Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 21

Total number of words is 3537
Total number of unique words is 2120
33.4 of words are in the 2000 most common words
47.4 of words are in the 5000 most common words
55.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
içinde ýörgünlidigi, belki, şunuň üçidir?!
Agageldi goşguda käteler çagalary öz derejesine
galdyryp gepleşýär, dogram edýär. Çünki, çagalaryň
aglabasy uly adamyň häsiýetlerini bahym kabul
edýär hem-de onuň käbir hereketlerini gaýtalaýar.
Çagada öýkünjeňlik häsiýetleri gaty ösendir. Hut
şeýledigi üçinem awtoryň «A ýazýan», «Bir bar
eken», «Şadyýan harplyk», «Üç murtlak kapitan»
ýaly çagalara bagyşlap ýazan kitaplary giňden
meşhurdyr.
Agageldi çagalaryň häli-şindi görüp ýören
şekillerine başga bir mazmun berip, olary gyzyklandyrmagy ussatlyk bilen başarýar. Hut şeýledigi bilen
bu täsin goşgular ulular üçinem ýakymly. Şahyryň
«Baýyrlar», «Baglar tans edende», «Men dorja taý»,
«Täze köwüş»...ýaly ençeme goşgulary çagalara
hemişe görüp ýören zady hakda başgaçarak pikirlenmegi öwredýär.
Akja ýassyga meňzeş,
Baýyrlar gyş gelende.
Ýaşyl ýassyk baýyrlar
Meýdanda ýaz gülende.
425
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Baýyrlar sary ýassyk,
Tomus gelende parlap.
Güýzde onuň ýüzünden
Ak ýagyş akýar şarlap.
Gije gelse, baýyrlar
Goýuna-guza ýetýär.
Ýassyklary ýassanyp
Sürüler uka gidýär.
Agageldiniň çagalara niýetläp ýazan kitaplary,
aýratynam, «Şadyýan harplyk», «Ganatlylar»,
«Ýyldyzyň ýoly», «Nur paýlaýan oglan»...ýaly ençeme poemalary hakda uzak wagtlap hem degerli
gürrüň etmek mümkin. Bir gowy begençli ýagdaý
şu gün köplere mälimdir: zehinli şahyryň şygryýet
dünýäsi diňe bir türkmen çagalarynyň däl, eýsem-de
bolsa, ençeme doganlyk halklaryň çagalarynyňam
ýan kitabyna öwrüldi. Diňe şu oňyn ýagdaýyň özi
hem şahyryň ajaýyp goşgularydyr poemalarynyň
ýörite edebi derňewini talap edýär.
* * *
Agageldi häzirki zaman türkmen edebiýatynda
şygryýetde-de, kyssada-da galamyny ýiti oýnadyp
bilýän ýazyjylarymyzyň biridir. Awtoryň «Iner
ýüki»,»Şol bir gezek uçan it»,»Günüň deňiz günleri», «Çat açan menzil» ýaly powestler we hekaýalar kitaplary, soňky ýyllarda basa oturyp işläp
ýazan «Ojak», «Düwlen», «Sürgünler» romanlary
426
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
okyjylaryň arasynda söýlüp okalýan eserlere öwrüldi.
Öz wagtynda Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» studiýasy Agageldiniň «Ýedi däne», «Çat
açan menzil» atly powestleri esasynda çeper filmleri
surata düşürdi. Bu filmler Bütinsoýuz ekrana-da
çykarylyp, olara millionlarça adam tomaşa etdi.
Ýazyjynyň «Tilkiniň doglan çüni» atly darama
eseri Aşgabadyň, Marynyň, Daşoguzyň, daşary ýurtlarda bolsa, Ysraýylyň, Ukrainanyň teatrlarynda
goýuldy.
Şu ýerde Agageldiniň «Çat açan menzil» powesti,
şeýle hem soňky ýyllarda döreden romanlary hakda
öz pikirlerimi okyjylar bilen paýlaşasym gelýär.
Ýazyjynyň «Çat açan menzil» powesti esasynda
öňräkki ýyllarda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda
surata düşürilen «Meniň ýaşlygymyň dessany»
atly çeper film türkmen kino sungatynda uly waka
boldy. Öz wagtynda bu filme ýüz müňlerçe adam uly
kanagatlanma bilen tomaşa etdi.
Gönimden gelsem:filme tomaşa etmänkäm
Agageldiniň şu filme ssenariý bolup hyzmat eden
«Çat açan menzil» powestini okamandym. Eser üçin,
şonuň esasynda çeper film üçinem esasy wakalar
geçen asyryň gazaply 30-njy ýyllarynyň aldymberdimli söweş günlerinden alnypdyr.
Men kitap bilen filmiň wakalaryny deňeşdirip
görüp, çeper eseri surata düşürmegiň belent nusgasyny gördüm. Şunuň ýaly-da kitap bilen film
deňeşdirilip, «Haýsyny bijebaşy etsemkäm» diýen
sowal döreýär. Ýöne biziň häzirki derňeýän ýagdaýymyzda olaryň ikisem belent derejeli sungat.
