Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13

Total number of words is 3890
Total number of unique words is 1908
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Heý, ol diýip, Angliýa gitmeli bolýarmy?

— ÝOK, bolanok.
— Eger şeýle bolýan bolsa, Wilgelm Dördünji hem deňiz wannasyny kabul
etmek üçin deňze gitmeli bolanok.

Onda ol deňiz suwuny nireden alýarmyş?
— Adamlar nowany nireden alýan bolsa, ol hem şol ýerden, ýagny çelekden alýar.
Şeffildis köşgünde bir topar gazan bolup, oňa suwy hem şolarda gyzdyryp berýärler.
Deňizde bolsa beýle köp suwy gyzdyrjak gümanyň ýok, ol ýerde suw gyzdyrar ýaly
hiç hili zat ýok.
— Indi düşündim. Näme üçin sen muny şo bada aýdaýmadyň, diňe wagt ýitirdiň
durduň.
Ine şunda men sagaman sypanlygymy bildim we ýuregim ýerine gelen ýaly boldy.
Ol bolsa ýene sorap ugrady:
— Buthana senem gatnaýarmyň?
— Elbetde, gatnaýan, onda-da hemişe gatnaýan.
— Ol ýerde sen nirede oturýarsyň?
— Nirede bolar öýdýäň? Öz oturgyjymyzda oturýan.
— Kimiň oturgyjynda?
— Öz oturgyjymyzda, ýagny seniň Garweý kakaň oturgyjynda oturýarys.
— Şoň oturgyjyndamy? Oňa oturgyç nämä gerekmiş? —. Oturmaga gerek. Sen
nämä gerekdir öýdýäň?
— Görýärmiň muny, men onuň ýeri kafedradadyr öýdýärdim.
Wah, içigar galmyş-eý, men onun wagyz-nesihatçydygyny unudaýan ekenim.
Görýän welin, men ýene batyp barýaryn; ýene towuk süňküne düwünmeli we
böwrümi diňlemeli boldum. Onsoň men:
— Sen, näme buthanada diňe ýekeje wagyz-nesihatçy bardyr öýdýärmiň? —
diýdim.

— Ondan köpi nämä gerek?
— Ba! Korola wagyz-nesihat etmek üçinmi? Men seniň ýalakyny ömrümde-de
gören däldirin. Olar on ýediden az bolanoklar ahyryn.
On ýedi wagyz-nesihatçy! Taňrym! Men her zat diýselerem, munça köp wagt
oturyp bilmezdim. Olaryň hemmesiniň gürrüňini bir hepdede-de eşidip gutaryp
bolmaz ahyryn.
— Biderek zat, wagyz-nesihat olaryň bary bir günde edenoklar, gezekli-gezegine
edýärler.
— Onda galanlary näme işleýärler?
— Aý, üýtgeşik bir zat işlänoklar? Dynç alyp otyrlar, kürüşgeli gezişip ýörler, aý
ýene azmy näme! Käte-hä hiç
zadam edenoklar.
— Onda olaryň nämä geregi bar?
— 0 nähili nämä geregi bar? Pors atmak üçin gerek. Neneň sen muny bilmeýärsiň?
— Beýle bihepbe zatlary bilesimem gelenok! Onsoň Angliýada hyzmatkärlere
nähili garaýarlar? Biziň negrlere garaýşymyzdan gowy garaýarlarmy?
Garaljak gümany barmy: hyzmatkäri adamam hasap edenoklar. Itdenem beter
görýerler.
— Näme olary, biziň roždestwo baýramyna, Teze ýyl Saýramyna we Dördünji
iýul baýramyna goýberişimnz ýaly, baýramlara goýbermeýärlermi?
— Bir zat aýdaýýar-ow! Angliýada hiç haçan bolmadygyň belli-dä. Bilýärmiň,
Towş… bilýärmiň, Joanna, olaryň hiç haçan baýramlary bolmaýar, arly ýylolary
sirke-de, teatra-da, negrleriň balaganlaryna-da, hiç ýere-de goýbermeýärler.
— Buthanada goýbermeýerlermi?

— Buthanada goýberenoklar,
— Sen buthana gidýämişiň ahyryn?
Ine görýärmiň, men ýene bulaşdym. Men garryň hyzmatkäridigimem ýadymdan
çykarypdyryn. Emma men şobada oňa lakeý ýönekeý bir hyzmatkär ýaly bolanok,
ol islese-islemese, buthana gitmeli we şol ýerde hojaýynlary bilen bile oturmaly
bolýar, sebäbi bizde şeýdilýär — diýip düşündirmäge oturdym. Ýöne sözüm
biribirine onçakly baglaşmady: düşündirip gutardym welin, ol meniň diýenlerime
ynananok. Ol maňa: Hany onda çypdyrmaýanlygyňa «hindilerçe söz ber» —diýdi.
Hindi sözi bolsun, aldamok — diýdim.
— Düýpden aldaňokmy?
— Düýpden aldamok. Edil bolşy ýalydyr, ýekeje sözüni hem artdyramok —
diýdim.
— Hany şu kitabyň üstüne eliňi goý-da, ýene bir gezek aýt.
Men munuň sözlükden başga zat däldigine gözümi ýetirip, üstüne elimi goýdum
we ýene bir sapar gaýtaladym. Ol ynanan ýaly etdi-de:
— Ýeri bolýar-da, munuň dogry ýerem bolsa bardyr; ýöne, bagyşlaň welin, men
galanyna hiç wagtam ynanman—diýdi,
Onýança Sýuzanna bilen gapydan giren Meri-Jeýn:
— Näme ol ynanman diýýän zadyň, Jo? Munuň bilen beýle gödek gürleşmek
ýagşamdäl, edepliligem, sebäbi ol bu ýerda ýat, hossarlaryndan hem uzakda, özüň
bilen şeýle gürleşilse, seniň hem janyňa ýaramazdy, şeýle dälmi? — diýdi.
— Sen hemişe şeýle-dä, Meri, onuň göwnüne degmek ýadymada düşenok, sen
bolsaň derrew arkasyny çalýaň. Meniň oňa diýen zadym ýok. Ol bolsa häzir maňa
ýalan sözledi, menem her bir aýdylan zada ynanyp durmaga borçly däl diýdim.

