Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17

Total number of words is 4057
Total number of unique words is 1954
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tentekden dynar oturybererin.
Tom hapa bolup ýerinden turdy we şlýapasyny mynçgalap durşuna:
— Bagyşlaň, men beýle bolar öýtmändim… Maňa şeý diýensoňlar… Aýtmadyk
ýok… Sen ony ogşagyn, ol muňa monça bolar diýdiler, hemme kişi şeý diýdi,
uçdantutma hemmesi şeý diýdi! Bagyşlaň, men gaýdyp beýtmen… çynym
beýtmen — diýdi.

— Ah, Gaýdyp beýtmen diýseňizläň, görsene? Belki, ýene bir gezek synanyşyp
görersiňiz?
— Sudarynýa, men size söz berýärin: tä özüňiz haýyş edýänçäňiz, men sizi
ogşamaryn.
— Özüm haýyş edýänçäm diýsene! Ýok, men beýle zady ömrüme eşiden däldirin!
Baryp siz Mafusail ýaşyna ýetseňiz hem muňa ýetmersiňiz, beýle saňsarlary men
başyma ýapaýynmy?
Tom:
— Biler bolsaňyz, men muňa örän haýran. Özümem hiç düşünip bilemok. Maňa
siz gowy görersiňiz diýip aýtdylar ahyryn. Özümem şeýle bolar öýtdüm. Emma…
— diýip, ol sakyndy we arka tapynaryn diýen umyt bilen oturanlara birlaý göz
aýlady, ahyrym goja tarap seredip: — Ser, sizem ol meni begenip-begenip ogşar
diýip pikir etdiňiz dälmi? — diýip sorady.
— Aý ýok, näme üçin… ýok, men beýle pikir edemok. Tom ýene gözüni aýlady
we meni tapyp, menden:
— Tom, sen Salli daýzam meni gujaklap: «Sid Soýer…» diýer öýtmediňmi? —
diýip sorady.
— Eý hudaýeý! — diýip, kempir aýdaryna maý bermän, Toma tarap topuldy: —
Sen utançsyz bir güjüjek ekeniň, heý-de beýdip başymyzy çaşyrarlarmy! — diýip,
ol ony bagryna basjak boldy, emma Tom elini daldalady-da:
— Ýok, ýok, ilki bilen siz muny menden haýyş ediň — diýdi.
Kempir wagtyny ýitirip durmady-da, haýyş etdi: ony bagryna basyp ogşady,
yzyny üzmän ogşady, onsoň ony daýysyna tarap itip goýberdi, daýysy hem
galanjasyny gujagyna gysdy. Olar kiçiräjik arakesme edenlerinde, Salli daýza:
— Eý hudaý-eý, ynha bu hakykatdan-da garaşylmadyk sowgat boldy! Biz saňa
gelersiňem öýtmeýärdik, diňe Tom geler öýdýärdik. Ýene barjak bardyr diýip,
doganym hat dagam etmedi :— diýdi. Ol:
— Munuň sebäbi, biziň Tomdan başga gaýtjagymyz ýokdy, ýöne men oňa oňatja
ýalbardym, onsoň ol ahyrym razy boldy: Biz bolsak Tom bilen parohodly
gelýärkäk: ol bu ýere ilki gelse, menem birneme eglenip keseki bolan bolup
gelsem, baý bir hezillik bolar-ow diýşip maslahat etdik. Emma biz muny nähak

eden ekenik, Salli daýza! Kesekileri bu ýerde erbet garşylaýarlar eken, Salli daýza
— diýdi.
— Hawa, Sid, şeýle garagollaram erbet garşylaýandyr. Haky-ha duluklaryňy
gyzdyryp goýberibermelidi, ömrüme beýle gaharlananym ýadyma düşenok. Aý,
näme etseňiz ediberseňizläň, parhy ýok-la, özüňiz şu ýerde bolsaňyz bor,
oýunlaryňyza kaýyl-la. Görkezeniňizde näme bir oýun! Dogrymy aýtsam, ogşaňda,
men gaharym gelip, doňdum galaýdym.
Biz kuhnýa bilen jaýyň aralygyndaky giň bassyrmaň aşagynda nahar edindik,
stoluň üstüne çekilen zatlar on maşgala dagy ýetjekdi, özem getirilýän zatlaryň
hemmesi uzynly gije zeýli ýerzeminde ýatan, ertesi bolsa aňkap duran, adamhorlar
iýäýmese, agzyňa alar ýaly bolmadyk düýnki kakan etden däl-de, täzeje, gyzgynja
etdendi.
Bu zatlary iýip otyrkak, Saýlas daýy esli salym doga okady, okanyna degýärdem,
emma ol hiç kimi işdäden kesmedi, ýogsam örän uzaga çekdirileninde, işdäden
hem kesýän wagty bolýar, men muny köp gezek görendirin.
Nahardan soň her dürli gürrüň edildi, Tom ikimiz bolsa hemişe gulagymyzy
üşerdip oturdyk, emma bu netijesiz boldy, sebäbi olar bir gezek hem gaçgak negr
hakda gürrüň etmediler, biz bolsak o hakda kakdyrmaga-da çekinýärdik. Emma
agşam nahar wagty oglanlaryň biri:
— Kaka, men Tom bilen Sidi alyp oýna gidäýeýin-dä? — diýdi. Garry olara:
— Ýok, men hiç hili oýun bolar öýdemok, bolaýanynda-da, siziň ol ýerde işiňiz
ýok. Bu gaçgak negr biziň Berton ikimize: oýny görer dagy eder ýaly däl diýip
gürrüň berdi, onsoň Berton ony adamlara eşitdirjek hem bolup ýördi, eýýäm bu
utançsyz kezzaplary şäherden çykaryp goýberen bolsalaram ahmal — diýdi.
Görsene muny! Emma her niçigem bolsa men saklanyp bilmedim. Biziň Tom
ikimiz otagda, bir krowatda ýatmalydyk; ýoldan ýadap gelemizsoň oturanlara:
gijäňiz haýyrly bolsun diýdik-de, nahar edinen badymyza ýatmaga gitdik, ol
ýerden hem äpişgeden çykyp, ýyldyrym sowguç bilen aşak düşdük-de, şähere tarap
ylgaşyp gitdik. Men korol bilen gersog habardar edilendir öýdemokdym: şonuň
üçin eglenip taýýarlanylýan zady habar berip bilmesem, olar hökman gapyl
düşjekdiler.

