Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 19

Total number of words is 3712
Total number of unique words is 2039
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
onuň, pikirleriniň Aýnabadyň töwereginde pelesaň
383
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
urýanyny çak edip, öz ýanymdan oňa müňkür bolup
gelýärdim.
Ahmet maýyl bilen onuň dosty Halyk öz
saparlarynyň, ýerine düşendigini ýatlaşyp, hoş
bolşup yzlaryna dolanyp gelýärkäler, duýdansyz
gamyşlyda iki sany adam olaryň gapdalyndan çykyp
ýarag çenäpdir. Ahmet aga okuna-ýaragyna ýetmäge
pursat bolmandyr. Habar soralan mahaly, Ahmet
aganyň pendilidigi onuň gepinden-sözünden mälim
bolupdyr. Olar öz ugurlarynyň hem şol tarapadygyny ýatlaşyp: «Bir öwrümde ýol kesmäne gerek
bolaýmagy mümkin» diýen pikir bilen onuň elini
baglap kerwene tirkäp özleri bilen alyp ugrapdyrlar.
Halygy bolsa şol ýerde artyk şaýat hökmünde urup,
janyny öçüripdirler-de, eltibem gamyşlyga süsdüripdirler. Men onuň gürrüňini diňläp otyrkam: «Ýaşuly,
häli bize gabat gelmedik bolanlygyňda, Pendä bizden
öň irgözinden dolanyp baraýjagam ekeniň» diýip,
onuň çetine degesim geldi. Ýöne onuň şuglasy öçüşen
gözleri, gany gaçyp solugşan ýüzi juda armanlydy
hem naýynjardy.
Ahmet aganyň tapsyzlygyny, özümiň hem
argynlykdan ýaňa gaçaryny aldyran möjege
meňzeýändigimi, şeýle-de ýanymyzda eýesiz galan,
ýola gerek bolmajak üsti ýükli düýeleriň hem bardygyny ýatlap, ýoly wagtlaýynça dowam etdirmegi
goýbolsun edip, ýakyndaky — çem gelen obalaryň
birine birki günlük dem-dynç almak üçin sowulmagy
ýürege düwdüm.
384
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
* * *
Baran obamyzyň oba şura başlygy bilen
duşuşanymyzdan soň, onuňkyda goş ýazdyryp, biz
şol günüň özünde Ahmet aganyň dosty Halygyň
gözlegine çykdyk. Oba şura başlygy öz ýanyna alan
adamlaryndan başga-da iki sany aksakaly, tap bilen
hökmünde ata çykaryp, bu şum habary ýetirmek üçin
Halygyň obasyna ýollady. Ýöne Halyk şol gezekdäki
iki adamyň eltip gamşa süsdüren ýerinde ýok eken.
Golaýdaky obadan habar tutulanda, onuň kimdir
biri tarapyndan görlüp oba eltilendigi, ol ýerde hem
onuň kimdigi tanalyp, dogan-garyndaşlaryna: «Biz
şeýle adam tapdyk» diýip habar edilendigi, şeýle-de
ony äkitmäge gelenleriň arasyndan bir ter gara sakgal adamyň: «Olar iki bolmalydylar, beýlekisiniňem
jesedi şu golaýda bolaýmasyn diýip, ýany bilen getiren adamlaryna gamyşlygy gözledendigi, hiç derek
tapmanam: «Gören-eşiden bolsa, habar beriň, özümiz
eýesidiris!» diýip, sargap gideni belli boldy.
Biz bärden bir süri atly bolup baran mahalymyz,
oba bir gije öýüne myhman bolan Halyk pahyry
eýýäm öwülýäde ýer-jaý edip gelen eken.
Hana-da biz ýagdaýymyzy aýdyp, Halygyň ýas
düşeginden turmakçy bolan mahalymyz, başy köne
çabytly gartaşan aýal bilen ter gara sakgally ýaşuly
içerik girdi. Başy çabytly ol zenan Halygyň aýaly
eken.
— Nursoltan... biz-ä ýüzügara bolup geläýendiris
— diýip, Ahmet aga ony gören çagy dostuny ýatlap,
damagy dolup, hamsykdy.
385
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Zenanyň aglamakdan ýaňa çişen gözlerinde
gözýaş buldurady. Ol birsalymdan soň özüni dürsäp:
«Aý nätjek-dä, Ahmet, bu-da bir boljak işdir-dä»
diýip, çäresiz adamyň armany bilen sözlerini gözýaşa
garyp gürledi.
— Nätjek, gaýrat et, Nursoltan! Gör, men nämelere sebäp bolup ýörün... Soňky sözleri aýdan mahaly
ýene-de Ahmet aganyň sesi sandyrady.
— Boljak zada çäre bolmazmyş. Işi gaýdany
düýäň üstünde it ýararmyş. Kysmatydyr-da onuňam.
Dostuňy ýatlap, gözläp gelipsiň, taňryýalkasyn. Ol
bende: «Ahmet» diýip, seni iňňän gowy görerdi. Dostum ýok diýip, bizi ýadyňdan çykarma, özi bolmasa
men bar, çagalary bar, bizi ýatlap gelip dur! — Zenan
bu sözleri howlukman, her söze minnetdarlyk äheňini
berip aýtdy.
