Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 12

Total number of words is 3478
Total number of unique words is 1857
34.1 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gezip ýördüler. Gijäni sazlaşykly inip-düşýän aýak
sesleri bilen, aýratyn bir göçgünlik bilen aýdylýan
aýdym sesi eýeläpdir:
Güýçli goşun ýokdur ýeriň ýüzünde,
Biziň uçup bilýän goşunmyz ýaly.
Esgerler özleri hakynda, asman hem öz
paraşýutlary hakynda aýdym aýdýardylar.
* * *
Serjant Suglubow oglanlary yzyna düşürip, kazarma getiren gününden iki-üç gün soň, leýtenant
Buýnow olaryň arasyna geldi. Onuň ýüzi oglanlara
ümürli göründi. Bir iş etmezinden öň oýlanan mahaly, onuň iki owurdynda bir meňzeş çukanak emele
gelýär. Babageldi bir salym komandirini synlansoň:
«Göräýmäge-hä bir hyňranyp duran adam eken,
munuň göwnüne ýetmek bize aňsat düşmese gerek»
diýip, özüçe netijä geldi.
234
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Leýtenantyň öz gelmegi, mynasybetli serjant
Suglubowyň düzen hatarlaryna, göwni ýetmedi. Ol
bada-bat birnäçe gysgaça kesgitli-kesgitli buýruklar
berişdirdi.
— Üst-başlaryňyza serenjam beriň, ädikler lowurdamaly. ýene üç minutdanam her kim hatarda öz
ornunda bolmaly.
Babageldi bellenilen ýerde ädigini çotgalap durkan, eginlek daýaw bir oglan geldi-de, çotganyň
nobatyna durdy.
— Başlandy — diýip, ol pilotkasyny çykaryp,
ýüzüniň derini syldy. Onuň adyny, familiýasyny
Babageldi entek bilenokdy. Diňe onuň Kamçatkadan
gelenleriň biridigini bilýärdi. Olar Babageldi dagydan
iki gün soň gelipdirler. Kamçatkalynyň düşnüksiz
aladasy Babageldiniň bilesigelijiligini oýardy.
— Näme başlandy?
— Kowalanmak başlandy. Indi bizi tä esger
bolýançak, gije-gündiz kowalarlar.
— Biz bolmanda-da esger bolmaga gelmedikmi
näme? — Babageldi ädikli meseläni boldum edip,
çotgany oňa berip gitmekçi boldy.
— Gulluk ederis-le, ýöne şu birmeňzeş komandalara, gaty kazarmalara bir tizräk öwrenişip bolsa.
Babageldi... «öwrenişeris» diýip, gürrüňdeşine
ýüzugra jogap berip, kazarma tarap ugran mahaly,
kamçatkaly onuň ädiginiň ýeňsesindäki bir bölejik
çotga degmedik ýeri görüp iki-üç ädimlikde saklady.
235
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Hany, dur, gardaş. ädigiň gonjuna-da çotgany
birki gezek dolap goýber!
Babageldi öz ýanyndan men eýýäm özümiň dargawrak häsiýetimiň bardygyny äşgär edip ugradymow diýip oýlandy-da, kamçatkaly ýoldaşynyň özüne
uzadyp duran çotgasyny alyp, ädigini täzeden kaksok edişdirmäge durdy.
Leýtenant esgerlerini täzeden hatarlara düzüp,
olary howlukman, bir ýanyndan gözden geçirip ugran
mahaly köpler onuň her esgeri aýratynlykda okap,
her esgere özüçe baha kesýäni, gerek bolanda «şüý-ä
pylan gädikde durup biler» diýip, oýlanýany belli
boldy. Onuň bu garaýşy köpleriň özüne buýsanjynyň
oýanmagyna, özüni öňki çakyndakydan has ösgün
duýmagyna sebäp boldy. Esgerler öz komandirleriniň
oýlandyryjy nazaryna mynasyp bolmak niýeti bilen,
peteklerini göterip, döşlerini biraz öňe çykaryşyp,
syrdam çeýe göwrä öwrülişip durdular.
Hemmeleri birlaý gözden geçirensoň, leýtenant
Buýnow:
— Men siziň karantin rotaňyzyň komandiri —
diýip, öz öňünde duran esgerlere tanyşlyk berdi.
Egninde ýyldyz göterýän komandirleriň gelimgidiminiň başy şu boldy. Duşuşygy soňundan polk
komandiriniň geljekde duşuşmaly hem iş salyşmaly
boljak orunbasarlary dowam etdirdiler. Her gelen
komandir bu ýerde öz wezipesine laýyklykda, öz alyp
barýan işini göz öňünde tutup gürleýärdi.
236
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Polk komandiriniň syýasy taýynlyk baradaky
orunbasary Sidorowy, öňden gulluk edip ýören
«starikler» gysgaça özleriçe «komissar» diýip atlandyrýardylar.
