Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05

Total number of words is 4079
Total number of unique words is 1979
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Ony kimiň öldürenligini biziň ýanymyzdada bilesi gelýän az delmikä diýýärin.
Käbirleri-hä ony garrynyň ,zi öldüripmiş diýýärler.
— Aý ýog-a!
— Ilki bada ähli adam şeýledir öýtdi. Özüniň tas Linç suduna çekilenligini ol
güman hem edýän däldir. Emma agşama çenli pikir üýtgäp, ony gaçyp giden negr
Jim öldüren-dir diýdiler.
— Wiý, ol…
Men tapba sesimi kesdim. Sesiňi çykarman oturanyňdan gowusy ýok öýdýän
diýdim. Hernä ol gürrüňiniň arasyny kesmedi. Meniň bir zat diýenimi hem aňjak
bolmady — Ol negr edil Gek Finniň öldürilen gijesi gaçyp gidipdir. Şonuň üçinem
ony tutup getirene üç ýüz dollar sylag berjekmişler. Garry Finni tutup gelenede iki
ýüz dollar baýrak goýupdyrlar. Eşider bolsaňyz ol ertesi ir bilen şähere gelip Gekiň

öldürilenligini aýdypdyr, beýleki adamlar bilen ony gözlemäge çykypdyr, ana
şondan soň hem ýok bolaýypdyr. Ony şol agşam Linç suduna çekjek ekenler,
emma ol gaçypdyr. Ertesi görseler, negr hem gaýyp bolan eken: şol Gekiň
öldürilen gijesi sagat ondan soň ony gören bolmandyr. Onsoň Geki öldüren şoldur
öýdüp başlapdyrlar, emma ertesi bütin şäheriň edýän gürrüňi şuka, garry Finn
gaýdyp gelipdirde, göni sudýa Tetçeriň üstüne gidipdir we goh baryny turzupdyr:
onuň pul bermegini, bütin Illinoý ştatynyň daşyny alyp, şol negri tutmagyny talap
edipdir. Sudýa oňa bir az-owluk pul beripdir, garry şol agşam lüt pýan bolýança
içipdir we iki sany tüýsi bozuk bilen ýary gijä çenli köçede çaýkanyp gezipdir,
onsoň hem şolar bilen ýitirim bolup gidipdir. Ine onsoň şondan soň ol gaýdyp
gelmändir, işler düzelýänçä, ol geler hem öýdenoklar. Belki, Geki onuň özi
öldürip, muny banditlere ýazar ýaly eserdir, şol iki arada hem Gekiň pulundan
ýonjak bolýandyr, şeýle bolsa onuň suda barmak aladasy-da boljak däl —
diýişdiler. Adamlar: ol nädip öldürsin, ol muňa-da ýaranok ahyryn — diýişdiler.
Men bolsam: baý, onuň mekirdigini! Ol ýene-de bir ýyllap gelmese, munuň üçin
oňa bolan zat bolmaz. Onsoň subut hem etjek gümanyň ýok, şonda hemmesi
ýatdan çykyşar we ol Gekiň puluny kynçylyksyz-zatsyz alar — diýip pikir etdim.
— Hawa, menem şeýle bolarmyka diýýärin. Onuň elini idäp duran barmy!.. Indi
Geki öldürendir diýýän ýokmy?
— Aý, ýok, diýýän bar. Her niçigem bolsa köp adam Geki şol öldurendir öýdýär.
Emma indi basym negri tutjaklar, şonda oňa dogrusyny aýtdyrarlarda.
— O nähili, negri heniz hem gözläp ýörlermi?
— Görýän welin, siziň pikir edişiňiziň ugry ýok! Sebäbi üç ýüz dollar ýerde
çaşyp ýatanok ahyryn. Käbirleri henizem: negr şu töwereklerde bir ýerdedir
diýýärler. Menem şeýlemikä diýýärin, emma sesimi çykaramok. Ýaňy-ýakynda
men gapdalymyzda, pürsli saraýda ýaşaýan garrydyr kempiri bilen gürrüňdeş
boldum, gürrüňiň arasynda olar: hol «Jeksonyň adasy» diýilýän ada şu çaka çenli
hiç kim baryp görenok diýdiler. Men:
— Näme ol ýerde ýaşaýan ýokmy? — diýip soradym.
— Ýok diýýärler, hiç kim ýaşanokmyş. Men onsoň olara ýeke agyz hem söz
aýtmadym, diňe öz ýanymdan böwrümi diňledim. Şondan bir-iki gün öň men
ýokarda adanyň gutaran ýerinde tüsse gören ýaly boldum; ol negr şo taýda
gizlenýän bolara çemeli diýip içimi gepletdim; iň bärkisi adanyň hemme ýerini
gözläp çykmaly ekenler diýdim. Şondan bäri ol ýerde tüsse görmedim, eger o

