Latin

Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03

Total number of words is 4037
Total number of unique words is 1935
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zybyrdadyp zyňdy, ýumrugyny kelemenletdi, daşymy alarwah aldy diýip gygyrdy,
uwlady. Kem-kemden köşeşip, bir salym gymyldaman ýatdy, diňe hykgy-çokgy
etdi. Onsoň suw sepilen ýaly boldy we ýekeje gezek dagam hyk-çok etmedi.
Tokzýadaky hüwiniň guwguldysy, möjekleriň uwwuldysy eşidilip başlady,
mundan bolsa ümsümlik has-da gorkunç bolup ugrady. Kakam burçda uzyn düşüp,
bulaşyp ýatyrdy. Basym ol tirsegine galdy-da, kellesini gyşardyp diňşirgendi we
ýuwaşjadan:
— Top-top-top… bular ölüler… top-to…top… olar men diýip gelipdirler, emma
men olar bilen gitjek däl… Wah, ynha-la olar! Maňa el degirmeseňizläň,
degmesňizläň! Eliňizi çekiň, olar edil buz ýaly! Goýberiň… Wah, men bendäni öz
ugruma bir goýsaňyzlaň — diýdi.
Onsoň ol emedekläp ugrady we al-arwahlardan özüne degmezliklerini haýyş etdi;
ýorgana dolanyp, stoluň aşagyna girdi we yzyny üzmän haýyş etdi, birdenem
zowladyp aglap goýberdi! Ýorganyň daşyndan hem eşidildi durdy.Basym ol
ýorganyny üstünden serpip, dälirän ýaly bolup, ýerinden turdy we maňa gözi düşüp,
meni kowalap ugrady. Ol çakgysyny alyp, maňa sen ezraýylsyň diýip, öýüň içine
aýlap çykdy, seni öldürerin, onsoň sen yzymdan ömürylla-da gelmersiň diýip
gygyrdy. Men oňa özüni dürsesene, bu men. Gek ahyryn diýdim; emma. onuň bar
edeni gülmek, onda-da gorkunç edip gülmek boldy! Özi-de sögündi, gygyrdy,
yzymdan kowdy. Bir gezek men onuň elinden sypjak bolup, çalt öwrüldim welii, ol
yzymdan gelip, keltekçämden ýapyşdy we şonda men işim gaýdaýdy öýdýän diýip
pikir etdim, emma ýyldyrym ýaly bolup, keltekçeden sypyp çykdym we şeýdip
başymy gutardym. Basym ol ýadap halys boldy; arkasyny gapa söýäp, sriň üstüne
çekdi we bir minut töwerekleri dynç alaýyn, onsoň seni öldürerin diýdi. Çakgynyň
aşagyna saldy we ilki ýatyp turaýyn, güýç toplaýyn, onsoň kim-kimden ökde
çykýarka diýdi.
Ol dessine irkildi. Şonda men üsti çagşap giden köne stuly alyp, mümkin
boldugyça seresaplylyk bilen üstüne mündüm we galmagal zat etmän, diwardaky
tüpeňi aldym. Men oklandymyka, oklanmadymyka göreýin diýip, onuň içine
şompaly sokdum, onsoň tüpeňi kakama çenäp, turply çelegiň üstünde peýeläp

goýdum, özüm bolsa çelegiň ýeňsesinde oturdym we ol haçan oýanarka diýip
garaşdym. Baý, wagtyň ýü-rekgysgynç, haýal geçäýşini!
VII bap
— Hany tur! Bu näme etdigiň boldy?
Men gözümi açdym we özümiň nirede oturanlygymy biljek bolup jan edip,
daştöweregime garanjakladym. Eýýäm gün dogupdy, diýmek bilen, men eslije
ýatan bolara çemelim. Kakam üstüme abanyp drudy; ýüzi diýseň tutukdy, üstesinede ýellenipdir.
— Sen tüpeňi alyp, näme işlejek bolduň?— diýdi.
Men onuň agşamky edenlerinden düýpden habarsyzdygyny aňdym we:
— Bir adam gapyny döwüp, öňümize girjek boldy, men ine şoňa seretdim —
diýdim:
— Onda näme, sen meni oýarmansyň?
— Oýarjak boldum welin, bolmady: sizi hiç turzup bilmedim.
— Ýeri, bolýar-da… Beýdip, sömelip durma, besdir. Bar, ertirlik üçin çeňňege
balygyň düşenini-düşmänini bileli gel. Men bir minutdan gaýdyp gelerin.
Ol gapyny açdy, men derýa tarap ylgap gitdim. Men suwuň ýüzi bilen döwlen
şahalaryň, gar-ähetleriň, hatda gabyk bölekleriniň akyp gelýänligini gördüm:
diýmek, derýalşýan bolar çemeli. Häzir şäherde bolan bolsam, mes ýaşardym diýip,
men içimi gepletdim. Iýun aýlarynda suw joşanynda meniň günüm gelýärdi, sebäbi
suw joşup ugranyndan derýa bilen oduň, bir topar sal, käte on iki sany pürs üýşmek
bolup akyp gelýärdi: men olary suwdan çykaryp, odun skladlaryna we agaç
kesilýän ýerlere satýardym. Men bir gözüm bilen kakama tarap seredip, bir gözüm
bilen hem derýadan inliräk bir zat akyp gelmezmikä diýip suwa seredip, kepar bilen
ýöräp gitdim. Birden görsem, bir gaýyk, onda-da nähili gaýyk diýsene, on üçon
dört fut uzynlykdaky gaýyk akyp gelýär, özi-de guw ýaly gaýkyldap ýüzüp gelýär.
