Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10

Total number of words is 3819
Total number of unique words is 2138
29.7 of words are in the 2000 most common words
40.7 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
etmelidim, emma ýorgan-düşegim bolaýanda-da barybir ýatmazdym, sebäbi beýle
apy-tupany her gün görüp-durup bolýarmy näme!
Baý, ýel boldy-ow! Minutsaýyn ýyldyrym çakyp, ýarym millik töwerekdäki ak
köpük tolkunlar, ýagşyň derdinden çasly ýaly bolup oturan adalar, ýeliň zarbyna
yranyşýan agaçlar görünýärdi. Soňra bolsa birden gübür-gübür edip gek gürrüldedi,
sesi bütin asmany tutup, ýene ýatdy, soň ýene ýalp edip ýyldyrym çakdy, gök
gürrüldedi. Tolkun meni tasdan telim gezek dagy saldan agdarypdy, emma men
çuw ýalaňaç boldum, munuň meniň ýanymda weji ýokdy. Suwuň içindäki agaçlar
barada-da aladalanarlyk iş ýokdy, sebäbi zol-zol ýyldyrym çakyp, dumlyduşumyzy
ýagtylandyryp durdy, şonuň üçin biz suwdaky agaçlary birkemsiz görýärdik we
salymyzy nire sowmaly bolsa sowup, olaryň duşundan aýlanyp geçmäge
ýetişýärdik.
Biler bolsaňyz, men gije sakçylyk etmelidim, emma onýança meni uky bürüp
başlady. Şonda Jim saňa derek gijäň ýarysyny özüm duraýaryn diýdi; muňa galanda
Jim ägirtdi, söz ýokdy. Men çatma girdim, emma gersog bilen korol şeýle bir
çäşerilişip ýatyrdylar, welin, gyşarara ýer ýokdy. Onsoň men ýagşa-zada baş
galdyrman, çatmanyň öňünde gyşardym, howa maýyldy, tolkunlar hem öňki ýaly
çyrpynyşyp duranokdy, Sagat ikileriň töwereginde ýene-de gymyl-çymyl bolup

ugrapdyr, Jim meni oýatjak bolupdyr, ýöne, aý, tolkun beýle güýçli däl-le, ondan
gorkar ýaly zat ýok-la diýip, oýatmasyny goý bolsun edipdir, emma ol ýalňyşypdyr,
sebäbi birden güýçli tolkun gelip, meni saldan agdaryp urdy, Jim tas gülüp
ýarylypdy. Ol diýseň gülekdi, şunuň ýaly negri men ömrüme gören däldirin.
Men garawulçylyk çekip başladym, Jim bolsa gyşardy-da uka gitdi; basym tupan
hem ýatdy, onsoň men kenardaky tamjagazlardan ilkinji ýylpyldy görneninde, Jimi
oýatdym, soňra onuň bilen salymyzy agşama çenli goýar ýaly gizlençek ýere eltdik.
Ertirlik edinenimizden soň, korol bir desse köne, kirli kart çykaryp, her oýna bäş
sent goýup, gersog bilen oýnamaga oturdy. Oýundan irenlerinden soň bolsa, olar
gürrüňlerine görä «kampaniýanyň planyny düzmäge» girişdiler. Gersog
çemedanyna elini sokup, çap edilen bir petde afişajyk çykardy we olary bize sesli
okap berip başlady. Afişalaryň birinde «Parižden gelen meşhur doktor Arman de
Montalban pylan ýerde, pylan aýyň pylan gününde «Kelledäki çişler boýunça
adamynyň häsiýetini nähili kesgitlemeli» diýen temadan leksiýa okajakdyr, giriş
bileti on sentden we her gezekkisine ýigrimi bäş sent alyp geljegi aýtjakdyr» —
diýlip ýazylypdyr. Gersog: şol doktor men bolmaly diýdi. Beýleki bir afişada bolsa
ol «dünýäde meşhur tragik, Şekspiriň pýesala-ryny oýnaýan, Druri-Leýn atly
London teatrynyň artisti Garrik Kiçi diýlip atlandyrylýardy. Galan afişalarda bolsa
ol başga familiýalar bilen çykyş edip, dürli täsinlikleri görkezýärdi, mysal üçin,
hoz çybygynyň kömegi bilen suwdur tylla tapýardy, jadylyk edýärdi. Ol bir salym
dymyp duranyndan soň:
— Emma şeýle-de bolsa, men tragiki rollary oýnamany gowy görýärin. Siziň
alyhezretiňiz, siz sahnada çykyş edip-hä gören dälsiňiz! —diýdi.
Korol:
— Ýok — diýip jogap berdi.
Gersog:
— Olar ýaly bolsa, öňki alyjenabyňyz, siz muny üç günden aňry geçirmän etmeli
bolarsyňyz. Ilkinji amatly gören şäherimizde düşüp, biz bir zaly kireýine alarys we
«Ri-çard Üçünjidäki» başa-baş söweşi, «Romeo Julettadan» balkondaky sahnany
görkezeris. Siz muny niçik görýärsiňiz? — diýdi. — Men, elbetde, her bir
düşewüntli işiň tarapdary, ýöne, biler bolsaňyz, meniň aktýorlykdan başym
çykmaýar, asyl aktýorlary görmedim diýen ýaly. Kakam olary köşge çagyrýarka,
men çaga ekenim. Siz onsoň muny maňa öwredip bilerin öýdýänizmi?