ýerdäki ot ýakan şol bolsa, negr eýýäm ol ýerden gidendir. Meniň adamym
goňşularymyzyň birini alyp, şol ýerik gidip görjek. Ol derýanyň sakasyna gidip
geldi, bu gün hem iki sagat öňräk gaýdyp geldi, men oňa hemmesini gürrüň
berdim.
Men özumi şeýle bir ýitirip ugradym welin, ýerimde oturyp bilmedim. Bir zada
güýmenmelidi: men stoluň üstündäki iňňäni alyp, oňa sapak sapjak boldum, emma
ellerim sandyrap, iş ugra barmady. Aýal geplemän otyrdy, men oňa syn etdim; ol
geňirgäp, bir zat biljek bolýan ýaly, ýyljyraklap maňa seredýärdi. Men onuň
gürrüňine gyzyşan ýaly bolup, iňňäni sapagy bilen ýerinde goýdum, men
hakykatdan hem onuň gürrüňine gyzygypdym, şonuň uçin:
— Üç ýüz dollar ägirt köp pul bolýar. Olar meniň ejemiň eline düşäýmän! Onsoň
siziň adamyňyz ol ýere şu gije gitmekçimi? — diýdim. Ýogsam näme! Ýaňky
gürrüňini beren goňşymyz bilen ol häzir gaýyk gözlemäge, eger jüpüne düşse
birinden ýene bir tüpeň alyp gelmäge gitdi. Olar ýarygijeden soň gitjekler.
— Ertire çenli garaşsalar gowy bolmazmydy, oňat görnerdi?
— Oňardyň-ow! Beýtseler, negre-de oňat görünjek ahyryn. Ýarygijeden soň negr
uka gider, olar bolsa tokaý bilen bukdaklap, garaňkylygyň içinde negriň ýakan
odunyň üstünden bararlar. ‘
— Bu meniň ýadymada düşmändir. Aýal heniz hem maňa bir tüýsli geňirgenip
seredýärdi, men bolsam özümi ýitirýärdim. Ana onsoň ol:
— Adym nämedir diýdiňiz, gyzjagaz? — diýdi.
— M-meri Uilýams.
Göwnüme bolmasa, men ilki Meri diýmän, başga bir zat diýen ýalydym, şonuň
üçin onuň ýüzüne bakyp bilmeýärdim, men oňa ilki adym «Sara» diýipdim öýdýän.
Ol meni burça gabady, bu onuň gözünden hem bildirip duran bolsa durandyr,
gorkyma men onuň ýüzüne seredip bilemokdym. Men bu aýal ýene bir zat
diýäýmäbilseýdir diýýärdim, öl dymdygyça, men özümi gowuşgynsyz duýýardym.
Şol wagt ol:
— Gyzjagaz, göwnüme bolmasa, siz ilki geleniňizde adym «Saradyr» diýdiňiz —
diýdi.

— Hawa, munyňyz dogry: Sara-Meri Uilýams. Meniň başky adym Sara bolmaly.
Käbirleri maňa Sara diýýärler, başga birleri bolsa Meri diýýärler.
— Hä, şeý diýsene?
— Hawa.
Meniň ýüküm ýeňlän ýaly boldy, emma her niçikde bolsa meniň bir ýol bilen
gaçyp gidesim gelýärdi. Men onuň ýüzüne seredip bilmeýärdim.
Emma şol ýeriň özünde ol agyr günleriň düşendigi, ýaşaýyşlarynyň erbetleşendigi,
alakalaryň pälleri azyp, jaýyň içinde edil öz öýleri ýaly eýläk-beýläk at
salyşýandyklary barada we ýene bir topar zatlar barada gürrüň berdi welin, meniň
ýüküm ýeňläp gitdi. Onuň alakalar baradaky aýdýany dogrudy. Olaryň biri
burçdaky deşikden zol-zol burnuny görkezip gidýärdi. Aýal: ýanymdaky zatlary
alakalara zyňar ýaly bilgeşleýin saklaýaryn, bolmasa ýeke özüm galamda, olar maňa
ynjalyk berenoklar diýdi. Ol maňa işilen gurşun simini görkezdi we bu örän saz
degýär, ýöne ýaňyrak elim çykdy welin, indi olary urup biljegimi-bilmejegimi
bilemok diýdi. Ol amatyna garap bu zady alakadan aýlap saldy, emma ol alaka
degmedi, aýal «ah» diýip elini tutdy, ol ýaman agyran ekeni. Onsoň: ony sen
zyňaýsaň diýdi. Meniň bolsa garry gelmänkä gidesim gelýärdi, emma elbetde, muny
aňdyrmaýardym. Men bu zady elime alyp oturdym we alaka burnuny çykaran
dessine, ony çenäp aýlap saldym, eger alaka ýerinde oturaýan dagy bolsa, aman-sag
sypjak däl eken. Kempir zyňşyň gaty göni, indiki gezek sen hökman urarsyň diýdi.
Ol ýerinden turup, gurşun simi alyp geldi, onsoň bir ýumak getirip, ony çöşleşäýseň
diýdi. Men iki elimi hem tutup durdum, kempir ýüpleri elime sarap, — öz işleri
barada gürrüň bermäge başlady. Birden ol gürrüňini kesdi-de:
— Siz alakalardan gözüňizi aýyrmaň. Iň gowusy gurşuny dyzyňyzyň, üstünde
saklaň, eliňiziň golaýynda bolsun — diýdi.
Şeý diýdi-de ol şol ýeriň özünde maňa bir bölek gurşun oklady; men dyzlarymyň
arasyny açyp, gurşuny tutdum, ol bolsa şol gürledi oturdy, emma gürrüňi bir
minutdan köpe çekmedi. Onsoň elimdäki ýüplügi aýryp, mähir bilen gös-göni
gözüme seretdi-de:
— Hany, onsoň hakyky adyň näme bolmaly? — diýdi.
— Wi-wi o nähili?

