Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 06

Total number of words is 3656
Total number of unique words is 2137
33.1 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oturyşyna onuň goşmaça gürrüňini diňlänsoň,
«Hmm» diýip, hala-mazlyk bilen, «Çemini tapsa
öwünjeg-ow bi zaluwat» diýen äheňde başyny
ýaýkansoň, Atahanyň soňky gürrüňini diňläsi
gelmän, turup köpçüligiň arasyna gitdi.
Öň bu ýere «Gara jeňňel» diýilýän eken, dostlar
ony ýolbarsyň elinden alansoň, bu ýeriň ady Dostalan
bolupdyr.
108
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
...Çary öz ýükli düýesini Hommat bilen deň
ýanaşyk sürüp barýar hem oňa eli bilen sözüni nygtap, nämedir bir zady gyzygyp gürrüň berýär. Men
olardan biraz ýeňsede, atymy howlukdyrman, öz
maýdalyna sürüp barýaryn. Çary durmuşy saldarlap
görmegi, onuň agynyň akdygyny, garasynyň garadygyny aňýan hem ne sebäpden bu zatlaryň beýle
bolýandygynyň sebäbini gözleýän adama meňzeýär.
Şonuň üçinem ol özgelere seredeniňde inçe hem
manyly. Şeýle adamlar hemişe ynjyk we nägile bolguç
bolýarlar. Hut onuň ýaňy Atahan geplänsoň, çytylyp
turup gibermegi-de ýöne ýerden däl, bu onuň özüne
düşünilmäni üçin, hem Atahanyň gepiň manysyna
düşünjek bolman, gaýta onuň janyndan syzdyryp
beren gürrüňiniň üsti bilen öwünmäge synanmagyna
kejikmesidigi belli zat.
Atahan bu gürrüňiň halk içinde agyz-dil birligini
tewsirleýänine düşünip: «Iki dostuň arasyna düşeni
Atan pälwan bilen Öweziň edişi ýaly edäýmelidir»
diýen bolsa, ol Atahandan juda minnetdar bolardy.
Ýöne beýle adamlara ýarym sözden düşünip duran
gürrüňdeş tapmak hemişe-de kyn bolýar.
Mary obalarynyň çetinden gelip giren mahalymyz
gije bireýýäm ýarymdan agypdy, asmany ýyldyzlar
eýeläpdi. Özi-de maňa Gündogardan özge hiç ýerde
duşmadyk altyn bölegi ýaly nazary ýiti ýyldyzlar.
Göwnüme bolsa Günorta gitdigimçe ol ýyldyzlar has
ýitelip görmegeý bolýana meňzeýär. Häzir ol ýyldyzgözler garaňkynyň howlusynda oturan Maryny ýokardan synlaşyp, köreşip, arzuw-hyýal bolşup otyrlar.
109
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Mary şäheri, Murgap derýasynyň iki egnini eýeläp
otyr. Ol bir-birlerine ýelmeşdirilip diýen ýaly salnan
palçyk jaýlardan hem-de rus administrasiýasynyň
bu ýere gelmegi bilen peýda bolan sünnälenip gurlan bişen kerpiçden emele gelen ymaratlardan ybarat. Biziň ýerleşen ýerimiz hem hut ruslar bilen
baglanyşykly bina edilen, hem-de häzire, bu güne
çenli «Slawýan myhmanhanasy» ady bilen tanalýan,
birwagt arzyly adamlaryň gelip düşläp geçýän ýeri
bolupdyr. Ol daşy adam boýy edilip gurlan beýik
howlynyň ortasynda, Peterburgdaky ilkinji dörän
boýar jaýlaryna meňzäp otyr. Howlynyň üç ýüzünden
hatar edilip ekilen senuber, ýolka agaçlary gök
salşyp, güwün göteriji bolşup otyrlar. Gezelenç etmek
üçin niýetlenen köçejiklere gyzyl daşsypat kerpiçler
yhlas bilen düşelipdir.
Geçen asyryň ahyrlarynda beýik knýazlaryň
haýsydyr birisi böwrek keseli bilen kesellän wagtynda
wraçlar oňa Mara gitmegi maslahat beripdirler.
Ilkinji Peterburgdan iberilen ýörite inženerler
gelip, Murgabyň töweregindäki ýerler bilen gyzyklanypdyrlar. Baýramalyda inžener Ýermolowyň
ýolbaşçylygynda beýik knýaz üçin sanatoriýanyň
gurluşygyna girişilipdir. Ýöne beýik knýaz gurluşyk
gutarmanka, şol keselinden ölüpdir. «Slawýan
myhmanhanasy-da» beýik knýazyň Mary topragyna
geljekligi mynasibetli, ony mynasyp derejede garşy
almak üçin gurlan ymaratlaryň biri bolupdyr.
110
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Mary türkmenleri rus raýatlygyna, özara içki
garşylykly pikirleriň bolanlygyna seretmezden, parahatçylyk ýoly bilen birigipdir.
