden soň, heý, munuň ugry barmyka,
özüm göreýin-le diýdim. Köne demir çyra bilen demir halkany alyp, tokaýa gitdim
we tä hindi ýaly derleýänçäm sürtedim. Içimden bolsa köşk salyp bilsem, sataryn
diýip pikir edýärin; emma hiç zat çykmady, gelen ruh bolmady. Bu bolgusyz
zatlaryň hemmesine Tom Soper hemişeki toslaýşy ýaly toslap tapan eken. Arap
diýlenine-de, pil diýlenine-de ynanan ekeni, men-ä näme, aýry mesele. Holkiniň
ýekşenbe mekdebidigi görnüp durdy ahyryn.
IV bap
Şeýlelikde, üç-dört aý geçdi. Gyş düşdi. Men her gün diýen ýaly mekdebe
gatnaýardym, men sözleri goşup, birneme okamany, ýazmany öwrendim,
köpeltmek tabliissasyny alty ýediň otuz bäş bolýan ýernie çenli ýat tutdum, yzyny

bolsa ýüz ýyl okasam-da ýat tutup bilerin öýtmedim. Onsoňam men ma-tematika
diýen zat bilen düýpden gyzyklanmaýaryn.Ilki badalar men bu mekdebi ýigrendim,
soň kem-kemdea öwrenişip ugradym. Halys ýüregime düşen güni hem sapakdan
gaçardym, ertesi hem meni mugallym çagyryp sangylar-dy; bu meniň üçin oňat
bolýardy, göwnümi göterýärdi. Mekdebe köp gatnadygymça, maňa ýeňil düşýärdi.
Dul hatynyň önündäki düzgüne-de men birneme öwrenişdim, çydam etdim. Öýde
ýaşap, krowatda ýatmak maňa hemmesinden agyr degdi. Käte men sowuk
düşýänçä tokaýa gaçyp gidip, şol ýerde ýatyp-turýardym, bu edil dynç alan ýaly
bolýardy. Önküje mekanym gözüme yp-yssy görünýärdi, emma täze mekana-da
men öwrenişip başladym, ony halap hem ugradym. Dul hatyn maňa «kem-kemden
düzelip başlaýaň, özüňi alyp barşyň hem o diýen erbet däl» diýdi. Ol «indi seniň
üçin ýüzüm gyzaranok» hem diýip aýtdy.
Bir gezek ertirlik edinip otyrkak, men duzy döküp goýberipdirin. Men derrew
duzy çümmükläp, çep egnimiň üstaşyry zyňyp goýberiberjekdim, şeýdip hem
beladan gutuljakdym, emma şol bada miss Uotson gelip, meniň özümi aldy. «Çek
eliňi, Geklberri; Sen hemişe döküşdürip-saçyşdyryp ýörsüň!» diýdi. Dul hatyn
meniň arkamy çaldy, emma barybir beladan sypyp bolmajagyny men oňat
bilýärdim, Men lapykeç bolup, öýden çykdym we indi näme bolarka diýip içimi
gepletdim. Käbir halatlarda beladan gutulsa bolýar, emma bu olar ýaly halat däldi,
şonuň üçinem men hiç zat etjek bolmadym, diňe şähere keýpli-keýpsiz aýlanyp, şol
bela garaşdym ýördüm.
— Men baga girdim we gapdaly agaçdan edilen beýik haýatly daş basgançagyň
üstünden aşdym. Ýerde ýaňyrak ýagan gar dyzdan bolup durdy, meniň gözüm
birden bir adamyň yzyna düşdi. Kimem bolsa biri daş köwlenýän ýerden gelýän
eken, aşylyp geçilýän ýeriň ýany birneme debisgilenipdir, soňra haýatyň gyrasyny
alyp, aňyrlygyna gidipdir. Onuň bagyň ýanynda durup, baga sowulmanlygy geňdi.
Men nämäniň nämeligine düşünibilmeýärdim. Öz-ä bir geň zat bardy… Men yz
çalyp gideýin diýdim, emma ilki yzy syňlajak bolup egildim. Ilkibada üýtgeşik bir
zat aňşyrmadym, son bolsa aňşyrdym. Çep aýagyň ökjesinde alarwah getirmez
ýaly ýogyn çüýlerden kakylan atanagyň ýeri bardy. Men göz açyp-ýumasy
salymyň içinde beýikden togalanyp gaýtdym. Mahal-mahal durup, yzyma
garanjakladym, emma hiç kime gözüm düşmedi. Özümi dürsemänkäm, sudýa
Tetçeriň alnynda peýda boldum. Ol: Ýeri, ezizim, ýaman haşlýarsyň-la. Sen
presentlernňi almaga geldiňmn? — diýdi. Ýok, ser näme maňa bir zatjagaz
barmy?—diýdim.

— Hawa, ýeten agşam ýarym ýyl üçin ýüz elliden gowrak dollar aldym. Ine saňa
bir topar pul. Iň gowusy, men olary seniň alty müň dollaryň ýanynda goýaýyn,
ýogsam alsaň, sen olary sowuşdyrarsyň.
