Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15

Total number of words is 3959
Total number of unique words is 1955
32.3 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görmeseňiz, ol hem bir-iki setir çyrşasyn, aýdyň, biz onsoň hatlary degşirip
göräýeris — diýdi.
— Ol çep eli bilen ýazyp bilenok. Eger onuň sag eli sag bolsa, siz öz hatlaryny-da,
meniň hatlarymy-da onuň ýazanlygyny görerdiňiz. Siz olaryň ikisine-de oňatja syn
edin, olar bir el bilen ýazylan hatlardyr — diýip, goja hümürdedi.
Aklawçy syn edip:
— Men munuň ugry bardyr öýdýän; eger ýok bolaýsa, onda meňzeşlik meniň
eden çakymdan has köp bolup çykdy. Men kelebiň ujuny tapaýandyryn öýdüpdim,
emma gaýtam ýene çolaşan ekenik. Ýene her niçik bolsa-da, bir zadyň-ha arasy
açyldy: bularyň ikiside Uilksler däl — diýdi-de, ol korol bilen gersoga tarap
başyny atdy.
Siz onsoň näme bolandyr öýdýärsiňiz? Bu garry köpek munda-da boýun egmek
islemedi. Hiç egmek islemedi. Beýle derňewden derňew bolmaz diýdi, Meniň
doganym Uilýam dünýäde iň bir wäşiň biri diýdi, ol çyny bilen ýazjak hem
bolmady; galamy bilen kagyza çyrşaşdyryp ugranyndan men Uilýamyň oýun
edýänligini bildim diýdi. Ol aldady-aldady, ahyr hem kellesi gyzyp, öz
kezzaplyklarna özem ynanyp ugrady, emma onýança gelmişek goja onuň sözüni
böldi we:
— Meniň kelläme bir pikir geldi. Bu ýerde menin doganymy, ýagny merhum
Piter Uilksi geýindirmäge kömekleşen-hä ýokdur? — diýdi.
— Bar, Eb Terner ikimiz kömekleşipdik. Biziň ikimiz hem şu ýerde — diýip, biri
seslendi.
Şonda goja korola ýüzlenip:
— Bu jentlmen maňa Piteriň döşüne çekilen suratyň nähili suratdygyny
aýtmazmyka? — diýdi.
Ine, bu ýerde korol basymrak bir zat toslaşdyrmalydy, bolmasa, şeýle synagdan
soň oňa ýol galjak däldi, bu ony üstüne dagyň bölegi gaçan ýaly etdi, beýle zat her
kimem şeýle güne salyp biljek! Ol onsoň Piteriň döşünde nähili suratyň
bolanlygyny nireden bilsin? Onun ýüzi ak tam ýaly bolup gitdi, neneň ak tam ýaly

bolmasyn! Otagyň içi dymdyrslyk boldy, hemmeler öňe omzuklaşyp, gözlerini
koroldan aýyrmadylar. Men bolsam: indi-hä korol boýun alsa gerek, aýagyny diräp
durmadan oňa netije ýok diýip pikir etdim. Onsoň siz ol boýun alandyr öýdýäňizmi?
Ynanar dagy eder ýaly däl, ol boýun almagy pikir hem etmedi. Ol duranlar halys
bolýança saklanmagy göwnüne düwen bolara çemeli; adamlar ýadaşyp,
ýekeýekeden dagaşyp ugrarlar welin, bizem gersog ikimiz sumat bolarys diýip pikir
eden bolara çemeli. Şeýlemi, şeýle däl, garaz, ol sesini çykarman oturdy, ahyrsoňy
hem ýylgyryp:
— Hm! Mesele, elbetde, kyn mesele! Hawa, ser, men onuň döşündäki suratyň
nämäň suratydygyny size aýdyp berip biljek. Onuň döşünde kiçijik, inçejik, gökje
okuň suraty bar-dy, oňa ykjam syn edäýmeseň, görjek gümanyň hem ýokdy. Indi
siz muňa näme diýjek, ä? — diýip.
ÝOK, bu garry köpegiň bihaýalygy ýaly bihaýalygy men ömrüme gören däldirin!
Täze gelen goja Eb Terner bilen dostuna tarap çalasyn öwrüldi, ahyrsoňy bu
gezek koroly tutan ýaly, onuň gäzi ýylpyldap gitdi, ol:
— Ine eşitdiňizmi onuň aýdýan zadyny? Piter Uilksiň döşünde şeýle bellik
bolupmydy? — diýip sorady.
Olaryň ikisi hem:
— Biz-ä beýle bellik göremzok — diýşip jogap berdiler.
— Örän gowy! — diýip, goja jentlmen sözüni dowam etdirdi.
— A siz onuň döşündäki onçakly düşnüksiz, kiçijik P we B-i gördüňizmi,
ýaşlygynda ol ady bilen kakamyzyň adynyň baş harpyny şeýle ýazardy, soň bolsa
ol başgaça ýazyp başlady, onsoň U bilen aralykda hem kese çyzyk goýup ugrady,
ine şeýleräk: P.B.U — diýip, ol bularyň hemmesini bir kagyza ýazyp görkezdi. —
Siz aýdyň, şeýle bellig-ä görensiňiz?
Olaryň ikiside ýene bir agyzdan:
— ÝOK, biz beýle belligem göremzok. Asyl biz hiç hili bellik göremzok —
diýişdiler.