Men ikirjiňläp durman, eşiklerim zatlarym bilen gurbaga ýaly başaşaklygyna suwa
urdum we gaýyga tarap ýüzüp ugradym. Men onuň içinde bir adam ýatandyr diýip
çak edýärdim, sebäbi biziň ýanymyzda köplenç oýun edip şeýd-ýärler, gämini

çekip kenara ýetireňkirleýäň welin, birden onuň içinden böküp çykyp, sepiň
üstüňden gülüp başlaýarlar. Emma bu gezek başgaça boldy. Gapynyň içi
hakykatdan hem boşdy, men onuň içine girip, ony kenara tarap sürüp ugradym.
Muny göräýse garry begener-ow: bu on dollara daga geçer diýip, öz ýanymdan
pikir edýärin. Emma kenara ýetenimde kakama gözüm düşmedi; men gapyny
derýanyň söwüt agaçlary, ýabany üzüm biten ýerine alyp bardym we şol wagt
kelläme bir pikpr geldi: gel, iň gowusy, muny gizläii we tokaýa gaçanymdan derýa
bilen aşaklygyna elli mil ýaly ýüzeýin-de, bir ýerde köpräk ýaşaýyn, pyýada ýöräp,
görgi baryny görüp näme! —diýdim.
Men hütdükden o kän uzakda däldim, meniň göwnüme bolmasa, şol wagt garry
gelýäin ýaly boldy, men her niçik hem bolsa gaýygy gizledim, soň hem maýdajyk
agaçlaryň arasyndan jykladym: kakam ýodajyk bilen derýa tarap gelýär eken, özide
tüpeňini bir guşa çeneýär. Diýmek bilen, ol meni görmedik bolara çemeli.Ol meniň
ýanyma geleninde, men yhlas bilen çesňegiň bagyny suwdan çykaryp otyrdym. Ol
eglenmek üçin maňa çalarak käýindi; emma men ony suwa ýykylamsoň birneme
eglenmeli boldum diýip aldadym. Üsti-başymyň ölsuwdugyny görüp, onuň şeýle
diýip sorajakdygyny men bilip durdum. Çeňňeklere bäş sany lakga balyk düşen
ekeni, biz olary alyp, öýe gaýtdyk.Biziň ikimizem ýadapdyk, şonuň üçin ertirlik
edinip bolanymyzdan soň ikimiz hem gyşardyk, men özümi gözlemezleri ýaly dul
hatyn bilen kakamyň ünsüni nädip sowup bilerkäm diýip pikir edip başladym. Bu
şowuna düşäýmezmikä diýip garaşyp ýatandan gowudy. Ýogsam gözläp
başlasalar, heý uzaga gidip bolarmy, her zadyň bolmagy mümkin! Men esli
salymlap pikir etsem-de, idili bir zat tapmadym, onýança kakam suw içmäge turdy
we maňa:
— Eger ýene bir gerzek onuň töwereginde köw-söw edip ýöreniňi görseň, meni
oýargyn, eşidýärmiň? Beýle adam bu ýere oňlulyga gelenok däldir. Men ony bir
oka tabşyraryn. Eger ol ýene geläýse, meni oýargyn, bolýarmy? — diýdi.
Şeýle diýdi-de, ol gyşardy we uka gitdi; onuň bu sözleri gaýtam maňa näme
etmelidigini öwretdi. Ine indi şeýle bir bulaşdyraryn welin, hiç kim meni gizläp
tapyp bilmez diýip içimi gepletdim.
Sagat on ikilerde turup, biz derýanyň boýuny syryp git dik. Derýa barha joşýardy
we suwuň ýüzi bilen her tüýsli agaç akyp gelýärdi. Basym bir-birine çatylan dokuz
sany pürsüň-saly çet göründi. Biz gaýygy alyp, olary kenara çykardyk. Soň nahar
edinipdik. Kakamyň deregine başga biri bolan bolsa, agşama çenli garaşardy we
suwdan köpräk agaç çykaraýyn diýerdi, emma munuň häsýetinde bular ýaly zat
ýokdy. Bir gezeklik üçin oňa dokuz sany pürs ýeterlikdi; olary şähere äkidip

satanyň diýip, onuň içi byjyklap durdy. Ol meniň daşymdan gulplap, gaýyga
mündi-de, dördüň ýarlarynda saly gaýyga tirkäp şähere ugrady. Onuň bu gije
gelmejegine meniň gözüm ýetip durdy. Men öz hasabym bilen ol birneme arany
açynça garaşdym we byçgymy alyp, ýene , şol pürsi byçgylap ugradym. Kakam
derýanyň beýle tarapyna geçýänçä, men eýýäm daşaryk çykdym; sally gaýyk
uzakda suwuň ýüzünde çala tegmilt bolup görünýärdi. Men bir halta mekgejöwen
ununy alyp, ony gaýgy gizläp goýan! ýerime eltdim, şahalaryň arasyny açyp, uny
gaýyga atdym; onsoň doňzuň döşüni hem, wiskadan boşan çüýşäni hem şol ýere
eltdim. Gandyý, kofýanyň hem barjasyny göterdim, seçme-dir därileri hem aldym,
sajy, bedräni, suw kädini, susgujy, demir kürüşgäni özümiň köneje pyçagymy iki
sany ýorgany, kotelokdyr kofe gaýnadylýany hem aldym. Men çeňňekleri-de, otly
çöpleri-de, bir sente geçäýjek beýleki zatlary-da gö-terdim, bir söz bilen öýüň
içnndäki zatlaryň hemmesini syryp-süpürdim. Maňa palta gerekdi, emma başga
palta ýokdy, odunyň üstünde ýatan paltany bolsa käbir sebäplere görä almadym.
