Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 02

Total number of words is 3543
Total number of unique words is 1971
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
duranyny gördüm. Gürrüňimiziň ahyrsoňy aýlanypöwrülip gelip, şol papkada jemlenjegine ynandym.
Men Atabaýew özüm bilen W.I.Leniniň ýadygärligini döretmegiň, oňa gerek boljak materýallaryň,
çykjak harajadynyň maslahatyny etmekçidir diýip
çak edýärdim. Ýadygärligi bina etmek meselesiniň
25
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
indiki oýlanyşmaly çözgüdine garaşýan tarapy hut
şu, onuň gurluşygy bilen bagly bolan tarapydy. Atabaýew bilen duşuşkdan soň, men özüm üçin gowulyga
garaşylýan pursadyň başlanjagyna, ol pursadyň hem
öz gezeginde Serdaryň ýadygärliginiň bina edilmegi
bilen, pikir edişim ýaly, onuň açylyş dabarasy bilen
gutarjagyna pugta ynanýardym.
Gaýgysyz Serdarowiç esasy meselä geçmäge
howlukmady. Ol Petrograd bilen, onuň arhitekturasy
bilen gyzyklanyp oturdy. Özüniň Petrogradda bolanda, ol ýerde gören zatlarynyň käbirini ýatlaşdyrdy.
Onuň bu gürrüňleri meniňem Petrogrady ýatlamagyma, Rastrelliniň, Stasowyň işleri barada, ol işleriň
şäher arhitektura ansamblynda tutýan orny barada,
ol işleriň şäher arhitektura ansamblynda tutýan orny
barada gyzygyp gürrüň bermegime sebäp boldy.
Yzymy, çagalarymy küýsäp ugrapdym. Şonuň
üçinem maňa Petrograd hakynda gürlemek ýakymlydy. Ol hakynda gürläp ugrasam, hoştap bahar
şemaly ýüzümi sypap geçýän ýaly bolýardy. Içki harasadym güýçlenip, aýdasym gelýän zatlarym goşgy
bentleriniň gelşi ýaly, topbak-topbak bolşup dilime
gelýärdi. Gürlän mahalym men arhitekturalaryň awtorlaryny, Newa prospektini, onuň bir öwrümindäki
öz iki gatly öýümizi göz öňüne getirip gürleýärdim.
Gyzlarymyň öýümüziň tanyş penjiresinden özüme
seredýänlerini görýärdim...
Gaýgysyz Serdarowiç galamyny barmaklarynyň
arasynda oýnap oturyşyna meni diňleýärdi. Oýur26
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ganýardy. Käte-de baş atyp, meniň gürrüňlerimiň
häsini ýetirýärdi. Men gürleşip oturyşymyza
arhitektura baradaky professional gürrüňlerimiň
Atabaýewde: «...Bu goja ýöne goja däl ekeni» diýen
pikiri döredendir diýip, buýsançly oýlanýardym.
— Siziň, Andreý Andreýewiç, gündogar bilen
gyzyklanan taryhçy alymlaryň arasynda ýakyn
tanşyňyz-a ýokdur-da? - diýip, Gaýgysyz Serdarowiç
gürrüň arasynda garaşmaýan soragym bilen maňa
ýüzlendi.
— Aý, ýok bolsa gerek — diýip, men bu gepiň
döremegine nämäniň sebäp bolanyny bilmän geň
galdym.
— Akademikler Bartold, Ýakubowskiý, Romaskewiç, Bertels, Belýaýew — diýip, ol adam atlaryny agzap, öz pikirini has-da anyklaşdyrdy.
Bartold, Ýakubowskiý, Bertels, ýaly alymlary
bilsem-de, men olaryň hiç birisi bilenem tanyş däldim. Belýaýewiň, Ramaskewiçiň atlaryny bolsa ilkinji gezek eşidýärdim.
Ol Leningrada şol adamlar bilen duşuşmaga,
maslahat edişmäge ýörite barmakçydygyny, özi-de
sypynyp bilse, indi uzaklaşdyrman ol ýere gitmekçidigini gürrüň etdi. Görüp otursam, Atabaýew
Gündogarşynas alymlar bilen duşuşyp, olaryň
kömegi bilen türkmen halkynyň dürli dillerde ýatan
taryhyna degişli materiallaryny toplamagyň, olary
neşir etdirmegiň aladasyny edip ýören eken. Şu
gürrüňlerden soň, men Rasstrelli, Manferan, Stasow
27
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
hem sag-salamat şu günlere çenli gezip ýören bolanlygynda, Atabaýew olary-da respublikanyň aladasyndan çetde galdyrmazdy diýen pikire geldim. Belki-de,
W.I.Leniniň ýadygärligini hem hut şol ussatlaryň
birine proýektirlederdi diýip oýlandym.
Respublika hakynda gürlände, ol Türkmenistanyň
sag diwara gerlen kartasyna gözüni aýlap gürledi.