Podpolkownik Sidorow duşuşmaga gelen mahaly,
oglanlar onda harby adamlara mahsus bolmadyk
ýumşaklygyň, açyklygyň bardygyny gördüler. Ol
birnäçelerden nirede, haýsy kärde işlänini soraşdyryp
gürrüňi garaşylmadyk tarapdan başlady. Bir salymdan komissar söýülýän mugallyma esgerler
bolsa onuň söýgüli okuwçylaryna öwrüldiler. Onuň
döşündäki Beýik Watançylyk urşunyň weteranydygyny mälim edip duran ýubileý medaly Babageldiniň
pikirini ýene-de bir gezek geçmişdäki urşuň gyzyl
odunyň içinden geçirdi. Urşy ýatlanda, ol hemişe ilki
göz öňüne getiren uruş odunyň içinde öz tanaýan ýüzleri, daýysyny agalary Arnageldidir Haky Jumany,
Öwezdurdy agany ilki tanardy. Bu gezek ol şolaryň
ýanyndakylaryň arasynda ýene-de leýtenant Sidorowy tanady. Komissar Sidorow gidende, özi hakynda: «Beýle komandiriň bolsa yzyna düşse bolar, onuň
bilen gala alsa-da bolar» diýen pikiri oýaryp hem-de
özüniň oglanlaryň biridigine ynandyryp gitdi.
Maýor Brunçukowy oglanlar indi bireýýämden
bäri tanaýardylar. Her gezek polk meýdançada sapsap bolup duran mahalynda ol komandir polkuň geler
ýoluna garamlap, polkuň öňünde elini arkasyna tutup
gezmelärdi. Ol polk komandiriniň gyralary kerpiç
dikilip, haşamlanyp bejerilen ýol bilen gelýänini
237
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
gören mahaly bolsa, haýkyryp polka komanda
bererdi.
Soňundanam kiçijik göwresine gelişmeýän nyzamly ädimler bilen komandiriň öňünden çykyp, oňa
polkuň ýygnanyşyga taýyndygyny, hasap okanyň
bolsa maýor Brunçukowdygyny, wezipesini nobatmanobat aýdyşdyrdy.
Ol duşuşykda az gepledi. Gürrüňinde polkuň
öňde goýan wezipelerini, geçen okuw ýylynda telim
bölümiň iň ýokary baha mynasyp bolandygyny ýatlatdy. Ýaş esgerleri ýakyn günlerde gulluk möhletlerini tamamlap, öýlerine ugrajak esgerleriň hakyky
ornuny tutujylar bolmaga çagyrdy.
Polk komandiriniň üpjünçilik işler boýunça orunbasary podpolkownik Koroboçka kelle saçy gutaryp
barýan adamdy.
— Men podpolkownik Koroboçka, emma adam
ogluna ýalňyşybam öz familiýamy Paçoçka diýip
tutmaga rugsat edýän däldirin. Podpolkownik bu
sözüniň yzysüre bir gezek bir gruzin soldatyň: «Podpolkownik Paçoçka» diýip, öz familiýasyny ýalňyş
tutanyny aýdyp, gürrüňine ýarym degişme zeňini
berdi.
Babageldi podpolkownigi diňläp durşyna, nazaryny bir gapdalda esgerleriň biri bolup oturan
Buýnow bilen aralykda gezdirip: «Gör, adam bilen
adamyň parhyny, podpolkownige seretseň-ä lowurdap Gün çykyp dur, leýtenant Buýnowa seretseň
bolsa, ýüzünden gar tozgalaýar. Babageldiniň ýüzden
238
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
çen tutmasy, onuň mamasynyň ýaşlykda gulagyna
guýan zatlarynyň birisidi. Ol ýaşrakkan mamasy
oňa: «Oglum öýleneňde, gyzyň görmegeýini algyn,
köplenç, adamyň süňňi onuň ýüregine bap bolarmyş,
şeýtseň ömrüň süýjülikde geçer» diýip sargardy.
— Düşündiňmi? — Yzda oturan Lugowkiniň
ýene-de garagolluk hylty gozgady. Ol şeý diýdi-de bir
elini öz pikiri bilen gümra bolup duran Babageldiniň
egnine goýdy.
— Nämä?
— Papoçka diýäýmegin!
— Men ol gruzin däl-ä.
— Bary bir meňzeýäň, senem garaýagyz...
Daş-töwerekden özlerine seredişýän duýduryş
beriji nazarlary görüp, olaryň ikisi-de aşak gözleşip
dymdylar.
— ... Napoleon: «Esger ýüregine barýan ýol
onuň aşgazanynyň üstünden geçýär» diýip belläpdir.
Muny biz gowy bilýäs. Siz ustawyň diýşi ýaly gulluk
ediň! Garnyňyzy doýurmagyň bolsa bir alajy bolar.
Podpolkownik Koroboçka göräýmäge açyk adama
meňzese-de, onuň çyny nirede, oýny nirede seljermek
aňsat däl eken.