427
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Sebäbi, eseriňem, filmiňem beýan edýän ýowuz
ýyllarynyň wakalaryny aňyňda aýlasaň, juda taýýarlykly bolaýmasaň, ikisiniňem golaýyna barar ýaly
däl.
Ynha, her güni pajygaly wakalardan doly 1930njy ýylyň güýz günleriniň birinde Pendi serhediniň
«Dobrotrýad» («Haýyrlyotrýad» boldugy-da) adyny
alan serhet otrýadynyň esgeri, ýaş edermen ýigit
Maksut serhetçileriň komandirleriniň biri Iwan
Poskrepkonyň ýanyna çagyrylýar (Bu otrýad Pendiniň
serhetden geçmäge amatly ýerdigi nazara alnyp, şol
ýyllardaky gaçyp-tozup, serhetden aşýanlary ýeňsede
güýç jemläp, çapyp gidýän basmaçy toparlaryna
jogap bermek üçin ýörite döredilen). Komandiriň
ýanynda-da Maksudyň gullukdaşy Arnageldi aga,
olaryň beýleräginde-de bürenjegini çümre bürenen
bir zenan maşgala çugutdyryp otyr.
Men okyjynyň bu gyzykly powestiň wakalarynyň
düýp maksadyna başdan göz ýetirmegi üçin, eserden
giňişleýin parçany mysal almagy makul bildim.
»Özüň-ä bir ýaş maşgala bolsaň gerek — diýip,
ol gelniň bürenjeginden çen tutup oýlanýaryn. Ýöne
ol bu ýerde näme üçin beýdip otyrkan...Zenan bilen
gyzyklanyp, ol barada pikir ýöredip ugranymam
şoldy welin, Arnageldi aga habaryny bermek bilen
boldy.
— Näme üçin çagyrylanyňy bilýäňmi, Magsut?
— diýdi.
Men «Sizden bilmäge geldim» diýen manyda onuň
ýüzüne seredip:
— Ýok, bilemok, Arnageldi aga! — diýýärin.
428
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Arnageldi aga meseläni düşündirip ugran mahaly, gözümiň gytagy bilen onuň gapdalynda oturan
Iwan Poskrebkowyň ýuwdunyp, ýakasyndaky ýazan
iliklerini ötürişdirýänini görýärin. Türkmençä oňly
düşünmese-de, häzir onuň Arnageldi agany meniň
bilen deň diňläp oturyşy, ähli diýilýän sözlere
düşünip, olary ýekeme-ýeke tirip otyrana çalym
edýär. Arnageldi agany biraz diňlämsoň, maňa bu
oturan zenanyň kimdigi belli bolup ugrady. Geçen
gezek ilerligine — Badhyz tarapa giden toparyň serhet ýakasynda bir bölek atly-ýaragly barýan göç bilen
tutluşyp, atyşyp-çapyşyp alandyklaryny, olardan
galan bir ýaş maşgalanyň bolsa bu ýere otrýada getirilendigini men birki günlükde daş gulakdan eşitdim.
Häzir bu ýerde oturan zenan hem hut şol maşgala
bolsa näme?!
Gelin men ýok mahalym, sorag soralan wagty, ol
adamlaryň gaýyn toparydygyny, Hywada bolsa eneatasynyň bardygyny, bir agasynyň bolsa şol ýerde
oba şura başlygydygyny aýdyşdyran ekeni.
— Magsut, sen şu gelni äkidip, Hywa dogangaryndaşlaryna gowşuryp gaýtmaly bolarsyň!
Komandiriň diňe şu sözünden soň, maňa bu ýere
näme üçin çagyrylandygym däl, hatda näme sebäpden hut özümiň çagyrylandygym hem belli boldy.
Arnageldi komandir meniň telim ýyllap söwdagäriň
kerweninde gezip, Hywany, Buharany torç edenimden habarly adamdy.
— Geliň, ýene-de bir gezek bu ýurduň ykbalyna
däl, hatda her adamyň ykbalyna hem bolşewigiň
biparh däldigini subut edeliň!
429
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Arnageldi aga bu jümläni menden jogap sözüni
eşitmek niýeti bilen maňa tarap seredip, joşgun bilen
aýdýar. Men hem öz gezegimde oňa:
— Döwletli maslahat, Arnageldi aga — diýdim.
— Iwan bilen maslahatlaşyp, bizem hut şu karara
geldik — diýip, Arnageldi aga ýene-de bir gezek öz
sözüni nygtady.
Iwan Poskrebko hem öz gezeginde Arnageldi
agany makullap, baş atdy».
Elbetde, Arnageldi aga gullukdaşyny ýeke
goýberenok: «Uzyn boýly, saçlary bireýýäm çalaran,
elli ýaşdan geçeňkirlän, daýanykly, gepi nygtap geplemegi gowy görýän» Ahmet agany olaryň ýanyna
goşýar. Üç bolup, ýola düşülýär.