— Seniň hakyky adyň näme? Bilmi, Tommy, ýa Bobmy, ýa-da başga bir zatmy?
Meniň bütin endamym gagşap gitdi, men bir bada name etjegimide bilmedim.
Emma her niçik-de bolsa:
— Gyzjagaz pahyryň üstünden gülmeseňizläň? Eger men size päsgel berýän
bolsam… — diýdim.
— Ýok, bolup bilmez. Oturan ýeriňden butnaman otur. Men seni öýkeletmen, sen
barada hiç kime hiç zat aýtman. Ýöne sen maňa ynanda, syrjagazyňy aç. Men seniň
üstüňi açmak; gaýtam kömek bereýin. Sen, belki, gaçyp ýören şägirtsiň. Munyň
aýby ýok. Bu ýerde näme bolupmyş! Saňa erbet seredendirler, sen hem gaçyp
gaýdansyň, alla ýaryň bolsun, oglum, men sen barada adam ogluna zat aýtman.
Hany indi sen akyllyja bol-da maňa hemmesini bolşy ýaly edipjik gürrüň ber.
Şonda men indi jögüsiräp oturmaýyn-da, iň gowusy hemmesini bolşy ýaly gürrüň
bereýin welin, siz hem öz sözüňizde duruň diýdim. Men oňa enem-atamyň ölüp,
meni derýanyň otuz millik aşak ýanyndaky obada ýaşaýan husyt bir ferma
terbiýelemäge berendikleri, onuň maňa erbet seredendigi, meniň bolsa çydapçydap
çydamazym çykanlygy, ol bir ýaňa iki günlük çykyp gidensoň, mundan
peýdalanyp onuň gyzynyň köne geýimlerini ogurlap gaçyp gaýdanlygym, gije
sagat dörtlere çenli şol otuz mili geçenligim, gije ýöräp, gündizine gizlenip, üstümi
basyrynyp ýatanlygym, ýanymda öýden alyp gaýdan bir halta çörek bilen etim
bolansoň, onuň ýola ýetenligi, daýym Abner Muruň men diýip alada galyp
ýörenligi, ine şunuň üçin hem özümiň şu ýere Goşene gelenligim barada gürrüň
berdim.
— Goşen diýýärmiň, oglum? Bu Goşen däl. Bu Sent-Pitersburg. Goşen derýanyň
on mil ýokary tarapynda. Bu ýer Goşen diýip, saňa kim aýtdy?
— Bir adam aýtdy? Men oňa daňdanlar ýatyp uklamak üçin tokaýa sowuljak
bolup durkam duşdum. Ol maňa çatrykdan saga sowlup, bäş mil geçseň, Goşene
bararsyň diýdi.
— Onda ol pýandyr. Ol saňa ters salgy beripdir.
— Onuň özüni alyp barşy-da pýan ýalydy. Aý, indi parhy hem ýok. Men gideýin.
Daňa çenli Goşene ýeterin.

— Bir salym garaş. Men saňa iýer ýaly bir zat bereýin, bolmasa ajygarsyň.
Ol meni naharlap, şeýle diýdi:
— Hany indi sen maňa bir zady aýt: sygyr ýatan ýerinden nähili turýar, öň
aýaklaryna direnip galýarmy, ýa art aýaklaryna direnip? Hany basymrak aýt: öň
aýaklaryna direnýärmi, ýa art aýaklaryna?
— Art aýaklaryna direnip galýar, sudarynýa.
— Dogry. A ýaby nädýär?
— Ýaby öň aýaklaryna direnýär.
— Agajyň haýsy tarapy kerepleýär-.
— Demirgazyk tarapy.
— Eger ýapgyt dagyň üstünde on bäş sany sygyr otlap ýören bolsa, olaryň näçesi
bir tarapyna sereder?
— Onbäşisem.
— Görýän welin, sen, dogrudanam, obada ýaşan ekeniň. Men ýene-de aldajak
bolýarmykaň öýtdüm. Eger şeýle bolsa, seniň hakyky adyň näme?
— Jorj Piters, mem.
— Sen muny ýadyňdan çykarma, Jorj, bolmasa ýene bir gezek soralsa, adym
Aleksandr diýersiň, men hem gepiňde tutaryn welin, sapalak atyp, adym Jorj —
Aleksandr diýer durarsyň. Onsoňam bu köne çit köýnegiň bilen aýallara görnüji
bolma. Sen beýdip erkekleri aldasaň aldarsyň welin, aýallary aldap bilmersiň, sen
oňat gyz bolup bileňok. Alla ýaryň bolsun, balam, heý iňňäde şeýdip sapak
saparlarmy? Sen sapagy tutup, iňňäni şoňa gabat getirjek bolýarsyn, muny
beýtmeli däl-de, iňňäni tutup, sapagy onuň gözüne sapmaly ahyry. Aýallar hemişe
şeýdýärler, erkekler bolsa hemişe tersine edýärler. Alakaň yzyndan taýagy aýlap
salanyňda, daraklygyňa galda, eliňi kelläň üstünden aýla, özünide başardygyňça
tagaşyksyz bolar ýaly et, taýagyň hem nyşandan bäş-alty ädim beýläk düşsün.