Turup ugrap barýarkak, men oda süsdürilen
tüňçeleriň beýleräginde üç adamyň arasynda
aýbogdaşyny gurap, ýarty petiri bir dyzynyň üstünde
goýup tamşanyp oturan adamy tanadym. Ol şol bize
birki günlükde duşan çopandy. Çopan meni görüp,
şol gün meýdanda neşesizlikden azarlap ýörkän
Halyga diýen sözlerini ýatlap utanaýdy öýdýän, ol
hamala men millete ýüzlenip, «Adamlar şüý-ä şol
gezek şu sözleri aýdypdy, tutuň ony» diýäýjegim
ýaly müýnürgäp, aşak bakdy-da, meni görmedik bolup, tä biz atlanp, ugrap gaýdýançak başyny ýerden
götermän oturdy.
Biz gelen ýolumyz bilen ýene-de yzymyza,
Aýnabady galdyrp gaýdan obamyza dolandyk.
386
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
* * *
Bu kyrk-elli öýlüden köp bolmadyk obajykda galyp, birki gün dem-dynç alanymyzdan soň, biz ýene
ýola düşermen bolduk...
Üsti ýükli düýeleri oba şura başlygy inçemikden
gelen uzynak, gyz ýaly ýumşaksy ýigit Tejen şäherine
äkidip geldi. Onuň ýany bilen bizden habar soramaga
gelen iki atly gelen çagy, bizi öz ýanlary bilen şähere
äkiderli görünse-de, meniň ýanyma berlen kagyzlary
okaşdyransoň, bir-birleriniň ýüzlerine seredişip daş
çykdylar-da, bizsiz ýerde maslahatlaşyp, maslahaty
bişirip geldiler. Dokumentleri yzyna gaýtaryp: «Ýol
bolsun!» diýşip gitdiler.
Aýnabat ugramagymyzdan bir gün öň öýüň
gapdalyňda oturyp, öý eýesi garryja aýalyň beren
gabynda meniň hem Ahmet aganyň geýim-gejimini
ýuwup, soňundanam ýuwlan geýimleri küdäniň töweregine aýlap serişdirdi. Saçyny ýuwup, darandy. Ýola
taýynlandy.
Oba şuranyň ejesi gazak ýüz, bili bükülip ugran,
ýuzünde gasyndan ýaňa barmak basara ýer galmadyk
süýji dilli aýaldy. Iki dyzyny gujaklap oturan wagty
ol aýal her gezek meniň ýadyma birçak ýagyş ýagyp
durka, bagda ala gury ýapraklaryň arasynda gören
süllümbaý ezilen biçäre kepderini salýardy. Ol biziň
hemmämize «hanym-janym» diýip ýüzlenerdi. Öýüň
asly pukara bora çemeli, onuň içinde halydyr halyça
ýaly zatlaryň düşnügi ýokdy. Ol diňe birsydyrgyn üsti
sürlen keçeler bilen ýetne-ýütne basyrylypdyr. Ortada tegelenip oturan ojak bar. Garry her gije şol ojaga
387
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ilki düýe gumalagyny salýar, ol ýagşy tutaşandan soň
bolsa köz bolar ýaly onuň içine töňňeliräk odunlardan
atyşdyrýar. Gijesine oba şuranyň öýünde Aýnabat
bilen garryja aýal hem Ahmet aga ikimiz dört bolup
ýatýarys. Şura başlygy bolsa, biziň giňişräk ýatmagymyz üçin, gidip başga bir öýde ýatyp, irden biz bilen
çaýlaşmaga gelýär.
Ertir ugrajak günümiziň agşamsydy. Biz irgözinden ýatyp, ertirem säher-säherler turup göterilmegi
niýet edinip ýorgana giripdik. Ahmet aga ýene-de
menden öň uka gitdi. Meniň bolsa günortan birneme
irkilenim üçin häle-bärde gözüme uky gelmeýärdi.
Pikirim Pendini, Hywa ýoluny köwsarlap aýlandy.
Öýleriň töwereginde daňlan sygyrlaryň agyr hossuldysyny, gümür-ýamyr edişip, golaýdan ötýän
adam seslerini eşidip ýatyryn. Haýsy ýoldan gidiläýse, amatly bolaýarkan? diýip, ýatan ýerimde
Tejen aýagyndan çykyp, Daşoguz üstünden inýän
ýoly, Ata guýynyň üstünden geçip, Köneürgenjiň
ilatly mülküne aralaşýan ýol bilen deňeşdirip görýärdim. Biziň ýüzümiz birinji ýola tarapdy. Men Ata
guýyň üsti bilen gidilende azyndan iki gün ýol utup
bolýandygyny, şindi Pendiden çykyp ugramankam
göz öňünde tutupdym. Ýöne düýnki gürrüňçilikde
ýagdaýa belet adamlar häzir ol töwerekde gazak hem
türkmen galtamanlarynyň güýç jemleýändiklerini
aýdyp, hemem Ahmet aganyň atyny münüp gaçan
ahmyrly adamyň hem şol ýoldadygyny ýatlaşyp, bize
Ata guýyň üsti bilen gitmegi goýbolsun edip, beýleki
ýol bilen gitmegi maslahat beripdiler. Bu maslahat
şol wagt meniň göwnüme jaý bolupdy, şeýle-de bolsa,
388
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bu adamlaryň arasynda hem biziň maksadymyzy
anyk bilmeli däl adam bar bolaýmasyn diýen pikir
bilen: «Aý meniň üçin-ä parhy ýok, ikisem öz belet
ýolum, giňişlige çykylansoň, muny ýoldaşlarym bilenem maslahatlaşyp göräýerin, giňişligini almasa,
türkmen aga dara-direlikde pikirini jemläp bilýärmi
näme» diýip, oýunlyga salyp, olaryň ýanynda belli
bir çöpüň başyny bogmandym.