Komandir polkuň «PDP» boýunça orunbasary
kelte boýly podpolkownik Isen ýeňil-ýeňil ädimläp, gapydan giren güni Babageldi komandirleriň
üýşüşip oturan otagynyň gapdalyndaky üsti telefonly
tumboçkanyň ýanynda dnewalny durdy. Strowoý
taýynlykdan dabanlaryna awy öýdürip gelen oglanlar
239
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýaňy oturgyçlaryny alyp, kazarmanyň boşlag tarapyna üýşüşmäge komanda alypdyrlar.
— Karantin rota, tur gönel!..
Babageldiniň dnewalnyý hökmünde adaty
berilmeli buýrugy bererine mähetdel, entek podpolkownik dnewalnynyň gabadyna ýetip-ýetmänkä,
kabinetden çykan leýtenant Buýnow harby nyzam
bilen onuň öňünden çykyp, karantindäki rotanyň
duşuşyga taýyndygyny mälim etdi.
Dogrusy, ýaş esgerler podpolkownigiň wezipesini
göz öňünde tutup: «Şu biziň sorajak soragymyza
anyk jogap berip biler» diýen pikir bilen onuň bilen
duşuşyga garaşýardylar. Olar podpolkownikden
haçan böküşlige gidilýänini soramakçydylar. Sebäbi
bu sorag özge komandirlere belli bir derejede degişli
bol-a, podpolkownik Isene bolsa gönümel degişli
meseledi.
Nobat sorag-jogaba ýeten mahaly, leýtenant
Buýnowyň gabadynda oturan garagözelek oglan
sorag bilen ýerinden turdy. Ol birki günlükde: «Ejem
rus, kakam koreý, kärim tokar-slesar» diýip, çilim
çekilýän ýerde özi hakynda gürrüň beren oglandy.
— Ýoldaş podpolkownik, bizi indi haçan böküşlige
äkidýäňiz?
— Näme, bökesiňiz gelýärmi?
— Aý, näme, gelmänem duranok, ýoldaş podpolkownik.
— Siz öň böküpmidiňiz?
— Üç gezek böküpdim.
240
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Onda erbet däl. Öňem böken bolsaňyz, ýenede asmany küýseýän bolsaňyz, bu erbet däl. Has
takygy biziň desantçylar bölümimizde gulluk edip
biljegiňiziň alamaty. Ýogsa-da, sizde: «Birden
paraşýutym açylmasa» diýen pikir döremeýärmi?
Podpolkownik soňundan öz gürrüňdeşine onuň
garaşmadyk soragyny berdi.
Bu soraga garagözelek oglan birbada näme jogap
berjegini bilmedi. Ýuwdunyp töweregine sereden mahaly oglanlar onuň öz bermeli jogabyny özgeleriniň
ýüzünden gözleýänini gördüler.
Onuň bu bolşy soňra özüni özünden ileri goýup
gürlemegiň çemini agtarýana meňzedi.
— Böken wagtym az-u-kän gorkamok diýsem-ä
ýalan bolar. Ýöne näme üçindir soňundan ýene-de
bökesim gelýär.
— Hakykatyň üçin sag bol, oglum! Biz adam
ahyryn. Paraşýut hakynda oýlanýanyňyz gowy zat.
Biz eýýäm böküşligiň aladasyny edip ýörüs. Siziň şu
günlerdäki edýän işleriňiz hem hut şol uly aladanyň
bir tarapy. Size şuny, indiki hepdeden böküşlige
taýynlyk görüp ugrajakdygymyzy aýdyp bilerin.
Zalda mese-mälim gozgalaň duýuldy. Esgerler taýynlyk başlansa, onda tiz böküşligiň hem
başlanjakdygy hakynda oýlanyşyp, bir-biregiň
ýüzüne kanagatlanandyklaryny aňladýan nazar bilen
seredişdiler.
Podpolkownik Iseniň sözüne dyngy berenine
mähetdel, indi üç-dört günden bäri oglanlaryň ara241
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
synda ady «Kolobok» diýlip tutulýan tegelek ytygsamadyk ýüzli, keltepaýçarak, eginlek bir oglan bir
zat diýjegini ilki ýüzünde mälim edip, soňundanam
ör galdy.
— Rýasowoý Samohin.
— Diňleýän, gwardiý rýadowoý Samohin.
Podpolkownik Isen Kolobogyň duran tarapyna
seredip, onuň habaryny aldy.
— Ýoldaş podpolkownik, eger bökesiň gelmese, uçardan bökmeseňem bolýarmy? — Kolobogyň
sesi gowuşgynsyz eşidilse-de, bada-bat töwerekde
gyzyklanma döretdi. Sebäbi hiç kimde beýle özüne
ýakymsyz kölege salýan sözleri kimdir biri aýdar
diýen pikir ýokdy. Oglanlaryň köpüsi: «Kolobok bökmäge gorkýandyr, şonuň üçinem bu onuň öňüni turup
oturyşydyr» diýip oýlandylar. Başga birnäçeleri bolsa
podpolkownik Iseniň berjek jogaby bilen gyzyklandylar.