Kartanyň ýüzüne gyzyl, gök galam bilen bellikler
edilipdir. Bu bolsa häli-şindi onuň öňünde durulýanlygyndan, halkyň, respublikanyň ýagdaýyny ýatlap
kelle döwülýänliginden habar berýär. Kartanyň ýokarsynda M.W.Frunzäniň portreti bar.
Gaýgysyz Serdarowiç gürrüň arasynda «Biziň
W.I.Leniniň ýadygärligini paýtagtymyzda juda
göresimiz gelýär. Türkmen halky onuň öz aralarynda
bolmagyny, häli-şindi ony görüp durmagy isleýär. Biz
serdaryň ýadygärligini bina etmek üçin, elimizden
gelen zatlar-a bir ederis, gelmedik zatlaram etmäge
çalşarys...» diýse-de, proýektli gürrüňe juda golaý
gelse-de, näme üçindir, ýene-de proýekt hakynda
kelam agyz diýmedi. Meniň proýektli papkam bolsa
henizem şol ýatan ýerinde ýatyr.
Atabaýewiň özüni alyp barşy, hamala, ol proýekt
baradaky bolmaly gürrüňi hatda stolunyň çetinde
duran papkany-da unudana meňzeýär. Menem ondan dogrulap proýekt hakynda soramagyň ebeteýini
tapmadym. Şeýle-de meniň kalbymyň bir ýerlerinde:
«Bu näme boldugykan? Asla men näme üçin bu ýere
çagyryldymkan?!» diýen sorag peýda bolup ugrapdy.
28
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
W.I.Leniniň ýadygärliginiň proýekti hakyndaky
edilmeli gürrüň soňundanam edilmedi. Men birbada
özümiň ol ýere çagyrylmagymyň sebäbine düşünip
bilmän alada galdym. Galyberse-de, men öz proýektimi kämil hasap edýärdim. Onuň şol kämilligi bilenem
hemmeleriň göwnünden turjaklygyna ynanýardym.
Ukusyz aladaly gijeler, döredijiligiň diňe dörediji adamlara düşnükli bolan bagtly minutlarynyň ençemesi, bularyň hemmesi yzda galypdy. Men Atabaýewiň
ýanynda otyrkam, Gaýgysyz Serdarowiç maňa
respublikanyň adyndan proýekt üçin minnetdarlyk
bildirer, şol-da proýektiň gutarnykly tassyk boldugy
bolar diýip pikir edýärdim.
Ol ýerden dolanyp gelenimden soň, meniň işim
duşuşygy ýatlap böwrümi diňlemek boldy. Men
haýsydyr bir gerek zadyny zibile atyp, soňam ol
ýerdäki zatlary ýekme-ýekden alyp gözden geçirip,
şol ýitiren zadyny gözläp oturan adama meňzedim.
Gezen ýerlerimde hem: «Bu näme boldugykan?»
diýen pikir meniň kellämden gitmedi. Birde Atabaýew
meni ýanyna Leningrada belet adam hökmünde,
gündogarşynas alymlar hakynda pikir alyşmak üçin
çagyrandyr diýibem çak edýärdim. Kelläme gelen
bu pikirleri ýene-de şahyryň şygryndaky göwnüme
batmaýan setirlerini ret edişi ýaly, ret edýärdim.
Düşnüksizlikden aýdyňlyk gözlýärdim. Käte bolsa
men başga-başga zatlar hakynda pikir edip, kalbymdaky ünjini basmaga çalyşýardym. Ýöne nätsem-de,
bu aladanyň azabym bilen bagly bolany üçin, ondan
doly sabap bolmaýardy.
29
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Irden meýdana kowlan atyň giçlik ýatagyna gaýdyp gelşi ýaly, men-de ýene birsalymdan öz ünjüli
pikirlerime dolanyp gelýärdim.
«Andreý Andreýewiç, bize Lenin juda gerek,
halkymyz onuň öz aralarynda bolmagyny isleýär,
ýadygärligi bina etmek üçin biz elimizden gelenin-ä
bir ederis, elimizden gelmedik zatlary hem etmäge
çalşarys...» diýip, Atabaýewiň sözlerini ýatlaýardym.
«Ýeri, şeýle bolsa, onda näme üçin taýyn proýektiň
adyny hem tutmadyň?» diýip, pikirimde Atabaýewe
ýüzlenýärdim. Käte bolsa, ol bu gezek meni hälki
bir adaty tanyşlyk üçin ýanyna çagyrandyr diýip özözüme göwünlik berýärdim. Tanyşlarymyň hemmesi
meniň töweregimiň şüweleňçilerine öwrülipdiler. Hemmeler menden öz başarýan hyzmatlaryny
aýamaýardylar. Olaryň bu hereketleri bolsa meniň,
bu prolekti özümden başga döretjek adam ýok diýip,
badyhowalyk bilen oýlanmagyma sebäp bolýardy.
