Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07

Total number of words is 3998
Total number of unique words is 1976
32.7 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ada-da, hiç hili bulaşyklyk hem — bir söz bilen hiç zat hem görmedim. Biz ikimiz
uzyn gijeläp gürrüň edip oturdyk, onsoň şondan on minut geçip-geçmänkä, sen uka
gitdiň, menem irkilen bolara çemelim. Bu wagtyň içinde sen içib-ä bilen dälsiň,
diýmek, bularyň bary seniň düýşüňe girendir.
— O nähili bularyň hemmesi on minutlyk düýşe girsin?
— Beýle zatlar hakykatda bolansoň, düýşe girdigi bolar-da.
— Bu nähili beýle bolýar, Gek. Men bularyň hemmesini äşgär gördüm ahyryn.
— Äşgär göreňde näme, äşgär görmäňde näme. Bularyň hiç birem bolan zat däl.
Ýerimden butnaman oturamsoň, men muny oňat bilýärin ahyryn.
— Jim bäş minut çemeleri böwrüni diňläp oturdy. Soňra bolsa: Ýeri bolýar-da,
Gek, munuň düýşüme giren bolmagam mümkin, ýöne hudaý ursun, ömrümde
beýle geň düýş gören däldirin. Özümem şu gezekki ýadaýşym ýaly, düýşümde hiç
haçan ýadan däldirin — diýdi.
— Bu ýerde näme bolmasy zat bolupmyş! Düýşüňde-de şeýle ýadaýan wagtyň
bolýar. — Ýöne ol aýan çykan düýş ekeni. Hany, Jim, maňa baryny başdan-aýak
gürrüň bersene.
Jim gürrüň bermäge oturdy we hemmesini bolşy ýaly edip, ahyryna çenli gürrüň
berdi, emma oňat edip owadanladam. Soňra indi bu düýşi ýormak gerek, sebäbi ol
bize duýduryş üçin ýollanan zatdyr diýdi. Ilkinji ýalpaklyga bize ýagşylyk isleýän
bir adam, akyl hem bizi ondan sowjak bolýan başga bir adam. Gykylyklar bize
ýokardan mahal-mahal iberilip durlan duýduryş, eger olara düşünjek bolup jan
etmesek, tagalla goýmasak, olar bizi beladan gutarmagyň deregine belanyň
üstünden elter. Bir topar adajyklar bolsa erbet adamlar bilen, garaz her hili
süplükler bilen baş goşamyzda, abanjak howplar; ýöne öz işimizden başga işe

burnumyzy sokmasak, eger olar bilen ýaňkalaşyp, gaharlaryny getirip durmasak,
şonda biz dumandan ýagty we giň derýada, ýagny erkin ştatlara-da çykarys. Onsoň
biziň başymyza düşjek kynçylyk ýok.
Men sala geçemde, howa bulutlaryň derdinden gap-garaňkydy, emma häzir asman
ýene-de durlandy.
— Ýeri bolýar-da, Jim, sen bularyň hemmesini dogry düşündirdiň, ýöne bu zat
näme?
Şeý diýip, men salyň üstündäki hapalary, ýapraklary we döwlen küregi
görkezdim. Indi olar mese-mälim görnüp durdy.
Jim ilki hapa-supalara, soňra maňa, soň ýene hapalara seretdi. Düýş onuň
kellesine şeýle bir ornaşypdy welin, ol
ony taşlap hem, nämäň-nämeligini bilip hem bilmeýärdi. Emma bilen-de bolsa, ol
maňa ýylgyrman zat etmän çiňerilip:
— Bu zatmy? Häzir aýdaýyn. Men kürekläp we saňa gygyryp ýadamda
irkilipdirin, şonda ýüregim erbet gyýyldy: seniň ýitip gidişiňe nebsim agyrdy,
özüm bilen sal barada pikir hem etmedim. Oýanyp, seniň ýene bu ýerde keýpi kök,
janyň sag duranlygyňy görüp, şeýle bir begendim welin, tas aglapdym, dyzyma
çöküp, aýaklaryňdan öpmägede kaýyldym. Sen bol-saň, garry Jimi aldap, kellesini
çişirip dursuň! Bularyň bary hapa we myrtar zat bolýar, öz dostlarynyň başyny
hapa zatlar bilen agyrdyp, olaryň üstünden gülýän adamlar hem myrtar bolýarlar
— diýdi.
Ol ýerinden turdy-da, çatma tarap ugrady we oňa girip gitdi, meniň bilen bolsa
gaýdyp gürleşmedi. Ýöne bu-da ýeterlikdi. Men özümi şeýle bir nalajedeýin
duýdum welin — şol wagt onuň aýaklaryny ogşamaga kaýyldym, diňe ol diýen
zatlaryny yzyna gaýdyp alsa bolýardy.
Men negriň ýanyna gidip, onuň öňünde kemsinmegi ýüregime düwdüm, göwnümi
bire baglamaga on bäş minut gerek boldy; emma her niçik hem bolsa men muny
şeýtdim, özi hem bu barada çigit ýalyjak hem gynanmadym, asyl hiç haçan hem
gynanmadym. Men ony gaýdyp oýnamadym, beýle öýkelejegini bilen bolsam, men
bu gezek hem onuň göwnüne degmezdim.