— Ýogsam näme! Mundan aňsat zat ýok.
— Olar ýaly bolsa bolýar. Öňräkden bäri elim gijäp dur, bir täze zady synap
göräýsem kem göremok. Geliň häziriň özünde başlalyň.
Şol ýerde gersog oňa ähli gürrüň bermeli zatlary: Romeonyň kim bolanlygyny,
Julýettanyň kim bolanlygyny gürrüň berdi, Romeonyň rolunda oýnamaga endik
edenim üçin korol Julýetda bolmaly bolar diýip, ol soňra gurrüňiniň üstüni ýetirdi.
— Ýöne Julýetta ýaşajyk gyz bolsa, onuň kellesiniň ýylçyr, sakgalynyň çal
bolmasy geňräk görünmezmikä?
— Aý, ýok. Siz munuň aladasyny etmäň — beýle zat oba paňkelleleriniň
kellesine-de gelmez. Onsoňam siz aýal geýimini geýnersiňiz ahyryn, munuň bolsa
ullakan tapawudy bar: Julýetta balkonda dur, ol ýatmazyndan öň aýa syn etmäge
çykypdyr, ol ýatyş köýneginde, kellesinde bolsa etegi jähekli çepçik bar. Ynha bu
bolsa şol rollar oýnalanda geýilýän geýimler.
Ol tutulyk çitden tikilen iki-üç sany geýim çykardy we bular Riçard III hem-de
onuň duşmany üçin ortasyr geýimi diýdi, soň kolenkordan tikilen uzyn, ak ýatyş
köýnegini we etegi jähekli çepçik çykardy. Korol ynjaldy. Şonda gersog kitabyny
alyp, rollary örän agras, örän dabaraly ses bilen okap başlady; salyň üstünde bir
eýläk, bir beýläk gatnap ýörşüne, ol nähili oýnamalydygyny görkezýärdi; soň ol
kitaby korola berip, roly ýat tutmagy tabşyrdy.
Derýanyň tirsek berýän ýerinden üç mil töwerekleri aşak-da bir şäherjik otyrdy,
nahardan soň gersog: men bir pirim tapdym, indi biz Jim barada howatyr edip
durman, gündizine-de ýüzüp bileris; ýöne şähere baryp gelmeli, ony-muny
taýýarlaşdyrmaly — diýdi. Korol hem bir amatly zat düşmezmikä diýip, şähere
gidermen boldy. Biziň kofämiziň hemmesi gutarypdy, şonuň uçin Jim: menem
şolar bilen gidip, kofe alyp geläýsem diýdi.
Biz şähere girenimizde, ol ýerdäki ähli zat edil ölen ýaly bolup gerünýärdi. Edil
ýekşenbe ýaly, köçelerde janly-jemende ýokdy, gum-guklukdy. Biz zordan öýüň
arkasynda oturan bir syrkaw negri tapdyk we ondan şäheriň syrkawlaryndan,
garrylaryndan, çagalaryndan başgasynyň iki millikdäki tokaýa çokunmaga
gidendiklerini bildik. Korol ol ýere nädip gitmelidigini sorady we bu
ýygnanyşykdan alyp bilenini aljak bolaryn diýdi, meni hem öz ýanyna aldy.

Gersog tipografiýa barmalydyryn diýdi. Biz basym ony agaç ussahanasynyň
üstündäki kiçijik jaýdan tapdyk — neçjardyr harp ýygnaýjylaryň bary gapylaryny
hem gulplaman, çokunmaga giden ekenler.
Jaýyň içi hapa, gör-lähetden doly eken, diwaryň ýüzi agyn syýa tegmilleri,
gaçgak negrler we satlyk ýabylar barada bildiriş bolup dur eken. Gersog penjegini
çykardy-da, maňa indi gerek zat ýok —diýdi, Onsoň biz korol bilen çokunylýan
ýere bakan ugradyk.
Biz ol ýere gara der bolup sagat ýarymda ýetdik, howa aýylganç yssydy. Ol ýere
ähli okrugdan müň töwerekleri adam ýygnanan eken, olaryň köpüsi hem ýigrimi
millik ýoldan gelipdirler.
Tokaýyň içi araba goşulgy we çem gelen ýerde iltelen ýabylardan doludy; olar
torbalaryndaky süläni iýşip, siňeklerini goraşyp, aýaklaryny kakyşyp durdular.
Gazyk dikilip, üsti çybyklar bilen basyrylan çadyrlarda imbir kökleri, limonad,
üýşmek-üýşmek garpyz, mekgejöwen we beýleki gök ekinler satylýardy.
Wagyz-nesihat hem edil şular ýaly çadyrlarda okalýardy, ýöne olar ulurakdy we
adamdan ýaňa hyryn-dykyndy. Ol ýerdäki oturgyçlar ýylmanmadyk tagtalardan
ýasalandy, olarys aşaky, tegelek tarapy deşilip, oňa aýak ýerine taýak sokulgydy.
Olaryň arka goýulýan ýeri ýokdy. Wagyz-nesihatçylar üçin her çadyrda uly seki
bardy.
Aýallaryň kellesinde sypal şlýapalary bardy, käbirleri ýarym ýüň köýnekli,
beýlekileri irimçik matadan tikilen köýnekli, has ýaşraklary bolsa çit köýneklidiler.
Ýaş ýigitlerden aýakýalaňaç gelenleri-de bardy, çagalar jagylda-jugul bolşup, ýeke
kendir köýnekli ylgaşyp ýördüler. Garry kempirler oduk-buduk örýärdiler, ýaşlar
bolsa aşaklyk bilen göz gypyşýardylar.
Biziň giren ilkinji çadyrymyzda ündewçi sejde edip dur eken. Ol ilki iki setiri
okap çykýardy, onsoň ony köplük bolup alyp göterýärdiler, bu diýseň dabaraly
ýaňlanýardy, sebäbi ony şunça halk şeýle keýp bilen aýdýardy; soňra ol indiki iki
setiri okaýardy, duranlar bolsa gaýtalaýardy. Çokunýanlar gaty gygyrýardylar,
ahyrsoňy olaryň bir topary horkuldamaga, beýlekileri bolsa möňňürmäge durdular.
Şol wagt ündewçi hem ündemäge durdy, özi-de dil ujundan däl-de, garaçyny bilen
ündedi: ol ilki kafedranyň bir tarapyna soň hem beýleki tarapyna egildi, onsoň
elleri bilen bütin göwresini hereketlendirip, her bir aýdýan sözüni bokurdagyna
sygdygyntöwraty ýokaryk galdyryp, ony kä bu tarapa, kä ol tarapa aýlady we:

