Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 15

Total number of words is 3533
Total number of unique words is 1924
33.6 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Ýene berilse, iki bor. Bol, haýyş edýän oka!
Babageldi öz ýazan goşgusyny Filkowa bentmebent sözme-söz terjime edip berdi.
— Berekella, gyzlary taryplaýan goşgulary men
298
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
gowy görýän — diýip, ol Babageldini öwdi. Elini
arkasyna tutup, oýurganyp töweregine aýlanansoň
bolsa: «Wah, sen öz diliňde ýazýaň-da, rusça dady
akgynly edip ýazanlygyňda, biz seniň bilen goşgulap
gyzlara, gör, nähili söýgi hatlaryny ýazardyk!» diýip,
ýüregini diline aldy...
Kiçi seržant Filkow, rotany örüzen mahaly,
daşary şindi alagaraňkydy.
* * *
Sentýabryň başlarynda ýekşenbe güni Babageldi
ilkinji gezek uwolneniýä çykdy. Rota starşinasy şähere
çykýan esgeri birlaý synlap, göwnüne jaýlansoň,
olary hatara ýöredip ştaba, polk dežurnysynyň hasabatyna getirdi.
Babageldi rugsat kagyzyny alyp, ol ýerden çykyp
gelýärkä, ýolda oňa bir alada bilen ştaba iberilen
Ýazmuhammet gabat geldi. Ýazmuhammet ildeşiniň
üst-başyny synlap gülümsiredi:
— Seni tanabam bor ýaly däl.
— Tanadyň-a.
— Kynlyk bilen.
— Uwolneniýä barýan bolsaň gerek?!
— Ahyrsoňy.
— Menem uwolneniýede boldum. Kiçirägem bolsa
Alitus oňatja şäher.
— Göreris-dä.
— Görmeli. Bolýar onda. — Ýazmuham299
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
met hoşlaşmak üçin Babageldä el uzatdy. — Seni
eglemäýin, onsuzam rugsatda bolsaň, wagt tiz
geçýär. Bir gyz tapyp, ýaňy mydy-mydy edip ugraýaň
welin, sagadyňa seredip turmaly bolýar.
Babageldi hoşlaşyp, on-on iki ädim ýöräp
ýöremänkä, Ýazmuhammet ýene-de onuň adyny
tutdy.
— Babageldi!
— Näme?
— Gyzlara salam aýt!
Iki ildeş birek-birege düşünişmeklik bilen keýpihon ýyljyraklaşdylar.
Babageldi polk bilen ýaşajyk agaçlaryň arasyndan akyp ýatan maşyn ýoluny kesip geçen mahaly, hol öňden gürleşip, şäher tarapa barýan özi
ýaly uwolneniýä çykan oglanlaryň yzyndan ýeterli
görünse-de, ol tiz saga agaçlaryň arasynda oturan
«Ofiserler adasy» atlandyrylýan obajyga tarap
öwrüldi.
Ol ýakynda, ýene-de bir gezek ölçerip dökenden soň, öz ýanyndan daýysynyň gözlegini hut öz
polklarynyň golaýyndaky şu doganlyk mazardan
başlamagy makul bilipdi. Babageldi bir gabady
gelende, kapitan Abramow bilen daýysy hakynda
gürleşip, ondan esger kasamy kabul edilen güni
esgerleriň öňünde öz ýatlamasy bilen çykyş eden
Marina Maksimowna diýen aýalyň adresini tapyp
bermegini sorapdy. Onuň Marina Maksimowna
bilen ikiçäk oturyp, ine-gana gürleşmek, oňa uruş
300
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
döwri öz eli bilen jaýlan esgerleri hakynda bilenini
aýtdyrmak niýeti bardy. Şol gürrüňçilikden üç-dört
gün geçenden soň, kapitan oňa bloknotyň bir listine
ýazylan adresi getirip gowşurypdy.
Birsalymdan asmany eýemsirenip oturan garaýagyz bulutlaryň süňňüniň gowşandygy belli boldy.
Bulutlaryň yş beren ýerlerinden dür guraw damjalar
sepelenmäge durdy. Babageldi ýagyş geçýänçä, eglenç
etmek üçin gapdaldaky ýolka agaçlarynyň biriniň
aşagyna çekildi. Ýagşy diňşirgenip, töweregi synlap
durka, çagalykda köp gaýtalanan sanawajy onuň
ýadyna düşdi.
Ýag ýaganak, ýag ýagyş,
Ýag aşaga, ýokara.
Doldur meniň aýamy,
Aýam — akja okara!
Gözleg salyp baran Tolstoý köçesini oňa obajyga
giren ýerinde gabat gelen, dükandan gerek-ýaragyny
alyp çykyp barýan gözi äýnekli garryja aýal salgy
berdi.