Eseriň başynda şujagaz wakany okan, filmde
gören okyjynyň, tomaşaçynyň kalbyny diňe ýekeje
sowal —«Garagumuň içi-daşy basmaçymy, garakçymy, ýol urup ýörenlerdenmi püre-pür mahallary iki
esger beýle ýumşy bitirip bilerlermikä?» diýen sowal
gaplap alýar.
Hakykatdanam, döwrem, iki esgere tabşyrylan
ýumşam, pürenjekli gelniň (Aýnabadyň) başyna
düşen günem diýseň ýowuz. Üstesine-de, Aýnabatha ärsiz galan ýaş, owadan gelin, Maksudam heniz
öýlenmedik ýigit, Ahmet aganyňam aýaly ölen. Gije
ýatmaly, gündiz ýöremeli. Ýarym aýlap ýörejek
ýoluňam düňle çöl. Ber habaryňy?!
Ine, şeýlelikde, üç adamyň ykbaly, olaryň
ahlagynyň, mertliginiň derejesi okyjynyň kalbyny
heýjana salýar.
430
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Ilki bilen eseriň wakalarynyň hakykatda bolup
geçendigini geçen asyryň pajygaly 30-njy ýyllarynyň
taryhy wakalaryna salgylanyp, arkaýyn tassyklamak mümkin. Sowet häkimiýetiniň gurulmagy bilen
ylalaşmadyk ýüz müňlerçe raýatlarymyz, şeýle hem
Jüneýit hanyň töweregindäki on müň adam 1928-nji
ýylda Pendi çölüniň üsti bilen Owganystana geçdiler.
Olaryň arasynda Aýnabadyň gününe düşenler, gör,
näçedir?!
Ýazyjy şeýle ekstremal wagty hem wakany
saýlap almak bilen uly utuş gazanandygyny aýratyn
belläsimiz gelýär. Ýola düşülen ilkinji günüň günortanyndan başlap, gahrymanlaryň içki dünýäleri
açylyp ugraýar. Özara dymşyp gitmeklik ýürege
düşýär. Emma Aýnabat ýüzüni açarly, gürlärli däl.
Onuň bilen gürleşesi gelýänem Maksut.
Olaryň ilkinji düşlän ýerlerem hadysasyz bolanok.
Ýanyna bolşewiklerden maslahatçy goýlan Kerim
han öň Arnageldi agadan paýyny alan adam. Maksut
dagam Arnageldi aganyň adamlary. Komissar Şkilter
ara düşmedik bolsa, Kerim han «...ol heleýjigi onuň
(Maksudyň — H.D.) gözüniň alnynda togalap oýnajak».
Guşgy derýasynyň aşak akymynda lkinji düşelgede
Maksudyň özem derýanyň kenarynda el-ýüzüni ýuwan Aýnabady çalarak görüp galýar: «Ine, saňa tegelegräge-de ýüzli, çokullary ýeňsesinde çogum-çogum
bolşup duran bir gelin. Gyýarak gözleri ýeňiljek
ümür bilen geriljiräp dur».
Şu ýerde tüýs bolup biläýjek başga bir ýagdaýam ýüze çykýar: Ahmet aga Aýnabady Tejende
431
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýaşaýan bir dostuna tabşyryp, «Biz-ä tabşyrylan
işi bitirendiris» diýip, yza gaýdyp baraýmaga-da taýýar. Ol bu pikirini Maksuda açyk aýdýaram.
Ahmet aganyň bu teklibinde-de geň göresi zat ýok,
çünki şol mahallar bu üç ýolagçynyň Daşoguz topragyna sag-aman aşjagyna-da ynam ýok ahyryn.
Emma Maksut bu teklibe razy bolmaýar.
Sebäbem: ol Aýnabady söýüp başlaýar. Bu-da bolup
biläýjek ýagdaý.
Geliň, Maksudyň Aýnabadyň keşbini ilki görenden
soňky düşen ýagdaýyny onuň özüne aýtdyralyň:
«Gördüm, taň etdim. Görsem-ä gören ekenim welin, ýöne bela-da galan ekenim. Şondan
soň ol gelniň derdi maňa gysyr emgek bolup
ýapyşdy. Tötänlikde açylan etek ýaly ol otursam-tursam, gözümiň öňünden gitmedi.
Ýoly menzil-menzil çaýlap-suwlap geçip barýas.
Meniň pikirim yzdan gelýän düýede. Ahmet aga bilen
gürleşen halatlarymam, ol meniň gözümiň öňünden
gitmeýär. Men onuň bürenjegiň arkasyndan özümi
ogryn synlaýanyny, şol ýerde oturyp, oturyp-turşuma
baha kesýänini çak edýärin.
Tizden men gaýa-gopuz ýok ýerinde bu gelni
özümiňki diýip aňryma geçirenimden soňky boljak
zatlary hem süýjülik bilen ýatlamagy çykardym.»
Maksudyň şeýle pikir etmeginde geň galarlyk zat
ýok, ol öýlenmedik ýaş ýigit. Aýnabadam ýaş, owadan
gelin. Adam tebigaty şeýle: tutuş dünýe gapyşan
ýaly bolup görünse-de, yşka-söýgä hemişe-de orun
bar. Galyberse-de, olar çöl içinde, hemişe biri-biri
bilen golaýda.