Hakykatdanam, beýleki ýoldan gidiläýse, kem
bolmajak ýaly. Bir-ä Aşgabat-Kükürtli aralygyna
gatnaýan kerwen bolmaly, şolara dagy gabatlaşyp,
ýoldaş bolup bolsa, ýoluň köp bölegini köpçülik bilen
geçmek mümkindi. Onsoňam ondan aňyrda näme ýol
bar. Takyra düşüp, ulaglary ykjam durup, haýdasaň
birki günde Hywa barýaň.
Gijäniň bir wagty, öý eýesi garry aýal bilen
Aýnabat pyşyrdaşyp gürleşen çagy hem men heniz
uklamandym.
— Gyzym ýatdyňmy? — diýip, garryja aýal gapdalyna — Aýnabada tarap öwrülip, pyşyrdady.
— Hä?
— Turuzaýdymmy, köşek?
— Näme, ene?
— Oglum, saňa bir zat aýdasym gelip, aýdybilmän
ýörün-dä men...
— Aýdyň, ene!
— Tüweleme, sen bir elli-golly maşgala ekeniň.
Saňa synym oturdy, gyzym. Göwnüňe jaý etseň, sen
maňa gelin bolaýsaň nädýä. Meniň oglumy bolsa
sen gördüň, köşek! Öleniň yzynda ölüp bolýarmy,
näme? «Öli arslandan diri syçan» diýildigem bardyr,
389
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
dünýäm. Sen ene-ataňa gowuşaňsoň hem, hemişe
öýüňizi alyp oturyp bilmersiň. Kimdir biriniň
ojagynyň başyna barmaly bolarsyň.
Garryny diňledigimçe, meniň kejebäm darykmak bilen boldy. Ýüregimiň urgusy üýtgedi. Özümiň
oýadygymy bildirmezlige çalşyp ýatyşyma, Aýnabat
bu kempiriň hajyk-hujugyna maýyl bolup galaýmabilse ýagşydyr diýip, howsala galdym. Ony öz elim
bilen getirip, bu ýerde ojakbaşy hökmünde galdyryp
gitmek, onda özümiňem göwnümiň bolany üçin,
maňa juda ýokuş degjekdi. Aýnabat wagty bilen
garra jogap gaýtarmansoň, men bu gürrüňler ýenede onuň ýarasyny täzeländir, ol häzir sessiz gözýaş
togalap, geçmişini ýatlap aglaýandyr diýip oýlandym. Dogrudanam, geplän wagty onuň sesi sandyrap
çykdy.
— Ýok, ene. Men munda galmaýyn... Ol meniň
ýeke-täk görüp-duýup, söýüp-synyp bilmeýän elýetmezimdi...
— Onda özüň bil, gyzym!
Şunuň bilenem maňa birsalym otly köýnek geýdiren hemem tükeniksizlik bolup görnen gürrüň şu
ýerde tükendi. Ýüregim ýene-de ýerine geldi.
* * *
Daňyň ümüş-tamşynda biz ýene-de niredesiň
Hywa diýip, ýüzümizi ertire tutup ýola düşdük. Çöl
dymýardy.
Biz ýadaman, öz ýapy-ýagdaýymyz bilen göçüpgonup gidip barýarys. Obada däri-derman edileni
390
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bäri, meniň elimiň ýarasy indi sorkuldap agyryp,
azar bermesini goýupdy. Kelläme düşen ýeňil ýara
bolsa diňe bitermen bolup gijeýän wagty meniň
ýadyma düşýärdi. Her gezek men töwerekde syn
saklan mahalym, şol bir göterilen ýerinde hemişelik
doňup galan çäge depeleriniň tolkunlarynyň ýolda
syrgyna galan düýelere meňzäp oturandyklaryny
görýärdim. Şeýle-de, daş-töwerek häzir ýazyň bir
gününi ýadyňa salýardy. On-onki günlükde yzlyyzyna tapgyr-tapgyr ýagan ýagyşdan soň meýdana
ot örüpdir. Güýz şeýle gelende, mallaryň ýylynyň
gelýändigi meniň ýadyma düşýär. Goýunlar güýz
içe bir gök çaýkaýsa, onsoň gyş onuň topugyndanam
bolmaz diýip oýlanýaryn. Mahal-mahal bolsa atymy
gorduryp, kerwenden saýlanyp gidýän-de, bir alaňa
çykyp, del adam ýokdur-da diýen pikir bilen töweregi
synlaýaryn. Soňra bolsa meniň nazarym ýene-de
goňurymtyl ýaşyl öwsüp oturan meýdanyň içi bilen
gelýän Aýnabatly kerweni tapýar. Kerwen şonda her
gezek maňa ýeri gyratlap hatara uçup gelýän guşlary
ýatladýar.