— Bolýar...
—?
— Eger il bökende, seniň bir özüň galyp, bökmän
durup bilseň — oda bolýar. Ýöne seniň düzümiňde
eneň-ataň, il-günüň, alan terbiýäň bar, hawa, sen
şuňa meňzeş onlarça zatlaryň önümisiň. Şonuň üçinem bu zatlar seni öz günüňe goýmaz.
Esgerler podpolkownigi diňläp, oýurganan mahaly, Samohin ýene-de ur-tut ornundan galdy.
— Ýoldaş podpolkownik, meni ilden çykan bir
242
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
gorkakdyr öýdäýmäň. Men eýýäm ikisi kem kyrk
gezek uçardan towusdym. Bökmeli bolsa ýene-de
taýyn.
— Ynanýan. Podpolkownik, Kolobogyň öňküden
birneme süllerenini görüp, ýeri gelende, ony ýüzugra
goldap goýberdi.
Oglanlar Kolobogyň öz böklüşiginiň sanyny
komandire diýip aýtsa-da, onuň muny bile gulluk
etmeli ýoldaşlaryna hem maglumat üçin aýdanyny
olar soňra öz ýanlarynda bellediler.
* * *
Leýtenant Buýnow öz esgerlerini şol ýerden
meýdançada boljak polkuň ýygnanyşygyna alyp gitmek üçin gelip, naharhananyň öňünde olaryň naharlanyp çykaryna garaşmaga durdy. Özge bölümler
eýýäm ol ýere ýygnanyşyp ugrapdylar.
Şol arada aňyrdan öz bölümini howlukdyryp alyp
gelýän, özi ýok ýerinde ady «Çypar» diýlip, tutulýan
starşiý leýtenant Buýnowy tanap, söz gatyp geçdi.
— Hany, sen ol iliň barýan ýerine barmajakmy?
— Ýetişeris.
— Seniň çagalar bagyň entegem symyşlaýarmy?
Leýtenant jogap ýerine ýeňsesini gaşap baş atdy.
— Kowala olaryňy. Ýogsam, igenje galýaň!
Leýtenant naharlanyp çykan esgerler bilen
naharhananyň öňünde hatara düzüp, salamlaşansoň,
olary meýdançada, sap-sap bolup duran esgerleriň
243
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýeňse tarapyndan aýlap, öz orunlaryna getirdi. Ortada, hemişeki maýor Brunçukowyň elini arkasyna
tutup, mahal-mahal ştab tarapdan uzaklaşman
görünjek polk komandiriniň ýoluna seredip, gezmeleýän ýerinde bu gün podpolkownik Sidorow gezim
edip ýördi.
Polk komandiri bir alada bilen bir ýere giden
borly. Aňyrdan garaşylan adam — polk komandiri
polkownik Bliznýuk däl-de, oňa derek onuň ornuna
galan maýor Brunçukow göründi.
Maýor Brunçukow harby düzgüne laýyklykda
öňünden nyzam bilen çykan podpolkownik Sidorowy diňlänsoň, orta gelip polk bilen salamlaşdy.
Soňundanam rota komandirini töweregine üýşürip,
olara degişli tabşyryklar berişdirdi. Hemişe bolşy
ýaly, meýdançadaky ýygnanyşygy ýene-de polkuň
parady jemledi.
Maýor Brunçukow öz töweregindäki jogapkär wezipeli komandirleriň birnäçesi bilen gelip,
meýdançanyň bir gapdalynda ýörite oňarylan, ýüzi
desant belgili tribuna çykdy. Orkestriň her gezek
eşiden mahalyň, petekäni öňe tutup, ekezlenmegiňe
sebäp bolýan göçgünli sesi ýaňlandy.
Diňe şundan soň polkuň goşun bölümleri aýak
goşuşyp, tribuna tarap ýöriş edip ugradylar.
Leýtenant Buýnowyň rotasy hem, tribunanyň
gabadyndan öten mahaly, keseden özlerini synlaýan
komandirleriň nazaryna makul bolmak arzuwy bilen
geçdi.
244
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Ştabda işleýän möle gözli kapitan ylgap yzymyzdan ýetip rotany saklamaly» diýen buýrugy ýetiren çagy, bir meseläniň ýüze çykandygy belli boldy.
Lugowkin öz ýanyndan, ýaňy tribunanyň gabadynda,
öňünden barýanyň ökjesini basyp aýagyny çalşanyny
ýatlap, «kimdir biri görüpdir-ow» diýip oýlandy.