Şonda beýlekiler hem çydap durup bilmediler we gygyryşyp başladylar.
— Wah, olaryň ählisi kezzap, ählisi bir şaýka ahyryn. Olary derýa äkidip, gark
etmek gerek! Taýaga dürtüp bir salym gezdirmek gerek!
Adam bary gykylyk edip, uly gopgun turdy! Onýança aklawçy stoluň üstüne
böküp mündi-de:
— Jentlmenler! Jentlmenler! Maňa ýekeje agyz, diňe ýekeje agyz söz aýtmaga
rugsat beriň. Ýene bir çykalga bar, gideliň-de mazary açyp göreliň — diýdi.
Bu bar adamyň göwnünden turdy.
Ähli adam «ura» diýip gygyrdy we ýola düşmäge häzirlendiler, emma aklawçy
bilen doktor olary saklady:
— Duruň, duruň: Bularyň dördüsinem, oglanjygam tutup, olary-da ýanymyz bilen
äkideliň. Adamlar:
— Hawa, şeýdeliň! Eger bellik ýok bolsa, bar şaýkany Linç suduna sezewar
ederis! — diýşip gygyryşdylar!
Dogrymy aýtsam, men ýaman gorkdum! Gaçmaga bolsa hiç mümkinçilik ýokdy.
Olar bizi tutup, özleri bilen göni mazarystanlyga tarap alyp gitdiler, mazarystanlyk
bolsa şäherden mil ýarymrak aralykdady, derýanyň aýagyndady, bütin şäher hem
yzymyza düşüp gelýärdi, sebäbi biz gopgun turuzýardyk, wagt bolsa entek irdi,
ýaňy agşam sagat dokuz bolupdy.
Öýümiziň deňinden geçip barýarkak men Meri-Jenýi şäheriň daşyna iberenligime
ökündim, sebäbi ol häzir bolan bolsa, üm etdigim, ylgap gelip, meni halas ederdi,
biziň kezzaplary bolsa paş ederdi.
Biz toparymyz bilen derýanyň gyrasy bilen ýöräp barýardyk we ýabany pişikler
ýaly gygyryşýardyk, howa garaňkyrap, ýyldyrymlar çakyşyp başlady, şemalyň
ugruna ýapraklar çyppyldaşýardylar şonuň üçin sowuk endamyňy ýalap geçýän
ýaly bolup durdy.
Men beýle gorkuly güne hiç wagt düşmändim, şonun üçin meniň akylym çaşan
ýaly boldy; ýagdaýlar meniň çak edişim ýaly bolman, düýpden başgaça bolup
çykdy: bu zatlaryň hemmesine daşyndan seredip ýörmeli halyma, onsoň islän

wagtym gaçyp biljek halyma, aýgytly pursatda goldap, halas etjek, boşatjak
MeriJeýnli halyma indi meniň günüm bir surata diredi, meni ölümden diňe şol
surat halas edip biljekdi. A birden ol bellikler ýok bolup çykaýsa?..
Şonda nähili boljakdygy barada meniň pikir hem edesim gelenokdy; näme üçindir
hiç zat barada-da pikir edip bilemokdym. Howa gitdigiçe garalyp ugrady; gaçmaga
örän amatly wagtam boldy, ýöne bu zeberdes Haýns meniň elimden tutup durdy,
munuň ýaly Goliafdan bolsa sypjak bolup gör-dä! Ol meni ýumak çeken ýaly çekip
barýardy, ol şeýle gaharlydy, onsoň ondan galmazlyk üçin men ylgawymy
ýazdyrmaýardym. Barmaly ýerimize ýetenimizde, märeke mazarystanlyga kürsäp
urdy we ony sil alan ýaly etdi. Mazaryň ýanyna baranlarynda, görsem, pil
gereginden ýüz esse dagy köp getirilen eken, emma panus almak hiç kimiň ýadyna
düşmändir. Emma şonda-da ýyldyrymyň ýagtysyna gazyp ugradylar, panus üçin
bolsa mazarystanlykdan ýarym millikdäki iň ýakyn öýe adam iberdiler.
Olar ürç edip gazýardylar, onýança howa hem garalyp, ýagyş guýup ugrady, ýel
gitdigiçe güýjeýärdi, ýyldyrym bolsa barha ýygy çakýardy, gök gübürdeýärdi;
emma olar muňa baş hem galdyrmaýardylar, işleri bilen şeýle gumradylar;
ýyldyrym çakanynda, daş-töwerekdäki zatlaryň ählisi: şu agyr märekedäki her bir
ýüz, mazardan ýokary galýan her bir pil gum görünýärdi, bir salymdan soň tüm
garaňky bolup, howada ýene hiç zat görünmedi.
Ahyrym olar tabydy çykardylar we gapagynyň çüýlerini towlaşdyryp ugradylar,
ýene-de iteleşik başlandy, adamlar tabydy görjek bolup öňe süýşüp ugradylar, heý
bu akyl ýetirerlik işmidir! Garaňkyň içinde, onda-da beýle dyknyşyklykda men
gorkup başladym. Haýns elimi ýaman agyrdýardy, silteýärdi; ol meniň dünýäde
barlygymy hem unudan ýalydy; özem erbet gahary gelen bolara çemeli, gaty-gaty
haşla-ýardy.
Birden ýyldyrym dumly-duşy ýap-ýagty edip taşlady we kiminr biri:
— Hudaý ursun, altynly halta ynha, onuň döşünde dur! — diýip gygyrdy.
Beýlekiler bilen birlikde Haýns hem çirkin gygyrdy, ol meniň elimi goýberdi-de,
altyny görjek bolup, öňe topuldy, onsoň ondan sypyp, ýola neneňsi çykakymy
özümem bilmän galypdyryn.
Ýol bilen barýan ýeke özümdim, tüm garaňkylyk bilen minutsaýyn çykýan
ýyldyrymlary, ýagşyň şabyrdysyny, şemalyň şuwwuldysyny, gök gübürdisini