Zyňaňda gyzlaryň zyňşy ýaly, eliňi gös-göni tutup zyň, taýagyň şarnirli ýaly
bolsun, emma oglanlaryň edişleri ýaly çep egnini öňe tutup tirsegiňi we goşaryňy
epmegin, özüňem ýatda sakla: gyza tarap bir zat oklananda, ol iki dyzyny sepiň
gurşun bölegini tutanyňdaky ýaly jüp tutmaly, olaryň arasyny açyk tutýar. Men
seniň oglandygyňy baryp sapak sapjak bolanyňda bildim ahyryn, galan zatlary
bolsa men seni synamak üçin etdim. Hany indi sen daýyňlara tarap ýola düş, SaraMeri—Wilýams Jorj Aleksandr Piters, eger başyňa bir iş düşäýse hem miss
Loftese, ýagny maňa habar et, men saňa kömege ýetişjek bolaryn. Hemişe
derýanyň kenary bilen git, indikile gaçanyňda, ýanyň bilen jorapdyr, köwüş al.
Derýanyň boýundaky ýol çagylly bolýar, Goşene barýançaň aýagyňy gyzyl-etene
edermikän diýýärin.
Mep kenar bilen ýöräp elli ädim töwerekleri geçdim, onsoň hem yzyma dolanyp,
öýden esli daşlykda, derýanyň ýokary tarapynda duran gaýygymyň ýanyna eňdim.
Men böküp gaýyga mündüm we dessine derýa bilen ýokary çykdym, adaň duşuna
gelenimde bolsa derýanyň keseligine ýüzüp başladym. Men şlýapamy çykardym,
onuň maňa peýdasy degmeýärdi, gaýtam zyýan berýärdi. Men ýüzüp, derýanyň
ortasyna baranymda, sagadyň urşy gulagyma degdi; men bir salym durup
diňşirgendim; sagadyň urşy suwuň içinde çalaja çyksa-da, dury eşidilýärdi, bu
sagat on biriň jaňydy. Adanyň ýokary bur-çuna ýetenimde, men öňräk ýadap, halys
bolan hem bolsam dynç almaga säginmedim, gaýtam tokaýyň içine, öňler
duralgam bolan ýere ylgadym we şonda gury we beýigräk ýer tapyp oňat ot
ýakyndym.
Onsoň gaýygyma böküp mündüm-de, güýjümde baryny edip, derýanyň bir ýarym
millik aşak ýanyndaky öz bolýan ýerimize, kürekläp ugradym. Men kenaryň
ýanyna ýüzüp bardym, agaçlaryň arasy bilen derrew depä çykdym we bolýan
gowagymyza kürsäp urdum. Jim ýerde süýji ukuda ýatyr eken. Men ony turzup:
— Jim, çaltrak tur-da, ýol şaýyňy tut. Bir minuty hem ýitirmeli däl. Olar bizi
gözläp ýörler — diýdim.
Jim çintgiläp sorap durmady, hatda bir agyz hem geplemedi, emma soňky sagat
ýarymyň içinde eden işinden onun nähili gorkandygyny bilse bolýardy. Sagat
ýarymdan soň biziň ähli goşumyz sala ýüklendi we gizlenip goýlan ýerinden söwüt
agaçlarynyň arasyndan çykybermeli boldy. Biz ilki bilen gowakdaky ody
söndürdik, şondan soň şem hem otlamadyk.
Men gaýyga münüp, kenaryň gyrasy bilen daş-töweregime garanjaklap ýola
düşdüm; emma golaý-goltumda gaýyk bar hem bolsa, men ony görüp bilmedim,

