Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09

Total number of words is 3865
Total number of unique words is 2041
31.1 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ony oka tutýardylar. Ýetginjekleriň ikiside odunyň aňrysynda arkalaryny degşirişip
otyrdylar, şonuň üçin olara üýşmekleriň ikiside görnüp durdy.
Basym atlylar çapmalaryny, gygyryşmalaryny goýdular. Olar dükanyň golaýyna
geldiler, şonda ýetginjekleriň biri ýerinden turup, küdäň aňrysyndan çenendi we
birini at-dan agdardy. Atlylaryň hemmesi atlaryndan düşüp, ýaralyny goltukladylar
we ony alyp, dükana tarap äkitdiler, iki ýetginjek hem atlaryny gamça basyp, zut
gitdiler. Olaryň ga-çyp barýanyny diňe olar meniň oturan agajymyň ýarpy ýoluna
ýetenlerinde gördüler. Erkek adamlar şol bada atlaryna atlanyp, gaçyp gelýänleriň
söbügine düşdüler. Emma mundan netije bolmady: her niçik hem bolsa oglanlar
meniň oturan agajymyň ýanyndaky küdä olardan has ir geldiler we küdä dulanyp

oturdylar, şeýlelikde, olaryň ýagdaýy ýene Şeperdsonlaryňkydan amatly bolup
çykdy. Oglanlaryň biri Bakdy, beýlekisem onuň horja doganoglanydy.
Atlylar şol töwerekde köw-söw etdilerde, soň nirädir bir ýaňa tutdular gitdiler.
Olaryň garalary ýitende, men Baka gygyrdym we oňa bolan zatlaryň baryny gürrüň
berdim. Agajyň üstünden gygyran sesimi eşidende ol birbada nämäniň nämedigine
düşünmän aňk boldy, ol maňa häzirräžik bolmagy, atlylar göze ilse-de, derrew
habar etmegi tabşyrdy; olar bir bolmasy iş etjek bolup az salymlyk bir ýaňa giden
bolara çemeli. Meniň bu agaçdan düşüp gidesim geldi, ýöne welin düşmäge
gorkdum, Bak aglamjyrap, sögünip başlady we entek bu günki edenjelerini Jo bilen
(bu oglanlaryň beýlekisi-de, Bakyň doganoglanydy) çykararys diýdi. Ol kakam
bilen doganlarymyň ikisi öldürildi. Şeperdsonlardan hem iki-üç sanysy öldürildi
diýdi. Şeperdsonlar olary göz as-tyna salyp ýören ekenler. Bak kakam bilen
doganlarym, beýleki garyndaşlarymyz gelýänçä garaşmaly ekenler, sebäbi
Şeperdsonlar örän köplük ekeni diýdi. Men ondan: ýaş ýigit Garneý bilen miss
Sofiýa nätdilerkä? — diýip soradym. Ol olar derýadan ýüzün geçen ekenler, indi
olar beladan gutuldylar diýdi. Ýöne welin Bakyň Garneýi şol tokaýda duş gelen
gezegi öldürip bilmän gaýdany üçin jibrinäýşini, beýle zady men heniz ömrümde
görmändim.
Ynha birden: tark! tark! tark! bolup, üç-dört gezek tüpeň sesi çykdy. Şeperdsonlar
tokaýyň içini soky soran ýaly etdiler, alňasadylar, bukdaklaşdylar. Oglanlar suwa
urdular, olaryň ikiside ýaralydylar, soň olar suwuň ugry bilen aşaklygyna ýüzüp
ugradylar. Şeperdsonlar bolsa derýanyň gyrasy bilen galman ylgaşyp gelişlerine:
«öldüriň olary, öldüriň!» diýşip gygyryşdylar, yzly-yzyna tüpeň atdylar. Meniň
şeýle bir ýüregim gyýyldy welin, tas agaçdan ýykylypdym. Men barysyny gürrüň
edip oturjak däl, bolmasa başlasam, ýene ýüregim gyýlyp ugrar. Beýle elhençligi
görenimden şol gije şu kenara çykmadyk bolsam gowy boljak ekeni. Olar henizebu
güne çenli göz öňümden gidenok; birnäçe gezeg-ä düýşüme dagam girdi. Men
garaňky düşýänçä agajyň üstünde oturdym; düşmäge gorkdum. Mahal-mahal
tokaýyň içinden çykýan tüpeň sesleri gulagyma geldi durdy, iki gezek dagy-ha
tüpeňli atlylaryň kiçijik üýşmegi dükanyň ýanyndan hem çapyşyp geldiler, men
olary görüp, heniz-ä hemmesi gutarman ekeni diýdim. Men örän gynandym we
gaýdyp bu agajyň ýanyna gelmezligi ýüregime düwdüm, sebäbi her näçe sypjyklyk
etseň hem bularyň bary menden boldy diýdim. Şol bölejik kagyz hem üçüň
ýarynda miss Sofiýanyň Garneý bilen duşuşmagy we onuň bilen gaçyp gitmegi
üçin goýlan ekeni; men”ol kagyzjyk barada, miss Sofiýanyň özüni bir tüýsli alyp
barşy barada kakasyna gurrüň bermeli ekenim; şonda ol, belki, onuň daşyna gulp
urardy welin, beýle-beýle zatlar bolmazdy.