— Ýok, ser, olary sowasym gelenok. Olaryň maňa düýpden geregi ýok, alty
müňem gerek däl, hiç zadam. Men olary — alty müňem, beýlekisinem — özüňiziň
alanyňyzy gowy görýän. Ol, görnüşi ýaly, geň galdy we nämäniň nämeligine
düşünmedi, şonuň üçinem:
— Ol nähili beýle bolýar? Munuň bilen sen näme diýjek bolýarsyň? — diýip
sorady.
Men:
— Hiç zady soramas-da, puly alyň diýýärin… Alarsyňyz gerek?
Ol:
— Dogrusy, saňa näme diýjegimi bilemok… Näme, bir zat dagy boldumy?
— Ýalbaryp aýdýaryn, alyň, sorajak bolubam oturmaň, şeýtseňiz, men ýalan
sözlemelem bolmaryn — diýdim.
Ol böwrüni diňledi-de:
— Hä-ä! Düşünip başlaýan. Diýmek, sen öz puluňy maňa peşgeş bermän, ýöne
beräýjek bolýarsyň-da. Şeýtseň, dogry bolar — diýdi.
Soň kagyza bir zat ýazyşdyrdy-da, içinden okap:
— Görýäň gerek, bu ýerde «Aýlygy üçin» diýlip ýazylypdyr. Beýle diýmek, ony
senden alyp, ýörite töledýän diýmek bolýar. Ynha dollaryň, al-da goluňy çek —
diýdi.Men golumy çekdim. Miss Uotsonyň negri Jimde ýumruk ýaly tüýjümek şar
bardy, ol ony öküziň böweninden çykarypdy, indi bolsa şonda pal atýardy. Jim
onuň içinde ruh bar, ol ruh ähli zady bilýär — diýýärdi. Ana, onsoň men agşam
Jimiň ýanyna gitdim we oňa kakamyň ýene-de şu töwereklerdedigini, garyň
üstünde onuň aýak yzlaryny görendigimi aýtdym. Meniň onuň näme iş bilen
gelenligini, gitjegini ýa-da gitmejegini bilesim gelýärdi. Jim şaryny aldy-da, oňa
bir zatlar pyşyrdady, soňam ýokaryk galdyryp, ýere taşlady. Şar daş ýaly bolup
gütläp düşdi-de, bir dýuýma töwerekleri togalanyp gitdi. Jim ýene we ýene

synanyşdy, emma şol bir zat gaýtalandy. Jim çöküne düşdi-de, şara gulagyny tutup
diň saldy. Emma barybir çykan zat bolmady; Jim şaryň gepläsi gelenok, käte
pulsuz ol hiç geplänok diýdi. Meniň ýanymda derde ýaramaýan çärek dollarlyk
maýda pul bardy, onuň derde ýaramaýanlygynyň sebäbi, kümşüniň aşagyndan misi
çykyp durdy. Emma onsuz hem ol ele ýelmeşip, ýagjymak kakýardy we nämäň
nämeligi göze dürtülip durdy. «Men iň gowusy sudýanyň beren bir dollary barada
agzymy açmazlygy göwnüme düwdum». Men pul oňa-da däl welin, şar alar-la, oňa
tapawudy näme?•—diýdim. Jim ony ysgap dişläp gördi, sypalaşdyrdy we şar ony
hakyky pul diýip alar ýaly ederin diýdi. Çig kartoşkany ikä bölüp, puly bir gije
arasyna salyp goýsaň, ertesi mis görünmez hem, ýagjymak hem kakmaz, onsoň
ony tüýlek şar-a beýlede dursun, şäherde hem her bir adam keýp edip alar — diýdi.
Bular ýaly bolanda kartoşkanyň peýdasynyň degýänligini men öň hem bilýärdim
welin, ýadymdan çykaraýypdyryn.
Jim puly şaryň aşagyna saldy-da, ýatyp diň saldy. Bu gezek barysy ýerbe-ýer
boldy. Ol «Eger isleseň, şar indi seniň bütin täleýiňi aýdyp berer» diýdi. «Goý,
aýtsyn» diýdim. Ine, şar aýdyp başlady, Jim hem maňa düşündirip ugrady. Ol şeýle
diýdi:
— Näme etjegini entek kakaňyzyň özi-de bilenok. Bir gezek gidäýsem diýýär, bir
gezek hem galaýsam diýýär. Iň gowusy, bu barada azara galmaly däl, goý näme
etmelidigini garrynyň özi çözsün. Onuň daşynda iki sany perişde uçup, ýör. Bir-ä
çym-ak, göz gamaşdyrýar, beýlekisem hüýt-gara. Agy oňa oňat-oňat maslahatlar
berýär welin, garasy uçup gelýär-de, ählisini bulaşdyrýar. Olaryň haýsynyň
diýenini etdirjegini häzir aýtmak kyn. Siziň özünizde bir topar görgi bar, emma
eşret hem az däl. Käte urlarsyňyz, käte syrkawlarsyňyz, emma hemmesi geçer
gider. Ömrüňizde size iki sany aýal duş geler. Biri saryýagyz bolar, beýlekisi gara.
Biri baý bolar, beýlekisi garyp. Siz ilki garybyna öýlenersiňiz, onsoň hem baýyna.
Siz bir zat bolaýmaz ýaly, mümkingadar suwdan daşrakda bolmaly bolarsyňyz,
sebäbi siziň maňlaýyňyza «dardan asylyp ölýär» diýlip ýazylypdyr. Agşam öz
bolýan otagyma girsem, çyrany ýaksam, ol kakam abşarylyp otyr eken.