Nurberdi hanyň dul aýaly Güljemal hanyň maslahatyny unan il agalary rus goşunlary gelende, ony
şäheriň çetine çykyp, duz-çörek bilen garşylapdyrlar.
Ulamalaryň öňünde duran adam general Roberge
türkmen nanyny uzudyp:
— Uly döwletiň hormatly generaly, goý, bu
çörek size öz ýurduň çöregini ýatlatsyn. Siz ol
çöregi ýatlasaňyz iliňiz göz öňüne geler, iliňe sarpa
goýmagy başarýan bolsaňyz, siz onda meniň halkyma-da hormat goýmagy başarsyňyz. Şeýle bolsun-da
ylaýym — diýipdir.
General ol adamyň näme diýjek bolýanyna şol
wagt juda bir üns bermedigem bolsa, öňünden ilki
çykan marylynyň rus dilinde gürlemegine ol begenipdir. Bu il bilen düşünişip boljagyny öz ýanyndan
yrym edipdir.
General Robergiň öňünden çykan ol türkmen
birnäçe dilden habarly bolan molla Töre ahun eken.
Patyşa hem öz gezeginde Mary türkmenleriniň
başynda durup döwletli maslahata gelen Güljemal
hany 1884-nji ýylda Peterburga çagyryp, oňa halat serpaý ýapypdyr, 15000 manat pul sylagyny
gowşurypdyr. Şol ýylyň 4-nji fewralynda onuň ogly
Ýusup hana milisiýanyň kapitany çini berlipdir.
Merw, Margiana, Maru-Şahu-Jahan — bu atlar
türkmenler bilen gyzyklanyp ugralym, kitap sahy111
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
palarynda telim bir gezekler maňa duşupdy. Hälişindi onuň gadymylygy hakynda oýlanýanym üçin,
görmezimden öň men ony agyn metjit-de-minara
bolup oturan şäher hökmünde göz öňüne getirýärdim. Ol bolsa, tersine, ýaňyrak obalykdan saýlanyp,
şähere öwrülip ugran şäherjige çalym edýär.
...Mifiki patyşa Tahumurt şäheriň düýbüni tutan
diýlip çak edilýär. Bihustun gaýasyna oýulyp ýazylan
ýazgylarda syýahatçylar Merwi «Gowulyklar şäheri»
diýip atlandyrypdyr. Wagt ummanyndan özboluşly
ada bolup oturan bu şäher döräli bäri ençeme gezek
elden ele geçipdir.
Biziň eramyzdan öň 330-njy ýyllarda Aleksandr
Makedonskiniň goşunlary bu şäheri eýeläpdir. Gala
gurduryp, onuň öz döwleti ýaly dünýäde baky durjagyna ynanyp, Aleksandriýa diýip atlandyrypdyrlar.
Beýleki bir asyrda ol ýokary göterilen Baktriýanyň
şäherleriniň birine öwrülse, ýeneki bir asyrda Parfiýa
döwletiniň atly şäherleriniň biri bolupdyr. Biziň
eramyzyň III asyrynda Merwi Eýranyň sasanidler
patyşalygy basyp alyp, ençeme asyr ony öz elinde
saklapdyr. Mary VI-VII asyrlarda Otparazlaryň
ýurduna öwrülýär. Şol wagtyň özünde bolsa bu
şäherde hristian ybadathanasy, Budda buthanasy
hem bolupdyr. Ol 750-nji ýylda araplaryň eline
geçeninden soň, Abbasidler döwründe diýseň gülläp
ösüpdir. Halif Al-Mamunyň özi-de birnäçe wagtlap
bu ýerde bolup gidipdir. Onuň üzümleriniň, mele
myssyk nanynyň, «kandyr», «abhama» atly seriňi
112
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
dumanladýan içgileriniň hözirini görüpdir. Marynyň
«Mulkam», «Kazin» atly ýüpek matalary Gündogary
aňk edipdir. Bu matalardan geýim geýnen hanymlar
howalanyşyp, Bagdat köçelerine görk bolşup gezipdirler. Şol wagt Marynyň ady «Şahy-Jahan» eken.
Bu bolsa «Jahanyň şasy» diýmekdir. Şol döwrüň
syýahatçylarynyň biri bolan arap geografiýaçysy
Al Mukaddaly Hewekde hem bu ýerde bolup, Mary
hakynda ýazgy galdyranlaryň biridir. Mary ŞahyJahan ady bilen meşhur Mary päkize, howasy jana
ýakymly, ajap, giň, az ilatly ösýän şäher, onuň iýmiti
datly, arassa jaýlar owadanlyklary boýunça şäheriň
iki gyrasyna çekilen keşdä çalym edýär. Şyhlary
gowy, olar akylly, başly adamlar, Metjitleriniň
ikisi hem kerpiçden medresede sapak berýän her
bir adamyň aýlygy bar. Bazarlary owadan, ýokarky
metjidiň ýanyndaky hatarlaryň töweregi gyslyşyk.
Ol ýerde asylly dinastiýany döredeijiniň mertebesi
bolan ajaýyp köşk bar. Sen Marynyň hammamlaryny, harisini (et, bugdaý, ýarma bişirilýär) çöregini,
adamlarynyň akyl-paýhasyny, mertltgini sorama!