XVI bap
Biz uzynly günläp diýen ýaly ýatdyk, ýola bolsa giç agşamlar düşdük, öňden
gölegçi ýaly üznüksiz geçip duran uzyn saly goýberdik. Salyň her ujunda dört sany
syrdam kürek bardy; diýmek, salçylaryň sany otuzdan az däl bolara çemeli. Sanap
görsek, onuň üstünde bir-birinden esli aralykda bäş sany ullakan çatma bar,
ortasynda hem ot ýanyp dur, iki burçunda bolsa baýdak daňlan syryk bar. Şeýle
salda salçy bolup işläýmek oýun iş däldir!
Bizi suw ullakan köwüň üstünden eltdi, onýança bulutlar hem gürelişip, gije petiş
boldy. Derýanyň bu ýeri örän giň ekeni, onuň iki gyrasyny gür tokaý diwar ýaly
bolup gurşap otyrdy; bir yş hem, bnr ýylpyldam görnenokdy. Biziň gürrüňimiz
Kair baradady: ýetäýsek, ony tanarmykak bir, men tanamaýmasak diýdim;
aýtmaklaryna görä, onda bary-ýogy on öý töwerekleri barmyş, üstesine çyralar
hem sönük bolsa, şäheriň duşundan geçip barýanyňy näbiljek? Jim: ol ýerde iki
sany ullakan derýa birleşýärmiş, ynha şolardan hem biz Kairi tanarys diýdi. Men
bolsam: adanyň duşundan geçendiris-de, ýene şol derýa düşendiris öýtmegimiz
hem mümkin diýdim. Bu Jimi howsala saldy, meni hem alada goýdy. Onda
nätsekkäk? diýen sorag çykdy. Meniň pikirimçe-hä, yşyk göründigi kenara
çykmaly we baryp, gaýykda kakam galdy, derýada ilkinji gezek ýüzýäni üçin Kair
daşdamyka, bilip gel diýip, meni iberdi diýmek gerek. Jim: bu erbet pikir däl diýdi,
şonuň üçin biz adama bir çilim urup, garaşyp başladyk.
Biz şäher görünse, aňkarylyp galaýmaly diýip, ýiti-ýiti seredip ugradyk. Jim:
menä-hä aňkarylyp galman: sebäbi Kairi gördügim, azatlyga çykaryn, aňkarylyp
galaýdygym bolsa, ýene-de gulçulyk ştatynda galyp, azatlyk bilen hoşlaşaýmaly
bolaryn diýdi. Ol tas her minutdan diýen ýaly ýerinden böküp turup:
— Hal-ha, Kair! — diýip gygyrýardy.
Emma olaryň hiç haýsysy Kair däldi. Olar ýa ýylpyldap görünýän yşyklar bolup,
ýa-da ýaldyrawuk tomzaklar bolup çykýardy, onsoň ol ýene-de Kairi
garawullamaga oturýardy. Jim: basym azatlyga çykjagyma kä gyzdyrýan, kä-de
galpylda düşýän diýýärdi. Size dogrymy aýtsam, men hem kä gyzdyryp, ke
galpylda düşýärdim; onuň dogrudan hem basym azat boljagyna men diňe ýaňy
düşünip galdym, onsoň muňa kim günäkär? Elbetde, men. Meniň wyždanym päk
däldi, şonuň üçin hem şu pikirden hiç gutulyp bilmeýärdim. Men şeýle bir azara
galdym welin, hiç ýerde kararym ýetmedi. Edýän işime men şu çaka çenli