Men tüpeňi alyp çykdym, indi gaýdybersem boljakdy.Deşikden girip-çykyp, şunça
zady daşaýançam men hütdügiň içini yzdan doldurdym. Men ýonuşgalar görünmez
ýaly, ol yzlaryň üstüne oňat edip gum sepeleşdirdim. Onsoň byçgylap aýyran pürs
bölegimi öňki ýerinde goýdum, aşagyndan iki daş, gapdalyndan hem bir daş
sokdum, sebäbi şol daş sokan ýerlerimde pürs gaýşarylyp ýere ýetmän durdy.
diwardan bäş ädimlikde durup seretseň, pürsüň hem byçgylanyp aýrylanlygyny öň
bilmeýän bolsaň, muny asjak umydyň ýokdy, onsoň hem şol aýrylan bölek yzky
diwardandy, entäp ýören adamyň gözi oňa aňsat iljek däldi.
Gaýygyň ýanyna barynçam men otuň üstünden ýöräp gitdim, şeýlelikde yzymda
bir yz hem galdyrmadym. Men kenarda durup, derýa syn etdim. Hemmesi
parahatçylykdy. Şonda men tüpeňimi elime alyp, tokaýyň içine sümüp gitdim, bir
guş atasym geldi, birden hem ýabany doňzuň jojugynyň üstünden baraýdym, otluk
ýerlerde bakylýan doňuzlaryň gaçyp gaýdanlary bolsa bu ýerde basym
ýabanylaşýarlar. Men jojugy öldürip, ony hutdügimize alyp gitdim..Men paltany
alyp, gapyny döwüp ugradym, özüni hem güýjümde baryny edip paltaladym.
Jojugy alyp gelip, stoluň ýanyna süýredim, palta bilen onuň bogazyny kesdim we
birneme gany akar ýaly ýerde goýdum; «ýerde» diýýänligimiň sebäbi hütdügimiziň
tagtadan poly ýokdy, ýer bolsa takyrdy, basgylanyp ýörlensoň daş ýalydy. Onsoň
köne haltany alyp, oňa ullakan-ullakan daşlardan güýjüm ýetenini salyşdyrdym we
ony jojugyň duran ýerinden gapa çenli, ondan hem tokaýyň içi bilen derýa çenli
süýräp äkitdim, şol ýerde ony suwa okladym; ol çümdi-de, gözden ýitip gitdi. Şu
ýerden bir zat süýrelenligi göze dürtülip durdy. Men şu wagt ýanymda Tom Soýer
bolaýman diýdim; men onuň bular ýaly iş bilen gyzyklanjakdygyny we geňlik üçin
bir zat toslap tapjakdygyny bilýärdim. Beýle işlerden Tom Soýerden gowy baş
çykarjak adam ýokdy.

Onsoň men kellämden bir tokka saç ýolup, paltany gana buladym ýene saçlarymy
onuň ýüzüne ýelmeşdirip, paltany hütdügiň burçuna zyňyp goýberdim. Onsoň
jojugy alyp, (gan dammaz ýaly) kurtkama saldym-da, göterip ugradym, öýden
derýanyň aýagyna tarap esli saplananymdan soň, ony hem derýa okladym. Şol
ýerde kelläme ýene-de bir pikir geldi. Men gaýykdaky unly haltany, ýene byçgyny
alyp, olary öýe eltdim. Haltany öňki ýerinde goýup, onuň aşagyny byçgy bilen
böldüm, sebäbi bizde pyçakdyr wilka ýokdy, gerek çagtlary kakam hem diňe çakgy
bilen oňýardy. Onsoň haltany otuň, gyrymsy agaçlaryň arasy bilen öýden
gündogarlygyna ýüz ädim töwerekleri süýräp okatdym, ol ýerde bäş mil çemeleri
giňlikde ýalpak köl bardy, ol kölüň daş-töweregi gamyşlykdy, güýzüň öň ýanlary
bolsa ol ýerde ördek örän köp bolýardy. Beýleki tarapdan kölden içi läbik suwly
derýajyk ýa çeşmejik akyp gidýärdi, onuň ençeme milli nirä uzalyp gidýänligin-ä
bilemok welin, ol derýa-ha guýanokdy. Un ýol boýy dökülip, inçejik ýoda ýaly
bolup, tä köle çenli uzalyp gitdi. Men ýene-de tönäpden gaçypdyr diýler ýaly,
kakamyň çalgy daşyny gaçyran boldum. Onsoň haltaň deşigini ýüp bilen bogup, un
dökülmez ýaly etdim ne haltany byçgy bilen birlikde yzyna gaýyga eltip goýdum.