Ynha bar bolan gürrüň, başga aýdan zadym ýok. Beýle bolgusyz zatlara onuň
ýüregi çişip durasy ýokmuka diýýän.
— Bolgulymy, bolgusyzmy, maňa tapawudy ýok. Ýöne ol biziň myhmanymyz,
beýle diýmek hem saňa gelşikli däl. Eger onuň ýerinde özüň bolsaň, özüňem
utanardyň; şonuň üçin adam utanar ýaly zat aýtmak gerek däl.
— Goýsana, Meri, ol näme diýdi ahyryn…
— Neme diýeninde-de parhy ýok, gep munda däl. Ýöne sen oglan bilen mylaýym
gürleş, onuň göwnüne deger ýaly zat aýtma, bolmasa, özüniň bu ýerde ýatdygy,
watanyndan uzakdygy onuň ýadyna düşer.
Men bolsam içimden: «Ynha şunuň ýaly gyzy hem garry krokodile çürkedip
durun!» diýýärin.
Onýança Sýuzanna hem ara goşuldy. Ol Towşan Dodagy şeýle bir alarladyp
ugrady welin, halalyň bolsun!

Men bolsam içimden: «Onuň muny hem bihaýalyk bilen talamagyna ýol
berýärin» diýýärin.
Şonda Meri-Jeýn onuň bilen düýpden başgaça gürleşdi, hemişeki gürleşişi ýaly,
mylaýym, süýji dilli gürleşdi ýöne şondan soň Towşan Dodak otdan-suwdan
ümsüm boldy we gözýaş dökdi.
Gyz doganlary oňa:
— Ynha munyň bolýar, indi sen mundan ötünç soraý — diýdiler. Ol ötünç hem
sorady, özem örän edepli sorady! Şeýle bir sypaýy sorady welin, gulagyma ýakyp
gitdi; ol ýene bir gezek ötünç sorar ýaly, men mundan hem beter ýalan sözläsim
geldi.
Içimden bolsa: «Ynha şuny hem oňa taladyp durun!» diýdim. Ol ötünç
soranyndan soň, olar: özüni edil öýüňde ýaly bil, dostlaryň arasyna geleniňe düşün
diýşip, ýerli-ýerden azara galyp başladylar. Men bolsam özümi şeýle erbet, şeýle
deýýus, şeýle nejis duýdum, şonuň üçinem: gel, soňy nämä degse degsin welin, şol
pullary bulara ogurlap bereýin diýdim.
Men ýatmaga giden kişi boldum, özüm bolsam, entejik sabyr edeýin, ýatmaýyn
diýdim. Täk özüm galyp, muny öz ýanymdan ölçerip ugradym. Doktoryň ýanyna
gidip, kezzaplaryň üstüni açaýsam näderkä? — diýip pikir etdim. Aý, ýok, bu
bolmaýar. Birden ol muny kimin aýdanlygyny aýdaýsa? Onson mana korol bilen
gersogdan eýgilik bolmaz. Ýuwaşjadan Meri-Jeýne aýdaýsam. ÝOK, gowusy,
aýtmaýyn. Olar şuny derrew onuň ýüzünden aňarlar; altynly halta olaryň elinde,
olar kän ikirjiňläp durman, puly alyp ýom-ýok bolarlar. Eger ol birini kömege
çagyryp, menem bu işe bulaşdyraýsa, gör, onsoň munuň haçan üsti açyljak! ÝOK,
diňe bir bolaýjak ýol bar. Bir ýol bilen men ol pullary ele salmaly, özümem hiç
kim menden oslamaz ýaly edip ogurlamaly. Korol bilen gersog işlerini tapdylar,
olar şu ýetimler bilen bu şäheri ykjam sypyrýançalar bu ýerden gitmezler, onsoň
men muňa amatly wagt taparyn. Puly ogurlap gizlärin we derýa bilen aşaklygyna
ýola düşenimizde, Meri-Jeýne hat ýazyp, puly nirede gizlänligimi aýdaryn. Ýöne
welin pullary şu gije ogurlanyňdan gowusy ýok, sebäbi doktor bilýän zatlarynyň
ählisini aýtmadymyka diýýärin: birden ol bulary bu ýerden gaçyraýmasyn.
Hany gidip, otaglaryny barlap çykaýyn diýdim. Ýokarda, koridoryň içi
tümgaraňkydy, emma men her niçigem bolsa, gersogyň bolýan otagyny tapdym we