düşünmändirin. Ynha indi bolsa duşünip, ýadymdan çykaryp bilemok — edil
içimbagrym ýanyp barýar. Bu ýerde meniň günäm ýok diýip, men özüme teselli
berjek boldum, sebäbi Jimi kanuny hojaýynyndan alyp gaýdan men däldim. Emma
munuň peýdasy degmedi, wyždanym: «onuň gaçakdygyny sen bilensiň ahyryn,
gaýyga münüp, kenarda birine habar edip bilerdiň ahyryn» diýip, maňa
öwranöwran pent berýärdi. Munuň ugry bardy, sapalak atmaga alaç ýokdy. Kyn
ýerem şudy. Wyždanym: «Miss Uotson pahyr saňa näme ýamanlyk etdi? Sen onuň
negriniň gaçyp barýanlygyny görübem, hiç kime hiç zat aýtmadyň. Kempir biçäre
saňa näme ýamanlyk etdi, näme üçin ony beýle öýkeledýärsiň? Ol saňa hat-sowat
öwretdi, edep-hormat öwretdi, başardygyça saňa mylaýym boldy. Onuň saňa başga
eden zady ýok» diýip pyşyrdady.
Meniň ugrum gaçyp, şeýle bir utandym welin, ölüp-ýitip gidenimi kem görmedim.
Men salyň üstünde iki ýaňa at saldym, öz-özüme käýindim. Jim hem meniň
gapdalym bilen iki ýana at salýardy. Biz bir ýerde oturyp karar etmeýärdik. Ol her
gezek ýerinden galyp: «Hal-ha Kair!» diýip gygyranda, içimden ok geçen ýaly
bolýardy we men eger bu Kair bolaýsa, utanjymdan ölerin diýip pikir edýärdim.
Men içimi gepledip durkam, Jim gaty-gaty gürleýärdi. Ol: erkin ştatlara barsam,
men ilki bilen pul ýygnap başlaryn we biderek ýere bir sentinem sowmaryn, gerek
pulumy ýygnaýsam hem miss Uotsonyň.ýaşaýan ýerindäki fermadan aýalymy
alaryn, soňra bolsa aýalym ikimiz-bile işläp, çagalarymyzy alarys. Eger hojaýyn
olary satmaga göwnemese, onda bir abolisionist bilen gürleşip, olary alyp
gaçdyraryn—diýýärdi.
Beýle gürrüňleri eşidemde, inim dyglap gidýärdi. Öňler ol beýle gürläp bilmeýärdi.
Bary-ýogy ýekeje «azat bolaryn» diýen pikirden ol, gör, nähili üýtgäpdir! «Negre
barmak tutdursaň, bütin eliňi çekip alar» diýlip, köne nakylda ýöne ýere
aýdylmandyr. Pikirsiz-zatsyz gyzmalyk etseň, gör nähili bolýan eken diýip, men
içimi gepletdim. Gaçmaga kömek beren bu negrim birden dogumlandyda, öz
çagalarymy ogurlaryn diýip dur, men bolsa olaryň hojaýynyny hem tanamok, onuň
maňa eden ýamanlygam ýok.
Jimden beýle zatlary eşidýänime gynandym, bu onuň öz gadyryny gaçyrýardy.
Wyždanym meni öňküdenem beter horlap başlady, ahyrsoňy men wyždanyma:
«Meni öz peýwagtyma bir goýsana! Sebäbi entegem giç däl; yşyk göründigi, men
häzir hem kenara gidip, habar berip bilerin» diýdim. Men şo bada köşeşdim,
keýpim göterildi we janym aram tapan ýaly boldy. Meniň ünjülerimden nam-nyşan
galmady. Men ot görünäýmez-mikä diýip seretmäge başladym, hatda öz ýanymdan
bir zatjagaz hiňlenen hem boldum. Ahyrsoňy ýylpyldy göründi we Jim:

— Biz gutuldyk, Gek, gutuldyk! Begen-de iki ýana at sal, tans et, bilýärin bu
köneje, eziz Kair bolmaly — diýip gygyrdy.
Men:
— Men-ä ilki gaýykly gidip görjek. Sebäbi, Jim, munuň Kair bolmazlygam
mümkin diýdim.
Ol ýerinden böküp turup, gaýygy häzirledi, ýumşak bolar ýaly düýbüne köne
penjegini ýazdy, küregi elime berdi we ýüzüp ugramda yzymdan:
— Basym men begenjime diriň-diriň böküp, bularys bary Gekden boldy diýip
gygyraryn! Indi men azat adam, eger ol bolmadyk bolsa, men nähili azat bolardym?
Bularyň baryny Gek etdi! Gek, Jim seni hiç haçan unutmaz! Hiç haçan Jimiň sen
ýaly dosty bolmandy, indi bolsa sen goja Jimiň ýalňyz dosty — diýip gygyrdy.
Men kürekleýärdim, içimde baryny edýärdim, ony ýamanlamaga howlukýardym.
Emma ol şeý diýdem welin, elim sowap gitdi. Indi men zordan kürekleýärdim we
gaýdanyma begenýänimi-begenmeýänimi özümem bilip bilmeýärdim. Men elli
ädim töwerekleri ýüzemde Jim:
— Ynha wepaly goja, Gek barýar! Goja Jimi aldamadyk ýeke-täk ak jentlmen
barýar! — diýip gygyrdy.
Halys ugrum gaçdy. Emma muny şu wagt etmesem, haçan ederkäm diýip içimi
gepletdim. Hile bilen sypyp boljak däl-di. Ynha şol wagt dört kürekli gaýyk gelýär,
üstünde-de iki sany eli tüpeňli adam; olar aýak çekdiler, men hem aýak çekdim.
Olaryň biri.
— Ol ýerdäki näme? — diýip sorady. Men:
— Sal — diýip jogap berdim.
— Senem şu saldanmy!
— Hawa, ser.
— Onuň üstünde erkek adam barmy?

— Ýekejesi bar, ser.
— Görýäňmi bolýan zady, öten agşam hol egrem-bugramlygyň ýokary ýanyndan
bäş negr gaçypdyr. Seň o ýeriňdäki kim! Ak adammy ýa gara adam?
Men birbada jogap bermedim. Beräýjekdimem welin, dilim diýen etmedi. Men
ýüregi bire baglajak we hemmesini olara gürrüň berjek bolup çalyşdym. Emma
bognum ysmady, towşandan hem beter gorkaklyk etdim. Onsoň hiç zat edip
bilmejegime gözüm ýetip, ählisini jähennemä urdum we:
— Ak adam — diýdim.
— Bolýar, biz özümiz baryp göreris.
— Wah, barsaňyz-la, ol ýerdäki meniň kakam bolmaly. Maňa garaşyk edip, saly
tirkege alyp, kenardaky çyranyň ýanyp duran ýerine eltişiň. Ol nähoş, ejemem,
Meri Enn hem nähoş,
— Wah, içigar galmyş! Oglan, biziň elimiz degenok… Hawa-da, men-ä
kömekleşäýmelimikä diýýärin. Kürekleriňi ildir — gideliň.
Men ildirdim, olar küreklerine ýapyşdylar. Küreklerini bir-iki-üç gezek
aýlanlaryndan soň men:
— Kakam örän minnetdar bolar. Saly kenara çykaryşyň diýip soraýanlarymyň
hemmesi basymrak sypmak bilen bolýar-lar, özümiň bolsa güýjüm ýetenok.—
diýdim.
— Bu bir baryp ýatan deýýuslyk bolýar! Her näme diýseňem, geň zat. Hany,
oglanjyk, seniň kakaňa näme bolýar?
— Oňa… onuň… aý ýok, hiç hili üýtgeşik zat bolanok.
Olar ýüzmelerini goýdular. Sala ýetip gelýärdik. Olaryň biri:
— Oglan, sen ýalan sözleýärsiň. Seniň kakaňa näme bolýar? Dogryňy aýtsaň,
özüňe gowy bolardy — diýdi.