— Ana, hol, hiňňildigi görýämiň?! Görýänsiň,
gözüň ýitijedir. Şoňa ýet-de, çepiňe dön, burçdaky
Galaktionanyň öýüniň duşundan geçersiň welin,
öňüňden üç sany hatarylanyşyp oturan dub çykar, ana
şol köçe-de Tolstoýdyr. Babageldi gözleg salyp baran
gapysynda bir bölejik kagyzyň iltelip goýlanyny
görüp, habaryny aljak adamyň häzir öýde ýokdugyny
301
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
bildi. Ol hatda «Men plan goňşulara gürrüňçilige çykdym» diýip, ýazylandyr diýip oýlansa-da, ony alyp
okamagy özüne uslyp bilmedi. Daşarda garaşmagy
niýet edinip münen basgançaklary bilen ýene-de
aşaklygyna düşdi. Daş gapyda bir aýal agaç bilen
jaý aralygynda germelen simdäki, asyl-asyl bolşup
duran geýim-gejimleri ýygnaşdyryp ýören eken.
Babageldi, gapdalyndan öten mahaly ol aýalyň özüne
täsirli seredenini görse-de, gönüläp oňa söz diýmedi.
Ol biraz ara açansoň, ýuwlan geýimleri ýygnaşdyryp
ýören aýalyň özi onuň yzyndan gygyrdy:
— Esger, sen birini gözleýän ýaly-la!
— Hawa gözleýän. — Babageldi aýak çekip,
habaryny bermek üçin yzyna öwrüldi.
— Nataşany gözleýänsiň, belki. Ak mapraç aýal
aýaklarynyň üstünde yranyp duýular-duýulmaz
näzirgäp gürledi.
— Ýok, men Marina Maksimownany gözläp geldim. — Babageldi habaryny berip: — Belki, onuň
nirededigini siz bilýänsiňiz diýen manyda ak mapraç
aýaly dikanlady.
— A, sizi bu ýere kim iberdi? — Babageldi erkek
adamyň sesini eşidip, sesiň gelen tarapyna sereden
mahaly gapdaldaky jaýyň ikinji gatynyň balkonynda
bir ýaş ofiseriň kostýumyny egnine ýelbegeý alyp
çilim çekip duranyny gördi.
— Men uwolneniýede, ýoldaş leýtenant. Maňa
Tolstoý on ikide ýaşaýan Marina Maksimowna gerek!
— Öýünde ýok bolsa, ol onda nirede bolup bilerkän.
302
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Soň ol ýeňsesine öwrüldi-de, ol ýerde kimdir
biri bilen gürleşdi. Içerden: «Häliräk ol awtobus
duralgasyna tarap barýardy» diýen mylaýym aýal
sesi eşidildi. Babageldi öýlerden beýleräk çekilip,
dükandan alyp çykan kökesine güýmenip, Marina
Maksimownadan sorajak zatlaryny aňynda öwürip,
gezmeläp ýörkän bir gezek baş göteren çagy ol ýaňky
geýim toplap, gözüniň gytagy bilen özüne seredip,
içerisine girip giden aýalyň penjiresiniň öňünde Gün
bolup dogup duranyny gördi.
Babageldi hatara ekilen ýolka agaçlarynyň arasynda aýlanyp ýörkä gapdalyndan çybşyldy eşiden
mahaly muny hut şol penjiräniň öňünde duran özüni
yhlas bilen synlan boldumly aýaldyr öýtdi.
— Sizmi şol, Marina Maksimownany gerekleýän
esger? — Babageldi başyny göteren mahaly, öz
öňünde gysby jalbar geýen, egni durkuna şaplaşyp
duran kurtkaly, saçlaryny seçelendirip egnine döken,
başy saçlaryna meňzeş beretaly, diňe galgan döşleri,
mylaýym owazy bilen zenan maşgalalara çalym edýän
bir gyzyň habar soramaga gelenini gördi. Bu gyz
ol dükandan çykyp gelýärkä, gapdalyndan öten eli
saýawanly gyzdy.
— Garaşýan bolsa, özem şol garaşýan esger bolsa,
onda şol men bolmaly.
— Siziň Marina Maksimownalyk näme işiňiz
bardy?
— Siz ýalňyşmaýan bolsam, Marina Maksimowna
däl bolsaňyz gerek.
303
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Şol diýen ýaly. — Gyz mylaýym gülümsiredide, men onuň agtygy. Galyberse-de, biz mamam
bilen atdaş, meniňem adym Marina. — Men sizi öýe
çagyrdym welin, çäräm ýok, mamam gapa gysdyran
hatynda: «Açary öňki goýulýan ýerde goýandyryn»
diýse-de, ol ýene ony özi bilen äkidipdir. Özümem
öýe girip bilmedik adam.
— Bolýan zat. — Babageldi öz mamasynam käte
şu güne düşýänini ýatlap gülümsiredi.
— Elbetde, ýaş hem adamdan öz geregini alýar.
Ýady könelişen adam-da.
— Onda, biz ikimiz şol bir ýagdaýdaky galan
adam-da.
Marina myhmany ýol üstünde galdyryp
gidibermegiň ugruny tapmadymy ýa-da alyp barýan
bir işiniň ýokdugyny ýatladymy yzyna öwrülip
gidibermedi.
