Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 08

Total number of words is 3551
Total number of unique words is 2118
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
wagtym asman gümmezini biraz aşak düşürdim welin, çynar, hakykatdanam, dünýäde iň uly saýawana
öwrüldi duruberdi. Ol çynar biziň düşläp, şol ýerde
nahar edinmegimize sebäp boldy. Hommat çalak-çu149
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
lak garbanansoň, oduň gapdalyna uzynlygyna, ýazan
donunyň üstünde aýaklaryny ýygryp, çugtduryp
ýatdy. Dessine-de irkildi. Men onuň agşam hyýalynda
kakasy bilen gürleşip, oňly uklamadygyna gözümi
ýetirdim. Hommadyň göwni galypdy. Men birsalym
ol ukudan turandan soň, oňa özümiň nähili göwünlik
bermelidigim, ony Goýunjy obasy bilen bagly pikirlerinden nädip daşlaşdyrmagym hakynda oýlandym.
Ýene birden beren göwünligim, onuň ýarasyny täzelemek bolaýmasyn diýen pikir kelläme gelensoň, ol
göwünligi wagtyň özüniň bermelidigine düşündim.
Raýymdan döndüm.
Hyşadyr gamyşlygyň, ýylgyndyr toraňňylygyň
elinden alnan bölek atyzlar öňümizden çykyp ugran
mahaly biziň ýene-de bir oba ýakynlaşýandygymyz
belli boldy.
Biz her gezek ekin meýdanlarynyň duşundan
geçenimizde, ol ýerde daýhanlaryň çil çekişip, ekin
ekilen ýerlere ýap gazyşyp, sürüm sürüp, täze ekişe
taýynlap ýörüşlerini görýärdik. Ir ekilen arpadyr
bugdaýlar atyzlarda ygşyldaşyp, göz guwandyryp
otyrdy.
Şol barmana biz gijöýlänler iki öküz bilen ýer
sürüp ýören adama duşduk. Ol iki atlynyň dabyrdaşyp
özüne golaýlap gelenini görüp, öküzlerini saklady.
Onuň ýüzi dowamlydy. Gözleri gyýmarakdy. Ak
köýneginiň üstünden geýen ýalaňgat donunyň syny
bilen bilini ykjam guşapdyr. Näçe içgin synlasa-da,
ol birbada biz barada belli bir netijä gelip bilmedi.
150
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Ekiniň başyna görsün, daýhan aga!
— Aýdanyň gelsin, ýagşy ýigit. — Hommadyň
göwünjeňlik bilen diýen sözüne ol tutuksy jogap
berdi.
— Ýer kimiňki? Şereketiňkimi ýa özüňkimi?
— Ýer-ä, ýagşy ýigit, özümiňkem däl, şereketiňkem,
gurbany gitdiklerim Nogul işanyňkydyr.
— Ol Nogul işan diýýäniň nä maýyp-müjripmi?
— Aý, ýok, şükür, synasy sag. Dil ýetirmäwer,
inisi!..
— Onda onuň özi sürse bolmaýarmy ýerini?
Şu gürrüňden soň onuň ýüzi açyldy, biziň öz
çaklan adamlaryndan däldigini bilendigini aýdyp,
göwünjeň gürleşdi. Ol bizi ilki gören mahaly, çöllerde
jeňňelliklerde gaça urşup, ýaşap ýören galtamanlardandyr öýden eken. Soňra ol biraz mundan öň
iki-üç atlynyň duýdansyz meýdanda iki öküz bilen
ýer sürüp ýören öz obadaşlarynyň birini elini baglap
alyp gidişlerini, ol ýigidiň hem ýolda ugurtapyjylyk
bilen özüni olaryň elinden halas edişini ýatlady.
«Ýigidem ýeser eken, şol barmana ol bir çykalga
tapmasa, bularyň özüni guýa gaçan ýaly etjeklerine
düşünipdir, at yzynda süssenekläp gelşine samyrdap
ugrapdyr... Görersiňiz işan agaň gudraty sizi çişirip
öldir. Men öz ýerimi däl, şonuň ýerini sürýän. Ol ýyl
gyzylgojalydanam biri siz ýaly onuň ýorunjasyna
seredýäne sögüp, soňundanam çişip ölüpdi, almytyny alypdy...» diýipdir. Kurhan sürelerindenem
tapan-tupanyndan okaşdyrypdyr. Galtamanlar atla151
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ryny saklap, oňa kelemesini öwürdibem görüpdirler.
Şundan soň onuň Nogul işana berlen daýhandygyna
ynanyp, boşadyp goýberipdirler.
Biz onuň ýaňy ýer kimiňki diýlip soralanda,
«Nogul işanyňky» diýenini diňe şundan soň düşünip
galdyk.
Atlarymyzy sürüp ugrabermekçi bolanymyzda,
täze tanşymyz özüniň hem indi bu ýerde uzak galman, biziň barýan tarapymyza — oba gitjegini,
birsalym bize ýoldaş boljagyny aýdyp, öküzlerini
kündeden boşatmaga durdy. Ol öküzlerini çatyp,
öňüne salansoň, biz ony öz atlarymyzyň haýsy
bolsa-da birisine artlaşdyrmakçy bolduk. Ýöne ol
obanyň ýakyndygyny aýdyp, pyýada ýöräberenini
kem görmeýänini duýdurdy. Atlaryň gapdaly bilen
lepbildäp ýöräp ugrady.