Men agaçdan düşüp, derýanyň boýy bilen ýuwaşja ýöräp ugramda edil suwuň
gyrajygynda ýatan iki sany meýdiň üstünden bardym; olary çägä çekip çykarjak
bolup köp dyryşdym, soňra olaryň ýüzüni ýapyp, gaty-gaty ýöräp gitdim. Bakyň
ýüzüni ýapyp durkam, men tasdan aglapdymam; sebäbi ol meniň dostumdy, ol
meni örän gowy görýärdi.
Howa birkemsiz garaldy. Men jaýyň ýele ýanyna-da baryp bilmedim, tokaýyň içi
bilen ýöräp, onuň duşundan geçdim-de batgalyga tarap düňküldäýdim. Adajykda
Jim ýok eken, şonuň üçin men batgalygyň içi bilen çalt-çalt ýöräp, derýa tarap
gitdim, gyrymsyja söwüt agaçlarynyň arasyndan geçdim, meniň basymrak sala
ýetesim we bu aýylganç ýerden basymrak garamy saýlasym gelýärdi. Görsem, sal
hem ýok eken! Baý, men şonda gorkduma! Esli salymlap demimi hem alyp
bilmedim. Soň bolsa zowladyp goýberdim! Meniň ýigrimi ädimlik beýlämden bir
ses jogap berdi:
— Ýa ýaradan, bu senmidiň, oglum? Ýöne galmagal etmäweri. Bu Jimiň sesi
eken — men ömrüme şundan ýakymly sesi eşitmändim. Men derýanyň boýy bilen
aýagaldygyna ylgap, salyň üstüne bökdüm, Jim ýykman saklady-da, hasyr-husur
bagryna basdy — ol maňa duşanyna şeýle begenen ekeni. Ol:
— Hudaýa şükür, oglum, men-ä senem ölensiň öýdüpdim. Bu ýere Jek gelip gitdi,
senem öldüren bolaýmasalar diýdi, sebäbi sen öýe gaýdyp barman ekeniň, men
bolsam Jek seniň öldi habaryňy getiräýse, ugramaga taýýar bolup durar ýaly salymy
alyp, derýanyň aýagyna düşeýin diýip durdum. Seniň gaýdyp geleniňe, oglum, men
gaty şat — diýdi.
Men:
— Beýle bolsa örän gowy zat. Olar meni gözläp tapyp bilmezler we meni
öldürendirler, maslygym hem suw bilen akyp gidendir öýderler, şol ýerde kenarda
biri şeý diýip tapar, şonuň üçin hem, Jim, wagtyňy ýitirme-de, saly basymrak
suwuň ortasyna çykar — diýdim.
Men tä sal prestanyň iki millik aşak ýanyndan Missisipiniň ortasyna çykýança
ynjalyp bilmedim. Biz şol ýerde signal beriji çyramyzy asdyk we indi biz ýene
azatlyga çykdyk, bela-beterlerden hem dyndyk diýen netijä geldik. Düýnden bäri
agzyma zat almandym; Jim mekgejöwen çöregini, aýran, kelemdir gökli doňuz
etini çykardy, oňat edip bişirip bilseň, şulardan tagamly nahar boljak däl ekeni,
agşam şamlygyny edinip otyrkak biz hezil edinip gürrüň etdik. Meni telim arkadan
bäri gelýän duşmançylykdan dynanyma begenýärdim, Jim hem batgalykdan

