Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 20

Total number of words is 3538
Total number of unique words is 2094
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
guýuly takyr — ol ýerdäki obajyga ýeteris diýen
pikirdedim. Ol ýere ýetip bolsa ýagşyň deminden
aman sypyp, ojak başynda oturyp, onuň daşarda
turuzýan oýunlaryny göwnübirlik bilen diňirgenip
otursa boljakdy.
Aralygy çöl ösümlikleriniň ysy bilen köwsar urup
duran jülgä gelip giren mahalymyz, şemal biraz kiparlan ýaly boldy. Ahmet aga birsalym jülgäniň iki
gapdaldaky diwarlaryny synlansoň, tebigatyň bu
görnüşine joşup, burnuna salyp aýdymyna hiňlenip
ugrady. Onuň nazary bolsa serhoşlyk bilen asmandaky
bulutlaryň arasyna dikilipdir:
Daglar başy duman-duman,
Ýel gelýär-ä, Bibijan!
Aç gujagňy, bas bagryňa
Sowuk alýar-a, Bibijan!
Men bu görnüşiň Ahmet aganyň ýadyna Pendi
baýyrlaryny düşürendigini çak etdim.
403
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Mundan gitseň. Hywa ýoly
Daş bolýa-la, Bibijan.
Aglaý-aglaý, gara gözler
Ýaş bolýar-a, Bibijan.
Aýdym söýgi baradady. Ahmet maýylyň Bibijan
atly gyz dilinde bolsa-da, ol hem ähli söýgi aýdymyny
aýdýanlar ýaly bu aýdymyň öz natuwany Ogulsapar
bilen baglydygyna ynanýardy. Häzir pikirinde ak
çägäni basgylap inişden inip gelýänem, ýokardan
bulutlaryň arasyndan näz-kerişme bolup seredýänem,
bularyň barysy hem Ogulsapardy.
Onuň häzir indi aýdymda daş diýilýän Hywanyň
uzak däldigi, köp eglenmän, yza dolanyp, Ogulsapar ýeňňäniň huzuryna gelmek boljakdygy hakynda
aýdym arasy bilen pikir edýän bolmagy hem ahmal.
Hyýalynda onuň häzir Ogulsapar ýeňňäni atyna
artlaşdyryp, Pendä barýan bolmagy-da mümkin...
Duýdansyz çykan tüpeň sesi jülgäniň dulugyna
nagdanlap, şarpyk ýelmedi. Gözümiň alnynda menden
biraz öňde arzuw-hyýala berlip, aýdym aýdyp barýan
Ahmet aga «Ha-üm-f» edip, üzeňňä galyp, turjak
ýaly etdi-de, iňläp, atynyň boýnuny gujaklady. Ikinji
maňa diýlip atylan ok, meniň tüpeň sesini eşidip
başyny göterip, keýerjeklän atymyň kellesinden
degen eken. Özümi ýere zyňanymam şoldy welin, at
janawer hem gülçüldäp, meniň gapdalyma ýykylyp,
aýaklaryny kakyp jan berdi. Diňe şundan soň maňa
onuň göni garşydan däl-de, sag gabatdan atylýandygy
belli boldy. Hekimberdi bilen bolan gürrüň güpbe
ýadyma düşdi. «Ah, wenezzyna, ahyr bizi atymyna
404
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
getird-ow» diýip, Tejen töwereginde atyşylanda oka
ýetdirmän, Ahmet aganyň atyny münüp gaçan adamy
ýatlaýaryn. Ol ýerden ok atýan bir adamdy. Bu bolup bilse, hut şol bolmalydy. Aýnabady özi üçin aýan
borly, oklar diňe maňa tarap ýagýardylar. Birki gezek
jogap hökmünde tark-turk atamsoň, öz ýanymda üç
okuň galandygy, özge oklaryň bolsa atyň syrtyna
bökderilen horjunyň düýbündedigi ýadyma düşýär.
Amat peýlemelidigini, meseläni diňe şu galan üç ok
bilen çözmelidigini özüme ýatladýaryn.
Ýagyş bolsa indi birki günläp diňmejegini
asmanyň ýüzünde mälim edip maýdalap ugrapdy.
Jülgedäki ýakymly ys has-da goýalypdy. Gögüň ýüzi
birsydyrgyn gara ýapynja bilen örtülip çygjaryp
durdy.
Birdenem ok atylýan tarapdan garaşylmadyk
owaz eşidildi.
— Gelin, ol deýýus gymyldaýarmy, ölen bolsa sen
çykaý, saňa zat degmerin!
Maňa garşydaşymyň öz atan oklarynyň biriniň
nyşana degendigini çak edýändigi belli boldy.
Aýnabatdan hiç hili jogap ýok, ol düýeden sabyrly
düşen ýerinde ýüzin düşüp ýatyr.
— Gelin, saňa diýilýär, tur, saňa ok degenok, men
bilýärin. Bar-da, şony depip gör, ölen bolsa ýaragyny
al-da gapdala, görner ýere taşla!