Her gezek ekin meýdanyna gabat geleninde ol:
«Bu ýere pagta ekdik, bu bäş peýkal meýdana künji
sepdik» diýip, bize ekilen ekinleriň maglumatyny
berişdirýärdi. «Suw ýetirinip bilsek, derýaň suwy bol
bolsa, el ýaly ýerim bolsa ekmän goýýan däldiris...»
diýip, gowy hasyl hakynda göwün ýüwürtdi.
Obanyň deňine ýetenimizde, ol bizi öýüne myhmançylyga çagyrdy. Aýdym-saz ederis diýen manyda,
dutarynyň hem bardygyny ýatlady. Biz Ýolötene
howlugýanymyzy aýtsak-da, ol muňa üns bermedi.
— Gaýgysyz agaň adamlary bolsaňyz, meniňkä
düşlemän geçseňiz bolmaz. Ol maňa duşan ýerinde
men onuň ýüzüne nähili serederin. «Agamyrat, ol
152
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gezek saňa meniň iki sany tanşym-a duşan eken»
diýse, öýe çagyrmanym ýadyma düşüp utanmanmy? Men onsaňam ýöne bir adam hem däl ahyrym,
özüm-de bolsa meniň dilgat... Soňra ol özüniň
Türkmenistanyň I gurultaýynda Kalinin, Atabaýew,
Aýtakow bilen duşuşanyny, olaryň hem ýolumyz
düşse, obaňyza hem bararys diýenini, şondan bäri
obadaşlarynyň özüne «Agamyrat dilgat» diýýänini
buýsanç bilen ýatlady. Bize ylalaşyp, onuň yzyna
düşübermekden başga alaç galmady. Agamyradyň
öýüne gelip, birki käse çaý içýänçäk, syrykda kakadylan etden bişirilen çekdirme öňümize geldi. Agamyrat dilgatyň «Pylany akgaňa aýt, neme akgaňa
aýt» diýip, ogluna çagyrdyp getiren adamlary bilen
biz nahary öňümize aldyk.
Türkmenler nahary uly tabaklara guýup, onuň
daşyna üýşüşip bile iýýärler, hem munuň ýüreklerindäki agzybirligiň alamatydygyna ynanýarlar. Men
türkmenleriň arasynda bolup, olaryň iki sözleriniň
birinde «Agyz-dil birligi bolsun!» diýen sözi köp
gaýtaýlanýanlygynyň, agzybirligiň küýselýänliginiň
şaýady boldum. Şeýle-de olar «Türkmen agaň agzy
ala, ýogsam, aňsat muňa batyrynyp bilen bolmaly
däl, munuň öýüni ýykýan zat agzalalygy» diýip,
gürlemegi gowy görýärler.
Türkmenleriň ähli tirelerinde deň derejede
sarpa goýulýan Magtymguly şahyryň arzuwy hem
türkmeniň köpden bäri elýeterinden uzakda bolan
şol agzybirlik bolupdyr.
153
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Şahyr, Görogly ýaly il-gününe eýe boljak
serkerdäniň gözleginde bolupdyr. Kän türkmenler
onuň Hindistana gitmeginiň baş sebäbiniň hem hut
şol gözlegdigini çak edýärler. Ol ýerdäki Mogollar döwletiniň goşunbaşysy han hanan Baýramhan
ýaly, zandy türkmen kowymun-dan bolan ärleriň
at-owazasy onuň gulagyna-da ýeten bolmaly. Ýöne
ol öz iline gerek är ogly ne Hindiden tapypdyr, ne-de
Eýran, Siriýadan. Oňa ol serdar ogly «Köp garaşdym,
ajap eýýäm gelmedi!» diýen döwrüniň gelip, şonuň
döretmelidigi belli bolupdy. Agzybirlik hakynda oýlananymda, Tejen ýolunda duşan Çarynyň lapykeçlik
bilen elini silkip aýdan gürrüňi-de häli-şindi meniň
ýadyma düşýär. Biz onuň bilen bir wagtky dünýä
zahyr türkmenler hakynda gürrüň edip gelýärdik.
Şonda ol: «..Andreý aga, bu görýänleriň seniň ol
gerçek türkmenleriňdenem däldir, bolsa-da ol uly
iliň özüni oňarman, il atlananda eşeginiň kölegesinde
nasyny atyp irkilip galýan, pursady duşdan geçiren
garyn guly zaňňarlardandyr. Ýa-da ol gidenleriň
ýerine ondan-mundan gelen ykmandalardyr» diýip
janygypdy.
Bu gürrüňe şol wagt Hommadyň nähili düşünenini
bilemok, maňa welin, onuň öz halkyny hiç kesden
kem söýmeýäni belli bolupdy. Sebäbi bu sözler tüýs öz
il-gününi söýýän, onuň ýetmezini görüp jany ýanýan,
onuň öz adyna mynasyp bolmagyny isleýän adamyň
diýäýjek sözleridi.
