Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 09

Total number of words is 3632
Total number of unique words is 2065
33.3 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
biri bolup ýetişen Täşli Annamyrat il içinde Rahmanýaz hanyň ýüzüne durupdyr.
— Sen mönsüräp hiç zatdan habarsyz bolan
bolma, han! Sen türkmeniň gülüň seçegi ýaly ogluny,
Leniniň Gyzyl Goşunynyň merdana esgerini ýok
etdiň. Indi seniň günüň durlanmaz!...
Atçaparyň ölümi, Rahmanýaz hanyň töwerigindäki köp sanly adamlaryň serpilmegine sebäp
bolupdyr.
Zeýtune han Atçapar Taýyrowyň ölen güni başyna
atan ýas bürenjegini henizem aýyrmanmyş...
Ýola çykan wagtymyz biz il içinde ady rowaýata
öwrülen Gyzyl esger Atçaparyň guburynyň öňünde
bir salym at başyny çekip geçdik. Gerçek ýigit bir
tümmek gum bolup ýatyr. Onuň guburynyň üstünde
ýadygärlik gurmak göz öňünde tutulan borly. Ol
şäherjigiň orntasynda, adamlaryň gelim-gidimli ýerlerinde jaýlanypdyr. Wagt geler, halk öz bagty üçin
göreşde wepat bolan esgerleriniň hemişe öz aralarynda bolmagyny isläp, onuň Zeýtune hanyň gözünde
galan atyny säpjedip, Guşgy bolşewikleriň arasyna
170
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gaýdyp baran heýkelini gubur üstünde döreder. Heý,
Atçapar ýaly ogly bolmadyk halkam bir göz öňüne
getirip bolarmy? Ýolötende Guşga çenli islendik
gürrüň Atçapara direýär.
Men onuň guburynyň başynda durkam, ýene-de
bir gezek ol hakynda eşiden zatlarymy ýatladym,
entek ýene eşitmedik zatlarymyň näçedigi hakynda
oýlandym.
...Guşga tarap biz pikirimizdäki Atçapar bilen üç
bolup ýola düşdük.
* * *
...Pikirimde häzir men ýene-de Petrogratda.
Alnymda Smolnyý. Birmahalky ýagan gar onuň daş
töweregini ak deňze öwrüpdir. Rewolýusion göreşiň
merkezi bolan Smolnynyň öňi sütünli ak jaýy mermer
ymarata meňzeýär. Garaňky düşüp, birçak köçelerde
aýak ýygnanypdyr. Girelgäniň öňünde sakçy ikiýana
gezmeleýär, käte durup aýaklaryny bir-birlerine
tarp-tarp kakyşdyrýar. Töweregine garanjaklaýar.
Soňundanam, ýene-de adaty gatnawuny dowam
edýärdi.
Men indi birreýämden bäri Smolnynyň
garşysyndaky oturgyçlarynyň birinde onuň gapysyny
nazara alyp otyryn. Göwnüme bolsa, hä diýmän, ol
ýerde Wladimir Iliçiň tanyş keşbi peýda bolup, özüme
garşy ýöräp gaýdyberjek ýaly bolup dur.
171
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Garaşdym, ýöne W. I. Lenin wagty bilen gara
bermedi... Leningraddan Türkmenistana gaýtmazymdan birki gün öň men Smolnynyň öňünde durup,
şu pursady başdan geçiripdim...
* * *
Düýn myhman ýerimizde otyrkak, ýer-suwdan
gürrüň çykanda Soltanbendiň ady ýene-de agzalypdy. Gadymy Merwiň taryhy bilen gyzyklananymda
ol bendiň ady maňa ençeme ýerde gabat gelipdi.
Ýazgy galdyran taryhçylaryň ählisi-de bir-birinden
habarsyz, dürli asyrlardan bu ýere gelendiklerine
seretmezden, hemmesi dilleşen ýaly şol bir zady,
Murgap derýasyna gurlan Soltanbendiň Merwiň
Merw bolmagynda uly rol oýnanlygyny biragyzdan
nygtaýardylar. Gürrüňçilikden men bende ýakyn
gelendigimizi aňdym. Bendiň kagyz gatlarynda
galan taryhy bilen gyzyklananym üçin, onuň bilen
duşuşygyň köne dosty bilen duşuşyk ýaly ýakymly
boljagy hakynda oýlandym.
Ýeri gelende bolsa Hommada: «Şol bende gidip
göräýmeli eken!» — diýip, oňa şol ýere gitmäge
göwünjeňligimi hem duýdurdym.
— Ýüz ugrumyza deger-de geçäýeris. Ol biziň
öňümizde, onsoňam, Andreý Andreýewiç, ýeke ol
däldir, bu öwrede bent bary bardyr. Jynly bent, Çaňly
bent, Gyzykly bent.
Hommat bu bentleriň adyny, haýsyny gör172
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
eris diýseňiz, baraýarys diýen äheňde aýdyşdyrdy.
Soňundanam Kerim hanyň obasyna gidenimizde,
onuň duşundan geçendigimizi, ýada düşen bolsa şol
wagt hem sowlup, bendi synlamaga mümkinçiligiň
bolanlygyny ýatlady.