V bap
Men girip, gapyny ýapdym. Soň gaňrylyp seretsem, ynha, kakam otyr! Men
ondan mydama gorkup ýördüm, sebäbi ol maňa erbet daraşýardy. Göwnüme
bolmasa, men häzir hem gorkan ýaly boldum, soň görsem, ýalňyşan ekenim, ýagny
ilki birneme sandyradym, tas ýüregim ýarylypdy, ol oslagsyz-zatsyz geläýen eken;

emma men şo bada özümi dürsedim, görsem o diýen gorkmaýan ekenim, munuň
gürrüňi bolup bilmez.Kakam elli ýaşlaryndady, daşyndan görmäge-de, ol şol
töwerekleri bardy. Onuň saçlary uzyndy, buýr-bulaşykdy, hapady, hüžžerip durdy,
gözleri welin, gyrymsy agaçlaryň arasyndan seredýän ýaly ýaldyraşyp durdy. Onuň
saçynda bir ak-da ýokdy, uzyn sakgalsapy-da garady. Ýüzünde gan-peti ýokdy;
ýüzüniň görnüp duran ýeri çym-akdy, emma beýleki adamlaryňky ýaly däl-de,
aýylganç akdy, myrtardy, edil balygyň garny ýalydy. Geýimi bolsa sal-saldy, görer
ýaly däldi. Bir aýagyny dyzynyň üstüne atyp otyr, şol aýagyndaky ädiginiň aşagy
gopup, içinden iki sany barmagy somulyp dur, ol şol barmaklaryny mahal-mahal
gymyldadyp goýberýär. Köne, gara şlýapasy, giň etekli, depesi aşak gidip, gapakly
pitä çalym edýän şlýapasy ýerde ýatyrdy.Men oňa seredip durdum, ol hem stulda
çalarak yranyp oturyşyna maňa seretdi. Şemi men ýerde goýdum. Gersem, aýna
açyk eken: diýmek, bu ilki saraýa, ondan hem otaga giren bolara çemeli. Ol meni
başdan-aýak synlady-da:
— Gör, munuň bezenen bolaýyşjygyny, päheý-dä welin, aý, ýok bolsana. Näme,
indi hondan bärsi bolaýandyryn öýdýäňmi, şeýlemi? — diýdi.
— Şeýlede bolmagy mümkin, şeýle däl hem bolmagy — diýip, men jogap berdim.
— Sen maňa kän gödek jogap berkberme! Ýogsam bu ýerde bir topar
bolarbolgusyzlar ýygnanypdyrlar. Men seni basym ýola getirerin, kelläňdäki
bolgusyz zatlary derrew çykar. Bolduň meň başyma sowatly adam, okap, ýazyp
bilýämiş diýýärler. Näme sowatsyz bolaňda, kakaň basan yzyňça-da ýokdur
öýdiäňmi? Bularyň baryny men senden sykyp çykararyn. Bu bolgusyz
sypaýçylyklary saňa kim öwretdi, hany aýt, kim öwretdi?
— Dul hatyn öwretdi.
— Dul hatyn? Be, şeý diýsene! Ekilmez ýerde gögermäge oňa kim rugsat beripdir?
— Hiç kimem bermändir.
— Ekilmäsi ýerde gögermegi men onuň gözüne görkezerin. Sen, han ogul,
okuwjygyňy taşla, eşidýärmiň? Men olaryň gözüne görkezerin. Oglana kakasynyň
öňünde tumşugyny ýokaryk tutmany öwreden bolupdyrlar, bolduň meň başyma
bolmajysy adam! Eger ýene mekdebiň töwereginde gö-räýsem, soň eşitmedim
diýme! Seniň ejeň ýazmany-da, okamanyda bilmän, sowatsyzlygyna gelendir. Ähli
ilen-çalanlaryň hem sowatly bolup öten däldirler. Men okamanyda, ýazmany-da

bilemok, bu bolsa, hondan bärsi bolup bezenen bolupdyr! Men bu zatlara çydap
gezýen adamlardan däldirin, eşidýärmiň? Hany oka, diňläp gereýiň.
Men kitaby alyp, general Waşington barada, uruş barada bir zatlar-bir zatlar okap
başladym. Ýarym minut hem okamandym, ol kitaby aldy-da, otagyň içine
zybyrdadyp goýberdi. Ol:
— Dogry, okap bilýän ekeniň. Men ynnmaýardym. Ýöne welin, seret,
gopbamsyrama, men muňa çydap bilmen! Seni yzarlaryn ýörerin, eger mekdebiň
töwereklerinde görsem, hamyňy sypyryn. Almytyňy eliňe bererin welin, gaýdyp
özüňe gelmersiň! Ogul bolaýyşjygyňy, sözüm ýok — diýdi.
Ol gök we sary reňkde çekilen sygyr bilen oglanjygyň suratyny eline aldy-da:
— Indi munyň näme? — diýip sorady.
— Muny men sapagymy oňat okanym üçin sylag aldym.
Ol suraty jyrram-jyrram etdi-de:
— Sen, menden hem bir oňatja zat: kemer sylag alarsyň! —- diýdi.