sebäbi garaňkynyň içinde, ýyldyzlar patrak ýaly bolşup durka, köp zady görüp
bolmaýar. Onsoň biz saly aýlakdan çykardyk we ýekeje agyzda gepleşmän kenaryň
kölegesi bilen adanyň aşaky burçunyň duşundan geçip ýuwaşja ýüzüp gitdik.
XII bap
Ahyrsoňy adadan saýlananymyzda gije sagat bir töwerekleri bolupdy, biziň
göwnümize bolmasa, sal juda haýal ýöreýän ýalydy. Eger bize tarap ýüzüp gelýän
gaýyk bolan bolsa, biz gaýyga münüp, Illinoý kenaryna ýüzäýjekdik, emma bize
ýeke gaýygyň duşmanyda gowy boldy, sebäbi biz tüpeňi, çenňegi iýer ýaly bir
zady gaýyga salmagy ýadymyzdan çykarypdyrys. Biz şeýle bir alňasadyk welin, bu
zatlar barada pikirlenmäge wagt hem bolmady. Ähli zady salda saklamak hem o
diýen akyllylyk däldi.
Eger adamlar Jimiň gözlegine çykaýan hem bolsalar, olar, meniň pikirimçe, ýakan
odumyň üstünden barandyrlar we uzynly gijeläp şonuň töwereginde oturyp, Jime
garaşandyrlar. Her hili bolan hem bolsa, biz hiç kime duşmadyk. eger meniň ýakan
odum olary aldamadyk bolsa, mende günä ýok. Men ony tutaşdyrjak bolup
güýjümde baryny edip üfledim.
Jahan ýagtylyp ugranda, biz Illinoý kenaryndaky egrem-bugram burça gelip
diredik, palta bilen gök pudaklary pürdedik we şolar bilen saly kenar burnundaky
jara meňzäp durar ýaly edip basyrdyk. Burun — munuň özi daş-töweregi
barananyň dişleri ýaly bolup duran gür agaçly çäge gyrmançalygydy.
Missuriniň. kenarynda dag uzalyp gidýärdi, Illinoý tarapda bolsa uzyn-uzyn
agaçlar bardy, gämi ýoly hem Missuri kenarynyň golaýyndan geçýärdi. Şonuň
üçinem biz birine duşarys öýdüp gorkamzokdyk. Biz ol ýerde uzynly günläp durup
Missuri kenarynyň duşundan sallaryň, parohodlaryň akyp geçişine, derýa bilen
ýokarlygyna barýan parohodlaryň suwuň akymyna garşy göreşişlerine syn edip
durduk. Men Jime kempir bilen aramyzdaky bolan gürrüňi aýdyp ber-dim. Jim
bolsa ol kezzaplaýandyr diýdi, eger ol kezzaplaman, yzymyzdan kowýan bolsa,
uzynly gijeläp oda seredip oturmazdy ahyryn, ýok, ser, ol ýany bilen bir item
alardy — diýdi. «Eger beýle bolýan bolsa, onda näme üçin ol adamsyna iti hem
äkit diýmändir» diýdim. Jim: seniň bu pikiriň onuň kellesine erkek adamlar
derýadan geçip, ýola düşenlerinden soň gelen bolmagy mümkin — diýdi; ynha olar
şähere it diýip gitseler gidendirler we şonça wagtlaryny ýitirendirler, ýogsam biz
şäherden on alty-on ýedi millikdäki bu gyrmançalykda oturmazdyk, ýok

oturmazdyk, ýene-de şähere düşerdik — diýdi. Men bolsam gep olaryň bizi tutup
bilmändikleriniň sebäbinde dälde, bizi tutup bilmänliklerinde diýdim.
Garaňky gatlyşan dessine biz kellämizi agaçlaryň arasyndan çykaryşyp, derýanyň
aşak we ýokary taraplaryna seretdik, onsoň derýanyň beýle tarapyna syn etdik,
emma hiç zat görmedik, şonda Jim salyň ýokary tagtalarynyň birnäçesini aýryp,
ondan jöwzada, ýagyşda dynç alaýar ýaly, goşlarymyz ezilmez ýaly bir oňaýly
çatma etdi. Jim çatmada beýleki zatlardan bir futrak beýiklikde pol hem etdi, indi
parohodyň turuzýan tolkunlary ýorgan-düşeklerimizi, azyklarymyzy ezip
duranokdy. Çatmanyň ortarasynda biz ini alty-ýedi dýum laý gatlagyny ýazdyk we
laý berk durar ýaly onuň töweregini galdyrdyk. Bu ody sowuk howada-da, yssy
howada-da ýakar ýaly diýlip edilipdi; çatmanyň içindäki oduň görünjek gümany
hem ýok. Biz ýene-de bir kürek ýasandyk, sebäbi bizdäki kürekleriň suwa batan
agaçlara ýa başga zatlara degip döwläýmekleri mümkindi. Onsoň biziň köneje
çyramyzy ýasar ýaly sala haçjaly gysgajyk taýak berkitdik, sebäbi parohodyň
derýanyň aşak tarapyna gelýändigini görseň we parohod bilen çakyşmazlyk üçin
çyrany ýakmalydy; derýanyň sakasyna tarap barýan parohod üçin bolsa diňe
ýalpaga düşäýmesek, çyrany ýakmak hem gerek däldi; derýanyň suwy mesdi,
kenaryň pesräk ýerleri heniz hem suwuň aşagyndady, şonuň üçin derýanyň
sakasyna tarap barýan parohodlar hem hemişe gämi ýoly diýip durmaýardylarda,
suwuň çuňrak ýerini gözle-ýärdiler.
Şu ikinji gije biz ýedi sagat, hatda sekiz sagat dagy ýüzdük, suwuň akymynyň
tizligi bolsa sagatda dört mildi. Biz ýuzümiziň ugruna balyk tutýardyk, gürrüň
edişýärdik we ukymyzdan açyljak bolup mahal-mahal suwa çümüp çykýardyk.
Asuda akýan giň derýada diň arkan ýatyp, ýyldyzlara bakyp ýuzmek diýseň hezildi.
Biziň gatyrak gürleşesimiz hem gelmeýärdi, gülenimizde-de seýrek we ýuwaşja
gülýärdik. Howa hem, umuman gowudy, biz ne birinji gije, ne ikinji gije ne-de
üçünji gije hiç zada duşmadyk.
Biz her gije bir şäheriň duşundan ýüzüp geçdik, ol şäherleriň käbirleri garaňky
kenarlarda seleňleşip durdy, «olaryň diňe köp sanly çyralary görunýärdi, ne tam, ne
başga zat hiç biri görünmeýärdi. Bäşinji gije diýlende, biz Sent-Luisiň duşundan
geçdik; kenar agyn çyra bolup durdy. Biziň Sent-Pitersburgymyzda Sent-Luisde
ýigrimi müň, hatda otuz müň adam ýaşaýarmyş diýip gürrüň edýärdiler, emma gije
sagat ikilerde şunça yşygy öz gözüm bilen görýänçäm, men muňa ynanmaýardym.
Gije parahatlykdy, şä-herden ses-üýn çykmaýardy: ähli adamlar uklap ýatyrdylar.
Her gije sagat onlarda men kenara çykyp, obalaryň birine baryp, on-on bäş sentlik
un, buga bişirilen döş ýa-da iýer ýaly başga zat satyn alýardym; käte bolsa