ol ýerdäki zatlaryň hemmesini elim bilen sermeleşdirip ugradym; birden korolyň ol
pullary hiç kime saklamaga bermejekdigi hakydama geldi, bu onun başarjak zady
däldi; korolyň bolýan otagyna gidip, ony hem döküşdirip başladym. Görsem,
çyrasyz zat eder ýaly däl, ýakmaga bolsa ýürek edip bilemok. Şonda men başgaça
etmegi ýüregime düwdüm: gel, bulary jyklap, näme diýýänlerini diňläýin diýdim.
Onýança hem olaryň gelýänligini eşit-dim.
Ýaňy bir krowatyň aşagyna girjek bolup boýnumy uzatdym welin, krowat meniň
diýen ýerimde ýok ekeni; muňa derek elim aşagynda Meri-Jeýniň köýnekleri
asylgy duran tuta degdi; men ur-tut şonuň aşagyna girdim, köýneklere
gömüldimde, demimi alman durdum.
Olar içerik girdiler, gapyny ýapdylar, gersog ilki bilen eglip, krowatyň aşagyna
seretdi. Baý, şonda krowaty wagtynda tapmanlygyma begendim-ow. Ýogsam,
gizlinräk bir iş edýän bolsaň, öz-özüň krowatyň aşagyna girip gidiberýärsiň ahyryn.
— Ine onsoň olaryň ikiside ýerlerinde oturdylar, şonda korol: Ýeri, näme boldy?
ýöne gysgarak aýt, sebäbi biz basymrak aşak düşüp, ses edýänler bilen ses etmeli,
bolmasa, olar o ýerde biziň gybatymyzy edip başlarlar — diýdi.
— Näme diýsene, Kapet! Men hiç ynjalyp bilemok: men bu doktory hiç halamok,
ol hemişe ýadyma düşüp dur! Siziň nähili planyňyz bar. Men-ä bir pikir edýän
welin, şol dogrumyka diýýärin.
— Näme pikir edýäň?
— Biz bu ýerden basymrak, ýagny ertir sagat üçlerde saýlansak, elimizdäkije bary
bilen oňup derýadan aşaklygyna ýüzüp gitsek, gowy bolardy. Pul biziň elimize
gaty aňsat düşdi, öz elleri bilen berdiler diýen ýaly, ýogsam biz ogurlamaly
bolarmykak diýipdik ahyryn. Men çennegimizi ýygnap, bu ýerden basymrak
saýlanmagyn tarapdary.
Men bir tüýsli gowşap gitdim. Bir sagat, iki sagat mundan öň bolan bolsa, bu
düýpden başga mesele, ýöne häzir welin lapym keç boldy, onsoň ugrum gaçyp
başlady. Korol sögündi-de
— Näme? Indi galan zatlary satman gidäýerismi? Mugtja düşjek bolup duran
sekiz-dokuz müňlük zady goýup, akmak ýaly bolup gidäýerismi? Onsoňam bular
nähili geçginli harytlar — diýdi.

Gersog hüňürdäp başlady we bir halta altynam az däl, men-ä mundan aňryk gidip
biljek däl, ýetimleriň elindäki iň soňkuja zatlaryny alyp biljek däl diýdi.
Korol:
— Tapýan zadyňyz näme? Biz bu pullardan başga olaryň hiç zadyny hem
almarys. Bu taýda alyjylar zyýan çekjek: emlägiň biziňki däldigi äşgär bolanynda,
bu bolsa biz giden dessimize äşgär bolar, satuw galp bolup çykar we emläk ýene
eýelerine gaýtarylyp berler. Ine onsoň siziň ýetimleriňiz hem öýlerine gowşarlar;
olara-da bes-dä: olar heňiz ýaş, janlary hem sag, döwüm çöreklerini bolsa olar her
zat edenlerinde-de taparlar. Olar birjigem zyýan çekmezler. Janyňyz sag bolsun,
olara zeýrenmäge zat ýok — diýdi.
Korol ony şeýle bir jadylady welin, gersog ahyrym boýun boldy we bolýar-da
diýdi. Ýöne:
— Her niçigem bolsa doktor göze-başa düşüp ýörkä şäherde galmaklyk akmaklyk
bolýar! — diýdi.
Korol bolsa:
— Doktor azarymyza däl-le! Biziň on bilen name işimiz bar? Şäherdeki
akmaklaryň bary biziň tarapymyzda ahyryn! Akmaklar bolsa ähli şeherde
akyllylardan köp diýdi.
Onsoň olar aşak düşmäge hyýallandylar. Gersog:
— Bilmedim welin, biz puly oňat gizledikmikäk! Goýlan ýer-ä ahmaldyr — diýdi.
Muny eşidip, men begenip gitdim. Men hiç zat bilmen-ow, bular mana ujunam
aňlatmazlar-ow diýip pikir edip başlapdym. Korol:
— O näme üçin? — diýip sorady.
— Sebäbi, Meri-Jeýn indi ýas geýimini geýner: ol otagyny süpürýän negr aýalyna
ähli letdeleri sandyga salyp, göz görmez ýaly ýerde goýmagy tabşyrýardy. Siz negr
aýaly puly görse, gözi gitmez öýdýärmisiňiz!
Korol:

— Hawa-da, siziň kelläňiz zor işleýär — diýdi we edil meniň duran ýerimden iki
ädimlik beýlede tutynyň aşagyny sermeleşdirip başlady.
Men diwara gysmyljyrap, doňan ýaly bolup durdum, özüm hem durşum bilen
galpyldap durun: olar meni tutaýsalar, näme diýerlerkä diýip içimi gepledýärin!
Her niçigem bolsa tutulanymda, diýjek zadymy pikir etmelidim. Emma bu
pikirimiň ýarysyna hem ýetmänkäm, korol pully haltany tapdy, meniň bu ýerde
duranym bolsa onuň kellesine-de gelmedi. Onsoň olar altynly haltany aldylar-da,
ony ýelek düşekçäniň aşagyndaky sypal düşekçäniň ýyrtygyna sokdular; sypalyň
içine çuňrak sokup, hemmesi ýerbe-ýer bolandyr öýtdüler, sebäbi negr aýaly
kakanynda diňe ýelek duşekçäni kakýar, sypal düşekçäni bolsa ol ýylda iki
gezekden köp kakanok, şonuň üçinem pul duran ýerinde durar, ony hiç kim
ogurlamaz diýdiler.
Emma men welin başgaça pikir edýärdim. Korol bilýen gersog basgançakdan
düşýänçäler, men haltany sogrup aldymda, sermeleşdirip sümelgäme ýetdim we
başga bir ýerde gizleýänçäm, ony öz hütdügimde gizläp goýdum. Men gowusy
haltany howluda gizläýin, sebäbi korol bilen gersog puluň ýoklugyny bilseler,
derrew jaýy gözläp başlarlar diýdim. Men muny bilýärdim. Onsoň men
çykarynman-zat etmän ýatdym, emma barybir uklap bilmedim, bu işi ahyryna çenli
ýetirmesem hiç ýüregim ynjalmady. Basym men korol bilen gersogyň ýene-de
basgançakdan galyp gelýänligini eşitdim; men ýorganymdan ýumak ýaly bolup
togalanyp çykdym-da, çerdak basgançagynyň ýokarsynda gyşardym we soňy nähili
bolarka diýip garaşyp ýatdym. Emma bolan zat bolmady.
Men garaşdym we agşamky sesler ýatyşyp, ertirkiler hem başlanmanka ýuwaşlyk
bilen aşaky etaža düşdüm.
XXVII bap
Men ýuwaşja basyp, olaryň gapylaryna bardym we gulak asyp başladym: olaryň
ikisem hor çekişip ýatyrdy. Şonda men daraklygyma basyp, aňyrlygyna geçip
gitdim we sagaman aşak düşdüm. Hiç ýerden ses-seda çykmady. Men gapynyň
deşiginden naharhana seretdim we tabydyň ýanyndaky oturanlaryň oturan
oturgyçlarynda süýji uka gidip ýatandyklaryny gördüm. Merhumyň ýatan myhman
jaýynyň gapysy açykdy we otaglaryň ikisinde-de çyra ýanyp durdy. Men açyk
gapynyň ýanyndan geçip gitdim; görsem myhmanjaýda Piteriň meýidinden başga