Ahmet aganyň indi öňki keýpi ýokdy. Onuň küýköçesi dostunyň ölümidi. Ol bu ölüme özüniň sebäp
bolanyny ýatlap, müýn çekýärdi. Düýn ol Halykdan
gürrüň çykanda: «Wah, ol neresse bilen menem
öläýen bolsam bolmaýarmy?» diýip ahmyr etdi.
Soňundanam onuň bilen Pendi çölünde goňşy bolup,
mal bakyp gezen ýyllaryny ýatlap oturdy. Ahmet
aganyň Aýnabada bolan gatnaşygy hem göz-görtele
üýtgedi. Indi onuň nazarynda «Wah, şujagazy bir
maňa bersediler» diýen many ýokdy. Indi ol Aýnabada
391
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ýüzlenen mahaly, oňa «Gyzym» diýip ýüzlenýärdi.
Hem şol gezek dilini ýuwup, eden delalaty üçin ondan
minnetdar bolýardy. Şeýle-de onuň dili mese-mälim
süýjäpdi. Hamala, Aýnabat şol gezek Ahmet aganyň
ähli gerekmejek sözlerini dilini ýuwan çagy ýuwup
aýrana meňzeýärdi. Ahmet aga her gezek tüňçeleri
dolduryp, ot ýakdygy, oduň başyny Aýnabada berip,
özi ýeňsä çekilýärdi. Çygda oturmazlygy, oturjak
ýeriňe çöp-çalam goýmagy, ýogsa guragyry ýolugyp,
köseniljegini ýaşuly hökmünde bize wagyz edýärdi.
Onuň käbir hereketleri bolsa, beýhuş dermany ysgap,
şindi ondanam açylyp ýetişmedik adamyň hereketlerine meňzeýärdi. Ol diňe dosty Halyk bilen özi üçin
baryp gören gelinligi hakynda gürlän mahaly, gaýgyhasraty unudyp, ýene birsalym öňki kaddyna, öňki
Ahmet maýyllygyna öwrülip bilýärdi.
«Halyk ilki söz aýdyp baranda, ol gelin «Ýigidi
bir görsek, gujaga salar ýaly zatmykan ol?» diýipdir. — Ol ilki beýleräkden başlap, meniň ýanyndan
gidibermezligim üçin gürrüňi gyzykdyrýar. — Öýüne
barsam: «Ýör, seni bir şoňa görkezeýin» diýip äkitdi-dä, neresse. Ha, Halyg-a oguldy-la... Ine, sürüp
barsak, ýekeräk oturan gara öý, päp-päkize içeri.
Suw kädiler diýermiň, ýatylan ýassyk-düşekleri
diýermiň, hut ojaga salynjak odunlara çenli ähli zat
öz durmaly ýerinde saýhal-haýhal bolup dur. Içerini
synlap, içimi gepledýärin. Işiňe-hä ygtyýar ekeniň
welin, özüň nähili zatkaň? Her halam bolsa görmedik maşgalaň-da, böwrüňi diňledýär. Ýamandan
elli bizar, her kime-de ýetdirse, gowy gerek. Hem
şol oturyşyma mykraz-müçegim bilen murta-sakgala
392
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
nagdyn timar berenimi gören keşmerimi gözümiň
öňüne getirip oýlanýaryn. Biz iki sakgally bolup
baran mahalymyz gelin öýde ýok eken. Eli kündükli
küdäniň arkasyndan owşanaklap gelýän garryja kempir, biziň habarymyzy ilki, ana, şol aldy. Onuň indi
uzak eglenmän gelmelidigini aýdyp, bize girip öýde
garaşmagy mürähet etdi. Ol goňşy aýallar bilen bir
ýere ogul gutlamaga giden eken. Ine, birsalymdan
golaýda aýal sesi eşidildi. Inim çümşüldäp gitdi.
— Bize myhman gelen ýaly-la. — Mylaýym,
ýakymly ses. Ol gapysynda biziň gaňtarylgy duran ulaglarymyzy görendir. Öz ýanymdan ýene-de,
sesiň-ä synalabermeli eken, özüňem sesiňe meňzeş
bol-da, Taňrym, diýip dileg edýärin. Birsalymdan
içerik bir ortamyýana, türkmen bugdaýyň nany ýaly
göze ýakymly bir maşgala gelip girdi.
— Sag-gurgun geldiňizmi? — diýip, köpügörenligini edip, ilki Halyga ýüzlendi, gözüniň gytagy
bolsa mende.
— Şükür. Özüňem gurgun oturanmysyň, Ogulsapar — diýip, Halygam onuň bilen saglyk-amanlyk
soraşýar. Ýeri gelende bolsa, meni tanyşdyrýar.
— Bu bolsa, Ogulsapar, şol meniň gowy görýän
dostum bolmaly?