Ol esli salym hüňňürdedi-hüňňürdedi-de:
— Bolduň meň başyma lälijek oglan! Krowaty bar, prostyny bar, aýnasy bar,
halysy bar, kakasy bolsa gön zawodynda doňuzlaryň arsynda ýatyp-turup
ýörmelimiş! Söz ýok ogullygyňa! Men seni basym ýola getirin, kelläňdäki
bolgusyz pikirleri basym çykaryn! Bolduň meň başyma bolmajysy adam, baý
bolupmyşyň diýýärler. Ä? Nädip baý bolýamyşyň?
— Ýalan sözleýärler, ine şeýdip baý boldum.
— Sen, how, meniň bilen nähili gürleşýärsiň? Çydadym, indi çydap biljek däl,
şonuň üçinem sen meniň ýüzümi al-ma. Men şäherde iki günläp dagy boldum,
seniň başlygyň baradaky gürrüňden başga zat eşitmedim. Derýanyň aýagynda-da
şeý diýip eşitdim. Şonuň üçinem men şu ýere geldim. Sen maňa ol pullary ertire
çenli tapyp gel, olar maňa örän gerek.
— Meniň kör köpügimem ýok.

— Ýalan sözleýäň! Olar sudýa Tetçerlerdenmiş. Sen olary alyp goý, olar maňa
zerur gerek.
— Size aýdylýar, mende kör köpügem ýok! Sudýa Tetçerden sizis özüňiz soraýyň,
olam şeýle diýer.
— Bolýar, ondanam soraýaryn; men oňa gaty aýtdyraryn! Edil saýraberer, men
onuň işini ýetirerin! Hany jübüňde näçe pul bar? Maňa pul gerek.
— Bary-ýogy bir dollar bar, olam özüme gerek…
— Özüňe gerskligi bilen meniň pişäm ýok! Hany baryny şu ýere goý.
Ol puly aldy-da ýalan bolaýmasyn diýp, dişläp gördi, onsoň şähere gidip wiski
alaýmasam uzynly günläp agzyma zat alamok diýdi. Ol saraýyň kryşasyna çykyp
barýardy welin aýak çekip, äpişgeden kellesini uzatdy we bir topar bolar-bolgusyz
zatlara baş goşup, kakaňy pikir hem edeňok diýip käýindi. Şundan soň ol başyny
alyp gidäýdimikä diýipdim welin, ol ýene-de dolanyp geläýdi we maňa mekdebi
taşlagyn, ýogsam astar ýörerin, duşsaň hem ykjak ýeriňi , ýetiäýerin diýdi.
Ertesi içip, lülgammar halda sudýa Tetçeriň üstüne gitdip oňa agzyndan gelsiini
diýdi we puly bermegini talap etdi, emma mundan hiç zat çykmady; şonda ol puly
sudla-şyp bermeli bolarsyň diýip haýbat atdy.
Dul hatyn bilen Tetçer meniň kakamdan aýrylyp, olaryň birine hossarçylyga
berilmegimi haýyş edip, suda arza beripdirler; emma sudýa täzedi, ol ýaňyrak
gelipdi we meniň gojamy tanamaýardy. Ol aýratyn bir zerurlyk bolaýmasa, sud
maşgala meselesine goşulmaly däldir we ene-atalary çagalaryndan aýrylmaly
däldir onsoňam atanyň elinden onuň ýalňyz perzendini alasym gelenok diýdi.
Garaz dul hatyn bilen sudýa Tetçer bu işi goýbolsun etmeli boldy.Kakam muňa
şeýle bir begendi welin, aýdyp diýer ýaly bolmady. Maňa bolsa pul tapaýmasaň,
kemer bilen surnugýançaň ýenjerin diýipdi. Men sudýadan üç dollar karz aldym,
garry ony elimden alyp, lütň çykýança içipdir we piýan halyna şäheriň içinde
entepdir, gygyrypdyr, gopgun edipdir, sögünipdir we tas ýary gijä çenli saja kakyp
çykypdyr; ony tutup, daşyndan gulplap goýupdyrlar, ertesi bolsa suda äkidip, ýene
bir hepde ýatmaly edipdirler. Emma ol: men örän hoşal, ogluma-da özüm hojaýyn,
indi oňa nämäň nämeligini görkezerin diýipdir.Ol türmeden çykandan soň, täze
sudýa men ony adam edip çykararyn — diýipdir. Ol garryny öýlerine çagyrypdyr,
başyndan aýagyna çenli päkize we täze geýim geýdiripdir ne nahar edilende ähli
maşgala bilen birlikde stoluň başynda oturdypdyr — bir söz bilen garyndaşy ýaly

edip hezzet-hormat edipdir. Agşam naharyndan soň içmezlik we başga zatlar
barada gürrüň açypdyr, bu gürrüňlere garrynyň gözüne ýaş aýlanypdyr we