hiç zat ýokdy, onsoň men ýolumy dowam etdirdim, emma jaýyň köçe taýky
gapgsy gulplanyp, açary hem alnyp gidilen ekeni. Ana şol wagt biriniň yzymdan
basgançakdan çykyp gelýänligini eşitdim. Men derrew myhmanjaýa girdim,
töweregime garanjakladym, görsem, tabytda gizläýmesem, haltany gizlär ýaly ýer
ýok. Tabydyň gapagy birneme açylgydy we merhumyň öl esgi bilen ýapylan ýüzi
bilen kepen görnüp durdy. Men pully haltany tabydyň gapagynyn aşagyna
gowşurylyp goýlan elleriň aşagragyna sokdum, eller şýle bir sowuk eken welin,
inim dyglap gitdi, onsoň otagdan ylgap çykyp, gapynyň ýeňsesinde gizlendim.
Yzymdan gelýän Meri-Jeýn eken. Ol ýuwaşja basyp tabydyň ýanyna bardy,
dyzyna çökdi we merhumyn ýüzüne seredip başlady; soňra el ýaglygyny gözüne
ýetirdi, hiç zat eşidilmese-de, men onuň aglaýandygyny aňdym, ýogsam ol maňa
arkasyny öwrübem durdy. Men gapynyň aňyrsyndan çykdym-da, naharhananyň
gapdalyndan geçdim, şonda gel oturanlaryn içinden meni gören bolaýmasyn diýip,
deşikden jykladym, emma imisalalyk eken. Olar kesesinden gymyldaýyn hem
diýmediler.
Men ylgap ýokaryk çykdym-da, şunça zähmet çeksem-de, şunça töwekgelçilik
etsem-de, düýpden pikir edişim ýaly bolmady diýip, lapym keç bolup krowata
gyşardym. Eger pul goýlan ýerinde duraýsa, ýene ýagşy, derýa bilen bir-iki ýüz
milräk geçenimizden soň, Meri-Jeýne ýazyp habar ederin, ol bolsa merhumyň
mazaryny agtaryp, puly alar, ýöne munda-da bolmaz, tabydyn gapagy çüýlenende,
puly tapyp alarlar. Pul ýene korolyň eline düşer, soň ony gaýdyp ogurlajak
gümanyň ýok — dipdim. Men ýene aşak gidip, puly goýan ýerimden alasym geldi,
emma bognum ysmady. Howa gitdigiçe ýagtylýardy, şonuň üçin tabydyň
ýanyndaky oturanlar hem basym oýanjakdylar we ahmal bolsaň, tutjakdylar. Eliň
alty müňli tutaýsalar bolsa, bar onsoň iň bärkisi maňa pula esewan bol diýen hem
ýok ahyryn. Aý ýok, men asyl özümiň beýle işe bulaşmagymy islämok.
Ertir bilen aşak düşenimde, myhmanjaýyň gapysy ýapyk eken, keseki adamlaryň
bary gidipdirler. Diňe özli-özümiz bilen dul hatyn Bartli we kompaniýamyz
galypdyr. Men, belki, ýüzlerinden bir zat aňaryn diýip, oturanlaryň ýüzlerine
seredip başladym, emma hiç zat aňşyryp bilmedim.
Günortanlar kömekçisini alyp tabytçy geldi, olar tabydy öýüň ortasynda, iki sany
stuluň üstünde goýdular, beýleki stullary bolsa hatarlap goýdular, munuň üstesine
goňşularyň stullaryny hem alyp geldiler, şeýlelikde myhman jaýda-da,
naharhanada-da, öňdäki otagda-da stul gytlyk etmedi. Men tabydyň gapagynyň
agşamkysy ýaly açyk duranlygyny gördüm, emma aşagyna seretmäge ýürek
etmedim, sebäbi daştöweregim adamdy. Onsoň çagyrylan adamlar gelşip başlady,

kezzaplaryň ikiside gyzlar bilen öň hatarda, tabydyň başujunda oturdylar, adamlar
bir-biriniň yzyndan ýuwaşja ýöräp, ýarym sagatlap tabydyň ýanyndan geçdiler we
merhuma seredişdiler, käbirleri-hä gözýaş hem etdiler, bularyň hemmesi ümsüm
we dabaraly ýagdaýda geçdi, diňe gyzlar bilen kezzaplar ýaglyk bilen gözlerini
süpürişip, ýuwaşjadan aglaşdylar. Poldaky aýak sesi bilen sümgürinmelerden başga
hiç zat eşidilmeýärdi,sebäbi buthana bolaýmasa, beýleki ýerlere garaňda, adamlar
biri jaýlananda köp sümgürinişýärler.
Öý adamdan ýaňa hyryn-dykyn dolanynda, gara ellikli, mylaýym sözli, sypaýy
tabytçy pişik basyşyny edip, töwerekdäki zatlary gözden geçirdi, hemmesi
ýerbeýer bolar ýaly, saýhallylyk we asyllylyk bilen gören kemçiliklerini
düzedişdirdi. Ol geplemeýärdi: myhmanlary oturdyşdyrdy, gijä galyp gelenleri
ýerleşdirdi, geçgip bolar ýaly, merekäni birneme yza tesiprin, bularyň baryny
edişdireninde, ol ýeke söz hem diýmän, diňe kellesini atyp yşarat etdi. Soň ol
baryp, özüniň diwaryň ýanyndaky ýerine geçip durdy. Beýle ýuwaş, beýle göze
ilmeýän, beýle assyryn adamyny men enemden dogup görmändim, güleninde-de
çalaja ýylgyraýýardy.
Olar biriniň düzülmän duran fisgarmoniýasyny alyp geldiler we hemme zat taýýar
bolanynda, bir ýaş aýal oturyp, ony çalmaga durdy; agy-zenzele näçe diýseň boldy,
munuň üstesine, oturanlar seslerini goşup, aýdyma hem gygyrdylar, bu, meniň
pikirimçe, diňe Pitere ýaradymyka diýýärin. Soň keramatly ata Gobson işe girişdi,
ýuwaşja we dabaraly suratda söz sözlemäge durdy; emma onuň başlanam şoldy
welin, ýerzeminden bir wagyrdy çykdy, heý aýdyp-diýer ýaly däl; wagyrdaýan
bary-ýogy ýekeje itdi, emma turuzýan gopgunyna çydar dagy eder ýaly däldi, ol
irginsiz üýrüp durdy, şonuň üçin ruhany sesini kesmeli we tabydyň ýanynda dik
durup garaşmaly boldy, hiç zat, hatda öz näme pikir edýänligiňi hem eşider ýaly
däldi. Şeýle gelşiksizlik boldy, emma näme etmelidigini bilýän adam ýokdy.
Onýança uzynak tabytçy ilkinji bolup özüne geldi we: «Howsala düşmäň, özüm
baryny ýola salaryn» diýýän ýaly, ruhana başyny atdy. Ol diwaryň gyrasy bilen
çykalga tarap ýöräp ugrady, özi-de küýkerilip baransoň, üýşüp duranlaryň üstaşyry
egni görünýärdi. Ol çykalga ýetýänçä galmagal we it sesi barha güýjedi; ahyrsoňy
otagyň iki tarapyny aýlanyp geçip, tabytçy ýerzemine girip gitdi. Iki sekunt
çemeleri soňrak biz güýçli urgy eşitdik, it bir-iki gezek aýylganç çyňsady-da,
ümsümlik aralaşdy; ruhany ýene özüniň dabaraly sözüniň kesilen ýerinden alyp
ugrady. Bir-iki minutdan tabytçy hem girdi, onuň eginleri ýene diwaryň gyrasy
bilen görnüp gelýärdi, ol şeýdip, otagyň üç tarapyna aýlanyp çykdy, soň bilini
ýazdy, elini agzyna tutdy we boýnuny uzadyp, boguk sesi bilen ruhana: «Ol alaka
tutan ekeni» Diýdi. Şondan soň ol ýene egilip, diwaryň gyrasy bilen öz ýerine taran
ýöräp gitdi. Munuň hemmelere keýp berenligi görnüp durdy, sebäbi olaryň näme