Ýolda Tom maňa näme üçin ölendir diýýänliklerini, hossarymyň ýene-de ýitirim
bolanlygyny, Jim gaçanynda nähili gopgunyň turanlygyny gürrüň berdi; men
bolsam oňa juliklerimiz barada, «Jiraf» barada, sala münüp eden syýahatymyz
barada, garaz, berip bilen gürrüňimi berdim; şähere girip, ortaragyna ýetenimiz
hem şoldy welin (özem ir hem däldi, dokuzyň ýarydy), görsek, bize tarap elleri
fakelli adamlar gelýärler, hemmesi-de guduz açan ýaly, gykylyk, galmagal
edýärler, saç kakýarlar, tüýdük çalýarlar, biz olary deňimizden geçirjek bolup, bir
gyra sowuldyk; görsem, olar korol bilen gersogy taýaga mündürip barýarlar, olar
durşy bilen garaýag, per bolup, adam keşplerini ýitirenem bolsalar, soldatlaryň
kellesindäki ýaly, iki sany ullakan jyga çalym edip duranam bolsalar, men olary
tanadym. Olara seredip durmak meniň üçin agyr degdi, bu betbagt žuliklere nebsim
hem agyryp gitdi, öz içimden men bulara hiç wagt erbet adamdylar diýmen —
diýdim. Olara sereder dagy eder ýaly däldi. Adamlar bir-birlerine gaty rehimsiz
depreşýärler.
Görsek, biz gijä galypdyrys, hiç kömegimiz ýetjek däl. Biz ýek tük galanlardan
sorap başladyk, olar bolsa bize hemmejesini gürrüň berdiler: şäherdäki ähli
adamlar oýun görmäge gidipdirler we hiç zat bilmeýän kişi bolup, seslerini
çykarman oturypdyrlar, onýança korol pahyr sahnada bökjekläp başlapdyr; şol
wagtam biri yşarat edipdir, oturan märeke zöwwe ýerinden turup, olaryň ikisinem
ele salypdyr.
Biz mytdyllap, öýe gaýtdyk, meniň keýpim öňküler ýaly kök däldi; gaýtam hiç
zat etmedigem bolsam, bir günäm bar ýaly köşeşipdim. Emma bu hemişe şeýle
bolýar: günälimi, günäsizmi, wyždanyň üçin parhy ýok, ol seni şol horlap ýör. Eger
wyždanym ýaly ýürege düşgünç itim bolan bolsady, men ony awulap öldürerdim.
Ol içiňdäki ähli zatlaryndan köp ýer tutýar, emma welin bitirýän işi ýok. Tom
Soýer hem diýýär.
XXXIV bap
Biz gürrüňimizi bes edip, oýlanmaga oturdyk. Birden Tom:
— Gulak sal, Gek biz akmak bolupdyrys, oňräk biläýmändiris! Men Jimiň
oturýan ýerini bilýän ahyryn! — diýdi..
— Aý ýog-a! Nirede?

— Şol üýşmek külüň gapdalyndaky saraýda-da. Bir ýadyňa saljak bol. Nahar
edinip otyrkak, bir negr okaraly nahar äkidip barýardy dälmidi?
— Barýardy.
— Sen ol kimedir öýtdüň?
— Itedir öýtdüm.
— Menem şeýledir öýdüpdim. Ýöne welin ol ite däl ekeni.
— Näme üçin?
— Sebäbi naharyň ýanynda garpyzam bardy.
— Dogry, bardy-ow, — diýdim. Itiň garpyz iýmeýänligi neneň ýadyma
düşmedikä? Munym-a bolanok! Gör bolýan zatlary: gözüňe dürtülibem dur welin,
görüp bileňok.
— Näme diýsene! Negr ol ýere gireninde, asylgy gulpy açyp girdi, çykanynda
bolsa ýene gulplap çykdy. Biz stoluň başyndan turanymyzda bolsa, ol daýyma açar
getirip berdi — ol şonuň açary bolsa gerek. Garpyz bolsa, adam barlygydyr, açar
bolsa, ol ýerde biriniň oturanlygydyr, şeýle hoşgylyk, şeýle gowy halkly ýerde,
şunuň ýalyjak kiçijik plantasiýada bolsa gulp astynda iki adamyň oturjagy gümana.
Ol ýerdäki oturan Jimdir. Ýeri bolýar, polisiýanyň gizlin agenti ýaly, muny
özümiziň aňanymyza men örän şat, başga ýol bilen bileniň kör köpüge-de degenok.
Indi sen oýlan-da, Jimi ogurlamagyň planyny çek, menem öz planymy çekeýin,
soňam haýsy oňat bolsa, şony kabul ederis.
Tom Soýerde kelle bardy, oglanyň kellesi diýer ýaly däldi. Meniň pikirimçe,
gersog ýa parohodyň kapitany bolanyňdan, ýa-da sirkde masgarabaz bolanyndan,
ýene gör kim bolanyňdan, şunuň ýaly kelleli bolanyň gowudy. Men oduk-buduk
taslan boldum, ýöne bu wyždanymy saplamak üçindi: hakyky plany kimiň
tapjagyny men öňünden bilip durdum. Bir salymdan soň Tom:
— Seňki taýýarmy? — diýdi.
— Hawa — diýdim.