154
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Biz naharlanyp bolup-bolmankak, bir on-on bir
ýaşly ýortmança oglan gapynyň öňünde peýda boldy.
Öý eýesiniň adyny tutup, jammyldady.
— Agamyrat akga, kepbämiziň çaýtysyny göterjek diýorlar, akgam dagy garaşyp durlar, gelsin
diýdiler!
— Syryk-beýleki tapyşdyryberiň!
Öý eýesi tiz gelýänini aýdyp, «Oturyberiň» diýsede, bizem onuň yzyndan galmadyk.
Bu ýerde elleri syrykly birnäçe adam töwerekden
çagyrylanlaryň üýşüşerine garaşyp duran eken.
Güýç ýeterlik diýip hasap edilensoň, adamlar öýüň ortasynda pessejik depä meňzäp duran
gamyş kepbäniň ýokarsyny ýerli ýerden «hany-da,
hany» bolup göterip, ony kepbäniň aşaky böleginiň
üstünde goýdular. Iki-üç adam hyşadan oňarylan ýüp
bilen onuň telim ýerinden ykjam sarap pugtalady.
Şeýdibem töwerekde ýene-de bir gamyş öý köpeldi.
Gürrüň berişlerine görä, şeýle kepbäni iki
türkmeniň biri örüp bilýärmiş. Ol köplenç halatda
hyşadan, şeýle-de ýylgyndanam edilýärmiş. Onuň
ululygy, beýikligi adaty öýleriň ölçeginde bolýar
eken. Ölçenip alnan, öýüň oturjak tegeleginiň gyrasyna, öýi saklap durmak üçin her bir, bir ýarym
metrlikden agaç dikilýär. Çatma iki bölekden bolup,
onuň ýokarky çaýty diýilýän bölegine ýerde örüp,
soňundan uzyn syryklaryň kömegi bilen ýokary
göterip ýerinde goýýarlar. Çaýtynyň süňňi gysymgysym edilip pugta berkidilen hyşadan. Ol gümmeze
155
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
meňzeş bolany üçin, ýagyn geçirmeýär. Gümmeziň
ýokarsynda tüsse çykar deşik goýulýar. Kepbäniň
ýyly bolmagy üçin, köplenç babatda onuň aşaky
bölegini samanly palçyk bilen käte bir tarapyndan,
käte-de iki tarapyndanam suwalypdyr. Kepbe dikeltmek üçin köp azap edilmeýär, ugruna çykan adam ony
aňyrsy bir hepde, on günde gurýar. Beýle kepbelerde
hemişe ilatyň eli ýuka, öý gurmaga mümkinçiligi
bolmadyk, ýoksul gatlagy ýaşapdyr.
Täze kepbäniň süňňünden ýakymly gamyş ysy
göterilýär. Men daşynda aýlanyp, onuň ol bi ýerinden
tutuşdyryp gördüm. Bu agyn gamyşdan, ortasynda
ot dagy ýakylanda uçgun böküp tutaşyp ötägitmeýärmikän diýip oýlandym. Kepbäniň içinden dikilen
agaçlaryň tüýs gerek zatdygyny anykladym. Ol bolmasa gatyrak ýel tursa kepbäniň nä güne düşjegini
özümçe göz öňüne getirip gördüm.
Ol ýerden gaýdyp gelýärkäm men aňyrdan indiä birsalym aýdym-saz diňläýsek gerek diýip, pikir
edip gelýärdim hem ýokarymdaky özümiň ýurdumda
gören ýyldyzlarymdan has ýiti görünýän ýyldyzlary,
olaryň gapdaly bilen goşun saplarynyň öňünden geçip
barýan şöhratly generaly ýatladyp, şuglasy bilen
töweregini ýagtyldyp barýan Aýy synladym.
Ýöne ýene-de meniň çakym çykmady, gelsek bu
ýerde bizi myhmançylyga çagyrmaga gelen ýene-de
bir ýumuş oglany garaşyp duran eken.
Ol biziň öňümizden çykyp: «Agyrmyrat akga,
babam myhmanlarynam alyp gelsin diýor!» diýip
156
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
habaryny berdi. Ol ýerdenem bizi başga öýe äkitdiler. Men bir gezek Hommada ýolda bir öýden başga
bir öýe barýarkak, doklugymy, indem hiç zat iýere
ýagdaýymyň ýokdugyny aýdan wagtym, ol: «Andreý
Andreýewiç, gaýrat et, çagyrylan ýere barmazlyk,
biziň ilde halanylmaýan zatlaryň biridir. Köp iýmek
hökman däl, işdäň alanyny iýäýersiň, duzuny dadyp,
goýsaňam bolar, barmasak «Duzumyzdan uly boldy,
ugursyz myhmanlar eken» diýip, gaty görerler» diýip
düşündirdi.
Her baran ýerimizde-de ähli gürrüň meniň töweregimde bolardy. Töwerek meniň Leningrad hakynda
beren gürrüňlerimi höwes bilen diňlärdi.