Biz hoşlaşyp, ugramakçy bolanymyzda,
Hommadyň bu ýere gelenimiz bäri adyny tutman
«daýy» diýip, ýüzlenen uzyn boýly, bili bükülip ugran
ýaşulusy Ýazguly aga atlaryň gapdaly bilen ýöräp,
bizi ýola çenli ugratdy. Guşgudan dolanyp gelýärkäk
ýene-de öz öýünde düşläp geçmelidigimizi talap edijilik bilen aýtdy: «Häzir ýaz diňe ýylan-içýan däl,
hökümeti hasap etmäsi gelýän ýylanlaram az däldir,
bir ýanyňyzy oba edip ýöräň, şonda aňsat hiç kim
size batyrynyp bilmez» diýip sargaşdyrdy. Soňam
esli wagtlap biziň yzymyzdan ellerini owkalaşdyryp,
ýene-de haýsydyr bir diýjek zadyny huşunda ýitirip
tapmaýana meňzäp durdy.
Dem-dynjyny alan atlarymyzy ýene-de Guşgy ýoly
bilen sürüp ugradyk. Birsalym Ýazguly aga hakynda
gürleşenimizden soň, biz ýene-de hälki Soltan bentli
gürrüňlere dolanyp geldik.
...Soltan bent 1072-1092-nji ýyllar aralygynda
Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň permany
bilen gurlupdyr... Çingiz hanyň goşuny ony ýerýegsan edipdir.
1728-nji ýylda Nedir şa awşaryň inisi Ibragim
han Marynyň özüne boýun egmeýän halkynyň üstüne
gelende, şäheri dyza çökerenden soň, bendi hem ýykdyrýar.
173
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Ýöne wagt ýene bir gezek, ýurda bendiň gerekdigini subut edipdir. Ony täzeden dikeltmek niýeti
bilen Nedir şa aladalanyp ugrapdyr. 1733-nji ýylda ol
Hamadan şäherinde ýörite maslahat çagyrypdyr. Maslahata gelenleriň köpüsi bendi täzeden dikeltmegiň
mümkin däldigini aýdypdyrlar, bende sarp ediljek
harajady, Merwde çuň guýular gazmaga sarp etmegi,
şeýdip şäheri suwly etmegi maslahat beripdirler.
Berlen maslahatlaryň hiç birisi-de Nedir şa
awşaryň göwnüne jaý bolmandyr. Bir gün bolsa ol
ukudan turansoň: «Düýş gördüm, düýşümde ýanyma
Hydyr ata gelip: «Bendi Ibragim han ýykdy, indi ony
şonuň özü-de dikeltmeli...» diýdi» diýipdir.
Birnäçe günden Ibragim han agasynyň Horasanyň
merkezine öwürmek isleýän ýeri Merwe ugrapdyr.
On müň adam bendi 40 gün diýlende gurup gutarypdyr. Ýöne gurlan gününiň ertesi ony suw böwsüpdir.
Bendi diş-dyrnak bolup guran adamlar, suwuň eden
weýrançylygyna seredişip aglaşypdyrlar. Öň goýberilen ýalňyşlyklary hasaba alyp, öňki pikirleri has-da
ösdürip, bendi täzeden dikeldipdirler. Adamlar suwy
öz erkleriniň çägine salypdyrlar. Şundan soňam
Soltanbent dürli döwürlerde telim gezek ýykylyp
dikeldilipdir.
Baýramaly han hem öz hanlyk süren ýyllary ony
dikeltmegi niýet edinipdir. Nedir şanyň göreldesine
eýerip, gurluşyga baş edip öz inisini ýollapdyr. Ala iki
ýylyň dowamynda Murgaby bentlemek başardypdyr.
Ýöne bir gije hemmeler süýji ukuda ýatan mahaly,
174
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
bent böwsülip, jylawyny başyna çolap gözüniň gören
tarapyna yňdarylyp gidipdir. Aly goşa nogala atdyryp
suwuň öňüni almaga synanyşypdyr, şol tutda-baslyda
aşakda duýdansyz peýda bolany üçin, ýokardan goýberilen nogala ony girdaba äkidipdir.
Baýramaly hanyň şu waka çenli ady Baýram
ekeni, inisini derýa aldyransoň onuň adynyň ýerde
ýatmazlygyny isläp, ol öz adynyň yzyna inisiniň
adyny goýup, Baýramaly han bolupdyr.
Hommat bir ýola kibir bolup epäp ýere siňip barýan, ýaz günleri duýdansyz öňünden çykýan ýagyş
suwundan dörän köljagaza meňzäp, ot-çöpleriň arasynda tegelenip oturan depäniň gabadynda atynyň
başyny çekdi.
Eşidip otursam, bu ýerde bir wagt başy otuzkyrk metrlige ýetip seleňläp oturan diň bolan eken.