— Aýdaýyn, ser. Dogrymy aýdaýyn, ýöne bizi taşlap gitmäň, taňryň haky üçin,
taşlap gitmäö. Oňa… oňa… Wiý, siz salyň ýanyna barmaly bolmarsyňyz ahyryn,
siz diňe bizi tirkege alaýmaly bolarsyňyz. Men size tanap oklaýaryn,
Olaryň biri:
— Dolan yzyňa, Jon, tizräk dolan — diýdi. Olar yzlaryna dolandylar.
— Oglan, aňyrrakda, yk tarapda dur. Içigar galmyş, şemal bilen gelip,
ýokaşmasa-da biridir. Seniň kakaňky, ogul, mamamyka diýýärin. Muny özüň hem
gowy bilýärsiň. Sen näme üçin muny başda aýtmadyň? Ýa biziň barymyzyň
kesellänimizi isleýärmiň? Men hamsygyp
— Wah, men öň dogrymy aýdardym-la, ýöne şonda adamlar bizi taşlap
gidibererdiler diýdim.
— Neressejigeý, seniň bu diýýänleriň ugry bardyr. Biziň saňa gaty haýpymyz
hem gelýär. Ýöne welin başga bir zat bar… Biler bolsaň, biziň mama keseli bilen
keselläsimiz gelenok. Ýöne men saňa etmeli zady öwredeýin. Sen kenara çykjak
bolup synanyşma, ýogsam bujurygyny artdyrarsyň. Derýa bilen aşaklygyna ýene
ýigrimi milräk ýüzseň, çep kenarda bir şähere duşarsyň. Onýança jahan hem
ýagtylar; onsoňam kömek soraňda, sen kakamy, ejemi ysytma tutýar diýersiň.
Emma akmaklyk edip, syryňy bildiräýmegin. Biz saňa ýagşylyk isleýäs, şonuň
üçinem gaýrat etde, bizden ýene ýigrimi mil dagy daşlaş. Yşyk çykýan ýere gidip
oturma, ol ýöne bir tokaý howlusydyr. Görýän welin, inim, seniň kakaň pahyryň işi
şowuna düşmedik bolara çemeli. Ynha, seret, men şu tagtaň üstünde ýigrimi dollar
gyzyl pul goýýaryn, sen olary tagta ýanyňa ýüzüp baraňda alarsyň. Seni goýup
gitmeklik biziň üçin, elbetde, deýýuslyk bolýar, ýöne welin, bilşiň ýaly, mama
bilen hem oýun eder ýaly däl.
Olaryň biri:
— Dur entek, Parker, ynha mendenem bir ýigrimi dollar, bularyda tagtaň üstünde
goý… Hoş, sag bol, oglanjyk! Sen mister Parkeriň aýdyşy ýaly edäý, şonda işleriň
hemmesi düzeler gider.
— Hawa, hawa, ogul, ol dogry aýdýar! Hoş onda, salamat gal. Gaçak negre
duşsaň, kömege çagyraýgyn, ýöne sypdyrmagyn — onuň üçin saňa pul bererler.
Men:

— Sag boluň, ser, gaçgak negre duşaýsam, sypdyrmajak bolup görerin — diýdim.
Olar gitdiler, men sala gaýdyp geldim, özüm diýseň müýňürgeýärdim, sebäbi
özümiň beýtmämiň gowy däldigini men bilýärdim, hiç haçan idili zat
öwrenmejegime hem düşünýärdim; muňa adam ýaşlygyndan endik etmese, soň
boljak däl eken: ýogsam näme, bu onuň elinden gelmeýär, başarmaýar, soňra men
birneme içimi gepledip: hany, dur, sen dogryňdan gelip, Jimiň üstüni açan bolsaň,
häzirkiňden gowy bolarmydy? — diýip, öz-özüme sowal berdim we: ýok, barybir
erbet bolardy diýdim; men öňi-soňy özümi häzirkim ýaly erbet duýardym.
Bileniňbiteniň ünji boljak bolsa, her bir zady bolmalysy ýaly edeniňden ne peýda;
etmelisi ýaly etmeseň bolsa ünjem ýok, zadam, ikisinde-de, alýan almytyň bir.
Men çykgynsyz güne düşdüm. Ugur hem tapmadym. Gel, mundan artyk kelle
çişirmän, başaryşymça edibereýin diýdim. Men çatma göz gezdirdim. Ol ýerde Jim
ýok ekeni. Men salyň ähli ýerini gözläp çykdym, ol hiç ýerde ýok ekeni. Onsoň
men:
— Jim! — diýip gygyrdym.
— Men bärde, Gek. Olaryň garasy ýitdimi? Ýuwaşrak geple.
Ol derýada, gäminiň kormasyna bukulyp oturan ekeni, suwuň ýüzünde diňe burny
görünýärdi. Men oňa garalary görnenok diýdim, şondan soň ol suwdan çykdy.
— Men hemmesini eşidip durun ahyryn, onsoň aldymda suwaçümdüm; olar sala
ýakynlaşyberseler, kenara tarap ýüzüp ugrajakdym. Gidensoňlar ýene ýüzüp
geläýjekdim. Baý, Gek-olary aldadyň-ow! Gaty saz boldy. Näme diýsene, ogul,
garry Jimi diňe şol halas etdi. Gerçegim, Jim muny hiç haçan unutmaz!
Soň biz gürrüňimizi pula ýazdyrdyk. Gazanjymyz hiç neneň däldi, adam başyna
ýigrimi dollardan düşýärdi. Jim: indi biz birinji klasly parohoda münüp gitsegem
bolar. Pulumyz erkin ştatlara çenli näçe sowsak bolar, salyň ýanynda ýigrimi
miljagazyň dagy hiç zat, ýöne biz häzir şol ýerde bolaýan bolsak, gowy boljakdy
— diýdi.
Biz daňdanlar kenara çykdyk. Jim saly pugtarak gizlejek bolup azara galdy.
Onsoň uzynly günläp oturyç, goş-golaňlarymyzy düwüşdirdi, göwnüme bolmasa,
ol saly bilen ymykly aýrylyşjak bolýan ýalydy.
Agşam sagat onlarda derýanyň çep kenarynda oturan bir şäheriň yşyklaryna
gözümiz düşdi.

Men gaýyga münüp, onuň haýsy şäherdigini bilmäge gitdim. Basym köp kürekli
gaýyga münüp, tor bilen balyk tutup oturan adama duşdum.
Men onuň ýanyna baryp:
— Mister, bu Kairmi? — diýdim.
— Kair? Ýok. Däliräpsiň öýdýän,
— Onda bu haýsy şäher?
— Bilesiň gelýän bolsa, git-de, özüň soraber. Töweregimden aýrylman, ýürege
düşüp ýörseň hem, eşitmedim diýme, almytyňy alarsyň!
Men yzyma, sala tarap ugradym. Jim gaty hapa boldy, ýöne, men oňa indiki şäher
hökman Kairdir diýdim.
Biz daň saz berip barýarka ýene bir şäheriň üstünden bardyk, men ýene-de
barlaga çykmakçy boldum, emma bu ýerde kenar kert ekeni, şonuň üçinem men
gitmämi goý bolsun etdim. Jimiň Kair kert kenarda-ha bolmaly däldir diýeni
ýadymdan çykaýypdyr. Men düşünip ugradym, Jim hem düşünip ugrady. Men:
— Jim, biz şol dumanly gije Kairiň duşundan geçip giden bolaýmaly? — diýdim.
— Gek, gel muny ýatlamaly-la. Negr görgülileriňki hiç wagt ugruna däl. Men
ýylan gowunyň irde-giçde köstiniň ýetjekdigini bilýärdim — diýip, Jim jogap
berdi.
— Ony görmän geçsem bolmaýarmy, Jim, oňa duş gelmesem bolmaýarmy!
— Sende günä ýok, Gek: sen ol wagt beýle bolar öýtmeýärdiň. Munuň üçin sen
özüňe käýinip oturma.
Daň atansoň görsek, hakyt şeýle ekeni: kenaryň golaýjagyndan Ogaýo
derýasynyň dury suwy akyp ýatyrdy, aňyrrakdaky suw bolsa bulançakdy — edil
köne Missisipi diýäýmelidi. Şeýlelikde kairli tamamyz gyl üzülen ýaly boldy.