hasap etmeseň, ýeke özüm aýak aldygyma ylgap barýardym; ýöne welin gaçyşym
zabundy.
Men şähere ýetdim, görsem gök gübürdisine köçede adam galmandyr, onsoň
pereulokdan-pereuloga sowuljak bolup durman göni baş köçe bilen uçup diýen
ýaly gitdim; öýümize ýakynlaşdygymça, gözümi aýyrman şol ýere seretdim.
Emma ol ýerden bir yşygam görünmedi, jaý garalyp otyr. Meniň lapym keç boldy.
Maňa şeýle bir tukatlyk aralaşdy, sebäbini özümem bilmedim. Emma ahyrsoňy
jaýyň deňinden ylgap barýardym welin, birden Meri-Jeýniň äpişgesinde bir
ýylpyldy göründi, şonda meniň ýüregim tars-tars edip, tas agzymdan çykypdy; şol
salymyň özünde jaý hem, beýleki zatlar hem garaňkylykda yzymda galdy, özüm
weliň ony gaýdyp ömrüm ötinçä görmejegimi bilýärdim. Meri-Jeýn hemmelerden
gowudy, beýleki gyzlardan has erklidi.
Şäheriň çetine çykyp, adajyga ýüzüp geçmek barada pikir ederlik arany açanymda,
men alaýar ýaly gaýyk ýokmuka diýip gözläp başladym, ýyldyrym çakyp, ýagtysy
bir gaýyga düşende, men böküp içine girdim we ýetişibildigimden kenardan
saýlanyp ugradym. Bu ýüp bilen ilteniläýen gaýyk eken. Adajyk o diýen ýakyn
däldi, derýanyň orta gürprägindedi, emma men wagtymy ýitirip durmadym;
ahyrsoňy salyň ýanyna gelip demimi aljakdym. Emma süýner ýaly ýer nirede! Men
böküp sala mündüm we:
— Basymrak salyňy boşadawer, Jim. Hudaýa şükür, olardan gutuldyk! — diýdim.
Jim çatmadan çykdy-da, gujagyny açyp, maňa tarap eňdi, ol gelenime şeýle
begendi. Oňa derek ýyldyrym ýagtysyna oňa gözüm düşeninde, gorkyma tas janym
çykypdy; men götinjekläp, saldan derýa ýykyldym, sebäbi men Jimiň bir wagtyň
özünde hem korol Lir bolup, hemem näsag arap bolup oýnaýanlygy ýadymdan
çykyp, gorkyma tas ölüpdim. Emma Jim meni suwdan çykaryp,
gujaklajakgujaklajak bolup durka, men oňa:
— Häzir däl, Jim, sen muny ertirlik nahar wagtyna çenli goý! Häzir bolsa salyňy
çaltrak çöz-de, kenardan saýlan — diýdim.
Iki minut geçip-geçmänkä, biz eýýäm derýa bilen aşaklygyna tarap ýüzüp
barýardyk, ýene bir gezek azatlyga çykmak, hiç kim hiç zat diýmez ýaly, giň
derýanyň ortasyndan diňe özli-özüň ýüzüp gitmek gör nähili gowy eken! Men
begenjime hatda bir azrak bökjekläp, tans hem etdim, elimi hem çarp-dym, hiç
begenjimi saklap bilmedim; üçünji gezek çarpamda welin men özümiň gaty belet