Sebäbi bular onsuzam belli zatlar. Ýöne sen olaryň
suwuny, gazançlaryny sora, sebäbi olar ýeterlik däl...
Häzirki Mary Al-Mukaddaly Hewekdäniň
gürrüňini beren Mary Şahy-jahanyna meňzemeýär.
Bu ýerde ol diýilýän kaşaň metjitler-de ýok halif
emeldarynyň köşgi-de. Olar wagt labyrynyň teýinde
galyp, ýatdan çykyşyp ýitip gidipdir.
113
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
...Şeýle-de biziň gelen Marymyz köne Merw däl
eken. Köne Mary bu ýerden 20-25 kilometrlikde
Baýramalynyň töwereklerinde bir ýerdemiş...
* * *
Meniň ömrümde gören, iň ajapýyp zatlarymyň
birisi, o-da türkmen halylarydyr. Halyny bu ýerde
şeýle bir yhlas bilen dokaýarlar welin, adaty tarlar
özleriniň jadyly ýürek tarlaryna öwrülip gidenlerini
hem duýman galýarlar. Bu halylaryň öňünde men
olaryň göllerini çitimleriň özara içki sazlaşygyny
synlap köp durdum. Aşgabat bazarynda türkmenler
öz gelin-gyzlarynyň dokan halylaryny hatara edip
ýazýarlar welin, olary görmäge göz gerek. Ol halylary
synlan mahalyň seniň kelläňe «Eger biziň Tretýakowymyz ýaly mümkinçiligi islegi bilen gabat gelýän
bir barly adam wagtynda bu halylar bilen gyzyklanan
bolsa-dy, onda ol bulardan, heniz görlüp-eşidilmedik
ajaýyp muzeýi dörederdi» diýen pikir gelýärdi.
Bir ýola men bazarda uly halyny ýazyp, onuň
birýan gyrasynda aýbogdaşyny gurup oturan adamdan, onuň gep-gürrüňe höwesekliginden peýdalanyp, halylar hakynda soraşdyryp oturdym. Ol maňa
halylar hakynda öz bilýän zatlarynyň birnäçesini
aýdyşdyrdy.
— Türkmen aga gadymyýetde gonup-göçüp ýören
halklaryň biri bolupdyr. Ana, onuň öýüne seret, iki
är-heleý bolup birsalymdan ýygnap düzäýmelidir.
114
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Halkyň göçmegine bolsa hemişe diňe bir ýaz, güýz
diýen ýaly pasyllar sebäp bolup durmandyr. Köplenç,
onuň göçüp-gonmagyna ýer-ýurt dawalary sebäp
bolupdyr.
Bir ýola keseki basybalyjylary türkmen aganyň
üstüne agyr ýygyn çekip gelipdir. Halkyň taryhyna
uly howp abanypdyr. Şonda iliň akylly-başly adamlary: «Taryzymyzy ertire galdyryp bilsek, ol biziň
hem galdy-gymyz bolar. Biziň ýalyny ýazylganlyga
çykylsa, türkmeniň heleýleri ýene-de dogyr, taryhymyz ýitse welin, ol biziň atsyz-sorsuz ýitdigimiz
bolar» diýşipdirler. Şonda oturanlaryň biri ol taryhy
eýlenen derileň ýüzüne ýazyp, äkidibem dag gowagynda gizlemegi maslahat beripdir. Ussa iberip, dag
daşlarynyň ýüzüne çapyp ýazgy etmegi maslahat
beren hem tapylypdyr. Ýöne halyly gürrüň orta
atylýança ol berlen maslahatlaryň hiç birisi köpüň
göwnüne jaý bolmandyr. Oturanlaryň biri türkmeniň
taryhyny şertli alamatlara öwrüp, her ýeten oňa
düşünmez ýaly edip, hala çitmegi maslahat beripdir.
Şeýdilse, bu taryhy ýene-de türkmeniň bagtly döwlet
boljak, iliň aňly ogullarynyň bolsa öz taryhlaryny
hiç kimden çekinmän okamaga mümkinçiligi boljak
wagta çenli saklap boljagyny aýdypdyr.
...Garry enem pahyram wagtal-wagtal halyny
sypalap-sypalap: «Bu düşek däldir, balam, atababanyň akyl-paýhasy, gylyk-häsiýeti, onuň tugudyr» diýip, gürrüň bererdi...
115
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Göräýmäge sada, hut dünýäniň özi ýaly hiç zadada şeýle bir parh goýup barmaýan, golaýlaşdygyňça
bolsa çuňlaşýan halka men özümiň hormatymyň
barha artýandygyny duýýaryn.
Çuňlugyndan ýaňa düýbi görünmeýän, häzirki
döwürde hem akyl ýetirerden aňyrda galýan, halkyň
juda yhlas siňdiren zatlarynyň biri-de, onuň ajaýyp
halylarydygyna gözümi ýetirdim.