Mary häkimlerine häli-şindi bendiň ýagdaýyny
bilip durmak zerur bolupdyr. Bendiň böwsülmegi
şäher üçin hemişe howply eken. Duýdansyzlykda
ýykylaýsa, onuň köp weýrançylyklar etjegi ikuçsuz
bolupdyr. Şonuň üçinem galada Soltanbent üçin badabat ýetişmek üçin ýörite goşun hem saklanylypdyr.
Bent bilen Mary aralygy ýakyn bolmansoň, her ses
ýetimlikde, şeýle diňleriň birisi gurlupdyr. Birinji
diňiň ikinji diňe, ikinjiniň bolsa üçünji diňe «Bent
abat», «Bent howp astynda» diýip, gygyrmagy bilen
bendiň habary her sagatda Mara ýetirilip durlupdyr.
Diňlerde hanlyk tarapyndan goýlan ýörite ynamdar
adamlar oturypdyr.
175
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Soltanbendiň suw howdany gamyşlaryň gabawynda inedördül giňişlik bolup çaýkanyp ýatan
ekeni. Ir säherden bäri günortadan öwüsýän şemal
onuň ýüzüni ownujak tolkunlardan doldurypdyr. Gün
onuň ýüzünde alowlap ýanyp duran oda meňzeş altyn
öwüşgünleri döredipdir. Bir ýerlerden gurbagalaryň
gatyraw sesi gelýär. Köli synlap durkak, gurbagalaryň
wagtal-wagtal arasy kesilip, soňundan ýene-de şol
öňki göçgünde ýaňlanýan sesleri «Çal-ty-rak», «Batly-rak» diýip, tolkunlaryň has ulalmaklaryny isläp,
göhi gelip, öjükdirip gygyrýana meňzeýär.
Soltanbendi iň soňky gezek 90-njy ýyllarda Buhar
hany ýykypdyr. Rus administrasiýasynyň gelmegi
bilen Soltanbentli meselä ýene-de täzeden dolanyp
gelinýär. 1887-nji ýylda Peterburgda senat «Murgap
ýakasyndaky ähli boş ýerleri patyşa mülki diýip kabul
etmeli hem-de ony patyşanyň Murgapdaky mülki»
diýip atlandyrmaly diýip ýörite karar çykarypdyr.
Patyşa mülküniň umumy meýdany 103908 desýatin
ýer bolupdyr.
Bizi görüp, bendiň suwuna gurlan elektrik
stansiýanyň jaýyndan, elini ýagly esgä süpürişdirip,
tegelek ýüzli kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky rus adamsy
çykdy. Bu elektrik stansiýa patyşanyň Baýramalydaky mülküniň merkezini hem-de ol ýerde gurlan
ýag zawodyny göz öňünde tutulyp gurlupdyr.
Russiýadan alysda özüme gabat gelen ildeşimi
begendirmek niýeti bilen men rusça gürläp, oňa
özümiň kimdigimi aýan etdim. Ýöne meniň sözlerim
176
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
bu gümbaş görünýän adamda hiç hili üýtgeşme döretmedi. Biz ony gürrüňe goşmak niýeti bilen ondan
elektrik stansiýanyň haçan gurlanyny, gurluşyga
ýolbaşçylyk eden adamyň kimdigini soraşdyrdyk.
Ol ýagly esgi bilen howlukman, barmaklarynyň
hersini ýeke-ýekeden aýratynlykda süpürip durşuna,
bizi diňläp: «Men näbileýin» diýen manyda boýnuny
ýygryp, kibtini gysdy. Soňundanam: «Kuzmiç-ä bilse
bilerdi» diýip, bu ýerde bir ýok adamy ýatlady.
Biz Kuzmiçiň häzirki gürrüňdeşimizden parhly
bolaýmagynyň mümkindigini, ol gelse ondan täze bir
zatlar eşidip, gürrüňdeşimizden Kuzmiçi soradyk.
— Hany onda çagyr Kuzmiçi.
— Kuzmiç ýok.
— Nirä gitdi?
— Ol Woroneže iline gitmegi niýet edinýärdi,
ýöne ol geçen ýyl öldi. Türkmenler ony äkidip öz
öwlüýälerinde jaýladylar.
Bu adam bilen öz islän gürrüňimiziň bolmajagyna biziň gözümiz ýetdi. Bendiň üstünde durup
töweregimizi synladyk, deňiz bolup duran suwuň
gatladan geçişine tomaşa etdik. Gatlanyň ygynda,
suwuň bat bilen tüwdürilip çykýan ýerinde balyklar
häli-şindi segreşip, özlerini asmana zyňýan eken.
Olar her gezek atylyşyp çykanda, suwuň ýokarsynda
lowurdap kümüş bölegi peýda bolan ýaly bolýar. Biraz
howada saklansoňlar bolsa olar ýene-de pažžyldap
suwa düşýärler. Bu başlyklarda köpelmäge höwes
döräp, suwa öz işbillerini taşlap ugrandyklarynyň
177
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
alamaty. Şeýle seredeniňde bolsa, bu ýer balyklaryň
«kim ýokary-da, kim ýokary» bolşup böküşýän ýerlerine, özboluşly hyjuw bilen ýerine ýetirilýän tansa
çalym edýär.