«Ynha çölde mis ýylan dur! Oňa serediň-de, derdiňize derman ediniň!» diýip
gygyrdy. Duranlar hem: «Edeniňe şükür! Oo-min!» diýşip jogap berdiler.
Onsoň ol yzyny ündemäge durdy, diňläp duranlaryň bolsa kimisi möňňürdi,
kimisi aglady, kimisem «omin» diýdi.
— Toba edýänleriň oturgyjyna geliň! Günäli bendeler, geleweriň! (Omin!)
Keselbentler, jepakeşler, geleweriň! (Omin!) Agsak-keýtikler, kör-şeller, geleweriň!
(Omin!) Mätäçlik çekýänler, agyr sargydyň aşagyndan çykyp bilmän utanyp
ýörenler, geleweriň (Omin!) Barça ýadawlar, ejir çekenler, kemsidilenler,
geleweriň! Ruhdan düşenler, geleweriň! Ýüreklerinde dert galanlar, geleweriň!
Günäsi ýuwulmadyklar, ýyrtyk juluňyzda geliberiň! Durlama suwy paglap geldi!
Siziň öňüňizde uçma gapylary açyldy! Giriňde, ynjalyň! (Omin! Alliluiýa, alliluiýa,
edeniňe şükür!).
Soňy hem şeýleräk, şuňa meňzeşräk geçdi.
Gykylyk-galmagallaryň, agy sesleriň derdinden ündewçiniň näme diýýänini eşider
dagy eder ýaly däldi. Onda-munda adamlar ýerlerinden turşup, göz ýaş döküşip,
ellerinde baryny edişip, toba edýänleriň oturgyjyna ýetjek bolýardylar; toba
edýänler öňdäki oturgyçlarda jemlenenlerinde, olar aýdyma gygyryşyp, ses edişip,
edil akyllaryndan aza-şan ýaly, samanyň üstüne ýüzin ýykylyşyp başladylar.
Men eýläme-beýläme garamakam, korol hem toba edýänlere goşuldy we
hemmelerden gaty gygyrmaga durdy; soňra ol sekiniň üstüne çykdy. Ündewçi
ondan halk bilen gürleşmegini haýyş etdi, ol hem razyçylyk berdi. Ol özüniň otuz
ýyllap deňiz galtamany, deňiz garakçysy bolanlygyny, hindi okeanynda
ýüzenligini, emma şu baharda öz şaýkasynyň ep-eslisiniň çaknyşykda
öldürilenligini, ynha indi bolsa watanyna täze adamlar toplamaga gelenini, ýene,
hudaýa şükür, öten agşam talanyp, jübüsi kör köpüksiz parohoddan düşürilip
gidilenligini, özüniň hem muňa diýseň begenýänligini gürrüň berdi; özüne şundan
gowusynyň ýoklugyny, sebäbi indi düýpden täze adam bolanlygyny we özüni
ömründe ilkinji gezek bagtly saýýandygyny aýtdy; ol her näçe garybam bolsa,
hindi okeanyna çykjak bolup, özüniň galan ömrüni deňiz galtamanlaryny düz ýola
salmaga bagyş etjek bolup jan eder; bu onuň üçin beýlekilere garaňda has aňsat,
sebäbi hindi okeanyndaky galtaman şaýkalaryny ol bäş barmagy ýaly bilýär,
pulsuz ol ýere basym ýetip bilmesede, ol hökman şol ýere barar we her gezek
deňiz galtamanyny ýola salanynda: «Munuň üçin maňa sag bol aýdyp oturmaň,
men muňa mynasyp däl, bularyň baryny Pokwilliň rehimdar adamlary, adamzat