— Hä-ä... — Ogulsapar uýaljyrap, maňa aşaklyk
bilen göz aýlansoň, ýene-de ýer dyrmalamasyny
dowam edýär. Men şol pursatda näme diýmelidigimi
bilmän, ellerimi owkalaşdyrýaryn.
Ahyryn heleýden maňlaý oňjak-how diýip
oýlanýan. Şuny öýe eltip bilsem, öňki iki pahyrdan
galan, inimiň öýündäki iki basdaşja ogullarymy,
393
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
aýal doganymyňkyda bolýan gyzjagazymy öýe getirip, başbütinlik edip boljagyny, eger islese, bu
zenanyň ýetimjelerimiňem, özümiňem maňlaýymdan
direjegini pikir edýärin. Arzuw kölüniň içinde başy
bitin, içi bäş başlyk bagtly öýüm otyr... Men ortada ýazylan saçagyň tör tarapynda, her oglumam
meniň bir ýanymda, Ogulsapar bolsa ojak tarapda
gyzjagazymyň ýanynda otyr...
Bir salymdan oýlanyp, pikirini jemlän gelin,
başyny ýerden göterip, Halyga seretdi.
— Özüň bilýäň, Halyk. Görmedik-bilmedik ýeriňe
baraýmak ýeňil zat däl. Ýöne bu aýallaryň maňlaýyna
ýazylan zat, muňa-da akylym gowy çatýar. Ýörite
gelen bolsalar gerekdirin-dä gelendirler. Sen: «Ýakyn
günlerde geljek» diýip, öňem aýdypdyň. Ýöne, hoş
diýmänkäm, men size, ine, şu zady hem aýtmalydyryn. Dostuň menden bala-çaga umydygär boljak
bolsa häzir diýsin, erteki gün bir ýerden bir ýere
barlansoň, bu sözi aýtsa, maňa ýokuş deger. Gizläp
oturasy iş ýok. Hudaý çaga dogurmak bagtyny maňa
bermändir. Onuň bu aýdýan sözleri meniň üçin täzelik däldi. Bu barada men öň Halykdan hem eşidipdim,
onuň bilen maslahaty bişiripdim. Şeýle-de, ol öň
dogranam bolsa indi aýallaryň dogurmasyz ýaşyna
ýeteňkirlän aýal ahyryn.
Özümiň üç çagamyň bardygy, olaryňam başga
gapylardadygy, bu aýala bellidigini hem men
bilýärdim. Bu zatlaryň hemmesi hakda öz aralarynda gürrüň bolanyny Halyk maňa aýdypdy. Bu
bolsa Ogulsaparyň bu gepi hut meniň öz gulatymdan
geçirip, başgaça gürlän mahalym, ýüzüme basmak
394
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
üçin aýdylýan gürründi, Men nä, oglan-oglanjykmy,
bu zatlaryň hemmesine düşünip otyryn-a.
— Eý, Ogulsapar, gowy tanamasam, yzyma
düşürip, seniň gapyňdan geljekmi men. Eger zenan
garamatyňy irde-giçde bir ýere atmakçy bolsan,
şu adam, ine, özüňem görüp otyrsyň, tüýs seniň
diýen taýyň! Sen ol ýere barsaň, ogully-gyzly, ärliöýli başbitin bir maşgala bolýaň. Şol ýetimlere eýe
bolsaň, bir bendäniň sönen ojagynda köz bolup bilseň,
olaram gerek wagty seniň gadyryňy bilerler. Köp
zat onsoňam, öz gylygyňa, iniş-çykyşy bilşiňe-de
baglydyr.
— Ol diýýäniňem-ä dogry, Halyk. — Oýurganyp,
bir zatlary ýatlap perişan bolup oturan Ogulsapar
Halygyň gepini jaý görüp, ýürekden makullady. —
Onda Halyk, siz bäş-on günden geläýiň. Men ol-bi
zatlarymy, aýal doganlarym bar, olara berişdireýin.
Enem-atama-da gitmänkäm bir sadaka bereýin. Ana,
onsoň gelseňiz, men bir düýä urarlyk goşum bilen
siziň öňüňizde taýyn bolup oturaryn. Şu ýekelikden
indi bizaram bolupdyryn, äkitseňiz äkidäýiň meni
— diýip, gözüniň gytagyny ýene-de maňa aýlap
goýberdi.
Biz hoş söz eşidip aýagymyzyň ýeňläni üçin, onon bäş güne galyp-galman öwrülip geljegimizi aýdyp,
gyssagarada bişen naharyň duzuny çala-çula dadyp,
ýola düşmek bilen bolýas.
Halygyň yzy bilen gapydan çykyberenimde Ogulsapar:
— Adyňyz näme siziň?! — diýip, mana söz gatýar.
— Ahmet, Ahmet maýylam diýýän bar diýip, me395
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
nem aýak çekdim. Şeýle bir muň ýaly dara-direlikde
pikirimi jemläbilýänem däldirin welin, şol gezek
Ogulsaparyň özüm bilen ikiçäk birki söz gürleşmekçi
bolýanyny aňaýdym.
— Sag-aman gidip geliň onda!