— Hany onda aýdyber.
— Ynha meniň planym şeýle. Ol ýerde Jimiň oturanlygyny ýa başga biriniň
oturanlygyny bilmek kyn däl. Erte agşam meniň gaýygymy tapyp, adadan saly alyp
geleris. Onsoň ilkinji garaňky gijede garrynyň ýatan badyna jübüsindäki açaryny
alarys-da, Jim bilen birlikde derýadan aşaklygyna tutduryp ugrarys. Jim ikimiziň
edişimiz ýaly, gündizine gizleneris, gijesine hem ýüzeris. Boljakmy şeýle plan? —
diýdim.
— Boljakmy? Bolman näme, örän bolýar! Ýöne bu örän sada, hiç hili üýtgeşik
zady ýok. Hysyrdysy bolmasa-da, bir plan bolarmy? Muny iňňäbäbegem başarjak
ahyryn. Ne gykylyk boljak, ne gürrüň, edil sabyn gaýnadylýan zawoddan ogurlyk
edýän ýaly. Men onuň bilen dawalaşmadym, sebäbi men ondan mundan başga
zada garaşmaýardym, men onuň öz planyny beýle çintgilemejegini öňdenem
bilýärdim.
Dogrudanam, çintgilemedi. Ol maňa öz planyny aýdyp berdi, men şobada onuň
meniň planymdan on bäş esse dagy gowudygyna göz ýetirdim: Biz Jimi barybir
boşadyp biljekdik, ýöne onuň plany boýunça fasony köp boljakdy, hatda bize tarap
tüpeň ataýmaklary-da mümkindi. Maňa bu ýarady. Gel, şeýle hem edeli diýdim.
Onuň planyny häzir aýdyp oturasy iş ýok; men ýene bir topar üýtgeşiklikleriň
boljagyny öňünden bilýärdim. Men işe girişýänçäk, Tomuň ony ýigrimi gezek
dagy üýtgetjekdigini, her gezek çemi geleninde bir zat goşjaklygyny bilýärdim. Bu
şeýleräk hem boldy.
Bir zat welin aýdyňdy — Tom Soýeriň işe ýapyşyşy oýundan däldi, ol bu negri
gulçulykdan çyny bilen azat etjek bolýardy. Ynha şuňa welin men hiç düşünip
bilmedim. Ýogsam näme! Oglan abraýly maşgaladan, edep-tertibi bar, abraýyna
hem çapýan ýaly, onuň hossarlarynyň hem ýüzügara bolaslary gelýän däldir; oglan
kelleli oglan, samsyk däl; her näme diýseňem, gezip ýören sowatsyz däl, okan
adam, özem alçak, ol muny bilgeşleýin edýän däldir; ine onsoň ol sylag, hatyra
diýýän zatlary unudyp, bu işe baş goşýar kemsinip, özüni we ähli hossarlaryny
bütin Amerika masgara edýär. Ine şuňa men hiç akyl ýetirip bilemok. Utanç işdi,
ýüregi bire baglap, oňa hemmesini gönümel aýtmalydygymam men bilýärdim,
ýogsam mendenem bir oňa dost bolan bolarmy! Goý, ol henizem bir pillekä,
bularyň baryny taşlasyn. Men oňa şeý diýjek hem boldum, ýaňy bir başlap
barýarkam, ol meniň sözümi bölüp:
— Sen, näme, men etjek işimi bilýän däldir öýdýärmiň? Heý, bu irde-giçde
mende bolan zatmydyr? — diýdi.