«ençeme ýyllap akmak bolupdyryn, indi bolsa meniň bilen gürrüň edeni üçin hiç
kimiň ýüzi utanmaz ýaly täze durmuşa başlajak, bu barada maňa sudýa kömek
edermikä «häzire çenli meniň kimligimi bilen adam bolsa — şeýle sözler üçin seni
bagryma basaýasym gelýär dipipdir,Soňunda onuň hem gözüne ýaş aýlanypdyr;
onuň aýaly hem aglapdyr; kakam «häzire çenli meniň kimligimi bilen adam
bolmady diýipdir. Sudýa bolsa Muňa ynanýan diýipdir. Garry başyna iş düşen
adam özüne delalat edilmegini isleýär diýipdir; sudýa “sem munyň dogry diýipdir,
onsoň ikisiniň-de gözüne ýaş aýlanypdyr. Ýatmaga gitmezinden öň garry:
— Bir bu ele serediň, jenaplar hem zenanlar. Alyň-da, muny gysyň, bu el öň hapa
doňzuň elidi; indi iş başgaça: indi bu el täze durmuşa başlaýan adamyň, öňki işine
başlanyndan ölenini gowy görýän adamyň eli. Bu sözleri ýadyňyzda berk saklaň,
meniň şeý diýenimi unutmaň! Indi bu päk eldir. Muny gorkmaň-da gysyberiý! —
diýipdir. Şonda olaryň hemmesi yzly-yzyna kakamyň elini gysypdyrlar we
gözlerine ýaş aýlapdyrlar. Sudýanyň aýaly bolsa onuň elini ogşapdyram. Şondan
soň kakam içmen, eger-eger agzyma alman diýip ant içipdir. Sudýa bu pursada
taryhy, mukaddes minut diýipdir. Garryny myhmanlar üçin beslenip goýlan iň
gowy otaga eltipdirler, agşam ýatyrka onuň öler ýaly içesi gelipdir. Ol tamyň
üstüne çykypdyr, pürsjagaz bilen eýwana düşüpdir, täze sýurtugyny bir çüýşe kyrk
gradusla çalşypdyr, yzyna otaga baryp, keýp çekip başlapdyr; dasdanlar ýene-de
äpişgä çykypdyr we gammar halyna öňki ýaly bolup, şol ýerden gütläp gaçypdyr,
çep elini iki ýerini diýen ýaly döwdüripdir we üşäp, tas ölen eken; güp çykandan
soň biri üstünden baryp, ony ýygnapdyr. Myhman jaýda näme bolup geçýärkä,
göräýeli diýip barsalar, otagyň içi wes-weýran bolup ýatyr eken. Sudýa hum ýaly
çişipdir. Ol garryny oňatja ok düzedäý-mese, başga ýol göremok diýipdir.
VI bap
Ine, şondap soň basym garry aňňalyp, sudýa Tetçeriň üstünden suda şikaýat etdi,
oňa meniň pulumyň berilmegini talap etdip, soň bolsa meniň üstümden düşüp
ugrady, sebäbi men mekdebe gatnamagymy bes etmedim. Ol meni iki gezek tutup
ýençdi, emma men şonda-da okuwa gatnadym, kakamdan bolsa hemişe gizlenip,
gaçyp gezdim. Öň men okuw diýip dyzap duramokdym, emma indi kakamyň içini
ýakjak bolup hökman okamaklygy göwnüme düwdüm. Sud işe wagty bilen
seretmedi; ol wagty bilen başlajaga hem meňzemeýärdi, sebäbi men

sangylanmadan gaçyp, sudýa Tetçerden garry üçin wagtal-wagtal iki-üç dollar karz
alýardym. Her gezek pul alanda, ol pýan bolýança içýärdi; her gezek bozgakçylyk
edeninde, tutup, türmä basýardylar. Onuň keýpi diýseň kökdi: munuň ýaly ýaşaýşy
ol oňzt görýärdi.Ol onsoň dul hatynyň tamyň töwereklerinde görnüp ugrady,
ahyrsoňy dul hatyn oňa bu häsiýetinden el çekmeseň gowy bolmaz diýip haýbat atdy.
Päh, kakam muny eşidip guduz açdow! Şonda ol Gek Finniň hojaýynynyň kimligini
gözüňe görkezerin — diýip hüňürdedi.Ine onsoň ýaz aýlarynyň bir güni ol meniň
üstümden gel-di, tutup gaýyk bilen üç mild çen ýaly ýol geçip, derýanyň saksyna
tanyk äkitdi, ol ýerden bolsa agaçlyk kenara, sümme tokaýyň ortasyndaky köne
hütdükden başga ýaşaýyş jaýy bolmadyk kenara düşdi, şundan soň duran birini
biläýmeseň ony tapar dagy eder ýaly bolmady.
Ol meni bir minutjyk hem sypdyrmady, şonuň üçin gaçmaga-da mümkinçilik.