Maýor Brunçukow bölümleri bir-bir gabadyndan
geçirensoň, töweregi bilen birlikde leýtenant
Buýnowyň esgerlerini saklan ýerine geldi. Oglanlar
maýor Brunçukow aňyrdan gelýän mahaly onuň
komandiriniň polkuň ornunda galanyndaky özüni
alyp barşyny öz ýanlaryndan Batkanyň özüniň bar
mahalyndakysy bilen deňeşdirip, saldarlamaga
ýetişdiler. Ol häzir oglanlara öňküsinden birneme
tekepbir hemem hökmürowan göründi. Esgerler
şu arada bu üýtgeşmä bolan pikiri bildiler. Ýöne ol
ýerde oglanlaryň pikirini tassyklaýan alamat görnenokdy. Leýtenantyň ýüzi hemişekisi ýaly durnuklydy,
düşnüksizdi. Maýor üns bilen bir salym öňünde duran
esgerleri synlansoň, onuň nazary gonjy tümmerip
duran ädikde eglendi. Ol başyny göterip ädik eýesine
ýüzlendi:
— Sen, ýoldaş esger!
— Menmi?
Kolobok ýuwdunyp özünden kem gözläp
müýnürgedi.
— Ýok, seniň çep gapdalyňda duran. Sen, sen!
Maýor baş atanyny az görüp, eli bilen Babageldini
görkezdi.
245
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Men, gwardiýa rýadowoý Nazarow.
— Hany, onda iki ädim öňe çyk, gwardiýaçy!
Babageldi tarp-tarp edip, esgerlere mahsus nyzam
bilen hatardan çykdy.
— Hany ädigiň gonjuny boşat näme bardygyny
bizem göreli!
Maýor Brunçukow oňa göz-görtele bir gapdaly
tümmerip duran ädigi görkezdi.
Babageldi eglip, ädiginiň gonjuna dykan daşy
dolagly kitabyny çykardy. Şundan soň özlerinden
kemçilik gözleşip duran oglanlara kimiň günäkärdigi
belli boldy.
— Ol näme boldugy?
— Kitap.
— Saňa ädige kitap salmaga kim ygtyýar berdi?
— Hiç kim, özüm...
— Sen graždankada kim bolup döwran sürdüň?
— Mugallym bolup, okuwçy okatdym.
— Ýoldaş mugallym diýsene?
Özüni okadan hemişe minnetdarlyk bilen ýatlap
ýören mugallymlarynyň birisi onuň ýadyna düşen
bolsa gerek, şu jogapdan soň maýor Brunçukowyň
gepleýiş hörpi mese-mälim ýumşady.
— Şeý diýsene!
— Hawa, mugallym.
— Ýoldaş mugallym, indi sen mekdebi unutmaly
bolarsyň. Indi sen watan gullugynda, indi sen okuwçy, biz bolsa mugallym bize «hä» diýmeli bolarsyň.
— Sizi diňlemäge taýyn, ýoldaş maýor!
246
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Seniň kitap okamaga nädip wagtyň bolşuna
men haýran!
Ol şeý diýdi-de soňundan: «Näme bulaň başga
edere işi ýokmy?» diýen manyda leýtenantyň ýüzüne
seretdi.
— Men kitaby boş wagt bolanda ýa-da çilimleşik
mahaly okaýan, ýoldaş maýor.
— Hümm.
— Il tüsseläp çilim çekýär, menem kitap okaýan,
gazet okaýan.
Maýor Brunçukow şundan soň Babageldiden
ünsüni sowdy-da leýtenant Buýnowy dikanlady.
— Ýoldaş leýtenant, talap ediji serjantlara tabşyr,
şu kitaphonyň teni ýer ysgamasyn. Hany göreli şonda
ol nähili kitap okaýarkan. Boş wagty bolmasyn!
Leýtenant Buýnow maýoryň häzirki ýagdaýda
diýmeli sözüni diýmän, başga bir sözi diýse-de: «Şu
esgeriň kitap okamaga eli degmesin» diýlen jümläni
«Ädikde kitap saklamasyn» diýen buýruk hökmünde
düşündi.
Gitmäge rugsat alansoň, leýtenant Buýnow öz
esgerlerini ýene bir gezek maýor Brunçukow bilen
onuň ýanyndaky komandirleriň öňünden nyzam bilen
geçirdi.
* * *
Dnewalnynyň ýene-de birnäçe minutdan meýdana,
taktiki okuw geçmäge gidiljekdigini mälim ederine
mähetdel, kazarmanyň içinde birden ibirtde-zibirtlik
başlandy.
247
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Babageldi pilini ýanbaşyndan asyp durka, granatyny, zapas oklar saklanylýan çerim torbany kemerine düzmelidigini, protiwogazydyr rezin plaşyny
almalydygyny ýatlaşdyrýardy.
Kolobok ýarag skladyndan alyşdyran zatlaryny
bazara çykaran ýaly seteran edip öňünde goýuşdyryp
dur. Indi bolsa ol şol zatlaryny bir-birden sime balyk
düzen ýaly edişdirip kemerine düzüp otyr.