sesimi eşitdim; demimi alman gulak asdym, garaşdym: edil özi eken, derýanyň
ýokarsynda ýyldyrym çakdy, görsem, ýüzüp gelýän olar! Şeýle bir kürege zor
berýärler welin, gaýyklaryň gyrasy şatyrdap-şatyrdap gidýär. Bular korol bilen
gersog ikisidi.
Men salyň üstüne ýüzin ýykylyp, zordan aglaman saklandym.
XXX bap
Olar sala aýak basan batlaryna, korol maňa tarap topuldy, ýakamdan towlap tutup:
— Köpek ogly, sen bizden gaçmak islediňmi! Biziň kompaniýamyz seni irizdimi?
— diýdi.
Men:
— Ýok, siziň alyhezretiňiz, biz bir zadyň bolanyny islemedik… Siziň
alyhezretiňiz, goýberseňizläň — diýdim.
— Kelläňe näme gelen bolsa, basymrak aýt, ýogsa edil janyňy alaryn.
— Siziň alyhezretiňiz, men ähli bolan zady size bolşy ýaly gürrüň bereýin, muny
men gara çynym bilen aýdýaryn. Meni tutup duran adam meniň bilen örän
mylaýym gürleşdi; hemişe: edil seniň ýaly oglanjygyň beýle şatylara düşüp
ýörşüne nebsim agyrýar diýdi. Altyna gözi düşüp huşlary başlaryndan uçanda we
tabyda tarap eňenlerinde, ol meniň elimi sypdyryp: «Basymrajyk gaç, ýogsam
bular seni asaýmasynlar!» diýdi. Onsoň menem gaçdym. Göwnüme bolmasa,
galanyňdan netije ýok, elimden geljeg-ä zat ýok, onsoň men gaçyp bilýäkem, näme
üçin asylýançam garaşyp durmalymyşym! Şonuň üçinem men durman gaçdym, tä
gaýyga ýetinçäm gaçdym; sala özümi atamda bolsa, Jime basymrak ugra, bolmasa,
olar yzymdan kowup ýetip, meni asarlar diýdim; ýene men oňa siz bilen gersog diri
galan däldirler diýdim meniň size örän nebsim agyrdy, Jimiň hem nebsi agyrdy,
size gözüm düşeninde bolsa men ören begendim. Dogrymy
andýanlygymyaýtmaýanlygymy, ynha Jimden soraýyň.
Jim: edil aýdyşy ýaly diýdi, korol bolsa oňa sesiňi kes dindi:

— Hawa-da, ýogsam näme, köpräk ýalan sözle, Ol şeý diýip ýene meniň
ýakamdan silterledi we derýa gark ederin diýdi
Emma gersog:
— Goýberiň oglany, akmak garry! Näme, siz özüňizi başgaça alyp bardyňyzmy?
Azatlyga çykanyňyzda, siz heý ony ýatlap soradyňyzmy? Meniň-ä beýle zat
ýadyma düşenok — diýdi.
Şonda korol meni goýberip, maňa we şäherdäki ýaşaýanlaryň ählisine sögünip
başlady. Emma gersog:
— Siz, gowusy, özüňize ykjamrak käýiniň, sebäbi ilki bilen size käýinmek gerek.
Aljyraman, gök okly bahanany tüýs wagtynda tapdyňyz diýäýmeseňiz, siz başdan
başlan, idili zat etmediňiz. Onyňyz welin tüýs ýerine düşdi, örän mekir hile boldy!
Ynha bizi halas edenem şol boldy. Eger şol bolmadyk bolsa, iňlisleriň ýükleri
gelýänçä bizi türmä basardylar, soň bolsa düzediş lageri diýermidi, nämemi,
hökman bir zat tapylardy! Emma siziň okuňyz diýip, olar aýaklaryny süýräp,
mazarystanlyga gitdiler, ol ýerde bolsa altyn bize has hem uly kömek berdi:
ýogsam ol bihaýa akmaklaryň kelleleri göçmedik we altyny görjek bolup ählisi
tabyda tarap eňmedik dagy bolsa, biz häzir galstuklyja ýatmaly bolardyk, ol
galstuklar bolsa aýratyn berk galstuklar — diýdi.
Olar bir salym böwürlerini diňläp durdular. Onson korol diýseň aljyrasňy halda:
— Hm! A biz bolsak ony negrler ogurlandyr öýdüpdik — diýdi.
Men gorkyma, ýumak ýaly boldum.
— Hawa-da—diýip, gersog sözüne dyngy berdi we ýaňsa aldy. — Öýdüpdik.
Ýene ýarym minut çemeleri geçeninde korol has çasly:
— Özüm-ä şeýledir öýdüpdim — diýdi. Gersog hem oňa edil özüniňki ýaly edip:
— Tersine, men şeýledir öýdüpdim — diýdi. Korol çym gyzyl bolup: Ýogsa-da
siz name kakdyrýaňyz — diýdi.
Bu gezek gersog oňa has janlyrak jogap berdi:

— Rast gürrüň şuňa syrygan bolsa, sizden hem soramaga rugsat ediň: eýsem siz
näme kakdyrypdyňyz?
— Ýaman aldawçy bolupdyrys! — diýip, korol has teýeneli gürledi — Bilemok
welin, siz edýän işiňize düşünmän belki, düýşüňizde şeýdensiňiz?
Gersog bada-bat gazaba mündi we:
— Biderek ýaňramaňyzy goýsaňyzlaň! Siz meni akmakdyr öýdýäňizmi? Näme,
men puly tabytda kimiň gizlänligini bilemokmy? — diýdi.
— Hawa, sudar! Men siziň bilýänligiňizi bilýän, sebäbi ony gizlän siziň özüňiz
ahyryn!
— Ýalan sözleýäň! — diýip, gersog korolyň üstüne topuldy.
Korol bolsa:
— Eliňizi ýitirim ediň! Bogazymy goýberiň! Sözümi gaýdyp alýaryn —diýip
gygyrdy.
Gersog:
— Bolýar, ýöne ilki bilen puly gizlänligiňizi, onsoň meniň gözüme sap atyp
gaçjak bolanyňyzy, soň hem gelip, mazary açyp, puluň ählijesini jübiňize urjak
bolanyňyzy boýnuňyza alyň—diýdi.
— Bir minutjyk duruň, gersog! Meniň bir soragyma göni we asylly jogap beriň:
eger puly ol ýerde gizlän siz bolmasanyz, onda göni aýdyn. Men size ynanaýyn we
ähli diýenlerimi yzyna gaýdyp alaýyn.
— Aý, garry näkes! Men hiç zat gizlämok, ony gizläniň hem men däldigimi siz
bilýärsiňiz ahyryn. — Ýeri bolýar-da, men size ynanýaryn. Meniň ýene bir
soragyma jogap beriň, ýöne welin gyzmaň: puly alyp gizläp goýmak iziň
pikiriňizde ýokmudy?
Gersog ilki bada esli salymlap jogap bermedi, soň hem:

— Bolanynda näme, bolaýanynda hem men muny beýtmedim ahyryn. Siziň bolsa
diňe göwnüňizde bolman, eýsem puly çilipsiňizem — diýdi:
— Eger alan bolsam, gersog, men şu ýeriň özünde öläýeýiň, ýöne ony, olary
almadym, hakyt çynym! Aljak bolmadym diýip biljek däl: eden zadyňy etdim
diýmeli, ýöne welin siz… ýagny başgalar… meni öňürtdiler.
— Ýalap sözleýäňiz. Ony siziň özüňiz ogurlapsyňyz, ogurlanyňyzy boýnuňyza
hem alaýyň, ýogsam…
Korol demigip ugrady, onsoň bolsa halynyň ýetdiginden:
— Besdir… boýnuma alýan! — diýip hümürdedi.
Beýle zat eşidenime men örän begendim, meniň ýüküm ýeňlän ýaly boldy.
Gersog ony sypdyryp:
— Eger siz ýene höçjetlik edäýseňiz, onda derýa gark ederin. Şeýdiň-de, çaga ýaly
hyk-çok ediň oturyň, şu etmişiňizden soň, size tüýs gelşäýjek zat, edil ýuwdarha
ýaly, ähli zady ýuwutjak bolup azara galyp ýörsüňiz! Men beýle adamy ömrüme
gören däldirin, ýene-de men muňa atama ynanan ýaly ynanyp gezdim!
Utanmaýaňyzmy! Muny negr pahyrlara ýapyşlaryny durup diňleýärem-ä,
kesesniden dilini hem ýarmady, taraplaryny hem tutmady! Indi meniň öz bolşuma
gülkim gelýär: beýle bolgusyz zatlara ynanyp, akmakmy diýsene! Wah, al kakmyş,
puluňyzyň ýetmeýän ýerini beýle çalt ýetirjek bolmaňyzyň emmasyna indi-indi
düşünip galýan! Siz meniň «Žirafdan» alan pulumam jübiňize urmakçy bolupsyňyz,
hemmesini bir wagtyň içinde etmek islänsiňiz! — diýdi.
Korol heniz hem horkuldysyny goýman, gorka:
— Goýsaňyzlaň, gersog! Muny aýdan düýpden men däl ahyryn. Puluň
ýetmeýänini ýetirmeli diýip, özüňiz aýtdyňyz ahyryn — diýdi. Gersog:
— Sem boluň! Meniň indi gulak hem asasym gelenok! Beýdip bitiren işiňizi indi
görýäňizmi? Olar ähli puly yzyna gaýdyp aldylar, üstesine biziň hem bir-iki
dollardan başga galan pullarymyzam aldylar. Baryň-da ýatyň, onsoňam men
gaýdyp bu barada hiç zat eşitmäýin, ýogsam men size şeýle bir oýun görkezerin
welin, ömür ýadyňyzdan çykmaz — diýdi.