— Garaşsaň wagt haýal geçýär, garaşjagyňyz
çynyňyz bolsa ýörüň biraz gezmeläliň. Bu ýerden
Nemanam uzakda däl.
— Ýörüň gezmelemeli bolsa — diýip, Babageldi
hem saýawanyny ýapyp ýygnan gyzyň gapdaly bilen
ýöräp ugrady.
— Ýagşyň tutumy uludy welin, bu birden
ýuwaşaýdy. — Marina şeý diýip, agaçlaryň aralygyndan görünýän açyklykdan asmanyň bir bölegini
synlady.
— Ýagşyň bellisi bolmaz, asmanyň eteginde açyk
ýer göze ilenok, munuň ýene-de ýagybermegi daşda
304
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
däldir. Babageldi hem ýagyş barada öz gelen pikirini
diýdi. Marina Babageldä seredip: — Men ýagşy
gowy görýärin — diýdi-de, ýüzüne düşen saçlaryny
rejeleşdirip barşyna, — onda-da ýaz ýagşyny —
diýip, pikirini takyklady.
Babageldi jotdaja leýtenant bilen iki esgeriň
magazinden çykyp bärligine özlerine tarap ýönelenini
görse-de, olar özi üçin öwrülendir öýtmändi. Nemana
tarap geçip gider diýen pikirdedi.
Jotdaja leýtenant golaýlansoň, «Gwardiýaçy!»
diýip, yzyndan gygyryp ony saklady-da, soňundanam
bäş, on ädim gapdalda durup, ony ýanyna çagyrdy.
Babageldi alkymyna gelen wagty bolsa leýtenant
gözlerini ýesersi gülümsiredip, beýlesine öwrülip
ökjelerinde yranjyrap duran gyza göz gytagy bilen
seredip habar sorady.
— Ýeri, bu ýerlerde näme işläp ýörsüň?
— Men uwolneniýä çykdym, ýoldaş leýtenant: —
Ol öz sözüni jübüsinden çykaran rugsat kagyzy bilen
hem tassyklady.
— Bolýar, desantçy.
— Gözüňiz ýetdi dälmi?
— Gepi köpeltme, ýoldaş desantçy. — Leýtenant
Babageldiniň sözüniň äheňine düşünip, sesini gataltdy. Soňundanam ýumşap, ýene-de gülümsiredi.
Marina tarap göz astyndan seretdi.
— Sagyrsyny, aýaklaryny synlasaň, erbet zat däl
eken. Işdäň erbet däl.
— Men näme, ony...
305
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Hemmesi düşnükli — diýip, leýtenant ýene-de
soraga geçdi.
— Munuň jorasy ýokmy? — Leýtenant öz
soragynyň täsirini biljek bolup, göz astyndan Babageldini synlady.
— Bilmedim, özünden sorap göräýmeseňiz?
— Bolmaly. Siz desantçylar tapmaly, biz ýaly
gyzyl pagonlar däl-ä siz.
— Tapawudy näme, ikisem bir goşundyr-da.
— Tapawudyny siz gowy bilýäňiz.
Gowy goşun ýokdur ýeriň ýüzünde,
Biziň uçup bilýän goşunmyz ýaly.
— diýşip, aýdym aýdyşyp dünýäni göçüräýjek
bolýaňyz.
— Dogry zada dogry diýmeli, ýoldaş leýtenant.
Biz özümiziň desantçy bölümde gulluk edýändigimize
guwanýarys.
Leýtenant oýurganyp çytyldy.
— Hany onda gepiň dogry bolsa, kemeriňi aýryp
guşagyňy täzeden guşan, üst-başyňa serenjam ber!
Babageldiniň durşy ykjam-da bolsa, bada-bat
leýtenantyň buýrugyny ýerine ýetirdi.
Leýtenant iki esgeri bilen yzyna öwrülip gidensoň,
ol ýene-de özüne garaşyp duran Marinanyň ýanyna
dolanyp geldi.
— Barlap keýpden çykdymy?
— Öz-ä ynjyk eken.
306
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Ýörüň, biraz ýöräliň!
Olar iki tirkeş bolşup, ýapraklaryny döküp gutaran agaçlaryň arasy bilen gürleşip gitdiler. On-on
bäş minutdan bolsa gelip, derýanyň boýuna çykdylar.
Derýanyň bolup barşy sähel zada tasanjyran
gelne çalym edýärdi. Ol güýzde bolsa ýazdaky ýaly
bulanyp, tolkunyp öz hanasyny dar görüp akýardy.
Onuň oýnuny uzak synlasaň, ol şonda hiç ýere akman
şol bir duran ýerinde togarlanyp, agnap ýatan haýsydyr bir görülmedik jandara çalym edýär. Töweregiň
ýüzi asmana meňzeş, tutuksylyk bilen gamaşyp dur.