Türkmen obalarynyň käbirisinde haly dokamaga
şeýle bir ezber gyzlar barmyşyn welin, olary durmuşa
çykmaly bolanda hem özi bilen ussatlygynyň syryny
başga ýere alyp gitmezligi üçin, ony aňsat öz obasyndan çykarmazmyşlar. Ýazsoltan atly gyz bilen hem
hut şeýle bolupdyr.
...Öz obasynda Ýazsoltanyň dokan halylary özge
halylardan tapawutlanýan ekeni. Uly bazarlarda
hem onuň halylarynyň nyrhy ýokarymyş. Ýazsoltan
ýaşlykda goňşy obalarda, daýy ugurlaryndan bir ýigit
bilen adagly edilipdir. Ýöne oba kethudalary Ýazsoltanyň başga oba gidýänligini eşidip, ony obasynda
galdyrmagy makul bilipdirler. Onuň ata-enesini
raýyndan gaýtarmaga, Ýazsoltany oba ýigitleriniň
birisine durmuşa çykarmaga synanyşyk edipdirler.
Ýöne Ýazsoltanyň hossarlary onuň adaglydygyny
aýdyp, obadaşlarynyň maslahatyny diňlemek hem
islemändir. Iň ahyrda olaryň öýüne, öz ýanyndan hiç
ýerde sözi ýykylar öýdüp pikir etmeýän Döwletmyrat söwdagär barypdyr. Ol-da bu ýerde özünden öň
gelenleriň eşiden sözlerini eşidipdir. Döwletmyrat ol
ýerden gaýdanda gazaplanyp:
116
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
«Siz-ä gyzyňyzy öz oglanlarymyza bermejek
boluň, bizem aljak bolaly, hany göreli, kimiň diýeni
bolýarka» diýipdir.
Ol şol gije oba ýigitlerini hem bir bahana bilen
öýüne toplap, olara igenmek baryny igenipdir.
«...Siz bir ýigit şekilli ýigit bolanyňyzda, şol gyz
ýat oba gidermidi? Aý, pederne nälet, zaňňarlar.
Haýsyň şonuň göwnüni bölüp bilseň, soňundan
toýuň çykdajysyny, ene-atasy bilen oňuşdyrmagy
men öz üstüme alýan» diýip, ýigitleriň ýüregini
ýerinden gozgapdyr. Şolaryň arasynda Ýazguly atly
bir ýigit bar eken. Deň-duşlary dargaşansoň ol yza
galypdyr-da, Döwletmyrat söwdagäre Ýazsoltan
bilen öz aralarynda bir-birlerine bolan meýliň bardygyny, ýöne adaglanmagyň bir jan, bir ten bolmaga
ýol bermeýänligini, galyberse-de öýlenjek ýigidiňem
özünden kem ýigit däldigini, telim gezek ol ýigidi
görendigini aýdypdyr. ...Döwletmyrat söwdagär
goňşy obadan Ýazsoltanyň gelnaljysynyň gelen güni
ol ýerdäki aýallaryň biriniň göwnüni tapypdyr-da,
ony öz pikirine «hä» diýdiripdir. Gelnaljy kerwen
Ýazsoltany alyp obadan saýlanansoň, ýaňky aýal bir
bahana bilen üsti gelinli kejebäni belleşilen ýerde
çökeripdir. Ýazsoltan bahana bilen gapdaldaky
gamyşlyga giren dessine ony Ýazguly atyň ardyna
alypdyr. Onuň deregine bolsa Döwletmyrat söwdagär
öz gyzyny mündürip goýberipdir...
Haly dokamaga ezberiň biri-de, şäher etegindäki
obalaryň birinde ýaşaýan Mährijemal atly gelin eken.
117
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Men onuň W.I.Leniniň portretini hala dokanyny
Mara gelip eşitdim. Gören-eşidenden soraşdyryp,
ol haly bilen diýseň gyzyklanypdym. Meniň bu
gyzyklanmam birki günden Hommat ikimiziň ol
halyny görmek höwesi bilen atlanmagymyza sebäp
boldy.
Biz bärden salgyny alyp baran mahalymyz, gapdaldaky iki ýanaşyk oturan öýleriň çep tarapdakysyndan darak sesi eşidilýärdi. Men öz ýanymdan darak
sesinden çen tutup, bolup bilse, bu Mährijemalyň
öýüdir diýip oýlandym.
Öý eýesi ýaşuly bilen biziň geljegimizi eşidip,
bu ýere gelip garaşyp oturan oba şura başlygy bizi
atdan düşürip myhmanlady. Soňundan ol halynyň
Mährijemalyň öz bolýan öýünde asylgy duranyny
aýdyp, turup biziň ýanymyzdan gidip, ony bu ýere
alyp gelmekçi boldy.
— Näme, ol uzakdamy?
— Aý, ýok. — Şura başlygy meniň soragymy
eşidip, gapynyň öňünde aýak çekip, biziň ýüzümize
seretdi.
— Onda özümiz baryp göräýeliň! — diýip, Hommat meniň pikirimi anyklaşdyryp, özüçe gaýtalady.