Biz özümiziň näme etmelidigimiz barada maslahatlaşdyk. Kenara çykyp
oturasyha iş ýokdy; salymyzy hem suwuň ters ugruna sürüp bilmeýärdik. Diňe
garaňky düşerine garaşyp, garaňky düşenden soň hem gaýyga münüp, yza
gaýtmakdan başga zat galmady: goý, näme bolsa, şol bolsun.
Biz dynç alaly diýip, uzynly günläp agaçlaryň arasynda ýatdyk, garaňky
gatlyşanda bolsa salymyza tarap ugradyk, baryp görsek, salymyz jiriň-miriň
bolupdyr!
Biz esli salymlap dilimiz tutulyp durduk. Geplär ýaly zat ýokdy. Biziň ikimiz hem
munuň ýylan gowundan ýetýänligini oňat bilýärdik, şonuň üçin gepläniňden hem
netije ýokdy. Ýene bir belanyň üstünden barmagymyz mümkindi, biziň öňki
derdimiz hem özümize ýetikdi, dilimize haý diýmäni öwrenýänçäk bela üstüne
bela injekdi. Onsoň biz näme etsek gowy bolarka diýip maslahatlaşdyk we gaýyk
satyn alyp, yzymyza gaýtmak miýesser edýänçä suwuň ugry bilen sally
gidiberenden gowusy ýok diýen netijä geldik. Töwereginde hiç kimiň ýoklugyny
bilse, kakam wagtlaýynça biriniň gaýygyny alardy, emma birden yzymyzdan
kowgy çykaýmasyn diýip, biz mundan el çekdik.
Garaňky düşende, biz salymyzy alyp ýola düşdük.
Biziň şu gören günümizden soň hem ýylan gowuny ele almagyň nähili
hatarlydygyna ynanmaýan her bir adam biziň gören soňky günlerimiz barada okap
görse, hökman ynanar.
Gaýygy adatça kenarda duran sallardan satyn alýarlar. Emma beýle sala
duşmamyzsoň, şol gitdik oturdyk, gitdik oturdyk, garaz üç sagat dagy gidendiris.
Birden dünýä çalaryp ugrady, bu hem duman ýaly bir nejis zatdy. Derýanyň
kenarlarynyň nähilidigini saýgarar dagy eder ýaly däldi, uzakdaky zatlar hem
görnenokdy. Wagt örän giçdi, daş-töwerek parahatlykdy, birden derýadan
ýokarlygyna tarap bir parohodyň gel-ýänligini eşitdik. Biz çyramyzy ýakdyk,
parohoddan bizi görerler öýtdük. Adatça, aşak tarapdan gelýän parohodlar bizden
ep-esli aralykdan geçýärdiler; olar ýalpak ýeriň duşundan öwrülip geçýärdiler we
akymyň tersine gaýtmazlyk üçin gaýaly kenarlaryň aşagyndan ýuwaşja akyp ýatan
suw gözleýärdiler; ýene şeýle gijelerde olar farwater boýunça gös-göni akymyň
tersine gidýärdiler.
Biz parohodyň pažžyldysyny eşidýärdik, emma golaý ýanymyza gelýänçä gerüp
bilmeýärdik. Parohod gös-göni bize tarap gelýärdi. Sala degmän, onuň näçerek
ýanyndan geçip boljagyny görjek bolşup, parohodlar hemişe diýen ýaly

şeýdýärdiler; käte gäminiň tigri küregiň ujuny ýolup alyp gidýärdi, soň bolsa
losman çykyp, gör, men nähili batyr diýip «öwünýän ýaly jak-jak gülnerdi. Biz
parohod saly çala kakdyryp edil gapdaljygymyzdan geçjek bolar diýip pikir etdik,
emma ol gös-göni üstümizden gelýärdi. Ol ullakandy we dumly-duşy ýaldyrawuk
tomzakly gara bulut ýaly bolup dazyrdap gelýärdi; birden ol biziň üstümize
döküldi, açyk peçleriň ullakan, aýylganç we uzyn hatary çym-gyzyl edilip
gyzdyry-lan diş ýaly bolup ýalpyldaşyp durdy, äpet burun bilen kožuhlar üstümize
abanyşýardylar. «Ol ýerden bize bakyşş gygyryşýardylar, maşyny duruzmaly»
diýip jaňlaryny kakýadylar, sögünçli sözleri dik asmana galýardy, but wyşşylda-dy
we Jim bir ýana, menem beýleki ýana suwa urup-urmankak, parohod alazenzele
turzup, salyň üstünden geçi gitdi.
Men suwa çümdüm, düýbüne ýetjek bolup aşagrak çümjek boldum, sebäbi meniň
üstümden otuz futluk tigir geçmelidi we men oňa köprek ýer goýmaga
çalyşýardym. Hemişeler men suwda bir minutlap çümüp durup bilýärdim, häzir
bolsam men minut ýarym dagy oturdymmykam diýýärin. Soň dessine suwuň
ýüzüne çykdym, bolmasa, tas demigipdim. Men tüýkürinip, suwdan goltugymdan
ýokarsyny çykardym. Elbetde, bu ýer diýseň çasly akýardy, parohod hem
duranyndan soň on sekunt geçip-geçmänkä ýola çykdy, sebäbi adatça, olar
salçylara kän üns bermeýärdiler. Indi ol derýanyň saka tarapynda bir ýerde
pažžyllady, garaňkyň içinde sesini eşitsem-de ony görüp bilemokdym.
Men Jime ýigrimi gezek dagy gygyrdym, emma jogap alyp bilmedim; şonda men
ilkinji elime ilen tagtany alyp, onuň yzyndan itiberip, kenara tarap ýüzdüm. Emma
basym suwuň çep kenara tarap öwrüm berýänligini gördüm, bu bolsa meniň
ýalpaklyga düşenligimi aňladýardy; şonuň üçin hem men barýan ugrumy
üýtgetdim, çepe tarap gyşardym.
Bu şol ýanynlap iki mile daga ýetýän ýalpaklykdandy, şonuň üçin men ondan
örän kynlyk bilen geçýärdim. Men sagaman kenara ýetdim we gyra çykdym.
Öňüňdäki hiç bir zady saýgarar ýaly däldi, emma men ýolsuz-ýodasyz göni ýöräp
gitdim we çärýek mil töwerekleri geçemsoň, pürsden edilen ullakan köne tama
pete-pet geldim. Men ýuwaşlyjak bilen gapdalyndan geçip, bir gapdala sowuljak
boldum, emma şol wagt üstü-me itler dökülişip, uwlaşdylar, üýrdüler, men
ýerimden butnaman durdum.
XVII bap