432
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Üçüň biri Ahmet aga ýolugruna Tejende ýaşaýan
bir dostundan habar tutup gelmek üçin, bularyň
ýanyndan gidende, Maksut Aýnabada öz söýgüsini
duýdurmak üçin pursat araýar. Şu ýerde okyjydan
eserden alnan mysalyň biraz uzagrakdygy üçin ýenede bir gezek ötüç sorap, ussat ýazyjynyň bu pursady
neneňsi çeper beýen edişini dolulygyna mysal getirmek isleýärin:
«Ýüregi bire baglap, bagty synap görmek pikiri
kelläme gelýär. Ýöne birbada ýürek edip bilemok.
«Zenan kim ilki etege el ursa, şoňkudyr» diýip,
tijenip, ýöregi bire baglamaga özüme dalda etmekçi bolýaryn. Şeýtsem, ol ygtyýaryny elden berer,
zenan maşgalanyň süňňi erkek kişiniň ysyny alsa
gowşaýarmyş, Aýnabat bilenem hut şeýle bolar,
süňňünde dörän hyjuw ony maňa tabyn eder, özünde
meýlimiň bardygyny bolsa, men oňa nazarym bilem
ýaňzydypdym diýip oýlanýaryn. Pikirim: «Yza
çekilme, hiç haçanam mundan amatly wagt bolmaz,
ýüregiňi diýip gal, çekilseň, ýene çekilersiň, soň
beýtmek seniň endigiňe öwrüler» diýýär.
— Aýnabat! — Men onuň iki-üç ädimliginde
«Näme oglan?» diýip, süýjülik bilen dodaklaryň arasyndan sozup çykjak jogabyna garaşyp, onuň adyny
tutýan, hem häzir onuň özüm hakynda ýakymly
pikirler bilen oýlanyp ýatanyny pikir edýärin. Tolgunmadan ýaňa ýüregi gürsüldäp, süňňüme sarsgyn
berýär.
Aýnabat tisginip, ýerinden galyp düýrükdi.
Bürenjegi bada-bat başyna bürenmegi unudany üçin
men onuň ýüzüni gijäniň çal perdesiniň aňyrsynda
433
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýene bir gezek gördüm. Onýança-da men heniz
aňyrdan aýdaryn diýip, belläp-belläp gelen sözlerimi
aýtmaga başlap-başlamankam, Aýnabat syçrap,
garaşylmadyk bir çusluk bilen meniň dulugyma
suňşurdy.
— Ýok bol, ýerçöken!... Ol ýerde galan ärleriň
haýsy birisi senden kemdi?»
Ynha, ýowuz döwrüň, ýowuz çölüň, ýowuz
ýagdaýyň sap ýürekli, sagdyn pikirli adamlaryňam
başyna salýan güni. Ýogsam, elpe-şelpe, erkana
durmuş bolanlygynda, Maksudyň Aýnabada söz gatmasynda duluga çalybir ýaly geçirimsizlik ýogam-a.
Bu ýowuzlyk soňra has çökder ýagdaýlara-da
baryp ýetýär. Kyn ýagdaýa düşen Maksut «...Golaýda
durmagy özüne uslyp bilmän, düýn giçlik Ahmet
aganyň ýoluna sereden alaňyna tarap ugraýar». Şol
mahalam tutuş töwerek, hatda, asmandaky patraşyp
duran ýyldyzlaram Maksuda gyjyt berýän ýaly bolup
görünýär. Emma Maksudyň Aýnabatdan daşlaşmaga
haky ýok. Oňa tabşyrylan ýumuş şeýle.
Bolan ýagdaýa halys ýüreginden gynanýan Maksut gijäniň birwagtlary yzyna dolanyp gelip, çalaja
ymyzganýar. Onuň golaýjakda «...bir elini kellesiniň
aşagyna ýassyk edinip, öňki ýatyşyny ýatladyp ýatan» Aýnabada lak atmak niýetem ýok. Emma Aýnabat beýle pikir edenok.
Duýdansyz kükregine gütüläp degen demir Maksudy ukudan açýar.
Aýnabat gazap bilen dillenýär:
— Oýan, wenezzina!
— Aýnabat!
434
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Ukudakaň atmaýyn diýdim.
Hawa, bu-da namysyny, mertebesini başyna
deňeýän türkmen gelniniň diýäýjek hem diýäýmeli
sözi, etjek hereketi. Ýaman ýerem: Maksudy ataýan
bolsa, düňle çöl içinde Aýnabadyň täk özi somalyp
galjak, ygyp ýörenlere-de şam boljak.
Elbetde, şu ýerde Maksudam, okyjy-da wakalaryň
kelebini ýitiräýjek ýagdaýa düşýär. Bu pajygaly ýagdaýdan Maksudyň sowukganlylygy alyp çykýar. Ol
Aýnabadyň elindäki tüpeňe ýapyşanda, göçen okdan
ýaralanýaram.Ýöne ýaş gelne bolan belent söýgüsi
Maksudyň gahar-gazabyny biraz köşeşdirýär.