Proýekt hakynda hiç hili gürrüň bolmazlygy
ilki bilen-ä meniň öz işime bolan göwnüýetijilikli
duýgula-rymy kemsitdi... Has-da duşuşyk mahaly
Peterburg arhitekturasy, arhitektorlary hakynda köp
gürlänligim, ajaýyp işleri taryplap, şol bir wagtda
bolsa duýmazdan, öz proýekt işimi aýak astyna
atanymy soň bildim. Öz jogabymy özüm beripdirin
ahyry diýip oýlandym. Her gezek bu pursat ýadyma
düşen mahaly Gaýgysyz Serdarowiçiň keşbi maňa
gyjalatly seretdi. «Andreý Andreýewiç, siziňem
işiňiz şol gürrüňini eden arhitekturalaryňyz ýaly
akyl-paýhas siňen, göwün awlap biljek işmidir?»
30
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
diýip, sorag berdi.
Wladyçuk bilen Atabaýew goşunçylyk günlerinden bäri ýakyn tanyşdyklaryny ýatlap: «Ol hem
ýoldaş Atabaýew meniň proýektimiň taýyn işdigini
düşündirip bilmedimikän? Onda bu ýerde bir gep-ä
bolmaly, ol gep nähili gepkän?» diýip alada galdy.
Şol duşuşykdan soň birki gün geçipdi. Bir gezek
gijaralar Aleksandr Pawlowiç birnäçe papkany gujaklap, meniň öýüme geldi. «Gaýgysyz Serdarowiç
akademigi bu işler bilenem tanyşdyryn diýdi»
diýip, olary meniň üçin getirenini mälim etdi. Ol
papkalarda W.I.Leniniň ýadygärligini gurmak üçin
yglan edilen konkursa gatnaşyp tapawutlanan, ýöne
haýsydyr bir sebäplere görä henize-bu güne çenli
gurulmadyk bäş sany proýekt-iş bar eken. Olaryň
arasynda Mirimulliniň işi has-da tapawutlanýardy.
Onda W.I.Lenini ýer togalagynyň depesinde elini
Gündogara salgap duran pursady şöhlelendirilipdir.
Göwnüme bolmasa, tanyşdyrylma bahanasy bilen
iberilen bu işler hem: «Şularyň haýsy birisi siziň
işiňizden kem, ýoldaş akademik?» diýip, sorag
berýän ýaly bolubam dur. Ol işleri öz işim bilen
deňeşdirip görsem, bu hakykatdanam şeýle. Ilkinji
gezek kelläme, görýän weli bular menden başgaça
proýekte garaşan bolmaly diýen pikir geldi.
...Proýekt hakynda Atabaýewiň gürrüň etmezligini hem men özümçe proýekt entek gürrüň edeniňe
degenok diýip düşündim. Oýlandygymça pikirlerim
meniň ynjalygymy gaçyrdy.
31
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Änew metjidini synladym. Ine, hut bir sagat
mundan öň meniň şol ýerden gelip durşum. Ol
Aşgabatdan şeýle bir uzakda hem däl eken. Häzir ol
ýerde Änew obasy gadymy şäheriň günorta-günbatar
etegini eýeläp otyr.
Wladyçuk sözünde tapyldy, ir ertir ol iki sany
eýerlenen aty alyp geldi. Biz atlanyp, ýola düşdük.
Änewiň ajaýyp metjidi hakynda men gürrüňçilikde
eşidipdim. Onuň bilen gyzyklanypdym, soraşdyryp
oturypdym, şonda Wladyçuk maňa: «Andreý Andreýewiç, türkmenleriň «Eşiden deň bolmaz gören
göz bilen» diýen nakyly bar. Bir mümkinçilik bolanda
özüm sizi, ol ýere metjit bilen görme-görşe äkiderin»
diýipdi.
Şäherden çykan ýeriňden eýýäm çöl alamatlary
peýda bolup ugraýan eken. Ümsümlik, böwrüne diň
salyp oturan çola meýdan. Ýeňsäňe gaňrylyp sereden
wagtyň yzda gara görnümde galan şäheriň çugdamlanyp oturany görünýär. Şäheriň üç tarapyny Garagum
çöli gallap alypdyr. Ileri tarapyny Köpetdag tutup
otyr. Ol häzir haýsydyr bir jandaryň geler ýoluna göz
dikip, sabyr saklap ýatan äpet bir ýolbarsa meňzeýär.
Gadymy syýahatçylar Änewiň öz döwründe gülläp
ösen Parfiýa döwletiniň şäherleriniň biri bolandygyndan habar berýärdi.
Onda millionlap adam ýaşapdyr. Deňeşdirilende
ol hemişe uçmah bilen deňeşdirilipdir.