Indi howa has-da garaňkyrady, men derýanyň aýagyna tarap birazrak ýüzdüm-de,
söwütleriň suwuň üstüne abanyp duran ýerinde saklandym we aý çykýança
garaşmaga durdum. Men ganygy berkiräk edip söwüde daňdym, az-kem
garbandym, onsoň hem çybygymy otlap, başlan işim barada pugta pikirlenmä-ge
oturdym. Öz ýanymdan: olar daşly haltanyň yzyny alyp, derýaň boýuna gelerler,
onsoň derýadan meniň maslygymy gözläp ugrarlar. Onsoň bolsa unuň yzy bilen
köle bararlar, kölden çykýan derýajyga ýeterler, meni öldürip, zatlary ogurlan
jenaýatçylary gözlärler. Derýadan meniň maslygymdan başga zat gözlemezler.
Basym bu olaryň ýüreklerine düşer, şondan soň men barada ünjä galyp ýörmezler.
Maňa bolsa geregi şol, men onsoň öz saýlap alan ýerimde ýaşaryn ýörerin. Jekson
adasy meniň üçin örän amatly ýer, men bu ada örän belet, ol ýerde hiç haçan adam
bolmaýar. Agşamlaryna bolsa şähere ýüzüp barsa bolar: şäherde birneme gezelenç
edenimden soň, gerek-ýarak zatlarymy alyp gaýdaryn. Jekson adasy meniň üçin
tüýs amatly ýer.
Men ýadap halys bolamsoň, uka gidenimi-de duýman galypdyryn. Bir haýukdan
oýansam, nirede oturanlygyma-da bir bada düşünmedim. Men oturyp,
daştöweregime göz aýladym, birneme gorkdum hem. Soň ýadyma düşdi. Derýa
örän giň, ýagny ençeme mil giňlikde ýaly bolup göründi. Aý bolsa aýdyňdy,
gapdalyňdan akyp geçýän pürsleri ýene sanap oturmalydy, pürsler gap-gara ýöne
gymyldaman barýan ýaly, kenardan örän uzakda ýaly bolup görünýärdi.
Daştöwerek dymdyrslykdy, ähli zatlardan görnüşi ýaly wagt giçdi, bir tüýsli

ýakymly şemal gelip durdy, men muny nähili edip aýtjagymy bilmeýärin meniň
näme aýtjak bolýandygyma siz düşünýän bolsaňyz gerek. Men oňat gernip
palladym-da, gaýygymy çözüp ýola düşeýin diýip durkam, birden suwdan bir seda
çykdy. Men diňşirgenip, nämäň nämeligini dessine aňdym: bu demir halkalaryň
içinde gymyldaşýan kürekleriň gijäň bir mahaly çykýan güňleç, birsydyrgyn sesidi.
Men söwüt şahalarynyň arasyndan jyklap gördüm, bu hakykatdan hem şeýle eken:
uzakda, derýanyň o kenarynyň ýanyndan bir gaýyk ýüzüp gelýärdi. Men onuň
içpinde näçe adamyň oturanlygyny aňşyryp bilmedim. Gaýyk barha golaýlaşýardy,
ol ahyrym deňime gelende, men onuň içinde bir adamyň oturanlygyny gördüm.
Kakama geler öýdüp garaşmasam-da, bu kakam-a däldir-dä? — diýip pikir etdim.
Ol derýa bilen meniň aşak ýanymdan ýüzüp gelýärdi. Soň ol asuda akyp ýatan suw
bilen gaýygyny kenara tarap sowdy, özem edil gapdaljygymdan ýüzüp geçdi,
şonda men küregimi uzatsam, oňa degýärdi. Bu, hakykatdanam kakam ekeni,
onda-da kürekleşine görä, düýpden meňzemedi.
Men wagtymy biderek geçirip durmadym. Şol salymyň özünde kenar agaçlarynyň
kölegesine dolanyp, galmagalsyz-zatsyz, çalasynlyk bilen suwuň akýan ugruna
tarap süýşüp ugradym. Iki ýarym mil töwerekleri geçenimden soň, men gaýygymy
derýanyň ortasyna tarap öwürdim, sebäbi basym öňümden pristan çykjakdy we ol
ýerdäki adamlar meni görüp gygyryşjakdylar. Men akyp gelýän pürsleriň arasy
bilen ýüzjek bolup jan edýärdim, onsoä gapygyň içinde uzyn düşdüm-de, ony
suwuň ugruna goýberdim. Men dypç alyp, çilim çekýärdim, asmana syn ederdim;
gögüä ýüzünde ýekeje-de bulut ýokdy. Aý aýdyň gije arkan düşüp ýatyrkaň
seretsem, asman örän daşda ýaly bolup görünýär eken, Men muny öň bilmeýän
ekenim. Şeýle gijede ses hem uzakdan eşidilýär eken. Adamlaryň pristapça
gepleşip duruşlary meniň gulagyma gelip durdy. Men olaryň näme diýýänlerini-de
birin-birin eşiderdim. Birnji gün barha uzalyp, gije barha gysgalýar diýdi, Başga
biri: bu gije kelte gijelerden dälmikä diýýän diýdi, onsoň duranlaryň hemmesi
gülüşdilr; şol adam ýaňky diýenini gaýtalady, adamlar ýene-de gülüşdiler; onsoň
üçüňji birini turzup, oňa ýaňkyny gürrüň berdiler, emma ol gülmedi; ol
üzlemsaplam bir zat-bir zatlar aýdyşdyrdy-da, maňa azar bermäň diýdi. Ilkinji
geplän adam: muny hökman keýwanyma gürrüň edip bererin, bu oňa örän ýarasa
gerek— diýdi; emma bu onuň öňki aýdan wäşi sözleriniň ýanynda biderejik bir
zatdy. Men biriniň: häzir sagat üçüň töweregi bar we daýyň atmasy bir hepdeden
köpe çekip durmazmyka diýýän— diýenini eşitdim. Şondan soň sesler barha
daşlaşyp başlady, soňabaka men olaryň diýýän zatlaryny eşitmedim, diňe
gowurdylaryny, wagtalwagtal gülşüşlerini eşitdim, bularda örän daşdan eşidilýän
ýalydy.