Onsuz-da kemsiz çylşyrymly wakalar hasam
ýowuzlaşýar: Ahmet agany ele salan üç adamdan
ybarat banda ters bakyşyp oturan Maksut bilen
Aýnabadyň goşunyň üstüden gelýär. Olaram ilki
Aýnabat görüp, ýaraly ýatan Maksuda habar
berýär. Olar Ahmet aganyň ellerini arkasyna daňyp
alyp gelýärler. Atyşyk başlanýar. Maksut hüjüm
edýänleriň ikisini tükgerdýär, olaryň birem gaçyp gutulýar. Şolam soň Ahmet agany öldürýär. Şeýdibem,
juda seresaply hereket etmekleri Maksudam, Aýnabadam ölümden halas edýär.
Eseriň esasy belentligi, onuň hakykylygynda.
Ýolagçylar ýene-de hatarly ýollardan gidip barýarlar.
Maksut welin şundan soňam Aýnabada bolan duýgusyndan el çekenok: bu ýagdaýy ýazyjy ynandyryjylyk bilen şeýle suratlandyrýar:
«Ýolda men ýene bir gezek ýüregi bire baglap
bagtymy synap gördüm. Atymy sürüp, Aýnabadyň
münüp barýan aty bilen deňleşdim.
435
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Aýnabat men-ä...
Ol meniň ýüzime seredeninden ýüregimi aňdy.
— Gerek däl — diýip, başyny aşak saldy. Soňundan
ýuwdunyp, ýene dillendi:
— Ýolboýy seniň küý-pikiriň men, Magsut, ony
bilýän. Irde-giçde barmaly bolaýsamam, senden gowa
bararyn öýdemok. Ýöne ynan, maňa özge gapyny
açardan juda ir. Meniň entek aglamaly agym juda
kän. Maňlaýa kim ýazylan bolsa, men şonuňky
bolaryn. Sen ýazgytda bolsaň bir gün seniň ojagyň
başyna bararyn. Ýogsa-da hiç zady göwün-kine etme,
menden razy bol, Magsut!»
Hawa, bu ajaýyp eser Maksudyň Aýnabady
garyndaşlaryna sag-aman gowşurmagy, Pendä —
komandiriniň ýanyna gelmegi bilen tamamlanýar.
Maksudyň edermenligi, Aýnabadyň öz ynanjyna
wepalylygy okyjynyň hemişelik ýadynda galýar. Iň
esasy zat: adam ahlagy, lebzi, söýgüsi, ygrary...arassa bolanlygynda iň ýowuz ýagdaýlarda-da mizemejek eken. Eseriň, powest esasynda surata düşürilen
filmiň belent gymmatam şunda!
* * *
Ýeri gelende aýtsak: soňky ýyllarda Agageldi
biziň edebiýatymyzda gozgalmadyk temalardan
«Hazaryň yssy tomsy», «Gyr atyň howalasy»,
«Ojak», «Düwlen» ýaly kyssa eserlerini ýazmak bilen
oňat iş etdi.
Hakykatdanam, biziň edebiýatymyzda 30-njy
ýyllaryň pajygaly wakalary, ylaýta-da, 37-nji ýylyň
436
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
baý-kulakçylyk tutha-tutluklary asla işlenilmändem.
Biz şol ýyllaryň wakalarynyň biziň taryhymyzdygyny asla unutmaly däldiris. Bu elhenç wakalaryň
bireýýämler geçip gidenligi üçin däl-de, indi başga
bir görnüşde gaýtalanmazlygy üçinem unutmaly
däldiris.
Islendik taryhyň, onda-da ganly taryhyň öwredijilik, sapak berijilik häsiýetiniň bardygy bu gün
hemmelere mälimdir.
Bu babatda Agageldiniň «Ojak», «Sürgünler»
romanlary soňky döwür edebiýatymyzyň iň saldamly
eserleridir. Awtor romanyň sýužeti üçin öz obasynda
bolup geçen wakalary esas edip alypdyr. Edebiýatda
çeper hakykatyň çeper eser bolmagynyň mysaly
az däldir. Mihail Şolohowyň «Ýuwaş Don», Berdi
Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim», Beki Seýtäkowyň
«Doganlar» romanlary bolup geçen wakalaryň esasynda ýazylan eserlerdir.
Kerim Gurbannepesow halypamyz «Edebiýatda
ilki bolup aýtmak diýlen bir tapylgysyz närse bardyr»
diýerdi. Mysal hökmünde-de Magtymgulynyň «Gözel
sen» goşgusyndan:
Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan aýy gözel sen
— setirlerini mysal getirip: «Hany, indi sen aýt,
haýsy bir şahyr türkmen gyzyny şeýle belent derejä
galdyryp taryp etdi?!» diýibem hezil edip gülerdi.
Soňam Puşkinden, Lermontowdan, Şandor Petefiden,
Mollanepesden, Kemineden, Gara Seýitliýewden,
437
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Gurbannazar Ezizowdan şygryýetde ilkinji bolup
pikir aýdylandyr öýdýän setirlerini mysal getirerdi.