Bir baran öýümizde meniň gürleýşime birden
pyňkyryp gülen oglanjygy bada-bat öýden çykaryp
kowdular. Özümiň türkmençe gepleýşimiň näderejededigini bilýänim üçin, men oglanjykdan gaty görmedim. Gaýta, tanyş fransuzymyň rusça gepleýşini
ýatlap, şoňa meňzeýän bolsam gerek diýip oýlandym.
— Lenin agany öz gözüň bilen gördüňmi? —
diýip, menden uly gyzyklanma bilen soraýardylar.
— Gördüm — diýip, jogap berýärdim, öz
duşuşygymy ýatlaýardym.
— Bir ýerde ýaşabam, heý, görmezmi — diýýänlerem bardy. Dogrudanam, olaryň birnäçesi meni
Wladimir Iliç bilen bir kowçumda ýaşaýandyr,
her gün irden duşuşyp, «Sag aman ördüňizmi?»,
«Şükür» diýşip, onuň bilen özleriniň soraşyşlary ýaly
häli-şindi saglyk-amanlyk soraşýandyr öýdýärdiler.
157
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Soraga nähili jogap berjigimi bilmän ýaýdanjyran
wagtym, ýagdaýymy duýup Hommat maňa kömege
ýetişerdi. Ildeşlerime gerek jogaby onuň özi bererdi.
Biziň aramyzda her gezek diýen ýaly töweregiň
bilesigelijiliginden, olaryň soraglaryndan dörän
gürrüňler bolýardy:
— Lenin aga, Görogldy beg ýaly ýetmiş iki dil
bilenmiş diýýärler?
— Köp dil-ä bilipdir...
— Onda ol türkmençänem bilendir.
— Hywaly türkmen Mollaoraz onuň ýanyna
barypdyr-a, şonuň bilen, elbetde, gepleşendir —
diýip, süýrükelle ýigit öz sözüni tassyklatjak bolup,
soňundanam meniň ýüzüme seretdi.
Men oňa:
— Wladimir Iliç bilen duşuşan mahalym men
Türkmenistana gelmändim, türkmen dilini-de
bilmeýärdim. Şol wagt türkmençäni bilen bolanlygymda onuň bilen siziň diliňizde gepleşip görsem-de
görerdim — diýip, ýarym oýun bilen jogap berdim.
Bir gezek eli hasaly garryrak aýal biziň oturan
öýümiziň gapysyny açdy. Bu ilde aýal-erkek, hasda ýat adam aralarynda bolan mahalynda garyşypgatyşyp oturmaýarlar. Gapynyň bir gapdalynda
oturan öý eýesi ýigit ony görüp aladalandy.
— Ene, sizmi?
— Mendirin, oglum.
— Girjek öýüňi ýalňyşan-a dälsiň?
— Ýok, balam... Lelin agany gören, türkmençe
158
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gepleýän orus myhman geldi diýdiler, şony göräýin
diýdim.
— Gel onda, otur.
Öý eýesi oňa ýanyndan ýer berip oturdy. Ol
gürrüňe goşulman, gündogar aýallaryna mahsus
kanagatlylyk, saýhallylyk bilen töweregi diňläp
oturdy. Birsalymdanam ýadadymy ýa-da öz gelmegi
bilen gürrüňiň şowhunyny gaçyrandyryn öýtdümi
nämemi., gidermen boldy. Diňe işikden çykyp
barýarka: «Şeýdip ynsan-ynsanyň dilini tapawersin,
Hudaýym...» diýip dillendi-de, soňundanam doga
meňzeş birzatlary hümürdedi.
Biz gijäniň birwagty argynlygymyzy duýup, birsalym ýatyp dem-dynç almagy arzuw edinişip, myhman ýerimize dolanyp geldik.
* * *
Ýolötene barýan ýol, hä diýmän, bizi jahan ýagtylyp ýetişmänkä, oba çalym berip oturan şäherjige
getirdi. Bu gün bazar güni eken. Adamlar daň bilen
aýak üstündediler. Ikibir, üçbir bolşup., gürleşip,
şäher töwe-regindäki obalardan gelýän atly, eşekli
bazarçylar häli-şindi bize gabat gelýärdiler.
Görüp otursam, Mary töweregindäki posýoloklarda adaty bazar hepdäniň dördünji, altynjy günlerinde
dürli-dürli wagtlarda edilýän eken. Bu, elbetde,
adamlaryň birek-biregiň bazaryny bazarlamaga özleri
üçin döredilen mümkinçiligi bolmaly. Birsalymdan
159
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
biz türkmen zenanlarynyň geýnişinden üýtgeşik
geýnen zenany eşegaraba mündürip alyp barýan
adamyň yzyndan ýetdik. Arabany başy selleli, ak
köýnek, ak balakly, aýakýalaňaç, türkmenlere
görä has garaýagyz görünýän alagöz adam sürüp
barýardy. Aýal arabanyň dörtden üç bölegini tutup,
uly bir deňiz köpüginiň ortasyndan kellesini çykaryp
oturana meňzäp, töweregini synlap, gözlerini ýaldyradyp otyrdy.