Ses ikinji gezek gaýtalanansoň, Aýnabat gelip
sesiň diýşi ýaly meni depdi-de, soňundanam ýaragymy aýryp, beýläk atmagyň ýerine meniň gapdalymda
oturyp ýüzüni tutup ulili bilen möňňürip aglamaga
oturdy. Aýnabadyň agysyny eşidip, meni ölendir
405
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
öýden, päkize gelni ele salmak höwesi bilen galkynan
göwre ýene-de bir zat diýmek üçin çemelenen mahaly,
men ol göwräniň çemesini aldym. Tüpeň atylan dessine Aýnabat ýene-de ýere ýüzin düşdi. Wagty bilen
garşydan jogap eşidilmedi. Şeýle-de bolsa men öz
okumyň nyşana degenine ynanyp bilmän, esli oturdym. Jogap hökmünde ok atylmady. Jülgäniň içine
ümsümlik aralaşdy. Turmaga hyýallananymam şoldy
welin, bäş-alty sany atly jülgäniň ol başynda peýda
boldy. Ol atlylar tüpeň sesine sowlan öz adamlarymyz bolup çykdy. Olar Derwezäniň üsti bilen Zäklä,
şol ýerden çykan kükürt magdany bilen gyzyklanyp
barýan adamlar ekeni. Soraşyp-ideşilenden soň men
olaryň biri bilen ok atylan ýeri ýörite barlamaga gitdim. Ol ýerde Ahmet aganyň kükregini otlan adam
kiçiräk tümmegiň gapdalynda demsiz-düýtsüz tükge
düşüp ýatan eken. Ol saçynyň eteginden ýaňy ak
girip ugran, dykyz, togalak kelleli adam bolup çykdy.
Men çemini alyp atan okumyň boş geçmändigine
diňe şundan soň ynandym. Onuň beýle ýanynda bir
oý ýerde Ahmet aganyň atynyň duranyny gördüm.
Ahmet aga ok degen badyna jan beren eken. Men
onuň kellesini dyzymyň üstüne alyp, açyk gözleri
sypalap, ýumduran mahalym, ol eýýäm ölülere mahsus sowuklyk bilen basyrylypdy.
Biz ony sürüp gelýän jülgämiziň sag ganatynda,
öten-geçene bu ýerde şehit ýatany uzakdan görünjek,
jülgäniň beýgelýän ýerinde ýer-jaý etdik.
Alty atly biz bilen sagbollaşyp, ýüzlerini gündogara — Kükürtlä tutup ugransoňlar, meniňem bu
büdürän ýerimizde uzak eglenesim gelmedi.
406
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Ýagyş bolsa ýüzüni gijä tutup, hünübirin ýagyp
durdy. Biz goş-golamlarymyzy jemläp, gamgyn,
alasarmyk halda ýola düşdük. Ahmet aganyň başujy
älemli mazary biziň yzymyzdan hasratly seredip
galdy.
* * *
Gijäniň bir mahaly ýagyş diňip, alaňlaryň
üstünde ýene-de aşyrym-aşyrym aşyp gelýän şemal
peýda bolupdy. Bu şemal ýagyşdan öň ösen, iniňi
tikeneklediji sowuk şemal däldi. Ýaz şemaly ýaly
hoştap hem-de mylaýym şemaldy. Biziň synymyzy
galgadyp, süňňüne mahsus mylaýymlyk bilen ýüzleri
sypalaýardy. Şemal açyk ýakadan kürsäp içime giren
mahaly öl geýim bilen beden aralygyna howa düşüp
ýagyrnyma sowuk suw dökülen ýaly bolup gidýärdi.
Gelip bir açyklykda goş düşürdik. Bize ot ýakmak, öl geýimleri çalşyrynmak hem-de bir zatlar
tamşanmak gerekdi. Ýagyş biziň eýimizi ýetiripdi. Şeýle-de, biz juda ajygypdyk. Meniň gözüm
garaňkyrap ugrapdy, bu ýagdaýdan çykmak üçin
nämedir bir zatlar garbanmak gerekdi.
Özüm garaňka çekilip, Ahmet aganyň goşunda
galan geýim-gejimi bile çalşyrynyp gelemsoň, horjunymdaky özüme tagallyk geýimlerimi Aýnabadyň
öňüne zyňdym.
— Bar, senem git-de, guruja geýim geýnip gel!
— Gerek däl. Oňaryn...
407
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Göwnüňe zat getirme, ol meniň öz geýimlerim,
Ahmet aganyň geýimlerini meniň özüm geýdim.
— Şonda-da geýjek däl. — Ol ýene-de boýun
gaçyrdy. Onuň bu bolşy, meniň kakynymy tutdurdy.
— Geýinmeseň, ters geýin! Saňa hezzet ýaraşmaz
diýerler, aýallaryň eşek gatanjy bar diýerdiler welin
men ynanmaýardym, şol gaty dogry söz eken. Asyl
geýäýmegin, buý-da öl! Ertir men seniň ene-ataňa
jesediňi eltip beräýerin.