— Dilegiň gowuşsyn, Ogulsapar.
Biz birek-birege mähir duýgusy bar adamlara
mahsus bolan ýakymlylyk bilen gürleşip durýarys.
— Oturan-turan ýeriňizde munda öz ejiziňiziň
bardygyny hem unutmaweriň, Ahmet! — Onuň ejiziň
diýende, özüni gözüniň öňüne getirýäni belli zat.
— Nesip bolsa, seniň huzuryňa indi tiz dolanyp
gelermen, Ogulsapar!
— Gözüm ýoluňda bor, Ahmet!
— Ogulsapar, ýa ikimiz häzir gapyny ýapyp,
hasyr-husur töwekgel nika edäýsek nädýä?
Men Halygyň ulaglaryň ýanyna ýetip barýanyny
görüp, inçejik tama bilen Ogulsapara golaýlap
gürrüňi çynyrgadýaryn.
— Ýok, ýog-ýeý bolmaz, oglan, il-gün näme
gep eder! — Ogulsapar garaşylmadyk bir wakanyň
bolaýmagyndan çekinip, uýaljyrap, ýeňsä tesýär.
Menem mundan artyk bu ýerde dursam, Ogulsapary
özüme erk edip bilmän tutup gujaklaryn, ajyň aňy
bolmaz diýleni bolar öýdüp, howlukmaç gümürtik
hoşlaşyp daş çykýaryn.
Her gezek Ahmet aganyň gürrüňi şu ýere ýetende,
onuň sesi öňküsinden peselip gürrüňiň aýtmasy kyn
ýere ýetendigi belli bolýar. Şundan soň ol Halygyň
dolanyp gelýärkäler, ýolda degşip aýdan sözlerinden özge ähli zady öz gaýgysy bilen garyp aýtmaga
başlaýar:
396
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Häý, zaluwat, Halyga-da oýun gerek. «Dos,
juda heleýsirän ekeniň-ow. Ol ýumry-ýumşak heleýi
tas gözüň bilen sorupdyň. Yza galyp, ony ogşapzadam edäýdiň öýdýän! — diýip degýär.
Soňundan bolsa ol özleriniň aňyrdan gelýänini
ilki gören iki ýaraglynyň duýdansyz gapdalyndan
zompa çykyp, ýarag çeneýşini, atyşyp-çapyşmaga
pursadyň bolmandygyny, elleri baglanyp, bendi
bolansoňlar, ter sakgal adamyň heňkir-müňkür bolup
özlerinden sorag soranyny, özüni pendilidigini ter
sakgalyň gepleşilen wagty sözünden aňandygyny, ýol
belet hökmünde ýola gerek bolar diýip özüniň alyp
kerwene tirkeýişlerini, Halygyň bolsa artyk şaýat
hökmünde ýok edilişini hesret bilen ýatlaýar.
Yzyndanam «Hälem bagtyma alnymdan siz bar
ekeniňiz» diýip, Aýnabat ikimize alkyş okaýar.
Şeýle-de, Ahmet aga özi üçin näçe ýakymly-da bolsa,
Ogulsapar ýeňňeli gürrüňi Aýnabadyň ýanynda diline
almagy özüne uslyp bilmeýär. Ol hemişe bu gürrüňi
yzdan gelýän Aýnabatly düýeden ýagşy ara açanymyzdan soň aýdardy.
Ýolagçynyň bar güýmenjesi ýatlamasy bolar eken.
Men öz barýan ýolumy hyýalymda öň gören ýolum
bilen deňeşdirip görýärdim. Öňler biziň Hywa gatnaýan döwürlerimiz bu ýolda üç-dört kerwene duşulan
mahallary hem bolardy. Kerwenleriň hersiniň bir ganatda goş düşürip çilimleşilip, bazar nyrhy, saglykamanlyk soraşylýan wagtlary-da az bolmazdy. Bir
ýola men söwdagärleriň arasynda ady belli Şöwket
söwdagär bilen duşulanda, onuň kejebe bilen gapdalynda göçürip ýören ýigrimi ýaşlaryndaky görmegeý
397
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
aýalyny hem görüpdim. Ol gelin näz-kereşme bolup,
söwdagäriň göwnüni götererdi. Söwdadan başga-da
lezzetli zadyň — zenan gujagynyň bardygyny onuň
ýadyna salardy. Söwdagärleriň birtopary bu bolşy
süwümsizlik hasap etseler-de, Şöwket söwdagär
muny özüni oňarýanyň edäýmeli işi diýip bilerdi.
Şöwket söwdagär ýassyga ýaplanyp ýatan mahaly,
yrsarap ýatan syrtlana çalym edýärdi. Onuň tutumtutum bolşup duran ösgün gara gaşlary, şol gaşlaryň
aşagyndaky tegelek gök gözler, çekilişip duran duluklar ony juda gazaply edip görkezýärdi. Şonuň üçinem
onuň perizady kerweniň töweregindäki adamlaryň
ýadyna erkek kişidiklerini salsa-da, oňa göwün bölüp
seredip bilýän ýokdy. Diňe bir ýola güýçli harasat
gopup, başagaýlyk döräp, kerwen bölnende bir ýigit
kejebeli ýelmaýany bir öwrümde çökerip, şol gelin
bilen iki gije-gündiz harasadyň içinde bir jan, bir
ten bolup ýatanmyş diýen gürrüň bardy.