Suwuň köw urýan ýerinde bir gaýyk iltengi dur.
Gaýygyň içindäki balyklary synlap, men onuň bu
ýerde ýönelige durmanlygyna, balykçylyk edýänine
gözümi ýetirdim. Gaýykdaky balyklaryň birisi öňräk
düşen bolmaly, ol uzynlygyna süýnip ýatyşyna agzyny
öweldip, käte bir ýuwdunýar. Näme bolsa bolar-da
diýip, urunmakdan aryp, özüni ykbalyň eline berene
meňzeýär. Balyklaryň ikinjisi bolsa eplenip-ýazylyp
közüň üstünde bökjekleýäne çalym edýär, segräpsegräp özüni ajalyň elinden sypdyrmaga, suwuň
gujagyna öwrülip barmaga çytraşýar.
Bu görnüş Peterburga, onuň tokaýlarynyň eteginde surat çeken, tebigat synçysy bolup balyk tutan,
ýüzüme tüsse urduryp balyk çorbasyny taýynlan
günlerimi meniň ýadyma saldy. Häzir bu ýigit bize
çaýlap geçmegi mürehet edäýse, gör, men nähili
tagamly balyk çorbasyny taýynlardym...
Emma ýigit meniň islegimi duýmady. Onuň özüni
alyp barşy, meniň birwagtlar şeýle adamlar meselesinde: «Töweregini, özüni görmegi başarmaýan adamlar parhsyz bolýar» diýip, gelen netijämi ýene-de
bir gezek tassyklady. Yzymyza gaýdyp, ikilenç bendiň
üstüne çykanymyzdan soň, men durup, aşakdaky
türkmen öýlerinde gabat gelýän sallançaga meňzäp,
üwrelip duran balykçy gaýygyň suratyny çekdim.
178
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommat atlary ota goýberen ýerinden gidip
getirensoň, biz Guşga ýakynlap barýanymyzy
ýatlaşyp, ýene-de ýola düşdik.
* * *
Gadyrdanym Marina, seni-de, gyzjagazlarym
— jadyjyklarymy-da diýseň göresim gelipdir... Biz
bolsa Guşga, ýurduň günortasyna barýarys, anyk
bilemog-a welin, oňa çenli entejikler ýöremeli bolsa
gerek, Hommad-a: «Andreý Andreýewiç, indi Guşga
ýakynlaşdygam» diýýär. Ýöne men türkmenleriň
«ynhajygyna» indi biraz belet boldum. Olaryň «ynhajygy» bäri-bärde bolmaýar. Ata çykanyma welin,
biraz ýadaýan-da bolsam, begenmesem gynanamok.
Öňem seniň ýanyňda telim gezek ýatladandyryn-la,
çaga wagtlarym ejem pahyr köçelerde sygan aýallary
bilen duşulanda, olar pal atarman bolup ýanymyza
gelende pal atdyrman, meniň başymy sypalap: «Gowy
dileg diläň meniň ogluma!» diýip, hökman olara bir
zatlar eçilerdi. Onuň bu häsiýeti käte kakamyň:
«Olga, görýän welin seniň şu syganlar bilen bir
garyndaşlygyň-a bar, sen bulary görseň, öz halyň
bilen bolaňok!» diýip, degişmesine-de sebäp bolýardy.
Gezen ýerlerimi, gören ýurtlarymy ýatlan mahalym, men şol syganlar maňa hem ejem gowy
dileg diläň diýse, özleriniňki ýaly gezendeligi dileg
edendirler, hut şonuň üçinem ykbal meni bir ondan,
bir mundan çykarýandyr diýip pikir edýärin. Şundan
179
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gowy ol bendelerde nähili gowy arzuw bolup bilsin
ahyryn.
Otly bilen bu ýoly geçen bolanlygymda, gör, näçe
zatlary görmän, duýman duşumdan geçirjek ekenim.
Häzir ýaz. Aşgabatdan çykanymyz bäri, üýşüşipçaşyşyp ýören bulutlar biziň depämizde. Aşakda bolsa
ýaz otlary güldür-ýaprak bolşup, dünýäni eýeleşip
otyrlar. Bu iliň ýazy biziň tomsumyzy ýadyňa salýar.
Häzir biz Tejen derýasy bilen Murgap derýasynyň
aralygyndaky çägesöw, baýyrly meýdan bilen barýarys.
Asman ygalyny ýetirse, bu ýerde her ýyl ot-çöpüň
başyna gören ýaly bolýandygyny gürrüň edýärler.
Bu ýerde goýun sürüleri-de başga ýerlerdäkiden has
köp gabat gelýär. Yzyna ikiden-üçden guzy tirkän
goýunlar, bir ýerden başga bir ýere yzyn-da-çuwan
bolşup, göçüp barýan obany ýatladýar. Ir çykar
melewşe güller sowluşyp, onuň ýerini gyzyl gülälekler eýeläpdirler. Olar baýyrlaryň etegini gyzyl
meýdana öwrüp otyrlar.