ähliniň ýagşyzadalary, öz doganlarymyz etdiler, olaryň rehimdar ündewçileri bolsa
her bir deňiz galtamanynyň wepaly dostudyr» diýip aýdar.
Şeý diýdi-de, ol gözünden boýur-boýur ýaş dökdi, onuň bilen bile beýleki
adamlar hem aglaşdylar. Soňra kimdir biri:
— Geliň, muňa pul ýygnap bereliň, geliň—diýip gygyrdy. On adam töwerekleri
ýerlerinden turup ugradylar, emma kimdir biri korola:
— Goý, ol şlýapasyny alyp, ähli duranlaryň arasyna özi aýlanyp çyksyn — diýip
gygyrdy. Muňa ähli adam razy boldy, ündewçem razy boldy.
Ine onsoň korol şlýapasyny alyp, gözüniň ýaşyny süpürip, hatara aýlanmaga
ugrady, uzak deňizdäki biçäre galtamanlara şeýle rehimdarlyk edýänlikleri üçin ol
ýüzüniň ugruna ähli duranlara alkyş okady, minnetdarlyk bildirdi, öwüp taryplap
çykdy, şonda iň oňat gyzlar, aýyn bolmasa, ýerlerinden turşup, gözlerinden ýaş
döküşip, ony hiç bir bahanasyz, ýadygärlik üçin öpmeklige rugsat soradylar, ol
bolsa muňa hemişe razylyk berdi, käbirlerinihä gujaklap, yzly-yzyna bäş-alty
gezek ogşabam çykdy; hemmeler ondan öz şäherlerinde ýene-de bir hepdejik
myhmançylykda bolmagyny haýyş etdiler, öýlerine nahara çagyrdylar, şeýdäýseň,
uly hormat etdigiň bolardy diýişdiler, emma ol bolsa bu gün çokunma
ýygnanyşygy gutarýan bolsa, kömegim degmez diýip jogap berdi, onsoňam Hindi
okeanyna ýeterime we şol ýerde deňiz galtamanlaryny dogry ýola salaryma
howlugyp durun diýdi.
Salyň ýanyna gaýdyp gelip, korol özüne düşen puly sanap başlanynda, ol segsen
ýedi dollar ýetmiş bäş sent ýygnan ekeni. Onsoňam ol gaýdyşyn tokaýda arabaň
aşagyndän tapan uç gallonlyk ullakan çüýşesini dolduryp, wiski alyp gaýtdy.
Korol bularyň hemmesini bir ýere goşsaň, onda ündew bilen bir günde hiç haçan
beýle köp pul gazanmadym diýdi. Ol bu ýerde gürrüň edip oturasy zat ýok:
çokunma ýygnanyşygyny yrmaly bolsa, butparazlar deňiz galtamanlarynyň
ýanynda hiç zat — diýdi.
Korol gelmezinden öň, gersog hem hiç neneň gazanmaýan ýalydy, emma şondan
soň ol öz pikirini üýtgetdi. Ol fermerler üçin ýaby satlygy barada iki sanyjak
kiçijik bildirişi tipografiýada ýygnap çap etdi we puluny — dört dollary kabul etdi.
Mundan başga ol gazet üçin hem on dollarlyk bildiriş kabul etdi we eger öňünden
töleseňiz, olary dört dollara çap edip bereýin diýdi, olar razy boldular. Gazete
abuna ýazyljak bolsaň, ýylda iki dollar gerekdi, ol bolsa üç abunaçydan bahasyny

öň tölemek şerti bilen ýarym dollardan aldy; abunaçylar hemişeki edişleri ýaly, pul
ýerine odundyr, sogan bermekçi boldular, emma gersog tipografiýany ýap-ýaňyja
satyn aldym, bahalaram arzanladyp bildigimçe arzanlatdym, indi bolsa her bir eden
işimi nagt pula etmekçi diýdi. Ol ýene öz düzen, öz kellesinden çykaryp düzen üç
bent gaýgyly we gynançly goşgusyny hem ýygnady, goşgy şeýleräk başlanýardy:
«Sowuk jahan, sen meniň näsag ýüregimi weýrany kyl» — hawa, muny
ýygnadyda, olara çap edibermeli nabory goýdy, emma onuň üçin hiç zat almady.
Ynha şeýlelikde ol bularyň hemmesi üçin dokuz ýarym dollar gazandy we olaryň
hatyrasy- üçin uzynly günläp dere batmaly boldum diýdi. Soňra ol bize başga bir
kiçijik bildiriş görkezdi, ol şol bildiriş üçin hiç zat almady, sebäbi ol ony bize diýip
çap eden ekeni. Suratyň ýüzünde egnindäki taýagynyň ujuna düwünçek
gysdyrylgy bir gaçgak negr çekilipdir, aşagynda bolsa: «200 dollar baýragy bar»
diýlip ýazylypdyr. Soň bolsa Jim barada gürrüň berlipdir, onuň nokatma-nokat ähli
salgysy berlipdir. Onda ol geçen gyş Täze Orleandan kyrk milräkde ýerleşen
SentJok plantasiýasyndan gaçdy, özi hem Demirgazyga gaçdy, kimde-kim şony
tutup, yzyna äkelse, ol goýlan baýragy aljakdyr we çykaran çykdajysy tölenjekdir
diýlip aýdylýardy.
— Ine görýärmiň, indi gerek bolsa, biz gündizine-de ýüzüp biljek. Eger biriniň
ýakynlaşýanlygyny göräýsek, biz şo bada ýüp bilen Jimiň el-aýaklaryny baglap,
ony çatma salyp goýarys we ynha şu bildirişi gerkezip, biz muny derýanyň
sakasyndan tutduk, indi bolsa parohoda berer ýaly pulumyz bolmansoň, tanyşlyk
bilen şu saly kireýine tutduk, indi hem goýlan baýragy almaga barýarys diýeris.
Jimiň el-aýagy gandally bolsa, has hem gowy bolardy welin, biziň bu
garyplygymyzda bu edil altyndyr kumüş ýaly bize ýetdirjek zat däl. Iýene ýüň
welin bize tüýs gerek zat-da: bizde sahnada aýdylyşy ýaly, stili saklamak gerek —
diýip, gersog aýtdy.
Biziň hemmämiz gersog örän mekir oýlap tapypdyr, indi biz gündizine hem hiç
hili päsgelçiliksiz gidip bileris diýişdik. Gersogyň tipografiýadaky işinden soň, bu
şäherjikde turjak topalaňdan ara açar ýaly, biz bu gije esli geçip biljekdik; şondan
soň bolsa biz gizlenmäli diýsek gizlenmän hem biljekdik.
Biz bukulyp, agşam sagat ona çenli bir oturan ýerimizde oturdyk, soň bolsa
ýuwaş-ýuwaşdan kürekläp, derýanyň ortasy bilen şäherden arany açyp başladyk, tä
şäher gözden ýitýäňçä hem panusymyzy asmadyk.
Jim ertir sagat dörtlerde meni garawulçylyk çekmäge oýadanda:

— Gek, ýolda bize ýene-de. korollar duşarmyka, sen nähili pikir edýärsiň? —
diýip sorady.
— Ýok… Duşmazmyka diýýärin.
— Aý, olar ýaly bolsa bolýar-la. Biri-ikisi bolsa ýene ýagşy, bular bize daşy bilen
hem ýeterlik. Ol petek ýaly şalkyldap, hemişe pýan, gersog hem ýagşy — diýdi.
Görüp otursam, Jim fransuzça geplenende nähili bolýanlygyny biljek bolup,
gersogdan fransuzça bir zat diýmegini haýyş edipdir, gersog bolsa bireýýämden
bäri Amerikada ýaşamsoň we görgi baryny göremsoň, fransuz dilini düýpden
unudaýypdyrn diýipdir.
XXI bap
Gün eýýäm dogupdy, emma biz şo ýüzüşimize ýüzüp barýardyk; kesesinden
düşlemek üçinem saklanmaýardyk.
Basym humarlygyň derdinden ýüzlerini turşardyp, ajadyp korol bilen gersog hem
turdy, emma olar suwa çümüp, düşünip bolanlaryndan soň, ýagdaýlary has
ýeňilleşdi.
Ertirlik naharyndan soň, korol salyň gyrasynda oturyp köwşüni çykardy,
balagyny dyzyna çenli çermedi, salkynlajak bolup aýagyny suwa sallady we
çilimini çekip, «Romeo we Julýettany» ýat tutup başlady. Ol öz roluny ykjam ýat
belläninden soň, olaryň gersog ikisi bilelikde repetisiýa geçirip ugrady. Gersog
korola öwredýärdi we oňa her replikany gaýtaladýardy, ah çekdirýärdi, elini
döşüniň üstünde goýdurýardy we ahyrsoňunda hem hiç neneň bolanok diýýärdi.
«Ýöne welin «Romeo!» diýeniňizde, öküz ýaly gygyrmasyz nähak; siz ynha
şeýdip» Ro-omeo!» diýip, mylaýymja, ýadawsyz aýtmaly. Sebäbi Julýetta çaga
ýaly ümsüm we näzik gyz, ol eşek ýaly aňňyranok ahyryn» diýdi.
Onsoň olar gersogyň dub agajyndan ýonup ýasan iki sany uzyn gylyjyny
çykardylar we başa-baş söweşiň repetisiýasyny geçirip ugradylar, gersog men
Riçard III boljak diýdi, dogrudan hem olaryň salyň üstünde aýaklaryny
tapyrdadyşlaryny, bir-birleriniň üstüne topulyşlaryny göreniňe degýärdi.
Basym korol yza çekilip, suwa ýykyldy; şondan soň olar dynçlaryny aldylar we
şu derýada bir wagtky gören-eşidenleri barada bir-birine gürrüň berip başladylar.