dynanyna begenýärdi. Biz hatda saldan oňat öý ýok eken hem diýişdik. Ähli ýer
dymyk, ähli ýer daryşganlyk, salda bolsa beýle däl. Sen özüňi hem arkaýyn, hem
şadyýan, hem oňaýly duýýarsyň.
XIX bap
Iki-üç gije-gündiz geçdi; bu günler şeýle asuda, şeýle parahat geçensoň, olara akyp
geçdi diýseň-de boljakdy. Ine biz wagtymyzy şeýle geçirdik. Derýanyň bu ýeri
aýdyp-diýerden giňdi, aňrysyna-bärisine göz ýetmeýärdi, kä ýerleriniň giňligi mil
ýarymrak bardy. Biz gijesine ýüzüp, gündizine-de dynç alýardyk, gizlenýärdik. Gije
ahyrlaberende bolsa saklanýardyk-da, salymyzy hemişe akymyň ýok ýerinde
gyrmançalykda daňyp goýýardyk, soň söwüt we derek çybyklaryny kesişdirip,
salymyzy şolaryň aşagynda gizleýärdik. Onsoň çeňňegimizi suwa atyp,
demdynjymyzy alar ýaly, derýa girýärdik we suwuň dyzyňdan edip duran ýerinde
oturyp, daň atyşyna syn edýärdik. Hiç ýerde ses-üýn ýok, dünýä uka giden ýaly,
daş-töwerek dymdyrslykdy, diňe onda-munda warryklaşýan gurbagalaryň sesleri
eşidilýärdi. Derýanyň ýüzi bilen uzaga syn etseň, ilki bilen gözüňe garamtyl zolak
görünýärdi: ol derýanyň aňyrsyndaky tokaýlyk bolara çemeli, beýleki zatlary
ilkibada saýgaryp bolanok; soň asmanyň çeti agaryp ugraýar, onsoň ýaňky agymtyl
zolak barha ulalyp, derýanyň ýüzi garalyp däl-de, çalaryp başlaýar; uzakda garaja
nokatjyklaryň ýüzüşip ýörenligi görünýär, — olar şalandalar we beýleki gämi-lerdi,
uzyn gara zolak bolsa sallardy: käte erňeklerdeki kürekleriň jygyldysy, düşnüksiz
hümürdiler eşidilýär — dymdyrslyk bolanynda ses hem uzaga gidýär, kem-kemden
suwuň ýüzündäki zyýralar hem görnüp ugraýar, şol zyýralardan sen çasly akymyň
suwa batan agaja urýanlygyny, zyýralaryň hem şol sebäpli emele gelýändigini
bilýärsiň; onsoň sen suwuň ýokarsyndaky gaýmalaşýan ümri, gündogaryň gyzaryp
ugraýşyny, derýanyň gyzaryp ugraýşyny görýärsiň, indi sen uzakdaky, derýanyň
aňry tarapyndaky tokaýyň gyrasyndaky pürsden edilen tamjagazy saýgarjak
bolýarsyň, bu, ähtimal, tokaý skladynyň ýanyndaky garawulçylyk çekilýän ýer
bolara çemeli, tamjagazyň tagtalary şeýle bir goýlupdyr welin, ýarçyklarynyň çem
geleninden pişik sümüp gidäýmeli; onsoň mymyjak şemal gelip ugraýar, ol
şemaldan bolsa ýüzüne salkynjak, tämizje howa, tokaýdyr gülleriň ysy kakýar, käte
myrtarrak zatlaryň hem ysy gelýär, sebäbi kenarda öli balyk üýşüp ýatyr, porsy ysy
bolsa aňkap dur. Ynha gün hem çykdy, indi daş-töwerekdäki ähli zat güneşläp
ýylgyryşyp duran ýaly, saýrak guşlar hem bokurdaklaryna sygdygyndan
jürküldeşýärler.

Indi otdan çykýan inçe tüsse hem görnenok, şonuň üçin biz çeňňege düşen
balyklary alyp, gyzgynja ertirlik bişirinýäris. Onsoň bolsa dynjymyzy alýarys,
derýa giňişligine keýp edip seredýäris; dynç alyp-dynç alyp, ahyryn hem uklap
galýarys. Oýanyp, näme oýadaýdyka diýip, daş-töweregimize seredişýäris, käte
görseň uzakda, garşydaky kenaryň gyrasynda bir parohod suwuň tersine pyžžyldap
ýüzüp barýar, ol gaty uzakda bolansoň, haýsy tigriniň yzky, haýsysynyň hem
gapdal tigirdigini zordan saýgarýarsyň, şondan soň bütin bir sagatlap görünýän —
eşidilýän zat ýok: baryp ýatan suw beýewanlygy. Onsoň görseň, uzakda bir ýerde
derýadan bir sal gidip barýar, bir köwegiň biri bolsa onuň üstünde odun aýyrýar,
olar oduny hemişe salyň üstünde aýyrýarlar, aşak inen paltanyň ýylpyldysy
görünýär, emma hiç zat eşidip bolanok, soň palta ýene ýokaryk galýar, ol baryp
kelleden hem ýokaryk göterilende: «tark!» diýen ses gelýär, ses suw bilen geljek
bolsa, şeýle köp eglenmeli bolýar. Biz otuň üstünde ýatyp, ümsümligi diňşirgäp
günümizi geçirdik. Bir gezek gür ümür geldi, gapdaldan geçip barýan sallarda,
gaýyklarda üstlerinden parohod gelmez ýaly saç kakylýardy. Şalandamy, salmy,
bir zat biziň edil gapdaljygymyzdan geçip gitdi, şonda bir hümür-sümür, gülki,
sögünç seslerini eşitdik, eşitmesine biz oňat eşidýärdik welin, görüp bilmeýärdik,
sebäbi sowuk içiňden geçip barýardy: göwnüňe bolmasa, bu hümürdeşýänler
arwah-jynlar ýalydy. Jim-ä arwah-jynlardyr diýibem gördi, emma men onuň bilen
razylaşmadym:
— Aý ýok-la, arwah-jynlar bolsa, olar «Bu näletsiňmiş ümri arwah-jynlar kaksa
bolmaýarmy» diýmezler.
Biz garaňky düşdügi ýüzüp ugraýardyk; saly derýanyň ortasyna çykaryp,
küreklerimizi taşlaýardyk, onsoň sal suwuň ugry bilen öz ugruna ýüzüp gidýärdi.
Soň çilimleşýärdik, aýaklarymyzy suwa sokýardyk we dünýädäki ähli zatlar barada
gürrüň açýardyk; eger aýakçylar heläk edip durmasalar, biz hemişe: gije-de,
gündiz-de ýalaňaç ýöreýärdik; Diýseň oňat bolany üçin, men Bakyň
garyndaşlarynyň tikip beren täze geýiminde özümi bir tüýsli gowuşgynsyz
duýýardym, onsoňam men bezenmek diýen zady asyl höwes edemokdym.
Esli wagtlap derýada bizden başga hiç kimiň bolmaýan halatlary-da bolýardy.
Uzakda, beýleki kenarda ýalpawluklar, adajyklar görünýärdi, käte onda-munda
ýylpyldap, yşyklar çykýardy, ol külbeleriň äpişgesinden çykýan yşykdy, käte
suwda: saldadyr şalanda-da ýylpyldy gerünýärdi, ol ýerde aýdym aýdýardylar,
skripka çalýardylar. Salyň üstünde gowy durmuşymyz bardy! Käte asmanyň ýüzi
ýyldyzlardan ýasa açylan patrak ýaly bolýardy, biz bolsa arkan düşüp ýatan
ýerimizde olara seredip: bulary döretdilermikä ýa öz-özleri döredimike diýip jedel
edýärdik. Jim olar döredilendir diýip pikir edýärdi, men bolsam, olaryň özleri