Her gezek men özümiň öň görmedik türkmen
tirämiň arasyna düşenimi töweregimdäki aýallaryň
geýimleriniň üýtgemeginden aňýardym.
Tireleriň erkek adamlarynyň aýallara seredeniňde,
bir-birleri bilen has ysnyşykly gatnaşykda bolandyklaryny olaryň geýen geýimlerinden çen tutup
bilse bolýar. Erkek adamlaryň geýnişinde uly bir tapawut ýok. Aýallaryň geýnişinde welin tapawutlylyk
mese-mälim. Meniň Kaka, Duşak töwereginde synlan aýallarymyň geýnişi, teke tiresiniň aýallarynyň
geýnişinden tapawutly.
Saryk tiresiniň aýallary-da özboluşly geýinýärler. Hut düýn Hommat ikimiziň aramyzda, ýolda
gelýärkäk bu barada gürrüň bolupdy. Şonda ol maňa
saryk tiresiniň zenanlarynyň geýimleri hakynda öz
bilýän zatlaryny aýdyşdyrypdy.
Bu etrabyň ýaş gelinleri börügiň üstünden
owadan matalardan tikilen ýeňiljek bürenjek atynýarlar. Orta ýaşan aýallar ak hasany sary ýa-da gyzyl
reňklere boýap atynýarlar. Bu öz gezeginde olaryň
160
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ogul öýerip, gyz çykarandygyny alamatlandyrýar.
Hasany toýlarda dabara bilen bu derejä mynasyp
bolan zenanlaryň başyna atýarlar. Iň garry aýallar ak
hasany atynýarlar, agtyk-çowluk gören aýallar, diňe
şol aýallar ak esgi atynmaga mynasyp hasap edilýär.
Il içinde agtyk-çowluk görmedik aýallaryň arasynda
segsen ýaşasa-da, ak atynmadyklar bolupdyr.
Gören, eşiden zatlarymy ýatlanym üçin, şeýle-de
bu hili geýnen aýala heniz duşmanym üçin, ony gören
wagtym men ýene-de bir öň özüme näbelli bolan türkmen tiresiniň arasyna gelendigimizi çak etdim. Ýöne
men bu gezek ýalňyşan ekenim. Arabanyň üstünde
ak guw ýaly bolup oturan aýal buluç zenany bolup
çykdy. Aýdyşlaryna görä buluçlar bu ýere golaýda
gelenmişler... Owgan emiri, Habibulla han, Beçe
Sako tarapyndan tagtdan agdarylandan soň, emiriň
tarapynda durup urşan buluçlaryň hem bir bölegi
ýurduny taşlap gaçmaga mejbur bolupdyr.
...Taryh buluçlaryň birçak Siriýanyň Halap
şäheriniň töweregindäki daglarda ýaşan halk bolanlygyndan habar berýär.
Omiadlar dinastiýasynyň Halifi Ýaziz (680—683)
ymam Hereti öldürensoň, buluçlar şol ýerden dargapdyrlar.
Gündogaryň belli şahyry Firdöwsi hem öz
«Şanamasynda» Hosrow patyşanyň buluç taýpalary
bilen gandöküşükli söweşler edendigini ýazypdyr.
Buluçlaryň ýaşululary gelip çykyş taryhlary bilen
gyzyklanyp sorag beren wagtymyz: «Biziň aňrymyz
161
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Mir Jalalyň dört oglundandyr, Mir Jalalyň bolsa
kimdigini, Hudaý janyň özi gowy bilýändir» diýşip,
çaklama gürrüňleri aýdyşdylar.
Buluçlaryň türkmenleriň arasyna düşen
topary özbaşlaryna, küren il bolup oturan ekenler.
Olaryň kethudasyna Abdykerim diýilýär. Hommat Atabaýewiň tabşyrygy boýunça özüniň ýörite
Kerim han bilen duşuşmalydygyny aýdyp, meni-de
buluçlaryň ýanyna alyp gitdi.
Ol ýere ugramazymyzdan öň Hommat sakgalmurtuny syryp, özüne ýagşy serenjam berdi. Marydan bäri ýeke gezegem egnine sokmadyk komissar
keltekçesini, maňlaýy ýyldyzly papagyny geýdi. Men
ony synlap, onuň gürleşmeli adamsynyň ýönekeý
adam däldigini, bu geýimleriň häli-şindi kim bilen
gepleşýänini ol adamyň öňünde nygtamalydygyny
oýlanyp bildim.
Hommat iki tarapdan baýdak göterilip, gepleşik
üçin söweş togtadylandan soň, bolşewigiň adyndan
gepleşige ugrajak komissara meňzedi.
Buluçlaryň köpüsi ýerkümeler gazynyp, onuň
üstüni ot-çöp bilen basyryp ýaşaýan ekenler.
Aýakýalaň, başaçyk çagalar düňküldeşip, ýeriň
çygyny hasaba alman, şowhun bilen oýnaşyp ýörler.
Garagözelejik, Güne ýanan horhomsy çagajyklar.