Günorta naharyndan soň gersog:
— Kapet diýýän-ä, biziň oýnumyz diýseň gowy bolarmyka diýýän, şonuň üçin
oňa näme-de bolsa bir zatjagaz goşmalymykak diýýän. Ätiýaçdan «bis» diýleninde
görkezer ýaly bir zatjagaz taýýarlamaly — diýdi.
— Ol «bis» diýýäniň näme? Gersog oňa düşündirdi, soňra bolsa:
— Men «bis» diýleninde şotland ýa matros plýaskasyny ýerine ýetirerin, siz
bolsaňyz… duruň, pikir edip göreýin… A-ha, şeýdäýeli!.. Siz Gamletiň
monologyny okarsyňyz — diýdi.
— Nämäniň, «Gamletiň?»
— Gamletiň monology-da! Nädip düşündirsemkäm. Şekspiriň iň atly ýeridä, örän
zor, örän zor zat! Hemişe tomaşaçylary aňk edýär. Ol meniň kitabymda ýok,
mendäki bary-ýogy ýekeje tom, ýöne men ony ýatdanam aýdyp berip bilermikäm
diýýärin. Salyň üstünde birneme gezmeläp, synanyp göreýin, ol setirleri ýada
düşürip bolmazmyka…
Şeý diýdi-de, ol gaşlaryny çytyp, salyň, üstünde iki ýana gezmeläp ugrady, ol kä
gaşyny galdyryp, kä-te elini maňlaýyna eltdi, iňňildäp yza serpikdi, kä uludan
demini alyp, kä-te göz ýaş dökdi.
Oňa seretdigiňçe seredesiň gelýärdi.
Ahyrsoňy ol ählisini ýadyna saldy we bizi diňlemäge çagyrdy. Şu ýerde ol diýseň
abşaryp, bir aýagyny öňe uzadyp, elini ýokaryk galdyryp, kellesini gaýşardyp, dik
asmana bakyp, zowladyp ugrady: ol hem dişlerini gyjyrdadýardy, hem uwlaýardy,
hem döşüne kakýardy, hem deklamasiýa okaýardy, gepiň kelte ýeri, meniň şu çaka
çenli gören artistlerimiň hemmesi onuň basan yzyna-da degmeýärdi.
Ynha ol monolog. Gersog monology korola telim ýola gaýtalap berensoň, men
ony dessine ýat tutdym:
Bolmalymy-bolmasyz, ynha işiň kyn ýeri,
Dunsinana gidinçä Birnamyň tokaýlary

Şeýle jebri-jepaga döz gelip ýörmelimi?
Ýa-da külpete garşy şaýlanyp durmalymy?
Makbet haram edipmiş, bir bigünä ukyny
Şoň üçinem belanyň aňsat gelenok soňy.
Tabyda girip, dostlar, ölüp-ýitip gidenden
Bu ýalançy jahanda jepa çeken ýagşydyr,
Oýararsyň Dunkany: Goý oýansa oýansyn.
Eýsem jahan kinesin, jahan gahar-gazabyn.
Tiranlaň gedemligin, güýçlüleriň minnetin
Kim döz gelip, kim çydap, çekip ýörer öýdýäň.
Öz-özünden jan girip, gije açylsa gubur,
Giden gaýdyp gelmeýän, şeýle atsyz-sorsuz ýurt,
Laýyk saýyp özüne, girýär ýas lybasyna
Oý-pikiriň derdinden töwekgellik çyragy
Öçüp-sönüp, şöhlesi bir tüýsli ýitip gidýär.
Jaýlaň üstüne üýşen lemmer-lemmer bulut hem
Nakyldaky pişik dek, kem-kem süýşüp gidýär.
Dirileriň takdyry… Ynha, şeýdip gutarmak
Bu bolsa degýär seniň arzuw-höwes edeniňe
Ölmek diýmek, bilseňiz, uka gitmek diýmekdir.

Wah, eziz Ofeliýa! Wah, meniň perim,
Tämiz ýüregiňi bire bagla-da,
Monastyra gir.
Ýöne welin garry muny halady, ol ony derrew ýat belledi we şeýle bir okap
başlady welin, ondan oňadyny höwes hem eder ýaly däldi. Ol ýörite şonuň üçin
doglan ýalydy, ol ykjam türgenleşip, kellesi geçende, ony ýöne keýpine synlap
oturmalydy: ol deklamasiýa okanynda, şeýle bir gazaba münýärdi welin, aýdyp
diýer ýaly däldi.
Ilkinji gezek çemi gelende, gersog teatr afişalaryny çap etdi, şondan soň
salymyzyň üsti iki-üç günläp baş-başdaklyk, bulam-dölemlik boldy, gersogyň
aýdyşy ýaly, elleri sypynsa, repetisiýa etdiler, gylyçlaşdylar.
Bir gezek ir bilen Arkanzas ştatynyň iň jümmüşine aralaşanymyzda, birden
öňümizde, giň güzeriň kenarynda bir köneje şäher göründi. Oňa bir miliň dörtden
üçüsi çemeleri ýetmän durup, salymyzy derýanyň guýýan, serwi agaçlarynyň gür
biten we tonnele meňzäp duran ýerinde gizledik! Biziň Jimden özgämiz gaýyga
münüp, spektaklymyzy goýar ýaly ýer ýokmuka, göreliň diýşip, şähere ugradyk.
Biziňki jüpüne düşäýdi: biziň gelen günümiz şähere sirk gelipdirde, oňa
obalardan adam bary üýşüp ugrapdyr, atly geleni haýsy, jygyldap duran arabaly
geleni haýsy. Sirk agşama çenli gitmelidi, şonuň üçin biziň görkezjek oýnumyz
aýny wagtyna düşjekdi, keýp edilip serediljekdi.
Gersog suduň zalyny kireýine aldy we biz afişalary ýelmeşdirmäge gitdik. Ynha
olardaky ýazylan zatlar:
ŞEKSPIRIŇ TÄZEDEN DIKELDILMESI!!!
AJAÝYP TOMAŞA!
Diňeýekejespektakl!
Londondaky Druri-Leýn Teatryndan gelen Dewid G a r r ik K içisi we Korollyk