Indi men pristandan has aşakdadym. Men ýerimden turdum we iki mil töwerekleri
öňýanymda gür tokaýlyga siňip, derýanyň ortasynda çyrasyz ullakan gara parohot
ýaly bolup oturan Jekson adaýyny gördüm. Adanyň ýokary tarapynda gyrmança
barlygy duýulmaýardy, gyrmança bütinleý suwuň aşagynda galypdy.
Men göz açyp-ýumasy salymys içinde ada ýetdim. Adanyň ýokarky böleginiň
duşundan ok ýaly bolup geçdim, suw örän çasly akýardy, soň gowy gatnawy ýok
bolan zolaga girdim we adanyň Illpnop kenaryna ýakyn bolan beýle tarapyndan
geldim. Men gaýygy kenaryň egrem-bugram ýerine sowdum, sebäbi ol ýere örän
beletdim; ol ýere barmak üçin söwüt pudaklarynyň arasyny açyşdyrmaly boldum;
gaýygymy daňyp goýdum welin, ol daşdan görner ýaly bolmady. Men kenara
çykdym, adanyň ýokary burçunda pürsüň üstüne çykdym we giň derýa, akyp
gelýän gara pürslere, üç mil beýledäki şähere syn etdim, şäherde heniz hem üç-dört
sany ýylpyldy bardy. Derýanyň içi bilen ullakan sal akyp gelýärdi; häzir ol adadan
bir milräk ýokardady, onuň orta synda bolsa çyra ýaşrdy. Ol barha ýakynlaşýardy.
Sal meniň duran ýerimiň deňine gelende, ondan kimdir biri: «Eý, ýerden, birneme
sagyrak sow!» diýip gygyrdy. Meniň göwnüme bolmasa, ol adam edil gapdalymda
gygyran ýaly boldy. Daň saz berip başlady; men tokaýa girip, ertirlik edinmäkäm
birazrak irkileýin diýip gyşardym.
VIII bap
Oýanamda, gün al-asmana galan eken, ähtimal, sagat sekizden-de geçipdi. Men
agaçlaryň kölegesinde, otuň içinde dürli-dürli zatlar barada pikir edip ýatyrdym we
dynç alyp köçeden çykanymdan soň, özümi bir tüýsli oňat duýýardym. Agaç
ýapraklarynyň arasyndan gün görnüp durdy, bu ýerde ullakan-ullakan agaçlar
gögerip otyrdy, aşaklary bolsa goýy kölegelidi. Ýapraklaryň arasyndan gün görnüp
duran ýerde hal ýaly-hal ýaly tegmiller bardy we şol tegmiller ýokarda şemal
barlygyny habar berýän ýaly ýuwaşja gymyldaşýardylar. Şahanyň üstündäki iki
sany awçylar maňa seredişip, enaýyja jykyrdaşýardylar.
Meniň ýatyşym şeýle birahatdy welin, ýaltanyň, ýerimden turasym, ertirlik nahar
bişirinesim gelmeýärdi. Men irkildim, edil şol wagtyň özünde hem derýanyň
ýokary garapynda «gümmür» eden garyşyk ses eşitdim. Men oýanyp, tirsegime
galdym we diňşirgendim: az salymdan ýene şol eşiden zadymy eşitdim. Men
böküp ýerimden turdum-da, kenara tarap yl gadym we ýapraklaryň arasyndan
jyklap, derýa seretdim; görsem, menden örän uzakda, pristanyň deňinde suwuň
içindetüsse burugsaýar. Derýa bilen aşaklygyna bolsa içi adamdan hyryn-dykyn
doly parohod ýüzüp gelýär. Nämäň nämeligine men indi düşündim! Gümmür!

Görsem, parohotdan çal tüsse saýlanyp gitdi. Düşüner bolsaňyz, olar meniň
maslygym suwuň ýüzüne gaýyp çykar ýaly suwa top atýar ekenler.