bolanlygyny bilesleri gelýärdi. Şunun ýaly biderek zadyň; adam üçin hiç hili
kynçylygy ýok, emma umumy hormat, umumy söýgi şeýle biderek zatlaryň üsti
bilen gazanylýar. Bu tabytçyny gowy görüşleri ýaly, şäherde hiç kimi gowy
görmeýärdiler.
Tabyt başynda sözlenen söz oňatdy, emma örän uzyn, örän ýürekgysgynçdy;
onýança korol hem şol ýere çykyp, söz sözlemäge durdy, ol öz sözünde
hemişekileri ýaly biderek-biderek zatlary otaryşdyrdy; onsoň tabytçy otwertkasyny
alyp, tabydyn ýanyna ugrady. Men edil iňňäň üstünde oturan ýalydym we ondan
gözümi aýyrman seredýärdim. Ol bolsa tabyla seretmedem: ýeke gapagy
sessizüýnsüz süýşürdi-de, ykjam edip çüýledi. Men bolsam içimi tutdum
galyberdim. Puluň şol ýerde duranlygyny-durmanlygynam bilip bilmedim. Ony
eýýäm biri bildirmän çiläýen bolsa nätjek? — diýip pikir etdim. Indi Meri-Jeýne
ýazmaly boljagynam, ýazmasyz boljagynam bilmedim. Birden mazary agtaryn,
puly tapmasa, ol men barada nähili pikir eder? Aý, gabra gitsinle, onsoňam
yzymdan ko-waýmaklaram, türmä basaýmaklaram mümkin; men iň gowusy dilimi
ýarmaýyn we oňa zat ýazmaýyn diýdim; içigar, ähli zat bulaşdy duruberdi; men
gowusyny etjek boldum welin, ýüz esse beter bolup çykdy, jähennem diýip, men
muňa ozalyndan baş goşmaly däl ekenim!
Piteri jaýladylar, biz öýümize gaýdyp geldik, men ýüzlerinden zat aňyp
bilmezmikäm diýip, ýene-de adamlara seredip başladym, hiç saklanyp, ynjalyp
bilmedim.
Agşam korol myhmançylyga gitdi, ähli adamlara göwünlik berdi, ähli kişä dost
bolan bolup ýürege düşdi, gürrüňiniň arasynda bolsa Angliýadaky dine
ynanýanlarym maňa bu gün geler-erte geler diýip, gözleri ýoldadyr, şonuň üçin
indi howlukmagym: emläkler baradaky işi bir ýüzli edip, öýe gaýtmagym gerek
diýdi — beýle gyssanmaç bolany üçin ol ören gynanan boldy, beýlekiler hem
gynanyşdylar: olar onuň özlerinde köpräk bolanyny isleýärdiler, emma muny nähili
gurajakdyklaryny bilmeýärdiler. Ol, elbetde, Uilýam bilen birlikde gyzlary hem
ýanymyza alyp, Angliýa äkitjek diýen boldy; muňa hemmeler begendiler, sebebi
gyzlar hem-ä hossarlarynyň ýanynda bolarlar, hemem oňat ýerleşerler diýdiler;
gyzlaryň hem göwünleri hoşdy, olar muňa begenişip, gaýgy-hasratlaryny hem
ýatlaryndan çykarypdylar.
Hemmeler: goý zatlaryny basymrak satyşdyrybersin. Gyzlar bolsa ýol şaýlaryny
tutubersinler— diýişdiler. Pahyrjyklar şeýle bir hoşaldylar, şeýle bir
begenişýärdiler welin, olaryň aldanylýanlyklaryna ýüregim awap gitdi, emma
özümiň ara goşulyp, işi azda-kände üýtgetmegime hiç mümkinçilik görmedim.