Öý eýesi ýaşuly-da baş atyp, biziň pikirimizi makullady. Ol soňra çaý-nahar getirip, häli-şindi gapyda
peýda bolýan gyzjagazy çagyryp aldy-da: «Oglum,
biz häzir orus adam bilen siziň dokmaňyzy görmäge
barýas, aýt gelnejeňe-de» diýip goýberdi.
118
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Ýaşuly bizi yzyna düşürip, henizem darak sesi
gelýän öýüň gapysynyň bäri ýanragynda aýak çekip,
birki ýola ardynjyrady. Diňe şondan soň içerde darak
sesi galdy. Yzysüre-de ol öýden bir başy börükli zenan maşgala çykdy-da, bize tarap öwrülip eglip sessiz salam berensoň, gapdala sowlup ýöräp gitdi. Ol
şol Mährijemal atly gelniň özi eken. Türkmenlerde
gaýyn atalar aňsat gelni oturan öýe girmeýär. Gelinlerem şeýle, gaýyn atalar bilen gaýyn eneleriniň
ýa-da ýaş çagalaryň üsti bilen gepleşýärler. Diňe
nalaç ýagdaýlarda olar aralyga tuty tutup, bir öýi
bölüşip ýaşaýarlar. Içerde ak saç garry aýal bilen
bize çaý daşan gyzjagaz bar ekeni. Dokma ýaňyrak
başlanypdyr, darakdan ýeňsede salyr göli salnan pendi halysynyň bir bölegi peýda bolupdyr. Ondan bärsi
özüniň tar-tar bolup duran görnüşi bilen köp tarly
arfa meňzeýär. Biz haýyş edenimizden soň gapdalda
oturan bili ala ýüň guşak bilen guşalan dolmuş aýal
dokma başyna geçdi-de, erişleri sazlaşdyryp, darak
kakyp, halynyň dokalyşyny görkezdi.
Wladimir Iliçiň haly-portreti germe çuwalyň ýokarsynda asylgy duran eken. Leniniň elleri jübüsinde,
başynda bolsa şol belli papagy, töwereginde hiç kim
ýok-da bolsa, onuň öňe ümzük atyp durşy, häzir
kimdir biri bilen gürleşip durana çalym edýär. Men
birsalym haly portreti synlap duranymdan soň, ol
görünmeýän gürrüňdeşiniň hut Mährijemaldygyny
duýdum. Gör, aziýaly sada zenan bu halyny dokan
mahalynda nähili duýgulary başyndan geçirendir.
119
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Pikirinde Serdar bilen, nijembir sorag-jogap
alşandyr. Men Mährijemalyň portret halysynyň
öňünde durkam, bu halynyň adaty bir el işi däldigine,
onuň gündogar zenanlarynyň rewolýusiýanyň sesine
goşan özboluşly sesidigine, W.I.Lenine minnetdarlykdygyna düşündim.
Rus adamsy hökmünde, Russiýadan uzakdan
türkmen öýünde Serdar bilen duşuşmak meniň
üçin diýseň ýakymly boldy. Minnetdarlyk, buýsanç
duýgularyndan dolan gursagym meni al-asmana ýetirdi. Eşidip otursam, bizden başga-da bu ýere gelip
haly-portretini synlap gaýdýän az däl eken. Oba
şura başlygy biz portreti synlaýan wagtymyz, birki
aýlykda Atabaýewiň hem iki ýüzli haly dokan Abdyryzak bilen gelip, bu halyny synlap gidenini ýatlady.
Men bir amat bolanda ýat adama mahsus bilesigelijilik bilen özümiň niredendigimi, töweregi nämeleriň
gurşandygyny bilmek üçin, öýüň içini synladym.
Dokma töri eýeläp durany üçin, öý daryşganlyk
bolup görünýär. Her gezek türkmen öýüne girenimizde, ilki synym düşýän at nalyna meňzedilip
palçykdan oňarylan ojak, öýüň içinde bölejik bolup
otyr. Gerek wagty aýlamak üçin iki sany çaýjoşy onuň
közüne sokup goýupdyrlar. Içerde ýylgyn odunyň
hem-de çöpe ýanalyp, köze tutulyp iýlen nanyň
ýakymly ysy bar. Ojagyň agzynda bolsa bir gysym,
ýarsy ýanyp gutaran gyzyl ýylgyn zire-zire bolup,
kesilen at guýrugyny ýatladyp ýatyr.
120
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Atlanyşyp ugran mahalymyz ýene-de haly dokalýan öýden at toýnaklarynyň güpürdisine meňzeş
sazlaşykly kakylýan darak sesleri eşidilip başlandy.