Men bu sözleri gahar bilen zarply-zarply
aýdyşdyran mahalym, Aýnabadyň oduň aňyrsynda
görünýän ýüzüniň hurmaýy gyzyl bolanyny görýärin.
Aýnabat meniň gaty görýänimi görüp, öňüne
taşlanan geýimli düwünçegi aldy-da, oduň başyndan
turup gitdi. Men uky arasynda onuň öl geýimleri
oduň töweregindäki çöp-çalamlaryň üstüne atyp
serişdirip ýörenini gördüm. Ertir oýanan mahalym,
gurapmy-ýokmy, öňki zenan geýimleri ýene-de onuň
egnindedi. Ol oduň başynda özi üçin atylan horjunyň
üstünde çaýy, gowurmadan bişiren naharyny taýynlap, meniň turaryma garaşyp oturan eken. Onuň ýüzi
uky alanyň ýüzüne meňzemeýärdi.
— Sen ýatdyňmy, Aýnabat?
— Ýok.
— Birsellem gözüň awusyny almaly ekeniň-dä?!
— Ukym gelmedi. Bu ýerde biz öň düşläp öten
ekenik...
— Göwnüňe bolaýmasyn. Çölde meňzeş ýer
kändir.
408
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Ýaňy gezip ýörkäm, öz düşlän, ot ýakyp nahar
bişiren ýerimizi tanaýdym. Biziň ýerleşen depämiziň
beýleräginde Gulmet aganyň düýesi ýykylyp boýnuny
omurypdy. Erkek adamlaryň: «Orta ýolda atyň durmasyn, orta ýaşda aýalyň ölmesin» diýşip, düýäniň
töwereginde aýlanyşlary ýadymda.
Aýnabat soňundan elini uzadyp, maňa töwerekdäki gijäniň eteginden çykan depeleriniň birini
görkezýär.
— Ana, hol üsti giňiş depe bolmaly...
Men görýän diýen manyda «hümm» diýýärin.
Özüm bolsa göz astyndan Aýnabadyň agydan, ukusyzlykdan ýellenen gabaklaryny, mahal-mahal çytylypçytylyp gidýän ýüzüni, özüme näbelli sebäplere görä,
ýaňaklarynyň gyzaryp gidýänini görýärin.
Atlanyp ugramazymyzyň öňüsyrasy, Aýnabat
sorap meniň gutulyşyp ugran, mahal-mahal gijäp
ýüregime düşýän ýaramy ýadyma saldy. Ol melhemläp ýarany saraşdyrýan mahaly, maňa ýene-de
bir gezek onuň gije-gündiz göz öňümden gitmeýän
gelşikli ak boýnuny, buýralanyşyp duran saçlaryny
synlamaga mümkinçilik boldy.
Adaty çöl görnüşiniň arasy bilen biziň herimiz
öz pikirimize gümra bolşup, aýry-aýry dillerde
sözleşýänler ýaly, söz alyşman diýen ýaly gidip
barýarys.
Indi tizden Hywa obalarynyň biriniň üstünden
baryp düşjegimiz, Aýnabat bilen aýrylyşmaly boljagym ýadyma düşýär. Söýgi diýilýän zat hut şu
409
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bolsa gerek. Meniň Aýnabatdan aýrylyp, hol ýerigem
gidesim gelenok. Onuň ýanynda bolmak, şelaýyn
mähirli süýji-süýji gepleşmegem, meniň üçin hemişe
ýakymly. Aýnabat ýanymda bolsa, men uzakly ömrümi şeýdip at üstünde gezip ötürmäge razydym.
Indi Aýnabat hem şol Pendiden gaýdylandaky, bize
syny oturmaýan gelin däl-de, ýüregi düşüşen, biziň
özi üçin gören görgülerimizi hasaba alýan, soran
zadyňa mylakatlylyk bilen jogap berýän adaty zenandy. Ýolda men ýene bir gezek ýüregi bire baglap,
bagtymy synap gördüm. Atymy sürüp, Aýnabadyň
münüp barýan aty bilen deňleşdim.
— Aýnabat, men-ä...
Ol meniň ýüzüme seredenden, ýüregimi aňdy.
— Gerek däl — diýip, başyny aşak egdi. Soňundan
ýuwdunyp, ýene dillendi: — Ýolboýy seniň küýpikiriň men, Magsut, ony bilýän. Irde-giçde barmaly
bolaýsamam, senden gowa bararyn öýdemok. Ýöne
ynan, maňa özge gapyny açardan juda ir. Meniň entek aglamaly agym juda kän... Maňlaýa kim ýazylan
bolsa, men şonuňky bolaryn. Sen ýazgytda bolsaň,
bir gün seniň ojagyň başyna bararyn. Ýogsa-da hiç
zady göwün-kine etme, menden razy bol, Magsut.