Tolýa Andursow ýene-de çaşyp, öz doganynyň bir
zadyny alan borly. Ol penjiräniň öňünde müýnürgäp,
goş haltasyna güýmenip dur. Andursow ikinji oňa
bir zatlar diýip eşidiler-eşidilmez gepläp igenýär.
Çaky Tolýa ýene-de ýalňyşyp, Olegiň protiwogazyny
alan borly. Tolýa öz günäsini boýun alýana meňzeş,
ol kaýyllyk bilen Olegiň igenjini diňläp dur.
Andursowlar ekiz taý hem bolsalar, bir-birlerine
gylyk-häsiýet tarapdanam, beden-gurluş tarapdanam
şeýle bir meňzäp barmaýardylar.
Tolýa Andursow eginleri giň, pälwan sypat,
gepläninden gözüni süzüp, oýurgananyny kem
görmeýän ýaltalanç oglandy. Ony oglanlar ýakynda
Olegden tapawutlandyrmak üçin, Andursow birinji
diýip atlandyrypdylar. Oleg, Tolýa bilen bir günde
doglan hem bolsa, ondan has ýaş görünýärdi. Onuň
owadan balkyldap duran gözleri bardy. Onuň özüni
artykmaç saýmagy gowy görýändigi hem belli bolup ugrapdy. Ol naharhanada özünden öň ýaga el
uzadan Çaşine özüni hondan bärsi saýyp: «Şu günden
başlap menden bisorag mesgä el ursaň, soň oňullyk
tamasyny etmegin!» diýip gaharlanypdy.
248
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Haý, bolduň meň başyma Fazan! — diýip, Çaşin
hem ondan çigit ýalyjak-da çekinmeýänini mälim
edip, hemmelere eşitdirip, ýaňsylap gülüpdi. Olegiň
oglanlar arasyndaky ýörgünli ady Andursow ikinjidi.
Leýtenant Buýnow tokaýyň eteginde aýdym
aýdyp barýan rotanyň yzyndan ýetip, ony hammam
bilen kazarmalar aralygyndaky giňişlige dolady.
Taktiki okuwy digir-digir saçly Awagýan öz çalgyrt dili bilen «Kiçijik uruş» diýip atlandyrýardy.
Awagýanyň taktiki okuwa dakan bu ady köplere
ýarady. Şonuň üçinem oglanlar indi taktiki okuwy
«Kiçijik uruş» diýip atlandyrýardylar. «Kiçijik
uruş» Babageldä her gezek onuň çagalykda öz deňduşlary bilen iki taraplaýyn «tüw-tark» atyşyp oýnan
oýunlaryny ýatladýardy. Hala türnükden sallanmak
bolsun, hala ylgamak-bökmek bolsun, bu ýerdäki pişe
hökmünde edilýän işleriň köpüsi esger oglanlaryň
çagalykda hezil edip oýnan oýunlaryna meňzeşdi.
Rota wzwodlara bölünip, bellenen aralygy saklap, hüjüme geçdi. Hemmeler bada-bat maýdalap
ýagyp duran ýagşy unutdy. «Duşman küreni» diýlip
görkezilen maket-uçar uzak bolmasa-da, rota wagty
bilen ol ýere ýetmedi.
Leýtenant bir edilen hereketi öwran-öwran gaýtaladyp, öz esgerlerini otuz-kyrk ädim ýeriň içinde
ters aýlady.
Her hereketi komandiriň göwnüne jaý bolar ýaly
edip gaýtalamaga çytraşýan oglanlaryň biri bu ýer
249
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
depip, heläk bolup durmagyň sebäbi haýsydyr bir
komandiriň buýruklaryny ters-ters edişdirýän öz
ýoldaşlarynyň biridir öýdüp, ýer bagyrtlap ýatyşyna
janygyp gygyrdy:
— Buýrugy aýdylyşy ýaly etseňiz-le. Halys öldükle, how! — Ah, sen, kazarma bir bar, talyp!.. — diýip,
haýbat ediji ses bilen gygyrdy.
— Maňa näme hebs edýäň! Menmi nä şol? Bu ses
eşidilen wagty oglanlara tokaý-hojalyk tehnikumynyň
üçünji kursundan gulluga alnan Çaşiniň «Talyp»
diýen jümläni özüne çekeni belli boldy.
— Bu goh näme boldugy?
Gürrüňi leýtenant Buýnowyň hökümli sesi kesdi.
— Üns beriň. Häzir biz zäherlenen meýdan bilen
ýöräp gitmeli!
Esgerler komanda berlenine mähetdel, ýatan
ýerlerinde protiwogazlaryny geýdiler, özlerini rezin plaşlara çoladylar. Oglanlar holtumlaryny sallanyp sürlenişip ýören bir süri pile meňzedi. Demi
protiwogazynyň aýnasyny tutan Lukowkin kimdir
biriniň aýagyna çolaşyp ýüzin ýykyldy. Leýtenantyň
«ýatmaly» diýen komandasy şol bir wagtda eşidileni
üçin hiç kim Lukowkini tötänlikde ýykylandyr
öýtmedi. Ol protiwogazyň kapasasynda demigip,
bir eli bilen agyran kibtini tutup ýatyşyna: «Uruş
bolaýanda hem şundan erbet däldir, Awagýan myňa
«Kiçijik uruş» diýýä welin, şol gaty mamla ekeni»
diýip oýlandy.