dörändir, sebäbi munça ýyldyzy döredäýjek bolsaň, eslije wagt gerek bolar —
diýip pikir edýärdim. Jim: gurbaganyň işbil taşlaýşy ýaly, olary aý taşlaýan
bolmasyn diýdi; walleger, bu bir ýanyndan barýan ýalydy, şonuň üçinem men onuň
bilen jedelleşip oturmadym; men gurbagalarda näçeräk işbiliň bolýanlygyny
göremsoň, bu bolup biläýjek zatdy. Biz süýnýän ýyldyzlara-da, olaryň asmanyň
ýüzüni dilip, aşak eňşine-de syn edýärdik. Jim: bular zaýalanan we
höwürtgelerinden zyňlan ýyldyzlardyr diýip pikir edýärdi.
Garaňkylykda wagtal-wagtal turbasyndan uçgun baryny çykaryp gelýän
parohodyň gapdalymyzdan geçip gidenligini biz gijäniň içinde bir-iki gezek
gördük; uçgunlar suwuň ýüzüne jala ýaly sepelenýärdi, bu örän owadan bolup
görünýärdi; onsoň parohod öwrümde gözden ýitdi; yşyklar ýene bir gezek
ýylpyldaşdylarda öçüp gitdiler, gowur ýatdy, derýanyň ýüzüne ýene ümsümlik
aralaşdy; onsoň parohod geçeninden esli salymdan soň bize tolkunlar gelip,
salymyzy çaýkap ugrady, soň bolsa hudaý bilsin näçe wagtlap gurbagalaryň
warryldysyndan başga hiç zat eşidilmedi.
Ýarym gijeden soň kenardaky tamlarda ýaşaýanlar ýatyşyp başladylar we iki-üç
sagatlap gözedürtme garaňkylyk boldy, tamjagazlaryň äpişgelerinden yşyk
görünmeýärdi. Ol yşyklar biziň üçin sagat ornuny tutýardylar: birinji yşyk
göründigi daňyň golaýlaýanlygydy, şonuň üçin biz derrew gizlenere, salymyzy
daňar ýaly ýer gözlemek bilen bolýardyk.
Bir gezek men daň atmanka bir boş gaýygyň üstünden bardym, derýanyň saý ýeri
bilen kenara çykjak bolup barýardym, ol adadan bary-ýogy iki ýüz ýardlyk
çemeleri uzaklykdady, şeýdip serwi agaçlarynyň arasyndan geçýän derýanyň içi
bilen ir-iýmiş tapyp bilmezmikäm diýip, bir mil töwerekleri geçdim. Derýanyň
güzerine ýetenimde, ýodajyk bilen güzere tarap iki sany erkek adamyň aldyrany
bar ýaly bolup gelýänligini gördüm we işim gaýdaýdy öýdýän diýdim; göwnüme,
biriniň yzyndan kowulýan bolsa, meň bilen Jimiň yzyndan kowulýan ýaly boldy
durdy. Men basymrak olardan arany açmakçy boldum, emma olar meniň
gabadyma gelip, maňa gygyrdylar, halas et diýip, haýyş etdiler, yzymyzdan kowgy
gelýär, hat-da üstümize it hem küşgürdiler, ýogsa eden zadymyzam ýok diýişdiler.
Olar meniň gaýygymyň üstüne bökjek bolanlarynda, men:
— Entek duruň, bökmäň, men heniz at toýnagynyň sesini-de, it sesini-de
eşidemok: siziň gyrymsylaryň arasy bilen ýöremäge, ondan aňryk hem derýa bilen
ýokarlygyna gitmäge wagtyňyz bar, siz şol ýerden suwa giriň-de, maňa tarap ýöräp
gaýdyň, bu yzarlap gelýän itleri çaşdyrar — diýdim.