Yzyndanam ol perişan bolup, gije bir irkilende
gören düýşüni ýatlady. «...Agşam ýene ol nerse
meniň düýşüme giripdir. Ikimiz biziň obamyzyň
ýeňsesindäki alaňyň üstünde, aýagymyzy çägä
sokuşyp, bir-biregiň mährine humar bolup otyrmykak diýýän. Düýş bolsa, onda düşnüksiz bir zat410
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
laram boluberýär. Birdenem, biziň oturan depämiz
edil ikimiziň aralygymyzdan çat açyp, japba bölünip,
rowana boldy.
Ol-a alaňyň ol böleginde galdy, men bolsa ikinji
böleginde otyryn. Men oňa howlugyp: «Bökböksene
bärik?» diýip, alaň bölekleriniň bir-birinden süýşüp
daşlaşýanyny görüp gygyrdym. Näderimi bilmän,
depäniň üstünde ot-elek bolup elewredim. Ol yzyna
gidip, bat bilen bökerli görünse-de, nämüçindir bökmedi. Alaňlar bir-birlerinden daşlaşdygyça, aralykdaky açyklyk şonça-da giňedi. Birnäçe wagtdan bolsa,
ol ada şol neressäniň özi bilen meniň gözümdenem
ýitdi. Özi-de meniň duran alaň bölegimi nämedir bir
zat arkasyna alyp, akdyryp barýan ýalydy. Bir salymdan men birtopar adamyň başga bir depäniň üstünde
üýşüşip, özüme seredişip duranlaryny görýärin.
Olaryň arasynda ilki Arnageldi agany, soňundanam
onuň ýanynda duran şol orus komandiri tanaýan.
Bir görsem, senem, Ahmet aga-da ol ýerde bar. Ol
bende meniň kakamdyr dogan-garyndaşlarymyň
beýleräginde murtuny sypalan bolup, bir pikire
maýyl bolup dur. Özi-de ähliňiz üýşüşip, meniň
ýoluma seredişip duranmyşyňyz...».
Biz şol gün gijaralar bir açyklykda ot ýakyşyp,
töweregi dürbüleşip oturaň üç-dört sany adamyň
üstünden geldik. Olar oba habar düşüp, bizi
garşylamaga çykan, Aýnabadyň dogan-garyndaşlary
ekeni.
411
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
* * *
Meniň Hywadan dolanyp gelen günüm ýerde urpajyk gar ýatyrdy. Bu gar gyşyň ilkinji, il içinde «it
gary» atlandyrylýan gardy. Şol günüň ertesi men
Hywadan özüm bilen getiren horjunymy egnime
atdym-da, Arnageldi aganyň huzuryna bardym.
Horjuny görkezip: «Ine, bu bolsa Hywaly
garyndaşlaryň bar beren zatlary» diýýärin. Hälem
siziň sargydyňyzy ýatladaýdym, ýogsama muny-da
bermezlikleri mümkin eken — diýip, getirilen zadyň
azdygyndan müýnürgäp sözümiň üstüni ýetirýärin.
Horjunyň içinden derňelende depesinde gurt seribermeli üsti meýdanly, daşoguzly türkmenleriň halap
geýýän biçüwindäki bir telpek çykdy, soňundanam
hywa dony, içine duz garylan jöwenli düwünçek çykdy. Gözüm bolsa, bu zatlary synlap duran Arnageldi
aganyň ýüzündedi. Bu getirilen zatlary az görse,
özüme serpaý edilen don bilen ädigem beräýerin-dä
diýip, aýratyn bir alada bilen oýlanýaryn. Arnageldi
aga bu zatlary «hümm» diýip durşuna, bir-bir gözden
geçirensoň, başyny göterip, meniň ýüzüme seretdi.
— Sag boluň, ýigitler, ýumuş ýerine ýetipdir.
Onuň nazary hem sözündäki minnetdarlygy
gaýtalady.
Dogrudanam, Arnageldi aganyň özi düşündirensoň,
görüp otursam, biz hut komandirleriň ýüregi bolan
ekenik. Olaryň bu hyzmatlary üçin biziň çaklaýşymyz
ýaly at münüp, serpaý ýapynmak pikiri ýok eken.
412
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Bu zatlar pähimli adamlaryň uzak aralykdan özara
bir-birleri bilen sözleşmesi — biziň bolsa Hywa
baranymyz, maşgalany dogan-garyndaşlaryna
gowşuranymyzy mälim edýän alamatlar eken.
Beýle telpek, beýle don biz töweregiň ýörgünli
geýimleri däldi. Duz goşulan jöwen bolsa, tagam öz
duzy bilen alyşdy ýa-da gyzymyz sag-aman, agyrmanynjaman gelip gowuşdy diýmek eken.
Ahmet aga pahyryň şol gezek diýenini edip,
Aýnabady Tejende birine dakyp, bu zatlaryň ýerine
komandirlere at serpaý alyp, iş bitiren adam bolup
geläýen bolsak, tüýs öz jürümizi dikäýjek ekenik...