32
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Üstünden köp döwür döwrany geçiren Änew harabaçylygy böwrüni diňläp ýatyr. Ol iň soky gezek 1850nji ýyllarda wagşylarça tozdurylypdyr. Änew metjidi
häzir şol uly döwletden galan ýeke-täk ymarat. Şol
metjidi Temirleňiň çowlugy Abdyl Kasym Bahadurhan saldyrypdyr diýip takyklaýarlar. Ýöne metjit
diwarlarynyň ýüzündäki bir-birlerine owsun atyşyp
oturan iki aždarhany göreniňden soň, bu aýdylýan
takyklama ýene-de birden nätakyklyk bolaýmasyn,
musulmançylyk janly zady şekillendirmegi gadagan
edýär. Bu ýerde bolsa aždarha şekillendirilipdir,
ol musulmançylyk döwründen bir depik, ýarym
depik aňrynyň salgyny berýän bolaýmasyn» diýip
oýlanmagyňa sebäp bolýar. Metjit harabaçylygyň
ortasynda wagt hökmürowanyň özüne okaýan
hökümini, garşydaşynyň goluna bendi bolup düşen
mert serkerdäniň özüni tutuşy ýaly, başyny belent
tutup, diňläp otyr..
Içine giremsoň, wagty bilen meniň ol ýerden
çykasym gelmedi. Onuň ýüzünde ussatlarça edilen
oýunlar, ajaýyp keramikasy meni haýran galdyrdy.
Ençeme döwletleri gezen-de bolsam, men henize
bu güne çenli beýle ajaýyp keramikany hiç ýerde
görmändim.
...Eý, Taňrym, gör, men nämeleri görýärin. Çölde,
şeýle ajaýyp zat harabalygyň ortasynda somalyp otyr
diýseler kim ynanar. Hatda özüm-de görmedik bolsam, öl-bar, ynanmazdym.
33
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Metjidiň bezeginde ýekeje-de kerpiç ulanylmandyr, oňa derek dürli ölçegdäki guýma daşlar ulanylypdyr. Özi-de ol daşlar ýörite usullar bilen dürli
ölçeglerde taýynlanylypdyr.
— Niçik gördüňiz, Andreý Andreýewiç? — diýip,
Wladyçuk öz gapdalyndaky diwarlaryň biriniň syrçasyny sypalady.
— Hazyna, başga hiç zat däl. Öwrenmeli zat
kän...
— Öwrenmeli zat entek biziň agtyk-çowluklarymyza hem ýeter. Ýöne ýere biziň ata-babalar bu
ýerleri: «Etegi çaňly, gursagy göwherli, düşnüksiz
Aziýa» atlandyran däldir-ä.
— Siz, mamla, Aleksandr Pawlowiç, siz mamla.
Siz meni juda ajaýyp zat bilen sataşdyrdyňyz —
diýip, bu ýere getireni üçin, men oňa tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdim. Biz ot ýakynyp, metjidiň
gapdalyndaky açyklykda nahar edindik.
Wladyçuk türkmenlere meňzäp aýaklaryny
çalşyryp, aýbogdaşyny gurap oturdy. Menem oňa
meňzejek boldum, ýöne endigiň ýetmeýäni belli
boldy, aýaklarym tiz ýadady. Gurşan aýaklarymy
uzyn salyp oturmaly boldum.
— Seniň ýaly oturmany menem-ä öwrenmeli —
diýenimde Wladyçuk murtuny sypap hem ýaňsa
alynýandyryn öýdüp, ortada ýakan odumyzyň közüni
elindäki çöpjagaz bilen bir ýere üýşürip oturyşyna
ýylgyrdy.
— Andreý Andreýewiç, gadyrdan. Öwrenmeli
34
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
zat kän. Özi-de adam ýaşadygyça onuň öwrenmeli
zady şonça köpelýär. Ana, mysal, her halkyň dili.
Ol halkyň adamzat üçin döreden iň mukaddes zady.
Dil töweregi açyk, isleseň gelip giräýmeli şähere
meňzeýär. Meniň Saurowa gözüm gidýär.
— Sizem türkmen dilini bilýäňiz ahyryn.
— Ugursyz. Has gowy bilmeli. Halkyň dilini
bilmeýän adam, onuň ýüregini hem bilmez. Ençe
ýyllap bir halkyň içinde ýaşap, onuň bilen duz-emek
bolup, dilini bilmezlik bu bir tarapdan şol halky
äsgermezlik, galyberse-de, ol adamyň özüniň medeniýetsizligidir.
— Kim näçe dil bilse, ol şonça gezek adamdyr —
diýip, biziň ata-babalarymyz hem dil bilmäge sarpa
goýupdyr.
— Geleň edilse, bilse boljak. Marksdyr Engelsiň
her birisi ençeme dil bilipdir. W.I.Lenin bolsa
Finlýandiýa baranyndan on alty gün soň, eýýäm
fin dilinde öz geregiçe gürläp ugrapdyr. Syýahatçylar, ana, şolar hem syýahata ugramazlaryndan öň
duşjak halklarynyň ençemesiniň dilini öwrenipdirler.
Ýogsa-da, Andreý Andreýewiç, siziň twerli söwdagär, Hindistana ýetip gaýdan Afanasiý Nikitin-ä
bilýänsiňiz.
— Hawa, öz-ä bir wagt okan zadym bolmaly
-diýip, men birçak okan ol syýahatnama kitabymy
ýatlamaga çalyşdym.
— Ana, şol-da, okan bolsaňyz, telim bir dil bilipdir.