Olar şeýle hem etdiler, onsoň olar meniň gaýygyma münen batlaryna, men
yzyma, bolýan adajygymyza tarap ugradym, bäş-on minut çemeleri geçende bolsa
biz uzakdan gykylyk we it sesini eşitdik. Biz kowgynyň derýaň ýanyna at salyp
gidendigini eşitdik, emma görüp bilmedik; olar kenarda köwlenişýän, gözleýän
ýalydylar, soň barha arany açanymyzsoň, olaryň sesleri erbet eşidilip başlandy;
tokaý yzda galyp, ullakan derýa çykanymyzda, ähli zat imisalalyk boldy: şonda biz
adajyga ýüzüp bardyk, derek agaçlarynyň arasynda gizlendik, şeýdip başdan bela
sowuldy.
Ykmandalaryň biri daşyndan görmäge ýetmiş ýaşlaryndady, hatda gartaňrakdy
hem, onuň kellesi takyrdy, sakgal saçy çaldy. Kellesinde köne ýyrtyk şlýapasy,
egninde gök kirli ýüň köýnegi, aýagynda ýyrtyk-ýyrtyk kendir balagy, uzyn ädigi,
öýde örlen götergileri bardy, ýok, onuň götergisi birdi. Garry elinde uzyn synly,
gök kendirden edilen, mis ilikli köne ýapynjany göterip barýardy, mundan başgada
garrylar agyr, içi depip dykalanan haly torbany süýräp gelýärdiler.
Ykmandalaryň beýlekisi otuz ýaşlaryndady, geýnişem meňki bolsun diýerli däldi.
Ertirlik edinenimizden soň, biz dynç almaga gyşardyk, gürrüňden ilki bilen olaryň
bir-birini düýnden tanamaýanlyklary belli boldy.
— Siz ne sebäpli benle güne düşdüňiz? — diýip ýylçyrkelle ýaşyragyndan sorady.
— Aý, dişiň aralarynda gatap galýan hek çökündilerini arassalar ýaly bir
dermanjyk satyp ýördüm, arassalamasyna arassalaýar welin, onuň bilen birlikde
syrçasam aýyrlaýýar, onsoň şeýdip, bolmalysyndan bir gije köp bolaýypdyryn;
bildirmän çykyp gideýin diýip durdum welin, şäheriň gyrasynda size duşdum, siz
hem: yzymdan kowgy gelýär, kömekleşäýseňiz — diýdiňiz. Ynha meniň bar
görüp-eşden zadym… A size näme boldy?
— Men bu ýerde bir hepdeden bäri arak içmezligi wagyz-nesihat edip geldim,
aýal bary: garrysy ýok, ýaşy ýok, hemmesi meni öwüp arşa çykardy, sebäbi men
arakhorlaryň eýini ýetirdim we her agşam bäş dollar çemeleri ýygnadym, käte alty
dollar ýygnan wagtym hem boldy, her burundan on sentden aldym, çagalar bilen
negrleriňki mugt boldy, şeýdip işim barha rowaçlanyp barýardy, emma öten agşam
biri onuň özüniň hem çüýşeden habary barmyş diýip, myş ýaýradypdyr. Şu gün
ertir meni bir negr turzup, bu ýeriniň halky sessiz-üýnsüz, itdir atlaryny alyp
taýynlanyşyp ýör, özlerem basym şu ýere geljekler we çykmaga ýarym sagat wagt
berjekler, soň bolsa yzyňdan kowjaklar, tutaýsalaram, garaýaga bulap, ýelekdir
periň içinde togalajaklar we taýagyň üstüne mündürjekler — diýip gürrüň berdi.

— Garry, görýän welin, ikimiz birleşip, bile-de işläp biljek… Siz nähili pikir
edýersiňiz? — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Men garşy däl. A siz esasan näme iş edýärsiňiz?
— Hunärim boýunça men harp ýygnaýjy; käte odur-budur dermanlaram satýan
halatlarym bolýar, sahnada çykyş edýän, biler bolsaňyz, men tragik; gerek bolan
çagtlarynda öwüt berýärin, eline seredip, adamyň häsiýetini bilýän, ýürek gysmaz
ýaly aýdymdan, geografiýadan sapak berýän; leksiýa okaýan wagtlarymam bar, aý,
başga-da gytmy näme? Çem gelen işi edýärin, işsiz gezmesem bolýar. A siz haýsy
ugurdan?

Öz wagtynda men köp wagtlap wraçlyk etdim. Elim bilen şelleri, rak çişlerini
açdym, beýleki keselleri bejerdim, bular maňa ähli zatdan aňsat düşýärdi, eger
öňünden änigine-şänigine ýetip bilsem, pal atyşymam ýaman däl. Wagyz-nesi-
hat hem edýän, adamlary hristian dinine salýaryn; çokunma ýygnaklaryny
çagyrmak hem meniň işim.
Esli salymlap olaryň ikiside dymdylar, soň ýaş ýigit uludan bir demini aldy-da:
— Haýp!—diýdi.
— Näme üçin beýdiýýäňiz? — diýip, ýylçyrkelle sorady.
— Özümi şeýle güne salşymy, özümi şeýle adamlaryň hataryna sokuşymy
diýsene! — diýip, ol esgi bilen gözüniň çikgesini süpürmäge başlady.
— Şeýdiýseňizläň, şu adamlaryň size nämesi erbetmiş? — diýip, ýylçyrkelle
gahardan ýaňa çişip, ulumsy gürledi.
— Hawa, olar meniň üçin örän oňat adamlar, özüme gereginden erbet däl, şeýle
belentdekäm şeýle pese düşmegime kim günäkär! Özümden başga hiç kim däl.
Men sizi günäkärlämok; jenaplar, düýpden günäkärlämok; men hiç kimi
günärlämok, men bir zady bilýärin, men ahyrym bir ýerde ölüp galaryn. Goý,
çarhypelek çarhyny aýlasyn dursun, goý, ol meniň elimde baryny — ýakyn
kowum-garyndaşlarymy-da, emlägimi-de alsa alsyn, emma ony welin alyp bilmez!
Haçanam bolsa bir wagt men göre girerin, ähli zady unudaryn we meniň biçäre,
köýen ýüregim ahyrsoňy ynjalar gider.
Şeý diýip, ol ýetişibildiginden gözüni süpürýär.
— Köýen ýüregiňizi alyň-da, jähennem bolsaňyzlaň! Näme siz köýen ýüregiňizi
somladyp gelýärsiňiz! Biziň bu ýerde näme ýazygymyz bar? — diýip, ýylçyrkelle
seslendi.