Korol jaýy hem, negrleri hem Piteriň jaýlananyna iki gün boldugy «Kim ýokary?»
bilen satmakçy bolmadyk bolsa, men duran ýerimde öläýeýin. Emma bulary aljak
adam bolsa, ol hususy suratda öň hem alyp biljekdi. Ine onsoň jaýlanylan günüň
ertesi sagat on ikilerde gyzlaryň şatlygyny ilkinji gezek gam basdy. Iki sany negr
satyjy geldi, korol hemişeki edilişi ýaly edip, üç günüň içinde çekli tölemek şerti
bilen negrleri olara oňat baha dakdy, olar negr oglanlaryň ikisini derýa bilen
ýokarlygyna, Memfise, ejelerini bolsa derýa bilen aşaklygyna, Täze Orleana alyp
gitdiler. Men gapgydan ýaňa gyz pahyrlaryň hem, negrleriň hem ýürekleri ýarylara
geler diýip pikir etdim: sebäbi olar bir-birleri barada şeýle zaryn aglaşdylar, bulary
görüp, meniň hem ýüregim bozuldy. Gyzlar: maşgalany bölüp, şehere däl-de,
uzaga bir ýere satylar diýip düýşümize-de girmeýärdi diýişdiler. Bu bagtygara
gyzlaryň we negrleriň bir-birlerini gujaklaşyp aglaşmalary hiç wagt ýadymdan
çykmaz, bu heňiz hem meniň gözümiň öňünden gidenok, eger bu söwdanyň
galpdygyna, negrleriň hem bir-iki hepdeden öýlerine gaýdyp geljekligine gözüm
ýetmedik bolsa, men muňa çydap, sesimi çykarman durup bilmezdim we derrew
şaýkamyza habar bererdim.
Bu satuw şäherde uly gopgun turuzdy; adamlaryň köpüsi muňa närazydy: enäni
çagalaryndan aýyrmak baryp ýatan masgaraçylyk diýdiler. Bu biziň
kezzaplarymyzyň abraýyny ep-esli pese gaçyrdy, emma gersog her näme diýse-de,
garry akmak öz bileninden galmady, ýogsam gersog, göräýmäge örän
howsalalanýardy.
Ertesi güni «Kim ýokary» söwdasy boldy. Ertir bilen daň atanja badyna korol
bilen gersog meniň ýanyma, çerdaga çykdylar we ukymdan oýardylar; men olaryň
ýüz keşplerinden derrew bir bolmasy zadyň bolanlygypy aňdym. Korol:
— Sen öňki agşam meniň otagyma girdiňmi? — diýdi.
— Ýok, siziň alyhezretiňiz (del adam ýokka, men onuň adyny hemişe şeý diýip
tutýardym).
— A öten agşam bolduňmy?
— Ýok, siziň alyhezretiňiz.
— Ýöne dogryňy aýt, aldama!

— Dogrym, siziň alyhezretiňiz. Men size dogrymy aýdýan. Miss Meri-Jeýn ony
gersog ikiňize görkezeli bäri, men siziň otagynyzyň ýanyna-da baramok.
Gersog:
— Onsoň ol ýere girip-çykan hem bolmadymy? — diýip sorady. .
_ Ýok siziň alyhezretýňiz, hiç hakydama gelenok!
— Onda pikir etde, ýadyňa saljak bol!
Men ýadyma salan kişi boldum, görsem, häzir tüýs pursady, onsoň aldymda,
urtut:
— Hawa, görüpdim-ow, ol ýere negrler giripdi, özem bir-iki gezek hem däl —
diýdim. Olaryň ikiside zöwwe ýerlerinden turdy, ilki bada ýüz keşpleri muny
oslamadyk ýaly bolup göründi, soň bolsa hut şeýle bolar diýip garaşan ýaly boldy.
Gersog:
— Aý goýa! Hemmesi birden girdilermi? — diýip sorady.
— Ýok, hemmesi birden girmedi… ýagny men olaryň ol ýerden hemmesiniň bile
çykanlaryny görmedim. Ynha bar görenim şu…
— Ýeri onsoň? Bu haçan bolupdy?
— Piter jaýlanan güni, ertir ir bilen bolupdy. Ýöne onçakly irden hem däl, sebäbi
men ol wagt ýatyp galypdym. Men ýaňy basgançakdan düşüp ugrapdym welin,
olara gözum düşäýdi.
— Ýeri onsoň, onsoň näme boldy? Olar näme işleýän ekenler? Özlerini nähili
tutýardylar?
— Hiç zat hem işlänoklar eken! Meniň pikirimçe, özlerini alyp baryşlary hem
onçakly däl eken. Olar ol ýerden daraklyklaryna basyp çykdylar; belki, olar siziň
otagyňyzy süpürmäge ýa-da başga bir iş bilen barandyrlar-da, siz oýanansyňyz
öýdendirler; siziň ýatanlygyňyzy görübem sizi oýatmajak, bimaza etmejek bolup,
basymjak çykmak bilen bolandyrlar.