Derýanyň iki kenaryny hem şol birmeňzeş böwrüni
diňläp oturan çolalyk eýeläpdir. Marina birsalym
derýany synlap duransoň, on-onki ýaşynda mahaly,
ejesi kakasy bilen bir tomusda öz gaýyklary bilen
derýany yzarlap ýüzüşlerini onuň kenarlaryna
çykyp kömelek gözleýişlerini ýatlady. Kakasy bilen
oňa galsa-ha, olar syýahaty ýene-de dowam etdirjek
ekenler. Ýöne hemme zat hemişe bolşy ýaly onuň
ejesiniň islegine görä bolupdyr. Ol mundan aňry
ýüzere ýagdaýynyň ýoklugyny aýdypdyr, şonuň bilenem gürrüň gutarypdyr.
Babageldidir Marina öz duran kert kenarlaryndan öwrülip, çägesöw meýdana düşen mahallary,
garşydaky kenardan üç sany losuň, tumşuklaryny
ýokary tutuşyp, suwuň akymyny peýdalanyp, ýüzüp
gelýänini gördüler. Loslar ilki ýakyn gelerli görünselerem, olar soňra suw bilen akyp barha daşlaşdylar.
Kenarda bolup, janly-jandardan olaryň göreni diňe
307
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
şu los boldy. Yzlaryna oba dolanyp gelýärkäler Babageldi ýene-de şol öňki patrullar bilen uçraşdy.
Leýtenant şol öňki hörpünde «Gwardiýa, bäri gel!»
diýip, öňe uzadan barmagyny egip, ulumsylyk bilen
ony ýanyna çagyrdy.
— Men şol ýaňky barlanyňyz-a! — diýip, golaý
baranda Babageldi «Bar onda gidiber» diýler diýen
net bilen özüni tanatdy.
Leýtenantyň gaşy çytyldy. Özüni ýas-ýaňy barlanyny bilip durubam gyz maşgalanyň ýanynda
leýtenantyň beýdip durmagy Babageldä ýaramady. Ol
muny Marinanyň ýanynda mertebesiniň kemsidildigi
hasap etdi. Içinden: «Nä meni zol-zol çagyryp bajyňa
är etjekmi?» diýse-de, özüni parahat alyp barmaga
çalyşdy.
— Ýeri, gepi köpeltme. Hany rugsat hatyňy
görkez!
— Ýenedemi?
— Kime diýilýär, ýoldaş esger!
— Näme, her ädimde saklap, beýdip durmak siziň
ustawyňyzda barmy?
— Gepi köpeltme, ýoldaş esger. Islesek ýüz gezek
barlarys.
— Näme kenarda bu gyz bilen bir çüýşäni
bölüşäýendir öýtdüňizmi?
— Soragyňy bes et!
— Zol meni barlap duranyňyzdan, gidiň-de hol
308
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
derýa boýda iki sany gyzyl pogon bir gaýgyň üstünde
keýp çekip otyr, şonyňyzy oňaryň! — Babageldi «Başa
gelenini göreýin, ýöne şuňa bu gyzyň ýanynda mertebämi depeledip üstümden güldürmäýin» diýen niýet
bilen derýa tarap elini uzadyp, pert-pert gepledi.
— Nirede, ýalan sözläňok gerek? — diýip,
leýtenant onuň bu sözi aýdaryna mähetdel, kenardaky esgerler bilen gyzyklandy.
— Näçe meniň size ýalan bergim barmy?
Leýtenant yzyna öwrülip: «Bürgütler, yzym
bilen» diýdi-de, üç bolup gaty-gaty ädimleşip derýa
tarap, ýok adamlary güpbasdy etmäge gitdiler.
— Nädäýdiň olary? — diýip, beýleräkde gürrüňiň
bir tarapyny eşidip duran Marina daşlaşyp barýan
patrullaryň yzyndan seredip gülümsiredi.
— Olary edäýmelisi şoldur. Her ädimde meni
saklap beýdip durmaga kim oňa ygtyýar berenmiş.
Ana gitdiler şakyrdaşyp — diýip, Babageldi hem öz
tapan çykalgasyny apalady. Olar yzlaryna öwrülip
gelen mahallary Marina Maksimowna henizem öýüne
gelmändi. Onuň şol «Açar öňki goýulýan ýerindedir»
diýen mazmunly haty şol öňki duran ýerinde gapynyň
tutawajynyň aralygynda düýrlengiligine durdy.
Babageldi özüniň ýitig gözleýänini Marina gürrüň
berip, hoşlaşyp yzyna dolanan wagty asman ýene-de
gysymyny açyp, ownujak damjalaryny şäheriň depesinden elemäge durupdy.
309
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Düýn gijöýlänler duýdansyz, gijeki böküşligi
ýerine ýetirmäge göterilip giden polk ertir irden
ümüş-tamyşda yzyna gaýdyp geldi. Esgerler argyndy
hem-de, ukusyzdy. Böküşlik gutaryp-gutarmanka
ýagyp başlan ýagyş geýimleri, paraşýutlary öl-suw
ezipdi. Meýdanda paraşýutlaryň üsti suw geçirmeýän
çadyrlar bilen ýapylanam bolsa olaram ýeterlik derejede çyg çekipdiler, agralyp, metin bolupdyrlar.