Olar biziň münüp barýan atlarymyzy, geýimlerimizi
gapdaldan geçen wagtymyz aýratyn bir gyzyklanma
bilen synlaýarlar. Wagyrdaşyp öz aralarynda, bize
düşnüksiz bolan dilde gygyryşyp gürleşýärler. Hom162
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
mat at üstünde töweregini synlap barşyna, nämedir
bir zady göwnüne jaý edip bilmän çygyldy: «Andreý
Andreýewiç, biler bolsaňyz, şulara hökümet tarapyndan iki gezek pul kömegi berildi. Öý dikip, ile
meňzeş ýaşasynlar diýlip. Birinji berlen pul-a Kerim
han tutuşlygy bilen özüne siňdiripdir. Sürüsini
artdyrypdyr. Ýakynda respublika ýene-de bulara
pul kömegini berdi. Ana, görýäňiz-ä, heniz-ä hiç
hili üýtgeşiklik ýok. Ony-da Kerim han öz derdine
ýaradan bolmaly. Gaýgysyz Serdarowiç maňa şu
kömegiň köpçülige paýlanyşy bilen gyzyklanmagy
tabşyrypdy»... Biz iki-üç sany, töwrekden aýratyn
bolup saýlanyp oturan palçyk jaýyň öňünde at başyny
çekdik. Bu jaýlar Kerim hanyň, onuň ejesiniň bolýan
öýi eken. Gapylaryň öýünde oňa-muňa güýmenişip
ýören talabanlar, biziň ýanymyza gelseler-de, atlarymyzy tutmaga howlukmadylar. Olar baryp habar berensoňlar, öýleriň birinden geýnüwli, bili hanjarly,
aýagy teletin ädikli, ýüpek, ak matadan bol edilip
tikilen köýnek geýen on-üç, on-dört ýaşly ýigdekçe
epeýsiräp çykyp, biziň habarymyzy aldy.
— Kerim han ogly, Mir Aly han sizi diňleýär,
adamlar. Aýdyberiň habaryňyz bolsa!
— Türkmenistan respublikasynyň wekilleri,
Gaýgysyz Atabaýewiň tabşyrygy bilen, Kerim han
bilen gepleşmäge geldi. — Hommat bu sözleri aýdyp,
özüniň kimdigini, maksadyny mälim etdi.
— Kerim han öýünde ýokdur, ol çöldedir, aw awlaýandyr. Aýdybermelidir, onuň ogly sizi diňleýändir!
163
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Kerim han haçan gaýdyp geler?
— Ony hanyň özi, hem Alla bilýändir. Han atam
Hudaýdan başga adama hasap-hesip berýän däldir.
Ol bu sözleri «Size — bolşewiklere degişli» diýen
manyda diýdi.
— Çöle çykan bolsa, onda ol bir hepde-on günsüz
gara bermez — diýip, Hommat oglanyň gepleşmäge
göwünlidigine ähmiýet bermän, atyny yzyna dolady.
— Guşgudan dolanyp gelýärkäk darap geçäýmeli
bolar ýa-da ýolda onuň özüne duşarys... — diýip,
özüni kanagatalandyrdy.
Buluçlar ýaşaýyşlarynyň kynlygyna seretmezden,
öz ýaşaýyşlaryndan gowy ýaşaýşyň barlygyny
bilmeýändikleri üçin bolsa gerek, şadyýan ekenler. Olar topar bolşup, tans edişip, gadymy buluç
aýdymyny üýtgeşik bir göçgün bilen zarynladyp
aýdýan ekenler.
Ölümiň alamaty — gyzdyrma gagşamadyr.
Ýagyşyň alamaty — gaý-tupan — çagşamadyr.
Söýginiň alamaty — ýylgyrma — ogşamadyr.
* * *
Ýolötene gelip, Gyzyl Goşunyň Ýolöten otrýadynyň
komandiri Atçapar Taýyrow hakyndaky gürrüňlerim
ýene-de meniň Guşgy galasy hakynda eşiden zatlarymy ýatlamagyma sebäp boldy.
... Guşgy 1917-nji ýylda Oktýabr rewolýusiýasynyň
Peterburgda amala aşanyny eşiden ilkinji nokatlaryň
164
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
birisi bolupdyr. Bu ýerde güýçli telegraf gatnaşygy bolupdyr. Şeýle-de bu ýerde A.N.Zaýsew, G.S.Morgunow,
I.K.Sliwiskiý, I.N.Sybizow ýaly bolşewikler hem bar
ekeni. Guşgy galasy Peterburga telefonogramma ýollap, rewolýusiýa öz sesini goşupdyr. Guşgy galasynyň
ýokarsynda rewolýusiýanyň Gyzyl Baýdagy peýda
bolupdyr.