bolmady. Biz şu köne hütdükde ýaşap başladyk, gijesine ol hemişe pişigi gulplap,
açary ýassygynyň aşagyna salyp ýatýardy. Onuň tüpeňi bardy — bir ýer-den
ogurlandyr-da. Biz balyk tutmaga, aw awlamaga çykýardyk: şeýdibem
güzeranymyzy görýärdik. Köplenç wagtlar ol meniň daşymdan gulplap, üç mil
töwerekleri daşdaky dükana geçelgä gidýärdi we şol ýerde balygy, towukdyr guşy
wiska çalyşýardy, çuýşäni öýe getirip, lüti çykýança içýärdi, aýdyma gygyrýardy,
onsoňam meni saýgylap urýardy. Her niçigem bolsa dul aýal meniň nirededigimi
bilipdir. Meni sypdyrar ýaly yzymdan adam iberppdir. Emma kakam ony tüpeňi
bilen gorkuzyp kowup goýberdi. Basym meniň özümem bu ýere öwrenişdim, hatda
kemerden beýleki zatlary gowy hem görüp ugradym. Uzynly günläp çilim
çekmeden, balyk tutmadan başga hiç zat etmesem hem günümiziň geçişi hiç neneň
däldi: gapdyr okuw diýen zat ýokdy. Şeýdip iki aý dagy geçdi, köpräk hem teçşu,
üstüm sal-sal boldy, kir-kimir basdy, soň men ýuwunmaly, nahary tarelkadan
iýmeli, daranmaly wagtynda ýatyp, wagtynda turmaly, hemişe kitaba dümtülip
oturmaly, üstesine miss Uotsonyň ezýetini çekmeli bol ýerim dul hatynyňkyda
nähili ýaşanlygyma hem akylym ýetmedi. Indi meniň o ýere gidesim gelmedi. Men
sögünmä goýaňkyrlapdym, sebäbi dul hatyn muny halamaýardy, indi bolsa garrym
garşy bolmansoň, men ýene sögünip ugradym. Umuman aýdanyňda tokaýyň içinde
ýaşamak biziň üçin düýbünden erbet däldi. Kem-kemden garrynyň päli azyp
ugrady, taýak bilen urmaga başlady, muňa bolsa men çydam edip bilmedim. Men ,
endam-janym persala boldy: onsoňam ol öýde oturyp bilmeýärdi: başyny alyp
gidýärdi, meniň bolsa daşymdan gulplaýardy. Bir gezek meniň daşymdan gulplap
gitdi-de, 1 günläp diýen ýaly yzyna köwlenmedi. Diýseň ýüregim gysdy. Men ol
gark bolup, indi bu ýerden çykma ýokdur diýip pikir edip ugradym. Gorkup
başladym we nädibem bolsa ir bilen bu ýerden gaçmaly diýen netijä geldim. Men
näçe gezekler gaçjak bolup synanyşdym, emma hiç ugruny tapmadym. Äpişgeden
it hem sygar ýaly däldi. Turbadan hem çykyp biljek däldim: ol örän darajykdy.
Gapy ýogyn we berk dub tagtasyndan edilendi. Kakam her gezek bir ýasa

gideninde, külbede pyçakdyr çiş zat goýman gidýärdi; men öýüň içini kyrk gezek
dagy agdar-düňder edip çykdym, başga eden işim bolmady, sebäbi başga edere zat
hem ýokdy. Emma bu gezek men ahyrsoňy bir zat tapdym: men poslap giden köne,
sapsyz pyçagyň üstünden bardym: ol jaýyň üsti basyrlan agaçlaryň arasyna
sokulaýan eken. Men ony ýaglap, işe girişdim. Hutdügiň bir burçunda, stoluň
aňyrsynda ýel gelip, çyrany söndürip durmaz ýaly diwara köne basyryk çüýlengi
durdy. Men stoluň aşagyna sümlüp, basyrygy galdyrdym we aşaky ýogyn pürsi
özüm sygar ýaly ululykda byçgylyp ugradym. Elbetde, bu birneme wagt aldy, iş
gutaryp barýardy, emma şol wagt tokaýda kakamyň tüpeňiniň sesi eşidildi. Men
derrew eden işlerimiň üstüni örtüşdirip, basyrygy goýberdim, byçgyny gizledim,
şol wagt hem kakam gelip girdi.Onuň keýpi o diýen köp däldi — diýmek,
hemişekisi ýalydy. Ol şäherde bolanlygy, şäherdäki bolup ýören zatlara düşüner
dagy eder ýaly däldigi barada gürrüň berdi. Eger işi suda ýetirip bolsa, işi özümize
pepdaly çözdüreris, pullary-da alarys, emma işe seredilmegini uzaga çekdirip
biljek bir topar ýol bar, muny hem sudýa tetçer oňarjak — diýip, aklawçy
aýdypdyr. Onsoňam meni kakamdan aýryp, dul hatyna hossarçylyga bermek
barada-da iş gozgalýarmyş we bu gezek iş şowuna düşer öýdülýärmiş — diýip hem
gürrüň barmyş diýdi. Meniň bar keýpim gaçdy, sebäbi mundan beýläk dul
hatynyňkyda ýaşalyp, onuň aýdyşy ýaly «terbiýe alyp» ýaşasym gelmeýärdi. Şol
wagt garry sögünip başlady, ýadyna düşen adamlarynyň hemmesine ýekän-ýekän
sögüp çykdy, soň kemi galmazlygy üçin, ol ýene-de bir gezek hemmelere
başdanaýak sögüp çykdy, atlaryny bilmeýänlerine bolsa agzyndan gelenini aýtdy,
soň hem hüsür-hüsür edip gitdi.
Ol «hany dul hatynyň seni alşyny göreýin, ikiňizi-de gözden salman, eger birden
şeýle erbetçilik edäýjek bolsalar, şu ýerden alty-ýedi millik uzakda seni gizlär ýaly
bir ýerim bar, şol ýerde gizlärin welin, ýüz ýyllap gözleseler-de tapjak umytlary
ýokdur»—diýdi. Bu ýene-de meni ünjä goýdy, emma bu uzaga çekmedi. Haçan
äkiderine garaşyp oturman ahyryn diýip, men öz-özüme teselli berdim. Ýaragy
oklap doldurmak üçin utiymýat esgimiş.