...Çingiz han çozuş edip gelýärkä, bir gije şu ýere
—Badhyza gelip düşläpdir. Ol ertir irden oýansa,
gyzyl güller onuň çadyrynyň töwereginde owsunyp,
deňiz bolup oturanmyş. Çingiz han diliniň astyna nas
atan ýaly bolup, ýarydan deşilen ýaly gyýyk gözleri
bilen töweregini synlap, birsalym özüniň nireden
gelip, niräk barýanyny-da unudyp, meýmiräp oturypdyr...
180
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Bu gürrüňi diňlänimden soň, meniň ol şol ýerden
yzyna gaýdyberen bolsa dünýä üçin, gör, nähili gowy
bordy diýen pikir kellä geldi. Bu gülleri ýerli halk
bir ulanýar welin, güller soňundan olaryň dokan
halylarynda, palaslarynda öz gül ömürlerini dowam
etdirýärler.
Häzir daş-töwerek imisalylyk hem çola, düýn
giç öýlänler oba ýetirmän, bizi ýolda çem gelen
yklawa gaçyp girmegimize sebäp bolan bulutlaryň
häzir birisi-de ýok. Gün depede barlygy üçin bolsa,
adamsynyň töwereginde barlygyny duýýan gelin
ýaly dünýäniň göwrümi giň. Günüň dogmagy bilen
ot-çöpleriň aşagynda kapaslyk döreýän bolmagy hem
ahmal, mör-möjekleriň aglaba-köpüsiniň ümzügi,
otlaryň üstüne, şemala degere tarap.
Marina, sen meniň çeken, çöpe çykyp, pors atyp
hondan bärsi bolup, kimdir birinden ýüzüni sowana
meňzäp oturan jandarjygymyň suratyny, onuň gülkünçdigini bir görsediň! Ýerli ilat ony «kelpese»
diýip atlandyrýar. Görseň onuň çöp üstüne çykyp,
özünden özgäni hasaba almaýan ýaly bolup oturyşy
seniňem gülkiňi tutdurar.
Tas, ýadymdanam çykaryberen ekenim, ýaz,
çyglyk hakda gürlesem, sen meniň bilagyrymyň her
ýyl ýazda gozgaýanlygyny ýatlap alada galýansyň.
Men-ä ony indi unudyberenem ekenim. Bilagyrym
Mara ýetýänçägem biraz bildirdi. Bu ýere gelip, men
Abdyryzak atly bir türkmene duşdum. Onuň kimliginden habar bermek üçin ýekeje mysal aýdaýyn.
181
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Mara bir ýola ýumurtga gerek bolupdyr, ýöne ol
bu ýerde ýeterlik ýok ekeni. Şonda Abdyryzak gidip,
Hywadan ýigrimi düýe ýüki ýumurtga getiripdir.
Men düýelem bir uzak ýoldan ýumurtga getirip
bormy diýsem, adamlar maňa: «Abdyryzak bolsaň,
getirip bor» diýdiler.
Bilagrymyň azar berýänini eşidip, ol maňa üç gün
irden alagarganyň etini iýmegi maslahat berdi. Ilki
men muňa «Bu-da bir gürrüň arasynda ugra oturmazlyk üçin aýdylan emdir-dä, her kim öz peýda gören
emini salgy bergiç bolýar» diýip, parh bermedim.
Ýöne ol oglanlaryna bir alagarga tutduryp getirensoň,
men ony Abdyryzagyň maslahat berşi ýaly edip, üç
bölüp iýmeli boldum, Hommadam gargaly gürrüňi
eşidip, bolan ýerlerinden onuň birisini tutup getirdi.
Dogrudanam, şol iki alagarga bilen hasaplaşanymdan
soň, bilagyrym mese-mälim ýan berdi. Gitdigi gitdigi
bolsun-da hernä. Öň alagarganyň etini iýip görmändim, görüp otursam, ol iýmezçe guşam däl eken.
Nazarowa duşsaň salam diý!
Men ony soňky döwür häli-şindi ýatlaýan. Goý, ol
hem bilagyrysyndan dynmak isleýän bolsa, bu ýere
gelmäge taýynlansyn. Oňa-da bir ala garga tapylar.
Ol maňa bu ýerde ýadygärligi gurmak üçin diýseň
gerek boljak.
Ýadygärlik hakynda häzir saňa aýdyp biljek
zadym ýok. Gije-gündiz şonuň pikirinde. Taryha
gidip, şu günki güni synlap, oýlanyp-pähim edip
belli bir netijä gelip bilmän, döredijiligiň kösenme
182
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
pursadyny başymdan geçirýärin. Umuman, bu barada
soňra, giňişlikde aýratyn gürrüň ederis. Sag-salamat
oturyň. Indi hatymy guşga ýetip, şol ýerden ýazaryn.
Gyzlarymy men bolup, gujaklap ogşa!
Siziň kakaňyz A.A.Karelin.
* * *
Biz atlarymyzy öz maýdalyna sürüp gelýärdik.