— Wah, siziň ýazyksyzdygyňyzy men bilýän-le. Men sizi günäkärlemok, jenaplar.
Meniň özüm şeýle pese gaçdym, hawa, özümi özüm şeýle güne saldym. Men
jebrimem çekmeli, dogrudan hem çekmeli, men asyl zeýrenmeýärin.
— Ol nähili siz beýle pese düşýäňiz? Bir ýerden-ä düşmeli bolansyňyz?
— Siz meniň gepime ynanmarsyňyz… adamlar maňa hiç haçan ynanmaýarlar…
ýok, besdir indi… gerek däl! Meniň eneden bolşumyň syry…
Siziň eneden bolşuňyzyň syry! Siz näme diýjek bolýarsyňyz?
— Jenaplar — diýip, ýaşyragy diýseň dabaraly gürläp ugrady —men size öz
syrymy açaýyn, men size ynanýaryn? — Men gelip çykyşym boýunça — gersog!
Muny eşidip, Jim gözlerini petretdi: dogrusyny aýtsam, men hem petretdim.
Ýylçyrkelle bolsa:
— Aý goýsaňyzlaň! Boljak gümany barmy! — diýdi.
— Hawa, hawa! Meniň babamyň kakasy Brijuoter gersogynyň uly ogly geçen
asyryň aýaklarynda azatlygyň tämiz howasyndan dem almakçy bolup, Amerika
gaçypdyr. Ol şol ýerde öýlenipdir we ýalnyz perzendini galdyryp ölüpdir; edil şol
wagtrak onuň kakasam ölüpdir. Ölen gersogyň ikinji ogly tituly we mülki
alypdyrda, hakyky mirasdar ýatdan çykyp galyberipdir. Men gös-göni gersogyň
nesli — men kanuny gersog Brijuoterskiý, ynha indi bolsa men şu ýerde, ýalňyz,
beýik atdan mahrum, adam barynyň gözünden düşdüm, gören ýigrenýär, eşigim
elemebtat, özüm hor-homsy, ýürek-bagrym köýen, saldaky çem gelen žulik bilen
dostlaşmaga mejbur.
Oňa Jimiň diýseň nebsi agyrdy, meniňkem agyrdy. Biz ony köşeşdirjek bolduk,
emma ol munyňyzyň peýdasy ýok, meni köşeşdirmek mümkin däldir diýdi; ýöne
özüni gersog hasaplamaga razy bolsak, bu onuň üçin ähli zatdan gymmat, hezil
boljaklygyny aýtdy. Biz razy diýdik, ýöne nähili etmelidigini öwret diýdik. Ol siz
maňa hemişe baş egip, ýüz tutup, adymy hem «siziň alyhezretiňiz», «milord» ýada
«siziň merhemetiňiz» diýip tutuň diýdi, eger oňa ýöne «Brijuoter» diýsegem gaty
görmejekdigini aýtdy, sebäbi ol meniň familiýam däl-de titulym diýdi, onsoňam
biziň birimiz nahar wagtynda onuň eline iýer ýaly zat tutduryp oturmaly, garaz oňa
nähili hyzmat diýse edibermeli.

Bularyň hemmesi hem kyn zat bolmansoň, biz razylaşdyk. Nahar wagty Jim aýak
üstünde durup, gersoga hyzmat etdi we «Siziň alyhezretiňiz, ony halaýaňyzmy,
muny?» diýip sorady, öňýetene belli zat, bu gersoga diýseň hoş ýakdy.
Oňa derek garry çişip ugrady, düýpden gepleşmesini goýdy, bu gersogly
hysyrdylar onuň janyna ýakmaýan ýalydy. Onuň nämedir bir zady pikir edýänligi
görnüp durdy. Ine onsoň nahardan birazrak soň ol:
— Näme diýseňizläň, gersog, elbetde, meniň size örän nebsim agyrýar, ýöne
welin, beýle betbagtçylyga duçar bolan ýeke siz däl ahyryn — diýdi.
— Şeýlemi?
—- Hawa, ýeke siz däl. Takdyryň rehimsizlik bilen ýokardan taşlany ýeke siz
däl.
Wah-eý!
— Hawa, aslyndaky syr ýeke sende del. Şeýdip, garry hem, walla, aglap başlady.
— Goýsaňyzlaň! Nädiberdiňiz?
— Gersog, siz meniň syrymy gizläp saklap bilersiňizmi? — diýip, garry şol
zowladyp dur.
— Ölýänçem saklaryn! — Gersog garrynyň elinden tutup, ony gysdy we: —
Hany, durmuşyňyzdaky syry maňa gürrüň berseňizläň — diýdi.
— Siziň alyhezretiňiz, men merhum şazada!
— Bu gezek welin Jim ikimizem gözümizi petretdik. Gersog bolsa:
— Siz… siz kimdirin diýdiňiz? — diýdi.
— Hawa, dostum, bu baryp ýatan hakykatdyr, siz häzir alnyňyzda Lýudowik
Onaltynjy bilen Mariýa-Antuanettanyň dereksiz ýiten bagtygara ogluny, miras
düşer şazadany görýärsiňiz.