* * *
Ukudan oýanan mahalym jahan ýagşy ýagtylan
ekeni. Baglar haýsydyr bir jadyly mazurkany eşidip,
tansa çagyrylmaklaryny tüýs ýürekden isleýän gelinlere meňzeşip eýeleşip durlar. Jaýlaryň gabawynda
duran meýdançada semewar tüsseläp dur. Onuň
beýleräginde biziň düýnki başynda oturyp agşamlyk
edinen stolumyz bar. Bu görnüş uly şäherleriň
etegindäki, tokaý gabawynda oturan rus tebigatyna
mahsus daçalaryň haýsydyr birisini meniň ýadyma
salýar. Myhmanhananyň gözegçisi Paýzulla eke
turupdyr, ol boýuna ak polotensa asyp, ýaňyrak
çaýkaşdyran käsedir-çäýneklerini süpürişdirip,
hemişe irginsizlik bilen aýdýan aýdymyna hiňlenip
ýör. Özi-de bu aýdym şeýle bir uzak welin, ony
Paýzulla eke her gün semewara ot goýbereninden
tä, çaý gaýnap, ony öňümize alýançak şol bir hörpde
birsydyrgyn aýdýar.
Mundan barsaň Horezminge,
Ekemlerge salom aýdyň.
Mundan barsaň Horazminge,
Ükemlerge salom aýdyň...
121
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommat töwerekde görnenok. Ony ýene-de bir
iş bilen yzyndan gelip alyp giden bolsalar gerek.
Häli-şindi onuň yzyndan adam gelýär. Howlyň içinde
gezmeleşişip maslahat edýärler. Kämahallar bolsa
maslahatdan soň, onuň özi-de yzyndan gelen adamlar bilen goşulyşyp atlanyp gidýär. Maňa ýoldaş
bolmakdanam başga oňa ol-bi işler tabşyrylan borly.
Öwrülip yzyna gelen mahaly ol üst-başyna kirşen basdyryp, uzakly gün egni bilen çägeli haltalary daşana
meňzäp, ýadaw halda dolanýar.
Men onuň yzyndan gelen adamlar bilen edýän
gürrüňleriniň özüme degişli däldigini bilýärin. Şonuň
üçinem ne onuň ýanyna gelýänler bilen gyzyklanýan,
ne-de giden ýeri bilen.
Hommat bir iş bilen giden mahaly howluda
Paýzulla eke ikimiz galýarys. Ondan-mundan gürrüň
edişip oturýarys. Käte ol meniň töweregi albomyma
çekýänimi görüp, ýeňsämden gelip synlardy. Meniň
çekýän zadym bilen suraty deňeşdirip: «Orus eke,
size Allatagalla tarapyndan berlipdir, edil özi-dä,
tüýs özi-dä» diýip geň galardy. Onuň bilen ondanmundan mesawy gürrüňler edişer oturardyk.
Birki günlükde ol şeýle gürrüňçilik mahaly
Hywada bir baýyň talabany bolan günlerini ýatlap,
maňa öz başyndan geçirmelerini gürrüň berip oturdy.
— Ol günler men ýaşdym. — Bu sözi aýdan mahaly onuň ýüzi nurlandy. — Gujur-gaýratymam
kändi. Her naharyma bütin ýarty nan bilen bir
kersen aýran iýerdim. Telim ýyllap palçyk depgiläp,
122
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
pagsa urup, Kaýseddin baýyň öýüniň töweregine gala
galdyrdym. Bar diýlen wagty guma çykdym, goýun
gyrkdym, baý ekemiň mallaryna seredişdim. Goýun
gyrkmany ilkiler oňly oňarmazdym. Maňa muny
baý ekemiň özleri öwretdiler. Baý ekem sarpaly, sarpasyny özgelere hem derejede tutdurmagy oňarýan
adamdy. Gaty-gaýrym söz agzyndan çykmaýanam
bolsa, töwerek ondan eýmenerdi. Öýde ähli edilen
iş onuň göwnüne deňelip edilerdi. Baý ekem meniň,
ana, şeýleräk adamdy. Hatda ol käte juma namazyna metjide gidende hem meni hormatlap, öz ýany
bilen alyp giderdi. Men ol namaz okap çykýança,
onuň atyny saklap durardym. Her gezek namazy
gutaryp gelensoň, ol maňa: «Ükem, gowy dogalary
okap, size-de Allatagalanyň pygamberlerinden
bagt arzuw edendirin» diýip, meni begendirýärdi.
Metjitde ýatlananym üçin, men oňa diýseň minnetdar bolardym. Ýöne günleriň birinde ol görgüli sarç
atdan ýykylyp, özüniň garraşan süňklerini gatyja
agyrdypdy. Şundan soň ýykylanyny görüp, hemişe
adamzadyň döş-töwereginde dürli dertlere öwrülişip,
amat peýläp ýören ezraýyl şeýtanlary nädersiň onuň
üstüne hüwmek bolaýsalar... Ekemiň ýeňsesiniň
ýerden galmajagy, ezraýyl şeýtanlarynyň ony talap
gutarjagy, belli boldy. Şundan soň onuň heleýleri-de
özlerini erkin duýşup ugradylar... Onuň geçen ýyl
Ürgençden getiren kiçi aýaly Mislime hon (Onuň
aýallarynyň arasynda has ýaşy hem görmegeýidi).