35
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Men Wladyçugyň gönümelligini hem onuň halys
ýürekden edýän gürrüňlerini diňlemegi halaýaryn.
Naharlanyp ýene-de gadym şäheriň
harabaçylygynyň içine aýlanmaga gitdik. Şäheriň
gorag galasynyň diwarlary-da belli bir derejede
saklanyp galypdyr. Onuň daşynda çuň garymlar gazylypdyr. Gorag galasynyň iç ýüzünde bolsa ýaşaýyş
jaýlary bolupdyr. Bişen kerpiç bölekleri şol oturan
jaýlaryň sökülen süňňüniň alamatlary bolup, töwerekde pytrap ýatyr. Häzir bu diwarlar köp sanly nakys
murtluja alakalaryň, elem-tas bolşup, öz-özlerinden
basga düşüşip ýören çöl suwluganlarynyň mesgenine
öwrülipdir. Häli-şindi ýagýan bahar ýagyşlary bu
ýerde hem köldür kölçeleriň birnäçesini döredipdir.
Biz gijöýlänler atlarymyzy öz maýdalyna sürüp,
gören-eşiden zatlarymyz hakynda ýol boýy pikir
alşyp yzymyza öwrülip geldik.
* * *
Meniň Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew bilen bolan
duşuşykdan soň eden oý-pikirlerim W.I.Leniniň
ýadygärligini gurmak boýunça döredilen ýörite
komissiýa täzeden ýüzlenmegime sebäp boldy.
Komissiýanyň başlygy Nedirbaý Aýtakowyň adyna
oturyp ýörite hat taýynladym.
«Hormatly Nedirbaý Aýtakowiç!
Meniň W. I. Leniniň Aşgabatda guruljak ýadygär36
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ligi üçin taýyn eden, komissiýa tarapyndan hem
kabul edilen işimi, kabul edilenligine seretmezden,
onuň gurluşygyna başlamazlygyňyzy soraýaryn.
Ony gurulmanka könelen iş hasap edýärin. Serdaryň
ýadygärliginiň çözgüdini başgaça etmek pikirim bar.
Ol nähili boljak? Dogrusy, häzir men bu soraga hem
jogap berip biljek däl. Ýadygärligi täzeden proýektirlemäge pursat bermegiňizi, şeýle-de maňa respublika bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmegiňgizi
soraýaryn.
Akademik Karelin A. A.»
Şu hatdan soň, Petrogrady ýatlap, çagalarymy
gözümiň öňüne getirip, öz gelen netijämden olary
hem habarly etmek maksady bilen, aýalymyň adyna
hem bir hat taýynladym.
«Lena, mähribanym!
Çagalar bilen sag oturanmysyňyz? Ynanýan,
hut şeýledirem. Başyňyz dik, sag-salamatsyňyz.
Hemişe şeýle bolsun-da hernä. Öňki hatymy hem
size Saurowlarda ýaşaýarkam ýazypdym. Indi
bolsa meniň öz öýüm bar, şol biziň akademiýamyza
respublikanyň adyndan hat ýollan ýoldaş Atabaýew
bilen duşuşukdan soň maňa bir howlynyň aýagujyndaky, birçaklar haýsydyr bir rus ofiseriniň ýaşan
iki otaglyja jaýjagazyny berdiler. Jaýyň öňünde
ol-bi zatlar ekäýer ýaly bölejik ýerjagaz hem bar,
şeýle-de bu ýerde üç sany syrdam owadan sosna
agajy, rus pälwanlaryny ýatladyşyp ösüşip otyrlar.
Täze tanyşlarym maňa boş ýere gül ekmegi masla37
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
hat berýärler. Birwagt meniň doganoglanym Sergeý
Finskilerde bolanymyzda gören günlerimizi ýatla, bu
ýerde hem şeýle gülleri ýetişdirip bolaýsa, gör, nähili
gowy bolardy.
Indi öz işlerimden habar bersem, seniň eýýäm
meniň gürrüňi uzaldýanymdan bir zat aňan
bolmagyň-da mümkin. Ýadygärligi täzeçe, gerek
bolsa, telim gezek (sen meniň irginsizdigimi, erjeldigimi bilýäň ahyryn) proýektirlemegi göz öňünde
tutýaryn. Gowusy, bu hakda soňra... Sizi Aşgabada
getiresim gelýär. Gözümiň öňünde bolsaňyz, özüme
has gowy boljagyny bilýärin. Sizsiz bu aladany birýan
ýüzli edäýmek ýogsam maňa aňsat düşmez. Umuman, irde-giçde Aşgabada gelmek hakyndaky pikire
özüňizi taýynlaň!
Indiki hatymda men size öz gelen netijäm hakynda ýazaryn.
Meniň görmegeý gyzjagazlarymy gujakla we
ogşa! Häzir bolsa sag boluň.
Siziň kakaňyz A.Karelin.»
Şu iki haty taýyn edenimden soň, men özümi
agyr ýüküň astyndan çykan ýaly duýdum.

* * *
Hatymyň jogabyna köp garaşmaly bolmadym.