Rotany sagat on birler töweregi turuzdylar.
Olaryň geýinenine mähetdelem, starşina ertirlik naharyň bireýýäm naharhanada taýyndygyny
aýdyp howlukdy. Daşarda ýaz şemalyna berimsiz
hoştap şemal öwüsýärdi. Düýnki arzuw edilen Gün
depede zer-zerbap şöhleler bilen lowurdap, gözüňi
gamaşdyrýardy, ýagyşa ýuwlan ýollar tämizligini göz
edip, garamtyl öwsüşip ýalpyldaşyp otyrdylar. Rota
naharhana ýetip gelýärkä, ştabdan gaýdyp gelýän,
her duşuşykda mümkinçiligi bolsa, esgerler bilen bir
abyr-zabyr edişip alýan starşina Marçilýunas petepet geldi. Ol bir gapdala çekilip, öňki endigi boýunça
joşup elini salgady.
— Starşiý seržant, sen bularyňa dözmezlik etmegin, tä hakyky esger bolýançalar, gije-gündiz
elesletgin. Suworow «Okuw kyn bolsa, söweş aňsat»
diýipdir — diýip, esgerlere seredip duran ýerinden
aýtdy.
310
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Onuň ýüz-gözüni kürşerdip boluberişi ýene-de
esgerleriň hezil edişip ýylgyrmaklaryna sebäp boldy.
Nahardan soň straşina, rotany paraşýut sklada
alyp geldi. Bu ýerde üsti öl paraşýutly maşynlar
skladyň öňünde hatara durdular. Birnäçe rotalar
eýýäm bu ýerde, ibirtde-zibirt bolşup paraşýutlar
serilip, barlanylýan ýerde işleşip ýördüler.
Paraşýutlar çekilip, serişdirilenden soň, öýlän
salkyn ýene-de ýekşenbe günlerindäki ýaly birneme
böwşeňlik boldy.
Babageldi «öz-özüne hyzmat» atlandyrylýan
otagda Awogýana saçyny taraşladansoň, Lugowkin
bilen Andursowyň ýoklugyny görüp, olaryň gözlegine
çykdy. Ol aşak düşen mahaly birinji gatda ýerleşen
sapýor batalonyň esgerleri, maşynlardan öz patyputularyny düşürip durdular, ýüzler ýadaw hem-de
gara ört bolup garalypdyr. Olar agyr-agyr ýaşşikleri
itenekde-çomalak bolşup maşynlardan kazarmalaryna çekýärdiler. Bir gapdalda sapýorlaryň kombaty
ýüzi ýaýrawly saryýagyz kapitan işiň gidişine syn
edip çytylyp durdy. Olar polkdan bir hepde mundan
öň çykyp gidipdiler. Agşamky böküşlikde-de olar
ýokdular. Häzir kombatyň sowuk şemal daglan argyn
ýüzi garamtyl bolup görünýärdi.
— Geldiňizmi sag-aman — diýip, Babageldi
maşynyň üstünde ýoldaşlaryna iki bolup ýaşşik uzadyp duran ildeşi Sapary görüp onuň halyny sorady.
— Geldik. Ýöne juda gaty işlenildi.
— Minany köp gömdüňizmi?
311
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Eşitmediňmi? Bir obaň gapdalynda nemeslerden
galan ok-ýaragyň tapylanyny.
— Kim görüpdir ony.
— Agaçlar.
— Agaçlar görüpdir?. .
— Hawa, şol golaýda ösen agaçlaryň köki ýognap,
adamlaryň ahmallygyna garaşyp ýatan minalaň birini
gysypdyr... şol günem bizi trewoga göterdiler.
— Ýene-de galan ekenmi.
— Hawa.
— Komandiriňizem-ä ýüzi gök-dalak bolupdyr.
— Ol juda zor adam eken. Özüniň kimdigini
görkezdi. Şol...
— Ýoldaş esger, işe zelel berýäňiz!
Babageldi ýeňseden kombadyň sesini eşidip:
— Bolýar onda soň, giňişlikde gürleşeris, diýip,
gyssanmaç ikinji gezek duýduryş eşitmezlik üçin, bu
ýerden daşlaşdy. Onuň öz ýanyndan uzakdan görüp:
«Şolar Lugowkin dagy bolsa gerek?» diýip, gelen ýeri
özge batalonyň oglanlarynyň güneşläp ýatan ýeri bolup çykdy. Olaryň birisi Kolobokdy, özleriniň welin
hemmesi onuň ýoldaş bolup gören adamlary däldi.
— «Soldat ýatyr, gulluk ýöreýär» edýäňizmi?
— Düýn juda ezilen ekeniň — diýip, Kolobok
onuň bilen turup görüşdi.
— Duýdansyz üsti basdy-da.
— Öňküler ýöne ýere bu ülkä «Ýagyş ülkesi»
diýen däldir.
— Biraz Güne ýylynaýsak diýdik.
312
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Lugowkin dagyny gören-ä dälsiň?