250
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Ýer bagyrtlap, şol beýlede keserip duran uçara
çenli süýşüp gitmek buýrulan mahaly kimdir biriniň
agy gatyşykly endirewik sesi eşidildi.
— Çydamok. Çydamok, mundan artyk! — Ol protiwogazyny ýüzünden aýryp turan wagty hemmelere
bu sesiň eýesiniň Andursow birinjidigi belli boldy.
Geň galaýmaly, leýtenant Buýnow oňa ünsem
bermedi, onuň ýüzüne-de seretjek bolmady-da, çyrçytyr soňky güýçlerini jemläp, süýşenekleşip barýan
oglanlaryň gapdaly bilen ýöremegini dowam etdirdi.
Esger ýigitler ýetilmeli ýere ýetip, protiwogazlaryny ýüzlerinden aýran mahallary, Andursow
birinjiniň henizem şol galan ýerinde näderini bilmän,
gadalyp duranyny gördüler.
Ol ilki ýüzüni sallap, oglanlara tarap ýöräberjek
ýaly etse-de, ýöremedi. Ol özüne tiz düzediş berdi.
Çekilen azabyň ol başynda oturan oglanlaryň ýanyna
diňe olaryň özlerine meňzäp, ýetip bolýany onuň
hakydasyna geldi.
Andursow protiwogazyny täzeden geýip, ýere
ýazyldy-da, ýer bagyrtlap süýşüp ýoldaşlarynyň
eden hereketlerini birin-birin gaýtalap, köpçülige
golaýlaşyp ugrady.
* * *
Ir ertir meýdança bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge gidiljek mahaly serjant Suglubow
karantin rotanyň esgerlerine özleri bilen ýorgandüşeklerini hem daşaryk alyp çykmagy buýurdy.
251
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Esgerler aýdylyşy ýaly ýorgan-düşeklerini göterip,
daş-töweregi alaň açyk bolup duran polkuň tomusky
klubunyň uzyn-uzyn edilip ýasalan oturgyçlarynyň
üstünde ýerleşdirdiler.
Aňyrdan aýagy ketili, egni sport geýimli öz
maýdalyna ylgap gelen serjant Suglubowyň nazary
düşegini kese tagtalaryň biriniň üstünde ýerleşdirip,
öz hatardaky ornuny eýelemäge howlugyp gelýän
Babageldide eglendi.
— Ýoldaş, soldat!
— Rýadowoý Nazarow siziň buýrugyňyza taýyn.
— Babageldi serjantyň öňünde aýagyny jüpläp, onuň
öz öwredişi ýaly dim-dik bolup durdy.
— Siz şu ýerde galmaly, düşeklere göz-gulak
bolmaly.
— Galmaly, düşeklere göz-gulak bolmaga taýyn.
— Ýekeje zat ýitäýmesin!
— Ýitmez, ýoldaş serjant!
Rota başyny jemläp, ylgaşlap meýdança tarap
gidensoň Babageldi düşekleriň arasyna dolanyp geldi.
Gün lowurdap asmana göterilip gidip barýar.
Asmandaky haýal hereket bilen barýan bulutlar
bölejik-bölejik edilip, o ýerde, bu ýerde serlen pagta
böleklerine meňzeýär. Gowy Gün ýene-de asmany
äpet Günli Türkmenistany onuň ýadyna düşürdi.
... Ana, mamasy, ol gara öýüň tärimine arkasyna berip, asmana göterilip barýan Güni synlap,
özüniňkiler üçin, janly-jandar üçin gowulyk diläp
otyr.
252
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Ol soňra gök gowaçalygyň içi bilen özüne tarap
gelýän traktory görüp, onuň üstünde oturan kakasyny
tanady. Onuň gapdalynda bolsa jigisi Çary bir eli
bilen kakasynyň oturan oturgyjynyň ýeňsesinden
tutup, traktora münenine hondan bärsi bolup begenip
ýylgyrjaklap gelýär. «Men indi kakamyň traktoryna
suwçy boldum, bir el boşlukda ol maňa sürmegem
öwretjek diýýär» diýip, Çary oňa öz hatynda ýazypdy.
— Rýadowoý Nazarow!
Ady tutulan mahaly Babageldi ýaňy meýmiräp
ugrapdy. Ol başyny göteren wagty gapdalynda serjant
Suglubowyň ýeňsesini gaşap duranyny gördi.
— Nahara gidilende sen ýatdan çykypsyň, bar,
naharhana, entek narýad iýip-içen däldir, şeýle-şeýle
diýip düşündir, garbanmaga bir zat bererler! Sen
gelýänçäň, garawullygy özüm ederin.