Respublikanyň prezidenti Nedirbaý Aýtakow iki
günden meni kabul etdi. Oňa öňi bilen nämüçin ilki
hödürlän proýektimden el çekýänligimi düşündirmeli
38
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
boldum. Prezident meni özüniň gytyjak edilip bejerilen gür sakgalyna käte el ýetirip oturyşyna, giňiş
adamlara mahsus arkaýynlyk bilen diňledi. Ol diňe
ýeke gezek, men diýjek sözümi aňymda ýitirip, ýadyma düşürjek bolup oýurganan mahalym, janköýerlik
edip gapdaldan gürrüňe goşulmak islän Wladyçuga:
«Goý, özi gürlesin!» diýen äheňde barmagy bilen
yşarat etdi. Wladyçugyň näme üçin gürrüňi böltemekçi bolanyny düşündiresi gelse-de, häzir başga
hiç hili gep gürrüňiň bu ýere gerek däldigine ol
wagtynda düşündi. Men edil hatymda ýazyşym ýaly
respublika bilen ymykly gyzyklanmaly boljakdygymy
düşündirdim, bu meselede özüme kömek edilmegini
soradym.
Prezident meniň düşündirişime pähim edip, bir
salym oturdy. Bir zat aýdarly bolup ýuwdunsa-da,
Wladyçugam biziň gürrüňimiziň arasyna goşulmagyň
ugruny tapmady.
— Andreý Andreýewiç, siziň pikiriňiz hiç neneň
däl, umuman, dogrumykanam diýýäris. Agşam biz
Gaýgysyz Serdarowiçiň kabinetinde siziň hatyňyzy
okap, hatyň ýazylmagyna sebäp bolaýjak zatlar
hakynda pikir alyşdyk. Ýöne biziň juda gowy, manyly
hem özboluşly ýadygärligiň bina edilmegini isleýändigimizi welin unutmaweriň! Gidip, respublika bilen
tanşyp bilersiňiz. Deňiz tarapymyzda Krasnowodskimiz, günortamyzda Mary, Çärjew topar illerimiz,
Hywa-Was bolsa türkmeniň bir çaklar üýşüp bir
ten, bir jan bolşup oturan ýurdy. Ýöne Wasa git39
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
megi biraz soňa goýmaly bolarsyňyz, ol ýerde entek
Sowet hökümeti özüniň ýerlikli gowy jemgyýetdigini
düşünjege düşündirip, düşünmejek bilen ýüzbe-ýüz
bolup bellisini edýär. Gaýgysyz Serdarowiç ýene-de
gyssagly Daşhowuza gitdi, onuň bir aýagy şol ýerde.
Siz atly gezelenç etme hyýalynda ekeniňiz. Men sizi
ilki bilen-ä paýtagtyň töwereklerini aýlanyp görmegi
maslahat bermekçi. Beýleki ýerlere bolsa otly bilen
gitseňiz hem kem bolmaz.
Türkmen halkynyň azlygyna seretmäň, onuň
ýurdy siziň çakyňyzdan has giňdir!
Atly gezelenç etmegimi, meniň garrylygymy,
galyberse-de, ýollaryň hem entek howpsuz däldigini göz öňünde tutup, prezidentiň juda bir göwnäp
barmaýanlygyny aňsam-da, bu meselede men
öňki pikirimde galdym. Pikirimi nygtamak üçin
ýaşlygymda at münmegi kemsiz öwrenenligimi, soňra
bolsa Russiýanyň ençeme ýerlerini atly aýlanandygymy ýatladym.
Meniň otluda barýarkaň bir görnen ýaly bolup,
soňundanam hä diýmänem beýläňe geçip, yzda galýan
ýerleri, arkaýynlykda ine-gana synlap durasym, onuň
ösümlükleriniň arasynda boý deňläp aýlanasym, çöl
ot-çöpleri bilen goşulyşan howadan kükregimi dolduryp dem alasym, öz aladalarym hakynda oýlanyp
gezesim gelýärdi.
Prezident maňa düşündi. Hoşlaşan wagtymyz
ol: «Arkaýyn boluň, Andreýewiç, size ýoldaş bolup
biläýjek adamynyň maslahatyny ýakyn günlerde
ederis, ýol şaýyňyzy tutuberiň!» diýip goýberdi.
40
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Men duşuşykdan aýagym ýeňläp geldim. Dünýä
bolan höwesim artdy. Köpetdagy, töweregiň
görnüşüni, tykyrdysyny öňüne salyp barýan arabany
aýratyn bir yhlas bilen synladym.
Ýaz howasyndan dem alyp, gitjek, görjek
ýerlerimiň howasy bozdur, mundanam gowudyr diýip
oýlandym.
* * *
Gözlerim meni käte düýbünden garaşmadyk
wakalarymyň hem üstünden getirýärdi.
1773-1775-nji ýyllardaky daýhanlar gozgalaňynyň
serdary Ýemelýan Pugaçýowyň mürzeleriniň biri Baltaý Idrgeýew hakynda eşiden gürrüňim hem meniň
üçin şol garaşylmadyk zatlaryň biri boldy.