— Bilýänsiň-le…
— Nä men saňa negri ogurlamaga kömekleşerin diýmänmidim?
— Diýipdiň. Ýeri, onda bolýar-la.
Şundan soň olam hiç zat diýmedi, menem, Asyl gürleşip durmanyň manysy
ýokdy. Ol bir zady göwnüne düwen bolsa, şony hem eder. Ýöne bu işe baş
goşmakda oňa näme hezillik zadyň barlygyna hiç düşünip bilmeýärdim, şonda-da
men onuň bilen dawalaşyp oturmadym, asyl bu barada gaýdyp ýatlamadymam. Özi
dyzap dursa, men nädeýin!
— Biz gaýdyp gelenimizde öýüň içi garaňkylykdy, ümsümlikdi, onsoň biz howla
tarap geçip gitdik. Üýşmek külüň ýanyndaky hütdügi barlaly diýişdik. Biz itler
näderkä diýip, bütin howlynyň içine aýlanyp çykdyk. Olar bizi tanadylar we oba
itleriniň geçip barýanyň aýak sesini eşidip üýrüşlerinden köp üýrmediler. Hütdügiň
ýanyna baryp, biz ony öňünden we gapdallaryndan synladyk, meniň görmedik
tarapymdan, demirgazyk tarapdan hem seretdik, ýerden ep-esli ýokaryk saýlanyp
duran, öňüne bolsa berk tagta kakylan dörtburç äpişge tapdyk. Men:
— Oňat bolaýdy! Köwek örän uly, mundan Jim geçip biler, ýöne munuň
tagtasyny aýyrmaly — diýdim.
Tom:
— Aý bu edil iki ikiň dört bolşy ýaly, edil sapaklary okamaýşyň ýaly aňsat
gelýär. Biz mundan birneme çylşyrymlyrak ýol hem tapyp bilermikäk diýýän, Gek
Finn — diýdi. Ýeri, bolýar-da, o bolmasa, biz meni öldürenlerindäki ýaly edip,
diwaryň bir tagtasyny goparaýsak näder? — diýdim.
— Ynha munyň birneme heňe gelýär, bu hem syrly boljak, hem hysyrdyly boljak
umuman, oňat boljak, ýöne entegem köpräk eglener ýaly, ýene bir zat tapsa bolar.
Biziň howlukýan ýerimiz ýok, şonuň üçin gel, ýene synanyşyp göreli — diýdi.
Saraýjagaz bilen haýatyň aralygynda, yz tarapda ýokarsy kryşa ýetip duran,
tagtadan edilen bir jaýjagaz bardy. Onuň hem boýy edil saraýjagazyň boýy ýalydy,
ýöne insizräkdi, alty fut giňlikdedi. Gapy ileri tarapdady we asma gulp bilen
gulplangydy. Tom sabyn gaýnadylýan gazana tarap gitdi we gazanyň gapagy

galdyrylýan bir demri alyp geldi; ol ony aldy-da, gapydaky zülpleriň birini sogrup
goýberdi. Zülp ýere gaçdy, biz gapyny açyp, jaýa girdik, kükürt çakdyk, görsek, bu
diňe bir saraýjagazyň gapdalynda goşmaça salynýan jaýjagaz eken, olaryň arasy
hem petikli eken, saraýda köne pilden, kätmenden, döwük plugdan başga polam,
hiç zadam ýok eken. Kükürt sendi, biz zülpi ýene ýerine sokup yzymyza gaýtdyk,
daşyndan göräýmäge gapy ýene öňküsi ýaly gulplangydy Tom begenjine:
— Ine indi hemmesi gülala-güllük! Biz onuň aşagyndan gizlin ýol çekeris. Bu
biziň bir hepde wagtymyzy alar — diýdi.
Şoňdan soň biz öýe gaýtdyk, men öýe syrtky gapydan girdim; olar ol ýerdäki
gapyny gulplaman ekenler, diňe gaýyş kemeri çekäýmelidi, emma bu Tom Soýer
üçin amatly däldi: gizlinligi azdy, ol hökman ýyldyrymsowguçdan girmeli boldy.
Ol üç gezek dagy ortasyna ýetip, aşak gaçdy we tas kellesini ýardyrypdy. Ol bu
işi goý bolsun etmeli bor-ow diýip pikir edip ugrady, emma oturyp bir salym
dynjyny alansoň, ýene bagty synap görmegi ýüregine düwdi, ine şeýdip ahyrsoňy
girdi:
Ertir biz jahan ýagtylanyndan ýerimizden turup, itler bilen öwrenişmek we eger
hakykatdanam Jime nahar eltilýän bolsa, Jime nahar eltýän negr bilen ýakyndan
tanyşmak üçin negrleriň külbelerine tarap ugradyk. Negrler ýaňy ertirlik edinip,
meýdana çykjak bolup dur ekenler. Jimiň negri bolsa okara çörek, et we
dürlidümen salyp durdy; beýlekiler çykyp gidenlerinden soň, oňa uly tamdan açar
getirdiler.
Bu negriň açyk, samsygrak ýüz keşbi bardy, saçyny bolsa ol alarwahlary kowmak
üçin sapak bilen bogýan eken. Ol: gijesine meni alarwahlar halys edýärler; gözüme
her hili täsin zatlar görünýär, gulagyma her tüýsli sözler, sesler gelip dur,
alarwahlar meni ömrüme bir gezegem beýle köp heläk eden däldir — diýip gürrüň
berdi.
Ol öz görýän görgüleri barada şeýle bir gyzygyp gürrüň berdi welin, etmeli işini
ýadyndan çykardy duruberdi. Tom oňa:
— Sen nahary kime äkitjek bolýaň? Itlere berjeg-ä dälsiň? — diýip ýatlatdy.
Negr ýylgyryp goýberdi welin, palçyga kerpiç zyňaňdaky bolşy ýaly ýüzi açylyp
gitdi, ol:

— Hawa, mister Sid, ite berjek. Baý, özem täsin it! Göresiňiz-ä gelýän däldir? —
diýdi.
— Gelýär.
Men Tomy symsyklap goýberdim-de, gulagyna çawuş çakdym:
— Näme, sen şeýtjek-de, gündiz gidäýjekmi? Planymyz boýunça beýle däl
ahyryn.
— Ol wagt beýle däldi, indi bolsa beýle.
Biz dogrudan hem şol ýere ugradyk, ýöne welin bu maňa ýakmaýardy. Girýäris,
emma hiç zat görüp bilemzok, şeýle garaňkylykdy; emma muňa derek ol ýerde Jim
oturan eken; bizi görüp, onuň guşy uçdy:
— Wiý, bu Gek ýaly-la! Eý hudaý-eý, asyl mister Tomam bu ýerdemi?
Men munuň şeýle boljagyny öňem bilýärdim, şeýle bor diýip öňem garaşýardym.
Indi nätmelidigine bolsa akylym ýetenokdy, nätmelidigini biläýenimde-de, edip
biljek zadym ýokdy, sebebi bu negr hem ýok zada goşulyp:
— Eý toba, ol sizi tanaýdymy? — diýip dur.
Onsoň garaňkylyga gözümiz öwrenişdi, biz , indi oňat görýärdik: Tom negre geň
galýan ýaly çüýjerilip seretdi-de: — Kimmiş bizi tanaýan? — diýdi.
— Ynha şu gaçgak negr.
— Tanaýýamyka; onsoň beýle zatlar nireden kelläne geldi?
— Nireden geldi? Ol ýap-ýaňyja sizi tanaýan diýip gygyrdy ahyryn.
Tom düşünmedik kişi boldy:
— Aý, munyň-a örän geň boldy… Kim gygyrdy! Haçan gygyrdy?
Soň ol maňa tarap öwrülip, arkaýyn görnüşde:

— Heý sen bir zat eşitdiňmi? — diýip sorady. Elbetde, munuň diňe bir bermeli
jogaby bardy, şonuň
üçinem:
— Ýok, men hiç hili zat eşidemok, hiç kim hiç zat diý-medi ahyryn — diýdim.
Şonda Tom Jime tarap öwrüldi we oňa ömründe ilkinji gezek görýän ýaly seredip:
— Sen bir zat diýdiňmi? — diýip sorady. Jim:
— Ýok, ser, men hiç zat diýemok, ser — diýdi.
— Bir sözem diýeňokmy?
— Ýok, ser bir sözem diýemok.
— A sen bizi öň görüpmidiň?
— Ýok, ser, ýalňyşmaýan bolsam, görmändim.
Tom negre tarap öwrüldi, negr bolsa aňkarylyp, gözi hanasyndan çykaýjak boldy,
Tom oňa haýbatly:
— Beýle saňa näme bolýar? Ol gygyrdy diýip, nireden kelläňe geldi? — diýdi.
— Wah, ser, bularyň hemmesi nälet siňmiş arwahlardan-la, şeýle bolmasa, men
duran ýerimde öläýeýin! Bularyň hemmesi şolardan, ser, olar meni gabra
dykarlarmyka diýýän, şeýle erbet gorkuzýarlar! Bu barada hiç kimiň ýanynda
gürrüň etmäň, ser, bolmasa, garry mister Saýlas maňa käýiner; ol: alarwah bolup
bilmez — diýýär. Hudaý ursun, haýyp, ol bu ýerde ýokdy, gen zat, ol häzir näme
diýerdi! Bu gezeg-ä sapalak atmazdy. Aý, ýogsam näme, bu hemişe şeýle bolýar:
kim içmäni endik etse, onuň huşuna geljek gümany ýok; özleriniň-ä görýän,
düşünýän zatlary ýok, görüp aýdaýsaň hem seňkä ynananoklar.
Tom oňa on sent berdi we biz hiç kime gürrüň bermeris diýdi; ol şol pula saçyňy
bogar ýaly sapak alyn diýdi, soňra bolsa Jime bakyp:

— Geň zat, Saýlas daýym bu negri asarmyka, ýa asmazmyka? Özüm-ä şeýle
gadyr bilmeýän, gaçmaga milt eden negri tutsam, ömür goýbermezdim, asyl
dardan asardym — diýdi.
Negr gapyň ýanyna baryp şaýlyklary synlaýança, çynmyka, çyn dälmikä diýip,
olary dişine salyp görýänçä, Tom:
— Bizi tanaýanlygyňy çigit ýaly-da bildirme. Eger gije pil sesini eşitseň, bu Gek
ikimizdiris: biz seni boşatmakçy bolýarys — diýip, Jime çawuş çakdy.
Jim ýaňy bir elimizden tutup gysyp ugrapdy welin, negr geläýdi. Biz oňa: ýanyň
bilen alyp gaýtsaň, biz ýene-de geljek diýdik, negr bolsa: alyp gaýtman näme,
Ylaýta-da garaňky gijeler alyp gaýdaryn, sebäbi alarwahlar meni aýratyn hem
garaňky gijelerde heläk edýärler, gapdalyň adamly bolsa, gaýtam gowam bolýar —
diýdi.
XXX V bap
Ertirlik naharyna bir sagatdan-da azrak wagt galypdy, biz aldyk-da, tokaýa
ugradyk; Tom: çukury yşygyň ýagtysyna gazmaly welin, panusyň şöhlesi hem
ýörän ýiti bolýar, ony ýaksak, ele düşäýmegimiz mümkin, iň gowusy biz yşyk
berýän çüýrük ýapraklary çöpläli: onsoň olary garaňky ýerde goýarys welin,
şöhleleri düşer durar — diýdi.
Biz bir gujak gury ýaprak getirdik-de, otuň içinde gizläp goýduk, özümiz hem
dynç almaga oturdyk, şol wagt Tom närazylyk bilen:
Işlerimiz şeýle ýeňil, şeýle aňsat barýar welin, edesiň hem gelenok! Şonuň üçin
kynrak plan tapaýmagam aňsat däl. Kesesinden beýhuş eder ýaly sakçam ýok,
ýogsam sakçy hökman bolmalydyr ahyryn! Uky dermanyny berer ýaly item ýok.
Zynjyr hem Jimiň diňe bir aýagyna urlupdyr, uzynlygy bolsa on fut, özem
krowatyň aýagyna ildiriläýipdir; aýagy galdyrdygyň, zynjyr sypyp gitjek, Saýlas
daýym hem çem gelene janyny ynanýar, açary kellesiz bir negre beräýipdir, onsoň
ol negri barlaýanam ýok. Gaçaýyn diýse, Jim öňräk hem äpişgeden çykyp gaçyp
bilerdi, ýöne on futluk zynjyr bilen daşa gitjek gümanyň ýok. Gaty haýpyň gelýär,
Gek, sebäbi bu baryp ýatan akmaklyk ahyryn. Onsoň her hili kynçylygy özüň
gözläp tapmaly bolýarsyň. Nätjek, alajyň näme? Elimizde barjasy bilen oňubermeli
bolarys-da. Her hili bolsa-da, bize bir ýapyşalga-ha bar: özümize hiç hili howp
abanmaýarka, öz borjumyz bolmasa-da, hemme zady öz kellämiz bilen oýlap

tapmalykak, ony dürli kynçylyklardan, dürli howplardan gutarmak biziň üçin
ullakan abraýdyr. Iň bolmanda panusy alyp göreli. Gönüsini aýtsaň, panusly
bolmagy ahmal gören kişi bolmaly. Bu ýerde bir topar fakel göterip ýöriş geçirsen
hem äwjek adam ýokmuka diýýän. Gepiň gerdişine görä, kelläme ynha şeýle pikir
geldi: ilki bilen biz byçgy eder ýaly bir zatjagaz tapmaly — diýdi.
— Bize byçgy nämä gerek?
— O nähili byçgy näme gerek? Zynjyry sypyrmak üçin krowatyň aýagyny
kesmeli ahyryn.
— Wiý, aýagy galdyrsaň, zynjyryň öz-özem sypýar diýip, özüň aýtdyň ahyryn.
— Ynha bu saňa gelşäýjek zat, Gek Finn! Sen hemişe çagaň hem başaraýjak
zadyna dyzaýarsyň. Näme, sen kitap okap göreňokmy? Ne baron Trenk barada, ne
Kazanowlar bara-da, ne Benwenuto Çellini barada okan zadyň ýokmy? A Genrih
Nawarskiý barada? Aý, ýene meşhur adam gytmy näme? Tussaglaryň beýle köne
usul bilen boşadylýanlygy heý görlüp-eşidilen zatmydyr? ýok, ähli abraýly adamlar
bir agyzdan — aýagy iki kesip, şo durşuna hem goýmak gerek, ýonuşgalaryny
bolsa hiç kim bilmez ýaly edip ýuwutmak gerek, niresinden kesilenini iň tejribeli
türme sakçysy hem bilmez ýaly we aýag-a bitin diýer ýaly aýaga palçyk we ýag
çalmak gerek diýýärler. Onsoň gaçjak gijäň hem aýagy depip goýberibermeli, ol
zyňlyp gider; onsoň aýakdaky zynjyry sypyraýmaly, wessalam.
Başga edere iş ýok: ýüp merdiwany diş-diş bolup duran diwara oklarsyň, çukuryň
içine typyp düşersiň, aýagyňy döwdürersiň, sebäbi merdiwan keltejikdir, on dokuz
futa dagy ýetýän däldir, onsoň saňa aşakda atlar garaşyp durandyr, wepaly
hyzmatkärler gelip, seni derrew atyň öňüne alarlar we seni dogduk mekanyň
Langedoga ýa-da Nawarra, ýa-da ýene bir ýere äkiderler. Baý, şonda gowy
bolarow, Gek! Şol hütdügiň ýanynda garym-sarym bolaýsa-ha, bar onsoň! Eger
wagt tapsak, ony gaçyljak gije gazaýarys. Men:
— Jimi ýeriň aşagyndan gazan çukurymyz bilen alyp gaçjak bolsak, bize garym
nämä gerek? — diýdim.
Emma ol muňa gulak hem asmady. Meni hem, dünýäni hem ýadyndan çykardy,
elini alkymyna diräp, pikir etmäge oturdy. Onsoň uludan demini alyp, başyny
ýaýkady, ýene uludan demini aldy we:
— Ýok, derkar däl, onuň gerek zady ýok — diýdi. Men: —
Nämäň geregi ýok? — diýdim.