Bir minut çemeleri geçende kimdir biri äpişgeden kellesini çykarman:
— Hany, ýuwaşrak! Kimsiňiz? — diýip gygyrdy.
Men:
— Bu — men — diýdim,
— Kim ol «men?»
— Jorj Jekson, ser.
— Size näme gerek?
— Maňa gerek zat ýok, ser, men geçip gitjek welin, itler goýbermeýärler.
— Onda näme üçin gijäň bir mahaly ygyp ýörsüň, ä?
— Men ygyp ýöremok, ser, men parohoddan ýykyldym.
— Wah, muny görsene, ýykyldym diýýärmiň? Hany biriňiz ot çykaryň. Adyma
kim diýýärler diýdiň? Gaýtala.
— Jorž Jekson, ser. Men entek oglan.
— Ýigit, gulak goý, eger dogryňy aýdýan bolsaň, saňa gorkup oturasy iş ýok:
saňa el degren bolmaz. Ýöne butnama, duran ýeriňde gymyldaman dur… Biriňiz
gidiň-de, Bob bilen Tomy turzup, ýarag alyp geliň… Jorj Jekson, seniň ýanyňda
başga-da adam barmy?
— Hiç kimem ýok, ser.
Meniň gulagyma adamlaryň öýde ylgaşýandyklary eşidildi we çyra gözüm düşdi.
Bir adam:
— Betsi, tentek garry, akylyň azaşmadyk bolsa çyraňy ýitirim et. Ony äkit-de,
gapyň aňyrsyndaky poluň üstünde goý… Bob, eger Tom ikiňiz taýýar bolsaňyz,
orunly-ornuňyza geçiň — diýip gygyrdy.

— Biz taýýar.
— Hany, Jorj Jekson, sen Şeperdsonlary tanaýarmyň?
— Ýok, ser, olar eşiden atlarym däl.
— Ýeri bolýar-da, munyň dogram bolmagy mümkin, nädogram. Hany, baryňyz
ýerbe-ýermi? Geliber, Jorj Jekson. Ýöne welin howlukma, ýuwaşja ýöräp gel. Eger
ýanyň adamly bolsa, goý ol yzrakda galsyn; eger göze iläýse, ony atarlar. Hany
indi geliber. Ýuwaşja ýöre, gapynam özüň aç — özem zordan sygaýar ýaly bolsun,
eşidýärmiň?
Men howlukmaýardym, asyl howlugaýyn diýip duraýamda-da, howlugarlyk
ýagdaýym ýokdy. Men ýuwaşja ýöräp, gapyň ýanyna bardym, ses-üýn ýokdy; diňe
ýüregimiň gürsüldisi eşidilýärdi, göwnüme şeýle ýaly bolup durdy. Itler hem edil
adamlar ýaly ses-üýnlerini çykarmaýardylar, emma söbügimi basyp gelýärdiler. Üç
sany pürs basgançakly eýwana ýetenimde, men gapyny açyp, sokmany
süýşürýändiklerini eşitdim. Men tutawaçdan ýapyşyp, gapyny çalaja itdim, ýene
we ýene itdim, onýança biri: «Ine indi bolýar, gapydan kelläňi çykaraý» diýdi.
Çykarmasyna çykardym welin, çapaýmasalar — diýip gorkdum.
Çyra poluň üstündedi, adamlar bolsa şoň daşyny alşyp durdular, olar maňa
seredişýärdiler, men hem olara. Üç sany daýaw pyýada maňa tüpeňini gezedi,
dogrusyny aýtsam, meniň depe saçym üýşüp gitdi: iň ulusy altmyş ýaşlaryndady,
çal saçdy, beýleki ikisi otuz ýaşlaryndady ýa gowrakdy, üçüsi-de syratly,
görmegeý adamlardy, öýde ýene örän mährem çal saç kempir bilen aňry ýanynda
hem iki sany ýaş aýal durdy, men ol aýallary oňat synlap bilmedim. Goja:
— Diýmek, hemmesi ýerbe-ýermikä diýýän. Gir — diýdi.
Giren dessime, gapyny garry jentelmeniň özi ýapdy. sokmany süýşürip, ýaş
ýigitlere eliňiz tüpeňli otaga baryň diýdi, hemmesi gykyndylardan gurnalan täze
halyly ullakan myhman jaýa gitdi, jaýyň öň tarapyndaky äpişgeleriň ýanyndaky
burça üýşdi — gapdal diwarlaryň äpişgesi ýokdy. Çyrany ýokarrak galdyrdylar-da,
maňa seredişip başladylar we «Ýok, ol Şeperdsonlardan däl, onda Şeperdsonlara
çalym edýän zat ýok» — diýişdiler.
Soňra goja barlag etmäge garşy bolup durasyň ýok-la, biz seniň göwnüňe degjek
däl, diňe ýanyňda ýarag barlygyny-ýoklugyny barlap görjek — diýdi. Ol elini
jübülerime sokman diňe köýnegimiň üstüni sermeleşdirdi we hemmesi ýerbe-ýer