Men örän ajykdym, emma maňa ot ýakmak bolmaýardy, sebäbi olar tüssäni
görjekdiler. Men däri tüssesine seredip toýa atyşlaryny diňläp oturdym. Derýanyň
şu ýeriniň giňligi bir mile dagy ýetýärdi, tomus säheri oňa syn etmek örän hezild.i,
iýer ýaly zadym bolan bolsa, maslygymy tutuşlaryna syn edip, men wagtymy o
diýen erbet geçirjek däldim. Birden gark bolan adamlary gözlän wagtlarynda bişen
çörege simap salyp suwa goýberişleri meniň ýadyma düşdi, beýtmeleriniň sebäbi
çörek göni öleniň ýatan ýerine tarap ýüzüp gidýärmiş we eliniň üstüne baryp
durýarmyş, öz ýanymdan häzirräk bolmaly ýanyma çörek geläýse sypdyraýmaýyn
diňip içimi gepletdim. Men adanyň Illinoýs tarapdaky burçuna geçdim; belki, işnm
şowuna düşäýedi diýip dileg etdim, men ýalňyşman ekenim. Görsem, ullakan bir
çörek akyp gelýär, men ony uzyn taýak uzadyp alyp biljekdim, emma şol wagt
tapyp gitdim welin, çörek duşumdan akyp geçäýdi. Men, öz pikir edişime göre,
suwuň kenaryň iň golaýyndan akýan ýerinde durdum. Birnäçe wagtdan soň ýene
bir çörek akyp geldi, emma men muny sypdyrmadym. Men ony suwdan çykaryp,
içinden kiçeňräk simap şarjagazyny silkip goýberdim we çörege agyz saldym. Bu
mekgejöwen zagarasy bolman, eýsem baýlaryň iýýän ak çöregidi, Men gür
ýaprakly oňat ýere bardym we ýagdaýymdan göwnüm hoş bolup, pürsüň üstünde
çöregimi iýip, parohodjyga syn edip oturdym. Birden men allaniçigsi bolup gitdim.
Öz içimden: dul hatyn, ruhany başga biri bu çörek meni gözlep tapsyn diýip doga
okan bolara çemeli diýip pikir etdim. Bu şeýle-de bolup çykdy. Diýmek, okalan
doganyň peýda edýänligi dogry eken, ýagny diňe dul hatyn ýa ruhany ýaly adam
okanda peýda edýär eken, meniň okan dogam bolsa asyl peýda edenok; onsoňam
kimiň okan dogasynyň güýçlüdigi, kimiňkiniň güýçsüzdigi allatagala aýan öýdýän
diýip pikir etdim.
Men çilim çekip, esli salym oturdym, çilim çekip oturyşyma bolýan zatlara syn
etdim. Parohod suwuň ugry bilen aşaklygyna barýardy, ol ýakynrak gelse, onuň
bortunda kimiň barlygyny görse bolar diýip oýlandym, parohod bolsa kenaryň
ýanjagazyna, edil ýaňky çöregiň geçen ýerine gelmelidi.Parohod maňa golaýlaşyp
ugran dessine men çybygymyň temmäkisini döküp, çörek tutan ýerime ylgap
geldim we derýanyň boýundaky, açyk ýerdäki pürsüň üstüne süýndüm. Pürs
aýyrtlydy, men oňa syn edip başladym. Basym parohodjyk edil kenaryň
golaýjygyna geldi, tagta oklap, ondan kenara düşse boljakdy. Parohodyň üstünde
meniň tanaýan adamlarymyň ählisi diýen ýaly bardy. Kakam, sudýa Tetçer, Bekki
Tetçer, Jo Garper, Tom Soýer, garry Daýzasy. Polli, Sid, Meri we ýene bir topar
adam bardy. Olaryň hemmesiniň gürrüňi ganhorlyk hakyndady, emma şol wagt
kapitan ara goşulyp:

— Indi oňadrak serediň: bu ýerde suw kenaryň örän ýakynjagyndan akýar; belki,
suw maslygy kenara çykaryp taşlandyr, ol bolsa agaçlaryň arasyna düşüp galapdyr.
Her niçik hem bolsa umydygär bolalyň — diýdi. Emma men muňa umyt
etmeýärdim. Olaryň hemmesi bortda üýşüşip, tutawajyň üstünden eglip, ähli zady
görjek bolup seredişýärdiler, şonda olar edil meniň ýüzüme seredip duran
ýalydylar.- Men olary aç-açan görýärdim, olar bolsa meni görmeýärdiler. Onsoň
kapitan: «Bortdan çekiliň!»— diýip, komanda berdi, şeý diýip diýmänkä maňa
tarap top atylyp gitdi, gümmürdiden ýaňa tas gulagym gapylypdy, tüsse hem tas
gözümi alypdy: meniň işim gaýtdy öýdýän — diýip içimi gepletdim. Eger top okly
bolan bolsa, olar dogrudan hem gözleýän maslyklaryny tapjak ekenler. Onsoň
özüme geldim, görsem, maňa hiç zat bolmandyr, synalarym, hudaýa şükür, sag.
Parohod duşumdan geçip, burnuň aňrysynda gözden ýitdi. Mahal-mahal top sesi
eşidildi, emma ol barha uzakdan eşidildi; ýarym sagat töwerekleri geçenden soň-a
hiç zadam eşidilmedi. Adanyň uzynlygy üç mil bardy. Men olar adanyň aňrysyna
çykyp, bu işi başlaryndan aşyryp urdular. öýdýän diýen netijä geldim. Görüp
otursam, bu entek bekýe däl ekeni. Olar adanyň daşyndan aýlanyp, derýanyň goly
bilen Missuri tarapdan, mahal-mahal top atyp barýardylar. Men adanyň o tarapyna
geçip, olara seredip başladym. Adanyň ýokary böleginiň deňine ýetenimde iarohod
atmasyny goýdy we Missuri kenaryna öwrülýp yzyna, şähere tarap ugrady.
Indi ynjalsam, ynjalyp biljegime meniň gözüm ýetdi. Indi meni hiç kim gözlemez.