Agageldiniň ýokarda ady agzalan romanlarda
gozgalmadyk temalardan eserler ýazmak bilen, olary
täze rewüşde beýan etmegi başarandygyny aýratyn
nygtamak isleýärin.
«Ojak» romanynyň esasynda-da, biziň ýokarda
seredip geçen «Çat açan menzil» powestindäki ýaly
ýowuz döwürde, «baý-kulaklaryň» maşgalalarynyň
ýowuz tebigatly Orsýete sürgün edilen ýowuz ýerinde
bolup geçen wakalar çeper beýan edilýär.
Hawa, sowet hökümeti Murgap derýasynyň Owganystana golaý kenarynda mesgen tutan obalarynyň
birinde-de gurulýar. Bu ýerde-de «Ähli emläk indiden beýläk ýoksullaryňkydyr» diýlen şygar höküm
sürýär. Emma obada Kymyş duzçy ýaly, ir ertirden
giç agşama çenli tutuş maşgala bolup, depelerinden
gum sowrup, gazanç edýänlerem bar. Üstesine-de,
Kymyş duzçy şu jelegaýlarda adamlaryň aňyna
hakykaty ornaşdyran, obadaşlaryny müňbir belalardan goramagy başaran, pähimli, halalhon, batyr
adam—Muhammetgylyç serdaryň neberesi. Onuň
basan ýerinden ot çykarýan ogullary, gyzlary, gelinleri bar. Halal işläp, güzeranyny gowuja dolandyryp
bilýän adamlar. Emma partiýanyň raýon komitetinde, raýispolkomda, oba şurasynda wezipejik edinen
Aman Orus, Ýagdy, Hardat, Nurjuma ýaly öňki
«ýeňiýoluklara-da» ýokaryk «Biz obada pylan işi
geçirdik, pylanyny kulakçylyga çekdik, pylankesi
kolhoza almadyk» diýip, hasabatjagaz bermek gerek.
Olar bu niýetlerini amala aşyrmak üçin, Kymyş duzçy
438
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýaly halal adamlaryň tutuş maşgalasyny sürnüge
ibermegi eşekden palan alança-da görenoklar.
Ýazyjynyň Kymyş duzçynyň maşgalasynyň sowuk
ülkede başdan getirýän wakalaryny beýan edişini
tolgunman okamak mümkin däl. Kümüş duzçynyň
tutuş maşgalasy şol ýerde-de açlyga, horluga düşen
obadaşlarynyň aladasy bilen ýaşaýarlar.
Türkmen «Towşana—dogduk depe» nakylyny
ýöne ýere döretmän eken. Birmahallar, heniz mekdep okuwçysykam bu nakylyň manysyny ýigit mahallary ölemen awçy bolan Gurbanýaz daýymdan
sorapdym. Şonda ol bu nakylyň manysyny şeýle tirip
berdi: «Tazy kowalanda, towşan oz doglan belentligine, gowagyna ýa-da çöplügine ýetip bilse, oňa
aldyrmaz. Sebäbi, towşan çagalykdan ol ýerlere belet,
nireden öwrüm edende, niräk bukulyp bolýanyny,
haýsy deşige sümülse, gutuljagyny gowy bilýär».
Ynha, indem öz dogduk obasyndan daşlaşdyrylyp,
ýat ülkerleriň öň adamam ýaşamadyk ýalazy,
alaň-açyk bir künjegine zyňlan Kymyş dyzçynyň
maşgalasynyň nä güne düşenini göz öňüne getirmek
şeýle bir kynam däl.
Her gün Pendi ýaýlasynyň gül-gülälekli sährasynda hojalyk işleri bilen gydyrdanyp ýören türkmen
adamsyna, içiňden geçip barýan çapgyn şemally,
depen ýeriň buz bolup ýatan ýowuz ýerde ýerlemek aňsatmy, eýsem?! Hut şeýle ýowuzlyklarda-da ruhdan düşmeýän, belent ruhuny, adam derejesini saklaýan ynsanlara oturyp-oturyp haýranlar
galýarsyň.
439
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Agageldiniň edebiýatymyzda işlenilmedik
temalara öz döredijiliginiň kämillik döwründe
ýüzlenmeginiň-de sebäbi bar: megerem, ýazyjy bu
temalary ençeme ýyllar kalbynda göterip gezip,
wakalaryny ýüzlerçe gezek aňynda aýlandyr.
Eserleriň beýan edilişiniň belent çeperiligi olara
uçursyz köp zähmet siňdirilendigini aňladýar.
Men bäş-alty ýyllykda Agageldiniň «Ojak»
romanyny okan badyma bu ajaýyp esere garaýşymy
bada-bat şeýleräk rewüşde beýan edip, «Zaman—
Türkmenistan» gazetinde(28.05.2008.) çap etdirdim.
Ýazgylarymyň şu ýerinde şol makalany getirmegi
makul bildim.