...Rewolýusiýanyň öňüsyrasynda knýaz Nikolaý
Konstantinowiç Romanowyň başda durmagy bilen
Guşguda gorhana döretmeklik (THO-nyň okýaragynyň uly bölegini saklamak) karar edilipdir. Bu
işe ýolbaşçylyk etmek bolsa polkownik P.P.Swetkowa
tabşyrylypdyr. Az salymyň içinde Guşguda Türküstan
harby okrugynyň ok-däri zapasynyň ýarysyndan gowragy jemlenipdir. Jahan urşy artilleriýa skladlaryny
boşadypdyr. Diňe Guşgy gorhanasynyň ok-däri zapasy ellenilmändir. Onuň rus-owgan ýagdaýlary juda
bulaşan ýagdaýynda gerek boljagy göz öňüne tutulypdyr. Angliýa ruslar bilen owganlary çaknyşdyrmagy
niýet edinipdir. 1918-nji ýylyň 21-nji iýunynda
Welikobritanyýanyň baş ştabynda «iňlis-hindi»
administrasiýasy Owgan emiriniň Mary — Guşgy
aralygyny eýelemegine hökman kömek etmelidir
diýlip ýörite hat taýynlanypdyr.
Gala bolşewikleriň eline geçensoň, olardan galany
hem gorhanany almak niýeti bilen Graf Dorrer öz
adamlary bilen bu ýere gelipdir. 29-30-njy iýulda
iki güne çeken Guşgy Sowetiniň ýygnagyndan soň,
guşguly işçiler, gyzyl goşun esgerleri «..Hiç kime ok165
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ýarag bermeli däl, şu ýarag bilen goranmaly, çörek,
güýç meselesi bilen ýerli daýhanlara ýüzlenmeli,
juda çykgynsyz ýagdaý bolsa, onda galany duşmana
tabşyrman ýarmaly, eger gala tabşyrylsa, bu işçiler
synpyna dönüklik edildigi bolar...» diýip netijä
gelipdir.
Bolşewikler Soweti öz kararlarynda daýhanlar
bilen arany sazlamaly diýende bu işe hötde gelip
biläýjek adamlaryny göz öňünde tutupdyr. Olaryň
garadan gaýt-mazlarynyň biri-de, aňly-düşünjelilik
bilen özüni rewolýusiýa tutuşlygy bilen beren, oňa
elinden gelen hyzmaty gaýgyrmaýan Atçapar Taýyr
ogly bolupdyr. Atçapar jahyl wagtlary Hindiguş GESini guran rus ussalarynyň arasynda işläp, olaryň
dilini öwrenipdir. 1914-nji ýylda ýerli baýlar ony,
öz garyndaşynyň deregine päleçilige ugradypdyrlar.
Goňur esger şinelini geýen Atçapar uruş hupbatlaryny birkemsiz başyndan geçiripdir. Edermenligi
üçin Georgiý haçy bilen sylaglanylypdyr. Rewolýusion meýilli adamlar bilen duşuşyp, ysnyşypdyr. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň ol ýene-de iline dolanyp
gelipdir. Podpolýeçi-bolşewikler Täşli Annamyradow,
Alan Zepow, Akmyrat papak bilen goşulyşypdyr.
Bu gatnaşyklar bolsa soňra onuň Goşgy galasyndaky rewolýusionerler bilen ysnyşygyna, öz halkyndan
ilkinjileriň biri bolup, rewolýusiýanyň atlysy bolmagyna sebäp bolupdyr.
Atçapar egni gyrmyz donly, aýagy teletin ädikli,
başy keseligine gyzyl mata tikilen ak silkme telpekli,
166
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
görenlerde höwes döredip, at üstünde gezýän ýigit
eken. Ony görende dünýäsini unudýan gyz-gelinler az
bolmandyr. Şol zenanlaryň biri-de Rahmanýaz hanyň
üçünji aýaly, tatar täjiriniň gyzy, öz görmegeýligi,
nä-zikligi bilen ýigitleri ýuwdundyrýan Zeýtune han
bolupdyr.
Zeýtune han ony soňuna saýman, adamsynyň
gazabyndan çekinmän, din-adatyň perdesine hasaba
alman söýüpdir. Onuň gözi hemişe töwereginden
Atçapary gözläpdir. Otursa-tursa, atyny säpjedip
gelýän görmegeý ýigit onuň gözüniň öňünde bolupdyr.
Bir ýola iki sany bir-birege küýsäp ýören ýürege
belet, Atçaparyň otrýadynyň esgerleri Zeýtune hany
ogurlap, guma, Atçaparyň huzuryna alyp gelipdir.
Ony getirenler özleriniň haýyr iş edendiklerine halys
ýürekden ynanýan ekenler. Ýene Zeýtune han ömründe birinji gezek Atçapara alagöz bolup seredipdir.
— Kimden garaşsam-da, senden-ä beýle peslige
garaşmandym, Atçapar! — diýip, hiç zatdan bihabar Atçaparyň ýüzüne durupdyr. Atçapar hem ýigitlerine: «Häziriň özünde burnuny ganatman, alyp
gaýdan ýeriňize eltiň!» diýip, yzyna öwrülip gidipdir.
Sen bu aýallary goýaýgyn, bular bir düşnüksiz
dünýä bolýan eken. Şundan soň Zeýtune hanyň
Atçapara bolan söýgüsi has-da artypdy...