ýüzümiň ugruna ketegine girmän galan towugy ogurlardym. Kakam maňa hemişe:
eger çemesine getirip bilseň, towugy kakaýgyn, sebäbi, ol saňa gerek bolmasa-da
gerek adamsy bolar, asylly iş hiç haçan köýmez diýýärdi. Men towugyň kakama
gerek bolmaýan gezegini görmeýärdim, ol muny ýöne diýen bolaýýardy.
Daňdanlaryna men mekgejöwen ekilen meýdana çykýardym we karzyna gawun,
garpyz, mekgejöwen ýaly, aňry-bäri alyşdyrýardym. Eger irde-giçde berjegiň hak
bolsa, karz alanyň aýby ýok diýip, kakam hemişe aýdýardy; emma dul hatyndan
men; karz hem ogurlygyň bir görnüşi, ýöne ady başga bolýar, hiç bir ak ýürek
adam beýtmez diýýärdi. Jim: kakaňyň hem mamla ýeri bar, dul hatynyň hem
mamla ýeri bar, şonuň üçin biz spisokdaky zatlaryň bir-iki-üç sanysyny belläp,
şolary hiç wagt karzyna almaly däl, şeýtsek, galan zatlary karz almagyň aýby
bolmaz diýýärdi.
Biz bir gezek derýa bilen ýüzüp barýarkak bu mesele barada uzynly gije maslahat
etdik we kantolup atly gawundanmy, garpyzdanmy, ýene nämeden ýüz dönderip
boljagyny anyklajak bolup jan etdik. Diňe daňdanlar netijä geldik: tokaý almalary
bilen, hurmadan el çekeli diýişdik. Şoňa çenli keýpimiz saz däldi, şondan soň bolsa
bir tüýsli hezillik boldy duruberdi. Men jüpüne düşüşine begenýärdim, sebäbi
tokaý almalary derde ýaramaýardy, hurma bolsa entekler bişjek däldi, onuň
bişmegine iki-üç aý dagy bardy.
Mahal-mahal biz ýa juda ir oýanan, ýa-da ýatmaga juda giç barýan ördekleri atyp
urýardyk. Umuman aldanyňda, oňňudymyz hiç neneň däldi.
Bäşinji gije, Sent-Luisiň aşak ýanyna ýetenimizde gök gübürdäp, ýyldyrym
çakyp, bedreden guýulýan ýaly bolup, jala gelip ugrady. Biz çatmamyza sümüldik,
salymyzy bolsa öz ugruna göýberdik. Her gezek ýyldyrym çakanynda öňümizde
giň, göni derýa, iki tarapynda bolsa geriş-geriş uzyn gaýalar görünýärdi. Birden
men:
— Eý, Jim, bir beýläňe seret — diýdim.
Öňümizde gaýa degip çagşan parohod bardy. Suwuň akymy bizi göni şonuň
üstünden alyp barýardy. ýyldyrymyň ýagtysyna parohod mese-mälim görünýärdi.
Onuň bir tarapy esli çeken eken; ýokarky palubasynyň bir burçy suwuň ýuzüne
çykyp durdy we her gezek ýyldyrym çakanynda, arasynda köne şlýapa asylyp
duran uly jaýyň ýanynda kiçijik şpenekler hem kreslo açyk görünýärdi.