Gün batar ýerine ýakynlaşyp, özüniň bu günki ömrüni aýaklap barýardy. Biziň töweregimizde uzakly
gün, kä özüniň güneý tarapyny, käte-de güzeý ýapylaryny çoýup, tylla şöhleler bilen oýnaşyp keýpden
çykan meýdan meýmiräp otyrdy. Indem töwerek
onuň iň soňky goýy-gyzyl şöhlelerini öz süňňüne
siňdirýärdi. Günüň ýüzi welin agyr görünýär, oňa
uzakly gün yhlas bilen çoýan, süňňüne ýyly ýöreden
dünýäsini terk edip gitmek ýeňil däl bolarly. Gülleri burk urýan meýdanlaryň, ýagyş suwdan emele
gelen köçeleriň üsti Günüň şöhlesi bilen goşulyşyp,
tutaşyp-ýaýrap barýan oda meňzäp lowurdaýar. Biziň
sag tarapymyzda Pendi baýyrlyklary halka-halka
bolşup, demirgazyk-günortalygyna ýaýrap otyrlar.
Ol baýyrlar Hindistan diýip barýan kerweni ýadyňa
salýar.
Ýeňseden at aýagynyň dükürdisi gulagyma
eşidilen ýaly bolsa-da, men oňa ilki ähmiýet bermedim. Onýança Hommat gyzygyp ugran gürrüňini
goýup, atynyň başyny çekdi-de, özüniňem bu dükürdini eşidenini mälim edip, ýeňsesine gaňrylyp seretdi.
183
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Şonda biz allawarradan özümize tarap atlaryny
ýüzin salşyp gelýän alty-ýedi adamy gördük. Hommat ilki birsalym olaryň kimligini bilmek niýeti
bilen içgin synlap durdy. Meniň bolsa Ýolötenden
ugramankak aýdylan gürrüň ýadyma düşdi.
Ýolöten otrýadynyň komandirleri biziň galan
ýoly hem atly dowam etdirmekçidigimizi eşidip,
töwerekde entek Guşga hüjüm eden aklaryň polkownigi Zykowyň dargadylan goşunynyň adamlarynyň duş
gelinýänini, Kerim han, Durdy tentek ýaly gorkmasa
sylamajak adamlaryň hem barlygyny aýdyp, habardar bolmagy sargapdy.
Hommat synlap-synlap, olaryň rejesiniň geň däldigine gözüni ýetirensoň, maňa tarap öwrüldi.
— Andreý Andreýewiç, siz ýüzin salyp, at çapyp
görüpmidiňiz?
— Ýaşlykda bolmadyk zat ýokdur.
— Onda siz ýene-de bir ýola ýaşlygy ýatlaň! Gaýrat
ediň! Atdan ýykylmajak boluň! — Maňa gaçmalydy
gymyz mälim boldy. — Onsoňam meniň sözümi berk
belläň. Häzir gaçmaly, bir oba ýetmeli. Maňa ýolda
bir zat bolaýsa-da, siz yzyňyza dönmän gaçmaly.
Baran ýeriňizde «Men Gaýgysyz Atabaýewiň adamy»
diýseň, saňa eýe çykarlar. Ýüzüňi gaýralygyna tut-da
gaçybergin, şol tarapda oba bolmaly...
Hommat bu sözleri sapançasyna ok sürüp, atyşyga
taýyplanyp durka aýdyşdyrdy. Ol gelýänleriň oňly
adamlar däldigine biziň ikimiz hem kemsiz ynandyk.
— Senem menden galma! — diýdim-de, atymy
gyssap, çapyp ugradym.
184
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommat hem meniň yzym bilen atyny ýüzin
saldy. Yzdan gelýänler biziň gaçýanymyzy görüp,
wagşy gykylyklary bilen gygyryşyp, tüpeň atyşyp,
bizi aljyraňňylyga salmakçy boldular. Menden ozup
gitmäge mümkinçiligi bolsa-da, Hommat howlukmady. Ol maňa atlylaryň okunyň geläýjek tarapyny
gabalap çapdy.
Bir gezek gaňrylyp yzyma sereden wagtym, men
Günüň indi has aşak düşüp, özümize gönügen mis
topuň agzyna meňzäp, hyýrsyzlyk bilen seredýänini,
bäş sany atlynyň bolsa hut şol ýerden atylyp goýberilen ok ýaly bolşup, yzymyzdan gelýänlerini gördüm.
Hut çekäýmeli surat eken, diýip oýlandym. Şol arada
bir ok gulagymyň golaýyndan sykylyk atyp geçdi.
Meniň häzir näme hakda oýlanmalydygymy ýadyma
saldy. Şundan soň meniň yzyma seredesim gelmedi.
Jylawy deňläp, has-da tijenip gaçdym. Hommadyň
ýagdaýyny hem yzymdan eşidilýän tüpeň seslerinden
özüm üçin anykladym. Kowgularyň tüpeňiniň sesi
maňa uzakdan, özi-de basyksy eşidilýärdi. Golaýdan
eşidilýän gümpüldi bolsa, Hommadyň kowgulara
berýän jogabydy.