Garry getiren zatlaryny alyp gelmek uçin meni gäminiň ýanyna iberdi. Ol ýerde
elli gadaklyk bir halta mekgejöwen uny, buga ýatyrylan ullakan bir bölek döş, däri,
seçme, dört gallonlyk bir çüýşe wiska, bir kitap, pyžlyk üçin iki sany köne gazet, bir
sany çüprek bar ekeni. Men bularyň hemmesini kenara alyp çykdym, onsoň
dolanyp gelip, gaýygyň burnunda dynç almaga oturdym. Men ýagdaýlarym barada
ykjam oýlandym we öýden gaçaýsam ýanym bilen tüpeňdir çeňňegi hem alyp
gaçaryn diýen netijä geldim. Şol bir oturan ýerimde oturman, ähli ýurda keşt ederin,
özi-de gijesine gezerin, iýjegimi bolsa gowsy, balyk tutmagyň üsti bilen taparyn,
onsoňam şeýle bir daşa giderin welin, ne garry, ne dul hatyn — hiç biri-de meni

ömri ötinçä tapyp bilmez. Men eger garry içip pýan bolsa pürsi byçgylap, şu gije
gaçmagy göwnüme düwdüm, onuň pýan boljagyna bolsa şek-şübhe ýokdy. Men
şunuň bilen gümra bolup, esli wagt geçenligini hem duýman galypdyryn, şol wagt
garry maňa o ýerde uklap galan ýa gark bolaýan-a dälsiň? — diýip gygyrdy.
Men ähli zady hütdügimize çekdim, çekip bolýançam bolsa iňrik garaldy. Men
agşam naharyny bişirinçäm garry çüýşeden eýýäm bir-iki owurt julkuldadan ekeni;
ol birneme dogumlanyp, ýene-de däldiräp ugrady. Ol şäherde-de içip, uzynly
günläp ganawyň içinde bulaşyp ýatan ekeni, onuň häzirki bolşy örän gorkunçdy.
Ol pýan bolup, samrap ugranda, hemişe hökümete käýinerdi. Bu gezek hem ol
şeýtdi:— ýene-de hökümetem diýýärler-ä! Ýeri muňa näme diýip, näme aýtjak!
Kanun bolaýyşjygyny, adamynyň mähriban perzendini, ösdürip ulaldan, pul
baryny harç eden perzendini elinden alýyp. Be! Adam ogluny ulaldyp
ýetişdirenide, indi-hä dynç alaýmaly, oglum işläp kömek berer diýip pikir edýär,
şol wagt hem onuň ogluny elinden kakyp alýarlar. Ýene onsoň muňa hökümet
diýýärler! Munuň üstesine kanun sudýa tetçeri goldap, oňa meniň elimden puly
almaga kömek edýär. Gör, bu kanun nädýär: alty müň dollarlyk ýa ondan
gymmadyrak adamyny alýar-da, ony türmä dykan ýaly edip, köne hütdüge dykýar,
sal-sal eşikleri geýmäge mejbur edýär, beýle geýimleri it görse, gözi agyrjak.
Ýene-de hökümetem diýýärler! Şeýle hökümetde adam öz erkini-de eline alyp
bilenok. Heý mundanam mydar bolarmy. Käte oturyp-oturyp, gel şu ýurtdan
gideýin-de, ömür yzyma köwlenmäýin diýýärin. Men olara şeý diýibem aýtdym,
garry tätçeriň gösgöni ýüzüne aýtdym! Meniň aýdanlarymy bir topar adam eşitdi,
aýt diýseň, olar aýdybam biljekler. Bu nälet siňmiş ýurdy bir köpüge satyp
giderdim, gaýdybam sen barmysyň diýmezdim” — diýdim. Ine diýen sözlerim.
Eger siziň pikiriňizçe, kellämdäki şlýapa bolsa, ýeri meniň şlýapama ses ediň
diýdim. Depesi galyp, beýleki ýerleri eňegime düşüp ýatyr, asyl şlýapa meňzeş däl,
kelläm pejiň turbasyndan çykyp duran ýaly. Bir muňa seretseňizläň: ine şeýle
şlýapalary geýip ýörmeli bolýar, özümem şäherdäki baý adamlaryň biri, emma öz
hukugymy gazanyp bilemok — diýdim.
Hawa-da, bizIň oňat hökümetimiz, diýseň oňat hökümetimIz bar? Sen ýöne gulak
salda otur. Ol ýerde Ogaýoly bir erkana negrmulat bardy, ÖzI-de edil beýleki ak
adamlar ýaly akdy. Egnindzäki köýnegi gar ýalydy, şlýapasy dagyny lowrudap
durdy, bir oňat geýnüwlidi, bu babatda oňa şäherde taý gelýän ýokdy; zynjyrlyja
gyzyl sagady bardy, taýagynyň ujy kümüşdi, bir söz bilen, hondan bärsi bir
adamdy. Ýeri onsoň sen nähildir öýdýärsiň? Aýtmaklaryna görä, ol bir kolležde
professorlyk edýärmiş, dürli-dürli dillerde gepläp bilýärmiş, dünýädäki ähli zady
bilýärmiş. Mundan hem beteri öz watanynda onuň ses bermäge hukugy barmyş.