413
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
BIZDEN ÖKDELEREM BAR EKEN
Dörediji adamda «Döredijilik ykbaly çüwmek»
diýlen bir närse-de bar. Magtymguly atamyzyň:
Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar
— diýeni ýazyjy-şahyry ýaşap ýörkä amala aşan
bolsa, özüňden soşkulara bir zatlar goýanyňy özüňem
aňýan bolsaň, döredijilik ykbalyň çüwdügi kemi ýok.
Niçikmi: «Kişi bilmez ne söwdaýa sataşdym»
diýlendäki ýaly, tanamalyja ýeriňi tanaman, körzehin
halyňa, Mahmyt Gaýybynyň:
Saz bilen söhbeti ýaman diýmäňler,
Adam ata dünýä gelende bardyr
— diýeninem pisint etmän, turuwbaşdan kel
goşgy düzenden bolup, ekinçi geçiniň gyltyma
kowalaşyşy ýaly, her zamanda-da bir mowzuga
kowalaşyp, ahyr soňunda-da, bogan sübsäň bolman,
hiç kimem ykrar etmän, kazinoda lüt galanyňky ýaly,
iki eliňi burnuňa sokup çyksaň, şo ýaman. Onda-da,
ýamanyňam ýamany şo.
Hudaýa şükür, häzirki zaman türkmen edebiýatynda hataryň neri ýaly, gerdenine alan agyr
döredijilik ýüküni henize-bu güne çenli irmän-arman çekip gelýänleriň, kärinden kemal tapanlaryň
ençemesiniň aramyzda ýaşap ýörendigi begendirýär.
414
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Dünýä belli halpalaryň mynasyp bahasyny-berekellasyny alanymyzyň, belent derejelerde ykrar
edilenimiziň birem çagalar şahyry hem-de zehinli
kyssaçy Agageldi Allanazarowdyr.
Bu çaklaňja makalany okap oturan okyjynyň
«Awtor bu makalasyny nä sebäbe görä «Bizden
ökdelerem bar eken» diýip atlandyrdyka?» diýip
geňirgenmegem mümkin. Ynha, meniň aşakda getirjek sitatalarym okyjynyň bu berjek kanuny sowalyna
jogap berse gerek.
Soňky döwür dünýä edebiýatynyň iň meşhur
ýazyjylarynyň biri Çingiz Aýtmatow Agageldiniň
«Bir gezek uçan it» atly powestiniň ýapon dilindäki
neşirine ýazan sözbaşysynda şeýle ýazýar:
«Men siziň okajak kitabyňyz hakynda gürrüň
beribem oturjak däl. Çünki, täsin başdangeçirmelere
ulaşan sada, ynsanperwer hemem gaýduwsyz
gahrymanyň (Möngöz atly güjügiň) hereketleriniň
size ýarajakdygyna ynanýaryn. Ýokaryk asmana
galdygyň, saňa öňden tanyş ýaşaýyş ertekilerdäki
ýaly özgerýär. Iň esasy zat bolsa seniň aýdym aýdasyň
gelýär. Eýsem-de bolsa, sen muny arzuw etmediňmi?!
Ýene-de bir aýtmaly zat: ukusynda uçýan adamam
ösýär.
Agageldi Allanazarowyň «Bir gezek uçan it» atly
kitaby heniz oýakaň, saňa uçmaga kömek eder».
Meşhur şahyr, A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat
institutynyň professory Lew Oşanin:
«Şahyr Agageldi Allanazarow öz ýaşajyk
dostlarynyň psihologiýasyny oňat bilýär. Ol çagalar
bilen ýürekden gürrüň edýär. Käte mylaýym degişmä
415
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
mähir garyp, olar bilen gepleşýär. Şeýdibem, onuň
ilhalar eserleri döreýär».
Moskwaly şahyr zenan Agniýa Barto:
«Agageldi Allanazarow türkmen çagalarynyň
näme hakda pikir edýändgini gaty gowy bilýär».
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow:
«Agageldi Allanazarow türkmen edebiýatyna eserinde öz deň-duş ýaşlarynyň özboluşly dünýäsini
döredip, täze öwüşgin berdi».
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow: «Ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Ýedi
däne», «Iner ýüki», «Gyratyň howalasy» powestlerinde men zehinli ýazylan kyssa eserleriniň mynasybetli dowamyny gördüm. Dürli ýyllarda olary
öz redaktirlän «Sowet edebiýaty» žurnalymda höwes
bilen çap etdim».
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar
Ezizow: «Agageldiniň «Edebiýat we sungatda» çagalara niýetläp ýazan «Ýyldyzyň ýoly» poemasyny
okadym. Deňe bir çagalara däl, ondan ulular bolan
bize-de öwrenere zat bar eken».
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet
baýragynyň eýesi Saýlaw Myradow: «Türkmenistany
menem gowy bilýärin, ýöne Agagaeldi Allanazarowyň
eserlerini okamsoň, ony özüm üçin täzeden açdym».