— Ýanynda Krokodil — Andursowam barmydy.
— Beýleki Andursowyň Golubkowdan başga gepi
alyşýany barmy näme?
— Ýok, görmedik. Ýaňy hol beýleden iki üç oglan
tokaý tarapa-ha ötdi.
— Şolardyr öýdýäňmi?
— Mümkin.
— Tokaýa siňip gitmek «samowolka» ahyryn.
— Sen Lugowkine näbeletmi, ola uzyn-jirafa,
krokodilem ýanyna alan bolsa, indi ol öz watany —
Afrikadan bärde durmaz.
«Krokodil», Kolobogyň özüne lakamy
ýelmänsoňlar haklaşmak üçin, Andursow birinjä
dakan öz lakamydy. Kolobok öz dakan lakamlarynyň
hem özüne dakylan lakam ýaly ýörgünli bolmagyny isleýärdi. Ýöne nämüçindir oglanlar «jirafa»,
«Krokodil» lakamlary «Kolobok» lakamy ýaly alyp
götermediler. Munuň şeýle bolmagyna Lugowkin
bilen Andursowyň giňgöwrümliligi, sähel zady gaty
görmeýänligi, gaýta degişmeden lezzet alýanlygy
sebäp bolan bolmagy-da mümkin. Gaýta bir gezek
Andursow Babageldi geýimlerine ütük urup durka,
sakgalyny syryp oturan Andursow birinji oňa aýnada
görünýän Andursow birinjini görkezip:
— Kolobok mamla, mende bir hili krokodile
çalymdaşlyga bar — diýip, özüniň krokodile
meňzeýänligine hoş bolup gülüpdi.
313
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Babageldi Kolobogam özüne ýoldaş edinip alyp
gitmekçi boldy, ýöne ol ýoldaşlaryndan aýrylyp
gidibermegi kyn gördi. Gaýta «Gel senem biziň ýanymyza çök!» diýip, onuň özüne mürähet etdi. Babageldi yzyna öwrülip ýöräp ugran mahaly Kolobok bir
zady ýatlap, ýene-de onuň yzyndan gygyrdy.
— Ba... bageldi, Bahtyýarow nätdi?
— Ol rotada dnewalnylyk etdi.
— Ýene-de bökmedimi?
— Bahtyýarow dnewalnydy. Dnewalny bolubam
galdy. Komandirler-ä: «Senem ýör diýmedi?» o-da:
«Menem alyp gidiň!» diýip aslyşmady.
— Biz bolsa indi ol gyjyt astyndan çykar diýen
pikirdedik. Bu ýerde leýtenant Buýnowyň eli bolmaly.
— Menem şol pikirde. Onsoňam kapitanyň
gündiz bökmedik, ýürek edip gije nädip böker diýen
bolmagy-da mümkin?
— Ýok, bu ýagdaýyň düýbüniň bir çöpi bolmaly, ýöne ýerden Buýnow bölünişikde onuň böküp
bilmeýänini bilibem özüne almaly däl. Onuň irdegiçde özüniň tartgy çekgesine geljegini bilip alan
bolmagy mümkin.
Babageldi olaryň ýanyndan gaýdansoň, haýatyň
düýbündäki ýodajyga ýetip, sag egnine sowuldy-da,
kasam kabul eden ýerlerindäki ýadygärligiň öňüne
geldi. Häzir ýadygärligiň töweregi adamsyzdy. Babageldi ýakyn baryp, onuň ýüzündäki öň okan ýazgysyny ýene-de bir gezek okady. Soňundanam aýlanyp
314
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýadygärligiň arkasyndaky bellik edilen guburlaryň
ýüzündäki ýazgylary okady. Babageldi nazary bilen
gözläp, aýratynlykda atlary ýazylan esgerleriň öz
ildeşleriňiziňkä meňzeş atdyr Familiýany görmedigem bolsa, bu on müň esgeriň arasynda olaryň hem
bardygyna ynanýardy.
...Näçembir adamlar gaýdypdyr ahyryn, bir biziň
obamyzdan Agageldi Esen, Aşyr Öde, Jümmi, Jojy,
Tylla hasapçy, Batjy pälwan... ýüz elli dört adam
gaýdypdyr. Mundan on-on bäş ýyl ozalam «Brest»
galasyny goranlaryň arasynda Türkmenistandan
adam ýok diýerdiler. Gör, Belorus pionerleri soň
olaryň näçesiniň yzyny tapdylar.
Babageldi hümürdi eşidip, ýeňsesine gözlän çagy
üçünji batalonyň ştab naçalnigi özi ýok ýerinde
ady «Filipok» diýlip tutulýan pes boýluja tokgaja
maýoryň, özüçe iki bar sary saç daýaw aýalynyň
gapdaly bilen garşydan ýöräp gelýänini gördi.
Babageldi esgerlerçe çest berdi-de, onuň deňinden
ötüp öwrülip, polka tarap gaýtdy.
Okalganyň açykdygyny ýatlap, ol klub tarapa
sowlan mahaly Andursow bilen Lugowkiniň hol
beýlede haýatyň üstünde aýaklaryny sallaşyp oturanlaryny gördi.