Biz mahal-mahal öz mallarynyň yzyna düşüp,
göçüp-gonup ýören çarwa obajyklaryna gabat
gelýärdik. Ýöne suw, azyk gerek bolaýmasa, aňsat
ol obalarda goş düşürmeýärdik. Düşäýdigimiz welin,
bendeler myhman hatyraňy saklap, söwüş etmek
bilen bolardylar. Nireden gelip, niräk barýanymyzy
soraşdyrardylar.
— Inimi gelni bilen Hywa gaýynlaryna alyp
barýan — diýip, Ahmet aga adaty aýtmaly gürrüňleri
aýdyşdyryp, olara gümürtik başdansowma jogaplar
berişdirerdi. Ugran mahalymyz bolsa, çarwalar
biziň ýanymyza gatadylan gaýmak, gowurma, geçi
süýdünden taýynlanan sargan bererdiler. Indi biz
398
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bu iki sany süýji suwly guýusy bolan «Öwrümli»
diýilýäp obajyga ýetip gelýärdik. Bu obada men
düşlemän, köne tanşymyň saglygyny görmän geçip
biljek däldim. Men onuň bilen indi köpden bäri
duşuşmandym. Kerwende gatnaýan döwrüm bolsa,
her gezek diýen ýaly olaryň öýlerinde düşläp geçerdim. Hywa bazaryndan gerek-ýarak getirip, meniň ol
öýüň ýumşuna ýaran wagtlarym hem bolupdy. Ugry
bir çaý içip, aýaklara dem berlen wagtlary-da bolardy.
Biz atlary düýäň aýagyna sürüp gelýäris. Kölege
eýýäm atlaryň öňüne düşüpdi. Obanyň ilersindäki keserip oturan gum depesiniň üstüne batarmen Günüň
şöhleleri düşüp, gyzgylt öwsüp seleňläp görünýär.
«Öwrümliniň» çetinden giren mahalymyz obanyň
töweregindäki şol adaty gören zatlarymy gördüm.
Obanyň töweregine pytran düýeler gözýetimiň bäri
ýanynda doňan ýaly bolşup durlar. Iki-üç bolup duran ýerlerinde, olar hatara uçup barýan durna çalym
edýärdiler.
Bagtymyza, meniň tanşym çölde mal üstünde, bir
ýerlerde däl-de, öýünde eken. Barsak, ol goýunlar
üçin ojardan edilen agylyň ol-bu ýerini berkleşdirip
dur. Ol meni görüp, tanap, «Könäni ýatlapsyň-ow»
diýip şatlygyny ýüzünde mälim edip, pişesini goýup
ýylgyryp, ýanymyza geldi. Onuň gelni hem gapysyndan beýleräkde çöken düýeden düşen Aýnabady
görüp, ýanyna gelip, görşüp, ony özi bilen öýe alyp
girdi. Bizem baryp olaryň giren öýüniň bir ýanynda
ýerleşdik. Aýnabat ejesiniň gapdalynda geň galyp oturan çagajygy: «gel» diýip ýanyna çagyran
wagty, ol ýadyrgap aglady-da, ejesine ýaplandy.
399
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Hekimberdiniň gelni ony alyp: «Ýadyrgan bolýandyr
bi düňle türkmen» diýip, söýgüli ýylgyryp, ony
äkidip, başga bir öýe tabşyryp geldi. Özi bolsa ýenede iş etmesini dowam etdirdi. Onuň edenli gelindigini men öňem bilýärdim. Ol hem iş edýärdi hem
mylaýym ýylgyryp, Aýnabat bilen mydy-mydy özara
aýal gürrüň edişýärdi. Çak edişimiz ýaly naharam,
gyzgynja çöregem bir wagtda öňe geldi. Nahar iýip
otyrkak, ýaňy bir gulagyma degen ýaly bolup giden
agy sesi ikinji gezek ýene-de gaýtalandy. Bu ses
aýal adamyň sesidi. Biz: «Bu näme boldugy?» diýen
manyda birek-biregiň ýüzüne seredişýäris. Ol ýerde
näme bolanyny bilmesem-de, ýöne bir bolmasyz işiň
bolanyny welin meniň süňňüm syzdy. Onýança-da
men özümiz bilen bir tabakdan nahar edinip oturan
Hekimberdiniň gaşlarynyň çytylyp gidenini gördüm.
Ol dişlän çöregini saçagyň bir gyrasynda goýdy-da:
«Men häzir gelýän» diýip, daşaryk çykdy. Gysgajyk
hümürdiden soň, agy sesi ýatdy. Hekimberdi ýene-de
yzyna dolanyp geldi-de, saçak başyna geçip ornuny
eýeledi. Ýöne şundan soň ol islemese-de, biziň soragly
nazarymyzy jogapsyz goýup bilmedi. Eşidip otursak,
onuň öz salgymlaryna durmuşa çykan aýaldogany
dört gün mundan öň çaga üstünden ýogalan eken.