Elbetde, Agageldiniň çagalar hem-de ulular hakda
ýazan şahyrana, kyssa eserleri barada ençeme meşhur
ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçylarynyň aýdanlaryny
ýene-de artdyrmak mümkin. Men belli alym Aşyr
Orazow, tanktçy Saýlaw Myradow, şahyr Gurbanýaz
Daşgynow, Nobatguly Rejebow, ýazyjy Atajan Tagan,
416
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Kömek Kulyýew, moskwaly belli şahyrlar Wladimir
Korkin, Sergeý Karatow dagynyň, şeýle hem rus,
ukrain, belarus, bolgar, serb, gyrgyz, gazak...
edebiýatçylarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň Agageldiniň
döredijilik dünýäsi barada aýdanlaryndan mysallar
getirip bilerdim, emma, Agageldiniň döredijiligi
barada diňe meşhur adamlaryň dürli döwürlerde
ýokardaky aýdanlaram onuň häzirki zaman türkmen
edebiýatynda iň ykrar edilen ýazyjydygyna güwä
geçmeýärmi, eýsem?!
Görşümiz ýaly, Agageldi Allanazarow biziň şu
günki edebiýat ylmymyzda ýörite öwrenilmeli uly
şahsyýetdir.
Elbetde, meşhur çagalar ýazyjymyz hökmünde
ykrar edilen Agagaeldi Allanazarowyň edebi
döredijiliginiň ýeten derejeleri hakdaky meniň
bu sadaja ýazgylarymam onuň eserleriniň belent
derejesini kesgitläp bilmez. Çünki meniň bu onuň
ajaýyp eserlerini ylmy analizi däl-de, olar hakdaky
ýönekeýje belliklerdir. Şu ýerde Agageldiniň çagalara
niýetläp ýazan eserlerine-de belikler edýändigim üçin
şeýle bir hakykaty hem okyjylara ýetirmek isleýärin:
geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrlarynda döredililik işine başlaýan döwürlerimde menem çagalara
niýetläp ençeme goşgular ýazypdym. «Akmak syçan»
atly basniýa şekilli ilkinji goşgym 1957-nji ýylyň awgust aýynda «Mydam taýýar» atly çagalar gazetinde
çap edilipdi.
1964-nji ýylda (şol döwrüň zehinli ýaş ýazyjyşahyrlary Gurbannazar Ezizow, Gowşut Şamyýew,
Hojanepes Meläýew dagy bilen bir kursda okap,
417
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Magtymguly adyndaky (şol mahalky Maksim Gorkiý
adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlan ýylym) «Magaryf» neşirýaty meniň çagalar üçin
ýazan goşgularyny hemem adybir poemamy «Täsin
doktor» ady bilen 14 müň nusgalykda körpe okyjylara ýetiripdi. Bu meniň goşgular kitabymyň iň ilkinjisi hem iň soňkusy boldy. Çünki, şahyr däldigimi
derrew aňdym hem kyssa ýazmaga girişdim. Aýtjak
bolýanym: çagalar üçin goşgy ýazmakdan çalarak
habarym bar.
Agageldiniň köp okamagy, irginsiz işlemegi,
zehiniňi yzygiderli taplamagy talap edýän edebiýat
meýdanyna gelenine, ynha, indi 50 ýyl dolup barýar.
Şu wagtyň içinde zehinli ýazyjymyzyň türkmen, rus,
iňlis, pars, ýapon, wenger, belarus, serb-horwat, bolgar...dillerinde 50-den gowrak kitaby neşir edildi.
Agageldi çagalar ýazyjysy hökmünde-de giňden
tanalýar. Onuň «Günüň öýi», «At gaýraty», «A»
ýazýan», «Ertekiler», «Bir bar eken», «Şadyýan
harplyk», «Şol bir gezek uçan it»...ýaly kitaplary
ýaşajyk okyjylarymyzyň arasynda giň meşgulyk
gazandy.
Agageldi kyssada-da öndümli işleýär. Onuň
«Çat açan menzil», «Kalbyma we alysa syýahat»,
«Gyratyň howalasy», «Ak ýelken» powestler kitaplary, «Ojak», «Düwlen», «Sürgünler» romanlary
okyjylarymyzyň arasynda giňden meşhurdyr.
Adatça döredijilik adamsynda durmuş ykbalyndan başga döredijilik ykbaly hem bardyr. Elbetde, iki ykbalyň hem çüwmegi üçin adamyň özi
arzuwda, hereketde bolmaly. «Herekete —bereket»
418
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
diýen düşünje halk nakyly däl-de, Gurhany düşünje.
Çünki, Allatagala-da işläne — hereket edýäne rysgal
eçilermiş.
Agageldiniň durmuş hem döredijilik ýöly onuň
şu Hudawy hakykata hemişe eýerendigine şaýatlyk
edýär.