* * *
«Hemme zady bilýändirin, bar zatdan başym
çykýandyr, hemmelerden ökdedirin» diýip, göwün
ýüwürdip ýörmek gelşikli närse-hä dälmikän
öýdýärin. Dörediji adam özi hakda şeýle pikir edýän
bolsa hasam erbet. Çünki kämilligiň çägi ýok. Ilçilik-dä, ökdedenem ökde tapylaýýar. Üstesine-de,
bir akyldaryň aýdyşy ýaly: «Özi-özünden pürepür
doly adama hiç zat öwredip bolmaz». Hawa, bu uly
durmuşyň özi mugallym. Gep ondan sapak almakda.
«Meniň ukybymy görenoklar» diýmek ýalňyş. Haýdaber öz käriňde! Bu durmuş barybir, ol ir-u-giç her
kesiň öz eýelänje ýerini görkezer. Seniň ýeriňi ile,
iliň ýerini saňa bermezler!
440
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Bu wakanyň bolup geçenine tas otuz ýyl dagy geçenem bolsa, henizem şu günki ýaly ýadymda. Meşhur
Sapar gyjakçynyň ogly Orazmuhammet aga göz hassahanasynda ýatyp çykandan soň, özüni bejeren lukmanlaryny myhmançylyga çagyrdy. «Geljek myhmanlaryň
arasynda seniň galamdaşyňam bar. Gel, aýdym-sazam boljak» diýdi.
Orazmuhammet aganyň «galamdaşyň» diýýänini gaty gowy tanaýardym. Ol özüne biçak göwni
ýetýän, az-kem gyzmarak, sowatly-düşünjeli, aýdymsazdanam oňat baş çykarýan adamdy. Ýazyjylygam
gowudy. Özüne aşa göwni ýetýändigi, megerem, onuň
kemçiligi däldi. Näme, özüne göwni ýetmeýän adam
barmy dünýede?!
Mahlasy, Orazmuhammet agalara bardyk.
Myhman gelen lukmanlaram şahandaz, märekesöýer
ýigitler eken. Degşip-gülşüp, iýip-içip oturyşymyza
esli wagt geçeninem duýmandyrys. Naharyň yzy çaý
içişlige ýazdy. Şondan meniň galamdaşym öý eýesine
ýüzlendi:
— Hany, Orazmuhammet, kakaň dutaryny al
bärik!
Galamdaşym gopuz ýaly düňňürdäp duran dutary
eline aldy-da, ony dyzynyň üstünde saklap, oturanlara ýüzlendi:
— Adamlar, şuňa dutar diýýärler. Iki tary, iki
gulagy bar, kädisi bilen sapam bar. Araňyzda şuny
çalyp bilýäniňiz bar bolsa-ha, gezegi şoňa berjek.
Ýogsa-da bir sagat dagy galmagal edişmän, ümsümje
oturyp, diňlemeli borsuňyz — diýdi.
441
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Oturanlara-da geregi şoldy. Ol ara salym bermän,
çalyp başlady. Garaz, bir sazyň bärsinden girip,
aňyrsyndan çykyp bilýär. Çalşam, oturanlaryň arasynda ondan ökderägi ýok bolsa, diňlemezçe däl. Onda-da keýp-sapa edilip oturylan ýerde. Ol, öz aýdyşy
ýaly, bir sagatdan gowrak çaldy-da, dutary diwanyň
arkasyna söýedi. Çaýa ýapyşdy.
Lukmanlaryň arasynda Babageldi atly ýaş,
syratly, edepli, alym ýigidem bardy. Ol meniň
galamdaşyma ýüzlendi:
— Halypa, menem birki heň çalaýsam bolar-la.
Galamdaşym oňa seňrigini ýygrybrak seretdi:
— Bahyl agaçdyr öz-ä. Synanyşyp göräý. Menden-ä saňa rugsatdyr.
Babageldi dutary eline alyp, gulaklaryny özüçe
saz-lady. Eşegini ýarym dyrnak öňräk süýşürdi.
Sapyny dözümli sypalady. Kirişlerini gulagyna
diräp, çalaja kakyp gördi. Şu işleri howlukman berjaý edensoň, Mylly aganyň çalýan sazlarynyň birýan
ujundan girip ugrady. Ilki sadaja sazlardan başlap,
soňra «Dagarmana» dagam ýapyşyberdi. Orazmuhammet aga başlyklaýyn barymyz bir gulaga öwrülip,
ýapyrylyşyp diňläp otyrys. Giň jaýyň içi şirin-şirin
owazlardan doldy gitdi. Käbir sazlary gözüňi ýumup
diňleseň, «Şü-hä Mylly aganyň çalşyna meňzemänem
duranok» diýdirýär.
Soň seredip otursak, Babageldi Mylly aganyň ady
goýlan agtygy, ezber sazanda Annaseýit Annamyradow bilen öýlerinde otaglary mazaly garaňkyladyp
442
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
(ünsleri sazdan sowulmaz ýaly), meşhur halypanyň
sazlaryny diňläp, saz öwrenýän ekenler. Üstesine-de,
Babageldi dutar ýasaýan ökde ussa eken. Ýöne bulary ýörite hünär edinmän, lukmançylyk ugrundan
gidipdir.