Korol mytdyldap, çatma tarap ugrady we göwnüne teselli berjek bolup, çüýşä
ýapyşdy, onsoň gersog hem kem galmady; ýarym sagat töwereklerden olar ýene
dostlaşyp gitdiler, näçe köp içdikleriçe-de, olar bir-biri bilen mylanym gürleşdiler,
ahyrsoňunda hem gujaklaşyp, parahat uka gitdiler, Olaryň ikisem birnemejik
içipdiler, emma korol näçe içse-de, bir gezek hem pullary ogurlan men däl diýip
aýtmady. Maňa bolsa bu kemem däldi, mundan ýüküm ýeňlän ýaly bolýardy,
keýpim kökelýärdi. Belli zat, olar hor çekip uka gidenlerinde, biz Jim ikimiz
gürleşip keýpden çykdyk, men şonda ona barjasyny gürrüň berdim.
XXXI bap
Biz bassyr telim günläp şäherlerde düşläp bilmedik we şol derýa bilen aşaklygyna
ýüzdük oturdyk. Indi biz öňümizden örän uzakda, günortalygyň ýyly
klimatyndadyk, Ýolumyzdan uzyn çal sakgala çalym edýän ispan mohlary bilen
örtülen agaçlar çykyşyp başlady. Men mohuň gögerip oturanyny ilkinji gezek
görýärdim, onuň ýanynda tokaý tukat we tutuk görünýärdi. Biziň žuliklerimiz indi
gorkara zat ýok diýen netijä geldiler we ýene şäherlere çykyp, adamlaryň başlaryny
aýlamaga başladylar.
Ilki bada olar içgiden saklanmak barada leksiýa okadylar, emma mundan düşen
pul olaryň içgilerine-de ýetmedi. Şonda olar goňşy şäherde tansçylyk mekdebini
açmagy göwünlerine düwdüler, emma olaryň özleri-de, tansy kengurudan idili edip
bilenokdylar; olaryň aýaklaryny uzadanlary hem şoldy welin, üstlerine märeke
eňip, olary şäherden çykaryp goýberdi. Soň bir gezek olar dilewarlyk senetini
okadarman boldular, emma köp sakyrdamaly bolmady, sebäbi diňleýjiler çydap
oturyp bilmediler we olara agyzlaryna gelenini sögüp, şeherden saýlanmaly
diýdiler. Olar wagyz-nesihat edip çykdylar, ynandyryp, tebipçilik edip çykdylar,
pal atdylar, emma bularyň hiç haýsysyndan hem peýda bolmady. Şeýdip olar bar
zatlaryndan çykdylar we uzynly günlerin salyň üstünde gezmeläp geçirdiler,
hemişe içlerini hümledip gezdiler, bir-birleri bilen hem gurleşmediler: olar şeýle
tukat, şeýle gaharlydylar.
Onsoň olar birden özlerine geldiler; çatmaň, içinde bize eşitdirmän, pyşyrdaşyp,
bir zat-bir zatlar barada maslahatlaşyp başladylar, her gezekki maslahatlary iki-üç
sagada çekdi. Biziň Jim ikimiz howsala düşdük. Bularyň beýtmeleri bize
ýaramaýardy. Ýene-de öňkülerindenem myrtar bir işiň başyny tutjaklar öýdýän
diýişdik. Biz pikir edip, esli salym kelle çişirdik, ahyrsoňy hem bular biriniň

jaýyny ýa-da dükany ýarjakdyrlar, ýa bolmasa galp pul çykarjakdyrlar diýen netijä
geldik. Biz gorkymyza allaniçiksi bolduk we bir-birimize: olaryň işine hiç hili
dahylymyz bolmaly däldir, azda-kände mümkinçilik tapsagam, bulary taşlap
gaçmalydyrys, goý olaryň ýeke özleri galybersinler diýişdik.
Ine onsoň bir gezek ir bilen biz salymyzy Paýkswill diýen şäherjigiň iki millik
beýlesinde gizlençek ýerde gizläp goýduk, korol kenara gitdi, bize bolsa şähere
aýlanyp, «Žiraf» baradaky gürrüňiň gulaklaryna ýetenini-ýetmänini bilip
gelýänçäm gymyldaman oturyň, kelläňizi çykaraýmaň diýip tabşyrdy (men öz
ýanymdan «ähtimal, öý urmaga gidýänsiň welin, geleňde Jim ikimizi
tapaýarmykaň» diýip pikir etdim). Ol: günortana çenli gaýdyp gelmesem, onda
hemmesiniň gülala-güllük boldugydyr, onsoň gersog hem şähere ugrabersin —
diýdi.
Biz salda galdyk. Gersog birsyhly gyjyndy oturdy, garaz keýpi kök bolmady, biz
oňa hiç ýaranyp bilmedik, ol bize her bir owunjak zat üçin igendi. Bularyň bir zat
etjek bolýanlygy aç-açan görnüp durdy. Günortan hem boldy, emma korol gelmedi,
dogrusyny aýtsam, men muňa örän begendim: ahyrym bir uýtgeşik boljag-ow,
belki, ählisiniň gülalagüllük bolup gidibermegem mümkin diýip içimi gepletdim.
Biz Gersog bilen şähere ugradyk we baryp, koroly gözläp başladyk, basym biz ony
piwohananyň syrtky otajygynda lüt pýan halda tapdyk; enteşip ýören ýaltalar keýp
görjek bolup, onuň gaharyny getirýärdiler, ol bolsa olara agzyndan gelenini
diýýärdi, haýbat atýardy, özi bolsa aýak üstünde zordan durýardy, olara edip bilýän
zady ýokdy. Munuň üçin gersog oňa garry akmak diýip käýindi, korol hem bergidar
galmady, onýança-da geýdirilişip ugradylar, men derrew ökjäni göterdim, derýa
tarap şeýle bir ylgadym welin, ylgaýşyma gözem ilmedi. Ynha bu şol gözläp ýören
pursatym, indi olar Jim ikimizi gaýdyp göräýerlermikä diýdim. Men has-has edip,
derýa ýetdim we begenjime bir ýerde durup bilmedim. Men:
— Jim, saly basymrak çözewer, indi biziňki boldy — diýip gygyrdym.
Emma maňa hiç kim hä bermedi, çatmada hiç kim ýok eken. Jim ýitipdir! Men
yzly-yzyna «Jim!» diýip gygyrdym; tokaýlygyň içi bilen bir eýläk, bir beýläk at
saldym, ýene gygyrdym, emma hiç hili jogap bolmady, garry Jim elden gitdi. Men
oturyp agladym, gözýaşymy saklap bidmedim. Emma köp oturyp bilmedim. Ýola
çykyp ýöräp ugradym we indi nätmeli borka? — diýip, pikir edip başladym.
Onýança öňümden bir oglanjyk çykdy; men ondan şeýleräk, şeýleräk geýnen bir
negri görmediňmi? — diýip soradym, ol:
— Gördüm — diýdi.