Men Agageldiniň dogduk obasynda — Tagatabazar etrabynyň Marçak obasynda iki gün bolup
gördüm. Owgan serhedini, Murgabyň mukaddes
türkmen topragyna gelip girýän kenaryny etekläp
oturan Marçak obasy bir göreniňden özüne bendi
edýär. Çünki, obanyň çäginde dagam, baýyr hem,
düzem, derýa-da, gadymy gowagam, giň, gülälekli,
sazakly, selinli, arçaly, pisseli, ördekli, gazly, keýikli,
käkilikli, towşanly...sähralygam bar. Göwnüme
bolmasa, daýaw göwreli Agageldidenem çen tutsaň,
marçaklylaryň baram daýaw, syrdam, giňgöwünli,
arkaýyn adamlar.
Hawa, Agageldi şu obadan çykyp, ilki Maryda mugallymçylyk uçilişşesini tamamlaýar. Mary şäheriniň
6-njy orta mekdebinde bir ýyl başlangyç synp mugallymy bolup işleýär. Soňam Litwada desantly
goşun gullugynda harby borjuny ýerine ýetirýär.
1971-nji-1976-njy ýyllar aralygynda ol Moskwanyň
M.Gorkiý adyndaky Bütindünýä Edebiýat institutynda bäş ýyllap okap bilim alýar. Okuwyny tamalap
gelibem «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor
wezipesinde işe başlaýar. Agageldi Türkmenistanyň
Ýazyjylar guramasynda-da ençeme ýyllap işledi.
Men Agageldini ençeme ýyllardan bäri tanaýaryn. 1992-1997-nji ýyllar aralygynda Agageldi
419
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
bilen Türkmenistanyň Metbugat baradaky döwlet
komitetinde bile işlemeklik maňa miýesser etdi.
Okan ýeri — edebiýat instituty, işlän ýerleri —
neşirýat, Ýazyjylar guramasy, Metbugat komiteti.
Şeýle intellektual ýerde okamagy, sowatly ýerlerde
işlemegi Agageldiniň ýakary çeperçilikde eserler
döretmegine gürrüňsiz täsir eden bolmaly.
Birwagtlar özümem Moskwanyň Edebiýat institutynda okamak üçin 1959-njy ýylyň maý aýynda,
soňra şu instituty tamamlan Italmaz Nuryýew,
Ogultäç Orazberdiýewa, Saparmyrat Öwezberdiýew
dagy bilen okuwa girmäge synanyşypdym. Bu meşhur
instituta girmek üçin sapak synanyşygyndan öň
goşgularyň synanyşykdan geçmelidi. Maňa-da sähelçe
günden soň: «...köpräk okap, täze, gowy goşgulary
ýazyp, geljek ýyl ýene-de synanyşyp görmegi» maslahat berýän hat gelip gowuşdy.
Aýtjak bolýanym: bu institutyň at-abraýy, onda
işleýän dünýä meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň,
ony tamamlan Çingiz Aýtmatow, Resul Gamzatow,
Ýuriý Trifonow, Ýewgeniý Ýewtuşenko, Walentin Rasputin, Andreý Woznosenskiý, Berdinazar
Hudaýnazarow, Atajan Tagan... ýaly meşhur edebi
şahsyýetleriň atlary, döredijiligi maňa ýakyndan
tanyş.
Kerim halypanyň «Maňa öwretjek bolsaň, ilki
özüň öwren» diýşi ýaly, ýazyjy-şahyr hemişe okamaly, öwrenmeli, kämilleşmeli. Bütindünýä edebiýat
instituty ýaly abraýly institutda okamak, Lew Oşanin
ýaly meşhur şahyrdan edebi sapak almak, her hepdede diýen ýaly, şol wagtyň ýokarda ady agzalan-u420
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
-agzalmadyk meşhur ýazyjy-şahyrlaryň edebi
agşamlaryna gatnaşmaklyk, olar bilen çaý başynda
söhbetdeş bolmak...aň-düşünjäňi, edebi derejäňi
belende galdyrýar.
Meşhur şahyr Nikolaý Tihonowyň aýdyşy ýaly:
«Adamyň dünýägaraýşy onuň kalbynda dogan
Gündür». Günli kalp eýýäm özbaşdak täsin bir
dünýädir.
Agageldi instituty tamamlandan soň, tutuş
üç ýyllap desantçy bolup, harby gullugy geçýär.
Dünýägaraýşyň giňelmegi üçin bulam özbaşyna bir
okuw.
Çagalar üçin islendik žanrda eser döretmegem
aňsat iş däl. Munuň üçin çaga häsiýetine gaty belet bolmaly, olaryň duýgularynyň, düşünjeleriniň
derejesinde ýazmaly. Türkmen çagalarynyň,
aýratynam, obada, gum içinde ýaşaýan çagalaryň
gündelik ýaşaýyş-durmuşyna belet bolmagy Agageldä
hemişe şowly eserleri ýazmaga ýardam edýär. Onuň
eserleri çaganyň hut özüniň ýazmadyk, emma ýazyp
biläýjek eserlerine meňzeýär. Hut şu sebäbe görä-de,
ussat ýazyjymyzyň eserleri islendik dilde uly höwes
bilen okalýar.