Men gaýykdaky zatlarymy alyşdyryp, tokaýyň içinde oňat ornaşdym. Zatlary ýagyş
ezmez ýaly ýorganlardan çadyra meňzeş bir zat etdim. Men bir lakga balyjak tutup,
byçgy bilen garnyny ýardym, gün ýaşyp barýarka bolsa ot ýakyp, agşam naharymy
edindim. Onsoň ertirligim üçin balyk tutaýyn diýip çeňňegimi suwa atdym.
Garaňky gatlyşanda men çilimimi alyp, oduň başyna bardym we ilkibada özümi
hiçneneň duýmadym, ýüregim gysyp başlanda bolsa, derýanyň boýuna baryp,
derýanyň çyrpyşyna gulak saldym, asmandaky ýyldyzlary, derýa bilen
gapdalymdan akyp geçýän pürsleri we sallary sanadym, onsoň hem ýatdym.
Ýüregiň gysanynda wagty şeýleräk geçireniňden gowusy ýok: uklaýaň welin, ýürek
gysmaň nirä gidenini bilmän galýarsyň.
Şeýdip üç gije bilen üç gündiz geçdi. Bolan üýtgeşiklik bolmady, şol bir meňzeş
zatlar gantalandy durdy. Muňa derek dördünji gün adanyň içine aýlanyp, ony
terslin—öňlin sökdüm. Men bu ýeriniň hojaýyny bolup galdym, ähli ada meniňki
boldy, şonuň üçin men oňa oňadrak belet bolmalydym, iň esasysy hem wagtymy
geçirmelidim. Men bir topar iri, bişen zemlýanika, gök üzüm gök malina tapdym,
böwürslen bolsa ýaňy düwüp başlan eken. «Bularyň hemmesi öz wagtynda gerek
bolar» diýip, men içimi gepletdim.

Onsoň men tokaýyň içine aýlaň-çaýlaň etmäge gitdim, kellemiň gyzgynyna men
tas adanyň aşaky çetine ýeteňkirlän ekenim. Mennň ýanymda tüpeňim bardy,
emma uran zadym ýokdy: men goranmaly bolaýsam diýip alypdym, guşy bolsa
öýüň töwereklerinden tutaryn diýipdim. Şol wagt men tas ullakan bir ýylanyň
üstünden baran ekenim, her-nä ol otlaryň we gülleriň arasyndan towlanyp, meniň
ýanymdan gidäýdi; men bolsam tüpeňläýin diýip, onuň yzyndan eňdim. Ylgap
barşyma birden burugsap duran oduň külüniň üstünden bardym. Meniň ýüregim
tars-tars edip, tas ýarylypdy. Men onçakly aňşyrjak bolup durman yzyma
öwrüldim-de, bukdaklap, aýagaldygyna gaçyp ugradym. Mahal-mahal gür
ýaprakly agaçlaryň arasynda säginip, diňşirgendim, emma has-has edip, hiç zat
eşitmednm. Ýene-de esli ýöredim we ýene-de diňşirgendim. Şeýdip yzly-yzyna
gaýtaladym, töňňä gözüm düşse, adamdyr öýtdüm; eger aýagymyň aşagynda çöp
şytydaýsa, biri göwnümi ikn bölüp, gylla ýarym galdy. diýdim.
Öýe ýetenimde, meniň keýpim gaçypdy, öler ýaly galpyldaýardym; emma häzir
haýal-ýagallygyň wagty däldigini bilýärdim. Men hasyr-husur zatlarymy
ýygnaşdyrdym-da, ýene-de gaýygymyň ýanyna ylgadym. Olar göze dürtülip
durmaz ýaly, ody söndürdim, küller geçen ýylyň küli ýaly bolup görünsin diýip,
olary dumly-duşa pytratdym, onsoň hem agajyň üstüne çykdym.
Men bu agajyň üstünde iki sagat dagy oturdymmykam diýýän, emma göreneşiden
zadym bolmady, göwnüme bolmasa ýok zatlary görüp, eşidip ugran ýaly boldum.
Emma ol ýerde ömrüň ötýänçä oturyp bolmaýar ahyryn! Ahyrsoňy men ýürek
etdim-de agaçdan düşdüm, gür çemenlige sümdüm we birsyhly ätiýaçlylyk etdim.
Men diňe ir-iýmiş bilen ertirki naharymdan galanja zatlarymy iýdim.
Garaňky düýänçä men ykjam ajykdym. Garaňky oňat düşenden soň bolsa derýa
bilen ýola düşdüm we aý dogýança adadan çärýek millik beýledäki Illýnoý
kenaryna ýüzüp geçdim. Ol ýerden tokaýa girip, agşamlyk nahar bişirindim, gijäni
hem şu ýerde geçireýin diýip, göwni bire baglap durkam birden «tarp-tarp»,
«tarptarp» eden ses eşitdim, ilki bu çapyp ýören ýabylardyr öýtdüm, emma munuň
yz ýany bilen adam sesi hem çykaýdy. Men ýene-de zatlarymy hasyr-husur
ýygnap, gaýyga atdym, özüm bolsa bir zat bilip bilmezmikäm diýip, tokaý bilen
bukdaklap ugradym. Onçakly ýöremänkäm birden:
— Oňat ýer tapsak, şu ýerde düşländen gowusy ýok: ýabylar halys ýadady. Gel
göreliň… — diýen sesi eşitdim. Men garaşyp durman, kenardan saýlanyp ugradym
we yzyma ýüzüin bardym. Gaýygy öňki ýerinde daňyp, gije şonuň içinde ýatmagy
göwnüme düwdüm.