Kuhnýanyň öňünde kak çekge, kelte boýly bir
starşina kimdir birine sögünip, aýlanyp ýördi.
Babageldi gapdalyndan geçiberende, ol azgyrylyp
ony saklady.
— Niräk barýaň sümsünip?
— Naharlanmaga.
— Heý, seň bir toparyň zadyň bolmazmy?
— Men nahardan galypdyryn...
— Nahardan galyp, sen näme, il iýen wagty, ýedi
gat ýeriň aşagynda öküz bolup, şahyň bilen ýeri göterip durmudyň?
— Ýok.
— Ýok bolsa naharam ýok saňa. Bejit ugra şu
ýerden! Açgöz! ýene-de gijä gal...
253
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Babageldiniň häzir ony iýerin, muny içerin diýip
alyp barýan şeýle bir işdäsem ýokdy. Ol ýaş esgerlere
mahsus bolan kaýyllyk bilen yzyna dolandy.
— Eý, esger!
Babageldi çigniniň üstünden yzyna sereden wagty, hälki starşinanyň özüne el salgaýanyny gördi.
Ol Babageldi öwrülip ýanyna gelen çagy, oňa:
«Bar starşina naharlansyn diýdi» diýip, aşpezleri
salgy berdi.
Nahardan soň ol ýene serjant Suglubowyň kitaba
güýmenip oturan ýerine geldi.
— Nätdiň, naharlanyp bildiňmi?
— naharlandym.
— Starşina Marçilýunasy gördüňmi?
— Bir starşina-ha bar eken.
— Sögündimi?
— Hawa, sögündi.
— Onda şol Marçilýunas. Ony hemmeler tanaýar.
Ol oňat adamdyr. Käýinmek oň endigidir. Ýöne soňy
ýokdur.
Serjant Suglubow gidensoň, Babageldi düşegine
gyşaryp ýene-de günüň ýakymly şöhleleriniň
aşagynda meýmiredi.
— Tüýs garawula gerek ýigid-ä sen ekeniň! —
Bu gezek Babageldini seržant Suglubowyň kine
gatyşykly sesi oýardy. Ol düşekden baş göteren çagy
klubuň ortasynda bir özüniň uklap galanyny gördi.
Töwerekde iki-ýeke düşek galypdyr. Her kim öz
goşuny göterip-göterip gidipdir.
254
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Seniň ukyň hemişe şeýle agyrmy?
— Öň-ä kän agyr däldi — diýip, Babageldi
müýnürgedi.
— Bu ukyň bilen sen garawula ýaramasaň gerek.
— Serjant Suglubow Babageldiniň äm-säm ukuly
ýüzüne seredip, onuň ertirki gününi alada etdi.
Babageldi goşuny göterip, kazarma girip barýarka,
oglanlaryň özüne seredip ýylgyrjaklaşýandyklaryny
gördi.
Oglanlar onuň irkilenini görüp, soňundan gülşüp
hezil etmek üçin, Lugowkin başlyklaýyn ýuwaşlyk
bilen gelşip, onuň töwereginden goşlaryny göterişip
gidipdirler.
* * *
Uzakdan çal diwar bolup görünýän, tokaý
agaçlarynyň aňyrsyndan ilki Günüň ýarpy göwresi,
soňundanam tutuş özi göründi. Onuň şöhlesi otlaryň
arasyndan çyg düwmejiklerini täsin çyrajyklara
meňzedip ýakdy, jahanyň ýüregine giňlik berdi.
Esgerler bu mahal meýdançada irki bedenterbiýe
maşklaryny ýerine ýetirip ýördüler. Olar Güne bu
gün oňat gün boljagyny ýatlaşyp seredişdiler. Gözlerini süzgekledip, eňegini sypalap, Güne seredip
duran çypar esger bolsa şeýle günlerde hemişe diýen
ýaly paraşýut ukladka edilýänini ýatlady.
— Podpolkownik Iseniň güni geldi. Paraşýutlary
bökülşige taýyn etmeli bolarys — diýip dillendi.
255
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Öňden gelýän beýle endiklerden bihabar ýaş esgerler
çypar esgeriň aýdan sözlerini öz ýanlaryndan, ýöne,
şeýle bir agyz ugruna aýdylan zat hasap etdiler.
Ony diňe aňyrdan gelip türnügiň beýleräginde ýaş
esgerleriň başarnygyny synlap, olary öz ýanyndan
baha kesip duran, guşaklygyna çenli ýalaňaç başga
bir soldat makullady.
— Podpolkownik Isen bu günüň bir gädiginden-ä
aslyşman galmaz.
Biraz salymdan rotanyň nobatçysy gelip ýaş esgerleri, düýnki gün düzülen iş planynyň üýtgeýändigini aýdyp, olary duran ýerlerinden paraşýutlary
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 13
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.