Agageldiniň halkymyzyň geçmişinden, şu
gününden söhbet açýan iri göwrümli kyssa eserleri-de talapkär okyjylarymyzyň arasynda giňden
meşhurdyr.
Eýsem-de bolsa, Agageldiniň eserleriniň giň
okyjylar köpçüliginiň, onda-da daşary ýurt (rus,
iňlis, nemes, ukrain, belarus, pars, ýapon, bolgar,
serb...) okyjylarynyň, öz galamdaşlarynyň, ede421
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
biýatçy alymlaryň, terjimeçileriň arasynda şeýle
meşgurlygynyň özeni nämedekä?!
Soňky ýyllaryň edebiýaty öwreniş ylmy şeýle
bir hakykaty ýüze çykardy: ýazyjy-şahyryň islendik derejedäki milli çäkliligi onuň goşgularynyň
ýaýrawlyk serhetlerini daraldyp ýa-da eserleriniň
dünýäniň beýleki bir ýerindäki okyja täsirliligini
gowşadyp biljek eken.
Gürrüň islendik edebi eserde Azadynyň,
Magtymgulynyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Atamyrat Atabaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, Kakamyrat Rejebowyň, Enwer
Nyzamowyň goşgularyndaky, Nurmyrat Saryhanowyň
«Şükür bagşy», Sapargeldi Annasähedowyň «Şireje»
hekaýasyndaky, «Göroglynyň gözleginde» powestindäki, Kömek Kulyýewiň «Eýeli tam» hekaýasyndaky,
Agaggeldi Allanazarowyň «Ýaşlygymyň dessany»
powestindäki ýaly tutuş adamzada degişli ömürlik
temalary gozgaýan eserleri ýazmak hakda barýar.
Geliň, Agageldiniň «Günüň öýi» atly göwrümli
kitabyndan adybir goşgyny doly okap göreliň!
Gördüm men Günüň
Dogup-batýanyn.
Ýöne görmändim,
Nirde ýatýanyn.
Bir gün kenarda,
Edýärkäm seýran.
Gün ýaşan wagty
Seretdim şol ýan.
422
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Gün agşam deňze
Batýan ekeni.
Balyklar bilen
Ýatýan ekeni.
Günüň deňziň üstünden Hazarda-da, Gara,
Baltik, Azow, Sary, Ýapon, Ortaýer...deňizlerindede (diýmek, dünýäniň ähli suwly künjeginde) şu
görnüşde batýandygyny hasaba alsak, bu sadaja
goşgyny ýapon, hindi, hytaý, nemes, iňlis, şwed...
çagasy okanda-da türkmen çagasynyň duýgusyny
başdan geçirer. Indem şahyryň «Jemal» atly
goşgusyny okalyň!
Bir akja mata
Getirdi Jemal.
Iňňä-de sapak
Ötürdi Jemal.
Keşde hem çekdi,
Jemal oturyp.
Gitmekçi boldy
Soňra ol turup.
Çekende mata
Gelmedi ele.
Tikäýen eken
Köýnegi bile.
Hut şeýle hereketi haýsydyr bir zady tikjek bolanda, islendik halkyň çagasynyň şeýleräk gülkünç
423
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
hereket edäýmeginiň mümkindigi hakda pikirlensek,
Agageldiniň eserleriniň dünýäniň ençeme dillerine
terjime edilendiginiň syry äşgär bolýar dürüberýär.
Agageldi çaga psihologiýasyna içgin aralaşmagy
başarýar. Ol, köplenç halatda, çaganyň pikirlenýän
zady hakda däl-de, edýän hereketi hakda ýazýar.
Onuň «Ýol» goşgusyny dolulygynda okap göreliň:
Biziň öýmüzden
Çykdy ol göni.
Kowladym men
Düýn öýlän ony.
Gaçdy ýol menden
Öňümde süýnüp,
Ýapa ýarmaşyp,
Pesaşak inip.
Esli gaçansoň,
Ýadady, irdi.
Baryp Marallaň
Öýlerne girdi.
Goşgynyň intellektual, çeperçilik derejesi
Agageldiniň eserleriniň öwredijilik häsiýetiniň
ýokarydygyna anyk şaýatlyk edýär. Özüm-ä şu
çaklaňja goşgyny ilki okamda, adamy islendik ýere
diňe ýoluň — gara, demir, derýa, howa ýolmy, tapawudy ýok, eltip biljekdigi hakynda oýlandym.
Belki, çagalaram şeýle pikir edýändir.
424
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Çünki, alymlaryň tassyklamalaryna görä, garry
adamlarda-da, haýwanlarda-da, hatda, ösümliklerdede çagalygyň, ýaşlygyň, ýigitligiň alamatlary az-ukem saklanyp galýar eken.
«Çaga ýaly-how, sen», «Oglan bolmasana», «Uludan kiçeldilen ýaly, şu ýigit»...ýaly aňlatmalaryň il
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 21
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.