At çapyp barşyma men öňden tilkidir-şagal ýaly
bir jandaryň, guş-gumryň duýdansyz göterilip,
atymy ürküzmezligini dileg edýärdim. Yzymdan
maňa degjek oky gursagy bilen almaga taýyn bolup
gelýän, gyssagly pursatda harby adamlar ýaly netijä
gelip bilýän ýoldaşyma azar bolmasam-da ýagşydyr
diýip aladalanýardym.
185
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Şu iň soňky syýahatyň bolaýmasyn, Marko Pola
diýen pikir hyýalymda gezmeleýärdi.
— Andreý... Andreýewiç, öwlüýä tarap gaçyň!
Hommadyň aladaly sesi meni töweregime garandyrdy. Gara görnümde ýeke oturan metjit sypat
depesi gümmezli jaýy gördüm. Maňa şol tarapa
gaçmalydygym belli boldy. Bada-bat atymyň başyny
gümmezli jaý tarapa öwürdim. At meni tizden, gabyr
tümmekleriniň arasyna getirdi.
Ýeňsämden at toýnagynyň sesini eşidip, Hommady görerin pikir bilen gaňrylyp sereden wagtym
onuň at üstünde ýoklugyny görüp, erbet bir iş bolandyr öýdüp howpurgandym. Howa ýetmeýän ýaly
daljyganymy, inimiň lowlap gidenini duýdum. Bu
umytsyzlyk pursady bary-ýogy birnäçe sekunt dowam
etdi, ýöne bu mütdet maňa ýoldaşyny ýitirmegiň
nämedigini kemsiz düşündirmäge ýetişdi. Golaýda
tüpeň atyldy. Men Hommadyň sapançasynyň sesini
tanadym. Bu ses meni özüme getirdi, üsti boş aty
gören wagtym bir ýaňa ýitirim bolan sowujak şemaly
ýene-de ýüzümi ýelpedi, ýezgen ysy burnuma urdy.
Hüjräniň arkasyna aýlanyp, özümi dürsäpdürsemänkäm, Hommat aňyrdan ypyrylyp ylgap
geldi. Ol öwlüýä giren ýerinde atdan düşüp, ony
bärligine kowup, özi atyşmak üçin şol ýerde galan
eken. Meni üsti boş at diýseň gorkuzypdy, elimem,
ýüregimem maýdaja tolkun bilen sandyraýardy, atdan düşmäge-de mende rowgat ýokdy.
Hommat muny duýan ýaly, gelensoň gujaklap
meni atdan düşürdi.
186
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
—Andreý Andreýewiç, ýaralanyp-zada eden
dälsiňiz-dä? — diýip aladalandy.
—Ýok, gadyrdan...
— Şükür. Galan zadyň bir alajy bolar.
Yzdan kowup gelýän at aýaklarynyň sesi
öwlüýäniň çägine ýetip, duýdansyz kesildi. Iňrik
garalyp ugranlygy üçin töweregi saýgarmak aňsat
däldi. Kowgular indi ok atsa öwlüýä ok atdyklary
boljakdygyna düşünen borly, şundan soň bize tarap
ýekeje ok hem atylmady. Öz aralarynda jedelleşýän
bolsalar gerek, wagtal-wagtal ol tarapdan hümürdi
eşidilýär. Öňden derýa peýda bolup, kowgular bilen
arany bölen ýaly boldy. Birsalymdan aralykda bar ýaly
bolup duýulýan derýanyň ol kenarynda duranlaryň
jany ýangynly, gyjalatly sesleri eşidilp başlady.
— Eý, namartlar, çykyň-eý öwlüýäden!
— Sizdenem bir erkek kişi bolarmy ýa-da siz şol
«Etegne el ursam... çykypdyrlardanmy?»
— Hä, seniň bir...
Olaryň bu bolşy, garagollugy üçin tutup urma
niýetine münen, eline taýak alyp, onuň yzyndan
ýetip urmakçy bolup ylgan aýalyň ol oglanjygyň ýetdirmän suwa urup gidenini görensoň, alaçsyz galyp,
onuň yzyndan sarnaşdyrýan sögünçlerini ýadyna
salýardy.
Kowgularyň gürleşip duran tarapyndan ýenede birsalym olaryň özara hüňürdisi wagtal-wagtal
eşidildi. Ýöne bir bähbit ýeri olaryň hiç birisi-de
öwlüýäni atyna depgiletmäge milt edip bilmedi.
187
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Bizden-ä çekinmese juda bir çekinýän däldirler welin,
ýöne olar öwlüýäniň gazabyndan çekinýän bolmaly
diýip, men bu ýagdaý hakynda özümçe netijä geldim.
Birsalymdan ol tarapdan ýene-de biriniň, biziň
çetimize degme maksady bilen aýdan gyryljyk sesi
eşidildi.
— Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, eý, wenezzynalar!
Biz ýene-de jogabyny bermedik. Şundan soň
hümürdiler galyp, şemalyň bulut «obalaryny» öňüne
salyp göçürişi ýaly, haýsydyr bir güýç olary hem
süýräp äkiden ýaly boldy. Ümsümlik içini çekip
dymdy.
Hüjürä girilensoň, Hommat ýene-de aladalanyp
soraşdyrdy.