Teatryndan gelen Edmuid Kin Ulusy. Uaýtçepel, Pudding-Leýn, Pikkadilli,
London hem-de Ýewropadaky Korollyk teatryndan gelen meşhur tragikler
ŞEKSPIRIŇ deňi-taýy bolmadyk:
«ROMEO WE JULÝETTASYNDAN»
BALKONDAKY SAHNA
ATLY
SPEKTAKLDA ÇYKYŞ ETJEKLER
Romeo mister G a r r i k
Juliýetta misger Kin
Truppanyň hemmesiniň gatnaşmagynda! Kostýumlar täze, bezegler täze, oýnuň
goýluşy täze!
Şeýle hem
«Riçard III-den»
aňk ediji, deňsiz-taýsyz we galpylda getirýän
BAŞA-BAŞ GYLYÇLAŞMA!
Riçard III mister Garrik
Riçmond mister Kin
Şeýle hem
(Märekäniň haýyş etmegi boýunça)
GAMLETDEN
ÖLMEZ-ÝITMEZ MONOLOG!!!
MEŞHUR KINIŇ
ýerine ýetirmeginde!

Parižde 300 gezek goýlan!
Dpse ýekeže spektakl!
Ýewropa gastrola ugraýanlygy mynasybetli!
Girnş bahasy 25 sent; çagalar we hyzmatkärler üçin 10 sent.
Biz şähere aýlanmaga gitdik. Bu ýerdäki dükanlaryň, jaýlaryň ählisi köne, gurap
giden agaç jaýlardy, özleri hem atam eýýamyndan bäri reňklenmedikdi. Olaryň
hemmesi çala mydar bolşup durdy. Jaýlar derýa joşanda, suw almaz ýaly, ýerden
üç-dört fut ýokarda agaç aýaklaryň üstünde duran ýaly bolşup durdular jaýlaryň
ýanynda bagjagazlary hem bardy, emma ol baglarda durmandyr günebakardan
başga gögerip oturan zat ýokdy, onsoňam üýşmek külüň üstünde ýyrtyk ädikler,
köwüşler, döwük çüýşeler, letdeler, ýemşik-ýemşik bolan posly galaýylar çaşyşyp
ýatyrdy, haýatlar hem bir-biriniň üstüne kakylan ululy-kiçili tagtalardan edilipdir;
bu haýatlar dumly-duşa gyşaryşyp durdy, ondaky gapy hem bir petlede mydar
edýärdi, ol teletinden edilen petledi. Tagtalaryň agardylan ýerleri hem bardy,
gersog aýtmyşlaýyn, olar bireýpäm, belkn, Kolumb döwrunde. aklanan bolara
çemeli. Adatça, baglarda doňuzlar enteşip ýördi, hojaýynlar bolsa olary bagdan
kowýardylar.
Şäheriň ähli dükanlary bir köçäň ugruna düzülipdirler. Olaryň üstünde
purokagazlara berkidip kenep bassyrmalar edipdirler, obadan gelýän alyjylar hem
ýabylaryny şol pürsjagazlara ilteýärdiler. Bu ýerli ýaltalar uzynly günlerini şu
bassyrmalaryň aşagynda boş ýaşşikleriň üstünde oturyp geçirýärdiler, Barlou
firmasynyň goýberýän çakgysy bilen olar çybyklaryň ujuny çişleýärdiler, ýene-de
temmäki çeýneýärdiler, pallaşýardylar, gernişýärdiler, dogrusyny aýtsaň, bu
adamlar tüýs bir pekge adamlardy, Olaryň hemmesiniň kellesinde tas saýawan
ýalyrak sary sypal şlýapalary bardy, muňa derek sýurtukdyr jiletleri ýokdy,
birbirleriniň atlaryny tutanlarynda ýöne: Bill, Bak, Henk, Jo we Endi diýşip
tutaýýardylar, gürlänlerinde göwünli-göwünsiz, süýkdürip gürleýärdiler, sögünçsiz
hem oňup bilmeýärdiler, her pürsjagaza diýen ýaly bir ýalta ýaplanyp, ellerini
jübülerine sokup durdy; ol ýerden elini lise gaşanmaly ýa birine çeýnär ýaly
temmäki bermeli bolanda çykarýardy. Aýyn bolmasa:
— Henk, maňa temmäki berseňe!