Men:
— Nirede gördüň? — diýip soradym.
— Hol, Saýlas Felpsiň plantasiýasynyň ýanynda görduü, ol ýere çenli iki mil
töwerekleri bardyr. Ol gaçgak negr eken, ony eýýäm tutdular, näme, sen şony
gözleýärmiň?
— Ýok, pikirem edemok! Men oňa bir-iki sagat mundan öň tokaýda gabat
geldim, şonda ol maňa eger gygyraýsaň, janyňy alaryn, özüňem oturan ýeriňden
butnaýmagyn diýdi. Onsoň menem çykmaga gorkup oturdym.
— Tutulan bolsa indi saňa gorkup oturasy zat ýok-la. Ol daşdan, Günortadan
gaçyp gaýdanmyş.
— Tutanlary gowy bolupdyr.
— Ýogsam gowy bolmazmy! Ony tutanyň iki ýüz dollar sylagy bar ahyryn. Edil
ýoldan tapan ýaly.
— Hawa-da, ulurak bolan bolsam, sylagy menem alyp bilýärdim, sebäbi ony ilki
gören men. Onsoň ony kim tutupmyş?
— Bir gelmişek garry tutupdyr; ýöne ol öz paýyny kyrk dollara satypdyr, sebäbi
ol derýa bilen ýokarlygyna gitmeli bolansoň, garaşyp bilmändir. Hi, ony görsene!
Ýok, özüm-ä ýedi ýyl garaşmalam bolsam garaşardym.
— Menem hökman garaşardym. ýöne ol ony şeýle arzan satan bolsa, paýy şondan
artyk däldir, belki, bu ýerde bir galplyk bar bolmasyn?
— Galplyk näme işlesin, ondan arassa zat ýok. Bildirişi öz gözüm bilen gördüm.
Onda ol baradaky ýazylan zat, nokatma-nokat gabat gelýär, suratyny çekeňde-de,
munça bolmaz, ol Täze Orleandan, plantasiýadan gaçypmyş. Ýok, bu ýerde galp
zat ýok, hemmesi dogry… Dost, sen maňa çeýnär ýaly temmäki-hä beräýmersiň?
Meniň temmäkim ýokdy, onsoň ol öz ýoluna gitdi. Men salyň ýanyna gaýdyp
geldim, çatma girdim we böwrüme diň salyp oturdym. Emma kelläme gelen zat
bolmady. Tä kelläm hum ýaly çişinçä pikir etdim, emma her näme etsemem, duşan

belamdan çykalga tapmadym. Biz näçeler derýada ýüzdük, bu kezzaplara näçe
ýagşylyklar etdim, emma barysy biderek boldy! Bularyň hemmesi olaryň Jime
şeýle naýynsaplyk etmäge, bolar-bolgusyz kyrk dollar üçin ony ömri ötinçä
gulçulyga sezewar etmäge, onda-da keseki adamlar üçin şeýtmäge bogunlary ysany
sebäpli biderek boldy.
Eger doganynda gul bolmaly diýlip ýazylan bolsa, onda maşgalasynyň arasynda,
öz ýurdunda gulçulykda galan bolsa, Jim üçin müň esse gowy bolardy diýibem
pikir etdim. Tom Soýere hat ýazaýsam näderkä! Goý, ol Jimiň niredeligini miss
Uotsona aýtsyn. Emma basym men bu pikirimden el çekdim, özem ynha şunun
üçin: birden miss Uotson Jimiň şeýle gadyr bilmezligine, naýynsaplygyna,
özünden ur-tut gaçanyna kejigip, ýene derýaň aýagyna satyp goýberiberse? Eger
satmaýanynda-da, eýgilik bor öýdemok: beýle gadyrbilmezek negri hemmeler
ýigrenerler, bu bolaýan zat-da, onsoňam Jimiň haramzada, näkesdigini ykjam
görkezerler. Meniň ýagdaýym! Negriň gaçamagyna Gek Finniň kömekleşenligi
ähli adama ýeter; onsoň men öz şäherimizde ýaşaýanlaryň birine duşaýsam,
utanjymdan girere deşik tapman. Bu hemişe şeýle bolýar: adam bir etmiş edýär-de,
soň hiç yzynda durup bilenok. Onuň üsti açylýança, utanar ýaly zat ýok diýip
hasap edýär. Ynha meeňkem şeýle boldy. Bu barada pikirlendigimçe, men şonça
çykgynsyz güne düşdüm. Men özümi tüýs bir biderek, tüýs bir nejis, tüýs bir näkes
hasap etdim. Ahyrsoňy kelläme bir pikir geldi, wiý, bu belli zat ahyryn diýdim:
hökmi güýçliniň mana çalan şapbady hem özümi alyp barşymyň asmandan görlüp
oturylanlygyna düşünmegim üçindir; meniň özüme ýamanlyk etmedik adamyň —
biçäre kempiriň elçidäki negri ogurlanlygym eýýäm ol ýere-de aýan bolupdyr.
Ynha maňa ähli bolan zatlary görüp oturan gözüň barlygyny-da, onuň galplyga
çydaman, hökman onuň yzyndan ýetýänligini-de görkezdiler. Ine şuňa düşünen
badyma, gorkyma aýaklarym sandyrap ugrady. Emma men her niçik-de bolsa,
özümi aklar ýaly bahana tapmaga jan etdim; maňa idili öwredilen zat bolmady,
şonuň üçin men onçakly günäkärem däl diýip pikir etdim; emma nämedir bir zat:
«O bolmasa, ýekşenbe mekdebi bar ahyryn, näme üçin sen oňa gatnamadyň?
Negriň gaçmagyna kömekleşseň, dowzahda ýanjakdygyňy saňa ol ýerde
düşündirerdiler» diýip, yzymdan galmady.
Men aýylganç galpylda gitdim. Men, gel, häzirkim ýaly däl-de, oňat oglan
bolarym ýaly, düzelerim ýaly, çokunjak bolup göreýin diýdim we çöküme düşdim.
Emma doga dilim aýlanmady. Eýsem näme? Muny hudaýdan gizläp oturasy iş
ýok. Özümdenem gizläp oturasy iş ýok. Doga dilimiň aýlanmaýanlygynyň sebäbini
men bilýärdim. Sebäbi men galplyk etdim, özümi akýürekli alyp barmadym.
Düzetmekçi bolsamam, esasy günäm üçin toba etmedim. Bolmalysy ýaly bolasym
gelýär, gidip, negriň nirededigini hojaýyn aýala ýazasym gelýär diýip daşymdan