Baltaý 1750-nji ýylda Ýaýigiň boýunda eneden
doglupdyr. Onuň kakasy Öwez şol ýerde kazaklaryň
goşun sapynda gulluk edýän eken. Kakasy
goşunçylykdan boşap, öz iline gaýdanda ol Baltaýy
dogan okaşan başgyrt dosty Idergeý Baýmekowa
ogullyk beripdir. Baltaý atalygynyň hormatyna onuň
adyny familiýa edinipdir.
Baltaý 1770-nji ýylda goşun gulluga giripdir.
Rus daýhanlarynyň Pugaçýowyň baştutanlygyndaky
gozgalaňyny türki kowumlardan bolan halklaryň
wekilleri hem hyjuwly goldapdyrlar. Şolaryň biri-de
türkmen ýigidi Baltaý bolupdyr. Ol 1773-nji ýylda
gozgalaňçylara goşulyp, soňundan serkerdäniň ýakyn
41
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
kömekçileriniň biri bolupdyr. Pugaçýowyň ştabyndan
çykýan türki dillerdäki permanlary, jarnamadyr
manifestleri, hatlary taýynlapdyr.
Gozgalaňçylar Orenburga zabt edende, Baltaý
ýesir düşüpdir. Patyşa hökümeti ony Orenburgyň,
Kazanyň, Moskwanyň türmelerinde saklap
sorag edipdir. Näçe çekelense-de, Baltaý mürze
gozgalaňçylaryň syryny paş etmändir. 1975-nji ýylda
ony türmeden çykaryp, Arhangelskä gulluk etmäge
iberipdirler.
Her gezek şeýle maglumatlara duşanymda, türkmenler bize - Russiýa ýene-de bir depik golaýlaşan
ýaly bolýardy. Arhiwler ymykly öwrenilse, şonda iki
halkyň bir-birine has-da golaýlajakdygy hakynda
oýlanýardym.
* * *
Bu gün Aşgabada gelip, ilkinji tanşan adamlarymyň
hemmesi meniň öýüme ýygnandy diýsem-de bolýar.
Ilki Saurow, aýalynyň meniň üçin özünden artdyran
okara-çemçesi, suw bedresi bilen gelip girdi. Onuň
yzysüre bolsa Ruwim Moiseýewiç geldi. Ol:
- Baý, Andreý Andreýewiç, öýdeçil bolupsyňyz-a,
çykyp-çykyp ýalançy ýüzünem görmeli ahyryn, käte
ýatlap, sen-men ýok, duýdansyz göwün isläp birekbirek bilen duşuşmagam bardyr-a? — diýdi.
Onuň gep saluwyndan meni hemişe oýurganyp
öýden çykman oturýandyr diýip pikir edýänligi
duýulýar.
42
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Ol gelensoň Saurow ikimiz her günki türkmen dilinden geçýän taýynlygymyzy bu günlükçe goýbolsun
etmeli bolduk. Ruwim Moiseýewiç gyzyklanyp,
meniň stoluň üstünde duran sözlük depderçämi eline
alyp, eýlesine-beýlesine seredişdirdi. Soňundanam:
— Gimnaziýany täzeden başlapsyňyz-da — diýip
gülümsiredi.
— Görýän welin bu Saurow biziň hemmämizi
eýdip-beýdip türkmen etmekçi — diýip degişdi.
Biz hezil edip gülüşdik hem bildigimizden patdykputduk türkmençeleşdik. Respublika syýahat etme
pikirine gelelim bäri men, hakykatdanam, Saurowyň
kömegi bilen türkmen dilini ürç edip öwrenýärdim
hem-de bu gelen günümden dil öwrenmegiň ugruna
çykan bolsam, bu çaka çenli esli zat öwrense bolardy
diýip, özümçe ol günleri boş geçen günler hasaplap
gynanýardym. Dili tiz öwrenmegi başaran adamlary
ýatlap, özümi hyjuwlandyrýardym.
Saurow eýýäm meni bir ýola: «Andreý Andreýewiç, gidişiňiz erbet däl, göz-dil degmesin» diýip,
az-kem taryp hem etdi.
Bazar çaýhanaçysy Hasan bilenem men indi her
gün birki gezek türkmençeleşip alýan.
— Hasan, salawmaleýkim! — diýýän.
Ol-da:
— Aleýkum essalam rahmatulla — diýip, juda
uzyn edip meniň salamymy alýar.
— Hasan, çaý gyzgyn getir! Nahar iýjek hem
bolsa.
43
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Palawmy, çekdirme, Andreý aga?
— Azajyk çekdirme, şondan iýjek.
Töwerekdäki nahar edinip oturan adamlaryň ýüzlerinden aňýan, olar hem özlerine meniň türkmençe
geplemegimi makullaýarlar.