— Sizmi! Şu ýaşyňyz bilenmi! Aý, ýok! Siz dogrudan hem merhum Beýik Karl ,
siziň ýaşyňyz azyndan alty ýüz ýa ýedi ýüzdür.
— Bularyň hemmesem betbagtlykdan, gersog, hemmesi betbagtlykdan! Bu
saçlary çalardan, olary wagtyndan öň düşüren betbagtlyk ahyryn. Hawa,
jentlmenler, siz öz alnyňyzda gök kendir geýnen bagtygarany, keseki ýurtlarda
sergezdançylyk edip ýören, ähli adam tarapyndan ýigrenilýän, Fransiýanyň bolsa
kanuny korolyny görýärsiňiz.
Şeýdip ol şeýle bir möňňürdi welin, Jim ikimiz näme etjegimizi bilmän, kelep
ujuny ýitirdik durduk, oňa şeýle haýpymyz geldi. Öň gersogy köşeşdirişimiz ýaly,
ony hem köşeşdirjek bolduk, emma ol munuň geregi ýok diýdi, bu hasratlaryň
soňuna diňe ajal çykar, meni diňe şol köşeşdirer, ýogsam käte adyma görä
gürleşilse, derdim ýeňlän ýaly hem bolýar diýdi: onuň öňünde dyza çöküp, oňa
«siziň alyhezretiňiz» diýmeli, nahar salnyp berlende ilki şoňa salyp bermeli, tä
rugsat berýänçe bolsa ýeriňde oturmaly däl.
Ine onsoň Jim ikimiz oňa «Siziň alyhezretiňiz» diýip başladyk, oňa bir gezek
ony, bir gezek muny berdik we oturyberiň diýýänçä oturmadyk. Munuň oňa
peýdasy degdi, basym düýpden keýpi açylyp, köşeşip gitdi.

Muňa derek gersog ondan gatyrgandy we görnüşi ýaly, işiň beýle bolup
gutarmagyndan göwni hoş däldi; emma şonda-da korol onuň bilen dostlukly
gürleşmesini goýmady we hatda kakasynyň gersogyň babasynyň kakasy, asyl ähli
Brijuoterskiler barada oňat pikirde bolanlygyny, olary ýygy-ýygydan köşgüne
çagyranlygyny gürrüň berdi; emma her niçik hem bolsa, gersog esli salym çişip
oturdy, ahyr korol oňa:
— Gersog, biz bu salda esli wagtlap bile oturmaly bolaýjak ýaly, şonuň üçin siz
öýkeläp oturyp nätjekdiňiz? Gaýtam erbet bolar. Gersog bolup dogulmanlygyma
men günäkär däl ahyryn, korol bolup dogmanlygyňyza siz hem günäkär däl, şonuň
üçin bozulyp oturyp nätjek? Hemişe pursatdan peýdalanyp, oňadrak ýerleşmek
gerek, ynha meniň saňa aýtjak zadym, özümiň-hä edýänim şol. Biziň bu ýere
düşmegimiz ýaman bolmady, iýmäge zat köp, ýaşaýyş diýeniň erkana. Besdir,
gernog, alyň eliňizi, geliň ýaraşalyň.
Gersog oňa elini berdi, biz Jim ikimiz hem muňa örän begendik, ähli
gowuşgynsyzlyk zym uçan ýaly boldy, ýükümiz ýeňledi gitdi, sebäbi salda
sögüşmekden erbet zat ýok; salda ýüzüp barýarkaň iň esasy zat — ol hem bolsa
hemmäniň birek-birekden göwni hoş bolmaly, sögüşmeli, gygyryşmaly däl.
Men bu ykmandalaryň gersog hem, korol hem däl-de, baryp ýatan aldawçylar,
kezzaplardygyny örän basym aňşyrdym. Emma men olara hiç zat aýtmadym, asyl
aňşyrýanlygymam bildirmedim, hemişe sesimi çykarman gezdim. Şundan gowusy
ýok — şeýtseň duşmanyň hem bolmaýar, derdede uçramaýarsyň. Biziň koroldyr
gersog diýenimizi isleýärler, goý, korol hem, gersog hem bolsa bolsunlar, diňe
tersleşmeseler bolýar; bu hakda hat-da Jimede gürrüň berip oturmak gerek däldi,
şonuň üçin hem men oňa hiç zat aýtmadym .
Kakamdan idili zat öwrenmedigem bolsam, özi ýaly adamlar bilen ylalaşykly
bolmany öwrendim: iň gowusy olara azar bermeli däl, goý, näme edesleri gelse,
edibersinler.
XX bap
Olar bize dürli soraglar ýagdyryp başladylar, biziň saly näme üçin gizlänligimizi,
gündizine ýoly dowam etdirmegiň deregine durýanlygymyzy çintgediler, belki,
Jim gaçgakdyr diýdiler. Men olara:
— Eý hudaý! Heý-de gaçgak negr bolsa, ol günorta gidermi? — diýdim.