— Andreý Andreýewiç, ýaralanyp zat eden-ä
dälsiňiz-dä?
— Ýok. Men gaçsam, oka ýetdirýänmi näme?
— Gadymyýetde Görogly beg diýen bir türkmen
bolupdyr. Ol-da: «Gaçyşym bar, kowuşyma bermenem» diýer eken...
— Ýeri, özüň niçiksiň?
— Gözüň aýdyň diýäýmelidir. Töweregimden okbary geçdi. Ýöne atym-a ýeňilräk ýaralandymykan
diýýän.
— Ýaňky çapyp yzymdan ýetiş-ä onuň ýaralanana
meňzemeýär.
— Häzir gyzgynyna duýýan däldir. Durup biraz
sowaşansoň bellisi bolar. Budymy ýalap geçen ok
onuň bir ýerine-hä sümüldi. Hommat wagtal-wagtal
188
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
kowgularyň galan tarapyna göz aýlap, sapançasynyň
oklaryny sanap janyny barlap oturyşyna maňa
göwünlik berdi.
— Olar türkmen bolsa, öwlüýä ok atmaga het edip
bilmez. Indi siz özüňizi «bese» atan ýaly arkaýyn
duýaýyň, Andreý Andreýewiç! Galyberse-de, janam süýjüdir. Göni gelip, batyrlyk edip bilmezler.
Geläýselerem ýyldyrym uran ýaly boljaklaryna akyllary çatýandyr. Onsoňam öwlüýä öwlüýädir. Ol köp
zatlary adamyň ýadyna düşürýändir.
Hommat maňa mytarasyndaky suwdan içirensoň
tiz geljegini aýdyp, bir hyýala münüp, töweregini
garanjaklap, bukdaklap hüjreden çykdy. Men ol
kowgularyň ýeňsä çekilenini-çekilmedigini anyklamaga gidendir, ýogsam onuň indi meýdanda
näme işi bar diýip oýlandym. Suw içemsoň ýüregimdäki aladadan dörän saňňyldy mese-mälim azaldy.
Arkaýynrak oturmak üçin ýeňsämi hüjräň diwaryna
ýaplap, aýaklarymy uzyn saldym-da, gözlerimi
ýumdum.
Hommat öwrülip gelende, irkiliberen ekenim.
Men onuň aýak sesine oýandym. Ol hüjrä girip üstbaşyna ilişen ot-çöpleri aýryp durşuna, kowgulardan
habar alanyny, soňundanam atlary aşak peslige
äkidip otlar ýaly edenini aýdyşdyrdy. Bolsa-da ok
eýere degip, onuň aty ýaralanman eken.
— Olar bizi häzir-ä birbada günümize goýan bolmaly...
— Şeýle bolsun-da hernä.
189
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Ýöne olar başyny alyp giden-ä bolmaly däl.
Biziň çykaýjak bir ýerimizde garaşyp ýatan bolmaklary hem ahmal.
Şu gürrüňden soň maňa näme üçin bu ýerden
ugrap gidibermeýänligimiz, Hommadyň kowgularyň
bizi günümize goýup gidenine ynanmaýanyny bilenimden soň belli boldy. Soňundanam ol bu ýagdaýdan
çykmak üçin, özüniň daşarda ölçerip-döküp, göwnüne
jaý edip gelen pikirini maslahat hökmünde orta atdy.
— Andreý Andreýewiç, siziň öwlüýä bilen
gatnaşygyňyz nähili?
— Düşünmedim?!
— Siz öwlüýäden gorkýaňyzmy?
— Ýene-de saňa düşünmedim.
— Men kömek getirmäge gitmekçi bolýan. Öwlüýä
bar ýerde onuň töwereginde oba hem bolmaly. Siz
ýeke galanyňyzda...
— Maňa häzir öwlüýäniň gorkunçlygy ýok, ol
ýerdäki diri adamlar welin gorkunç.
— Biziň ilde «Eke bolup bir ýerden gelýärkäň,
düşlenmekçi bolsaň, öwlüýä bar, ol saňa höwür bolar»
diýen bir gürrüňem bar.
Soň ol elindäki sapançasyny maňa uzatdy.
— Ine, munuň ýedi oky bar. Hüjreden çykmaň,
aňsat olar bu ýere gelib-ä bilmezler, ýöne ätiýaç üçin,
gerek bolanda, tark-turk edişdiräýmäge. Men tiz gaýdyp geljek bolaryn, öz gyssagym özümde bolar. Men
elimi uzadyp, onuň pikiri bilen ylalaşandygymy, şeýle
etmegiň gerekdigini aýdyp, onuň bilen hoşlaşdym.
190
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommat çalasynlyk bilen töweregine garanjaklap,
hüjreden çykyp, gijelige goşuldy.
Biziň pena gözläp giren ýerimiz öwlüýä
gonambaşysynyň guburynyň üstüne galdyrylan
hüjredi.
Men onuň gabsasyz girelgesinden görünýän
dünýä bölegini: üstüne ot-çöp örten mazar tümmeklerini synlap, içimi hümledip oýlanyp oturdym. Aý
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 10
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.