Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21

Total number of words is 1034
Total number of unique words is 602
42.8 of words are in the 2000 most common words
54.8 of words are in the 5000 most common words
61.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Edil şol wagt ol mylaýym, özünden göwni hoş görnüşde gapyň öňüne gelip
durmadyk bolsa, mein duran ýerimde ýer ýuwdaýsyn.
Salli daýzam oňa tarap okduryldy, gözünden ýaş dökdi we ony şeýle bir
gujaklady welin, tas kellesini mynjyradypdy, men özüm üçin iň amatly ýeriň
krowatyň aşagydygyny bada-bat aňşyrdym, üstümizden bir bela inäýjek bolup
duran ýalydy. Men jyklap seretsem, Polli daýzam Salli daýzamyň gujagyndan
sypyp, äýneginiň üstaşyry Tomy synlap dur, onuň seredişi Tomuň inini-boýny deň
edäýjek ýaly bolup göründi. Soň bolsa ol:
— Tom, sen, iň gowusy ýüzüňi sow, seniň ýeriňe bolsam, özümem şeýderdim —
diýdi.
Salli daýzam:
— Eý hudaý-eý! Ol beýle üýtgäýdimikä. Bu Tom däl-de, Sid ahyryn. Ol… ol…
hany onda Tom? Ol ýap-ýaňyja-da bardy — diýdi.
— Sen Gek Finni soraýan bolma! Men bu garagol Tomy ençe ýyllap ekläp
sakladym, onsoň neneň men muny tanamaýyn! Şeýle bolaýsa, baý, geň bolar-da!
Hany, Gek Finn, şu minutyň özünde krowatyň aşagyndan çyk!
Men krowatyň aşagyndan çykdym, emma gorkyma janym galmady.
Salli daýzam şeýle bir aljyrady welin, beýle zady görenim heniz ýadyma düşenok.
Saýlas daýym şäherden geleninde, oňa-da gürrüň berdiler, ol hem allaniçigsi boldy.
Ol şol gün pýan ýaly bolup, uzynly günläp dälirän ýaly bolup gezdi; ol şol gün
şeýle bir wagyz etdi welin, dünýädäki iň dana adam hem onuň wagyznesihatyndan
baş çykarar ýaly bolmady, şondan soň hemmeler onuň bilen edepli gürleşdiler.
Polli daýzam olara meniň kimligimi, nireden gelenligimi gürrüň berdi, men bolsam

miss Filps meni Tom Soýerdir öýdeninde, dörän ýagdaýdan çykalga
tapmanlygymy (şu ýerde ol meniň sö-zümiň arasyny böldi we «öňkiň ýaly Salli
daýza diýiber, men şuňa öwrenişdim, indi adymy çalşyryp oturmagyň geregi ýok»
diýdi), Salli daýzam meni Tom Soýerdir öýdeninde, muňa razy bolmaly
bolandygymy, dagy-da alajyň ýoklugyny, Tomuň bolsa muňa gaharlanman,
gaýtam begenjekligini, sebäbi munuň syrly bolýanlygyny we bir topar hezilligiň
üstünden eltjekdigini, şonuň üçin hem Tomuň göwni hoş boljaklygyny bilip
duramsoň, şeýtmeli bolandygymy, munuň hem aýdyşym ýaly çykanlygyny, onuň
özüne Sid diýip, bildirmän aldanlygyny aýtmaly boldum.
Polli daýzam bolsa Tomuň miss Uotsonyň wesýetnama bilen Jimi boşadanlygy
baradaky aýdanlary hak diýdi; bu dogrudan hem şeýle ekeni: azat negri boşatjak
bolup, Tom Soýer şunça jan çekip, şunça azap edipdir! Men bolsam edil şu wagta,
şu gürrüňe çenli onuň bilimli bolup, negri azat etmäge kömekleşişine düşünip
bilmän ýördüm!
Polli daýzam Salli daýzamdan Tom bilen Sidiň sagaman gelendikleri barada hat
alanda: «Ynha şeýle-dä! Garaşaýmaly zatdy, ýeke özüni goýberseň, başyna
gidiberýär» diýip pikir edenligini gürrüň berdi.
— Indi parohodda şunça ýol geçip, bu bezzatja oglan ýene näme edäýdikä diýip,
bir müň bir ýüz mil ýöräp geljek bolup bir gör, men senden ýekeje-de jogap alyp
bilmedim.
— Menem senden hat alamok ahyryn — diýip. Salli daýzam aýtdy.
— Bolup bilmez! Men saňa iki gezek ýazdym we Sid hem şu ýerde diýipsiň welin,
munyň näme? — diýip soradym.
— Men bolsam bir hatam alamok.
Polli daýzam howlukman beýlesine öwrüldi-de, gaharly:
— Tom? — diýip gygyrdy. Tom çişip: Ýeri näme? — diýip jogap berdi.
— «Nämäňi» goýda, hany hatlary bärik al, bezzat!
— Haýsy hatlary?
— Şol hatlary! Görýän welin saňa ykjamja daramasaň boljak däl…