diýdi. Ol maňa utanmada, öz öýüňde ýaly gör we kimdigiň barada gürrüň ber diýdi;
emma şol wagt ara kempir goşuldy:
— Goýsana, Saul! Neressejik süllümbaý bolupdyr, belki ol açdyram. Sen nähilidir
öýdýärsiň?
— Hak aýdýarsyň, Reçel meniň ýadymada düşmändir.
Şonda kempir:
— Betsi (bu negr aýalynyň adydy) git-de, bu neressejige iýer ýaly bir zat getirip
ber, özüňem çaltrak git! Gyzlar, sinz bolsa Baky turzup, şeý diýiň… Wiý, ynha
onuň özem geldi… Bak, bu ýat oglanjygy äkit-de, egnindäki öl eşigini çykaryp, öz
gury geýimleriňden bir zat ber — diýdi.
Göräýmäge, Bakyň hem ýaşy meniň ýaşym ýalydy — on üç-on dört töwerekleridi,
ýogsa onuň boýy meniňkiden uzynrakdy. Ol köýnekçedi, köýnegem sal-saldy, Ol
pallap, ýumrugy bilen gözlerini owkalap, daş çykdy, onuň beýleki elinde tüpeň
bardy. Ol:
— Eýsem bu ýere Şeperdsonlar gelmedimi — diýip sorady.
Oňa: ýok gelmediler, bu gury dowul ekeni diýip, jogap berdiler.
— Ýeri bolýar-da, ýöne geläýen bolsalar, birini özüm atyp öldürerdim — diýdi.
Oturanlar gülüşdiler we Bob:
— Sen dagy näme, Bak! Sen ýeriňden gozganýançaň, olar biziň hamymyzy
sypyryp giderdiler — diýdi.
— Hawa, meniň yzymdan hiç kim barmady, bu bir baryp ýatan naýynsaplyk
bolýar. Maňa hemişe äsgermezçilik edýärler, beýle boljak bolsa, men hiç haçan
özümi görkezip bilmerin.
— Aýby ýok, Bak, entek görkezersiň. Hersiniň öz wagty bar, howsala düşme.
Indi bolsa git-de ejemiň diýşi ýaly et.

Bak ikimiz onuň ýokardaky otagyna çykdyk, ol maňa öz köýnegini, jiltgesini,
balagyny berdi, menem geýdim. Eşiklerimi çalşyryp durkam, ol menden adymy
sorady, emma jogap berip bermänkäm ol maňa özüniň düýnki tokaýdan tutan
serçesi, towşany barada gürrüň berdi, soň bolsa şem sönende, Moiseý nirededi
diýip sorady. Men bilemok, bu hiç haçan eşiden zadym hem däl diýdim.
— Onda biljek bol — diýdi.
— Nädip bileýin, men muny ilkinji gezek eşidýärin ahyryn diýdim.
— Wiý, sen bilip bileňokmy? Bu gaty aňsat ahyryn.
— Haýsy şem? — diýdim.
— Haýsy bolanda näme—diýdi.
— Onuň niredeligini bilemok. Hany aýt: nirede?
— Garaňkylykda, biler bolsaň.
— Eger bilýän bolsaň, menden soramaň näme?
— Wiý, bu matal ahyryn, düşünmeýärmiň näme? Sen bizde köp gezjekmi? Sen
bizde boluber. Biz seniň bilen diýseň keýp çekeris, häzir sapagymyzam ýok. Seniň
itiň barmy? Meniňkä bar; suwa bir çöpjagaz atýarsyn welin, girip alaýýar. Sen bazar
günleri daranmagy we şuňa meňzeş biderek zatlary etmäni halaýarmyň? Men-ä
halamok, ýöne ejem etmeli diýýär. Bu balaklary ýer çekse bolmaýarmy? Aý,
geýäýmek gerek, ýöne geýesim gelenok, örän yssy. Sen taýýarmy? Ýeri bolýar-da,
sakgaldaş, bol, gideli.
Sowuk mekgejöwen çöregi, sowuk kakmaç, ýag, aýran — masa aşakda hezzet
eden zatlary ine şulardy, men heniz ömrüme beýle süýji zatlary iýip görmändim.
Bak, ejesi we çykyp giden negr aýalyndan, iki sany ýaş gyzdan özgeleri keltejik
edilip dolanan çilim çekýärdiler, hemmesi çilim çekişip gürleşýärdiler, men bolsam
nahar edinýärdim hem gürrüň edýärdim. Gyzlaryň ikiside ýorgana dolanyp,
saçlaryny goýberip otyrdylar. Olar menden kakam ikimiziň ähli maşgalamyzyň
Arkanzasyň iň jümmüşinde kiçijik fermada ýaşaýşymyz barada soraýardylar, men
hem aýal doganym Meri Enniň öýümizden gaçyp, äre çykyşyny, ol barada soň
gaýdyp zat eşitmändigimizi, Belliň ony gözlemäge çykyp, atsyz-sorsuz ýitip
gidendigini, Tom bilen Mortuň ölüp, kakam ikimizden başga hiç kimiň

galmandygyny, gaýgy-aladalaryň derdinden onuň hem ýok hasabydygyny, soň ol
ölensoň, men galan goş-golaňlarymyzy alyp, paluba ýolagçysy bolup, derýadan
ýokarlygyna ýola düşüşimi, sebäbi fermanyň özümiziňki bolmanlygyny, soňra
özümi parohoddan oklanymy, şeýdibem şu ýere düşüşimi olara gürrüň berdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.