Olar gaçmajakdygy bilen razylaşdylar. Maňa bir ýol bilen sypmak gerekdi, şonuň
üçinem men gürrüňe ýatdym:
— Meniň enem-atam Missurideki Paýk graflygynda ýaşaýardylar, men hem şol
ýerde doguldym, emma özümden, kakamdan we doganym Aýkdan başgamyzyň
ählisi öldi. Kakam ähli zady taşlap, Ben daýyňka ýaşamaga göçdi; onuň Täze
Orleandan kyrk dört millikde, derýanyň aýagynda kiçijik fermasy bardy. Kakam
düýpden gurpdan gaçdy, bergisi näçe diýseň üýşdi, ähli adamlar bilen hasaplaşyp
çykanyndan soň, onuň ýanynda bary-ýogy on alty dollar bilen negrimiz Jim galdy.
Bu pula hatda üçünji klas bilen hem bir müň dört ýüz mile aşyp boljak däldi.
Emma birden derýa joşanda, kakamyňky getirdi duruberdi: ol ynha şu saly tutan
ekeni, onsoň biz hem şoňa münüp, Orleana ugramagy ýüregimize düwdük. Emma
kakamyň bagty uzaga çekmedi, salyň öň tarapy parohodyň aşagynda galdy, biziň
ählimiz suwa urduk we tigriň aşagyna ýüzüp bardyk; biziň Jim ikimiz-ä, näme
derrew ýüzüp çykdyk, pýan kakam, dört ýaşlyja jigim Aýk dagy bolsa şeýdip suwa
gark boldular. Ine onsoň soňky iki gün biziň hysyrdymyz köp boldy, sebäbi biziň
ýanymyza her hili adamlar gaýykly ýüzüp geldiler we elimden Jimi aljak boldular;
bu gaçgak negr bolsa gerek diýşdiler. Indi biz gündizine gitdigiçe köp durýarys,
gije bolsa bize degýän adam ýok.
Gersog:
— Meni öz ugruma goýuň, gerek bolsa, gündizine-de ýüzüp biler ýaly ýol
tapaýyn. Men ählisi barada göwnüme geňeşip, muny nätmelidigini bilerin. Bu
günlükçe ähli zat öňki-öňküligine galybersin: biz, elbetde, gündizine şäheriň
gyrasyndan ýüzmekçi bolamzok ahyryn, bize munuň üçin käýemekleri mümkin—
diýdi.
Agşamlyk howa bulaşdy; ýagyş ýagaýjak ýaly etdi; ýyldyrym şöhleleri, aýyn
bolmasa, asmanyň çetjagazynda ýylpyldaşýardylar, tupan turjaklygy görnüp durdy.
Gersog bilen korol biziň çatmamyzy barlamaga, nähili ýorgan-düşeklerimiziň
barlygyny görmäge ugradylar. Meniň duşekçämiň içine saman dykylgydy,
Jimiňkiden dagy hem oňatdy: Ol mekgejöwen palajynyň ýonuşgasy dykylan
düşekçede ýatýardy, mekgejöwen ýonuşgasy dykylan düşekçä bolsa hemişe
mekgejöwen agajy düşýärdi we böwürleriňi erbet agyrdýardy; agdarynan
halatlaryňda mekgejöwen samany şeýle bir şagyrdaýardy welin, edil gury
ýapraklaryň üstünde togalanýan ýaly bolýarsyň we şagyrda nälaç oýanýarsyň.
Şonuň üçin gersog meniň düşekçämi alarman boldy, emma korol oňa rugsat etmedi.
Ol:

— Göwnüme bolmasa, meniň derejäm seniňkiden ulurak ýaly, muny özüň hem
biläýmeli weli bileňok, şonuň üçinem ýonuşga dykylan düşekde ýatmak maňa
laýyk däl. Ýonuşga dykylan düşekçäni goý siziň merhemetiňiz alaýsyn — diýdi.
Birden ýene tersleşäýseler diýip, Jim ikimiz ýene ünjä gitdik, emma şol halatda
gersog şeý diýdi, biz hem muňa begenişdik.
— Despotizmiň demir dabanynyň astynda debisgilenmek meniň kysmatymda bar
eken. Bagtym keç gelip, meniň öňki belentligimden zat galmady: alaweriň, men
kaýyl, meniň ýazgydym şeýle eken. Bu dünýäde men ýeke, işim hem ömürboýy jepa
çekip ýörmek; nädeýin, muňa-da çydajak bolaryn-da.
Garaňky gatlyşanyndan biz ýola düşdük. Korol bize derýanyň ortarasyndan
ýüzmegi we tä şäheriň deňinden geçýänçäk çyra ýakmazlygy tabşyrdy. Basym biz
bir topar ýylpyldy gördük, ol şol şäherdi, garaňkynyň içi bilen biz onuň duşundan
sagaman geçdik. Ýene üç çerýek mil geçenimizden soň, biz signal panusymyzy
asdyk, sagat onlarda bolsa ýel turup, jala geldi, gök güburdäp, dumly-duşdan
ýyldyrym çakdy; korol biziň ikimize-de tupan sowulýança wahtada durmaly diýdi.
Soň olaryň gersog ikisi çatma girip, ýatmaga gyşardylar. Ýarygijeden soň sakçylyk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.