Göz gytagy bilen seredişip, meniň türkmençe
gepleýşime ýylgyryşyp goýberýänler hem bar. Meniň
türkmençe geplemegim käte çaýhanada başga-da
haýsydyr bir wakanyň ýatlanmagyna sebäp bolýan
mahallary hem bolýar:
— Bu saryja orus zehinli eken, çaýhanada
men-ä muny ýaňyrakdan bäri görýän, zaluwat eýýäm
türkmençeleşip barýar.
— Her ilde zehinli adamlar bolýar ahyryn.
— Öňräkler demir ýolda bir otly sürýän bardy,
görseňiz-görensizem-le, daýaw, garynlak. Boýny
dagysy doňzuň budy ýaly mazardat bir ätäňet.
— Hä, bir-ä bolmaly özün-ä...
— Görensiň. Demir ýol gurlansoň, otly mündürip
adam getirenem şomuş. Ana, şol-a aýaly-çagalary
öwrense-de, özi türkmençäni öwrenip bilmedi. Özem
şol löwdesi bilen.
— Ha, patdal eken men ýaly.
— Ol ýyl biziň Maryda, gajar urşunda ýesir düşen,
oruspisint, özi welin orsçanam bilmeýän biri bardy.
Oňa iňlis diýjek bolýanam bardy.
Şol zaňňaram dili örän tiz öwrenipdir, garrylar
gürrüň bererdi, ol aýallar tamdyra nan ýapanda,
türkmeniň gapdaldan geçene-de nan hödür edýänini
44
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
bilip, emenip geler eken.
— Ene, ýyljak nan iýesim gelýär — diýip, tamdyra elini uzadyp muňalar eken. Iki elti bolşup, biri
ýasap, biri ýelmäp duran gelinler ony görenlerinde:
— Ana, ýüwürjimiz-ä sakgalyny sallapjyk göründi, nanlaryň birini tizräk gopar — diýip, ýaşmak
astyndan gülşer ekenler.
— Ony pereňlimiş diýýänem-ä bar!
— O-da mümkin, gözüm bilen gördüm diýib-ä
biljek däl, şeý diýip gürrüň edýärler.
— Ol ýyl gyzylarbatly Çopan baýyň ogly Türkiýä
gidende, Pereňe-de baranmyş diýýärler. Gelensoň
ol: «Ol ýer gaýdasyň geler ýaly ýer däl, hüýr-periler näz-de-kereşme bolşup, jennetdäki ýaly topartopar, ýarym-ýalaňaç gezişip ýörler, adamlar bolsa
juda zynatly gurlan kaşaň daş jaýlarda, galalarda
ýaşaýarlar» diýip gürrüň edenmişin. Çaýhanada
adam az mahaly Hasan özüne-de bir çäýnek çaý demlenip, gürrüňçilik küýsäp, meniň ýanyma gelýär.
O-da meni bir ýola Saurow ýaly özüçe taryplady. Bu
ýerde köp rus adamsyna çaý berse-de, olaryň dilini
öwrenip bilmeýänine gynandy.
— Orsuň dili maňa nesip etmedik borly, ýogsam,
ol bir kyn dilem däl ýaly, orsuň ýumruk ýalysam ony
jidirdäp gepläp ýör. — Onuň gürrüňi gülkimi tutduranda bolsa, gülsem muny öz üstünden gülünme
diýip hasap eder, gaty görer diýen pikir bilen zordan
gülmän saklandym...
Ruwim Moiseýewiç ornaşyp oturansoň, ýene-de
45
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
öz şägirtleri hakynda gürledi. Ol şu ýazy okuwçylary
bilen gowy peýdalanjakdygyny, çölüň, dag ýerleriň
güllerini toplap, olardan hytaý tälimini öwrenip
gelen bir nilgär kürte reňk ýasatjagyny, onuň gowy
reňk ýasamaga hötde gelýänligini nygtamak bilen
hem-de şondan soň şägirtleriniň reňk meselesiniň
çözüljekdigine guwanmak bilen gürrüň berdi.
Iň soňunda bir özüne garaşylan Wladyçuk yzyna
nätanyş birini düşürip, iki bolup geldi. Nätanyş
ýaňy saçynyň eteginden ak girip ugran, orta boýly, eňegi çowly bolany üçin, ýüzi dowamly bolup
görünýän otuz bäş-kyrk töweregi ýaşan adamdy.
Ol başyndaky gaýyş, maňlaýy ýyldyzly papagyny
çykaryp, Wladyçugyň yzysüre biziň herimiz bilen
aýratynlykda görüşdi.
Diňe şundan soň Wladyçuk bir bize bakyp, bir
ýigide seredip ony tanyşdyrdy.
— Gaýgysyz Serdarowiçiň bil baglaýan, kyn
işleri tabşyrýan adamlarynyň birisi, 1918-nji ýyldan
bäri partiýa çleni, Biziň Andreý Andreýewiçimize
mynasyp ýoldaş hasap edilenligi üçin, çölden ýörite
çagyrylyp getirilen... Tas esasy zat ýadymdan çykan
eken. Ady Hommat, öýlenen ýeri Orusýet - biziň
giýewimiz.
Hommat Wladyçuk gepläp tanyşdyrýan wagty
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 03
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.