— Olar sandykda. Boldumy? Olara el degren ýok, olar edil poçtadan alşym ýaly
durlar. Men olaryň bir zadyň üstünden eltjekdigini bildim-de siziň howlugýan
ýeriňiz ýok-la diýip pikir etdim.
— Seni mazaly ýençmek gerek! Men barýan diýip, ýene bir hat edipdim, ol bu
haty hem…
— Ýok, ol hat diňe düýn geldi; men heniz ony okabam göremok, ol mende durşy
ýaly dur.
Men onda hatyň ýoklugyna iki dollar goýup jedel edesim geldi, emma soň pikir
edip, iň gowusy jedelleşmäýin diýdim. Şeýdibem hiç zat diýmedim.
Soňky baş
Ilkinji gezek Tom bilen ikiçäk duşuşanymda, men ondan gaçmak meselesini näme
üçin tapanlygyny, sagaman sypylyp, bireýýämden bäri azat negri boşatmak
başardaýan bolanda näme etmekçi bolanlygyny soradym. Şonda Tom: eger Jimi
sagaman alyp çykyp bilen bolsak, salymyza münüp, waka gözlegine derýaň
aýagyna çenli giderdik, men muny şeýtmäni başda göwnüme düwüpdim, soň Jime
sen indi azat diýerdim, onsoň parohod bilen öýlerine äkiderdik, biderek wagtyny
alanymyz üçin hakyny tölärdik, ähli negrler jem bolup, onuň öňünden çykar ýaly
hat ibererdik we biz ony şähere fakelli, sazly ugradardyk, şundan soň agyzdan
düşmezdi, bizem düşmezdik. Ýöne welin munsuzam erbet bolmady — diýdi.
Biz bir minutlykça Jimi gandaldan boşatdyk, onuň Toma seredişmäge doktora
oňat kömek berendigini eşidenlerinde, Salli daýzam, Saýlas daýym we Polli
daýzam dagy onuň gadyryny bilip başladylar: ony mümkin boldugyça gowy
ýerleşdirdiler, iýjek diýen zadyny berdiler, onuň ýüregi gys-maz ýaly, ony hiç zada
elini urmaz ýaly etmäge dyrjaşdylar, Biz çynlakaý gürleşmek üçin Jimi näsagyň
otagyna çagyrdyk; şonda bendilikde bolany, ähli zada çydap gezeni, özüni gowy
alyp barany üçin Tom oňa kyrk dollar berdi; Jim bolsa begenip, dil açyp başlady:
— Ynha dälmi. Gek, men saňa aýtdym ahyryn. Jekson adasyndakak men saňa
näme diýipdim? Men şonda döşüm tüýlek diýipdim we muňa degişli yrym
hakynda gürrüň beripdim; men şonda bir gezek baý boldum welin, ýene baýaryn
diýipdim; ynha bu aýdyşym ýalam boldy! Şeýle dälmi! Oýnuň gelmesin, yrym —
yrym bolýandyr, şu sözümi hergiz unutmagyn! Men özümiň ýene bir gezek
baýajakdygymy aýnada gören ýaly bilýärdim!

Şundan soň Tom ýene özüniňkä tutduryp ugrady: geliň, şu gije üçimizem gaçalyň
geýimlerimizi çalşyryp, waka gözleginde hindi territoriýasyna çykalyň, şol ýerde
iki-üç hepdeläp bolup geleliň diýdi; men: bolýar welin, mende hindi kostýumyny
alar ýaly pul ýok, öýdenem aljagym gümana, sebäbi ka-kam gelip, sudýa
Tetçerden ählije pulumy alyp gidip içendir —diýdim.
Tom:
— Içen däldir, pullaryň durşy ýaly durandyr, alty müp, hatda gowrak hem bardyr:
seniň kakaň bolsa şondan bäri gelenok. Iň bärkisi men gaýdýançam gelmändi —
diýdi.
Jim bolsa dabaraly:
— Ol hiç haçan gaýdyp gelmez, Gek —diýdi. Men:
— Neme üçin gaýdyp gelmez, Jim, diýip soradym?
— Neme üçin gelmejeginiň tapawudy ýok, Gek, ýöne welin ol gaýdyp gelmez.
Emma men ony irizdim oturdym, şonuň üçin ol ahyrsoňy aýtmaly boldy:
— Derýa bilen aşaklygyna akyp barýan tam ýadyňa düşýärmi? Ol ýerde üstüne
ýorgan çekilen bir adam ýatyrdy, men ony açyp görüpdim, emma seni ýanyna
eltmändim. Ine onsoň sen gerek wagty puluňy alyp bilersiň, sebäbi şol ýatan adam
seniň kakandy…
Tom bireýýäm gutulyp, aýagyna degen oky şelpe ýaly edip dakynyp ýör we
sagadyna seredýän ýaly, zol-zol alyp seredýär; mundan başga ýazara zat ýok, muňa
bolsa men şat, sebäbi kitap ýazmagyň şeýle hysyrdylygyny bilen bolsam, men,
öldür ýazmazdym, men indi hiç haçan hiç zat ýazmaryn. Men Hindi
territoriýasynda-da Tom bilen Jimden öň gidermikäm diýýäýn sebäbi Salli daýzam
meni ogullyga aljak, terbiýelejek bolýar, muňa bolsa çydap biljek gümanym ýok,
sebäbi men muny eýýäm bir gezek synap gördüm.
Mark Twen- Geklberri Finniň başdan geçirenleri,
line-daky @kitaphana akkaundy tarapyndan taýýarlanyldy

You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.