Halky öz tarapyňa çekmek meselesinde aklar hem
uly işler geçiripdirler. Polkownik Zykowa tizden
«Murgap frontuny» döretmek, Guşga zabt etmek
167
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
başardypdyr. Ýerli milletiň Gurbanýaz han, Rahmanýaz han, Seýitmämmet han ýaly barly adamlary
Zykowyň tarapyndan ýygnanyşypdyrlar. Guşgy
bolşewikler Sowetiniň tabşyrygyny alan Atçapar
Taýyrow, Täşli Annamyra-dow dagy il içine gidipdir.
Gysga wagtyň dowamynda olar Ýolöten, Tagtabazar
iliniň agramly bölegini öz agyzlaryna garatmak, iliň
Arnageldi Ýagmyr, Gully Emin, Akynyýaz Mämmet
ýaly abraýly adamlaryny öz taraplaryna çekmek
başardypdyr.
«Murgap frontunyň» gürrüňi bolanda, bir ýola
bize Hezretguly-Hezzi akga diýilýän adam özüniň ol
goşunda bolanyny gürrüň berdi.
— Bizler-ä barammyzda Söýnaly-Bedenden üç
adam-dyk, ýolbaşçymyz bolsa, mana, ol Ýazgeldi
tarkaş. Gulhan baý bizi hakyna tutupdy. Herimize
bir tamdyr nan berdi. Bir goýnam gowrup berdi.
Birazrak guşdyrnak çaý bilen şahanabadam berdi.
Bu zatlar biziň nirde gören zadymyz. «Berim gökden
ýol ýasar» diýleni. «Urşa gitmeli» diýdiler, «Bor,
urşa gideris» diýdik... Bärden baryp, birki gün-ä
ýatdyk. Çemenäniň töwe-reginde ýylgynlygyň içinde.
Üçünji günem säher-säherler Allany çagyryp, çozduk
demir ýola tarap. Äý, Orus seni bir golaýyna ertomy.
Aňyrdan bir otly göründi. Soňundanam plimýot atyp
gyzyl ot bolup ugrady. Biziň bolsa ýaragymyz egri
gylyçmy-da, çarşak, gyrkylyk. Berenlerinde «Häzir
şular bilen urşuň, galany alanymyzsoň, heriňe
bir bäşatar bereris» diýdiler. Baýyň beren zatlary
ýadymyzda, bizem hoşuň atasy ölmändir, «Hoş»
168
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
diýdik. Otludaky oruslaryň arasynda bir ak telpekli
türkmenem göze ilýädi. Soň eşidip otursam, ol gyzyl
gojalynyň Atçapary ekeni.
Alan goşumyz bolmady, yza çekildik. Äý, biz-ä
näme, bir ulurak ýylgynyň üstüne donumyzy atyp,
kölge edindik-de, ondan-mundan gürrüň edişip ýatyberdik. Iýmäge azygymyz bar, içsegem derýadan
tüňçäni dolduryp, oda goýaýmaly.
Ine, bir gün giçlik pinek edip tursam, töweregimde
adam ýok. Birazdan ýoldaşlarym ýene-de donlaryny
süýreşip geldiler. Gully emin bilen Akynyýaz Mämet,
Atçapar üçüsi gelenmiş. Olar ili ýygnap:
— Oglanlar, öýli-öýleriňize dargaň. Ol gala size
aldyrjak gala däl. Zykowyň gepine gitseňiz, siz ardurja ölersiňiz. Ak patyşany tagtyndan agdarmaga
hötde gelen bolşewik, indi size-de, siziň Zykowyňyzada hezil bermez! — diýip, wagyz edipdirler. Aý, şu
gürrüňden soň adamlaryň göwni bölünip, mazasy
bolmady. Iki bir, üç bir bolşup, syp berip gaçmak
bilen boldular.
«Türkmeni göçürjek bolsaň, ýanyndan göç geçir»
diýleni ýene-de bir gezek hakykatlygy tassyk boldy.
Bizlerem şol gije göterilip gaýtdyk.»
...Bir ýola Atçapar şähere gelip, yzyna Guşga
barýan wagty ýolugruna aýal doganynyňka sowlupdyr. Muny kimdir biri Rahmanýaz hanyň gulagyna
ýetiripdir. Ol-da öz gezeginde Türkmengala Durdy
tentege atly iberipdir. Rahmanýaz han ony öz eli
bilen öldürmäge onuň ilinden, hem öz aýaly Zeýtune hanyň soňky gazabyndan çekinýän eken. Şonuň
169
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
üçinem ol Atçapary ýok etmägi Durdy tentek bilen
öňden dilleşikli bolupdyr.
Obanyň ilersinde onuň görnerine garaşyp duran
Durdy tentek duýdansyz gapdaldan çykyp, Atçapary
ok-ýaragyna elini ýetirmän atypdyr. Ýöne onuň
ölüminde Rahmanýaz hanyň eliniň barlygyna hiç
kim şübhe etmändir. Atçaparyň dosty, halky Gyzyl
Baýdagyň töwereginde jebislemekde uly işler bitiren,
häzirki döwürde respublikanyň ýolbaşçy işgärleriniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 09
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.