— Jimiň aýagyny kesmegiň geregi ýok. Men:
— Eý hudaý! Eýsem nämä geregi bolsun? Ýogsa-da onuň aýagyny kesmek seniň
nireden kelläňe geldi — diýdim.
Abyraýly adamlaryň köpüsi şeýdipdirler. Olar zynjyry sypyryp bilmän, öz ellerini
kesip gaçypdyrlar. Aýagyny kesäýseň-ä, hasam oňat bolardy welin, munsuz
oňaýmaly bolar-da, munuň bize onçakly zerurlygy ýok, onsoňam Jim negr, munuň
nämä gerekligine ol düşmezem. Oňa Ýewropada şeýdilýär diýip düşündirjek
gümanyň ýok… Ýok, bu işi goýbolsun etmeli bolarys! ýüpden merdiwany bolsa
prostynlarymyzy ýyrtyşdyryp, göz açyp-ýumasy salymda ederis. Ony bolsa
gutabyň içine salyp ibereris, bu hemişe şeýdilýär. ýöne gutap birneme zaýalanýar
welin, zaýalansa-da iýmeli bolýar.
— Ýaňraýan zatlaryň nämedir, Tom Soýer? Jim ýüp merdiwany nätsin? —
diýdim.
— Ýok, gerek. Sen iň gowusy öz samramalaryňy aýt; özüňiň hem bu işden başyň
çykanok! ýüp merdiwany oňa gerek, ol ähli adamda bar.
— O ony näder?
— Näder öýdýäň? Düşekçesinde gizlär goýaýar, näme oňarmaz öýdýärmiň? Ähli
kişiň hem edýäni şol, onsoň olam şeýtmeli bolar. Gek, görýän welin, seniň bir
zadam göwnejaý edesiň gelenok, zol gezek bir zat toslap tapýaň. Eger merdiwan
gerek bolmasa, ol gaçanyndan soň-a düşeginde galarda? Subutnama bolar. Sen
subutnama gerek bolmaz öýdýärmiň? Onda-da nähili gerek bolar! Näme sen
düýpden yz galdyrmajak bolýarmyň? Baý, munyň gowy bordy-ow, söz ýok! Hiç
haçan beýle bolmaýar ahyryn, bu meniň ömrüme eşiden zadym däl.
— Eger düzgün boýunça şeýtmeli bolsa, merdiwan bolmaly bolsa, goý bolsun,
meniň düýpden düzgüne garşy çykasym gelenok. ýöne bir zat bar, Tom Soýer: eger
biz Jime merdiwan etjek bolup, prostynlarymyzy ýyrtsak, Salli daýzam biz bilen
oňuşmaz, muny men aýnada gören ýaly bilýän. Onsoň men şeýle pikir edýän: hoz
gabygyndan merdiwan etmek itiň aňsady, onuň üçin abat zady bibat etmek hem
gerek däl, ony gutaba salmak hem esgi salandan kyn däl, düşekçede gizlemek hem
şeýle. Jimiň bolsa beýle işden onçakly başam çykyp duranok, oňa näme bolsada
parhy ýok… — diýdim.

— Baý, senem bir zady diýäýýäň-ow, Gek Finn! Eger men seniň ýeriňde bolan
bolsam, düşünmeýän halatlarymda, sesimi çykarman oturardym! Döwlet
jenaýatçysynyň hoz gabygyndan edilen merdiwandan çykyp gaçmasy, heý, eşidilen
zatmydyr? Bu bir gülki zat ahyryn! Ýeri bolýar-da, Tom, göwnüňe gelenini ediber;
meniň maslahatymy alaryn diýseň-ä, ýüpdäki serlen prostyny alsaň gowy
bolarmyka diýýän.
Ol: muny şeýdäýsegem bolar diýdi; emma şol ýeriň özünde onuň kellesine ýene
bir pikir geldi, şonuň üçin ol:
— Alanyňa görä köýnegem al — diýdi.
— Bize köýnegiň näme geregi bar, Tom?
— Jime gündelik ýöretmäge gerek,
— O nähili gündelik? Jim ýazybam bilenok ahyryn!
— Goý, ýazyp bilenok diýeli, ýöne oňa galaýy çemçeden ýa çelegiň köne
halkasyndan pero edip bersek, ol bellik etmäni oňarmazmy näme?
— Goýsana, Tom! Gazyň ýelegini alaýmaly ahyryn, hem oňat boljak, hem çalt.
Ýelegini alar ýaly, tussaglaryň kamerasynda ygyp ýören gaz ýok ahyryn, baý,
senem paňkelle-ow! Olar perony hemişe gaty zatdan ýa-da çyragoýgujyň döwügi
ýaly derde ýaramaýan zatdan ýasaýarlar ahyryn! Olaryň muňa köp wagtlary
gidýär, hepdeler, aýlar geçýär, sebäbi olar perony diwara süýkäp ýiteldýärler.
Elleriniň aşagynda bolaýanynda-da, olar gaz ýelegi bilen hat ýazmazlar. Sebäbi bu
edilýän zat däl.
— Eri bolýar-da, ýöne biz oňa syýany nämeden ederkäk?
— Köp adam-a göz ýaşly posdan edýärler; ýöne muny sadarak adamlar bilen aýallar
şeýdýärler, atly-abraýly adamlar bolsa öz ganlary bilen ýazýarlar. Jimem şeýdip
bilerdi; eger ol özüniň tutulandygyny bütin dünýä habar etjek bolsa we adaty syrly
hat ýollajak bolsa, ol çarşajygy bilen de-mir okara çyzyp, äpişgeden oklaýmaly.
Demir Perde hemişe şeýder ekeni, bu-da örän oňat tär.
— Jimiň demir okarasy ýok ahyryn. Oňa nahary piti bilen eltýärler.
— Aýyby ýok, tapyp eltip beräýeris.