Gije şeýle bir ümsümlik, şeýle bir ygally bolup, ähli zat şeýle bir syrly görünýärdi
welin, meniň ýerimdäki her bir oglanyň derýanyň ortasyndaky sus we ýalňyz
somalyp duran bozuk parohody gereniňde, oňa münüp, onuň içindäki zatlary
göresiniň geljekligi ýaly, meniň hem oňa çykyp, içini göresim gelýärdi. Men:
— Gel, Jim, gaýygy şonuň üstüne süreli — diýdim. Ilki bada Jim eger-eger razy
bolmady. Ol:
— Bozuk parohodda ýitiren zadym barmy? Biziň üçin bu ýer hem erbet däl, iň
gowusy oňa zat degirmäli, öz ugruna goýaly. Onsoňam onuň üstünde, belki,
garawuly bardyr—diýdi.
— Garawul näme işlesin! Ol ýerde losman budkajygy bilen kapitan kaýutyndan
başga saklar ýaly zat barmy; onsoňam parohod bölek-bölek bolup, gark boljak
bolup durka, losman budkajygy we kapitan kaýutasy üçin kim janyndan geçer
öýdýärsiň — diýdim.
Jim muňa hiç hili jogap berip bilmedi, asyl berjek hem bolmady.
— Mundan hem başga biz kapitan kaýutasyndan oduk-buduk zat tapsak tapardyk.
Iň bärkisi her biri bäş sentlik sigar-ha bardyr. Parohod kapitanlary hemişe baý
bolýarlar, aýda altmyş dollar alýarlar; olar öz halan zatlaryny näçe gymmat bolsada
satyn alýarlar. Şemi jübiňe at, Jim. Men parohodyň ähli ýerini görüp çykmasam,
ynjaljak gümanym ýok. Tom Soýer bolan bolsa, şeýle oljany sypdyrar öýdýärmiň?
Kes kelläm, sypdyrmaz. Ol muňa «Çylşyrymly hadysa» diýerdi, ine biler bolsaň,
onsoň hem ölerdi welin hatardan çykan parohoda münerdi, özünem bir neşelep
ederdi, bir zatlar-bir zatlar toslap tapardy… Kesesinden görseň, bu şol dünýäni
açyp ýören Hristofor Kolumbdyr öýdersiň. Wah, haýp, Tom Soýer ýok-da! Jim
hüňürdedi-hüsürdedi-de, ahyrsoňy boýun boldy. Ol: mümkin boldugyça az we
ýuwaş gepleşmeli diýdi. Ýyldyrym çakyp parohody bize aýny wagtynda görkezdi;
biz sag bortdan göteriş strelasyna tarap ýüzüp ugradyk we baryp salymyzy şoňa
bagladyk.
Paluba oňatja çöküp, eňňit berip durdy. Garaňkylygyň içinde biz eňňit bilen çep
borta, kapitan rubkasyna bardyk, tallere büdremez ýaly, barýan ýolumyzy elimiz,
aýagymyz bilen barlaşdyrdyk, sebäbi garaňkylykda hiç zat görünmeýärdi. Biz
basym rubkanyň aýnalanan bölegine ýetdik we aňyrlygyna süýşüp ugradyk; ýene
bir ädim ädip, biz kapitan kaýutynyň öňünde peýda bolduk, kapitan kaýutasy açyk
dur ekeni, ine şol wagt biz rubkanyň töründe yşyk gördük we yz ýanyndan hem
hümürdi eşitdik.

Jim meniň gulagyma: kän ugrüm ýok, gel, biz iň gowusy şu ýerden gideli —
diýip pyşyrdady. Men: «Bolýar» diýdim-de sala tarap öwrüljek boldum welin,
birden biriniň hykgyldysyny, soň hem:
— Wah, oglanlar, maňa zat diýmeseňizläň. Alla ursun, men hiç kime aýtmaýyn
diýenini eşitdim.
Başga biri oňa şaňňy ses bilen:
— Ýalan sözleýäň, Jim Terner! Biz muny senden öň hem eşitdik. Saňa hemişe
iliňkiden köp gerek, sen şunça bermeseňiz, üstüňizi açaryn diýip, her gezek näçe
alaýyn diýseň alýarsyň. Emma bu gezek biz saňa ynanjak däl, nähak arrygyňy
gynaýarsyň. Senden nejis dönügi, senden nejis iti ýurt sökseň-de, tapyp bolmaz —
diýip jogap berdi.
Onýança Jim salyň ýanyna bardy. Men bolsa bir zady biljek bolup, azara
galýardym: men öz ýanymdan: eger Tom Soýer bolan bolsa, häzir öldür gitmezdi,
eger şeýle bolsa, men hem gitmän näme bolýanyny göreýin — diýip pikir etdim.
Men garaňkyň içinde darajyk koridor bilen emedekläp ugradym, men tä losman
budkasy bilen meniň aramda ýeke diwar galýança emedekläp gitdim. Görsem, bu
kaýutada poluň üstünde el-aýagy güýlüngi bir adam ýatyr, iki sany adam hem onuň
üstüne abanyp dur; olaryň biri elinde öçügsije ýanýan panusy saklap dur, beýlekisi
bolsa, poluň üstünde ýatan adamyň kellesine rewolwerini çenäp:
— Päh, eller gijeýär-ow! Gurrumsagyň biri gurrumsak, seni atyp öldürmelimikä
diýýän — diýip dur.
Poluň üstünde ýatan adam boýnuny ýygryp, yzly-yzyna:
— Ýok-la, Bill, men hiç kime aýtmaýyn — diýdi.
Ol her gezek şeýle diýende, eli panusly adam gülüp:
— Dogry-la, aýtmarsyň-la! Ynha şuny-ha dogry aýdýarsyň, munyňa bil baglasa
bolar — diýdi.
Bir gezek bolsa ol:

— Gör, munuň ant içip, awy ýalaýşyny. Eger muny basyp, güýleýmedik dagy
bolsak, bu biziň ikimizi-de öldürjekdi.
Nämäň üstünde? Biderejik bir zadyň üstünde. Diňe öz paýymyzy elimizden
bermek islemänimiz üçin. Indi welin, sen hiç kime haýbat atmazmykaň diýýärin.
Jim Terner… Rewolweriňi ýygna, Bill — diýdi.
Bill oňa:
— Ýygnajak gümanym ýokdur, Jeýk Pakkard. Men muny öldürmekligiň
tarapdary. Eýsem onuň özi garry Hetfildi öldürmedimi? Goý, bu hem jezasyny
çeksin — diýip jogap berdi.
— Meniň-ä muny öldüresim gelenok; näme üçinliginem özüm bilýärin.
— Beýle sözleriň üçin sag bol, Jeýk Pakkard! Men ony ölýänçäm unutman—
diýip, polda ýatan adam horkuldan ýaly etdi.
Pakkard oňa baş hem galdyrman, panusy diwardan asdy we meniň gije garaňkyň
içinde ýatan ýerime ugrady, özi hem Bille yzyma düş diýen yşarat etdi. Men
derrew iki ädimräk yza çekildim, emma paluba örän çöken eken, şonuň üçin hem
wagtynda sowlup bilmedim, olar maňa büdräp, meni tutaýmaz ýaly, men edil
olaryň duran ýerinden kaýutyň üstüne çykdym. Olaryň ikiside garaňkylykda
diwary sermelep ýöräp gitdiler, Pakkard meniň oturan kaýutama ýeteninde, ol oňa:
— Hany bärik gir, bärik— diýdi.
Pakkard girdi, yzy bilen hem Bille girdi. Emma olar girmänkä men iň ýokarky
konka çykyp, burça gysylyp oturdym we özümiň bu ýere gelenime ökündim. Olar
edil gapdaljygymda, koýkanyň burçuna ellerini diräp gürleşip durdular. Men olary
göremokdym, emma nirede duranlyklaryny bilýärdim, sebäbi olar wiska içýärdiler,
wiskanyň ysy bolsa dik asmana galýardy. Men hiç zat içmänime begendim, emma
barybir tapawudy uly däldi: olar barybir meniň barlygymy biljek däldiler, sebäbi
men demimi-de almaýardym. Men örän gorkýardym. Beýle gürrüň eşiden haýsy
bir adam demini gaty alyp biler? Olar ýuwaşja we çynlakaý gürleşýärdiler. Billiň
Terneri öldüresi gelýärdi. Ol:
— Ol şugullaryn diýýär, hökman şugullar hem. Eger ikimiziň paýymyzy bersek
hem barybir peýdasy degmez, sebäbi biz onuň bilen gatyja sögüşäýdik, birneme

ýelini hem ýatyrdyk. Ol biziň üstümizi açar, munuň ujy iki däl. Meniň pikirimçe,
ony ýygnanyňdan gowusy boljak däl!
— Meniň pikirimçe-de, şeýle — diýip, Pakkard ýuwaşja aýtdy.
— Nädäýdiň aýt, men sen garşy bolýarmykaň diýip ýördüm, eger beýle bolsa,
onuň bilen süýrenişip ýörmek nämä gerek? Ýör baralyda, onuň bilen bellisini edeli.
— Ýekeje minut howlukma, men entek aýtjak zadymy aýdyp gutaramok. Maňa
gulak goý. Atmak gowy zat, emma etmeli bolsa, bu işi assyrynlyk bilen hem etmek
boljak. Näme diýsene: edesiň gelýän zady birkemsiz, özi-de hiç bir gorkusyz edip
bolýarka, öz boýnuňdan ýüp saljak bolup oturmagyň nämä geregi bar? Dogry
dälmi?
— Ýogsam, dogry bolmazmy! Ýöne sen muny nähili etmekçi?
— Men ynha şeýle pikir edýärin. Biz ilki bilen kaýutalary barlap çykyp, galan
zatlary alyşdyrarys, soň hem kenara çykyp, olary gizläris. Onsoň bolsa garaşarys.
Iki sagat geçip-geçmänkä parohod çagşap, suwa gark bolar. Düşdüň-mi? Terner
hem gark bolar, muňa bolsa onuň özünden başga hiç kim günäkär bolmaz. Meniň
pikirimçe, bu atyp öldüre-niňden ýüz esse gowy boljak. Öldürmän dynyp bolýarka,
nätjek ony atyp öldürip? Öldürseň, hem günä, hem akmaklyk bolýar. Ýeri, meniň
pikirim dogrumy ýa ýok?
— Sen dogry aýdýarsyň. Ýöne birden parohod çagşap, gark bolmasa nätjek.
— Näme, bir-iki sagat garaşaýarys, hemmesiniň bellisi bolar… Şeýle dälmi?
— Ýeri bolýar-da, ýör.
Olar ýola düşdüler, men gara der bolup parohodyň burnuna baka süýşdüm. Ol ýer
ýerzeminiň içi ýaly garaňky eken, emma boguk sesim bilen çalaja «Jim» diýdim
welin, ol meniň tirsegimiň ýanynda ah çekdi, men oňa:
— Basym bol, Jim, bu ýerde ygyp, ah çekip ýörmäge wagt ýok! Parohodda bir
topar ganhor bar, eger biz olaryň gaýygyny tapyp, ony olar parohoddan düşüp
bilmez ýaly derýanyň ugruna göýbermesek, olaryň biriniň işi gaýtjak. Eger biz
gaýygy tapaýsak welin, olaryň hemmesiniň işi pyrryk boljak — şerifiň eline
düşjekler. Tizräk gop! Men çep borty gözläýin, sen hem sag borty gözle, hany

saldan başla we…— diýdim. — Eý, taňrym-eý! Saldan diýýärmiň? Sal bolmasa
nätjek, ol çözülip, akyp gidipdir! Biz bolsak bu ýerde galypdyrys.
XIII bap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.