— Nämüçindir birki günden bäri içim gysýar —
diýip, Babageldi ýanlaryna gelen çagy Lugowkin oňa
derdini aýtdy.
— Obaňyzy, graždankany azyrak ýatla.
— Menem şeý diýdim. — Andursow hem gapdaldan söze goşuldy.
315
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Onda bu ýerde näme işläş otyrsyňyz.
— Dünýäni synlaýas.
— Ýoldan gyzlar örýär, şolary synlaýas — diýşip,
Andursow bilen Lugowkin Babageldini hem haýatyň
üstüne, öz tapan hezilliklerine çagyrdylar.
* * *
Ýaňyrak taktiki taýynlykdan dolanyp gelen
esgerler kazarmada ýanlary bilen alan goşlaryny
ýaraglaryny ýer-jaý edişdirip, jaýba-jaý goýuşdyryp
durdular. Babageldi rezin plaşynyň ilki dolanyşyny
göwnüne jaý etmän, bir boşlukda ýazyp täzeden düýrläp durdy. Lugowkin awtomatyny ýarag goýulýanda
goýansoň, onuň ýanyna geldi.
— Babageldi, bilýäňmi näme?
— Nämäni bilmeli?
— Ynanarmyň?
— Ynanar ýaly zat aýtsaňyz ynanmaly bolar.
— Hol karantinde günlerimiz «Ejemi göresim
geldi« diýip gaçan kimäý şol?
— Wacilçenko bolaýmasa.
— Hawa, edil özi, zenan ýaly owadan oglan. Men
näme üçin onuň gaçanyny bildim.
— Nädip. — Babageldi işinden başyny göterip
bir täzelik eşitmek üçin, Lugowkiniň ýüzüne seretdi.
Şonda ol Lugowkiniň keýpsiz, dargaw pikirler bilen
duranyny gördi.
— Onuň ýüregi gysan eken. Bilýämiň häzir men316
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
em hut şol güne düşen adam. Görýän welin, meniňem
çydam käsäm dolup barýan ýaly.
— Hä, şeý diýip, özüňi ynandyrsaň, elbetde, içiň
gysar, onsoňam ýeke seni däl, hemmäniňem yzynda
dogan-garyndaşy bar ahyryn.
— Andursow ikiň şu meselede dilleşen-ä dälsiňizdä. Ikiňizem şol bir zady diýýäňiz. Häzir şähereçykyp, ony terslin, oňlyn aýlanaýsam bilýän-le ýürek
ýerine-de geler welin...
Babageldi oýurgandy, soňra bolsa oňa leýtenant
Buýnowyň oturan jaýyny salgy berdi.
— Leýtenantyň bar ýanyna. Mümkin saňa
düşüner.
— Sen düşüner öýdýäňmi? — Lugowkin ýaýdandy.
— Men düşüner öýdýän. Ol Buýnow ahyryn.
— Bu gün dynç günem däl-ä...
— Bu bir ýola şeýle günleriň ýene birine rugsat
hatyny bermedilermi näme?
— Onuň ol gün doglan günüdi ahyryn.
— Senem dogul. Kim saňa şu gün dogulma diýdi!
— Şunyň bir ýol how! — Lugowkiniň ýüzi ýagtyldy. Soňundan inçejik tama bilen ýüzüni eline
alyp, leýtenantyň ýanyna girdi. Çykan wagty bolsa,
ol ýene-de şol öňki keýpihon hakyky Lugowkinligine
öwrülip çykdy.
Ol aýna seredip, howlukmaç sakgalyny syryp
durkan Babageldini üm bilen öz ýanyna çagyrdy:
— Ideýaň üçin, sag bol, mugallym!
— Näme diýdiň, ol ýerde?
317
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Şu gün meniň doglan günüm diýdim. Birsalym
şäherde bolup, kinojyk göresim gelýär diýdim.
— Bada-bat ynanaýdymy?
— Ynanar ýaly edip aýtdym-da.
— Ol näme diýdi?
— Sen oňa näbeletmi, ýüzüme seretdi-seretdi-de
«Hä, bolýa» diýdi. Batalonyň ştabyna jaň edip, meň
üçin rugsat haty diläp aldy.
— Ýol bolsun!
— Näme getirmeli?
— Ýüregiňe giňlik salyp gel!
Babageldi öz krowatynyň aýak ujunda duran
oturgyjy alyp ýoldaşlarynyň üýşýän ýerine «Lenin
otagyna» ýetmäge howlukdy.