Men oňat ýatyp bilmedim. Pikir üstüne pikir edip, uklap bilmedim. Her gezek
oýananymda, biri ýakamdan tutup oýaryp duran ýaly boldy. Diýmek, uky hezil
bermeýärdi. Ahyrsoňy men beýdip ýaşap bolmaz: bu adada menden başga kimiň
barlygyny bilmek gerek. Ölýän bolsam-da bilerin! — diýdim. Şundan soň ýüküm
ýeňlän ýaly boldy. Ine şeýdip, küregi alyp, kenardan iki ädnm ýaly çekilip, kölege
bilen ugradym. Aý aýdyňdy, kölege düşmeýän ýer gündizlik ýalydy. Men bir
sagadrak dpen ýaly kürek çaldym; ähli ýer ümsümlikdi, ähli janly-jandar sarsman
ýatyrdy, Şol wagtyň içinde men adanyň aňyrsyna çykaýan ekenim. Suwy
zyýrazyýra edip şemal öwüsýärdi, diýmek, daň atyp gelýärdi. Men
küregimi işledip, ganygyň burnuny kenara tarap öwürdüm onsoň bolsa düşüp,
tokaýyň çetine bukdaklap gitdim. Şol ýerde pürsüň üstüne münüp, ýapraklaryň
arasyndan jykladym. Aý ýerine girip, derýanyň ýüzüni garaňky gaplady. Emma
onsoň agaçlaryň üsti ýagtylyp ugrady, men basym daňyň atjagyny aňdym. Şonda
men tüpeňimi elimde tutup, her ädimde aýak çekip, diňşirgäp külüň üstünden baran
ýerime tarap ýöräp gitdim. Emma näme üçindir, meniňki şowuna düşenokdy: şol
ýeri men hiç tapyp bilemokdym. Görsem, şeýle hem eken: agaçlaryň arasynda ot
ýylpyldap dur. Men seresaplyk bilen howlukman oňa golaýlaşmaga başladym.
Golaýyna baryp görsem, ýerde bir adam ýatyr eken. Gorkyma tas janym çykypdy.
Ol ýorgany kellesine çekip ýatyrdy, burny bolsa oda ýeteňkirläp durdy. Men
gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda oturyp, ondan gözümi aýyrmadym. Howa ýagtylyp
ugrady. Basym ol pallap gerindi we üstündäki ýorgany çekdi. Görsem bu miss
Uotsonyň Jimi eken! Baý, men muňa begendim-ow! Men agaçlaryň arasyndan
çykyp:

Salam, Jim! — diýip gygyrdym.
Ol lassa ýerinden galdy-da, gözüni petredip, maňa seretdi. Onsoň dyzyna çöküp,
goluny gowşurdy-da:
— Degmesene maňa, degmesene! Meniň ölüleri öýkeleden ýerim ýokdur. Men
olary hemişe gowy görýärin, olar üçin elimden gelenini edýärin. Yzyňa, gelen
ýeriňe, derýa git-de, garry Jimi öz ugruna goý, ol hemişe seniň bilen dostdy —
diýdi. Oňa özümiň öli däldigimi düşündirmek üçin maňa onçakly köp wagt gerek
bolmady. Men Jimiň gelenine örän begenýärdim. Indi meniň ýüregim öňki ýaly
gysyp durmaýardy. Nirede gizlenýänligimi birine gürrüň berer öýdüp
gorkamokdym, men oňa hut şeýle diýibem aýtdym. Men gepläp durdum, ol bolsa
maňa seredip, dymyp otyrdy, Ahyrsoňy men:
— Daň-a birkemsiz atdy. Ertirlik edinmek gerek, hany ody oňadrak ýak —
diýdim.
— Bapybir zemlýanikadan we biderek zatlardan başga gaýnadara zat bolmaýsa,
ot ýakanyňdan näme peýda! Halha, seniň tüpeňiň bar ýaly, şeýle gerek? Eger şeýle
bolsa, zemlýankadan gowrak zat tapsada bolar. Men:
«Zemlýannka we biderek zatlar…» Sen şular bilenem oňduňmy? — diýdim. Ol:
— Başga tapan zadym bolmady — diýdi.
— Sen onsoň, Jim, adada haçandan bäri bolýarsyň?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
  • Parts
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 01
    Total number of words is 3991
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 02
    Total number of words is 4090
    Total number of unique words is 2030
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 03
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1935
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 04
    Total number of words is 4095
    Total number of unique words is 1981
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 05
    Total number of words is 4079
    Total number of unique words is 1979
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 06
    Total number of words is 4029
    Total number of unique words is 1872
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1976
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 08
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 2074
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 09
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2041
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 10
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2138
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 11
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2007
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 12
    Total number of words is 3918
    Total number of unique words is 1910
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 13
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1908
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 14
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1885
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 15
    Total number of words is 3959
    Total number of unique words is 1955
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 16
    Total number of words is 4055
    Total number of unique words is 1948
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 17
    Total number of words is 4057
    Total number of unique words is 1954
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 18
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1897
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 19
    Total number of words is 3938
    Total number of unique words is 1957
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 20
    Total number of words is 4006
    Total number of unique words is 1885
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Geklberri Finniň başdan geçirenleri - 21
    Total number of words is 1034
    Total number of unique words is 602
    42.8 of words are in the 2000 most common words
    54.8 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.