— Barybir oňa düşünen bolmaz.
— Munuň parhy ýok, Gek Finn. Onuň işi ýazyp äpişgeden oklamak. Ony okap
oturmagyň bolsa saňa geregi ýok. Barybir olaryň okara ýa başga bir zada ýazýan
zatlarynyň ýarysyna-da düşünip bolanok.
— Onda okarany zaýalap oturmagyň näme geregi bar?
— Ýa walla! Okara onuň özüniňki däl ahyryn!
— Onuňky bolmasa, başga biriniňkidir-dä, şeýle dälmi?
— Bolanynda näme? Olaryň kimiňkidiginiň tussaga näme tapawudy bar…
Ol aýtjak bolan zadyny aýtman goýdy, biz ertirlik naharyna çagyrýan tüýdügiň
sesini eşidip, öýe gaýtdyk. Şol gün ir bilen men ýüpe serilgi prostyny we köýnegi
karz aldym we köne halta tapyp, olary şoňa saldym, onsoň biz çüýrük ýapraklary
hem alyp, şoňa dykdyk.
Meniň muňa «karz almak» diýýänimiň sebäbi kakam hemişe şeý diýerdi, emma
Tom: bu karz däl, ogurlyk bolýar diýdi. Ol: biz tussaglara kömek edýäris, olara
bolsa zady nädip alanyň parhy ýok, alyp bolsa bolýar, munuň üçin olary ýazgarjak
adam ýok — diýdi. Eger tussag özüne gaçmak üçin gerek bolan zady alsa, bu
jenaýat bolmaýar, muňa onuň haky bar; bendini türmeden boşadar ýaly, biziň hem
şu öýden islän zadymyzy almaga hakymyz bar. Eger biz tussag bolmadyk bolsak,
onda, elbetde, aýry mesele, tüýs ýetdiren adam bolaýmasa, türmede däl halyna kim
ogurlyk etsin — diýdi. Şonuň üçin biz elimize ilen zady ogurlamagy ýüregimize
düwdük. Şundan bir-iki günden soň bolsa, ol bolgusyz bir zat üçin — negrleriň
bakjasyndan garpyz ogurlap iýenim üçin bir topar gürrüň başyny agyrtdy. Men:
garpyz maňa gerek boldy ahyryn diýdim. Ol: garpyz saňa türmeden gaçmaga gerek
bolan däldir, gep hem ynha şonda — diýdi. Eger içine türmeçini öldürmek üçin
Jime berer ýaly pyçak salan bolsaň onda başgaça, ýagny, hemmesi gülala-güllük
bolardy — diýdi,
Emma men her gezek garpyz ogurlajak bolanymda, beýdin ähli tarapyny ölçerip
oturmaly bolsa, tussagyň etmeli zatlaryny etjek bolup azara galyp ýörmegimiň
gerek ýerini görmedim, ýöne şonda-da onuň bilen ýaňkalaşyp oturmadym.

Ine onsoň ertesi irden biz ozaldan aýdyşym ýaly, howludaky adamlaryň işli-işine
giderine we howlyň çolararyna garaşyp durduk we howly çolaranyndan soň, Tom
haltany saraýjygyň ýanyndaky jaýjagaza eltdi, men bolsam howluda durup
garawulçylyk çekdim. Basym ol o ýerden gaýdyp geldi, onson biz gürleşmek üçin
töňňeleriň üstünde dyzymyzy epdik. Ol:
— Ine indi guraldan başga ähli zadymyz taýýar: ony hem tapmak kyn däl —
diýdi.
— Guraldan başga?
— Hawa-da.
— Guralyň nämä geregi bar?
— O nähili nämä geregi bar? Gazmaga gerek. Nä biz ýeri dişimiz bilen gazarys
öýdýärmiň?
— Näme ol jaýjagazyň içindäki köne külüňler, piller derde ýaramaz öýdýärmiň?
— diýip soradym.
Ol gaňryldy-da, maňa bakan şeýle bir gynançly seretdi welin, tas möňňüripdim.
Onsoň ol:
— Gek Finn, heý, sen ömrüňe tussaglaryň nagym gazar ýaly külüňi, pili ýa
ýenede şuňa meňzeş täze guraly bar diýip eşidipmidiň? Eger azda-köpde kelläň
işleýän bolsa, sen bir za-da jogap ber: şeýle bolsa, ol nireden şöhrat gazansyn? Olar
ýaly bolsa, iň gowusy, açary eline berip dynaýmaly. Külüň, pil diýsene! Olary asyl
korollara-da berenoklar ahyryn — diýdi. Ýeri bolýar-da, eger külüňdir piller hem
derdimize ýaramaýan bolsa, onda näme gerek? — diýdim.
— Gassaplaryňky ýaly jaýyň içinden nagym gazaryn öýdýärmiň?
— Hawa, gazaryn.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.