aýdanam bolsam, bularyň hemmesiniň ýalandygyny ýüregim syzýardy, muny
hudaý hem bilýändir. Men çokunyp otyrkaň ýalan sözlemeli däl diýip düşündim.
Onsoň juda çaşdym, näme edip, näme goýjagymy-da bilmedim. Ahyrym bir zat
ýadyma düşdi; men öz-özüme: gideýin-de, şol ýazaýyn diýen hatymy ýazaýyn,
çokunyp bilýänimi-bilmeýänimi onsoňam bir göreýin diýdim. Geň zat: edil şol
pursadyň özünde ýüregim ýerine gelip, ýüküm ýelek ýaly ýeňledi, bir tüýsli,
zatlaram düp-düşnükli bolan ýaly boldy. Men kagyz-galam aldymda:
«Miss Uotson, siziň gaçgak negriniz Jim şu ýerde, Paýkswillden iki millikde,
mister Felpslerde, eger siz goýan baýragyňyzy iberseňiz, ol size Jimi berer.
Gek Finn»,
— diýip ýazdym.
Meniň göwnüm açyldy, onsoň ömrümde ilkinji gezek günäden saplanandygymy,
çokunaýyn diýsem, çokunyp hem biljekdigimi duýdum. Emma şonda-da
çokunmaga howlukmadym, ilki bilen kagyzy ýerde goýup, esli salymlap pikir edip
oturdym: şeýle bolany gowy bolaýdy, ýogsam tas janymdan el üzüp, dowzaha
barmaly bolupdym — diýip pikir etdim. Soň ýene pikir etmämi dowam etdirdim.
Derýaň ugry bilen eden syýahatymyzy ýada saldym, şonda Jim öňümde janly
duran ýaly bolup gö-ründi: kä gündiz, kä gije, kä aý aýdyňda, kä tupan-gaýda salda
ýüzüşimiz, gürrüň edişimiz, aýdym aýdyşyp, gülşüşimiz göz öňümden gitmedi.
Emma Jimiň garşysyna durar ýaly welin hiç zat ýadyma düşmedi, gaýtam tersine.
Bir görsem, ol meň ýerime garawulçylyk çekip, ukymy alýançam oýaryp bil-män
dur; bir görsem, dumanlykda sala gelenimde ýa-da gan duşmançylygy gidýän
ýerde, batgada duşuşanymyzda, ol begenip, iki bolup bilmän dur; onuň maňa
«ezizim», «oglum» diýýänleri meni läliksiredişi, meniň üçin elinde baryny edip,
ýakymlylygy, şeýle hem salymyzda mama keseli bar diýip, ony halas edişim, onuň
bolsa maňa minnetdar bolşy we dünýäde senden gowy dostum ýok, bir dostum bar,
olam sen diýeni — hemmesi ýadyma düşdi; şol ýeriň özünde atanlykda
öwrülemde, hata gözüm düşdi.
Ol edil ýanymda ýatyrdy. Men ony aldymda, elimde tutup düýrdüm, süňňüm
sandyrap ugrady, sebäbi häzir bütin ömrüm üçin iki ýoluň birini saýlamalydym,
men muňa düşünýärdim. Men birsellem pikir etdim, hatda demimiň gelmesi hem
galan ýaly boldy, ahyr men öz-özüme:

— Etjek alajym ýok, dowzahda ýanaýjak diýdim we haty alyp, jyrram-jyrram
etdim.
Beýle sözler barada pikir etmek, beýle sözleri diliňe almak gorkulydy, emma men
her näme-de bolsa, aýdyp goýberdim. Bir aýdansoň bolsa jähennem diýýärsiň, men
düzelmek barada şundan soň pikir hem etmedim. Bu zatlaryň baryny kellämden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.