Lugowkin aýnanyň öňünde durup, kaptýorkadan alyp çykan baýramçylyk, lybaslaryny geýnip
birkemsiz bezenip, beslenensoň çaňsyran ädigini
yhlas bilen çotgalap, onuň ýüzüne şinel bölegini
ýöredip, ýüz görübermeli edip lowurdatdy. Biline
Çaşiniň hemişe otursa-tursa ürç edip arassalap ýören,
dakynan mahalyň gelşikli görkezýän kemerini alyp
dakyndy. Ol polkuň derwezesinden görlende höwes
edilýän birkemsiz esger bolup çykdy. Ýolda ol şäher
hakynda, onuň köçelerinde ine-gana arkaýynçylykda aýlanyşyp ýören adamlar hakynda, özüniňem
birsalymdan şol adamlaryň arasynda boljakdygy
hakynda öz pikirlerine imrinip oýlandy. Şeýle-de
bolsa, ol şähere ýetmäge howlukmady, uly ýoldan
şahalanyp aýrylýan ýodalaryň birine düşdi-de, ilki
318
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
tokaýa geldi. Güýzüň täsiri bilen tokaý agaçlary häzir
ýapraklaryny döküşip, kemsiz ýalaňaçlanypdyrlar.
Diňe ýolkadyr ýel agaçlary özleriniň şol bir durkuny
saklaşyp ýaz bolşup otyrlar. Bir ýerlerden wagtalwagtal özleri görünmeýän gargalaryň çakyr sesi
eşidilýär diýäýmeseň, tokaýyň içi ümsümlikdi. Howasy ýakymlydy. Lugowkin aýlanyp, birsalym howlukman töweregini diňşirgenip gezensoň, töwerekdäki
agaçlaryň açyklyk beren ýerinde dörän bir kiçiräk
kölüň ýakasynda aýak çekdi. Bu ýerde gurbaga kerebi
goşulyşyp, porsan çüýrüntgi ýapragyň ysy bardy.
Tokaýdan çykansoň, ol şähere ýetmek üçin özüniň
uly gatnaw ýola çykmalydygyny ýatlap sürlüpşüdügär edilen meýdanyň içi bilen gönüläp ýöredi.
Yhlas siňdirilip sürlen meýdanlar häzir üsti pessejik
tolkunly deňiz görnüşine meňzeýärdi. Ilerden bir
ýerde ýer sürýän traktoryň sesi eşidilýär. Lugowkin
birsalym ýöränsoň, şüdügär ýeriň ortasynda sürülmän galan bölejik ýerleriň birini ýeke at goşulan plug
bilen sürüp ýören aýala gabat geldi.
Ýene-de hoşamaý gylygy onuň ýoluny açdy.
— Ene, salawmaleýkim!
— Saglykmy, oglum — Plugyň yzyna düşüp
gelýän, başyny ak ýaglyk bilen bogan aýal atyň
başyny çekip, onuň salamyny aldy.
— Armaň-da.
— Bar bol, oglum. Rugsada çykdyňmy?
— Hawa, ene, tokaýa bardym, geçip barýardym.
Sizi gördüm-de sowlaýdym. Rugsat etseňiz, birki
gezek aýlanjak.
319
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Sen, oglum özüň-ä daýhan ogluna meňzeýäň!
— Bildiň, ene.
— Obada ýaşaýaňyzmy?
— Hawa, siziňki ýaly tokaýyň eteginde biten bir
obajyk.
— Ýaňy tokaýda aýdym aýdanam, oglum, sen
bolsaň gerek.
— Hawa.
— Hümm. — Pluga ýaplanyp duran aýal öz içki
pikirine diňşirgenip oýurgandy, soňundan bolsa:
— Onda, oglum, seniň ýüregiň gysýan bolmaly
— diýdi.
— Mümkin — diýip, Lugowkin öz syrynyň
aňylanlygy üçin biraz gyzaryp, soňundanam öz-özi
bilen gyzyklandy. — Siz muny nähili bilip ýörsüňiz?
— Seniň aýdymyňdan mälim oglum. Ilkiler,
menem şu oba gelin bolup düşen günlerim öýümizi
ýatlap, bile gezen deňim-duşumy küýsäp, aýdymy
köp aýdardym...
Lukowkin ol aýalyň elinden azaly alanda bir
ýola aýlanyp geljegini aýdyp alan-da bolsa, onuň
soňra wagty bilen azaly eýesine beresi gelmedi. Bir
aýlanansoň ýene-de bir gezek aýlanyp geldi. Obalaryny göz öňüne getirip, ýatlamalara berlensoň bolsa,
ol özüniň ötüp barýan ötegçidigini, azal eýesi aýalyň
bir gapdalda elini owkalap duranyny hem unutdy.
Ýer sürmek onuň üçin çagalygyndan bäri
özboluşly baýramçylyklaryň birisidi. Lugowkinleriň
her ýyl özleri üçin kartoşkadyr, nohut ekýän meýda320
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ny obadan birneme üzňeräkdi. Şonuň üçinem ýeri
sürmäge, onuň hasylyny ýygnamaga maşgala tutuş
birki güni öňe alyp ýörite giderdi.
Sürüm döwri gelende bir amatly gün maşgalanyň
kakasy Alekseý Lugowkin säher bilen turardy-da, aty
araba goşardy, juda ýyly bilen saraýyň bir böwrüni
eýeläp ýatan azaly getirip ýerleşdirerdi. Özi-de bu
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 16
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.