Men onuň ýüzünde bir ünjiniň bardygyny ýany gelip
atdan düşen mahalymyz hem sähelçe aňypdym. Ýas
düşeginde oturanymyz belli bolansoň, biziň iýip-içip,
gep-gürrüň edişibem o diýen mazamyz bolmady. Bir
ýola Hekimberdi daş çykanda, Ahmet aga ýuwaşlyk
bilen maňa sala saldy.
400
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Inim, ýolagçy ýolda ýagşy diýleni, indi turlaýsa nädýär?
— Bir gije dagy bolmarysmy näme?
— Bir çemesi gelende rugsat soraýsana!
Biz Hekimberdiniň jigisiniň düşen ýerine baryp
el galdyryp gelýärkäk, ýolda ol meni elimden tutup
saklady.
— Siz Pendiden ugranyňyzda üçmüdiňiz ýa
dörtmüdiňiz?..
Onuň bir zat diýjek bolýanyny syzyp, men Hekimberdini has içgin synlaýaryn.
— Onuň nämä geregi bardy?
— Gerek-dä. Düýn bize bir atly gelip gitdi. Şol:
«Iki erkek kişili bir aýally topary görmediňizmi, olar
meniň ýoldaşlarymdy, men olardan azaşdym» diýip
soraşdyrdy.
Bada-bat meniň gözümiň öňüne Ahmet aganyň
aty bilen gaçan adam geldi.
— Çal atlymydy?
— Çal atlydy.
— Başga ýene näme diýdi?
— Aý, başga aýdan zady ýok. Iýdi-içdi, meşigini
suwdan doldurybam obadan çykyp gitdi.
Men Hekimberdini ünjüde goýup gitmezlik niýeti
bilen, jogap gaýtarýaryn:
— Hä, şeýlerägem-ä bir ýoldaşymyz bolmalydyr...
— Aý, bolýa-la. Birhili bolşuna synym oturmadyda soraýdym.
— Hümm — diýýärin, öz ýanymdan bolsa, bizi
gözleýär-ow zandyýaman. Hany urup-urnup bir
görsün diýip oýlanýaryn. Başa geleni görmeli bor401
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
da. Şu gürrüňden soň, ýaragy häzir saklamalydygy,
juda hüşgär bolmalydygy anyk boldy. Öňem onuň
bizi toruna saljak bolup töwerekde görnüp-görünmän
pelesaň urýanlygyny ýüregim syzýardy. Hekimberdi öýüniň öňünde çagalaryň şowhunyna goşulyp
ylgap ýören üç-dörgt ýaşlyja bir oglanjygy ýanyna
çagyrdy-da:
— Ine, bu bolsa şol biçäräniň oguljygy — diýip,
aýratyn bir mähir bilen öz çakylygyna gelen garagözelejik oglanjygyň gulpajyklaryny sypalaşdyrdy. Men
oglanjygy synlap, onuň biçäre ejesini — birnäçe ýyl
mundan öň gören dogumlyja, ýeňňesiniň işlerine
galyp-gopup kömek edip ýören garagözeleje gyzjagazy ýatladym. Hekimberdiniň nazarynda ahmyr,
ünji, hesret alamatlary garyşypdyr. Men baş atyp,
duýgudaşlyk bilen uludan dem alýaryn.
Düýnden bäri çölüň üsti bilen yzgytsyz demirgazyk
şemaly öwüsýärdi. Ol gyşa galan ot-çöpleriň başyna
oýun turuzýardy. Gurap omurlan keýigokaralary,
syzadyr sözen pudaklaryny özi bilen bir ýerlerik äkitmek üçin çekeläp oýnaýardy. Mahal-mahal peşmek
togalap töweregiň ot-çöpleriniň gapdalyndan göç
geçirip görýärdi. Käbir ýeňles çöpleriň guş ýelekleri
ýaly howada galgaşlap ýörenine hem synyň düşýär.
Töwerek-daşyndan çen tutup: «Ýel yzy ýagyn diýleni
bolsa gerek» diýip oýlanýarsyň. Ýolboýy ýapylaryň
ýüzündäki gök meýdanlary synlaşyp, mallaryň bagty
gelipdir, janawerler güýzde bir içe gök çaýkansoňlar,
bular indi gyşa per bermezler, «Güýzde gök otdan
doýan mallar gyşa berdaşly bolýar» diýip edilen
gürrüňler ýada düşýär. Bu şemal özüniň asmanda
402
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
düýrlenişip ýören sowuk ýüzli bulutlary bilen,
ýakymsyz demi bilen mallaryň şol bagtyny elden almaga gelen aldaja meňzeýär. Günüň ýüzi çaňjaryp
onuň sähel sudury görünýär. Onuň öz ornunda oturanyny isleýärsiň. Günüň ornuny özünden özge tutup
biläýjegem töwerekde görnenok. Gidip barýarsyň,
göwnüňe Gün bu ýerden ýeňsede başga bir göwrümi giň, asmany açyk menzilde saňa garaşyp, nur
saçyp oturan ýaly bir düşnüksiz duýgyny başdan
geçirýärsiň. Men ýagşa galyp ezilmänkäk, süýji
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 20
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.