Korol:
— Wah, içigar, al gerek bolsa! — diýdi we olaryň ikiside aljyraşyp, bir-birlerine
samsyklaç seredişdiler.
Olar esli salymlap böwürlerini diňläp, kellelerini gaşaşyp durdular, onsoň gersog
garyljyk sesi bilen güldi-de, şeýle diýdi:
— Seretseňizläň bu negrleriň jögüligine! Olar gitjek bolanlarynda gynanan kişi
boldular. Menem olaryň gepine ynanaýypdyryn, sizem ynandyňyz, asyl ähli adam
ynandy. Ine şundan soň siz meniň ýanymda negrleriň artistlik ukyby ýok diýiji
bolmaň! Bu zeýilli jögüler çem geleniň başyny aýlarlar! Göwnüme bolmasa, biz
olary arzan beräýen ýaly. Meniň maýam bilen teatrym bolsa, bulardan gowy artisti
küýsemezdim. Biz bolsak, olary alypdyrys-da mugt diýen ýaly satyp goýberipdiris.
Ýöne entek o pullar hem biziňki däl. Wiý, ýogsa-da, hany ol pullar, hany ol çek?
— Bankda ýatyr, möhletine garaşýar. Dagy ol nirede bolsun?
— Aý, beýle bolsa, hudaýa şükür, işimiz dürs-le. Men gorkan kişi bolan bolup:
— Neme, bir zat boldumy — diýip soradym. Korol üstümi sögünçden doldurdy:
— Bu seň işiň däl! Sesiňi çykarman, işiň bolsa, işiň bilen bolmany bil! Onsoňam
şäherden çykýançak bu ýadyňda bolsun — diýdi. Soň bolsa gersoga bakyp: —
Etjek alajymyz ýok, çydamaly borda: demimizi ýarman gezäýeris-dä, nädeli —
diýdi.
Olar basgançakdan düşüşip ugradylar, onýança gersog ýene güldi-de:
— Basym satdyg-aý, ýöne muňa derek gazanan gazanjymyzyň ugry bolmady!
Söz ýok — bu gaty düşewüntli iş boldy — diýdi.
Korol onuň ýüzüni aldy:
— Men olary basymrak sataýaýyn diýdim, bu gowy bolar öýtdüm! Eger mundan
girdeji girmän, gaýtam uly çykdajy çykan bolsa, netijede hem öňki-öňkülik bolan
bolsa, onda bu barada meniň hem günäm siziňkiden köp däl.

— Hawa-la, ýöne welin meniň diýenimi eden bolsaňyz, negrler hem öýlerinde
bolardylar, biz hem giderdik.
Korol azgyryldy, emma onçakly ugry bolmady we ýene meniň ustümden düşüp
başlady: öz otagyndan negrleriň daraklyklaryna basyp çykanyny aýtmanym üçin,
ol maňa onatja darady, bu ýerde oňlulygyň ýoklugyny senden başga her bir akmak
bilerdi diýdi. Soň bolsa özüne käýinip ugrady: bularyň hemmesi daň atyp-atmanka
turanym üçin, kesesinden idili dynç hem almanym üçin boldy, indi irde-giçde ir
turaýsam, şol günüme nälet ýagsyn — diýdi. Şondan soň olar şol bir edýän
gürrüňlerini edip çykyp gitdiler, men bolsam bu işi negrleriň boýnuna syrykdyryp
bilenim üçin, onda-da olara hiç hili zyýansyz, örän aýlawly edip bilenim üçin
diýseň begendim.
XXVIII bap
Onýança görsem, turar wagt hem bolupdyr. Men çerdakdan düşüp, aşaklygyna
tarap ugradym; emma gyzlaryň otagynňs duşundan geçip barýarkam, seretsem,
otagyň gapysy açyk eken we Meri-Jeýn özüniň agzy açyk sandygynyň ýanynda
oturyp, ona zatlaryny salyşdyrýan, Angliýa gitmäge taýynlanýan eken. Ýöne ol
edil şol wagt salman, eplengi köýneklerini dyzynyň üstünde goýup, elini ýüzüne
tutup, aglap oturan eken. Men muny görüp, gaty hapa boldum, meniň ýerime her
kim bolsa-da hapa bolardy. Men onuň ýanyna girdim-de:
— Miss Meri-Jeýn, siz betbagtçylyga uçran adamy görseňiz, durup bilmeýärsiňiz,
käte menem şeýle bolýan. Hany aýdyn, size näme boldy? — diýdim.
Onsoň ol gürrüň berdi. Elbetde, ol negrler diýip aglaýar eken, men şeýledirem
öýdüpdim. Ol: indi meniň üçin Angliýa gidenim-gitmänim bir ýaly, enäniň
ogullaryny gaýdyp görmejegini bilip durkam, men neneň edip, hezil edip gezeýin
— diýdi. Soň bolsa öňküdenem beter ses etdi, ýüzüni tutup aglady:
— Eý taňrym-eý, taňrym-eý! Olar gaýdyp bir-biri bilen duşuşmajakdygy, heý
akyla sygar ýaly zatmydyr — diýdi,
Men:
— Ynha iki hepdede geçmez welin, olar ýene birek-birege gowşarlar — diýdim.
Al gerek bolsa! Men oslaman durkam dilimden sypdyraýypdyryn. Şeý diýip
eýläme-beýläme seretmänkäm, ol boýnuma zyňdy we:

— Hany muny ýene-de bir gezek, ýene-de bir gezek, ýene-de bir gezek gaýtala!
— diýdi.
Görýän welin, kelläm gyzyp, aýtmasyz zady aýdyp goýberipdirin, indi bolsa
nädip başymy alyp çykjagymy bilmedim: onuň bolsa basymrak eşidesi gelýär, çym
gyzyl bolup tolgunyp otyr, ýöne her niçigem bolsa, diýşini sogurtdyran ýaly,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.