Ine şuňa welin men çydap bilmedim. Gezip ýörseň, gör nämeleri görjek ekeniň.

Edil saplaw günüdi. Eger artykmajyrak içmedik bolsam, özümem ses bermäge
gitjek bolup otyrdym, emma Amerikada şol negre ses bermäge rugsat edilýän ştat
barlygyny eşidip, men gitmämi goý bolsun etdim. Mundan beýläk ömrüm ötinçä
ses bermerin diýdim. Men hut şeý diýibem aýtdym, muny ähli adam eşit-di. Goý
ýurt başy aşyr gitsin, barybir mundan beýläk ömrüm ötinçä ses bermen! Görsene
bu negriň özüni bihaýa alyp barşyny: eger ýolumdan pyzyp taşlaýmasam, ol meni
geçirmezikä-de öýdýän. Geň görmeli zat, näme üçin bu negri auksion edip
satanoklar? Ynha, meniň bilesim gelýän zadym. Sen maňa näme diýip jogap
berendirler öýdýäň. Ol şu ştatda ýarym ýyl ýaşaýança ony satmak bolmaýar, häzir
bolsa ol bu ýerde şunça wagt ýaşanok diýýärler, Ynha-da saňa bir mysal Ştatda
alty ap ýaşamadyk erkana negri satyp bilmejek bolsa, onda ol nireden hökümet
bolýarmyş? Ýene-de özüne hökümet diýýär, bu ykmanda, ak köýnekli bu erkana
negri tutmak üçin bolsa alty aplap ýerinden hem gozganyp bilenok…
Kakamyň kellesi göçüp, nirä barýany-da huşundan uçdy, onuň aýaklary diýen
etmeýärdi, şendip ol doňuz edip çelege büdräp, entirekläp gitdi, dyzlaryny
sypjyrtdy we agzyna gelenini sögündi; iň beteri negr bilen hökümete degdi,
çelegede, dogrusy, az degmedi. Ol esli wagtlap, kä bir aýagy, käde beýleki aýagy
bilen otagda täbikledi, kä bu dyzyny, kä ol dyzyny tutdy. Soň hem bar güýjüni
edip, çep aýagy bilen çelegi depip goýberdi! Emma ol muny nähak etdi, sebäbi edil
şol aýagyndaky ädigi ýyrtylyp, ondan iki sany barmagy somalyp çykyp durdy; ol
şeýle bir çirkin gygyrdy welin, muny eşiden her bir adamyň depe saçy üýşjekdi, ol
ykylap, agyran barmaklaryny tutup, hapa ýeriň üstünde eýläk-beýläk togalandy,
özem indi şeýle bir sögünip ugrady welin, munuň ýanynda öňki sögünçleridagy hiç
boldy. Özi hem soň şeýle diýip aýtdy. Ol goja Souberri Hegany hem men diýen
wagty gören, eşiden eken we göýä ondan hem ozdu-ranmyş; emma, meniň
pikirmçe, bu juda çyndyramady. Agşam naharyndan soň kakam çüýşäni alyp,
wiska iki gezek içmegime, bu gezegem däldiremegime ýetjek diýdi. Muňa onuň
dili endik edip gidipdi. Bir sagat töwereklerinden soň ol lüt pýan bolup uka gider,
şonda men açary alarynda, pürs bölegini byçgylaryn we daşaryk çykaryn, ýa başga
bir zat ederin diýip göwnüme düwdüm. Ol yzyny üzmän içip otyrdy, soňra içip
bolansoň ol öz ýorganynyň üstüne gyşardy, emma barybir meniňki paşmady. Onuň
ýatyşy oýaly-ukulydy, zol-zol agdarylýardy, hem hykgyldaýardy, hem uwlaýardy,
hem çar tarapa urunýardy, şeýdip bu esli salyma çekdi. Ahyrsoňy ukym gelip,
gözlerim burlup başlady, men özümi dürsäp-dürsemänkäm, eýýäm süýji uka
gidipdirin, şem bolsa şol ýanyp durupdyr.
Näçe wagtlap ýatanymy bilemok, birden aýylganç bir ses çykdy, men böküp
ýerimden turdum. Kakam dälirän ýaly oňa-muňa ylgaşlaýardy we «Ýylan!» diýip
gygyrýardy. Ol aýagymyň üstünde ýylanlar süýrenişip ýör diýip zeýrendi, soň hem

birden böküp beýläk düşdi-de, biri dulugymdan çakdy diýdi, aýylganç sesini ýene
gygyrdy, emma men hiç hili ýylan görmedim. Ol otagyň içinde aýlanyp ýöwrşüne:
«Aýyrsana ony! Aýyrsana ony! Ol meniň boýnumyň ýüzünden çakýar!» diýip
gygyrýardy. Men adamyň gözüniň beýle aýylganç petreýşini hiç wagt görmändim.
Onsoň ol ysgyndan düşüp, ýeriň üstüne gürpüldäp gaýtdy, özüniň-de demi içine
syganak; onsoň ol ýeriň üstünde ýetişibildiginden çabalandy, zatlary dumly-duşa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.