Galamdaşym Babageldi sazy çalyp başlan badyna
çalaja gyzardy. Ol Babageldiniň dutary ele alan badyna öň düzülgidir öýdülen dutary täzeden düzüşinide, eşegini çalaja süýşürenini-de halamady. Ol ilkiilkiler Babageldä gaty bir göwni ýetmedigem bolsa,
soňabaka iki eli bilen eňegini penjeläp, özüni bilmän
diňledi.
Babageldi alty-ýedi heň çalandan soň, jaýyň
petişligini bahanalap, daşaryk çykyp gitdi. Hemmämiz şirin heňleriň jadysyndan aýňalyp bilmän,
dymşyp otyrys. Içimden «Il içinde gör, nähili zehinler
bar. «Men bärdedirin» diýşip, gygyrybam ýörenoklar.
Aslynda bolmalysam şeýle ahyryn» diýip, pikir öwrüp
otyryn. Megerem, meniň töweregimdäkilerem şeýle
pikir edýärdiler. Jaýdaky ümsümligi galamdaşymyň
kalbyndan biygtyýar çykan begençli, biraz degişme
äheňliräk, çynlakaý sesi bozdy:
— Bizden ökdelerem bar-ow, il içinde.
...Bäş-alty günlükde kyssa ýazmakda çaý baryny sowadan, dünýäniň ençeme ýurtlarynda kitaby
çykan, ýapon dilinde çykan kitabyna zamanamyzyň
meşhur ýazyjysy Çingiz Aýtmatow sözbaşy ýazan,
indem kämilligiň hyrkasyny geýäýmeli galamdaşym
Agageldi Allanazarowyň «Ojak» kitabyny okap
443
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
otyrdym. Onuň meşhur Sary hanyň keşbini çekişine,
bir edermen ýigit bilen sözleşende, uly hana mahsus gep urşuna haýran galyp, «Haý, zaluwat, şun-a
alypdyr-ow» diýip, begenç bilen başymy ýaýkaýypdyryn... Käte begençdenem baş ýaýkalýar-a.
Gapdalymda çaý içip oturan oglum bu bolşumdan
başgaçarak many alan borly. Ol:
— Näme, okan ýeriňi halamadyňmy? — diýdi.
Şol mahalam galamdaşymyň şo-ol birmahalky
boýun almasy ýadyma düşüp, şony daşymdan gaýtalanymam duýman galypdyryn:
— Bizden ökdelerem bar-how, ilde!
* * *
Hawa, Agageldiniň «Ojak» we beýleki goşgulary,
poemalary, powestleri, romanlary hakda ýazyjynyň
halypalary, alymlar, galamdaşlary ençeme makalalar ýazdylar. Olaryň käbirlerini okap görüp, häzirki
döwürde uly halypalyga ýeten Agageldiniň döredijilik ussatlygy barada meniň ýaly pikir edýänleriň kändigine göz ýetirdim. Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Ýazmyrat Mämmediýew kyssa žanrynda ençeme ilhalar powestleri, romanlary halkymyza miras goýan
şahsyýet. Halypa ýazyjymyz Agageldiniň «Ojak»
romanyny hezil edip okanyndan soň, eser baradaky
guwanjyny şeýle beýan edipdir:
«Eseriň «Ojak» adynyň juda jüpüne düşendiginide bellemek gerek. Çünki, üns berseňiz, «Ojak» bir
444
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
öýüň (hojalygyň) örküni aňlatmakdan başlap, bütin arkanyň (dinastiýanyň), tutuş halkyň, hatda,
äpet imperiýanyň durkuny dört harpa ýa-da ýarym
goltuk ýere ýerleşdirip otyr. «Ojak» zehinli ýazyjy
Agageldi Allanazarowyň öz halkyna hem-de özüne
diken hemişelik ýadygärligi—monumenti diýilse,
öte geçdigimiz bolmasa gerek.»
Ine, Türkmenistanyň halk ýazyjyzsy, filologiýa
ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Nepesow «Ojak»
romany barada söz açyp, Agageldiniň döredijilikde
täzeçillige ymtylýandygy barada şeýle ýazýar:
«...Bu romanyň romanlyk paýhasy, tema-ideýa
täzeçilligi, onuň türkmen edebiýatynda il-güni uzakuzak illere sürgün etmek meselesine bagyşlanan ilkinji türkmen romany bolup durýanlygydyr. Şonuň
üçin onuň temasam, ideýa, sýužet ýordumam okyjy
üçin gaty tanyş, gyzykly bolup durýar. Bu romanda
esasy meseläniň ruhy agramy şeýlebir çökder bolany
üçin, tutuş tema, wakalar, suratlandyrma ýaýrawy,
sýužet gerimi, gahrymanlaryň durmuşy, ýaşaýşy,
umyt-arzuwy, dili, dini, tutuş dünýäsi agrasdan saldamly görkezilýär. «Ojaga» çenli şeýle tärde ýazylan
roman türkmen edebiýatynda ýokdur».
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 22
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.