— Berip biljek däl, özüme-de bir çeýnärlik galdy. Billden dile — diýen ýaly
sözler eşidilýärdi.
Belki, Bill berse-de beräýer, ýöne welin temmäkim ýok diýip aldasa-da aldaýar.
Kör köpügi, hatda bir çekim temmäkisi bolmadyk ýaltalar hem bolýar ahyryn.
Bular ýaly ýaltalar, karz alşyp gün görýärler, ýogsam temmäki olaryň duýşlerinede
girjek däl. Ýalta, adatça, dostuna:
— Jek, sen maňa bir azrak temmäki bersene, iň soňky çeýnemligimi ýaňy Ben
Tompsona beräýdim—diýýär.
Özi hem hemişe diýen ýaly ýalan sözleýär; beýle tora diňe samsyklar düşýär, Jek
bolsa şu ýerli adam, şonuň üçin ol:
— Senmi oňa temmäki beren? Aý ýog-a? Oňa temmäkini sen däl-de, pişigiň
mamasy berdi. Leýf Bakner, sen menden öňki alanjaňy bir ber, men onsoň saňa iki
tonna diýseňem karz bereýin, dil hat hem almaýyn — diýip jogap berýär.
— Wiý, men saňa bir gezek bergimi berdim ahyryn.
— Hawa, beripdiň, alty çeýnemligräk. Alaňda-ha sen oňadyny alypdyň, bereňde
bolsa erbedini berýäň.
Satyn alma temmäki diýilýäni tagta ýaly edilip ýepbeşlenen temmäkidi, emma bu
oglanlar köplenç turbajyk edilip towlanan ýönekeý ýaprak temmäkisini
çeýneýärdiler. Olar karzyna temmäki alanlarynda, pyçak bilen kesip alman, petdesi
bilen alýardylar we dişleriniň arasyna salyp, gemrip ugraýardylar, şol wagtyň
özünde hem elleri bilen petdäni tä iki bölýänçäler ýyrtyşdyrýarlar; onsoň petdäniň
eýesi özüne gaýtarylyp berlen galypda naýynjar seredýär-de, kinaýaly:
— Näme diýsene: sen maňa çeýnemiňi ber-de, petdäni özüň alaý — diýýärdi.
Şäherdäki köçeleriň, pereuloklaryň ählisi duruşlary bilen batgady, garaýag ýaly
gap-gara bolup ýatan batgadan başga ol ýerde hiç zat ýokdy, käýerlerde batganyň
çuňlugy bir futdan az däldi, onsoň beýleki ýerleriň hem çuňlugy hökman iki-üç
dýuma çykjakdy. Onuň niresini görseň doňuzlar horkuldaşyp ýatyrdylar. Görseň
üsti-başy garagäz bir doňuz özüniň jojuklary bilen köçeden göwünli-göwünsiz
ýöräp gelýär we edil ýoluň ortasynda palçyldap, özüni laýa göýberýär, onsoň
adamlar onuň daşyndan aýlanyp geçmeli bolýarlar, soňra ol uzyn düşüp, gözüni

süzüp, gulaklaryny gyrpyldadyp ýatyr, jojuklary bolsa aldygyna emýärler, doňzuň
daşyndan göräýmäge özünden göwni hoş, edil munuň üçin özüne aýlyk tölenýän
ýaly. Ýalta bolsa oslaman durkaň gelip, bokurdagyna sygdygyndan:
— Eý, köpek! Bas ony, bas — diýip gygyrýar.
Doňuz çirkin gygyryp, gaçyp ugraýar, iki-üç sany it bolsa yzyndan ýetip, onuň
gulaklaryny çekeleýär, yzdan ýene üç-dört sany daýaw it ýetip gelýär; şonda
ýaltalaryň hemmesi ýerlerinden turşup, tä itler gözden ýitýänçä, olaryň yzlaryndan
seredip durýarlar; olaryň gülküleri tutýar, şeýle gopgunyň turanlygyna olaryň
göwni hoş. Onsoň olar ýene ýerlerinde oturýarlar we tä itler urşup başlaýança
ýerlerinden gozganmaýarlar. Ykmanda gürjini skipidar bilen suwap otlamak ýa-da
tä surnugyp ýykylýança iki ýana at salar ýaly, onuň guýrugyna galaýy gapyrjak
daňmak diýmeseň, olara itleriň urşy ýaly keýp berýän, itleriň urşy ýaly gyzykly zat
ýokdy.
Derýaň boýundaky žaýjagazlaryň käbirleri gaýanyň gyrasynda ýöne bir
salnaýypdyrlar. Olaryň hemmesi gyşykmy-da-çaýşykdy, hä diýmän suwa
gaýdaýjak ýalydy. Olaryň eýeleri bireýýäm geçüp gidipdirler. Käbir jaýlaryň burçy
bolsa opurylyp, şol burç asmanda asyl-asyl bolup durdy.
Şol jaýlarda entek ýaşalýardy, emma welin bu diýseň howpludy: käte bir tamyň
tutup duran ýeri ýaly ýer birbada süýşüp gidýärdi. Şeýle bolýan wagty-da bolýardy:
kenaryň bir çärýek mil çemeleri zolagy çöküp başlaýardy, ol tä tomusda derýa
gapgarylýança çökmesini bes etmeýärdi. Bu şäher ýaly şäher hemişe yza tesmeli
bolýardy, sebäbi derýa ony hemişe ýylmap durýardy.
Günortana golaýlaşdygyňça köçelerdäki arabalar, ýabylar kepelýärdi. Maşgalaly
adamlar öz ýanlary bilen obadan nahar alyp gelip, şu ýerde, arabaň üstünde iýip
otyrdylar. Wiski-de birneme içilipdi, onsoň men üç gezek uruş bolanyny gördüm.
Birden kimdir biri:
— Hanha garry Bogs gelýär! Ol garnyny otarmak üçin hemişe aýda bir gezek
obadan gelýär. Halha ol, oglanlar — diýip gygyryp goýberdi.
Ýaltalaryň begenişýändikleri görnüp durdy; men olar bu Bogsy oýnamaga endik
edendirler diýip pikir etdim. Olaryň biri:

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.