Ýaş bolsaň, özüňe belli, geýeniň-ä egniňe gelişýär,
123
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
diýeniňem diliňe. Bir ýola Mislime honuň zenanlyk
joşguny basalyk isläp meniň islegim bilen goşulyşdy.
Meniňem diýen wagtym, heý, zenan göwnüne ýaramajak gümanym barmy!
Birsalym biz wagtal-wagtal pynhan ýerlerde
duşuşyp, hiç zat hakynda oýlanman ýaşadyk.
Aňylanymyzy aňan günümiz bolsa obadan çykyp,
gaçmak bilen bolduk. Meniň bilen gidermiň diýsem,
Mislime hon-da:
— Siz birzat diýseňiz, biz ýok diýýäsmi — diýdi.
Assa gaçan namart diýdik-de, yzymyzdan ýetilse, şol
ýerde şehit bolmaga razy bolup gaçdyk.
Mislime hon bilen jany howpsuz ýere atmak üçin,
telim gün ýol ýöredik. Meýdanlarda ýatyp-turduk.
Meniň ellerim Mislime honuň başyna ýassyk boldy,
gujagym düşek. Howsalalydyk, bir garny aç-bir
garny dokduk, ýöne biz bagtlydyk. Ilkibaşda Mislime
hon uzak ýola çydamaz öýdüpdim. Heleý halkynyň
jany pişigiň jany ýaly berk bor eken. Ýöreý, ýöreý,
ahyry Çärjewe ýetdik...
Gürrüň şu ýere ýetende, Paýzulla eke başyny
asdy-da, ýakymsyz bir habar aýtjagyny ilki ýüzünde
mälim edip, böwrüne diň saldy, soňundanam wakanyň
yzyny göwünli-göwünsiz ýatlady.
— Oňa-muňa talaban bolup ýaşap ugradyk. Ikiüç ýyldanam boldy bir açlyk, ol biz ýaly garybyň-ha
bada-bat derdi boldy, barly adamlaryň hem baýlygyna leňňer berdi. Adamlar açlykdan çişip öldüler.
Şonda biziňem üç ýaşlyja gyzjagazymyz Gülaýym
124
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
hon ajyndan öldi. Gözümiň öňünden gidenok, ol
görmegeýje uzyn saçlyja, durşy bilen dil bolup duran
bir janajykdy.
Meng aýdym hiňlenerdim. Ol bolsa tans eden bolup, biziň göwnümizi alardy.
Bozarga baraly, kyzym,
Başdarak aloly, kyzym,
Saçlaryň kirlän bolsa,
Ýuwup daraly, kyzym.
...O-da şeýdip gitdi. Mislime honuň hem akyly
üýtgän ýaly boldy. Soňra onuň meniň bilen seri bolmady. Bir ýola ol ertir bazara gidişinden, giçligem
dolanyp gelmedi. Şol günüň ertesem, görüp otursam,
ol ürgençli halwa satan bilen tanşyp, onuň bilen göterilip giden eken...
Ine, menem şeýtdtim-de galyberdim.
Paýzulla ekäniň heňine diň salyp durkam düýnöňňinki gürrüňini ýene-de bir gezek ýadyma saldym.
Daşarynyň howasy arassa hem hoştap eken. Birki
gezek kükregimi dolduryp dem alanymdan soň,
agyr bir agramlygy depäme göterýän ýaly, ellerimiň
ýumry etlerini gataldyp, öz hereketlerimden lezzet
alma bilen gerindim.
— Orus eke, ukyňyzny ýagşy aldyňyzlarmy!
— Ukynyň algy-bergisi-hä indi birýüzli ediläýdäm
öýdän.
— Ýüzüňiz nurly, ol ýerde çekilişip ynjalykdan
125
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gaçyp duran damar ýok. Nazaryňyzam argyn kişiň
nazary däl, parahat. Ukyňyzy gowy alypsyňyz.
Paýzulla eke meniň içki pikirimi özüçe okady,
soňundanam: «Meniň baý ekem: «Gowy uky, ýumşak
garyn, derlemeklik — şu üçüsi uzak ýaşamaklygyň
alamatlarydyr» diýip, gaýtalamagy gowy görerdi»
diýip, ol ýüzugra ýene-de bir ýola talaban bolan günlerini ýatlap geçdi.
Men onuň ömrüniň gowy günlerini az wagtlygam
bolsa, ýatlanyny kem görmeýänini, şol günleri ýatlasa onuň ýüreginiň şuglananan ýaly bolup gidýänligini duýdum. Şeýle pursatlaryň duşdan geçeninden
soň hem ýaşaýyş üçin juda gerekligi hakynda, onuň
ynsan ömrüni töwerek bilen baglanyşdyrýanlygy
hakynda, ýüregi wagtal-wagtal güneş bolup çoýýanlygy hakynda oýlandym.
— Ýekeje kem zadyňyz bar, ony-da häzir düzederis. Men ol kem zadyň nämedigi hakynda oýlanyp ýetişmänkäm, Paýzulla eke öz süpürişdiren
käseleriniň biri bilen, demini alyp duran üsti
basyrylgy çäýnekleriň birini meniň öňüme süýşürdi.
— Hommat görnenok-la?..
— Hä, ol ýokdur. Ir bilen oňa eýerläp at getirdiler.
Bir alada bilen gitdi.
Hommadyň ady agzalansoň ol bir zady ýadyna
salyp, stoluň üstüne ýazylan skateriň aşagyndan
gazeti aldy-da, ony maňa uzatdy.
— Şuny Size diýip goýup gitdi.
126
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Gazetde Horezm Halk respublikasynyň Daşary
işler ministri Mollaoraz Hojammmet hakynda
makala çap edilen eken. Köneürgençli Mollaoraz
hakynda Hommat ikimiziň aramyzda öňem gürrüň
bolupdy. Şonda Hommat özüniň Mollaoraz maşrygy
tanaýanlygyny, Hywa baranda telim gezek onuň
bilen duşuşanlygyny, gürrüňdeş bolandygyny,
onuň W.I.Lenin bilen duşuşugyny hemişe ömrüniň
iň many-ly pursady hökmünde ýatlaýandygyny,
serdaryň sowgat beren sagadyny ile görkezip:
«Adamlar, indi sagatly sagadyňy şuňa dogurlaň,
dünýäde iň dogry işleýän şu — Wladimir Ilýiçiň
sagady!» diýýänini aýdyp beripdi. Mollaoraz aga
W.I.Lenin bilen duşuşygyna ýakyndan mekdep okuwçylary bilen duşuşyp, olara-da gürrüň beren eken.
...Biz üç aý gowrak ýol ýöräp ahyryn Moskwa
ýetdik. Lenin aga bilen duşuşyp gürrüňdeş bolduk.
Ol uly kelleli, gyýa gözlerägede bir saryýagyz adam
eken. Men oňa ilkinji duşuşygymyzda ýanym bilen
niýetläp alyp baran dondur telpegimi geýdirdim.
Tirme guşagam biline guşadym welin, ana, onsoň
ol gül ýaly türkmen boldy-da duruberdi. «Ýagşy,
...ýagşy» diýip, aralygynda birki agyz tatarçalabam
goýberdi, soňundanam aýnada özüni görüp, hezil
edip bir güldi...
Biz hal-ýagdaý aýdyşyp, ýol boýy ýanymyzdan
Lenin agadan sorarys diýip, belläp gelýän soraglarymyzy ýatlaşyp, pikir alşyp oturdyk. Horezm halky
Hywa hanlygy ýykyp, döwleti öz eline alan-da bolsa,
127
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ony täzeçe nähili dolandyrjagyny anyk bilmeýärdi.
Işiň ulusy öňdedi. Muňa hötde gelmek üçin bize Lenin
aganyň maslahaty diýseň zerurdy. Şonuň üçinem biz,
nirdesiň Moskwa — diýip ýola düşüpdik...
* * *
Maryda 1860-njy ýylda türkmenler Eýranyň
Horasan welaýatynyň häkimi Hemze mürzäniň,
onuň serkerdesi Gara sertibiň yzyna düşüp gelen
70 müňlük goşuny Gowşut han, Täçgök serdar ýaly
serkerdeleriň ýolbaşlygynda ýeňlişe sezewar edipdir. Şol gezek keseki goşunyň özi bilen getiren,
soňundanam olja düşen toplaryny, halk şäheriň bir
çetinde depe galdyryp, görene göz edip şol ýerde
goýupdyr. Otuza golaý guýma çoýun top tumşugyna
çaň syradyp henizem bu ýerde dur. Birki ýerinde
gözüme ilen zawod tagmalary onuň Ýewropanyň
zawodlarynda öňki asyrlarda guýlan toplardygyny
habar berýär.
Hemze mürzäniň goşunynda toplara gözegçilik
eden pereňli ussalaryň hem bolandygyny men öň
eşidipdim. Ony hem türkmenler şol uruşda ýesir
alypdyrlar, hem çörek bişse, boýnuny burup, elini
serýänligi üçin, oňa «emenek pereň» diýipdirler.
Toplaryň töwereginde aýlanyp ýörşüme, men
olaryň sany bilen gyzykdym.
— Bular şol toplaryň hemmesimikän ýa-da başga
ýerlerde-de top-tophana barmykan? — diýip, atlary
topuň tumşugyna iltäp duran Hommatdan soradym.
128
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Aý, başga ýerde tophananyň barlygyndan meniň-ä habarym ýok, hemme olja top şular bolaýmasa.
Ýogsa-da — diýip, ol soňundan bir eşiden zadyny
ýadyna saldy.
— Şu toplaryň Gökdepe galasyna hem birki
sanysy eltilen bolmaly. Şol ýerde topuň galany bir
ýerde goraýjylaryň arkasyny çalyp, birki ýola gümmürdänligi hakynda-ha il içinde bir gürrüň bar.
— Şol top şu ýerden eltilendir öýdýäňmi?
— Eýsem näme. Türkmeniň top guýýan zawody barmy? Ýöne top oklaryny biziň ussalarymyz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 07
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.